Latin

Baba Röwşen dessany - 01

Total number of words is 3830
Total number of unique words is 1828
18.6 of words are in the 2000 most common words
27.8 of words are in the 5000 most common words
32.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
NUSGAWY TÜRKMEN EDEBIÝATY
BABARÖWŞEN DESSANY
NURMUHAMMET ANDALYP
Emma rawyýany-ahbar we naklyany-asar andag rowaýat kylurlar kim, pygamber zamanyda,
Medine şährinde bir kaşşak baba bar erdi. Özi sahaba erdi. Emma atyga Babaröwşen diýr erdiler.
Özi zyýada aýalmend erdi.
Emma Ýehudy diýgen bir jöhitge müň tylla karzy bar erdi. Hiç anyň alajyny kyla bilmes erdi.
Emma ol jöhit bir gün gelip, aýtdy:
-Eý, Babaröwşen, bu gün meniň pulumny bergil ýa meniň dinimge girgil, bolmasa, gyzyňny
maňa bergil-diýdi.
Anda Babaröwşen endişe kylyp, aýtdy:
-Eý, jöhit, sen maňa erteň peýşingeçe möhlet bergil, huda halasa, puluňny tapyp berur men. İr
erteň saňa jowap berur men. Eger tapa bilmesem, seniň bu üç gepiňden birinden birin kabul
kylur men-diýdi.
Elkyssa, jöhitniň hyýalyga geldi kim: “Özi kaşşak bolsa, erteň peýşingeçe ne ýerden tapyp
berur?” diýdi. Babaröwşen: “Men tapyp berur men” diýip, wagda kyldylar. Jöhit kabul kyldy.
Andan soň, jöhit Babaröwşenge möhlet berdi.
Babaröwşen biçäre: “Mesjidi-Medinäge baryp, pygamber hudanyň aldynda ýyglaýyn” diýip,
jöhitlerniň güzeriden ötüp, barur erdi.
Oşol wagt bir jöhit aýtdy: “Eý, Babaröwşen, ýol bolsun!” Kaýda barur sen?” diýdi. Anda
Babaröwşen aýtdy: “Ýehudy diýgen jöhitge müň tylla karzdar erdim. Meni köp gystap teň kyldy.
Ahyr erte peýşingeçe möhlet alyp, pygamber hudanyň aldylaryga baryp, mübärek aýaklaryga
ýüzümni sürtüp ýykylsam, şaýed ki men şol beladan halas kylsalar diýip, oşol jöhitniň puluny
istäp, pygamber alaýhys-salamga barur men” diýdi.
Anda jöhit kax-kaha birle güldi we any masgara kylyp aýtdy:
“Eý, Babaröwşen, kim, owwal sen kaşşak, senden bedter pygamberiň kaşşak-gedadur. Sen
bargunça galasyndan mal gelurmy ýa sähradan tiwesi we ýa bezirgeni gelurmy saňa beredir”
diýdi.
Jöhitlerniň sözüge biçäre Babaröwşenniň köňülleri bozulyp, başyga külpet düşüp, gözleriden
katra-katra ýaşyn töküp, jemygy pygamberlerni ýat kylyp, perwerdigärge bir mynajat okydy,
mynajaty- Babaröwşen bu turur:
Eý, ýaranlar, köpdür köňlüm armany,
Myradymny bir alladan tilär men.
Hak özüdir barça dertniň dermany,
Zar eýleýip, rebbenadan tilär men.
On sekiz müň älem birle daglarny,
Gurt-gumursga hem bilbil-u zaglarny,
Ol ýaratdy agma birle saglarny,
Gedadyr men, oşal şadan tilär men.
Üç ýüz müň ýyl ýyglap, tilde senasy,
Dergähinde bagyşlandy günäsi,
Jümle pygamberiň ata-enesi,
Adam bilen ol Howadan tilär men.
1
Mekgäniň binýadyn ymarat etgen,
Barça adam any zyýarat etgen,
Kadyr möwlam özi beşarat etgen,
Ol Hally-basapadan tilär men.
Şaýed, rehim kylgaý gözüm ýaşyga,
Ýaratdy kapyrny degre-daşyga,
Daragt içre erre geldi başyga,
Oşol ruhy Zekerýadan tilär men.
Ýehudy elgiden gutar salamat,
Bir azyz başyma niçe melamat,
Çah içinde tapgan gurby-sagadat,
Ýusup bilen Züleýhadan tilär men.
Ummat üçin gözden dur:r edip habyn,
Saçarlar her zaman dürri-naýabyn,
Açarlar magşarda şepagat babyn,
Ol Muhammet Mustapadan tilär men.
Düldül münüp, Zülpükary bilinde,
Melaýyklar durar sag-u solunda,
Howzy-köwser suwun görseň golunda,
Röwşen diýer, Murtazadan tilär men.
Elkyssa, Babaröwşen bu mynajatyny tamam kylyp, jöhitlerden ötüp, Medine metjidine baryp,
zar-zar ýyglap, salam berip içeri girdi. Resuly-hudany görüp, zyýarat kylyp, arzy-halyn beýan
eýlap, an hezret sallallah alaýhys-salamga garap, bir gazal okydy. Gazaly- Babaröwşen bu turur:
Sadagaň bolýyn älem serweri,
Garyplarga lutf-u enaýat barmu?
Dmw-u peri, yns-u jynnyň rehberi,
Mazlumlarga zerre kipaýat barmu?
Düşüpdir başymga haknyň belasy,
Bu gün weýran boldy köňlüm galasy,
Dynmaý akar iki gözüm jalasy,
Mundan artyk maňa musybet barmu?
Hiç kişi bolmasyn men dek giriftar,
Bir jöhitden müň eşrepi karzym bar,
Dergähiňe ýyglap geldim intizar,
Agzaşgan gullara beşaret barmu?
2
Erte peýşin möhlet berdim özümni,
Ýa Mustapa, bawer eýläň sözümni,
Ol gany, men gallaç, alar gyzymny,
Döwrüňizde mundag rowaýat barmu?
Şergy-päkiň meniň golum tutmasa,
Şul hajatym şu gün sizden bitmese,
Öz dinige salar şu gün ýetmese,
Ummat içre men dek kesapat barmu?
Röwşen aýdar, derd-u külpetim bisýar,
Ýolguz başym müň belaga giriftar,
Owwal-agyr sen bolmasaň medetkär,
Asy ummatlarga şepagat barmu?
Elkyssa, Resuly-huda Babaröwşenden bu sözni eşidip, seda kyldylar:
-Ýa halaýyklar, Babanyň hajatyn bitgirgu dek kim bar?!-diýdi. Üç mertebe seda kyldy. Hiç
kişiden seda çykmady.
Andan soň, pygamber alaýhys-salam sabahalarga garap, aýtdy:
-Kim bir aly hümmet är barmykan, şul Babanyň müň tylla karzyn berip, bu biçäräni şul
beladan halas kylsa-diýdi. Erse, hiç kimden owaz çykmady. Ýene hem üç mertebe seda kyldy.
Erse, hiç kimden ýene hem owaz çykmady.
Ahyr el-emr hezret Aly Şahymerdan syçrap ýerleriden turdy. Andan soň hezret Aly
kerremallahu wejhuhu mert talap kyldylar:
-Ejazat berseňiz, enşalla tagala biz bitgirermiz-diýdiler.
Andan Resul huda aýtdylar:
-Ýa, Aly, sizde Düldül bilen Zülpükardan gaýry nemersäňiz ýokdur, niçik bitgirer siz?diýdiler.
Anda hezreti Aly aýtdylar:
-Ýa Resulylla, malym bolmasa, başym bardyr. Başym sag bolsa, mal tapylur-diýdiler.
Andan soň Resuly-huda pata berip, hezret Alyny ýolga saldylar.
Emma hezret Aly kerremallahu wejhuhu metjitden çykyp, Babaröwşenniň golydan tutup,
ýolga rowana boldular. Emma ýolda görseler, ymam Hasan bilen ymam Hüseýin daşgaryda
oýnap ýörür erdiler. Atasyga gözleri düşüp ýügürdiler, towazzyg birle salam berdiler we gelip
aýtdylar:
-Ýa ata, kaýda barar siz?
-Eý jigerkeşelerim, Babaröwşenge bir zaman hemrah bolup barur men, sizler gaýdyňlar. Men
hem enşalla tagala gelur men-diýdiler.
Anda ymam Hasan, Hüseýin kabul kylmadylar.
Andan soň hezret Aly ogullaryga pendi-nesihat berip, töwella kylyp, bir gazal okydy. Gazalyhezret Aly bu turur:
Gaýdyň indi iki gözüm röwşeni,
Gije-gündiz ýalguz çümer gowgaýa.
Degre-daşda köpdür ataň duşmany,
3
Pelek meni salgy beýle söwdaga.
Tekýe kyldym daýym namy-allany,
Hemaýat eýledim hak Mustapany,
Şam-u säher istäp gezdim belany,
Keşt eder men dagy-deşti, sähraga.
Birniçäni görsem, berdim janymny,
Birniçäni juýbar etdim ganyny,
Birniçäni läş eýledim tenini,
Birniçäni atdym suýy-semaga.
Herne kysmat ýazylganyn görür men,
Ganym görsem, derrew başyn üzür men,
Şazadalar, melul bolmaň, gelür men,
Goýuň meni, ýoldaş bolaý Babaga.
Murtaza diýr, men sizlere perwana,
Bu dünýäde menden nam-u nyşana,
Täze gül siz, barmaň bady-hazana,
Olturyň töwekgel eýläp hudaga.
Elkyssa, şazadalar bu sözni eşidip gaýtdylar,
Emma hezret Aly Babaröwşen bilen şähri-Medineden çykyp, sähraga ýüzlenip ýöriberdiler.
Oşol wagt Babaröwşen aýtdy:
-Ýa Aly, bir ýerde gömüp goýgan dünýäňiz barmu?-diýdi.
Anda hezret Aly aýtdylar:
-Eý, Babaröwşen, bizlerde dünýä ne işlär. Bizlerge dünýä duşmandyr. Bizler hem halaýyklar
dek dünýäni dost görsek, bizlerge hem dünýä tapylur. Çünki men dünýäden gaçar men, dünýä
hem bizden gaçar-diýdiler.
Anda Babaröwşen aýtdy:
-Aly, imdi dünýä sizde bolmasa, we mende bolmasa, kimde bolur eken-diýip, pelekden şikwe
kylyp, niçe ýerlerden tymsal geltirip, köňli gamgyn bir gazal okydy. Gazal- Babaröwşen bu
turur:
Saňa gelip bähbidimi bilmedim,
Günbe-gün, dembe-dem beter sen, dünýä!
Gaflat bilen ýördüm, pikir kylmadym,
Hub bilip men indi öter sen, dünýä!
Niçeler damanyň tutupdyr golga,
Niçäni al berip çykardyň çölge.
Ýetdirmeý menzilge, barabar golga,
Suwsadyp, çarçadyp giter sen, dünýä!
4
Birniçe adamnyň wagtyn hoş edip,
Birniçäni misli uçar guş edip,
Birniçäni gaýgy-gamga duş edip,
Niçäniň başyga ýeter, sen dünýä!
Birniçäniň akyl-huşun alyp sen,
Humar taşlamakga ajap galyp sen,
Her kimge bir türlük söwda salyp sen,
Meşgul edip bir gün ýutar sen, dünýä!
Başda dolgan ýokdur asly haly sen,
Her kişi dost görse, anyň maly sen,
Mejlis içre ajap serwi näzli sen,
Kimni gapyl görseň, tutar sen, dünýä!
Owwal-ahyr gelgen Päkize gyz sen,
Magşuklar içinde jandan azyz sen,
Aşygyňa gant-asaldan leziz sen,
Mesti-biygtyýar eter sen, dünýä!
Bir gözel sen, adyň “dal” bilen “nundur”,
Gamyňdan aşyklar gözýaşy hundur,
Saňa gelenleriň haly zebundyr,
Şiwe bilen hezil eter sen, dünýä!
Birewniň destine berip sen rowaç,
Birewni eýlediň müflis-u gallaç,
Birewni eýlediň aj-u ýalaňaç,
Birewni birewge satar sen, dünýä!
Birniçäniň sapar-rahtyn ýaraglap,
Niçelerniň urup, synasyn daglap,
Magrypdan maşryga kysmatyn baglap,
Her kimni bir ýana atar sen, dünýä!
Gam ýolunda azym kerwenler galyp,
Gaýgu birlen anyň etrapyn alyp,
Külpet ajdarhasy zäherni salyp,
Bu Röwşen hastany näter sen, dünýä?!
Elkyssa, Babaröwşen bu sözni tamam etdi. Andan soň, hezret Aly Babaröwşenniň bu sözige
rehmi gelip, Babaröwşenge birniçe hoşamatlar aýdyp, bir gazal okydy. Gazaly-Şahymerdan bu
turur:
Dünýä diýseň, Babaröwşen,
5
Gel, arkama müngül imdi,
Essiň gidip, ýykylar sen,
Mähkäm gözüň ýumgul imdi.
Kaýda barsam, birge elteý,
Göz görmegen ýerge elteý,
Alty aýlyk ýolga elteý,
Keramatym görgül imdi.
Gallaçlykdan bolduň eda,
Saňa janym kylaý pida,
Karzdarlykdyr gahry-huda,
Zynhar, hezer kylgyl imdi.
Bazarga sal meni eltip,
“Gulum” diýip, meni satyp,
Medinäge gelgil gaýdyp,
Sen jöhitge bergil imdi.
Azyz başym saňa guldur,
Karzyňny alajy şuldur,
Musulman sen, din Resuldyr,
Karzdan halas bolgul imdi.
Adym Aly-Şahymerdan,
Ýene diýrler şiri-ýezdan,
Dostlar maňa bolar handan,
Sözüm kabul kylgyl imdi.
Elkyssa, hezret Aly kerremallahu wejhuhu bu sözni tamam kylgandan soň aýtdylar:
-Eý Baba, gel meniň arkama müngül-diýip, Babaröwşeni mübärek arkalaryga alyp, mähkäm
edip göterdiler we ýene hezret Aly aýtdy:
-Ýa Babaröwşen, indi sen gözüňni ýumup, “Alhamny” bir mertebe okygyl. Erse, bir mertebe
“Alhamdan” okyp, “Welezzallyn, ämin!” diýip, gözüňni açgyl-diýdiler.
Babaröwşen kabul kyldy. Gözüni ýumup, “Alhamny” okydy, “Ämin!” diýip, gözüni açdy.
Gördi kim bir şähri-azymga gelip durur. Erse, Babaröwşen özüni başga ýerde gördi.
Babaröwşen haýran bolup aýtdy:
-Ýa Aly, bu niçik ýerdir?! Bul şähriniň ady ne turur?-diýdi. Hezret Aly aýtdy:
Ýa Babaröwşen, bu şähriniň adyna şähri-Berber diýrler. Medine mundan alty aýlyk ýoldurdiýdiler. Anda Babaröwşen aýtdy:
-Ýa Aly, bir demde alty aýlyk bu ýolny niçik aldyň we siz niçik belent perwaz ýigit eken sizdiýip, aýtdy. Andan soň Babaröwşen hezret Alyga garap, andan jowap sorap, bir gazal okydy.
Gazaly- Babaröwşen bu turur. Aly hem jogap berdi:
Babaröwşen:
6
Gurbanyň bolaýyn, eý burna ýigit,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
Şejagat babynda şir endam, ýigit,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
Aly:
Meni sorsaň, Baba, haknyň şiri men,
Asla özüm sahypkyran erur men.
Meýdana girgende, äriň äri men,
Asla özüm belent perwaz erur men.
-Pygamber aldynda nowaz eýlediň,
Hiç kimse dem urmaý owaz eýlediň,
Alty aýlyk ýolga perwaz eýlediň,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
-Her ýerlerde garyp howandary men,
Musulman bendäniň habardary men,
Düldülniň eýesi, Zülpükary men,
Asla özüm sahypkyran erur men.
-Köňlüm hak ýolunda maýyl eýlediň,
Keramatyň maňa zahyr eýlediň,
Ýa meni serkeşte saýyl eýlediň,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
-Gorkma, Baba, asan bolar müşgiliň,
Enşaalla, semer tapar hasylyň,
Gözlerimge jilwe berer menziliň,
Asla özüm sahypkyran erur men.
-Özüň pähliwan sen, arslan sypatly,
Meýdana girgende Rüstem kuwwatly,
Melaýyk suratly, Jebraýyl ganatly,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
-Meýdana girip men, kärim yhtymam,
Bir zamanda ençe işler serenjam,
Ýedi asman goýdy maňa ýedi nam,
Asla özüm sahypkyran erur men.
-Göz açgunça kyldyň watanny berbat,
Rastyň diýgil, eýa älemge ustat,
Beşer olgumu sen, ýa hut perizat,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
7
-Haýbar hysaryny weýran kylyp men,
Küfr ählige şur-u nury-hüweýda,
Murtaza men, ibni Ebutalyp men,
Asla özüm sahypkyran erur men.
-Röwşenge eýlegil adyň müberra,
Ýüzüňde zahyrdyr nury-hüweýda,
Ýa meger erur sen ol şiri-derga,
Asla niçik belent perwaz erur sen?
-Adym Aly, arşy-agla jaýymdyr,
Gije-gündiz gaza haýry-hahymdyr,
Bawar et sözümni, hak güwähimdir,
Asla özüm sahypkyran erur men.
Elkyssa, Babaröwşen bilen hezret Aly bu sözni tamam kyldylar.
Andan soň Babaröwşenniň selesiniň bir ujun mübärek boýunlaryga baglap, ýene bir ujun
Babaröwşenniň goluga berdiler. Andan soň, hezret Aly Babaröwşenge sözün tagýynlap aýtdy:
-Eý, Babaröwşen, zynhar, meniň aýtgan sözümden çykmagyl-diýip, nesihat berip aýtdy:
“Baba, meni gul diýip, bazarga alyp bargyl. Kä ki meniň adymny Kaşamşam goýgul, tä in ke
kapyrlar sorsalar, müň gulnuň bahasy diýgil. Asly-zatymny kapyrlarga bildirme” diýip, niçe
ýerlerden tymsal getirip, zar-zar ýyglap, Babaröwşenge garap, bir gazal okydy. Gör, bak, näme
diýýär. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Saňa aýdaý ah-u zarym,
Sözüm kabul etgil, Baba.
Mundan özge ýokdur kärim,
Pähm eýläp eşitgil, Baba.
Bu işge ynansyn rakyp,
Hylwat eýle, herýan bakyp,
Selläňni boýnumga dakyp,
Bir ujundan tutgul, Baba.
Habar sorsalar özüňden,
Dönmegil dogry sözüňden,
Ýörir men seniň yzyňdan,
Ýolga girip gitgil, Baba.
Ygtyýarymdyr goluňga,
Bakmagyl sag-u soluňga,
Başymny berdim ýoluňga,
Tizräk mundan gaýtgyl, Baba.
Kaşamşam diý, sorsa adym,
8
Şuldur saňa, yhtyýadym,
Hasan, Hüseýindir zürýadym,
Barsaň, salam aýtgyl, Baba.
Elkyssa, Babaröwşen bu sözni eşidip, bu sözlerni nälaç kabul kylyp, selesini hezret Alynyň
boýnyga dakyp, bir ujundan tutup, hezret Alyny idekläp, şähri-Berberniň gul bazaryga bardylar.
Bazar adamlary görüp, tomaşa kylyp durdular. Hemme halaýyklar haýran boldular. Emma
Babaröwşenniň guluga bir kişi hyrydar bolmady. Hiç kimniň zory ýetmes berdi.
Bu şäherniň patyşahynyň adyna Mergup şah diýr erdiler. Emma oşol wagt derhal şähriBerberniň patyşasy Mergup şaga habar geldi:
-Eý, şahy-älem, bazarga bir gul gelipdir patyşahga lazym gul eken-diýdiler. Babaröwşen
şundag pähliwan reşidi-mübäriz gul geltirip, bazarga salgan ermiş-diýip, taryp etdiler. Oşol wagt
Mergup şah taajub bolup, bir ýasawul gönderdi. “Oşol pähliwan gulny alyp gelsin” diýdi.
Ýasawul gelip, aýtdy:
-Eý, Baba, saňa patyşah gelsin- diýdi. Gulny görer ermiş-diýdi.
Andan soň Babaröwşen gulny idekläp, patyşah gaşyga alyp bardy. Patyşah görüp, köp
guwandy.
Oşol wagt wezir-wekilleri, patyşahnyň birniçe mähremleri tomaşa kylyp, haýran boldular.
Görerler kim bir türpe gulam ermiş, haýbatydan ýer-u gök titräp turur.
Andan soň Mergup şah sordy:
-Eý, Babaröwşen, şu ýigit seniň guluňmy?-diýdi.
Babaröwşen aýtdy:
-Beli, meniň gulumdyr-diýdi.
Emma Baba:
-Başymga bir müşgil iş düşdi. Anyň üçin satarmen-diýdi.
Andan soň Mergup şah sordy:
-Ýa ýigit, sen şu, Babanyň gulumy sen?-diýdi.
Anda hezret Aly aýtdy:
-Beli, men şul Babanyň guly men- diýdi.
Andan soň Mergup şahnyň zowky gelip aýtdy:
-Eý, Baba, guluňnyň bahasyny aýtgyl-diýdi. Babaröwşen aýtdy:
-Meniň bu gulumnyň bahasy müň gulnuň bahasydyr-diýdi.
Anda Mergup şah aýtdy:
-Eý, Baba, müň gulnuň bahasy diýr sen. Gulnuň nä hünäri bar? Seniň bu guluň müň gulnuň
hyzmatyn bitgire bilermu?-diýdi.
Anda Babaröwşen aýtdy:
-Meniň bu gulum dünýäniň gulnuň işin bitgirer-diýdi.
Andan soň Babaröwşen gulny taryp edip, Megup şahga garap, bir gazal okydy:
Tagryfatyn beýan eýleý, ýaranlar,
Haka ýetgeý ah-u zary bu gulnuň.
Elinde ajyzdyr niçe pälwanlar,
Hemaýaty, biribary bu gulnuň.
Hakyň müň bir ady daýym dilinde,
9
Resulnyň ýarydyr, allaga bende.
Zülpükar elinde, sylahy tende,
Söweş erur daýym käri bu gulnuň.
Niçäniň müşgilin asan eýlegen,
Niçäni ýer bilen ýegsan eýlegen,
Niçe şäherlern, weýran eýlegen,
Gazat erur daýym käri bu gulnuň.
Köňlüge jaý kylgan zikri allany,
Bir gadamda gezer iki dünýäni,
Dagny daga urar, baglar derýany,
Şul erur şöwketi, zory bu gulnuň.
Nagra tartsa, ýykar dag-u daşlarny,
Kast eýlese, tutar uçar guşlarny,
Dünýäde bitgirer müşgil işlerni,
Gerdi-paýy gözge däri bu gulnuň.
Dört gylyjy bardyr bilde ýaragy,
Müngen argymagy jennet Byragy,
Sapar kylsa, ýakyn eýlär yragy,
Barmu munda hyrydary bu gulnuň.
Huda emri bilen bolur söwdasy,
Bu söwdaga bardyr hakyň ryzasy,
Babaröwşen diýer, özüm mürzesi,
Golumdadyr ygtyýary bu gulnuň.
Elkyssa, Babaröwşen bu sözni tamam kyldy.
Andan soň Mergup şah zowky gelip aýtdy:
-Eý, Babaröwşen, seniň guluň bilen meniň üç şertim bar turur. Müşgil işler turur. Eger şol üç
şertimni bitgirer men diýse, guluňny alur men-diýdi. Şertimniň biri oldur kim, bizniň
welaýatymyzda bir ulug derýa bar turur. Derýanyň suwy zeragatga köp nogsan kylur. Şol
derýanyň başynda müň gul goýup men. Ühdesiden çykmas. Asla şol derýany bagla bilmesler.
Alarga baş bolup baglasa.
Ýene biri ol turur, kim, bizniň ýurdumyzda bir ulug ajdarha bar turur. Guýrugyndan
başyngaça on iki parsah turur. Ol ýylan welaýatymny harap kylur. Mal-adamny demige tartar.
Häft mähellesige kişi bara bilmes. Any öldürse-diýdi.
Ýene biri ol turur, kim Medine şährinde Aly atlyg är döräpdir. Anyň zelzelesi älemge
düşüpdir. Any öldürmeý, tirik tutup geltirse, özüm öldürsem. Bu işlerni eder men diýip wada
kylsa, alur men-diýdi.
Ana Kaşamşam aýtdy:
-Şul üç şertiňni bitgirermiz, enşalla tagala-diýip, hezret Aly Şahymerdan hemmesini kabul
kyldylar.
10
Andan soň Mergup şah aýtdy:
-İndi almak wajyp boldy-diýdi.
Mergup şah aýtdy:
-Eý, Baba, guluňnyň ady ne turur?-diýdi.
Andan soň Mergup şahga Babaröwşen aýtdy:
-Gulumnyň ady Kaşamşamdyr-diýdi.
Andan soň Mergup şah Babaröwşenni myhman kylyp, yzzat-u hormat edip, niçe türlük
tagamlar tartyp, niçe türlük serpaýlar, şahana lybaslar berip, şol gije daň atgandan soň,
Babaröwşenniň elige müň gulnuň bahasyny berip, rugsat berdi. Babaröwşen giter boldy.
Erse, hezret Aly aýtdylar:
-Eý, şah, maňa jowap bergil, mürzämi ýolga salyp uzataýyn-diýdi. Şah rugsat berdi.
Emma hezret Aly Babaröwşenge “İcmi-agzam” dogasyny taglym berdi.
Andan soň Babaröwşenni ýolga saldy. Aýtdy:
-Eý, Babaröwşen, mundan aman-sag anda barsaň, Muhammet Mustapaga, eshaplarga we
meniň perzentlerimge Bizden salam diýgil!-diýip, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Mundan gider bolsaň, Baba,
Mustapaga salam diýgil!
Garyplarga puşty-penah,
Rehnemaga salam diýgil!
Aňa gurban hasta janym,
Ýüzün görsem, ýok armanym,
Ebubekir mähribanym,
Öwlüýäge salam diýgil!
Adalatda ol Nowşirwan,
Meýdana girse bir pälwan,
Omar atlyg sahypkyran,
Şahynşahga salam diýgil!
Özi sahyp magrypatly,
Hak ýolunda ybadatly,
Üçülenji Osman atly,
Bahaýaga salam diýgil!
Sözleri şekerden leziz,
Özleridir jandan eziz,
Hasan-Hüseýin – sahyp tämiz,
Kerbelaga salam diýgil!
Şejagat bähride känim,
Tapylmas dürri-galtanym,
Muhammet merdi-meýdanym,
Mahlykaga salam diýgil!
11
Dagy-daşy ýykar zarby,
Duşmanlarga kylar harby,
Özi serdar Omar kerbi,
Aly şahga salam diýgil!
Munda galsa ýalguz başym,
Ýanymda ýokdur syrdaşym,
Mälik Ajdar jeň ýoldaşym,
Ajdarhaga salam diýgil!
Doga kylsynlar subh-u şam,
Ýok erur köňlümde aram,
Selman, Bilal, dostum Ahtam,
Kyblagähe salam diýgil!
Sagdy-Wakgas, emir Hemzem,
Hakan Jenabil muhterem,
Jabyr Anbas ogly Edhem,
Uzrhahga salam diýgil!
Dünýäde kylgan hasylym,
Asan eder her müşgilim,
Ganbarym bile Düldülim,
Bibahaga salam diýgil!
Kaşamşam diýr, syna çäkim,
Munda galsa gabry-häkim,
Patma Zöhre jübti-päkim,
Bawepaga salam diýgil!
Elkyssa, hezret Aly bu sözni tamam kylgandan soň, Babaröwşen hezret Aly birlen
widaglaşyp, “İsmi-agzamny” okyp, ýolga rowana boldy.
Emma hezret Aly aýtdylar:
-Eý, Babaröwşen, ýarym ýolgaça meniň adymny tutgul, ýarym ýoldan soň Muhammet
alýhys-salamnyň adyny tutgul-diýdi.
Andan soň Babaröwşen Medinäge ýöriş kyldy. Her demde niçe dagdan, niçe derýadan ötüp
barur erdi. Hudanyň gudraty, “İsmi-agzamnyň” şerapaty birlen her gadam basganda, bir şäherni
alur erdi. Emma Babaröwşenniň wagty hoş bolup, hezret Alyny taryp kylyp, onuň şanlaryga bu
muhammesni okydy. Muhammesi- Babaröwşen bu turur:
Ýedi ýaşda halk içinde şugla görkezgen Aly,
Dest-u bazy birle daglar tägtiden üzgen Aly,
Zarp birle şähri Haýbar galgasyn bozgan Aly,
Her gazatga leşgeri-yslamny tüzgen Aly,
12
Hak tagala şiridir arş üstünde gezgen Aly.
Titrär erdi dag-u daş görse anyň heňgamyny,
Aňlady, tutdy gulakga taňrynyň ilhamyny,
Erdi kakmam janrubasy, Zülpükar samsamyny,
Asly ady özgedir, goýdy Kaşamşam namyny,
Bir nepede “İsmi-agzam”aýatyn bilgen Aly.
Çaryýary berhak erur hem pygamberge damat,
Her uruşda eýlär erdi Mustapa köňlüni şat,
Jümle eshaplar heme Haýdarga goýdy ygtykat,
Emr edip kadyr eýgäm berdi aňa bir Düldül at,
Tohmy-kapyrny jahan eýwanyda gyrgan Aly.
Eýledi niçe jöhit-tersa mekanyny harap,
Daýyma meşgul dogaga göwheri-päki-arap,
Howzy-köwser şerbetinden, şaýet ol sungaý şerap,
Golyda gürzi teberzin, tilde eýläp iztirap,
Çah düýbünde döw-periniň menzilin bozgan Aly.
Ol Muakatyl Aklama Huşam ile Katranyny,
Hem Jenabil niçe zeňgi birle ol hakanyny,
Kaýsary-Salar ile Kyrtas memleket hanyny,
Ýer bilen ýegsan ederdi birniçe pälwanyny,
Ymlak-u Salsal ile Antarny öltürgen Aly.
Otuz üç müň leşgeri birle Muhammet Mustapa,
On sekiz ogly bilen atlar çapyp şiri-huda,
Her tarap haýbat kylyban Zülpükary elgide,
Atyndan ýerge düşüp, gaýrat eýläp gäh-gäh,
Pili-Mahmytny tutup, aýlandyryp urgan Aly.
Haknyň ýady daýyma köňlüňde hemrahyň seniň,
Daşkend-u Nurata barar gadamgähiň seniň,
Ol Uhud dagynga çün basgan erur paýyň seniň,
Şähri-Balh etrapyda ermiş ýatar jaýyň seniň,
Üşbu älem bir mübärek adyga dolgan Aly.
Nefsi-şeýtan berhem urdy namys-u arym meniň,
Ahyretge ýüklegen uýsan erur kärim meniň,
Taňla mizan-u terazy bol habardarym meniň,
İki älem mülküde sen-sen medetkärim meniň,
Babaröwşen hastanyň köňlige nagş olgan Aly.
13
Elkyssa, Babaröwşen bu tarypny aýdyp barur erdi. Ýarym ýoldan aşdy. Ýene birniçe mütdet
ýol ýöridi. Alty gadam basyp, Medinäniň muzafatyga bardy: “İki dünýä bir gadamdyr,
öwlüýäniň aldyda” diýip, şol wagt Babaröwşen hezreti Bilalnyň peýşin azanyn eşidip, wagty hoş
bolup, Resul hudany ýat kylyp, pygamber hudanyň şanlaryga bir muhammes okydyrlar. Näti an
hezret sallalahy wesellem bu turur:
Sen urur sen kim älem içre janym, ýa resul,
Mähribanym, muşfikim, puşt-u penahym, ýa resul,
Wazzyha magraçlyk-u ebr-u kemanym, ýa resul,
Sen biler sen, hak biler syrry-nahanym, ýa resul,
Ruhy päkiň bolsa, şaýed, myhmanym, ýa resul!
Barça owwal ýaratdy hak seniň dek päkini,
Kaddyňa gördi mynasyp hylgaty-lowlakini,
Göz ýumup açgunça geldiň seýr edip eflakyny,
Rehmetiňden näumyt etme, meni-näpäkini,
Sen eşitgil nalaýy ah-u pyganym, ýa resul!
Ýedi asman arşy-kürsi saňa berdi rahyny,
Jebraýyl görgen imesdir sen sypatlyg şahyny,
Bir yşarat birle iki deň bölüp sen mahyny,
Kaýsy waspyňga ibersem bu dili kutahyny,
Tagrapyňga kemdir olsa müň zybanym, ýa resul!
Gerdi-naglyňga bolady arşy-kürsi bikarar,
Jümlesi erdi muhaýýa kylmadyň hiç ygtyýar,
Asy ummatlar üçin kyldyň özüňňi har-u zar,
Bagladyň seňgi-kenagat, eý, şehi ref-ref suwar,
Ýok erur berhaklygyňga hiç gümanym, ýa resul!
İki älemdir tufeýliňden tamamy bährewer,
Jümle pygamber içinde sen-sen eý şemgy göwher,
Ýedi ýer, ýedi asman saňa iman tiz geltirdiler,
Mugjuzatyň birle boldy hub höşki-basemer,
Soltanet tagtyga müngen saýawanym, ýa resul!
Eneden tapdy töwellit, Jebraýyldyr daýasy,
Ruhy-päkiňge söýengen aryşnyň dört paýasy,
Hem tufeýliňden erur iki jahan sermaýasy,
Daýyma başyňda erdi ebri-rehmet saýasy,
Eýlegil asan terazu-mizanym, ýa resul!
Ol Ebubekir, Omar, Osman, Aly ýaryň seniň,
Boldy aksada nebiler görmäge zaryň seniň,
Galdy sünnet ýadygäri dünýäde käriň seniň,
14
Hak şepagat eýlese magşarda didaryň seniň,
Bir kipaýat berse rownakdyr imanym, ýa resul!
Mal-u janym barçasy bolsun tasaddyk sen üçin,
Ber şepagat bahryny, başymga saçyň men üçin,
Bul meniň ruýy-syýahym kylmaga röwşen üçin,
Kerbela deştinde galgan ýetmiş iki ten üçin,
Tä tirikdir köýedir bu hasta janym, ýa resul!
Gar içinde zary-girýanyňga gurban bolmadym,
Eýlegen çäki-giribanyňga gurban bolmadym,
Ol Uhud dagynda dendanyňga gurban bolmadym,
Ýerge damgan katraýy-ganyňga gurban bolmadym,
Häli hem bolsun pida bu hasta janym, ýa resul!
Owwal-u ahyr ýene senden umyt bikal-u kyl,
Şükri-lilla, saňa tabyg eýledi rebbil-jelil,
Belki, Numan mezhebidir milleti şundag delil,
Nätiň içre arzy-hal eýlär bu Röwşen hasta dil,
Hem durud-u tekbirimdir, hem azanym, ýa resul!
Elgaraz, Babaröwşen biçäre Medine derwezesinden girip, metjitge baryp, Resul hudany
zyýarat kyldy.
Andan soň pygamber alaýhys-salam aýtdylar:
-Ýa, Babaröwşen, hezret Alyny kaýda goýup geldiňiz?-diýdiler.
Şol wagtda Babaröwşen biçäre aýtdy:
-Alyny alty aýlyk ýol şähri-berberge satyp geldim-diýip, başyndan geçgen günlerini
pygamber alaýhys-salamga beýan kylyp, zar-zar ýyglap, bir gazal okydy. Gazaly- Babaröwşen
bu turur:
Şahy-älem, sizge arzym söýläýin,
Hyýalyň ýadyma düşüp gele men.
Janymny ýoluňga gurban eýläýin,
Gamyň girdabyna batyp gele men.
Ýoldaş eýlediňiz şiri-hudany,
Alty aýlyk ýolga eltdi zamany,
Gul eýledim oşol gymmat bahany,
Alyny Berberge satyp gele men.
Hedýesi müň gulnuň bahasy boldy,
Şäher halky ýyglyp, görmäge geldi,
Şahzadalar üçin gam ýutup galdy,
Hasratly hunaba ýutup gele men.
15
Erte çäştge azm eýledim Berberden,
Göz ýumup açgunça aşdym Haýbardan,
Niçe şäherlerden, niçe derýadan,
Bie gadam basganda, ötüp gele men.
Röwşen diýr, galmady köňlüm armany,
Şükri-lilla, boldy derdim dermany,
İndi bizge ýetse hakyň permany,
Ahyret ýoluny tutup gele men.
Elkyssa, Resuly-huda aýtdylar:
-Eý, Baba, indi tiz bol, jöhitniň puluny berip, karzdan halas bolgul-diýdi.
Andan soň Babaröwşen tagzym kylyp:
-Ajap bolur-diýip, derhal ýolga rowana boldy.
Emma oşol wagt görse, ymam Hasan, ymam Hüseýin metjitniň arkasyda heniz oýnap ýör
erdiler. Babaröwşenge gözi düşdi, salam berip, atalaryn sorup, bir gazal okydy. Babaröwşen hem
jogap berdi.
Şahzada:
Habar bergil, Baba, kyblagähimden,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
Din yslam rehberi şahynşahymdan,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
Babaröwşen:
-Salam diýp iberdi köňül mydaryň,
Galdy kyblagähiň, şähri-Berberde.
Aman-esen erur düldülsuwaryň,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.
-Düldül munda galdy, özi pyýada,
Zülpükary erur öýde uftada,
Niçik kylur anda duşman arada,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
-Ataň perwa kylmaz lek-lek kişini,
Her tarapga atar dagy-daşyny,
Beýan eýläp bolmaz kylan işini,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.
-Rastyň diýgil, Baba, barmu salamat,
Hasratyňdan işim ah-u nedamat,
Başymga düşüpdir ruzy-kyýamat,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
16
-Erte-saba gelur mülki-jaýyna,
Gözüm intizardyr häki-paýyna,
Satyp geldim kapyrlaryň şahyna,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.
-Hiç kararym ýokdur ýaz-u gyşyga,
Alajym ýetmeýdur takdyr işige,
Gelermikän, bende bolsa kişige,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
-Gerçe guldur, özi şahy-älemdir,
Bir şäherde mysapyrdyr, bigamdyr,
Haýbatyndan küfr ähline matamdyr,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.
-Şah Hasan diýr, hiç bilmedim bähbidim,
Bilmenem kaýsydyr zyýanym, sudum,
Atam erur gije-gündiz maksudum,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
- Babaröwşen diýer, ýa şiri-jepbar,
Garyplarga sen erur sen howandar,
Erte çäştge gider Düldül, Zülpükar,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.
Elkyssa, Babaröwşenden ymamlar bu sözni eşidip, köp melul bolup, ymam Hasan we ymam
Hüseýinniň köňülleri bozylyp, gözlerinden katra-katra ýaşyn döküp ýygladylar.
Emma oşol wagt Babaröwşen ymamlarga köňüllik berip, bir gazal okydy. Gazal bu turur:
Men biler men kirdaryny Alynyň,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Emri şeýle boldy kadyr allanyň,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Erte çäştge jünbüş kylar Zülpükar,
Çarh urup öwrüler Düldül bikarar,
Rowan bolsa gerek janyby-kerrar,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Mergup şahga yzhar eýleý güýjüni,
Harba kylsa ýykar tagty-täjini,
Boýun sunsa, alar ilden pajyny,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Haýbatyndan titrär ýer bilen asman,
Gahr eýlese kylar älemni ýegsan,
17
Kyrk düýe zer ýükläp misli bezirgen,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Düldül münüp, Zülpükary bilige,
Haýbat bilen bakyp sag-u solyga,
Gammar Baba pişwaz çykyp ýolyga,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 02
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.