Latin

Baba Röwşen dessany - 16

Total number of words is 3943
Total number of unique words is 1902
18.9 of words are in the 2000 most common words
27.9 of words are in the 5000 most common words
33.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Elkyssa, agalary Ýusupdan bu jogapny eşidip, barçasy janlaryndan umyt üzüp, kylgan işlerige
puşeýman bolup, barça ýüzin-guýin ýykyldylar. Perýat edip ança ýygladylar. Tamam Müsür
halky olarnyň halyn görüp, perişan boldular. Hezret Züleýha perde keýinden durup, agalarynyň
günähin diläp, bu jogapny aýtar erdi.
Züleýha perdede perýat eýleýir,
Herne günä bolsa, ötüp, at ediň,
Gul gaçsa, hojasy azat eýleýir,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Arzym budur ol hudanyň hormaty,
Sany Adam atamyznyň gurbaty,
Şiş nebiniň, Lut nebiniň zynaty,
Müsür ezizi,agalarňyz şat ediň.
Idris ile Nuh nebiniň hakyndan,
227
Ybraýym,Ysmagyl babaň hakyndan,
Ýakup çeken ahy-zary hakyndan,
Müsür ezizi,agalarňyz şat ediň.
Mülküň harap bolar bular ýyglasa,
El göterip, haka doga çaglasa,
Siz ötüňiz bular sizi daglasa,
Müsür ezizi,agalarňyz şat ediň.
Ýamanlyga ýagşylyk kyl,parz erur,
Patyşaga kerem sypat parz erur,
Müsür ezizi,Züleýhadan arz erur,
Ýusup janym,agalarňyz şat ediň.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtdy erse, Ýusup alaýhys-salam erinden syçrap turdy. Aýtdy:
– Eý, jiger guwşelerim, sizlerden zerre kelam ýok turur. Sizler her iş kyldyňyz, derejäm
zyýada boldy. Indi eriňizden turuň. Herne jepa gördüm, hudaý ryzasy üçin bagş kyldym –
diýgeç, hemme birden pygan kylyp, erinden turup, ene Ýusupnyň aýaklaryga baş goýup
ýygladylar. Ýusup olarny gujaklap, görşüp, zar-zar ýyglaşyp, hal-ahwal soraşyp, Müsür şährine
aýyn baglap, gus surnaý, şadyýan kakdyryp, andag zowuk we sapa kyldylar. Ýedi gat asman
perişteleri tarap bazy kylur erdiler. Ýusupga atasynyň zowk we şowky düşüp, hiç nemerse
ýadyga gelmes erdi. Agalary birle maslahat kylyp, atasyga kişi iberur boldular. Aýtdylar:
– Kim bolgaý baryp, bu habarny atamyzga aýtyp, Ýusupnyň köýlegin eltip, gözlerige sütse,
gözleri açylyp ähli öwladyn Müsürge göçürip gelse – diýgeç her agasy aýtdy:
– Men barur men.
Anda Ýusup aýtdy:
– Barçaňyz bawar siz, sizlerden ilgeri Beşer barsyn. Köýlegin eltip, gözlerige sürtse, gözi
açylsyn – diýdi.
Imdi Beşerden söz eşidiň.
Ýakubyň bir kenizleri bar erdi. Oşol kenizniň Beşer diýge. Ogly bar erdi. Bir gün Ýakupnyň
zehinleri käýinip, oşol kenizniň ogly Beşerni satyp iberdi. Beşerniň enesi ýyglap, asmanga
bakyp, perýat kylyp, munajat kyldy. Aýtdy:
– Meni Ýakup Beşerimden jyda kyldy. Onuň hem söwer ogluny jyda kylgaý sen – diýdi.
Anda hatyfdan neda geldi. (Eý, keniz, gam iýmegil. Ol hem söwer olgundan jyda bolýar. Tä
seniň Beşeriň gelip gelip saňa gowuşmagynça, onuň ogly Ýusup hem gowuşmaz – diýip.
Beşerin satgandan soňra, Müsür welaýatyga düşüp erdi. Ýusup ony tapyp, satyn alyp erdi.
Anyň üçin Beşerni iberer boldular. Beşer birniçe katyg menazyl kylyp Kenganga etişdi.
Ýakupnyň haremlaryga ýakyn geldiler, näge görseler, bir kenfir gollarynda küýze rud boýnuga
barur. Beşer ony görüp, salam berip aýtdy:
– Eý, mama, Ýakupnyň öýleri haýsy turur?
Anda ol garry zen aýtdy:
– Ýakupny sorap, ne kylar sen?
Beşer aýtdy:
– Onuň ogly Ýusupdan müjde getirip men.
Kenfir aýtdy:
228
– Kyrk ýyldan bäri ýitgen Ýusupdan ne habar getirip sen?
Beşer aýtdy:
– Ogly Ýusup Müsür şäherinde patyşa turur, aga-ini hemme tanyşdyrlar. Meni iberdiler.
“Bargyl Ýusupnyň köýlegin atamyz gözüge sürtse, gözleri açylar” diýdiler. Anyň üçin kim,
munda gelip men.
Kenfir aýtdy:
– Meger diwana sen, ýa ýalgançy sen. Tä meniň Beşerim gelmeginçä, onuň Ýusup ogly
gelmez – diýip, asmanga bakyp, nala kyldy. Beşer aýtdy:
– Eý, ene, men ogluň Beşer turur men – diýip, özün atdan taşlap, enesiniň boýnuga asyldy.
Enesi bihuş bolup ýykyldy. Baz huşyga gelip, hal-ahwal soraşdyrlar. Andan soňra Ýakubyň
gaşlaryga bardylar. Bu wakalarny ez owwal tä ahyr beýan kyldylar. Ýakup erinden syçrap turup,
Beşerni gujaklap, bihuş bolup, soňra özlerige geldiler. Aýtdy:
– Eý, Beşer, Ýusupny niçik gördüň?
Beşer aýtdy:
– Ogluňyz Ýusup Müsür şährinde patyşa turur, aga-ini hemme tanyşdylar. Mübärek köýlegin
sizge iberdiler. “Gözlerige sürtse, gözleri açylar” diýip, bizni iberdiler. Ene aýtdylar:
“Kengandan ähli öwlatlaryn göçürip, Müsürge gelsinler” diýip, mübärek köýleklerini çykaryp
berdiler. Ýakup ony alyp ysgadylar, andan soň gözlerige sürtdiler. Gözleri owwalkydan zyýada
röwşen boldy kim, misli ýigrim bäş ýaşyndaky dek boldy. Ýusupnyň jemalyga muştak bolup, bu
jogapny aýtar erdi:
Şükür alla geldi kim, olgülgüzarymdan habar,
Kyrk ýyl oldy aýra düşgen şahsuwarymdan habar,
Takatym tak eýlegem sabru-kararymdan habar,
Hijirden zar aglagan leýlu-naharymdan habar,
Ýusup atly gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Bilmenem ne wakyga ýa rast bolgaýmu, ýa hyýal,
Takatym ýokdur ýüzün tä görmeginçä mahy-sal,
Men saňa tabşyrmyşam sakla any, ýa züljelal,
Şükür alla, bar umydym, görkezer ondan jemal,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Bu habar kaýdan geler, hakdan enaýat bolmasa,
Maksada etmez kişi, andan hedaýat bolmasa,
Ybrahym,Ysmagyl,Yshakdan şepagat bolmasa,
Düşmanu-agýarydan ene melamat bolmasa,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Wasyl olmaz hiç kişi tä dagy-hijran olmady,
Ýokdur bir abatlyk tä hana weýran olmady.
Dostlarym köňlümde bir zerre puşeýman olmady,
Çekmedi hiç kimse bir dedige derman olmady,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
229
Ýakub-a, şükür et hudaga,gitdi gaýgy,geldi şat,
Hak tagala Ýusubymnyň ömrüni kyldy zyýat,
Akyl oldur kylmagaý hakdan digerge etimat,
Sabr edip,bil bagladym, kyldym hudaga ygtykat,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Elkyssa, Ýakup alaýhys-salam bu jogapny aýtyp, Ýusupnyň jemalyga intizar bolup:
– Oglanlarym haçan gelur – diýip, olturyp erdi. Emma Ýusup Beşer gitgenden soňra, atsyga
agalarny iberdiler. Ene hem bu namany ýazyp iberdiler. Bolgan wakalarny, görgen jepalaryny
aýtyp, agalarynyň goluga berdiler. Nama Ýusup alaýhys-salam bu turur:
Hudanyň emridi bize, eý ata,
Magzur tutup, özüm bara bilmedim.
Geçiriňler bizde bolsa her hata,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Aldyňyzda agalarym ýyglady,
Alyp çykyp el-aýagym baglady,
Guýyga salmaga meni çaglady,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Birniçe gün guýy boldy menzilim,
Eşitmez hiç kimse bu zary-dilim,
Ene huda asn etdi müşgülim,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Agalarym baryp, meni tutdular,
On sekiz teňňäge meni satdylar,
Meni Müsür diýaryna eltdiler,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Eltip meni täjir bazara saldy,
Müsür ezizi berip bahamy aldy,
Gaýgy bilen ilki gül ýüzüm soldy,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Niçe ýyllar bende bolup zar idim,
Gije-gündiz bela bilen ýar idim,
Gaýgy-gam, dert ile giriftar idim,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Barçasyndan dagy hijran ýamandyr,
Sizler aýrylgaly işim pygandyr,
Ata jan, aýralyk ahyrzamandyr,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
230
Töhmet bile Müsür ezizi gümana,
Elimi baglady bakmaý amana,
Men garyby saldy ene zyndana,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Zyndan içre kyrk ýyl oldum kerabat,
Rehim eýledi huda, kyldy atabet,
Boldy meniň müşgil işim kipaýat,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Ybrahym, Ysmagyl, Yshak babamyz,
Şefagat eýledi görüp nalamyz,
Ata jan, ýyglaňyz okup namamyz,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Siziň dogaňyzdan Ýusup myrada,
Gün-günden hormaty boldy zyýada,
Ene bilmen bir syr bardyr arada,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Elkyssa, Ýusup bu jogapny diýip, agasyga berip, Kengana rowana kyldylar. Baryp atalaryga
etdiler.Baş urup ýyglap, boýnuga arkan salyp, tobaýy-uzur bisýar kyldylar. Ýakup olarny bir-bir
gujaklap günähin ötdüler. Ýusupnyň namasyn okap, görgen jepasyga atasy ýyglar erdi. Gähi
mähnetden rahatga çykganyga hoşwagt bolar erdi.
Elkyssa, Ýakup jemig öwlady birle göç kylyp, Müsürge rowana boldular. Ýusupga habar
berdi kim, “Ataňyz geler” diýip. Ýusup şäher halkyga buýurdy.
–Hemme guruh-guruh atamyznyň aldyga pişwaz çykyp baryňlar – diýgeç, hemme top-top
bolup, ýöriş kyldylar. Ýaş oglan bir taýpa, wezirler bir taýpa, gurrandazlar bir taýpa,
müneçjimler bir taýpa.
Elkyssa, gelip-gelip her haýsysy öz taýpasy birlen aglanyp, tarap bazy kylyp, surnaý kernaý,
nagara, muganny sazanda, guende bir taýpa bolup, Ýakup alaýhys-salamnyň aldyga rowana
boldular. Hezret Ýusup hem nebi Ysraýyl birle atasynyň aldyga çykdylar. Ýakup alaýhys-salam
görse bir gerd peýda boldy. Gerd içinde birniçe atly gelip tagzym-towazyg birle Ýakupnyň
gollaryn alyp, er öpdüler. “Merhaba” diýip görüşdiler.
Ýakup soradylar:
–Kaýdan geler siz?
Olar aýtdylar:
–Ýusup bizlerni özlerinden burun iberdi. Olarnyň habaryn getirdik. Olar hem tiz geler – diýip,
jogap berdiler.
Ýakup ene ilgeri bardylar. Görse, ene bir gerd peýda boldy. Gerd içinde niçe müň atly sanjaksanjak, baýdak-baýdak perda gelip, Ýakup birle görşüp, tagzym-towazyg kyldylar.
Ýakup sordy:
–Bular kimler turar?
Aýtdylar:
231
–Beg-begzadalar turar.
Ýakup ene ilgeri ýörüdiler. Ene bir gerd peýda boldy. Gerd içinde birniçe hüllepuş göründiler.
Ýakup sordylar:
–Bu geleturganda meniň Ýusubym barmy?
Aýtdylar:
–Bular ulamalar turar.
Olar gelip Ýakup bilen görşüp-soraşdylar. Ene ileri ýörediler. Bir gerd peýda boldy. Ýakup
aýtdy:
–Oglum bularnyn içinde barmy?
Aýtdylar:
–Bular hemme müneçjim-gurrandazlar turarlar.
Olar hem gelip, Ýakup birle görüşdiler. Ýakup Ýusupnyn jemalyna andag muştak bolup turar
kim, tamam akyl we huşy gidip, mesti-laýakyl bolup, gözleri er görmeý geler erdi.
Ene bir gerd peýda boldy.
Ýakup sordy:
–Bu gelgenler kimler?
Aýtdylar:
–Bular hemme Ýusupnyň gulam beçjeleri turar.
Ene ilgeri ýörediler. Bir gerd peýda boldy. Gerd içinde sanjak-sanjak, baýdak-baýdak, ferdaferda tugy-ylym esabe, dep-depbe, heýma seraperde, hurşydy-hawer çaharde mahy-enwer,
älemde serwer, ýüz elwan, şan-şöwket, hüýr sypat, perişte sypat, nur hedaýat, tilinde müň zikir
we sena, yşkkynda tamam halaýyk ahy-waweýla, etrapynda jahan soltanlar birniçe hafyzelhanlar, niçe ýüz muganny zamanlar meýmene-meýsere, birniçe mamtabanlar sagynda-solunda,
owaz-gulgula we zenzele burun gelip, Ýusup Tumag atynyň üstünde mübärek kylyp, halaýykny
zowk we şowky birle jemalyga mesti-mustagrak kylyp etişdiler. Ýedi gat asmanyň işikleri
açylyp, jemyg melaýyk nazara kylyp, arş we krüs lowh galam ata ogluga mehdi-sena aýtyp we
huşu-taýr hemme tarap bazy kylyp, hudaý tebarek we tagala rahmetin älemge döküp, jahan ene
pürnur bolup geler erdiler. Ýakup sordy:
–Bu kukabe zenzele kimler turar?
Aýtdylar:
–Ýa Ýakup, nury-didäňiz Ýusup turar – diýgeç,Ýakup alaýhys-salam bihuş bolup ýykyldylar.
Mähremleri gelip, at üstünde düşdüler. Ýusup alaýhys-salamnyň gözleri atasyga düşüp, bihuş
bolup, atdan düşmek hatyr şeriflerden permuş boldy. Ýusup özün atdan taşlap, atasynyň boýnuga
asylyp, ýüz nalaýy-pygan birle halaýykga gulgula salyp, salam berip, bu goşgyny aýtar erdi:
Ýusup: Kyrk ýyl oldy gaçan guluň danyşar,
Hoş gelip siz, baş üstüne,ezizim!
Dostlar gülüp, duşmanlarym ýyglaşar,
Hoş gelip siz,baş üstüne, ezizim!
Ýakup:Kyrk ýyl oldy gaçyrmyşam laçynym,
Jeren gözli maralymyz senmi-sen?
Düýşümmidir, huşummydyr, hyýalym,
Ýusup atly nigärimiz senmi-sen?
–Bir ok idim:alys ere atyldym,
232
Bende bolup, ilden-ile satyldym,
Şükür alla,dogaňyzdan gutuldym,
Hoş gelip siz,baş üstüne,ezizim!
–Senden aýrylgaly eşret kylmady,
Gan ýyglaram,gözde ýaşym sylmadym,
Söwer guzym,kaýdadygyň bilmedim,
Täze bagym,gülgüzarym senmi-sen?
–Niçe gün gudukda menzil eýledim,
Günbe-gün halymny tebdil eýledim,
Aýp eýlemäň,sizni bidil eýledim,
Hoş gelip siz,baş üstüne, ezizim!
–Seniň hijriň,balam,kebap eýledi,
Hudaýym emr edip,atap eýledi,
Diýme “Ýusup – diýip – hytap eýledi,
Hakdan eten didarymyz senmi-sen?
–Ýusup aýdar, oýnap-gülüp gezmedim,
Biejazat syparyşyň ýazmadym,
Ata janym, pyrakyňa dözmedim,
Hoş gelip siz,baş üstüne,ezizim!
–Ýakupnyň tilinde senasy sen-sen,
Jamy-Jemşit jahannemasy sen-sen,
Kyrk ýylky derdimiň dowasy sen-sen,
Gitdi sabry-kararymyz, senmi-sen?
Elkyssa, ata-ogul bu jogaplaryny aýtyp, hal-ahwal soraşyp, Müsürge rowana boldular.
Halaýyk ardynja top-top bolup, olar hem ýöriş kylyp, şäherge girdiler. Şadyýana kylyp, aýyn
bistelik kylyp, ýedi gije-gündiz toý-tomaşa kyldylar, Müsür welaýaty andag parahat boldy kim,
hiç birew-birewge jebir-sütem bolmady.
Elkyssa, söz köp, bu suratda elli ýyl ortadan ötdi. Elli ýyldan soňra Ýakup Ýusup birle we
jemyg Müsür halky birle wydaglaşyp, Kenganga göç kyldylar. Baryp, Şam Kengan halky birle
görşüp, birniçe eýýam bolup, bir gün daryl-penadan daryl-baka ryhlat kyldylar. Kengan halky
agzaz ekram birle jynaza okap, Ybrahym,Ysmagyl,Yshak alaýhys-salamnyň gaşlaryda defn
etdiler.
Emma Ýusup alaýhys-salam birniçe ýyl adyldad kylyp, ömür ötgerip, parahatda boldular.
Birniçe eýýamdan soňra, wagty ajal ýakyn gelip, Ýusup hazan urgan ýaprak dek titredi.
Züleýhanyň gaşyga baryp, ogullary birle wadaglaşyp, zar-zar ýyglaşdylar.
Ýusup Züleýhanyň elin tutup, hoşlaşyp, bu jogapny aýtar erdi. Züleýha hem “Bile gidermen”
diýip, bu jogapny aýtar erdi:
Ýusup: Hoş gal,Züleýha jan,pany dünýäden,
233
Bir zaman eglenmeý ötmeli boldum.
Kimse gelse,gider pany dünýäden,
Hoş, aman bol,janym gitmeli boldum.
Züleýha: Ýusup jan,salmagyl hyjran dagyny,
Eglen birniçe gün, syrdaş bolaly.
Seýr edeli pany,dünýä bagtyny,
Soňra baky ýurta ýoldaş bolaly.
–Her kim gider öz ýoluga Züleýha,
Ata-ogul bir-birinden müberra,
Ýoldaşym imanym eder mejalla,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.
–Sen gideňde zar aglaýyp ýyglaram,
Hijran ody birle jiger daglaram,
Tä ölinçä ýolunda bil baglaram,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.
–Her kimsäge etse ajal hazany,
Gider eglenmeýin, durmaz zamany,
Men giderem,belki, ýokdur gümany,
Hoş, aman, bol, janym, gitmeli boldum.
–Sen bolmasaň,gara gözni neýlerem,
Piste dahan, şirin sözni neýlerem,
Gyzyl-alma ýaňlak ýüzni neýlerem,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.
–Men gidemde goýma özüň jepaýa,
Pygan edip gamla ene azaýa,
Sen aman bol,tabşyrmyşam hudaýa,
Hoş, aman bol, janym, gitmeli boldum.
–Sen bolmasaň dünýäge göz salmanam,
El uzadyp, agu-gyzyl almanam,
Gider bolsaň, men aýrylyp galmanam,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.
–Ýusup hak emrine bilin baglady,
Züleýha jan Ýusup üçin aglady,
Ölüm barça halaýykny daglady,
Hoş,aman bol, janym, gitmeli boldum.
234
–Züleýha diýr,ýagşy-ýaman görmüşem,
Dünýäde armansyz döwran sürmüşem,
Gider bolsaň,men yzyňdan ýörmüşem,
Sabr et, baky ýurda ýoldaş bolaly.
Elkyssa, bu jogapny aýtyp, Ýusup alaýhys-salam zar-zar ýyglap, kazaga ryza berip, Züleýha
birle we oglanlary birle hoşlaşyp, zikri-senaga meşgul boldular.
Nägäh Ýusup alaýhys-salamnyň janlaryn gabz kyldylar. Ony Müsür halky görüp, tagzyet
tutup, pygan göterdiler. Birçäre Züleýha tabyrny gerda-ger aýlanyp, zar-zar ýyglap, bu gazalny
aýtar erdi:
Eziz tenden süýjük janym çykypdyr,
Söz bolmasa, gyzyl tinli neýlerem.
Bady-ajal ymaratym ýykypdyr,
Serw olmasa, kaddy-dalny neýlerem.
Gerekmesdir maňa kaddy-kemalym,
Zäher oldy ab-u şeker zülalym,
Ýusup jan görmese husn-u jemalym,
Gözde nerkes, ýüzde halny neýlerem.
Aýdan aýra gülgün şerap olmasyn,
Gözde sürme, ýüzde gülap olmasyn,
Sünbül saçym, zülpi tanap olmasyn,
Towk-u zerrin gyzyl-alny neýlerem.
Weýran olar bagy bagban bolmasa,
Mülki harap bolar soltan bolmasa,
Baglar içre andalyby bolmasa,
Teç açylgan gyzyl gülni neýlerem.
Züleýha, wagdaňa kylma hyýanat,
Ber bu janyň bäş gün idi amanat,
Goşular sen hak eýlese enaýat,
Ýar bolmasa, jan-u dinli neýlerem.
Elkyssa, Züleýha bu sözni aýtyp, zar-zar ýyglap, ne alaç ederin bilmeý, huşy başyndan gidip,
aklyny aldyryp, sersima bolup, gözüne ýaş dolduryp, “dadu-bidad” diýip, iki gözün oýup, bir
gözüni tabytnyň baş ujunda goýdy. Bir gözüni tabytnyň aýak ujunda goýdy.
Elkyssa, Ýusup alaýhys-salamnyň üstüne tas we atlas zerbap sakallat ýapyp, jynaza okap,
defn kyldylar. Ondan soň Züleýha Ýusupnyň öň tarapynda özüne bir jaý saldyrdy: Jaý tamam
bolgandan soň, Züleýha munajat kyldy.
LEÝLI – MEJNUN DESSANY
Yazylan wagty: 2011.09.26 9:29 | Bölüm: Dessanlary,Edebiýat,Nurmuhammet Andalyp
235
Emma rawylar andag rowaýat kylurlar kim, Bagdat welaýatynyň suhanwerleri andak habar
berurler kim, arap yklymynda Amyry diygen bir jemagat bar erdi. Alarnyň ulugyna Seýit Beni
Amyry diýp erdiler. Zyýada ulug-buzurgwar erdi, welaýaty hem magmur we abadanlyk erdi.
Seýit Beni Amyry zyýada sahyphuner we jümleýi-afakdan şaeste, derwişnewaz, myhmandost,
hoş ykbal erdi. Her çend ki, özi halyfawarlykda meşhur erdi. Liken biheleflikden mysaly şemgybinur, halaýyk gözige tire görünir erdi we manendi hoşa kim, danage arzuwmend erdi. Emma bul
hasrat birle umyt eýlär erdi kim, şaed, desti-bagtym şahaýy-darahty ömrümden miesser
kylyrmukdan diýip, bu tama birle saýyl we derwişlerge köp-köp haýyr we yhsan kylyp, zary we
tazarryg birle dergahy-wajyb el wujudga ýüz urup, ýyglar erdi. Emma sagatlardan bir sagat tiridoga semaýy-nyşanaga degip, kylgan dogasy we dergahy wajyb el wyjydga kabul düşüp, Seýit
Beni Amyryga bir ogul bedri we anyň adyny Kaýys goýdular. Seýit Beni Amyry anyň
hursandlygyndan hazynasynyň işigini açyp, zer we nukradan hudanyň ýoluga tasaddufatlar berur
erdi. Emma bir gün Kaýysnyň jemalyga muhubbet birle tomaşa kyldy kim, göýä aftaby-jahan era
dek eksijemaly jahanny mühewwer kylur erdi we leblebiden şeker saçylur erdi. Anyň kamatyny
görgen we eşitgennin arzuwsyga ol durur erdi. Emma Seýit Beni Amyry bu now perzendi hudaý
tagala ata kylgany üçin sena edip, perwerdigari-hejde hezar älemge şükür kylyp, bu sözni aýydy:
Hudaý-a, gudratyn güýçlük,
Tenimge şan ata kyldyn
Dili gamgynny şat eýlär,
Ajap myhman ata kyldyn.
Guş erdim baly syndyrgan,
Hayy-nefsimni öldürgen,
Öýüm rahmetge doldurgan,
Mehi-taban ata kyldyn.
Başymda fahr täji hem,
Dest kutahym uzyn bul dem,
……………….Müsür ömrüm,
Tuhfa Kengan ata kyldyn.
Ferehlik möjdesi etdi,
Sagadat elgimni tutdy,
Tamamy derd-u gam gitdi,
Maňa derman ata kyldyn.
Semendi-bagt astymda,
Hökümet ziri-destimde,
Ne matlap bolsa kastymda,
Tükenmes kän ata kyldyn.
Yüzüde nury-rahmany,
Münewwer andan imany,
Kime yhsan ata kyldyn.
236
Kelamyň bes, Beni Amyr,
Hydaga şükür kyl wafyr,
Eýa, eý, kadyr-u gafyr,
Ne diýsem, aň ata kyldyn.
Elkyssa, Seýit Beni Amyry bul sözni tamam kylgandan son tamam raýat we tabeatlaryga toý
berip, hamdy-sena birle meşgul boldy. Emma Kaýys bir ýaşyga etdi.Yşk daysy gelip, suw guýdy
we hurşyd yşk peýkerige tab bere başlady. Kaýys iki ýaş bolganda, bir-iki ulpet birle
dilnewazlyk kylur boldy. Elkyssa, muhteser, gün-günden jemaly tarawet tapyp, efsanayyhalaýyk bola başlady. Her kişi kim, anyň mübärek ýüzünü görse, çün bagdy-nesim ýüzüge
dogaýy- dem salyp erdi. Emma Kaýysnyň dili çykyp, tekellim kylarda hudaý tagala kufly dilini
açyp, bu ebýat birle kelamy-agaz kylyp, bul myhammesni aýdy:
Ey huda, öz şowkuna ýar et, aýyrma yşkdan,
Zaty-päkin hormaty zar et, aýyrma yşkdan.
Tä ser-u pa peykerim har et,aýyrma yşkdan,
Gunça könlümni efkar et, aýyrma yşkdan,
Derdi-mahnetden ne mukdar et, aýyrma yşkdan.
Sözlesin janym erip, bagrym köyüp çeksin pygan,
Üstühanym otga yaksyn galmasyn ham-u nyşan,
Jurbary gam bolup aksyn gözlerim yaşy rowan,
Asyya bolup başymga er birle gök her zaman,
Günbe-gün derdim bisyar et, ayyrma yşkdan.
Synayy-çagimge merhem tapmagay men agtaryp,
Tefli-nadan dek özüm mün gatla yyglap yalbaryp,
Küreyi-şowk içre jismim aksa ahen dek erip,
Her kayana telmurup galsam teki-pa mengaryp,
Çün semender peykerim nar et, ayyrma yşkdan.
Yylba-yyl awaralyk kesp eylesem bidatlap,
Yol yörip, çöller gezip, daglar aşyp peryatlap,
Halky-älemin belent awaz ile naşatlap,
Bargaly yol tapmasam ätip, emekläp, datlap,
Bikes-u biçäre, naçar et, aýyrma yşkdan
Kaýys adym il içre çünmeşhur Mejnuň bolsa hem,
Magzy-janym tagna daşy birle pürhün bolsa hem,
Jebri-derdinden eger ki başlarym un bolsa hem,
Köp belalarga meni ýar et, aýyrma yşkdan.
Emma Kaýys bul mynajatny okyp, zar-zar çüň ebri – nowbahar ýyglar erdi. Nägäh enesi bu
sözlerni eşidip, wehm edip, muny mekdepge goýar boldy. Elkyssa, şenbe güni Seýit Beni Amyry
Kaýysny ulug kadalar birlen mekdepge eltip, mugallymnyň aldyga tawşyrdy, welemma
237
mekdephanada birniçe näzenin gyzlar we birniçe periweş oglanlar mugallymdan ylym öwrenir
erdiler. Elgaraz, Kaýys gördi kim, mekdephanada bir mahy-enwer we hurşydy-hawer, bir apatyjan, egana döwran, ýyldyzlar içre Aýga ohşaş birniçe gyzlar birlen Leýli bir tarapda olturyp
durur. Ene bir tarapdan jennet içindäki gulmanga ogşap, periweş oglanlar olturyp dururlar,
mekdepdephana göýä ki jennet –il mäwa erdi we bular hüýr ile gulman erdiler. Ýa ki bir menzilialy we bular barça suraty-jansyz erdiler. Emma Kaýys bu suratlarny görüp, göýä bir suraty-bijan
boldy we ene gözi Leýliniň suratyna düşdi, aňa müň köňül birle aşyky- bikarar boldy. Emma
Leýli hem synasyga Kaýysnyň tiri-yşky jan boldy. Erse anyň tap-takaty galmady. Elgaraz, beher
hal bu günni agşam kylyp, azat boldylar. Irse, bul iki dilbent bir-birlerinden aýrylyp, tä garalary
gözleriden gaýyp bolgunça, bir-birlerige garap barur erdiler. Emma bir-birleriniň garalary
gözleriden gaýyp bolgandan soň ajap halar birlen öýlerige bardylar. Irse, Kaýysnyň enesi
hursand bolup, Kaýysnyň goludan tagtasyny alyp aýdy: “Eý balam, bul gün mekdepge baryp,
häme okudyň”? diýip sorady. Irse Kaýys enesige görgen we eşitgenin beýan kylyp, bir söz aýdy:
Bardym edep saraýyga,
Şenbe güni saba bilen.
Düşdi gözlerim aýyga
Biriniçe dilruba bilen.
Lowhun açyp okur sapak,
Her sapagydyr üç warak,
Nur dökülir tabak-tabak,
Agzy dola sena bilen.
Bir peri häz ile bakar,
Bakyşy janyma ýakar,
Sözlese şekeri akar,
Lebleriden wepa bilen.
Bir peri täze hoş, horam,
Nowgüli-bag-u lälefam,
Käkili müşkdur Leýli Nam,
Ýüz ýaşyrur haýa bilen.
Sözleşedir birin-birin,
Lezzeti janymdan şirin,
Ýüzüde zülpi anbarin,
Ak goşulyp gara bilen.
Gaşy, gözi garaşadyr,
Gol salyban talaşadyr,
Oýnasa, hub ýaraşadyr.
Bir-birige ima bilen.
Kaýysny otga saldylar,
238
Köňlüni elden aldylar,
Tagzym edip eňildiler,
“Hoş!” diýdiler ryza bilen.
Elkyssa, enesi Kaýysdan bu sözlerni eşidip bildi kim, ogly yşk söwdasyga ulaşypdyr. Enesi
aýdy:
“Eý jan oglum, sen hälä häreside turur sen, bu sözlerni goýgul, yşkbazlykdan hälä saňa hiç
peýda ýokdur” diýip, birniçe nesihatlar berip, erte birlen ene mekdepge iberdi. Erse, Kaýys
biçäre baradurgan erinde dilberi ýadyga düşüp, bir söz aýgany bu turur:
Höwes bilen barsam mekdephanaga,
Aklym alar ol dilberiň allary,
Zülpi heniz etgen imes şanaga,
Meger huda uzak salmas ýollary.
Müjgänleri jandan öter gözlese,
Tapmas kişi istäp any yzlasa,
Şeker damar leblebiden sözlese,
Totumydyr, bilbilmidir tilleri.
Hak aşygam, Ýusup nebi çyn pirim,
Käşki meniň bolsa idi destgirim,
Barsam bu gü, ýat örgetse dilberim,
Elip kaddy, nuktamydyr hallary.
Mert başyny hamardyrga emesin,
Namart özüň halk içinde ögmesin,
Ýar bagyga hazan eli degmesin,
Hoşren bolsun çemen-çemen gülleri.
Kaýys baradyr mekdepge hoş bolup,
Ýaryn görmek üçin köňli hoş bolup,
Meniň ömrüm ýar ömrüne duş bolup,
Zyýat bolsun aý-günleri, ýyllary.
Elkyssa, Kaýys mekdephanaga baryp, mollasyga salam berip, tarapda olturdy we ene bir
tarapda Leýli-iki dilber köňül guşlarny perwazga salyp, bir-birlerige gaş we gözlerini ilçi kylyp
olturdylar. Elgaraz, aam ähli mekdep ylym tähsilige dem ursalar, bul iki näzenin yşk husulyga
nepes urar erdiler.
Emma her zaman bir bahana birlen Leýlige: “Galatymny aýtgyl!” diýip, hemden bolup,aldyga
baryp, birniçe sözler aýtur erdi. Emma Leýli hem Kaýysnyň bahana kylyp, sapagyn soraganyň
bilip, tebessüm kylyp, Kaýysnyň janyga ot ýakar erdi we ene köňlüge ot salyp, takatyn alyp erdi.
Gähi Kaýys maşkyny Leýlige eltip, taglym ber diýip, gösterende, ene Leýli gaş we gözün
jilwäge girgüzip, akyl-huşun alup erdi.
239
Elkyssa, bu röwüş birlen birniçe gün ömür ötgerdiler. Bularnyň yşk we muhubbetleri güngünden zyýada bolup, kem-kem arap kabylasyga äşkäre bola başlady. Her tarapdan gybat we
şikaýat kyla başladylar.
Elkyssa, Kaýys ol dilrubanyň yşkydan bikarar bolup, ahy-jigersuz tartar erdi.
Emma bir gün enesi: “Eý, janym balam, nige munça ah tartar sen, bisabyr we biaram erür sen
we ne üçin mudag bikarar bolup sen?” diýdi. Irse, Kaýys enesige garap, perýat kylyp, yşk jamyn
hoşkylganyn beýan kylyp, jan we dilden bir muhammes okudy. Okugany bu turur:
Saky yşky-ezel bedri bu gün jam maňa,
Gussadyr elemiden birniçe engam maňa.
Çarhydan etdi hezer subh bilen şam maňa,
Şire ornuga berip zähr-u zäher kam maňa
Bagşy köňlümge ne sabyr-u, ne aram maňa.
Kim niçik otga urar suw bile topaga şerar,
Ne üçin kim umar ot suw bile topraga garar,
Taş eger bolsa, anyň ança ki köýdürmegi bar,
Zerre dek jismimi ýandyrmak üçin mahy-uzar,
Açdy ýüz, ýapdy ene wada berip ham maňa.
Yşkydan munça ki apatzede boldum, ne kylaý,
Ýaşlygymdan bäri mähnetzede boldum, ne kylaý,
Uwutganym gan meniň, yllatzede boldum, ne kylaý,
Halky-älemde melamatzede boldum, ne kylaý,
Akylymdan galmady bir zerre serenjam maňa.
Hägehan bir buty-nowrestäge düşdi nazarym,
Paýy-bent oldum ki öte almaý güzerim,
Rahy- çeşmimden akyp çeşmeýi huny-jigerim,
Ergäni şam kylyban, gozgalyp ahy-säherim,
Bes barabar görünedir erte bilen şam maňa.
Berdi ustady-tarykat maňa taglymy – bepa,
Ger üç, gör, salsa bu ýaňlyg ene hem jebr-u jepa,
Hab-u hur hajat imes huny-jiger maňa geza,
Açdy il agzyny ki, bes Leýli, Mejnun neba,
Diýse ger janymga çi ol Leýli gulfam maňa.
Elkyssa, andan soň Kaýysdan enesi bu sözlerni eşidip aýdy: “Eý, janym balam, bu sözlerni
aýtmagyl, yşkyňny pynhan saklagyl, birewniň gyzyna melamat kylmagyl, mebada, Leýliniň
enesi eşidip, eneň birlen adabat kylmasyn we ene hem ataň eşitse, seni bu halda goýmas” diýip,
her çend nesihatlar berip, emma köp täkidler kylyp, ene mekdepge iberdi. Elkyssa, Kaýysnyň
yşky zor kylyp, Leýli yşkydan hüý-mezajy başga bola başlady. Elgaraz, diwanawar her tarapa
gider erdi be gäh ahy-ser tartar erdi. Elgaraz, Kaýysnyň ahwaly halaýykga meşhur bolaberdi we
240
ene tagnadan iki tarapda namy-neň peýda boldy. Pelek adaty-gadymysyny başlap, jydalykga
sebäp bolaberdi.
Leýli hem arap kabylasynyň Beni Haý diýgen jemagasydan erdi. Jemaga Beni Haý zyýada ten
mezaj erdiler. Liken ol jemaga Emen birlen Şamnyň arasynda Kuhy-Hejd diýgen bir dag bar
erdi. Şol dagda saken erdiler.
Elgaraz, Leýli birle Kaýysnyň şöhraty we yşky alarnyň gulaklaryga etişdi. Irse, Leýliniň atasy
neň kylyp, Leýliniň enesige aýdy:
“Imdi gyzyňňy mekdepge ibermegil we taşgary çykarmagyl, eger sözümni terk kylsaň,
gyzyňny hem özüňni iki nimge barabar kylup men” diýip gitdi. Elkyssa, Leýli erte birlen
mekdepge rowana boldy. Enesi aýdy:
“Eý, nury-didäm, balam, Leýli jan, imdi mekdepge barmagyl, öýde olturyp, ylmy-keşide
örgengil” diýdi. Irse, Leýli piç-u tabga düşüp:
“Eý, ene jan, her erte uýkudan oýgadyp, mekdepge iberir erdiň, bu gün nige goýmas sen?”
diýdi. Anda enesi aýdy:
“Eý, janym balam, gyz-ogul gözügenden soň, taşgary çyksa, tagna kylurlar, ene ataň hem:
“Imdi Leýli mekdepge barmasyn” diýip gitdi” diýdi. Irse, Leýlige Mejnunyň yşky zor kylyp,
yztyrapga düşüp, kitabyn goluga alyp, bakmaý gidiberdi. Emma enesi Leýliniň etegiden uşlap
goýmady. Anda Leýli jan enesige ýalbaryp, zar-zar, gün ebri – nowahar ýyglap, simap dek titräp
we ýylan dek tolganyp durur erdi. Enesi: “Barmagyl!” diýdi. Ene we gyz bu sözni aýtyşmydylar:
Leýli:
Arzym eşit, eý, ene jan,
Köýdürme janym, goý baraý
Başymga ýykmagyl asman,
Eý, mähribanym, goý baraý!
Enesi:
Eý gülşeni-jany-jahan,
Bagy-baharym barmagyl!
Ruhy-rowan, aramy-jan,
Şeker nisarym, barmagyl!
-Kylawer derdimge derman,
Ýüregimden goýma arman,
Käbäm enem, sen mähriban,
Jennet mekanym, goý baraý!
-Gelmiş halaýykdan seza,
Ataň maňa berur yza,
Bir – bir kelamyň jan feza,
Şeker nisarym, barmagyl!
-Bolsa halaýyknyň üýni,
241
Atam niçik bilgeý muny.
Meng eýleme bul gün meni,
Ruhy-rowanym, goý baraý!
-Ruhsaryňa tartyp nykap,
Oltur mysaly afytap.
Mekdepge mundag mesti-hab,
Çeşmi-humarym, barmagyl!
-Çeksem ýüzümge bes nykap,
Öýge sygarmy afytap,
Men terk kyldym hur-u hab,
Eý pasybanym, goý baraý!
-Açma çemeniň naryny,
Ýyg käkiliňniň taryny,
Goýgul junun etwaryny,
Aşuftawarym, barmagyl!
-Yşk açdy hunsumdan gülüm,
Neçün ýygylsyn käkilim,
Başyň üçin tutma ýolum,
Hoş nuktadanym, goý baraý!
-Eý serwi kaddy simi-ten,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 17
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.