Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 16

Total number of words is 3560
Total number of unique words is 1999
34.0 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
işe Lugowkinler hemişe tutuş maşgalasy bilen giderdiler. Olaryň araba dolan maşgalasy Antonina
mamanyň ördek-gazlarynyň gijesine penalap oturýan
köprüsiniň üstünden ötüp, tokaýa tarap giderdiler.
Ilki-ilkiler, Witýa heniz aýaga çolaşyp ýören oglanjyk mahaly ýeri Alekseý Lugowkiniň bir özi sürerdi.
Onuň aýaly bilen gyzy bolsa güýçleriniň ýetdiginden
oňa kömek bererdiler. Witýa bolsa olaryň aýaklaryna
çolaşyp azar bolardy. Ejesi, kakasy onuň beýdip
ýörmegine guwanardy. Uýasy bolsa gaharlanyp
jibrinerdi:
— Eje, şu «Witýany özümiz bilen alyp gaýtmaly
däl ekenik, goňşulaň öýünde oýnardy-da, ýogsam ol
durşy bilen azar-la» diýerdi. Ýöne ejesi bilen kakasy
oňa hä bermezdiler. Gyzlary ony silterläp minnetdeminara boluberende bolsa: «Degmesene, gyzym,
şoňa, ol entek kiçijek ahyryn» diýşip, Witýa edilýän
abyr-zabyryň öz-özlerine ýaramaýandygyny mälim
ederdiler. Witýa ulalyp, ýigit çykansoň, ol kakasynyň
maňlaýyndan diredi, ýer sürülmeli wagty gargalary
töweregine üýşürip, kakasyna meňzäp, ýer sürdi.
Kartoşka köwlemeli mahaly kartoşka köwledi.
321
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Witýa Lugowkin ol günleri ýatlasa, hemişe özüni bagtly duýýar. Sebäbi ol günlerde onuň kakasy
bardy...
Nätanyş aýal Lugowkini synlap, birsalym gol
gowşuryp duransoň yzyna öwrüldi-de, hol beýlede
oturan öýlere tarap gitdi. Birsalymdan ol bir golça
süýt, peýnir, doňuz etidir bir tokga gara çörek bilen
dolanyp geldi. Meýdanda saçak ýazyp, Lugowkini
onuň başyna çagyrdy.
Lugowkin nahar edinýän wagty ol aýal göräýmäge
ýalňyz görünýän bolsa-da, özüniň ýeke däldigini, üç
gyzy, iki ogly ösdürip ýetişdirendigini, olaryň häzir
hersiniň bir ýerdedigini, şäherli bolşup gidendiklerini, negada bir bu ýerde ejeleriniň hem keselbent
kakalarynyň bardygyny ýatlap, gyr-gyssag bolşup
gelip gidýändiklerini ýatlady. Bu ýylyň sürümi hem
hut şolaryň «bararys, bararysyna» ynanylyp gijä
galdyrylypdyr.
Nahardan soň hem ol azal başyny eýesine bermedi. Edilen işiň höwesi barha onuň göwnüni göterdi.
Garry aýalyň: «Sen şähere-de degip gaýtmalysyň,
oglum, indi galanja ýeri assa-ýuwaş özüm sürüp
gutararyn!» diýmesi hem ony raýyndan gaýtaryp
bilmedi. Gaýta, mahal-mahal sagadyna seredip, jylaw
silkeläp azal çekýän aty gyssady.
Lugowkin işi boldum edip, aty gyra çykaran
mahaly garry aýal onuň töwereginde ýokdy. Ol özi
üçin iki-üç gün iş boljak meýdanyň sürlüp gutaryp
barýanyny görüp, sürüm wagty ýüze galkan galan322
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
gaçan kartoşkalary ýygnaşdyryp Lugowkini gyzgyn
nahar bilen hezzetlemegiň ugruna çykypdy.
Lugowkin gyssagly üst-başyna serenjam berip,
sagadyna sereden wagty onuň polka dolanyp barmagyna bary-ýogy ýarym sagat wagt bardy.
Garry aýal ony öýüne çagyrmak üçin gapydan
çykan wagty ol Lukowkiniň sürlen ýeriň içi bilen her
ýerden bir basyp, ylgap barýanyny gördi.
— Esger, esger, niräk barýaň? — diýip onuň
yzyndan gygyrdy.
Lukowkin ol aýalyň sesini eşitdimi, nämemi
sürlen ýerden çykan ýerinde aýak çekdi-de, yzyna
öwrülip başyndaky ýaşyl beretasyny depesine göterip, howada galgatdy.
* * *
Rota iki bölege bölünip, onuň bir bölegi polkuň
garawullygyna kabul edip aldy. Beýleki ikinji kuhnýa narýadyna durmaly bölegi bolsa, seržant Filkow
öňüne salyp starşina Marçilýunasyň huzuryna
getirdi. Bu ýerde hemişe kuhnýa narýadyna, işe
girişilmezinden öň geçirilýän düşündirişi ýene-de
starşina Marçilýunasyň özi geçerdi. Naharhananyň
çemçe-çanaklaryny nähili ýuwmalydygyny, çöregi
nähili bölüp, stollaryň niresinde goýmalydygyny,
aşpezlere nähili kömek berilmelidigini birin-birin
nygtap düşündirdi. Her iki sözüniň birinde bolsa
ol: «Düşündiňizmi?» diýip, öz Marçilýunas häsiýeti
323
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
bilen öňünde duran esgerleriň üstüne heňkirerdi. Bu
gezegem starşinany nazary bilen ölçäp-döküp duran
esgerler: «Aňry ýany bilen düşündik, ýoldaş starşina,
siz arkaýyn boluň, hemme zat hut öz diýşiňiz ýaly
ediler» diýşip, ýarym oýun bilen, oňa jogap berdiler.
— Düşündik-de, düşündikdirler, hakykatda bolsa
düşünen zadyňyz ýokdur, salagajyklar. Häzir birsalymdan baryp barlarsyň welin ähli zat diňe tersinedir.
Ne çemçäň ýuwlar, ne-de tabagyň — diýip, starşina
gaşlaryny çytyşdyryp, olara göwnüýetmezçilik bilen
elini silkdi, şu arada ýene-de Lugowkiniň dili gijedi.
Ol harby düzgüniň kadasyny saklap seržant Filkodan
starşina ýüzlenmäge rugsat aldy.
— Geple, uzyn! — diýip, starşina hem oňa rugsat
etdi.
Lugowkin ilki biraz saklanan boldy, soňundan
bolsa biraz çekinýänini duýdurmak niýeti bilen
ýaýaplabrak söze başlady.
— Ýoldaş, gwardiýa starşinasy, soragymy nemeräk görseňiz bagyşlaň. Siz öýsüz bolsaňyz gerek...
— Näme öýsüzligim meniň maňlaýyma ýazylypmy?
— Starşina Lugowkini dikanlap, çygjaran
maňlaýyny sypalady. — Ýeri, onsoňam, uzyn ýeser
meniň öýlüdigim, öýsüzdigim bilen seniň ne işiň?
«Näme maňa kaka bol?» diýjek bolýarmyň? «Gümüňe
git, seň ýaly ogul meni urup öldir».
— Ýoldaş starşina meniň-ä çynym. Biz ol gün bir
aýala, siz bilen tanyş etmäge söz berdik.
324
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Öç, uzyn ýeser. Häzir kimi oýnamalydygyny
men seniň gözüňe görkezerin. Sen özüňiň diýmeli däl
zatlaryňy diýýäniňi bilýämiň? — starşina Marçilýunas gazaplanyp, elini silkdi.
— Men seniň gözüňe görkezerin, berebekge...
— Meniň çynym, ýoldaş...
— Bes et! Soň ol janyýangynlyk bilen öjügip,
seržant Filkowa Lugowkini görkezdi.
— Şuny... şu uzyn ýeseri gap-gaç ýuwulýan ýerden
çykarmagyn. Eli däl, tä, ýüzi garrap ýygyrt atýança,
şol ýerden çykman, gap ýuwsun. Düşnüklimi?
— Düşnükli, ýoldaş gwardiýa starşinasy! — diýip,
Filkow hem oňa bada-bat jogap berdi.
— Baryň iş ýeriňize. «Düşündik-de, düşündik
diýşip: «Düşünen şaýňyz ýokdur ähli işi çalak-çulak
edişdirip bidir gidersiňiz...
Şundan soň, starşina düşündiriş işini boldum
edip, özüniň naharhananyň bir böwründäki iş otagyna gitdi. Esgerler bolsa narýady kabul edip, işe
girişdiler.
Şol günüň ertesi starşina Marçilýunas günorta
naharyndan soň, narýad naharhanany täze narýada
tabşyrmazynyň öň ýanynda elini arkasyna tutup zala
girdi. Ol stollaryň üstüni syryşdyryp ýören Lugowkini göz astynda synlap geçdi-de, aşhanadan zala
nahar alnyp berilýän deşigiň öňünde saklandy. Daştöwerekdäki häli-häzire çenli aýrylmaga ýetişilmedik
şiräni görüp, seňrigini ýygryp zala gygyrdy.
— Muny näme henizem aýyrmansyňyz. Häziriň
325
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
özünde süpürişdiriň-de, aýryň. Gazalap yzyndanam
gyzgyn suw bilen ýuwup süpüriň! — diýip, sözüne
bat berdi.
Şol arada bolsa ol ýene-de bir gezek göz astyndan
Lugowkine seretmäge ýetişdi.
— Ýoldaş starşina! — Gyryljak ses onuň sözüni
böldi. Ol ses gelen tarapa sereden mahaly çörekçi
eginlek daýaw Muzyçenkonyň çörek kesilýän jaýyň
penjiresinden boýnuny çykaryp duranyny gördi.
— Ýeri, näme diýersiň? Ýene-de gant ýetenokmy?
Gije-gündiz at bolup gütürdetseň, elbetde ýetmez...
— Ýoldaş starşina, sizi telefona çagyrýarlar.
— Nireden?
— Ştabdan.
— Ine, gelýä diý!
Şol gün kiçijik rota smenasyny tabşyryp durkan
starşina, Lugowkini öz kabinetine çagyrdy. Lugowkin ýolda starşinanyň çakylygyna barýarka: «Ýenede şu dilimden bela galaýdym öýdýän» diýip özünden
nägile boldy.
Lugowkine orun görkezip, öz garşysynda oturdan
soň, starşina oňa tarap baş atdy.
— Sen düýn näme diýdiň uzyn ýeser?
— Şol eşideniňiz-dä — diýip, Lugowkin heniz
gürrüňiň nähili hörpde boljagy hakda anyk netijä
gelip bilmäni üçin, aralyk jogap gaýtardy.
— Eger şol diýeniň dogry bolsa, hany onda, aýt,
ol nähiliräk heleý...
326
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Düýnki gürrüňiň starşinany oýlandyrany mälim
boldy.
— Gülme, çyndan soralýar. Ýaşy näçeräk?
— Aý, ellä-hä bardyr.
— Şol bolýar, ondan ýaş heleý indi maňa hezil
bermez, şol bolýar.
— Özem brigadir aýal, starşina, brigadasynda
bolanymyzda äre barmak meýliniň bardygyny bildik.
— «Är gerek, tapyň!» diýdimi?
— Ýok, oýunlyga salyp diýdi.
— Oýun bolsa, onda iň bolmanda, onuň üçden biri
hakykat bolmaly.
— Menem şony aňdym-da, ýoldaş starşina.
— Oňarypsyň, uzyn ýeser. Ýöne bu seniň degişmäň
bolaýmasyn?
— Barlap göräýiň, ýoldaş starşina. Oýun däl.
Çynym hut özi aýtdy. Adresini hem berip biljek...
— Dogry. Neme, oň maly zady barmy?
— Bilmedim. Maly nätjek sen, starşina. Ýa-da
saňa mally gelin gerekmi?
— Ýok bolsana, uzyn ýeser. — Starşina
gürrüňdeşiniň geňirgenenini görüp, murtlaryny
sypalap ýylgyrdy. — Mal geregime ýok-la, ýöne şony
bahana edermikän diýip, pikir edýärin.
— Saňa göwni ýetse bahana etmez ýoldaş starşina!
— Oýun etme!
— Oýun edemok.
— Bar onda işiň bilen bol. Ýöne bilip goý, düýnkiň
ýaly köpüň içinde ýesersireseň, juda gaty degerin.
327
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Onsoňam bu gep ikimiziň aramyzda galmaly.
— Men gabyr, ýoldaş starşina.
— Bar onda.
Lugowkin gapydan çykyp barýarka ýene-de
starşina Marçilýunasyň talap ediji sesi onuň yzyndan
ýetdi.
— Ýogsam tä gullugy gutarýançaň, şu naharhanadan duz datmarsyň. Tapdyň sen ýumry-ýumşak
komandiri!..
* * *
Golaýda polkuň okuw geçirjegi aňylýardy,
ýakynda diwiziýadan gelen ýörite komissiýa hem
polky meýdanda ýarym salkyn saklap, her esgeriň
taýynlygyny aýratynlykda barlapdy. Ýetmezçilikler
görkezilipdi. Uly okuw başlanan güni öz esgerleriniň
taýynlygynyň nä derejededigini görmek niýeti bilen
diwiziýa komandiri general Gordiýew hem polka
geldi. Ol gelende hemmeler dynç alyp, süýji ukuda
ýatyrdy.
Hemişe bolşy ýaly, okuwy ýene-de howsalaly
trewoga başlady. Kazarmalaryň hemmesinde şol bir
wagtyň özünde başagaýlyk döredi. Özleriniň esgerdigi hemmeleriň ýadyna düşdi. Bada-bat içeriniň
ýagtysy bilen penjireleriň aňyrsynda üýşüp duran
gije bilen aralyga çäk çekildi.
— Hany meniň ädigimiň bir taýyn...
Ozaldan tabşyrylyşy ýaly odealyny äkidip, bir
328
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
penjiräni tutulan, soňam aýakýalaňaç düňküldäp,
howlukmaç ornuna gelen Andursow birinjiniň janagyryly sesi eşidildi.
Ädigine derek duran ädigi geýip mydar etjek
boldy welin o-da aýagyna dar geldi, bolmady.
— Gözle.
— Niräni gözlejek, eýýäm iliň ädigi aýagynda
ahyryn.
— Onda ony it äkidendir.
— Eý, dnewalnyý, meň ädigim ogurlanypdyr, tap!
Doganynyň sesini tanap oňa tarap öwrülen Andursow ikinji delalat etme ýerine girreldi.
— Sen özüňi oňarmarsyň.
— Ýeri bolýa-la...
— Eý, men ýalňyşyp geýenim ýaly-da? — Şol
arada Bahtyýarowyň müýnli sesi eşidildi.
— Çykar ädigi — Andursow birinji bada-bat
onuň öňe uzadan aýagyndaky uludygy mese-mälim
görnüp duran ädigi çekip aldy-da, gaharyna bäs
gelip bilmän, özüniň şu sebäpli ýoldaşlaryndan gijä
galyp barýandygyny ýatlap käýindi. — Hälem öýde
«trewoga» yglan edilenok, ýogsam Lugowkin ikiň
bu bolşuňyza hemişe jalbar ýerine aýalyňyzyň ýubkasyny geýip çykardyňyz.
— Ha, ha-ha, ýubkaly desant...
Ýubkaly adamyň gülkünç ýagdaýyny göz öňüne
getirip, kimdir biri gülüp goýberdi.
— Lugowkiniň bu ýerde günäsi nämemiş? —
diýip, goşhaltasynyň ol bi ýerini düzedişdirip,
329
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
howlugyp barýan Lugowkin, Andursow birinjä baş
atyp geçdi.
Rota daş gapyda özüni jemläp, kazarmadan
daşlaşyp barýarka, esgerler iki kazarmanyň aralygyndaky ýüzüniň gary aýyrlan ýolda generalyň
sägimläp aýlanyp ýörenini gördüler.
Özüni howlukmaç «Howpsuz zona» atan polk
säher-säherler ýalazy meýdanda, özleri bilen samolýotdan zyňyljak agyr ýaraglary soňra uçardan
zyňmak üçin toplum şwartowka etmäge durdular.
Üçünji wzwodyň esgerleriniň paýyna ýük maşyny
zyňylşyga taýynlamak — ýüki paraşýuta berkitmek
düşdi. Serjant Filkow ýaş esgerleri saýlap, olara
şwartowka gerek boljak enjamlary daşatdyrdy. Inçe
işleri bolsa öň bu işden habarly esgerler ýerine ýetirdiler.
Häzir ak reňk bolup, töweregi eýeläp oturan
garyň üstünde, togarlanyp, islese gar tozudyp ýören
ýakymsyz şemal bardy. Ol işiň gidişine elinden gelen zelelini ýetirýärdi. Oglanlar ylgansa, ýörelse
beýdip bir ýeri depeläp durandan has gowy boljagy
hakda gürleşip, aýaklaryny üşetmezlik üçin, duran
ýerlerinde bökjekleşýärdiler. Elliklerini çykaryşyp,
aýaklarynyň içine ýyly dem üfleşýärdiler. Kapitan
Tregubow, leýtenant Buýnowy öz ýanyndan rotanyň
asgynlyk edäýjek ýeri çaklaýan «SPG»-li dördünji
wzwodyň ýanyna goýupdy. Onuň özi bolsa düýrügip
ýeňsesini tüňňerdip ýörşüne tutuş şwartowkanyň
barşyna gözegçilik edýärdi. Çilimiň derdinden töwe330
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
regi saralyp giden iki barmagyny dodagyna ýelmäp
aýlanyp ýörşüne çilim tüsseleýärdi.
— Häzir bir ot ýakyp ýylynaýsadyň — diýip,
üşän ellerini çalt-çalt owkalaşdyryp duran Çaşin
töweregine eşitdirip arzuw etdi.
— Wah, şony diýsene. — Üşän eli bilen çigin edip
bilmän kejigip duran Morozow bada-bat ony goldady.
— Eý, Moroz — sowuk, saňa-da sowuk täsir
edýämi? — Seržant Frolow edip duran işinden başyny
götermän Morozowy ýaňsylady.
— Moroz, sen bir çeträge çekilseň gowy bolaýjak
ýaly. Ýogsam bu garly howaň sowgy bir ýandan, seniň
familiýaňdan göterilýän sowugam beýleki bir ýandan, siz iki bolup, bizi gaty heläk etjek. — Awogýan
öz çalgyrt dili bilen Frolowyň sözüniň egsigni doldy.
Morozow ýa-ha häzir jedeliň wagty däldigine
düşündi, ýa-da oýuna düşünmän öýkeledi. Ol: «Eý,
barsaňyzla!» diýip, elini silkensoň, gaýdyp dil ýarmady.
Iki sany inli tagtany bilelikde depesine göterip,
ýegşerilip gelýän Andursow birinji çilim çekilýänini
görüp, Frolow bilen Bahtyýarowyň gapdalynda aýak
çekip, ýüküni düşürdi.
— Meniň yzym borsuň — diýip, Frolowyň «me»
diýip, çilim uzadaryna gultunyp duran Bahtyýarow
eli bilen özüni görkezip, Andursow biriniň nobatyny
anyklady.
— Aý, bolýa, maňa iki gezek sormak ýeterlik.
Frolow çilim çekip durşuna, Bahtyýarowa obada
331
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
bir gezek bir gelin bilen balyk, tutmaga gidişini,
yzlaryndan gelmeli gaýyk gelmän agşamlyk suwuň
ortasynda göbek bolup oturan adajykda gelin bilen
ikiçäk galyşlaryny, süýjüdip, deliller getirişdirip
gürrüň berýärdi.
— ... Ýagyş bolsa guýýar, gelin ikimiz bir plaşyň
aşagynda otyrys. Halalyň bolsun, şeýle bir ýagýar,
şeýle bir ýagýar, göz dagy açdyrsa nädersiň, depäň
ala tapyrdy. Gyslyşyp otyrys, plaşyň içinde gelniň
saçlarynyň arasyndan göterilen ýakymly ys bar,
şeýle bir ýakymly hiç çydar dagy eder ýaly däl.
Biziň herimiz bir tarapa seredişip, birek-biregiň
arkasyna ýaplanyşyp, bir göwrä öwrülip otyrys. Men
onuň bedeniniň ýylysyny duýýaryn. Eýläme, gelin
tarapa öwrülesim gelýär. Ýöne beýdäýsem, plaşyň
aşagyndan kowularyn, bu günümdenem dynaryn
diýen gorky bar. Ýagyş bolsa şol guýup dur, guýup
dur. Diňmelidirem öýdenok...
— Onsoň näme boldy? — Wakanyň hezil jemlemesine howlugyp, Andursow birinji onuň sözüni
böltedi.
— Gelin mahal-mahal ukuda bir gowy düýş
görüp ýatana meňzäp, süýji-süýji tamşanýar. Maňa:
«Mişinka, sabyrly bol hemmesi düzeler...» diýýär.
— Sabyrly bolmak erkek bolan kese juda bir
başardybam barmaly däldir — diýip, mähirli
pyşyrdaýar.
— Ah, şeý diýensoň dagy... Ol saňa ýüregini
aýdypdyr ahyryn. Beýläňe öwrül-de bas-da bagryňa.
332
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Andursow birinji durup bilmän, ýene-de gapdaldan
çykdy. — Men bir gezek — diýip, soňundanam gezegi
özüne almakçy boldy.
— Sen Andursow bir gezegiňi ýene bir gezekde
aýdarsyň — diýip, seržant Frolow elindäki çilimini
uludan bir gezek soransoň, ony Bahtyýarowa berip,
iş ýerine howlugdy.
— Gepi böltäp-böltäp gutarmaga goýmadyň-ow —
diýip, seržant Frolow gidensoň, süýji ýerinde galan
gürrüňi ýatlap, Bahtyýarow Andursowdan nägile
boldy.
— Andursow nomer bir, näme sen ol ýere ýatymlaýyn gitdiňmi? Indi biz şeýdişip seniň sakyrdyň
tükenýänçä garaşyp durmalymy. — Kiçi seržant
Morozowyň hökümli sesi Andursowy gyssady. Ol
ýaplanyp duran tagtalaryny kynlyk bilen göterip,
leňňer atyp ugran mahaly Bahtyýarow yzyndan ýetip
özüniň birki sormaga ýetişen çilimini onuň agzyna
gysdyrdy.
— Al, sahylyk menden galsyn.
Andursow Bahtyýarowa: «Watan seniň hyzmatyňy
unutmaz» diýip, onuň öz gepiniň hörpüne görä jogap
beresi geldi. Ýöne agzyndaky çilimi gaçar öýdüp
dymyp oňdy.
Telim günden bäri polkuň töwereginden özge
ýeri görmedik oglanlar üçin ýalazy meýdan sowuklygyna seretmezden gyzyklydy. Daş-töwerek gar
bilen basyrynyp, doňup oturan meýdan. Haýsydyr
bir äpet guş depede silkinip, ýelegini düşürip gidene
meňzeýärdi.
333
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Agyr ýaraglar kada laýyklanyp, paraşýutlar
bilen üpjün edilensoň, Babageldi dagynyň batalony
«On kilometrlikde duşmanyň öňüni kesmeli» diýen
tabşyrygy aldy. Esgerler öz tyrpýan tyrpyklaryny
alşyp, ýola düşdüler, şundan soň olar her ýerräge bir
galtaşyp uçup barýana meňzediler.
Ýolda tyrpykda tyrpyp iliň biri bolmak Babageldä
aňsat bolmady. Gar ýagaly bäri telim günläp özi ýaly
öň tyrpyk bilen iş salşyp görmediklere aýratynlykda
taýynlaýyş okuwlar geçilen-de bolsa häzir oňa il
deňinde ýeňillik bilen typmak başartmaýardy.
Tyrpyk sürmegiň ugruny bilşi ýagdaýly bolansoň
ol özgeleriň az güýç sarp edýän zadyna köp güýç sarp
edip gynanmaly bolýardy. Şeýle-de bolsa sürüden
bölünip galmazlyga mümkinçilik bardy.
Esgerleriň özleri geçmeli ýoluň bir ýerlerinde
bolsalar-da, olaryň pikirleri hersi şol barylmaly ýeri
özleriçe göz öňüne getirýärdiler. Beýtmek öz süňňüne
erk etmäge, oňa buýrup bilmäge kömek edýärdi.
Dert-azar bolşup gidip barýan oglanlaryň bedeninden
ýeňiljek bug göterilýärdi. Babageldiniň öň ýanyndan
seržant Frolow bilen Çaşin ýeňillik bilen tyrpyp gidip
barýardy.
Serjant Frolow käte gaňrylyp yzyna gözleýärdide, gözi bilen Babageldiden habar alýardy.
Iki esgeriň nazary birek-birek bilen sessiz
gepleşýärdi:
— Gelýäňmi?
— Gelýändirin.
334
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Arkaýyn bol.
— Şeýle-de etmeli, biz esgerler ahyryn.
Uzyn hataryň yzyndan rotanyň SPG-li agyr hasap
edilýän wzwodynyň soňy bilen leýtenant Buýnow
topary jemläp tyrpyp gelýärdi.
Kapitan Tregubow aýak çekip: «Asmanda duşman
uçarlary» diýip, duýduryş beren mahal rota gyrymsy
ösen tokaý agaçlarynyň arasy bilen gidip barýardy.
Komanda ýaňlanan badyna her kim duran-duran
ýerinde özüni bir çöpüň düýbüne taşlady, duşman
uçarynyň nazaryndan özüni gizledi.
Ör galmaga rugsat edilen mahaly Babageldi
seržant Frolosyň, şarka iki bölünen tyrpygynyň bir
taýyny eline alyp: «Ine, biziň-ä düşen günümiz»
diýen manyda töweregini garanjaklap, näderini
bilmän duranyny gördi.
— Ýer doň, ýöremegiň bir alajy bolar — diýşip, bir
tyrpykda hem tyrpyp bolar diýen manyda oglanlaryň
birnäçesi oňa göwünlik berdi.
Çilimleşikden soň rota ýene-de duşman ýoluny
beklemek üçin ýola düşdi.
* * *
Birinji batalonyň esgerleri aerodroma gelip,
maşynlardan düşen mahaly polkuň beýleki iki batalony eýýäm bu ýerdedi. Olar paraşýutlaryny arkalaryna alşyp, çilim çekişip uçarlaryň gelerine garaşyp
durdular. Arkadan bir ýerden bir däl, birbada telim
335
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
bir uçarynyň güwwüldisi gelýärdi. Gijäniň süňňüne
bolsa maýdaja saňňyldy aralaşypdyr.
Babageldi üsti paraşýutly ýükli duran maşyndan
özüniň «Nazarow B.» ýazylgy paraşýutyny tapyp
alansoň indiki beriljek komanda garaşdy.
— Paraşýutlary gabyndan çykaryň! — Kapitan
Tregubowyň hökümli buýrugy eşidildi. Bu diýildigi:
«Paraşýutlary sumkalardan çykaryň, sumkalary
epläp, ätiýaçlyk paraşýutyň rezinine berkidiň»
diýildigidi. Paraşýutlar uzynlygyna ýazylan brezent
düşegiň üstünde çykarylyp goýulansoň olary ilki, elleri çyraly kapitan Tregubow bilen leýtenant Buýnow
aýlanyp gözden geçirdi. Gönümel paraşýut bilen iş
salyşýan «PDP-niň» komandirleri aňyrdan barlaga
gelende kapitan Tregubowyň rotasynyň paraşýutlary
eýýäm esgerleriň egnindedi. Bu barlag uzak bolmady.
Podpolkownik Iseniň yzyna düşüp, barlaga gelenler
paraşýutlary jikme-jik barlaşdyransoňlar, rota barlagdan geçilen ýörite hatara barmaga rugsat edildi.
Diňe şundan soň töweregi ine-gana synlamaga,
bilim çekişmäge maý boldy.
Babageldi gapdalyndaky Çaşiniň çilim otlaýanyny
görüp, onuň egnine kakdy.
— Menem birki soraýyn?
— Sen üçünji...
— Ikinji kim?
— Andursow birinjiden başga kim bor.
— Ol entek seni görenok ahyr.
— Sen oňa näbeletmi. Çilimiň ysyna geler hem
336
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
«Men senden öň nobat belledim» — diýip, götindawa
tutar.
Lugowkin bilen gürrüň edip duran Andursow
gürrüňiň arasynda öz adyny eşidip ýeňsesine öwrüldi:
— Meniň gybatymmy?
— Ýene-de.
— Sorap çekseň süýji bolýar-a. — Soňam ol:
«Arkaýyn çekiberiň meniň özümde çilim bar» diýip,
elini ýokarsyna göterip barmagynyň aralygyndan
tüsseläp duran çilimi görkezdi.
Andursow ikinji welin bu gürrüňi degişme hökmünde duşundan geçirmedi. Ol ilki Çaşina alarylyp
seretdi, soňundanam bolsa çilim çekip duran doganyny biraz hatardan saýlap, oňa igendi:
— Tolýa, näme ile gep bolýaň? Saňa derek men
gyzarmaly bolýan. Sorama ilden çilim, ile çilmem
berme, sen ýöne adam däl, tehnikumyň üç ýylyny
kowalap, taýakdan adam ahyryn, bular bolsa partadan ýaňy turan jüýjeler.
— Bolanda näme. — Şu ýere çagyrybam diýjegiň
şumy indi? — diýen manyda Andursow birinji
doganynyň özüne sorag berdi.
— Bolandasymy, bolandasy ili üstüňden güldürme!
— Sen, Olýoşa, bu meselede azara galma, özüm
oňuşaryn.
— Men bar, Golubsow bar, ol dagy institutyň
diwaryny gören ýigit. Seniň şepeleňden has bilimli.
— Ýöne akylly däldir.
337
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Dur, meniň sözümi bölme. Men saňa diňe gowyny arzuw edýärin.
— Olýoşa, hany bes etsene, şol Golubsowyň akademik bolsa-da maňa parhy ýok. Meniň ondan sorajak
zadym bolmaz.
— Tolýa, ýadyňdamy, ejem bize gowy bilen ýoldaş
bolmagy sargapdy. Seniň töweregiňdäki warra-şarra
dostlaryňa bolsa meniň pisindim oturanok. Olar
başarsalar bir-birleriniň üstünden güljekler. Bir, ol
türkmeniň az-kem dymma, o-da rus dilin gowy bilenok, ýogsam sizden kem oturjag-a meňzänok.
— Meniň ýoldaşlarym bilen işiň bolmasyn! —
diýip, Andursow birinji batyrgaýlyk bilen doganynyň
ýüzüne geldi, elini silkdi hem beýlesine öwrülip gitme
hyýal boldy.
— Onda ýagdaýy ejeme ýazmaly bolar. — Oleg
Andursow owadan gözlerini eýläk-beýläk aýlap ýenede doganyny terbiýelemegini dowam etdirdi.
— Ýaz, ýöne meni öz günüme goý! — Ýuwdunansoň
bolsa ýene-de sözüniň egsigini doldy. — Ýoldaşlarym
bilenem işiň bolmasyn. Olar seniň çeýnejek çöpüň
däldir!
Ol Olegiň ýanyndan gidip, ýene-de öz ýerine
dolanyp gelip ýoldaşlaryna goşuldy. Tizden uçarlara
münüşlik başlandy, ýene-de ähli pikirler paraşýutdyr,
uçaryň töwereginde jemlendi. Babageldi uçara tarap
hatar bolşup ýöräp barýarka, öňki böküşlikde özüniň
uçardan bölünişini, özünden öň böken oglanlaryň,
hatar gurşup, ýere düşme pikiri bilen aşaklap ugran
338
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
durnalara meňzeşip uçup baryşlaryny, uçardan
bökeniň birsalymdan ak gülle, ol gül asmanda
ulalansoň bolsa onuň üsti ak keçe basyrykly türkmen
öýüne çalym edýändigini ýatlady.
Komandirlere bir zat, bu böküşligiň öz esgerleri üçin arzuw edilip ýetilen böküşlikdigi bellidi.
Tomusky böküşlik bilen bu günüň aralygyna iki
aýdanam gowrak wagt salnypdy, şonuň üçinem olar
amady bolanda, özleriniň bökesi gelýänini gizläp
durman komandirlerine: «Ýoldaş komandir, indi
haçan bökmäge gidýäs, ara köp wagt salsaň, ýene-de
desantçy goşunda gulluk edýänimiz ýatdan çykyp
oturybermesin!» diýşerdiler. Uçardan towusmak
birnäçe gezek gaýtalanansoň, onuň ýüregiň talabyna,
islege öwrülýändigi komandirlere näbelli zat däldi.
şonuň üçinem olar öz esgerleriniň soraglaryny adaty
bir bolmaly zat hökmünde seredýärdiler.
Esgerler uçara münensoň leýtenant Buýnow bilen
bir uçara düşen jüýk burun kapitan ikisi iki bolup
paraşýut halkalarynyň uçaryň boýuna-uzynlygyna
gerlen ýörite trosa berkidilişini gözden geçirdiler.
Bu ýer daşardan has ýyly eken. Uçaryň sandyrdyly owazy ýadaw esgerlere ene hüwdüsi bolup eşidilip
ugrady. Olaryň köpüsi tizden lagambir irkildi.
Babageldiniň ädiginiň gonjuna sokan kitabyny
alyp güýmenesi gelse-de, gözleri bürlüp, uky onuň
hem erkini elinden aldy.
339
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Birsalymdan böküşligiň başlanýanlygyny mälim
edýän ses-sirena ýene-de hemmeleri aýak üstüne
göterdi.
— Gitdik!
Ilki jüýk burun kapitan, uçaryň kitiň agzy ýaly
açylan guýrugyna özüni oklady, şundan soň esgerlerem yzly-yzyna onuň eden hereketlerini gaýtalaşyp,
gezekli-gezegine howa goşylyşyp ugradylar.
Babageldi hem nobaty ýetende aňyrdan ylgap
gelşine özüni uçardan asman boşlugyna oklady. Ol
ýene-de töwereginde her gezek uçardan bökülip aýrylan wagtyndaky zatlary gördi. Onuň öň ýanyndan
iki sany ýoldaşy güýçli akýan suwuň ortasyna düşen
garpyz ýaly togurlanyp howada akyp barýardy.
Ol: «Bir ýüz bir, ýüz iki...» diýip, ýüz bäşe çenli
sanansoň, elindäki, paraşýuty açyjy halkany aşak
çekdi, soňundanam ony gaçyrmaly däldigini ýatlap
kemerine berkitdi. Paraşýuta ýörite berkidilen açyjy
apparat hem onýança şarkyldap işläp paraşýutyň
hanalaryna ýel doluşyp, açylyşyp ugranlygyny mälim
etdi. Indiki mesele, şemalyň ugruny anyklamalydy,
oňa tarap arkany öwrüp, şemal ugruna düşmelidi.
Ukudan bolsa bireýýäm nam-nyşan galmandy. Sowuk
şemal ýakymsyz dili bilen ýüz-gözleri ýalaşdyrýar.
Kimdir biriniň «urra» diýip, asmanda gygyran sesi
Babageldiniň gulagyna geldi. Ýöne ol bu sesiň kime
degişlidigini şol wagt anyklap bilmedi.
Lugowkin ýere düşüp, paraşýutyny toplap durka,
hanasyna ýel dolan bir paraşýutyň kimdir birini
340
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
yzyna düşürip, idirdedip barýanyny gördi. Ol ilki:
«Aşaky stropadan çekibermeli ahyry» — diýip duran
ýerinde ugur bilmezligine käýindi, soňundan bolsa
öz paraşýutyny ýygnamagy soňa goýup, oňa kömege
gitdi.
— Sen ömrüňde ilkinji gezek böken ýaly-la —
diýip, ol paraşýutyň yzyndaky oglany tanaman, ilki
oňa käýindi. Ýöne onuň kimdigini tanan wagty welin,
Lugowkiniň igenji bada-bat şatlyga öwrüldi.
Onuň öňünde gulluga geleni bäri müýn çekip,
kiçelip ýören Bahtyýarow şatlykdan doly gözlerini
balkyldadyp durdy.
— Senmi bi?
— Hawa, men.
— Ahyrsoňy?...
— Bökülendir!
— Gutlaýan!
Lugowkin elini uzatdy. Ýöne öz üstünligine juda
begenen Bahtyýarow onuň elini almady-da garsa
gujaklap ogşady.
— Ýaňy asmanda biri ýüregi içine sygman,
«urra» gygyrdy welin, şo-da senmi?
— Men. Biziň ruslar belentlikleri «urra» bilen
alýar ahyryn.
Bahtyýarowyň bu üstünligine hemmeler begendi.
Onuň özi bolsa uzynly gün, garşydaşynyň derwezesine iň gerekli goly sokan hokkeýçä meňzäp, keýpihon bolup, ýylgyryp gezdi.
341
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Kapitan Tregubow gijäniň bir mahaly, öz yzy
bilen tyrpykly taýyp dert-azar bolup, ýöräp gelýän
rotany tokaý içinde saklady. Olara düşlemäge, demdynç almaga ygtyýar etdi. Indi iki günden bäri
meýdanda ýatyp-turup ýören esgerler häzir juda
argyndylar. Ýöre-ýöreý ysgyny gaçan aýaklar birsellemem bolsa dynç almaga mätäçdi. Esgerler, rugsat
edilenine mähetdel özlerine ýatar ýer edinmegiň aladasy bilen boldular. Töwerege ýaýrap ýolka agajynyň
şahajyklaryny getirip, ony ýatyljak ýere düşediler.
Babageldi şundan soň plaşpalatkasyna dolanansoň,
Andursow birinji bilen Çaşiniň aralygynda çugutdyryp ýatdy. Ol tiz uklady hem düýş gördi. Has takygy
onuň düýş görere wagty bolmady aňyrsy bir sagatdan,
ýatan esgerleriň töwereginde gezmeläp dnewalnylyk
edip ýören Zenow ýatanlaryň arasyndan ony tapyp
oýardy. Ol gözüni açan mahaly pes boýluja Zenowyň
öz üstüne eglip, günäkär görnüşde seredip duranyny
gördi. Turup dnewalnylyk etmelidigi ýadyna düşdi.
Zenow awtomatyny ýarag goýulýan ýerde
ýerleşdirip durka: «Sen Golubsowy bir sagatdan
turuzmalysyň!» diýdi. Soňundan bolsa nirede süýnjegini bilmän ýaýdandy.
— Şu seniň ýeriňde ýatybersemmikäm?
— Ýatyber — diýip, Babageldi uky gatyşykly
basyksy sesi bilen onuň pikirini makullady.
— Aý, ýok, men seň ýeriňde ýatmaýyn, gelseň
342
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 17
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.