Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 03

Total number of words is 3566
Total number of unique words is 2040
32.3 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
onuň sözlerinden uýalyp, beýle uzak geplemegiň
gerek däldigini ýüzünde mälim edip, ýeňsesini gaşan
bolup durdy. Soňundan bolsa ahyr durup bilmän,
onuň sözüni böldi.
46
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Aleksandr Pawlowiç, ähli zady häzir aýdyp
gutaraýmaň, tanyşlykdan soňam soraşara-gürleşere
bir zat gerek ahyryn? — diýdi.
— Hommat rus dilini ganymat gürleýän eken,
gürrüňçilik mahalynda ol az geplese-de, men muny
duýdum hem gowy dil bilýän adam bilen ýola ýoldaş
bolmagyň gowulygy hakynda oýlandym.
Biz töwerek bolup uzak ýola gerek bolaýjak zatlary ýatlaşyp oturdyk.
Hommat maslahat bişirdim edilenden soň, bellik
edişdiren kagyzyny epleşdirip kisesine saldy-da, biraz dem-dynç almakçydygyny aýdyp turmakçy boldy.
— Hä, sen git, çölden gelen adamsyň! — diýip,
Wladyçuk oňa seredip ýylgyryp goýberdi. Soňundan
bolsa bir çopan tanşynyň bardygyny aýdyp, ondan
eşiden bir gürrüňini ýatlady. Hommada degip:
— Şu bir aý, aý ýarym çölde bolup dolanyp gelýän
welin, keýwanynyň çorly aýaklaram gözüme ap-akja
bolup görünýär diýýär diýdi. Şol çynmy?
Hommat jogap ýerine ýüzüne utanç alamatlaryny
ýaýradyp ýylgyrdy. Ol turup hoşlaşyp gidensoňam
yzyndan biz ýene-de biraz onuň gürrüňini etdik. Wladyçuk bilen Gyzyl goşunda onuň ýoly kesişen ekeni.
— Az gepli, dymmarak diýmeseň ýigitligi hiç
neneň däldir, özi-de gaty mergendir — diýip, Aleksandr Pawlowiç onuň gürrüňini berdi.
Hemmeler hoşlaşyp gidenden soň çyrajygymy
söndürip, men ýene-de öz öýümdäki oýlanmaga mümkinçilik berýän çolalyk bilen ikiçäk galdym.
47
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Yzymdan Petrograddaky köne tanşym Fedor Karinden gelen hat meniň üçin bu ülke bilen baglanyşykly
ýene-de bir täzelik açdy. Onuň bilen men Germaniýanyň çeperçilik akademiýasynda bileräk bir wagtda
okapdym. Şol-da biziň tanyşlygymyzyň başy bolupdy. Ol ýerden dolanyp gelenimizden soň hem biz
gatnaşykda bolupdyk. Häli-şindi duşuşyp, geçen
günleri ýatlaşyp, öz döreden işlerimiz hakynda pikir
alşyp oturardyk. Bir ýola duşanymyzda ol özüniň
ýarym ýyl bäri medisina fakultetinde okaýanyny,
agasy ýaly wraç bolmagy maksat edinenini aýdybam, meni geň galdyrypdy. Ýogsam, ol geljegine
umyt edilýän ýaşlaryň biridi ahyryn. Ýöne onda
hudožnige gelişmejek ýaltalygyň bardygy hem biraz
duýulýardy. Işlerini çakdanaşa uzak çekmek häsiýeti
bardy, şu ýagdaýlar hem onuň pikirlenmegine sebäp
bolan bolmagy ahmal...
«Andreý Andreýewiç, gardaş, gör, sen nirelerden
çykan ekeniň? Daraklygyňa galyp, aňryňy boýurganyp gör, indi ýeriň aýak ujy-da seniň töweregiňden
juda bir uzakda bolmaly däl» — diýip, Kariniň haty
ýarym degişme bilen başlanýardy. — Men şol wagtlaram aýdýadym-a saňa, ejeňden sorap gör, sen bäbek
günleriň bir zerurlyk bolup ýa-da kiçijik güjüjeklere
goşulyp oýnap ýörkäň olaryň enesini emensiň!...
Ýakynda Lena duşdum, hal-ýagdaý soraşyp durduk.
Seniň Orta Aziýa gideniňi hem şondan eşitdim. Geň
48
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
galmadym, näme geň galyp, men seniň gezmegi gowy
görýäniňe näbeletmi näme. Ýöne gitmeziňden öň ol
ýere gitmekçi bolýanyňy eşiden bolsam, seniň bilen
hökman duşuşardym hem-de saňa türkmenler bilen
bagly bolan birnäçe zatlary gürrüň bererdim. Sen
henizem syýahat meselesinde, öňki pikiriňdesiň diýip
tama edýärin! Ýadyňda bolsa, seniň özüň birwagt
maňa: «Baran ýurduň taryhy bilen, adamlaryň
gylyk häsiýeti bilen gyzyklan, şonda syýahatyň has
gyzykly hem manyly bolar» — diýip, gezmegi juda
bir halamaýanlygymy, ondan ýatanymy-oýurgananymy gowy görýändigimi aýdanymda diýipdiň. Belli
zat, sen ol ýerde-de halk bilen, onuň taryhy bilen
gyzyklanýansyň!
Indi bolsa, hut şonuň üçinem meni diňle! Saňa ol
ýerde han Ýomudskiler bilen tanyşmagy maslahat
berýärin. Biziň familiýamyzy aýdyp baraýmalydyr.
Olar biziň ata-baba dostumyzdyr, gadyrly gatnaşýan
maşgalamyzdyr. Diňe bir geçmişdäki rus-türkmen
gatnaşygynda däl, ol Russiýada ylymly-bilimli bolup
çykan adamlar respublikanyň häzirki gününde-de öz
rollaryny oýnaýan bolmaly. Häzirem Ýomudskileriň
magaryf işini alyp barýandyklaryndan habarym
bar. Men saňa has düşnükli bolar ýaly, käbir zatlary
gürrüň bereýin.
Meniň atama Fýodor Ýewgrafowiç Karin diýýärler. Meni-de şonuň hormatyna Fýodyr diýip atlandyrypdyrlar. Ol Murawýowyň ýolbaşçylyk eden ekspedisiýasynda bolup, Kaspi deňziniň ýakasynda ýaşaýan
49
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
türkmenler bilen düşünişip, dostlukly aragatnaşygy
gazanan, ol halkyň ynamyna giren rus adamlarynyň
ilkinjileriniň biri bolupdyr. Onuň syýahat mahaly
ýöreden ýazgylary meniň aýal doganymyňkyda bar.
Petrograda gaýdyp gelensoň gyzyklansoň, ol ýazgylary özüňkiler bilen deňeşdirerin diýseň, ony-da
tapyp bolar. Atamyň ol ýazgylary neşir edilen zat
däl, ýöne jiltlenipdir, tertibe salnyp hem-de kitaplara
berlişi ýaly at hem berlip, «Kaspiniň hem Kyýathan
Ýomudskiniň taryhy» atlandyrylypdyr. Ol öz syýahat kitabynda türkmen bilen irde-giçde gatnaşyk
ediljek bolsa, ýomutlaryň hany Kyýady elden bermeli
däl, onuň Eýran bilen bolan aladasyna Russiýa hem
gatnaşmaly, Kyýat hany goldamaly» diýip ýazypdyr.
Özi hem Ýomudskiler bilen gadyrly gatnaşypdyr,
olaryň aladasyny etmegi öz borjy hasaplapdyr.
Ýomudskileriň ençemesi kadet korpuslaryndan
rus ofiserleri bolup çykypdyrlar. Bilimli, düşünjeli
adamlar bolup ýetişipdirler. Polkownik Annamuhammet Ýomudskiý hakynda seniň eşiden bolmagyň-da
mümkin, ol rus döwletine görkezen huzmatlary üçin
hormatly Georgiý hajynyň dördüsine mynasyp bolan
türkmendir.
Rus goşunlary Bolgariýany halas eden günlerinde
polkownik atly korpusa ýolbaşçylyk edipdir. Şipka
söweşine gatnaşypdyr. Esgerler göçgün bilen harbyýöriş aýdymlarynda hormat bilen onuň hem adyny
getiripdirler.
...Gowy, Ýomudskiň özi gelmesin,
50
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Gelse duşman nirde gizlär kellesin?
Biziň Nazarymyzy seniň gören bolmagyň-da ahmal, Ol berdaşly, at ýüzli, saçlary ýeňsä gaňyrylan
giň maňlaý, sakgal-murty bir-birleri bilen goşulyşyp
ösen ýigitdi. Ol-da hudožnikdi, öz eserlerine Nikolaý
Ýomudskiý diýip gol goýýardy, ýada salsa onuň bilen
sergilerde, akademiýada ýa-da ýeneki bir ýerlerde
duşuşan bolmagyň-da mümkin. Nikolaýyň işlerini
«Niwa», «Sewer», «Wsemirnaýa illýustrasiýa»
žurnallary öz sahypalarynda çap edýärdi. Ol asla
türkmen kowmundan bolan, meniň atamyň dosty
Kyýat hanyň çowlugy, rus ofiseri Annamuhammediň
ogludyr.
...Nikolaý Peterburgyň Çeperçilik akademiýasyna
gelende hem ilki biziň öýümize gelipdi. Onuň ýanynda
çeken suratlary hem kakasynyň bize niýetläp ýazan
haty bardy. Şol wagt onuň kakasynyň gulluk edýän
polky Ukrainada durýardy. Meniň agam Konstantin ony belli grafikaçy hudožnik Boklewskiý bilen
duşurypdy. Ol Nikolaýyň işleri bilen tanşansoň, ony
özüne şägirt edinipdi. Nikolaýyň işleriniň hemmesi
ukrain topragy bilen, onuň çagalygynyň geçen ýerleri bilen bagly işlerdi. «Dnepr kenarynda», «Gije»,
«Poçta ýoly», «Şäherde kanikulda» ýaly kartinalary sergilere gatnaşýardy. Ol Russiýanyň Wrubel,
Serow, Repin, Kramskoý ýaly atly hudožnikleri bilen
hem ýakyn aragatnaşyk saklaýardy. Kramskoýyň iň
gowy işleriniň biri-de öz dostunyň hudožnik Nazar
Ýomudskiniň portretidir. Boklewskiý bir gezek
51
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
şägirdine öz iliniň durmuşyndan suratlar çekmegi
maslahat beripdir. Nikolaý Ýomudskiý şundan soň
tizden Kaspi deňziniň boýunda ýaşaýan kowumgardaşlarynyň arasyna gidipdir. Köpetdag eteginde
ýaşaýan türkmenleriňkide syýahatda bolupdyr.
Halkyň edim-gylymy, taryhy, däp-dessury bilen içgin
tanşypdyr. Ol dolanyp geleninden soň, «Ildeşlerim
meniň kakamyň gürrüňleri esasynda göz öňüme
getirşimden başgaça ýaşaýan eken... diýip gürrüň
edipdir. Syýahat netijesinde: «Ýomut öýünde»,
«Gelin», «Iki teke», «Türkmen toýy» ýaly onlarça
işleri žurnal sahypalarynda peýda bolupdyr. Boklewskiý bolsa öz şägirdinden gürrüň çykanda «Nazar
kaspiniň ýeňsesinden uly olja bilen hemem juda
dymma, perişan bolup geldi» diýip gürrüň eder eken.
Atasy Ýagşymämmet hakyndaky hakykaty hem
ol şol ýere öz halkynyň arasyna geleninden soň
eşidipdir. Onuň atasy Ýagşymämmet, kakasy Kyýat
han ýaly öz halkyny yzyna düşürip bilen türkmenleriň
hem-de ruslaryň bähbidini arap Eýran hanlary bilen
darkaş guran serkerde bolupdyr. Ýöne Russiýa
Eýran bilen «Gülüstan ýaraşygy» baglaşandan soňra
Ýagşymämmede bolan garaýyş üýtgäpdir. Ol rus
raýatyna özüniň wepalylygyny ýene-de bir ýola subut
etmek maksady bilen Tiblise gelipdir. Ýagşymämmet
ruslar bilen dostlugyna, patyşa hökümetiniň öňünde
bitiren öz hyzmatlarynyň göz öňünde tutuljagyna
ynanýan ekeni. Ýöne ony bu ýerde rus raýatlygynyň
Eýran bilen arasyny bozmak isleýän bozgak hökmünde
52
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
tussag eden synanyşyklary hem biderek bolupdyr. Ol
oglunyň azatlyga çykanyny görüp bilmän ölüpdir.
Birnäçe ýyldan Ýagşymämmediň ösüp derejelenen
harby çinli dostlary onuň zyndan tussaglygynyň göz
tussagy bilen çalşyrylmagyny gazanypdyrlar. Ýöne
öz iline gowşup, ol ýerde hökümete garşy onuň iş
ýaýbaňlandyrmagynyň mümkinçiligi hem göz öňünde
tutulypdyr. Ol Woronež şäherinde göz tussaglygynda
saklanylypdyr.
Nikolaý Ýomudskiniň iň gowy işleriniň biri hem
onuň hut şol atasy Ýagşymämmedi ýat edip döreden
«Ganatsyz bürgüt» atly işidir.
Her gezek men ol kartinanyň öňüne gelenimde, tokaý eteginde keseligine ýykylan bir agajyň
üstünde, aw tüpeňini gapdalynda goýup, tokaý
süňňünden göterilen ümür bilen goşulyşyp oturan,
ýüz keşbi Kyýat han neberesine çalym berip duran
adamyň oý-pikire berlip oturanyny görýärdim. Onuň
depesinden uçup barýan guşa meňzeş şekilleri synlap, bular Ýagşymmmediň öz iline ugradan arzuwhyýallarydyr diýip oýlanýardym. Onuň taryhyndan
habarsyz bolsaň welin, ol tokaýda aw awlap ýören,
häzir bolsa çilimlemek üçin aýak çeken adaty awça
çalym edýärdi.
...Nazar bu jahanda bary-ýogy 37 ýyl ýaşady.
Hudožnik Nikolaý Ýomudskiý bilen men ýakyn
tanyş bolmasam-da, ony görüpdim. Häli-şindi uly
hudožnikleriň arasynda hem onuň ady tutulýardy.
Onuň, Nekrasowyň «Russiýada kim şat ýaşaýar?»
53
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
kitabynyň bir neşirini bezänindenem habarym bardy.
Ýalňyşmaýan bolsam, ol kitap meniň öýümde hem
bolmaly. Otuz-kyrk ýyl mundan ozal Peterburg
Nikolaý Ýumudskiniň, Germaniýa sergä ugradylan
işleriniň ýolda ýitenligi hakynda hem köp gürrüň
edipdi.
Kariniň haty bir wagt eşiden zatlarymy ýene-de
bir ýola meniň ýatlamagyma sebäp boldy. Kalbymda
Ýomudskiler bilen duşuşmak, kärdeşim Nahar
Ýumudskiniň gezen ýerlerini gezmek höwesi has-da
möwjedi.
* * *
Gijäniň etegi göteriliberende, biz iki atly bolup,
«Nirdesiň Mary» diýip, ýola düşdük. Atlar ýeňil
gopuşyp, bir-birlerinden şüweleň alşyp barýarlar.
Biziň sag tarapymyzda Köpetdag bolmaly, ol-da
häzir gijäniň garamtyl perdesinden aňyrda bir ýerlerde. Onuň uzakda däldigini welin mahal-mahal dag
tarapdan gelýän şemalyň hörpünden aňsa bolýar. Ol
gyşyň entek juda bir uzaga gitmänliginden, hemme
ýerde bolmasa-da, belli-belli ýerlerde entek onuň
buzlarynyň saklanyp galandygyndan habar berýärdi.
Ýol çolalykdy. Tä şäherden çykyp, Gäwers düzlügine
aralaşýançak, arabalydan, atlydan bize gabat gelen
jemende bolmady.
Düzlükde bize atyny ýüzin salyp, ogul jigisiniň
bolanyny şäheriň demirgazyk eteginde ýerleşen Köşi
54
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
obasyna, gelnejesiniň atasy öýüne söýünjilemäge
howlugyp barýan, jigisiniň bolanyna juda begenen
oglanjyk gabat geldi.
Oglanjygy saklap, habaryny alansoň, Hommat
ony golaýyna çagyryp, jübüsinden alan kagyz pulundan iki sansyny uzatdy.
- Ogul jigiň bolan bolsa, gaty gowy bolupdyr.
Ýaşy uzyn bolsun, il-günüň ogly bolup ýetişsin, ine,
al buşlugyňy!
Oglanjyk garaşmadyk buşlugyny alyp begençli ýylgyrdy-da, ýene-de ýoluna howlugdy. Onuň
ýalaňaçlygyna münüp gaýdan dyzmaç aty birden göterilen tüweleýe meňzäp, biziň ýanymyzdan daşlaşdy.
Oglanyň aty Köşä ýetmäge onuň özündenem beter
howlugýady.
Owadan atlar, türkmenleriň atlara bolan höwesi
bu ýere gelenim bäri meniň ünsüme düşýän zatlaryň
biridi. Türkmenler öz atlaryny ruslaryň ballarda
ýeňil gopup tans edýän göwüsmen gelinlerini, harby
adamlaryny bezeýişleri ýaly yhlas hem söýgi bilen
bezeýärler. Endamy öwüşginli, guýrugy kelteräk
çigilen atlar köçeden dagy ýörände olary görmäge
göz gerek. Has-da oglanjyklar atlar köçede peýda
bolanda, olary aýratyn bir yhlas bilen arzuw-hyýala
öwrülişip synlaýarlar. At görse olaryň tizräk ulalyp,
atly bolaslary gelýär. Türkmen atlarynyň gadymy
ata-babalary hakynda taryhyň atasy Geredot hem öz
işinde ýazgy galdyrypdyr.
55
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
...Müň sany saýlama atly pers, patyşany goraýan
toparyň öňünden barýar. Olaryň yzy bilen müň sany
naýzalaryň ujuny aşak gönükdiren urşujy ýöräp
gelýär. Bularyň yzy bilen bolsa on sany birkemsiz
bezelen mukaddes Nissa atlary barýar. Bu atlara
Nissa atlary diýilmegiň sebäbi Midileriň Nissa diýen
bir düzi bar. Şol ýerde hem şeýle owadan, uly atlar
ýetişdirilýär...!
Soňkurak syýahatçylar bolsa şeýle atlaryň
Amyderýa, Syrderýa aralygyndaky Hutdalda hem
ýetişdirilenliginden, ol atlaryň ahalteke atlaryna
juda meňzeş bolanlygyndan habar berýärler. Muňa
aýry-aýry atlar hakynda, at häsiýetleri hakynda
gyzykly gürrüňler beren adamlar tapyldy. Atlaryň
gadymyýeti hakynda welin men soraşdyrsam-da, hiç
kimden ugurly bir zat eşidip bilmedim. Hamala, halk
öz söýgüli atlarynyň geçmişini wagt ummanynyň bir
ýerlerinde ýitirene meňzeýär. Ýöne türkmenleriň
hemmesi öz atlarynyň söýgüli eposlaryndaky
Görogly begiň Gyratynyň neslindendigine welin
juda ynanýarlar.
Türkmenler at etini iýmeýärler we oňa mukaddeslik hökmünde seredýärler. Gadymyýetde saýlama
atlary ölende türkmenler olary adam jaýlan ýaly
edip, kepene dolap jaýlar ekenler. Gündogarda
türkmenleriň atlary juda eý görýän ýeke-täk millet
bolmaklary-da ahmal...
Hommat meniň gapdalym bilen eýeriň gaşyna
seredýän ýaly bolup oýurganyp barýar, belki, ol häzir,
56
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
ýaňky alnymyzdan çykan hoş habaryň täsiri bilen öz
çagalygynyň bir ýakymly pursadyny ýatlandyr.
Umuman-da, ýolagçy bolsaň, ýolda kellä gelýän
pikir köp bolýar. Olaryň birnäçesi bulutlaryň dag
töwereginde gaýmalaşyp, soňundan gar, buza öwrülip
dagyň depesinde galyşy ýaly, seniň kalbyňda galýar.
Ýene bir näçesi bolsa guş ganatlarynyň kölegesi ýaly,
sähelçe kaklyşyp duşuňdan geçmek bilen.
Biziň bilen gapdallaşyp demir ýol geçýär. Ol birde çerkezdir çeti, sazakdyr selin ýaly çöl otlarynyň
arasyna urup gözden ýitse, ýene bir-de hol beýleden
lowurdap çykýar, gapdallaşyp, bir-birine höwür
bolşup barýan iki sany gara ýylana meňzeýär.
...Demir ýoly bu ýere ruslar getiripdir. 1878nji ýylda Angliýa Owganystana ymykly girensoň,
ol türkmen pagtasyna, nebitdir ýüňüne hem howp
salypdyr. Rus patyşasyna Türkmenistandaky täsirini güýçlendirmelidigi anyk bolupdyr hem-de bu
meseläni ýakyn wagtda çöp döwen ýaly edip biläýjek
adam hökmünde, Şipka gahrymany, Orta Aziýa belet,
Samarkandy, Suwlagy almakda tapawutlanan general
Skobelewi patyşa bu ýere iberipdir.
Biraz öň Kryma «Ýalta—Sewostopol» demir
ýoluny gurmaga ygtyýar alan general-inžener Annenkow yzyna çagyrylypdyr hem-de MihaýlowskiýKrasnowodskä ýol gurmaga iberilipdir. 1880-nji
ýylyň dekabrynda Mihaýlowskiý — Gyzylarbat aralygyndaky demir ýoluň gurluşygyna girişilipdir.
General Annenkow bu işde türkmenleriň güýjüni
hem giňden ulanypdyr. Guluşyga gatnaşan her adama
57
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
günde on üç köpük töläpdir. Düýesi bolan türkmenler, demir relsleri, şalman, ýeneki gerek bolaýjak
zatlary Krasnowodsk portundan bu ýere çekipdirler.
On bäş müň işçi, daýhan, soldatlardan ybarat bolan
halk on aý depesinden gum sowrup, sowukda doňup,
harasatda horlanyp işlänsoň, 242 kilometrlik demir
ýol Gyzylarbada gelipdir. Orta hasap bilen her günde
0,8 kilometr ýol çekilipdir.
General Mihaýlowskide 39 wagondan ybarat
sostawy taýynlapdyr. Wagonlaryň iki gatly dört
sanysy ofiserlere, ýigrimi sanysy soldatlara niýetlenipdir. Azyk üçin, lukmanlar üçin, ok-däri, odun üçinem wagonlar bolupdyr. Ol ýol 1886-njy ýylda Mara
ýetirilip, ondanam aňyrlygyna äkidilip, Samarkant
ýoly bilen bir ýyl alty aýdan soň birikdirilipdir.
Patyşa Russiýasy Orta Aziýanyň ägirt uly territoriýasyna özüniň demir guşagyny guşapdyr.
Atlar birsalymdan ilerligine öwrülip, gijäniň
içinden çykyp, geriljiräp oturan daga tarap gönükdiler. Biziň göni garşymyzda, beýleki gerişlerden
biraz üzňelikde keserip ýatan dag peýda boldy. Dag
häzir aňyrsyna öwrülip, çagasyny ýanap ýatan gelne
juda meňzeş. Onuň aýak ujuny garamtyl gök otlar
köýnek bolup ýapypdyr. Bir bölek bulut süri bolup,
onuň üstünden agyp, aňyrlygyna eňňit atyp barýar.
Hommadyň çykan depesine çykyp, yzyma öwrülen
wagtym men Garagumuň gözýetimde gürrüňdeşine
jaýdar jogap bermäni niýet edinen adama meňzäp
oýurganyp oturanyny gördüm.
58
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
* * *
Biziň ýetip düşlemegi, bir giýe şol ýerde bolup dem-dynç almagy, atlary iýmlemegi niýet edip
gelýän Sazakly obamyz üsti çöl ot-çöpleri bilen
basyrylan gum depeleriniň arasyndan çeşme ýabyny
orta alyp oturan eken. Oba, esasanam, düňderilip
goýlan gazansypat gara öýlerden, ol öýleri aralap
oturan iki-ýeke pagsa jaýlardan ybaratdy. Obanyň
demirgazyk-gündogarynda, çeşme ýabynyň garamtyl, egrem-bugram bolup guma tutduryp barýan
tarapynda başly-barat edilip tertipsiz ekilen baglar
hellewleşip otyrdylar.
Oba barýan ýola düşenimizden soň biz birsalymdan eşegine iki-üç goltuk oduny taýlap ýüklän, egni
könelişenräk donly oglanjygyň yzyndan ýetdik. Oglanjyk töweregiň çolalygyndan peýdalanyp, hyýal
guşuny asmana uçuryp, indem öz guşunyň ol ýere
göterilip, hemmeleriň guşy bolanyna begenip, ony
synlap barýan ekeni. Ýeňsesinde at toýnaklarynyň
sesini eşidip, ol tisginip, ýalta yzyna seretdi.
Soňundanam özüniň aljyranyny duýdurmazlyk üçin,
kim bolarsyňyz diýen manyda bize ýüzlendi.
— Salawmaleýkim!
— Saglykmy, inim — diýip, Hommat ondan oba
şura başlygy hakynda soramak üçin oglanyň howatyrly nazaryna üns bermän dillendi.
— Inim, bize-hä oba şuraňyzyň öýi gerekdi,
öňümize düşüp, şony tapyp beräýseň!
59
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Hommadyň bu sözleri oglanjygy mese-mälim
aljyratdy. Ol bizi gabak astyndan synlap durşuna
ýuwdunyp oýurgandy. Men onuň bir zadyň pikirini
edip alada galanyny aňsam-da, näme üçin bu ýagdaýa
düşmeginiň sebäbine düşünip bilmedim. Ol ilki oba
şuranyň öýüni bilemok diýen manyda egnini gysdy.
Soňundanam:
— Men bu obadan däl, daýylar, goňşy obadan
mamamlara gezelenje geldim — diýip, ker bilen
gepleşýän ýaly gygyryp diýen ýaly jogap berdi.
— Oba şurany tanamok, bilemok diýdigiň-dä
onda? — diýip, Hommat ýene-de onuň ýüzüne seretdi.
— Ýok, tanamok — diýip oglanjyk mönsüredi.
— Aýyby ýok — diýip, Hommat oglanjygyň
bolşuny birhiliräk görse-de, soňra hiç zat soraman,
berlen jogap bilen kanagatlandy.
Biz ýoly öňe aldyk-da, atlarymyzy sürüberdik.
Birsalymdan gaňrylyp, ýeňsäme sereden wagtym
men ýaňky oglanjygyň ýolsuz ýerden eşegini debsiläp, elemtas bolup, howlukmaç obanyň aýagujyna
barýanyny gördüm. «Duýdansyz yzyndan ýetip
oglanjygy gorkuzaýdyk öýdýän» diýip, men Hommada hem ony görkezdim. Ol ilki «Gorkar ýaly
näme barmyş?» diýse-de, soňundan oýlanyp: «Şeýle
bolaýdy öýdän» diýip, meniň bilen ylalaşdy. Biz
gabat gelen adamlardan salgyny alyp, öýleriň birýan
çetinde, giňişligini alyp oturan pagsadan salnan oba
şuranyň jaýynyň öňünde atlaryň başyny çekdik.
Töwerekde öý aladalary bilen hysyrdanyp ýören aýal60
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
lar iki atlynyň, oba şuran jaýynyň öňünde direnişip
duranlaryny görüp öýlere girensoňlar, birazdan
biziň habarymyzy almak üçin, olaryň giren öýleriniň
hersinden dony ýelbegeý alyp bir adam çykdy. Olar
biziň ýat adamdygymyzy görüp, kimligimizi hem
oňly anyklajak bolup durman, atdan düşmegimizi,
öýüne myhman bolmagymyzy sorady.
Biz oba şurany görmek aladamyzyň barlygyny
aýdyp, habar berenimizde hükgeribräk duran boýny
gyzyňky ýaly dowamly-uzyn ýaşuly ýumuş buýurmak
üçin töweregine gözüni aýlap, çemeli oglan gözledi.
Gara öýüň gapdalynda iki sany gyzjagaz ýaglyk
bürenişip, gurjak bäbeklerini gujaklaşyp, gelin-gelin
oýnaşyp otyrdylar. Ýaşulynyň olarda syny eglenmedi.
Onýança onuň gapdalynda agzyny öweldibräk duran
daýaw pyýada nämäniň-nämedigine göz ýetirip, öz
çykyp gelen öýüne tarap öwrülip seslendi:
— Gurtyrat! Nurmyrat!
— Hä — diýip, öýden birbada iki ses eşidildi.
Yzysüre-de iki sany basdaşja ýedi-sekiz ýaşlaryndaky
oglanjyklar işikden atylyp çykdylar.
— Baryň, Hangeldini çagyryp geliň, seni
sorap Aşgabatdan adam geldi diýiň! — diýip, ol
oglanjyklaryň ikisini-de ýumşa ylgatdy.
Çapalaşyp giden oglanjyklar birsalymdan egni
gyrmyzy donly, başy gara silkme telpekli, elek ýüz,
keşmeri gazak milletine çalym berip duran otuzotuz bäş ýaşlaryndaky adamy öňlerine salyp geldiler. Ol gele-gelmäne salam berip, biziň atlarymyzyň
61
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
uýanynyň hersini hälki oglanjyklaryň biriniň eline
tutdurdy.
— Baryň, biziň öýe äkidiň. Gelnejeňe-de aýdyň,
myhman gelipdir diýiň!
Oba şura başlygy biziň bilen tanşyp, hal-ahwal
soraşyp duransoň, üsti baýdakly jaýa girdi. Jaýyň
içine köwüş çykardan törüne çenli birsydyrgyn düşek
düşelipdir. Törde birnäçe kitap münderlenip goýlupdyr. Kitaplaryň beýle ýanynda syýaçüýşe, galamdyr
depderler bar. Törki diwardan W.I.Leniniň nazary
içerini synlap otyr. Wladimir Iliçiň ol suraty gazetden alnan bolmaly, özi-de onuň ýogalanyny habar
beren gazetden alnypdyr. Suratyň daşynda gaga
çyzyk bar.
Jaýyň bir burçunda üstüne ol-bi atylan gara
sandyk goýlupdyr.
Öň bu jaýyň ýerinde garaöý bar ekeni. Ýöne bir
gije basmaçylar gelip, ony otlapdyr. Oba adamlary
şundan soň bu jaý şol «Gyzyl tüýnük» at alan öýüň
ýerinde täzeden dikeldipdirler. Hem-de ýene-de ony
«Gyzyl tüýnük» diýip atlandyrypdyrlar. «Gyzyl
tüýnük» häzir diňe bir oba şuraň jaýy bolman, ol
oba ýaşlarynyň sowat öwrenýän ýerine hem öwrülen
eken.
Hangeldi bizi yzyna düşürip, daşaryk çykan wagty men töwerekdäki öýlerden biziň gelenimizi eşidişip
üýşüşen adamlaryň «Gyzyl tüýnügiň» öňünde duranlaryny gördüm. Olaryň köpüsi-de ýaşululardy, biziň
çakarymyza garaşyp duran ekenler.
62
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Aý, inim Hangeldi! Gaýgysyzyň adamlary
gelipdir diýdiler, şol çynmy? — diýip, köpçüligiň
öňündäki, sakgaly kükregini ýapyp duran ýaşuly
biziň ýüzümize seretdi.
— Howa, Arap aga — diýip, Hangeldi bize
seredip, oňa jogap berdi.
— Gaýgysyz sag-aman işläp ýörenmidir?
— Şükür, ýaşuly, sag-gurgun işläp ýör — diýip,
Hommat göwünjeň gürrüňe goşuldy.
— Nedirbaý agalaram sag otyrmy? — diýip, ilki
sorag beren ýaşulynyň yzynda duran saryýagyz, mor
sakgal ýaşuly hem onuň yzysüre gürrüňe goşuldy.
— Şükür, olaram sag otyrlar. Gaýtmazymyzdan
öň olaryň ikisini-de gördük — diýip, Hommat
ikimizem bilen gördük diýen äheňde meniň ýüzüme
seretdi. Men ony makullap baş atdym.
— Ulus-ile olaryň özleri-de köp salam aýtdylar!
Ýaşulular ýerli ýerden: «Salam iberenlerem, ony
getirenlerem köp sag bolsun, sag-gurgun, agyz-dili
birligi bilen işleşip ýören bolsalar bolýar» diýişdiler.
Hommat ýene birsalym olar bilen gürleşip
duransoň, biz ýaşulular bilen hoşlaşyp, oba şuranyň
yzyna düşdük.
Hangeldi bizi öýüne getirip saçak başyna
geçirensoň, nämedir bir zady ýatlap, aşak bakyp
ýylgyrdy, soňundanam başyny göterip, gapa seredip
özüniň näme üçin ýylgyranynyň sebäbini düşündirdi.
Ilki ol ýaňky bize gabat gelen eşekli oglanjygyň öz
inileriniň biridigini, onuň häzir ýolda ýalan sözläni
63
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
üçin, bu ýere gelmäge utanyp ýörendigini aýtdy.
Soňundan bolsa dört-bäş aýlykda bize meňzeş oba
gelen iki atlynyň gürrüňini berdi. Olar oba daramak
üçin alkyma gelip düşen garakçylar toparynyň oba
ýagdaýyny anyklamak üçin iberen adamlary eken.
Atlylar myhman bolup iýip-içip gidensoň, gijara galtamanlar oba kürsäp urupdyrlar. Öýleri otlap, birnäçe
adamlary gamçylap, azgyn hökmünde jezalandyrypdyrlar. Hangeldini gözläp, öýünden tapmansoňlar,
«Alynyň aryny Ahmetden çykar» etmekçi bolup,
onuň aýalyny ata süýretmek üçin saçyndan süýräp,
öýünden çykarypdyrlar. Ýöne şol arada duýdansyz
çykan tüpeň sesi gelniň tarapyny çalypdyr. Gelni
atlylara süýräp barýan galtamanlaryň biriniň agzy
ýer garbapdyr. Olar gijelikde birbada okuň nireden
gelýänini hem aňşyryp bilmändirler. Onýança biraz
arakesmeden soň, hyrly tüpeň ýene bir gezek atylyp,
galtamanlaryň ýene-de birini atdan agdarypdyr.
Üçünji atly indiki gümpüldiniň özüniňki boljagyny
aňyp, howlukmaç gaçyp garaňka siňipdir. Hangeldi ol
gün deň-duşlarynyň birnäçesi bilen obadan çeträkde
ýaşaýan ýoldaşlarynyň öýünde oturan eken. Onuň
öýünde ýoklugy bähbit bolupdyr. Habar baran
dessine ol töweregindäki adamlary jemläp ýaraga
ýapyşypdyr...
Hangeldiniň öýüni goran, onuň agasy eken. Ol
goh-gowry eşiden dessine obanyň ortasynda başlanan
gohuň bir gapdalynyň özüniňkilere-de ýetjegini
bilip, şol ýerde çemesini alyp garaşyp ýatypdyr. Özi64
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
de tä inisi öwrülip habar almaga gelýänçä, öýleriň
töweregindäki aýallaryň gyk-baklaryna goşulman,
öwrülip geläýseler ýene-de olar bilen atyşmaga taýyn
bolup ýatypdyr. Diňe ol gapyda Hangeldini görensoň,
üst-başyny kakyşdyryp, saman kümeden düşüpdir.
Men Hangeldiniň gürrüňlerini diňläp otyryn hem
öz öňümde ýaş respublikanyň gursagy arzuwly, öz
maksadyndan, halkynyň hiç bir aladasyndan çetde
durmajak wekilleriniň birini görýärin. Onuň ýüregi
harasatly, şeýle-de bolsa ol muşakgat ýagdyryp
oturman, özi bilen bagly bolan-goýan zatlary başga
biriniň başdan geçirmesi ýaly parhsyz, ýeňillik bilen
aýdyşdyrýar.
Nahar edinenimizden soň ol bizi: «Şujagaz ýerde,
baryp göreliň hem aýaklaryň gurşugyny ýazdygymyz bolar» diýip, obanyň eteginde ekilen bugdaýly
meýdany görmäge äkitdi.
Yzymyza dolanyp gelýän mahalymyz biziň ýolumyz tamdyrda çörek bişirip duran gaýyn-gelniň
üstünden düşdi.
Gelin bizi görüp, ýerinden turup, eglip salam
berdi-de, ýene-de ornunda oturyp, tamdyra tarap
öwrüldi.
— Hmm...
Hangeldi gelniň salamyny özüçe aldy-da, onuň
gaýyn enesine salam berdi.
— Gurbansoltan eje, salawmaleýkim!
— Hangeldi, gurgunlykmydyr, sag oturanmysyňyz,
täze gelin bäbek bilen öwrenişýärmi?
65
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
— Aý, öwrenişerler-le...
— Wah-eý, öwrenişmän näme, öwrenişmesem
men öwrenişmezdim, çagamy gundabam bilemokdym, köpräk aglasa-da, bile aglar oturardym.
— Şol arada ol öz sözüni bölüp egildi-de, tamdyrdan bir tegelek nany çykardy-da, onuň ýüzüne
gapdalyndaky bedreden suw urup, bize tarap uzatdy.
— Alyň, duz dadyň!
Biziň herimiz öý eýesine göwni üçin uzadylan
çöregiň ujundan bir döwüm aldyk.
Hangeldi nany yzyna uzatmazdan öň, ony keseligine döwüp, Hommadyň alan ýeri bilen meniň alan
ýerimi birleşdirdi-de, elindäki bölejigi nanyň uly
böleginiň üstünde goýdy.
— Gubansoltan eje, nanyňyzy alyň, sadagasy boldugym, keýpine iýip oturmaly nan bolupdyr.
— Köpräk alsaňyz bolmadymy!
— Hälem onuň bir ýugrumy ýetmedi... — diýip,
nan taryp edilensoň aňyrsyny bakyp, ýaşmagyny
dişläp oturan gelin durup bilmän, ýaýkanjyrap dillendi.
— Ýolda men gyzgynjak çörege kümşüldäp,
Hangeldiniň yzyna düşüp gelýärkäm ondan näme üçin
çöregiň bir bölegini döwüp, ony üstüne goýup alyp
bermeginiň sebäbini soradym. Ol «Bizde çöregiň bir
başyndan döwmek kada» diýip, ýüzugra düşündirdi.
Hangeldiniň ýaňky hereketleri onuň ýüzugruna nätanyş adam hökmünde meniň ýalňyşlygymy
düzedip goýberdigi ekeni.
66
Agageldi Allanazarow. Kalbyma syýahat
Üç terkeş bolup, Hangeldiniň ýene bir degip
geçmekçi bolan ýeri ussahana gelen wagtymyz,
ussalar harsurşup işleşip durdular.
Iki sany on iki-on üç ýaşlaryndaky esleňräk oglanlar özleriniň ululara kömek edýänlerine monça
bolşup, körük basýardylar.
Hangeldiniň «Gurbandurdy aga» diýip, ýüzlenen gürzelek sakgally ýaşulusy halka görnüş demri
gysaç bilen gysyp, sandalyň üstünde tutup durdy.
Dörtgyraň daýanykly bir ýigit bolsa, hähläp hälişindi onuň depesinden ýarym putluk ýekedabany
inderýärdi.
Şilliň uzyn hor adam bolsa olardan beýleräkde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 04
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.