Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 10

Total number of words is 3611
Total number of unique words is 2141
30.5 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dogup tutuksy garaňkynyň ornunda aýdyňlyk geldi.
Şondan soň töweregiň tümmekleri has-da köpelen
ýaly boldy.
Uzakdan baýyr gerişleri salgym atyşyp göründiler. Aý gaýkyjaklap, gelin ýöreýşini edip, oýtarlap
barýar. Gijäniň gelmegi bilen gözi çarhlanan ýyldyzlar, asmanda el ugruna pytradylyp goýberilen gymmat baha daşlary ýadyňa salýar.
Hommadyň gidenine azyndan iki sagad-a
geçendir, belki, ondanam köpräk bolandyr. Onuň
bolsa şol gürüm-jürüm bolşy. Her gezek Aýa gözüm
düşende, şüý-ä onuň niredeligini bilýändir diýip
oýlanýan. Ol gelende ýany bilen suw hem getiräýsehä, baý, suw içesim gelýär-ä. Heý, şu golaýda suw
ýokmukan? Gonambaşynyň gabyrynyň töwereginde
zyýaratçylaryň goýup giden apbasy pullary, üstüne
çaň syran çörek bölekleri ýatyr. Bir küýze suw hem
goýaýsalar bolmaýarmy. Häzir küýzäni başyňa
çekip, erniňden suw sarkdyryp, onuň janlyja
sapajyklarynyň ýakaňda içiňe syrygýanyny duýup
bir içsediň... Hüjrä gelip girýän ýodajyk bilen ýel191
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
kildäp gelýän tilkimi-şagalmy, bir jandaryň sulbasy
göründi. Meniň ünsüme düşensoň o-da tiz saklandy,
başyny ýerinden göterip, ünsüni meniň oturan
hüjrämde jemledi. Görýädimikän zalywat? Aý, ýok,
ysymy alandyr ýa-da nazarymy duýandyr. Onuň
endik eden ýoly bilen suwa barýan bolmagy-da ahmal.
Şunuň yzyna düşübersem, bu meni-de suwly ýeriň
üstünden elterdi... Belki, ol meniň barmaly ýerim
däldir. Barylmaly ýer bolsa Hommat meni bu ýerde
galdyrmazdy.
Hüjräni dikanlap duran jandar, göwnüne bir zat
getirdimi, nämemi ýodadan sowlup, gapdala gitdi.
Hüjräniň edil ortasynda gonambaşynyň jesedi
toprak bürenip ýatyr. Biten adam bolan bolmagy çemeli, onuň gubury beýleki guburlardan mese-mälim
uly. Wagtal-wagtal kimdir biri bu ýere gelip, onuň
töwerek-daşyny syryp-süpürýäne çemli. Hüjräniň içi
arassa, gapydan giren ýeriňde bolsa, ýezgenden bili
boglan sübse ýatyr.
Gijäniň gaýry bir mahaly uzakdan çilim başynyň
gyzaryp gideni, hemem bir adamyň sudurynyň
düýäniň üstünde oturan ýaly leňňer atyp gelýäni
göründi. Ilki oňa gözüm düşende, Hommatdyr
diýip pikir eden-de bolsam, soňunden onuň goýaňsy
hereketlerini synlap, gartaşan göwredigini bildim. Ol
gonambaşynyň hüjresiniň deňine ýetende iki dyzyny
ýere urup, elini kükreginiň deňinden saklap, oňa
seredip doga sanady. Eli bilen ýüzüni sypandan soň
bolsa ýene-de turup, küýkerip aňyrlygyna gitdi.
192
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Birhaýukdan onuň garagörnümdäki bir gubury
gujaklap, sojap aglaýan sesi eşidildi. Ol agynyň arasy
bilen erkek adamlara mahsus ýogyn ses bilen goşgy
setirlerine meňzeş jümleleri zarynlap sanaýardy.
Göz boldumy, bilmedim,
Dil boldumy, bilmedim.
Öçdüň gitdiň, jan balam,
Men nämüçin ölmedim...
Bu bagtyýatan, bolup bilse perzendinden soňa
galan ata bolmaly.
Gije ogly ýüregine düşüp, öýünden janyna jaý
tapman, «huw» diýip, turup gaýdan bolmaly. Hut
şeýledir, onuň wagty bilen ol ýerden gopasy gelmedi.
Mazar üstüniň gumuny ençeme wagtlap ýakymlyja
ysly çagajygyň arkasyny sypalaýan ýaly sypalap,
gaýgy-hesrete öwrülip otyrdy.
Ol derdini bölüşip, ogly bilen hoşlaşan mahaly
töwerekde gündizlige berimsiz aý-aýdyňlyk otyrdy.
Hüjürä giräýmese-de ýagşydyr, şonda näderkäm
diýip alada galan-da bolsam, alaç gözlemeli bolmady.
Pikirlerine berlen ýaşuly bu gezek meniň oturan
ýerimi hasaba alman, hiňlenjiräp gapdalymdan geçdi.
Araryň ýok, kararyň ýok, dynmaz sen,
Gije-gündiz gan içer sen, ganmaz sen,
Ahyr ne belaň bar, soňun sanmaz sen,
Ýykylgyn, ýumrulgyn, doly dünýä heý!
193
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Onuň özüçe heň berip aýdyp geçen agy gatyşykly
aýdymy wagty bilen meniň gulagymdan gitmedi.
Bu gören zatlarym meniň birnäçe wagtlap suw
içmek höwesimi unutmagyma sebäp boldy.
Daň atyberende, göni oba bardyr diýip çak edýän
tarapymda atyşyk başlandy. Ol duýdansyz başlaýşy
ýaly hem duýdansyz gutardy. Tizden men ol tarapdan Hommadyň: «Andreý Andreýewiç, bu mendirin
how» — diýip, elini salgap ylgap gelýänini gördüm.
Hommat meniň çak edişim ýaly, ilki duşan oba
göni barmaga howlukmandyr, ol oba barýan ýoluň
saklanýanyny çak edipdir-de, onuň ýanyndan oýtarlap geçip, başga bir oba giden ekeni. Dogrudanam,
olar bizi oba iner öýdüp, ýatyp ýolumyzy saklaýan
ekenler. Hommat öz baran obasynyň aktiwistlerini
Gaýgysyz Atabaýewiň ady bilen aýak üstüne göterip,
meni halas etmäge howlugypdyr.
Biz gujaklaşyp görşenimizden soň atlarymyzy
tapyp, atlanyp, agşamky barmaga çekinen obamyza
tarap ugradyk. Gör-le muny, meniň uzakly gije içesim
gelen suwum öwlüýäden aşak inenje ýeri-mizde uly
ýap bolup, baýyrlaryň düýbüni ýalap akyp ýatanam
ekeni...
* * *
Biz ýol ugrunda gabat gelip, düşläp geçmegi
mürehet eden çopanyň goşunda ondan-mundan
gümür-ýamyr edişip, töweregiň synçysy bolup oturdyk. Donunyň synyny biline çigip ykjamlanan ço194
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
pan ýigit bizi hezzetlemegiň aladasy bilen, ýaňyrak
süriniň yzyndan gidip, eşegiň öňüne kese basyp getiren goýnunyň soňky süňklerini kaklaşdyryp durdy
hem baş atyp biziň gürrüňimize hä berýärdi. Gapdaldaky ojakda goýnuň gazana atylan bagyr-öýkeni,
töweregine ýakymly ys ýaýradyp, gaýnap durdy.
Ir ertir Guşga ugramagymyzdan öň öňümize
getirilen çig gaýmaga çörek batyryşyp, üstündenem
ýyljak süýt içip naharlanan-da bolsak, atyň üsti,
bahar howasy ýene-de ýüzüniň ugruna siňdirip goýberipdi. Türkmenler bu ýagdaýy çägä suw guýan
ýaly diýip suratlandyrýarlar. Onsoňam men syýahata
çykalym bäri öňki iýýänimden köp ýimeli bolýardym.
Ýogsam, atyň üsti, galyberse-de, türkmen ýazynyň
öňünde durar ýaly däldi.
Delje görüp, nahar ýetişýänçä güýmenje hökmünde öňümize goýlan goýun süýdünden taýynlanan
sargana tamşanyp, onuň tagamyny duýup oturyşyma,
töweregimdäki dogaçyk şekilli inedördül hem biziň
Russiýamyzyň tomsundaky ýaly ýaşyl görnüş bilen
öwüsýän depelere meňzeş baýyr depelerine nazar
aýlaýan. Bireýýäm oglanjyk bolup baýyr depesinde
— pikirimde oturan ýerime turup gidiberesim gelýär.
Barsam, öňümde görmedik görnüşimiň peýda bolup,
özümi heniz görmedik kartinanyň öňünde duran ýaly
duýjagymy ýatlaýaryn. Günortanyň öň ýanlarynda,
wagtal-wagtal jaň sesi eşidilen tarapdan süriniň öňi
bolup eşekli, altmyş bäş-ýetmiş ýaşlaryndaky, şeýlede bolsa eňegi sakgalsyz, temegi murtsuz, gözleri
içiňden geçip gelýän bir adam geldi.
195
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Ony synlan mahalym süňňüm düýrügip, hut gapdalymdan ýylan turup giden ýaly boldy.
Aýdyşlaryna görä her adamyň ýanynda göze
görünmeýän jyny bolarmyşyn. Adam bir ýere ugranda jyny hemişe onuň öňünden ýöreýämişin. Adamlar bir-birleri bilen duşuşmazyndan öň ilki olaryň
jynlary biri-birleri bilen duşuşarmyşyn. Jynlaryň
biri-birlerini sulhy alsa, onda adamlar hem dostlukly
gürrüňleşip bilermişin. Jynlarynyň çyňkyryşmadyk
ýagdaýynda welin olaryň gürrüňleri alyşmazmyş.
Görýän welin meniňem jynym bu özüme sowuk
görnen adamyň jyny bilen çyňkyryşmady öýdýän.
Başymy göterip, ikilenç onuň ýüzüne seredesim
gelmedi.
Ol salamymyzy almaga howlukman, eşegiň
üstünde oturan ýerinden ilki alarylyp bizi synlady,
soňam düşüp, onuň üstündäki horjuny aldy-da, eşegi
öz ugruna kowup goýberdi.
— Akmämmet aga, Ýekegep bardymy? — Çopan
ýigit onuň saglyk-amanlyk soraşman, dommarylyp
oturmagyny halaman, ol gelensoň dörän sowuklygy
bize duýdurmajak bolup, ýoldaşyny gürrüňe goşmak
isläp dillendi.
— Hmm.
— Ýaňy goýun almaga baramda, ol zaňňar
yzyma düşüp gaýdyberen eken. Bir görsem goşuň
töwereginde söwedeňläp, meniň goýun soýaryma
garaşyp aýlanyp ýör. Hoşamaýlyk bilen birki ýola
«Bar, sürini tap!» diýip, kowanyma-ha ol ýüzüne-de
196
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
almady. Dabanymyň ganyny ýüzüme urduryp, gapdalymdaky taýaga ýapyşmamsoň gitdi.
— Bardy — diýip, ol ýene-de ýekeje söz bilen
jogap gaýtardy.
— Gitmese gitmezem-ä diýäýjegem welin,
şol geçen hepde süriniň töwereginde köwejeklän
möjekler ýene-de geläýermikän diýen gorkymam ýok
däl. Tapyr-tupurlyk bolsa gerek-dä.
Barybir, ol şundan soňam gepläp gürrüňe
goşulybermedi.
Biz nahar iýen wagtymyz ol bir gapdalda oturyp çaý içdi. Özi-de ony şeýle br yhlas bilen her
gezek käsesine guýup alansoň, tüňçäniň üstüni esgi
bilen basyryklap, howlukman, çaýyň lezzetini öz
hereketleri bilen nygtap hem-de ony köp içenligini
mälim edip içdi.
Men çopan ýigidiň, Hommat horjunyndan çykaryp, sowgat hökmünde çaý beren wagty begenmeginiň
sebäbine diňe häzir düşündim. Ol öz ýoldaşynyň çaý
içse hezil etjegini ýatlap begenen bolmaly.
Akmämmet ikinji gezegem tüňçäniň çaýyny hem
ýap-ýaňy biz bilen tersleşende, sähel bir bahana bolsa
yrsarap ýeňsämize çalaýjaga meňzäp, düňderilip
oturyşyna, bir özi içdi.
Bir ýola men gapdalda kölçä meňzäp ýatan sürä
sereden bolup, gözümiň gytagyny oňa aýlan wagtym,
Akmämmediň göz-ýüz obajygynyň çygjaryp, ýüzüniň
der bilen ýuwlandygyny gördüm.
Bäý, buzy çözülip ugrapdyr-ow diýip oýlandym.
Hommat aýagynyň gurşugyny ýazarman bolup
197
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
turansoň, menem gezmelemegi niýet edinip, onuň
yzyna düşdüm. Çopan bolsa gazanynyň ýanynda durup, et gowurmaga başlapdy.
Biz synçy bolup aýlanyp ýörşümize, bu adamyň
oňly adam-a däldigi hakynda, onuň ýüzüniň rehimsizligi hakynda gürrüň etdik.
Öwrülip gelenimizde, nahar edinen Akmämmet
doga sanap, geçenlerini ýatlap, nahardan boldum
edip oturan ekeni. Diňe şundan soň ol biziň barlygymyzy hasaba aldy. Bize tarap nazar aýlap gyzyklandy.
Birazdan men onuň özümi dikanlaýanyny syzdym.
Ol öz gören zadyna ynanansoň, Hommada tarap baş
atyp dillendi.
— Munyňyz orus ýaly-la, oglanlar?
— Hawa.
— Çalgyrt türkmençeläp otursa näbileýin,
kowumdaş halklaryň adamlaryndandyr öýden ekenim.
— Ýok, orus, özem Leningraddan, Lenin agaň
ýurdunyň orsy — diýip, çopan öňi bilen maňlaý derini çalyp, buşluk habaryny aýdýan hörpde gepledi.
— Öz-ä ig orus bolsa gerek?
— Mümkin — diýip, Hommat öz sözüne başga
näme goşjagyny bilmän gülümsiredi.
— Orus gelmezinden öňräkdi — diýip, Akmämmet soňundan öz ýadynda galan bir wakany ýatlady.
Ahyr gep-söz alşyp, onuň aramyza goşulmagyna biz
hem öz ýanymyzdan begenişip, onuň berjek gürrüňi
bilen gyzyklandyk.
198
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Meniňem ol günler özümden uly bolup,
ýokarkydan özgäni hasaba alman, minneti atym bilen
gylyjymdan çekip ýören günlerim...
Şol günleriň birinde maňa-da şuňa meňzeş orus
gabat gelipdi. Özlerem ikidiler. Ýöne birisi beýlekisiden garaýagyzrakdy. Men şol gezek adamlarym
bilen Eýranyň Çukuroý diýen ýerindäki gala alaman edipdim. Ol iliň özüni oňarýanlary galalarda
ýaşaýarlar. Garyp-gasarlar bolsa galanyň töwereginde, çöp-çalamdan edilen tam kepbelerde, gamyş
öýlerde mydar edýärler. Alamançy diýeniň bolsa
möjek, ýagly guýrugyň niredeligini gowy bilýär.
Gala aralaşyp bolsa oljaň oňýar. Barlyny ýesir edip
alyp gaýdaýanyňda hem baýlyk bilen gelip, ony soran
tapylýar. Garybyň bolsa gyz-gelnini alaýmasaň alara
zady bolmaýar...
Çukuroýdaky gala kürsäp girdik. Ümüş-tamyşda
ukudan zähresi ýarylyp oýanan adamyň ýaragyň
öňünde jany barmy. Ony ölüm howpy bilen, özüni
ýitirmäge dilden agyzdan galdyryp, ykbalyna kaýyl
edip, «Näme etseňiz eliňizde» diýer hetdine ýetirenimizden soň, men yzyma adam düşürip, ýesir ýatan
türkmen dagy bar bolaýmasyn diýen niýet bilen,
galadaky zyndanlary aýlanyp gördüm. Hemişe, haýsy
obany çapsam-da, men ol ýere düşen ildeşlerim bilen
gyzyklanardym, ýagdaý bolsa olary alyp gaýdardym.
Şeýdibem, Allanyň öňünde haýyr iş edip sogap
gazanandyryn diýip, pikir ederdim.
199
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Giden ýeriňden ildeşiňi tapyp getirseň, gelensoň
onuň dogan-garyndaşlarynyň berýän halat-serpaýam
telim gyrnagyň bahasyça bolýar.
Çopan ýigit, Akmammediň öz diýjek bolýan
zadyny unudyp, başga tarapa tutduryp ugranyny
duýansoň, sypaýyçylyk bilen, onuň unudan pikirini
ýadyna saldy.
— Biziň myhmanymyza meňzeş orsam şol galada
ýaşaýan ekenmi?
— Ýok. Olar zyndanda aýagy gandally oturan
eken-ler. Bir-ä patdyk-sutduk türkmençe-de gepleýär, ikinjisi welin men ýaly dile patdal borly,
hiç zat bilenok. Horlukdan ýaňa gözleri çylpyklap,
reňkine sary ýöräp ugran iki sany süňkbaşy iri orus.
Olara üns bermese-de bermezdim welin, şol arada
hywa bazaryna aşyryp bolsa lomaý gazansa bolar
diýen pikir kelläme geläýdi. Olaram galadan alan
ýesirlerimiziň arasyna goşup sürdük bäri ýüze.
Oruslar bendilikde, oňly ugruna seredilmän, juda
tapdan düşen ekenler. Olar köpüň aýagyna eýermediler, oglanlar bilen atlara artlaşdyrmaly boldy.
Çakym meni aldaman eken. Azabym ýerine
düşdi. Özi-de Hudaý aňsat etse, aňsat bolar eken.
Hywa gelip tanyş özbegimi tapyp, yzyna düşürip
getiren orus täjiri olar bilen wajyr-wyjur öz dilinde
gepleşensoň, baş egip, tagzym edip ot-elek boluberdi.
Maňa bolsa olaryň hersi üçin bäşatar berdi.
Olaram «ysbasy-da, ysbasy» öz dillerinde ýene-de bir
zatlar diýişdirip, gözlerini bagtyýar güldürip minnetdar boluberdiler.
200
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Eşidip otursam olar, orus hökümetiniň adyndan
Owganystana iberilen ilçi beg-begzadalar eken. Ýolda
bendi düşüp galan ekenler. Ol ýerdenem bendileri
ýakyn günlerde Maşat galasyna ýollamakçy bolup
ýören ekenler.
Olaryň beren ýaraglary meniň gum içinde telim
ýyllap Akmämmet galtaman bolup gezmegime sebäp
boldy. Döwründe ol ýaraglar bahasyna ýetilgisiz zatdy... Aý, ol ýaragy görüp zähresi ýarylan az däldir-le.
Ýöne arman, gyrnak paýlanymda wagty hasaba alman
eke-nim. Ony-da soň bildim. Soňky tüýkülik sakgaly
ezýämi näme? — Akmämmet galtaman nämedir bir
bize näbelli bolan bir zatlary ýatlap ahmyr etdi.
— Meniň getiren gyrnaklarymyň arasynda öz
obama siňenleri-de telim bardy. «Maňa-da bir kempirime taý gyrnajyk gerek» diýilse, berer goýbererdim. Ýyllar geçdi. Gyrnaklar ogully-gyzly, içerini
oňaryp oturan keýwany boldular. Olaryň çagalarynyň
ýigrendigi bolsa men boldum. Kiçiräkkäler-ä olar
meniň atymy kesekläp gaçardylar. Aý, çagadyr-da
diýip, men olara azar bermezdim. Olaryň ejeleri
öýde öz düşen günlerini ýatlap, maňa gargynyp
oturan bolsa nädersiň. Kimdir birine ýigrenjem
hut şeýdilip döredilýän eken. Gyrnaklaryň çagalary
ulalyp, ese-boýa galansoňlaram, men olaryň özlerini
alyp baryşlaryndan özümi halamaýandyklaryny aňyp
ugradym.
201
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Ýöne olaryň kitüwleri içlerindedi, ýüreklerini
dillerine alaýsa, onda ol wagt diliň damagyna dykyljagyny olar gowy bilýärdiler. Meniň şöhratymdan,
gazabymdan çekinýärdiler. Bir ýola meniň Saly baýa
beren gyrnagym Gülbendiň yzyndan onuň erkek
dogany geldi. Gyrnakdan ogully-gyzly bolan baý,
çagalaryň daýysyny bir hepde-on gün öýünde saklap, edip bilen hyzmatyny etdi. Gidende hem serpaýlap, at mündüirip goýberdi. Men şol wennezzyna
henizem müňkür. Bir gezek gelsem doganoglan agam
bardy, aglap: «Inim, öňüňde ýüzügara bolandyrys»
diýip öňümden çykdy. Eşidip otursam, günortanyň
gününde bir bölek atly gyrdan inip, meniň aýalymy,
ogullarymy, ýetişen gyzymy gylyçdan geçirip, öýüme
gan çaýkap gidipdir.
Günäkäri gyzyl-ot bolup näçe gözlesem-de tapyp
bilmedim. Şeýdibem, tüwmaýak galdym. Garrap
tapdan düşemsoňam, obamdaky nägile gözler meniň
çöle çykyp gaýtmagyma sebäp boldy.
Ol ýene-de haýsydyr bir wakany ýatlady, ýöne
ol şundan soň bir agzam geplemedi. Düýrügip
oturdy-oturdy-da, soňundanam turup, hol beýlede
otlap ýören eşegine tarap ýöräp gitdi. Biz çaýyň oňa
bagtly günlerini hem-de bibagtlygyny ýatladanyny
duýduryp, ugramakçy bolup durkak, men horjunyň
düýbündäki iň soňky bölek çaýy aldym-da, «Ýaşuly
içer» diýip, onuň eline berdim.
202
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Indi bireýýämden bäri garamtyl mahmaldan
tikilene meňzeýän ýaz gijesi töweregimizde ýaýrap
otyr. Atlarymyz bizi gijelikde Müsür piramidalaryna meňzäp oturan Badhyz baýyrlarynyň arasy
bilen, aýlanyp-öwrülip ýören ýol bilen Guşga alyp
barýar. Baýyrlar gijäniň içinde howalanyşyp, biziň
depämizden seredişip otyrlar. Gündizlerine özüni
baýyrlardan has uzakda saklaýan asman gümmezi
hem häzir gijäniň gelmegi bilen aşak inipdir, ol
baýyrlaryň depesine galtaşyp durana meňzeýär.
Indi men çak bilen däl-de, ertiriň bir ýerinde
Guşguda boljagymyzy bilýärin. Ol ýere ýetsem-ä
dünýäň aňrybaşyna çykan ýaly bolsam gerek diýip
oýlanýaryn. Hemem şeýle ýoly geçenime, gören
ýerlerimiň, duýan zatlarymyň az däldiginem ýatlap
begenýärin.
...1885-nji ýyldaky Daşköpri söweşinden soň,
häzirki Guşgy galasynyň ýerinde rus goşunlarynyň
palçykdan salnan kazarmasy peýda bolupdy. Ähli
güýç iki rota kazakdan hem-de üç sany topy bolan
batareýadan ybarat ekeni. Batareýa galany gorapdyr.
Kazak rotolary poçta stansiýalaryny hem-de serhedi
gorapdyr.
Bu ýere Harkowdan, Poltawadan birnäçe maşgala
göçürilip getirilipdir. Şeýlelik bilenem, 1892-nji ýylda Guşgynyň eteginde «Alekseýewka», «Poltawka»
ýaly rus obajyklary peýda bolupdyr.
203
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
1897-1898-nji ýyllarda Owganystan bilen dartgynlylyk emele gelensoň, patyşa Guşgyny berkitmegiň
ugruna ymykly çykypdyr. Yzly-yzyna goşun güýçleri
Guşguda peýda bolupdyr. Toplar Mara çenli otly bilen
getirilip, ondan düýe bilen bu ýere daşalypdyr.
Berk gala gurlup, onuň dört burçunda top goýlupdyr. Çeşmeden galanyň içine turba bilen suw
getirilipdir. Gospital açylyp, telegraf aragatnaşygy
ýola goýlupdyr.
1914-nji ýylda fronta alynmazdan öň Guşgy
galasynda 12 müň soldat bar eken. Guşgy patyşanyň
erkinligi söýýän, azatlyk meýilli ofiserleri hem
sürgün edýän ýeri bolupdyr. Guşgy rus ofiserleriniň:
«Dalşe Kuşki ne poşlýut,
Menşe wzwoda ne dadut»
diýýän ýerine öwrülýär.
Aý dogup, öz ýolunyň dowamyna gidip barýar.
Ol sap altyndan oňarylan şuglaly gülýaka meňzeş.
Bir-de bolsa ol geýim geýinmegi, özüne serenjam bermegi halaýan, öz gowy geýnip bilýänini töwerekden
seredýän gözleriň öňünde hem buýsanç bilen nygtap
geçip barýan ýüregi yşk heserli zenana meňzeýär.
Gijäniň törüne aralaşdygymyzça howanyň çigreýäni
duýulýar. Hommat meniň üç-dört ädim öň ýanymdan ukusynyň tutýanyny mälim edip, başyny asyp,
at üstünde irkilip barýar. Ony ukudan açmaly diýen
pikir kelläme gelensoň, ondan-mundan gürrüň etmek
üçin, atymy debsiläp onuň bilen deňleşdim. Men
ýene-de Guşgynyň komissary Margunow hakynda
204
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gürrüň açmakçydym. Öňem bu adamyň Guşgy hakynda gürrüň bolanda, telim bir gezekler ady tutulypdy.
Belki, ýene-de ol hakynda birzatlar bilmek başardar.
Tötänlikde meniň nazarym kimdir biriniň ýatan
ýerinden turup bukdaklap, bir ýerden başga bir ýere
geçenine kaklyşdy. Bada-bat biziň daşymyzy gabaýan
bolmasynlar diýen pikir kelläme geldi. Hommady
ýagdaýdan habarly etmäge howlugdym.
— Hommat!
— Hä, näme, Andreý Andreýewiç? — diýip,
meniň sesimdäki gozgalaňy duýup, Hommat ýalpa
gözlerini açdy.
Ýaňy, hol öňden biri ýapyrylyp ylgan ýaly boldy.
— Şol öňki deýýuslaryň ýoldaşlary dagy bolmasyn!
— Bolup biler — diýip, menem öz çakymy gümansyratdym.
— Atdan düşeliň!
Hommat garaşylmadyk çalasynlyk bilen atyndan
düşdi. Men bir onuň egnindäki donunyň ýelpäp giden
ýaly bolanyny görüp galdym. Ol elinde sapançasyny
taýynlap oturyşyna, üns bilen ilki meniň görkezen
tarapymy, üşerilip ol ýerde meniň gören zadymy
görmek niýeti bilen synlady. Atdan düşüp, menem
ýene bir gezek şol gören salgymymy görmek üçin,
onuň hereketlerini gaýtaladym.
Ýöne näme üçindir biziň garaşan «Ýaraglary
taşlaň, siziň daşyňyz gabalgy!» diýen sesimiz wagty
bilen eşidilmedi. Ýa-da olar biziň has-da amatlaryna
bararymyza garaşýarmykalar?!
205
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Atlaryň ikisi-de biziň gözümiziň alnynda
öňe seredişip, ol ýerde kimdir biriniň barlygyny
duýýandyklaryny mälim etdiler. Hatda Hommadyň
münen çal aty boýnuny öňe uzadyp hokranarly hem
göründi. Muny Hommadam aňan eken, ol tutup
oturan uýanyny şeýle bir gazap bilen silkdi welin, at
janawar bada-bat öz maksadyny unudyp, başyny ýere
asaýdy. Özüni parahat alyp barmalydygyny syzdy.
— Andreý Andreýewiç, siz ýene birsalym şu ýerde
oturyň, ol ýeriniň habaryny özüm alaýyn — diýip,
Hommat atynyň uýanyny maňa berdi-de, sapançaly
elini öňe uzadyp, ýapynyň ýüzi bilen ýer bagyrtlap,
ýokarlygyna süýşenekläp ugrady. Göwnüme indi hä
diýmän iki taraplaýyn atyşyk başlanarly göründi.
Agzym gurapdyr, tolgunanyňda bokurdagyň hem
daralýan borly, ýuwdunanymda tüýküligim bokurdagymy agyrdyp geçdi. Oturan ýerimde bedenimi
sowuk der basdy. Özümi garganyň agzyndan gaçan
peýnir bölegine meňzedip, howada uçup gelýän ýaly,
bir salymdanam ýere urlup, dyr-pytrak bolup gidiberjek ýaly duýdum...
— Andreý Andreýewiç!
Hommadyň sesi meni özüme getirdi. Görsem
ol indi elini salgap ýatan ýerinde meni öz ýanyna
çagyrýar. Atlaryň uýanyny bir-birine çatamsoň,
emedekläp diýen ýaly onuň ýanyna ugradym. Egnini deňleşen mahalym ol maňa seret diýen manyda,
depäniň ýeňsesindäki köle tarap elini uzatdy. Men aý
aýdyňa käliň içinde bir topar adamyň, hereketsiz,
206
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
jesede öwrülip ýatanyny gördüm. Düýnde-öňňinda
bu ýerde Gyzyl Goşun bilen onuň duşmanlyrynyň
arasynda gazaply söweşiň bolanlygy belli boldy. Iki
tarapdanam, ýaraly beýleki bolup, diri galan adam
bara meňzemeýär.
Diňe bir at aýlanyp ölüleriň arasynda otlap ýör.
Ol gyzyl esgerleriň biriniň aty bolmaly. Onuň eýerine
gyzyl baýdak berkedilipdir, at her gezek otlamak üçin
bir ýerden başga bir ýere ýörän mahalynda baýdak
biraz ýazylýan eken...
Töwerekde bizden başga janly jemende görnenok.
Kölüň içinde bolsa üsti gyzyl baýdakly at aýlanyp,
otlap ýör...
Sözsoňy
Dutaryň owazy... Syýahatdan öwrülip gelenim
bäri bu owaz meniň gulagymdan gidenok. Käte dagy
ol şeýle bir saýramak saýraýar welin, meniňem haýsy
hem bolsa bir türkmen aýdymyň çetinden kükräp
giriberesim gelýär. Bir-de bolsa ol meniň özümi ýelkenli gäminiň üstünde ýaly duýmagyma sebäp bolýar.
Onuň dartylan tanaplaryň birisine söýenip duranyma
ynanýaryn. Gämi meni birde ertip, Änew metjidinň
deňi-taýy bolmadyk keramikasy bilen ýüzbe-ýüz etse,
ýene bir-de Gökgümmez babanyň nagyşlary bilen
duşurýar. Atly syýahatym ýada düşende men ýene-de
özümi ýarym guşaklygyna çenli gök mahmala dolap
207
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ýatan Köpetdagyň etegi bilen, dagdyr çöl aralygynda
toplum-toplum bolşup oturan türkmen obalarynyň
arasy bilen aýlap, Guşga gidip barýanymy görýärin.
...Öwezgylyç bagşy. Ol meniň şol gören ýerimde,
goýunguýruk gum depeleriň aralygyndaky ýazylgynlykda, aýdym aýdyp, saz çalyp otyr. Onuň iki
gapdalyny ýene-de Hommat bilen Dagym eýeläpdir.
Olar özleriniň ýap-ýaňam birek-birege alagöz bolşup
oturanlaryny unudyşyp, ata-babalarynyň demi siňen
jadyly aýdymlaryň belentligine göterilişip, il bolşup
otyrlar.
Dutar saýraýar. Göwnüme häzir türkmen
halkynyň taryhynyň meniň kalbymda jemlenişi ýaly,
bagşynyň töwereginde hem ähli türkmen jemlenäýjek
ýaly bolup duýulýar.
Ine-de türkmen halkynyň müň ýyllyk taryhynyň,
ýer ýüzünde galan ýeke-täk şaýady Soltan Sanjaryň
mawzoleýi. Ol töweregindäki ýer bilen ýegsan bolan
bir mahalky haýbatly galalaryň harabaçylygynyň ortasynda egnini gysyp otyr. Özi-de şol döwür-döwranlardan bir özüniň galanyna uýalýana meňzeýär.
Näme üçindir, her gezek Soltan Sanjary ýatlanymda, Abdyryzagyň sanap beren şu setirleri biygtyýar meniň ýadyma düşýär.
Maru-Şahu Jahan asly mekanym,
Köp döwranlar sürdüm seniň üstüňde.
208
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hangeçende guran bazar dükanym,
Jan berip, jan aldym seniň üstüňde.
...Bu toprakdan giden ençeme türkmen tireleri
dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrap, soňundanam şol
ýerli halklara goşulyp ýitip gidipdirler.
Gijelerine mawzoleýiň töwereginde itler
janygyşyp, agyzlaryny ýokary tutuşyp uwlaýarlar.
Diň salyp dursaň ol sesler kimdir biriniň şol, gidip
daýdyp gelmediklerini ýatlap, jowranýan eňremesine
meňzeýär. Taryha çümüp-çümüp oýlanmagyňa sebäp
bolýar.
Mährijemalyň portret halysyny bolsa görüp
doýma ýok. Halyda W.I.Lenin özüne mahsus
hereketi bilen, elini jübüsine sokup oýurganyp dur.
Bir görseňem, ol kimdir biri bilen gürleşip durana
meňzeýär. Birsalym synlap duransoň bolsa, sen onuň
özüň bilen gürleşip duranyna ynanýarsyň. Onuň portret şekiliniň töwereginde ajaýyp gölleri çitilipdir.
Şonuň üçinem Wladimir Iliç ýene birde haly asylan
diwaryň öňünde durana hem çalym edýär. Gör, bu
halyny dokamak üçin näçe mähir, näçe söýgi gerek
bolandyr. Ol hut söýgüdir mähirden dokalan ahyryn.
Mährijemal hyýalynda W.I.Lenin bilen, gör, näçe
gezekler gürleşendir... Mährijemal, halysy Aşgabada
alyp gaýtmak üçin soralanda: «Halyny öýümden
çykarasym gelenok, goý, Lenin aga biziňkide dur209
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
sun, görjek adam gelsin-de görübersin» diýen ekeni.
Leninsiz galsa dünýäniň manysyz boljakdagyna
Mährijemalyň zenan ýüregi şol wagt düşünipdir.
Owsun atyp oturan ýaz otlary. Meniň Guşgy ýolunda gören, guwanan kagyzlarymda surata öwrülen
dünýäm. Owsunjyrap tolkun atyp duran deňiz.
Atçapar gyr atyny säpjedip, Ýolöten otrýadyny
yzyna düşürip, iki gapdalyndan barha beýgelýän Badhyz baýyrlarynyň arasy bilen komissar Morgunowyň
çakylygyna Guşga barýar. Onuň egninde gurmyzy
dony, aýagynda gara ädigi, başynda halap geýen ak
telpegi. «Bolşewik ýüregim bolsa, egnimde gyrmyzy
donum, aýagymda ädigim, başymda ak telpegim
bolsa, özge zatlaryň bir alajy bolar». Atçapar Taýyr:
«Eliň geldi, senem mal edin, öý-owzar edin...» diýip
maslahat berýänlere, hemişe şu jogaby berer eken.
Baýyrlaryň gabawyndaky köli ýatlanymda hemişe
meniň gözümiň öňünde şol gören iki tarap, bolşewikmenşewik bolnup, jan alnyp, jan berlen meýdan ol
ýerdäki, eýerine baýdak berkidilen, aýlanyp otlap
ýören at göz öňüme gelýär.
Agzybirlik — türkmen halkynyň elýetmez arzuwy...
Iliň akylly-başly wekilleriniň hemmesi öz gowy
durmuşlarynyň agzybirlik bilen baglydygyny bilipdir. Ýöne öz obasyndan özge ýerde oba baryny, öz
dutaryndan özge ýerde dutar barlygyny bilmek isle210
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
meýän kütek tireparazlar hemişe agzybirlige garşy
durmagy başarypdyrlar.
Türkmeniň eý görýän şahyry Magtymguly
Pyragy hem öz gezeginde agzybirligi nygtaý-nygtaý
geçipdir. Oňa şygyrlarynda dagynyk agzala ilini
birleşdirmek başartsa-da, ony bütewilikde görmek
miýesser etmändir. Bu arzuw edilen döwür-döwran
diňe W.I.Leniniň ideýasy bu topragy çoýandan soň
mümkin bolupdyr.
Mihail Iwanowiç Kalinin tribunadan «Türkmen respublikasynyň» döremegini jar eden mahaly,
zalda oturan gurultaýyň delegatlarynyň köpüsiniň
gözünde begenç gözýaşy buldurapdyr. Hatda Jüneýit
hanyň hem gurultaýa iberen wekili: «Aý, adamlar,
gözüňiz aýdyň-ow, meniňem ilim ahyrsoňy bir döwlet
boldy...» diýip aglapdyr...
Bu oý-pikirler ýene-de meniň kalbymda harasat
gopmagyna, galam-kagyzyma täzeden ýapyşmagyma
sebäp boldy.
Ýürek bolsa şol bir zady, bu ýadygärligiň hut iliň
ýüreginden dömen, onuň arzuw hyýalyny, geçmişini,
özünde jemlän ýadygärlik bolmalydygyny nygtady.
Kagyzyň ýüzünde ilki türkmen halkynyň geçmiş
taryhyny, süňňüne siňdiren teke, ýomut, saryk,
ärsary hem-de beýleki tireleriň halylary bilen bezelen tribuna peýda boldy. Onuň yzysüre-de halkyň
birleşmeginiň simwoly bolup, azatlygyň bu ýere
211
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
gelenligini alamatlandyryp, Wladimir Iliç Lenin
tribuna göterildi...
Ony synlap, men hut şol arzuw eden, türkmen
halkynyň ýüregindäki ýadygärligi döredenime
ynandym.
Adam erbet gününde hem-de begenen gününde
göwün diýen adamlarynyň öz töwereginde bolmagyny arzuw etgiç bolýar. Meniňem häzir öz
ýanymda türkmeniň Magtymguly ýaly, Gaýgysyz
Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Öwezgylyç bagşydyr
Mährijemal, Hommatdyr olaryň ogul-gyzlarynyň,
öz ýakynlarymyň bolmaklaryny, olaryň ýadygärligi
synlap, makullaýjylyk bilen, «Ine, muny oňarypdyr»
diýip, baş atmaklaryny isledim.
1977-1985
212
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
DAÝYŇAM GÖZÜŇDE BOLSUN
Babageldi özüniň desantçylar bölüminde gulluk etjegini öňünden bilýärdi. Harby komissariat
ony biraz mundan öň — mart aýynda çagyryp,
özi ýaly birnäçe gulluga çagyrylýan oglanlar bilen
Aşgabada iki hepdelik taýynlaýyşa alyp gaýdypdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 11
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.