Latin

Baba Röwşen dessany - 07

Total number of words is 4031
Total number of unique words is 1742
21.4 of words are in the 2000 most common words
31.4 of words are in the 5000 most common words
38.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aňa laýyk iş-kylaýyn,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
95
Birmidir asla hudaýyň,
Kimdir seniň köňül hahyň,
Kaýdadyr menzil-u jaýyň,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Muhammet diýr, şahzada men,
Bir dilberge dildada men,
Aslym sorsaň, azada men,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Elkyssa, Tehrak kapyr ymamdan bu sözni eşidip, köňlüge gelip, aýdy: “Elhezer-elhezer,
meniň aldymda bir-tenha özi etmiş müň bahadyrdan howatyr kylmaý, bu sözni aýtadyr. Meger
bolsa, Alynyň ogludyr, munuň gözüniň oduny özüm almasam bolmaz”. Dergazap bolup, aýdy:
–Eý, beçje-ýi nadan, herdemhyýal sen. Meniň adymny sorap, ne kylar sen? Meniň adymga
Tehrak dierler. Heniz meniň kuwwatym bar-u-ýoguny eşitmediňmi – diýip, şahzadaga hemle
kyldy.
Emma şahzadanyň gulagyga Ymlak diýgen ses geldi. Şahzada Ymlak hyýal kylyp: “Men seni
talap edip gelip erdim” diýip, gylyjyn gulapydan sogrup, Tehrak kapyrga hemle kyldylar. Tehrak
lagyn takat kyla olmaý, yzyga garap, ýoluny bilmeý, “Ne bela erdi” diýip bidir gaçdy. Elkyssa,
şahzada ýolbars dek ah urup, gyra başladylar, mysaly goýun erdi – böri darydy, geçgu erdi – ýut
darydy, gamyş erdi – ot darydy, göýä guş erdi – bürgüt darydy. Liken, kapyrlarnyn başyga gara
gün saldylar. Kapyrlar ne alaç kylaryn bilmediler. Emma şazada kapyrlarny gyryp ýörer erdiler.
Her kapyrnyň başyny alganda hüdaga hamt, Resuly-hudaga salawat iberdiler. Welemma, ýarym
agşam bolup erdi, kapyrlaryň içige bir şuruş peýda boldy. Barça kapyr baş-başyga boldular.
Andan soň her kaýsysy bir tarapga gaçdylar. Şahzada bul ýetmiş müň kapyrny gyryp tükeder
wagt erdi. Nägäh Tehrak kapyryň keýniden otsuz müň leşger ýetişdi. Gelgen kapyrlar şahzadany
oka tutdular. Şahzada biçäre ýetmiş ýerlerinden jerahatdar boldy. Emma şahzadanyň ýürekleri
geş bolup, jerahatlary zyýada bolup, özlerini bir güwşäge aldylar. Andan soň endişe kyldylar,
aýdylar: “Bu leşger Ymlaknyň leşgeri bolsa, niçik ýarym bularyň arasynda ýok? Ne ýerlerde
galgandyr?” diýip, zar-zar ýyglap, ýaryny istäp, bir söz aýdylar:
Men giriftary bela men, ýar, sensiz neýleýin,
Boldy bu gül dek tenim efgar sensiz neýleýin,
Deşti-gurbat içre galdym har sensiz neýleýin.
Tapdy janym uşby gün azar, sensiz neýleýin,
Ýar, sensiz neýleýin, dildar, sensiz neýleýin.
Kaýda sen, bilmen seniň halyňny, eý janana sen,
Şemyg dek köňlüm öýünde dürli-dürli ýana sen,
Uşby kapyrlar birlen bolduňmy, ýar, hemhana sen,
Saldyň, eý dilber, meni bu derdi-bidermana sen,
Ýar, sensiz neýleýin, dildar, sensiz neýleýin.
Uçradym ýüz müň bela-mähnetge men, bagty gara,
Hiç kişi ýok başym üzre tutar matamsara,
96
Waý, bilmezler meniň halymny hyş-u akraba,
Ýardan boldum jyda, galdym belada mübetela.
Ýar, sensiz neýleýin, dildar, sensiz neýleýin.
Synaýy-çäk, bagry bürýan para men, sen ýar üçin.
Beýle sergerdan bolup, awara men, sen ýar üçin,
Şerri-duşmanlar bilen sed para men, sen ýar üçin,
Ger özüm şahzada men, biçäre men,sen ýar üçin,
Ýar, sensiz neýleýin, dildar, sensiz neýleýin.
Elkyssa, şahzada bu sözni aýdyp, atynyň ýalyny gujaklap, jan-dil birle atyny öz tewrige
iberdiler. Gylyçlary birle gamçylary gollarydan erge düşdi. Emma at janawer ymamnyň bihal
bolganyn bilip-görüp, şahzadany kapyrlar arasyndan aýryp, alyp çykyp, ýolga rowana boldy.
Elkyssa, at janawer şol gidişden gijesi birlen ýörüp, birniçe menzillerni teý kylyp, bir derýanyň
ýakasyga alyp bardy. At janawer zyýada teşne bolup erdi. Suw içmek üçin derýaga girer boldy.
Şahzada biçäre atynyň üstünden derýanyň gyragyga düşdi. At derýaga girip, suwny içip, gaýdyp
gelip ymamnyň başlarynyň ujunda, gözüden ýaş akdyryp ýyglap durdy. Imdi şahzada hudanyň
takdyry birle biraz bihuş bolup ýatsynlar. Atlary üstünde ýyglap dursunlar. Imdi sözni başga
tarapdan aýdalyň.
Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, şol mähellede bir şähri-azym bar erdi. Adyga
Zingar dier erdiler. Patyşasynyň adyga Anka diýrler. Özi zyýada mübäriz pähliwan erdi. Arapda
we Ajamda aňa barabar kişi ýok erdi we ene özi ýedi yklymnyň patyşahlarynyň ulugy erdi.
Welemma, Ankanyň bir gyzy bar erdi, zyýada sahypjemal, şuglaýy-jemalydan hurşydy-taban tire
bolar erdi we gülüstany jahan ýüzüniň eksiden hyra bolar erdi, hoş-elhan bilbiller çah-çah urar
erdi. Toty biçäreler anyň ýarlygy bile üýn kylyp, bihal bolar erdi we gülzary-jahan içre jemg
janawarlar her kaýsysy öz dilleri birle ýüz müň elwan söz aýdar erdi we bişäniň dal daragtlary
aňa paýmal bolar erdi we ene mahbubyl-gulub içre müşteri sagadat, hoşwagt, kadd-u kamat we
şury-kyýamat we kaddy-möwzun we gözleri meftun, aşyky-jigerhun andag ýardyp turur kim,
kirpigi peýkam, lebleri handan we ol apaty-jan, piste dahan, inçe miýan, gül ýüzli, şirin sözli
erdi. Emma ol gyznyň adyga Tugra diýrler. Şol gyznyň bir çarbagy bar erdi. Derýanyň lebinde
erdi. Emma günlerde bir gün Tugra peri ýanyga kyrk kenizekni alyp, şikar kylyp, tazylary birle
gulan-keýik awlap geler erdi. Nägäh, Tugra periniň gözi bir ata düşdi. Aýdy kim: “Eý toba, bu
ne at boldy?” diýip, atlaryny sürüp gelip garasalar, bir ýigit mysaly on dört gijelik aý dek bolup,
ýatyp turur. Tamam agzalary ganga boýalgan. At janawar gözünden katra-katra ýaş akyzyp, şol
ýigitniň baş ujunda ýyglap turur. Emma Tugra bu syrny görüp, kenizeklerine garap, gülni görgen
bilbil dek saýrap bir söz aýdylar. Gazaly-Tugra:
Görüňler, eý, ýaranlar, hubnazar birle ne jandyr bul,
Bu surat munda bar, elbetde, bir şahy-jahandyr bul.
Adaşyp, gam çekip ýörgen, muşakgatlarny köp görgen,
Bu ýalguzlykda mahzunyr, ajap Ýusup nyşandyr bul.
Gyzyl gan birle gülgündir, iki şehlasy pür hundur,
Eý siz, şahzadaýy-älem, neden agzasy gandyr bul?
97
Kişi ahwalydan ägäh imes, bilmez muny kimdir,
We ýa şahzadaýydandyr, tarapsyz pähliwandyr bul.
Diýdi Tugra, kenizi bolmaga köňlümde sydkym bar,
Eger bolsa, Alynyň nesliden bir pähliwandyr bul.
Elkyssa, Tugra bu sözni aýdyp, şahzada muhabbet geltirip, atdan düşüp şahzadanyn baş ujuga
baryp, gylyçny gulapyndan çykaryp, şahzadanyň agzyga tutdy. Gylyç gubar aldy. Andan soň
bildi kim, jany bar erken. Andan soň Tugra öz döwlethanasyga mynasyp görüp, zerreýi-azar
bermeý, şol sagatda biraz aş bişirip, şahzadanyň agzyga tutdular. Şahzada biçäre kem-kemden
biraz noşy-jan kyldylar. Elkyssa, ymam Muhammet andak özlerige geldiler. Andan soň gözlerin
açdylar, görseler, degrelerinde bir gyz olturyp turur. Ýanynda kyrk kenizi bar. Şahzadaga garap,
tomaşa kylyp olturyp tururlar. Şahzada bularny görüp, haýran bolup aýdylar: “Päk-ä,
perwerdigär-ä, ene niçik belalarga galdym?” diýip, hudaga şükür kylyp, başyn aşak salyp olturyp
erdiler. Emma Tugra peri golyga sazyn alyp: “Eý, ýagşy ýigit, gamgyn bolma, hoşwagt bolgul!”
diýip, şahzadaga garap, bir söz aýdy:
Gel, sözleşgil, nowjuwanym,
Husnuňny sapaly gördüm,
Ne halyň bar, jana-janym,
Men seni wepaly gördüm.
Seniň dek bolmaz adamzat,
Ýa melek sen,ýa perizat,
Beşer hem bolsaň aslyň zat,
Gyzdan hem ybaly gördüm.
Ýüzüň gül, kaddyň nahaldyr,
Lebleriň aby-zülaldyr,
Aýtgyl, saňa bu ne haldyr,
Munça hem jepaly gördüm.
Sen kibi bolmaz näzenin,
Gel bize bolgul hemneşin,
Lagly-lebiň jandan şirin,
Jandan hem mazaly gördüm.
Tugra diýr, haýadan geçip,
Öz golumdan şerap içip,
Sözlegil agzyňny açyp,
Bilbil deý nowaly gördüm.
Elkyssa, şahzada Tugradan bu sözni edişip aýdylar: “Eý perizat, men näbelet men, mundag
jaýlarny görgen emes men. Imdi owwal sizler halyňyzny beýan kylyň, andan soň biz biçäre hem
98
beýan kylaly” diýip aýdylar. Tugra: “Ajap bolur” – diýip, gollaryga sazyn alyp, şahzadaga garap,
öz ilinden habar berip, bir söz aýdylar:
Gulak salyp eşit, aýdaý sözümin.
Bu inliň hiç kimden amany bolmaz.
Ankadyr soltany, men anyň gyzy,
Menden başga arzuw-armany bolmaz.
Şähri-Zingar diýrler, bir ajap jaýdyr,
Meň üçin salyngan türpe saraýdyr,
Adym Tugra, hunsum bir dolan aýdyr,
Elbetde, sözümniň ýalgany bolmaz.
Atam duşmanlaryn başyna eter,
Haýa kylma, başyň dyzymdan göter,
Ganymatdyr döwran, bir zaman öter,
Bir karada durgan zamany bolmaz.
Aga-iniň, iliň-günüň barmydyr,
Köňül bergen şirin diliň barmydyr,
Meniň dek açylgan gülüň barmydyr,
Bir golda goşa gül zyýany bolmaz.
Tugra aýdar, sözüm meniň pähm eýle,
Meniň ah-u pyganymdan wehm eýle,
Bir keniz men kabul kylyp, rehm eýle,
Mundan artyk sözüň beýany bolmaz.
Elkyssa, Tugra bu sözni aýgandan soň, ymam Muhemmet aýdylar: “Eý, berhudaýa, özüň
abraý bergeý sen. Bularnyň köňlüge rehm salgaý sen” – diýip, zar-zar ýyglap, köňli gamda, jany
sütemde bir söz aýdy:
Tugra, sözüm eşit, aýdaýyn başdan,
Sähranyň höwesi başyma düşdi,
Bir nyşana tapdym altyn-kumaşdan,
Bu yşkyň belasy başyma düşdi.
Bahadyrlyk dagwasyny kylardym,
Her ülkede niçe sagat durardym,
Nägehandan iller gezip ýörerdim,
Bir janan söwdasy başyma düşdi.
Durmanlarym zerer saldy janyma,
Tenha galdym, kişi gelmez ýanyma,
Rahşym boýan beýle gülgün ganyma,
Dünýäniň jepasy başyma düşdi.
99
Iki agam – mahy enwer dierler,
Agam adyň sorsaň Haýdar dierler,
Medine şährinde serwer dierler,
Garyplyk söwdasy başyma düşdi.
Meniň adym Muhammetdir, eşitgil,
Ýagşy aňlap, algyl, gulakga tutgul,
Bu meniň derdimniň dowasyn etgil,
Şum bagtym garasy başyma düşdi.
Elkyssa, melike Tugra bu sözni eşidip, şahzadaga garap, bir söz diýgeni bu turur:
Derdine derman bolaýyn,
Goýgul, şahzada gel imdi,
Her ne derdiň men alaýyn,
Ýyglama oýnap gül imdi.
Rastyňny sözlegil, kany,
Gurbanyň bolaýyn seni,
Keniz et özüňe meni,
Gulakga pendim al imdi.
Ýadyňdan çykargyl ýaryň,
Meni köp kylmagyl zaryn,
Her ne kylsaň ygtyýaryň.
Her niçik bolsaň bol imdi.
Pelekge çekmegil ahyn,
Ýar ekendir köňülhahyň,
Ýat etme menzil-u jaýyn,
Bu ýerni menzil kyl imdi.
Tugra diýr, düşdün elime,
Seýr etgil, ýarym, gülüme,
Tiliňni goýgul tilime,
Özüňe hemdem kyl imdi.
Elkyssa, Tugra peri sözlerni tamam etgenden soň, şahzada hem herne takdyryga razy bolup
olturdylar. Andan soň Tugra peri buýurdy, şahzadany mugapaýy-erfaga salyp, çarbagdaky köşge
alyp bardylar. Şahzadany içgeri girizip, andag perwa kyldy kim, şahzada zehimleriden gutulyp,
eneden ýaňy bolgandan täze boldular. Emma şahzada gyzyl gülge ogşap, hudaga töwekgel kylyp
ýörür erdiler. Emma Tugranyň bir kenizi bar erdi. Adyga Dam dier erdiler. Ol Tugra periniň
aşnezi erdiler. Ol zyýada lezzetli tagam bişirer erdi. Emma Tugra günlerde bir gün aýdy: “Eý,
Dam, bir lezzetli tagam bişirgil, şaed, şahzadanyň köňli açylyp, meniň birle tagam iýgeý” diýdi.
100
Dam: “Ajap bolar” diýip, permanyn tutup, çüsti-çäbük baryp, biraz aş taýýar kyldy. Weliken,
ene bir kenizi bar erdi we Dam biçäräniň kylgan işige şikest berer erdi. Elkyssa, Dam biçäre
tagamny taýýar kylyp goýup erdi. Emma kenizi näumyt bir tabak duzny alyp, Damny gapyl
tapyp, aşga saldy. Erse, Dam biçäre bihabar aşny tabakga salyp, Tugranyň aldyga geltirip goýdy.
Tugra tagamga gol urup, bir lukma aldy. Erse, tagam duz birle berpa bolgan erken. Goluny
tabakdan dartyp aldy. Buýurdy kim: “Damny urup öldüriňler”. Dam biçäräni andag urdular kim,
hasabyn alla tagala bilsin. Elkyssa, Dam biçäre taýýar zähmiden özünden gitdi. Tugra buýurdy
kim: “Gol-aýagyn baglap, daşgaryga taşlaň!” Andan soň Tugra peri şahzadany kyýamatlyk
okydy. Imdi Damdan söz aýdaly.
Elkyssa, Dam biçäre şunça urulmak birlen ölmeý, ajapdan aman tapyp, birniçe wagtdan soň
gözün açdylar. Görer kim, bagdan daşgaryda ýatyp turur. Tamam agzasy gana boýalgan turur.
Andan soň Dam biçäräniň köňlüge geldi: “Men niçe wagtlardan bäri jepa-mähnetler çekip,
hyzmat etdim. Ahyrynda meni şundag har-u zar etdi” – diýip, Tugra periden gile kylyp, zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglap, goluga sazyn alyp, Tugra perige garap: “Men seni şermende
kylmasam bolmaz” diýip, bir söz aýdy:
Birehim köňlünde ýokdur endişe,
Munça maňa neçün jepa eýlediň?
Maňa sud eýlemez, jepa ýetişse,
Janymny algaly ryza eýlediň?
Men seniň syryňny synama tutup,
Seniň üçin näler hunaba ýutup,
Baz-ahyr urdurdyň ýüzümden ötüp,
Halk içinde meni ryswa eýlediň.
Duşmanlyk eýledi bir perizadyň,
Istedim jan bilen husn-u jemalyň,
Suwardy gözýaşym kadd-u nahalyň,
Gözüň ýumup, menden iba eýlediň.
Duşmanlar hakymda kyldy ýamanlyk,
Aňlamaý bu syrny, kyldyň nadanlyk,
Meniň hem golumdan geler ýamanlyk,
Öz janyňa özüň jepa eýldiň.
Huda dergähinde tapdym amanlyk,
Sud eden işlerge gördüm zyýanlyk,
Men ýagşylyk kyldym, kyldyň ýamanlyk,
Imdi meniň bagtym gara eýlediň.
Gyz başyňa nä şerg işler başlanyp,
Aşyk bolduň bir oglany hoşlaýyp,
Dam ne kyldy bagdan daşda taşlaýyp,
Ölse-ölsün diýbän, rowa eýlediň.
101
Elkyssa, Dam bu sözni aýdyp, patyşanyň erkge garap, ýöriş kyldy. Baryp, galgaga girip, bir
hasap birle patyşanyň aldyga baryp, iki golun elip-lam kylyp, aýda turur kim:
–Eý, patyşahy-älem we eý soltany-ba kerem, şehriňde aman bol we tagtyňda soltan bol. Bir
kaşyk ganymny ötüň, bir arzym bar, aýda turur men – diýip, ýyglap durdy. Erse, patyşah aýdy:
–Eý, kenizek, aýgyl, meniň döwlet eýýamymda saňa kimden sütem etdi? – diýdi. Anda
kenizek aýdy:
–Eý, şahy-älem, arzymny aýtsam, gyzyň Tugra niçe günden bäri bir müjerred-bigäne ýigitni
tapyp, gije-gündiz aýş-u eşret kylyp turur. Eger şul sözüm ýalgan bolsa, meni saňsar kylyň –
diýdi. Emma şah Anka bu sözni eşidip, her tüýi naýzaýy-abdar dek bolup, donun deşip ötüberdi.
Welemma, uýalgandan ölmekge razy boldy. Andan soň aýdy:
–Eý, jellatlar, baryp, şol ýigitni gyzym Tugra birle tutup, meniň aldymga alyp geliň – diýdi.
Erse, Dam aýdy:
–Eý şahy-älem, ol ýigit bu jellatlarga baş bermez, liken, bir sözüm bar aýdaýyn, andan soň
ygtyýaryňyz – diýdi.
Erse şah Anka aýdy:
– Ne söz turur? – diýdi. Anda Dam aýdy:
– Eý, şahy-älem, eger şolarny tutar ygtyýaryňyz bolsa, men owwal gidip hyzmatynda bolup,
aşga däri bihuşny salyp, bihuş kylyp, andan soň kişileriňizge habar bersem. Şundag bir hile
kylyp tutsak, ýogsa müň bahadyr bolsa hem baş bermez – diýdi. Erse, şah Anka aýdy:
– Andag bolsa, ygtyýar sende turur – diýdi.
Erse, Dam leşgerniň içinden ýüz ellik bahadyrny alyp, özi aldyga düşüp, ýol başlap, baga
bardy. Andan soň Dam bu bahadyrlarny bagyň daşgarysyda goýup, özi kenizekleriň arasyga
girip olturdy.Andan soň kenizekler baryp, Tugradan günähin diläp aldylar. Andan soň Dam
betbagtny alyp bardylar. Ýüz mekir birle Tugranyň aýakyga ýüzün sürtüp, uzup kyldy. Tugra
peri sadalyk kylyp, ene owalky dek aşhanasyda goýdy.
Elkyssa, andan soň Dam diýgen betbagt ene Tugraga aş birle boldy. Aşny taýýar kylyp, däri
bihuşny salyp, şahzada birle Tugranyň aldyga geltirip goýdy. Andan tamam be tamam kenizlerge
aş çekdi. Elkyssa, her kim şol aşdan iýdi, erse, bihuş bolup ýatdy. Şahzada birle Tugra hem bir
lukma aldy. Müň ýylky ölük dek bolup ýatdylar, anyň üçin kim, alarnyň aşyga därini köp salyp
erdi. Emma Dam näumyt bularny bihuş kylgandan soň, özi daşgaryga çykyp aýdy: “ Eý,
bahadyrlar, gelerweriňler, tamamyn bihuş etdim” – diýip. Andan soň tamam bahadyrlar gelip
baga girdiler. Andan soň köşge girip, şahzada birle Tugra perini baglap, boýunlaryga gyl salyp,
patyşanyň aldyga ykjamlap alyp geldiler. Emma şah Ankanyň gözi düşgeç, reňki mutagaýýer
boldy. Bilinde bir hanjary bar erdi. Gyzy birle şahzadany ykjamlap, “Ýaryp taşlagaýyn, dostduşman bilmesinler” diýip topuldy. Erse, patyşanyň bir weziri bar erdi kim, aýdy:
– Eý, şahy-älem, patyşah bolgan jemagatga adam öldürmek lazym ermes. Emir kylyň, jellatlar
öldürsiň – diýdi.
Patyşaga by söz makul boldy, buýurdy kim:
–Eý jellatlar, ikisiniň hem derisige saman dykyp, derwezeden asyňlar, görene göz bolsun –
diýdi.
Erse, jellatlar “Ajap bolar” diýip, ikisini alyp çykdylar. Emma Tugranyň bir apasy bar erdi.
Jellatlarga aýdy: “Bir zaman sabyr kylyň, atamga bir keleme sözüm bar” diýip, atasy ýanyga
girip gitdi. Baryp, iki golun elip-lam kylyp, aýdy:
– Eý, şahy älem, bir sözüm bar, arz etgeli geldim – diýdi. Erse, patyşah aýdy:
– Ne arzyň bar? – diýdi. Tugranyň apasy aýdy:
102
– Pederi-mähriban, şol ýigit birle Turgany ölümge buýurgan eken siz. Tugradan hiç
perwaýymyz ýok, welemma şol ýigitniň peýşanasyny ýagşy görer men. Bu suratlyg ýigit haly
bolmasa gerek. Eger şol ýigit älemde manendi ýok bir bahadyr turur ýa bolmasa şahzada turur.
Hälä bihuş turur. Eý, pederi mähriban, hiç bolmasa huşyga gelginçä goýuň, huşyga gelsin, asly
zatyny sorap, ne haly baryny biliň dagyn, andan soň ne iş kylsaň kyl. Binägäh bir bahadyr bolsa,
ýa bir şahzada bolsa, soňy puşeýman bolar, size peýda kylmaz – diýip arz kyldy. Erse, şah
Ankanyň gahary aýdak teskin tapyp, aýdy:
– Andag bolsa, jellatlarga kişi iberiň, gaýgarsyn – diýdi.
Erse, Tugra birle şahzadany gaýtaryp haremhanaga aldylar. Şahzadany Ankanyň aldyga alyp
geldiler. Şahzadany kapyrlar görüp, haýran boldular. Huş başlarydan uçdular. Şo wagta ymam
Muhammetniň keýpietleri-gidip, kem-kemden huşyga geldiler. Binägäh, gözüni açyp gördüler,
degrelerini sansyz kapyr alyp turur. Tamamy golunda amudyn guçup olturar. Emma şahzada
dogrusyga garasa, törde bir kapyr tagtyň üstünde olturypdyr. Başynda kulahy-zerrin, egnide
jameýi-surh, sakgalynyň her muýyga bir merweridni zynat üçin asyp turur. Emma şahzada biçäre
aýdylar:
“Eýa toba, bu ne syr boldy! Hudawende, ene meni niçik belaga giriftar kyldyň? – diýip, bu
jaýlarga düşgenige, ata-ene, hyş-tebarydan aýrylganyga zar-zar ýyglap, pelekden şikwa-şikaýat
kylyp, goluga sazyn alyp, bir söz aýdy:
Köňlüm şat olmady senden bir zaman,
Duşman aldy degre-daşymny, pelek,
Mysapyr erlerde eýlediň haýran,
Kapyrlar bitgirer işimni, pelek.
Kapyrlar ählini ygtyýar edip,
Ilimden aýrydyň bidiýar edip.
Ankanyň damyna giriftar edip,
Gül ýüzüme döküp ýaşymny, pelek.
Niçik şiwe eýläp, aklym aldyrdyň,
Bendi-zynjyr aýagyma saldyrdyň,
Janym alyp, arman bile öldürdiň,
Garyplara goşup läşimni, pelek.
Jebr-u jepa erer daýyma işiň,
Hile-tezwir turur barça kylmyşyň
Gapyl tapyp ahyr bitgerdiň işiň,
Awy goşup berdiň aşymny, pelek.
Şahzada diýr, gamda köýdürdiň meni,
Uçar ganatymny gyrdyrdyň meni,
Zeýnelarap ýardan aýyrdyň meni.
Uzak saldyň haýl-u hyşymny, pelek.
103
Elkyssa, şahzada bu sözni aýdyp bolgandan soň, başlaryny göterdiler. Hudany ýadyga salyp,
kapyr tarapyga garap durdular. Kapyrlar arasyga gowga düşdi. Şahzadaga aýdylar:
– Eý, beçje, halyň şol ermesmu, niçik biler sen özünni? – diýdiler.
Anda şahzada aýdylar: “Eý kapyrlar, men özümni şir, sizlerni pudepaý bilermen. Ne peýda,
şirni bir hile birle tutup sizler. Eý, kapyrlar, hezreti-Adamdan bäri şunça bahadyr ötüp turur we
patyşah ötüp turur. Hiç kim mundag nämakyl işni kylgan ermesdir”. We ene şahzada aýdylar:
“Sizlerniň özleriňiz ne bolgaý sizler, patyşaňyz ne bolgaý?” diýip, bir zor kyldylar, kement
üzülmedi. Ol wagt şahzada biçäre başlaryn koý saldylar. Şol wagt kapyrlar muny görüp, aýda
turur kim:
– Elhezer, elhezer! Bu kudek şundag bentniň içinde ýatyp howp etmez, eger bu sözlerni aýda
turur bolsa, tarapsyz pähliwan turur ýa bolmasa şahzada turur – diýip, haýran galdylar.
Tamamy –sypahylar howatyrga düşdüler. Andan soň şah Anka şahzadanyň bu sözüge zowky
gelip, aýdy:
–Eý, ýagşy ýigit, kaýdan gelip we kaýda barar sen? Beşermi sen ýa peri? Rast aýgyl – diýdi.
Anda şahzada aýdylar:
–Eý, şahy-älem, meniň adym ymam Muhammet turur, atam hem bir şäherde halypa turur,
özüm güýjümge ynanyp, pähliwanlyk talap kylyp çykyp erdim. Hudanyň hasty birle gelip,
sizlerniň bendinizge giriftar bolup men – diýdi.
Erse, kapyrlar bu sözni eşidip “bu ne bela erdi” diýip, her kaýsy bir ýana gaçdylar. Andan soň
özlerini togtadyp, şah Anka aýdy:
– Eý, juwanmert, eger mendinelik bolsaň, Aly diýgen bir är ermiş. Any bilermi sen? Eger
bilseň, bizlerge şonuň halydan habar ber – diýip, şahzadaga garap, bir söz aýdylar. Gör-bak
näme diýr:
Anka: Senden sowal sorsam, merdana ýüzlim,
Medinede bir är nyşany barmyş?
Bilsaň beýan etgil, azada sözlim,
Ýowuz günde Rüstem anany barmyş?
Şahzada: Menden jogap eşit, eý şahy-Anka,
Şähri Medinäniň soltany bardyr,
Ady Aly, çykar her ýana tenha,
Söweşmäge Rüstem anany bardyr.
– Kimdir kylan bahadyrlyk dagwasyn,
Ilden-ile salyp uruş gowgasyn,
Ol ne atdyr sözlär, tanyr eýgesin,
Özi ýaňlyg sahypkyrany barmyş?
– Aly eýlär bahadyrlyk dagwasyn,
Ilden-ile salar uruş gowgasyn,
Düldül aty sözlär, tanyr eýgesin,
Zülpükary, sahypkyrany bardyr.
– Sözlemişdir ene hekaýat kylyp,
Hudany bir diýmiş, rowaýat kylyp,
Muhammet dinine delalat kylyp,
104
Pygamberi-ahyrzamany barmyş?
– Alydyr sözleýir niçe kelama,
Huda birligige bitipdir nama,
Barçany delalat eýlär yslama,
Pygamberi-ahyrzamany bardyr.
– Ol kimsedir bir bahadyr uruşsa,
Naýza alyp, meýdan era duruşsa,
Nägehandan anyň birle göreşse,
Şiri-jahan bolsa amany barmyş?
– Aly birle hiç kim uruşa bilmez,
Aldynda hiç kimse duruşa bilmez,
Menden özge hiç kim göreşe bilmez,
Şirir-jahan bolsa amany bardyr.
– Anka aýdar, ýagşy görüp bildiňmu,
Anyň birlen dest-u bazu kyldyňmu,
Güýç-kuwwaty ene bilip aldyňmu,
Müň batman amudy-gerany barmyş?
– Şahazada diýr, meni ýykany ýokdur,
Ýykyp, synam üzre çykany ýokdur,
Ruhsaryma ala bakany ýokdur,
Müň batman amudy-gerany bardyr.
Elkyssa, şah Anka birle şahzada bu sözni aýdyşyp bolgandan soň, patyşah özün tagtyndan
taşlap, şahzada gadamyga düşüp, aýdy:
– Eý, şahzada, Tugra gyzym hem sizniň keniziňiz bolsun, özüňiz perzendim boluň – diýip,
köp nowazyş kyldy we ene aýdy: “Eger Aly gelse, anyň birle dest-bazu kylarmu sen?” diýdi.
Erse şahzada aýdylar.
– Elbetde, kylar men – diýdi. Erse, patyşah aýdy:
– Andag bolsa tagtymny täjimni berer men we maly-mülkümni, yklym-welaýatymny size
tabşyrdym – diýdi.
Erse, olturgan mähremler aýdy:
– Eý, şahy-älem, meger sen diwana bolup sen ýa seni jadylap turur, anyň üçin bu kudekni
görmeý-bilmeý niçik tagt-täjiňni berer sen? Eger muňa tagtyny berer bolsaň, Biperwa bahadyrny
geltirsinler. Anyň birle tutuşsyn. Biperwaga takat geltirse, andan soň bilermiz, Aly birle
tutuşgany rast turur. Eger tap geltirmese, mekkar turur, ýurdumyznyň ýagşy-ýamanyny bilmege
gelgendir – diýip, patyşaha bu olturgan mähremler geňeş berdiler. Andan soň patyşahga bu söz
makul boldy. Şahzadaga aýdy:
– Eý, juwanmert, bir pähliwan bardyr, adyga Biperwa diýrler. Alynyň owazasyn eşidip,
talabyga üç ýyl boldy, zynjyr kylyp, bakyp goýupmyz. Eger zynjyrdan halas bolsa, älemge bir
105
zamanda şuryş salar. Eger tarypyn aýdar bolsak, kyýamatgaça tükenmez erdi. Imdi sözni kötä
kylaly – diýdi.
Erse, şahzada başlaryny ýerden götermediler. Mähremler aýdylar:
– Eý, şahy-älem, bizlerniň sözümiz hiç wagtda ýalgan çykgan ermesdir, weliken, bu ýigitniň
dersin soýup, saman dykyp derwezeden asmak gerek – diýip, her kaýsy bir duşman kyldylar.
Andan soň patyşah şahzadaga garap, aýdy:
– Eý, kudek, Alyny görüp, tutuşdym diýgeniň rast bolsa erdi. Eger rast bolsa, mundag erge
garap olturmas erdiň, ýalgan erken – diýdiler. Erse, şahzada başlaryn göterip, aýdylar:
– Eý, şahy-Anka, patyşah bolgan jemaga bir sözden gaýtmas erdi. Mähremleriň sözüge garap,
gowlundan döndün. Imdi şul gün hudanyň takdyry birle seniň bendine giriftar bolup men. Eger
şol aýtgan bahadyr birle tutuşsam hem öldürer sen, tutuşmasam hem öldürer sen. Şundag
pähliwan bolsa, alyp gelsinler, tutuşaýyn – diýdi.
Elkyssa, kapyrlar patyşahnyň emri birle ýüwrüp baryp, Biperwany zynjyrdan bikär kylyp, sag
ýanyndan etmiş kapyr, sol ýanyndan her etmiş kapyr tutup, Ankanyn aldyga alyp geldiler. Erse,
patyşah wezir-wekilleri birlen jaýlaryndan turup, orun berdiler. Andan soň Biperwa bahadyr
aýdy:
– Eý, patyşahy-älem, ne hyzmat boldy? – diýdi. Erse, patyşah aýdy:
– Şundag bir kudek gelip turur. “Men Medinelik men” diýr. “Aly birle göreş tutdum, Aly
meni ýyka bilmedi” diýr. Munuň şol sözi birle tagt-u täjimni berer boldum. Anda mähremler
aýdylar: “Eý patyşahym, bu kudekniň sözüge ynanyp, tahtyňny bermegil, Biperwa bahadyrga
kişi ibergil, ikisi tutuşsyn, andan soň ne haly bar bolsa, bilip bir iş kyl” diýdiler. Anyň üçin seni
geltirdik, ine, kudek birle göreş tutasen – diýdi.
Erse, Biperwa bahadyr bu sözni eşidip, şahzadaga garap, aýdy:
– Eý, kudek, tutarmu sen? – diýip, bir nagra urdy, zemin-zaman lerzana girdi. Emma
şahzadanyň hem genige titretme düşüp, bikarar boldular. Weliken, berdi içinde jemg etraplary
demir birle mäkäm kylyngan, esiri-bendi-kapyr bolup, mysaly kapasdaky toty dek saýrap,
hudany ýat edip, aýdy: “Hudaýa, ýarymny görmeý ölsem, armanly öler men” diýip, zar-zar, çün
ebri-nowbahar ýyglap, hudaga mynajat kylyp, bir söz aydy:
Eý, hudaýa, uşbu gün jansyz öler men, wadaryg,
Bendi-kapyrlarda, meýdansyz öler men, wadaryg,
Rahşymny sürmeý ki jöwlansyz öler men, wadaryg,
Dünýäde bi bezm-u döwransyz öler men, wadaryg,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Ady Haýdar, şiri-dergähi-ylahydyr lakap,
Bolsa gamhorum bolardy kany ol käni-edep,
Bu belalarga ýolukdym, bilmedim nedir sebep,
Ýaşlygymda köňlüm algan erdi ol Zeýnelarap,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Uşbu müşgil gün Aly atlyg hyrydarym kany?
Hem Hasan birle Hüseýin ol iki dildarym kany?
Kimge aýdaý halymy ol eneýi-zarym kany?
Ol urug-akrabaýym, hyş-u tebarym kany?
106
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Munça kapyr kast edipdir uşbu misgin janyma,
Rehim kylmazlar, gulak salyp çeken efganyma,
Waý, Aly atlyg huda arsalany gelmez ýanyma,
Ýyglamaý neýleý ki köňlüde galgysy armanyma,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Eý sypatyň, zaty-päkin kylhu allahu ahat,
Men sygyndym ysmatyňa üşbu gün kylgyl medet,
Dergähiňden üşbu gün misginniň dogasyn kylma ret,
Hamdyňy aýdar Muhammet binehaýat-biedet.
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Elkyssa, bu sözden soň Biperwa bahadyr şahzadaga garap aýdy:
– Eý kudek, bizniň bilen göreş tutarmu sen? – diýdi. Şahzada öz hapalygy birle hiç dem
urmadylar. Andan soň Biperwa bahadyr şah Anka garap, aýdy.
– Eý patyşahym, şol kudekniň sözi birle maňa kişi iberip, bu erge gelturermisiz. Bu oglannyň
başyna işdüşüp, ödlümden halas bolmak üçin aýdyp turur, “Men Biperwa bahadyr birle tutuşar
men” diýr. Imdi aýtgan sözlerige puşeýman kylyp turur. Kaýsy akyl kişi şol kudekni Biperwa
bahadyr birle tutup, ühdesiden çykardylar. Bahadarlyk dagwasyn kylyp, kişi birle tutuşmak asan
ermesdir. Hususan, biziň dek bahadyr birle bu kudekniň tutuşmagy muhaldyr – diýip, köp-köp
lap urdy. Erse, şahzada başlaryny göterip aýdylar:
– Eý kapyr, hälä ne iş kyldyň, munça lap urar sen, heniz tutuşmasaň, meniň kuwwatym baryýoguny bilmeseň. Meniň birle “Tutar men” diýgeniň rast bolsa, bäri gelgil – diýip, bir zor
kyldylar. Erse, baglap goýgan kementleri para-para boldy. Andan soň şahzada mest düe dek
kükräp, meýdana ýöriş kylyp, aýdylar:
– Eý Biperwa kapyr, gelgil tutuşar bolsaň – diýdiler.
Erse, Biperwa hem dergazap bolup, jaýyndan turup, Ankadan patyha alyp, Lat-Menatdan
medet tiläp, ýüz-müň şan-u şöwket birle şahzadaga garap, ýöriş kyldylar. Meýdannyň bir
başynda şahzada durup we ene bir başynda Biperwa durup, bir-birlerige hemle kyldylar. Anka
şah birle wezir-wekil, umara-fuzala, şah-geda hem ýedi ýaşardan tä ýetmiş ýaşargaça tomaşaga
çykyp, meýdannyň başynda durdular. Andan soň şahzada birle Biperwa bahadyr bir-birige penje
saldylar. Biperwanyň penjesige şahzadanyň penjesi galyp geldi. Andan soň gollaryny birbirinden jyda kylyp, dest bu giriban tutup alyşdylar. Biperwa şahzadaga garap, aýdy:
– Sen owwal zor kyl – diýdi. Anda şahzada aýdy:
– Biz nobatny kapyrlarga berermiz, owwal sen zor kyl – diýdiler. Andan soň Biperwa bahadyr
şahzadanyň giribanydan tutup, bir zor kyldy, tebrete bilmedi, iki zor kyldy, tebrete bilmedi, üç
zor kyldy, anda hem bolmady. Otuz iki emeliniň bolanyny synanyp gördi, bolmady. Ahyr
şahzadaga aýdy:
– Eý, kudek, meger aýagyň ýedi gat erin astynda tururmu? Meniň şul zorumda çynar hem
bolsa damary birle goparar erdim, seni tebrete bilmedim – diýdi.
Erse, şahzada aýdylar:
– Eý, kapyr, seniň köňlüňde zerre arman galmasyn, zor edibergil – diýdiler.
Erse, Biperwa bahadyr aýdy:
107
– Eý, kudek, mende hiç nobat galgany ýok, imdi nobat senden turur – diýip durdy. Andan soň
şahzada dergazap bolup zor kyldylar. Dyzlarygaça göterdiler we ene bir zor kyldylar,
başlarygaça göterdiler we ene bir zor kyldylar, gol ujuga alyp, aýlandyryp-aýlandyryp, “Ýa
hannan, ýa manan, ýa Resul alla, allahu-ekber” diýip erge urdular. Tamamy-ustyhanlary gerdgerd bolup, jany melekil-möwt bazaryga gapgan-terezi alyp, duz salmaga gitdi.
Andan soň, şahazada mysaly-ot dek bolup gyzaryp, kapyrlarga hemle kylyp, bir başdan
gyryberdiler. Emma kapyrlar bu halny görüp, her kaýsysy bir ýana gaçyberdiler. Ene kapyrlar
aýdylar:
– Eger adam nesliden bolsa, Aly turur, eger Aly bolmasa, Alyga mysal pähliwandyr ýa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 08
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.