Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 18

Total number of words is 3830
Total number of unique words is 2051
33.5 of words are in the 2000 most common words
47.4 of words are in the 5000 most common words
54.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bardygyny göz öňünde tutup, «Gezegen aýak poh basar» diýen pikir bilen gabat gelýän obalaryň, çopançoluklaryň töwereginden aýlanyp geçerdik. Göni
gelnip duşulanda, nalaç hal-ahwal soraşdyk. Şonda
Ahmet aganyň dilinde Aýnabat ikimiz är-heleýe, Ahmet aganyň özi bolsa, bizi gudasynyňka alyp barýan
ýakyn bir garyndaşa öwrülerdi.
Ahmet aganyň bu gepi meniň biraz nebsagyryjylyk bilen: «Ýol, bu bendäniň ýüregine düşen bolsa
364
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
gerek» diýip oýlanmagyma sebäp boldy. Hemem bile
bir ýerik ýola düşülende, ýaşuly adamlaryň: «Ýol
azaby, gör azaby» diýişýändikleri ýadyma düşdi. Öz
jahyllygyma osup, Ahmet agany gyssap, heläklän
bolaýmaýyn diýip müýnürgedim.
Ýöne bu ýerdäki gep meniň pikir edişim ýaly däl
eken.
— Biz, Ahmet aga, Pendiden Tejene diýip däl,
Hywa diýip gaýdypdyk ahyryn? — Men gürrüňiň
anygyna ýetmek üçin, Ahmet aganyň maksady bilen
gyzyklandym.
— Seň diýýäniň hak, inim, ýöne sen bir agaňy
diňle! Sen şu gysyr gyrnagyň pikirini edýänsiň. Ony
pikir etme, inim! Şu golaý obalaryň birinde meniň
bir ýagşy dostum bar. Ady Halyk. Ýigidiň gowusydyr. Myhman dagy bolup barsaň, begenip, iki bolup
bilmez, aýaly Nursoltanam süýji dilli zenandyr. Ana,
şolar bu gyrnajygy bir elinje ýere ýerleşdirer, inim.
Ondan bize gep gelmez. Arnageldä bolsa baryp, ol
gyrnajygyň juda ärsirän eken, Tejende garamadyny
birine atdy diýeris. Şeý diýsek, ol bize näme diýip
biler? Onuň şondan Tejene gelip ýagdaýy anyklap
gitmejeg-ä hak. Geläýende hem gelne är bolan kişi
ony Arnageldi bu jelegaýa gelýänçä, Arap Reýhana
Görogly begiň Gülendam ýeňnesiniň aýdyşy ýaly:
«Indi meni ornumdan gozgamaň!» diýer derejesine
ýetirer, inim».
Ahmet aganyň gürrüňi göwnüme ýaramasa-da,
içimden «Aýnabada är gerek bolsa, bu ýigit näme är
365
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bolup bilmez öýtdüňmi?» diýip, özümi öňüne tutup,
käýinenem bolsam, ýaşulynyň göwnüni ýykmazlyk
üçin, geplämde sypaýçylygy elden bermän gepledim.
— Arnageldi aganyň ol sargydyny näderis
onda? — diýip, Pendide bolan gürrüňi onuň ýadynýa saldym. Ol bize Hywadan öz adyna berlen
taňryýalkasynlaram-a getirmegi sargapdy.
— Arnageldäm bir täsin adam şi. Taňryýalkasyn
hantama. Ýeri, sen bu maşgalany ekläp-saklapmydyň,
zaňňara! Mugt ýerden taňryýalkasyn hantama —
diýip, Ahmet aga gepini burnuna, salyp janykdy.
— Biziň borjumyz komandire «hä» diýmek, hem
onuň sargydyny berjaý etmekdir, Ahmet aga! Hywa
däl, komandir: «Şu gelni Moskwa äkidiň!» diýsede, biz esger, äkitmeli bolarys. Men Ahmet aga bu
gürrüňi indi şundan aňry äkitmez diýen niýet bilen
sözümi has-da nygtadym.
— Onuňam bir alajy bolar, inim — diýip, Ahmet
aga gepi ýene-de meniň beýlemden aýlady. — Oňa
Tejen ussalarynyň ýasan byçagyndan, ýene-de şuňa
meňzeş bir zat alyp bararys. Meniň atymy çalşyp,
başga bir at hem edineris. Barýançag-a ol bize aýagulagymyz bolar, baranymyzdan soň bolsa: «Şuny saňa
gelniň dogan-garyndaşlary berdiler» diýip aýdarys.
Ana, şonda Arnageld-ä at münüp, serpaý ýapynan
adam bolar. Goý, zaňňar: «Hywaly garyndaşlar
maňa hormat baryny eden eken-ow!» diýip, hoş bolup
gabarylsyn. Meniň atymy bolsa ýolda öldi diýeris,
wessalam. Iki sakgally bolup, şol bir zady aýtsak, ol
366
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ynanar. Onsoňam, inim, tüýs çekelenilmeli wagty,
gül ýaly maşgalany sogap işden goýup günäsine galynylmasa ýagşy...
Ahmet aga degerli-degerli gürrüňler tapyp, öz
maksadynyň töwereginde näçe janygyp pelesaň ursada, ol meni özi bilen pikirdeş edip bilmedi. Bendäniň
diňe dert-azar bolup, telim bir gepiň başyny agyrdany
galdy. Ýöne men onuň dostunyňka aýak üstünden
baryp gaýtmagyna welin, razy bolman bilmedim. Ahmet aga şundan soň ýeňil gopup, bizi özüniň tizden
dolanyp geljegine ynandyryp, bezenip-beslendi-de,
atlanyp gyssanmaç ýola düşdi.
Çolaja guýynyň başynda Aýnabat ikimiz ikiçäk
galdyk. Maňa-da geregi şoldy. Men Aýnabadyň yşgyna
düşüpdim. Ýolda-da ondan gözümi aýyrasym dagy
gelmeýärdi. Bir amaty bolanda oňa ýüregimi açasym,
onuň mähir-muhabbetini gazanasym gelýärdi. Häzir
bolsa meniň şol garaşan pursadym gelipdi. Ana,
indi ak çägäniň üstünde oýkanjyrap oturan maňyzmaýaly gelin — Aýnabadyň bar. Özüme bir zat diýip
lak atdyrmak üçin, men Aýnabadyň gapdalyndan
eýläk-beýläk geçen bolup görýärin. Häzir ol bu çola
ýerde töwerekde şaýat ýok wagty göwün awlaýjak
hoşamaý söz aýtman, içden çykmaz bir söz bilen
käýäýse-de men razydym. Onuň bir zat diýip geplemegini isleýärdim. Ol geplese, meniň göwnüme ähli
zat öz isleýşim ýaly bolaýjak ýalydy. Belki, ol häzir
oturan ýerinde meni näletläp otursa-da oturandyr.
Onuň ýüzi bürenjegiň aňyrsynda, maňa görnenok.
Şonuň üçinem hiç zat belli däl. Meniň häzire çenli
367
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bu gelniň ýelesi kaýda, ygy kaýda, aýgyt edip bilmän
oturmagymyzyň hem düýp sebäbi hut şu näbellilik.
Giçden soň meniň pikirim şemalyň üýtgeýşi
ýaly bir tarapdan beýleki bir tarapa üýtgedi. Ahmet
aganyň bolsa, gidişi gidiş bolupdy. Onuň gelerin
diýen öýlän ötüp, wagt eýýäm indi gijä sanyp ugrapdy. Men öz ýanymdan Ahmet aga geldigi howlukmaç
naharlanyp, atlanyp ýola düşmegi göz öňünde tutup
otyrdym. Ol welin ýene-de wagty bilen gara bermedi. Telim gezek gidip-gidip töwerekdäki alaňlaryň
üstünde oturyp, ýol garap geldim. Jany ýananyň
dili uzyn bolýan eken. Özüme, Ahmet aga käýinip
gördüm. Ýöne munuň bilenem üýtgän zat bolmady.
Ýene bir-de bolsa: «Eglense eglener-dä, ykmanda
basmaça-ýenekä gabat gelmedik bolsa bolýar, sagaman gelen ýeri bolýar» diýip, özümi köşeşdirip oýlandym, Ahyrdi bolsa onuň ertiriň bir ýerinde gara
bererine garaşmakdan başga alaç galmady. Ýatmak
üçin öz düşegimi düşän mahalym, geläýse diýen
pikir bilen Ahmet aga üçin hem gapdalymda ýatar
ýaly ýer taýynladym. Näçe dymyp ýatanam bolsam,
meniň bu gije gözüme uky gelmeýärdi. Köw tarapdan wagtal-wagtal hüwiň sesi eşidilýärdi. Göwnüme
bolsa häzir ýyldyzlaryň aşagynda bir Aýnabat ikimiz
galan ýalydyk. Dünýäde bizden başga janly-jemende
bara meňzänok, sereden ýeriň çakyr ümsümlik bolup
dur. Maňa Aýnabadyň gümmezekläp duran sagrysy
görünýär. Ol meniň bäş-on metr beýle ýanymda ýazynan düşeginiň üstünde kese bakyp, ýanyn ýatyr.
Başymda her hili oý-pikirleri aýlap-bugaryp,
boýlap oňa berlip ýatyşyma ahyram şeýtanyň alyna
368
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ylygdym öýdýän?.. Ýüregi bire baglap, bagty synap
görmek pikiri kelläme gelýär. Ýöne birbada ýürek
edip bilemok. «Zenan kim ilki onuň etegine el ursa,
şoňkudyr» diýip, tijenip, ýüregi bire baglamaga
özüme dalda etmekçi bolýaryn. Şeýtsem, ol ygtyýaryny eldeň berer, zenan maşgalanyň süňňi erkek kişiň
ysyny alsa gowşaýarmyş, Aýnabat bilenem hut şeýle
bolar, süňňünde dörän hyjuw ony maňa tabyn eder,
özünde meýlimiň bardygyny bolsa, men oňa nazarym
bilen ýaňzydypdym diýip oýlanýaryn. Pikirim: «Yza
çekilme, hiç haçanam mundan amatly wagt bolmaz,
ýüregiňi diýip gal, çekilseň, ýene çekilersiň, soň
beýtmek seniň endigiňe öwrüler» diýýär. — Aýnabat! — Men onuň iki-üç ädimliginde «Näme oglan?»
diýip, süýjülik bilen dodaklaryň arasyndan sozup
çykjak jogabyna garaşyp, onuň adyny tutýan hem
häzir onuň özüm hakynda ýakymly pikirler bilen
oýlanyp ýatanyny pikir edýärin. Tolgunmadan ýaňa
ýüregim gürsüldäp süňňüme sarsgyn berýär.
Aýnabat meniň höwese berlip, üstüne abanyp
oturanymy görüp, tisginip ýerinden galyp, düýrükdi.
Bürenjegi bada-bat başyna bürenmegi unudany üçin
men onuň ýüzüni gijäniň çal perdesiniň aňyrsynda
ýene bir gezek gördüm. Onýança-da men heniz
aňyrdan aýdaryn diýip belläp-belläp gelen sezlerimi
aýtmaga başlap-başlamankam, Aýnabat syçrap,
garaşylmadyk bir çusluk bilen meniň dulugyma
suňşurdy.
— Ýok bol, ýerçeken!.. Ol ýerde galan ärleriň
haýsy birisi senden kemdi?
369
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Ýene bir zat, onuň nazarynyň ot bolup ýalpyldap gideni ýadymda. Men ot alan ýaly bolup giden
dulugymy sypalap, lapykeç yzyma öwrüldim. Agzym
laplap kepipdir. Dilim öl ýerde bir gataňsy zada
süýkenip durana menzeýär. Şu äm-sämligiň arasy
bilen garaşan jogabym bolmasa-da, garaz, bir jogap
alandygym hakyndaky pikir kelläme gelýär.
Şundan soň golaýda durmagy özüme uslyp
bilmän, yraw-daraw ýäräp düýn giçlik Ahmet aganyň
ýoluna sereden alaňyma tarap ugraýan. Men çägäniň
üstünde kellesine taýak degen ýaly saňsar bolup
otyryn. Hälim-şindi Aýnabadyň tekrarlap aýdan
gazaply gepi meniň gulagymda ýaňlanýardy.
«...Ol ýerde galan ärleriň haýsy birisi senden
kemdi?..»
Göz öňümde bolsa henizem, men golaýlan wagtym tisginip syçrap, elheder alyp, ýüzüme ýüzkessir
şarpyk çalan Aýnabadyň keşbidi.
Asmanyň ýüzi ýyldyzdan dolupdyr. Ol häzir endam-janyna çapraz bary dakylan görümsiziň donuna
meňzeş. Anha Ýedigen, ol öz görnüşi bilen ýekebara
ýyldyzlardan has täsirli, olaryň häzir hemmesi-de
maňa gyjytly seredişýärdiler. Ýyldyzlaryň ýüzünden
men «hä, ýigid-ä iş bitird-ow» diýen ýaňsyly manyny
okaýardym.
Aýnabadyň uklandygyny çak edemsoň, biraz
gözümiň awusyny almak niýeti bilen yzyma dolandym. Gelsem, ol bir elini kellesiniň aşagyna ýassyk
edinip, öňki ýatyşyny ýatladyp ýatan eken. Bolangoýan zatlar hakynda ýene-de birsalym oýurganyp
370
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ýatamsoň, gijäniň bir wagty menem uka gidipdirin.
Duýdansyz kükregime gütüläp degen demir meni
ukudan açdy. Bir görsem, Aýnabat meniň kükregime
tüpeň gezäp, jellat bolup dur.
— Oýan, ýerçeken!
— Aýnabat...
Janam bir süýji zat. Rejäniň geň däldigini badabat syzdym. Elimiň tersi bilen, janhowluna iki aýagymy bir gonja sokan tüpeňi gapdala kakanymam şoldy
welin, tüpeňem pöwhüldäp, gijäni sarsdyryp göçdi.
Urgynyň badyna Aýnabat yza tesip, çaýkandy. Men
janhowluma atylyp baryp, onuň elindäki tüpeňimden
ýapyşdym. Ok meniň çep elimiň goltuk aralykdaky
ýumry eti aşyklynyň eti ýaly silkip geçen eken.
Aýnabadyň ýaragyny elinden aljak bolup onuň
bilen şol idenekleşip, çekeleşip durkam men göçüp,
janyýangynlyk bilen onuň degnasyna deger diýen
sözleri dile alyp sögünýärdim.
— Haram ganjyk diýerler saňa. Hezzet ýaraşmaz
heleý, heý bir adamy sähelçe zat üçin ataýmak
bolarmy. Her bir «maňa heleý bol!» diýeniň kükregini
garaltjak bolsaň, sen tizden erkek göbeklä saýhal
berersiň... — diýýärdim.
Silterleý-silterleý onuň elindäki ýaragy öz elime
alamsoň, yza çekilip, haklaşmak üçin tüpeňi taýak
tutan ýaly edip tutýaryn.
Ýöne şol arada meniň nazarym garaşylmadyk
bir görnüşe düşdi. Çekeleşik mahaly gelniň ýyrtylan
köýneginden onuň bir taý göwsi sähelçe çykan ekeni.
Ine, ujy garaly oýmaga meňzäp, tözlenip duran şol
371
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
göwüs meni akylyma aýlady. Özümiň kim bilen deň
bolýanym, kimi duşman saýyp, ar almakçy bolýanym ýadyma düşdi. Ýogsam, meniň ony duşman
hökmünde ýagşy depgiläsim-ä gelýärdi, indi gaýdyp
ýaraga el uzadanda, süňňi saňňyldar derejesine
ýetirmekçidim, soňundanam ýüp bilen sarap, tä
Ahmet aga gelýänçä, el-aýagyny güýlüp zyňaýsam
diýen pikire gelipdim. Yzysüre onuň biraz mundan
öň janymy bermäge kaýyl bolan maşgalamdygy, şol
iki-üç günden bäri ýere-göge dözmän, apalap ýören,
hyýalymda duşuşyp, telim gezek süýjeşip oturan
maşgalamdygy meniň ýadyma düşürdi.
Gelniň saçlary häzir tar-tar bolup çöşlenip egnine, ýüzüne dökülipdir. Ol tutuş bedeni bilen elenip
saňňyldaýar. Dil geplemese-de, onuň nazary maňa:
«Men-ä şeýtdim, hany senem et eliňden gelenini,
indi ýarag seň eliňde!» diýýär. Men oňa birsalym
dikanlap seredip duramsoň, hiç zat diýmän yzyma
öwrülip, ýaramy daňmak üçin goşa tarap gaýtdym.
Daş-töwerek ýagtylyp, wagt düýnki gelen wagtymyza
ýakynlap ýören eken.
Ahmet agadan welin, henizem derek ýokdy.
Aýnabat birsalym şol bir duran ýerinde sömelip
duransoň, aşak oturyp, içi-içine sygman, eginlerini
silkip aglady. Men oňa edýäniň näme-de diýmedim.
Goý, aglap-zat edip, birneme egsilsin!
Başardygymdan ýaramy daňyp, çaý içip, Ahmet
aga ýene-de guşluga çenli garaşdym. Men öz ýanymdan, atlary suwlap, suwdan geregimi edinip turmaly,
ýolugra bolsa Ahmet aganyň giden obasyna degip,
372
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ony sorap geçmeli diýen karara geldim. Suwdan ýagşy
ýükümizi tutmak maksady bilen guýudan suw alan
mahalym, ýaraly elim bilen bir özüme bu işiň ýeňil
düşmejegini ýatlap, Aýnabady kömege çagyrdym.
— Suw almaly welin, biraz kömek et, Aýnabat!
Ol sessiz ornundan turup, meniň ýanyma geldi.
Biz iki bolup, düýäniň kömegi bilen suwly gowany guýudan çekip aldyk. Ilki ýanymyz bilen ýola
aljak suw gaplarymyzy suwdan dolduryşdyrdyk.
Soňundanam guýynyň başyna getirip, meniň atym
bilen düýäni suwdan gandyrýarys. Şu halatda meniň
mundan biraz öň bolup geçen harasat ýadyma düşýär.
Belki, häzir Aýnabadam bu harasady ýatlaýandyr.
Ýöne bu barada häzir biziň hiç birimiz hem dil ýaramzok. Hamala, bu harasat gopmadyk ýaly.
Çykalan gamyş bilen guýynyň üstüni ýapyp,
öňküsi ýaly edip pugtalap durkam, Aýnabadyň
aşaklyk bilen özümde syn saklap, seredip duranyny görýärin. Onuň bu düşnüksiz garaýşy meniň
özümi çümmükläp ýene-de bir gezek janymy barlap
görmegime sebäp bolýar: «Häý, gyrnajyg-a, ýene bir
oýun turuzmagyň kül-külüne düşüpdir-ow» diýip
oýlanýaryn. Bäş sany okuň kisämdedigini, özge
oklaryň bada-bat onuň eleterinden uzakdadygyny
ýatlaýaryn. Horjuny bolsa men indi ikinji gezek
ahmal galmazlyk üçin gözümden salmaýardym,
tüpeň ýa-da şuňa meňzeş eline düşen bir zat bilen
özümi urup ýatyrmaga bolsa, aňsat onuň bognunyň
ysmajagyny pikir edýärdim. Biz ýola çykan mahalymyz Hywa tarapdan süňňüne çöl otlarynyň ysyny
siňdiren, şeýle-de biraz ýalyn gatyşykly sähraýy
373
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
şemal öwüsýärdi. Garasarlar bölek-bölek bolşup,
pasyrdaşyp biziň depämizden uçuşyp gelýärdiler.
Güýz düşeli bäri şöhlesi kemelip, täsiri azalyp ýören
Gün lowurdap, şähdaçyklyk bilen biziň depämizden
çöle ser salyp otyrdy.
Aýnabadyň gopduran harasady ýadyma düşýänligi
üçin, bir tötänlik bilen kükregime niýetlenen okuň
elimden degmedik halatynda, özümiň häzir çöli synlamak bagtymdan hemişelik düwne boljak ekenligimi
ýatlaýanym üçin, häzir maňa çölüň bu görnüşlerini
synlamak hem oňa guwanmak ýakymlydy. Şeýle-de,
başyň dik mahaly dünýäniň hany-manyna şärik bolup ýaşamagyň gowudygy hakda, Zelili şahyrdan çen
tutup: «Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr» diýip
oýlanýardym.
Takyrdan çykan ýerimizde, bize töweregine sygyrlaryny pytradyp oturan çopan gabat geldi. Çopan hor
ýüzüne neşäň reňki ornan, ýörän mahaly bir aýagyny
agsap alýan, geçi sakgal adamdy. Ýaşy uly hem bolsa,
bizi görüp, onuň özi ilki salam berdi. Soňundanam:
«Nasyň-a ýokdur, halypa!» diýip, çylpykly, gözlerini
ýumjukladyp, pukara bolup meniň ýüzüme seretdi.
— Ýok — diýip, men bu bendä delalatymyň degmejegini ýatlap, kibtimi gysdym.
— Temmäkiň bolsa-da bolar. — Ol bäş barmagyny
bir ýere jemläp, alsamam, ine, şundan kän almaryn
diýen äheňde çümmügini görkezýär. «Ýok» sözi
ikinji gezek gaýtalan mahalym, onuň ýüzüniň has-da
agralanyny görýärin.
— Onda tirýegem ýokdur sende?
374
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Ýok, men bineşe, agam.
— Onda, inim, bolanyna görä şu heleýiňem almaly
däl ekeniň! — diýip, çopan Aýnabada tarap baş atyp,
maňa kejigýär.
— Ýaşuly, siz Halyk sopy diýen birin-ä tanaýan
dälsiňiz? — diýip, men yzyna öwrülip gidibermekçi
bolanda, ondan habar soradym.
— Şol geçen ýyl kesellände, it etini iýip açylan
Halykmy? — diýip, çopan bize tarap öwrülýär.
— Onçasyny biljek däl, ýaşuly!
— Sen bilmeseň, biz bilýäs — diýip, ol meni
Halygyň bir ýakynydyr öýdüp, menden neşe
ugrundan zat alyp bilmedigine jany ýanyp, kinaýa
bilen onuň üstünden düşüp ugraýar. — Seniň ol
sopujygyň Hudaýnazar balaň sary köpegini Öwez
neşä soýduryp iýdi. Onuň şeýdenini oba bilýär. Men
indi onuň bilen toý-sadakada hem ýoldaş bolamok.
Şuny senem eşidip goý!
Maňa diňe häzir bu bendäniň akylynyň hem
biraz kem kakýandygy mälim boldy. Indi bir ýol
bilen munuň göwni tapylaýmasa, ol maňa «hä»
diýmese gerek. Men onuň ýanyna soraşyp-ideşmek
üçin, ýagdaýy bolsa iberip, Halygyň öýünden habar
tutdurmak üçin sowlupdym. Özüm gitmekden
kimdir biriniň üsti bilen habar tutmak meniň üçin
has atlydy. Gidäýenimde-de Aýnabady hem ýanym
bilen alyp gitmeli boljakdym. Ony bu ýerde galdyryp
gitmäge bolsa, onuň goýan ýerimde garaşyp oturjagyna mende ynam ýokdy.
— Me, ýaşuly, nas alarsyň, ýol ugruna bolsa,
Halygyň öýüne degersiň, onuň öýünde myhmanynyň
375
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
baryny-ýoguny bilersiň — diýip, oňa birnäçe pul
uzadýaryn. Ýaşuly pullary alyp, gysymyna gysyp
durşuna, oba gidip gelmek üçin maňa sygyrlaryny
tabşyryşdyryp ugraýar.
— Sygyrlara göz-gulak bolmalysyň ýöne! Özüňem
oba taraprakda bolgun. Garnyny doýursa gaçyptezeni tapylar. Suhanyň sygryny bolsa hijem gözden
salmagyn. — Ol soňra elini uzadyp, özge sygyrlardan
saýlan bir şahsyz kelek sygry maňa görkezýär.
— Sygyrlaryndan nadynç bolma. Olary gaçyryptezdirmen. Bozdumanyň öňünde olaryň gaçyp-sypjak
ýeri bolmaz — diýip, men ony arkaýyn etmek üçin
münüp oturan atymyň boýnuna kakýaryn. Ol meniň
sözümi göwnüne jaý edenson, elindäki kirli düwünçegi ýerde ýatan taýagyň gapdalyna atyp, sygyrlaryň
arasyna goşulyp, otlap ýören eşegini kowalap tutup,
howlukmaç ýola düşmek bilen boldy.
Gün öýläne sanan uçurlary çopan aňyrdan
eşegini debsiläp geldi. Häzir onuň keýpi kökdi. Onuň
neşesizlik beladan dynandygyny duýmak kyn däldi.
Agyr durmuşyň möhri galan ýüzi öňküsine görä
biraz ýagjaryp täzelenipdir. Ol maňa nasly agzyny
pakgyldadyp durşuna, özüniň ilki bir neşekeşiňkä
baryp, birki baş tüýdük soranyny, soň Halygyň öýüne
barşyny, onuň Sapardurdynyň ganjygyndan bolan
itiniň täzesi, çykyp haý-küş edýänçä, özüni öýe golaý
goýbermändigini aýdyp, gerekmejek derejede jikmejik maglumat berip ugrady. Maňa diňe bir salymdan
soň Ahmet aganyň Halyklarda düşläňdigi, ondanam
atlanyp, Halyk bilen goňşy obalaryň birine gidendigi
belli boldy.
376
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Haý, ýoldaş-a saýlap beren eken-ow — diýip,
men hyýalymda Arnageldi agadan nägile boldum.
Ýa-da töwekgeliň işini Taňry oňar edip, Aýnabady
hem alyp, niredesiň Hywa diýip, Ahmet agany bolsa,
nätse-şeýtsine galdyryp gidibersemmikäm? Indi goý,
onuň özi bizi gözläp tapsyn. Ýoly men ilden soramaly
däl, bu ýol meniň alty ýyllap torç edip gatnan ýolum.
Pikirim düýeden düşüp, töwerege aýlanyp, gelip
ýene-de düýä münen Aýnabadyň töwereginde aýlanyp-öwrülýär. Maslahat kelte bolmaz ýaly, şuňa-da
sala salaýsammykam diýip, özüme geňeşip görýärin.
Şol arada şeýdäýsem, Aýnabadyň: «Hä-ä, indi büýä
gaçaryny tükedip, syrtyny çöpe diredi-ow. Garry köpek muň hut hakyndan çykdy-da» diýip, böwregini
bökdürip, oýlanaýmagynyň ahmaldygy ýadyma
düşýär. Soňundanam ýene muňa syr bildirmezlikden
gowsy bolmaz diýen karara gelýärin.
Häzir men keýpihon çopan bilen ondan-mundan
gürrüň edip durşuma, alasarmyk bir pursady
başymdan geçirýärdim.
* * *
Biz gijäniň bir wagtyna çenli ýol ýöräp, ýadap,
düňderilip oturan goýun guýruk depäniň ýeňsesinde,
şemaldan sowarak orny peýläp, birsalym aýaklary
uzyn salyp, dem-dynç almak niýeti bilen goşumyzy
düşürdik. Bu ýerden oba hem bir çakrymdan uzak
bolmaly däl. Biri-birlerinden beleň alşyp, üýrýän
itleriň gowurdylary kemsiz eşidilýärdi. Eşekler
içgişip-içgişip aňňyrýardylar.
377
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Ir ertir meni Aýnabadyň basyksy sesi oýardy.
— Magsut, tur!
«Haý, bu gyrnajyg-a meni öz günüme goýjak dälow». Aýnabadyň sesini eşidip, meniň ilki kelläme
gelen pikir şu boldy. Onuň kükregime tüpeň çenäp,
dyza-nyp durşy gözümiň öňüne geldi. Gözümi
açmazdan öň, ýaragymy goýan ýerimi — ýassygymyň
aşagyny ýatlap, indi bir soňa galaýmaýyn diýen
pikir bilen bada-bat şol ýere elimi urdum. Howsala
bilen gözümi açan mahalym Aýnabat beýle ýanymda
bürenjegiň arkasyndan özüme seredip, bir habar
bilen meniň turaryma garaşyp duran eken.
— Turuň!
— Hä, näme?
— Tejen aýagyndan birki sany atly-düýeli adam
göründi.
— Bize tarap gelýärmi?
— Hawa.
Aýnabadyň elini uzadan tarapyna sereden wagtym, ýapyň ýüzünde besse-besse bolşup özüme tarap
inip gelýän aýak yzlaryny gördüm. Hüşgärligi elden
bermeli däldigimi ýatlap, horjunyň düýbündäki okly
düwünçegi ýanyma alamsoň, Aýnabada gozganman
şu ýerde, goşuň ýanynda bolmagy tabşyryp, özüm
awuny çemeleýän awça meňzäp, ýapa ýarmaşmak
bilen boldum.
Üç-dört adamlyk, iki düýeden, üç atlydan ybarat
çaklaňja kerwen ýeriň pesi bilen öz maýdalyna ýöräp
gelýän eken. Kerweniň öňünde iki sany atly atlaryny
ýanaşyk sürüp gelýär. Häzir bu ýerden görünmese378
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
de, yzdan gelýän düýeleriň owsary şol iki atlynyň
birisiniň tirseginde bolmaly. Düýeler atlylaryň inen
ýerinden inişip, çykan ýerinden çykyşyp gelýärler. Yzdan kiçijik bölegi jemläp gelýän atlynyň öň
ýanynda ýene-de kimdir biriniň yranyp gelşi gözüme
ilýär. Öňden gelýän iki atlynyň özara hümürdisi
barha maňa golaýlaşýar. Yzdaky atlynyň öňüne
düşüp gelýän pyýadanyň eliniň baglydygyny gören
mahalym, maňa onuň bu atlylaryň jany agyrjak adamsy däldigi, şeýle-de atlylaryň özleriniň hem oňly
adamlar däldigi aýan bolýar.
Güýç deň däl, eger mümkin bolsa, bu adamlara
degmeli däldigim hakynda, özüňden güýçlä duşarsyň
diýip, dileg bilen gapdaldan geçirip goýbermelidigim
hakynda, gapyllykda bir zat edäýmeseň, bir ýapa
ýaplanansonlar, üç adamyň bir adama per bermejegi
hakynda oýlanýaryn. Atyşan bolup Aýnabady elden
aldyrsyň diýen pikir kelläme gelýär. Şu pikirlerden
soň men birhowa öz ýanymdan atmaly däl, görünmelem däl diýen netijä gelýärin. Atlylar tarapa seretdirip, çemeläp goýan tüpeňimi göräýmesinler diýen
pikir bilen aşak, özüme tarap çekýärin. Birdenem
Ahmet aganyň münen atyny tanap «hih» edip içimi
çekenimi duýman galýaryn. Yzdaky düýäniň tirkegi
şol iki bakan çaýkanyp, ýola sygmaýan ýaly gelýän
onuň özi bolsa näme. Häý, bagtygara sen mundan
çykdyň-ow diýin oýlanýaryn. Bu bolup gelşini görüp,
oňa meniň nebsim agyrdy, ýolboýy eden kinämi hem
bada-bat unutdym. Meniň ýaplanyp ýatan ýapymyň
ýüz, ýüz elli ädimliginde şuňa meňzeş ýene-de bir
ýapy bardy. Nyşana almak üçin men öz oturan ýerim379
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
den ol ýeri amat bildim. Süýşenekläp aşak indimde, sil köwen çukuryň içi bilen ýöräp, barybam şol
depäniň ýeňsesine ýaplandym.
Tüpeň sesi ümsümligi endiretdi. Zähresi ýarylan
atlaryň hersi segreşip özlerini bir ýana zyňdylar.
Atlylardan birisi bada-bagg özüni atdan ýere oklady. Ikinji birisi bolsa atynyň boýnundan gujaklap,
soňundanam sallanyp nirä giderini bilmän ters aýlanyp duran boz atyň aýak astyna düşdi. Ilkinji atylan
okuň ýerine düşendigi diňe şundan soň mälim boldy.
Duran-duran ýerlerinden goranyşa geçen beýleki
iki atly ýerli-ýerden ok atyşyp, meniň bilen garşylykly
söweşe geçdiler. Töweregi yzly-yzyna atylýan tüpeň
sesleri eýeledi.
Men öz ýatan ýerimi okuň has köp gelýän ýeri
hasap edenim üçin, togarlanyp on-on bäş ädim gapdala göçüm eden mahalym, goşlaryň ýanynda galan
Aýnabadyň meniň bolşumy görüp, aýak üstüne galyp
ýakasyny tutanyny görýärin. Ol meniň togarlanyp
barýanymy görüp, ok degendir öýtdümi, nämemi,
ylgaşlap maňa tarap gaýtdy. Ornumy üýtgedip juda
dogry eden ekenim, bu ýerde ýaňky öňden gelýän
ikinji atlynyň bir egni görünýär. Ol öňi kert ýalpagrak çukuryň içinde çommalyp oturyşyna, yzlyyzyna öňki ok çykýan ýeri nyşanalap ok ýagdyrýar.
Garaşylmadyk ýerden çykan ok ony çykgynsyz
bir güne goýdy. Ýaragy elinden gaçdy. Soňundanam
içinden bir zat tutýan ýaly elleri bilen garnyny
gujaklap gark bolup barýanyň sesi bilen gygyryp,
çukuryň içinde birsalym iki bakan togarlandy.
Bu ýagdaý üçünji atlynyň hem salyny gowşadyp,
380
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
gonjuna gor guýany belli boldy. Ol ok atmasyny
kiparlatman süýşenekläp, gorkuşyp bir-birleriniň
daşyna aýlanyşyp, basga düşüşip duran düýeleriň
aňyrsyna çekildi. Garşydan atylan şol oklaryň birisi
meniň sähelçe görnen kellämiň depesini, gulpak
ýerimiň birini ýalap ötdi. Men yza çekilip ýüzüme
inen gany süpürip, tüpeňiň gundagyna ikilenç ýaplanan wagtym, şol Ahmet maýyly süýrekläp alyp
gelýän atlylaryň birisiniň howlukmaç atyny debsiläp
ara açyp, gaçyp barýanyny gördüm. Soňra meniň
çemelenip-çemelenip atan oklarymyň hijisem onuň
yzyndan ýetip bilmedi.
Düýeleriň ýanynda atlaryň diňe birisi, eýerine düýäň owsarynyň bir ujy berkidilen at galdy.
Atlaryň beýlekileri bolsa şol gaçan atlynyň yzy bilen
ümdüzine tutduryp gaçyp gitdiler. Apyla-sapyla
sowlamsoň, men düýeleriň bäri ýanynda uzalyp ýatan Ahmet aganyň halyndan habar almaga geldim.
Beýlerägimde çägäni dyzanaklap oturan Aýnabat
hem şundan soň ör turup, meniň yzyma düşdi. Ahmet
aga ýolda görgi baryny gören bolmaly, onuň ýüzgözünde gan-pet galmandyr. Süýri uzyn tüýi düşüp
ugran kelläniň telim ýeri güberip çişipdir. Ol özüni
bilýän-de bolsa, wagty bilen agyz-dile gelip bilmän
ýatdy. Onuň suwsuzlykdan çişen dili owurdyna sygman agzyndan çykara gelen eken. Men suwsuzlykdan
diliň çişýänini eşitsem-de, bu güne çenli beýle waka
bilen ýüzbe-ýüz bolup görmändim.
Ahmet agany getirip, düşekde ýatyranymyzdan
soň, Aýnabat bir esgini ölläp, onuň çaňsyran dilini,
ýüz-gözlerini süpürişdirdi. Men haýal etmän, aýak
381
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
üstünde bolanlygynda Ahmet aganyň bu işi özüme
ynanmajagyny ýatlap, oňa çaý bermek niýeti bilen
tüňçeleriň aşagyna ot ýakdym. Tüňçeleriň gyzaryna mähetdel Aýnabat olaryň birini alyp, ellerini
çyzgady-da, Ahmet aganyň çişen dilini ýuwmaga
oturdy...
Sowaşdygym saýy meniň tenimdäki ýaralarymyň
ikisi iki ýerden agyryp ýüregime düşüp ugrady. Bir
çökemsoň, wagty bilen ýerimden galasym gelmedi.
Ony getirip, muny äkidip, Aýnabada kömek edesim
gelse-de, soňra meniň hiç zada gurbum çatmady.
Aýnabat hem meniň bu halymdan habarly ýaly
ýumuş bilen ýüzlenmedi. Ähli işleri galyp-gopup,
özi edişdiriberdi.
Ahmet aganyň dili ikinji tüňçe boşaberende kemkemden öz kaddyna gelip ugrady. Ol birki owurt
gyzgyn çaý owurtlap, bazzyk-buzzuk ol-bi sözüň
başyny çatyp ugran mahaly, töweregi Günüň tomusdaky ýaly ýiti, şöhleleri eýeläpdi, meniň ýaralaryma
bolsa diňe şundan soň Aýnabadyň eli ýetdi. Ol meniň
kellämi gan köp gitmezligi üçin ot goýup saran
wagty mana ýene bir gezek onuň ak boýnuny, şol
uzyn boýnuň töwereginde bulaşan çokul saçlary
görmäge, saçlaryň arasyndan göterilýän ýakymly
ysy ysgamaga maý boldy. Ahmet aga çaý içip, biraz
agyz-dile gelensoň, özüniň nädip bu adamlara gabat
gelip ýörşüni ýatlady.
Birki aýlykda dosty Halyk oňa: «Gelip git, bu
ýerde bir sen tap dul maşgala bar, bizem heleý bilen
onuň ýanynda seniň tarypyňy ýetirdik, ol özümem
382
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bir görüp, şonuň bilen gepleşip sözleşip göräýsem
diýýär» diýip habar eden eken. Ol biziň ýanymyzdan
gidip, göni şol dostunyňka barypdyr. Ahmet aganyň
öz aýtmagyna görä, ol bu gelinli habary Arnageldi aga
hem aýdypdyr. Ol bolsa Ahmet aga: «Beýle bähbidiň
bolsa onda ondan galma, ýolugra ondanam habar alyn
geçäýerler» diýip, ony meniň ýanyma goşupdyr. Hem:
«Indi, zalywat, heleý alsaň, berkirägini al, özüňi
öldürmän, ölmez ýalysy bolsun!» diýip, degşipdir.
Dosty Halyk: «Ejiziňi bir görüp geç!» diýip, onuň
göwnüni bölmedik bolanlygynda, Ahmet aga ol gelni
näçe göresi gelse-de, sabyrlylyk etmegi, onuň ýanyna
Hywadan geliş ugrumyza barmagy, eger şol durmuşa
çykjak zenan özi bilen gitme hyýaly bolsa, şonda ony
alyp gidibermäge-de amat boljagyny göz öňünde tutan
eken. Elbetde, ol bu pikire ýapyda oturyp, men bilen
eden maslahatyndan soň gelipdir. Eger şol gezek men
sähel gowşak duraýan bolanlygymda, onuň maksady
Aýnabady şu ýerde kimdir birine çatyp, soňam başa
gelenini görüberdik-dä diýip, öz gerek daşyny gola
salansoň, meni yryp yzyna dolanyp gaýdybermekde
eken. Entek belli bir zadyň ýoklugy üçin, şeýle-de ol
zenan «Maňa munuň ýaly är gerek däl» diýäýen ýagdaýynda, şaýat hökmünde meni görende, soňuňdan
utanmazlyk üçin, tä bu hyýaldaky pikirler hakykada
ýakynlaşýança, Ahmet aga bu matlabyny menden
syr hökmünde gizlemegi niýet edinen eken. Diňe şu
gürrüňlerden soň, onuň ýolboýy kakynyp-silkinip,
ýigitsiräp gelmeginiň sebäbi maňa düşnükli boldy.
Men bolsa onuň eselip boluberşini synlap, «Garry
oýnasa gaý turar» diýenleri bold-ow büý-ä» diýip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 19
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.