Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 07

Total number of words is 3547
Total number of unique words is 2079
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
guýup bilipdirler. Aý, topmy top-da ýöne. Onsoňam
ol-da aýdyşlaryna görä bary-ýogy iki-üç ýola
gümmürdänmiş. Garşydaşlar onuň okunyň gelýänini
allaowarradan görüp, öňünden sowulmaga hem
ýetişipdirler. Onuň oky howa-da uçan wagty, «haý,
barýandyryn how» diýip, görnüp gelýärmiş.
— Köne döwrüň toplary-da.
— Ussalar iliň gazanlaryny toplap, ony eredip,
ok guýup, tas milleti gazansyz goýan eken.
Biz toplary synlap, gün ýaşyberende ýene-de
yzymyza dolandyk. Gün çykyp duran-da bolsa,
şemal ösüp ýagyş ýagjagyndan habar berip ugrapdy. Depesi dänelän selmeler ýapraklaryny şemala
ýazyşyp, ganatlanyşyp uçuşyp gidiberjege meňzäp
galkynjaklaşýardylar.
Ýagyş ýolda biziň üstümizi basdy. Ýaz, garamtyl
bulut düwünçeklerini düwüp getiren iri damjalaryny,
129
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
dökdi üstümizden paýyrdadyp. Töwerekdäki ýagyş
suwundan dörän kölçejikleriň üsti türkmen gelingyzlarynyň donlarynyň ýakasyny bezeýän depesi
gümmezlije çaprazyndan doldy. Ýagşyň bolşy häzir
gerek zady elne düşüp, begenjine daşaryk çykyp
towsaklaýan çagajyga meňzeýär. Ol gadymy Mary
topragyny aýratyn bir yhlas bilen öz dünýäsine berlip ýuwýar.
Dolanyp gelsek Abdyryzak Paýzulla ekäniň
ýanynda onuň bilen ondan-mundan gürleşip, biziň
gelerimize garaşyp oturan eken. Onuň bilen meni
Mara gelen günümiziň ertesi tanyşdyrypdylar.
Abdyryzagyň gepi-sözüne bada-bat meniň synym
oturypdy. Onuň bilimli-düşünjeli adamdygyna gözüm
ýetipdi. Rewolýusiýadan öň hem ruslar bilen ýakyn
aragatnaşykda bolany üçin, ol rus dilini-de ganymat
bilýärdi.
Ol Mary töwereginde, Orazmuhammet ahun adyny
alan ulamanyň ogly ekeni. Ahun: «Ogullarymyň
iň zehinlisi Abdyryzagym musulman dünýäsinde
görnükli ulamalaryň biri bolup ýetişer, at-abraýy
dünýä dolar...» diýip, göwün ýüwürdipdir.
Ýöne edebiýata, matematika, sungata bolan
höwesi, galyberse-de, ruslar bilen ýakyn gatnaşyga
Abdyryzagy dinden daşlaşdyrypdyr. Ol Egrigüzerde
bolan bir wakanyň esasynda garyp türkmen gyzynyň
ykbalyny yzarlap, onuň elden-ele geçip gören horluklaryny beýan edip, «Enegarry» ady bilen poema
hem döredipdir. Abdyryzagyň daýhançylyk üçin
130
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ýasan işlemek üçin amatly, oltumy giň, iki gulakly
pilleri hem beýleki ussalaryň işlerinden tapawutlanypdyr. Mary töwereginde özüne «Abdyryzagyň ýasan
pili» diýdiripdir. Onuň köp taraply zehini ahyrsoňy
ataly-ogluň arasyna tow düşmegine sebäp bolupdyr.
Orazmuhammet ahun bir gün oňa: «Sen şeýtanyň
alyna berlip, iki Hudaýy bir metjitde ýerleşdirmekçi
bolýaň, ol ikisi bir ýere ýerleşýän däldir!» diýipdir.
Onuň özge zatlaryň hemmesinden el çekip, ýene-de
tutuşlygyna musulmançylyga gelmegini isläpdir.
— Olaryň ýerleşip ýerleşmezligi, kaka, metjidiň
özüne bagly — diýip, Abdyryzak hem öz gezeginde,
öz dünýäsinden el çekmejegini mälim edipdir.
Yzysüre bolsa maşgalasyny alyp, obadan şähere
göçüp gelipdir.
Bu ýerde onuň pkirdeşleri, şägirtleri has-da artypdyr. Şolaryň biri-de Gaýgysyz Atabaýew bolupdyr.
Ol Mary bankynda işlän ýyllary Abdyryzak bilen
tanşyp, dostlaşypdyr. Onuň Abdyryzagyň zehinine
bilim-paýhasyna syny oturypdyr. Abdyryzagyň öz
halkynyň ajaýyp ogullarynyň biridigini bilipdir.
Ondan köp zatlar öwrenipdir.
Şu günlerem Gaýgysyz Serdarowiç Mara gelse,
halypasy bilen duşuşman, onuň maslahatyny eşitmän
geçmeýär diýip gürrüň edýärdi.
Abdyryzak ýakynda Mary şäherinde açylan aýal-gyzlar institutyna direktorlyk edip ugrapdyr. Bu
işi boýun almagy ondan hut Atabaýewiň özi haýyş
edipdir.
131
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Abdyryzagy görüp, ýene-de gyzykly gürrüňçiligiň
boljagyny ýatlap, men onuň gelmegine begendim.
Önki ýüzugra duşuşyklarymyzy, halkyň taryhyna
degişli bolan gürrüňleriň käbirini ýatladym. Şonda
onuň siňňitli gürrüňleri ýene-de gulagyma gelip
ugran ýaly boldy...
—Sary topam görensiňiz onda? — diýip, ol
biz öl geýimlerimizi çalşyrynyp gelenimizden soň:
«Syýahatyňyz neneňsi boldy?» diýen manyda sorady.
Guýma, çoýun toplaryň arasynda bir top durdy.
Men oýurganyp onuň öňünde uzak durupdym. Depderçäme şekilini çekip, aşagyndanam soňra özüme
ýatlamak üçin ýazgy edipdim. «Mary tophanasynda arassa misden guýlan top bar. Ondan eredip,
W.I.Leniniň heýkelini guýsa boljak...». Abdyryzak
hem şu topy soraýardy.
— Sary top ol ýerde erkek adamlaryň arasyna ýeke
özi düşen gelin ýaly bolup dur — diýip, Hommadam
dillenip, özüçe meniň sözümiň üstüni ýetirdi. Onuň
bu meňzetmesi, töwerekde mylaýym ýylgyrmanyň
döremegine sebäp boldy. Sadalyk edenini Hommadam aňdy welin, ýöne eýýäm giçdi. — Andreý
Andreýewiç, indi top gelne meňzäp ugrapdyr, görýän
welin, bu gezek siz Guşgyny görmän yzyňyza dolanmaly bolaýsaňyz gerek — diýip, Abdyryzak mylaýym
degişdi.
Hommat özüne başgaça düşünilenine gyzaryp,
ýeňsesini gaşady. Men bolsa bahana bilen özümiň
onuň ýaşyndaky döwrümi süýjülik bilen ýatladym.
132
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Abdyryzagyň sary topy soramagynyň sebäbi, şol
top bilen baglanyşykly bir waka onuň ýadyna düşen
eken.
...Şol Gökdepe galasyny goramaga äkidilen top
bolmasa, toplaryň sary topdan özgesi hiç wagt ýerinden gozgalan däldir. Diňe bir gezek sary top ýerinden gozgalypdyr. Men bu gürrüňi oglankam atamyz
ýanyna gelen adamlardan eşidipdim.
Topy, Gowşut hanyň gazabyny hasaba alman
gozgan Täçgök serdar bolupdyr. Serdar Eýranyň
Maşat hany bilen dostlukly gatnaşykda eken. Bir
gürrüňem bar, ýagny Maşat hany awa çykanda, çölde
apy-tupan turup azaşanmyş. Oňa gidip, muňa gidip
horlananmyş, şonda oňa bir ýerden bir ýere barýan
Täçgök serdar gabat gelip howandarlyk edipdi.
Iýdirip-içirip, ýanyna azyk-suwlugyny berip, harasat geçensoň ýola salypdyr. Bu tötänlik soňra olaryň
ýakyn aragatnaşykda bolmaklaryna sebäp bolupdyr.
Eýran diýilse, käbir adamlar hemişe uruşdyr
gykylyk diýip düşünýärler. Olaryň türkmen tirelerine
arka duran ýerleri-de az bolmandyr. Şeýle-de olaryň
türkmeni penalap, gaçyp geleni-de az bolmandyr...
Täçgök serdar bir ýola şol topdan gep çykanda,
olaryň içindäki sary topy getirip bermegi dostuna
söz beripdir.
Gowşut han, top soralanda bermändir. Bir gezek
Täç serdar «Bermeseň berme» diýipdir-de, ony öz
adamlaryna gizlin sökdürip, iki sany düýä taýlap
ýükledipdir-de, niredesiň Maşat diýip sürüberipdir.
133
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Gowşut hanyň iberen otuz-kyrk atlysy Tejen töwereginde onuň yzyndan ýetipdir. Gowşut han atlylaň
serdaryny ýola salanda: «Nätseň şeýt, ýöne topy
yzyna getir» diýip, çaknyşmaga-da rugsat beripdir.
Ýöne atlylaryň ýolbaşçysy Jepbar burkaz serdar bilen
duşulanda, top dawasyny etmäge howlukmandyr.
Garaba-gara Täçgök serdaryň yzyna düşüpdir-de
ýöräberipdir. Serdar nirede düşlese, Jepbar hem onuň
gapdalyndan geçip beýleräginde öz adamlary bilen
düşläpdir. Bu ýagdaý üç-dört gezek gaýtalanansoň,
Täçgök serdaryň gahary gelip ugrapdyr. Iň ahyrda bolsa ol topy hem taşlap ýanyndaky adamlaryň
ýarsy bilen Maşat galasyna gidipdir. Adamlarynyň
beýleki ýarysyny bolsa Mara maşgalasyny, dogangaryndaşyny ol ýerden bir depik gumy bilen göçürip
alyp gaýtmaga iberipdir.
«Bir topa geçmeýän bolsam, indi men Gowşudyň
saýasy düşýän ýerde ýaşamaryn» diýip, düwlüpöýkeläpdir. Mäne-Çäçede ýurt tutunypdyr.
Il-günüň gürrüňüne gör-ä, şol gezekden soň sary
top henize-bu güne çenli ýerinden gozganmandyr,
ne-de onuň atanyny gören-eşiden bar...
Eşidip otursam, şol Täçgök serdar häzirki türkmen halkynyň eý görýän, respublika ýolbaşçylarynyň
biri bolup ýetişen, Türkmenistanyň halk komissarlar
Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiň
kakasy eken.
134
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Taryhyň güwä geçmegine görä, Merwiň—
Marynyň XI-XII asyrlarda, Seljuk hanlarynyň agalyk
eden döwründe iň gülläp ösen döwri bolupdyr. Soltan
Sanjaryň hanlyk süren ýyllarynda ol Amyderýadan
Orta-ýer deňzine çenli ýaýlyp ýatan uly bir häkimligiň
paýtagty bolup oturypdyr. Taryhçy Jüweýit Merwi
öz ýazgylarynda şeýle suratlandyrypdyr: «Merw şol
wagtlar barlylaryň hem-de ýoksullaryň yzy üzülmän
gelýän mekanydy. Onuň meýdany Horasanyň beýleki şäherleriň meýdanyndan giňdir, şonuň üçinem
bagt guşy onuň çar tarapyndan uçup gelip bilipdir,
şäheriň ilat sany ýaz ýagşynyň damjalaryna barabardyr, baýlygy boýunça-da onuň ýerli baýlarynyň
hazynasy emirleriň, soltanlaryň baýlygyndan kem
oturan däldir...»
Seljuklar bu ýere 1038-nji ýylda (musulman
hasaby bilen 429-njy ýylda) Syr derýanyň boýunda
öz eždatlary bilen oňuşman gelipdirler. Horasan şol
wagt asla türki kowumdan bolan gaznawy soltany
Mahmyt Gaznawynyň elinde bolupdyr. Mahmyt
Gaznawy halka çökder salgyt salyp sütem edipdir.
Ondan Eýran, Owganystan dat edipdir. Seljuklar hem
göçüp bu ýere — Horasana gelensoňlar, özgeleriň
çekýän sütemine duçar bolupdyrlar. Edilýän sütemler, alynýan salgytlar birnäçe ýyldan seljuklaryň
gazap bilen ata çykmaklaryna, «Maňlaýda ne bolsa
görülsin indi» diýip, bir çukura tüýkürmeklerine
135
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
sebäp bolupdyr. 1040-njy ýylda seljuklar iki dogan
— iki serkerde Togrul begiň hem-de Çagry begiň
ýolbaşçylygynda Mahmyt Gaznawynyň ogly Masudyň
garşysyna çykyp, onuň goşunyny çym-pytrak edipdir. Şalyk kürsüsini söweş meýdanyna getirdip, oňa
seljuk serdarlaryň ulusy Togrul begi oturdypdyrlar.
Gaznawylaryň soltanlaryndan, sütemlerinden leji
çykan Eýran, Owganystan şundan soň ýeňillik bilen
dem alypdyr. Seljuklar bada-bat alynýan salgytlary
azaldypdyr. Şonuň üçinem beýleki halklar olara öz
arkalaryny alan, howandar hökmünde seredipdirler.
Seljuklaryň özleri hem: «Biz adamlaryň arasyna
hakykatyň, deňligiň ýoluny düşedik. Ezmegi, sütem
etmegi gapdala aýyrdyk...» diýşip, syýasat ýöredipdirler.
Seljuklar sanly ýylyň içinde Eýrany, Yragy,
Kawkaz etrapyby, Kiçi Aziýany, Horezmi, Owganystany öz ellerine alypdyrlar. Grekler, ermeniler,
kürtler, lazlar ýaly ençeme halklar, halkyýetler
seljuklara öz halasgäri hökmünde seredipdirler.
1071-nji ýylda olar Manskert galasynyň ýanynda Wizantiýa goşunyny ýeňip, imperator Roman
Diogen VI ýesir alypdyrlar. Kiçi Aziýanyň hem
Alynky Aziýanyň jümmüşinde ýol açylypdyr. Seljuklar Syrderýadan Nil aralygyny, Kaspi deňzinden
Ortaýer deňzi aralygyny sorapdyrlar.
Seljuk goşunlary dürli halklaryň wekillerinden bolupdyr. Emma seljuk hanlary aňsat goşunbaşylaryny
başga halkdan goýmandyr. Alp-Arslanyň ogly Mälik
136
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
şa I döwründe onuň köşk adamlarynyň köpüsi eýranlylar bolupdyr. Juda zehinli Nyzamel-Mülk ýurtda
şa hatyrasynda gezipdir. Soltan Sanjar öz hanlyk
süren döwründe paýtagty ýene-de Mara geçiripdir.
Paýtagtyň bir ýerden başga bir ýere geçirilmegini ol
şeýle düşündiripdir.
«Ol ýerde meniň ata-babam ýatyr, meniňem
şolaryň golaýynda bolasym gelýär» diýipdir. Togrul
begiň, Çagry begiň, alp-Arslanyň guburynyň
Maryda ýatanyny ýatlapdyr. Seljuklar döwründe
Maru-Şahu-Jahanda durmuş ýokary göterilip,
beýik derejä ýetipdir. Edebiýat, ylym, medenet,
sungat kämilleşipdir. Olaryň taryhyna ser salan
alymlaryň biri: «Seljuklaryň agalyk sürmegi örän
uly ähmiýete eýe bolýar. Hut şol döwürde baý medeni durmuş emele gelýär, geljekde diňe Gündogar
ýurtlarynyň durmuşynda däl, eýsem, bütin dünýäniň
medeniýetinde uly rol oýnan seljuk sungaty döreýär»
diýse, başga bir alym:
«...Olar dünýäniň üstüne ýaz ýagşy bolup ýagdylar, bu bolsa köp sanly gowulyklaň döremegine
sebäp boldy...» diýip, olary ýerdäki ähli tohumlara
jan berýän ýaz ýagşyna deňäpdir.
Seljuk döwletiniň döremegi bilen Aristotel, Gippokrat, Faraby, Biruny, Ibn Sina ýene-de adamlaryň
aňynda täzeden döräpdir. Mahmyt Kaşgary, Tahyr
Merwezi, Emir Muezzi, Enweri, Omar Haýýam ýaly
ýüzlerçe alymlaryň, şahyrlaryň döremegine sebäp
bolupdyr. Beýik Seljuklar döwletiniň soňky soltany
137
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Muýezeddin Sanjar 1154-nji ýylda ölenden soň,
imperiýa gutarnykly dargapdyr.
...1221-nji ýylda Maryny, 80 müňlük goşun bilen
Çingiz hanyň körpe ogly Tuly han gelip gabaýar.
Birnäçe aý göreşensoň Mary synýar. Mongollar
şäher baýlygyny talap, halkyny gyryp, galalaryny ýer bilen ýegsan edipdirler. Diňe XIII asyrda
Teýmirleň döwründe ýene-de Seljuklar döwletiniň
aýry-aýry bölekleri peýda bolup ugrapdyr. Olar
özlerini garagoýunly türkmen, akgoýunly türkmen
diýip atlandyrypdyr. Garagoýunly türkmenler Wan
kölüniň töwereginde ýaşapdyrlar, Azerbaýjana,
Gündogar Anatolä öz hökümlerini ýöredipdirler.
Ata-babalaryň beýik seljuklar döwletini täzeden
dikeltmäge synanaşyk edipdirler.
Garagoýunly türkmenleriň hany edermen Gara
Ýusup Teýmirleň bilen çaknyşyp, gazaply söweşler
alyp barypdyr. Dünýäni basyp almagy arzuw edýän
Teýmirleň olary öz goşunyna biýrikdirmegi diýseň
isläpdir. Telim gezek Gara Ýusuba hat ýollap, ony
çagyrypdyr. Gara Ýusup oňa: «Haçan iki aýagyňy
ýere deň basmagy oňaran wagtyň habar et, şonda biz
baryp saňa goşularys. Ýogsam, ata-babamyzyň atyna
depeleden letdesini başymyza selle edip oranmagy
özümize kiçilik bileris. Iň soňky Garagoýunly türkmeni gylyçdan geçirip, iň soňky ýigidiň kükregine
naýzany sanjyp, gan ýalaýançaň biz öz seljuk bolup
göterilen derejämizde galmagy makul bilýäris» diýip,
jogap beripdir.
138
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Gyjalatly jogap Teýmirleňiň Gara Ýusuba has-da
öjügmegine sebäp bolupdyr. Diýarbekirli akgoýunly
türkmenler Teýmirleňiň goşunyna goşulypdyrlar.
Gara Ýusuba garşy onuň goşunlary bilen bilelikde
söweşipdirler. Bu bolsa iki türkmen tiresiniň birbirlerine soň-soňlaram alagöz bolmaklaryna sebäp
bolupdyr. Gara Ýusup başyny alyp, Müsüre gaçmaga
mejbur bolupdyr. 1406-njy ýylda Gara Ýusup ýenede dolanyp gelip, öz ýerlerine köpüsini urşup, dolap
yzyna alypdyr.
Gara Ýusubyň çowlugy Jahan şa döwründe
akgoýunly Uzyn Hasana garagoýunlylary ýeňmek
başardypdyr. Eýran, Yrak, Horasan, Pers aýlagy
başga bir seljuk galyndylarynyň eline geçipdir.
Uzyn Hasan edermen, akylly ýigit bolupdyr. Onuň
söýgüli aýaly Despina iň soňky Wizantiýa imperatory Dawid Komniniň aýal dogany eken. Ol aýal akgoýunly türkmenleriň döwletiniň halkara döwletler
arasynda ýokary derejede bolmagynda öz mynasyp
roluny oýnapdyr. Uzyn Hasan Şirwan şalarynyň üsti
bilen Rus döwleti bilen hem aragatnaşygy saklapdyr.
Syýasatçy Afanasiý Nikitin hem Hindistandan gaýdyp gelýärkä, Uzyn Hasanyň Diýarbekiriň etegindäki
mülkünde bolup, ýurduna ýetmäge onuň delalat etmegini sorapdyr. Uzyn Hasan hem öz gezeginde rus
adamsyndan öz hyzmatyny gaýgyrmandyr.
Despina han Uzyn Hasana aýal bolansoň, dessine türkmen dilinde gepläp ugranmyş. Muňa hatda
daş-töweregem geň galanmyş. Ondan nädip beýle tiz
139
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
dil öwrenmeginiň sebäbini soranlarynda, ol: «Uzyn
Hasana bolan söýgimi, eýsem, men näme bilen subut
edeýin» diýenmiş.
Uzyn Hasanyň sekiz ganat ak öýünde onuň bilen
bir gijäni geçirensoň başga dinli, başga dilli gyz hem
ertesi türkmen bolup, türkmençe gepläp ugranmyşyn
diýip, türki halklaryň içinde ýaýran gürrüň hem hut
şol Despina hanly gürrüňden soň döränmiş.
...Köne Merwiň ýeke-täk şaýady Soltan Sanjaryň
mawzoleýiniň öňüne biz günortanyň öň ýany gelip
ýetdik. Atlarymyzy şol gorgunyna sürüberen bolsak,
birneme irrägem gelip bilerdik. Ýöne bizi häli-şindi
ýolda gabat gelýän köne galalar, bilesigelijiligimizi
artdyryp egleýärdi. Mary — Baýramaly ýolunyň
ugrunda Günüň aşagynda ýeliň-ýagşyň, wagtyň täsiri bilen kibir bolan, heniz ýere siňmäge ýetişmedik
geçmişi ýada salyp oturan galalaryň birnäçesi bar.
Biz at başyny çekip, adamlar gidensoň, olaryň
ýerine gelip bu ýerini mesgen edinen mör-möjekleri,
galanyň ýerleşişini synlap durýardyk. «Galany haýsy
han, haçan saldyrdykan?» diýip, oýlanýardyk. Onda
döwran süren adamy özümizçe göz öňüne getirýärdik.
Gaňrylyp ýeňsäme sereden wagtym men her gezek
galanyň otlugyň içinde, uzaklaşdygymça kiçelýän
adajyk bolup galanyny görýärdim. Mawzoleýiň içinde
öň Soltan Sanjaryň gubury bar eken, ýöne şäher Çingiz hanyň eline geçensoň, ony talapdyrlar, Sanjaryň
süňklerini bolsa görene göz edip, ýoluň gyrasyna
üýşürip goýupdyrlar.
140
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Mawzoleýiň golaýynda iki sany daş üýşmegi bar.
Bu Sanjaryň nesliniň onuň duşmanlaryndan simwoliki ar alnyşy hasap edilýär.
Adat boýunça bu ýere gelip gidýän her bir adam
daş üýşmeklerine daş atmagy öz borjy hasaplaýar.
Adamlar ol daşy Sanaryň duşmanlaryna atýandyklaryna ynanýardylar.
Ýöne aýlanyp ýörkäk gabat gelen bir goja muny
bize biraz başgaçarak düşündirdi. Göwnüme bolmasa,
şonuň diýýänleri hakykata has ýakyn ýaly.
...Çingiz hanyň goşunlary şäheri alyp bilmän
kösenipdir. Şonda Tuly hanyň töweregindäki akyldar
adamlary oňa şäheri öwrenmek üçin jansyzlary ibermegi, şedibem onuň gowşak ýerini tapmagy, şeýdilse
galany aňsatlyk bilen alyp boljakdygyny maslahat
beripdirler.
Iberilen jansyzlaryň birisi ahyr öz gözleýän
zadynyň üstünden barypdyr. Ol tamdyrda nan ýapyp,
hem oňa ýasap berýän, iki aýalyň özara gürrüňine
gabat gelipdir.
Aýallaryň tamdyra hamyr ýelmäp durany bir gepinde: «Duşmanlar bilenok, ýogsa Soltanyň gurduran
bendini ýykdyrsa, şäheri suw almaly, dat günümize»
diýipdir. Töwerekde doga okan bolup gedaýsyrap
ýören jansyz hem bu habary Tuly hana ýetiripdir. Ol
hut şol aýalyň diýşi ýaly-da hereket edipdir. Maryny
suw basyp, ilat basga düşüpdir.
Bu waka gulaklaryna ýetensoň, Mary iliniň aman
galan adamlarynyň birnäçesi ol aýaly tapyp, ony iki
141
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
bölüp, her bölegini-ýoluň bir gyrasynda goýupdyr.
Şondan bärem öten geçen ony näletläp, daş atyp
geçýärmiş.
Hommat her daşly bölegine töwrekden tapan
daşlarynyň birini oklansoň, mowzoleýiň gümmezine
çykmaga höwesek boldy. Ol dyrmyşyp, gümmeziň
üstüne çykansoň, elini kölegeledip töweregi synlap durdy, soňundan bolsa ol ýerden tutuş Merw
harabaçylygynyň görünýändigini aýdyp, meni-de
öz ýanyna çagyrdy. Men, göwün bar-da, gaýrat ýok
diýemsoň, ýene-de öz Merw hakyndaky pikirlerim
bilen ikiçäk galdym.
...Üç günlük ýoldan Merwe gelýän söwdagärlere
onuň galalarynyň, gümmezleriniň ýokarsyna çaýylan altyn ýapynjasy görner eken. Häzir ondan galan
ýeke- -täk mawzoleý öwlüýä gonambaşysynyň üstüne
gurlan gümmezli jaýa meňzäp, gadymy şäheriň bu
güne düşmegine özi günäkär ýaly, müýn çekip, eginlerini sallap otyr. Öwlüýäler, harabalar ummanynda
ol ýeke-täk ünsüňi çekýän gaýyk...
Seljuklaryň dörän gynyk tiresi häzir Türkmenistanyň territoriýasynda ýok hasap edilýär. Gynyklar
Kiçi Aziýada, Owganystanda, Eýranda, Türkiýede
öz atlary bilen türkmen tireleriniň biri bolup
ýaşaýarlar. Ol tiräniň häzirki Türkmenistanyň
çäginde ýaşanlary yzarlanmalar sebäpli öz atlaryny,
mongollar döwründe üýtgetmäge mejbur bolupdyrlar. Olar «Biz Soltanyň yzy» diýen manyda özlerini
«Soltanyzlar», käbir ýerlerde bolsa «Soltanýazlar»
diýip atlandyrypdyrlar.
142
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Köne Merwi synlamsoň, meniň ýüregime birhili
harasatly tukatlyk aralaşdy. Ol tukatlyk bolsa meniň
Merw hakynda eşiden, okan zatlarymy ýatlamagyma, kibtini gysyp oturan, gijeler töwereginde itler
uwlaşýan Sanjaryň mowzoleýini öwran-öwran göz
öňüne getirmegime sebäp boldy.
* * *
Maryda bir hepde bolup, dem-dynç alanymyzdan
soň, Guşgy ýoly ýene-de biziň öňümize düşdi. Indi
ol bizi şäherden çykanymyza mähetdel töweregimizi
alan gum depeleriniň, üstlerine ýagyn guýduryp
ekezlenişip, birgeňsi bolşup oturan çerkezdir çetili
meýdanlaryň duşundan geçirip alyp barýar. Hälişindi ýagyş suwuna ýuwlup oturan meýdan otlary
sähranyň gujagyna sygman çogarly görünýär.
Birden igdäniň, ýene bir öwrümde bahar gelip
süňňi ýakymly ysa öwrülen haýsydyr bir nätanyş
agajyň ýiti ysy haplap burnuňa urýar, seniň dünýä
bolan höwesiňi eseldip, asmana göterip goýberen ýaly
bolýar. Ot-çöp-leriň hoşboý yslarynyň hem häzirki
guşlaryň sähraň depesinde uçup ýörüşleri ýaly, bölekbölek bolup uçuşyp ýörenlerine ynanýarsyň.
Hommadyň hiç ýerde aýdym aýdanyny görmesemde, häzir onuň dowamly ýüzi, wagtal-wagtal bulutsyz
asmana dikilýän gözleri, haýsydyr bir aýdyma gygyryberjege meňzeýär. Ýol ugrumyza biz Hommadyň
dogduk mekany Goýunjy obasyna hem degip geçmek143
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
çidik. Hommat on-on bäş ýyl görmedik ata-enesini,
dogan-garyndaşyny görmegiň arzuwyndady. Ol iki üç
günlükde maňa atasy bilen pikirleriň çapraz gelip,
aralaryna sowuklyk düşenini, indem oba baryp, şol
düşünişmezligi, üstünden wagt geçensoň ortadan
aýryp bolar diýip tama edýänini aýdypdy.
...Hommat molla Töre ahunyň ömrüniň soňky
ýyllarynda yhlasyny siňdiren talyplarynyň biri
bolupdyr. Onuň şeýle bilimli-parasatly adamyň sapagyny alýanyny kakasy Satlyk juda guwanar eken.
Är gadamynda gezip, öz oglunyň hem taýsyz okuwly
adam boljagyna ynanar ekeni. Diňe bir goýunjylar
arasynda däl, töwerekdäki ençeme obada hem Hommatdan başga bu abraýly ahuna talyp bolup bilen
adam bolmandyr. Hommadyň her gezek obalaryna
gelmegi, olaryň öýlerinde uly şagalaňyň döremegine
sebäp bolupdyr. «Hommat molla gelenmiş» diýip,
goňşy obalaryndanam adamlar ýanlary mally, saçakly
onuň bilen gürrüňçilige gelipdirler. «Satlyk salaryň
bir ogly bar welin, dünýäni saldarlap oturaý» diýen
gürrüň oba-oba gezipdir. Hommadyň özi-de zehini
bilen ahunyň ynamyna giren talyplaryň biri bolupdyr. Bu ynam bolsa onuň öňünde juda az adama belli
bolan, ahunyň rus, fransuz, iňlis dilinde neşir edilen
kitaplary gizlin saklanýan hüjresiniň gapysyny açypdyr. Ol telim ýyllap gije-gündiz dil öwrenipdir. Bu
bolsa soňraklar onuň Täşli Annamyrat, Abdyryzak,
Gaýgysyz Atabaýew ýaly rewolýusion duýguly adamlar bilen duşuşmagyna sebäp bolupdyr.
144
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Egrigüzerde bolşewikleriň gizlin duşuşygynyň
üsti açylansoň, ol iki aýlap, Baýramalynyň ýag
zawodynyň ussasy Wladimir Wasilýewiçiň öýünde
žandarmlardan gizlenipdir... Onuň gyzy Mariýa bu
az gepli, bilimli ýigidi söýüpdir. Olar bir-biriniň
taýylygyna göz ýetirip, durmuş gurupdyrlar.
Oglunyň rus gyzyna öýlenmegi Satlyk salary
ýyldyrym urana dönderipdir. Ol gazaplanyp, oglundan göwni galyp: «Oglum papak geýen bolsa, orus
heleý alyp, özge dine geçen bolsa, men onuň ýüzüni
görmerin» diýip, gazaplanyp, gurhana üç gezek
malaýyny degrip ant içipdir.
Hommat hem bu habary eşidip: «Siz meni görmän
oňýan bolsaňyz, menem sizsiz oňaryn» diýipdirde, birnäçe ýyl öýke-kine edip gezipdir. Emma aýýyllaryň geçmegi bilen onuň öýke-kinesi ýene-de
ata-enesini, dogan-garyndaşyny, obasyny görmek
arzuwyna öwrülipdir.
Onuň bu gün ýol ugra öz obalaryna sowulmagyna
hem hut şol isleginiň sebäp bolanlygynyň ujy iki
däl. Hommat obalaryna, özüniň ýyl-ýyldan eý görüp
ugran kakasy bilen görme-görşe, onuň dözümli ata
nazarynyň öňünde ýene-de özüni birsalymam bolsa,
garagolluk edip, temmi çekmäge kaýyl, çaga saýyp
durmak islegi bilen barýar.
Belki, ol häzir öýlerine baryp, kakasy bilen
duşanynda, özüni nähili alyp barjagy hakynda, nähili
bolanda özüni mynasyp görkezip biljekdigi hakynda
oýlanýandyr.
145
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommat özüniň obalaryna barjak wagtyny Maryda duşan obadaşlarynyň birine aýdyp goýberipdir.
Biz gijöýlänler Goýunjy obasynyň bir çetinden
girdik. Ýaňyrak köçeden süri geçen borly, ýerden
göterilen kirşen entek ýaýramaga oňly ýetişmän,
obanyň telpek atym ýokarsynda asyl-asyl bolup dur.
Öýleriň töwe-reginde iş-aladalaryna güýmenişip
ýören adamlar: «Bular kim boldugykan?» diýen
manyda bize seredişýärler. Aýallar höwlüm aýdyp
sygyr sagýarlar.
Obany ortalaberenimizde, Hommat atynyň başyny
on-on bäş sany özbaşyna bölejik bolup oturan öýlere
tarap sowdy.
Biz öýleriň öňünde çilimleşip, gürleşip duran üçdört sany adamy gördük. Görüp otursak, olar bize
garaşyp duran adamlar eken. «Gelýärler» diýşip
oglanjyklar bize tarap ylgansoňlar, töwerekdäki
öýlerden ýene-de birnäçe adam daşaryk çykdy.
Hommat atdan düşüp, aňyrdan ylgap gelen çagalaryň çem gelen iki sanysyny gujaklady.
Çagalaryň hemmesi ylgan-da bolsa, ýakyn baransoň
birnäçeler ýadyrgap sägindiler. Bu papakly, egni
plaşly, goňras gara ýüň matadan rus biçiwünde
tikilen jalbarly adamyň öz ýakynlarydygyna olar
bada-bat ynanyp bilmän: «Şumuka beri, şol gelmeli
agamyz?» diýen manyda oňa seredişdiler.
Öýlerinden çykan bir bölek aýal-gyz hem biz
tarapa ýöneldi. Hommat aňyrdan hasasyna daýanyp:
«Hany meniň gözden uçan balam?» diýip gelen, başy
146
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Güne ýanyp giden ýas bürenjekli garry aýaly sessiz gujaklady. Garry aýal hamsykdy, soňundanam:
«Eneň başynda ýas atynja göreniňi geňleme, balam, iniň Tagan jan bizi armanda goýup gidendir,
boýurganybam oturma, ol töweregiňde ýokdur...»
diýip ýoguny ýatlap, «Ýogsam ol hem häzir seni
garşylaýanlaryň arasynda bolardy» diýen äheňde
aglap, oglunyň kükregine ýaplandy. Onýança ýenede bir aýal gelip, onuň egninden gujaklady. Ol ilki
garry aýala göwünlik bererli görünse-de, birki söz
geplänsoň, o-da gözüne ýaş aýlap hamsykdy.
Maňa ýasyň üstüne gelendigimiz belli boldy.
Töweregimi gallan adamlar hem birbada näme
etjeklerini, bu ýagdaýda özlerini nähili alyp barjaklaryny bilmän ýaýdanjyradylar.
Onýança bir gapdaldan eşegini debsiläp, çapdyryp
diýen ýaly howlukmaç gelýän adam peýda boldy.
Ýüz keşbi birkyýama Hommady ýatladýan bu adam
gele- -gelmäne ýagdaýy duýup, dözümli abyr-zabyr
edip ugrady.
— Gelneje, bu nä boluş!.. Baryňa şükür et. Ogluň
idäp gelenine begen!
Ol gaňrylyp sereden wagty töwerekdäki aýallar
onuň nazaryna düşünip, dagamak bilen boldular.
Hommat ony tanap, görüşmekçi boldy, ýöne ol
görüşmäge gyssanmady, ilki meniň bilen gadyrlygörüşdi, soňundan «Geldiňizmi, inim, sagaman?!..»
diýip, Hommady gujaklady. Ol bizi öýe alyp girensoň,
töwerekdäki adamlar bilen tanyş etdi. Tegelek ýüzli
147
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
alagöz ýigit Hommadyň çagalyk dosty Rejep ekeni.
Garaýagyz uzyn agajet, başy silkme telpekli obanyň
şura başlygy bolup çykdy. Bizi görmäge gelýän
adamlar öýüň içinde barha köpeldi. Olaryň hemmeside aňyrdan özleriniň şatlygyny ýüzlerinde mälim
edişip gelýärdiler. Elleşip görüşýäni-de bardy, garsa
gujaklaşýany-da. Olaryň hemmisi-de Hommat bilen
görşensoňlar, onuň agasyna: «Ýitigiňiz gelipdir,
gözüňiz aýdyň» diýip ýüzlenýärdi. O-da «Taňry
ýalkasyn, geleweriň, geçeweriň!» diýýärdi.
Çaý içilip nahar iýilensoň, aýal doganlarynyň
eşidip gelendiklerini aýdyp: «Ejeň ýanyna bar!»
diýip, Hommady başga bir öýe alyp gitdiler. Onuň
agasy bir alada bilen daş çykan wagty men gapdalymda tärime arkasyny berip oturan oba şura
başlygyndan, onuň kakasyny soradym. Ol ilki: «Aý,
garry adam-da bular, köneçilräk ýaşuly-da... Il-ä
Hommat ýaly deňli-derejeli, bilimli ogul tapanok...
Köneçilräk-dä...» diýip, hakykaty aýtmajak bolup
synanyşdy. Öz jogabynyň meni kanagatlandyrmandygyny aňandan soň bolsa gönüledi.
— Satlyk aga oglunyň geljegini eşidip, eşegini
münüp, şu gün säher-säherler obadan çykyp gidipdir...
Hommadyň özi-de oturan ýerinde bu habary
eşiden bolsa gerek, ol reňkini öçürip, perişan halda
dolanyp geldi.
Goýunjy obasynyň adamlary biziň bilen gijäniň
bir wagtyna çenli oba ýagdaýlary, ýurt ýagdaýlary
148
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
hakynda gürrüň edişip oturdylar. Olar sagbollaşyp,
öýli-öýüne çaşyşyp ugranlarynda, oba eşekleri
aňňyryşýardylar, itler ol ýandan, bu ýandan üýrüşip,
daş aradan bir-birleriniň habaryny alýardylar. Bireýýäm ýatar wagtynyň bolanyndan habar berýärdiler.
Şol günüň ertesi biz gara daň bilen atlanyşyp,
ýene-de ýola düşdük. Goýunjy obasy ümrüň içinde
tutuksy nazar bilen biziň ýeňsämizden seredip, oýurganyp galdy.
* * *
Säheriň çygly şemaly ot-çöpleriň üstüne labyryny
atyp öwüsýän ekeni. Biz agşam ýatakda durup, bede
iýip, dynjyny alan atlarymyzy ýanaşyk sürüp, töweregiň synçysy bolup barýardyk. Günorta gitdigimizçe,
ot-çöpleriniň hiliniň köpelýänligi, boýunyň uzalýanlygy duýulýardy. Göwnüme, Guşga golaý barylsa,
ýaz otlary göwsüne çykarly görünýärdi. Meýdan
torgaýlarynyň sesi kimdir biriniň janyýangynly jibrinmesi bolup eşidilýärdi. Bir belendiň üstünde ösüp
oturan syrdam çynary görüp, men onuň suratyny
çekmek arzuwy bilen atymyň başyny çekdim. Bu
ýerden seretseň, ol gögümtil-garamtyl asman bilen
goşluşyp, saýawany ýadyňa salýardy. Suratyny çeken
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 08
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.