Latin

Baba Röwşen dessany - 02

Total number of words is 3919
Total number of unique words is 1767
18.8 of words are in the 2000 most common words
29.4 of words are in the 5000 most common words
34.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Elkyssa, andan soň ymamlar töwekgelni hudaga goýdular.
Andan soň Babaröwşen jöhitniň işige baryp, bir gazal okydy. Gazal bu turur:
Bir şahbaz golumny tutdy,
Keramaty görgül, jöhit!
Meniň üçin özün satdy,
Bu hikmeti bilgil, jöhit!
Biler men kapyr terzinden,
Gutulsam dünýä karzyndan,
Gorka men otly gürzünden,
Eşrepiňni algyl, jöhit!
Müň eşrepi bir çäş bolar,
Süýthoruň köňli hoş bolar,
Sany iki ýüz bäş bolar,
Puluň alyp bitgil, jöhit!
Ryzk berip söýgen gulyga,
Hoşum ýok dünýä malyga,
Girdim hakykat ýolyga,
Al puluň, ýok bolgul, jöhit!
Karzyňdan bolar men halas,
Men Alyga kyldym yhlas,
Medet berdi, Hyzyr, Ylýas,
Röwşen diýr, ýok bolgul, jöhit!
Elkyssa, andan soň Babaröwşen jöhitniň karzyny eda kyldy. Andan soň Ýehudy jöhit-betbagt
puluny alyp, karzyny sap kylyp, parahat boldy.
Andan soň Babaröwşen karzydan halas bolup, öýige gelip: “Ýa nury-iman” diýip, jumga
gijesi hudaý emri bilen dünýäden ötdi.
İndi hezret Alydan söz eşidiň. Babaröwşenni uzadyp, özi Mergup şahnyň hyzmatynda
boldular. Emma Mergup şahnyň Meşhur we Makbul diýgen iki weziri bar erdi. Ol wezirler
aýtdy:
-Eý, patyşahy-älem, döwlet saňa ýar bolsun! Oşol köp pul berip algan guluňmy bir hyzmatga
buýrup görüň. Tä köňlümiz jemg bolsun-diýdiler.
18
Andan soň Mergup şahnyň Gygam diýgen bir pähliwany bar erdi we kaddy-kamaty ýüz gez
erdi we bähr synasy segsen gez erdi. Günde iki ýüz nan, ýüz goýnuň göştni iýer erdi. Bir meşik
suw içer erdi.
Andan soň Mergup şah bir kişiden “Gygam gelsin” diýip, habar gönderdi.
Andan soň Gygam pähliwan derhal ýüz otuz gez almaz parasyny bilige baglap, kerk münüp
ýöriş kyldy. Gelip Mergup şahnyň hyzmatynda karar tutdy.
Andan soň Gygam pähliwan hezret Alyny gözge almaý, özüni ulug tutup, bir gazal okydy.
Gazaly-Gygam pähliwan bu turur:
Her ýeter, ýetmeze golum dar imes,
Kim maňa duş bolsa, ölür, soltanym!
Aýtgan sözüň gulagymga ýarymas,
Kudek halky höwes kylur, soltanym!
Ýaşlygynda peýmanasyn doldurma,
Gunçalykda täze gülün soldurma,
Ortaga gerekdir muny öldürme,
Mejlisde käsedar bolur, soltanym!
Azyz tenden şirin janyn alur men,
Bir zarp ursam, gara ýerge salur men,
Häzir men hyzmatyň daýym kylur men,
Bu saňa jylawdar bolur, soltanym!
“Lat-Menat” diýer men daýym dilimde,
Ýüz otuz gez almaz para bilimde,
Beýekbar-u nabut bolsa golumda,
Ýüregiňde arman galur, soltanym!
Kerkim münüp, meýdan era çykar men,
Her nepesde dagy-daşy ýykar men,
Ýüzüňizge gahar bilen bakar men,
Hatyryňga melal gelur, soltanym!
Gygam aýdar, hyzmatyňa gelür men,
Niçe gündür ajap dilgir olur men,
Bir gowgalyk söweş höwes kylur men,
Her kim öz halyny bilur, soltanym!
Elkyssa, Mergup şah Gygam pähliwanyň bu sözige haýran boldy.
Emma oşol wagt hezret Aly kerremallahu wejhuhu gahry gelip, syçrap turup, kapyrnyň Seddirahyny alyp, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Bir hudanyň guludyr men,
Gel, pähliwan, söweşeli.
19
Ýer ýüzüne bellidir men,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Niçäni gördüm, geçirdim,
Ajal şerabyn içirdim,
Niçe şäherler göçürdim,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Goç ýigit dönmez meýdandan,
Gylyç boýap gyzyl gandan,
Küfr ähli gutulmas menden,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Gelmeseň, arman eder men,
Ýer ýüzüni gan eder men,
Seni niçe san eder men,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Tomaşa görsetip hana,
Alyşar men döne-döne,
Kaşamşam girse meýdana,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Elkyssa, Gygam pähliwan hezret Alydan bu sözni eşidip, kerkini oýnadyp, hezret Aly
Şahymerdan tarapyga ýöriş kyldy. Owwal ýüz almaz parasyny bilige sokup goýup erdi. Andan
soň Gygam pähliwan almaz parasyny elige alyp, hezret Alyga howala kyldy.
Emma oşol wagt Mergup şah tagtyndan düşüp, özün ortaga taşlap, aýtdy:
-Haý-haý, Gygam pähliwan, men bu gulny müň gulnuň bahasyga alyp men. Sen bu gulny
öldürseň, maňa ne jowap berer sen?-diýdi. İndi sen owwal bu gul bilen göreş tutgul-diýdi.
Anda hezret Aly aýtdy:
-Haý-haý, Mergup şah, sen ortadan çykgyl, men niçe mundag: “Pähliwan men” diýgenleri
owwal köp görgen men-diýip, gahry gelip, syçrap turup, çäbüklik kylyp, kapyrnyň iki
ýakasyndan tutup, aýlantyryp-aýlantyryp, asmanga atyp goýberdi. Görer bolsaň, Gygam
pähliwannyň läşi misli çörek owmajy dek gerdi-gerd bolup, ýetmiş dükannyň paýasyny
syndyryp, ýerge düşdi. Andan soň hezret Aly Gygam pähliwanny dört para kylyp, patyşanyň
etrapyga taşlap erdi. Oşol wagt hemme kapyrlar muny görüp, “täsin-u aperin” diýip, hezret
Alydan gorkup, taajubga galdylar.
Mergup şah:
-Eý, wezirler, görüň bizniň pähliwanymyz niçik turur erken?-diýip aýtdy.
Anda wezirler we halaýyklar aýtdylar:
-Siziň pähliwanyňyz sahypkyran erken. Her hyzmatga ýarar erken-diýdiler.
Şah aýtdy:
-Hup ýagşy gul erken, gulumyz halal erken-diýip, köp hoşwagt boldy.
Andan soň kapyrlar aýtdylar:
20
-Eý, patyşahy-älem, döwlet saňa ýar bolsun! İndi sen bu gulny tizden bir hyzmatga buýurgyl.
Ýok erse, bu şäherni harap kylur-diýdiler.
Andan soň Mergup şah hezret Alyny çagyryp, bent başyga hyzmatga buýrup, aýtdy:
-Eý, Kaşamşam, biziň bendler gaşyga bargyl. Müň gulum işläp ýatypdyr-diýip bir gazal
okydy. Gazaly-Magrup (Mergup) şah bu turur:
Men saňa aýdaýyn köňlüm myradyn,
Bolgul hyzmatymga kaýym, Kaşamşam!
Algyl habar serçeşmeýi derýadan,
Müň gulum bar, işlär daýym, Kaşamşam!
Zorlugyň yzhar et üşbu şäherge,
Gysym birle akdyr hijdäh nährge,
Ýogsa bisýar zerer ýeter şäherge,
Harap kylar mülki-jaýym, Kaşamşam!
Müň gulam daş döker dynmaý bir zaman,
Niçe är ýigitler, niçe zor pälwan,
Demirçi bar, pil-u kätmen perawan,
İşbaz bar, nanbaz bar daýym, Kaşamşam!
Ýel dek ýüwrüp ýetiş, durmagyl asla,
Teşne bolsaň, akar ýanyňda derýa,
İýer bolsaň näz-u nygmat muhaýýa,
Göşt-u çorba, palaw daýym, Kaşamşam!
Mergup şah diýr, eşit ah-u zarymny,
Engam eýleý hazynada barymny,
Köňlüm bitsin, tamam eýle kärimni,
Algyl at, serpaýym daýym, Kaşamşam!
Elkyssa, andan soň Mergup şah hezret Alyga pata berip goýberdi.
Şahymerdan Mergupdan pata alyp, serçeşmeýi-derýany baglamaga jünäberdiler. Andan soň
hezret Aly şähri-Berberniň derwezesiden sähraga çykyp, hudaý tagalaga bir mynajat okydy.
Mynajaty- Kaşamşam bu turur:
İki älem içre ulug patyşah sen,
Kadyr alla, sen biler sen halymny,
Bendäniň halyndan daýym ägäh sen,
Kadyr alla, sen biler sen halymny.
Jahan içre meşhur kyldyň özüňni,
Barça bendäň tilde aýdar sözüňni,
Älem içre açyp gudrat gözüňni,
Kadyr alla, sen biler sen halymny.
21
Ýokdan bar eýlediň külli eşýany,
Gudrat bilen kylyp arz-u semany,
Arşy-kürsi, lowh-u galam zamany,
Kadyr alla, sen biler sen halymny.
Mukatdamdyr asly zatyň binasy,
İbtidasy ýokdur hem intihasy,
Külli-mahlukatnyň derd-u dowasy,
Kadyr alla, sen biler sen halymny.
Ybrahym Halylga perman eýlediň,
Ysmagyl başyny gurban eýlediň.
Jennetden koý berip, asan eýlediň,
Kadyr alla, sen biler sen halymny.
Kirmekge Eýýupny eýläp giriftar,
Ýusupny zyndanga kyldyň sezewar,
Kaşamşamny hak eýlegen, biribar,
Kadyr alla, sen biler sen halymny.
Elkyssa, hezret Aly bu sözni aýdyp, niçe wagt ýol ýörüp, derýanyň başyga bardy. Nägah bir
ulug azamat arça peýda bolup göründi. Paýasy on tanap ýerni alyp erdi.
Hezret Aly şu arçanyň düýbünde oturyp, hudaga şükür kyldy. Täze täret kylyp, iki rekagat
namaz hajat okyp, gözlerini ýaşardyp, bir zaman olturdy. Andan soň hezret Aly Düldül bilen
Zülpükarny ýoklap, olary çagyryp, hudaga sydky-dil birle mynajat okydy:
Bu gün derkar bolduň dagy-daşlarga,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Hemrahym erur sen müşgil işlerge,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Fasih tiller bilen kelam eýlediň,
Zyban haly bilen salam eýlediň,
Salganda daglarny galam eýlediň,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Sen erur sen din ýolunda çyragym,
Ýer ýüzüne gökden inen Byragym,
Hak tagala bergen atym, ýaragym,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Tarahhym eýläp gel meniň gaşyma,
Okranyp, öwrülip degre-daşyma,
Humaýun dek saýa salyp başyma,
22
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Sen eşitgil perýadyny Alyny,
Mysapyr ýerlerde sorgul halyny,
Gözle bul gün şähri-Berber ýoluny,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Elkyssa, andan soň Düldül bilen Zülpükarga Şahymerdannyň ýoklaganlary aýan boldy. Emma
Düldül bilen Zülpükar haremde durgan ýerinde jünbüşge girdi. Düldül ýeke myhdan öwrülip,
kişňäp, aýlanyp, ýeri ysgap, tanapyny üzüp Babagammaryň gaşyga gelip, okranyp durdy.
Andan soň Babagammar derhal Düldülni eýerläp, Zülpükarny eýerniň gaşyga asyp, berkidip,
Düldülniň guýrugyny işip, ýolga saldylar.
Emma keramat öwlüýäden berhakdyr, görer bolsaň, Düldül bir sagatda hezret Alynyň gaşyga
ýetip bardy.
Andan soň hezret Aly şiri-dergäh Düldülniň pişanasyndan öpüp, sypap we birniçe
merhemetler kylyp, Düldülni otga goýberdi.
Andan soň hezret Aly Zülpükarny gulapyndan sogrup, gaýym bolup, çeşmäniň başyga baryp,
derýaga tomaşa kylyp durdular. Görse, derýanyň başyndaky gullar misli garynja dek bolup,
heläk bolmakdan başga işi ýokdur.
Andan soň hezret Aly bu gullarny görüp, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Men erer men şu gün merdi-meýdanyň,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Emr edip iberdi bizge soltanyň,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Şahy-Mergup aldy türpe gulamy,
Sizlerge iberdi bizden salamy,
Kaýda bolsa baryň jaýy-makamy,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Müň gulnuň bahasy boldy harydy,
Şu gün siziň üstüňizge iberdi,
Şükri-lilla, pişanaňyz arydy,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Azat bolmak erur gulnuň armany,
Şeýle boldy sizge haknyň permany,
Hakykat arslany baglar, derýany,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Kaşamşamdyr sorsaň bende namyny,
Niçäge içirgen ajal jamyny,
Pugta eýlär galgan işiň hamyny,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
23
Elkyssa, andan soň hezret Aly müň gulny azat kylyp goýberdiler. Hemme gullar baş-başyga
bolup, owwalky jaýlaryna bidir gaýtdylar. Emma bir Hebeşi diýgen gul bulardan aýrylyp, bir
dagyň kemeride bukulyp ýatdy. “Niçik, ýalguz derýany baglar eken?” diýip, tomaşa kylyp
durdy.
Andan soň hezret Aly Zülpükarny gulapyndan çykaryp, ýazdylar, Zülpükar ýüz gez süýndi.
Andan soň hezret Aly bir dagyň düýbige baryp: “Bismilla!” diýip, Zülpükarny bir daga
saldylar. Derhal Zülpükar dagny kesip ötdi. Andan soň hezret Aly şol dagny gujaklap, göterip,
seçeşmäniň gözüne basdylar. Bir katra suw akmady. Mähkäm boldy. Derýa guryp galdy we ýene
hezret Aly “İsmi-agzam” dogasyny okyp, bäş penjelerini ýerge urdular, daşga misli mumyýa dek
batyp gitdi. Ýene sogrup aldylar. Barmaklarynyň yzyndan on sekiz nähr suw akdy.
Emma ol Hebeşi hezret Alydan bu keramatny görüp, tähsin-u aperin galyp, çykyp geldi.
Hebeşi hezret Alydan sowal sorup, bir gazal okydy, Kaşamşam jogap berdi:
Hebeşi:
Niçik bir pälwan sen Aly hümmetli,
Gül ýüzli arslanym, kandan bolar sen?
Gaýratly, jüretli, zorly, şöwketli,
Meşhury döwranym, kandan bolar sen?
Kaşamşam:
Ady Kaşamşamdyr, şahyň gulamy,
Din ýolunyň kerwany men sed hezar,
Gulagymga geler hakyň elhany,
Arş-u kürsnüň derbany men sed hezar.
-Terziňden biler men jaýyň yrakdyr,
Mekanyň munakgaş, tähsini ýokdur,
Gyljyň daş keser, niçik ýarakdyr,
Älemde soltanym, kandan bolar sen?
-Müngen atym alla berdi gaýypdan,
Zülpükarym geldi setdar-uýupdan,
Kuwwatym ýetişdi allam guýupdan,
Küfr ähliniň gyrany men sed hezar.
-Sen dek goçak hergiz dogmaz eneden,
Peýda bolduň kaýsy göwher däneden,
Perwaz etdiň kaýsy menzilhanadan,
Eý, belent perwazym, kandan bolar sen?
-Medine şährinde menzil-mekanym,
Muhammetdir pygamberi zamanym,
Hasan, Hüseýin erur iki oglanym,
Men alarnyň pasbany men sed hezar.
24
-Alty aýlyk ýolda bolsa diýaryň,
Niçik bu ýerlerge düşdi güzaryň,
Häli munda ne menzildir kararyň,
Mysapyr myhmanym, kandan bolar sen?
-Bir gadamda ýer ýüzüni gezer men,
Ganym görsem, derrew başyn üzer men,
Musulman bendäniň kärin düzer men,
Gije-gündiz juýany men sed hezar.
-Hebeş aýdar, saňa gurban bu janym,
Köňlümde şol erur arzuw-armanym,
Ajdarha nyşanym, kandan bolar sen?
-Kaşamşam diýr, bende bolsaň allaga,
Ummat bolsaň pygamberi-hudaga,
Saňa hemdem bolaý iki dünýäge,
Yslam inliň gurbany men sed hezar.
Elkyssa, andan soň Hebeşi aýtdy:
-Ýa, Kaşamşam, bu gylyçny niçik usta ýasap erdi, niçik kim, dagy-daşny suw dek kesip gitdi,
haýly hünärment usta eken-diýip aýtdy.
Anda hezret Aly Düldül bilen zülpükarny taryp kylyp, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu
turur:
Bil hezara, şemşirimniň namyny,
Ganymynyň ýolun keser Zülpükar.
Misli ajdarha dek açyp kämini,
Şäherlerni ýalguz basar Zülpükar.
Söweş güni haknyň ady tilimde,
Müň lek leşger bolsa sag-u solumda,
Keser bolsa jünbüş eýläp golumda,
Siltegende ýüz gez öser Zülpükar.
Alar duşmanlaryň Seddi-rahyny,
Göklerge çykarar kapyr ahyny,
Ýedi ýer astynda gähi mahyny,
Gazap kylyp, salsam, keser Zülpükar.
Gabzasydyr nagşy-jennet ahmyry,
Aňa bilmez hergiz duşman zereri,
Kär eýlemez syhr-jadu eseri,
Özüni Düldülge asar Zülpükar.
25
Ezraýyl suw berip, deste gondurgan,
Jebraýyldyr gökden ýerge indirgen,
Niçe kapyrlarny dine göndergen,
Zäherlik mar kimin towsar Zülpükar.
Kaşamşamnyň gaza kylmak käridir,
Alla hemra kylgan howandarydyr,
Hak tagala bergen Zülpükarydyr,
Kapyrlarny birden basar Zülpükar.
Elkyssa, hezret Aly bu sözni tamam etgenden soň, Hebeşi aýtdy:
-Ýa Kaşamşam,özüňiz munça zeberdest sahypkyran bolmasaňyz Zülpükaryňyz munça ötgür
bolmas erdi. Bildim ki alla tagala nazaryn salgandyr we ýene bildim ki sizleriň diniňis rast we
hudaňyz we resulyňyz berhakdyr-diýdi. Özüňiz şiri-dergäh siz. İndi ne diýsem, musulman bolar
men?-diýdi.
Anda hezret Aly aýtdylar:
-Şul kelemeýi-şahadatny üç mertebe taglym kylyň-diýip, Aly aýtdylar:
-Lä-iläha illallah Muhammet resulyllah eşhedu-enne-lä-iläha illallah we eşhed-u enne
Muhammet abdyhu we resulahu-diýgil.
Babaýy-Hebeş hezret Alynyň aýtganlaryny diýip, sydky jany birlen musulman boldy.
Andan soň hezret Aly aýtdylar:
-Dört çaryýarlary bir gözde görmek gerekdir-diýdiler. Babaýy-Hebeş aýtdy:
-Hudany biler men, sizni biler men-diýdi.
Hezreti Aly aýtdylar:
-Gaýta bedter kapyr bolduň-diýdiler.
Ýene başdan ygtykat birle musulman boldy. Andan soň hezret Aly Hebeşige pendi-nesihat
kylyp, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Kim ki dahyl olsa dini-yslama,
Hudany bişerik bilmek gerekdir.
Köňlüni berkidip şergy-ähkama,
Muhammetge ummat bolmak gerekdir.
Gaýry diniň işi daýym kesapat,
Mümün bende daýym tapar şerapat,
Gije-gündiz kylyp tagat-ybadat,
Nähýin taşlap, emrin kylmak gerekdir.
Din yslam ýolunda köpdür şerapat,
Roza, namaz eýlär haýr-u sahawat,
Kapyr ählin görseň, misli nejasat,
Söhbetinden yrak bolmak gerekdir.
Tillerinde daýym zikri-senadyr,
26
Pygambermiz ummatlarga penadyr,
Dört çaryýar misli ulug derýadyr,
Guwwas bolup özüň salmak gerekdir.
Ebubekir Syddyk nury sapadyr,
Omar adyl, Osman sahyphaýadyr,
Kaşamşam diýr, Aly şiri-hudadyr,
Dördüsin bir gözde görmek gerekdir.
Elkyssa, andan soň hezret Aly aýtdy:
-Eý, Hebeş, seniň öwlatlaryň musulman bolsun, her kim seniň öwladyňy kapyr bilip, hyzmar
buýursa, ýetmiş puştuçaga lagnat bolsun-diýip, doga kyldylar.
Andan soň Hebeşiniň köňli hoş bolup, musulman bolganyna şükür edip, hezret Alyny taryp
kylyp, bir gazal okydy. Gazaly-Hebeşi bu turur:
Eý, ezizim, sen dilim miftahyny wa eýlediň,
Ýol ýitirgen men dek agmallarny bina eýlediň,
Maňa hub döwlet erur sen, seýri-sähra eýlediň,
Üşbu ýerlerde mubarizlik temenna eýlediň,
Şükri-lilla men gedany il era şa eýlediň.
Rehberim sen-sen, ezizim, eýlediň gamdan jyda,
Şatlyk eýýamy geldi, kyldy matamdan jyda,
Zynjyry-nisbet lejamy ata-enemden jyda,
Teniň mülki boldy azat, ol jähennemden jyda,
Bu köňül aýş-u tarap zowkuny berpa eýlediň.
Barçasy erken ebes owwalky ötgen mah-u sal,
Kim bu pursat hoş erur köňlümde zowky-züljelal,
Synam içre ja tapypdyr ylmy-hal-u-ylmy-kal,
Gorka men, maňa du döwlet bolmagaý hab-u hyýal,
Bark ýaňlyg zulmaty dinli hüweýda eýlediň.
Döwletiňden men kibi üftada boldy bährewer,
içe gündür kim, ajap halatda men şam-u säher,
İltifat eýläp resulylla düýşümge girdiler,
Tanatyp erdi sizni maňa eýýa kimýa nazar,
Üşbu misgin başyma bir türpe söwda eýlediň.
Bu Hebeş bolsun saňa misgin gulamy-biderem,
Her mübärek paýyňa janymny gurban eýlerem,
Gende boldy hatyrymdan külpeti enduh-u gam,
İstyganet boldy sizden, hak tagaladan-kerem,
Eýa myhman, haneýi-dilni musaffa eýlediň.
27
Elkyssa, andan soň hezret Aly Hebeşni azat kylyp aýtdylar:
-Bargyl, Baba, seni iki jahan azat kyldym-diýdiler.
Babaýy-Hebeşniň wagty hoş bolup, ýolga rowana boldy. Baryp, Balhy-ab diýgen jaýda
mekan kylyp olturdy.
Emma Hebeşniň üç müň öýli öwlady bar erdi. Munuň iki müň öýlüsi musulman boldy. Bir
müňi bulardan aýrylyp, kapyrlarga goşuldy.
Andan soň hezret Aly Şahymerdan derýany baglap, şähri-Berberge rowana boldy. Gelip
Mergup şahnyň bargähinde karar tapyp durdy.
Andan soň Mergup şah sordy:
-Ýa, Kaşamşam, derýany bagladyňmy?-diýdi. Hezret Aly aýtdy:
-Beli, bagladym-diýdi.
Andan soň Mergup şah bir ýasawul iberdi. Gelip görse, Kaşamşam ajap iş kylyptur. Andan
soň ýasawul gaýdyp gelip, aýtdy:
-Eý, şahy-älem, döwlet saňa ýar bolsun! Kaşamşam derýany aýtganyňyzdan hem mähkäm
zyýada kylypdur-diýdi.
Hemme kapyrlar eşidip, tähsin-u aperin galdylar we ýene Mergup şah zyýada şadyman
boldular.
Mergup şahnyň Makbul diýgen bir weziri bar erdi. Emma Mergup şah Makbul wezirge garap
aýtdy:
-İndi Kaşamşamny ajdarhaga buýurgul-diýip, wezirge yşarat kyldy.
Andan soň Makbul wezir hezret Alyny ajdarhaga buýrup, birniçe ýerlerden tymsal getirip, bir
gazal okydy. Gazaly-Makbul wezir bu turur:
Bu gün baryp, tokuş eýle ajdara,
Öz hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Senden bir at galsyn biziň illere,
Öz hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Türpe bethaýbatdyr, bir ulug jandar,
Ýeke sen, ýanyňda ýokdur howandar,
Hümmet eýle ajyz bolsun ol ajdar,
Öz hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Görgende özüňni ihtiýat eýle,
Sag-u soluň ýagşy parasat eýle,
Bargunça allaga mynajat eýle,
Öz hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Dem dartganda alar dagny damaga,
Asgyranda daglar uçar semaga,
Seniň üçin synarmyz Lat-Menaga,
Öz hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Ýüz müň leşger gider agzyga peýwest,
At-u ýarag, gatr-u hargähi ýek dest,
28
Külli mahluk içre türpe zeberdest,
Öz hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
On iki parsahdyr kaddy-kamaty,
Göýä ýer ýüzüni tutar haýbaty,
Aman-esen gelseň, şahyň döwleti –
Bar, hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Makbul diýer, medet bersin allahyň,
Biribaryň bolsun seniň penahyň,
Müň ajdar hem bolsa, ýykar owsafyň,
Bar, hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Elkyssa, andan soň hezret Aly ajdarhaga garap, ýolga rowana boldy. Emma hezret Aly
şäherden çykyp, jemigy-pygamberlerni ýat kylyp, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Ýer-u gökni halk eýlegen ýa rahman,
Şu gün bize medet berer günüňdir.
Barça müşgil seniň eliňde asan,
Şu gün bize medet berer günüňdir.
Niçik mahlukatdyr bilmen ol ajdar,
On iki parsahdyr kamaty ýekser,
Behaky-hormaty jümle pygamber,
Şu gün bize medet berer günüňdir.
Barçanyň atasy hezreti-Adam,
Pygamberlik aňa boldy musallam,
Şis nebi-ýu, Nuh nebiýi-mükerrem,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Dawud-u Süleýman, Lut-u Berhyýa,
Simiýan, Şemgun-u ýene Ermiýa,
Hezreti Danyýal Şugaýb-u Ýahýa,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Hezreti-İdris-u Ýunus, İsgender,
Hezreti-Nugman-u, Zekerýa meger,
Ybrahym, Ysmagyl, İshak pygamber,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Ýakupnyň dilinde hakyň senasy,
Kyrk ýyl zyndan boldy Ýusup balasy,
Asy ummatlarnyň puşt-u penasy,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
29
Razy bolgan Jirjis ýetmiş kazaga,
Sabr eýlegen Eýyup kirmi-belaga,
Janyn berdi Salyh Naka allaga,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Rehm eýlegil Hyzyr, Ylýas hormaty,
Tarahhum kyl Kowus, Kyýas hormaty,
Arş-u kürsi lowh-u galam zynaty,
Şu gün bize medet berer günüňdir.
Sidret ul-muntahy Jebraýyl üçin,
Karkaýyl, Sarsaýyl, Ezraýyl üçin,
Hezreti-Ysrafyl, Mikaýyl üçin,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Kaşamşam diýr, Şemsi-zyýa hakyndan,
Aýu-ýyldyz, arz-u sema hakyndan,
On sekiz müň älem dünýä hakyndan,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Elkyssa, hezret Aly Şahymerdan beýabanga baryp, ajdarhany üç günlük ýoldan gördüler.
Ajdarha misli dag dek bolup, ýer ýüzüni tutup ýatypdyr. Andan soň hezret Aly Şahymerdan
gazap bilen bir nagra urdular, zemin-u zaman, mekin-u mekan br bolup, titräberdi.
Ýer bilen asman lerzäge geldi.
Emma oşol wagt ajdarha hem oýanyp, haýbat bile pyşgyryp, agzyny açyp, bir dem tartdy.
Daglar ýerinden gozgaldy. Ýerler lunda-lunda boldy.
Hezret Aly ýene bir nagra tartdylar, daglar baş-başyga uçaberdi.
Ajdarha hem gaharlanyp, jemlenip, bir dem tartdy, daglar mysaly pahta dek bolup aldyga
geldi. Anda hezret Alynyň mydarlary galmady. Hezret Aly ajdarhanyň agzyna ýakyn boluberdi.
Ajdarha ýene bir dem tartdy. Hezret Alynyň asla aýaklary ýer tutmady. Aýaklary gähi anda, gähi
munda boluberdi. Oşol wagt hezret Aly ýel dek bolup, ajdarhanyň agzyna ýakyn boldy.
Emma oşol wagt Jebraýyl alaýhys-salam wazg geltirdi. Muhammet pygamberge habar berdi.
Andan soň Muhammet pygamber derhal zikirge meşgul boldy.
Anda hudaý tagala hezreti Jebraýyl alaýhys-salamga aýtdy ki:
-Baryp, Habybymga habar bergil ki, şirimni tomaşa kylsynlar-diýdi.
Hezreti-Jebraýyl Resuly-hudaga bul sözni baryp habar berdiler. Anda Resuly-huda otuz üç
müň sahaba birle bir belent jaýga çykyp, tomaşa kyldylar. Hezreti-Jebraýyl aýtdylar:
-Gelip, meniň golumnyň arasyndan garaňlar.
Resuly-huda otuz üç müň sahabalary birlen hezreti-Jebraýyl alaýhys-salamnyň gollarynyň
arasydan garadylar. Gördüler ki, hezret Aly ajdarha barur erdiler.
Emma hezret Aly ajdarhany bu sypatda görüp, Resuly-hudany ýoklap, Muhammet
pygamberni çagyryp, medet diläp, bir gazal okydy. Gazaly-hezret Aly bu turur:
Bu derdimge eýle derman,
30
Ýa Mustapa, senden medet!
Ýüzüň görmän, ölsem arman,
Ýa Mustapa, senden medet!
Kylsam bu dünýäden güzer,
Hoş gal imdi haýryl-beşer,
Salgyl bu halymga nazar,
Ýa Mustapa, senden medet!
Sen-sen maňa rehber ýakyn,
Sal pertüwiň eý, mah jebin,
Uftadalarny ýoklagyn,
Ýa Mustapa, senden medet!
Sen erer sen hak habyby,
İki jahan andalyby,
Bolgul bu derdim tebibi,
Ýa Mustapa, senden medet!
Menzilgähiň magraç erur,
Başyňda göwher täç erur,
Aly sizge mähtäç erur,
Ýa Mustapa, senden medet!
Elkyssa, andan soň hezret Alynyň hallary Resuly-hudaga aýan bolup, gaýybana hezret Aly
Şahymerdanga dogaýy-haýyr edip, Resuly-huda bu mynajatny okydylar. Mynajaty-an hezret bu
turur:
Hökimi külli-älem sen, ne hökmüň bolsa perman et,
Erur sen halyky-berhak, özüň müşgilni asan et.
Alyny saňa tabşyrdym, medet kyl patyşahym sen,
Bu kapyr ajdary purzur, hudawend-a sen, asan et.
Ajaýyp bednema mahluk, mysaly küwhi-Hamun dek,
Alyga hümmeti bergil, bu ajdarny perişan et.
Özüňniň has şirindir, Aly ibni Ebutalyp,
Ol äriň haýbatyndan belalarny herasan et.
Ýigrimi ýaşga ýetgen soň şirim diýip wada kyldyň,
Şiriňniň zarby-destiden any ýer birle ýegsan et.
Kerem kylgyl Alyga sen, bu mahlukny adem kylsyn,
Alynyň ärligini bu jahan içre nemaýan et.
31
Esedylla welidir diýp, Alyny ýat edip dur sen,
Alynyň bir nagrasyndan ýer-u göklerni lerzan et.
İlahy sen hemaýat bol, belalardan pena bergil,
Şiriňniň urgan zarbydan, ajdarhany sergezdan et.
Sebäp nedir ol ajdarga Aly şiriň duçar oldy,
Galam eýläp kesip ötsün, Zülpükar tygny buran et.
Muhammet diýr, hudawend-a, Alyny saňa tabşyrdym,
Aman tut jümle duşmandan, öz hamdyňa perwan et.
Elkyssa, andan soň pygamber sallallahy we sellemniň dogalary hezreti-rebbil-yzzatnyň
dergähinde mustejab bolup, hezret Alyga kuwwat ata kyldy.
Emma hezret Aly özlerini rastlap, bir nagra urdular kim, göýä Ysrafyl sur urgan dek bolup,
zemin-u zaman, mekin-u mekan bir boldy.
Andan soň ajdarha bir dem tartdy. Aly herçend leňňer taşlady, asla bir ýerde dura bilmedi.
Ajdarha hezret Alyny demige tartyberdi.
Ahyr hezret Aly Zülpükaryny çykaryp, aldlaryga kese tutup, “İsmi-agzamny” okyp, ajdarhaga
garap ýöriberdiler. Görer bolsaň, huda emri birlen ajdarhanyň agzyndan girip, guýrugyndan
çykdylar. Erse, Zülpükar ajdarhany iki bölek kyldylar.
Andan soň hezret Aly şähri-Berberge ýöriş kyldylar. Ýolda ýene mundag ulug jandarnyň
ölgenige köňli bozulyp, pelekden şikwe kylyp, hezret Aly bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu
turur:
Biwepa dünýä sen, ahyr öter sen,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Bähbidiň ýok, günbe-günden beter sen,
Saňa gelip, kimniň köňli mat oldy.
Hezreti Adamny haýran eýlediň,
Howanyň çeşmini girýan eýlediň,
Nuh kowmuny garky-tupan eýlediň,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Öz nurundan halk eýlediň İsany,
Tur dagynda raz aýdyşan Musany,
Kapyr erreledi ol Zekirýany,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Ybrahym Halylny taşladyň nara,
Mansuryň başyny çekdirdiň dara,
Hezreti-Ýusupny saldyň bazara,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
32
Lukmanny derdlerge dowa eýlediň,
İdrisiň mesgenin mäwa eýlediň,
Her kime bir türlük söwda eýlediň,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Wamyk üçin Uzra derýada ýüzdi,
Leýli üçin Mejnun sergerdan gezdi,
Şirin üçin Perhat daglarny gazdy,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
On dört aşyk ötdi senden zar eýläp,
Togsan dokuz müň şeýh ýer binli baglap,
Ýüz ýigrimi tört müň pygamber ýyglap,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Mäliki-İsgender, hezreti-Selman,
Ýene Kaýsar bilen Jemşidi-hakan,
Kany Suhrap, Zerkum, Rüstemi-destan,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Şah-u geda ýöriş eýlär üstüňden,
Etrabyňny almak üçin kastyňdan,
Ahyr arman bilen öler destiňden,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Kaşamşam diýr, senden tapmadym bähbit,
Ulug ajdarhany eýlediň nabut,
Hasyl bolmas senden hiç kimge maksut,
Saňa gelip, kimniň köňli şat oldy.
Elkyssa, hezret Aly bu sözden soň birniçe ýol ýörip, şähri-Berberge dahyl boldular.
Ajdarhadan algan nyşanasyn gelturyp, Mergup şahnyň aldyda goýdular. Kapyrlar tasmany
görüp, hemme tähsin-u aperin galdylar. Hezret Alyga ten berdiler.
Andan soň Mergup şah hoşwagt bolup, hezret Alyny tagryp-u towsyp kylyp, bir gazal okydy.
Gazaly-Mergup şah bu turur:
Hakykat arslan eken sen,
Meni biarman eýlediň.
Göýä bir lukman eken sen,
Derdime derman eýlediň.
Aldym bu gymmat bahany,
Bagladyň ulyg derýany,
Hem öldürip ajdarhany,
Müşgilim asan eýlediň.
33
Şährimge köp erdi zerer,
Lat-u menat kyldy nazar,
Derýa bilen wehim ajdar,
Ýürek bagrym gan eýlediň.
Halal erken bergen pulum,
Sahypkyran çykdy gulum,
Bu köýgen syýahy köňlüm,
Gün-günden röwşen eýlediň.
Mergup şah diýr, maňa döwlet,
İne gaýrat, ine hümmet,
Döwran sürüň dem ganymat,
Köňlümni şamdan eýlediň.
Elkyssa, Mergup şahnyň Matlap han diýgen bir weziri bar erdi. Özi sazanda erdi. ŞähriHaýbarnyň hany Omar Antarnyň weziri erdi.
Hezret Aly şähri-Haýbarny feth kylyp, Omar Antarny tutup öldürgende, bu Matlap han
diýgen bedbagt gaçyp gelip, Mergup şahga sazanda bolup erdi. Şol Matlap han owwaldan hezret
Alyny görüp erdi. Emma Matlap han hezret Alyny görgeç tanydy. Benägäh Matlap han Mergup
şahnyň dergähige gelip erdi. Nazary hezret Alyga düşdi. Özünden gitdi. Zamandan soň huşyga
gelip, Mergup şahga garap, söz aýtdy:
-Eý, Mergup şah, seniň ýagşy guluň bar erken-diýdi. İndi man seniň bu guluňny tanydym
diýdi. Seniň bu guluň hezret Alynyň özüdir diýip, Matlap han bir gazal okydy. Gazaly-Matlap
han bu turur:
Şahy-Mergup, imdi gaýtdy döwletiň,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Ajal ýetip, meger doldy möhletiň,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Bir delalat eýlär owwal yslama,
Aýytganyň etmeseň, kylur heňňäme,
Jeň babynda şerhi gelmes enjama,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Meýdana girgende ihtiýaty bar,
Uçar her tarapga keramaty bar,
Ýedi asman goýgan ýedi ady bar,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Omar Antar diýgen bir är bar idi,
Özi katdar bende türpe ner idi,
İki arslan bir-birige darydy,
34
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Başga sanjyp dört müň batman täjini,
Ýedi müň şäherden alur pajyny,
Bul ötgerdi şundag ärden güýjüni,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
On ýedi müň batman gürzi-gerany,
Ýetmiş kerkiň derisinden galkany,
Heläk kyldy şundag merdi meýdany,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 03
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.