Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 17

Total number of words is 3678
Total number of unique words is 2062
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýene-de turmaly bolar — diýip, Zenow ýene bir sagatdan özüniň turmaly boljagyny ýatlap ikirjiňlendi.
— Ýatyber, Zen, men gelsem ýer taparyn. Menem
öz ornuma durýanyň ýerine girerin-dä.
— Hä, ana munyň boldy. Gapdalyň kim!
— Andursow bilen Çaşindir.
— Bolýar. Onda men-ä öçdüm. — diýip, Zenow
uky almagyň höwesi bilen plaşpalatkasyna dolandy.
Babageldi awtomatyny boýnundan asyp, birsellem töweregi aýlanansoň, ukudan açylyşdy. Ol
her gezek ýokarsyna sereden çagy asmanda şol bir
lemmerlenişip duran bulutlardan emele gelen meýdany gördi. Töweregiň agaçlary bolsa häzir, synlaryny
kakyşdyryp, komanda ören esgerleri ýatladyp, «ýör,
how!» bolsa goşulyşyp gidiberjege çalym edýärdi. Babageldi oduň başyna gelip çommalyp elini çoýansoň,
oňa iki-üç sany odun atyp turmak bilen boldy. Ot
sähelçe golaýlasaň, ukyňy tutdurýardy, şeýle-de
onuň süňňüniň ähli synadan öň üşeýän aýaga peýdasy azdy, şonuň üçinem geziberenden öz işiň bilen
gümra boluberenden gowsy ýokdy.
Babageldi gezmeläp ýörşüne özleriniň wagtalwagtal birleşýän, ýene birde deňiz tolkunlaryna
meňzäp, çar tarapa pytraýanyny ýatlap, polky deňze,
ýoldaşlary bilen özüni bolsa şol deňziň, tolkunlaryna
meňzedip, okuw günlerini özüçe göz öňüne getirdi.
Kapitan Tregubowyň rotasy häli-şindi obalaryň
gapdalyndan çykýardy. Esgerler şonda jaýlaryň
turbalaryndan göterilýän tüsseleri synlap, ol ýerde
343
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýylyjak pejiň barlygyny, agşamky boljak tansa
göwün ýüwürdip oturan höwesli gyzlaryň bardygyny ýatlaşardylar. Gyzlar ýatlananda her kimiň öz
ýüreginiň bir ýerinde göterip ýören gyzy gözüniň
öňüne gelerdi. Obalaryň içinden geçişlerini, töwerekden seredýän guwançly göreçleri ýatlamak Babageldi
üçin ýene-de ýakymly boldy. Ýene-de düýnki hataryň
gapdalyndan çykan gyz onuň hyýalynda gezmeledi.
— Soldatas penas nora?1 — diýip, oňa mylaýym
ýylgyryp, elindäki süýtli golçasyny uzatdy...
Babageldi garşydaky agaçlaryň arasy bilen birde
görnüp, birde ýitip gelýän üç adamy gören mahaly
hüşgärlenip bada-bat ýatlamalarynyň daşyna çykdy.
Ol goşalanyp ösen iki agajyň aralygyna dulandy-da
adamlar ses ýetime gelen çagy olardan habar sorady.
— Dur, kim gelýär!
— Biz.
— Siz kim, parol?!
— Ýantar.
— Geliberiň, rugsatdyr.
Babageldi ol üçler ýakyn gelen mahaly olaryň
biriniň maýor Brunçukowdygyny, ikinji biriniň kluba
müdirlik edýän kapitandygyny, tanady. Bularyň
üçünjisi bolsa onuň polkda gören komandiri däldi,
şonuň üçinem Babageldi ony diwiziýadan ýörite gelen
wekildir öýtdi.
Maýor Brunçukow deňleşen çagy Babageldä söz
gatdy.
— Goraýaňmy?
344
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Saklaýan, ýoldaş maýor!
— Sen gullukdan öň näme kär eden adam? Çopan
bolsaň-a sen ukyňa saksyň.
— Men «ýoldaş mugallymdym».
— Hä, hä — diýip, maýor Brunçukow birzady
ýadyna saldy. — Senmi şol goşgy ýazýan şahyr?
— Hawa.
— Hol gün saňa Türkmenistandan iberilen jurnal ştaba gelen ekeni. Suratyňam goşgularyňam bar
eken. Men gowşuryň diýipdim, gowşurdylarmy?
— Hawa, ýoldaş maýor, sag boluň!
Babageldi maýor Brunçukow dagyny kabul
edenden soň, on, on bäş minutdan Golubsow bilen
ornuny çalşyp ýatmaga gitdi.
* * *
Ertir seržant Filkow komandirler üçin ýörite
gurlan çadyra girip çykansoň, birnäçe minutdan rotany öz öňünde jemledi. Leýtenant Buýnow çadyryň
öňünde görnen mahaly bolsa baryp oňa:
— Ýoldaş leýtenant, rota siziň tabşyrygyňyz
boýunça hatara düzüldi — diýip, habar berdi.
Leýtenant Buýnow hataryň öňüne gelip, rota bilen
salamlaşansoň, öz öňünde duran ýigitlerini synlady. Onuň öňünde sowugyň derdinden dodaklary
gaýzygan, ýüz-gözlerini aýaz daglan ýigitler esger
bolşup, indiki beriljek buýruga taýyn bolşup durdular.
345
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Gwardiýa rýadowoý Lugowkin, hatardan iki
ädim öňe çyk!
— Häzir — Lugowkin gysgaça jogap gaýtardy-da,
«tarp-tarp» aýak urup hatardan saýlandy.
Babageldi ýaňy onuň bir tokga gar bilen kimdir
birini patyladyp ýeňsesine uranyny görüpdi, şonuň
üçinem ol: «Leýtenant Lugowkine temmi berse gerek» diýip oýlandy. Onýança-da leýtenant Buýnowyň
ikinji komandasy ýaňlandy. Ol rota «smirno» komandany berdi-de, özüniň näme üçin ilden saýlanyp öňe
çykarylanyny bilmän duran Lugowkini on dokuz
ýaşynyň dolmagy bilen dabaraly gutlady.
Ýoldaşlary hem hoşamaý nazar bilen mönsüräp
duran Lugowkini mübäreklediler. Lugowkin bolsa,
ýakynda doglan gününi bellänini, bahanalap şähere
rugsada gidenini öz ýanyndan komandiri aldadym
diýip ýörenini ýatlap utanyp gyzardy.
* * *
Batalon «Duşmany bellenilen nokatda, saklamaly» diýen buýrugy alansoň, esgerler depelerinden
gum sowrup, iki sagatdan gowrak okop gazdylar.
Kapitan Tregubowyň rotasy agaçlaryň gabawynda
ýaýrap oturan boşlugyň sag etegini eýeledi.
Birsalymdan hemme ýerde diýen ýaly bir wagtda
adam boýlary bilen deň goranyş çukurlary peýda
boldy. Diňe gözegçilik punkty üçin niýetlenen ýer
gata düşüp esgerleri birneme egledi. Gazuw işleri
346
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
birýan ýüzli bolansoň, oglanlar öz oturjak ýerlerine
çöp-çalam düşeşdirdiler.
Seržant Filkow, hamala, garşydan kinodakylar
ýaly, ýagyrnysy haçly tanklar görünäýjek ýaly,
leýtenant Buýnowyň özüne galdyryp giden dürbüsi
bilen töweregi synlaýar hem ýüzüne tüsse urduryp,
çilim çekýän serjant Frolow bilen ýaňkalaşýar.
— Frol, şu wagt hakykatdanam gözýetimden
duşman tanklary görünse nädersiň?
— Arkaýyn bol, görünmez. Olary 1945-de metallaloma tabşyrdylar ahyryn.
— Ana, mysal üçin, diýeli, şakyrdap göründi-dä.
— Indi ol tanklar mysal üçinem görünmez.
— Hä, hä seňki düşnükli, Frol. Gorkýanyňy
boýun almaga utanýaňmy?
— Filka, ýaňsylan bolma. Seniň düşünen zadyň
ýokdur. Beý diýen bolup meniň şahsyýetime kölege salyp bilmersiň. Ýene görseň ol ýerden tank görünäýse,
iliň öňi bilen gaçyp barýan özüňsiň.
— A Frol näder?
— Frol bolsa, seržant Frolowa öwrüler-de, arkada
Russiýaň bardygyny ýada salyp, öz ornunda galar.
— Panfilow, bol-a, Panfilow bolmuş!
— Panfilow.
Filkow buduna şapbatlap hezil edip hahahaýlap
güldi.
Iki seržant özara ýaňka-ýaňkalaryny tüketmänkä,
tank görünäýse diýlen tarapdan bir maşyn göründi.
Ol batalonlara aýlanyp, hat-gazet paýlap ýören ýörite
maşyn ekeni. Babageldi şol bir günortan nahar wagtynda bir bukjada iki sany hat aldy.
347
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Hatlaryň birisini Marina Maksimowna ýazan
eken.
Meniň gadyrly esgerim! Ýadyňda bolsa, men saňa,
siziň daýyňyz hakda hiç hili maglumat bilmeýändigimi ýazypdym. Şeýle-de bolsa seniň gözlegiň
meni öz günüme goýmady. Meni, ýatlama düwünçegimi telim bir gezek çözüp düwmäge mejbur etdi.
Şeýdibem, ahyrsoňy bir yş tapyldy. Bäş-üç ýyllykda
bize öň şu ýerde söweşen zapasdaky polkownik, öz
söweşen ýerlerine aýlanmaga gelipdi. Men aldymda, ýagdaýy düşündirip şoňa hat ýazdym. Bir esger
daýysyny gözleýär diýdim. Ondan kömek soradym.
Ýakynda bolsa ondan şu haty aldym, okap gör ony
saňa ýollaýaryn.
«Hormatly Marina Maksimowna!
Eger-de, men Moskwa diwiziýadaşlaryň
duşuşygyna gitmedik bolanlygymda siziň hatyňyza
bu jogaby ýollap bilmezdim. Hawa, bu hakykatdanam
şeýle. Hut siziň hatyňyz meni duşuşykda dillenmäge mejbur etdi. Şonda polkumyzdan bir kapitan
ine şu, sizi gyzyklandyrjak wakany gürrüň berdi.
Öz razwedgruppasynda bir türkmeniň bolany onuň
ýadynda eken. Soň ol bir ýola duşman tylyna «dil»
getirmäge gidişlerini ýatlady. Ol ýigit şonda goraýjy
toparda eken «Dil» alnyp yza dönülen çagy duşman
töwerekde biziňkileriň bardygyny aňypdyr, şonda
goraýjy topar «dili» alan topar ara açýança atyşyp,
duşmany birsalym tokaýda saklamaly bolupdyr.
Buýruk ýerine ýetirilipdir. Ýöne goraýjy topardan
hiç kim yzyna dolanyp gelmändir. Diňe üç günden,
348
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
biziňkiler Nemandan geçensoň, olardan üç adamyň
agaçdan asylanyna gabat gelipdirler. Kapitanyň aýtmagyna görä, şol üçiň hem birisi şol türkmen ýigidi
ekeni. Onuň familiýasy Altmyşow, derejesi ýefreýtor
ekeni. Ýöne kapitan näçe islese-de, onuň adyny ýadyna salyp bilmedi. Onuň mahal-mahal gürrüňçilikde,
men Günortadan menden aňyrda sowet Soýuzy ýok»
diýip, Guşgynyň töweregini bir ýeri salgy berýäni
welin onuň ýadynda eken. Hawa, ýene-de bir zat
ol esgerleriň üçüsi-de siziň şäheriňizdäki polkuň
ýerleşen ýeriniň töwereginde jaýlanypdyr. Şolaryň
şol umumy gonamçylyga gonam başy bolan bolmaklary-da ahmal.
Ine, meniň size ähli aýdyp biljek zadym.
Zapasdaky polkownik M.A.Kusoçkin.
Harby okuwdan gelnen gününiň ertesi, Babageldi oturdy-da, Litwa topragynda Altmyşow familiýaly, ady näbelli bir türkmen ýigidiniň wepat bolup
galanyny habar berip, «Ýaş kommunist» gazetine
hat ýollady.
Sözsoňy
Ýaz günleriniň birisidi. Starşiý leýtenant Buýnow
ýakynda özüne ynanylan rotasyna, göçgünli esger
aýdymlarynyň birini aýtdyryp, atyşyk meýdançasyna
alyp barýardy. Polkuň gabadyndaky ýadygärligiň
gyrasy görnenden ol aýdymy goýmagy buýurdyda, ylgap rotanyň öňüne geçdi. Tizden bolsa, her
gezek ýadygärligiň deňedinden geçilende ýaňlanýan
komanda eşidildi:
349
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
— Rot-a-aa! Ýadygärligiň hormatyna gönel!
Babageldi komanda eýerip, egniniň üsti bilen
ýadygärlige tarap sereden mahaly öz gözlerine ynanmady. Ýadygärligiň öňünde iki sany türkmen zenany
bilen iki-üç sany dähenek ýigit durdy. Şundan soň
Babageldi öz habarlarynyň gazetde çap bolup, onuň
ýetmeli adamlaryna ýetendigi belli boldy. Esgerleri
görüp, ol duranlaryň hemmesi bärligine dolandylar.
Starşiý leýtenant Buýnowyň rotasy hormat bilen
doganlyk mazarynyň üstünde gurlan ýadygärligiň
duşundan geçdi.
1980.
350
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
ÇAT AÇAN MENZIL
Otuzynjy ýyl bolsa gerek. Şeýledir. Otuz däldir.
Otuz bir Arnageldi aganyň Iwan Poskrebko bilen
pahyr bolan ýyly bolýar... Öz-ä güýzdi. Hawa,
güýzüňem başraklarydy öýdýän, mizan aýlanyp çem
gelen çöpe öz sapajyklaryny ilteşdirip ýördi. Men şol
ýyllar Arnageldi aganyň otrýadynyň bir esgeridim.
Bir alaşaly, bir tüpeňli, otrýadyň edýän işlerinden
başlap, umumy biş-düşüne çenli deň hilesi bolan bir
esgerdim. Biziň otrýadymyza il içinde Arnageldiniň
otrýady diýilse-de, dokument boýunça «Dobr otrýad»
adymyz bardy. Otrýad biziň Pendimiziň serhetden
geçmäge amatly ýerdigi nazara alnyp, şol ýyllardaky
gaçyp-tozup serhetden aşýanlara, ýeňsede güýç jemläp, çapyp gidýän toparlara jogap bermek üçin ýörite
döredilipdi.
... Bir ýola atymy suwa ýakmak üçin jara inen
mahalym, meni gyssagly ştaba çagyrdylar. Ine, barsam, Arnageldi aga serhetçileriň komandirleriniň
biri Iwan Poskrebko bilen meniň gelerime garaşyp
otyr. Olaryň beýle ýanynda bolsa başyna bürenjegini
çümre bürenen bir zenan maşgala çugutdyryp otyr.
Özüň-ä bir ýaş maşgala bolsaň gerek? diýip, men
ol gelniň atynan bürenjeginden çen tutup oýlanýaryn.
Ýöne ol bu ýerde näme üçin beýdip otyrkan... Zenan
bilen gyzyklanyp ol barada pikir ýöredip ugranymam
şoldy welin, Arnageldi aga habaryny bermek bilen
boldy.
351
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Näme üçin çagyrylanyňy bilýäňmi, Magsut? —
diýdi. Menem «Sizden bilmäge geldim» diýen manyda
onuň ýüzüne seredip: Ýok, bilemok, Arnageldi aga!
diýýärin. Arnageldi aga meseläni düşündirip ugran
mahaly, men gözümiň gytagy bilen onuň gapdalynda
oturan Iwan Poskrebkonyň ýuwdunyp, ýakasyndaky
ýazan iliklerini ötürişdirýänini görýärin. Türkmençä
oňly düşünmese-de, häzir onuň Arnageldi agany
meniň bilen deň diňläp oturyşy, ähli diýilýän sözlere
düşünip, olary ýekeme-ýeke tirip oturana çalym
edýär. Arnageldi agany biraz diňlämsoň, maňa şu
oturan zenanyň kimdigi belli bolup ugrady. Geçen
gezek ilerligine — Badhyz tarapa giden toparyň
serhet ýakasyn-da bir bölek atly-ýaragly barýan
göç bilen tutluşyp, atyşyp-çapyşyp alandyklaryny,
olardan galan bir ýaş maşgalanyň bolsa bu ýere
otrýada getirilendigini men birki günlükde daş gulakdan eşidipdim. Häzir bu ýerde oturan zenan hem
hut şol maşgala bolmaly.
Gelin men ýok mahalym, sorag soralan wagty ol serhetden geçip barýan adamlaryň özüniň
gaýyn toparydygyny, Hywada bolsa ene-atasynyň
bardygyny, bir agasynyň bolsa şol ýerde oba şura
başlygydygyny aýdyşdyran eken.
— Magsut, sen şu gelni äkidip, Hywa — dogangaryndaşlaryna gowşuryp gaýtmaly bolarsyň!
Komandiriň diňe şu sözünden soň, maňa bu ýere
näme üçin çagyrylandygym däl, hatda näme sebäpden hut özümiň çagyrylandygym hem belli boldy.
352
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
Arnageldi komandir meniň telim ýyllap söwdagäriň
kerweninde gezip, Hywany, Buharany torç edenimden habarly adamdy.
— Geliň, ýene-de bir gezek öz adamdygymyzy
adamçylyk bilen subut edeliň!
Arnageldi aga bu jümläni menden jogap sözüni
eşitmek niýeti bilen maňa tarap seredip aýdýar. Menem öz gezegimde oňa düşünenligimi mälim edip:
«Döwletli maslahat, Arnageldi aga» diýýärin.
Iwan bilen maslahatlaşyp, bizem hut şu karara
geldik — diýip, Arnageldi aga ýene-de bir gezek öz
sözüni nygtady.
Iwan Poskrebko hem öz gezeginde Arnageldi
agany makullap, baş atdy.
Çölde ygym-sagym bolşup ýören, garaşmadyk
ýeriňde öňüňden çykýan duşmanlaryň bardygy hasaba alnan bolarly. Gürleşilen mahaly bir özüm bilen
gürleşilen-de bolsa, Arnageldi aga meni bu gelniň
ýany bilen ýola ýeke goýbermedi. Otrýadyň ýene bir
esgeri bolan Ahmet maýyl ugrajak günümiz biziň
ýanymyza üçünji adam bolup goşuldy. Ahmet aga
uzyn boýly, saçlary bireýýäm çalaran, elli ýaşdan
geçeňkirlän daýanykly, gepi nygtap geplemegi gowy
görýän bir adamdy. Ol häzir otrýadyň geýim-gejimini çykaryp, başa seçelenip duran burmaly silkme
telpek, aýagyna bolsa göle hamyndan tikilen ädigi
urupdyr. Egnine dyzyna düşüp duran düýe ýüňünden
dokalan çäkmen geýip, bilini hem guşak bilen ykjam
guşapdyr. Onuň häzirki bolşundan çen tutsaň, göýä
353
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
häzir ýumşa däl-de, bir ýerden bir ýere görme-görşe
barýana çalym edýärdi.
Biz bir düýeli, iki atly bolup säher-säherler Tagtabazardan çykdyk. Aramyzda ýaşuly Ahmet maýyl
bolsa-da, ýol kesmeli mendim. Ýolda bolşewigiň atlylaryna gabat gelnende, habar soralan mahaly, olara
görkezmeli hat-petekler hem meniň ýanymdady.
Gelin yzda gelýän düýäniň üstünde leňňer atyp
otyr. Onuň ýüzi häzirem şol gezekkisi ýaly bürenjek
bilen örtülen. Maňa bir onuň adynyň Aýnabatdygy
belli, ony-da ugramazymyzyň öň ýanynda Arnageldi
agadan sorap bilipdim. Biziň üç tirkeşik bolup barýan
kiçiräk kerwenimiz, güýz gelip süňňüne tukatlyk
aralaşan, egni hyşadyr keýigokaraly, ýezgen ysly
baýyrlaryň arasy bilen ýöräp barýar.
Günortanyň öň ýanlarynda biz gelip, güýzüne
bir gulak suw bolup akýan Guşgy derýajygynyň
boýundaky peýwagtyna ösen ýylgynlygyň arasynda,
öň düşlenilip, ot ýakylyp ötülen açyk meýdanda
nahar-şor edinmek niýeti bilen goş düşürdik. Ahmet
maýyl, çaý içilende onuň berjek lezzetine maýyl bolup, çöpleme çöpläp, ot ýakmak bilen boldy. Ol bir
basyp, iki basyp töwerekde çöpleme çöplemekden, ýalyn ysyny doldurman, çaý gaýnatmakdan lezzet alýan
adamdy. Ahmet aganyň bu işe goşulsaň halamajagyny
ýatlap, men düýedir atlaryň aladasy bilen boluberdim. Aýnabat meniň dyzyna urup çökeren düýämden düşensoň, uzyn ösen ýylgyn agaçlaryň arasy
bilen derýajygyň jugurdap, ownugrak daşjagazlary
354
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
togalap akýan ýerine tarap ýöräp gitdi. Men işime
güýmenip ýörşüme, çaýyň yşgyna düşen Ahmet
maýylyň beýlerägimde bir ýerde burnuna salyp sanaýan sanawajyny diňleýärdim.
Oduň gowsy jagrama,
Tagam gowsy dograma,
Keýwanyň bilen iýseň,
Bar zat tagamly, diýsen...
Düýäni, atlary örklämsoň, işlerimi boldum edip,
el-ýüzümi ýuwmak üçin derýajygyň boýuna gelen
mahalym, Aýnabat şindem bu ýerde eken. Ol özüni
çolalyga atyp birneme erkinlenipdir, ýüzi açyk,
bürenjegi gapdaldaky egri ýylgynyň bilinde ýatyr.
Onuň birýan gapdala gözläp, bolup oturyşy haýsydyr
bir zady ýadyňa saljak bolýana meňzeýär. Ýuwnan
mahaly tirsege çenli çermelen ýeňler henizem şol
çermelgiligine dur.
Ine, saňa tegelegrägede ýüzli, çokullary ýeňsesinde
çogum-çogum bolşup duran bir päkize gelin. Gyýarak
gözleri ýeňiljek ümür bilen geriljiräp dur. Aýnabat
meni gören çagy ýaňaklaryna dökülen zülplerini
gulagynyň ýeňsesinde saýhallap, turmak bilen boldy.
Bürenjek ýene-de gelniň täsirini özünde gizledi.
Ahmet aga ikimiz ody orta alyp, çaý içip otyrys.
Aýnabat bizden üç-dört ädim ýeňsede, öýe täzelikde
düşen gelne meňzäp, beýlesine öwrülip iýen-içen
bolup otyr. Ahmet agadan gep-söz ýok, häzir onuň
355
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bar küý-köçesi okara-käsesine gowurma atyp edinen
çaýçorbasynda.
Üçimiz üç ýerden, herimiz bir oý-pikir bilen
gümra bolşup dymşyp otyrys. Ahmet aganyň giňiş
maňlaýyny häli-şindi birsydyrgyn der basýar. Ol
mahal-mahal telpeginiň üstünde duran uly ýaglyk
bilen manlaýyny süpürişdirýär. Onuň aralygy syrylan, hersi ortada emele gelen açyklygyň bir tarapynda towlanyp galan murtlary häzir ol gäwüşäp
oturan wagtynda, düýrügip-süýrenip bir ýerlerden
bir-birlerine tarap süýşüp gelýän birmeňzeş, üsti
tüýjümek, ýaz aýlarynda baýyrlarda juda köp gabat
gelýän meýdan gurçugyna meňzeýär.
Ahyr beýdişip, ýas ýerine gelen ýaly dymşyp oturmak meniň ýüregime düşüp ugrady. Kalbymda nähili-de bolsa bir çykalga tapyp, gürrüňçilige ýol açmak
meýli döredi. Şeýdilse, Aýnabat hem gürrüňçiligi
gulaklap, indi telim günden bäri ýüzüp, daşyna
çykyş bilmän ýören pikirlerinden birsalym aýňalar
diýip oýlanýaryn. Ýöne welin, bu pikiriň daşynda
näçe köwejeklesem-de, meniň belli bir gelen netijäm
bolmady. Ahyry hem çaý-suwdan boldum edip, häli
gelip, gyzyp gelenligi göz öňünde tutulyp, bada suwa
ýakylmadyk atlary ýatlap, ornumdan turdum.
— Sen niräk atlandyň, inim? — Indi öňküsine
görä birneme haýal gäwüşeýän Ahmet maýyl menden
habar sorady.
— Atlar suwsuz durandyr...
— Hä, boldy. Şolary bir inim, gowja et-de sy356
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
gyryp, bir suwa ýak!
— Bolýar.
— Onsoňam, inim, nemedişdir-de, eýerlerinem
aýraý, sowajak bolsa, indi bir çen bolandyr. Günem biraz olary öz elleri bilen sypalaşdyrsyn. Biziň
atlaryň süňňüniň gypba ýarysy Gündür, inim!
Ilki atlary yzyma tirkäp äkidip, suwa ýakyp,
ýerini täzeläp örkenledim. Nobat düýä ýeten mahaly,
ol meni ýylgyna çolaşany üçin esli wagtlap öz töwereginde itinip durmaga mejbur etdi.
Gaýdyşyn Aýnabadyň gapdalyndan ötdüm. Ol
şol bir oturan ýerinde bürenjege öwrülip, bir gysym
bolup oturan eken.
Ýanaşyk ýöräp gelýän atlaryň ilki birisi başyny
göterip, öňde kimdir biriniň bardygyny mälim edip
boýurgandy. Yzysüre bolsa, ikinji at onuň hereketlerini özüçe gaýtalady. Biz atlaryň üşerilişen tarapyna
sereden mahalymyz, gözýetimdäki alaňyň üstünde
iki sany adamyň özümizi synlap duranyny gördük.
Bu töwerekde Kerim hanyň atlylarynyň gözegçilik
edýäni bize bellidi. Häli-häzire çenli ol bolşewigiň
adamsy bolan bolup ýördi. Şeýle-de öz komaňdirimiz
Arnageldi aga bilen onuň kellegözüni iýen ýaly çepdigini, olaryň birek-birege pisindiniň oturmaýandygyny biz bilýärdik. Ýöne olaryň ikisi-de öz geplerine
hä diýdirmegi oňarýan, göwün çykan adamlardy.
Arnageldi aga bir ýola Kerim hanyň ogurlyk
etmese, güni geçmeýän adamlary iliň malyny sürüp
barýarka yzyndan ýetip, hezerki-sugtyny daşyna
357
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
üýşürip, olary suwasalma ýençdiripdi. Soňundanam:
«Baryň, agaňyza habar beriň!» diýip, kowup goýberipdi. Ol tutulyp, ýenjilen ogrularyň arasynda
Kerim hanyň ýakyn garyndaşlarynyň hem birki
sanagy bar eken. Şol gezek han onuň mergenligine
belet bolansoň, Arnageldi aga bilen ýapy saýlaşyp
atyşmaga milt edip bilmändir. Ýöne indi köpden
bäri diýeni bolup, göwni çykyp ýören Kerim hanyň
Arnageldi aganyň atyma gelerini peýleýäninden
habarlydyk.
Alaňyň üstünde ekizler ýaly bir-birlerine çalym
berip duran iki sany ak balak, ak köýnek, başlary
araba tekeri ýaly selleli, gözleri juda ala iki adam
duran eken. Olaryň çep gabatda eli ýaragly durany
biz ýakyn gelen mahalymyz abşarylyp durşuna habar
sorady:
— Haýsy ýerden gelýänsiňiz, haýsy ýere
barýansyňyz?
— Biz Pendidendiris.
— Onda Han ýanyna barmalydyr!
— Bizem bolşewigiň adamsydyrys.
— Ony men bilmen, han biler.
— Ýör, han bilse!
Kerim hanyň atlylary bir giňişlikde düşläp,
dem-dynç alşyp oturan ekenler. Ortarada bir çadyr
gurlupdyr. Kerim hanyň özi şol çadyrda eken. Biziň
habarymyzy almak üçin çadyrdan çykan başy papakly, egni gaýyş keltekçeli saryýagyz adamy men
bada-bat tanadym, ol komissar Şkilterdi. Men ony
358
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
öň hem otrýadlar güýç birikdirip, basmaçylara garşy
söweşen mahallary ençeme gezek görüpdim. Ýaňy
ýolda gelýärkäm hem, onuň bu ýerde bardygyny
çak edýärdim. Hökümet yrga Kerim han düşüner,
düzeler diýen tama bilen bu belli bolşewigi oňa
komissar belläpdi. Komissar meniň özüne uzadan
kagyzlarymy alyp, meniň bilen bilelikde içerik girdi.
Kerim han törde özi üçin ýörite tikilen körpeçäniň
üstünde öňünde üýşüp duran pissä güýmenen bolup
oturan eken.
— Salawmaleýkim.
— Näme hyzmat. Çaparmysyň?
— Ýok, ötegçi.
— Bu adamlar Hywa barýar. — Komissar kagyzlara seredip durşuna biziň habarymyzy berdi.
— Arnageldiniň atlylarymy?
— Hawa.
— Ýeri, siziň Hywada ne körüňiz barmyş?
— Biz ýeke däl, ýanymyzda bir zenan maşgalamyz
hem bar, şony alyp barýas.
— Heleýiňmi? — Kerim han pisse çeýnemesini
goýup, başyny göterip, meniň ýüzüme seretdi.
— Ýok. Bäş-alty günlükdäki çaknyşykda bir gelin ele düşdi, ana, şol. Şony dogan-garyndaşlaryna
gowşurmaga äkidip barýarys.
— Näme, siziň ilde erkek ýokmudy? — Hanyň ala
gözleri ýesersiredi. — Gelni bizde goý-da, gidiberiň.
Sizde ýogam bolsa, oňa hötde geljek ýigit Kerim
handa kän!
359
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
— Biz ony size goýup gitmek üçin bu ýere getiremizok, han aga!
— Özüňizde erkek ýok bolsa, dagy nädersiňiz?
Zenan diňe şeýle ýagdaýda «taňryýalkasyn» bilen
yzyna eltilýändir...
Kerim hanyň içi güjükli sözleri meniň çetime
ýagşy degdi. Onuň ýagdaý tapsa, Arnageldi aganyň atabraýyny garaşilliň atjagy olaryň gatnaşyklaryndan
habarly bolanym üçin maňa mälimdi. Şonuň üçinem
men aňyrdan, munuň adamlarynyň yzyna düşüp
gelýärkäm, işiň bähbidi üçin giň bolmagy özüme
sargap gelýärdim. Şeýle-de bolsa, häzir maňa bu sözlerden soň, soňuny saýmak başartmady. Ondan gep
alyp galasym gelmedi:
— Siziň bu soragyňyzyň jogabyny Arnageldi aga
ýene bir gezek köprüde duşulanda berer, han aga...
Bir ýola Kerim han özüniň on-onki atlysy bilen
Murgabyň Ýolötendäki köprüsinde özünden öň köprä
atyny salan Arnageldini yza döndermek üçin, il
içinde: «Arnageldi Kerim handan terpendi, oňa ýol
berdi» diýen gepi ýaýratmak üçin, onuň öňünden
çykypdy. Ýöne Kerim hanyň nä maksat bilen ýoluny
tutanyny Arnageldi aga hem bada-bat aňypdyr. Ol
şonda töwekgeliň işini Taňry oňar edipdir-de, gylyjyny syryp köprini tutup duranlaryň üstüne «hä»
diýip at goýupdyr. Şol gezek Kerim hanyň ürken aty
aýny wagtynda gapdala, derýa bökäýmedik bolsa,
Arnageldi aga ony gaýgyryp goýjak däl eken.
Han meniň haýsy depäni çaňadýanymy aňdy,
360
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
şundan soň onuň saryýagdyr garagurum goşulyp
sypalanana meňzeş ýagjymak ýüzi has-da mojady.
Maňa ol ýene-de bir söz aýtsam, jöwher bolup, üstüme
süýnerli göründi. Onuň gözlerinden: «Häý, it ogly!. .
Seniň-ä boljagyň-a bar welin, arman bolşewik namart
bolan wagtymda... Ýogsam, bujagaz heleýjigiňi
gözüň alnynda togalap oýnamazmydy Kerim han»
diýen ahmyrly many okadym.
Komissar Şkilter meniň bu ýerde uzak durmaly
däldigimi aňan borly, ol okaşdyran kagyzlaryny
gaýtaryp, yzyna berdi-de, bizi ýola salmak bilen
boldy.
* * *
Gördüm, taň etdim. Görsemem-ä gören ekenim
welin, ýöne bela-da galan ekenim. Şondan soň ol
gelniň derdi maňa gysyr emgek bolup ýapyşdy. Tötänlikde açylan etek ýaly ol otursam-tursam, gözümiň
öňünden gitmedi.
Ýoly menzil-menzil çaýlap-suwlap geçip barýas.
Meniň pikirim yzdan gelýän düýede. Ahmet aga bilen
gürleşýän halatlarymam, ol meniň gözümiň öňünden
gitmeýär. Men onuň bürenjegiň arkasyndan özümi
ogryn synlaýanyny, şol ýerde oturyp, oturyp-turşuma
baha kesýänini çak edýärin.
Tizden men gaýa-gopuz ýok ýerinden bu gelni
özümiňki diýip aňryma geçirenimden soňky boljak
zatlary hem süýjülik bilen ýatlamagy çykardym.
... Bir ýerlerde gelip, öýümiziň beýleräginde at361
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
dan düşýärin, öýüň eňsisi serpilipdir, ol ýerde Aýnabat ojak başynda hamyr ýugrup otyr. Ol meniň gelip,
atdan düşenimi görüp, begençli ýylgyrýar. Onýançada, içeriden iki sany çaga, bir oglanjyk, bir gyzjagaz
ylgaşyp çykyp, «kaka-da, kaka» bolşup, maňa tarap
gaýdýarlar. Men olaryň hersini bir gujagyma alyp,
ardynjyrap, Aýnabadyň oturan öýüne girýärin.
Aýnabadyň welin biziň bilen şol bir bolşudy.
Wagtyň, heniz biziň haýrymyza eden işi ýok. Diňe
meniň Aýnabatly ýatlamalarymyň, süýjäp örüsi
giňelýär. Ony gürrüňe goşma niýeti bilen edilen
synanyşyklaryň bolsa, hemmesi şowsuz gutardy. Bir
gezek Ahmet aga ikimiz ikiçäk otyrkak, ol: «Saçy
kesilen geplemän alaýýar, bir gepläýsedi, onda bir
alajy tapyljak welin» diýip, Aýnabadyň bize per bererlikli däldigini boýun aldy. Ony gürrüňe goşmaga
synanyşýanlaryň biri özüm bolsam-da, gelniň gürrüňe
goşulmaýanyny bir tarapdan unaman hem duramokdym. Göwnüme bolmasa, Ahmet agany hem onuň
ýelgini galgadyp ýörene meňzeýär. Wagt tapsa, ol
horjunyndaky myhraz-müçegini alyp murtuny timarlamaga oturýar. Silkmesini eline alyp, häli-şindi onuň
burmalaryna mahabat berýär. Özi-de juda çaýsyraýmasa, hemişe keýplije. At üstünde barýarkan hem
nazaryny uzaklara dikýär-de, haýsydyr bir aýdyma
hiňleniberýär. Men ol aýdym aýdýan mahaly «Häzir
onuň hyýalynda öz ýanymdan anryma geçirip ýören
Aýnabadym uz sallanyp ýörendir, ol bu çal bedibagta
mähirli ýylgyryp seredýändir diýip, gabanjaňlyk
362
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
bilen oýlanýardym. Ahmet maýyl: «Nädýä, aýdym
göwnüňe ýaraýarmy?» diýip, ýüzüme sereden mahaly
bolsa, göwni üçin makullap, baş atýanam bolsam,
Aýnabady ilden gizläp gabanýanym üçin, onuň gyzgelinleriň töwereginde aýlanyp-öwrülýän aýdymlary
maňa juda bir ýarabam barmaýardy. Şeýle-de bolsa,
syr bermezlik gerekdi.
Biz uzakly gije at üstünde şöwür çekip, jahan ýagtylyberende, Örme guýusyna ýetdik. Gije durlanyp,
çöl ýaňy öz kaddyna gelip ugrapdy. Üç-dört günlükde
bu ýerde bir çopanyň çaýlap-suwlap gideni belli
bolup dur. Guýynyn töweregindäki ürgün çägäniň
üsti çörüň derdinden ýere gurt düşene meňzeýär. Ot
ýakylan ýeriň gapdalynda ik-üç bölek ojar oduny hem
çakyr süňke çalym edip ýatyr. Bagtymyza guýynyň
tanapdyr gowasy özünde eken, şonuň üçinem, biz
bu gezek guýudan suw alnanda, öňki gezekdäki
ýaly ýanymyzda bar bolap tanaplary biri-birlerine
ülňeşdirip — uzaldyp, at torba sallap azara galmaly
bolmadyk.
Men atlary yzyma tirkäp äkidip, örkenläp gelen mahalym, Ahmet aga guýudan düýe bilen çekip
çykaran göle derisinden edilen gowanyň suwuny
dökän-saçan edişdirip, boş gaplara guýuşdyrýardy.
Oňa gapdaldan kömek berýän Aýnabat bolsa hol
beýlede Ahmet aganyň sakla diýen ýerinde rugsada
garaşyp, düýäni butnatman owsarlap durdy.
Biz suwdan geregimizi edinip, tüňçeleri oda
goýýançak, daş-töwerek kemsiz ýagtyldy. Şapak
363
Agageldi Allanazarow. Çat açan meňzil
gyzaryp ýanyp, Günüň dogar ýerindäki hereketsiz
duran bulutlar harsaň-harsaň bolşup ýatan altyn
böleklerine öwrüldiler.
Nahar-şordan soň, Ahmet aga meniň bilen ikiçäk
hymy-symy gürrüňiniň bardygyny aýdyp, meni
töwerekdäki alaňlaryň biriniň üstüne alyp çykdy.
Agşam bu alaňyň üstünde ik-üç sany tilki ýakalaşyp
oýnan borly, aýak yzlary çägäniň üstüni torç edip
basgylapdyr. Guýa seredeniňde, bu ýeri has beýik,
hem hol öňdäki barlygy belli bolan şoruň ortasynda
şora goşulman, özbaşyna ada bolup oturan depäniň
arkasy görünýär.
Ahmet aga nas atansoň, biz birsalym kimdir
biriniň yzymyzdan ýeterine garaşýan ýaly bolşup,
gelen yzymyza seredişip, dymşyp oturdyk.
Ahmet aga nasyny tüýkürensoň: «Inim, bu ýerden
yzymyza dolanaýsak nähili bolarkan?!» diýip, maňa
maslahat saldy. Belli guýulardan çen tutulanda,
biz häzir Tejen obalarynyň duşundadyk. Özi-de biz
gum içindäki basmaçylar bilen gulakdaş adamlaryň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 18
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.