Latin

Baba Röwşen dessany - 21

Total number of words is 3642
Total number of unique words is 1854
16.8 of words are in the 2000 most common words
25.7 of words are in the 5000 most common words
31.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Birniçäniň myradyna ýörmedi,
Birniçäniň gyş-u ýazyn sormady,
Birniçäniň köňli küplet görmedi,
Birniçeden köňli ibaly pelek.
Mejnun aýdur, perýadymy eşit meň,
Gulak salyp bul dadymy eşit meň,
Magşara çen dilhahymy eşit meň,
Gara daşdan gaty gupbaly pelek.
Elkyssa, andan soň Mejnun Leýliniň gabryga ýüzüni sürtüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap erdi. Emma Zeýt: “Eý, Mejnun, turgul, başyňny götergil, ýaryňnyň arwahyga dogaýypatyha kylyp, zyýaratyny berjaý Leýliniň mazaryga bakyp: “Eý, Leýli jan, bizdengoş saýlap
gelip, zemin astyga girip, kimler bilen şeker güftarlyk kyldyň? Bu günler halyň kalaý, ýa teňmi?”
diýip sözni aýdy:
296
Bady-ajal etgen hazan, eý gülüstanym, sen kalaý?
Rahty-sapr baglap çunan aramy-janym, sen kalaý?
Dar el-bakaga myhmanym, eý, hoş ananym, sen kalaý?
Bir tende iki jan idik, ruhy-rowanym, sen kalaý?
Häki-mezelletge nahan bolgan nyşanym, sen kalaý?
Bardyň hamuşan şährige, kim birle kyldyň sen ýarlyk,
Eýlär niçik toprak era mestana gözleriň harlyk.
Eksi-roýuň görset turup ki munda gül-ü gülzarlyk,
Şeker tiliň kimiň birle boldy şirin güftarlyk,
Eý läle fam, aramy-jan, şeker feşanym, sen kalaý?
Perde puş eýläp jahan era jemalyňny bu gün,
Ýadygär eýleýip maňa haby-hyýalyňny bu gün,
Ýaşyryp sen er goýnuda ebru helalyňny bu gün,
Arzuw eýläp gelipdir men seniň wysalyňny bu gün,
Istesem tapmam seni, eý, binyşanym, sen kalaý?
Jismi gülwerdiň gara er birle hemduş eýlediň,
Hem kenary-jennet asa birle aguş eýlediň,
Jaýy-baka rahtyn tüzüp, bizni feramuş eýlediň,
Eý Mesiha dem, melekler wagtyny hoş eýlediň,
Tuhfa taşlaýyp wirdiňni, eýa razdanym, sen kalaý?
Zülpi-anbarini gubar alud edip, eý näzenin,
Ýar-u hemdemsiz kalaý bolduň meh-u beýza çunin,
Iki şehla birle bolduň sen pitne eňňizi-zemin,
Ý asaňa hemdemlik eýlär hüýr-u gulmany-berin,
Bul dary-dünýäden ötüp, jennet mekanym, sen kalaý?
Sürmesa gözleri toldurdyň bu lahat topragyga,
Şöwr uruban ýangan jerahatlyk ýürekniň dagyga,
Guş boluban uçduň güli-firdöwsi-jennet bagyga,
Ot goýup geldiň araplarnyň tümen til ýagyga,
Gussasy gamdan ferawan, eý mähribanym, sen kalaý?
Bagladyň sen azm eýleýip,suýy baka ahramyny,
Ki bada noş eýläp, ajalnyň elgiden ser jamyny,
Bul sapar wagtyda kylmaý dostuňa bir ylamyny,
Taşlaýuban tenha meni, urduň bakaga kämini,
Ýüz goýup, gelgen gaçyp, dar el amanym, sen kalaý?
Serwi kaddyňnyň saýasy tapdy zemin astyda ja,
Niçe janawer eýlegen näzik bedenlerden ryja,
Görgeç melekler suratyň, açdymykän desti-doga,
297
Geldim mazaryň başyga kylmakga, janym, “Merhaba!”
Halyň niçikdir bul zaman, aramy-janym, sen kalaý?
Ol müşki däne hallaryň kim, häk içre aldymy reň,
Olturdymy söhbet gurup ol mur-u mary bidireň,
Dürri-Emen dek dişleriň hemrahy boldy kaýsy seň,
Serwi çemenara kaddyň perwerdesidir göri-teň,
Eý serwi-ragnaýy-jahan, dürri-nahanym, sen kalaý?
Mejnun gelip dat eýleýip gabryňda, eý ýary-huda,
Bilmem niçik düşdüň yrak, menden saňa etmez seda,
Ahyrda şuldur mesgeni, hah şahy bolsun, hah geda,
Kysmatymyz şuldur eken, menden seni kyldy jyda,
Munda maňa köpdür pygan, eý gülüstanym, sen kalaý?
Elkyssa, Mejnun dilefgar bul muhammesni okyp, tamam kyldy. Irse destber-dest urup, perýat
kunen raks urup, gäh kuhy-Nejd üzre, gäh rowzegähi Leýlide nala we pygan ah-u dilsuzy-jan
tartar erdi we hun alud gözleriniň eşki-hasratydan rowzegähi-Leýliniň gara daşlaryga reňňi-lagl
berür erdi. Andan soň Leýliniň gabrynda dogaýy-patalar kylyp, Leýlige hudadan magferet tiläp,
zar-zar aglap, bu gazalny aýdy:
Huda ýaryň bolup, ýarym,
Hemişe mähriban olsun.
Hudaýymga budur zarym,
Mekanyň jawydan olsun.
Miesser kylsyn umany,
Ne çenden bolsa yhsany,
Behişdi hüýr-u gulmany
Saňa bes kim aýan olsun.
Çykyp rahmet suýy erden,
Goşulyp aby-köwserden,
Ki ryzwan guşlary birden
Başyňa saýawan olsun.
Pelekniň täki minasy,
Işigiňniň häki-pasy,
Hemme dur-jana kuddusy
Görüňe pasyban olsun.
Şerafatly bolsun bul dem,
Egämden magferet dem-dem,
Hudanyň rahmeti her dem,
Mazaryňa rowan olsun.
Haýaty-alem ötginçä,
298
Mydary-dähr gitginçä,
Kyýamat daňy atgynça,
Uşby rowzäň bostan olsun.
Meniň hem ölmegim meýli,
Ki men Mejnun, sen hem Leýli,
Zyýaratgähi yşk heýli,
Şerafatlyg mekan olsun.
Emma Mejnun bu sözlerni aýdyp, Leýliniň gabryny guşaklap, perýat-pyganlar eýler erdi we
gözüniň ýaşy bilen Leýliniň mazarynyň taşyga suw sepip, ene bir taşny alyp, gögsüge urar erdi.
Berehnegany-magşar dek bolup, ruýy bejanyby-beýaban kylyp, raks urup, perýat-pygan kylyp,
ýyglap baryp, bir garga girer erdi we hemişe berkarar zar-zar ýyglar erdi. Günde baryp, Leýliniň
mazaryga ýüzüni sürtüp, nowhazary kylur erdi we ene doga-patalar kylyp, ýyglar erdi. Gaýdyp
gelip, ol garga baryp, mesgen kylur erdi. Hiç rahguzar galmady kim, hes – haşaklaryny otlug
ahlardan köýdürmegen.
Emma Mejnun dilefgar gähi-gähi bahar silaby dek tugýan kylyp, mesti-biygtyýar, bisabr-u
bikarar we zar-zar ýyglap, rowzegähi – Leýli dilaramga barur erdi. Anyň otlug ah-u uýnüden we
tebbi-tab şiddetiden halk-halaýyk yztyrabga düşüp, şol güzergähden öte bilmes erdiler we gijeler
hem ýata bilmes erdiler.
Elgaraz, Mejnunnyň ahydan eser etip, synaýy-uşşaklar joş urup, gaýnap, suhanwerniň bu
gazalny okugany:
Şahy-Mejnun çeker elemi, ahy,
Andan synamyza eser etipdir.
Agzyndan ot çykar, düýdi-syýahy,
Dünýä ýüzün andan şerer tutupdyr.
Uşşak ili edip gamly söwdany,
Arturyr başyga şöwri-gowgany,
Alar derdi bilen pany dünýäni,
Ne hublar taşlaýup, güzer edipdir.
Yşk söwdasy düşse her kim başyna,
Gan goşulyp akar gözde ýaşyna,
Iýgen nany bilen içen aşyna,
Pelek-agy, hijran-zäher gatypdyr.
Kim aşykdyr, munda kylmas parahat,
Dost-u duşman aňa kylar melamat,
Arturyp başyga derdi-kyýamat,
Kaçan bu dünýäge nazar edipdir.
Yşkyň elemige örtendi Nary,
Hasrat-u gam bilen eýledi zary,
Akyzyp göz ýaşyn eýledi jary,
Dünýä ýüzün göýä bahr tutupdyr.
299
Emma suhanwer bul sözni tamam kyldy. Elkyssa, muhteser, bu halat birle şahy-Mejnun
Leýliniň zyýaratyga barur erdi kim, nägäh yrakdan bir adam peýda boldy kim, bir baly-şikeste
we gözlerini we ýüzlerini gerdi-ruhy-mähnet bir dert basgan, aýaklary gamaryp, hobab öý dek
eýle dar bolgan we monheri-kamat, elide asaýy-natuwany, her sagat we her gadamda bir halat
peýda kylyp gele durur. Her nişi-hara jigerlerini deşip-deşip çykan. Bul meratebde şahy-Mejnun
we ol dürri-täji-jahan aldyga gelip durdy we Mejnunga salam kyldy. Emma Mejnun
dilefgarjowaby-salam aýdyp: “Sen men dek kaddyň bary gamdan we mähnetden duta bolgan!”
diýip, andak sorap, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, jany köýüp, bir söz aýdy:
Meniň dek dady-armanga düşgen natuwan kim sen?
Bu ýaňlyg bary-mähnetden kaddy bolgan keman, kim sen?
Ynany-ygtyýaryň bes gidipdir dest-u paýyňdan,
Men dek mübtelalyk kesp edip, eý bagry gan, kim sen?
Ka erden sen nedir agtardyň, eý monheni kamat,
Başy bolgan hemme mähnet guşuga aşýan, kim sen?
Adyň nedür seniň, bul dem men Mejnunga hemdem sen,
Ýitirip rahy-maksatny, bolup her ýan rowan, kim sen?
Emma Mejnun aşyfta ahwal bu gazalny okup, tamam kyldy we “Kim sen, menden ne soryr
sen?” diýdi. Irse, ol adam zar-zar ýyglap, hyjalat derýasyga gark bolup, Mejnunnyň aýagyga
ýykylyp, göz-ýüzleriden sorup, ýyglap, zybany uzr magzeret açyp, aýdy: “Eý, Mejnun, magdur
tutgul, hakyňyza jebir kyldym, imdi toba kyldym, kabul hezretiňiz bolsun, günähimni ötgül?”
diýip, zar-zar ýyglap, aýdy: “Eý, Mejnun, Ibn Salam durur men, Bagdat welaýatyndan renji-rah
tartyp gelür men” diýip, köp uzr-magdur edip, zar-zar ýyglar erdi. Mejnun dilefgar aýdy: “Eý,
Ibn Salam, owwalda meniň birlen saz ermes erdiň, imdi gelip sen, mahrum gaýtganyň lazym
ermes. Imdi her hajatyň bolsa, beýan kylgyl, miesser kylaýyn” diýip gazal okugany:
Gelgil bäri, Ibni Salam Bagdady,
Her maksadyň bolsa, hasyl eýläýin.
Mahrum gaýtma, geldiň, tapgyl myrady,
Myradyň waslyga wasyl eýläýin.
Hiç bir saz olmadyň owwalda maňa,
Galdy seniň meniň ahwalym teňe,
Herne jebr eýleseň geçirdim saňa,
Bul gün köňlüm saňa maýyl eýläýin.
Maňa bul ýazylan kalu beladan,
Jepa çekip ötmek köne dünýäden,
Senden ermes, maňa her ne hudadan,
Bes niçik men seni bidil eýläýin.
Ýyglamagyl gözüň eşkini saçyp,
Gutulmas hiç kişi takdyrdan gaçyp,
Pygan gurup, ýyglap, her zaman açyp,
300
Yşk kitabyn okup, tahsil eýläýin.
Ibn Salam, salma janyň belaga,
Salmagyl özüňni bul majeraga,
Leýli göç eýlemiş dar el bakaga,
Men niçik bul erde menzil eýläýin.
Köp ýyglama, başyň ýokary göter,
Ah urma, pyganyň alemi örtär,
Öz derdime özüm köýgenim eter,
Gel, öz başym saňa sejjil eýläýin.
Aşyklaryň akar gözüden ýaşy,
Zäherdir iýgeni, zakkumdyr aşy,
Mejnun-Nary, görme hiç kimden işi,
Özüm takdyrma kaýyl eýläýin.
Emma Mejnun bu sözni okup, tamam etdi. Anda ibn Salam aýdy: “Eý aşyky-päk, men seniň
ýagşy adyňny Leýliden eşidip erdim, Leýli seniň üçin subh-u şam, belki, ala ad-dowam “Waý,
Mejnun!” diýip, pyrakyňda ýyglar erdi, welemma birniçe gün Leýli birlen ruzgär geçirdim,
behaky-namy-perwerdigär, hejde hezar alem we behaky-hanaýy-Käbe bir mertebe Leýliniň
goluny şerigat işine tutganym ýok. Her lahza Leýli aşufta ahwal seniň hijriňde ýyglap, maňa bir
roýy-hoş bermedi. Emma Leýliden köp köňlüm galdy, ýüzüge bakmadym, ahyr al emr renjur
bolup, öler halatga etişdi, gorkup, “Kişiniň perzendi nahak ölmesin” diýip, geltirip, ata-enesige
tabşyryp erdim. Helä birniçe eýýamdan bäri habarym ýok, ne halda boldy”. Ene aýdy:
“Gaýybana sizge yhlas geltirip erdim. Emma Leýliden waspyňny eşidip erdim: Eý aşyk, Leýli
hem seniň üçin köer erdi, hem köer erken sen. Leýli aýtgança bar eken sen weliken Bagdat halky
seniň aýtgan gazallaryňny “Bu Mejnunnyň sözi” diýip, bitip, ýat alurlar, men hem bu umyt
birlen gelip men, şaed ki siziň gülzary-tabyňyzdan bir güli üzüp, buý kylyp algaý men-diýip –
kylgan biedepligimni afuw kylgaý sen!” diýdi we zar-zar ýyglaberdi. “Ne mähnet azmude kylyp
sen, bu terz ermes erdiň!” diýip, Mejnunga garap, bir gazal okugany:
Aşyklar soltany, araplar şahy,
Çeşmi-girýanyňa döze bilmenem.
Pelekniň öwşünde sen idiň mahy,
Ah-u efganyňa döze bilmenem.
Owwalky subaty-kararyň kany,
Kuwwaty-dermanyň, mydaryň kany,
Köňlüňni aldyrgan nigaryň kany,
Köýgülik janyňa döze bilmenem.
Gün-günden haltyň bolupdyr zebun,
Ýüregiň gussasy söküpdir düwün,
Köýgülik görer men gadymdan bu gün,
Döwri-döwranyňa döze bilmenem.
301
Horamyň ham bolup, aklyň çaşypdyr,
Perýad-u pyganyň hedden aşypdyr,
Haýatyň bagyga hazan düşüpdir,
Peňňi-hazanyňa döze bilmenem….
Emma Ibn Salam sözüni tamam kyldy. Mejnun aýdy: Eý, Ibn Salam, seniň ganyň maňa däri
erdi, ne çäre kylaýyn, takdyry-alla şul erken, eý byradar, senden razydyr men, imdi çäre
ýokdur!” diýdi. Elgaraz, Mejnun Ibn Salama garap, bir gazal aýdy:
Ibni Salam, arzym saňa, Mejnuny-binowa özüm,
Derdi-pyragy deştide derbe-geda özüm.
Leýli diýip çöli –Mugan, yşky gamydan köýdi jan,
Megenim sähraýy-jahan, watansyz, bimäwa özüm.
Dünýäniň baryn terk edip, yşky gamynda örtenip,
Leýli derdige ah urup, Edhemi-binowa özüm.
Perhat-Şirin bary galat-yşk lapyny kyldy ol ret,
Warka-ýu Gülşa heme dert-barysyga pişwa özüm.
Bul Mejnuny Leýli diýdi, ata-enäni taşlady,
Wagşy haýwany dost diýdi, hemdemi-biryýa özüm.
Elgaraz, Mejnun sözüni tamam etdi. Ibn Salam aýdy: “Eý, Mejnun, hälä sözlegil, wepadaryn
kalaý?” diýdi. Anda Mejnun bir ah urup: “Eý, Ibn Salam, ýörgün ýary-wepadarymny saňa
görseteýin” diýip, Ibn Salamnyň goludan tutup uşlap, Leýliniň mazaryga alyp baryp, Leýliniň
gabry-päkini aňa görsetip, bu muhammesni okudy:
Ibn Salam, aýdaý eşit, dagy-dilim yzhary şul,
Talhy-kam etgen meni alemde şeker bary şul,
Göze bolgan häki-paýy totuýa derkary şul,
Bes, ajal bady hazan etgen gül-u gülzary şul,
Bes, heläki janym algan Leýli atlyg ýary şul.
Wasly umydynda erdim, dagy-hijran berdi ýüz,
Laglydan şeker talap erdim, jiger gan berdi ýüz,
Zülpüniň söwdasydan ahyr perişan berdi ýüz,
Her zaman, her dem maňa çykmak üçin jan berdi ýüz,
Bes, heläki janym algan Leýli atlyg ýary şul.
Nahal ömrüm eşki-çeşmim birle silab eýlegen,
Hem gezaýy-kuwwaty ruhumny hunab eýlegen,
Ten hysary bagrymny ganyga garkab eýlegen,
Ustuhanym kuhy-mähnet birle bitab eýlegen,
Bes, heläki janym algan Leýli atlyg ýary şul.
Mahy-tabanym batyban,boldy bul dem ziri-häk,
Men galyp men uşbu hasrat birle ýyglap syna çäk,
302
Bendi bendiden seda çykdy gamydan derdnäk,
Harmany-jismimge ot goýgan meniň şul ruhy päk,
Bes, heläki janym algan Leýli atlyg ýary şul.
Niçe gündür, gözlerim üstüdedir şemgy-çyrag,
Köýübän ölgen turur men kim, seraser derdi-dag,
Başyma guşlar uýasy, bir tapalmas men ferag,
Daýyma mejnun men ermes, men zamany-akly sag,
Bes, heläki janym algan Leýli atlyg ýary şul.
Elkyssa, Mejnun bu sözni aýdyp, tamam kyldy. Irse Ibn Salam Leýliniň wepatyny eşidip.
“Waý aşyky päkler, ol wagtda köňlümde meger bular aşyky-päk bolgaý diýp erdim” diýip,
Mejnunnyň halyga rehmi gelip, binehaýat köýüp, ýyglar erdi. Welamma, ol güzary-behiştiň
hazan bolganyga yztyrabga düşüp, Mejnun bilen birniçe gün hemdem boldy. Mejnunga ülpet
bolup, birniçe kasyda we gazalyýatlarydan ýat alyp we bazy-Bagdat ýoluny tutup gider bolup,
Mejnun birlen hoşlaşyp, rugsat tiläp, bir warsaky okugany:
Hoş imdi, şa Mejnun, aşyklar şahy,
Bize rugsat bolsa, horam edeli.
Hasrat birlen çekip elemli ahy,
Her kim bir menzilde makam edeli.
Sen ýyglar sen gözden döküp gan ýaşyň,
Hasratly söwdadan gutulmaz başyň,
Berelella, seniň tab-u berdaşyň,
Biz niçik bul derde aram edeli.
Eşki-çeşmiň akyp mysaly silab,
Joş urar her biri göýäki girdab,
Kemine bendäge berseňiz jowap,
Bagdat keşwerige ahram edeli.
Seniň bul halyňa dözmedi janym,
Niçe dursam, şonça artar pyganym,
Destur olsa bize şahu soltanym,
Gider estedadyn enjam edeli.
Ibn Salam gider boldy ýoluna,
Başyn alyp-çykyp hyjran çölüne,
Dözmez zary-Mejnun garyp halyna,
Yşk depderin okyp, nyzam edeli.
Emma Ibn Salam bu sözni tamam kylyp, Mejnun dilefgar birle hoşlaşyp, Bagdat ýoluny tutup
gideberdi.
Emma Mejnunyň günden-güne elemi zyýada bolup, bara-bara derdi efzun boldy we hetden
aşa perýat-pyganlar kylar erdi. Hiç bir halk munuň nalasyna dözüp, duşundan geçe bilmez erdi.
Mejnun dünýäden köňlüni üzüp, bir gün Leýli mazaryga baryp, goluny açyp, asmana bakyp:
“Eý, perwerdigärim, ýalançy dünýäde gezmäge takatym galmady. Leýliden aýrylyp, munda
303
ýörmeklik maňa ne hajatdyr, hudaý-a, meni bu sewadan algyl, Leýlige men hem goşulsam!”
diýip, bir gazal aýdy:
Eý, hudaý-a, ýar diýip, derdimni efzun kyl meni!
Akyzyp göz ýaşymy derýaýy-jeýhun kyl meni!
Çün semender dek tenim bu ataşy-yşk içre kim,
Yşkyň derdiden meni mejruh-u dilhun kyl meni!
Misli kaknus dek tenimden bark urar çün ataşym,
Köýdürip bal-u perimni, hem uçnan kül kyl meni!
Leýli waslyny görer men diýp umydym bar idi,
Hasraty-Leýli bilen kaddymny çün nun kyl meni!
Çün hüjümi-gam bilen mejruh boldy peýkerim,
Leýli gitdi bu jahandan, imdi mahzun kyl meni!
Andalyp, biçäre dek üzdüm tamany ýardan,
Köýdürip bal-u perimni hem çunan kül kyl meni!
Mejnuny-diwana men, gurbatda galdym sargaryp,
Goýma bu gurbatda bu gün hem jigerhun kyl meni.
Elkyssa, Mejnun allatagalanyň müň bir adyny şafyg geltirip, bir söz diýdi:
Kadyr alla, müň bir adyň hakyndan,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Ol sypatyň, eke zatyň hakyndan,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Gün-günden zyýada mähnetim artar,
Öz lutfuňa alyp, köňlümi gaýtar,
Mekkara dünýäniň jilwesi iltär,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Ýagşy güne pelek razy imesdir,
Bäş günçülik dünýä haýy-höwesdir,
Aşyklaryň durar jaýy imesdir,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Kimse gelip munda etdi myrada,
Maksud ýolun tapmaý galdy arada,
Mundan artyk goýma meni dünýäde,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Renjim artyp, halym boldy günbe-gün,
Aklym aldy gan ýygladyp tünbe-tün,
304
Özüň bolgul aşyklara rehnemun,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Aşyk bolan, gaty günler geçirmiş,
Ki zal dünýä jiger ganyn içirmiş,
Mähir gyzyn bir görsetip gaçyrmyş,
Kawly ýalgan bihaýadan al meni.
Birniçäniň ýürek-bagryn daglady,
Birniçäni ýaman ýola çaglady,
Merdanalar mundan ýükün baglady,
Zaly-melgun, eşgalydan al meni.
Birewler mal bilen wagtyn kyldy şat,
Birewler yşk bilen taşlady uýat,
Bergil dilegimni, çykaryp hajat,
Köňül üzdüm, bu dünýäden al meni.
Misgin başym ne mähnetge tutgardy,
Pyçagyny ustuhandan ötgerdi,
Bir şadyna niçe külpet ötgürdi,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Aşyk bolgan yşk ýoluna talaşur,
Janyň berip, jananyga ulaşur,
Leýli üçin men hem ölsem ýaraşur,
Razydyr men, bibakadan al meni.
Gyzyl ýüzüm zagpyran dek solduryp,
Hasta köňlüm elem bilen dolduryp,
Bu dünýäde hasrat bilen öldürip,
Ähtibarsyz bu mekandan al meni.
Rugsat bergil, jan goşulsyn janyna,
Dahyl bolsun ol göwheriň känine,
Köňlüm guşy perwaz eder ýanyna,
Ähdi ýalan biwepadan al meni.
Mejnun aýdar, hak etişsin hallara,
Aklym haýran, gözüm girýan ýollara,
Bakman imdi sagym bilen sollara,
Jepasy köp bu dünýäden al meni.
Emma Mejnun dilefgarnyň we jepakeş bimydarnyň köňlünden dert-älemi efzun bolup we halahwaly zebunrak bolup, bitakat bola başlady we ene söz guzary-binehaýat birle wagtyny
305
ganymat tapyp, hatyraýy-Leýli dilaramnyň rowzegähige baryp, çün mury-hasta susmar piçide
seri suýy-asman we ýüzüni bejanyby-bargähi-rahman kylyp, bu mynajatny okugany:
Kadyr alla, dergahyňa gelmişem,
Meni beýle ah-u zara goýmagyn,
Jandan geçip, jonabyňda bolmuşam,
Öz goşuňdan başga dara goýmagyn.
Öz-özünden bolan zatyň haky çün,
Se wahdetiň, on sypatyň haky çün,
Şerafatlyg müň bir adyň haky çün,
Goş Leýlige, intizara goýmagyn.
Adam birle Howa, ýa Ebul Beşer,
Şeýs beni Keýamers alarga piser,
Idisiň haky çün eýläp bir nazar,
Egäm,meni bu kirdara goýmagyn.
Ruhum guşy perwaz eder uçmaga,
Bul panydan dar el-baka göçmäge,
Ýar elinde baky şerap içmäge,
Asly weýran,bimydara goýmagyn.
Nuhy nebi,Halyl rahman hakydan,
Dawut ogly ol Süleýman hakydan,
Mustapaga inen kuran hakydan,
Meni hergiz ýokdan bara goýmagyn.
Aşyklar soltany Ýusup-Züleýha,
Dünýäden müjerret öten Mesiha,
Hazreti Musanyň razgähi Sina,
Alar haky bagrym para goýmagyn.
Zebihulla kaýyl boldy ganyna,
Jirjis rehm etmedi şirin janyna,
Sabr eýledi, geldi Eýýup şanyna,
Meni derdi-bişumara goýmagyn.
Hak habyby Mustapanyň hormaty,
Çaryýary basafanyň hormaty,
Barça nebi öwlüýäniň hormaty,
Gan agladyp, bagtym gara goýmagyn.
Mekkara dünýädir, jilwesi iltär,
Öz lutfuňa alyp, köňlümi gaýtar,
Bul pany öýünde bolganym eter,
306
Mundan artyk şermisara goýmagyn.
Mähnetim zyýada, halatym zebun,
Perýadym artadyr meniň günbe-gün,
Bul gün maňa özüň bolup rehnemun,
Bagrym para, köňlüm ýara goýmagyn,
Bitmes işim bul panydan gitmeýin,
Rahtym düzüp, baka ýolun tutmaýyn,
Mundan artyk ah-u hasrat etmäýin,
Sekfi bozuk, teň-u dara goýmagyn.
Kimse gelip, munda etdi myrada,
Maksat ýolun tutalmaýyn arada,
Ajyz gul men, goýma beýle belada,
Derdim artyp, sansyz zara goýmagyn.
Ne aşykdyr ýar ýolunda bolmasa,
Jiger-bagryn para-para dilmese,
Jan talaşyp, mazarynda ölmese,
Mejnun guluň namys-ara goýmagyn.
Emma Mejnun dilefgar bu mynajatny tamam kyldy. Irse, rowzegähi-Leýlini ganymat bilip,
wagtyny ferah we gabry-mübärekniň kenaryga tatyp we posa urup, jan behak teslim kyldy.
Emma halaýyk habar tapyp jem bolup, şost-u şow kylyp, bir-birige aýdur erdi kim, “Elbetde
bular aşyky-päk bolgaýlar, ikilerin bir jaýda depin kylalyň, iki aşyk bir-birige dahyl bolgaý” diýp
erdiler. Emma birniçe wagt serzeneşi-halaýykdan gorkup, Leýli kabylasy ar-namys kylyp,
Mejnun dilefgarny bu gabrystanda goýmaz erdiler. Emma kabylaýy-arapnyň buzurgwarlary:
“Zynhar bularga ýaman til etgürmäň, bular aşyky-päk erkenler!” diýip, köp kişi jem olup,
Leýliniň bir tarapynda depin kyldylar.
Emma oşol Leýli dilaramnyň ruhy Mejnun dilefgarnyň ruhunyň aldyga çykyp, “Mejnun
binowa meniň yzymdan agtaryp gele durur” diýip, hoşwagt bolup, bir muhammes okugany:
Hamd-u sena hudaýyma, derdime bir dowa gelür,
Ah-u pygan-u nalalap, gam bile mübtela gelür,
Jebr-u jepa çeken oşol dilberi-bawepa gelür,
Şalygyny edip adem, yşk ýoluda geda gelür,
Leýlini yzlaýyp bu gün, Mejnuny-binowa gelür.
Ötdi jahandan ol garyp, niçe gam-u sütem bilen,
Meniň hijri-pyrakymny çekip hasrat hedem bilen,
Berdi ýolunda janyny gussa-ýu ýüz elem bilen,
Gabrym üze urup pygan jan bere çeşmi-nem bilen,
Leýlini yzlaýyp bu gün, Mejnuny-binowa gelür.
Leýli diýbän jahan era ýyglady bikarar olup,
Ekl edibän dem çeker dünýäde har-u zar olup,
307
Kuhy-Nejd üze meniň ýoluma intizar olup,
Etmedi mesgenin pena öýüde dilefgar olup,
Leýlini yzlaýyp bu gün, Mejnuny-binowa gelür.
Hasta, hazyn janyn ýakyp, yşk oduga eda kylyp,
Ýoluma telmura bakyp, sypat nowa kylyp,
Bahry-gamym bilen akyp, janyga müň jepa kylyp,
Göz ýaşy her sary akyp, ähdige, bes, wepa kylyp,
Leýlini yzlaýyp bu gün, Mejnuny-binowa gelür.
Şat oluban baka sary Leýli diýip jununginäm,
Geldi pygan-u nalada halaty köp zebunginäm,
Para bagyr, jigerkebap, gam dil, didesi hunginäm,
Eýledi depder-u kitap Nary, rehnemunginäm,
Leýlini yzlaýyp bu gün, Mejnuny-binowa gelür.
Emma Leýli dilaramnyň ruhy bu muhammesni tamam kyldy. Welemma Mejnuny-binowany
depin kylgandan soň, sowal kylgujylar gelip, Mejnun dergahydan sowal kylgany bul durur:
Eý bende, efalyndan tä kim, uýalyp geldiň,
Sen kaýsy sowabyňny aldyňa alyp geldiň?
Dünýä idi hasylgäh sen, bes, ne kylyp geldiň?
Kysmatga boýun sunduň, halyňny bilip geldiň,
Dergahyga rebbinniň, Mejnun, ne alyp geldiň?
Pa malyňa alemni bir turpa besat etdi,
Ryzkyň talabyn kylmaý, aldyňga ýakyn etdi,
Bir zerre idi aslyň, bes, munça azyz tutdy,
Gel söýle ybadatdan, ömrüň ne edip ötdi,
Dergahyga rebbinniň, Mejnun, ne alyp geldiň?
Salary-jahan erdiň, görset ýog-u baryňny,
Bir pulga kişi almas ol kylgan kirdaryňny,
Her ylm-u amal bolsa, goş eýle şumaryňny,
Bir tilge sowal etdim sanyça gubaryňny,
Dergahyga rebbinniň, Mejnun, ne alyp geldiň?
Sungumny tomaşa kyl diýp saňa beser berdi,
Eý bende, muhaýýyr sen, Kuranda habar berdi,
Tut haýr-u sahawat diýp, eliňge hüner berdi,
Aldyňda kyýamatnyň söwdasyn eser berdi,
Dergahyga rebbinniň, Mejnun, ne alyp geldiň?
Eý bende, gelipdir sen, gaýdyp gideriň bolmas,
Bir erde tutup menzil, andan öteriň bolmas,
Maksat ýoly katyg ýol, istäp eteriň bolmas,
Her nep-u zerer bolsa, aýdyp, ederiň bolmas,
Dergahyga rebbinniň, Mejnun, ne alyp geldiň?
308
Emma iki melaýyk sowal kunende, bul sözni tamam kyldy. Erse, andan soň Mejnun dergahy
“Rebbim alla” diýip, häki-mezelletden baş göterip, bu jowapny aýgany:
Rebbimge, eý Müňkür, Nekir, ahy-säher geltirmişem,
Jismim imes tagatpezir, huny-jiger geltirmişem,
Usýanly guldur men kesir, ruhsary-zer geltirmişem,
Derd-u elemden binezir, zary-sapar geltirmişem,
Bolgaýmykan diýip destgir, tä çeşmi-ter geltirmişem.
Pikrim ne bir adam bilen ryswalygym meşhur idi,
Bimar jismim gam bilen ki tagatga nämakdur idi,
Her erge barsam, rem bilen kim görse, menden dur idi,
Hasrat diýgen hemdem bilen köňlüm öýi magmur idi,
Başymga mähnetden seriri-gam birle por geltirmişem.
Leýli höwesiden başym guşlarga boldy aşýan,
Zährab idi içgen aşym, ýutgan tagamym erdi gan,
Gün-günden artyp käýişim Leýli üçin, bes, her zaman,
Dem-dem döküp gan göz ýaşym, aldyda müň ah-u pygan,
Yşk elgide boldum esir julide ser geltirmişem.
Mähnet ýüki kaddym büküp, pikri-gamy Leýla idim,
Silaby-eşkim dür döküp, bir aşyky-şeýda idim,
Synam gapysyn bes söküp, diwanaýy-ryswa idim,
Rahy-hakykatdan çöküp galgan besi agma idim,
Biçäre, bir misgin-pakyr köp derdeser geltirmişem.
Halk agzyda Mejnun adym, bir natuwany-zary-yşk,
Derd-u mähnetdir tinetim ser tä be ser efkary-yşk,
Bul erdi daýym nietim, ölsem bolup bimary-yşk,
Ne hakga tagat kuwwatym guýdy aýagdan bary-yşk,
Rebbimge, neýleý, naguzir ajzy-hüner geltirmişem.
Emma Mejnun dergahy bu jowapny aýdy. Irse, andan soň, perwerdigäri-alemge
Mejnunnyňjowaby hoş gelip, Leýli dilefgarnyň suratynda bir gulmana zib-u zynat berip, Mejnun
dergahynyň aldyga ez beraýy imtihan iberdi. Emma ol gulman gelgeç, Mejnun dergahy ol
gulmanlarny hewaýy işitiýaky kylyp gördi kim, Leýlige ogşamydyr. Elkyssa, Mejnun dergahy ol
iki melaýykga bu sözni aýdur eken:
Arzym sizge, haknyň söwer içlisi,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
Hakykatnyň, tarykatnyň ýolçusy,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
Kimse gül diýp, başa sanjar her hesi,
Her tikenden gelmez bolur gül ysy,
Leýli şehit boldy, gandyr kamysy,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
309
Ne söwdaga saldy meni dun pelek,
Sizler meni aldap, eýlemäň heläk,
Meniň Leýlim ermes, meger bu melek,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
Leýlige ogşamaz agy-garasy,
Yrakdyr Leýliniň mundan arasy,
Leýliniň bagrynda yşkyň ýarasy,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
Näler artdy biwepanyň jepasy,
Nädip çyksyn başdan anyň höwesi,
Jebhesinde bardyr dagy-wepasy,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
Mejnun diýp, gül diýip elim urmanam,
Köňül tagtyn her dilbere gurmanam,
Bul gulmana dyrnagyny bermenem,
Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?
Elkyssa, Mejnun dergahy bu gazalny okyp, tamam kyldy. Emma andan soň, Leýli dilaramnyň
ruhanieti we Mejnun dilefgarnyň ruhanieti ikisi guş bolup, behişti-anbarsereşt içre dahyl boldy
we iki aşyk bir goşulyp, aýşy-aşretde boldular.
Emma Zeýt bu syrny görüp, ähli arap jemagasyga bul wakanyň beýanyndan habar berdi kim:
“Bir gije uýkuda erdim, nägäh maglum boldy kim, behişti-anbarsereşt üzre bir köşk peýda boldy.
Ol içre birniçe öý peýda boldy we öý içinde bir tagty-aly we ol tagt üzre iki dilruba bir-birlerige
kadyh berip, şeraby-jennet içip, gerdenleriden gol salyşyp we posa alyşyp olturyrlar. Men
sordum: “Bular kimler dururlar kim, zib-fer birle olturyrlar?” Anda aýdylar kim: “Bular Leýli
birle Mejnun dururlar, ol dünýäde aşyk bolup, jebir-jepa, mähnet köp çekmişler. Imdi bul
dünýäde hak tagala bularny bir-birlerige goşup, behişti-anbarsereşt içre mekan bermiş. Maksady
aslyga etip, munda döwran sürürler” diýip aýdylar.
310
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.