Latin

Baba Röwşen dessany - 14

Total number of words is 3963
Total number of unique words is 1770
21.4 of words are in the 2000 most common words
31.3 of words are in the 5000 most common words
37.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Bir aý möhlet berdim. Waý, eger düýşümnin tagbyryn bilmeseňizler müň para kylar men, –
diýip, dergahar boldy. Hemme lerzaga girdiler. Hiç kim alajyn tapmady. Barça tagbyrçylar
ölümge razy boldular. Birniçe eýýam ötdi, erse sakynyň ýadyga düşdi kim, zyndanda Ýusup
düýş görgenleriň wakasyn ýorup erdi. Herne aýtgany bolup erdi. Bu sözni saky Mälik Ryýanga
beýan kyldy. Mälik Ryýan sakyny iberdi.
–Bargyl, bu düýşümniň wakasyn andan soragyl – diýdi. Saky zyndanga baryp, hezret
Ýusupnyň aýagyga ýykyldy.
–Magzur tutuň, eý, päkizat. Sizleriň mübärek sözüňiz ýadymdan peramuş bolgan erken. Ene
hem bir düýş gördüm, eknun hyzmatyňyza geldim – diýip, köp magzurdarlyk kyldy. Ýusup
sordy kim:
–Ne düýş gördüň?
Saky beýan kyldy. Ýusup aýtdy:
–Bu düýş seniň düýşüň ermes, meger Mälik Ryýanyň düýşi bolgaý – diýdi. Saky bu
keramatny görüp, ene aýaklaryna ýykyldy, aýtdy:
–Nazaryňyz bar bolsun. Bu düýş Mälik Ryýan gördi. Hiç kim tagbyryn bilmedi. Mälik
Ryýan: “Barçany öldürer men” diýip gazap kyldy. Andan soň siziň aýtganyňyz ýadymga geldi.
Ýusup aýtdy:
–Munuň tagbyryn hiç kim bilmez. Bilse hem aýda bilmez. Ýedi semiz sygyr – ýedi ýyl
dokçylyk bolar. Andag aýş-aşretde bolarlar kim, hemme il parahat bolar. Andan soň ýedi ýyl
andag bolar kim, asmandan karta hem düşmez, erden giýa gögermez. Derýalaryň suwy gurar.
Andag açlyk bolgaý kim, hemme halaýyk “eljuk-eljuk” diýip, jan berurlar. Anyň tetärigin hiç
kim bilmez. Meger pakyr bende biler – diýip, sakyga bir-bir beýan kyldy. Saky baryp, Ýusupnyň
tagbyr aýtganyn Mälik Ryýanga beýan kyldy. Erse, Mälik Ryýanyň içige ot düşüp, bikarar
boldy.
–Men munuň alajyn niçik görer men – diýdi. Patyşa aýtdy:
–Eý, saky, bargyl, oşol bendini alyp gelgil, täki özüm agzyndan eşideýin – diýdi. Saky çüstiçäbik zyndanga rowana boldy. Baryp, Ýusupga aýtdy:
–Patyşa sizni istär. Öz agzyňyzdan eşiter, täki köňli jaý bolgaý – diýdi. Ýusup aýtdy:
–Elhal, iş ulug turur. Mälik Ryýan ýaşlyk kylar. Kyrk ýyl bolup turur, men zyndanda ýatar
men. Ol hakykat patyşa bolsa erdi, elbetde, meniň dadyma eter erdi. Meni ne günä birlen
zyndanga salgan eken. Hakykata etsin. Günä mende tururmy ýa Züleýhada tururmy? Ol bäş
hatyndan sorsun. Eger günä mende bolsa, öldürsin. Ýok eger günä Züleýhada bolsa, onuň
dadyga etsin – diýip gaýtardy. Saky baryp, patyşaga bir-bir beýan kyldy. Patyşa Züleýhany we ol
bäş hatyny çyrlap, sordy. Erse, “Hemme günä Züleýahda” diýip, güwälik berdiler. Züleýha hem
günäsin boýnuga alyp, uzup aýtdy. Mälik Ryýan Züleýhaga maksadynça mal berip, talak kyldy.
Andan soňra sakyny ene iberdi.
–Ýusup tiz gelsin – diýdi. Saky baryp, bu datny beýan kyldy.
Aýtdy:
–Sizni patyşa istär. Muştak jemalyňyz turur.
Ýusup aýtdy:
–Eý, saky, bu iş ulug turur. Bargyl patyşaga aýtgyl, biziň bilen köp kişi zyndanda hemra turur.
Olarga hem rugsat berse, barçamyz birden çykarmyz – diýdi. Saky baryp, bu jogapny aýtdy.
200
Mälik Ryýan bildi kim, Ýusup zyýada akyl we dana turur. Patyşa özüniň at-serpaýyny Ýusupga
iberdi. “Gelsin” diýdi. Ýusup aýtdy:
–Men atly bolsam, bu biçäreler pyýada bolsa, niçik laýyk bolur – diýip, ene iberdi. Saky
baryp aýtdy. Mälik Ryýan müň kişige müň at serpaý iberdi. Zyndandakylar hemme erden at
minip, serpaý geýip, Ýusup alaýhys-salamny ortaga alyp, misli aftap dek ýüzi-älemni röwüş
kylyp, görgen kişiniň akly haýran bolup, dep we tekawerli ýöriş kyldylar. Mälik Ryýan
Ýusupnyň aldyga pişwaz çykyp, etmiş türli til birlen sowal kyldy. Ýusup barça sowlayga jogap
berdiler. Mälik Ryýan täsin we aperin galdy. Hergiz mundag näzenin pglan görgen ermes men –
diýip, salam berdi. Ýusup salamyn alyp, patyşaga bir söz gatdy. Mälik Ryýan bu sözüge
düşmedi. Haýran galdy. Mälik aýtdy:
–Bu ne til turur?
Ýusup aýtdy:
–Bu kengany tili turur – diýdi. Patyşa baryp, görşüp saraýyga düşürdi. Mälik Ryýanyň altyn
tahty bar erdi. Ýusupga altyn tahty yşarat kyldy. Ýusup tahta çykyp olturdy. Birniçe sözden soň,
Mälik dahdah ornunda oturyp, düýşni beýan kyldy. Ýusup düýşni ýorup aýtdy:
–Ýedi ýyl parahat bolgaý. Koý birle gurt bir erden suw içip, koý üstünde torgaý
ýumurtgalagaý. Andan soň, ýedi ýyl andag açlyk bolgaý kim, aýdyp rast gelmez. Meger anyň
alajyn enşaalla, biz pakyr görermiz – diýgeç, Mälik Ryýanyň huşy başyndan gidip aýtyd:
–Eý, Ýusup, bu Müsürni we täji-tagtymy we mal rahtymny saňa tabşyrdym – diýip, zar-zar
ýyglap. Mälik Ryýan haýran bolup, bu gazalny okar erdi.
Eý, Ýusup jan, adyň olsun-Müsür ezizi patyşa,
Hyzmatyňda biz duraly gije-gündiz majera,
Ger mübärek tahtym olsun garrygynça elmydam,
Bar halaýyk ulug-kiçi sanjar başga zer jyga.
Şatry aldyňda ýörmüş, zynat eýläp buý kibi,
Ardyňa tazy erdip, öň golunda garçga.
Günbe-gün olsun zyýada zynat ile şöwketiň,
Ak ýüzünden bark uraýdy talgat nury huda.
Uşbu düýşüm wehmiden zahfyr bolupdyr ýüzüm,
Eýläňiz gelgen belany başymyzdan siz jyda.
Ol Züleýha töhmetinden köp jepa kyldym size,
Ne dierem magşar güni bolsa eger ruzy-jeza.
Toba kyldym dergähiňde afu edip magzur tut,
Paýy-gerdiň ýüzüge sürtüp, Mälik ruýy-syýa.
Elkyssa, Mälik Ryýan tagtu-täç, memleket patyşalygyny Ýusupga tabşyrdy. Ýusup kabul
kylyp, Müsür şährige patyşa boldy. Ýedi ýyl parahatda boldy we eşretde boldular. Ýedi ýyldan
soňra Ýusup jar kyldylar. “Hiçbir haly er goýmaňlar. Her dürli tohumlar salyňlar. Galla perewan
201
bolsun. Gahatçylyk belasy ýakyn gelip turur” diýgeç, Müsür halky daýhançylyk bisýar kyldylar.
Ýusup şähre-azym bina kyldy, anbar hanalarny gala bilen doldurdy. Burçunda ýüz kişi
muwakgel goýdular. Bu röwüşde ýedi ýyl tamam boldy. Ýusup ene munady kyldy:
Mälik Ryýan sordy:
–Niçik peýda bolur?
Ýusup aýtdy:
–Ýarym gije hemme eriňizden tursaňyz, aç bolup turar sizler. Eger jahanyň tagamyn iýseňiz
doýmaz sizler. “Eljug” diýip jan bergeý siz. Andan soňra erden giýa gögermez, derýalaryň suwy
gurar. Birew-birewge mähir we muhapbet bolmaz, birew-birewge mähir we şepagat galmaz.
Andag bolgaý kim, aýtyp rast gelmez – diýip, Ýusup beýan kyldy. Nägäh ýarym gije erdi. Mälik
Ryýan erinden aç bolup turdy. Aldyga aş-nan geldi. Iýdi, doýmady, supra we sanaç, kädi-kuşel,
destmady. Ahyry “Wa nedamata!” diýip, sapaýdan daşgary çykdy. Görse, hemme Müsür halky
top-top bolup, birew-birewge ýapyşyp, misli köpek dek hüjüm kylurlar. Ýusupnyň aldyga gelip
pygan göterdiler. Ýusup olarny görüp munajat kyldy.
Ýusup bildi kim asmandan katra nem düşmedi. Ýerden giýa gögermedi, tamam derýalaryň
suwy gurap, hemme dal-daragtlar gurdy. Halaýyk andag wehimde boldy kim, iýip-içip
doýmadylar. Owwalky ýyly tamam gallalaryn iýdiler. Anbarhanalar boş galdy. Ikilenji ýyly
tamam tirik mallaryny iýip, owkat kyldylar. Üçülenji ýyly tamam altyn-kümüşlerini iýip, owkat
kyldylar. Dördülenji ýyly tamam mal we esbabyn satyp, owkat kyldylar. Bäşilenji ýyly oglanuşagyn satyp, owkat kyldylar. Indi arada bir ýyl galdy. Alty aý Ýusup halaýykga özleri nafaka
berdiler.
Indi sözi Züleýhadan eşidiň. Ýusup zyndandan çykyp, patyşa bolganyndan soňra, Züleýha
Ýusupdan gorkup, ene bir erde pynhan bolup oturgan erdi. Bir gün Züleýha aýtdy:
–Ne bolgaý Ýusupnyň mübärek jemalyn görsem,
Ene bir arzymny beýan kylsam – diýip, Ýusupnyň dergähine rowan boldy.
–Dad men, perýad men! – diýip, perýad urup, nala kyldy. Ýusup eşidip, çagyryp aldy.
Züleýha dahdah ornunda olturyp, aýtdy:
–Ejba, bu ne hikmet turur. Patyşalar geda boldy – gedalar patyşa boldy – diýip, bu jogapny
aýtar erdi:
Ajap pelekniň gerdişi
Çeşmim nabyna kyldy.
“Ýusup” diýip, gije-gündiz
Eziz ömrüm eda kyldy.
Gözümde galmady nury,
Sütem kyldy pelek döwri,
Bu ne hesret, bu ne jebri
Ýolunda mübtela kyldy.
Tenimde galmady kuwwat,
Çekip yşkynda ýüz hasret,
Ýusup jan bir zaman, pursat,
Eşit, bagtym gara boldy.
202
Men erdim şa hursande,
Ýusup erdi maňa bende,
Niçe ýyl dagy-yşkynda,
Garybu – binowa kyldy.
Züleýha dagu-hasretde,
Hemişe derdu-mähnetde,
Ýusup jan aýşu-aşretde
Züleýhany geda kyldy.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtdy. Erse, Ýusup sordular:
–Kim turar sen, mundag jogaplarny diýr sen?
Züleýha aýtdy:
–Bir dagy-elemli, gaýgyly-gamly, jepakeşli, gözi ýaşly Züleýha bendäň turur men – diýip,
zar-zar ýyglap, çün ebri-nowbahar ýaňlyg perýat etdi.
Ýusup aýtdy:
–Andan bäri kaýda erdiň?
Züleýha aýtdy:
–Wagty ke sen zyndandan çykyp, patyşa bolduň, men gorkup, er teýinde gezdim. Eknun ýaňy
geldim – diýgeç, Ýusup aýtdy:
–Züleýha tagam alyp geliňler, her niçe myradynça iýip doýsun – diýdi. Züleýha aýtdy:
–Men garyp bolup turur men. Terki-tagam bolup turur men – diýip,Züleýha öz jaýyga
gaýtdylar.
Hudawende, garyp biçärelerge,
Terahhym eýle köňli paralarga.
Ýaratdyň katradan bendeleriňňi,
Nazar kyl lutf ile bimaralarga.
Göterdim ýüz tutup iki bilekni,
Kabul eýle, hudabende, tilekni,
Götertgil nebatet ähli çeçekni,
Döküp rahmet bu seňgi haralarga.
Bolupdyr halymyz teň şahy-älem,
Kabul eýle meniň perýady-nalam,
Behak hormaty öwlady-adam,
Rehim kyl, biz garyp-bimaralarga.
Be hak Idris,Nuh pygamber,
Babam Ybrahym, Yshak ruhy-perwer,
Atam Ýakup nebi şahy-suhanwer,
Olar haky üçin nazar kyl nalalarga.
203
Elkyssa, Ýusup alaýhys-salam bu manajatny okydy. Erse, Ýusupnyň gulagyga bir seda geldi:
“Her günde bir mertebe jemalyň görseler, halaýyk mest bolup, aş-nan iýmek ýatlaryndan çykar
diýip, Ýusup bu syrdan ägä bolup, sabah halaýykga jar kyldyrdy kim: “Ir daň bilen barça
halaýyk pygan erge çyksyn. Olarga zyýapat kylar men” diýgeç, halaýyk top-top bolup ýöriş
kyldylar. Baryp meýdanda jemyg boldular. Ýusup lybas şahana geýip, lagly-jöwherden kemer
baglap, Tumag atyga minip, ýüzlerinden nikabyn göterip, älemni nurga dolduryp, baryp
meýdanda munady kyldy, kim:
–Eý, halaýyk, maňa garraňlar! Ýagşy nazar kylyňlar! Aç bolsaňyz, nahary-şerbet kylyp, her
ne myradyňyz bolsa we her niçe maksadyňyz bolsa, meniň jemalymdan hasyl bolar – diýgeç,
jemyg halaýyk Ýusupnyň ýüzüge birden garadylar. Erse hemme mest bolup ýykyldylar. Ene
huşyga geldiler. Tamam Müsür halkynyň açlyk we suwsuzlyk aklydan peramuş bolup turar.
Elkyssa, gahatçylyk eda bolgynça Ýusup bu hile birle halaýykny dokçulyga çykardylar. Ýedi
ýyl tamam boldy. Erse derýanyň suwlary rowan bolup, asmanda baran ýagdy we miwe gün-gün
peýda boldy. Hemme apatdan gutulyp, rahatga çykdylar. Andag parahat boldular, kim, zerre
gaýgy-gam galmady. Her tohumdan zeragat aldylar. Andag gala perwan boldy. Andan soň jemyg
Müsür halky – zenan, merdan, ulug-kiçik, soltan we beg, begzada, atalyk, enak, Mälik Ryýan
başlyg gelip, Ýusupnyň aýaklaryga baş goýdular.
Emma Züleýha daýym Ýusup üçin ýyglar erdi.Hiç kim onuň dadyga etmez erdi. Züleýha
yşkyň zorundan ýüreginiň gany gözünden akyp, kör boldy. Zyýada haly harap boldy. Hiç kim
onuň sözüge gulak salmady, her kim görse, masgara tutar erdi. Dowam hasret birle ýyglar erdi.
Ýusupnyň bir aty bar erdi. Onuň adyga Tumag at diýr erdiler. Her wagt ke oşol atyga ýer goýsa,
oşol at bir kişňär erdi. Magrypdan tä maşrykgaçe leşger bolsa, eşiter erdi. Ýusupnyň atlanganyň
bilip, hemme leşger häzir bolup, awga çykar erdiler. Ony Züleýha hem eşider erdi. Bir gün
Ýusup atlandylar. Züleýha ýol üstünde bir öý düzedip erdi. Ol daýym oşol öýde perýat eder erdi.
Ýusubyň atynyň yzyny gözüne bir-bir sürter erdi. Hemişe bu sypat birle ýyglar erdi.Ýusup her
günde atlanyp, leşgeri birle çar etrapna ser kylyp, wagyz we nesihat edip, seýr-sähra kylyp,
Züleýhanyň üstüne esabeýi, debdebe, gus we kernaý, surnaý gulgula we zelzele birle rowana
boldular. Züleýha habar berdiler: “Ýusup geleturar” diýip, Züleýha erdinden turup: “Dat men,
perýat men!” diýip, pygan göterip, “Bu yşkyň golundan!” diýip, ýüz nala birle, hezret Züleýha
bu jogapny aýtar erdi:
Dadu-perýat yşk elinden neýläýin,
Meniň ahy-zarym ýara etişmez.
Bagyr ganym gözden akdy,neýläýin,
Derdi-halym ol dildara etişmez.
Kyrk ýyl boldy dag üstünde dag saldy,
Bäş günlük ömrümi ýad eda kyldy,
Jan çykmaga tende indi ne galdy,
Gorkaram men gülguzar etişmez.
Ömrüm ahyr boldy, umyt egsilmez,
Meniň bu halymny hiç kimse bilmez,
Tä kyýamat meniň köňlüm üzülmez,
Gije-gündiz intizara etişmez.
204
Meni eltiň ýol üstünde duraýyn,
Atynyň tozuny sürme kylaýyn,
Ne hyýaly bardyr ony bileýin,
Yşkyň ody namys-ara etişmez.
Ýa bir nazar eýläp, meni güldürsin,
Ýa bolmasa aty depip öldürsin,
Ýa meger ol köňlündäki bildirsin,
Züleýhany ygtyýara etişmez.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtdy, erse ony ýol üstünde eltip goýdular. Emma Ýusup
alaýhys-salam atyny segredip geler erdi. Gözi Züleýhaga düşdi. Ýusupnyň ysy Züleýhanyň
damagyga ýaýyldy. Biygtyýar ah tartdy. Ýusup aýtdy:
–Kim sen? Ýol üstünde pygan kylar sen. Kimden saňa sütem etdi? Meniň eýýamymda hiç
kişiniň kişi birle işi ýok turar.
Züleýha aýtdy:
–Maňa hiç kişiden sütem etmedi, meger, Ýusupdan özge.
Ýusup aýtdy:
–Sen kim sen? Menden saňa sütem etgeý.
Züleýha aýtdy:
–Men Züleýha turar men. Kyrk ýyl bolup turar seniň jepaňňy tartar men. Meniň halymga
rehim kylmaz sen – diýgeç, Ýusup dergahar bolup, atyga bir tazyýana urup, “Heniz yşkdan söz
aýdar” diýip, ýolga rowana boldy. Birniçe sähralarny gezip, aw awlap gaýtdylar. Erse Züleýha
maýus bolup, Ýusupnyň atynyň basgan erlerini öpüp, ýyglap, öýge baryp, butlaryga sejde kyldy.
Aýtdy:
–Eý, ata-babalarymdan galgan hudaýlarym, maňa bu gün bir gatyg müşgil iş tüşüp turar.
Maňa medet kylyp, Ýusupdan habar beriň, ahyr, akybet Ýusup maňa mähribanlyk kylarmy ýa
ýok? – diýip, aýtgan jogaby bu turar:
Atam-babam ýüzün gören butlarym,
Medet beriň maňa ajyz galyp men,
Öz-özümni ýakar boldy otlarym,
Ýapraklarym gurap, kül dek bolup men.
Bir günde ýüz kerem eýlär men towap,
Ýara aşyk bolup, jan bermek sowap,
Jan çykmazdan burun, maňa ber jogap,
Magryp zemin ülkesinden galyp men.
Perwana dek yşkyň odyga köýüp,
Bu ötgen ömrümge meniň we haýyp,
Pyrakyň oduny synama goýup,
Jiger-bagrym ýüz-müň para kylyp men.
205
Hiç karar etmedim seni görmesem,
Günde ýüz baş egip, salam bermesem,
Özümi murd eýläp, seni gyrmasam,
Şermendelik söwdasyna galyp men.
Ýalgan wada bilen adlar sen meni,
Bu ýalgan wadanyň bolarmy çeni?
Züleýha diýr, uşadaýyn men seni,
Gahar-gazap bile dolup men.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýdyp butlaryga bir çend garap durdy. Emma butlardan hiç seda
çykmady. Züleýhanyň gahary gelip aýtdy:
–Eý, butlar, bu dünýäde senden ne peýda görgeý men – diýip, barçasyn urup, uşadyp, otga
ýakdy. Ötgen ömründen toba kylyp, bu munajaty aýtar erdi:
Hudawende tejelli birle,
Köňlümni aşna eýle.
Jemalyna etişginçä ,
Ýusupny mukteda eýle.
Niçe ýyldyr hata kyldym,
Bu janymga jepa kyldym,
Özümni mübtela kyldym,
Maňa nuryň hedýe eýle.
Bolup küfür zelaletde,
Ötüp ömrüm şumakgatda,
Hemişe derdi-mähnetde,
Umyt oldur eda eýle.
Hudaýa dadymga etgil,
Günäm köpdür afu etgil,
Ýykyldym men, elim tutgul,
Dilegimni rowa eýle.
Myradymdyr Ýusup syddyk,
Muhapbet odyga aşyk,
Ynansyn, görsün ol takyk,
Mahy-tapdan neda eýle.
Züleýhaga enaýat kyl,
Dogasyny ejabet kyl,
Kä dogry ýol hedaýat kyl,
Bu derdimge dowa eýle.
206
Elkyssa, bu munajatny okup, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýanlyg ýyglap, ol kazesinde olturdy,
tä Ýusup gaýtgynça. Nägäh Ýusup seýr-sähra kylyp gaýtdylar, Züleýhaga ýakyn etdiler. Gyzlar
Züleýhaga aýtdylar: “Ýusup sen tarapa pyýada ýöriş kylyp geletir”. Züleýha ýyglap aýtdy:
–Men biçäräni heniz masgara tutar siz – diýip, perýat kyldy. Ol gyzlar kasamýat kyldylar. “Bu
sözlerimiz ýalgan ermez” diýip, Züleýha eşidip çüsti-çäbik erinden turdy. Ýusup gelip sordular:
–Eý, Züleýha, ne halyň bar? – diýdi. Züleýha pygan göterip, perýat kyldy:
–Eý, Ýusup, ne halymny sorar sen. Kyrk ýyldan bäri jan we dilim ataş-hijranyňdan ýanar.
Heniz kül bolmaz – diýdi. Ene aýtdy:
–Eý, Ýusup, eger bawer kylmasaň goluňda her nemerse bar bolsa, meniň agzymga ýakyn
getirgil, ne görer sen – diýgeç, Ýusupnyň golunda altyn saply gamçysy bar erdi. Ony
Züleýhanyň agzyga ýakyn eltdi. Erse, Züleýha bir ah tartdy, agzyndan bir parça ot çykyp, lowlap
gamçyga ýapyşdy. Ýusup fielhal gamçyny erge taşlady. Bildi kim, yşk hakykat erken.
Mähremlerige buýurdy:
–Züleýhany saraýyga eltiň!
Mähremler Züleýhany saraýyga eltdiler. Ýusup Züleýhanyň gaşyga baryp aýtdy:
–Eý, Züleýha, aýtgyl ne söz bar? Her iş bolsa, golumdan gelgeniçe kylaýyn – diýdi. Züleýha
aýtdy:
–Aýtsam, sen kylmasaň, ene köňlüm mundan beter harap bolar – diýdi. Ýusup aýtdy:
–Her ne myradyň bolsa kylaýyn – diýdi. Züleýha zar-zar ýyglap, bu jogapny aýtar erdi:
Kyrk ýyl oldy yşk oduna ýanmyşam,
Myradym, maksadym ýara etirse.
Derdi-mähnet belasyndan köýmüşem,
Arman galmaz, ygtyýara etirse.
Tenim ýaňy başdan olsa gülçemen,
Gözlerim hak ene eýlese röwşen,
Hyzmatymda ýagşy-ýaman enjümen,
Gol gowşuryp, ahy-zara etirse.
Ýaşym, on tört, on bäş elmydam olsun,
Tilimde hak zikri hem kelam olsun,
Maksadym:Ýusup jan kethudam olsun,
Jan guşuny peru-bala etirse.
Ömr ötürsem hyzmatyňda, Ýusup jan,
Eziz janym kylsam ýoluňda gurban,
Öten ömre kylmaz erdim puşeýman,
Men garyby gülguzara etirse.
Züleýha syryny yzhar eýledi,
Niçe ýyldyr arzuw-didar eýledi,
Eziz janyn pida-dildar eýledi,
Indi arman ýokdur ýara etirse.
207
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtgaý, Ýusup hem zar-zar ýyglap, bu jogapny aýtdy:
Ýaratgan biribar kadyr eganym,
Meniň arzym bu gün sen agaz eýle.
Jahat isläp, saňa kylgan pyganym,
Züleýhanyň köňlün serafraz eýle.
Şepagat eýleýip, sorgul halyny,
Towfyk hedaýat eýle ýoluny,
Miesser eýleýip, döwlet gülüni,
Ýaşylbaşly sonalary, gaz bile.
Dostlaryn şat, duşmanlaryn ýaşyryp,
Afu eýle, hatasyny geçirip,
Ömür berip, aby-haýat içirip,
Dowam köňlüm zikriň bile saz eýle.
Rehm edip syl, gözden akan sillerin,
Kuşat eýle batyl galan ýollaryn,
Köňül bostanynda açyp güllerin,
Gyş günlerin taşlap,bahar-ýaz eýle.
Buýy-hoşbuý kylyp müşki anbar ber,
Baglarynda güli-reýhan semer ber,
Bagyş eýläp ene täze ömür ber,
Tenini dürst, özün hoş owaz eýle.
Zikr aýdylsyn aşyklaryn başynda,
Gören haýran galyp degre-daşynda,
Ýaşy bolsun on tördünde, bäşinde,
Ýüz öwürip garrylykdan baz eýle.
Biçäre Ýusubyň eşitgil zaryn,
Kabul eýle Züleýhanyň habaryn,
Berip iki dünýä maksadyň baryn,
Hem katdy-nahalyn serwi näz eýle.
Elkyssa, Ýusup bu munajaty aýtdy. Erse türpetul-aýy içre Züleýhanyň üstüne nury-alahyn
dökdüler. Ýüzi on tördi gijelik aý dek bolup, jemaly şöwk-şugla berip, jahany musahhar kyldy.
Ýüzünden perdesini göterip, rowaç älem sefliden aluýyga örç kylyp, nury-tejellisige gark
mustagrak bolup, jümle-jahan era älem hurşydy-hüweýda boldy. Ýüzüniň şugulasy gijäni
minewwer kyldy. Gözi ozalkydan zyýada röwüş boldy. Ýusup ony görüp, bitakat, biaram bolup,
Züleýhanyň boýnuga asyldy.
–Eý, Ýusup, dek durgul! Bendeden şerim kyl, hudaýdan yýalgyl! – diýip, Züleýha bu jogapny
aýtar ördi:
208
Hakykat oldy yşkymyz,
Mejaza ýokdur ygtybar,
Dowany tapdy derdimiz,
Miesser oldy gülguzar.
Etişdi hakga dadymyz,
Berdi biziň myradymyz,
Bu erdi köňül şadymyz,
Nuruny saldy biribar.
Etişdi hudaga zarymyz,
Jennet-agladyr jaýymyz,
Ýok erdi hiç perwaýymyz,
Gitdi köňlümden bikarar.
Aşyk erdim jemalyňa,
Muzahhar ýüzde halyňa,
Lebi şeker zulalyňa,
Köňlümiz olmaz intizar.
Züleýha, bildi halyny,
Gördi ýaňy helalyny,
Tejelliden jemalyny,
Ýusupny kylmaz ygtyýar.
Emma Züleýha bu jogapny aýtyp, turup ýörüberdi. Ýusup pygan tartyp, “Züleýha jan, meniň
arzymny eşit” diýip, keýinden ýalbaryp, bu jogapny aýtdy:
Tutaşdy ýakdy janymyz,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Gurydy tende janymyz,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Gara bu ýana,söwdügim,
Bir bak bu ýana, söwdügim,
Galar sen gana, söwdügim,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Al bu dünýä hyrajyny,
Maňa ber hunsuň pajyny,
Bagş etdim tagtu-täjini.
Züleýha jan, jigi-jigi.
Ýandyrmagyl bu janymy,
209
Artdymagyl pyganymy,
Eşit meniň kelamymy,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Galdy Ýusup jepaýyga,
Hijr otydan belaýyga,
Rehim eýle gedaýyga,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Elkyssa, Ýusup birniçe ýalbarar erdi, emma Züleýha ýüz näz-kereşme birle burulyp, gaşy
süzülip, bili üzülip, tawus dek jilwe kylyp, humaý dek şiwe kylyp. Ýusupny giriftar kylyp bidir
gaçdy. Baryp bir saraý içine girip, işikde durur, zar-zar bolup, bitakat we biaram bolup, bu
gazalny aýtar erdi:
Dözmenem yşk oduga,belke,bu janym ýanadyr,
Täze bagym, nowbaharym, gülgüzarym ýanadyr.
Ger kabul eýlemese, ah ile efganymy,
Döze bilmen, neýleýin, sabry-kararym ýanadyr.
Hormaty zatyn üçin, maksadymny hasyl kyl,
Bigüman ýyglasam, ol ahy-pyganym ýanadyr.
Züleýha çekdi meniň jebri-jepamny kyrk ýyl,
Mende ýok sabru-karar, namysu-arym ýanadyr.
Eý, hudaý, salma Ýusup köňlüne hijran dagyny,
Dembe-dem, lahzaba-lahza ygtyýarym ýanadyr.
Elkyssa, Ýusup bu jogapny aýdyp, ýyglar erdi. Züleýha kabul kylmaz erdi. Ahyry Ýusup
gaýdyp gelip, külbeýi-ahzan kylyp, bagryny sowuk erge berip, hiç kişi birle sözleşmedi.
Halaýyga görnüş bermeý, subhy-şam ýyglar erdi.
Elkyssa, aradan kyrk gün ötdi. Züleýhanyň kyrk ýyl tartgan jepasyn Ýusup kyrk günde tamam
çekdi. Bir gün Ýusup Mälik Ryýanny çagyrdy. Bu wakalaryn beýan kyldy. Mälik Ryýanny
Züleýhaga sawçy kylyp iberdi. Mälik baryp, Ýusupnyň habaryn bir-bir beýan kyldy. Ýusup bir
saraý saldyrdy, göýä behiştiň saraýy dek, ol saraýyň adyga Beýtälkeram diýr erdiler. Müsür
şährige aýyn baglap, ýedi gije-gündiz toý-tomaşa kylyp, nika birle Züleýhany aldylar. Aşykmagşuk myradyna etip, parahat boldular. Andalyp biçäre bularnyň şanynda bir gazal aýtdylar:
Ne hoş gündür mysahyplar,
Kişi jananyga etse.
Görüp dürli melamatlar,
Ahyr didaryga etse.
Çekip renju-muşakgatlar,
Ki yşk ýolunda apatlar,
210
Görüp ýüz-müň alamatlar,
Köňül armanyga etse.
Pelek ursa oňa şebhun,
Ýykylsa başyga gerdun,
Görüp, ýüz derdi-gam efzun,
Ene dermanyga etse.
Dilu-jany harap olsa,
Ýakup bagry kebap olsa,
Ýolunda müň azap olsa,
Ne arman jananyga etse.
Melek sima, kaddy zyba,
Gözi ahu,ýüzi hymra,
Bolup çün Andalyp şeýda,
Güli-handanyga etse.
Indi söz eşidiň Ýusupnyň agalaryndan, atalary Ýakup alaýhys-salamdan. Emma Ýusupnyň
şöhraty älemni tutdy. Etrap-eknafdan hemme eşitdiler. “Müsür şähriniň patyşasy adyl ermiş.
Zyýada hoşzyban ermiş, mübärek jemalyn görgen kişi hergiz bedbagt bolmaz ermiş” diýip, çahar
etrapdan gelip, Ýusuby zyýarat kylar erdiler.
Şam birle Kengan welaýaty bu habarny eşitdiler. Liken Kengan zyýada gahatçylyk erdi.
Ýakup alaýhys-salam oglanlaryny çyrlap, aýtdylar:
–Eý, oglanlarym, men eşitdim, Müsür welaýaty zyýada dokçulyk ermiş. Patyşasy adyl ermiş.
Her niçik kişige mähribanlyk kylur ermiş. Ne bolgaý, sizler hem barsaňyz, patyşasyny görseňiz,
sizlerge hem, enşalla, mähribanlyk kylar erdi – diýdi.
Oglanlary aýtdylar:
–Eý, ata, bizlerde ýagşy peşgeş ýok we ýagşy magar ýok. Patyşaga alyp barsak we söwdasatyg ederge – diýdiler.
Ýakup aýtdy:
–Eý, oglanlarym, ne besatynyzda bolgan nemerseleri alyp, baryňyz, şaet, kabul kylgaý. Eger
kabul kylmasa, aba we ejdadyňyzny, asyl we nesiliňizi beýan kylyňlar, olarnyň bereketinden
sizlerni ýagşy görüp, mähribanlyk kylgaý – diýdi. Oglanlaryga bu söz makul gelip, bir az ýüň,
bir az para nemerselerinden alyp, gider boldular. Ýakup pendu-nesihat aýtdylar:
–Zynhar patyşalar hyzmatyga barsaňyz, edep-ekram birle turup-oturyň. Tä otur diýmeginçä,
oturmaň. Söz sormagynça, sözlemäň. Her ne permanyça iş kylyňlar we ene meniň Ýusubymdan
habar soraňlar. Ulug patyşa ermiş. Her erden habardar ermiş. Meniň doga-haýrymny ýagşy
bitiriň – diýip, Ýusupga bu gazalny aýtyp iberdi:
Eý, Müsür şahy, meniň ýiten guzymdan ber habar,
Ady Ýusup, serwi kad, görer gözümden ber habar.
Kyrk ýyl oldy, eý, şahym, ogul pyrakyn çekmişem,
Çihresi hurşydy-hawer, aý ýüzümden ber habar.
211
Köp bolupdyr ýyglaban, derdu-pyrakyndan gözüm.
Subhy-şam boldy garaňky, gündizimden ber habar.
Talygym bed,hasretim bihed bolupdyr waý-waý,
Aftap-zöhre ýaňlyg, ýyldyzymdan ber habar.
Ýakubyň senasy, tilde zikridir Ýusup,
Rahaty-janym meniň, şirin sözümden ber habar.
Elkyssa, Ýakup alaýhys-salam bu namany ýazyp, oglanlary birle iberdi. Oglanlary atasyndan
patyha alyp, ýolga rowana boldular. Birnäçe katg menazil kylyp, Müsür welaýatyga etişdiler.
Ýusup welaýatynyň tört tarapyna toksawul goýup erdi. Her erden söwdagär gelip, patyşadan
ejazatsyz öte bilmez erdiler. Ýusupnyň agalary oşol toksawullarga uçrady. Ondan öter boldular.
Onda ýasawullar aýtdylar. “Patyşadan rugsatsyz ötgermezmiz” diýip, bulary bir erde saklap,
Ýusup alaýhys-salamga hat kylyp iberdiler. “Kengandan on kişi gelip turur, her biri Rüstem
dastan kibi” diýip habar berdiler. Ýusup alaýhys-salam kim erkenin bilmeý, turup erdi. Oşol
wagt gaýypdan bir seda geldi: “Eý, Ýusup, habardar bol, seni satgan agalaryň geldi. Olar birle
ýagşy danyş” diýip, Ýusup alaýhys-salam wezirni çagyryp, bu syrlaryny bir-bir beýan kyldy:
Wezir, Kenganyň ýurdundan,
Meniň agalarym gelmiş.
Mähnet çekip ýol derdinden,
Meniň agalarym gelmiş.
Aldap sähra alyp bargan,
Jepa tygyn jana urgan,
“Aga” diýsem, ýüz öwürgen,
Meniň agalarym gelmiş.
Ýatyryp elim baglagan,
Köýlegim gana bulagan,
Şeddat çahyna taşlagan,
Meniň agalarym gelmiş.
Müsür täjirine satgan,
Ogry diýip böhten etgen,
“Gurt iýdi” diýip, ýalgan aýtgan,
Meniň agalarym gelmiş.
Ýusup gözden döküp ýaşyn,
Wezir, gör, takdyryn işin,
Pelek beýle tutup başyn,
Meniň agalarym gelmiş.
212
Anda wezir aýtdy:
–Eý, şahy- älem, olarga niçik kasas kylur siz:
Ýusup aýtdy:
–Olar jepa kyldylar, biz wepa kylarmyz. Olar hata kyldy, biz ata kylarmyz – diýdi.Ýusubyň
weziri bu mähir-mürewwetge we ýagşy sözüge täsin, aferin galdy. Ýusup aýtdy:
–Eý, wezir, bu sözlerni içinde pynhan saklagaý sen – diýdi. Ondan soň, Ýusup kişi iberdiler.
“Kengandan gelgen söwdagärler gelsin” diýip, baryp habar berdiler.
Ehuda, Şemgun, Rubil on agasy ýöriş kyldylar. Gelip, saraýyga düşdüler. Birniçe dem
parahatlaryn aldylar. Ondan soň, Ýusup alaýhys-salam çagyryp aldylar. On agasy içegeri
girdiler. Görseler, bir patyşa jahan tagtyga laýyk, ýüzünde nikap, dokuz perdäniň keýinden
ýüzüniň şuglasy jahanga bark urýar. Sag tarapynda birniçe hanlar, sol tarapynda niçe ýüz ähilhökümetler, ilgeri we keýinde niçe ýüz soltanlar. Olarny görüp, agalarnyň huşy başyndan gitdi.
Tagzym-towazyg bile er öpüp, elin gowşuryp, boýnun burup, salam berdiler. Ýusup aleýik
aldylar. Agalaryny görüp, zar-zar ýyglap, perde keýinde olturyp, kä gahary gelip, kylgan işleri,
bergen jepalary ýadyga düşüp, ýylan dek towlanar erdi, takat-karary galmaz erdi. Ýusup özün
rast kylyp, aýtdy:
–Kaýsy bagnyň güli siz, kaýsy çemeniň bilbili siz, kaýsy aşýandan urup, kaýsy gülgüzara
gonar siz? – diýdi. Onda tagzym-towazyg birle jogap berdiler:
–Şaha, serwera, jahan perwera, derýaýy-mukatyr hyzmatyňyzda arz, bu kim, bir hudaga
bende bolarmyz. Ybrahym, Ysmagyl, Yshak alaýhys-salamga nebere bolarmyz. Welaýatymyz
Şam birle Kengan turur – diýip beýan kyldylar. Ýusup aýtdy:
–Ýakup alaýhys-salamnyn niçe ogullary bar? Özleri niçik kişi turar – diýip, pyhan ýyglar
erdiler. Olar aýtdylar:
–Atamyzyň on iki ogly bar erdi. Elhal oglanlary on bir turar – diýdiler. Ýusup aýtdy:
–Ene biri kanda turar?
Olar aýtdylar:
–Kiçilikde böri iýip turar – diýdiler.
–Atamyz onuň pyrakynda gije-gündiz, alaetdowam ýyglar. Siziň ýagşy adyňyzy eşidip, sizge
nama iberdiler diýip, Ýakup alaýhys-salamnyň peýamyn çykaryp, Ýusupga berdiler. Ýusup
namany alyp, perdäniň keýninde okap, zar-zar ýyglap, bihuş boldy. Baz huşyga gelip, sowal
aýtdy:
–Eý, Ýakupnyň oglanlary, ataňyz namada iniňizi böri iýgen nyşanasy ýok diýip turar.
Onda olar aýtdylar:
–Takyk turar, böri iýgende bizler gaşynda erdik. Birini tutup, kowlap, atamyznyň gaşyga alyp
bardyk – diýip, kasamýat kyldylar. Onda Ýusup aýtdy:
–Bizler eşidip tururmyz, pygamberniň göşti janawarlarga iharam turur. Niçik böri turar ony
iýgen?
Onda olar aýtdylar:
–Ene hem bir güman kyldyk, garakçy öldürdi bolgaý.
Ýusup ene sordular:
–Iniňiziň ady ne turar?
Olar aýtdylar:
213
–Ýusup turar. Ibni Emin diýgeç bir inisi hem bar turar. Bir gyz birle üçüsi bir eneden turar
erdi. Elhah Ibni Emin bar erdi. Ýusupny böri iýdi ýa garakçy öltürdi bolgaý. Atamyz awwal
Ýusupny söer erdi. Ol hem ýok boldy. Indi Ibni Eminni söer – diýdiler.
Ýusup aýtdy:
–Eý, ýalgançylar, pygamberzadany hem böri iermi?
Niçik bimagny söz turar?
Onda olar aýtdylar:
–Ýusup ogry erdi hem ýalgançy erdi, meger şol sebäpden böri iýgen bolgaý – diýdiler. Bu
sözlerni Ýusup eşidip, dergahar bolup, ýylan dek towlandy:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 15
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.