Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 04

Total number of words is 3529
Total number of unique words is 2073
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oda tutan pilsapysyny arassalap oňaryşdyryp durdy.
Onuň aýaklarynyň aşagynda ýonuşgalar seçelenişip
ýatyrdylar.
Hommatdyr Hangeldi ussalar bilen gürleşýän
mahaly men bir gapdala çekilip, depder galamymy
elime aldym.
Körük basyp, häzir bolsa bilesigelijilik bilen
özüme seredişýän, başlary tahýaly, ak köýneklerini
giňiş-gowaldaň balaklarynyň üstünden goýberen
biraz söliteräk görünýän oglanjyklar meniň uzadan
suratyma seredişip: «Eý, maňa meňzeýä-de, saňa
meňzeýär» bolşup begenişdiler. Surat elden ele geçdi.
Gürzelek sakgal Gurbandurdy aganyň suratyny çekmekçi bolan wagtym welin ol çytyldy, soňundanam
aladalanyp, ellerini daldalady:
— Myhman aga, meni bir çekmäweri, gaýrat et67
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
de, meni çekme!!
Men birbada hiç zat aňşyryp bilmedim. Onuň
boluberşi meni geň galdyrdy.
— Ol dünýäde soralanda men suratyma jan tapyp
bilmerin — diýip howpurgandy.
Men ýene-de hiç zada düşünmedim. Hommat şol
arada nämedir bir zada ýylgyryp, maňa tarap: «Soň
düşündirin» diýen manyda seretdi.
Gezelençden öwrülip gelenimizden soň, ol musulman dininiň surat çekmegi, surat aldyrmagy-da ret
edýändigini, onuň «Surat aldyran jähennemde onuň
jogabyny bermeli bolar» diýip, ol dünýäniň gazaby
bilen gorkuzylýandygyny ýatlansoň, maňa ýaşulynyň
alada galmagynyň sebäbi düşnükli boldy. Agşamlyk
Hangeldiniň öýüne biziň gelenimizi eşidip ýoldaşlary,
oba ýaşululary, aga-inileri üýşdüler. Olar arkalaryny
tärime berşip, halka bolşup, Aşgabat ýagdaýlary,
respiblikanyň wakalary bilen gyzyklanyp oturdylar.
Gijäniň bir wagty, biziň bilen hoşlaşyp turup gitdiler.
At üsti meni birneme ýadadan eken, hemişeler
uklap bilmän gijelerine gara görgi bolardym. Şonda
men, köplenç, Ýaltada bolan günlerimde gören bir
pursadymy ýatlaýardym.
...Gözýetim. Bir gämi burnuny suwa sokup, deňiz
bilen ikiçäk otyr. Şu görnüşde pikirimi jemlemek,
köplenç, maňa uklamaga kömek ederdi. Bu gün weli
maňa uklamaga hiç zady ýatlamak gerek bolmady.
68
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
General Skobelew bu ilde Aýrysakgal diýlip atlandyrylýan eken. Ol bu ýerde patyşa generallarynyň
iň zabuny hökmünde özüni tanadypdyr. Birwagtlar
onuň şöhraty meni-de gyzyklandyrypdy.
Onuň giň maňlaýy, sargylt öwüşgünli arasy açylan kümüş saçlary, ikä bölünip, her tarapy bir gysym
bolup duran sakgaly, halka atyp duran göwresine
haýbat berýän murty meniň ýadymda.
Generalyň terjimehaly bilenem gyzyklanypdym. Mihail Skobelew 1843-nji ýylda generalyň
maşgalsynda dogulýar... Ol general ştabyň akademiýasyny tamamlansoň, Orta Aziýa ugradylypdyr.
Samarkandy, Kokandy, Buharany basyp almakda
tapawutlanypdyr.
Kapitan çininde Peterburgdan giden ofiser ol
ýerden general çinine, altyn suwy çaýylan gylyja,
Georgiý ordenleriniň IV-III derejelerine eýe bolup
gaýdyp gelipdir.
1877—1878-nji ýyllarda onuň ýolbaşçylyk eden
goşuny Balkan ýarym adasyna aralaşyp, türkler
bilen barlyşyksyz söweşler alyp barypdyr. Ol Plewna
söweşinde, Dunaýdan geçilende özüni ýene-de bir
gezek başarjaň general hökmünde görkezipdir.
Patyşa Russiýasy üçin şol ýyllarda Gökdepe
meselesi heniz çözülmedik meseleleriň biri bolany
üçin, şeýle hem Angliýanyň bu ýurduň pagtasyna,
ýüňüdir baganasyna, nebitine isleg bildirip, ýeňsede
69
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
owganlar bilen darkaş gurýanlygy üçin, Owgany
özüne «hä» diýdirdigem, olaryň Orta Aziýada hüjümi
güýçlendirjekleriniň ujy iki däldigi üçin, patyşa
meseläni bada-bat çözjek general hökmünde Skobelewi bu ýere ýollaýar. Şol döwürde onuň bilen bu
ýere gelen ofiserleriň birnäçesi öz gündeliklerinde
general hakda birnäçe ýazgylar galdyrypdyrlar. Oňa
öňden belet ofiser Žudow «...Skobelew göwnüme juda
gylyksyz bolan ýaly, ol sähel zada hem pejigýär...»
diýip bellese, hudožnik Wereşagin öz inisine bu
ýerden iberen hatynda: «General edil Delfiý Orakul
ýaly gepleýär, oňa bada-bat düşünme-de kyn...» diýip
ýazypdyr.
Mihail Dmitriýewiçiň bu ýerde gazaply hem
düşnüksiz bolmagyna onuň maşgala ýagdaýynyň
sebäp bolan bolmagy-da gaty ahmal...
...1880-nji ýylyň tomsunda generalyň ejesi Olga
Nikolaýewna ýany juda köp pully Filippola gelýär.
Ol oglunyň Balkan ýarym adasyndaky uly abraýyny
peýdalanyp, ýany bilen getiren puluna mülk edinmekçi eken.
Karlowa, Sliwno, Gazanlyk, Nowu-Zagore Olga
Nikolaýewnany halk gahrymanynyň ejesi hökmünde
uly dabara bilen garşy alýar. Ähli ýerde diýen ýaly
onuň töwereginde poruçik Uzatis bolupdyr. Poruçik
Uzatis ruslaryň we bolgarlaryň arasynda uly hormatdan peýdalanýan ofiser eken. Ol Nižniý-Nowgorodda
barly maşgalada dünýä inipdir... 1876-njy ýylda
Nikolaýewskiniň inžener taýýarlaýan uçilişesinden
70
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
kowlandan soň, Çernogorýa gidip, şol ýerde türklere garşy söweşlere gatnaşypdyr. Rus goşunlary
Bolgariýa gelen mahaly ol general Skobelewiň 16njy diwiziýasyna goşulýar. Plewna söweşinde edermenlik görkezip, generalyň ünsüne düşýär. Georgiý
ordeniniň V derejesine mynasyp bolýar. General ony
özüne kömekçi edinip, ýanyna alýar. Türkler Balkandan kowlup çykarylandan soň hem ol şol ýerde, rus
goşunlarynyň sapynda gulluk etmäge galýar.
Uzatisiň wepaly hyzmaty oňa uly ynamyň döremegine sebäp bolupdyr. Şol wagtdaky Russiýanyň
Balkandaky ilçisi knýaz Seretelew hem ol barada
gürrüň bolanda, hemişe şu sözleri gaýtalaýar eken.
«Eger-de meniň ilçihanamda birnäçe million
pul bolup, bir ýana gyssagly gitmeli bolaýan ýagdaýymda, kimdir birine öz ýerimde galmagy hem pullary saklamagy ynanmaly bolsam, onda men poruçik
Uzatisden hyzmatyny sorardym».
Olga Nikolaýewna Çirpana gitmegi ýüregine düwen mahaly ol öňünden Uzatis bilen gepleşipdir, ýöne
poruçik oňa juda gyssag işiniň barlygyny aýdyp, bu
gezek özüniň ýoldaş bolup bilmejegini mälim edipdir.
Generalyň ejesi ýanyna 46 müň pul hem-de hyzmatkärlerini alyp, unter ofiser Iwanowyň ugratmagynda gije ýola düşüpdir.
Puly Olga Mihaýlownanyň öz syýahatynyň
hakyky manysyny gizlemek üçin alan bolmagy hem
mümkin. «Olga Nikolaýewna Bolgariýa mülk edinmäge gidipdir...» gürrüňiň yzysüre Peterburg
71
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ol hakda «Generalyň ejesi ol ýere gizlin Balkan
guramasynyň işi bilen gyzyklanmaga, şol guramanyň
üsti bilen ogluny öňe sürmäge, şeýdibem Balkanda
Russiýa dahylsyz bolan, özbaşdak Skobelew döwletini
döretmäge ogluna ýardam etmäge gidipdir...» diýip
gürrüň edipdi.
Olga Nikolaýewnanyň gije-gündiz mülk alma
bahanasy bilen bolup ýörşüni synlanyňda, soňky
gürrüňiň çyndygyna birhili ynanasyň hem gelmän
duranok... Ol şol gezek Filippoldan uzaklaşmanka,
poruçik Uzatis özüniň çernagorly iki ýoldaşy bilen
duýdansyz olaryň öňünden çykypdyr.
Generalyň ejesi kolýaskany sakladan badyna,
Uzatis sen-men ýok, dessine onuň depesinden gylyjyny inderipdir. Dogry gelen ölümden diňe unter
ofiser Iwanow bir tär bilen gutulypdyr. Bu ölüme
Olga Nikolaýewnanyň çykyşlarynyň, ýerinde aýdylmadyk bijaý sözüniň sebäp bolan bolaýmagy-da
mümkin. Uzatis özüni atyp öldüreni üçin, bu syr
bolup galypdyr.
Ejesiniň ölümi, onda-da bu hili özünden soňa
ençeme ýakymsyz gürrüňleri goýup giden ölüm Skobelewe gaty agyr degipdir.
Onuň ejesiniň jaýlanmagyna gatnaşmak islegini
Patyşa Aleksandr II kanagatlandyrmandyr.
Skobelewiň türkmenlerden ylalaşmak gazanmak
meýli bilen huzuryna gelen on iki sany ilçini başaşak
asdyryp, hudožnik Wereşagine «On iki asylanlar»
72
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
işini naturadan çekmäge mümkinçilik döreden wagty
onuň ejesiniň syýahaty bilen ýanyp-bişip ýören, agyr
pursatlary başdan geçirýän wagtlary ekeni.
Belki-de, töwereginiň öwgüsi patyşa generalynyň
pälini azdyrandyr. Sebäbi ony şol günler daşary ýurt
gazetleri Napoleon bilen deňeýän ekenler. Has-da
fransuz gazeti «Nuwel-rewýu» onuň bilen her taraplaýyn gyzyklanyp, iki taraply makalalar çykarypdyr.
«Skobelew seniň gysymyňdaky lukmaňy almaga,
ýeňişleriňe eýe bolmaga barýar...»
«Rus administrasiýasy Orta Aziýa öz täsirini
ýetiren wagtynda, Tibeti, Kaşgary alan ýagdaýynda
beýik döwlet bolup biler» diýip, ony gündogara öjükdiripdir.
Skobelewiň Orta Aziýadan Napoleonyň Müsürden
gelşi ýaly dolanyp geljegini ýazýan gazetler-de
bardy. Başga bir fransuz gazeti bolsa: «General
häzir ýakyn günlerde galany partlatmak üçin onuň
aşagyny gazdyryp, däri daşadýar. Bu emel ozalbaşda
fransuz ofiserleri tarapyndan 1854-1855-nji ýyllarda Sewastopolyň garşysyna ulanypdy» diýip, şol
gezek fransuzlaryň Eduard Iwanowiç Totlebenden
alan almytyny bilgeşleýinden ýatdan çykaran bolup
gürleýärdi. Şol gezek admiral Totleben duşmanlaryň
partlatmak niýeti bilen şäher aşagyny köwýänlerini bilip, olaryň garşysyna ýörite sapýor goşunyny
goýupdy, fransuzlaryň niýeti puja çykypdy.
73
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
1881-nji ýylda general Skobelew, patyşa goşunlary
üçin Gündogarda basyp almasy iň kyn bolan «boýun
egmez» gala adyny alan Gökdepe galasyny partladyp,
onuň külüni göge sowurýar...»
1882-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Skobelew
Peterburgyň «Barelýa» restoranynda, Gökdepe
galasynyň alynmagynyň 1 ýyllygy mynasibetli dabarada söz sözleýär. Ol galany alşynyň üstünde durup
geçensoň, Awstro-Wengriýa öjügip söz sözläpdir.
Awstro-Wengriýa hem bada-bat rus döwletine «Içerki
işlerine goşulýany üçin» duýduryş beripdir.
Tizden rus döwletiniň daşary işler boýunça
işleriniň uprawlýaýuşisi Girs Awstriýa babatda
Skobelewiň juda ýerliksiz gürlänini boýun alyp,
ötünç soraýar.
Onuň bu çykyşy Peterburgda il içinde: «Ol özüni
Garribaldy hökmünde görkezmek isledi, emma bolmady...» diýen gürrüňiň döremegine sebäp bolupdy.
...1882-nji ýylyň 26-njy iýunynda general iki
sany zenan bilen «Angliýa» restoranynyň çolaja
künjeginde otyrka tarpa-taýyn ölýär. Onuň meýidini
ilki Moskwa uniwersitetiniň professory açyp görýär,
hem ýürek, öýken ysmazlygy döräpdir diýen netijä
gelýär. Generalyň wraçy Geýfekder bolsa «Onuň
ýüregi sagdy...» diýip, professoryň gelen netijesi
bilen ylalaşmandyr.
Öleninden soň onuň yzynda: «Generala restoranda otyrka, gapdalky bir ýerlerden «Gökdepe gahrymanyna» diýlip, dabara bilen şampan şeraby ber74
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
lipdir. General şampanskini başyna çekipdir. Bulgury
iňlis jansyzlary awy goşup ýörite edipdirler» diýen
gürrüňlerem bolupdyr.
Pariž unwersitetinde birnäçe döwletleriň
garşysyna çykyş edeni üçin, patyşanyň hut özi: «Bu
guduzlan it üçin men indi her ýeten döwletiň öňünde
ötünç sorap ýörmeli bolarynmy»... diýmegi, ölümine
sebäp bolanmyşyn diýen gürrüňler hem bolupdy.
General öz ömrüni soňlansoň, wagt onuň
şöhratynam, yzynda galan myş-myşlaram onuň Gökdepe galasyny partladyp, külüni göge sowruşy ýaly,
öz topuna salyp gümmürdedipdi.
* * *
Çölüň üstünden ýazyň görmegeýliginden, keýpihonlugyndan habar berýän çyglyja şemal öwüsýär.
Meýdan hut düýnki gündäkisiniň ekiztaýy. Ol özüne
laýyk köýnegi geýen gelin ýaly, synlamak üçin
ýakymly. Töweregiňe ser salan mahalyň kimdir biri
ol gelni gujagyna göterip, töweregine aýlap durana
meňzeýär.
Atlarymyz bizi bir-birlerine meňzeş gara
öýlerden, selçeň pagsa jaýlardan ybarat obalaryň
duşundan geçirip alyp barýar.
Her gezek bir oba ýakyn barlanda, itler alagowurdy
bolşup, biziň öňümizden çykýardylar, atlaryň töweregini gallaşyp hüjüme geçýärler. At janawarlaryň
jylawlaryny çeýneşip howsala düşmeklerine sebäp
75
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
bolýardylar. Has-da Hommadyň münen sarç aty
urnup heläk bolýardy. Häli-şindi durup, guýrugyndan aslyşyp diýen ýaly üýrýän itlere toýnak salyp azara galýardy. Itlerem jyn ýaly çalasyn jandar,
aňsat onuň atymyna gelmeýärdiler. Boşlugy depip
lapykeç bolýardylar. Itler hem şeýle jogapdan soň,
özlerini has-da gaharly alyp barýardylar. Dişlerini
syrtardyşyp, gorkunç tüýse girişip öjügýärdiler. Şol
gezek welin ol gazaba münüp, gulaklaryny ýapyryp,
boýnuny süýndürip, düşdi birden itiň söbügine. Iki
elim bilen ýapyşyp, zordan eýeriň üstünde saklandym. Zähresi ýarylan it onuň ýetip gelýänini görüp,
itler toplumyny taşlap, ümdüzüne gaçdy. Her gezek
itler bilen duşuşyk bolanda, bu ýerlere syýahat eden
fransuz inženeri Bularjäniň ýazgysy meniň ýadyma
düşýärdi. Ol gündeliginde: «Türkmenleriň gulakdan- -guýrukdan ýaşlykda halas edilen örän äpet hem
hyrsyz itleri bar. Mary diýen bir ýerde şeýle itleriň
biri bir generaly hem iýenmiş» diýip ýazýardy.
Ilter käte biziň bilen gyzygyşyp, goňşy obanyň
deňesine ýetenlerini hem duýman galardylar. Şeýle
bolanda, hemişe tomaşa bolardy. Iki obanyň itleri
garpyşyp, özleriniň adybir itdiklerini unudyşyp,
biri-birleri bilen gyzyl et bolýançalar urşardylar.
Biz bolsa bada-bat ýatdan çykardyk, itleriň öz birbirlerinden özgä elleri ýetmezdi. Olar bir-birlerine
tüýs mynasyp garşydaşlardy.
Gijöýlänler biziň çopan goşy hasaplap, agşam
ol ýerde bolup, dem-dynç almagy niýetläp sowlan
76
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
tüssämiz, birnäçe serhetçileriň ugratmagynda,
çölüň bir ýerlerinden dolanyp gelýän çaklaňrak göç
bolup çykdy. Töwerekden saýlanyp oturan inedördül
depäniň üstüne ýanaşyk edilip birnäçe düşek atylypdyr.
Beýleräkde goş-golamyň töwereginde bedre
börükli bir aýal, iki sany egni ak köýneklije, garakelle oglanjyk görünýär. Gapdalda töwerege
ýakymly ysyny ýaýradyp gara gazan gaýnap dur.
Agzy ýaşmakly aýal wagtal-wagtal turup, çagalar
hem gazan aralygyna gatnaýar.
Hommat bizi görüp, ör galan adamlaryň arasynda
inçesagt, eňegi çowly, egni düýe ýüňünden örülen
melemtil goňur çäkmenli, başyna buraly telpek geýen
adamy görüp begendi.
— Bä, Öwezgylyç bagşy ýaly-la bi! — diýip, ýylgyryp dillendi. Ady tutulan adam bizi içgin synlap,
ozal nirede görenini ýadyna salyp bilmän kösendi.
— Bagşy, Senem görmek bar ekeni.
— Hawa, bizem-ä bardyrys özün-ä. — Bu sözi
aýdan wagty näme üçindir, onuň ýüzi gürrüňdeşini
tanamaýanyny mälim edip müýnli ýylgyrdy. — Gelen ýeriňiz, ana, şol bolýar — diýip, Hommat bu
gezek göwünlik beriji äheňde dillendi. Soňundanam
onuň bizi nirede görenini ýadyna saljak bolup azara
galýanyny duýup: «Bagşy, bizi tanajak bolýaňyz-ow»
— diýip, özüni tanatmak üçin ýylgyrdy.
— Öz-ä bir gören tanyş ýüzüm...
— Hmm...— Hommat ýene-de ýylgyrdy: — Bir
77
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ýola şagal obaň gapdalyndan geçip barýan eken, oba
oglanjyklary ony görüp, «şagal-da, şagal» bolşup
gygyryşypdyrlar, şagal şonda: «Bäý, bulaň hemmesi
meni tanaýa, men welin bularyň hiç birisinem tanamok» diýenmişin. — Hommat bu hekaýaty bagşysazandanyň oturyp-turýan ýeri, duşuşýan adamlary
köp, ol olaryň haýsy birisini tanasyn diýen manyda
aýtdy. Soňundan bolsa bagşynyň ýadyna düşer öýden
bir duşuşygy ýatlady.
— Siz meni ýadyňyza saljagam bolmaň, biz
şindi şeýle içgin tanyşybam ýetişemizok... Şol gezek
Pöwrizede Moskwadan gelen myhman sazandanyň
hormatyna gurlan üýşmeleňde menem bardym,
pianinonyň başynda öň oturmadygam bolsaňyz,
siz şol gezek moskwaly myhmanyň çalşyny görüpsynlanyňyzdan soň, onda «Daraýy donlyny» çalyp
beripdiňiz.
— Sizem şonda bar ekeniňiz-ow — diýip, bagşy
ol duşuşygy ýatlap begendi.
— Bardym. Gaýgysyz Serdarowiç, Mežlauk,
Paskuskiý, Aýtakow ýoldaşlaram bardylar.
— Hemmesi ýadymda. — Bagşy birsalym geplemän, donunyň bajygyny çözüp, daňyp oturdy.
— Aý, bizem ýüregine gulgula düşen gul-da,
göçürjek bolsaň türkmeniň gapdalyndan göç geçir
diýilmänmi näme. Şol hakyt dogry gürrüň eken.
Hälem Gaýgysyz meniň bilen deň bolmandyr. Ýatlap,
ýörite kagyz ýazyp iberipdir.
— Habarym bar, bagşy, gelen ýeriň bolýar —
78
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
diýip, Hommat uýatly bagşa ýene-de göwünlik berip
gepledi.
Tanşyp otursak, bu adam barly adamlaryň aldawyna düşüp, olar bilen göterilip giden türkmeniň
söýgüli bagşysy ekeni. Serhetçiler onuň elinde Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiň hatyny görüp, oňa
ýoldaş bolup gelýän ekenler. Bagşynyň ýüzünde
ýol argynlygynyň hem-de ýüregi harasatly adamyň
ynjalyksyzlygy bar. Ondan-mundan mesawy gürrüň
edilýän mahaly ol bize özüniň alan hatyny çykaryp
görkezdi. Hat gerek wagty, çykaryp görkezilende
gören adamyň haýsy dilde gepleýänligine seretmezden, düşnükli bolmagy göz öňünde tutulyp, iki
dilde, rus hem türkmen dillerinde ýazylypdyr.
«Öwezgylyç!
...Beýdäýmegi kimden garaşsak-da, senden-ä
garaşmandyk. Pikirlenmänligiň, ölçerip dökmänligiň
belli boldy.
Sende ata-babalarymyzyň timarlap ösdüren,
ýürekleri bilen ýyladan aýdym-sazlarynyň uly bir
bölegini jemlän gursak bar. Ol gursak bolsa bir seniň
öz zadyňam däl, ol il-günüň baýlygy. Seniň gitmegiňe
men şol uly baýlygyň gitmegi diýip düşünýärin. Diňe
sen däl, seniň ata-babaň hem il içinde bagşyçylyk
edip, Magtymguly aganyň agzibirligi ündeýän pikirlerini depesine täç edinip gezen adamlar bolupdyr.
Jemlenmek, döwlet bolmak bu biziň elýetmez arzuwymyz dälmidi näme?!
Biz özbaşymyza döwlet, respublika. Seniň il79
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
güniň elýetmez tylla halka el ýetirdi. Begençden
diňe biz däl, biziň garşymyza ok atyp ýören Jüneýit
hanyň gurultaýa ýollan wekilleri hem: «Hudaýa
şükür, meniň ilim hem ahyrsoňy döwlet boldy...»
diýip begenişip aglapdyrlar...
Bolşewikler döwleti seniň ýaly azaşan adamlara
yzyny tapmaga kömek etme niýeti bilen günäňizi
geçýän ýörite karar çykardy. N.Ýomudskiý,
A.Atabekow ýaly adamlar eýýäm gaýdyp gelip, öz
iline gowuşdy.
Seniň hem gelip, öz döwletiňde, öz ýeriňi
eýelemegiň gerek, Öwezgylyç! Magtymguly agany
köpräk ýatla, şonda sen maňa has gowy düşünersiň!...
Türkmenistan Halk Komissarlar Sowetiniň
başlygy G.S.Atabaýew.»
Men düşek üstünde ornaşyp bagşy bilen, töwerekdäki esgerler bilen saglyk-amanlyk soraşyp oturdym.
Bu günüňem ýakymly ýaz günleriniň biridigini, bu
ýyl ýazyň bir ýerlerde eglenip, öňki ýyllarkysyndan
gijigip gelenligini, al-ýaşyl öwsüp oturan, ot-çöpleriň,
gül-gunçalaryň goşulyşmagy bilen dörän gözilginçligi
hyýalymyzdaky jennetiň bir künjegi bilen deňeşdirip
oturdyk. Hommat bolsa indi birwagtdan bäri
serhetçileriň gyzyl ýüzli, gözleri kiçijik komandiri
bilen çete çekilişip, ikiçäk gürrüň edýär. Saçak ýazyp
nahar iýlensoň, orta ýene-de çaý geldi. Aýdym-saz
boljagyny duýup şundan soň, häliden bäri ejeleriniň
töwereginden çitde-mit bolşup öz çaga oýunlaryny
oýnaşyp oturan bagşynyň ogullary hem ýortuşyp
80
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
biziň ýanymyza geldiler. Oglanlaryň kiçirägi eýemsirenip, kakasyna dykylyp diýen ýaly oturdy, ikinji
oglan özüniň jigisinden uludygyny ondan parhlyrak
bolmalydygyny özüne ýatladyp, aýbogdaşyny gurup,
uly adamlara meňzäp, beýleräkde oturdy. Özi bilen
getiren kiçijik dutarjygyny öňüne kese basdy. Bagşy
çäkmenini çykaryp, ony egnine ýelbegeý alansoň,
howlukman köýneginiň ýeňlerini gezekli-gezegine
tirsegine çenli çermeşdirdi, göreş tutmakçy bolýan
pälwanlara meňzäp, inli guşak bilen bilini guşandy.
Diňe şundan soň ol kiçi oglunyň öňüne kese basyp
oturan, dutaryny eline aldy. Özi bilen goşup saz çalmak höwesi bilen oturan oglana gözüni aýlady, biziň
ýerli-ýerden oglanlaryň ejeleriniň ýanyndan getiren
kiçijik dutarjyga höwesli, gyzygyşyp seretmegimiz
onuň aýdym-saza başlamazyndan öň ýüzugra kiçijik
dutaryň taryhyny ýatlamagyna sebäp boldy.
— Şular ýaly oglankam — ol kiçi ogluna tarap
güzüni aýlap goýberdi. — Menem dutara örän höweslidim. Çemim tapdygym kakamyň dutaryny gujaklap,
çalan bolup oturardym. Onuň tarlaryny üzüp, müýn
çeken gezeklerim-de az bolmandy. Ejem diýmişleýin-ä
men çagakam kakam dutar çalsa begenip gol-ganat
bolubirmişim. Şol günler kakam maňa dutar sapyny
dişledip saz çalar eken, bu bolsa maňa diýseň ýarapdyr. Kakam aýtmyşlaýyn, şeýdilende, saz ýaşlykda
çaganyň süňňüne ornaýarmyşyn, hem gyzamykdan
galan kesele meňzäp, hemişelik onuň süňňünde
galarmyşyn.
81
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
...Bir ýola bir ýere gitmekçi bolan kakam dutaryny tapmandyr. Meniňem öýde ýoklugymy görensoň,
ol dutaryň öýden uzakda däldigini aňypdyr. Şol gezek
ol meni bukulyp, özbaşyma saz çalan, bagşy bolan
bolup oturan ýerim samankümämizden tapypdy.
Şundan soň ol tiz wagtdan şujagaz çemelije dutary
maňa ýasap beripdi.
Bagşy gürrüňiň soňunda kiçijik dutara ýene-de
bir gezek mähirli seredip goýberdi. Ol ogly bilen
goşulyşyp, birsalym saz çalyp oturdy. Soňundan bolsa
özüniň labyzly sesi bilen aýdymlar obasynyň bir ýan
çetinden girip ugrady. Haýsydyr bir guş ýuwaşlyk
bilen ýokary göterilip uçup ugran ýaly boldy.
Gije gelip, many bolup, biziň töweregimizde
dymyp oturan çöli eýeledi. Indi çöl depesi gara keçe
basyrylgy türkmen öýüne çalym edýär. Biz bolsak
häzir şol öýüň ojagyny töwerekläp oturan adamlara
öwrüldik.
Hommat wagtal-wagtal bagşy her aýdymyny
soňlap, öňündäki çaýly käsesine elini ýetiren mahaly
ýa-da dutaryny çekip, onuň ýassygyna güýmenip, ara
böwşeňlik düşende, aýdymlaryň maňa-da düşnükli
bolmagyny, ondan meniňem öz alýan lezzetimi almagymy isläp, pursatdan peýdalanyp, onuň mazmunydyr taryhyndan öz bilýän zatlaryny aýdyşdyrýar.
Bagşy her gezek diýen ýaly, hamala, bu pursadyň
öňüsyrasy Hommat bilen öz aýtjak aýdymlaryny
maslahat edene meňzäp, hut onuň muňa gürrüňüni
beren aýdymynyň sözlerini özüne mahsus labzy bilen
sanap ganatlandyrýar.
82
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommadyň bu hereketleri onuň bagşyň aýdym
repertuaryna juda beletliginiň alamatyndan başga
hiç zat däl.
Soňabakan men Hommadyň gürrüňi bilen bagşyň
şol gürrüňi özüçe tassyklamasyna şeýlebir gyzygyp
ugradym welin, eşiden zatlarymy bada-bat ýazyp
almaýandygymy, olary unudaýmagymyň mümkindigini ýatlap aladalandym.
Men bu çölde görýän-eşidýän ähli zatlarymyň
öz arzuwlap gurmagy niýet edinip, ugruna çykan
binamyň bir kerpijidigine ynanýardym. Bu ynam
bolsa meniň bilesigelijiligimi barha artdyrýardy.
Dur, gardaşym, eý, senden-eý habar alaýyn,
Artyknyýaz atly ýarym-ow amanmy?
Bagşy dutaryny çekişdirensoň, oturan ýerinde
leňňer alyp, «Saltyklara» tutduryp ugran mahaly
men bu sesiň, on ýyl rakyp zyndanynda ýatan,
indem bir ýol bilen ol beladan sypyp, yzyna dolanyp
gelýän Magrupy şahyryň sesidigine ynyndym. Magrupy, Hommat aýtmyşlaýyn, türkmenleriň «saltyk»
tiresinden dörän şahyr bolupdyr. Söweşleriň birinde
ol Eýrana ýesir düşüpdir. Duşman onuň gözüni
oýup, özüni zyndana taşlapdyr. Saltyk türkmenleriň
Amyderýa boýunda oturan, soňundan taryhda «Beýik
seljuklar» at alan tiresiniň çyn adydyr: «seljuk»
diýip, olary basyp alan ýurtlaryň adamlaryny atlandyrypdyrlar.
Magrupynyň menzil-menzil ýol aşyp gelýänini,
il-ýurduna ýakynlaýanyny ilki onuň söýgüli gelni
Artyknyýazyň ýüregi syzypdyr.
83
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Girip-çykyp, onuň ýüregi hiç ýerde karar tapmandyr. «Şu hepdäň bir ýerinde ogluňyz bir ýerden gara
berer» diýse-de, gaýyn atasy-da oňa ynanmandyr.
Artyknyýazyň duýgusy ony aldamandyr. Iki-üç
günden Magrupy öz ýoldaşlary bilen obalarynyň
üstünden inipdir. Il-güne, dogan-garyndaşyna, söwer
ýary Artyknyýazyň yhlasyna gowşupdyr.
Ýeňsede, serhetçileriň atlaryň otuna-suwuna
seredýän hem-de töwerege gözegçilik edýän tarapyndan bir güpür-tapyrlyk bolan ýaly bolsa-da, aýdymsaza berlişip oturan adamlar bir üşerlişseler-de,
soňundan oňa ähmiýet beren bolmady.
Garaňkydan duýdansyz çykan elleri ýaragly
adamlary biz diňe toparlanyşyp alkyma gelenden
soň görüp galdyk. Hommat ukuda ýatyrka, depilip
turuzylan ýaly garaşylmadyk tizlik bilen syçrap, ters
öwrülip, bilindäki mauzerine ýapyşdy.
Barybir giçdi. Onýança:
— Adamlar, ýaraglaryňyz gabyndan çykmasyn! —
Garaňkydan çykanlaryň öňünde duran adam hökümli
gepledi. — Ýogsam... — diýdi-de, ol soňundanam
«Ýaraga ýapyşybermeli bolsa bu adamlar sizden kem
oturmaz» diýen manyda öz arkasynda häzir bolşup
duran adamlara tarap seredip goýberdi.
Gapyllykda üstüň aldyrylandygy belli boldy.
Türkmenleriň «Almany asmana at, ýere düşýänçä
ýa pelek!» diýen akylyna eýeräýmeden başga alaç
galmady. Bir bada hiç kim näme-näme bolanyna, indi
näme boljagyna düşünip bilmedi, hemmeler süýji
84
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ukudan oýadylan ýaly bolşup, pikirlerini çugdamlap
bilmeýäne meňzeşip, äm-säm bolşup durdular.
Kelte boýly dörtgyraň pyýada gapdalda düýrügip,
oýunda utulanlygyna henizem ynanyp bilmän duran
serhetçileriň komandirine ýüzlendi.
— Komandir, ýeňsede, atlaryň ýanynda seniň
adamlaryň bar eken. Olary biziň oglanlar ýaragsyzlandyrdy. Hiç kime hiç zat bolanok. Ine-de olaryň
biriniň ýaragy!
Soňra ol bir elinde ortam bilinden tutup duran
bäşataryny gütledip gapdala atdy. — Soňra... eýelik
edersiňiz!
Ol söm-saýak bolşup duran adamlaryň arasyna
göz aýlap, ol ýerden Öwezgylyç bagşyny tapansoň,
düýbünden özüne mahsus bolmadyk bagşy bir hörpde gürledi. Şonda onuň sesi bokurdagyndan gaýnap
çykan ýaly bolup eşidildi.
— Bagşy, senem görme bar eken...
— Hmm...
Öwezgylyç bagşy ýene-de gürrüňdeşini tanajak
bolup, gelip öňünde elini goýbermän duran adamy
siňňin synlap, ýadyny dörüp kösendi.
— Azabymyz ýerine düşdi hernä, seniň Gaýgysyzyň
çakylygyna barýanyňy çopanlardan eşitdik. Olaryň
ýanynda düşläp gaýdan ekeniňiz...
— Hawa, şahandaz ýigitler ekeni — diýip, bagşy
ýol ugra goşunda düşlän çopanlary ýatlady.
Gelenleriň ýolbaşçysy aýlanyp, töwerek bilen
birin-birin elleşip görşensoň, yzyna düşüp gelen
adamlar hem onuň hereketlerini gaýtaladylar.
85
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Garaşylmadyk adamlaryň bu hereketleri, galyberse-de olaryň ýolbaşçylaryň bagşyny tanaýanlygy aradaky dartgynlylygy mese-mälim gowşatdy.
Bularyň aňyrdan «basaýyn, alaýyn» diýip gelen
adamlar däldikleri şu gürrüňlerden soň belli boldy.
Dörtgyraň pyýadanyň serhetçileriň komandiri bilen
rus dilinde gürleşmegi bolsa meniň bu ynamymy hasda berkitdi. Bu onuň ruslar bilen ýakyn gatnaşykda
bolan adamdygyny belli etdi. Russiýa bilen ykbal
baglanyşygy bolan adamlaryň haýsy ildenligine
seretmezden, onuň hemişe kalbynyň bir künjeginde
ruslara bolan ýakymly duýgyny saklaýandygyna men
köp gezek gabat gelipdim.
Görüp otursam, bular Öwezgylyç bagşynyň yzyny
yzarlap, mümkinçilikden peýdalanyp, ol bolşewikler
dünýäsine halys siňip gitmänkä, ony ýene-de bir
gezek diňläp galmagy niýet edinen adamlar eken.
Men olary synlap: «Basmaçy» diýilýän şular ýaly
täze durmuşy ýüregine jaý edip bilmeýänler bolmalyow diýip oýlandym.
Dörtgyraň pyýada düşekde ornaşansoň, onuň
ýany bilen gelen adamlaryň birnäçesi gapdalda ot
ýakyşyp, ýanlary bilen getiren keýik läşinden nahar,
şor taýynlamaga durdular.
— Tejenli Adna baýyň ogly Dagym men — diýip,
gelenleriň ýolbaşçysy bagşa özüni tanadyp oturdy.
— Adna baý, Adna baý... — Bagşy ony ýadyna
saljak bolup oýurgandy.
— Orus baýam diýýändirler oňa...
86
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Hä, şeý diýsene. Ana, indi boldy, tanadym.
— Kakam bende orusçylrak bolansoň oňa, köplenç
Orus baý diýerdiler. Şu häzirki Paskuskem Tejene
inženerlik etmäge gelen ýyllary biziň duzumyzy köp
iýendir.
— Ataň pahyr hem aýdym-sazyň ölemen aşygydy.
«Bagşym, seni bir diňlesem, telim günläp dünýäniň
keýpihony men bolýan...» diýerdi bende. Onuň Gelenje ýasan bir gowy gazma dutaram bardy.
— Çalan-a bolardy... Öýlenen günüm meniň
toýumda aýdymy siz aýdypdyňyz. — Dagymyň ýadyna toý güni gujagy bägül ysly gelinli öý, bagtly
pynhan pursatlar düşen borly, ol gürrüň arasynda
ýylgyrybam goýberdi. Ýene bir gezekde bolsa ol
gürrüň arasynda nämedir bir zady ýadyna salyp,
maňa tarap öwrüldi.
— Aramyzda piterli garyndaşyň barlygy geň zat.
Her zada garaşýan-da bolsam, men bu duşuşyga asla
garaşmandym. Onda-da itgyran çölüň bir ýerlerinde.
... Piter-ä şäherdir-le, heniz-henizlerem göresim
gelip, onuň ýüregime düşýän wagtlaram bolýar... Ol
Hommat ikimiziň göni garşymyzda otyrdy. Oduň ýagtysyna men Dagymyň şöhle çaýylyp, gyzaran ýüzüni,
gyrmyzy donuň aşagynda geýen harby lybasyny,
gözleriniň ýagta ýaldyrap gidýänini görýärin.
Görüp otursam, ol ýaşlykda Peterburgyň ikinji kadet korpusynda terbiýelenen bolup çykdy. Kakasy
oňa «Ak patyşa beren oglum» diýer ekeni. Ol rus
goşunlarynyň sapynda bolup, Pribaltika tokaýlar87
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ynda, Laplandiýada söweşip, Georgiý hajynyň IV
derejesine mynasyp bolupdyr. Laplandiýada ýaralanypdyr, teninde gangrena başlanypdyr. Ony goşundan
boşadypdyrlar. Oba gelensoň, Sähetmyrat tebip onuň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 05
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.