Latin

Baba Röwşen dessany - 19

Total number of words is 4062
Total number of unique words is 1784
17.6 of words are in the 2000 most common words
26.2 of words are in the 5000 most common words
31.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Mejnunyň aldyga baryp, köp näwazyşlar kylyp, mylaýymatlyk birle özüge ram kyldy we dünýä
lezzetiden we dünýä tagamydan tamasyn üzgen adamy niçe şirin sözler birlen ab-tagam iýdirip: “
Eý, Mejnuny-belakeş, imdi sen hiç gam iýmegil, Leýlini saňa miesser kylur men, eger howadaky
guş bolsa, miesser kylur men, tä seniň myradyň miesser eýlenmese, golumny andan kütah
kylmagaý men” diýip söz aýdy. Mejnun aşufta ahwal: “Eý, padyşahy-alem, waý, dar as-soltanet,
waý, Sekender etwar, bu myradymny atam-enem hasyl kylmady, şaed ki, siziň ulug döwletiňiz
destgirim bolgaý we maňa Leýli miesser bolsa” diýip ýyglar erdi. Elgaraz, ene padyşa: “Eý,
Mejnun, sen meniň gaşymdan bir zaman aýrylma we diwanalygyňňy taşlap, meniň birlen
goşulyp ýörgül, at-ýarag we serpaý berip, özümge hemra kylaý” diýdi.
Elkyssa, Mejnun dilremide köňlüde aýdy: “Bular birlen hemra bolaýyn, şaed ki, wadaga wepa
kylaý” diýip, birniçe gün Nowfyl birlen birge ýördi. Emma bir gün Mejnun Nowgylga: “Eý,
şahy-alem, maňa sen kaçan ýarymny miesser kylur sen?” diýdi. Nowfylnyň arazy bul erdiMejnunnyň sözleriden eşidip, helawet kylsa. Emma Mejnun Leýliniň yşkydan birniçe sözleri
aşygyna aýtur erdi. Nowfyl zowk kylur erdi.
Elgaraz, bir gün Leýliniň yşky Mejnunga zor kyldy, irse Nowfylga aýdy. “Sen meniň
ýarymny kaçan miesser kylur sen?” Nowfyl: “Eý, Mejnun, sabyr kylgyl” diýdi. Anda Mejnun
bikarar bolup, takat kyla bilmeý: “Eý, Nowfyl, sen menden ötgenni ne kylur sen, derdimni
bilmeseň, dowa niçik kylur sen?” diýip, mesti-biygtyýar bolup, bu muhammesni okur erdi we
Nowfyl eşidür erdi:
Arzy-ahwalymny yzhar eýlesem men, eý habyp,
Sabr-u armymny aldyrdym galyp men sargaryp,
Men saňa hemdem bolup, sen şah kim, men bir garyp,
Barmykan Leýli nigarymdan nesibim, ýa nesip,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip,
Otlug efganym fuzun-u perýat-ahym derdnäk,
269
Piş-köňlüm-u para-bagrym, magzy-synam çäk-çäk.
Damenim ter boldy efsus ile jismim boldy hak,
Zahyr-u batyny bilmes sen, kany bir ruhy-päk,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Dehr meýdanynda bir murg nowasyz men ajap,
Mähir kem tapgan garyp dek aşynasyz men ajap,
Mübtela bolgan belalarga rehasyz men ajap,
Derdi-gam uftadasy bolgan dowasyz men ajap,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Sen kim-u derdim meniň derdimge derman kylgaly,
Ýaşy sen bir sözni aýtyp, soňra puşman kylgaly,
Galmady takat jahan mülküge döwran kylgaly,
Matlabymdan ýüz öwürdiň sözni pynhan kylgaly,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Aýdy Mejnun, sen eşit arzymny, eý mürze ýigit,
Padyşa bolgan halaýykga şehi-dana ýigit,
Bagt-u ykbalym kem hem täleýim, ziba ýigit,
Renjni bihuda sen çekme güli-ragna ýigit,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Elkyssa, andan soň Mejnun bu sözlerni aýdy. Irse Nowfylnyň gahry gelip, Leýliniň atasyga
berür men, eger ibermese, leşger tartyp, üstüge baryp zarby-şemşir birlen alyp, Mejnunga berür
men” diýip, ilçi rowana kyldy. Emma ilçi baryp, Nowfylnyň hatyny alarga berdi. Ol jemaga
Nowfylnyň hatyny okyp, görüp, mottale bolup, neň we namys kylyp: “Leýlini Mejnunga asla
bermesmiz, Nowfyl goludan her ne gelse kylsyn, bizniň Nowfyldan zerre perwaýymyz ýok”
diýip, içlini yza we hykaratlar bilen gaýtaryp iberdiler. Emma ilçi gelip, alarnyň sözlerin we
hykaratlaryn Nowfylga bir-bir beýan kyldy. Emma Nowfylyň gahry gelip, kernaý we surnaý
guýup, leşger tartyp, Beni Haý üstüge rowana boldy. Irse Beni Haý jemagasy hem jem bolup,
hemme ilatyny jem kylyp, otuz müň gara keltek we ýigrimi müň suwara hemme Arabystan jem
bolup, Nowfylnyň barabarynda saf tartyp durdular. Elgaraz, birniçe günler bir-birleri birlen anda
kuruşlar kyldylar kim, suw ornuga gan akdy. Elgaraz, jeňi-magluba bolup, köp adamlar gyryldy.
Mejnun boýnuga reda salyp, nusrat we zafarny Leýliniň jemagasyga tiläp, hudaga ýyglar erdi.
Eger Leýli tarapydan bendi düşse, başyn sylap, ýüzleriden gerd-gubaryn artyp: “Sen Leýlini
görgendür sen” diýip, gözleriden posa kylur erdi. Emma Nowfylnyň leşgeri Mejnunnyň bu
ahwalyny görüp, aýdur erdiler kim: “ Eý, Mejnun, bizler seniň üçin baş berip, gan dökermiz
seniň ýaryňny alyp bermek üçin jan üzermiz, sen duşmanlarga ýari tiläp, dostlarny azurde kylur
sen! “Irse Mejnun alarga: “Eger Leýliniň jemagasy şikest tapsa, Leýli perişan bolur we Leýli
perişan bolsa, men perişan bolur men, her erde Leýli bolsa, men anda durur men, meniň ruhyrowanym Leýli birlen hemra durur” diýp erdi. Elkyssa, Beni Haý jemagasydan köp kişi gyryldy.
Elgaraz, Nowfyl padyşa zorluk kylyp, köp adamlarny nabud kyldy. Irse, Leýliniň jemagasy
şikest tapdy. Emma Leýli hem fethi-nursatny we abruýny Nowfyl padyşahga tiläp, hudaga zary
kylyp, ýalbarur erdi. Elgaraz, Leýliniň jemagasy ajyz bolup: “El aman, el aman, bela zowal el
iman we min eş-şeýtan bays el emi wel eman!” diýip, “Musulman kişige bu niçik huny-nähak
270
turur” diýip, gylyçlaryn gerdenlerge alyp, Nowfyl padyşahnyň aldyga geldiler we “Eý şahyalem, ne muddagaňyz bar, ne üçin biz ilini munça huny-nähak kylyp, gyrar siz, eger muddaga
Leýli bolsa, bir sadkaýy-tary-muýuňyz bolsun. Liken Leýlini Mejnuna berseňiz, bizler sizden
asla razy imesmiz, walla siz bilur siz” diýdiler. Anda Nowfyl: “Leýlini Mejnundan ýagşy kişige
berürmi sizler!” diýdi. Anda alar: “Eý, şahy-alem, Mejnun diwana perişan hatyr durur, nep-u
zererin bilmes, elbetde, Leýlini nabyd kylur” diýdiler. Ene Nowfylnyň adamlarydan hem bir para
kişi: “Eý, şahy-alem, bular rast diýdurlar, Mejnun nep-zererin bilmes, uruş günlerde boýnuda
reda salyp, fethi-nusratny Beni Haý jemagasyga tiläp, bizlerniň şikestimizni hudadan talap kylur
erdi, bu diwana durur, elbetde, Leýlige zerer etgürir we ene hem hudaý tebärek we tagala aýdyp,
ermiş “Eý, Mejnun, mahşar güni hemme halaýyk jem bolurlar, ol erni göterip durgan öküzni
soýup, seniň toýuň bolur. Soltan Hüseýin Mürze we Mir Alyşir bagşy bolurlar, ol gün hemme
halaýykga tomaşa görkezip, özüm kazy bolup, nikah kylur men; anda Leýlini saňa berür men,
andan soň myradyňa eter sen” diýip erdi aýdylar.
Anyň üçin alarnyň sözleri Nowfylga makul boldy, Leýlini atasyga tabşyrdy, “Bar imdi
gyzyňny kime berseň bergil” diýip, leşgerini göçürip, Mejnunga garamaý gideberdi. Elgaraz,
Mejnun binowa ene näumyt bolup galdy. Irse, ol Nowfylga garap, bul sözlerni aýtur erdi.
Eý Nowfyl, pygly, kably bet,
Şul erdimi ryzalygyň?
Köňli tilige näpisend,
Ne eýlediň aşnalygyň?
Gaýta işimni kyn kylyp,
Köňlüme niçe gam salyp,
Derdi-dilim görüp, bilip,
Bolmady bir dowalygyň!
Owwal-a böýle lap urup,
Adamy munça öldürip,
Ähli ryýasyn ýüz görüp,
Ar ededir sypahlygyn.
Söz ura sen doraň-doraň,
Ýok eken asla ar-u neň,
Ýol gide sen eleň-eleň,
Şöýle bolur sabalygyň?
Mejnun diýdi: “Sen, eý şaky,
Derdimni gozgadyň taky,
Hun kylyban benähaky,
Bes zehi nä sezalygyň!”
Elkyssa, andan soň Mejnun dilefgar bu sözlerni aýdyp, ýüz ferr beýabanga baryp, ah-u efgan
tartyp, yssyk gumlarny başyga saçyp durup, kuhbe-kuh, deşt-be-deşt çarh urup, ýörür erdi.
Benägäh aldydan bir piri-saýýat çykdy, iki ahu beççäni tutup, başyn kesermen bolup duranda,
Mejnun üstüge bardy. Ahu beççelerge rehmi gelip: “Eý saýýat, bu biçärelerni goýabergin, menin
başymny kesgin” diýip, saýýadga bu gazalny aýtur erdi:
271
Eý piri-saýýat şul zaman,
Bu ahylarny kyl reha.
Biçäreler tapsyn aman,
Men hem saňa eýleý doga.
Goýber diýdim, goýber heman,
Eý piri-saýýat, şul zaman,
Biçäreler tapsyn aman,
Salma bularga majera.
Nerkesleriniň haby ýok,
Esgençe berseň taby ýok,
Öldürmegiňniň huby ýok,
Azada kyl bähri-huda.
Wagryda anyň teb-u tab,
Rehm eýlegil, kylma kebap,
Kem nafe bolsa müşki-nab,
Gana boýalmak ýok rowa.
Rehm eýlegil näzik tene,
Bolgul garyplara pena,
Dökseň bu gün gan bigünä,
Magşarda bolganyň rusyýa.
Nerkesleridir hub abdar,
Leýliden algan ýadygär,
Naçar-u tilsiz janawer,
Ermes garyplar biwepa.
Goýber ki, jany tendedir,
Gitsin ýoly her kandadyr,
Bul sürmeli göz mundadyr,
Toparaga bulganmak hata.
Biçäreler köp ýaş eken,
Mähnetge garyndaş eken,
Mejnun bilen syrdaş eken,
Bul binowa, men binowa.
Elkyssa, andan soň Mejnun bu sözlerni tamam kyldy. Erse saýýat aýdy “Eý diwana jan,
sözüňni jan-dil birle kabul kylur erdim, liken beççelerim aç dururlar, men bularny alarga kuwwat
kylur men” diýdi. Elkyssa, Mejnun Nowfyl bergen atyny saýýadga berdi we saýýat hem ahu
beççelerini Mejnunga berdi. Emma Mejnun dilşikeste ahu beççeleriniň başlaryn sypap we
gözlerinden öpüp alyp, aýdur erdi: “Eý, janawarlar, gözleriniz Leýliniň gözüge ohşar” diýip, azat
kyldy. Elgaraz, andan soň, ene ýüz ferr beýabanga barur erdi. Emma bul ahu beççeler hem
arkasydan barur erdiler, hergiz Mejnundan galmas erdiler we jyda bolmas erdiler, kem-kem
272
alarnyň sebäbiden köp janawerler Mejnunga ram boldular we arkasydan ergeşdiler. Elkyssa,
Mejnun bu ahwalda ene bir menzilge etdi, irse gördi kim, bir saýýat bir gezezni tutup, boýnuga
salyp, keseýin diýip duranda, Mejnun üstüge bardy we aýdy: “Eý, saýýat, bu janawarny
öltürmegil, damyňny boýnudan algyl we azat kylgyl!” diýip, bu muhammesni okur erdi:
Saýdyň goýaber, saýýat, dilpara eken men dek,
Çöllerde gezip ýörgen saýýara eken men dek,
Ser tä seri-hijrandan gamhara eken men dek,
Sergeşte garyp bolgan awara eken men dek,
Al damyňny boýnudan, biçäre eken men dek.
Bäş gün seniň döwründe biçäre horam etsin,
Köňlüdäki gamlarny ýüz gatla heram etsin,
Her kaýda gadam tartyp, ýol tapsa, makam etsin,
Tä takaty tak bolmaý, ýaryga salam etsin,
Al damyňny boýnudan, biçäre eken men dek.
Hyz eýlesin janawer ahy dek urup jüftek,
Barsyn suw sypat akyp, gitsin ýanyban ot dek,
Gam-gussadan aýrylsyn, jöwzada biten tut dek,
Bir-birge goşulsynlar Harut birlen Marut dek,
Al damyňny boýnudan, biçäre eken men dek.
Yşk apatydan, Mejnun, julideýi-per boldum,
Owzagymy il bilmes, ahwaly-diger boldum,
Nezr et muny sen maňa, birewni tilär boldum,
Göýä ki kyýamatlyk men saňa niser boldum,
Al damyňny boýnudan biçäre eken men dek.
Elkyssa, Mejnun bu sözlerni aýtdy, irse, ol saýýat: “Eý, diwana jan, sözüňni jan dil birlen
kabul kylur erdim, liken men ne kylaýym, köp aýalmend we kaşak durur men, muny ähli aýalym
we beççelerimge kuwwat kylur men” diýdi.
Irse, Mejnun Nowfyl bergen ahlyhlaryny aňa çykaryp berdi. Saýýat hem ol gewezni
Mejnunga berdi. Erse, Mejnun göýä ata perzendini ýitirip tapgan dek ol geweznin gerdesiden
aýlanyp, zehmlerin hoşbendlik kylyp, zarp tapgan jaýlaryn malyş kylyp, ýüz-gözüden posa alyp,
bendi-paýyny eşip goýaberdi. Emma ol gewezn hem Mejnunnyň arkasydan galmas erdi we anyň
sebäbiden hem birniçe janawerler hezer kylmaý, munus tutup, Mejnundan aýrylmas erdiler.
Elkyssa, Mejnun şuride ahwal kuhbe-kuh mesti biygtyýar bul sypat birle barur erken,
dagystanda bir çeşmäge gözi düşdi, gördi kim, bir çeşmeýi-aly, göýä ki aýnal-haýat çeşmesi dek
suwy köwser suwy dek,ene bir çynary-aly bar, göýä ki darahty-tuby dek we ol çeşmäniň
boýunda oturyp, suwudan andak hoş kylyp, ol darahtyň saýasynda andak bähremend bolup, bir
pursat karar kyldy. Elgaraz, gözi darahtnyň şahasyga düşdi, gördi kim, darahtynyň şahasynda bir
gara zag olturmyş. Mejnun ol zagyň gara perin gara lybas akyda kylyp: “Eý, zag, yzalykmy sen,
gara lybas geýip sen?” diýip, ol zaga garap, bir söz diýdi:
Şah üstünde durgan gara donly guş,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Köňlüň gamlyk gördüm, bes özüň nähoş,
273
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Suwlukda dek gördüm ýörgen erleriň,
Söwdasydan çykyp bährewerleriň,
Başdan-aýak gara gunduz perleriň,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Geýgeniň garadyr, bilip sen bir hab,
Amalsyz sopy dek durup sen garap,
Tiliň bolsa, maňa belli ber jowap,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Saýramas sen, zagym, gezalykmy sen,
Däne-suwdan kemräk mezaklykmy sen,
Perleriň garadyr, yzalykmy sen,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Mejnun aýdur, men dek garadur teniň,
Sözlärdim dost bilip gara guş seniň,
Aýralyk saldymy allahym meniň,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Elkyssa, andan soň Mejnun bu sözlerni aýdyp, zagdan belli jowap eşitmeý, haýran boldy.
Elgaraz, Mejnun ol erden ötüp, dide girýan, syna bürýan barur erdi, bir kabylaýy-araba dahyl
boldy, gördi kim, bir piri-zal bir adam boýnuga ip dakyp, eteläp alyp ýörüpdir. Mejnun aýdy:
“Eý, mamajan, ne üçin bul biçäräni boýnuga ip dakyp südräp ýörüp sen?” diýdi. Anda mama:
“Bul kör durur, men hem kaşak durur men, ikimiz ähd kylypmyz, işiklerde gedaýlyk kylyrmyz,
her häme peýda bolsa, behem görermiz we ikimiz barabar taksym kylyp alurmyz” diýdi. Irse,
Mejnun “Eý, mamajan, meniň hem boýnumga ip dakyp, alyp ýörgül, her häme peýda bolsa, men
sizlerge berur men” diýip, wada kyldy. Irse, ol piri-zal Mejnun boýnuga ip dakyp, arap
kabylasynda goşba-goş, öýbe-öý eteläp eltip, “Bu körlerge bir nämerse haýrat kylyňlar” diýip
ýörür erdi. Elkyssa, bu meratebde Leýliniň çadyryga ýakyn etdiler. Birniçe ýaş oglanlar daş
kesekler birlen urar erdiler, bedenleri jerahat bolup, ganlar her ýan akar erdi. Elgaraz,
Mejnunnyň damagyga Leýliniň ysy gelip, buýy-Leýli birlen meşamy-muatter bolup, ferehlik ruý
berip aýdy: “Mama jan, andak sabyr kylgyl, bul ajap hoşbuý menzil erken” diýdi. Emma mama
eteläp, südräp goýmas erdi. “Bul erde dursam, bähbidimden galurmen” diýip we takat
synasyndan gidip, bir söz aýdy:
Tomaşa eýläýin, durgul,
Ajap madda eken bul jaý,
Letafetlik ne hoş menzil,
Muffereh jaý eken bul jaý.
Eşibän gol-aýagymny,
Alaý bedrim feragymny,
Ysy tutdy damagymny,
Behişt asa eken bul jaý.
274
Der-u diwary mermerden,
Işigin gerd-u aferden,
Öýün-hargähi enwerden,
Jahan ara eken bul jaý.
Akar suw-çeşmeler her su,
Jahan doldurdy gülden bu,
Meger Leýligedir bul ku,
Ajap togra eken bul jaý.
Pelekde haýma-hargähi,
Içinde bir senem mahy.
Bu dem Mejnunga dergahy,
Ne hub dilhah eken bul jaý.
Myradymny hudaý berdi,
Tün-u gün maksadym erdi,
Ölük jismimge jan girdi,
Ki ruh efza eken bul jaý.
Gara topragy anbarmy,
Hes-u haşagy şekerimi,
Rowany aby-köwsermi,
Jahan ara eken bul jaý.
Egäm şükrüni kyl, Mejnun,
Bu erge ýol tapyp bul gün,
Görünür haýmaýy-altyn,
Ne hoş sähra eken bul jaý.
Elkyssa, andan soň Mejnun bul sözlerni aýdyp, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap durup erdi.
Leýli hargähde ýüz gam-hasrat birlen olturyp erdi. Irse Leýli dilaram haýma-hargähden çykyp,
myhmanyga zekat-ruhsarydan sadaka kyldy we bir-birewleriden bul bahana birlen buýymuhybbet aldy. Nägäh gözi Mejnunga düşdi, görer kim, Mejnunnyň boýnuda ip, zar-zar ýyglap
garap durupdyr. Emma Leýli hem haýmadan çykyp, ýüzüden nykabyn alyp, özün Mejnunga
görsetdi. Elgaraz, Mejnun mahzun şeme urgan perwana dek özüni köýdürer erdi.
Elkyssa, Leýli hem akyl we huşdan jyda bolgan diwana dek yhtyýarsyz we kararsyz erdi we
zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglady, alaç kyla bilmeý durup erdi. Emma Mejnun yşk zor kylyp,
jynuny artyp, mesti-biyhtyýar ah tartyp, iplerin para-para kylyp, ýüz fere-beýabanga urup, “Waý,
Leýli! Waý, Leýli!” diýip, bidir gitdi. Elkyssa, çöllerde gerdesinde wahşy, başynda guşlar uýasy
“Waý, Leýli!” diýip, pygan-nala birlen çöllerni bihuzur kylyp ýörür erdi we zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, bir gazal okudy:
Gahba pelek, seniň ýüz dad destiňden,
Zulmundan köýgülik janym örtendi.
Günde ýüz eýlärem perýat destiňden,
275
Hijran bilen hanymanym örtendi.
Başyma günde bir salur sen söwda,
Nedir kasdyň maňa kylur sen jyda,
Leýli pyrakynda eýlediň pida,
Otlar düşüp, ustuhanym örtendi.
Hergiz hoşlugyma tapylmas delil,
Derdim eda bolmaz, köýmes aý-u ýyl,
Kerem kyl halyma, ýa rebbim jelil,
Hasta jismi-natuwanym örtendi.
Käşki barmasaýdym gedalar bolup,
Ýar köýüne janym pidalar bolup,
Näge meni görüp edalar bolup,
Çydaý bilmeý, Leýli janym örtendi.
Maksadym, bir janym ýaryma bersem,
Anyň hyzmatynda gul bolup ýörsem,
Mejnun, Nary garyp ýyglap ah ursam,
Şerarydan gülüstanym örtendi.
Emma Mejnun bul sözi aýdyp tamam kylyp, zar-zar ýyglap olturdy, welemma hyş-tebarlary
umyt üzüp ýandylar. Elkyssa, muhteser, Nowfyl Leýli jemagasyga zafar tapyp we ene Leýliniň
ygtyýaryny atasyga goýgandan soň, Leýliniň atasy “Mejnun diwananyň melamatyndan gutuldyk,
Nowfylga hem huda haýyr bersin, Mejnun diwanaga hem huda sabyr bersin, imdi Leýliniň
waslydan tama üzdi” diýip, feragatda boldy.
Imdi Leýliden bir keleme söz eşidiň Leýliniň atasy Ibn Salamga wada kylyp erdi. Elgaraz,
wada kylgan müddetleride birniçe tiwäge zer-ziwer ýükläp we tamam lagl-jöwahyrlarny alyp
gelip, Leýliniň atasyga bedriler we be resmi-arap olturyp, agd baglap, ol hargähi kim, Leýli
olturyp erdi, şeker we şerbet tolduryp we u:d-anbar ýakyp, be hezar zowk-tomaşa birle Leýlini
Ibn Salamga nika kyldylar we tabşyrdylar. Andan soň Ibn Salam Leýlini Bagdatga alyp gider
boldy. Irse Leýli Bekir diýgen bir adamyň goluga bir hat berdi we aýdy: “Eý, Bekir, men
gidenden soň, bu hatny Mejnunga eltip bergeý sen!” diýdi. Emma hatda andak aýdy kim: “ Eý,
ýary-mähribanym, bikararym, men bul bedhah rakyplarnyň jebri-zulumydan we sütemiden
Bagdat şährige gitdim. Ruhy-rowanymny saňa goýup, kuruk jismimni alyp gitdim, welemma
köňlüňe hiç gubar geltirme, tä men gelinçä sabyr kylgyl, tä tende janym bar, men seni unutmam,
eý ýary-janym sen hem meni unutmagyl, bu namym-nyşanym durur, saňa razdan bolsun, eý,
ýary-wepadarym, sabyr kylgyl!” diýip, nama bükläp, Bekirge berdi. Andan soň, Bekirge garap,
bir söz diýdi:
Saňa yzhar kyldym razy-dilni,
Muhubbet birlen taýý kylgyl sepilni,
Ka erde görseň ol awara gulny,
Tahammyda geçirsin aýu-ýylny,
Perişan eýleme tumary gülni,
Amanatdaryga tabşyr hatymny.
276
Ki men tä gelgenimçe sabyr kylsyn,
Özi gamda, gözi ýollarda bolsun,
Koduret gerdini köňlüden alsyn,
Kişi pişanada baryn ne bilsin,
Perişan eýleme tumary gülni,
Amanatdaryga tabşyr hatymny.
Meniň derdim any awara kyldy,
Anyň derdi meni biçäre kyldy,
Pelek jebri ene seýýary kyldy,
Anyň zähmi zebun, dilpara kyldy,
Perişan eýleme tumary gülni,
Amanatdaryga tabşyr hatymny.
Unutmasyn meni,men hem unutmam,
Hyýalydan demi köňlüm sowutmam,
Pelek kärin serenjamyga bitmem,
Kim andan özgäniň adyny gutmam,
Perişan eýleme tumary gülni,
Amanatdaryga tabşyr hatymny.
Gidip jismi, saňa galdy rowany,
Diýgil, eý ýar, jany-mähribany,
Alyp bargyl aňa menden nyşany,
Nyşany –Leýli boldy razdany,
Perişan eýleme tumary gülni,
Amanatdaryga tabşyr hatymny.
Elkyssa, andan soň Leýli gitgen soň, Bekir namany alyp, rowana boldy. Elgaraz, Mejnunny
bir dagnyň damanasynda tapdy we ene Mejnunyň nala-ýu efganyny görüp, köňlüge aýdy “Muňa
bir söz aýdaýyn, şaed Leýlini unutgaý” diýdi we : “Eý, Mejnun, aşufta ahwal, mähnetiň reýgan
boldy, sen Leýlini wepadar diýip erdiň, imdi biwepalyk kylyp, şad-u horram bolup, Ibn Salam
diýgen ýigitge tenini bagyşlap, Bagdat şährige gitdi. Sen heniz Leýli diýip nala kylur sen” diýdi.
Elkyssa, Mejnun Bekirden bu sözni eşidip, başyny daşa urup, para-para kyldy, gany aýagyga jary
boldy. “Waý, Leýli, waý, Leýli!” diýip ýykyldy, ýakyndyr kim, terki-jan kylsa. Emma Bekir
aýgan sözüge puşeýman kylyp, aýdur erdi: “Eý Mejnun, men hata kyldym, ýalgan söz diýdim,
turgul, Leýli wepadar durur” diýip, Mejnunga teselli berip, bu gazalny aýdy:
Bir söz birlen köňlüň melul eýledim,
Arzym eşit, şahy-Mejnun, ýyglama.
Ymtyhandan Leýli sözün söýledim,
Perýat edip, köňli mahzun ýyglama.
Leýli seniň perýadyňa dözmedi,
Galam gaşyn, gara gözün süzmedi,
277
Hergiz senden köňül mährin üzmedi,
Sargarmasyn lagly-meýgün, ýyglama.
Uzun aýtmak üçin geldim yzyňdan,
Ýalan sözläp, uýatlyg men üzüňden,
Ganlar saçyp gara nerkes gözüňden,
Donun eýläp gandan gülgün, ýyglama.
Mejnun adyn daýym anyň tilinde,
Janyn pida edip seniň ýoluňda,
Ýaryň üçin munça hijran çölünde
Tartyp arman, atyp efsun, ýyglama.
Bekir aýdar, beýle gamgyn ýörmegil,
Gül üzüňe ýol gubaryn sürmegil,
Gaty daşy näzik tene urmagyl,
Çeşmi ganly, jismi purhun ýyglama.
Elkyssa, Bekir bu sözlerni aýdyp, Mejnunnyň goluga Leýliniň bergen hatyny çykaryp berdi
we ene tilinden aýtgan sözlerini, wagyzlaryny beýan kyldy. Mejnun namany alyp, gözüne sürtüp,
“Leýliniň goly degen we nazary düşgen nama” diýip, hatyny tanyp, hatyny posa kylyp, namany
açyp, motalez kylyp gördi kim, “Leýli Ibn Salamga nikah boldy” diýgeç hat çykdy. Emma
Mejnun bu hatny görüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Leýlini biwepa bilip, çün murgybaly-şikeste bu gazalny aýdy:
Mundag erdi muddagaýy aşynalyk, ýarlyk.
Aýyrdy bir-biriden ryzaýy-aşynalyk, ýarlyk,
Her saba müň merhabaýy-aşynalyk, ýarlyk,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Ýagşy ermes ähd-u peýmanyňňy bes syndyrmagyň,
Ýüz öwürip aşnalykdan köňülni tändirmegiň,
Dostny mahrum edip, agýara mähr indirmegiň,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Men seniň hijriňde ýyglap, gije gündiz zar-zar,
Ýortmuşam Hejd dagyda, yşkyňda ýok bir dem karar,
Ölmeýin tirik tapyp görmek bolurmy bir didar,
Şulmudyr, zalym wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Gaýryga baglap köňül, tutduň rehi-Bagdatny,
Mähnetiň zaýyg kylyp, tehreb edip abatny,
Köňli gatyg sen eşitmeý sen hezin-perýatny,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Kyblagähim maňa köp pend-u nesihat etdiler,
Menin üçin daýyma şam-u säher gan ýutdular,
“Leýlini taşla!” diýibän hyş-u tebarym aýtdylar,
278
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Köňli seňňin, rehmi ýok hunhar eken sen, eý peri,
Men seni ýarym diýsem, sen nar eken sen, eý peri,
Ýar diýip berdim köňül, agýar eken sen, eý peri,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Aýtmadyňmy: “Men seniň ýoluňda-köňlýam bagladym,
Senden aýra bolmas ahyr jismi-janym çagladym”
Men seniň waslyň üçin umyt edip gan ýygladym,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Bimürewwet çarhy-keç reftary-älem el kallab,
Padyşahy dil gedalyk birle ten mülki harab,
Dostlar ki mehjur, mahzun boldy, düşman kämýab,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Bul meniň iki gan ýyglady “Leýli!” diýip,
Jany-jismim para boldy wasly-umyt isteýip,
Taňla mahşar ruzy kylsa ente alam-ulguýub,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Men seniň dek ýar diýip, başga jahan istemem,
Ruzy-mahşar ruzy kylsa, hüýr-u gulman istemem,
Ger behişt-anbar sereşt, tagty-Süleýman istemem,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Gözlerim düşse seniň gaşyň bilen gözleriňe,
Janymny gurban kylur men her zaman ýüzleriňe,
Toty şirin tekellim dek bes şeker sözleriňe,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Men seniň hijriň bilen iki gözümdir şem-çyrag,
Gijeler bidar bolup, Leýli diýip dag üzre dag,
Gije-gündüz sagaty bir dek tapalmas men ferag,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Owwal-a köňlümni gül deý şad-u handan etdigiň,
Müň mürewwet birle her gün haýr-u yhsan etdigiň,
Ýok mynasyp imdi bagrymny meniň gan etdigiň,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Kim Ebu Kaýs adym erdi, yşk bilen Mejnun bolup,
Men seniň hijriň bilen her gije-gündüz ýyglaýyp,
Ataşy-yşkyň bilen näzik tenim gülgün bolup,
279
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Tutmadyň “Biçäre Mejnun!” diýp, barar gün adymy,
Gaýtadan bozduň bu weýran hatyry-näşadymy,
Ýar ile bolduň eşitmeý sen meniň perýadymy,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Eý ajal, gel imdi bul dünýäde ýörmek ýok rowa,
Mejnuny-dil hasta men, derdimge tapmas men dowa,
Men saňa köp dat eder men, dadyma et, eý huda,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Emma Leýli dilaramnyň kasydany tawiz kylyp, Zeýdge berip, ene hem Mejnunnyň Leýlini
melamat kylganyga bir söz okugany:
Arzym eşit, şahy-Mejnun, aýdaýyn,
Kysmaty-hak, takdyr maňa şul boldy,
Ezelden garadyr bagtym, neteýin,
Kysmaty-hak, takdyr maňa şul boldy.
Başymda müň dürli erür alamat,
Alamat üstüge bul ne melamat,
Gorkma, Mejnun janym, Leýli salamat,
Kysmaty-hak, takdyr maňa şul boldy.
Bilmenem, meni kim bazara saldy,
Birew berip, meniň bahamy aldy,
Jismi-janym bu alemden ot aldy,
Kysmaty-hak, takdyr maňa şul boldy.
Hak goýmyş seniň çün mende amanat,
Salamat sakladym kylmaý hyýanat,
Serzeneş eýleýip, kylma yhanet,
Kysmaty-hak, takdyr maňa şul boldy.
Leýli diýp, Mejnunym, saňa intizar,
Pyrkat era jismi-janym bikarar,
Gidedir, ýok ýol Naryda ygtyýar,
Kysmaty-hak, takdyr maňa şul boldy.
Emma Leýli dilaram bu sözni Zeýdge, ýagny Zeýt rahguzeştäge düzük we ene tabşyrdy özi
Mejnun belakeşiň, pyrakydan göýä bir kuruk ustuhan bolup, keselmend pur zor boldy. Lälezar
ruhsarasy hazapy-nämynasypdan sargardy we serbelentlik seririden tüşüp, uftadalyk we
renjurlyk zyndanyga mahbus boldy we şem-çyragy baharystan ömrüge hazan sarsarydan gelip,
tapança urup zehm saldy.
Oşol ruzy ki, Mejnun binowadan aýrylyp erdi we kemaly söz dilden serwi huramany giýaýybisilab dek guryp, mehzi ustuhany galyp erdi we Mejnun dilefgarny arzuwmend görüp, bir
280
mähri-on, mähri-ýüz we ýüz mähri müň bolup, zar-nezar galyp, Mejnunny ýatlap, bir gazal
okurdy:
Saba bermes maňa kim bir habar ol dilefgarymdan,
Hazan bady ösüp durur üzmäge gülgüzarymdan.
Anyň hijr-pyrakynda bu janym çykmaga etdi,
Habar eýlegeýmikän bad-nesimi hal-zarymdan.
Tamam ustuhanymga düşüp ot, janym örtendi,
Hemme köýdi pygan tartyp meniň ahy-şerarymdan.
Çykyp ruhum jesediden, ten galypdyr-surat diwar,
Gelip Mejnunym hal almaz meniň bul ýog-u barymdan.
Humary tutsa her ki ol jepakeş şah Mejnunyň,
Bakar men gan akar ýoluga bu çeşmi-intizarymdan.
Başym çün eý, saba, halym oşol janyma arz et,
Seraser aýt salamym hasby-halym kär barymdan.
Diýgil Leýli, seniň nary-pyrakyň içre janym berdi,
Baryp ol bähre alsyn göterip ha:k mazarymdan.
Elkyssa, Mejnun Leýliniň “Sabyr kylgyl!” diýgenige razy bolup, sabyr eder erdi. Elkyssa,
Mejnun tä edi ýyl sabyr kyldy. Emma başynda guşlar uýa guýup, tohum açyp beççe kylur erdi,
beýaban janawerleri hezer kylmaý, gerdeside ýörür erdiler. Erse, ene zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, başyny daşlarga urup, bikarar, bisabyr bolup, ene bir garga girip, nala-perýat birle bir
post, ustuhan bolup ýatdy. Emma Mejnun dilfgarnyň atasy Seýit Beni Amyry Leýliniň ibn Salam
birle Bagdat şährige gitgenin eşidip, “Mebada, Mejnun hem uwlagyp, Leýliniň arkasydan
Bagdatga gitmesin!” diýip, tuşeýi-rah taýýar kylyp, mysaly natuwanlar dek, goluga asa alyp,
umydy-dest-u pa urup ýörüýberdi. “Diwana şuridäniň ahwalydan bir habar tapar menmukän?
diýip, ogluny kuhbe-kuh, deştbe-deşt agtaryp ýörür erdi. Nägäh bir gün bir daga etişdi. Gördi
kim, bir dameni-kuhdan bir para ot şerara urup, düýd birle çyka durur. Şol otdan habar alaýyn,
meger çopan bolsa soraýyn” diýip eşitdi. Gördi kim, bir dagyň garynda bir adam ýatypdyr, bir
teň we daryň jaýda, adam hezer kylgu dek. Emma Seýit Beni Amyry bir ism okyp, özüge dem
salyp, ol jaýga bardy. Mejnun mesti-mustagrak ýatur erdi. Seýit Beni Amyry ýüzüge ýagşy nazar
salyp gördi kim, irse bildi, jiger parasy we nury-çeşm eziz perzendi durur. Emma Seýit Beni
Amyry ogluny bu ahwalda görüp, gözüden katra- katra ýaşy rowana bolup, ýyglar erdi. Emma
bir katra ýaş Mejnun belakeşniň ýüzüge tamdy. Irse Mejnun gözüni açyp bakdy, gördi kim, bir
adam buşujynda ýüzüne bakyp ýyglap durur. Mejnun atasyny tanymaý, “Niçik adam sen,
menden ne sorar sen, bu erde ne iş kylur sen, beýan kyl!” diýip, bir gazal aýdy:
Ne adam sen melek hüýli,
Nazar eýläp mähribana,
Çemen ýüzli,serwi boýly,
Saýa saldyň köen jana.
281
Kaýdan geldiň eziz kişi,
Beýle bolur takdyr işi,
Gan garyşan gözüň ýaşy,
Sebäp nedir, kyl beýana.
Natuwan sen asa alyp,
Muhubbet köňlüňge salyp,
Sen istär sen menden gelip,
Gan ýyglar sen garybana.
Ne sözüň bar arap şahy,
Her dem çekip otlug ahy,
Köp kylur sen ah-u wahy,
Sebäp nedir bul pygana.
Mejnun aýdur, ne kylaýyn,
Sözüň nedür, aýt bileýin,
Öz halyma goý, öliýin,
Sen o ýana, men bu ýana.
Elkyssa, andan soň Mejnun bu sözlerni aýdy. Atasy aýdy kim: “Eý Mejnun belakeş balam,
waý, mähneti reýgan eziz perzendim we nury-çeşmim, Mejnun jan, balam, men seniň Seýit Beni
Amyry diýgen ataň bolur men!” diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýygap, bir donun çykaryp,
egnige salyp, owrotlaryn ýapyp ýyglar erdi.Emma Mejnun sertä pa açyk we berehne erdi.
Elkyssa, ol jigerhun oglunyn goludan tutup, köp pend-u nesihatlar kyldy. “Eý janym, balam, sen
Leýlini wepadar diýip erdiň! Kany wepa kylgany? Imdi biwepa Leýli üçin ustuhanyňny
agartyryp ýörmegil, Leýli seni unudyp, Ibn Salam birlen Bagdat şährge gidipdir, men
aýtmadymmy, “Leýli biwepadyr” diýip?! Anyň üçin munça harlyk-zarlyk tartyp, çöllerde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 20
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.