Latin

Baba Röwşen dessany - 17

Total number of words is 4081
Total number of unique words is 1911
17.4 of words are in the 2000 most common words
25.2 of words are in the 5000 most common words
30.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Güli-berehne häzik beden,
Güli-çihre, bergi-semen,
Hoş lälezarym, barmagyl!
-Ziba kaddym, simin tenim,
Ot dek ýanar pirahenim,
Goý bu golundan damenim,
Jennet mekanym, goý baraý!
-Ähli arapda namy-neň,
Ataňnyň haly boldy teň,
Synaga baglap sabry-seň.
Eý nakly-narym, barmagyl!
-Ähli arapda bolsa ar,
Käbäm maňa bol hakgyzar,
Hiç galmady sabr-u karar,
Eý razdanym, goý baraý!
-Biçäre eneňden doga,
242
Her subh-u şam köp merhaba,
Her tyrnagyň müň hun baha,
Desti-nigarym, barmagyl!
-Leýli gyzyňdan köp doga,
Jan birle her şam, her saba,
Gel, hajatym kylgyl rowa,
Eý, hoş enanym, goý baraý!
Elkyssa, Leýli birle enesi bul gazalny tamam etdiler. Andan soň Leýli dilaram ýüregige sabyr
taşyny baglap, kylbeýi-ahzanyga girip olturdy. Emma Mejnun binowa birniçe byradarlar waka
eşitgenler birle her sähergähi hala we pygan birle oşol mahy-dilaramnyň towapguýige barur erdi.
Her kişi kim, Leýliniň wakasyndan özge söz ursa, aňa gulak salmas erdi.
Ruhy-Nejd karargähi-Leýli erdi. Mejnun oşol dag üzre çykyp, desti-hasrat başyga urup, zarzar ýyglar erdi we bihudlugydan awazy-belent kylyp, lygan-u nowha birle gezer erdi.
Säher bagty bir jemal öwsüp, andak nesimi gelgende, öz hasby-halyga bu gazalny aýdyp,
iberir erdi. Gazaly-şahy-Mejnun:
Saba, hargähi-Leýliden güzer kylsaň, doga etgür,
Meni sergeşteden janymga müň merhaba etgür.
Oşol mehpara hakydan saňa bes gullygym çendan,
Ätgen häki-paýydan gözümge totyýa ergür.
Bu köňlüm myddagasydyr, salam etgür, saba, menden,
Dogamny destgah eltip, salamym aşena etgür.
Zamana hyşmydan bal-y perimge tegmesin apat,
Gubary-rehgüzeri-Leýliden bir zerre ja etgür.
Weli jemgyetim kyldy perişan ol gara zülpi,
Ol anbardan damagyma meniň buýy-saba etgür,
Ka erdi bu ýolda galganlarny bolgan hak guzary sen,
Hudanyň hormatydan uşbu hajatym rowa etgür,
Sezewary-jepa her gün tenim otlug, adym Mejnun,
Bir yşk uftadasy bul gün umydym ba wepa etgür.
Elkyssa, anda soň Mejnun bu sözlerni aýdyp, takaty-tak bolup, bir-iki jorasy birlen Leýliniň
haýmasyga bardy. Emma Leýli haýmaga ölük dek ýatur erdi. Nägeh Mejnunnyň ysy damagyga
etişüp, tenige täze jan girip, eriden turup, kaddyny rast kyldy. Irse, gözi Mejnunga düşdi, derhal
haýmadan çykyp, gulab birlen didesi we ýüzün ýuwup, jigergäjinden ahy-serd tartyp, çün gül
nury-şukufte dek serwi-huraman huny-hasrat ýutup, ýyglap, bakyp durdy. Emma Mejnun hem
243
Leýliniň görüp, göýä perwana şemine özüni urgan dek köer erdi. Emma Leýli apat görmegen
çemenge ogşap, jilwe berip, huny-hasrat edip durur erdi. Mejnun hem hazan bady degen topraga
ogşap, titräp durur erdi.
Elgaraz, bara-bara bul iki belakeşleriň yşklary zor kylyp, derdi-elemleri zyýada bolup, piç-u
tapga tüşüp, ýylan dek tolganyp erdiler. Elgaraz, bul halatda birniçe pursat zar-zar çün ebrinowbahar ýyglaşyp durup erdiler. Emma Leýliniň atasy Leýlini bul halda görüp, goluga hanjaryabdar alyp, Leýlige garap, ýöriş kyldy. Emma Leýli hem atasyndan ters edip we rakyplar
tagnasyndan, atasy gorkusydan hezer kylyp, haýmasyga gurdi. Mejnun dilefgar hem zar-zar
ýyglap gaýdyp, Nejd dagyna bardy, welemma gijeler halaýyknyň gözüden pynhan baryp,
Leýliniň haýma we hargäleriden gerda-gerd aýlanyp, “Şul erlerden ýörügen sen!” diýip, erlerniň
topraklaryn posa kylyp, gözlerige surtet erdi we ene Leýliniň garap durgan erige başyn goýup, ah
tartar erdi. “Şul erde sen garap durup erdiň!” diýip, erni gujaklap, bihuş bolup ýykylur erdi. Daň
atgunça müň ölüp, müň dirilir erdi. Emma daň atgandan soň naçar gaýdyp gider erdi. Bu röwüş
birlen hur-u haby, aram-u karary ýok erdi. Diwanawar her tarapda ýörüp, “Mejnun” at göterdi.
Emma Mejnunnyň hyş-u tebarlary we akrabalary Mejnunny bu halda görüp, gamgyn bolar
erdiler. Emma Mejnunnyň atasy bilmes erdi kim, bir azyz perzendi ne sebäpden bundag belaga
mübtela bolup durur. Emma Mejnunnyň enesiden sorady kim: “Bilermi sen, Mejnunnyň hasbyhalydan habar bergin, müňa ne bela bolupdyr kim, munça diwanalyk kylup, eger bilseň aýtgyl,
anyň alajyga kuşeş kylaýyn!”
Anda Mejnunnyň enesi Mejnunnyň – atasyga garap, Mejnun halyny beýan kylyp, niçe
erlerden tymsal geltirip, bul muhammesni okur erdi. Muhammesi-zagyfaýy- biçäre bu turur:
Azym eşit, aýtaý heman, eý Seýit ibn Amyry,
Bolmuş Beni Haýdan rowan bir mahy-peýker dilberi,
Leýli erur ady çynaň nowreste bir hub dohtary,
Togmuş eneden bigüman göýä ki benti-seri,
Anyň üçinden her zaman ogluňnyň bu derdeseri.
Ol hem muňa baglap köňül, bul hem kylyp ähd-u aman,
Geçmiş tirikden hem ol munda munuň içgusy gan,
Enduhy-hasrat birlen ol munda eýläp terki-jan,
Biçäreler, awaralar yşkdan tapypdyrlar nyşan,
Ol iki dilber jana-jan, yşk ähliniň ser defteri.
Ýaşlykda aldurgan köňül awaradyr jananasy,
Bolmas nesihat birle sag yşk ähliniň diwanasy,
Köýdürse şem jismin özi, köýmesin bes perwanasy,
Mähnet birliniň hemdemi, küplet birnin hemhanasy,
Mundag alarga ýazylan kal-u belanyň defteri.
Her çend eger pent eýlesem “Leýli!” diýbän, salmaz gulak,
Silaby-eşk çeşmiden Neşd dagyda kylmyş bulak,
Gögsüde neşteri-Leýli mejruh irur başdan-aýak,
Jan bilen gül dek ersesem, tartar özüm menden yrak,
Jennetmidir bargan eri, ryzwanmydyr Leýli peri.
244
Raks eýläbän öýden çykyp, dynmaý uradyr dest-u pa,
Agzydadyr Leýli sena, bagrydadyr tiri-jepa,
Başdan uçgan akyl-huşy, ruhsarydan şerm-u haýa,
Men bilgenim aýdym saňa, mundan nary bilgeý huda,
Ha ýagşy bolsun, ha ýaman peýwendi janyň göwheri.
Elkyssa, andan soň Mejnunnyň enesi sözüni tamam kyldy Irse, andak paýy şerifi düşdü kim,
gül çihresinden gerdlerini arytsa we oşol düri ki jahan memleketi andan münewwer özüniň
başyga otgursa. Elkyssa, muhteser, Seýit Beni Amyry bu sözni eşidip, ulug-kiçik hemme
jemagasyny jem kylyp, maslahat kylyp, geňeş saldy we tamam hyş-tebarlarynyň raýlary andak
boldy kim: “Eger nika ýoly birle miesser bolsa, her kalaý kylyp, oşol aşuftany bu perişanlygydan
çykargaýmyz” diýip, maslahatga enjam berdiler we ene Seýit Beni Amyryga bu maslahat şol
gelip, özüge manend birniçe ähli şukufäni alyp, ýolga düşdüler. Andan soň Leýlige sawçylykga
bardylar. Elgaraz, Leýliniň atasy habar tapyp, aldylaryga pişwaz, yzzat we ekramlar birlen bul
ähli-şukufäni Leýliniň işigige eltip otgurdylar. Bularny myhmandarlyk kylyp, birniçe abtagamlar
tartyp, hyzmat kyldy. Andan soň, Leýliniň atasy mähribanlyk birle sorady: “Eý, azyzlar,
fakyrlaryny ne üçin ýoklap, gadamy-renjide kylyp sizler, ne hyzmat bolsa, emr kylyň, eger
golumyzdan gelse, hyzmat kylalyň! Anda Seýit Beni Amyry muddagasyny hazm birle beýan
kylyp, bir söz aýdy, Warsaky bu turur:
Jan bagyda bir bilbilim bar idi,
Perwaz edip, arzuw-arman istemiş.
Gül şowkuda çeşmi girýän zar idi,
Täze gül-u täze bostan istemiş.
Hiç kimsäniň nesihatyn almagan,
Mähnet çekip, rahat nedür, bilmegen,
Göz ýaşyna gark olganyn sylmagan,
Jan bilbilim aramy-jan istemiş.
Yşkyň taby ruhsaryny zerd etgen,
Sagat-sagat dert üstüge dert etgen,
Hijran ody jismi janyn ferd etgen,
Jan bergeli aramy-jan istemiş.
Ýaş ornuga gözleriden gan akyp,
Jan köýdürip, süňeklerin ot ýakyp,
Nejd dagyda didban bolup, ýol bakyp,
Züleýha dek mahy-Kengan istemiş.
Seýit Beni welaýatyň gözledi,
Sözüň sözlär boldy, yzyň yzlady,
Mejnun bagryn dagy bilen duzlady,
Leýli atlyg mahy-taban istemiş.
245
Elkyssa, andan soň Seýit Beni Amyry bu sözin tamam kyldy. Irse, Leýliniň jemagasy bildi
kim, bular Leýli üçin sabçylyga gelmiş we hastgärlik kylyp tururlar. Leýliniň atasy Seýit Beni
Amyrydan bu sözni eşidip: “Eý, Seýit Beni Amyry, sözüňizni bisýar abdar görer men, any jandil birlen kabul kylup erdim, weliken eşidür men, siziň ogluňyz diwana we aşufta ahwal, hatyryperişan ermiş, diwana biziň herifimiz ermez, özüňiz hem hub bilür siz kim, kabylaýy-arap
aýynjuý adamlar tururlar, özümiz görüp-bilip, (gyzymyzny) ýanar otga urmas biz. Ogluňyz tä
diwanalykdan hatyry-perişanlykdan sahhat bolmasa, maňa bul sözlerni yzhar kylmaňyz,
sözünizni kabul kylmas biz” diýip, bir-bir beýan kyldy. Elgaraz, jemaga Beni Amyry alarnyň bu
now tagna sözlerige gahry gelip gaýtdylar, her kaýsy gamreside bolup, yzlaryga ýanyp gelür
erken, bir pikir etdiler kim, bul diwananyň bir alajyny göreliň diýip. Gelip, Mejnuň binowany
çagyryp, nesihat birle: “Eý, Mejnun, Leýlini unutgyl, öz kabylmamyzdan kaýsy gyzny halasaň,
miesser kylalyň!” diýdiler. Irse, Mejnun binowaga bul sözler nähoş gelip, öz jemagasyga garap,
bir muhammes okudy. Beýany bu turur:
Bir hasta men, derdime dreman geregim ýok,
Aşufta men, bes maňa arman geregim ýok,
Bul hyş-u tebardan maňa yhsan geregim ýok,
Zowk etgudan özge gülüstan geregim ýok,
Leýli geregim, jismim üçin jan gergim ýok.
Yşk ýoluda bu janym üçin bir tilemeý men,
Gowgasy tüşüp başyma, efser tilemeý men,
Perwaz edeýin diýip, özüme per tilemeý men,
Gulmany-behişt, peri-peýker tilemeý men,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Azurde suhan birle eritmäň ýüregimni,
Syndyrmak üçin tagna bilen bal-u perimni,
Bihuda kelam ile sowutman ýüregimni,
Hak ýoluda def eýlemäňiz derdeserimni,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Bihuda gider, pendiňi diwana ne bilsin,
Jugz ülkesi weýrana bu weýrana ne bilsin.
Çün köýmegiden özgäni perwana ne bilsin,
Kölüde söz baryny bigäne ne bilsin,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Her ýan akuzyp ýyglaýuram çeşmi-seýli,
Derdimge dowa ýok, ne kylaý hyş ile heýli,
Köňlümge düşüpdir meniň, bes Leýliniň meýli,
Leýlige gerek Mejnun, Mejnunyga hem Leýli,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
246
Elkyssa, andan soň Mejnundan bu sözlerni eşidip, hemme hyş-tebarlary birden ýüz öwürdiler
we anyň ahwalyga zar-zar ýygladylar. Andan soň, Seýit Beni Amyryga: “Eý, Seýit Beni Amyry,
imdi olgundan sahhatlyk umydyny üzgül, nesihat birle tetärigi bolmaz, imdi sen bilgil!” diýip,
her kaýsy bir tagna kylyp, her tarapga gitdiler. Elkyssa, muhteser, Seýit Beni Amyry ogluga ene
pent – nesihat kylyp: “Eý, oglum, Leýli üçin köp köýmegil, bizler seniň üçin kuşeşler kyldyk,
Leýli seni diýmedi, ol seni unutdy, Leýli seni söwmez, sen hem andan geçgil!” diýip, birniçe
erlerden tymsal geltirip, bir söz aýdy.
Arzuw-arman bilen bardyk ýaryňa,
Leýli geçdi, sen hem andan geç imdi.
Rehm etmedi perýadyňa, zaryňa,
Leýli geçdi, sen hem andan geç imdi.
Arzyň aýtdyk, köňlün asla bozmady,
Köňli söwmes gülni bagban üzmedi.
Meger kysmat any saňa ýazmady,
Leýli geçdi, sen hem andan geç imdi.
Akyl özün ýanar otga urmady,
Atyň julun itge laýyk görmedi,
Çarhy-pelek myradyňy bermedi,
Leýli geçdi, sen hem andan geç imdi.
Rahat ýolun gözden salyp zar etme,
Azyz janyň jepa birlen har etme.
Biwepadyr Leýli, oglum, ýar etme,
Leýli geçdi, sen hem andan geç imdi.
Ataň aýdar saňa pend-u nesihat,
Wepasyzdyr, başdan boldy alamat,
Peýgan gider çekseň ah-u nedamat,
Leýli gedi, sen hem andan geç imdi.
Elkyssa, andan soň Mejnun binowa atasydan bu sözni eşidip, ýüregige ot düşüp, gaýta beter
elemi täze bolup, lybaslaryny janhowludan para-para kylyp, desti-hasrat başyga urup, “Waý,
Leýli, waý, Leýli!” diýip, diwanawar her tarapga ýüwürip we gähi gursak urup, zar-zar çün ebrinowbahar ýyglap, nalyşyga dag-daşlarny erider erdi, ýüz-gözlerige ýollarnyň topragydan sürter
erdi: “Eý ýary-mähribanym, waý, aramy-jan bikararym, meniň bitakat we biaramlygym we
diwanalygym seniň üçin turur, sen ne üçin hyş-tebarlaryň we akrabalaryň birlen ar kylyp, nutka
söz aýdur sen we ataňny öz töwrige goýar sen, any ýolga salmas sen. Seniň hyş-tebarlaryň nukta
söz aýtganyga, meniň hyş-tebarlarymnyň zehini käýinip, ar kylyp, menden ýüzlerini öwürdiler,
meniň bu hanymanlygym seniň üçin!” diýip, zar-zar ýyglap, ýaryny ýat kylyp, bir muhammes
okugany bu turur:
Yşk ýoluda, eý dilurba goýdum gadam sen ýar üçin,
Her tün çekip men binowa ah-u nedm sen ýar üçin,
Bilmem saňa ne muddoga mende elem sen ýar üçin,
247
Başymga müň jebr-u jepa, sütem, zulum sen ýar üçin,
Janymda müň derd-u bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Almasmy sen menden habar, yşkyňda boldum derbe-der,
Tünler çekip ahy-säher ýutmak işim huny-jiger,
Ursam beýabanlarga ser men bagry birýan, çeşmi ter,
Synamga sanjym tiri-yşk, kyldym tiriklikden güzer,
Janymga müň derd-u bela, ýüz gam sen ýar üçin.
Nalamga itler ýyglaşur, eý ýar, eşitmeňmu seda,
Gelgil meniň golumny tut, galdym aýakdan men geda,
Geçgil diýibän sen ýardan kim, urdular zynjyry-pa
Maksat saňa bilmem nedir, men mübtela, men mübtela,
Janymda müň derd-u bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Lutf eýlebän, eý mähriban, sorsaň ne bolgaý hasby-hal,
Halgym guryp, derman gidip, yşkynda boldum bimejal,
Hunaba – hasratlar ýutup, il tagnasyndan paýy-mal,
Men pany dünýäden ötüp, boldum hazan, eý now nahal,
Janymda müň derd-u bela, ýüz ança gam sen ýar üçin,
Mejnuny-yşk awarasy boldum ajap zaryň seniň ,
Bagrymda hasrat ýarasy, tä men giriftaryň seniň,
Derdimniň bolmaz çäresi, bolgaly bimaryň seniň,
Başdan-aýagym ýarasy serta serefkaryň seniň,
Janymda müň derd-u bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Elkyssa, Mejnun aşufta hal bu sözlerni tamam kyldy. Irse Mejnunnyň derdi-yşky gün-günden
zyýada bola başlady. “Her diwana aşuftalyk-aňa galebi-kabul zynjyr bolur” diýip, aýagyga
zynjyr we gerdenige rysman hem baglan goýdular. Emma Mejnunny-binowa aýagyda zynjyr,
boýnuda ip, köňlünde gamy-Leýli, zar-zar, çün ebri – nowbahar ýyglap, biçärelik birlen bu
mynajatny okudy:
Rahman egäm, berip jany,
Ýokdan meni bar eýlediň,
Aşyklarga giň jahany
Mähnet berip, dar eýlediň.
Hiç bolmady bähbit işim,
Gün-günden artdy käýişim,
Gurbat içre galdy başym,
Ajap müşgil kär eýlediň.
Duşman boldy dost diýgenim,
Agu boldy her iýgenim,
Semender dek jismi-janym
Köýmek üçin nar eýlediň.
248
Hazan öýi boldy jaýym,
Nejat bergin,eý hudaýym,
Artar boldy ah-u waýym,
Sen jepaga ýar eýlediň.
Arzyn saňa aýdy Mejnun,
Çeşmi girýan, köňli mahzun,
Züleýha dek Ýusup üçin,
Gan ýyglatyp, zar eýlediň.
Elkyssa, Mejnun bu gazalny tamam kyldy. Andan soň, Mejnun jigerhundan bu sözlerni
eşidip, ata enesi we hyş-tebarlary justujuýga tüşüp, her erden we her hajatgähden derdige dowa
istäp, her tarapga ýügürip, her erde bir şerafatlyg buzurg kişi görseler, bular aýakyga ýykylyp,
andan jahat tirlär erdiler we ene öwlüýälerge ys we çyrag kylyp, arwahlardan Mejnunnyň
derdige şipa tilär erdiler. Emma hiç alaç tapylmas we hiç erden gollaryga dürri-maksud girmes
erdi.
Elgaraz, hyş-tebarlary jem bolup, Mejnunyň atasyga: “Eý, Seýit Beni Amyry, ogluňny
hanaýy-Käbeýi-muazzemge alyp barsaň, şaed ol hanaýy-şerifniň şerafatlarydan bu jununlyg
belasy munuň başydan den bolgaý” diýdiler. Elkyssa, muhteser, Seýit Beni Amyryga bu sözler
makul bolup, perzendi-dilbendini bir tibäge mündürip, hanaýy-Käbägerowana boldy. Elkyssa,
hanaýy-Käbäge baryp, Mejnunny girgizip otguzdy we goludan tutup: “Eý janym, balam,
Mejnuny-dilefkarym, eý gözümniň nury, ýüregimniň peýwendi, bu jaý bazy-oýun we diwanalyk
kyla turgan jaýy ermes, bu jaý hajat tilemek, tazarrut we zary jaýydyr, bu erde her kim hajat
tilese, rowa bolup, päk köňül birlen we sydky yhlasyň birlen bu mübtelalyk we perişanlykdan
gutulmak üçin hudadan derman tiläp ýyglagyl, enişa alla tagala, bu belalardan halas bolur sen!”
diýip, nesihat kyldy. Emma Mejnun aşufta ahwal bu söz birle arkasyny diwary-mesjidi-haramga
sürtüp, bildi kim, bul erde hajat rowa bolur we doga mustujab bolur, “Alla, derdimni, ýüz hesse
owwalkydan zyýada kyl” diýip, öz köňlüge nesihat kylyp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,bu
mynajatny okudy:
Mähnet çekip geldik bu gün bu jaýa,
Akyl adam haýran bolgan jaýydyr.
Sabr eýlärem ýardan gelen jepaýa,
Müşgil derde derman bolgan jaýydyr.
Köňlüm boldy bir dilberiň maýyly,
Çöller gezip, boldum yşkyň saýyly,
Haknyň permanynyň bolup kaýyly,
Ysmagyl dek gurban bolgan jaýydyr.
Ýowuz gün bar är ýigitniň başyna,
Başyň urgun bu Käbäniň taşyna,
El uragör Halyl rahman işine,
Söwer gullar myhman bolgan jaýydyr.
Dost goludann Gülgün şerap içilsin,
Ýazygymyz her ne bolsa geçilsin.
249
Serşar olup, rahmet suwy saçylsyn,
Katra gelse, umman bolgan jaýydyr.
Hak tagala kysmatyga eg başyň,
Jepalarga sabyr et, çytmagyl gaşyň,
Hedden zyýada hem bolsa kylmyşyň,
Günäkärler gafran bolgan jaýydyr.
Ýürek dag-u derdin açyp ýyglagyn,
Şirin jandan belli geçip ýyglagyn,
Gözden ganly ýaşyň saçyp ýyglagyn,
Aşyklaryň girýan bolgan jaýydyr.
Mejnun gul, sen hakga eýle mynajat,
Uzruň aýdyp, ýyglap tilegin hajat.
Çyn aşyga ýardan geçmek ne uýat,
Geda guluň soltan bolgan jaýydyr.
Emma Mejnuny-zar bu sözlerni aýdyp, puşt berdiwary-Käbe kylyp, “Waý, Leýli, waý, Leýli”
diýip, zar-zar ýyglap durar erdi. Atasy: “Eý, Mejnuny-dilefkar balam, bu sözlerni goýgul, bu
aşuftalykga hudadan sahhatlyk tiläp, zary kylgyl, bu hanaýy-şerifniň hormatydan perwerdigärialemden “Bu perişan hatyrlykdan gutgargyl!” diýip, ýyglasaň ne bolgaý. Meni namysdan,
nenden we halaýyknyň tagnasydan gutgarsaň ne bolgaý!” diýip, töwella kylup erdi, azyz
perzendi üçin ýüregi köer erdi, bu derdi-binowaga köp derman tiläp, nowhaýy-zary kylur erdi.
Emma Mejnun atasydan bu sözlerni eşidip we ene atasyny bu ahwalda görüp, gaýta beter
elemi zyýada bolup we derdi gozgalyp, halkaýy-der Käbeýi-muazzemni tutup, zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, bir muhammes okudy:
Behaky zaty-päkiň derdimni bisýar kyl, ýa reb,
Alajy bolmasyn andak ki zar-u zar kyl, ýa reb,
Gözüm ýaşyn jiger gany bilen Gülnar kyl, ýa reb,
Sera-pa neýkerim Leýli üçin, efkar kyl, ýa reb,
Başymga rahmeti-yşkyňny bes serşar kyl, ýa reb.
Şeraby-yşkdan doýgunça ber andag ki mest eýläp,
Hyýaly-zülpi-Leýli birle aklym paýy-best eýläp,
Aýagym goýgaly bu refgaty-gerdunny pest eýläp,
Miesser eýlegin hümmet semendin ziri-dest eýläp,
Hyýalym guşlaryn Leýli üçin bisýar kyl, ýa reb.
Gamydan şem dek çyksyn meniň serta-serimden ot,
Semender dek zamany bolmasyn kim peýkerimden ot,
Köen perwana dek hoş eýlesin bal-u perimden ot,
Çü kaknus nala başlaý çykgaly hakisterimden ot,
Munuň dek derdi ber, dermany-ýok bimar kyl, ýa reb.
Ylahy, dert ber andag ki bes huny-jiger ýyglaý,
250
Bolaý awaraýy-bihanyman julide ser ýyglaý,
Lahat topragyga başym urup men bisemer ýyglaý,
Kepen ýyrtyp, gopaý magşar güni çeşmi-ter ýyglaý,
Terahhym birle ol gün laýyky-didar kyl, ýa reb.
Ylahy, dembe-dem perwerdeýi-yşk et siriştimni,
Bu yşkdan bir zaman hali kylma sernewiştimni,
Münewwer yşkdan kylgyl berri sähraýy-deştimni,
Miesser eýle, ýa reb, däneýi-maksudy-kiştimni,
Meni-Mejnuny – sergerdannyň ýaryn ýar kyl, ýa reb.
Emma Mejnun bu muhammesni tamam kyldy, irse atasy owwaldan tä ahyr jekaýatyň eşitip
olturyp erdi, görüp we bu kyssaýy-müşgilden bildi kim, bu erden hem açylmas. Elkyssa, Mejnun
gije bilen hanaýy-Käbeden çykyp, ferr beýabanlarna ýüz urup,mesti-biyhtyýar bolup bidir gitdi.
Emma atasy ogluny ýitirip, tapa bilmeý, hanaýy-Käbeden çykyp, birniçe gün ýol ýörüp, öýüge
bardy.
Elgaraz, Mejnunnyň ahwalyny hyş we tebaryga beýan kyldy, alar hem eşitip, naçar we näalaç
bolup, hamuş boldular, andan sahhatlyk umydyny üzdüler. Elkyssa, Mejnun hanaýy-Käbeden
çykyp, mesti-biyhtyýar baryp, bir kabylaýy-arapga dahyl boldy, gursak urup, Leýliniň yşkydan
bitakat bolup,birniçe gazallar-kasyda we bediheler aýtur erdi. Emma eşitgen, görgen halaýyklar
guruh-guruh gelip, ýazyp alyp okur, örgenür erdiler.
Elgaraz, birniçe muddet ötdi. Mejnunnyň bu ahwalyny bir kişi görüp, baryp, Leýliniň
jemagasyga aýdy: “Pylan erde bir diwana gelip, “waý, Leýli, waý, Leýli”diýip, gursak urup,
Leýliniň şanyga birniçe Gazallar aýtur, men hem örgendim” diýip, anyň gazalydan birniçe
Gazallar aýdy we ene hem: “Birniçe oglanlar örenip, Leýlini tilleriden goýmaslar weliken bir
jynly diwana durur” diýdi. Irse Mejnunnyň yşky halaýyk agzyga düşdi, alemge awaza boldy.
Emma Leýliden söz eşidiň. Bu söz Leýliniň gulagyga degdi. Elgaraz, Leýli hem Mejnunnyň
pyrakyda köňül, ýanyp, gury post we ustuhan bolup, kulbeýi-ahzanyda bimar we renjur bolup
erdi. Emma bu habary eşidip, andak tenige täze jan girip, “waý Mejnuny-dilefkarym, waý
ýaşlykda köňül aldyrgan nigarym, sen hem men dek köýüp, ýanyp, yşk ataşyga tüşüp,mejnun
bolup ýörgen eken sen, men hem külbeýi-ahzanda bimar we bikarar turur men we rakyplar
tagnasydan dem alurga mejalym ýok erdi, öler halatga etişip erdim, ýüz şükür kim, seniň atabazaňny eşidip, tenimge täze jan girdi”diýip ýyglar erdi.
Elkyssa, Leýliniň atasy we hyş-tebary we ähli kabylasy Mejnunnyň wakasyny eşidip, neň
kylyp, patyşaga baryp, arz kyldylar kim: “Dat, patyşahymyz, pylan deştden bir jynly diwana
ýigit gelip, biziň diýarymyzga Leýlini betnam kylmak üçin baş açyk, aýak ýalaň, gäh raks kylyp
we gäh erni posa kylup we ene sagat-sagat gazalhanlyklar kylur we hoş awaz birle okyr, il andan
ýat alur we Leýli hem, anyň pyrakydan bir post we ustuhan bolup ýanyp turur, şul wagt alajyny
kylmasaňyz bolmaz, gyzymyzny halaýyga betnam kylyp ýörür, bizler ulusnyň tagnasyda
galdyk” diýip, perýat kyldylar we ol jemaga maslahat birle sylahy-hunrizlik alyp we anyň depi
üçin kuşeşde boldular. Irse patyşa dergazap bolup, kişi buýurdy. “Ol ýigitni tapyp alyp geliň,
anyň hub yhtymamyny kylaýyn!” diýdi.
Emma Seýit Beni Amyry jemagasydan bir kişi bar erdi, ol aňlap baryp bul jemagany habardan
kylyp: “Eý Seýit Beni Amyry, seniň ogluňnyň goludan patyşa arz kyldylar, patyşa hem dergazap
bolup, kişi buýurdy, mebada bir hadysa bolmagaý, any nabud kylmagaýlar” diýip, bir söz aýdy:
Arzym aňlaň, araplaryň soltany,
251
Bir sözüm bar, diýrem dilhun üstüne.
Leşger alyp çykmyş Leýli rowany,
Atasy, ogluýuň Mejnun üstüne.
Göýä er ýüzüni tutupdyr leşger,
Hunrizlik etmäge barça barabar,
Jan kasdyga çekip barçasy hanjar,
Ýasaw tartmyş çeşmi-gülgün üstüne.
Bir azyzyň öldürerler har edip,
Mejnun garybyňny Nejdi-zar edip,
Leýli jemagasy namys-ar edip,
Tyg çekmişler köňli mahzun üstüne.
Leýli üçin ogluň Mejnun nam olup,
Dünýä aşratydan talhy-kam olup,
Älem dutaryna zil-u bam olup,
Taryn çekmiş alyp kanun üstüne.
Beni Haý goşuny älemi tutar,
Sagat ötmeý Mejnun üstüne eter,
Tiz bar, ogluň aandak beladan gutar,
Gadam etgür haly-zebun üstüne.
Ulugan tä kiçik maslahat kylyp,
Mejnun yşkyn Leýli gyza ar bilip,
Sylah geýip, barça ýaragyn alyp,
Tebretmişler kaddy mowzun üstüne.
Nary pyrakyda çekibän ahy.
Habar kyldy saňa, Araplar şahy,
Mejnun üçin ýasap aly hargähi,
Hak ýaratmyş çarhy-gerdun üstüne.
Emma Seýit Beni Amyry Mejnunnyň bul habaryny oşol kişiden eşidip, kemaly-şefgatydan
birniçe hyş-tebarlarydan alyp, “Täki nabud kylmagaýlar” diýip, dilnewazlyk kylyp, Mejnun
binowany agtaryp çyktylar we any istäp çölbe-çöl barur erdiler, hiç tapa bilmediler. Irse efsus
iýip, daryg tartar erdiler.
Nägäh bir kişi Beni Sad jemagasydan şikar kylyp ýörüp erdi. Nägäh ýoly Ebu Kaýs dagynyň
garyga düşdi. Irse görer kim, gar içinde mesti-biygtyýar we agzyny mur, mar watan kylgan bir
adam ýatypdyr kim, gähi nepesi gelür, gähi gelmez, bir saýasyndan özge hemdemi we mähremi
ýok erdi we ah-u naladan başga pişesi ýokerdi. Emma saýýat ol mahzunnyň halyny görüp, baş
ujunda olturyp, halyny sorap, bu mustezadny okudy:
Ne jan sen, eýa ähli-beşer, adamy-bihuş,
Mestana ýatyp sen.
Jandan hem azyzrak görünir sen şeh dikleş,
252
Mähnetge batyp sen.
Ahy-şereriň janyň bilen tutaşyşdyr,
Otlug nepesiň bar.
Neden seniň päkize diliň boldy muşewweş,
Aýtgyl,ne etip sen?
Halgyň kurulyp, agzyň dola badaýy-zährab,
Ganlyg jigeriň suw.
Kaýsy senem elgiden için badaýy-ba yşk,
Akylyň unutyp sen.
Hemsaýa-pygan, nala-rafyk, gam-hemdem,
Eý aşyky-şeýda.
Aýtgyl maňa kim derdi-diliňni, kime geş-geş,
Neden uýatyp sen?
Alem gözüňe teňmi kylyp sen watanyň gar,
Özüden habaryň ýok.
Jismiň köedir, başdan-aýatyň bary, meger,
Älemden ötüp sen.
Ne geçe, zamandan habaryň ýok, eseriň ýok,
Nedür saňa bul hal?
Ýüz nala ki sen tagnyň içige dola ataş,
Goldan güw gidip sen.
Sady seniň ahwalyňa takat kyla almas,
Eý serweri- alem!
Alem gözüňe teňmidi çün däneýi- haş-haş,
Tehtige etip sen.
Elkyssa,andan soň ol Sady diýgen saýýat bu sözni eýdyp, her çend söz sorady, ol Mejnun
mahzundan hiç eseri-jowap bolmady. Ahyr näalaç-naçar munüň tirikligiden umyt üzüp ýandy we
ol erden ötüp barur erdi. Nägäh aldydan Seýit Beni Amyry ýolukdy. ???* goluda asaýynatuwany, gäh ýyklyp we gäh turup, “Waý Mejnunym, balam!” diýip, ahtaryp perişan barur erdi.
Irse Sady birlen mulakat kyldy. Sady aýdy: “Eý babajan, bu çölde ne yzlap, ne işläp ýörür siz?”
Andan Seýit Beni Amyry: “Eý saýýat, Mejnun diýgen oglumny ahtarur men, eý byradar, Mejnun
balamdan bilirmi sen?” diýip, başdan-aýak oglunyň etwaryny we ahwalyny aýdyp, zar-zar ýyglar
erdi. Emma Sady: “Eý, babajan, waý natuwan, men Ebu Kaýys dagynyň garynda bir mejnuhyny
gördüm, andak ýatur kim bir ajaýyp dertmendi-renjur, özüden hergiz habary ýok, zahyr
dünýäden tamasyn üzgen dek we magzy- ustuhany erip akan, meger, seniň Mejnun ogluň şol
bolgaý” diýip, bir gazal aýdy:
Ýanypdyr bir adam gar içre kim, akly giten ohşar,
Jahan awarasy bolgan ajaýyp biwatan ohşar.
Sowal aýdym niçe söz birle men ol şahy-Mejnundan,
Jowan hiç bermedi, göýä bu alemden öten ohşar.
Çunan ýatmyş, watan kylmyş anyň agzyda mar, mur,
Meger bihanymandyr, ýa ki yşk ýolun ohşar.
253
Tenide jany ýok adamga ohşap ýatmyş andak mest,
Şeraby yşk jamydan içip, andat ýatan ohşar.
Saňa berdi habar andan, eşitgil, Nary-hijrany,
Diýdi Sady bakyp gördüm, teni janyn ýakan ohşar.
Elgaraz, Beni Sad bu jowapny aýdyp tamam kyldy. Andan soň Seýit Beni Amyry biçäre
watan tarapyndan ýüz öwürip, manendi-döw beýan-sähralarny gezip, Ebul Kaýs dagyga tutup,
her erde bir çukur, jar bolsa, öz diwanasyny agtaryp ýörür erdi. Nägäh bir garga etdi, gördi kim,
bir teň we taryk erde bir adam görünir, mysaly bir murça karar kylgan dek. Emma ol erde hiç
jandar dura bilmes, Mejnundan başga hiç kişi, dura bilmes erdi.
Seýit Beni Amyry gördi kim, gäh-gäh nalaýy-efgan tartar we gähi ahy-ser tartar, çunan mestibiygtyýar erdi kim, bu alemden asla habary ýok erdi, bir kuruk post we ustuhan erdi. Seýit Beni
Amyry baryp, baş ujunda olturyp, ýagşy tafahhos kylyp gördi. Irse nury-çeşmi we jiger köşesiogly durur. Emma atasy muny bu halda görüp, salam aýdyp, perýat kylyp, zar-zar ýyglap durup,
bir söz diýdi:
Essalam aleýküm, keremlik şahym,
Ne halyň bar, aman-esen barmu sen?
Ýüregim mydary puşty-penahym,
Ne halyň bar, aman-esen barmu sen?
Aýlanaýyn humar-humar gözünden,
Gerd-u gubar basan gül dek ýüzünden,
Agzyň açyp sözle, şirin sözünden,
Ne halyň bar, aman-esen barmu sen?
Dünýäden göz ýumup, aklyň gidipdir,
Agzyňda mar-u mur watan tutupdyr,
Meger halyň jan halyga etipdir,
Ne halyň bar, aman-esen barmu sen?
Köňlüňden aldyryp hyýal-u huşuň,
Dünýä maly bilen bolmasdyr hoşuň,
Jeset bostanydan uçupdyr guşuň,
Ne halyň bar, aman-esen barmu sen?
Seýit Beni Amyry gelip gaşyňa,
Gurban olam gözden akan ýaşyňa,
Huda salmyş söwda, Nary, başyňa,
Ne halyň bar, aman-esen barmu sen?
Emma Seýit Beni Amyry bu sözlerni tamam kyldy. Emma Mejnuny-binowa birniçe nepesden
soň, atasynyň sulabatyny görüp, aýak we sern-başyny aýlatyp, saýa dek ýykyldy. Nägäh
atasynyň gözüden bir-iki karta ýaş Mejnunnyň ýüzüge damdy. Irse Mejnuny-belakeş gözüni
açyp gördi, başynyň üstünde birew perýat kylyp ýyglap durupdyr. Mejnun: “Ne adam durur sen,
Leýlimi andan?”diýdi.
Seýit Beni Amyry: “Eý balam, ne halyň bar, turgul, men zary-belakeş Seýit Beni Amyry –
ataň bolup men. Seniň golundan patyşaga arz kylyp dururlar, seni öýge alyp gider men, beekwar,
254
seni bu halda nabud kylmasynlar” diýip, zar-zar ýyglar erdi. Emma Mejnun atasydan bu sözlerni
eşidip: “Hal sorar bolsaň, Leýliden sözlegil, özge sözden maňa aýtmagyl, käşki Leýliniň ýoluda
ölsem, ýürekde arman galmas erdi” diýip, nala kylup erdi.
Elgaraz, Seýit Beni Amyry zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap: “Ýörgün, balam!” diýip,
gözüge gözün surter erdi. Imdi Mejnun atasydan bu sözlerni eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, atasyga garap, uzry-bisýar edip, bu gazalny okudy:
Hoş gelip siz, täji serim,
Men natuwany sorgaly.
Halym budur, eý serwerim,
Ýok mende halat turgaly.
Reňňimni gör, halymy sor,
Gögsümge dep, başymga ur,
Bir dem meniň aldymga dur,
Kuwwat kany hub görgeli.
Uzrum saňa bisýar irür,
Sertä serim efkar irür,
Jany-azyzym har irür,
Mende mejal ýok ýörgeli.
Men hydmatynda rusyýah,
Başymga tapmaýyn penah,
Halym tebah, eý uzrhah,
Olturgaly ýa turgaly.
Mejnun köer köýgenine,
Gulakga söz aýganyňa,
Her bir gadam goýganyňa
Ýüz ýok gözümni sürgeli.
Elkyssa, Mejnun bu sözni aýdyp, nalyşa girgen gumry ýaňlyg: “Waý Leýli, waý Leýli!”
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 18
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.