Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 01

Total number of words is 3446
Total number of unique words is 1989
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
AGAGELDI ALLANAZAROW
DAÝYŇAM GÖZÜŇDE
BOLSUN
(Powestler)
Aşgabat
TDKP - 2016
UOK

894.361
A48
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun.
(Powestler). 448 s.
2016
Men bu ýygynda ozaldan okyjylara belli bolan:
«Kalbyma syýahat», «Çat açan menzil», «Daýyňam
gözüňde bolsun» powestlerimi girizdim. Bularyň
üçüsi-de dürli ýyllarda neşir edilip, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan eserler bolupdylar.
Powestleriň hersi barada telim synlar, makalalar
ýazylypdy.
Powestleriň ikisi boýunça çeper kinofilm surata
düşürildi.
Men bu eserleri täzeden neşire taýynlamak bilen
olaryň okyjylar üçin telim bir wagtdan bäri, duşjak
bolup duşyp bilmän ýören dostyna duşan ýaly ýakymly boljagyna tama edýärdi.
TDKP 148
KBK 84 Tür 7
© Allanazarow A., 2016.
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
KALBYMA SYÝAHAT
(A.A Kareliniň ýazgylary)
Özüm ölsem ruhum goldar sizlerni.
«Görogly»
Petrograd buz düşenip, gar ýassanyp, öz adaty
gyşyny gyşlap otyrdy. Men her gün irden oýanyp,
penjiräniň öňünde durup, daşarynyň dünýäsi bilen
gyzyklanan mahalym, Newanyň aý berip saga
aýlanýan bölegini, üýşmek-üýşmek bolşup, ýol gyralaryny, howlularyň oltumyny dolduryp oturan gar
depelerini, şäheriň üstünde geriljiräp oturan ýüzi
tutuksy ýaýbaň bulutlary, töwerekdäki keserişip
duran jaýlaryň arkasyndan salgym atyp göze ilýän
Uspenskiý ybadathanasynyň depesi çowly gümmezini
görýärdim. Häli-şindi çapgyn şemal öwüsýärdi, şäher
gaýda-gaýmalaşyk bolup uçuşyp ýören gar kebelejiklerinden dolýardy. Özi-de ol indi gyş düşeli bäri
şol bir Narwa zastawasy tarapyndan öwüsýärdi. Ol
5
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
tarapdan öwüsýän ýel bolsa hemişe doňup oturan
tokaýlaryň, köl üstüniň sowugyny öz öňüne salyp,
bu ýere getirýärdi.
Ine, şol günleriň birinde men Peterburg Çeperçilik akademiýasyna çagyryldym. Akademiýa golaýda Türkmen respublikasynyň ýolbaşçylaryndan
hat gelip gowşan ekeni. Ol hatda respublikanyň
zähmetkeşleriň Aşgabatda bolan W. I. Leniniň ýas
mitinginde serdaryň ýadygärligini dikeltmekligi
karar edendigi aýdylýardy. Respublika şol guruljak
ýadygärligi biziň akademiýamyzyň proýektirläp bermegini haýyş edýärdi.
Görüp otursam, akademiýa ol hat bilen tanşandan
soň, ölçerip-döküp, ol ýere meni ibermegi göz öňünde
tutan eken. Duýdansyz, garaşylmadyk habar, özi-de
gitmek-gelmek bilen bagly bolan bir alada. Ondada, gör, nirik, özide bäri-bärde bolmadyk bir ýurda
gitmeli. Oýurgandym. Görýän welin, akademiýanyň
maslahatynda meniň bir kem altmyş ýaşym hasaba
alynmadyk bolara çemli.
Men ol günler öz ýanymdan özümi gezmeli ýerlerini gezen, etmeli işleriniň esasylaryny edişdiren,
ömrüni jemläp ýören goja hasaplap ýaşaýardym.
...Birçaklar men Peterburgyň çeperçilik
akademiýasyny tamamlap, soňra-da Berliniň,
Wenesiýanyň Çeperçilik akademiýalarynda tälim
alypdym. Russiýanyň özge illerde bar bolan gowy
zatlary göresi gelýän, öwrenmeli zatlaryny öwrenesi
gelýän, şol gowulyklaryň öz ilinde hem bolmagyny
isleýän janköýer ogullarynyň birisi-de mendim.
6
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hyjuwym meni birde Günbatar ýurtlaryna aýlasa, ýene birde Günorta ýurtlaryndan çykarýardy.
Säher-säherler azan sesini diňläp, Gara deňziň
türk kenarlaryny ýuwan ýerini, Wenesiýanyň dury
gök asmanyny çeken günlerim-de bolupdy. «Deňiz
masgarabazy» eserim hem hut şeýle syýahatlaryň
netijesinde döräpdi.
Şol işim üçin men 1892-nji ýylda Petrograd
Çeperçilik akademiýasynyň akademikligine kabul edilipdim. 1923-nji ýylda bolan Umumy Rus
hudožnikleriniň gurultaýy meniň Russiýanyň
Nižniý Nowgorod, Tombow ýaly 17 şäherinde surat
muzeýleriniň döremegine ýardam edenimi aýratyn
belläpdi.
Elli dokuz ýaşyň içinde gezilen ýerler az bolmasa-da, meniň ýolum heniz Orta Aziýanyň üstünden
düşmändi. Orta Aziýa diýilse, men ony hemişe
Wereşaginiň işleriniň kömegi bilen göz öňüne getirýärdim.
Birbada näme jogap berjegimi bilmedim. Oýlanmalydy, ölçerip dökmelidi. Bu barada ýaňzydanymda,
akademiýanyň ýolbaşçylary hem meniň pikirime
garşy bolup durmadylar.
...Ýatlap otursam, meniň Orta Aziýa bilen geçen
asyryň 80-90-njy ýyllarynda az wagtlyk hem bolsa
gyzyklanan döwrüm bolan eken. Sebäbi şol ýyllarda
ol ülkeler bilen patyşa hökümeti içgin gyzyklanýardy.
Peterburg gazetleriniň sahypalarynda häli-şindi
ýat ülkedäki goşunyň ýagdaýy bilen baglanyşykly
materiallar, aladaçyl, ol ýerdäki goşuna janköýerlik
7
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
edýän okyjylaryň hatlary çap edilýärdi. Ol hatlaryň
birisinde bir aýalyň: «Şipka ýaly galany dyza çökeren
goşun, näme üçin henizem Gökdepe galasynyň hötdesinden gelenok?» diýip beren soragy hem meniň
ýadymda galypdyr. Soňraklar birnäçe gezek restoranlarda duşan, edere iş tapman arak içişip, jolkuldaşyp
ýören, Orta Aziýa ekspedisiýasyna gatnaşan iki sany
çüýşedeş ofiseriň hem gürrüňleri meniň ýadymda
galan eken.
Olar stollaryň öňünde adam baryny ýygnap,
özleriniň ol ülkede görkezen edermenlikleriniň
gowuz ýerleriniň, töwerekdäki adamlaryň ýagdaýa
näbeletliklerinden peýdalanyp, üstüni ýetirip, birbirleriniň gürrüňlerini özaralarynda tassyklaşyp,
göçgünli gürleýärdiler. Ol gürrüňler töwerekde uly
gyzyklanma döredýärdi. Diňleýänleriň watançylyk
duýgularynyň ersmegine, elini jübüsine urup gaýgyrman gaýta-gaýta içgi getirmegine, ofiserleri gahryman hökmünde hezzetlemegine sebäp bolýardy.
Ýöne men Fedor Dostoýewskiniň: «Eý, Taňrym,
ahyr-soňy Gökdepe urşy hem gutardy...» diýen
jümlesini okamsoň, oýlanyp ol ýerde wakanyň
ofiserleriň gürrüň berişleri ýaly: «Bardym, gördüm,
ýeňdim» bolmandygyny aňypdym. Birki günden
men ähli edýän oý-pikirlerimiň Türkmenistan bilen
bagly bolup ugranlygyny syzdym. Häli-şindi pikir
gözýetimimde Wereşaginiň işlerine çalym berip
oturan, üsti tukatlyk bilen örtülen, asmany diýseň
giňiş görünýän, ýokarsynda iki-ýeke akja bulutlar öz
peýwagtyna aýlanyşyp ýören türkmen sährasy peýda
bolup ugrady.
8
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Men W. I. Leniniň guruljak ýadygärliginiň çyzgy-proýektini Petrogradda, öýümde oturyp, taýyn
edenimden soň Aşgabada geldim. Özüm-de proýektim
komissiýa tarapyndan tassyk edilse, dessine ýenede maşgalamyň arasyna dolanmakçydym. Proýekt
taýyn bolany üçin, galyberse-de, eden işimiň hiline
göwnümiň ýetýänligi üçin, onuň tiz kabul ediljekdigine ynanýardym. Ownuk-uşak edilen bellikleri-de
ýüzugra düzederin diýen tamam bardy.
Proýekt boýunça Wladimir Iliç Leniniň guýma
göwresi türkmenleriň geçmiş-taryhy, oňly medeniýeti
bolmadyk halkdygyny alamatlandyrýan ýonulyp-ýylmanmadyk dag daşlarynyň üstünde oturdylmalydy.
Tanşym Saurowyň öýünde iki-üç gün bolup, demdynç alanymdan soň, men öz işimi Türkmenistan
Ispolnitel Komitetiniň ýanynda ýörite W. I. Leniniň
Aşgabatda ýadygärligini gurmak boýunça döreden
komissiýasynyň jogapkär sekretary Aleksandr Pawlowiç Wladyçuga maslahat üçin gowşurdym.
Garaşylan günler meni şäher synçysyna öwürdi.
Türkmen ýazynyň bulutlary häli-şindi Köpetdagyň
depesinde, bir-birleri bilen demir-de-döweç bolşup,
salşyp alýardylar. Käte ol ýerden bölünip gaýdan bir
bölek bulut gelip, şäheri suw-sil edip ezip geçerdi.
Erikleriň, alma agaçlarynyň gülleri yzly-yzyna
patraşyp açylýardylar. Ýakymly ýaz şemaly bilen
arkasy alnan ot çöpler gulagyndan çekilen ýaly
9
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
şüweleňli ösýärdiler. Ähli zatlara jan girip, dünýä
täzeden dogulýardy. Göwnüňe birmahal dünýeden
geçen adamlar hem asgyryşyp, synlaryny kakyşdyryp,
ýerlerinden turup, ýene-de ile goşulyp, köpüň biri
bolup ýaşap ugraberjek ýaly bolup duýulýardy. Iki-üç
günden şäheriň Teke meýdanyndaky bazar çaýhanasy
meniň islegli ýerime öwrüldi. Men bu ýere gelip bir
çetde oturardym-da, nätanyş ýurduň adamlaryny,
olaryň geýen geýimlerini, ýüz keşplerini, ýöreýişlerini ýewropalynyň nazary bilen synlaýardym.
Aşgabat rus administrasiýasynyň bu ýere
gelmegi bilen giňelen şäher. Polkownik Kuropatkin
öz otrýady bilen bu ýere gelende, häzirki şäheriň
ýerinde Asgabat atly kiçijik obajyk oturan eken.
Ruslar geleninden soň, Aşgabatda harby lagerler,
daşdan salnan jaýlar peýda bolup ugrapdyr. 1883-nji
ýylda demir ýoluň gelmegi bolsa Aşgabadyň has-da
çalt ösmegine, ençeme kerwensaraýly, hatar-hatar
köçeli bolmagyna sebäp bolupdyr. Buhara, Hywa,
Hyrat kerwen ýollary Aşgabadyň üstünden geçipdir. Ol az wagtyň içinde harbylaryň, senetçileriň,
söwdagärleriň şäherine öwrülipdir.
Matematik Sabrowskiniň ýolbaşçylygynda 1903nji ýylda şäherde ilkinji rewolýusion kružok döräpdir. Bu şäherde ilkinji Çernyşewskiniň, Fedorowyň
gadagan edilen işleri çap edilipdir. Işçileriň,
söwdagärleriň, şäher hünärmentleriniň gozgalaňlary
başlanypdyr. Esgerleriň arasynda wagyz işlerini alyp
barmak üçin ýörite «Soldat komiteti» döredilipdir,
10
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
«Esger» ady bilen gizlin gazet çykarylypdyr.
«Zakaspiý oblasty, has-da Aşgabat kem-kemden
rewolýusion hereketleriň uly howply merkezine
öwrülip barýar» diýip, Turkmenistanyň generalgubernatory öz berýän maglumatynda howsala bilen
belläpdir...
Birnäçe günden men bu ýerdäki bazar çaýhanasynda tanalyp ugraldym. Çaýhanada hyzmat
edýän Hasan her gezek men gelip girdigim ýylgyryp,
baş atyp, görenligini mälim ederdi, yzysüre-de,
bir çäýnek çaý hem garbanar ýaly çaýhanada bişen
nahardan salyp getirerdi. Ony sowutman, gyzgyn
bilen iýmegi maslahat bererdi. Naharlanyp otyrkam,
men özümiň bu ýere gelýän adamlaryň ünsüne
düşýänimi aňýardym. Özüm hakynda anyk näme
gürrüň bolýanyny bilmesem-de, käte adamlaryň
meniň oturan tarapyma seretmedik bolup seredýänlerini, özüm hakynda olaryň arasynda hyşy-wyşy
gep-gürrüňiň bolýanyny duýýardym. Bir ýola meniň
gözlegime çykan Saurow hem şeýle gürrüňçiligiň
biriniň üstünden gelipdir.
Saurowlar Aşgabada ilkinji göçüp gelen rus
maşgalarynyň biridi. Onuň ömrüniň ýigrimi ýyldan
gowragy türkmenleriň arasynda geçipdi. Ol bu halkyň
taryhy bilen içgin gyzyklanýardy. Rus, ukrain dillerinden başga-da türkmen, kürt dilini gowy bilýärdi.
Çaýhanadan çykanymyzdan soň ol ýylgyrdy-da:
- Andreý Andreýewiç, şäher sizi tanajak bolýar,
11
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
size pal atýar - diýip, soňundan hem men baradaky
ýeňseden eşiden gürrüňini aýdyp berdi. Biziň biraz
beýlerägimizde bäş-alty sany bazara gelen türkmen telpek-lerini gapdallarynda goýup, derçigip,
çaý içişip otyrdylar. Meniň bilen gyzyklanýanlaram
şolar ekeni. Olaryň arasynda men hakynda şeýleräk
gürrüň bolupdyr:
— Birisä-hän olaryň öňem onda-munda görýän
orsum, beýlekisini welin görenim ýadyma düşenok...
— Biziň orslarymyza-ha mezemeýär, çenim çen
bolsa, ol gezüwe gelen bolmaly.
— Ol, hol orsuň demir ýol ybadathanasynda,
ýüz-gözi agyn tüý bolup duran adamlary töweregine
toplap çokundyryp, wagyz edýän popuna çalym edýäle...
— Şonuň gezmäge gelen garyndaşy zadymydyr.
— Tüýlegi-hä bolköýnegiň adamlary bilen
bolşewikden gaçyp, Eýrana gitdi diýibem-ä bir «myş»
etdiler.
— Öz-ä görnenok, ýogsam, hemişeler kellesine
soky ýaly bir gara zady geýip, bazara-ha gelerdi.
— Il bir zady «myş» eden bolsa çyndyr, şemal
bolmasa, çöp başy gymyldamaz.

Aý, onda bi şonuň ýerine getirilen biri
bolaýmasa, sakgal-saç-a bol goýberipdir. Görersiňiz,
erte birigün şol ýerden geçeniňizde elinde tüsseli
künnügi hallan atdyryp, doga okap durandyr.
Agşamlaryna, köplenç, Saurowlara iki-ýeke
tanyşlarym hem-de meniň bilen tanyşmak, gürrüňdeş
12
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
bolmak isleýän adamlar gelerdiler. Biz Petrograd
hakynda, onda ýaşap-öten atly hudožnikleriň,
arhitektorlaryň işleri hakynda gürleşip oturardyk.
Bu öýe Wladyçuk hem häli-şindi gelerdi. Men her
gezek onuň öz hödürlän işim barada birzat aýdaryna
garaşýardym. Ol bolsa adaty gürrüňçilige goşulyşyp
oturardy. Peterburgyň süňňüne zehinini siňdiren
heýkeltaraşlar Rastrellidir Rossiniň, Manferandyr
Zaharowyň, Stasowyň işleri bilen gyzyklanardy.
Respublika hakynda gürrüňler bolardy.
Her gezek duşanymda meniň ondan öz işimiň
ýagdaýyny sorasym gelýärdi. Ýöne soragymyň:
«Eý-how, bu goja gaty howlugýar-ow» diýen pikiri
döretmeginden çekinip, beýtmegiň gelşiksiz boljagy
hakynda oýlanyp saklanýardym.
Ahyrsoňy, bir gezek gelende onuň özi proýektden
söz açyp, indi ýakyn günlerde W. I. Leniniň ýadygärligini bina etmek boýunça, Nedirbaý Aýtakowyň
ýolbaşçylyk etmegindäki Paskupskiden, Krymodan,
Stankewiçden, Dimitrewden hem-de özünden
ybarat ýörite döredilen komissiýanyň proýektini
maslahatlaşjakdygyny habar berdi.
Komissiýa agzalarynyň Aýtakow bilen Wladyçukdan özgesi maňa nätanyş adamlardy. Nedirbaý
Aýtakowyň hem şäheriň birki ýerinde, Gaýgysyz
Atabaýewiň gapdalynda portretini görüpdim.
Wladyçuk meniň oýurgananymy görüp, gidende:
«Hemme zat öz isleýşimiz ýaly hem bolar, Andreý
Andreýewiç» diýip, meni arkaýyn edip gitdi.
13
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Birsellem gezim etmegi niýet edip, daş çykdym.
Bu pikir mende her gün irden ukudan oýanan çagym
döreýän pikirleriň biridi. Ol soňundanam meniň
geýnip daş çykmagyma sebäp bolýardy. Adamyň
şuňa meňzeş endiklerini Saurow «Gyzamykdan galan
kesel» diýip, atlandyrmagy gowy görýär. Men bolsa
özümiň bu endigimi birmahalky deňiz ýakasynda
geçirilen günlerden galan miras hasap edýärin.
...Krymda dynç alyp, işleýän günlerimde men
her gün irden turup, ujy çyrpylan gyrymsy agaçly
gezelenç meýdançalarynda ýa-da deňze golaý bir
ýerde aýlanmagy, töweregiň görünmän owsun
atýan ýakymly howa deňzinden kükregimi dolduryp
dem almagy, soňundanam deňze düşüp, ukynyň iň
soňkuja salgymlaryny şol ýerde galdyryp gaýtmagy
halardym.
Agşam ýene-de ýagyş ýagypdyr, onda-munda
onuň döreden köljagazlary kölçerişip ýatyr. Her
gezek ýagyş ýagýan mahaly peýda bolýan ýer gurçuklary ýene-de töwerekde göze ilýär. Olar ýerde
yzlaryny goýup, ýazylyşyp-ýygralyşyp, süýrenişip
ýörler. Serçeler pasyrdaşyp, sürlenişip bir ýerde durman ondan-oňa uçuşyp, jürk-de-jürk bolşup, bazar
gurşup ýörler.
Ilerligine gidýän ýola düşenimden soň, men ol
ýerde düýnki gören, maşk edýän esgerleri ýene-de
görerin diýen tama bilen Oboznyý köçesine tarap
14
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gitdim. Düýn köçeden geçenje ýerimdäki boşlukda
men ýerli halkdan goşunçylyga alnan ýigitleriň nyzamly ýöräp, harby tälim geçip ýörenlerini görüpdim.
Özi-de olar milli geýimlerindediler. Eginleri gyrmyzy
donly, başlarynda buýralary seçelenişip duran gara
silkme telpekleri, billerinde ykjam guşalan guşaklary
bardy. Bir gapdalda durup, olary höwes bilen synlapdym, bu gün bolsa öýden çykamda esgerleriň
suratyny çekmegi niýet edinipdim.
Şäheriň ortarasynda töwerekden saýlanyp bir
depe otyr. Ol depäniň üstünde 1881-nji ýylda general
Skobelew öz çadyryny dikenmiş, patyşadan özüne
yzyna — Peterburga çagyrýan buýrugy hem şu ýerde
alanmyş diýen gürrüňem bar. Saurow ol depäni
Aşgabadyň gadym geçmişi bilen baglaýar. Bu ýerden
ownuk mis, kümüş pullaryň, küýze jäçleriniň, söweş
ýaraglarynyň tapylanyny, ol zatlaryň bolsa gadymy
Parfiýa döwletinden habar berýänligini aýdýar.
Depäniň gabadyna ýetiberenimde, meniň yzymdan aňyrdan gaty-gaty ýöräp, öz aralarynda bir zat
hakynda şowhunly gürleşip gelýän, göreçleri şatlyk
bilen uçganaklaýan üç sany ýigdekçe ýetip geçdide, saga öwrülip, ilerligine gitdi. Birsalymdan men
olaryň ýol gyrasynda, garşydaky howludan çykyp
gelýän, egni harby geýimli, başy komissar papakly
adamyň ýoluna seredişip duranlaryny gördüm.
Garşydan öz maýdalyna ýöräp gelýän adam
oglanlaryň deňine ýetende, aýak çekip, olaryň salamyny aldy hem olar bilen biraz gürleşip durdy. Harby
15
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
lybasly adam ýoluny dowam etdirensoň, oglanlar
hem serpilişip, şol ýerden yzlaryna dolandylar. Hem
käte ýeňselerine öwrülip seredişip gelişlerine öz
aralarynda ýene-de şowhunly jammyldaşyp ugradylar. Oglanlar deňime gelende, meniň birzat diýmekçi
bolýanymy aňyp, aýak çekdiler.
— Oglanlar, gaty irläpsiňiz-le? — diýip, men
olara ýüzlendim. Bagtyma olaryň birisi rus dilinde
patdyk-sutduk bilýän eken.
— Şu ýerden Gaýgysyz aga işe geçýär, biz şony
görmäge, oňa salam bermäge gaýtdyk, — diýip,
burnunyň bir gapdaly meňli oglan ýaňky gürleşen
adamlarynyň yzyndan seredip, göwnühoşluk bilen
gürledi.
— Gaýgysyz agaňyz Atabaýewmi?
— Hawa, Gaýgysyz Atabaýew. Biz «Salawmaleýkim, Gaýgysyz aga» diýdik. O-da: «Aleýkim,
ýigitler, ir bilen sowukda beýdişip digdireşip nirä
barýaňyz?» diýdi. Bizem oňa: «Size salam bermäge geldik, Gaýgysyz aga» diýdik. Ol ýylgyryp,
soňundanam: «Gör-le, bularyň bolup ýörşüni, işiňiz
bilen bolsaňyz bolmaýarmy! Okuwyňyza yhlas ediň!»
diýdi..
Soraşdyryp dursam, bular uzak obalardan
Aşgabada mugallymçylyk kursuny okamaga gelen
oglanlar bolup çykdy.
Dolanyp gelip, Saurowa öz gören wakamy gürrüň
berenimde, ol meniň sözüme birjigem geňirgenmedi.
Gaýta meniň gören wakam biziň Gaýgysyz Ser16
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
darowiç Atabaýew hakynda pikir alşyp, gürrüňleşip
oturmagymyza sebäp boldy. Saurow ilki özüniň hem
Atabaýewiň öýüniň töwereginde Respublikanyň dürli
ýerlerinden, onuň bilen ýörite duşuşmaga gelýän
adamlary telim gezek görenligini aýtdy. Onuň ähli
türkmen tireleriniň arasynda uly hormatdan peýdalanýandygyny, şeýle ählihalk söýgüsine geçmişde
ýeke-täk Magtymguly şahyryň mynasyp bolandygyny gürrüň berdi. Özüçe türkmenleriň taryhyna
ser salyp, mysallar getirdi. Rewolýusion ýollarda
Atabaýew bilen bolşewik W.W.Kuýbyşewiň «Gudrat
bilen doglan...» diýip, oňa beren bahasyny ýatlady.
Soňundanam: «Göwni ýetmese belli rewolýusioner
oňa şeýle baha bererdimi?» diýen manyda meniň
ýüzüme seredip, öz pikirini ýene-de bir gezek nygtady. Men öz ýanymdan: «Gaýgysyz Serdarowiç
hakynda gürlemeli bolsa, bu ýeriň orsy-türkmeni iki
paý-ow» diýip oýlandym.
* * *
Men ýene-de Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň
ýadygärliginiň öňüne geldim. Aşgabada gelenim
bäri öň hem men bu ýerde birnäçe gezek bolupdym.
Şahyryň ýadygärligini synlap, onuň goşgularyny
ýatlap durupdym. Ilkinjileriň biri bolup, onuň
türkmenleriň arasyna gelmegine guwanypdym.
Ýadygärligi bu ýerde rus ofiserleri öz harajatlaryna gurdurypdyrlar.
17
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Bu gezek meniň şahyryň huzuryna gelmegimiň
sebäbi, ähli zady türkmenler bilen baglamagy gowy
görýän Saurowyň birki günlükde eden gürrüňi bolupdy.
Ol şahyry Kawkaza syýahata getiripdi-de, ony
bu ýerde Parhat beg atly bir türkmen bilen duşuryp
oturyberipdi...
Parhat beg şol wagt Kawkazdaky bir musulman
polkunda gulluk edýän eken. Ol 1828-1829-njy ýyllardaky rus-türk urşunda özüniň gaýduwsyzlygy,
edermenligi bilen tanalypdyr. Şahyr hem Parhat
begiň edermenligi hakynda bu ýerde gürrüňdeş bolan
ofiserlerinden eşidipdir. Parhat beg bilen gyzyklanyp, onuň bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolupdyr, depderçesine suratyny çekipdir.
Şol duşuşyk soňundan şahyryň «Parhat beg»
goşgusynyň döremegine sebäp bolupdyr.
Men bu gezek ýadygärligiň öňünde şahyryň şol
goşgusyny ýatlap durdum.
Söweşde şöhratyň düşüp yşgyna,
Görmegeý goç ýigit, öte geçme sen!
Urma sen özüňi ganly jeňlere,
Garabaglylaryň hümeri bilen.
Saňa ölmüň ýoklugynam bilýärin,
Ýogsam sen gylyçlaň arasynda, gör!
Sarpa goýup görküň-görmegiňe seň,
Ezraýyl ýeňsäňden oýtarlap geçer.
18
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Ýöne görýän, bu söweşleň içinde,
(Sen özüňi tapyp bilmersiň gaýdyp).
Sadalygňy hemem mylaýymlygňy,
Gorkýan hemişelik ýitirsiň öýdüp.
* * *
Ýörände birneme küýkeribräk ýöreýän çokga
sakgallyja, gözleri pökgeribräk duran goja Ruwim
Moiseýewiç meniň gelýänimi, penjireden görüp,
garşylamak üçin daş işige çykdy.
— Geliň, geliň, geljegiňizi bilýädim, Andreý Andreýewiç — diýip, hoşamaýlyk etdi.
Ruwim Moiseýewiç bilen men Wladyçugyň
öýünde tanşypdym. Ol ýerde biz Saurow, ýene-de bir
nätanyş Sitnow diýilýän bilen bäş bolup oturypdyk.
Bu mylakatly gürleýän gojanyň özi-de hudožnikdi.
Onuň «Ýaraly kerwen» işine meniň göwnüm ýetipdi,
onda çöl içi düýeli kerwen ýol söküp geýärdi. Her
ýerde bir gysym çöp görünýän çöl meýdany bilen
kerweniň öňüni ýaraly eli boýnundan asylyp, egni
ýaragly bir ýerli ýigit çekip gelýär. Düýeleriň üsti
agyn ýaraly: kimsiniň aýagy saralgy, kimsiniň kellesi. Yzky düýäniň howduna birnäçe agaç ýaralylar
ýatar ýaly edilip taýýarlanypdyr. Onda iki sany
ýaraly — olaryň hersi düýäniň bir ýanynda, ortada bolsa agyr ýaralylara göz-gulak bolup gelýän
rus gyzynyň aladaly şekili. Maňa has-da suratda
çölüň berlişi ýarady, ol meniň otluda ýol söküp
19
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gelýän wagtym gören hem kagyza geçirmegi arzuw
edinen çölümdi. Ruwim Moiseýewiç meni ilki zala
aýlap, öz şägirtleriniň çeken suratlary bilen tanyş
etdi. Hem maňa bu ýerde surat çekmek üçin kagyz,
reňk, kist tapmagyň kyndygyny, studiýanyň köp
okuwçylarynyň, atyň ýalyndan ýasalan ugursyz
kistlerde işleýändigini aýdyşdyrdy. Soňundanam bu
ýagdaýlaryň wagtlaýyndygyny, respublika özüni ele
alsa, ähli zadyň düzeljekdigini, eýýäm GÖSM-niň
respublikanyň ýolbaşçylarynyň ünsüne düşendigini
maňa buşlaýan äheňde nygtady.
Okuwçylar bilen duşuşyk mahalynda meniň piterli hudožnikdigim, Aşgabada W.I.Leniniň bina ediljek
ýadygärligini proýektirlemäge ýörite gelendigim
okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Peterburg
hakynda, onuň çeperçilik akademiýasy hakynda,
şäheriň arhitekturasy hakynda giňişleýin gürrüň etmeli boldum, Leniniň bu ýerde dörediljek ýadygärligi
ýaş hudožniklerde has-da köp soragyň döremegine
sebäp boldy. Men olara W.I.Lenin bilen duşuşygymy
gürrüň bersem-de, ýadygärligiň proýekti, onda-da
şindi kabul edilmedik proýekt hakda gürlemekden
saklandym. Kabinetinden gaýdyp gelenimizden soň,
Ruwim Moiseýewiç bir zady ýadyna salyp, çokgaja
sakgalyny sypalaşdyrdy hem öz şägirtleriniň arasynda ýerli milletden bolan bir zehinli oglanjygyň
barlygyny aýtdy. Ruwim Moiseýewiç ol oglanjyga
şägirtlerine şäher bazaryny çekdirýän günlerinde
gabat gelipdir. Oglanjyk Aşgabadyň etegindäki
20
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
obalaryň birinden şähere bede satmaga gelen ekeni.
Onuň özi ýaly oglan-gyzlaryň dümtünip surat çekýänine syny düşüp, olaryň ýanyna gelipdir hem wagty
bilen ol töwerekden gitmändir. Ruwim Moiseýewiç
surat çekýänleriň töwereginde oglanjygyň gazganat bolup ýörşüni görüp, onuň bihal däldigini
aňypdyr. «Al, senem çekip görseň» diýip, oňa kagyzgalam hödür edipdir. Oglanjyk birbada nätjegini
bilmän ýaýdanypdyr, soňundanam özüne berlen
galam-kagyzy ýerde goýupdyr-da, öz düýesini onuň
üstündäki ýüki bilen gumak ýere çekip görkezipdir.
Ruwim Moiseýewiç onuň özüne gerekli oglandygyny
bilip, studiýa okamaga alypdyr. Ol: «Meniň Bäşim
Nuralym zehinli ogul, ol oňat hudožnik bolar, men
Bäşim hakynda ýoldaş Atabaýewiň özüne hem aýtdym, ol bolsa maňa: «Ruwim Moiseýewiç, biz siziň
il-güne gerek adamlary ýetişdirip berjekdigiňize
ynanýarys...» diýdi — diýip gürrüň berdi.
Duşuşyk mahaly orta gürpde uzyn gawunkelle bir
oglan otyrdy. Ruwim Moiseýewiçiň gürrüňini edýäni
hem şol bolmaly.
Dolanyp yzyma gelsem, öňde maňa Wladyçugyň
goýup giden haty bilen begençli habar garaşýan eken.
«Gadyrdan Andreý Andreýewiç! Siziň azabyňyzyň
ýerine düşenini aýtmaga howlugýan. Gutlaýan,
komissiýa proýekti oňlady. Bellikler, soraglar hem
bar, ýöne bu hakda soň. Iň esasy zat, proýektiň kabul
edilmegi. Indi bir Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiň
21
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
özüne görkezäýmek galdy, ol häzir Moskwada. Indiki
hepdäniň bir ýerlerinde dolanyp gelýärmiş. Geldigi
ony-da siziň proýektiňiz bilen tanyş ederis.
Eliňizi ýene bir gezek pugta gysýaryn.
Siziň Wladyçugyňyz.
Öýde ýok ekeniňiz, garaşmaga mümkinçilik
bolmady.
* * *
Saurowlar agşamlyk naharyny stola äbermäge
taýynlaýardylar, Indi hä diýmän, öý eýesi işden
gaýdyp gelmelidi, biz jemlenişip, nahar stolunyň
başyna geçmelidik. Men gapdaldaky otagda Aşgabada
gelip çekişdiren suratlarymy gözden geçirişdirip
otyrdym. Öýüň içinde Saurowyň gyzjagazy Maşa
gonup-gopup höwes bilen ejesiniň nahar bilen bagly
aladalaryna kömek berip ýördi. Ol bir zat gözläp
oturan otagyma girende men oňa:
— Maşenka, eger kömekçi dagy gerek bolaýsa,
çekinmän aýdaýgyn. Gap-gaç ýuwmaga hem kelemli
rus çorbasyny taýynlamaga peterburglylaryň arasynda menden ezberi ýokdur! — diýýärdim. Maşa
meniň degişmäme düşünýärdi hem ýüzüme seredip
şadyýan ýylgyrýardy.
— Bolýar, Andreý Andreýewiç! Kömek gerek
bolanda, özüm çagyraryn, häzir bolsa siz arkaýyn
suratyňyzy çekiberiň — diýýärdi.
Nahar taýyn bolsun, şonda hökman sizi iýmäge
22
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
kömek etmegiňizi sorap çagyrys diýen manyda ýeserlik bilen ýylgyrýardy.
Gapy açylyp, kimdir biriniň gelip gireni belli
bolan mahaly, men ony garaşylýan Saurowyň özüdir
öýdüpdim. Ol gelen Wladyçuk bolup çykdy. Bu gezek
ol Saurowlara adaty gürrüňçilige däl-de, ýörite meniň
yzymdan gelen eken. Ol gapynyň agzynda duran ýerinde, meni ýene-de bir sagatdan respublikanyň Halk
komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Serdarowiç
Atabaýewiň kabul etjegini aýtdy. Soňundanam sagadyna seredip howlukdyrdy.
— Andreý Andreýewiç, tizräk geýneweriň!
Gaýgysyz Serdarowiç gijä galynsa halaýan däldir.
Onsuzam onuň aladasy başyndan agdykdyr, wagty
çäklidir.
— Düşünýän, düşünýän. Onuň gijeleriňem köpüsini kabinetinde geçirýänini siz maňa aýdypdyňyz —
diýip, öň bir gürrüňçilikde aýdan sözlerini ýatladym.
— Men siziň ilkinji duşuşygyňyzyň akademik
Gubkiniň duşuşygy ýaly bolmagyny islämok.
— Nähili duşuşyk bolupdyr? — diýip, men
akademigiň ol duşuşygy bilen gyzyklandym.
— Gaýgysyz Serdarowiç akademik Gubkin bilen
ir sagat onda duşuşmakçy eken. Akademigiň ýanyna
goşulan wekil duşuşyga wagtynda barmagy ýatlatsada ol howlukmandyr, gaýta:
— Biziň ýaly adam Atabaýewiň kabinetine hälişindi gelibem ýörän däldir. Ol bizi haçan barsagam
kabul eder — diýipdir.
23
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Garaşylýan akademik ne ýarym sagatdan gara
beripdir, ne-de bir sagatdan. Gaýgysyz Serdarowiç
garaşyp-garaşyp, kabinetinden çykyp barýarka,
birinji gat bilen ikinji gat aralygyndaky basgançakda
olar gabat gelipdir.
— Salam, ýoldaş akademik!
— Salam, ýoldaş Atabaýew!
— Ýoldaş Gubkin, Siz rewolýusiýanyň bir sagat
wagtyny ýele sowurdyňyz!
Ol şeý diýipdir-de, indi bireýämden bäri özüne
garaşyp, gapynyň öňünde duran maşynyna tarap
geçip gidipdir.
Men Wladyçugy diňläp, onuň bu gürrüňi «Bizem ýene şol gelşiksiz ýagdaýa düşäýmäli!» diýen
äheňde aýdýanyny duýdum. Ol howluksa-da, men
Atabaýewiň ýanyna baranymda, maslahatlaşmaly
meselelerimi şol ýerde özüme ýatlatmak üçin depderçäme bellik etmän, onuň yzyna düşüp biljek däldim.
1.Serdaryň ýadygärligi üçin goýuljak şekiliň materýalyny we onuň goýuljak ýerini anyklaşdyrmaly.
(Men W. I. Leniniň ör boýuna duran şekili Moskwada,
ýa-da Leningradyň zawodlarynyň birinde goýlar
diýen pikirdedim.)
2.Ýadygärligiň bina ediljek ýerini işe taýýarlamak meselesini gürleşmeli.
3.Gurluşygy tizleşdirmegiň aladasyny etmeli...
Diňe şundan soň men belliklerimi ýanyma alyp,
Wladyçugyň yzyna düşdüm. Gaýgysyz Serdarowiç
meniň bir özümi kabul etdi. Onuň ikiçäk bolnanda
24
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ine-gana maslahat etmäge amatly bolar diýip pikir
eden bolmagy mümkin. Kabinete giren mahalym uly
jaýyň töründe stoluň başynda oturan egni komissar
keltekçeli, saçlary gapdala gaňrylyp tertibe salnan,
dogumly adam görüşmek üçin ör turdy.
— Andreý Andreýewiç!
— Edil özi.
— Siziň geleniňizden habarym bar.
— Men siziň Petrograd Çeperçilik akademiýasyndan eden haýyşyňyzyň jogaby. Hyzmatyňyza ýaramaga geldim.
— Gaty gowy. Biz size garaşypdyk.
Maňa oturmaga orun görkezensoň, onuň özide ýene stol başyna geçdi. Meniň gelip girenimi
görüp, gapdala goýan galamyny täzeden aldy. Halahwal soraşyp, meniň ýaşaýşym, ýagdaýlarym bilen
gyzyklanyp oturdy. Onuň öňündäki bellik depderçesinde «Akademik A.A.Karelin!» diýen ýazgy peýda
boldy. Ol bu jümläniň aşagyny elindäki galam bilen
çyzansoň, şol ýerde soňundan öz ýadyna düşürmek
üçin birnäçe bellikler edişdirdi. Hal-ahwal soraşylýan
mahalynda, men özümiň komissiýa hödürlän proýektli papkamyň Atabaýewiň stolunyň birýan çetinde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 02
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.