Latin

Baba Röwşen dessany - 18

Total number of words is 3908
Total number of unique words is 1950
16.3 of words are in the 2000 most common words
24.2 of words are in the 5000 most common words
29.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýip, nalyşga girdi. Emma nalyşyga daglar seda berse, bitakat bolup erdi. Atasy eşidip,
perzendiniň halyny digergun görüp, ymamasyny başydan alyp, mysaly murgy-sähergäh nalyşga
girdi we gündizi mysaly gije boldy we: “ Waý, “Mejnunym, balam, belakeş, dilefkarym, balam,
ýalguzym, saňa kimniň gözi degdi, sen bu now belaga giriftar bolduň, waý azyzym, perzendim,
nury-çeşmim, ýüregimniň mydary, balam, tä ki mundak bikararlyk kylyp ýörüp sen, saňa kim
sowuk hor kylyp erken, bu mübtelalykdan çykmas sen we melamatdan gutulmas sen we hiç
zaman ýar gamydan we elemiden harmadyň we hiç nepes tagnasydan we ene: “Eý perzent, bu
gylyk we bu efal ýaşlykda zynat berür, imdi ulug bolup sen, bu kirdaryň begaet aýyp turur, Leýli
ýaryň biwepadyr, anyň üçin munça köýüp-ýanyp, uwalgyp, harlyk tartyp ýörmegil!” diýip, pendnesihat kylyp, bir gazal okudy:
Çekme munça jepalarny ýar üçin,
Biwepadyr Leýli, guzym, aldanma.
El uzatma gül diýp ýanan nar üçin,
Algyl meniň pend-u sözüm, aldanma.
255
Owwal mährin köňlüň içre jaý eder,
Myradyňny bermek üçin paý eder,
Ahyr işiň perýat ile waý eder,
Galam gaşym, gara gözüm, aldanma.
Hasrat ýutup, gan aglamak sendedir,
Jepa çekip, rahat görmek kandadyr,
Rakyplardan tagna çekmek mendedir,
Menden geçip, ryzk-u rozum, aldanma.
Gurban bolaý perýadyňa, dadyňa,
Ömrüm etdi, men düşmedim ýadyňa,
Biwepany alma köňül şadyňa,
Nownahalym, serwi näzim, aldanma.
Ýaşadykça gyz-oglany ýaş bolur,
İl agzyna anyň syry paş bolur,
Biwepanyň köňli gara daş bolur,
Şunkar guşum, laçyn-bazym, aldanma.
Ýagşy ýaryň köňli ajap hoş bolur,
Sagat ötmeý bir-birine duş bolur,
Aşyk diýgen göýä uçar guş bolur,
Bagym güli, pasly-ýazym, aldanma.
Seýit diýdi, Mejnun,gaýdyp ýolundan,
Ýüz öwürme kowum-gardaş, iliňden,
Gurban olam, bir ykrar et tiliňden,
Algyl sözüm, tutdum ýüzüm, aldanma.
Emma Seýit Beni Amyry bu warsakyny tamam kyldy. Irse Mejnun hatyry-perişan atasydan
bu sözni eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap: “Eý şahy- älem, eý waý, mahy-muslemim,
waý, asmany- şyhuhy-arap, seniň haky-dergahyň sejdeýi-maksudym, kyblaýy-mesjudym durur,
meniň bul köýgen janymga, para-para bolgan ýüregimge sen merhem agtarmagyl, maňa takdyryezelden şul bolsa, men ne çäre kylaýyn, tä men didardan doýmasam, diwanalykdan aýrylmas
men” diýip, atasyga garap, arzyny aýdyp, bu mustezadny aýtur erdi:
Eý kyblagähim, hökmi hudawend çenindir,
Kysmatga ryza bar.
Öz aldyga ýol başlamagy her kime kyndyr,
Ýol salmasa jepbar.
Ne çäre kylaý bagty gara, täleýi kem men,
Döwran işi tähsin.
Diýmäň meni diwanaýy-biakyl çenindir,
Ser tä serim efkar.
Ýalguz men imes mähneti-gamy-hasta bolgan,
Köpdür ýüregi gan.
Her erde sewgilik guly apatga ýakyndyr,
256
Hem bagrydadyr har.
Ger etse golum, çarhy-pelek atyny tutsam,
Köňlüm höwes eýlär.
Muhtar ola bilmes, “An” ýa eýlese “ In” dir,
Eý şahy-wepadar.
Bihuda kim irgen özün otga salyp algan,
Bi kysmat-u takdyr.
Hah çarhy-pelek astyda, hak ziri-zemindir,
Ansyz imes Ulker.
Bul jany-garyp ataşy-yşk içre ýanadyr,
Hahy hoş-u nähoş.
Ýogsa meniň köňlümde gam-u gussa dügündir,
Men munça giriftar.
Mejnuny-sütemkeş adym il agzyga düşgeç,
Kesbim meniň perýat.
Öz halyma goý, käbäm atam, köňlüm dyndyr,
Men gamga sezawar.
Emma Mejnun bul mustezadny tamam kyldy. Irse, atasy zar-zar ýyglap, nalaýy-pygan çekdi
we tarafy-tegabolda Mejnuny-aşufta ahwal hem nowhaýy-zary tüzdi.
Elkyssa, muhteser hiç alaç we tedbir birle ýolga salyp bolmaz we ene özüçe bu endişäni
kylyp, ýalgan hekaýat birle alyp baraýyn diýip, meramytab Mejnun atasy bir gazal okudy:
Ýör, Mejnun, öýge baraly,
Ajap bezmi-döwran olmuş.
Aşrat üçin oturaly,
Leýli bize myhman olmuş.
Her tarap çeşmeler akdy,
Duşman yraga byrakdy,
Leýli bag seýrine çykdy,
Gül açylyp, handan olmuş.
Hak özi berdi myradyň,
Ýygyşdyr ah-u perýadyň,
Leýli tutmuş seniň adyň,
Mähribanlyk nyşan olmuş.
Ýar seniň gadryňy bildi,
Bezmiňe Mine egildi,
Söwdügiň görmäge geldi,
Maksadyň bes rowan olmuş.
Hiç kuwwat barmu janyňda,
Ataň zar ýyglar ýanyňda,
Dost aşraty mekanyňda, –
Seniň zowkuň pygan olmuş.
257
Elkyssa, andan soň Seýit Beni Amyry Mejnuny öz halyga goýmady. Emma Mejnun bu sözni
eşitgeç, jaýydan biygtyýar turup, atasy aldyga düşdi. Emma Seýit Beni Amyry bu hile birle
Mejnuny-hatyry perişany alyp, öz menzilge ýörüýberdi we hanedan dostlaryga eltip goşdy we
ene şahy-Mejnunnyň mübärek aýagyga zynjyr salyp goýdular. Emma hyş we tewarlary
Mejnunnyň bu ahwalyny görüp, zar-zar ýyglaşyr erdiler we anyň ah-u nalasyga tap we takat kyla
bilmes erdiler. Elgaraz, bara-bara Mejnunnyň yşk höwesi zor kylyp, bendi-paýyny üzüp, we
rehi-beýan çykyp, çarh urup bedreh gitdi we tiriklik apaty ötüp, renji natuwanlyk birle yşk
odudan hajaty kerem bolup: “Waý, Leýli, waý, Leýli!” diýip, zar-zar ýyglap, çöllerde gezer erdi.
Bir gün Nejd dagynyň damanasyga baryp, çün şir-u her ahwah tartar erdi we ene goluga
daşlardan alyp, synasyga gürse-gürse urup, Leýliniň çadyryga bakyp, birniçe aşygana sözler
aýdyp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bu gazalny okudy:
Eý kerim-u lemezel, saldyň maňa bul haly-hoş,
Dary-dünýä içre bedriň maňa bul ykbaly- hoş,
Jism-u janym köýdürip, yşk oduga kyldyň kebap,
Tä bişenden, gözlerimden boldy gan enzaly-hoş,
Şunça hem bolsa zyýada, eýle derdi-mähnetim,
Derbe-der Leýli köýünde eýlegil abdaly-hoş.
Näzperwerlik erür Leýlige lazym zibi-hub,
Derdi-enduh-u pyrak, hijran maňa her haly-hoş.
Mejnunnyň naryga ýutmak gussaýy-huny-jiger,
Sürmesa-göz, zülpi-şeb reň, Leýli ýüzde haly-hoş.
Emma Mejnun bu gazalny okup, nefir tartyp, hoş urar erdi we bir tarapdan halaýyk enbuhenbuh ýygylyp, tomaşa kylmak üçin Nejd tagyga baryp, etrafyny alup erdiler we her nadere
gazaly ki andap eşidip, ýat alur erdiler, sahypa, sahypa we depter kylyp okyr erdiler. Elgaraz,
kem-kem Mejnunnyň şöhraty afak älemge ýaýyldy we anyň yşky eser kylyp, hemme aşyklar
bähremend boldular.
Emma şahy-Mejnunny Nejd üstünde goýuň, oltursyn, imdi bir-iki keleme sözi Leýliden
eşidiňler kim, emma Leýliniň enesi oşol gün kim edep saraýydan mane kyldy, külbeýi-ahzanyda
bolup erdi. Kem-kem aňa hem yşk höwesi zor kyla başlady we ah tartyp ýörür erdi Elgaraz,
enesi desti-nigary-jan guzarydan tutup, öýüge girgüzip, nesihat birlen gyzyny olturgyzyp, bir söz
diýdi:
Nesihatym saňa söýgüli janym,
Köýme, guzym, jebri-yşka sabyr eýle,
Köňül hoşum, tende ruhy-rowanym,
Jiger suzum, jebri-yşka sabyr eýle.
Sabyr eýle, girişme ah-y perýada,
Ömrüň gülün berme hazanly bada,
Aşyklar sabrydan etdi myrada,
Bir ýalguzym, jebri-yşka sabyr eýle.
258
Köp nala eýleme, nyganyň artar,
Ahyň şerarasy jahany örter,
Tahammyl kyl imdi, köeniň eter,
Nerkes gözüm, jebri-yşka sabyr eýle.
Tawakkof eýlegil, eýleme nala,
Gözde ýaşyň kylma mysaly jala,
Tagaýýor bermegil gül dek jemala,
Enwer ýüzüm, jebri yşka sabyr eýle.
Eneň pyganyňa döze bilmedi,
Kysmat-u takdyryň ýaza bilmedi,
Nary oýnap-gülüp geze bilmedi,
Algyl sözüm, jebri-yşka sabyr eýle.
Emma Leýliniň enesi bu jowapny aýdyp, tamam kyldy we liken Leýliniň bu now belaga
giriftar bolganyga zar-zar ýyglar erdi. Irse aradan birniçe sagat ötdi, Leýli dilaramnyň yşky
hetden aşa başlady. Elkyssa, Leýli dilaram mesti-biygtyýar bolup, zary-nezar ýyglap, enesige
arzy-nyýazyny aýdyp, bir söz diýdi:
Arzym eşit, mähribanym, jan enem!
Azyz başyň, meni ýardan gizleme.
Hasrat çekip ýutadyr men gan, enem!
Goý, baraýyn, meniň yzym yzlama.
Bilbil uçdy, gül şahasy boşady,
Otlug ahdan gaty köňül ýumşady,
Jydalykdan jismi-janym joşady,
Mundan artyk ýürek-bagrym duzlama.
Goýgul, enem, ýarym istäp baraýyn,
Ýar jemalyn ene doýa göreýin.
Atam bilse, özüm jowap bereýin,
Ýakmaz sözi, enem, maňa sözleme.
Sabr eýlesem, suw dek erip akmynam,
Ýar ýolunda günde müň ýol bakmyşam,
Merdi-meýdan yşk ýoluna çykmyşam,
Tiriklikden imdi meni gözleme.
Leýli perýat edip, bagry ezilir,
Galam gaşy, gara gözi süzülir,
Ot tutaşyp, köňül mülki bozular,
Hijran okun köp eýlebän tizleme.
Elkyssa, Leýli dilaram bu gazalny tamam kyldy. Irse enesi zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap:
“Eý Leýli jan, gözümniň röwşeni, waý, köňlümniň mydary, balam, meni bisýar azurde kylmagyl,
men ne çäre kylaýyn kim, arap kabylasy bisýar namy-neň, ar talap tururlar, benägäh ataň bu
259
halyňny eşidip, urup-ýaryp, janyňňy azurde kylmasyn, awazyňny çykarmagyl, syrymyzny kişi
bilmesin” diýip köp nesihatlar kyldy. Emma sud kylmady. Elgaraz, Leýli: “ Eý enejan, hiç
bolmasa bir sagat meni goýgul, mekdepge baryp, mollamga we duganalarymga salam berip,
görüp geleýin, menden başga gyzlar mekdepde okuýdyrlar, hiç kim melamat kylmaýdurlar”
diýdi. Irse enesi: “ Eý Leýli jan, zynhar mollaň we duganalaryň birlen hergiz bir-iki keleme
sözden zyýat sözleşge hyýal kylma, benägäh ataň bilmesin” diýip, rugsat berdi. Irse Leýli
dilaram başyga çadyr salyp, halaýyk gözüden ýynhan özüni ýaşyndyryp, Mejnuny- binowany
istäp, göýä uçar guş dek bolup, edep saraýyga bardy. Mekdepge baryp, mollasyga garap, salam
berip, tagzym kylyp, gördi kim, hemme oglanlar edephanada ylym okyrlar, olarnyň arasynda
Mejnun ýok durur. Elgaraz, takaty tak bolup, şerm-u haýany taşlap, Leýli zar-zar ýyglap,
ustadyga bakyp, Mejnunny soraglap, bir söz aýdy:
Mollam, size arz eýläýin,
Köňlüm algan ýarym kany?
Birniçe bolgan hemnişin,
Mejnun dilefkarym kany?
Şul erdi mekdephanasy,
Ol şemg, men perwanasy,
Aşyklarnyň diwanasy
Aşufta etwarym kany?
Gülzary janymyň güli,
Bagy-dilimniň bilbili,
Kim kowlady ol bidili,
Biçäreýi-zarym kany?
Ýok erdi asla hemdemi,
Juz nalasydan mähremi,
Dagy-dilimniň merhemi,
Sergeşte dildarym kany?
Men jisim, ol ruhy-rowan.
Men bir post hem ol ustuhan,
Dem-dem çekip ah-u pygan,
Gan ýutgujy ýarym kany?
Kylmakga geldim merhaba,
Ol ýar janymgadyr dowa,
Didämge goýsun gerdi-pa,
Ol totuýa kärim kany?
Leýli diýdi bagt ötmesin,
Duşman ýolumny tutmasyn,
Çöller adaşyp gitmesin,
Waslym talapkärim kany?
260
Emma Leýli dilaram bul sözni tamam kyldy. Irse, ustady-tarykat zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, gözüňden şeş katar ýaş jary bolup Leýli hem perýat birle nowha tüzdi we edep
saraýynyň içi çeşmi-silaby birle doldy. Ahyr al emr ustady-tarykat Mejnunnyň hasby-halydan
şemme beýan kylyp, Leýli dilaramga bir muhammes okudy:
Bolgaly jyda Mejnun güli-bagy-hareminden,
Her ýan ýügürir erdi Mesihaýy-deminden,
Umyt edibän waslyňny lutfy-keremiňden,
Sergeşde gezer her sary söwdaýy-gamyňdan,
Awara bolupdyr seniň-Mejnun-elemiňden,
Bilmez kişi anyň watany kaýsy güzergäh,
Bes saýasydyr mähremi kim hemdemidir ah,
Kim kaýsy görüstanga tikildi aňa hargäh,
Ne tuşe alypdyr, ne tutup raheleýi-rah,
Awara bolupdyr seniň-Mejnun-elemiňden,
Birniçe zaman erdi işi nalaýy-efgan,
Janlar talaşyp gyssa bilen waleýi-haýran,
Bagyrda jerahat, gözi girýän, özi nalan,
Ne atai ne hem ene anyň derdige derman,
Awara bolupdyr seniň-Mejnun-elemiňden,
Yşk perdesini aldy, ýüzden gitdi haýasy,
Janyga düşüpdir ki, bar älemniň belasy,
Kaýdan etipdir, bilmem, anyň aby-nowasy,
Başyda anyň murgy-beýabannyň uýasy,
Awara bolupdyr seniň-Mejnun-elemiňden,
Alym diýdi: yşksyz kişi bir demi ura almas,
Mejnun garyp reňňini hiç kimse göre almas,
Takaty ýitiripdir, elem aýdyp, tura almas,
Bir adamydan rahy-wysalyň sora almas,
Awara bolupdyr seniň-Mejnun-elemiňden,
Elkyssa, Leýli mollasydan bu sözni eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap: “Waý,
Mejnun, waý Mejnun!” diýip, ahy-aşygana tartyp: “Waý, ýary-wepadarym, biz ikewge kimniň
gözi degdi erken, bir-birimizden jyda bolduk” diýip, bihudalyk ruý berip ýykyldy we özüni
bilmeý ýatur erdi.
Emma Leýli gideninden soň enesiniň ýüregige howul düşüp, Leýliniň arkasydan
mekdephanaga baryp gördi kim, Leýli bihuş bolup ýatypdyr. Enesi Leýliniň başyny göterip,
dyzynyň üstüge alyp, ýüzüge telmuryp zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bitakat bolup, bir söz
diýdi:
Owwal başdan rugsat alyp,
Gelip erdiň güle meňzäp.
Kimden seniň köňlüň galyp,
Ýatmyşyňlar sile meňzäp.
261
Çarhy-pelek oň ýörmedi,
Hiç kim döwranyn sürmedi,
Alla myradyň bermedi,
Talaň düşen ile meňzäp.
Gurbanam galam gaşyňa,
Gözden akan gan ýaşyňa,
Istäp geldim men başyňa,
Nalyşym bilbile meňzäp.
Mest-u mestana ýatyp sen,
Neden bu hala etip sen,
Näge özüňden gitip sen,
Sözle, balam, bala meňzäp.
Sen erdiň aby-haýatym,
Bilmesin ulus uýatym,
Bolurmy gamdan nejatym,
Ýansam,öçsem küle meňzäp.
Elkyssa, andan soň Leýliniň enesi bul sözlerni aýdyp ýyglar erdi. Nägäh Leýli gözüni açyp
gördi kim, başyny enesi dyzynyň üstüge alyp ýyglap olturyp durur. Emma Leýli enesini bu halda
görüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz aýdy:
Köýme gyzyňnyň halyga,
Kysmaty hak tagal eken.
Barça muhubbet ählige
Bolmagy uşbu hal eken.
Yşk ählige zaman-zaman,
Nala-ýu, nowha-ýu, pygan,
Ewji-pelekdedir heman,
Ýagşyga şul kemal eken.
Kuhy-şejerde köp jepa,
Aby-nowasydyr wepa,
Ähli zamandan bela,
Tapgujy now nahal eken.
Bihabar ähli dil ferag,
Dagy-dile yşk ähli dag,
Ähli-şeref ýalaň aýag.
Geýgeni köhne şal eken.
Leýli gamy-jahan bilen,
Ýok işi jism-u jan bilen,
262
Gülni görüp, tiken bilen,
Ikisi paýymal eken.
Elkyssa, andan soň gyzyny öz halyga goýmaý, töwellaýy-bisýar bilen öýüge geltirdi. Emma
Mejnun yşky Leýlige andan zor kyldy kim, gije-gündiz, subh-u şam, belki, ala ad-dowam haýma
we hargähden çykyp, “Waý, Mejnuny-dilefgarym!” diýip, Mejnunyň ýoluga garap, her tarapga
bakar we ýügürir erdi. Elkyssa, birniçe gün mundak ruzgär geçirir erdi. Elkyssa, bu röwüşde
kuruk post we ustuhan bolup erdi. Liken, bul meratybda heddi-belagatga etişdi. Irse ýüz hesse
husny-melahat peýda boldy. Husny-melahat hublarynyň nik we hublarydan boldy we letafet
bostanynyň hublarynyň şehinşehi boldy we tamam magşuklarnyň serdepderi boldy, ruhsary Aý
birle Günden merat ala başlady. Emma owwalkydan müň dereje yşky zyýada boldy. Şul
rakkatlardan gijeler Mejnunnyň hasby-halydan söz aýdyp, ýyglar erdi. Emma gün-günden derdielemi zyýada bolup erdi. Emma bir gije säher wagty Leýliniň ýüzüge bir şemal ösüp degdi. Irse
ol şemaldan bedeni andak rahat tapdy, emma Leýli zar-zar ýyglap, ol şemalga garap: “Meniň
arzymny ýaryma etgirgil” diýip, ol şemalga ýalbaryp, bu muhammesni okudy:
Eý bady-sada, arzym gülzaryma etgirgil,
Çöllerde watan kylgan bimaryma etgirgil,
Bagry toly gan, köňli azaryma etgirgil,
Söwdaýy-gamym –barsaň,bazaryma etgirgil,
Zynhar bu salamymny gül ýaryma etgirgil.
Hunaby-jigerimden nagş eýlegeýin defter,
Şaed ki okyp görse ol Mejnuny-dilefgar,
Yşk ählige duşgan ýok Mejnun kibi bir hoşter,
Men bendeýi-ajyz men, Mejnun ki şehi– safder,
Zynhar bu salamymny gül ýaryma etgirgil.
Gelsin bu taraplarga, mekkaralygyn goýsun,
Derdimge dowa eýläp, biçäreligin goýsun,
Wagşy-u beýabanga gamharlygyn goýsun,
Sergeşteligin taşlap, awaralygyn goýsun,
Zynhar bu salamymny gül ýaryma etgirgil.
Men munda elem birle bagrym eredip galdym,
Bir suraty-didar dek dermany gidip galdym,
Jananadan aýryldym, aklym unudyp galdym,
Jan halgyma gelipdir, ölmäge etip galdym,
Zynhar bu salamymny gül ýaryma etgirgil.
Hunabaýy-gam guýdy saky doly jamymga,
Sal imdi gulagyňňy, zynhar, bu kelamymga,
Mejnun gelibän imdi etgirse bu kamymga,
Liken bu kelamymny ol kaddy-horamymga,
Zynhar bu salamymny gül ýaryma etgirgil.
Elkyssa, Leýli dilaram bu sözlerni aýdyp, zar-zar ýyglar erdi. Emma bu sözlerni eşitgen we
görgen oglanlar bitip alyp, baryp, Mejnun dilefgarga berir erdiler. Mejnun bu sözlerni eşidip,
263
dert-elemi täze bolup we ataşy-yşky zyýada bolup, birniçe aşygana sözler aýdyp, zar-zar ýyglar
erdi. Ol birniçe aşygana söz bitip.Leýlige iberir boldy.
Bu gün serwi gülendamym, kaddy newres kyýam etmiş,
Gadam bir-bir basyban seýri-gülşenge horam etmiş.
Giriban gam aralap, bady-subhy aşmyş üstüden,
Nesimi birle Mejnun hastasyga bir salam etmiş.
Okyp görgen eşitgen sözlerin arzuw eýlär,
Ne hoş gündür, nigarym, näz ile şirin kelam etmiş.
Çykyp tam üstünden etgen salamy geldi gaşymga,
Oşol kim hury-jennet bagy-gülşende makam etmiş.
Diýdi Mejnun Nary hasby-halym fähm edip Leýli,
Ajap bir namaýy-tawiz ile köňlün aram etmiş.
Emma Mejnun bul söz birle we ene hem birniçe bediheler ýazyp, Leýlige iberdi. Mollada
Mejnun birlen okugan oglanlar Mejnunnyň aýtgan sözlerini ýazyp, ýat kylur erdiler we Leýlige
baryp elter erdiler. Leýli hem görüp, hatlaryny posa kylyp, gözlerige sürtüp, aýtur erdi. “Eý
Mejnuny-zarym, waý, ýary-wepadarym, dilefgarym, seniň näzik gollaryň şul kagyzlarga
degendir” diýip, zar-zar ýyglar erdi. Elkyssa, Leýliniň yşky gün-günden efzün bolup, renjur
boldy.
Bir gün Leýliniň enesi: “Eý, Leýlijan, birniçe duganalaryň birlen seýri-çar bag barsaň, şaed
köňlüň açylyp, renjurlygyň tesgin bolgaý, damagyň täze bolgaý” diýdi. Atasy Leýlige bir hub
nahalystan bina kyldyryp erdi. Zyýada çarbagy-dilkeş erdi. Elgaraz Leýli birniçe dohtory-beççe
we näzeniň perweş mah laka gyzlar birlen çarbaga baryp,tomaşaýy-seýri gülüstan kyldylar.
Gördüler, kim, reňbe-reň gülle açylyp, çeşmeler her tarapga akyp barur erdi we ene her haýsy
her terzi janawerler öz jübti birlen fahş kylurlar, sebzeler we desteýi-bergler üstünde oýnap, aýşu aşret kylur erdiler we ene sebzeýi-peýhanlar we gül-sünbüller horram bolup, deste bergler
güllerge çyrmaşyp ýaturlar.
Şukuflar daragtyň astynda mysaly näzeninler pyýalaýy-meý içip, keremi-meýdan ýüz
gyzardyp, gülüp dururlar we gadam astyndaky gara toprak gülleriniň jemalyga mutarra salgan
we sebzeleriň nowhyzlary zümerret amiz, bolup, täzeýi-ter bolgan we benefşelerniň baş egiltirip
durgany mysaly dilrubalary kim, zulplerini goýaberip, yşwaýy-näz birlen oýnagan wagtynda
aýagynyň ýüzüge düşgen mislik, gunçalaryny garasaňyz, kemer ustuwar kylyp, tikenlerge okýaýdan peýkan tartgan mislik. Arguwanlarny görseňiz, reg urup, jismi gyzyl ganga boýalgan
näzeninlerniň bedenige ogşaş we nerkesleri mysaly Dilrubalar kim, ýaňy ýatyp, uýkuga
doýmaýyn bidar goýganga ohşaş, sünbülleri seri-nafesini eşip, jahany muatter kylyp we gül aňa
gol uzadyp duranga ohşaş. Şemşatlar özüni darakga arasta kylyp, käkillerini daragaýyn diýip
durur we sünbüllerni garasaňyz, tokuz tilini çykaryp, uzr-magzur aýdyp duran ýar-ýarga ohşaş
we murgy-hoşhanlary til çykaryp, bagnyň yşkydan bir-birewge awaz goşup, nala-ýu-perýat
kylgan gedalarga ohşaş. Fahterler çynar üstüge gonup, ýar tarapydan hadys aýdyp olturgan
içlilere meňzär. Bilbiller gül buteleriniň içiden başyny çykaryp, sir käni mejnunwar ah-u pygan
tartanga ohşaş. Emma Leýli alarny görüp, aýtur erdi: “Bu janawerler, serwisünbüller we
semenler her kaýsy öz jynsy birlen hemdem we hemzar bolup ýörürler, men näge ýarym birlen
264
hemdem we hemzar bolmas men” diýip, ýyglar erdi. Nägäh, Leýliniň gözi bir bilbilge düşdi,
görer kim, gül şahasynda perýat we pygan kylur we nala tartar. Leýli ol bilbilni özüge hemzar
kylyp, aýtur erdi: “Eý, janawer, seniň nalyşyň ajapdyr, näge munça perýat-pygan kylur sen kim,
gije-gündüz olturyşyň gül birlen bolsa, sen näge nalaýy-pygan kylur sen, dagy-hijran mendedir”
diýip, bilbilge bir söz aýgany bu turur:
Bilbil, nedür munça ah-u efganyň,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Gülden jyda ermes seniň nehanyň,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Perwaýyň ýok seniň sag-u sol bilen,
Hepde-u, günler-u, aý-u, ýyl bilen,
Olturyp sen bagda gyzyl gül bilen,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Mende durur Mejnun dagy pyragy,
Guryp galdy ýar diýp jismim bulagy,
Aýagyň astynda gülüň ýaňragy,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Perýat etme wagty-hazan imesdir,
Wysal günüň ruzy-hijran imesdir,
Gul jemaly senden pynhan imesdir,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Men ýyglar men gözden ganly ýaş guýup,
Sabyr etmiş bagrym üzre daş goýup,
Sen durar sen gül üstüne baş goýup,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Heddiň ýokdur men dek köýüp ýanmaga,
Aýralyknyň şerabyna ganmaga,
Ganatyň bar seniň uçup goýmaga,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Muşty-por sen, jism-u janym eretme,
Köp ýyglaýyp gül diýp, özüň har etme,
Leýli aýdur jiger-bagrym ýara etme,
Ne ýyglar sen gül pyraky bolmasa?
Elkyssa, andan soň Leýli bilbilgen bu sözni aýdyp, bul çemenden özge bir çemenge bardy.
Garazy bul erdi kim, gaşyndaky gyzlar bir erge galsa, özi tenha galyp, Mejnun hasby-halydan
söz aýdyp ýyglasa, emma gyzlardan jyda bola almas erdi. Elgaraz, gyzlarga aýdy: “ Eý,
duganalar, her kaýsylaryňyz gül çemenden gül alyp, güldesseler baglaň, kany göreliň, kimiň güli
ýagşy görünir!” diýdi. Andan soň gyzlar her kaýsysy bir çemenge gül tirgeli gitdiler. Elkyssa,
265
Leýli gyzlarny bir tarapa iberip, özi tenha galyp, bir güli-buteniň tekige girip, Mejnunny ýoklap,
zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap, bu gazalny aýtur erdi:
Sen üçin seýri-bag etdim, gel eý, ýary-wepadary,
Mynasyp men saňa erdim, maňa sen, sen sezawary.
Myrady-dil ikewge bir seýri-bag-u wostan etsek,
Bir adam bolmasa habar saýamyzdan özge jandary.
Ne bolgaý erdi alsaň dagy-derimni ýüregimden,
Eýa, eý serweri-aşyk heman şeh şehinşalary.
Feragat tapa almam ýyglarga hasby-hal aýdyp,
Ne perwaý maňa bagy-Erem-u firdöwsi-gülzary.
Meni Leýli sergedany-elem awaraýy-haýran,
Huda, ýarymyň bolgaýmykan waslynyň mukdary.
Elkyssa, andan soň Leýli bu sözlerni aýdyp, gözüniň ýaşy birlen çemenistan güllerige suw
sepip, zülpi-tabdary gereh baglap, benefşe dek tab berür erdi. Nafesi gunça güllerden paç alur
erdi we pelek çemeniden hyraç talap kylur erdi. Bu bostanga gadam goýsa, nesim birlen güller
açylur erdi we her güle gol uzatsa, şemşat, serwi we semen ragnaýy-ziba her reň güller “Leýli
meni alsyn hoşlap” diýip, kad-kamatlaryn ýazar erdiler. Ene sebzeler we reýhanlar hoş we
horram bolup erdiler we Leýliniň aýagynyň astyga paýmal bolup erdiler. “Leýli meniň üstümge
gadam goýsun” diýip, özlerin düşedip, durar erdiler.
Emma Leýli bu meratebde seýr kylyp ýörür erdi, nägäh bir rahgüzer çaharbagynyň
daşgarysynda Mejnunnyň bu gazalyny aýdyp oturdy. Emma Mejnundan örgenen mustezady bu
turur:
Şemşad kaddyň tufa gülüstanga düşüpdir,
Eý Leýliýi – ragna.
Göýä ki gözüm jenneti – ryzwanga düşüpdir,
Eý kamaty ziba.
Mejnunny belakeş elemiňde sütemiň bar,
Bagryga urup daş.
Näzik bedeni hary-mogeýlanga duşupdyr,
Awaraýy-sähra.
Leýlide heman näz-u eda lutf-u letafet,
Ryzwany-hury ýaňlyg.
Ahy bere kim, sebzeýi-reýhanga düşüpdir,
Görgene tomaşa.
Mejnun başyga bişi uçup, ony gonadur,
Guşlar uýasydur.
Nei wehim anyň jismidäki janga düşüpdir.
Agzydaky “Leýla!”
Leýli aýagyn sowsan-u sünbül öpeýin diýp,
Başyn ere urdy.
Mähri höwesi Ýusuby-Kenganga düşüpdir,
Göýä ki Züleýha.
266
Dagy-dili – Mejnunga hiç kim çydaý almas,
Pişanasy kattyg.
Zowka anyň kim, wahşyýy-beýabanga düşüpdir,
Hem bi ser-u bipa.
Bir rehguzeri ýat alyban uşbu gazaly –
Mejnunny okur erdi.
Ýagşy gazaly ýagşy gazalhanga düşüpdir,
Pürgam-u dil derýa.
Emma Leýli Mejnunnyň bu gazalyny eşidip, tomaşaýy-çaharbagdan geçip, zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglar erdi. Çemenistan janawerleri bitakat bolup, nalyşga girdiler. Elkyssa, Leýlige
Mejnunnyň yşky zor kylyp, bihuş bolup ýykyldy. Niçe müddetden soň huşuga gelip, mestbiyhtyýar öýüge geldi, erse enesi gördi kim, Leýliniň dert-elemi ýüz hesse owwalkydan zyýada
bolupdyr. Enesi sorady: “Eý, Leýli jan, çaharbaga baryp, seýr kylyp, dilşatlyg tapmadyňmy?”
diýdi. Anda Leýli zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, enesige bul gazalny aýtur erdi:
Bag seýrine bardym dilşat bolaý diýp,
Dagy-derdim gaýta boldy zyýada.
Ýüzüm açdym gülge hijran salaý diýp,
Ene bilbil bilen düşdüm perýada.
Gün-günden artadur ah-u perýadym,
Hijran sili ýykdy jismi-binýadym,
Hasyl bolmas bag seýriden myradym,
Meger imdi öler boldum jepada.
Bilbil guşun gülzarynda zary bar,
Köňli söwer göz aldynda ýary bar,
Ýüregimde bu hijranyň nary bar,
Bilmen, niçik gün görer men dünýäde.
Baga bardym, bardyr gülüň wepasy,
Başdan aşdy aýralygyň jepasy,
Janym aldy her bir guşnyň nedasy,
Çyn aşyklar daýym derdi-belada.
Hijr odudan gül dek ýüzüm sargardy,
Yşkyň ody meni jandan doýgurdy,
Leýli aýdur nerkes gözüm garardy,
Şirin deýin galdym gamy-Perhada.
Elkyssa, andan soň, Leýli bu sözlerni aýdyp, perişanlygydan külbeýi-ahzanyga girip olturdy.
Liken bu elem birlen gün-günden renjurlygy zyýada bolup, enesige zar-zar ýyglap, aýtur erdi:
“Eý, ene, men bu elem birlen öler men, derdimge dowa kylmaň, meniň ganymga atam birlen sen
galur sen” diýip, ýyglar erdi. Gözüden karta-katra ýaş ornuga gan akar erdi we jigergähinden
ahy-ateşin tartyp, haýma we hargählerni köýdürer erdi.
Emma Leýli çaharbagdan çykyp gele durganda, arap kabylasyndan Esed ibn es-Salam diýgen
bir ýigit bar erdi, zyýada ziba ýigit erdi, atasyna Abdus-Salam diýp erdiler, zyýada gani267
döwletmend erdi. Leýlini görüp, anyň tipi-yşky Esed ibn es-Salamnyň synasyga jaý bolup,
atasyga kişi iberdi. “Atam maňa Leýlini alyp bersin, ýogsa öler men” diýdi. Elgaraz, Esed ibn esSalamnyň sözüni Abdus-Salamga aýdyrlar, Abdus- Salamnyň hyş we tebarlary we akrabasy
zyýada köp erdi. Elkyssa, Abdus-Salam hemme jem kylyp: “Seýit Beni Amyry gyzyny oglumga
bersin” diýip, Leýliniň atasyga sawçylykga iberdi. Anda Leýliniň atasy hem jemagasyn jem
kylyp, maslahat etdi. Emma Leýliniň jemagasy ygtyfak olup, maslahat kylyp, bu umydny kylur
erdi kim, “Leýlini Esed ibn es-Salamga fatha kylsak, şaed ki, Mejnunny unutsa” diýip,
aralarynda sawçylar gatnaşyp, kadalaryn berjaý kylyp, Esed ibn es-Salamga Leýlini fatha
kyldylar. Emma Leýli eşidip, ýüregige daş urup, gül dek bedenini para-para kyla başlady.
Elgaraz, goluna hanjaklap-abdar alypi özüni öldürmekçi bolganda, enesi gujaklap tutup,
goýmady. Ahyr tylla zynjyr birlen mäkäm kyldylar – özüni nabud kylmasyn diýip, Elgaraz,
naçar Leýli öz zülpi dek piç-u tabga tüşdi, bi hab-u hur we bikarar bolup erdi. Külbeýi-ahzanyga
girip, olturdy, köňlüde Mejnun, didesi pürhun, owwalkydan ýüz hesse elemi zyýada bolup, efgan
kylur erdi.
Emma Mejnun bir gije tüýşüge girip: “Eý, ýary-wepadarym, rakyplar rehine salmasdan burun
tiz etişgin” diýip gaýyp boldy. Irse, Leýli syçrap turup, ahy jigergähiden tartyp, bendi-paýga zor
kyldy, alaç kyla bilmedi. Ahyr nalaç bolup, zar-zar ýyglap, olturdy we nalyş kylyp, bir söz diýdi:
Yşk damyga meni eýleýüp esir,
Zyndan kyldyň ýadty jahanym meniň.
Aşyklar iline işiňdir jepa,
Bir sagat elemden etmediň reha,
Sansyz belalara eýläp mübtela,
Bul derde tapylmas dermanym meniň.
Leýli işi pygan bilen, ah bilen,
Gussa ýutmak nala çekip wah bilen,
Safa aýdyp Nary-Mejnun şah bilen,
Sagata goýmadyň döwranym meniň.
Emma Leýli dilaram bu warsakyny aýdyp, tamam kylyp, külbeýi-ahzany-hyşmyga girip
olturdy.
Imdi Mejnundan söz eşidiň kim, emma Mejnun Kuhy-Nejdniň damanasynda Leýliniň
pyrakynda ýyglap ýörüp erdi.
Şol asyrda Nowfyl atlyg bir padyşa bar erdi, zyýada sahyby-adalat we sahyby-şejagat, ählipehliwan erdi, suraty-leşger şeken, şir terkib, tagatperest padyşa we mähri-gazel w eşiri-gazap
adam erdi. Benägäh şikar kylyp, wahşy agtaryp ýörüp erdi, Mejnun aldydan çykdy. Gördü kim,
bir diwana nalaýu-perýat kylyp ýörüp erdi, derdi-hasrat başyga urup, renjur we garyp, berýaban
gumlaryn başyga saçyp, gurbet we mähnetzede dost-ýardan, muhyblardan aýrylgan we hyştebardan jyda bolgan, dert-elemlerge duçar bolgan we duşman kämige karyb ýörüp turur.
Elgaraz, padyşanyň ol diwanaga gözi düşdi. Irse bu ahwalyny görüp, rehmi gelip, bir
hyzmatgärige “Alyp gelgil!” diýip buýurdy we ene “Bul biçäre ne sebäpden mundak bolupdyr,
munuň ahwalyny bile durgan kişi barmu?” diýdi. Emma anda Zeýt atlyg adam bar erdi: “Eý,
şahy-alem, eý soltany-ekberim, munuň ahwalyny men ýagşy bilur men, munuň Mejnun diýrler,
Leýli diýgen gyza aşyk durur” diýip, Nowfyl padyşaga garap, bu gazalny okudy:
Eý şahy-jahan, aşyky-Mejnun şuny diýrler,
Şurideýi-ryswa, dili-pürhun şuny diýrler.
268
Magzy-jigerin ataşy-gam birlen eretgen,
Rahaty kem-u mäheti efzun, şuny diýrler.
Hömülpeti guşdur anyň, hemsöhbeti wahşy,
Köňlünde elem, harmany-mahzun, şuny diýrler.
Diwana-arap mülküde bir türpe gazalhan,
Mestanaýy-derýa dili-Jeýhun, şuny diýrler.
Her gün uruban Leýli üçin gögsüge müň taş,
Gurbatzedeýi seňi-felahen, şuny diýrler.
Perhat kibi zähmi-teber jismge urulgan,
Öz gany birlen jamasy gülgün şuny diýrler.
Zeýt aýdy: jahandan tamasyn jandan üzendir,
Bigabir-u lahad zendeýi-medfun şuny diýrler.
Elkyssa, Zeýt bu sözlerni aýdy. Erse Nowfyl bisýar rehim dil adam erdi we köňli herm bolup,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 19
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.