Latin

Baba Röwşen dessany - 03

Total number of words is 3821
Total number of unique words is 1809
19.5 of words are in the 2000 most common words
29.6 of words are in the 5000 most common words
36.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Bir atynda segsen nogta bar idi,
Her nogtasyn niçe pälwan götärdi,
Aty bilen gökge atyp iberdi,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Matlap han diýr, şahym, bolgul habardar,
Saňa zerer ýetgirmesin beýekbar,
Nagra tartsa, geler Düldül, Zülpükar,
Bu guluňnyň asly aty Alydyr.
Elkyssa, Mergup şah Matlap handan bu sözni eşidip, gamgyn bolup aýtdy kim:
-Eý, Kaşamşam, sen bizni aldap sen, “adym Kaşamşamdyr” diýip. Rast sözlegil behakky-LatMenat üçin aýt, Alymy sen ýa özgemu sen-diýip, hezret Aly Şahymerdanga garap, bir gazal
okydy. Gazaly-Mergup şah bu turur:
Owwal başda baglap berdiň derýany,
Alymy sen, özgemu sen, beýan et!
Dep eder sen ýerden gelgen belany,
Alymy sen, özgemu sen, beýan et!
Kaýdan geldiň munda paýy-pyýada,
Özüňni satdyryp biziň arada,
Rüstem kylmas munça işi dünýäde,
Alymy sen, özgemu sen, beýan et!
Bizge bu gün zorlugyňny bildirdiň,
Köp kylmagan işni ýalguz dyndyrdyň,
Tenha baryp, ajdarhany öldürdiň,
Alymy sen, özgemu sen, beýan et!
Tabşyraýyn seni Laty-Menaga,
Aly bolup bizni salma belaga,
Lat haky çün ýalgan aýtma araga,
35
Alymy sen, özgemu sen, beýan et!
Mergup şah diýr, habar bergil bu sagat,
Bile-bilmen köňlüm boldy jerahat,
Sende bardyr munça zory-şejagat,
Alymy sen, özgemu sen, beýan et!
Elkyssa, hezret Aly Mergup şahdan bu sözni eşidip, haýran boldular. “Aly men” diýseler,
gowga köp bolur we eger “Aly imes men” diýseler ýalgançy bolurlar. Ahyr endişe kylyp, parasat
bilen kybap kylyp, bir söz aýtdylar. Gazaly-hezret Aly:
Bawar eýläň, küffar ähli,
Menku imes, men hem Aly.
Häzir durgan rakyp haýly,
Menku imes, men hem Aly.
Şähri-Şibli erur jaýym,
Gije-gündiz hak penahym,
Arş-u kursi menzilgähim,
Menku imes, men hem Aly.
Menzilimden düşdüm yrak,
Damanymda gerdun pyrak,
Kişi bilmes menden sorak,
Menku imes, men hem Aly.
Meniň adym Kaşamşamdyr,
Aýralyk derdi elemdir,
İki dünýä bir gadamdyr,
Menku imes, men hem Aly.
Birniçe azadalardan,
Jyda men ýary-ýarlardan,
On sekiz şehzadalardan,
Menku imes, men hem Aly.
Kaşamşam diýr, ahyr maksud,
Küfr ählini eýläp nabud,
Şähri-Berber bolsa möwjud,
Menku imes, men hem Aly.
Elkyssa, Mergup şah bu kybap sözlerge düşünmedi.
Hezret Aly aýtdy:
36
-Eý, Mergup şah, meniň bir adym Kaşamşamdyr we ýene bir adyma Haýdary-Murtaza
diýrler. Başga sözni goýgul we her niçik hyzmatyň bolsa buýurul, meniň köne keselim
gozgamasdan burun-diýdi.
Emma Mergup şah aýtdy:
-Eý, Kaşamşam, indi seniň sözünge ynandym. Sen buýrulgan işni berjaý etdiň-diýdi we ýene
aýtdy kim:
-Bu pähliwan halky ýalgan sözlemes. Bu Aly ermes eken. Bu gulnuň ady Kaşamşamdan
başga imes. Men ana ýene bir hyzmat buýraýyn. İki hyzmatymny bitirdi-diýip, hezret Alyga
aýtdy:
-İndi ýene bir hyzmatym, Medinede Aly diýgen bir pürzor pähliwan peýda bolup turur. Any
tirik geltürseň, ýüzün bir görsem armanym ýokdur-diýdi. Soňra özün any azap birle öldürsem.
Andan soň toýlap, seni azat kylur men-dýdi.
Anda hezret Aly aýtdy:
-Enşalla, tagala Alyny görer sen. Her kim Kaşamşamy görse, Alyny görer-diýdi.
Elkyssa, Mergup şahnyň Meşhur diýgen weziri aýtdy kim:
-Eý pähliwan, imdi baryp, Alyny tutup geltirseň mähribanlyk kylyp, köp engam berip, seni
azat kylarmyz-diýip, Meşhur wezir Kaşamşamga buýrup bir gazal aýtdy:
Eý, Kaşamşam, saňa arzym söýläýin,
Bizge baryp, tutup geltir Alyny.
Lagly-jowahyrlar nisar eýläýin,
Bizge baryp, tutup geltir Alyny.
Köňlüňden gamlarny berbat eýläýin,
Pälwanlar içinde ussat eýläýin,
Köp engamlar berip, azat eýläýin,
Bizge baryp, tutup geltir Alyny.
At-u serpaý, ýagşy ýaraglar bereý,
Ýüki eşrepiden otuz ner bereý,
Ýene kyrk tiwe sim-u zer bereý,
Bizge baryp, tutup geltir Alyny.
Dargadawer köňüllerniň gubaryn,
Biribaryň bolsun hem medetkäriň,
Bereýin şährimniň külli ygtyýaryn,
Bizge baryp, tutup geltir Alyny.
Meşhur aýdar, daýym bahabar bolgul,
Ger goluňdan gelse, tirik geltirgil,
Bir tomaşa kylaý soňra öltürgil,
Bizge baryp, tutup geltir Alyny.
Elkyssa, bu sözni tamam etgenden soň Kaşamşam aýtdy:
37
-Eý, Mergup şah we Meşhur wezir, Aly diýgenleri zyýada zor pähliwandyr. Her adamnyň
Alyga güýji ýetmes-diýdi. Her kim anyň birle tutuşsa, ajalnyň damyga giriftar bolur. Andag
bolsa-da indi, eý Mergup şah, sen maňa kyrk pähliwan bergil we ýene ýedi düýe ýüki zynjyr
bergil-diýdi. Her ne bolsa, baryp geltireýin-diýdiler.
Erse, derhal Mergup şah her ýerden saýlap, kyrk pähliwan berdi we ýedi tiwe ýüki zynjyr
berdi.
Andan soň Kaşamşam Berber şährinden çykyp, ýolga rowana boldy.
Elgaraz, hezret Aly bir menzil ýörigenden soň, bir meýdanda düşüp, pählwanlarga özün
tanadyp, bir gazal okydy. Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Bu gün äşgär eýleý syrry-pynhanym,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Mergup şahga kylgan ähd-u peýmanym,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Şahnyň emri gerdenimde galmasyn,
Magşar güni taňrym gazap kylmasyn,
Är oşoldyr, wagda ýalgan bolmasyn,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Bu söwdaga salgan biribarymdyr,
Her säherler çeken ahy-zarymdyr,
Ebubekir, Omar, Osman ýarymdyr,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Üşbu hyzmatlarny kylgan özüm men,
Gul bolup şäherge gelgen özüm men,
Ýer ýüzüne gowga salgan özüm men,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Kaşamşam diýr, bizge hakdan permandyr,
Hak ýolunda daýym başym gurbandyr,
Rehim eýlese, barça müşgil asandyr,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Elkyssa, pähliwanlar bu sözni eşidip, her kaýsy bir ýana gaçdylar. Hezret Aly aýtdy:
-Haý-haý, nadanlar, waý, namartlar, öz başym hakky üçin gaçmaňlar. Gelip, meni tutup
baglaňlar. Men sizlerge degmes men-diýdi.
Andan soň pähliwanlar gorka-gorka hezret Alynyň ýanyga gelip tutdular. Hezret Alyny
bagladylar. Ýedi tiwe ýüki zynjyr bilen hezret Alynyň elini, aýagyny bagladylar we mähkäm
edip, boýnyga zynjyr dakyp, pähliwanlar hezret Alyny göterdiler.
Emma hezret Alynyň mübärek gollary ýedi tiwe ýüki zynjyr bilen bagly turur. Aly
Şahymerdan bent içinde köňülleri bozulyp, şol wagtda bir müstezad okydylar. Gazaly-Haýdarykerrar bu turur:
38
Saldyň maňa bir türpeýi gam külpeti-söwda,
Ýa Wahydy-Kahhar,
Enduh-u sütem, renj-u elem, şuruşy-gowga,
Ýa Kadyry-Jepbar,
Men hasta, özümni bendi kylyp ilige,
Bilmen ne sebepden.
Gam besteride hasrat-u gam munys-u hemra,
Ba dideýi-hunbar.
Mejruh bolup men bu kapyrlar içinde temha,
Ýok ýanymda gamhor.
Ýok imdi bu şäher içre maňa munys-u hemdem,
Şehzadalarymdan.
Lutf eýle özüň halyma, eý halyky-ýekta,
Ýa Ahmedi-Muhtar.
Şafkat kylawer üşbu zaman hasta guluňga,
Uftada bolupdyr.
Tähsin galar bu işime ol çarhy-mugalla,
Ýa munysy-gamhor.
Küffar ilniň bendisi men ýokla guluňny,
Ajyzlara rehim et.
Bu arzy dilim ýetse idi kadyr-alla,
Ýa wakyfy-esrar.
Saýýady-ajal goluda çün bendi-kapas men,
Gudratly hudaýym.
Şemşir elide niçe mahasyllary gümrah,
Halkaky-jahandar.
Ýa sahyby magraç, resuly iki älem,
Furkan saňa nazyl.
Boýnumga çu zynjyr goşup, halatym özge,
Ýa Ahmedi-Muhtar.
Bendi boluban küfr ilige zar-u du naçar,
Bu Haýdary-kerrar.
Elkyssa, kyrk pähliwanlar hezret Alyny tutup, bendi kylyp, iş bitirgen kişige ogşap, Mergup
şahnyň aldyga alyp geldiler.
Emma şol wagt hezret Aly Mergup şahga özün maglum kylyp, bir gazal okydy. GazalyKaşamşam bu turur:
Şahy Mergup, bahabar bol,
Aly atlyg arslan özüm.
Bawar eýläň sag bilen sol,
Oşol Şahymerdan özüm.
Geldim huda emri bilen,
39
Eşidiňler, hurd-u kelan,
Ysmagyl sypat şul zaman,
Hak ýolunda gurban özüm.
Meýdanda gan saçmak üçin,
Şirin jandan geçmek üçin,
Din ýoluny açmak üçin,
Gelen sahypkyran özüm.
Feth eýleýip bag Eremni,
Weýran etdim men Haýbarny,
Haýbatym tutar älemni,
Şejagatly pälwan özüm.
Refref geldi Mustapaga,
Münüp çykdylar semaga,
Kaby-köwseýn ol endaga,
Şiri hak men derban özüm.
Bozdum baryp şähri-Zerni,
Jenadil birle Haýbarny,
Öldürdim döw sypat perni,
Zülpükary buran özüm.
Magrypdan maşrykga namym,
Eşit kapyr, hak kelamym,
Düldülim, Ganbar gulamym,
Bilseň, Şiri-ýezdan özüm.
Kaşamşam diýr, ýa Mustapa,
Bir tarhhum eýle maňa,
Küfür ähli, boluň ägä,
Bu gün merdi-meýdan özüm.
Elkyssa, Mergup şah bu sözni eşidip, munuň Aly erkenligini bilip, huşy başyndan uçup,
bedenige titreme girip, reňňi sargaryp, gözleri dönüp, akyly çaşyp otyr erdi. Anda wezirwekilleri aýtdylar:
-Eý, patyşahym, munça köp gorkmaň. Bir adam ot bolganda ne ýerni ýakar-diýdiler. Anda
Mergup şah aýtdy:
-Eý, halaýyklar, indi maňa bir geňeş beriňler-diýdi, bir gazal okydy. Gazaly-Mergup şah bu
turur:
Maslahat beriň, ýaranlar,
Aly gelmiş diýarymga.
Kürsineşin pähliwanlar,
40
Gulak sal ah-u zarymga.
Şäher halkyn ýygyň baryn,
Mirgazap gursunlar daryn,
Golun açmaý kylyň kärin,
Näheň duşmuş güzerimge.
Habar beriň il-u halka,
Şähri-Zingär, şahy-Anka,
Käbil şahy Ebu şakga,
Hami bolsun bu kärimge.
Şähri-Yklym hany Tehrak,
Gamhırumdyr Katran, Ymlak,
Weýran boldy köşki-rowak,
Ylgar döksün hysarymga.
Mergup şah diýr, eşit zarym,
Galmady sabr-u kararym,
Ýygylsynlar dost-u ýarym,
Sap tartsynlar kenarymga.
Elkyssa, Mergup şah bu sözni tamam etdi.
Oşol wagt hezret Alynyň üstüge ýedi müň leşger kapyr geldi. Ýene on müň leşger kapyr bir
geldi we ýene ýedi müň ulug namdar pähliwan bir geldi we ýene ýedi müň berzeňňi kapyrlary
bir geldi.
Elgaraz, kapyrlar top-top tutup, her ýerden gelur erdiler.
Emma oşol wagt hezret Aly bu kapyrlarny görüp, oşol halda mübärek köňülleri perişan bolup,
şahzadalarny we Muhammet Hanapyýany we birniçe sahabalarny ýat kylyp, bir gazal okydy.
Gazaly-Kaşamşam bu turur:
Üşbu demde Mustapa rehber gerek erdi maňa,
Sorsa halymny eger Syddyk gerek erdi maňa,
Jeň salahyny geýip, Omar gerek erdi maňa,
Osman atlyg sakyýy-köwser gerek erdi maňa,
Zülpükar-u Düldülim, Ganbar gerek erdi maňa.
Ol Hasan birle Hüseýin erdi jahanda zynatym,
İki gözüm röwşeni erdi iki dürri-ýetim,
On sekiz şehzadalar erdi jahanda döwletim,
Bitgirer erdi uruş babynda her maslahatym,
Ol Muhammet Hanapy meşhur gerek erdi maňa.
Bergeý erdi bu gam-u külpet era dilhahylyk,
Basalamat merdi-meýdan soltanet bargähilik,
41
İki müň batman amudy gürzi-geran eslahylyk,
Hub dosty elgide şemşiri erre mahylyk,
Ol Ebubekir-u, Omar, Osman gerek erdi maňa.
Şolmudyr ähdi-wepaňyz, eý şehi-aly-jah,
Galsam her maglum içre bahabar erdi maňa,
İsteýip yslam leşgerni, aýlanyp kyldy doga,
Küfür ählin görgende dem tartyp mysaly ajdaha,
Ah, bul gün Mäliki Ajdar gerek erdi maňa.
Hiç kişi bilmes meniň munda soragymdan habar,
Hanadanlar barçasyn kyldym bu gün katgy-nazar,
Sagynyp istäp meni şahzadalar kimden sorar,
Hak alarga salmagaý Ýusup deýin dagy-peder,
Edhem-u, Musa, Ryza, Mazhar gerek erdi maňa.
Ah, neýleý üşbu gün sahypkyranler bolmady,
Jeň salahyny geýen ol pähliwanlar bolmady,
Ýeke galdym kapyr içre mähribanlar bolmady,
Käbeýi-maksudym ol şahjahanlar bolmady,
Omarylla dek arslan ärler gerek erdi maňa.
Şähri-Haýbar barganymda meniň birler ýar idi,
Özleri sahypkyran-u hem sypahsalar idi,
Külli eshaplar içinde bir ajaýyp är idi,
Sekiz ýüz batman amud gürzi-gerany bar idi,
Ol Musaýýyp gazy dek serwer gerek erdi maňa.
Eý, Kaşamşam, hak özüdir jümläni bar eýlegen,
Rehm edip, ataşny Ybrahymga gülzar eýlegen,
Kaknusy öz nalyşydan dahyly nar eýlegen,
İki älemde ýene birlikni yzhar eýlegen,
Mustapa dek hami-ýi-magşar gerek erdi maňa.
Elkyssa, Hezret Aly gördüler kim, niçe kapyrlar jemyg bolup tururlar. Andan soň hezret Aly
hudaý tagalanyň ulug ärlerni ýat kylyp:
-Resulylla allahu-ekber-diýip, bir nagra tartdylar, zynjyrlar para-para boldy.
Ol nagrany eşidip, derhal Düldül we Zülpükar häzir boldular. Düldülni münüp, Zülpükarny
gollaryga alyp, Resuly-hudany ýat edip, salawat iberip, wagtlary hoş bolup, bir nät okydylar.
Näti-hezret Aly Şahymerdan:
Her lahza ýat eýlegeý sizi,
Hamdy-senahym, ýa resul!
İki älem içre meniň,
Puşty-penahym, ýa resul!
42
Senden erur her mahlukat,
Pazlyň erur bahryl-haýat,
Hem päk sen, hem nuryzat,
Ham aly-jahym, ýa resul!
Saky özüň, köwser özüň,
Hem jümleden Bihter özüň,
Asylarga rehber özüň,
Hem patyşahym, ýa resul!
Lutf eýle, şahy-jahan,
Bolsun tasatdyk hasta jan,
Hem din erur sen, hem iman,
Hem tekgegähim, ýa resul!
Ylm-u kelamat sendedir,
Berdi saňa rebbil-gafur,
Hak şeraby innel-tahur,
Aňla bu ahym, ýa resul!
Kyldym jahanda köp hata,
Neýleý, ne kylaý, waweleýta,
Hak sureýi-heýilata,
Geçgil günähim, ýa resul!
Sen-sen Kaşamşamga rafyk,
Gäh bahşeşiň bahryl-amyk,
Bildir maňa rahy-taryk,
Adyl güwähim, ýa resul!
Elkyssa, hezret Aly bu nätni okyp: “Allahu-ekber” diýip, Zülpükarny çekdiler, göýä kyýamat
gopgan dek boldy. Şäherniň içinde şuryş-u gowga asmanga çykdy. Emma hezret Aly kapyrlarny
bir-birine ýetirmeý gyrar erdiler. Şol halda Mergup şah perýat kyldy kim:
-Haý-haý, namartlar, gaýrat kylaweriň, gaçmaňlar. Sizler köp sizler. Bir adam ot bolganda ne
ýerni ýakar?-diýdi.
Patyşah her niçe jähd-u sagý kyldylar.
Kapyrlar koý erdi – gurt darydy we gamyş erdi – ot darydy. Köçelerden gyzyl gan her tarapga
akdy, göýä zemin-u zaman lerzäge geldi. Ahyryl-emr Mergun şah şanydan umyt üzdi.
Elkyssa, erteden peýşingeçe gan dökdüler. Emma bu uruşga ýedi gat asmannyň perişdeleri
Tähsin galur erdiler.
Kapyrlardan gaçgany gutuldy we olturgany tutuldy.
Erse, kapyrlar emir-u el-emir, fakyr-u el-fakyr ýyglyp, maslahat birle: Elaman-elaman,
eldman-eldman” diýip, aman çagyryp, perýat kyldylar. Andan soň hezret Aly bu perýatny eşidip:
“Aman nyşany – iman”-diýip, Zülpükarlaryny jaýynda goýdular.
43
Andan soň hezret Aly bu kapyr butparazlarga iman arz kyldylar. Erse, kelemeýi-şahadatny
okyp, derhal heme kapyrlar sydkyjany birlen musulman boldular. Andan soň Mergup şah
namazga meşgul boldy. Andan soň hezret Aly kapyrlarnyň buthanalarny ýykyp, mesjidi-mährap
kyldylar, azan-kamat jary boldy.
Andan soň Mergup şahnyň kufly-dili açylyp, wagty hoş bolup, tamamy erkany döwlet gelip,
hezret Alynyň aýaklaryga baş goýup, etgen işlerige puşman bolup, uzurhalyk kyldy. Musulman
bolganynyň şüküranasyga hezret Alyga garap, bir gazal okydy. Gazaly-Mergup şah bu turur:
Şükre deýin hudaýymga,
Bu döwletge laýyk boldum.
Rehim eýledi halymga,
Kapyr erdim, sadyk boldum.
Bizden salam Mustapaga,
Ahmet atlyg rehnemaga,
Kerem etsin binowaga,
Ýüzün görmeý aşyk boldum.
Ebubekir, Omar, Osman,
Pygambere ermiş ýaran,
Arzym ýetgir Şahymerdan,
Köňül birle tasdyk boldum.
Niçe ýyllar ötdi ebes,
Kügürgine haýy-höwes,
Şükürylla tapdym muhlus,
Belalardan paryk boldum.
Çykyp küfür zelalatdan,
Bolup ähli-zerapatdan,
Niçe ähli-kesapatdan,
Geçip ähli-taryk boldum.
Umydym köp hezretinden,
Oşol bahry-rehmetinden,
Çykdym küfr küfrlüginden,
Bu gün ähli-taryk boldum.
Ýamanlardan ýaman erdim,
Ýüregim doly gan erdim,
Bir zeň basgan çoýan erdim,
Jöwahyrdan artyk boldum.
Ýamanlardan halas bolup,
Bir gulam men, mahlus bolup,
44
Küduretden alys bolup,
Ýagşylarga rafyk boldum.
Saňa gurban hasta janym,
Sen-sen dinim hem imanym,
Sebäp bolduň, eý, soltanym,
Men hem ähli-towpyk boldum.
Şahy Mergup tapdy çäre,
Kimýa boldy seňgi-hara,
Şükür eýläp biribara,
Aýnadan hem aryg boldum.
Emma hezret Aly niçe kapyrlarny bir günde musulman kyldylar.
Emma Mergup şah bu döwletge köp hoşwagt bolup, gije-gündiz namazdan özün aýyrmas
erdi.
Elkyssa, andan soň hezret Aly Mergup şahny öz ýurduga patyşah kylyp, adatsyz we
nahaýetsiz tamalluk we iftiharlar bilen kyrk tiwäge tylla ýükläp berdi.
Andan soň hezret Aly şähri-Berberden paç alyp, kyrk tiwäge zer ýükläp, misli bezirgen bolup,
Medineýi-münewwerge rowana boldular.
Anda hezret Aly şäherden hemrah çykgan musulmanlarga:
-İmdi sizler jaýlaryňyzga gaýdyňlar-diýip, nowazyş kyldylar.
Erse, Mergup şah derhal atydan özüni taşlap, hezret Aly bilen hoşlaşyp, hezret Alyga garap,
bir gazal okydy. Gazaly-Mergup şah bu turur:
Bu gün azm eýleseň mülki diýara,
Azyz tende şirin janym, hoş imdi.
Synamny çäk edip, bagrymny para,
Jandan artyk mähribanym, hoş imdi.
Gül ýüzüň görmesem, ýokdur kararym,
Senden özge bolmaz köňül mydarym,
Ölinçä gulamyň, eý, şähriýarym,
Hak ibergen ulug janym, hoş imdi.
Zynhar, byradarlyk hakyny hakla,
Dogaýy-haýr edip, ýadyňda sakla,
Günäkär guluň men, magşarda ýokla,
Eý, azyzym, kämiranym, hoş imdi.
Mustapaga ýetir arzy-halymny,
Taşladym köňülde kyl-u kalymny,
Sarp edeý ýoluňda mülk-u malymny,
Hakykat bahrynda känim, hoş imdi.
45
Salam aýtgyn Ebubekir, Omarga,
Hezreti-Osmanga, şahzadalarga,
Külli eshaplarga, azadalarga,
Hoş tekellüm, hoş elhanym, hoş imdi.
Kadyr eýgäm, özüň ýetgir heddine,
Başym gurban etsem serwi-kaddyna,
Peýamymny bir-bir ýetgir Medinä,
Şirin tilli nüktedanym, hoş imdi.
Mergup şah diýr, gözden jemalyň uçdy,
Jydalyk hasraty köňlümge geçdi,
Mejnunyň söwdasy başymga düşdi,
Ýüregimde hoş armanym, hoş imdi.
Elkyssa, andan soň Mergup şah hezret Aly bilen hoşlaşyp, zar-zar ýyglap galdy.
Emma hezret Aly Şahymerdan kyrk tiwani tylladan ýükläp, Medinäge garap, rowana boldular
we anda “İsmi-agzamny” okap, tiwelerge dem saldylar. Anda weliniň keramaty bilen ol tiweler
Düldülden hem tizräk ýörip, ýyldam boldy.
Erse göz ýumup, tä açgunça niçe menzil ýollarny taý kylyp, Medineýi-münewwerge dahyl
boldular.
Erse, Medine halky eşidip, pişwaz öňünden çykyp, istykbal kyldylar we hezret Alyny zyýarat
kyldylar we anda hezret Aly kerremallahu wejhuhu eshablar we ýar-u dost, kowum-akrabalarny
görüp, hoş wagt bolup, jemyg sahabalar birlen görşüp, üşbu ebýatny okuganlary:
Barça gelgen gadyrdanlar,
Geliň, janlar, görüşeli.
Mähriban ýar-u ýaranlar,
Geliň, janlar, görüşeli.
Gezip geldim dag-u düzi,
Ýene gaýdyp gördük sizi,
Kapyr gyryp, bolduk gazy,
Geliň, janlar, görüşeli.
Ebubekir, Omar, Osman,
An hezrete sizler ýaran,
Gaýdyp geldi Şahymerdan,
Geliň, janlar, görüşeli.
Niçe çekdim hijran bary,
Sapar kyldym Rumdan nary,
Gezip geldim çöller sary,
Geliň, janlar, görüşeli.
46
Sagdy-Wakgas, ymam Japar,
Ebul-Müjen, Mälik Ajdar,
Hyzmatkärim Babaganbar,
Geliň, janlar, görüşeli.
Hasan-Hüseýin – azyz janym,
On sekiz gujak oglanym,
Muhammet merdi-meýdanym,
Geliň, janlar, görüşeli.
Patma, Zähra jübti-päkim,
Hanypaýy-syna çäkim,
Akl-u huş, pähmi derekim,
Geliň, janlar, görüşeli.
Tap geltirmeý amudyna,
Şähri-Berber girdi dine,
Murtaza geldi Medinä,
Geliň, janlar, görüşeli.
Elkyssa, andan soň hezret Aly Şahymerdan sahabalar bilen görşüp, Medine mesjidine baryp,
hezreti-Muhammet alaýhys-salamny zyýarat kyldylar. Emma pygamber alaýhys-salam hezret
Alyny görüp, hoşwagt bolup, sagynyp erken. Hezret Alynyň pişanalaryndan posa alyp, köp
nowazyş kyldylar.
Andan soň halaýyklar biçäre Babaröwşenniň ruhlaryna fatyha okyp, doga kyldylar.
Andan soň hezret Aly kyrk tiwe zerni taksym kylyp, jemg sahabalarga we birniçe binowa
biçärelerge we pakyr-u misginlerge berdiler.
Hezreti Alynyň perwazlary şunça iş kyldylar, dostlar şat boldular, munafyklar mat boldular.
Niçe günler gamda erdim, gaýgylar boldy haram,
Şükri-lilla, bu kitap jumga güni boldy tamam.
ZEÝNELARAP DESSANY
Yazylan wagty: 2011.09.26 9:36 | Bölüm: Dessanlary,Edebiýat,Nurmuhammet Andalyp
Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, günlerde bir gün Resul alla-salla-llahu-alaýhywa-sallam birniçe leşger jemg kylyp, Şahymerdany baş kylyp, Rum welaýatyga ýöriş kyldylar.
Otuz üç müň sahabalar, birniçe bahadur we pehliwan birle niçe gün ýol ýörüp, Rum welaýatyga
ýetişdiler. Rum welaýatynyň garawullary baryp patyşahyga habar berdiler. Patyşah şäher-be
şäher, gala-ba-gala atly iberdi, hernä leşger bolsa, jemg edip, ol hezretniň goşunlaryga barabar
çykardy. Bahadurlar we pähliwanlar märekeden çykyp, bir-birine helme ederler. Musulman
tarapyndan hezret Aly Şahymerdan çykdy. Kapyr tarapyndan bir pähliwan çykyp, hezret Alyga
barabar boldy. Bir-birine naýza howala kyldylar, myrady hasyl bolmady. Ahyr hezret Aly
Şahymerdan Zülpükaryny çykaryp, andag çaldy. Kapyr iki bölek bolup ýerge düşdi. Ýene hezret
Aly Şahymerdan perýat kyldy: “Mubaryz meýdan ibergil!” – diýdi. Ol tarapdan hiç pähliwan
çykmady. Hezret Aly Şahymerdan patyşah üstüge sürdi. Patyşah dura bilmedi, gaçdy.
Şahymerdan ýetip başyny teninden jyda kyldy. Any görüp hemme kapyrlar: “El-aman” diýip,
musulman boldular. Hezret Aly Şahymerdanga boýun sunup gelip, pygamber-alaýhyssalamga
47
iman geltirdiler. Tamam halklar musulman boldular. Hezret Aly Şahymerdan patyşahynyň gyzy
Hanypany alyp pygamber-alaýysalam ýanyga geltirdiler.
Pygamber-allaýhy-s-salam aýdy:
-Ýa Aly, bu ne gyz turur?-diýip, bu gazalny okydy:
Gel, eşit imdi sözüm bul zaman,
Bu ne gyzdyr, Şahymerdan-ow, Aly?
Hasret ilen köp çeker ah-u efgan,
Bu ne gyzdyr, Şahymerdan-ow, Aly?
Seni görmen bu şirin jandan diger,
Eýlediň bu şährini zir-u zeber,
Şahny atdan ýer astyga saldyň meger?
Bu ne gyzdyr, Şahymerdan-ow, Aly?
Hiç kim takat geltiralmaz zarbyňa,
Söweş günigorky gelmez ýadyňa,
Düşdi adyň äleme öňden soňa,
Bu ne gyzdyr, Şahymerdan-ow, Aly?
Düldül atyň segredip girdiň ýola,
Düşdi kapyrlar başyna gulgula,
Niçeler hasrat çekip galdy bu ile,
Bu ne gyzdyr, Şahymerdan-ow, Aly?
Hak Resulnyň pähliwany sen, Aly,
Ol hudanyň arslany, şahy, weli,
Açylgan bag-u bostan, bostan güli,
Bu ne gyzdyr, Şahymerdan-ow, Aly?
Elkyssa, andan soň Şahymerdan “Ýa Resul alla” – diýip, bu gazalny aýtdy:
Ägäh bol, surury-didar,
Hanypany alyp geldim.
Gyryldy bişumar küffar,
Hanypany alyp geldim.
Çykyp şahy garşy durdy,
Nagara-sazyny gurdy.
Niçeleri janyn berdi,
Hanypany alyp geldim.
Girip meýdan üzre jöwlan,
Gyryldy begleri çendan,
Niçesi geltirip iman,
Hanypany alyp geldim.
48
Galalarny harap etdim,
Urup bir-birine gatdym,
Sürüp hendegige dykdym,
Hanypany alyp geldim.
Aly diýr, söweş guruldy,
Gylyç-gylyçga garyldy,
Niçeler läşi serildi,
Hanypany alyp geldim.
Elkyssa, Resul huda-salla-llahu-alahýhy-wa-sallam terahhym birle aýdylar:
-Eý perzent, sen kimiň perzendi sen? Adyň nedir? Ýene aýdylar:
-Hudaýy-hijdah hezar älemni bir bilip we meni –Resuly –berhak bilip, musulman bolguldiýdiler.
Ol gyz Resul hudadan bul sözni eşidip, perýat kylyp, aýdy:
-Ýa Resul alla, bildim ki diniňiz berhak turur, sypatyňyz rehmet ul-älemin turur, emma üç
şertim bar, eger kabul kylsaňyz, bendeýi-hassyňyz bolar men – diýdi we ýene aýdy kim:
- Meniň adym Hanypa turur, atam şähri-Rumga halypa erdi. Atamny we agalarymny Aly
öldürdi. Ýeke we ýalguz turur men – diýip, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap erdi.
Emma Resul huda gyzdan bul sözni eşidip aýdylar:
-Eý, perzent, köp ýyglamagyl, ataň ornuga ata bolaýyn we ýene Aýşany madar kylar men –
diýdiler we ýene aýdylar:
-Eý, perzent, ol üç şertiňni beýan kylgyl – diýdiler.
Emma bibi Hanypa bu sözin eşidip, ýyglap, ýüz-gözlerni Resul hudanyň paýlaryga sürtüp
erdiler we bu gazalny aýdar idi:
-Syrry-halym imdi beýan edeýin,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
Şirin janym saňa gurban eýläýin,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
Atam-enem mähriban erdi özüme,
Aýra düşdüm, uky gelmez gözüme,
Zar aglasam, kimse ýeter dadyma,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
Berhem etdi Aly biziň şährimiz,
Harap oldy bag-u bostan, mülkümiz,
Gam-hijrana düşdi şatly köňlümiz,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
Arzym budur – meni berseň Alyga,
Hudanyň arslany, şahy, welige,
Kabul eýle sözüm, musulman bolaga,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
49
Bu dilegim bar turur, aýdaýyn any,
Maňa bermesinler jebr-u jepany,
Oglum bolsa, Muhammet goý adyny,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
Hanypa diýr, imdi muslym bolaýyn,
Dini-yslam ýolun kabul kylaýyn.
Myradym-maksadym hakdan diläýin,
Arzym eşit imdi, ýa Resul alla!
Elkyssa, anda Resul huda pikir kyldylar. Derhal Jebraýyl-alaýhys-salam habar geltirdi: “Ýa
Muhammet, hudaýyň saňa salam aýdy, perişdeler durud iberdi. Hudaýyň aýdy: “Hemme
bendäniň hajatyn bergujy men turur men. Ol gyznyň herne aýganyn kabul kylsyn”. Resul huda
wejiden paryg bolup aýdylar: “Huda kabul kyldy, biz hem kabul kyldyk” –diýip, gyzny Alyga
berdiler. Ýene Patma Zährany pend-u nesihat kylyp, aýdylar:
“Angäh hudanyň emri turur, Hanypany agyrtmagyl”-diýdi.
Emma Patma Zähra söýnüp gelip, aýdylar kim: “Hak tagala maňa sagadatlyk dogan berdi”
diýip, hoşwagt bolup, köp nowazyş kyldylar.
Elkyssa, aradan niçe müddet ötdi. Bibi Hanypa Aly Murtazadan hamyla tutup, bir ogul
töwellit boldy. Inäk, adyny ezizläp, Muhammet Hanapyýa goýdular. Elkyssa, Aly Murtaza
guwanyp, halaýyga toý berip, şad-u horram boldular. Emma bul mertebede aradan niçe
müddetler geçdi. Ogullary ýedi ýaşyga girdiler. Emma ata-ene ogullarynyň didaryga aşyk
erdiler. Bir sagat görmeseler, diwana bolar erdiler. Emma şahzada ymam Muhammet mysalygülge ogşap we gylyklary ýerge ogşap, siňin-siňňin uruş birle turuş höwes kylyp, at üstüge
gadam goýup, kudekligine tutup, seýri-sahra kylar bolup, şikar etgeli köňli gidip, hyýal birle
atalarynyň aldyga berdylar. Tagzym-towazyg birle salam berip, gol gowşuryp durdular. Emma
Şahymerdan bu halny görüp: “Saňa ne boldy?” diýip, bir söz aýtgany. Gazaly-hezret Alywallahu-aalamu-bis-sawab:
Niçik maksatga geldiň uşbu halat birle, perzendim?
Gözümni röwşeni, derdimge dermanym, jigerbendim.
Ajap hatyr perişan sen, balam, ru berdi ne halat?
Maňa aýgyl sözüňni rişteýi-janymga peýwendim.
Howa birlen höwes perwaz eder köňül guşy göýä,
Eýa, eý gülşen, janymga düşgen bilbil handym.
Köňülde nuktaýy-halyňny pynhan etme, yzhar et,
Agyzdan defteri-agzasyn açgan güli-şeker-gandym.
Hudanyň şiridir men, eýlär men maksadyň hasyl,
Kyýamat saýawanym, dünýäde köňlümge hursandym.
50
Elkyssa, şahzada Şahymerdandan bul sözni eşidip, kamatlary ýaý dek bükülip, towazyg birlen
atalaryga garap, bu sözni aýdylar. Gazaly-ymam Muhammet bu turur:
Rugsat bergil, kyblagähim,
Çyksam bir ýana ýar istäp.
Mähribanym, puşt-penahym,
Gitsem seýrana ýar istäp.
Yşk meýinden noş eýlesem,
Sähra çykyp, joş eýlesem,
Köňül wagtyn hoş eýlesem,
Çemenli murgyzar istäp.
Atlar çapyp, ok-ýaý atyp,
Gazal kowlap, gulan tutup,
Ýörsem hudany ýat edip,
Başga-başga diýar istäp.
Gün düşmedik saýa barsam,
Bir altyn saraýa barsam,
Göz görmegen jaýa barsam,
Ýörsem bezm-u şikär istäp.
Muhammetden bul hekaýat,
Aýta bersem ýok nihaýet,
Gün-günden özgedir halat,
Ýüz elem, bikarar istäp.
Elkyssa, andan soň Şahymerdan ymam Muhammetden bul sözni eşidip, haýran bolup aýdylar:
-Gözümniň röwşeni, perzendim, bu jahanda ataňnyň duşmany köpdür, binägäh uçrap, saňa
zyýan ýetgirmesin – diýip, köp pend-u nesihat berip aýdylar. Gazaly-hezret Aly:
Mähribanym, ne diýer sen,
Çykmagyn çöllere sary.
Gözüm ýollarda goýar sen,
Çykmagyn çöllere sary.
Olturyp, kararym olmaz,
Bu köňlüm şat olup, gülmez,
Jahan sensiz göze ilmez,
Çykmagyn çöllere sary.
Balam, kapyr bize duşman,
Seni goýmazlar bir zaman,
Meni gezdirmegin her ýan,
Çykmagyn çöllere sary.
51
Pend-u nesihatym alsaň,
Bu sözüme gulak salsaň,
Gitme, balam, meni diýseň,
Çykmagyn çöllere sary.
Aly diýer, söwer guzym,
Jigerbendim, diňle sözüm,
Nury-didäm, görer gözüm,
Çykmagyn çöllere sary.
Täsir kylmady. Andan soň bı sözlerni şahzada Muhammetniň enesi eşidip gelip, zar-zar, çün
ebri-nowbahar ýyglap, bu sözni aýdy:
Balam, senden senden aýrylmanam bir zaman,
Sen-sen meniň huda bergen myhmanym.
Sensiz bu dünýäde bolmagym güman,
Huda dergähinde şuldur armanym.
Sabyr eýlegil, guzym, kemala ýetgil,
Bul seýr ile şikär bähriden ötgül,
Gider bolsaň, meni öldürip gitgil,
Bolmaz sensiz ýene bir dem amanym.
Rugsat ber diýp, balam, çytma gabagyň,
Ataň birle eneň çekmesin dagyň,
Galmasyn başyma beýle pyragyň,
Hijriňde galgynça çyksyn bu janym.
Balam, sen-sen görer gözüm röwşeni,
Höwes kylma, balam, güli-gülşeni,
Bul arada köpdür ataň duşmany,
Barma, guzym, senden köpdür gümanym.
Beýle höwes kylyp köňül aldyrma,
Nerkesleriň gözýaşyňa doldurma,
Garyp eneň hijran birle öldürme,
Resul bergen Magşar güni myhmanym.
Elkyssa, bul sözlerni şahzada eşidip, hatyr-perişan bolup, kabul kylmady. Ahyryl emr
Şahymerdan-u Şiriýezdan naçar-u näalaç bolup, rugsat berdiler. Aýdylar:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 04
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.