Latin

Baba Röwşen dessany - 05

Total number of words is 3962
Total number of unique words is 1781
19.9 of words are in the 2000 most common words
31.8 of words are in the 5000 most common words
37.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Munda dursak artar jebr-u jepamyz,
Medinede bolsun zowky-sapamyz,
Öz ülkäňe, hanym, alyp git meni!
Elkyssa, şahzada aýdylar: “Eý nigär, men hergiz ogurlyk kylmas men, maňa ogurlyk ar turur,
meniň atam hezret Aly Şahymerdan turur. Men mundag namartlykny kylgan ermes men. Siz
baryň öýüňizde olturyň” diýip, şol sözde erdiler.
Nägäh beýebandan bir gerd peýda boldy, ýagşy tafahhus kylyp garasalar, Jmhur alty inisi
birle gele turur. Haýbatlarydan ýer-gök lerze kylur, derýalaryň suwy çaýkanar. Şol etrapnyň
janawarlaryga wehim düşüp, altysy hem haýbatly sährada häzir boldular. Emma hiçbir ýana
nazar kylmaý, şäher sary rowana boldular. Emma alardan birewi kazaýy-hajat üçin yzda galyp
erdi. Ady Gorkak erdi. Benägäh ötüp barar erken. Gözi baga düşdi. Gördi kim, şasypanyň
üstünde bir ýigit olturyp turur. Özi zyýada hoş surat, haýbatyndan ýer-gök titräp, göýä kim, bir
şiri-geran olturyp turur. Emma bul berbagt gorkup, bu halatny görüp, ahysta-ahysta ötüp gitdi.
Gorkak perişan hal bolup, agalarynyň ýanyna gelip, görgenini bir-bir habar berip, taryp kyldylar.
Aýdylar: “Ýalgan aýtur sen, niçik nemerse turur, bu jaýga gelur”. Anda Gorkak görgenin
agalaryga beýan kylyp, bu sözni aýdy.
Gazaly-Gorkak bu turur:
Agalar, bag içre bir oglan gördüm,
Näzenin ýigitdir, Ýusup nyşanly.
Haýbatndan akyl-huşum ýitirdim,
Suraty meňzeýdir sahypkyranly.
Her zaman, her zaman şol ýana bakar,
Bir nagrada pelek öýüni ýykar,
Aldyda daş bolsa suw kibi akar,
Bir şiri-garradyr Rüstem nyşanly.
Bu erada äriň äri bolmagaý,
Güman etdim döw-u peri bolmagaý,
Aly sypat ärniň ary bolmagaý,
Atyn sorsaň aty ýelden dowanly.
Meger bir hudanyň söýgen söýünji,
Sözlese sözleri şekerden süýji,
Özi birdir, iki ýüzli gylyjy,
Any gördüm beýle zahyr-aýanly.
Aly öwladydan eýledim güman,
Bahadur ählige bergemegen aman,
Iba kylmaz barsa jemgy-jahan,
Bu surata meňzär illi-mekanly.
68
Gorkak aýdar, gorkup bara bilmedim,
Ol ärniň aldynda dura bilmedim,
Bir bakyşda ýagşy göre bilmedim,
Özi zahyr, weli syrry-nahanly.
Elkyssa, agalary Gorkakdan bu sözni eşidip, gaharlary hetden zyýada bolup, aňa serzeniş
kylyp, ýüzügige tüflediler we Jemhur ýene bir inisige:
-Bargyl, iki goluny arkasyga baglap, alyp gelgil – diýip buýurdy. Ol lapy bisýar urup aýdy:
-Men baryp, ol ýigiti baglap gelturgeý. Andan soň bu gorkak ärni bul mekandan ýitirgeý –
diýip, atyga münip, ýaragyny derber kylyp, bir ajdarha sypat älemden perwaýy ýok, ýolga
rowana boldy. Emma Gorkak aýdy:
-Eger sen oşol beçjäni alyp gelseň, men pähliwanlyk dawasyn terk edem – diýdi.
Elkyssa, ol lapy bisýar urup bardy. Baga girdi, erse şahzada şasypanyň üstünde mysaly
Rüstem anan dek bolup olturar. Lap urup gelgen kapyr şahzadany görüp, tenige titreme düşdi.
Gelgenige puşeýman bolup, naçar yrakdan durup aýdy:
-Heý-heý, niçik jandan doýgan sen, başyňdan gorkmaý, bu jaýga niçik geldiň? – diýdi we
ýene aýdy:
-Bu jaýga guş gelse, ganaty we gulan gelse, toýnagy köýer. Eý oglan, ajalyň dartyp gelip sen
häle hem bolsa, turgul. Jemhurnyň aldyga bargyl we anyň birle bolgul. “Ýazdym-aňyldym, bu
jaýlarga geldim” diýgil, şaýed, günähiňni ötgeý diýdi. Erse, şahzada iki gulagyn tutup we
agyzlaryny hem tutdular. Kapyr güň hyýal kylyp, gürzüsin golyga alyp, perýat urup, helme
kyldy.
Şahzada at üstünden tutup, ürzüsin golundan çekip alyp, atdan göterip alyp, ýerge urup, iki
golun arkasyga baglap, bir derekge bent kylyp goýdular we ýene şasypaga çykyp olturdylar.
Kapyr şahzadaga ýalbaryp, bir söz aýdy:
Gapyl blup düşdüm seniň toruňa,
Meni azat etgil bu gün şahzada!
Döze bilmen seniň munça jebriňe,
Meni azat etgil bu gün şahzada!
Kiçik inim hajat üçin galypdyr,
Bizden soňra bag seýrine gelipdir,
Sizni görüp, göýä titräp ölüpdir,
Ýene Düldül atyň görüp, şahzada!
Andan soňra titräp galaga girdi,
Taryp edip sizni işikde durdy,
Jemhur agam aňa bir ýumruk urdy,
Kiçik inim ýyglap turur, şahzada!
Bizlerni sorsaňyz, ýedi byradar,
Jemhur agam meniň älemge serwer,
Seriňe döneýin, kylmagyl, gahar,
Asyl zatyň bilmeý geldim, şahzada!
69
Elkyssa, köp eda söz tamam boldy. Imdi sözni Jemhurdan eşidiň. Jemhur bir sagat-iki sagat
garap dyrdy. Ibergen inisi gelmedi we ýene bir inisige emr kyldy: “Sen hem baryp habar al!”
diýdi. Kapyr agasynyň permanyn tutup, çüsti-çäbük baryp gördüler kim, inisi bir derege baglyk
turur. Andan soň bul hem dergazap bolup aýdy: “Eý, kudek, Lat-Menatdan gorkmaý,
byradarymny bent edip sen” diýdi.
Şahzada munga hem gulaklaryn tutup, yşarat kyldylar: “Bäri gel” diýip. Kapyr rast hyýal
kyldy kim, bu oglanyň gulagy agyr erken diýip, şahzadanyň üstüge atyny sürüp bardy. Şahzada
any hem ýanlaryga gelgeç, agasy dek bent kylyp goýdy. Ol kapyr şahzadaga garap, bir söz aýdy:
Inimni göreý diýp, munda gelip men,
Seriňe döneýin, azat eýlegil!
Bilmezlikden size garşy gelip men,
Başyňa döneýin, azat eýlegil!
Jemhur agam: “Gelmedi” diýp durandyr,
Biziň başymyzga ahyramandyr,
Lat-menat şol gün bizni urandyr,
Seriňe döneýin, azat eýlegil!
Owwal gelip, seniň syryň bilmedim,
Tagzym edip, seniň eliň almadym,
Köňlümde armandyr, aslyň bilmedim,
Seriňe döneýin, azat eýlegil!
Lat-Menat bizge medet bermedi,
Agalarym bini gelip görmedi,
Eý, şahzada, bizge rehmiň gelmedi,
Başyňa döneýin, azat eýlegil!
Elkyssa, andan soň muhteser kyldyk. Birin-birin bäş inisi geldi. Be tamam bent etdi. Hiç birisi
gaýdyp galasyga barmady. Andan soň Jemhur beg diýgen agasy Gorkak diýgen inisige aýtdy:
-Eý Gorkak, bar bularny garap gel. Ne üçin gelmedi, owwaldan hem habar tapyp gelgen
maňlaýy gara sen erdiň – diýdiler.
Anda ol Gorkak aýdy:
-Eý, aga, meni öldürseň, özüň öldürgil. Men hergiz ol ýigitniň ýanyga barmas men – diýdiler.
Elkyssa, Jemhurnyň ajygy gelip, atlanyp galasydan çykyp, baga bardy. Görse, şasypanyň
üstünde bir kudek olturyp turur we ýene garasa, bäş inilerini hem direkge bent kylypdyr. Ol wagt
Jemhr dergazap bolup, aýdy:
-Eý, ýigit, bularny sen mekir bilen tutup sen, ýogsa saňa aman bermes erdiler.
Şahzada ýene gulaklaryn tutup aýdylar:
-Gulagym eşitms, bäri gelgil – diýdi.
Emma Jemhur kakaha urup güldi we aýdy:
-Eý, kudek, men seniň bul mekiriňe ynanmas men – diýdiler – eger pähliwanlygyň çyn bolsa,
meniň meýdanymga çyk, ýa bolmasa, gel meniň atymyň toýnagydan öpgül – diýip, gürzüsin
goluga alyp, helme kydy.
70
Emma şol wgtda Zeýnelarap biçäre köşknüň penjiresinden garap, hudaga mynajat kylyp,
aýdy:
“Päkä perwerdigär, şahzadaga abraý we agalarymga biabraý kylgaý sen” diýip, zar-zar
ýyglap, bu muhammesni aýdylar:
Rehm eýle bu gün dideýi-zarymga, hudaýa!
Ol bady-hazan salma baharymga, hudaýa!
Jan bagyndaky alma-narymga, hudaýa!
Geltirgil aman üşbudiýarymga, hudaýa!
Lütf-keremiň bergil meniň ýarymga, hudaýa!
Gülşende meniň ýarym açylgan güle meňzär,
Duşmanlar era kapasdaky bilbile meňzär,
Ýokdur kişisi, garyp bolup, bidile meňzär,
Şahzada kaýan barsa, haýatym sele meňzär,
Lütf-keremiň bergil meniň ýarymga, hudaýa!
Bilmes ki Aly kaýda eken ruhy-rowany,
Kapyrlar arasyga düşüp jism ile jany,
Ýokdur kişisi berse habar aly mekany,
Dünýäni bozar erdi, bolsa üşbu zamany,
Lütf-keremiň bergil meniň ýarymga, hudaýa!
Bul aly nesep munda giriftar bolupdyr,
Buçarhy-pelek mekri birle zar bolupdyr,
Hiç hemdemi ýok aldyda, biýar bolupdyr,
Haýdar ýoluda didesi hunbar bolupdyr,
Lütf-keremiň bergil meniň ýarymga, hudaýa!
Dermende kylyp goýmaý, huda, aly nesepni,
Zulmat saryga salma bu gün mahy-rejepni,
Goşgul Hanypa enesige nury-edepni,
Bu gün şermende goýma, eýgäm, Zeýnelarapny,
Lütf-keremiň bergil meniň ýarymga, hudaýa!
Elkyssa, Zeýnelarap biçäre bul gazalny okydy, erse perişdeler lerzanyga girip aýdylar:
“Hudaýa, hudawend! Özüň bu Zeýnelarapnyň dogasyn kabul etgin” diýip, tarapbazy kyldylar,
ýyglaşdylar.
Hudaý tagala kabul kyldylar.
Andan soň Jemhur naýynsap dergazap bolup, naýzasyn golyga alyp, şahzadaga helme kyldy.
Emma şahzada mysaly-Rüstem aňan dek bolup, gol uzadyp, Jehurnyň golydan tutup, naýzasyn
alyp, atyp iberdiler we ýene Jemhurnyň bilinden tutup, atdan göterip, gol ujyga alyp, aýlandyrypaýlandyryp, “Resul alla, allahu ekber” diýip, howaga atyp iberdiler. Bir zamandan soň howadan
gelip, şarkyldap, ýerge düşdi. Şahzada hem uçar guş dek bolup, synasyga münüp, gylyçny
gulapyndan çykaryp, Jemhurnyň bozgazyga goýduar we ýene aýdylar: “Owwal iman arz
kylaýyn, musulman bolmasa, andan soň işini bitgireýin” diýip aýdylar:
71
-Eý, Jemhur, huda birdir, Resul berhakdyr – diýip, nesihat kyldylar. Jemhurga towpyk ýary
beri, köňlüge nury-iman şöhle urup aýdy: “Eger bu oglannyň diýeni hak bolmasa erdi, meniň dek
pähliwany ýykyp, kükregimge münüp bogazmaga pyçak goýmaz erdi” diýip aýdylar.
-Eý kudek, men ne etsem, musulman bolar men? – diýdi.
Anda hezreti-ymam Muhammet aýdylar:
-Bu “Kelemäni” okygyl – diýdiler” Lä ilähä, illallah, Muhammet Resul Allah, aşhad ennä lä
ilähä illallah wa aşhadu ennä Muhammedan Resul Allah”- diýip aýgyl, musulman bolar sen –
diýdiler.
Andan soň Jemhur bu kelemeýi-şerifni okydylar we musulman boldular. Andan soň alty inisi
hem musulman boldular we ýene aýylar:
-Eý şähriýary-älem, bu pakyrlaryň gorganyga sary rowana kylsaňyz niçik bolur – diýip
atlandylar. Erse, Jemhur atynyň jylawyny tutup, inileriniň atynyň aldyga düşüp, yzzat-ekrem
birle alyp bardylar. Andan soň birniçe näz-nygmatlar dartyp, özi hyzmatlarynda gol gowyryp,
ýüz müň edep-ekram birle şahzadanyň aslyny sorap, bir söz aýgany:
Keremlik patyşah, kaýsy gülşen-gülüstany sen?
Kaýsy bir päkzatnyň söýgüli aramy jany sen?
Kaýu gülzardan perwaz edip, gonduňbu gülşenge?
Kaýu ziba çemeniň güllerniň hoş pygany sen?
Urugyň, kyblagähiň, kaýda ermiş menzil-jaýyň,
Niçik zatnyň şerif fargy sen, Ýusup nyşany sen?
Kaýu göz röwşeni, kaýsy bir ilniň jigerbendi?
Kaýu bir päk tinet jisminiň ruhy-rowany sen?
Niçik döwletli ärniň mansabyndan – diýdi Jemhur,
Muhammet dinini berpa kylgan Rüstem anany sen?
Elkyssa, Jemhur bu sözlerni tamam etgenden soň, şahzadanyň gözleriden katra-katra ýaş
rowana boldy. Anyň üçin kim, enesiniň goýnundan çykmagan bir näzenin kudek erdiler. Binägäh
şikar üçin çykyp, bu belalarga giriftar bolganyga, aga-ini, ata-enesi we hyş-tebaryny sagynyp,
köňülleri bozulyp zar-zar ýyglap, bir söz aýdylar. Gazaly-ymam Muhammet Hanapyýa:
Jemhur, eşit aýtaý sözüm,
Medinede mekanym bar.
Maglum etsem saňa özüm,
Atam Aly arslanym bar.
Mustapa puşty-penahym,
Hezret Aly kyblagähim,
Mekgedir zyýaratgähim,
Ajap aly mekanym bar.
Atamdyr ile halypa,
72
Enemiň ady Hanypa,
Bir muştuperdir zagypa,
Şundag nury-imanym bar.
Agam şahzadaýy-köwneýn,
Ikisi erdiler aýneýn,
Biri Hasan, biri Hüseýn,
Şehit olar gümanym bar.
Seýr erdi asla niýetim,
Muhammetdir meniň adym,
Urugym, selasyl zatym,
Beni Haşym nyşanym bar.
Elkyssa, şahzada bul sözni aýdylar. Jemhur burunkydan zyýadarak yhlas geltirip,
Zeýnelarapny alyp gelip, aýdy:
-Eý şähriýary-älem, muňa hem iman arz kylyň – diýdi.
Emma Zeýnalarap tagzym-towazyg birle aýdy: “Eý agalar, men sizlerden hem burun iman
geltirip erdim” we ýene aýdy: Niik kim, men Resul hudany düýşümde gördüm, musulman
boldum, we ýene meni hezreti Alynyň ogly ymam Muhammetge nikah kylyp berdiler. Men
sizlerden howp edip, bu syrny pynhan saklap erdim” diýip, beýan kyldy. Erse, Jemhur aýdy:
-Eý siňlim, tä ki şol ýigit güwälik bermeginçä, bul sözleriňe bawar kylmasmyz – diýdi. Ol
wagt Zeýelarap biçäre aýdy:
-Eý agalar, meniň güwähim hak tagalanyň kelamy turur – diýip, Kur’an okyberdi. Andan soň
Jemhur aýdy:
-Eý, şahzada, sizlerden syrymyzny nigä ýaşyraly. Bu gyzga Döwsepit on ýyl boldy aşyk turur,
bu on ýyldan bäri, galgamyz etrapyga ot ýakarmyz, onuň üçin kim, Döw otdan gorkup gelmes
erdi. mdi siňlimizni sizge tabşyrdyk, sizni hudaga tabşyrdyk. Imdi hah ot ýakyp saklaň, hah ot
ýakmaý saklaň – diýip, özleri deşt-beýewanga gitdiler.
Elgaraz, iki aşyk goşulyşyp, Zeýnelarapnyň hüjreýi-hasyga girip, oýnaşar erdiler. Liken,
şahzada ýaşlyk kylyp, uýalyp, gatylmas erdiler. Emma Zeýnelarap dyzysy üstüge şahzadanyň
başyny goýup, leblerden posa kylyp, dahyl bisýar kylar erdi. Emma şahzada birniçe günden bäri
bidar erdiler, gözleri uýkyga maýyl bolup, Zeýnelarapga garap, aýdylar: “Eý, näzenin, bir zaman
uklap, andan soň aýş-u eşret kylaly” diýdi. Ol wagt Zeýnelarap ymam Muhammetiň billerinden
gujaklap göterdi. Ymam Muhammet Zeýnelarapga töwella kylyp, ýalbaryp bir söz aýdy:
Niçe gündür ýokdur maňa parahat,
Söýgüli nigärim, bir zaman goýgul!
Gireýin goýnuňa, alaýyn rahat,
Jandan artyk ýarym, bir zaman goýgul!
Lebleriňden şähd-u şeker saçylmyş,
Altyn piýalada şerap içilmiş,
Jennet güli goýnuň içre saçylmyş,
Açylgan gülzarym, bir zaman goýgul!
73
Söz sözlediň, meni ýag dek eretdiň,
Köp dalaşyp ruhsarymy sargartdyň,
Sadagaň bolaýyn ýaman har etdiň,
Perizadym-ýarym, bir zaman goýgul!
Niçe gündür çölde gezen saýylam,
Bir sagat uýkyga ajap maýylam,
Seniň hulky-yhsanyňa kaýylam,
Dalaşma, dildarym, bir zaman goýgul!
Janymny alar sen näz birlen bakyp,
Jemalyň şowkunda köňlümni ýakyp,
Mylaýym bakar sen, gaşyňny kakyp,
Nergesi-humarym, bir zaman goýgul!
Uýkyga gidipdir köňlüm hyýaly,
Mest edipdir meni lebleriň baly,
Sen maňa kylar sen näz birle aly,
Lagly-şekerbarym, bir zaman goýgul!
Şahzada diýr, gördüm ýatar çagydyr,
Başym üzre çarhy-pelek dagydyr,
Ruzy kylsa, dalaşymyz bakydyr,
Bolma giriftarym, bir zaman goýgul!
Elkyssa, şahzada bu sözni aýdylar. Andan soň bir zaman ýatdylar, aram-karar aldylar. Ot
ýakmak ýatlaryna feramuş bolup, uýkyga maýyl oldular. Elkyssa, şahzada Zeýnelarapnyň
dyzynyň üstüde başlaryny goýup, uklap ýatdylar. Şol wagt Döwsepit gelip durgan erken. Ol
Zeýnelarapnyň saçyndan tutup alyp, howaga gitdi. Şahzadanyň başlary ýerge gütläp düşdi,
sisginip oýgansalar, gulaklaryga bir owaz gele turur. Ýagşy tafahhus kylyp garasalar, Zeýnelarap
howadan bu gazalny okyp bara turur. Gazaly- Zeýnelarap:
Turgul, ýarym, tiz uýkudan oýganyp,
Sen aýryldyň, men hem senden aýrylym.
Köp ýatmagyl, Gülgün dona çolganyp,
Sen aýryldyň, men hem senden aýrylym.
Nergesleriň humar-humar süzülmiş,
Hesret birle ýürek-bagrym ezilmiş,
Waslyň damanydan golu üzülmiş,
Sen aýryldyň, men hem senden aýrylym.
Dalaşmaýyn näz uýkyga gidip sen,
Gurbat donun gaflat bile örtüp sen,
Gurbanyň bolaýyn, ne diýp ýatyp sen,
Sen aýryldyň, men hem senden aýrylym.
74
Pelek şerabyny bizlerge saçdy,
Şemgy-şebistanym ýaynganda öçdi,
Turgul ýarym, meni döw alyp gaçdy,
Sen aýryldyň, men hem senden aýrylym.
Gözüň aç uýkudan, aňlagyl gepni,
Pähm eýle aýralyk bolgan sebäpni,
Sen yzlap tapmas sen Zeýnelarapny,
Sen aýryldyň, men hem senden aýrylym.
Elkyssa, ymam Zeýnelarapnyň owazyny eşidip, sisginip oýganyp, gördüler kim,
Zeýnelarapjanyny döw alyp gidip turur. Şahzada perişan hal bolup, köýüp-ýanyp, gyzyl ot dek
tutaşyp, daşgary çykyp, ýüzüni kyblaga garadyp, hudaga mynajat kylyp aýdylar: “Päkä
perwerdigär, bu işimge özüň güşäýeşlik bergeý sen, senden özge kişim ýok turur” diýip,
asmanga bakyp, perýady-zar kylyp, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap, hudaý tagalaga ýalbaryp,
bir gazal okadylar:
Owal başda ata-enemden aýyrdyň,
Maňa beýle jepa saldyň, hudaýym!
Men neýledim, ganatymy gaýyrdyň,
Maňa beýle jepa saldyň, hudaýym!
Kiçiklikde bela ýagdy başyma,
Hiç kim gelmez halym sorap gaşyma,
Özüň ýari bergil meniň işime,
Maňa beýle jepa saldyň, hudaýym!
Gözümniň aldyny tutupdyr duman,
Ýat illerde ýeke galdym sergerdan,
Ogluň ýeke galdy, ýa Şahymerdan,
Maňa beýle jepa saldyň, hudaýym!
Ýarymdan aýrylyp galyp men munda,
Aklym gidip, janym galdy tenimde,
Meniň ýarym haly ne geçdi anda,
Maňa beýle jepa saldyň, hudaýym!
Şahzada diýr, imdi niçik eder men?
Ýarymdan aýrylyp imdi neder men?
Zeýnelarapjany kaýdan tapar men?
Maňa beýle jepa saldyň, hudaýym!
Elkyssa, şahzada biçäre bul sözlerni aýda-aýda Zeýnelarapdan aýrylyp, Ymlak kapyrnyň
şährige ýöriş kyldylar. Şahzada ýolny adaşyp barar erdiler kim, benegäh Ymlakny goýup gitgen
ýerlerige ýeter erdi. Ymlaknyň üstünden dahyl boldular. Ymlak şahzadanyň giç galganlaryga
75
hoşwagt bolar erdi. “Şahzadany Jemhur tutup, öldürgendir” diýip, wagty çag erdi. Emma
şahzada ot dek gyzaryp, mysaly gyzyl gül deý ýüzüniň şuglasy älemge bark urup çykdylar.
Ymlak aldyga çykyp, gol gowşuryp, towazyg birle salam berdi. Andan soň Ymlak aýdy:
-Eý şahzadaýy-älem, ajap iş kyldyňyz, Jemhurnyň ýanyga barmaý geldiňiz. Ol kapyr purzor
erdi, Jemhurga döw hem rube-ru bolup bilmez. Ýagşy kyldyňyz, barmaý geldiňiz – diýdi. –
Şahzada aýdylar:
-Eý Ymlak, Jemhurnyň galasyga bardym. Aga-inileri birlen hemmelerin musulman kyldym
we ýene alar Zeýnelarapny bizge tabşyryp erdiler. Andan soň özleri awa gidip erdiler. Andan soň
ol gyz birlen ikimiz hemsöhbet kylyp olturyp erdik. Elkyssa, birnäçe wagtdan bäri uýkusyz bidar
erdim, uýkuga zyýada maýyl erdim. Andan soň men galatga gidip men, ot ýakmak hem
hatyrymdan feramuş bolgan erken. Şol wagt men uýkuga bargandan, döw gelip, Zeýnelarapny
penjesige alyp gaçypdyr. Imdi, eý Ymlak, herne iş bolsa, hudaý takdyrydyr we imdi puşeýman
kylsak hem jaýyga gelmez. Imdi her niçik bolsa, sen bir mertlik kylyp, bizge bir ýol başlasaň,
döwnüň guýysyga girsek, ýa bir abraý alsak, ýa bolmasa kaza ýetgen bolsa, ölsek niçik bolar? –
diýip, zar-zar ýyglap, bir söz aýdylar:
Geldim, Ymlak, saňa, ýolum başlagyl,
Men bu ýolda herne bolsam, bolaýyn.
Eltip Döwnüň mekanyga taşlagyl,
Döw ýolunda herne bolsam, bolaýyn.
Başymny goýup men anyň ýolunda,
Arman galmaz ölsem anyň ýanynda,
Alyp bargyn meni, döwnüň golunda,
Tenim läş eýleýip, galsam, galaýyn.
Aýrylyp galyp men melaýyk hoýdan,
Tenimde jan bardyr, gaýtman bu ýoldan,
Başym gitse ýüz öwürmen bu köýden,
Hazan urgan gül dek solsam, solaýyn.
Şahzada diýr, mundan peýam tapmasam,
Agtaryp ýarymdan nyşan tapmasam,
Döw golunda ölsem, aman tapmasam,
Ýara özüm gurban kylsam, kylaýyn.
Elkyssa, şahzada bu sözni aýdylar. Erse, Ymlak aýdy:
-Eý şahzada, andag bolsa, Zeýnelarapdan umyt üzüň. Siz kim, döw guýysyga girip, döw birle
urşup, gyzny halas kylmak kim! – diýdi. Erse, şahzada aýdylar:
-Eý Ymlak, men baryp tä döw birle urşup, döwni öldürmesem ýa özüm ölmesem, kararym
ýok turur. Sayr-takat kyla bilmez men. Ýol başla – diýdiler. Ymlak aýdy:
-Andag bolsa, sabyr kylyň, daň atsyn, jahan münewwer bolsun – diýdi. Erse, liken şahzada
dergazap bolup:
76
-Ne üçin tähyr eder sen? Bir gylyç uraryn, janyň jähennemge gitsin – diýip helme kyldylar.
Ahyr Ymlak näalaç-naçar bolup, şahzadanyň aldyga düşüp, ýol başlap ýörüberdi. Niçe mütdet
ýol ýörüp, ol gudukga – döwnüň mekanyga bardylar. Görseler kim, ol çahnyň agzyga bir daş
goýulgan. Eger älem halky gelse hem tebrete bilmegeýler. Şahzada Ymlakga aýdylar:
-Mübärizlik dawgasyn kylar erdiň, bu daşny götergil – diýdi. Erse, Ymak aýdy:
-Eý şähriýary-älem, men kim-u bu daşny götermek kim – diýdi. Erse, şahzada özleri gelip, şol
daşny mäkäm tutup: “Ýa Resul alla, allahy ekber” diýip, göterip, atyp iberdiler. Ýigrimi gez
jaýga düşdi. Andan soň şahzada aýdy:
-Eý, Ymlak, bu guýyga düşgül – diýdi. Ymlak aýdy:
-Bu guýyga salgynça, özüňiz öldüriň. Men guýyga girip, döwnüň golunda ölgünçä, özüň
öldür – diýdi. Şahzada Ymlakdan bu sözni eşitdi. Elgaraz, özleri kemendiň bir ujuny billerige
baglap we ýene bir ujuny Ymlak kapyrga “tut” diýdiler. Ymlak aýdy:
-Eý, şahzada, siziň dek pähliwany niçik dartyp alaýyn – diýdiler. Andan soň şahzada ol
daşyny guýynyň lebige geltirip, tanapynyň bir ujuny daşga baglap, ýene bir ujuny billerige
baglap, düşerge kast kyldylar we hudaý tagala zary kylyp, mynajat aýdylar:
Kerem kyl maňa lutfuň, eý hudaýa, ýarlyk eýläp!
Bu zalym elgide goýma meni, hemesrarlyk eýläp!
Behak hormaty ol züljelal zatyň üçin, ýa reb,
Men-ýalguzy ryswa kylma, hemesrarlyk eýläp!
Tutup ýüz jeddim-arwahyna, eýýa, eý, wajyp al-möwjut,
Bu çah içre medet bergil, maňa dildarlyk eýläp!
Garyb-u misgin-u biçärelerniň mütdekäsi sen,
Tenimni perdeýi-rehmet bilen timarlyk eýläp!
Muhammet diýr, atam şiriň, babam-jeddim Resulyňdyr,
Bular haky üçin bergil, medet sen arlyk eýläp!
Elkyssa, şahzada bul mynajatny aýdyp, hudaga tekýe kylyp, kementni billerige baglap, çahga
rahy boldular. Ymlak aýdy:
-Eý, şähriýary-älem, kaçangaça çah içinde turur siz – diýdi. Şahzada aýdylar:
-Kement tebretguçe – diýip, rowana boldular.
Nägäh, aýaklary baryp ýerge degdi. Bir dem ol ýerde gözlerini ýumup olturdylar we ýene
gözlerini açyp, garadylar kim, Döwsepit göýä bir ölük dek uklap turur, liken bir tarapynda bir
sandyk demirden, zynjyry almaz turur. Emma şahzada özlerige “Ismi-agzam” okyp, hudany ýat
edip, baryp, sandykdan habar alaýyn, kany gyz köňli meniň birlen barmu ýa ýokmu diýip,
sandyknyň ýanyga bardylar. Nägäh, sandykdan bir owaz gele turur. Zeýnelarap bu gazalny
aýdyp, ýaryny ýat edip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap aýdy:
Maňa, ýa reb, bu çah içre Muhammetni keramat kyl!
Bu melgun döw alnynda gutgaryp, ýüz-müň salamat kyl!
Söýüşgen ýary janymdan bolupdyr men jyda bul gün,
77
Pelekden eýleban gile çekip ahy, nedamat kyl.
Geçipdir men, alar geçdi bu dünýäden niçe mursal,
Alarnyň ruhy-arwahy hakynda ystykamat kyl.
Oşol ýedi agam Jemhur ki menden bihabardyrlar,
Meniň halym alarga eýleban ägäh delalat kyl.
Allahy, perdeýi-ysmat birlen sakla özüň daýym,
Çykargyl çahy içinden, men pakyrga ýol eradat kyl.
Aly ogly Muhammet şahzadaýy-şahy muhtary,
Ýetirip gudratyň birlen aly-hapyz hemaýat kyl.
Ezelde kysmatym bolsa, nedir çäräm boýun sunmaý,
Maňa Eýýup sabyry dek bela içre kanagat kyl.
Döküp göz ýaşyny ýyglap, bu gün Zeýnelarap makus,
Any sen goýmagyl gamda dogasyny ejabat kyl.
Elkyssa, Zeýnelarap biçäre bu sözlerni tamam etgen soň, sandygyň içinde ýürekleri örtenip,
ne alaç ederin bilmeý, köýüp-ýanyp, gyzyl ot dek tutaşyp, zar-zar ýyglap, bir söz aýdy:
Meni sorap musahybym-illerim,
Gelermikän, gelmezmikän, hudaýym?
Jemhur atlyg agalarym-şirlerim,
Gelermikän, gelmezmikän, hudaýym?
Huda goşgan ýarym galdy jahanda,
Huda dergähinde bolsun amanda,
Ady Muhammetdir, özi şahzada,
Gelermikän, gelmezmikän, hudaýym?
Alynyň ogludyr açylgan gülüm,
Daman wysalyndan üzüldi golum,
Gongan bostanymdan uçan bilbilim,
Gelermikän, gelmezmikän, hudaýym?
Ýadyma düşüpdir güli-gülzarym,
Sabr eýlesem pelek bermez kararym,
Hanypanyň ogly – maksat-myradym,
Gelermikän, gelmezmikän, hudaýym?
Zeýnelarap, barmu derdiň dowasy,
Ýaman erken aýralyknyň belasy,
78
Muhammetdir gözüm ag-u garasy,
Gelermikän, gelmezmikän, hudaýym?
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözni aýgandan soň, şahzada aýdylar: “Wadaryga, bu biçäräniň yşky
hakyky erken” diýip, Zeýnelarapga bildirmeý, gaýdyp gelip, döwnüň başyga “Hanjar birle
uraýyn” diýip, meýil kyldylar we we ýene aýdylar: “Taňla babam we atam we byradarymyzymam Hasan we ymam Hüseýin ýanlaryga barganda döwni öldürdim diýsem, aýdarlar “Uýkuda
öldürip sen” diýrler, “Göýä ölükni öldürip” diýrler. Eger oýgalykda öldürdim diýsem, ýalgançy
bolar men” diýip, döwnüň baş ujyga baryp, bir nagra dartdylar. Döw oýanmady, hanjaryň ujy
birle aýagyga sançdylar. Döw hap alud bolup, oýandy. Şahzada gözi düşdi. Ýerinden syçrap
turup, nagra dartyp, bir dag dek daşny göterip, helme kyldy. Şahzada hem habardar bolup, daşga
ret berip, gylyçny rast kylyp, “Allahu ekber” diýip, döwnüň başyga urdular. Döwnüň başy
üzülip, ýerge düşdi. Andan soň şahzada “Her ýerge barsam, nyşana bolar” diýip, boýnundan bir
tasma dilip aldy. Andan soň hoşwagt bolup, sandygyň ýanyga baryp, ýarynyň halyny sorap, bir
söz aýdy:
Näler geçdi halyň gaýgy-külpetde,
Aman-esen, serwinäzim, barmy sen?
Bu çahnyň içine gamda-mähnetde,
Köňlüm algan, diliowazym, barmy sen?
Takatym ýok, pelek janymny ýakar,
Gözlerim sereşki derýa dek akar,
Bu döwni öldürdim, owazyň çykar,
Toty tilli, hoşzybanym, barmy sen?
Niçik boldy, döw elinde tutuldyň,
Hasrt bile çah astyga atyldyň,
Ömrün ahyr kyldym, döwden gutuldyň,
Tora düşgen mähribanym, barmy sen?
Niçe gündür pyrakyňa zar eden,
Mekanyny sandyk bile gar eden,
Köňlüm alyp kiçiklikde ýar eden,
Ömrüm hoşy, perizadym, barmy sen?
Şahzada diýr, hak ýetgirdi dadyňa,
Gurban olam Zeýnelarap adyňa,
Ýaryň istäp, salyp ýaryň ýadyňa,
Gel, görüşgil, garagözüm, barmy sen?
Elkyssa, şahzada bu sözden soň kementni halka kylyp, sandykny tanapnyň ujyga baglap
iberdiler. Emma Ymlak daşgarda muntazyr erdi. Kemendiň ujy tebrendi. Ymlaknyň köňlüge
geldi kim, bular çyka turur. Ahysta-ahysta kemendi dartyp çyardy. Gördi, kim, kemendiň uyga
bir sandyk bagly turur. Ymlak sandykny açyp garasa, Zeýnelarap sandyknyň içinde mysaly on
79
dört gijelik aý dek bolup ýatyp turur. Ymlak betbagt hem Zeýnelarapga on iki ýyl boldy aşykybikarar erdi. Emma şeýtany-lagyn ýoldan azdyrdy.
Ekyssa, sandyknyň işikni gulplap, ymamnyň atlaryny tutup gider boldy. At tutgyz bermedi.
Elkyssa, kapyr naçar öz atyny tutup, üstüge sandykny ýükläp, “Şähri-Kamus, kaýda sen?” diýip
bidir gitdi. Ol kapyr, hoşwagt bolgandan, kementni feramuş kylyp, taşlap gitdi.
Imdi sözni şahzadadan eşidiň. Sandykny kement ujuga baglap, ibergenden soň, köp garap
durdular, kement düşmedi. Andan soň bildiler kim, Ymlak kapyr gyz birle sanykny alyp
gitgenin. Emma şahzada biçäre çah içinde tenha galyp, ýarydan aýrylyp, ata-ene hyş Tebaryny
ýat edip, bir söz aýdylar: Gazaly-Ymam Muhammet Hanapyn bu turur:
Kadyr möwlam, meni saldyň belaga,
Gaýta başdan men men ýarymdan aýryldym.
Ýarym gidip özüm galdym bu çahda,
Köňül bergen nigärimden aýryldym.
Bilmez Aly meniň halym ne geçer,
Söwer ogly jiger ganyny içer,
Imdi ajal maňa kepen-don biçer,
Haýdar atlyg kerrarymdan aýryldym.
Ýadyma geçildi ýörgen ýerlerim,
Hasan-Hüseýn agalarym, şirlerim,
Ýowuz günde Rüstem sypat ärlerim,
Iki agam – nerlerimden aýryldym.
Murtaza diýr: “Oglum çykmyş şikara,
Seýr edip ýörgendir güli-gülzara”,
Çah içinde galyp, men bagtygara,
Gamhor enem, gamhorumdan aýryldym.
Şahzada aýralyk oda ýanmyşdyr,
Elemlerge, çoh dertlere galmyşdyr,
Ýaryny aldyryp, reňki solmuşdyr,
Tenha galdym, dildarymdan aýryldym.
Elkyssa, şahzada biçäre bul sözlerni tamam etgenden soň, gudugyň agzyga gelip, köp-köp
garap durdy. Tanap gaýdyp gelmedi. Göýä hezreti Ýusup dek zyndanga galdy. Andan soň gözi
girýan, bagry bürýan bolup, zar-zar ýyglap, şahzada bir söz aýdy:
Kerima, patyşaha, bir garyp bolgan guluňdyr men,
Maňa düşmek bu çah içre nesip bolgan guluňdyr men.
Kylyp öz zatyňa tekýe-töwekgel sydky-dil birlen,
Bolup naçar bu ýerde, muztaryp bolgan guluňdyr men.
Ganatym ýok meniň, ýa reb, uçup çah agzya çyksam,
80
Hamana guş kibi abl-u per bolgan guluňdyr men.
Byradar ol iki agam, kay ibna-ejdadym,
Alardan aýrylyp, bu gam ara düşgen guluňdyr men.
Pygan-u dat, oşol Ymlak kapyr elgide neýleý,
Düşüp gam oduga, ýanyp, eda bolgan guluňdyr men.
Meniň ol mähriban jübtüm erur, Zeýnelarap namy,
Any sen aldyryp goldan, jyda bolgan guluňdyr men.
Hudawende, Muhammetni özüň gamdan halas etgil,
Düşüp girdaby-gam içre, garyp bolgan guluňdyr men.
Elkyssa, şahzada bu sözni aýdyp bolgaç, gözleri uýkyga bardy, nägäh ýatyp erdiler.
Düýşlerige Resuly-huda sallallahy alaýhi wesellem girip, aýdylar: “Eý, perzent, ne üçin ýyglar
sen, turgul, gam iýmegil, çahdan çykar sen, hudadan gapyl bolmagyl” diýgeç, şahzada sisginip
oýgandylar. Gördüler kim, guýynyň içi münewwer bolupdyr. Ýokaryga garadylar, kement gelip,
başyga degip turur we ýene gördüler kim, atlary çah lebinde kementi basyp turur. Şahzada uçar
guş dek bolup, syçrap çykdylar. Görseler kim, atlary dört aýakny ýerge diräp, kementniň ujuny
agzy birle uşlap durupdyr. Şahzada atlarynyň ýüz-gözünden öpüp, üstüge münüp barar erdiler.
Nägäh bir gerd peýda boldy. Gerd içinden Jemhur alty inisi birle gele turur. Elgaraz, şahzada
Zeýnelarpny yzlap, döwnüň yzyndan gitgende, bular awga gidip erdiler. Andan soň awdan
gaýdyp galasyga baryp garasalar, ne şahzada bar, ne Zeýnelarap bar. Ikisinden hem nam-nyşan
ýok turur. Bularnyň köňlüge bul geldi:”Şahzada Zeýnelarapny Medinäge alyp gitgendir” diýip,
güman kyldylar we ýene Jemhur aýdylar: “Eý, inilerim, şahzada ymam bizler bilen habarlaşmaý
gitmez erdi. Meger şahzada uýkyga giden bolsa, Zeýnelarapny döw alyp gidendir. Şahzada hem
any yzlap gitgendir. Jigergüwşämiz Zeýnelarap döwnüň golunda ýesir bolup, şahzada yzyndan
gidip, bizler bu ýerde zowky-ýu şowky birle olturmagymyz mümünlige laýyk ermesdir. Geliň,
inilerim, är başyga bir iş düşer, atlanyň!” diýip, sylahlaryny derber kylyp, ýedi aga-ini her
kaýsysy mysaly Rüstem anan dek bolup, döwnüň guýysyga garap, ýöriş kyldylar. Nägäh
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 06
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.