Latin

Daýyňam gözüňde bolsun - 13

Total number of words is 3532
Total number of unique words is 1956
33.2 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
getirmek üçin paraşýut sklada ýollady. Meýdançadaky paraşýutlary taýynlamak gürrüňi hakykat
bolup çykdy.
Esgerler paraşýutlary getirip, ukladka mahaly ýazylýan düşekleri ýazyşdyryp, üsti gytyjak otly meýdançanyň üstünde hatara edişdirip
goýuşdyrdylar.
Birinji karantin rota nahardan soň gelip, işe
başlanda, üçünji batalonyň esgerleri eýýäm işe
girişipdirler. Töwerek ak paraşýutlardan ýaňa gar
düşen meýdana çalym edýärdi, esgerler guşaklygyna
çenli çykarynypdylar. Daşyna gelşikli edilip dolak
oralan ädikler, birmeňzeş edilip goýlan gimnastýorkalar, bir gapdalda tertip bilen hatara goýlupdyr.
Lugowkin paraşýutyny çözen mahaly, onuň hanasyna ýel dolup, howada galgap, ony yzyna düşürip
idenekledip çekip ugran mahaly ýerli-ýerden oglan256
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
lar kömege gelmedik bolanlygynda, paraşýut wagty
bilen onuň tartgy-çekgesine gelerli däldi. Serjant
Suglubowyň paraşýutyndan özge meýdança getirilen
ähli paraşýutlar çözülip, ukladka edilip ugraldy. Serjant Suglubow bu ýerde ýokdy. Ol mundan bary-ýogy
bir sagat öň özüniň demble gidýänini eşidipdi. Häzir
ol kazarmada howul-hara ýol şaýyny tutup otyrdy.
Demble gidýän esgerler elleri çemodanly plasa gelip
giren mahaly hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň
hemmesi bir kemsiz geýnip beslenipdirler. Ýaş esgerler bir salym demble gidýän esgerlere gözigidijilik
bilen seredişip durdular:
— Wagt geçýär...
— Gyssansaň geçäýmänjik gider — diýip, öz
boýunyň hözürini görüp, iliň depesinden seredip
duran Lukowkin ýeňsesini gaşap bir zatlar diýmekçi
bolan Çaşiniň sözüni agzyndan aldy.
— A sen gyssanma!
— Bizem bir gün şolar ýaly bolup, iň soňky gezek
polkumyzyň baýdagyna guwanç bilen seredip öteris...
— Näme dembliň pikirini edýäňizmi, salagajyklar! — Hataryň bir ýan başyndan ukladkanyň
hilini barlap gelýän agras maýor özüniň golaý gelenini mälim edip dillendi. Babageldi barlanmak
nobatynyň öz paraşýutyna ýetenini görüp gyssandy.
Ol eglip, öňden taýynlanyp goýlan towugyň bellik
edilen aýagyna meňzeş gyzyl bellikli stropany, on
dördünji stropa bilen bilelikde ýokaryk göterdi.
— Dembliň pikirini etmäge entek saňa ir. Her
257
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
zat öz wagtynda gowy. Paraşýutyň hakda oýlan! —
Maýor bu sözi esasy paraşýutdan geçip zapasnoý
paraşýutdan kem tapan çagy igenç äheňinde aýtdy.
Orkestriň şowhunly owazy ýene-de hemmeleriň
ünsüni özüne çekdi. Demble gidýän esgerler üç
hatara düzülip, nyzam bilen polkuň baýdagynyň,
komandir polkuň birnäçe öz egindeşleri bilen duran
ýeriniň gapdalyndan ötdüler. Ýaş esgerleriň köpüsi
öz serjantlaryny uzakdan tanady. Serjant Suglubow
üçünji hataryň öňünde ýöräp geçdi. Ol indi ençe
günden bäri ýol keýpi bilen ýaşaýardy. Sypynsa,
oturyp kemeriniň demrini, iliklerini aýratyn yhlas
bilen süpürip ýalpyldadýardy. Bir ýola Babageldi
gijäniň bir wagty oýanan çagy serjant Suglubowyň
geýim-gejimlere serenjam berilýän otagda, murtluja
kaptýorkaçy bilen gürleşip oturanyny gördi. Ertir ol
bu barada oglanlara aýdanda olardan birisi: «Ol diňe
bu gün däl, indi üç günden bäri ýatyp bilenok. Uzyn
gijäni ädigini ýaglap, pogon tikinip dymyrdanyp
geçirýär» diýip dillendi.
Demble gidýänler tribunadan ýagşy saýlanansoňlar,
olaryň arasyndan kimdir biri hatardan çykyp, elindäki çemodanyny ýerde goýdy-da, paraşýut ukladka
edýän oglanlara tarap öwrülip, birnäçe sekundlap bir
elini howada galgadyp durdy. Ol Witýa Suglubowdy.
Karantin rota onuň özleri bilen hoşlaşýanyny bildi.
Dabaraly «urra» sesi töwerege ýaň berdi. Bu ýaş
esgerleriň öz komandirlerine: «Ýoluň ak bolsun»
diýdikleridi.
258
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Leýtenant Buýnow öz karantin rotasyny bir kemsiz goş-golamy bilen besläp, ýene-de taktiki okuw
geçilýän meýdana alyp çykdy. Ädikler gorsuldaşyp,
biri-biriniň seslerini gaýtalaşdylar. Inçejik ak tozan
asmana göterilýärdi. Kazarmadan uzaklaşmanka,
esgerler öz ýanlaryndan: «Ertir salkyn geçen taktiki
okuw leýtenantyň göwnüne jaý bolan däldir, ol indi
bizi täzeden itimiz çykýança elewreder» diýen pikirdediler. Şeýle bolanda leýtenant şol bir zady irginsiz
köp, tä öz göwnüne jaý bolýança gaýtaladardy.
Rota meýdanda eglenmän, tokaýa girip, tegelenip
duran açyklykda saklandy. Leýtenant Buýnow birsalym rotany tutuksy nazary bilen synlap duransoň,
olara töweregi ýaýrap dynç almaga ygtyýar berdi.
Goşhaltalaryň üstüne keseligine goýulan ýaraglaryň
ýanynda Andursow birinji bilen ýüzi ýakymsyz, agzy
kiçijik, sähel zat bolsa kimdir birine sürünäýesi gelip
duran, kiçi seržant Morozow galdy. Agaçlaryň arasy
ýalazy meýdana seredeniňde birneme garaňkydy, tutuksydy, bu tutuklyk Babageldä çölüň nazaryna juda
meňzeş bolup göründi. Çölde hemişe ony töweregiň
düşnüksiz nazary oýlandyrardy. Şeýle-de çöl onuň az
gepli çagalaryny nazar astynda terbiýeleýän kakasyna
meňzeş bolany üçin mähribandy. Ýeňseden bir ýerden
çybşyldy eşidilen mahaly, Babageldi ýoldaşlarynyň
birini görmek üçin şol çybşyldynyň eşidilen tarapyna
öwrüldi. Töwerekde görünýän adam ýokdy. Bir ýer259
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
lerden Lukowkiniň şaňňy sesi eşidilýärdi, ýöne o-da
uzakdady. Birdenem onuň nazary pessejik agaçlaryň
arasynda owlagyny yzyna tirkäp ýören suguna düşdi.
Babageldi adam tarapyndan How-ene, Adam atadan
bäri söbügine düşülip, zähresi ýarylan jandarlaryň
özüni görse gözüne urlan ýaly ümdüzine tutduryp
gaçjagyny ýatlap, çiň arkan düşüp ýatdy-da, pilotkasyny kellesiniň aşagyna goýup, agaçlaryň aralygyndan görünýän, seretdigiçe ýere golaýlaýan asmany
synlap ýatdy. Tizden ol özüniň Pribaltika tokaýynda
ýatanyny, on-ýigrimi ädimliginde sugunlaryň owlagy
bilen aýlanyşyp ýörenini hem unutdy.
Golaý bir ýerde daşdeşen «tatyrdadyp» kimdir
biriniň gapysyny kakyp ugran mahaly, Babageldi
onuň nähili guşdugyny görmek üçin ör galdy. Uzyn
syrdam pürsüz agajyň ortam bilinde, bili zynjyrtanaply pürse çykan montýora meňzäp, bir daşdeşen
gydyrdanyp otyrdy. Ol Babageldiniň özüne golaýlap
gelýänini gören badyna galgap, ýene bir agajyň
başyna göç etdi. Birsalymdan onuň «awtomaty»
ýeňsede bir ýerde «tatyrdap» ugrady.
Babageldi bir wagt nagm bolany mälim bolup duran ýere ýetende, bir ýakymly ys onuň burnuna doldy.
Ol durup töwereginde syn saklan mahaly, okoplaryň
içinde, gyralarynda türkmen baýyrlarynyň çopantelpeklerine meňzeş landyş gülleriniň toparlanyşyp
ösüp oturanlaryny gördi.
Babageldi yzarlap gelýän ýodasy bilen açyklyga
çykan mahaly, bu ýerde Güne meýmiräp ýatan
260
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ýoldaşlarynyň birnäçesiniň üstünden geldi. Olar
düşen-düşen ýerlerinde otlaryň üstünde serlişip
sessiz-üýnsüz ýatyrdylar. Bu ýerde üstünden ýyl
aşyp çüýrän ýapraklaryň goýry ysy bardy. Otlar bolsa
agaçlaryň arasynda ösen otlar bilen deňeşdireniňde
has ösgün hem dury reňklidi.
Babageldi ýoldaşlarynyň bolup ýatyşyny synlap,
häzir olaryň özleri üçin iň ýakymly bolan ýatlamalara
berlip ýatanlaryny çak etdi. Onuňam bu lezzetden
çetde galasy gelmedi. Il azarsyz olam bir amatly orun
saýlady-da, çiň arkan düşüp, asmandaky goşulyşypaýrylyşyp ýören ak-ala bulutlara seredip ýatdy.
Günüň şöhlesi diýseň ýakymlydy. Bir salym
ýatansoň Babageldiniň Günüň aşagyndan galasy
gelmedi. Ýatmak oňa ýatdygyça hoş ýakdy.
— Bu böwşeňlik näme boldugykan, ýa-da gullukda şeýle wagtal-wagtal öz ugruňa kowmak diýen ýaly
bir bap hem barmykan? — Birsalymdan Inýuşynyň
gyryksy sesi eşidildi.
— Leýtenant bizi käbir zatlary ölçerip-dökmegimiz üçin dogrudanam öz-özümize kowana
meňzeýär. — Babageldi hem ýatan ýerinden Inýuşin
bilen pikirdeşdigini mälim etdi. Ol ýene-de: «Tokaýy
synlan bolsaňyz, ol biziň leýtenanta juda meňzeş
pikirli hem köpmanyly diýjekdi. Onýança çemini
tapsa, geplemegi halaýan Lugowkin şaňňy sesi bilen
jammyldap gürrüňe goşuldy.
— Hany, tosla bakaly mugallym, hezil zadam
aýdýasyň-da. Geliň, oglanlar, ýalanam bolsa, şu
261
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
ikisiniň diýenine ynanalyň. Eý, eşitdiňizmi! Hemmäň
güp ynanyň, eý!
— Lugowkin, näme alsaň al-da, häzir şu
jyňňyldyňy goýsana. Hut çybynyň bar-da. — Kolobok ýerinden gozganjyrap, gep-gürrüňiň häzir artykmaçdygyny mälim etdi.
— Kolobok bes et, ýogsam iýerin! — Lugowkin
Kolobogyň ertekidäki kolobokdygyny ýatladyp, oýunlyga salyp kikirdedi.
Babageldi hemmelere oýlandyran bu böwşeňlik
barada ýolda-yzda esli oýlansa-da özüni kanagatlandyrjak belli jogaby tapyp bilmedi, diňe şol günüň
ertesi ala-säher bilen gyr-gyssag bolnyp ýola düşülen
mahaly, düýnki gezelenjiň dartgynly günüň öňündäki
az mahallyk ýörite berlen ýazgynlykdygy hemmelere
öz-özünden belli boldy.
* * *
Üsti esgerli, paraşýutly maşynlar aerodroma gelende, töwerek heniz ýagtylyp ýetişmändi. Allowarrada duran uçarlaryň hokranmalary eşidilýärdi.
Töwerek, oglanlar paraşýutlaryny alyp, barlag zonadan aňyrda öz uçara münmek nobatlaryna garaşyp
otyrka, ýuwaş-ýuwaşdan agaryp ugrady.
Oglanlar özleriniň ot-çöpli alaň-açyk meýdanda
oturandyklaryny gördüler. Jahan ýagtylansoň, hälki
uzakdan sudur bolup görnen gara salgymlar hem
uçma hyýal bolşup duran ak uçarlara öwrüldiler.
262
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Düýn-öňňinki paraşýut ukladrasynda bolan ak ýüzli
maýor häli-şindi esgerlere degip ýylgyrýan, kapitan
bilen bile aýlanyp, paraşýutlaryň ýagdaýyny ýene
bir ýola gözden geçirişdirýär. Güwwüldeşip, taýyn
bolşup duran uçarlarynyň hersi esgerlerden ýetdik
paýyny alansoň, asmana göterilmäge başladylar.
Babageldi illýuminatordan sereden mahaly, aşakda
uçara münmek nobatyna garaşyp duran, arkalary
paraşýutly ýoldaşlarynyň toparyny gördi. Aşakdaky
ownujak köller häzir depesinden seredeniňde, başlybarat zyňlan aýna bölejiklerine meňzeýärdi. Uçaryň
içine ümsümlik aralaşdy. Esgerler birsalym öz oýpikirleri bilen ikiçäk galdylar.
Biraz salymdan gapdalda gapa golaý oturan ýüzi
ýylgyryşly kapitan ör galyp, sagadyna, soň bolsa
lýotçikleriň oturan tarapyna seretdi. Onýança sireniň
sesi ilkinji bökmeli hatary ör göterdi.
— Gitdik...
Babageldi bökmekçi bolup, çykalga baran
çagy çygly şemal onuň demini tutdy. Ol öz öň
ýanyndaky ýoldaşlarynyň eýýäm howada gaýmalaşyp
barýandyklaryny gördi. Uçardan bökülensoň, ol ýedi
ýüz bir, ýedi ýüz iki diýip ýedi ýüz bäşe çenli sanamalydygyny ýatlady, diňe şondan soň gysymyndaky
paraşýuty açyjy trosy aşak çekmelidi. Erkin gaýyp
gelýän göwre birden silkindi. Şundan soň onuň uçuş
tizligi kemelmek bilen boldy. Jany arama girip ýokarsyna sereden wagty ol paraşýutynyň hanasyna ýel
dolup, giňden açylyşyp ugranyny gördi.
263
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Asmanyň ýüzi gaýda-gaýmalaşykdy, kimseler
asmanda uçup ýördi, ýene kimseler sallan-sallan
bolşup, eýýäm ýere ýetip barýardylar.
Babageldi töweregini synlap, biraz asmanda
hallan atansoň, ýene-de onuň keýpi göterildi. Her
gezek onuň paraşýuty bilen asmanda uçup ýörkäň,
öň aýdym aýdyp ýören bolmasa-da, keýpi göterilip,
aýdym aýdasy gelýärdi.
Häzir töwerek belli bir hudožnigiň ussatlyk bilen
ýerine ýetiren kartinasyna çalym edýärdi. Aşakda
ýere düşen esgerler paraşýutlary bilen idirdeşip,
gaýda-gaýmalaşyk bolşup ýördüler. Bir gapdalda
günüň emri bilen zer-zerbap geýnen tokaý agaçlary
bu tomaşa gelen agyr märekä meňzeýärdi. Birbada
ençe uçardan esgerler dökülýärdiler. Bir-birlerine
meňzeşip uçuşyp ýören paraşýutlar ýene-de Babageldä ak öýli türkmen obasyny ýatlatdy. Ol uçup
gelşine, häzir özüniň atyny iki-ýeke basdyryp, bir
obanyň çetinden giren ýolagça meňzeýändigini ýatlady.
... Ol bir öýüň gapdalynda arkasyny tärime berip
oturan mamasyny gördi.
— Oglum, sag-aman ýörenmisiň?
—?
— Daýyňam gözüň-de bolsun, o-da Orsýete
gidipdi...
Babageldiniň gözüniň öňündäki mamasynyň
keşbiniň ornuny daýysy eýeledi. Hem ol bada-bat
mundan sanlyja sekunt öň özüniň dünýäni sarsdyryp
aýdym aýdasy gelenini unutdy.
264
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
* * *
Böküşlik birýan ýüzli bolşuberipdi. Her bölümiň
paraşýuty aýratyn bölek-bölek bolup dur. Esgerler
onda-munda hümerlenişip, gürrüň edişip durlar.
Eginleri böklüşik mahalynda geýilýän kombinzonly,
elleri galam-kagyzly komandirler paraşýutlaryň
töwereginde köwejekleşip, olary hasaba alýarlar.
Hemmeleriň ýüzi açyk. Olar öz asmandan inişlerini
bir-birlerine höwes bilen gürrüň berýärler.
Diňe leýtenant Buýnowyň ýüzüniň şol öňküligi. Ol
ýüzde ne asmanyň täsiri görünýär, ne-de töweregiň.
Leýtenant iki esger bilen paraşýutlary ýeke-ýeke hasaba alansoň, gidip bir topar oglan bilen gürleşip duran at ýüzli maýora paraşýutlaryň dolulygy hakynda
maglumat berdi.
Esgerler maşynlara münüp, polka tarap
ugransoňlar, ýolda, beýleki karantin rotadan bir
oglanyň asmanda aljyraňňylyga düşüp, gaty bir
zerur bolmasa açylmaly däl ätiýäçlyk paraşýutyny
açandygy hakynda gürrüň boldy.
Bu gezekdäki böküşlik mahalynda, şundan
özge bir dile alar ýaly üýtgeşik zat bolmandy.
Bahtyýarowyň bolşy has üýtgeşikdi, ýöne ol hakda bu
oturanlaryň hiç birisi häzire çenli hiç zat bilenokdy.
Witýa Bahtyýarowyň özi-de häzire bu oglanlaryň
arasynda ýokdy. Ol bökmeli wagty uçardan böküp,
iliň biri bolup bilmändi. Bahtyýarow uçarda galyp,
şol giden uçary bilen ýene-de yzyna dolanyp gelipdi.
265
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Onuňam bada-bat düşen ýerindäki otur-tur işler
buýrulany üçin häzir bu oturanlaryň hiç birisi hiç zat
bilenokdy. Olar iki paraşýutyny asmanda bir wagtda
açan oglanyň gürrüňi bilen gyzyşyp ugrapdylar, ony
ýazgarýanam bardy, tersine arkasyny çalýanam. Pälwan sypat Inýuşin onuň öz ildeşidigini aýdyp, käbir
göz öňüne getirip bilmeýänler üçin ony söz bilen
suratlandyrdy:
— Hol Prokopenko bilen Andursow ikinjiniň
aralygyndaky krowatda karantin rotalara bölünmänkä biri ýatandyr-a. Burny bir göreniň ýadyndan
çykarly däldir-le. Tilkä meňzäp durandyr, özem jylk
sarydyr...
— Onuň ol edişi bolmandyr — diýip, Lugowkin
Inýuşiniň sözüni agzyndan alyp, tilkä meňzedilen
oglana sowuklyk bilen at dakdy. Inýuşinem öz
gezeginde ildeşiniň asmanda elinde baryny edip,
öz ýalňyşlygyny düzetmäge çytyraşanyny, uly
paraşýutynyň açylýanyny görüp, bada-bat etegine
döken ikinji paraşýutyny ýygnajak bolşuny aýdyp,
Lugowkiniň pikiri bilen özüniň ylalaşmaýandygyny
duýdurdy. Lugowkin Inýuşini ýaňsa alyp ýylgyrýar,
hem töweregine seredip, başgalaryň nazaryny okaýar.
— Ol ilki howlukman, ýokarsyna ýagşy bir seretmelidi, bir gezek seretdiň paraşýut hereketsizmi
onsoň birsalymdan ýene bir gezek seret.
— Onsoň ýene ýere ýeter-ýeter uçuryňda, üçünji
gezegem bir ýokaryňa seret, ine, şol seniň iň soňky
gezek asmany gördügiň bolar. — Giň ýeriň gürrüňiniň
266
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
edilmegini halamadyk Andursow Kolobogyň siňňitli
başlan gürrüňini ýaňsa alyp, has-has edip kükregini
silkeläp güldi.
— Daş-töweregiňe seretmeli diýýäň, aýdýan
zadyň dilde aňsat. Paraşýutyň açylmanka, ol-a
telim gezek ýokaryňa seretmekmişin özüňe bir gelip
bolýarmy näme? — diýip, garaýagyz Mihaýlina-da
gürrüňe goşuldy.
— Mihaýlinaňky düşnükli, ol öz aýbyny açýar.
Men her gezek paraşýutymy açylansoň, özüme gelýän
diýjek bolýar.
— Gepi güjükletme, Lugowkin! — Mihaýlina
ýüzüne gyzyl reňk çaýyp oturan ýerinde jibrindi.
— Asman ýalňyşlygy bagyşlamaýar. — Mihaýlina
gyzyp, gürrüňe girişi ýaly, ýene-de duýdansyz tiz
çykansoň, jedel has gyzdy.
— Esasy zat, şol aman-sag ýere düşdi dälmi?
düşdi. Ine, gepem şonda!
— Ýeňijini sud etmeýärler diýjek bolýansyň!
— Ýeňijiniň ýeňiş sazyny çalmaga haky bar,
diýjek bolýaryn.
— Şol ýeňşiň şanyna boljak dabarada meniň
sazandalyk edesim gelýär.
— Ýaňsyla bakaly. Indikile şeýdäýse, ol aman
düşäýmez. Onuň bagtyna bu gün şemal bolmady, eger
şol dagy bolaýan bolsa, baryp paraşýutlar bir-birlerine
çolaşardylar, tomaşany ana onsoň görerdiň... Esgerler
birsalym hut dilleşilen ýaly, agzybirlik bilen dymşyp
oturdylar. Diňe şundan soň, Lugowkiniň bir adam
267
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
beýle ýanynda Babageldiniň oýurganyp oturanyny
gördi. Pilotkasyny maňlaýynyň üstüne süýşürip,
göwünli-göwünsiz ýeňsesini dyrmalaşdyransoň,
Babageldiniň egnini kakdy. Babageldi göwünsiz
Lugowkine tarap öwrülip: «Näme diýmekçi?» diýen
manyda baş atdy.
— Sen näme diýmekçi?
— Hiç zat.
— Geple. Senden özge şu ýerde dilli bolsa-ha, bir
dilini bulaýlap gördi!
— Biz geplemek nobatyny saňa berdik.
Babageldi asmanda hyýalynda mamasy bilen
gürleşeli bäri daýysy bilen bagly bolan ýatlamalaryň
täsirinden uzaklaşyp bilmän gelýärdi. Daýysynyň
öýlerindäki törden asylgy duran suratyna meňzeş
keşbi onuň töwereginde, ýakyn bir ýerde aýlanyp
ýördi.
Babageldiniň özi daýysy bilen duşuşyp, birbirlerine «daýy», «ýegen» diýşip, gören oglan däldi.
Ol daýysyny hemişe ilden eşiden gürrüňleriniň üsti
bilen göz öňüne getirýärdi.
... Holha ol ýene-de Arnageldi aganyň gürrüň
berşi ýaly Russiýanyň bir ýerlerinde selçeň agaçly
tokaýda bäş bir, on bir bolup oturan esgerleriň
arasynda Arnageldi aga bilen, bir katelokdan nahar
iýip otyr. Onuň töweregindäki esgerleriň birinden özgesiniň ýüz gurawy häzir Babageldiniň töwereginde oturan ýoldaşlaryna çalym edýär, diňe oňa
belli bolan Arnageldi aganyň öz ýüzi, öz gurawy. Şol
268
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
mahal bir top oky gelip, olaryň beýle ýanyna düşýär.
Apyla-sapyla sowlansoň, anyklanylan mahalynda,
üç-dört ýaralynyň birisiniň Babageldiniň daýysydygy
belli bolýar. Arnageldi aga ony medsanbata ugradyp:
«Ýene-de duşuşarys» diýip hoşlaşýar...
Bu waka Arnageldi aganyň gürrüňine görä kyrk
ikinji ýylda bolan zat, öýleri bolsa ondan kyrk dörtdede hat alypdy.
Dik depesine seredip uwlaýan itiň sesine meňzeş
aýdym sesi çykyp ugran mahaly, maşyn şugundyr
ýygnalýan meýdanyň gapdaly bilen barýardy.
Pyýada goşunyň sekmejek ýerne,
tanklaň atymyndan bolanda uzak,
Ol ýere desantçy biziň goşunmyz
Asmanda gaýmalap düşer her gezek.
Meýli bolan ýetişen ýerinden aýdyma goşulyşyp,
aýdyma başlan Andursow birinjini özüçe makullady.
Biz üçin parhy ýok sümme tokaýyň,
Suwa-da, batga-da düşüp ýörüs biz.
Desantçyň almajak galasy bolmaz,
Egninde paraşýut — ol biziň öýmüz.
Şugundyrly meýdanda gyz-gelinleriň görünmegi
ýürekleri ersdirip, aýdyma has-da göçgün berdi. Oglanlar öz ýanlaryndan gyzlar hakynda pikir edişip,
birsalym esgerdiklerini, maşynyň üstünde oturandyklaryny hem unutdylar.
269
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Şugundyrly meýdan yzda galansoň, oglanlar
aýdym aýtmagy goýbolsun etdiler. Her kim gyzgelin bilen bagly, öz ömründe bolan ýakymly bir
pursady ýatlap, bal kölüne batyp otyrdy. Şugundyrly
meýdanyň gyzlary bolsa esger hyýallarynda, henizem
olaryň yzlaryndan galman mylaýym ýylgyryşyp,
başlaryndaky akja ýaglyklaryny bulaýlaşyp, maşynyň
gapdaly bilen gelýärdiler.
* * *
Bir aý dolup-dolmanka ýakynda gulluk etmäge
gelen oglanlar, dabara bilen esger kasamyny kabul
etdiler. Şol gün adaty gün bolsa-da, kazarmalaryň
maňlaýyndan baýramçylyk günlerindäki ýaly
baýdaklar asyldy. Komandirleriň ählisi diýen ýaly bu
gün işe baýramçylyk lybaslaryny geýşip, görmegeý
bolşup geldiler.
Irki naharda ýaş esgerlere süýt goşulan kofe bilen
köke berildi. Olar çykyp barýarkalar, naharhananyň
öňünde starşina Marçilýunas durdy. Starşina aşhana
tarapdan gelýän ýakymly ysy ysyrganyp, töwerekdäki oglanlary begendimek isledi.
— Gör, nähili ýakymly ys. Baryň kasam kabul
edip, hakyky esger bolup bir geliň, günortan siz
tagamly kotlet iýersiňiz.
— Ýoldaş starşina gyzgynjak kofäň üçin sag bol.
Tüýs ejemiň taýynlaýan kofesi ýaly eken...
270
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Andursow ikinji starşinanyň gapdalyndan
geçende säginip, oňa aýratynlykda minnetdarlyk
bildirdi.
— Ogul jigiň bolsun, ýoldaş esger, ýigrimi ýyldan
o-da seniň ýaly gowy ýigit bolup ýetişer...
Starşinanyň arzuwyny eşidip, Andursow ikinji
ýüzüni turşutdy.
— Eger indi ogul jigim bolsa, men ol öýe dolanyp
barmaryn. Meniň kakam ýok ahyryn. Maňa beýle
arzuw etme, ýoldaş starşina! — diýip, nägile boldy.
Starşinanyň tötänlikde Andursowyň ýarasyny
basany belli boldy.
Lugowkin gülüp: «Andursowlaryň ikinjisi niredekän?» diýip, töweregini boýurganan wagty, onuň
Kolobokdyr Inýuşin bilen üç bolup, howul-hara bir
çilimi soruşyp, gürrüňiň bir çetiniň gulaklaryna
ýetenini mälim edişip, gülşüp duranlaryny gördi.
Ýaş esgerler aralygy polkuň howlusyndan
uzak bolmadyk tokaý etegindäki daş-töweregi at
gaýtarym açyklyk bolup duran, doganlyk mazaryň
üstünde gurlan ýadygärligiň öňüne üýşürdiler. Uly
çinli komandirleriň köpüsi eýýäm bu ýerdediler.
Polk komandiri polkownik Bliznýuk ýadygärligiň
golaýynda bu dabara ýörite çagyrylan myhmanlar
bilen gürleşip, esgerleriň doly jemlenerine garaşyp
durdy. Her rotanyň kasam kabul etjek ýerinde üsti
gyzyl mata bilen örtülen ýörite stollar goýlupdyr.
Polk orkestriniň esgerleri-de bir tarapda üýşmeleňe
dabara bermek üçin turbalaryny gujaklaşyp durlar.
271
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Orkestriň ýolbaşçysy eli dirižor taýajykly komandir
harby adamlara gelişmeýän äýnegini aýryp-dakynyp
hataryň öňünde gezmelän bolup ýör.
Polk baýdagy üç adamyň ugratmagynda dabara
bilen gelip, ýadygärligiň öňünde öz hormatly ornuny eýelänsoň, polkownik Bliznýuk öz esgerlerini
«Mukaddes kasam» kabul edilmegi bilen gutlady.
Özüňe ynanylan polkuň hemişe atalaryň ynamyna
mynasyp boljakdyklaryna ýadygärligiň öňünde söz
berdi. Komandirden soň eli hasaly şeýle-de bolsa,
daşyndan syrdam görünýän myhman goja söz aldy.
Ilkinji aýdan sözlerinden onuň ozalynyň matrosdygy mälim boldy. Ol uruşda öz komandirlik eden
korablynyň Leningrady goraýşyndan gürrüň açdy.
Şemal onuň ilikleri ýazan plaşyny bir gapdala serpen wagty oglanlar onuň döşünde «Altyn ýyldyzyň»
lowurdap gidenini gördüler. Ýaşulynyň yzyndan orta
boýly saçlarynyň biri galman agaran dogumly aýal
gürledi:
— Serediň ýigitler, bu ýerde ençe müň sany sowet
esgeri ýatyr! — diýip, ol gürrüňini ýadygärlikden
başlady. Gürrüňiň dowamynda aýalyň söweşde wepat
bolan esgerleri şu ýerde jaýlamaga gatnaşandygy,
ýörite topar bolup olary araba bilen şäheriň çar
töwereginden çöpläp daşandyklaryny ýatlady. Ol
aýal ýagdaý hakynda şeýle bir beletlik bilen janygyp gürledi welin, bada-bat hemmeleriň watançylyk
duýgusy ulalyp ýüreklerde tolkun gomlary emele
geldi. Babageldiniň gözüniň öňünde tokaý ýoly bilen
takyrdap gelýän üsti jesetli arabalar janlandy. Ol şol
272
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
hyýaldaky arabalaryň birinde murtluja çypar esgeriň
gapdalynda ýatan esgeriň keşplerini öýlerinde asylgy
duran suratdan çen tutup, ony daýysyna meňzetdi.
Ol nobaty ýetip baýdagyň öňünde harby kasamy pertpert aýdyp durka hem ýadygärligiň duran ýerine —
doganlyk mazaryna gelýän arabalar onuň gözüniň
öňündediler...
Şol dabaradan iki-üç gün soň polkuň suratçysy
kazarma oglanlaryň dabara mahaly alnan suratyny
getirdi. Bu köpden bäri özlerini esger geýiminde
görmegi arzuw edişip ýören oglanlaryň birinji aldyran arzyly suraty boldy. Babageldi suraty synlan mahaly owurtlarynyň biraz çekilişip, ýüzüniň garalyp,
ortasy bosagaly burnunyň birneme jüýgerendigini
gördi.
Karantinde bolmaly wagtlarynyň tamamlap,
gullugy dowam etdirmeli bölümlerine geçmegiň
oglanlaryň köpüsi üçin uly bir tapawudy bolmady.
Bölünişikde doganlar Andursowlar, Lugowkin,
Babageldi, jemisi karantin boýunça on bir ýarym
oglan bir rota düşdi. Tanyş komandirleriň — leýtenant Buýnowyň hem öz töwereklerinde bardygyny
bilmek oglanlara hoş ýakdy. Ol bu az wagtyň içinde
özüniň tutanýerliligi bilen, talap edijiligi bilen, tapmaça meňzeş ýerlikli häsiýetleri bilen oglanlaryň
özi hakyndaky ilkinji günlerde gelen pikirlerini
üýtgedipdi. Leýtenantyň hem bu ýerde bolany üçin
rota täze gelen on bir ýarym adam özüni hossarly
ýaly duýdy. Babageldi öz ýanyndan leýtenantyň işi
273
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
alyp barşyny, özüni alyp barşyny synlap, ony asylly
öýüň atasyna meňzedýärdi. Onuň saldamly, tapmaça
häsiýeti Babageldä köp halatda kakasyny ýatladardy. Onuň on çaganyň atasy bolan kakalary nirede
otursa, ol bir hereketiňe bellik edip ýören ýa bir
abyr-zabyr käýinip ýören bolmasa-da her kim onuň
ýanynda özüni asylly alyp barmaga çalşardy. Onuň
nazarynda birhili ruhuňy basyjylyk, ondan köp zat
öwrenmelidigini aňdyrýan hemişe öz akylyň bilen
ýüzbe-ýüz bolmaga mejbur edýän, bu zatlaryň özüň
üçin zerurlykdygyna güwä geçýän birhili alamatlar
bardy.
Oglanlaryň köpüsi Buýnowyň dünýäsini duýup:
«Gerek bolsa beýle komandir bilen iş bitirse bolar»
diýen netijä gelipdirler. Leýtenant Buýnow rotada
komandir rotasynyň syýasy meseleler boýunça orunbasarydy. Oglanlar şindi karantinde mahaly, rotada
«starikler» kemeriňi eliňden alýarmyş, gowy geýimini alyp, saňa bolsa sürlüp özüniň sandan galan
şylhasyny berýärmiş diýen gürrüň bardy. Ýöne olar
täze gelen topary öňden eşidilen gürrüňlerdäki ýaly
garşy almadylar. Olar diňe uçardan bökmän yzyna
gelen Bahtyýarowy öz aralarynda saýry saýdylar.
Onuň şol gezek uçarda galanyny, täze gelen oglanlary
komandir ýok mahaly hatara düzüp, Bahtyýarowyň
kimdigini anyklanam, ilki kelteden gelen togalak
ýüzli kiçi seržant Filkowdy.
— Senmi şol kyrkyň içinde janyny aýaýan!
274
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Ol Bahtyýarowyň ýüzüne haýbatly seretdi.
Bahtyýarow näme jogap berjegini bilmän, depesini
gözläp ýuwdundy.
— Sen desantçy diýen ada şek ýetirýäniňi
aňýaňmy?
—?
— Seni terbiýelemeli bolar, salaga. Men seni
şeýle bir kowalaryn, şeýle bir kowalaryn welin,
kazarmanyň adaty günleri seniň üçin dowzaha öwrüler. Ine görersiň, indiki gezekde ilden öň paraşýutsyz
özüňi ýere zyňmaga uwundyryn — diýip, kiçi
seržant Filkow bolşuny gelşiksiz hasap eden seržant
Frolow geldi-de, täze gelen esgerlere jiňkerilip duran
Filkowyň egninden gujaklap, oglanlara bolsa: Baryň
çaşyşyň, işiňiz bilen boluň! diýdi-de, ony gapdala
äkitdi.
— Ertir irden ýag iýeňde ýarysyny kimdir birine
bermeli bolarsyň, sebäbi sen entek bökmedik bolsaň
desantçy däl, saňa desant paýogyny iýmegem bolmaýar. Sen häli-häzire ýarym esgersiň.
Filkow gaňrylyp yzyna gözläp, gidip barşyna,
köşeşip bilmän, ýene bir gezek Bahtyýarowyň
üstüne küpürsedi. Şu gürrüňden soň rotada köpler Bahtyýarowyň adyny ýarym adam diýip tutup
ugrady. Onuň bu adyny diňe Bahtyýarow bilen bir
çakylykda gelen oglanlar unamadylar. Sebäbi olaryň
hemmesi hut indiki böklüşikde Bahtyýarowy uçarda
şu gyjytlardan soň, zynjyrlabam saklap bolmajakdygyna ynanýardylar.
275
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
Esgerler toparlaryny bozman, komandirleriniň
yzy bilen hasanaklaşyp ylgaşyp barýardylar. Häzir
olaryň bolup baryşlary kimdir biriniň almaly howlugyna aralaşyp, indem gaçyp, ümdüzine tutduryp
barýana çalym edýärdi. Obada bir şoh adamyň öz gulluk edişinden gürrüň açanda: «Komandirler armyda
özge pişelerini tüketseler, tutup-tutup daljygýançaň
ylgadarlar» diýen sözi Babageldiniň ýadyna düşýär.
Olary karantinde-de az ylgatmandylar. Ýöne
on-on bäş kilometr aralygy ýaş esgerleriň heniz
hiç birisi yl-gap görmändi. Şeýle-de, bu ýöriş ýaş
esgerleriň beýlekileriň öňünde geçmeli synaglarynyň
ýene-de birisidi. Ylgamak barha kynlaşmak bilendi,
şeýle bolanda, içde hem gyzgynlyk artýan bolmaly.
Agyzlar kepäp ugraýardy. Ýürekler buz ýaly sowuk
suw küýseýärdi. Der ilki ýagyrnyň ýüzüne soňundan
gara meýdan bolup, iki çigne çykdy. Babageldi
hasanaklap, nämedir agyr bir zady öz yzy bilen
çekip barýan ýaly bolup boýnuny süýndürip ylgap
barýarka: «özgeler nä haldakan?» diýen pikir bilen
mahal-mahal gaňrylyp yzyna gözleýärdi. Şonda
ol her gezek ýoldaşlarynyňam sürüden galmajak
bolup, çyr-çytyr bolşup gelýändiklerini görýärdi.
Gözler öz aralarynda bir-birege raýdaşlyk äheňini
mälim edişip: «Gelýäňizmi?» «Gelýän» diýşip, sessiz
gepleşýärdiler. Öňe gözlän wagty bolsa, ol her gezek
ilki ziňňirt Lugowkini görýärdi. Häzir Lugowkiniň
ýüzi derçigipdir hem gan üýşüp gyzarypdyr. Boýny
bolsa mese-mälim süýnüp uzalypdyr. Ol silkinip —
276
Agageldi Allanazarow. Daýyňam gözüňde bolsun
per-ganat çykaryp uçup gidiberjege meňzeýär. Onuň
boýnunyň juda süýnenini «Gaz bolsa gaz bolmuş»
diýip, Babageldi ylgap gelşine öz ýanyndan belledi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daýyňam gözüňde bolsun - 14
  • Parts
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 01
    Total number of words is 3446
    Total number of unique words is 1989
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 02
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1971
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 03
    Total number of words is 3566
    Total number of unique words is 2040
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 04
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2073
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 05
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2126
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 06
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2137
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 07
    Total number of words is 3547
    Total number of unique words is 2079
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2118
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 09
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2065
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 10
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2141
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 11
    Total number of words is 3542
    Total number of unique words is 1945
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 12
    Total number of words is 3478
    Total number of unique words is 1857
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 13
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 1956
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 14
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1985
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 15
    Total number of words is 3533
    Total number of unique words is 1924
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 16
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 1999
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 17
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2062
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 18
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 2051
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 19
    Total number of words is 3712
    Total number of unique words is 2039
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 20
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 21
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2120
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daýyňam gözüňde bolsun - 22
    Total number of words is 343
    Total number of unique words is 269
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.