Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 14

Total number of words is 3548
Total number of unique words is 1985
32.7 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Protiwogaz geýlensoň, ol göz-görtele köpleriň
haýyny aldy. Howa kemelip demlikler daralyp
ugrady. Birsalymdan Babageldiniň protiwogazynyň
aýnasynda ýeňiljek bug perdesi peýda boldy. Munuň
gowulyk alamaty däldigini onuň ýüregi syzdy. Ýöne
häli-häzire ýol görmek mümkindi. Ol: «Iliňem ýagdaýy seniňkiden öwerlikli däldir, gaýrat et, Babageldi, azabyň aňyrsy indi uzakda däldir!» diýip,
öz-özüne göwünlik berdi, şol barmana bolsa, düýnöňňinlikde bolan bir waka onuň ýadyna düşdi. Babageldi aladalardan boş mahaly ak matany bölekläp,
birki sany ýoldaşy bilen bölüşip, köýnegine ýaka
tikinip otyrka, goňşy batalonda gulluk edýän ildeşi
Ilmyrat ony gözläp geldi. Onuň elinde iki eplenen
gazet bardy. Ol gazetde Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň edermenligine bagyşlanan
«Rota partorgynyň edermenligi» atly makalada bar
eken. Diňe şundan soň Ilmyradyň gazeti okap, öz
begenjini bölüşmek üçin bu ýere gaýdany belli boldy.
Gazeti okap, özleriniň bir wagt Aýdogdy Tahyrowyň
gulluk eden diwiziýasynda gulluk edýändiklerini
bilmek ildeşleriniň ikisine-de hoş ýakdy. Olar soňra
gahrymanyň öz polklaryna däl-de, diwiziýanyň
özge bir polkuna degişlidigi hakynda onuň adynyň
her günki barlagda diriler hatarynda tutulýandygy
hakynda bir bagtly türkmen esgeriniň her gün
starşina:
277
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Gwardiýa rýadowoý Aýdogdy Tahyrow! —
diýlende guwanç bilen «Men» diýip yzyndan hem:
«Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrow
Watan üçin wepat boldy» — diýip, jogap berýändigini buýsanç bilen ýatladylar...
Bu wakany ýatlan mahaly Babageldiniň bedeni
gurplanan ýaly boldy. Häzir ilden galsa, Aýdogdynyň
adyna şek getiräýjek ýaly bolup duýuldy. Ýöne bir salymdan ýüzünden göterilen bug onuň protiwogazynyň
gözlerini tutuş eýeledi. Indi nätmeli diýen sorag ýüze
çykdy. Gözüniň görmeýänligi üçin indi onuň sähel
zada büdüräbem ýykylaýmagy ahmaldy. Rota bolsa
protiwogazy bilen bir süri pile öwrülip, depginini
gowşatman öňe ylgap barýardy.
Babageldiniň gyssag arada delalat isläp gapdala
uzan goly kimdir biriniň çignini gysymlady. Ol silkinip, ýokuş görýänini mälim edip, Babageldiniň
elini çigninden aýyrdy-da, soňundanam oňa arkasyndaky goşhaltasynyň birýan gyrasyndan tutduryp
hüňürdedi. Babageldi şol wagt ol hüňürdäniň
kimdigini anyklap bilmese-de, onuň öz maksadyna
düşünenine begendi, şundan soň ol goşhaltadan elini
sypdyrmady.
Aýak çekilip protiwogazlar başdan aýrylan mahaly, Babageldi özüniň seržant Frolowyň gabady
bilen ylganyny bildi.
— Gaýrat etdiňmi? — diýip, seržant ýüzüne inen
derini süpürip durşuna hoşamaýlyk bilen oňa baş
atdy.
278
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Hawa. Sag bol, ýoldaş seržant. Gözümiň öňi
hiç zat görmedi.
— Menem şeýledir diýip çak etdim. Aňyrdan
gelşiň gowudy. Zeleli ýok, bolýan zat, protiwogazy
gowy gözden geçirmelidir.
Babageldi demi-demine gelip, agaçlaryň arasynda
endamyndan der bugaryp giňişligini alyp otyrka,
«Oba adamlary hemişe öz çagalarynyň iliň biri bolmagyny arzuw edýärler welin, görüp otursam, iliň
biri bolaýmak buda aňsat zat däl eken-ow» diýip,
özüniň ýykylman-sürşmän bu ýere ýetenini ýatlap,
oýlandy.
Babageldiniň ünsi güýzügip oturan tokaýda
eglendi. Ol bolsa mundan bir sagat öňem bardy, ondan
öňürägem ir ertir bilenem bardy özi-de häzirkisinden
owadan bolmasa kem däldi. Meýdan ala gury ýapraklar bilen basyrylypdyr, şahalardaky ýapraklaryň hem
köpüsi şu ýerde baslygyp ýatan ýapraklara meňzeş
alagury altynsow ýapraklar.
* * *
Babageldi birsalym töweregini synlap oturansoň,
goş haltasyndaky katelogyny aldy-da suw içmek üçin
gapdaldan yňdyrylyp akyp ýatan derýanyň güzerine indi, suw içensoňam ýene-de gelip onuň kenarynda tirsekledi. Derýanyň öwrüm berýän ýerindäki
ýapynyň ýüzünde birnäçe syrdam, bir-birlerine boý
deňäp ösen agaçlar otyrdylar. Asmandaky Günüň
şöhlesi ol ýere düşüp, ýapraklar altyn bölejikleri279
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ne agaçlar bolsa altyn getirýän daragtlara meňzäp
ýalpyldaşýardylar. Daş-töwerek imi-salalykdy.
Mundan bir sagat öň bolan azaply aladalaryň, hamala, hiç birisi-de bolmadyk, gaýdybam bolmajak
ýalydy. Tokaýy synladygyňça pikiriň durlanýardy,
kalbyňa giňlik çaýylýardy.
Altyn haýata meňzäp duran tokaý agaçlaryň
aňyrsyndan ýeldir arça agaçlara ilteşip galana
meňzäp, bir bölejik çal bulut görünýärdi.
Babageldi bu gözelligiň, bu ümsümligiň arkaýynçylyk bolmasa, hiç kimiň gözüne ilmeýänligi hakynda, diňe arkaýynçylyk bolan mahalynda, bu zatlaryň
gadyrynyň bolýandygy hakynda oýlanyp oturdy.
Birsalymdan onuň nazar egläp oturan agaçlarynyň
ýokarsynda bir süri garga peýda boldy-da, soňam
gonmaga ýer peýlaşyp, şol töwerekde köwsarlanyşyp
aýlanyşyp ugradylar. Babageldi käte gije tokaý içi
bilen barylýarka-da, depesinde-agaçlaryň ýokarsynda
guş ganatlarynyň pasyrdylaryny eşidýänini ýatlap, olar hem şol ýerde mesgen tutan guşlar bolsa
gerek diýip oýlandy. Ýöne gargalar gonma hyýal
bolup görünseler-de hiç ýere gonman, şemal pytradan bulutlara meňzeşip, dürli taraplara uçuşyp
gitdiler. Babageldi ýoldaşlarynyň ýanyna dolanyp
barmalydygyny ýatlap, yzyna dolanyp gelýärkä,
kömelekleriň, çüýrän ýapraklaryň ysyny süňňüne
goşan ýuwaşja şemal öwsüp ugrapdy. Şahalardan
tänen ýapraklar howada gyzgylt ganat kebelejikler
bolşup uçuşyp ýördüler, şemal güýjäp ugransoň, ol
kebelejikler töwerekde has-da köpeldiler.
280
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Tokaý içi bilen bölüm-bölüm bolup gelýän rota
birsalym ýöränsoň, guran otdur ýaprak bilen
basyrynyp oturan giňiş bir meýdana çykdy. Şu ýerde
kapitan Tregubow rotany şapba iki bölege böldi-de,
birisini «Duşman» atlandyrdy. Beýleki topary bolsa
sowet esgeri hökmünde olaryň garşysyna goýdy.
«Duşmanlar» başlaryndaky beretalarynyň ýyldyzly tarapyny ýeňselerine öwrüşip, tersine geýdiler.
Hiç kim hiç kimi aýamady. Iki taraplaýyn garpyşykly
«söweşler» başlandy. Esgerler birek-birege pyçak
urşup, gaýtawul alşyp, hakyky duşman bilen gabat
gelşilen mahalynda edilmeli hereketleri çyna berimsiz edip, ýerine ýetirmäge durdular. Beýle gidişlikde
zanny pälwan, göreşlerde telim ýeňişler gazanan
Andursow birinjiniň güni geldi. Ol ýesersiräp, özüne
pyçak uran kiçi seržant Filkowyň pyçagyny güýç
bilen gaňryp aldy-da, özüniň kuwwatly elleri bilen
ony gapdala taşlady. Filkowyň bu ýagdaýa biraz çeti
gyzdy. Ol Andursow ikinji bilen idenekleşip duran
Babageldiniň aýagyndan alyp, onuň ýüzüni gum garbatdy-da onuň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdady.
Babageldi turan wagty bolsa, özüni onuň hakyndan
çykan hasaplap: «Uruşda şeýle-de bolýamyş» diýip,
onuň ýüzüne keýpihon seretdi.
Soňra bolsa seržant Filkow, öz toparyndaky Andursow bilen güýç birikdirip, eýýäm özge biri bilen
gidişip duran Andursow birinjiniň üstüne hüjüm
281
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
etdi. Andursow birinji hem olaryň aňyrdan iki
bolşup gelýänlerini gördi-de, rejäniň geň däldigini
aňyp, yza gaçgaklady, nädende bulara hötde gelip
biljegini aňynda aýlady. Onýança haslap dogany
oňa has ýakynlaşdy. Andursow birinji şonda onuň
ellerine elini ýetirip, dyza çöken ýaly etdi-de, ýatyp
atdy. Onýança bolsa, ýeke galan Filkow ýene-de onuň
eline düşdi. Kiçi serjant Filkow onuň elinde ýenede sanlyja sekuntdan nä güne düşjegini ýatlap, hile
tapyp, tarp urdy.
— Eý, eý, Andursow, ýene hälkiň ýaly edip
zyňaýsaň, eşitdim eşitmedim diýme, rota barsak,
narýatdan gözüňi açdyrtman. Häzir oýlan, soň giç
bolar!
— Sen «duşman» ahyr — diýip, Andursow birinji
bu sözden soň biraz ýöwselledi.
Soňundan bolsa ol: «Aý bolýa-da» diýip, seržant
Filkowy öz gününe goýdy-da toparynyň beýleki oglanlaryna kömek bermäge howlukdy.
* * *
Kapitan Tregubow rotany tokaý içinde saklap,
birsalym esgerlerine dem-dynç almaga rugsat etdi.
Onuň özi hem leýtenant Buýnow bilen bir töňňäniň
üstünde oturyp, çilimini otlady. Töwerege çilim ysy
ýaýrady. Agaja söýenip, gözüni ýuman Babageldi
garşysynda Petýa Babokiniň çilimine şärik bolup
oturan Lugowkin mahal-çahal özüne seredip, bir
zatlar edişdirýänini görse-de, oňa üns bermedi.
282
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Ýeňseden, keseligine ýykylan agajyň üstünde aýaklaryny sallaşyp oturan kiçi serjant Morozow bilen
hemişe gysmyljyrap, onuň ýanyndan aýrylmaýan
ýefreýtor Perwedensowyň başly-barat gürrüňi
eşidilýärdi. Moroz bir zat diýip gepe başlasa, Perewedensowa kem galyp barýan ýaly, bada-bat onuň gapdalyndan gep goşýardy. Ony özüçe makullap, gürrüňe
göçgün bermäge çalyşýardy.
— Men graždankada hemişe ir ertir ýyljajyk süýt
içerdim.
— Menem käte içerdim.
— Süýt içseň, dogtorlar aýtmyşlaýyn, dişleň
pugta bolmagyna peýdalymyş.
— Aý, ol ýalňyş bolaýmasa.
— Nämüçin?
— Meniň özümden uly bir aýal doganym bar, süýt
içilende, hemişe menden köp içerdi. Hatda ejem oňa
göwüs süýdünem üç ýaşyna ýetýänçä içiripdir, diňe
meni dogurmazynyň öň ýanlarynda süýtden aýrypdyr, şonda-da eýýäm onuň köp dişleri ýok. Özünden
alty ýaş uly adamsy bolsa, indi oňa şol dişler sebäpli
degip «kempirim» diýýär.
— Şu gyzlar uzynak agras ýigitleri gowy görýärler welin, nämüçinkä?
— Aý, men näbileýin, ony gyzlardan sora.
— Ýeri, gyz bolaýaňda şu Lugowkin uzynam
ekendä, şony nädip söýjek.
— Özem juda gyjykçy eken, ýaňky tutluşykda
gabadyma geldi welin, edil geçi ýaly lägirdi.
283
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Rota hatara durmaga komanda berlen mahaly, Lugowkin gysmyljyrap, Babageldiniň ýanyna geldi-de,
oňa ýanynda göterýän kiçijik depderinden goparan
sahypasyny uzatdy.
— Al, söýgüliňe: «Meniň Litwa tokaýynda pinek
edişim» diýip ugradarsyň. — Soňundanam kagyza
çekilen surata seredip, Babageldiniň ýüzüniň üýtgänini görüp: «Näme ýa senem men ýaly, öz söýen
gyzynyň toýunda bolup: «Gorka» gygyryp, ony äri
bilen ogşaşdyryp gaýdanlardanmy? — diýdi.
— Hatarda gürrüňi bes ediň! — Leýtenant
Buýnowyň hökümli sesi hemmeleri özüne tabyn etdi.
Rota tokaý içi bilen ýene-de ýola düşdi. Babageldiniň
suraty synlap, ýüzüniň üýtgemeginiň sebäbine
özünden özge düşünen adam bolmady. Ony oýlandyran zat bu suratyň öýlerindäki daýysynyň suratyna
meňzeşligidi. Surat ony ýene-de bir gezek daýysy
bilen ýüzbe-ýüz etdi.
Lugowkin ony daýysyna meňzedip çekipdir.
Rota bir günlük ýörişden şähere dolanyp gelende
şindi gün batmandy. Onuň elwan öwüsýän ýüzi
bolsa, indi mese-mälim öňküsinden has gyzyl bolup
görünýärdi. Esgerler aýaklaryny süýreşip, ýadaw
halda gorsuldaşyp, ýöreşip gelýärdiler. Şol arada
garaşylmadyk bir ýagdaýda yzdan gürleşip gelýän
komandirlerden has öňde rotany äkidip barýan
starşinanyň buýrugy eşidildi.
— Rot-a-a-a!
284
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Hemmeler öňde bir uly çinli komandirleriň birine
gabat gelinendir diýip oýlandylar. Köýnekleriniň
synlaryny çekişdirip, komandirleriň talapgöý synyna
mynasyp bolmak üçin tijendiler. Onýança-da ikinji
komanda eşidildi.
— Rota sag egniňe tarap, gönel!
Ädik sesleri bir notany agzybirlik bilen gaýtaladylar. Esgerler sag çiginlerine sereden mahallary,
awtobus duralgasynda egni kiçiräk asma sumkaly,
görmegeý bir gyzyň uýaljyrap, tolgunyp esgerleri
synlap ýylgyryp, bir gowy bolup duranyny gördüler.
Uzakly günüň ýadawlygy bada-bat hemmeleriň ýadyndan çykdy.
Rota ýüzlerçe guwançly nazara öwrülip, harby
nyzam bilen gyzyň gapdalyndan geçdi.
* * *
Rota atyşyk meýdançasyndan dolanyp gelende,
nahar wagtyna çenli iki sagada golaý wagt bardy. Esgerler ýörite ýarag arassalanylýan mahaly ulanylýan
stollary kazarmanyň ortasyndaky zal bolup duran
açyklykda goýup, oturgyçlary alybam, ýaraglary
bilen onuň töweregine egrilişipdiler.
Kiçi seržant Morozow rota komandiri kapitan
Tregubowyň papka goltuklap gidenini görensoň,
giňişligi aldym hasap edip ör turdy-da, öz öňündäki
zatlary gapdalynda özi ýaly guşaklygyna çenli çykarynyp, ýaragyny arassalap oturan Babageldä tarap
süýşürişdirdi.
285
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Ine, saňa içi ýagly guty, ine-de, esgi zatlar. Şu
gyzgynyňa meniň awtomatymam arassalap goýber!
— Arassalap bilmerin.
— Jyňkyň çykmasyn. Men köp gürleýäni halamok.
— Men bolsa kişiniň ýaragyny arassalamagy
halamok. — Babageldi başyny göterip, soňuny saýman, oňa öz hörpünden jogap berdi.
— Bu ýeri armiýa, han ogul, köl boýunda ýerleşen
pioner lageri däl. Biz diýsek, etmeli borsuň. Ýogsada mejbur ederis.
— Wagt az, ol iki awtomaty arassalamaga
ýetişmez ahyryn ýoldaş seržant! — diýip, Lugowkin
Babageldiniň arkasyny çaldy.
— Men senden zat soramok. Öçüp otur!
Babageldi onuň bilen eňekleşmegiň gerek däldigini düşünip dymdy-da, onuň goýan ýaragyny görmedik
bolup, öz ýaragyny süpürmegi, ýaglamagy dowam etdiriberdi. Nahara gidilmeziniň öňüsyrasynda atyşyk
meýdançasyndan aňyrlygyna öýüne nahara gidendir
hasap edilen, bir alada bilen ol ýerde saklanan leýtenant Buýnow kazarmada duýdansyz peýda boldy. Ol
ýarag arassalap oturanlara gözüni aýlan mahaly,
iki-üç adamyň öz ornunda ýokdugyny gördi. Rotany
duran ýerinde hatara düzdi. Hol beýle-de kimdir biri
bilen gürrüň edişip, wagtal-wagtalam göwnibir ýaly
bolup, öz awtomatyny arassalap oturan Babageldä
öçli seredip, düwlüp ahmyr baglap oturan Morozow
zordan ýetişip hatara durdy.
286
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Leýtenant arassalanan ýaraglary birbaşyndan
synlap gelşine Morozowyň awtomatyna gezek gelende, ony synlansoň, sagadyna seretdi.
— Size on minut wagt berýärin, arassalap maňa
mälim edersiňiz, düşnüklimi size?
— Düşnükli, ýoldaş leýtenant.
— Howlugyň!
— Uh, men seniň başyňa kyýamat gopdyryn entek!
Morozowyň Babageldä hemle atanyna gözi ilen
leýtenant Buýnow, eline alyp synlap duran ýaragyny
eýesine gaýtaryp berdi-de:
— Kiçi serjant Morozow hatardan bir ädim öňe
saýlan! diýip, buýruk berdi.
Morozow göwünli-göwünsiz bir ädim öňe ätledi.
— Bolanok, täzeden! — Leýtenant ýüzüni şol
bir ýagdaýda saklap hötjetlik etmäge hyýallanýan
Morozowyň somalyp öňe çykýan men-menligine
özüne berlen komandir hukugy bilen täzeden talaply
düzediş berdi.
— Täzeden! — Morozow adam ýaly bolaýmasa, öz
hereketleriniň ýene-de hasaba alynmajagyny aňdy. Ol
üçünji gezekde aýagyny hakyky urmalysy ýaly urup,
esgerlerçe hatardan çykdy.
— Rota cmirno! Özüne berkidilen ýaragyna
sowuk-sala seredenligi üçin hem-de täze gelen esgerleri keseki saýyp bulanýanlygy üçin kiçi seržant Morozowa iki gije gündizlik gaupwahta yglan edýärin!
287
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Soňra ol rota nobatçysy Filkowy ýanyna çagyryp,
oňa Morozowy eltip gaupwahta tabşyrmaly wagty
belläp aýtdy. Şol gün günortan nahardan soň, kiçi
seržant Filkow Morozowyň kemerini elinden alyp,
ony öňüne salyp äkitdi. Morozow bilen Babageldi
arasynda bolan bu waka rotadaky «starikler» atlandyrylýan toparyň wekili bilen hasap boýunça
ikinji ýüzbe-ýüz duruşmak boldy. Köpler indi ýakyn
günlerde san boýunça üçünji büküdişligiň boljagyny
çak etdi. Ol bolsa Morozow «dynç alyşdan» dolanyp
gelenden soň bolmalydy.
Şol günden iki gün soň, kiçi seržant Morozow
rota agşam nahara gitmeziniň öň ýanynda, ýüzüni
sakgala basdyryp, sürpüldäp geldi.
Kapitan Tregubow oňa özüni tertibe salmak
üçin on bäş minut wagt berdi. Nahardan gelip, rota
agşam telewizoryň alkymyna üýşüşen wagty, rotanyň
şol günki dnewalnylarynyň birisi Lugowkin tertibe
esewan edip krowatlaryň aralarynda aýlanyp ýören
mahaly, krowatlaryň aňry başyndaky penjirä golaý
açyklykda Filkow bilen kiçi seržant Morozowyň özara
gürrüňiniň gapdalyndan bardy.
— Leýtenant Buýnow bilen gowusy oýun etme. Ol
howply tip. Ol saňa öňki starleý däl anekdot aýdyp
sypaýaryň ýaly. Görýäň-ä heý, şol geleni bäri «starik»
diýlip, sylanýan adam barmy. Onuň üçin hemmäň deň
soldat — diýip, Filkow çytylyp, penjireden daşaryk
seredip oturan Morozowa gep düşündirýärdi. —
Plotkin rotnyý wagty ýumşaklygy zerarly diýenini
288
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
gögerdip bilmän: «Gullugy ýene üç ýyla getirmeli,
şonda esger iki ýyl gulluk edýär, bir ýylyny bolsa ol
dynç alýar, gulluk iki ýyllyk bolany bäri bular bir
ýyl gulluk edýärler» diýip janygardy.
— Ony bilýän...
— Bilseň, ine, şeýle.
— Buýnowyň Plotkin däldiginem bilýän welin,
ýöne sen özümiň bu ýere gelen günlerimizi bir ýatla,
biziň gören günümiz bilen deňeşdireniňde bularyňky
deňlik, how.
— Deňligem bolmaly-da.
— Ýadyňdamy, rota ilki gelen günlerimiz iki gatly krowatyň ýokarky gatyna çykyp, her gije komandirler ýok mahaly: «Biziň edermen stariklerimiziň
öýe gitmegine ýene pylança gün galdy!» diýşip, metgi
bolşup, «urra» gygyrýanymyz!
— Bir ýola Açmizow, ýadyňdamy beýleki batalona
geçen, kawkazly, ýöne rusça gowy gürleýän oglan!
— Hawa ýadymda.
— Şol bir ýola ýalňyşyp, 60 gün diýmeli ýerine
«61 gün galdy» diýip sananda, Zelenkow onuň üstüne
çişip, ony tas iýipdi.
— Diptan ikisi. Bizi şeýdensoňlar, biziňem
şeýdesimiz gelýär-dä.
— Bizi şeýdenlerinde, bir-ä rotanyň komandiri
Tregubow däldi. Ikinjidenem, biziň içimizde şeýdip
aýny wagtynda Nazarowyňky ýaly oňa edilen talaba
şeýdip jogap berenem bolmandy.
— Aý, biz näbileli, şeýle bolmalymykak öýdüp289
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
diris. O-da özüniň «salagalygyny» ýatlap, sessizje
arassalaýar öýtdüm-dä.
— Ondan kine etme. Onsoňam pikir edip otursaň,
özüň bilen deň adama öz işiňi etdirmegem gowy
däl ahyryn. Hä, ýadyma düşdi... Sen hol günki
diwiziýamyzyň gazetindäki, Sowet Soýuzynyň Gahrymany hakynda makalany okapmydyň!
— Şol nemesleriň maglumat alma niýeti bilen
gynan Aýdogdy Tahyrow hakyndaky makalanymy?
— Nemesleriň ondan maglumat aljak bolup, nähili çyrpynýarlar. Ahyrda alaç tapman, onuň derisini
sypyryp ugraýarlar.
— Gör, nähili zalymlyk!
— Ol welin, şonda-da ýer bolup dymýar. Şeýdäýmek
üçin gör, nähili ýürek gerek.
— Okamda inim dyglap gitdi.
— Özem kommunist, rota partorgy ekeni.
— Okadym.
— Okan bolsaň, Nazarowam şol adamyň ildeşi.
Etmeli däl zadyny muňa-da aňsat etdirip bolmasa
gerek.
— Ýöne bu wakanyň hiç kim hiç ýere dargamanka
bolany gowy boldy. Ýogsam bu bolan hyňranyşmany
kimdir biri leýtenant Buýnowa ýetirendir — diýip,
müňkür bolardym...
Lugowkin özüniň kiçi seržant Filkowyň nazaryna
ilenini görüp, gapdalyndaky krowatyň eýlesinebeýlesine sereden boldy-da, beýleki bir ganata geçip,
gürrüňden daşlaşdy.
290
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Dynç alyş günüdi. Esgerler ir ertir
naharlanansoňlar, gelip kazarmalaryň gapdalynda
keserişip duran maşynlara doldular. Häzir olaryň
ýanlarynda ne-hä goşhaltalary bardy ne-de ýaragy
esbaplary. Düýn-öňňinlikdäki: «Ýakynda kolhozlara
kömek bermäge gidýäs» diýilýän gürrüň çyn bolup
çykdy.
Leýtenant Buýnowyň ýolbaşçylygyndaky maşyn
işlenilmeli ýere gelende, bu ýeriň gelin-gyzlary
eýýäm deperlerinden däne sowruşyp, işleşip durdular. Üýşmek-üýşmek bolşup duran bugdaý
depeleriniň töwereginde işleşip duranlaryň diňe
birisinden — däne daşaýjy maşynyň töwereginde
gowadaklap ýören adamdan özgesi gelin-gyzlardy.
Olar maşyny dolduryp gelen esgerleri mylaýym nazar
bilen garşyladylar. Zenan nazarlary bilen eselen ýigitler iş görkezilenine mähetdel, ýerli-ýerden dessine
işe girişdiler. Brigadir aýalyň agşama iş bolar diýip,
çaklan üýşmek bugdaýy iki sagada galyp galmanka,
basdyrmanyň aşagyna çekildi.
Giňiş meýdanlar, mähirli zenan ýüzleri, atababalaň gümrasy gara iş, bu zatlaryň hemmesi
sowuk ýaraglaryň gapdalynda gezip ýören oglanlaryň
hemişe arzuwydy. Gyzlar bilen gülşüp bugdaý
daşaýjy maşynyň gapdalynda halta dolduryp duran
Lugowkin kolhoz başlygy aralaryna gelen mahaly,
ur-tut oňa sorag berdi.
291
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Ýoldaş başlyk, size mehanizator gerek däldirdä?
— Gerek özün-ä.
— Siz gabanjaňmy?
Başlyk öňünde duran uzyn soldatyň gyzlara tarap
seredip goýberenini görensoň, onuň gürrüňiniň
niräni tozadýanyny aňdy. Myssa ýylgyrdy.
— Gabanjaň bolanda nätjek, dänänem biri bilen
ekmeli ahyryn.
— Onda ýoldaş başlyk, meni gyzlaň biri bilen
tanyş edip bilseň, traktorist bolmagam meň bilen.
— Oňat işläp berjegiň çynyň bolsa, onda gyzlaň
birini saňa beräýmeli bor-da.
— Eý, oglanlar, başlyk eçildi, sizem diläň özüňize
bir gelinlik!
— Lugowkin ýylgyryp töweregine seretdi.
Ol bu gürrüňleri degişmä salyp öz Lugowkin
äheňi bilen şeýle bir täsirli edip diýdi welin, diňe
gyzlar bilen başlyk däl, hatda juda seýrek ýylgyrýan
leýtenant Buýnow hem aşak bakyp ýylgyrdy.
— Beýle niýetiňiz bolsa, ýigitler, gözlere serediň,
gözlere, gözler sözläp dur ahyryn — diýip, başlyk
gyzlara tarap elini salgady.
— Maňa-da bir garry-gurry harby tapyp, ärli
edäýmeseňiz biläýiň, oglanlar, meniň brigadamdan
gyz alasyňyz ýok! — diýip, başyny ak ýaglyk bilen
bogan saçy agaryp gutaryp barýan brigadir aýal
şüweleňli gürrüňe goşulyp özüni gyzlardan ilerledi.
— Geliň şu daýzany starşina Marçilýunas bilen
goşalyň! — Babageldiniň ilki diline gelen sözem şu
boldy.
292
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Onuň by sözi diýerine mähetdel oglanlar iki
garrynyň jüpleşenlerini pikirlerinde görüp gülüşdiler.
«Iki ädik bir-birine taý» diýşip, makulladylar.
Esgerler aram-aram gülüşdiler, degişdiler ýöne
işlänlerinde welin kişi kimin işlediler. Gidip-gidip
mahal-mahal bassyrmanyň aşagyna üýşýän däneden
habar alyp gaýdýan brigadir aýal bir gezek leýtenant
Buýnowyň ýanynda aýak çekdi.
— Seniň esgerleriňiň bir günde eden işini men
gyzlar bilen bir hepde-de edip ýetişemok. Gör, nähili
ýigitler, olar häzir şu işlere diýseň ýetenok — diýip,
ýüregini diline aldy.
— Biz bu işleri işlemeli bolsak, näsini aýdýaň
daýza, onda-da keýp edip işlejek. Ýöne daşky
döwletleriň birnäçesi ýaragynyňam, diliniňem eýesi
däl. Olar Puşkiniň «Däli başyndaky» türk ýaly gylyjyny depesinde bulaýlap bizi öz günümize goýanoklar. Ýogsam, biz däne ekip, demir ýenjip ýören
ata-eneleriň ogullary ahyryn.
— Aý, näbileýin, oglum, galyň kapitalistiň ýeňip
bilmez-ä biz bolduk.
— Olar ýeňibem bilmez, ene. Ýöne biz gulluk
etmeli borus.
— Gulluk ediň, oglum, galan zadyň bir alajy
bolar-la.
Esgerler gaýdyşyn ýolboýy aýdym aýtdylar. Ol
aýdymlardan daýhan topragyna, ol ýerde al-elwan
bolşup işleşip ýören gelin-gyzlara bolan teşnelik
duýulýardy.
293
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Babageldini gijäniň bir mahal kazarmada dnewalnylyk edip duran Awagýan oýardy.
— Çalşaly wagt boldy!
Öňdenem turmalydygyny ýatlap ynjalyksyz ýatan Babageldi: «Häzir» diýip, ukyň arasyndan jogap
gaýtardy.
Dnewalnynyň ornuny eýelemäge gelende Awagýan
oňa starşinany alta bäş minut galanda turuzmagy
ýatladyp, ýatmaga ýerine gitdi.
Babageldi rota dnewalnylygyny kiçi seržant
Filkow, Awogýan bilen düýn giç öýlän kabul edip
alypdy. Agşam kuhnýa kartoşka arassalamaga baran
dnewalnylaň arasynda ol hem bardy. Ol sagat ikilere
ýene-de yzyna kazarma dolanyp gelipdi. Kartoşka
arassalaýanlaryň ol ýerde sähere çenli eglenjegi
ikuçsuzdy. Ýöne ikinji batalondan gelen epelek
boýly, ýemşik burun, Ýermoşkin hemmeleriň dadyna
ýetişdi. Ol ussalaryň ýola salyp bilmän: «Haýsydyr
bir şaýyny çalşyrmaly» diýşip giden kartoşka arassalaýan maşynlarynyň töwereginde hiňlenip:
Ne ekýäs, biz, ne sürýäs,
Dilde döwek döwýäris.
Dilimizi bulaýlap,
Bulutlary kowýarys
— diýip, aýlandy-aýlandy-da, ony ýola saldy oturyberdi. Maşyn işläp ugransoň, bada-bat Ýermoşkine
294
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
gidip ýatmaga rugsat etdiler. Beýleki pyçak bilen
kartoşka artyşyp-itinişip oturan oglanlar bolsa,
maşyn işläp ugransoň, polkuň ertir naharynda iýjek
kartoşkasyny bir ýarym sagada ýetirmän maşyndan
geçirdiler.
Babageldi dolanyp gelende, onuň ornuna rota
nobatçysy kiçi seržant Filkowyň özi dnewalnylyk
edip duran eken. Ol entejik özüniň durjagyny aýdyp,
Babageldä birsalym dynç almaga rugsat edipdi.
Babageldi turup ýüzüni sowuk suw bilen
ýuwansoň, birneme ukudan açylyşdy. Tumboçkanyň
gapdalynda biraz duransoň, ýene-de onuň ukusy
tutup ugrady. Häzir daşary çykyp bolsa ol ýeriň
salkyndygyny, ukudan tiz açylmak boljakdygyny,
yzysüre bolsa özüniň dnewalnydygyny, ornundan
gozganmaga ygtyýarynyň ýokdugyny ýatlady. Ol
ukudan açylmak üçin kazarmanyň ortarasyndaky
turnikden asylyp, özüni çekip durka, kimdir biriniň
zalyň ugry bilen öz rotalaryna tarap gelýändigini
saýgardy. Onuň habaryny almak üçin, aňyrdan sagdyn-sagdyn ädimläp, eýýäm dnewalnynyň durmaly
ornuna ýetip gelýän nobatçy komandir öňünden
çykdy. Babageldidir ol gelýän komandir bir-birlerini tanap gülümsireşdiler. Bu gelen polkuň nobatçysy Abramowdy. Ol mümkinçilik bolsa, hemişe
duşulanda, özüniň Aşgabatdan getiren oglanlary
bilen durup, hal-ahwal soraşardy. Kapitan Abramow
başga bir batalonda bolsa-da, Aşgabatly oglanlar ony
özleriniň ýakyn bir adamlary hasaplaýardylar.
295
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Nähili ýagdaýlar, gulluk bilen öwrenişýärmiň?
— Eýýäm tas köne esger diýen ýaly.
— Men birki günlükde Ýazmuhammedi gördüm,
ony rota komsorgy saýlapdyrlar.
— Ilmyrady bolsa seržantlyk kursuna iberdiler.
— Haýsydy ol? — Kapitan Abramow birbada Ilmyrady göz öňüne getirip bilmän oýurgandy.
— Ilmyrat Amanmyradow, murtly oglandyr-la.
— Hä, murt diýsene. Şol murtuňy aýyrmaly
diýlende: «Şuny aýyrmaň, men munuň yzynda durjak
bolaryn!» diýenmi? Ýadymda. Bolup bilýär. Hany
rota nobatçysy görnenok-la?
Babageldi ýeňsesine öwrülip, göwresini krowata
taşlan, ädikli aýagyny tubaretkanyň üstüne goýup
geými zady bilen, ilkinji çykalyga taýyn bolup,
üstüne şinelini atan göwräni görkezdi.
— Turuzmalymy, ýaňyrak gyşaran bolmaly özünä...
— Onda, goý, ol ýene biraz ýatsyn. A, sen
irkildiňmi?
— Men, ine, häzir turup, ukudan açylyşyp bilmänem turnikden asylyşyp durun — diýip, Babageldi
amady gelende, özüniň ornundan üýtgemeginiň hem
sebäbini mälim edip geçdi. Kapitan Abramow parahat
ýatan esgerleri synlap, kazarmanyň içine bir öwrüm
berensoň, yzyna dolandy. Onuň basgançakdan düşüp,
daşlaşyp barýan aýak sesi ýene-de esli salym eşidildi.
Babageldi öýlerine hat ýazmalydygyny ýatlap,
pursatdan peýdalanmakçy boldy. Gapydan gelip giren
296
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
görner ýaly ýüzüni gapa tarap öwürdi-de çep gabatdaky öňi demir torly ýarag saklanýan jaýyň yşygyna
hat ýazmaga oturdy.
Ýekşenbe güni gidilen kolhoz, üýşmek-üýşmek
bolşup duran bugdaý depeleri, sadaja geýnüwli,
göwüsleri ýumurlanyşyp, gözleri balkyldaşyp duran
täsirli gyz-gelinler onuň gözüniň öňündedi. Öýe hat
niýetlenen kagyzyň ýüzünde ilki iki setir, soňra bolsa
tutuş bir bent goşgy peýda boldy...
Işledikçe ýene
Işläsiň gelýär.
Gyzlar, siz seredip
Dursaňyz bolýar.
Haçanda ol goşgyny şeýle bent bilen jemlän mahaly hem ol kolhozda şol gyz-gelinleriň arasyndady.
Nahar mahaly özüne kompot guýup beren tä gaýdýança ýeleden-ykdan özüne hyrydar nazar bilen sereden
sary gulpak utanjaň gyz bolsa häzirem onuň gözüniň
öňündäki şol aýal-gyzlaryň öň hatarynda dur.
Goşgy ýazylansoň, Babageldi özüniň henizem
şol kolhoza gidilen günüň täsirinden çykyp bilmän
ýörenini bildi. Ol ýeňsesinden kimdir biriniň nazaryny duýup, yzyna öwrülen mahaly, ukudan oýanýan
kiçi seržant Filkowyň ýeňseden özüni synlap duranyny gördi.
— Goşgy ýaly-la?
— Entek syntgylamaly.
297
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Özüňden ýazdyňmy?
— Şeýleräk özün-ä.
— Sende bir zad-a bar, ol duýulýar.
— Nireden? — diýip, Babageldi gyzyklandy.
— Ýatla, hol gün telewizor «Kerç» atly dokumental film görkezdi.
— Ýadymda.
— Ýadyňda bolsa, kadrda şäher elden-ele geçýän
wagty sen şäheriň düşen gününe şeýle bir heläk
bolduň... men seni şol wagkly ýagdaýyňy aýdyp biljek
däl, ýöne gözümiň öňünde, gapdaldan seni synladym.
— Göwnüňedir, ýoldaş serjant.
— Bölme meni. Ýok ol ejizlemegem-ä däl.
Şeýlede sen käte-käte özüňden daşlaşyp oýlanýaň.
Hemme zady gönümel ýürege kabul edýäň. Bir ýerde
okadym, şahyrçylyk bolsa ýürekden bolmaly. Seniň
bu düşnüksizligiň aňyrsynda bir zatlar-a bar...
— Göwnüňedir, ýoldaş seržant.
— Hany goşgyny rusça öwür.
— Ertir.
— Ýok, häzir — diýip, Filkow diňlemese aýrylmajagyny mälim edip öz eňegine tutdy. Erjellik
görkezdi. Soňundanam «Ýogsam nobatsyz narýad
alýaň!» diýip gatyrgandy.
— Düýnem birini berdiň-ä.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 15
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.