Latin

Baba Röwşen dessany - 08

Total number of words is 3815
Total number of unique words is 1695
20.4 of words are in the 2000 most common words
30.6 of words are in the 5000 most common words
36.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Alynyň ogly turur, eger Alynyň ogly hem bolmasa, döwür ýa peridir – diýip, gamyş dek titräp,
her kaýsy başly-başyga bolup gaçyrberdiler. Andan soň wezir-wekil, atalyk-enelik hemme jemg
bolup, şah Ankanyň aldyga gelip, arz kyldylar:
– Eý patyşah, ne hyýal kylar sen? Eger bolsa, Alydyr, Alydan başga adam bu işlerini
kylabilmez – diýdiler. Patyşah aýdy:
– Andag bolsa, saraýga baryp, bir habar alyp gelsinler kany. Alyny owwaldan görüp bilgen
kişi barmy? – diýip emir kyldy. Erse, mähremler saraýga baryp, sorag kyldylar: “Alyny görgen
kişi barmy?” diýip. Anda bir kapyr söwdagär bar erdi. Ol aýdy: “Eý, mähremler, men Medinäniň
Alysyny görüp, biler men” – diýdi. Erse, şol söwdagärni alyp geldiler. Şah Anka aýdy:
– Eý, söwdagär, Alyny owwaldan görgen bolsaň, şol durgan ýigit Alymu ýa Aly ermesmu?
Anda söwdagär aýdy:
– Aly turur – diýip, şahzadaga garap, başyny titredip, golyga saz alyp, bir söz aýdy:
Şahy-Anka, bu oglanny görer sen,
Medine şährinden gelgen Alydyr,
Bir bent edip, ene halas eýlär sen,
Ülkäňize gyran salgan Alydyr.
Bu jahanda niçe galany bozup,
Howaryjlar ganyn suw dek akydyp,
Biperwa bahadyr başyny üzüp,
Alma kibi golga salgan Alydyr.
Lat-Menat bolsun saňa medetkär,
Gaýtadan bendiňe eýlegil duçar.
Kast edip gelipdir saňa beekbar,
Zülpükaryn tenha çalgan Alydyr.
Pent berip, keniziň aldaýyp tutgan,
Birniçe gün seniň bendiňde ýatgan,
Haýbar derwesin asmana atgan,
Jenadilni weýran kylgan Alydyr.
Söwdagär men, niçe günler ýörüp men,
Göz görmedik şäherlerni görüp men,
Alyny görüp men, tanyp-bilip men,
108
Barça nyşanasy bolgan Alydyr.
Elkyssa, söwdägär bu söz ni aýdy. Erse Anka aýdy: “Eý, bahadyrlar, andag bolsa, durman
tutuňlar” – diýdi.
Kapyrlar çüsti-çäbük baryp, güwläp basdylar. Şahzada bir hudany ýat edip, kapyrlarny bir
tarapdan gyrar erdiler. Kapyrlaryň ölügi harman-harman bolup ýatdy.
Elkyssa, şahzada gyzyl gana batyp, her tarapga atyn çapar erdi. Gähi heläketge etip, haldan
gider erdiler. Emma jemg köçeler gana doldy. Kapyrlarpygany gökni göçürdi. Şah Anka gäsin
galdylar. Kapyrlaryň murdesiden at, kerk-gerdan ýöribilmez erdiler. Emma şahzada atdan düşüp,
pyýada bolup, gyrar erdiler.
Elkyssa, kapyrlar köpläp, ortaga aldylar. Emma şahzada köp haldan gidip, bihuş bolup
ýatdylar. Gyzyl gul dek bedenleri para-para bolup, jerahatlarydan gan rowana boldy. Emma şol
wagt şahzada zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, hudaga mynajat kylyp, bir söz aýdy:
Kerem eýläp meniň golum almasaň,
Dergähiňde garyp boldum, hudaýa!
Gudrat bilen özüň medet kylmasaň,
Dergähinde garyp boldum, hudaýa!
Gül dek tenim boldy ok birle para,
Azar berer birden birniçe ýara,
Neýleýin, yalguz men, men-bagtygara,
Dergähiňde garyp boldum hudaýa!
Gyzyl gan men tenim-açylgan läle,
Pelekni göçürdi ah birlen nala,
Ýalguz başym saňa kyldym howala,
Dergähiňde garyp boldum, hudaýa!
Sansyz leşger meni gymsap alypdyr,
Kyýamat şuryşy bul gün bolupdyr,
Ansyz ömrüm ýalguzlykda galypdyr,
Dergähiňde garyp boldum, hudaýa!
Garyplykda ýokdur meniň ýoldaşym,
Sen-sen meniň elim tutar goldaşym,
Kapyrlar içinde bul garyp başym,
Dergähiňde garyp boldum, hudaýa!
Gözüm ýaşy akar suw dek, silindi.
Bagrym sansyz elem birlen dilindi,
Ýalguz galdym, garyplygym bilindi,
Dergähiňde garyp boldum, hudaýa!
Dergähiňe bu gün geldim amana,
109
Ýüz tutam men bu gün kadyr rahmana,
Şahzada diýr, gutulmagym gümana,
Dergähiňde garyp boldum, hudaýa!
Elkyssa, şahzada bu sözlerni aýdyp, takdyry hudaga razy bolup, başlaryny aşaga salyp
olturdylar. Emma kapyrlar gorkup, hiç biri bara bilmez erdiler. Elkyssa, şah Anka
kementendazlarny geltirip, bäş ýüz kement taýýar kylyp, şahzadanyň üstüge taşladylar.
Şahzadanyň tamam agzasy bent boldy. Andan soň şahzada bir nagra urdular, kementler mysaly
enkebut gyryp, dowzahga iberdiler. Elkyssa, kementendazlar ene ýüz kement taýýar kylyp,
şahzadanyň üstüge taşladylar . Şahzadanyň tamam agzalary bent boldy. Kanyrlar gelip,
şahzadanyň gol-aýagyn baglap, boýunlaryga gyl salyp, şah Ankanyň aldyga alyp geldiler.
Patyşah aýdy: “Eltip zyndana taşlanlar” diýdi. Elkyssa, şahzada biçäräni zyndana taşladylar.
Emma şahzada zyndannyň içinde garyplyk başyga düşüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
ýaryny ýat edip, bir söz aýdylar:
Seni istäp çykyp, geldim şul ýana,
Bilmedim, jananym, halyň ne geçdi?
Ýusuby-Kengan dek düşdüm zyndana,
Züleýha nyşanym, halyň ne geçdi?
Men bu ýerde gaýgy bilen külpetde,
Zyndan içre jebir bilen mähnetde,
Sen kaýsy ülkede, kaýsy söhbetde,
Zülpi perişanym, halyň ne geçdi?
Seni kimden soraý şikeste halyň,
Dilär men, istär men hakdan wysalyň,
Gije-gündiz pikrim – seniň hyýalyň,
Matlabym-armanym, halyň ne geçdi?
Seýran edip Medinäniň çölünde,
Ýesir boldum gelip, Anka golunda,
Sen hem esirmu sen duşman elinde,
Täze nowjuwanym, halyň ne geçdi?
Gamlyk köňlüm hyýalyndan sowatman,
Senden özge dilrubany ýat etmen,
Sen meni unutma, seni unutma,
Täze gülüstanym, halyň ne geçdi?
Ýaşlygymda köňlüm algan nigärim,
Kyýamatlyk hemdem bolgan dildarym,
Meniň munda ýokdur sabr-u kararym,
Sen anda, jananym, halyň ne geçdi?
110
Şahzada diýr, meniň üçin zarmu sen,
Ýa bolmasa gaýry bilen ýarmu sen,
Zeýnelarap, aman-esen barmu sen,
Jennetim-ryzwanym, halyň ne geçdi?
Elkyssa, şahzada bu sözni aýgandan soň, zar-zar ýyglap, giriftary-zyndan bolup ýatdylar.
Imdi sözni şah Ankadan aýdalym. Elkyssa, şah Anka şahzadany zyndanga salgandan soň,
hezret Aly hyýal kylyp guwanyp, halaýykga toý berip, owwalky halyny unudyp, Rüstem ananlyk
agaz kylyp, adyny sahypkyran goýdy. Andan soň niçe welaýatlarga at çapdyryp, jar urup,
söýünji diýip kişi iberdi, kim: “Alyny tutup, zyndana salyp goýdum. Meniň galgamnyň kasdyga
gelgen erken. Lat-Menat mededi birle giriftary-zyndan boldy” – diýip, jar urdurdy. Şah Anka
sahypkyran bolup oltursyn.
Imdi sözni başga tarapdan aýtalym. Jemhurny ymam Muhammet musulman kylmasdan
burun, Jemhur Ankanyň gyzy Tugra perige sawçy iberip erdi, “Maňa gyzyny bersin” diýip. Şah
Anka gelgen kişige berer jogabyn berip, iberip erdi.
Elkyssa, şah Anka Jemhurga nama iberdi: “Owwal-benamy-ateş, duwwum-benamy-LatMenat, sewwum-benamy-maňa, şah Anka turur men. Jemhurbeg, egäh-u dana bolsun kim,
Alyny tutup, zyndana saldym. Imdi Alyny öldürip, andan soň toý kylyp, Tugrany alyp titsin”
diýip, kişi iberdi. Şah Ankanyň ibergen lişisi geledursun.
Imdi Şahymerdandan söz aýdalym. Emma Şahymerdan Ymlak birle Zeýnelarapny alyp,
hoşwagt-u horram bolup leşgerge geldiler. Erse, ymam Muhammet görünmedi. Ymamzadalar
aldyga pişwaz çykyp, hezret Alyny zyýarat kyldylar. Şahymerdan sordular: “Eý guzularym,
ymam Muhammediňiz kany?” diýip. Ymam Hasan atlarynyň aldynda tagzym-towazyg birle
ymamga bolgan wakalarny beýan kylyp, bir söz aýdy:
Bir tün leşger etrapyny yzlaýyp,
Hökmüňizni Mälik rowan eýledi.
Bir kimsäni tutup alyp, sözledip,
Ol kapyr niçe söz beýan eýledi.
Aýdy: “Ymlak bu gün toýuny kyldy,
Zeýnelarap birle öýüne geldi.
Myradyga etip,goýnuga girdi,
Halaýykny şad-u handan eýledi”.
Bu sözni Muhammet bir-bir eşitdi,
Mest bolup, şol zaman özüden gitdi,
Bilmedik kaý erde mesgenin tutdy,
Ruhsarasyn bizden nahan eýledi.
Hazansyz ruhsarym eýledi hazan,
Üýn tartyp, üýn tartyp, eýledi pygan,
Mübärek hatyry boldy perişan,
Huda dergähinde aman eýledi.
111
Ymam Hasan aýdar, jigerparamyz,
Kaýan gitdi,tapylmady çärämiz,
Hökm etseňiz her ýan istäp baramyz,
Kaýsy bir ülkäni mekan eýledi.
Elkyssa, Şahyrmerdan bu sözni eşitdiler. Erse, hatyrlary perişan bolup, “Wadaryga, perzent
nury-didäm, balamdan aýryldym” diýip, köp nalan kyldylar. Andan soň dergazap bolup,
Ymlakga garap, aýdylar:
–Musulman bol, hudany bir bil, Muhammet Mustapany pygamber berhak bil – diýdiler. Erse,
Ymlak kapyr aýdy:
–Men musulman bolmas men – diýdi.
Erse, hezret Aly Jemhurga aýdylar:
–Bu kapyrny mähkäm baglap goýgul, Şaed, ymam Muhammet tapylsa, özi öldürip, öjüni
algaý – diýdiler.
Erse, Jemhur Ymlakny bent kylyp goýdy. Andan soň Şahymerdan leşgerge jar urdurdylar.
“Galgaga at goýuň” diýip.
Andan soň özleri Düldülge münüp, Zülpükaryny gulapydan çykaryp, Düldülni hendekge
tutdular. Düldül janawar hezret Alynyň permany birle hendekden syçrap ötdi. Andan soň hezret
Aly Şahymerdan baryp, derwezäge bir amud urdular. Erse, derezesi synyp, galganyň burçlary
ýykyldy. Elkyssa, Şahymerdan derwezäniň birin alyp, hendekge taşladylar. Erse, körük boldy.
Andan soň, hezret Aly leşgeri-yslam at goýup, hendekden ötüp galaga girdiler.
Erse, Şahymerdan Katran şahga duş boldy. Hezret Aly Düldüliň üstünden uzadyp, Katrannyň
kemeriden tutup, iman arz kyldylar. Katran betbagt iman geltirmedi. “Iman geltirmeseň, jezaň
şul turur” diýip, başyn kesdiler. Jany melekil-möwt bazaryga gapgan-terezi alyp duz satmaga
gitdi.
Bir tarapdan şahzadalar gyrgyn kylar erdiler. Elkyssa, galgan barça kapyrlar jan-dil birle “Elaman! El-aman!” diýip, çagyrdylar. Emma Şahymerdan: “ Aman-nyşanaýy-iman” diýip, alarga
rehmi gelip, Zülpükaryn gulapyga salyp, şepagat birle alarga iman arz kyldylar. Emma ulug-u
kiçik, barça musulman boldular. Elkyssa, Şahymerdan bu şäherniň içi-daşyny bir-bir kydyrdylar,
emma Muhammetni tapmadylar. Şahymerdan perişan bolup, hiç kimden soragyn tapa bilmedi.
Zar-zar ýyglap, hudaga zary kylyp, bu gazalny aýdylar.
Gazaly-Şahymerdan:
Istäp çyksam, gitsem seni yzlasam,
Bargan ýerdiň, balam, belli mekanmy?
Daglarda-düzlerde ýörsem gözlesem,
Ýa bolmasa, istäp tapmak gümanmy?
Günbe-gün artadyr derdi pyragyň,
Takatym ýok turur, köýdürer dagyň,
Kimden yzlap, alaý seniň soragyň,
Kişi bilmez o ýanmydyr, bu ýanmy?
Gapyllykda, toty guşum, gaçyp sen,
Gözüň ýumup, bu ülkeden geçip sen,
112
Gongan gülşeniňde durmaý, urup sen,
Gongan ýeriň mundan artyk bostanmy?
Galdyň kaýsy Gülşen birle çemende,
Kaýsy bir ülke, kaýsy watanda?
Bar-u ýoguň maňa boldy gümanda,
Bargan ýeriň ilmi, çölmi, muganmy?
Salmaý gulak ataň beren pendine,
Mysapyr sen kaýsy inliň kendine,
Ýesirmi sen ýa kimsäniň bendine,
Ýatgan ýeriň Jerrar atlyg zyndanmy.
Ne ýerden agtaryp tapar men seni,
Sergerdan eýlediň gamyňda meni,
Bir gün diýp äht etdiň, wepasy kany?
Ýalguzym, barmy sen, esen-amanmy?
Şahymerdan, jiger ganyny içer,
Ýat edip, göz ýaşyn ýüzlerge saçar,
Bilmedim men, seniň halyň ne geçer,
Öter günüň ýagşymydyr, ýamanmy?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözni tamam etgenden soň, perişan bolup aýdylar:
–Eý, ýigitler, Muhammetden hiç nam-nyşan bolmady. Imdi ne maslahat turur? – diýdiler.
Erse, danyşmendler:
–Eý, Şahymerdan, köp bitakat bolmaň, her tarapga ilçi iberiň we ene Medine sary kişi iberiň,
şaed, nä bilgeý – diýdiler. Erse, Şahymerdan bu sözni eşidip, ymam Hasanny ýanlaryga çarlap,
zar-zar ýyglap, ymam Hasanga garap, bir söz aýdylar: Gazaly-Şahymerdan:
Gözüm nury, jiger bendim,
Git sen, hakdan aman yzlap,
Bar Medinä alyp pendim,
Muhammetden nyşan yzlap.
Aňla, guzym, uşbu sözni,
Ur Medine sary ýüzni,
Agtaryp dag bile düzni,
Eglenme bir zaman yzlap.
Tur, yrak etgil araňny.
Istegil jiger paraňny,
Agtaryp gitgil töräňni,
Ýyglagyl, suz-pygan yzlap.
113
Şähri-Medinäge bargyl,
Öý baryn agtaryp görgül,
Muhammet halyny sorgul,
Enesinden pynhan yzlap.
Aly aýdar, dildarym ýok,
Muhammet şahsuwarym ýok,
Tiz ýetişgil kararym ýok,
Atyň elden rowan yzlap.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözni aýdyp, şahzadalarny otuz kişige serdar kylyp Medineýimünewwerge rowan kyldylar. Emma ol otuz kişi katgeýi-menazil we teýi-merahil kylyp, birniçe
mütdetni ötgerip, şähri Medinäge dahyl boldular.
Emma şahzada ymam Hasan we ymam Hüseýin ahysta-ahysta öýlerige bardylar,
walydalaryny zyýarat kyldylar, emma hatyrlary perişan, gözleriden katra-katra ýaş döküp,
şahzada ymam Muhammetniň eneletiden bu syrny pynhan saklap, zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, eneleri Patma Zähradan Muhammetni sorap, bir söz diýgenleri bu turur:
Atamyzdan size salam geltirdik,
Gamhor enem, gamhor inim geldimu?
Niçe gündür Muhammetni ýitirdik,
Hemra gitgen dildarymyz geldimu?
Pelek aňa beýle jepa edipdir,
Höwes birlen sähra ýolun gutup
Bir dilberge köňül berip gidipdir,
Sebze kylan baharymyz geldimu?
Kişi bilmez nedir hökmi-ylahy,
Ýar istäp, adaşyp gidipdir rahy,
Enesi goýnudan çykmagan mahy,
Körpe guzy, goçgarymyz geldimu?
Aşyklyk söwdasyn başyga dakyp,
Gidipdir muhabbet bahryna akyp,
Enesi galypdyr ýoluna bakyp,
Ter açylgan gülzarymyz geldimu?
Atamyz gamyndan köerler bişip,
Hasret birle pelek bagryny deşip,
Men yzlap gelip men bu ýola düşüp,
Jandan artyk jananymyz geldimu?
Atamyz bolupdyr anda haýrana,
Hatypa biçäre munda girýana,
114
Atamyz bolupdyr anda haýrana,
Hanypa biçäre munda girýana,
Atajan, ogluňyz boldy sersana,
Meniň munda jiger param geldimu?
Nala kylmaý diýsem ýanar ýüregim,
Muhammetdir meniň hakdan dilegim,
Istäp-sorap tapylmaýdyr geregim,
Bagda bitgen gyzyl gülüm geldimu?
Ymam Hasan aýdar, ýanyp baramen,
Ansyz bu ülkede niçik duramen,
Atamyň ýanyga ne diýp baramen,
Köňlümiň hoşgähi munda geldimu?
Elkyssa, şahzada ymam Hasan bu sözlerni aýdylar. Erse, Patma Zähra bu sözlerni eşidip, zarzar ýyglap, aýdylar:
–Eý jigergüwşäm, balam munda gelmedi – diýdiler.
Erse, ymam Hasan aýdylar:
–Eý walydaýy-mähriban, pedermizniň amanat sözlerin aýdaýyn, bu sözni ymam
Muhammetniň enesi bibi Hanypa bilmesin, bu syrny pynhan tut – diýip erdiler.
Elkyssa, şäherniň halkydan sordular, hiç nam-nyşan tapmadylar. Emma bu pynhan
sözlerhalaýykga äşgär boldy. Ymamnyň enesi biçäräniň gulakga degdi. Erse: “Waweýla,
balamdan jyda bolganyga ogşarmen” – diýip, perýat kylyp, ýakasyn çäk edip, ýüz-müň nala
birlen Patmanyň aldyga gelip, aýdylar: “Eý ýary-kyýamat, rast sözle, ol tarapdan ne habar bar
turur?” – diýip, Patma Zähraga garap, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz aýdy:
Ogluň Hasan ne söz birle gelipdir,
Hakykatyn maňa kylgyl hekaýat!
Menden gaýry jümle ulus bilipdir,
Men bilmesem, maňa bolgaý ne halat!
Muhammet saryga hyýalym maýyl,
Şur-u pygan eýlär häge kabaýyl,
Aklym gidip, huşum bolupdyr zaýyl,
Başyma düşgen dek wehmi-kyýamat.
Pişdeýi-ruzgärim ötüp baradyr,
Ajal gelip ýakam tutup baradyr,
Ruhum öçüp, janym çykyp baradyr,
Muhammet barmykan asla salamat?
Men bilmezin jyda bolar ogşadym,
Ýalguz galyp, ganlar ýyglar ogşadym,
Duşman tagnasydan öler ogşadym,
115
Gulagymga geler sury-kyýamat.
Hanypa diýr, arzym budur, aňlagyl,
Ne söz bar arada beýan eýlegil,
Meniň kyýamatlyk doganym bolgul,
Balaň aýgan sözni eýle delalat.
Elkyssa, bibi Hanypa bu sözlerni tamam etgenden soň, Patma Zähra hem bolgan wakalarny
bir-bir beýan kylyp, bibi Hanypaga garap, zar-zar ýyglap, bir gazal aýdylar:
Muhammet beýanyn eşitgil, janym,
Owwalan yşk ýolun tuta gidipdir.
Duganam-munysym, iki jahanym,
Soraýyň ygtyraz ede gidipdir.
Bilmez kişi gidipdir ol kaýana,
Alar yzlap gelip erken bu ýana,
Köňül berip bir dilberi-janana,
Hasratyňdan gaňlar ýuta gidipdir.
Söwer ýaryn aldyrypdyr elinden,
At çapypdyr Aly gitgen ýolundan,
“Habar alyň” diýip, Mekge ilinden,
Barçasy göz ýumup öte gidipdir.
Hemrah baryp, kapyrlarny gyranda,
Bölek-bölek kylyp, her ýan sürende,
Agalary birle oýnap ýörende,
Tiri-yşky bürýan ede gidipdir.
Gitgenini hiç kim bile-bilmeýdir,
Yşk bahryna her kim bata bilmeýdir,
Patma diýr, takat ede bilmeýdir,
Ýaryny ýitirip, ýite gidipdir.
Elkyssa, Patma Zähra bu sözni aýdy. Erse, Hanypaga köp pend-u nesihat berip, aýdy:
–Eý, ýary-duganam, hudaga şükür kylgyl, her iş bolsa, hudadan turur – diýdiler. Emma
Hanypa oglunyň halyny bul mertebede eşidip, perýad-u pygan kylyp, gözüniň ýaşyny derýa dek
rowana kylyp, birniçe zagypny ýoldaş edip, bir çadyrny başyga bürenip, pygamber sallal-lahy
aleýhu wesellemniň rewzelerige baryp, gabyrlaryny gujaklap, gözüni-ýüzüni sürtüp, zar-zar, çün
ebri-nowbahar ýyglap, ýüzüni kyblaga garadyp, bu sözni aýdy:
Bu aly astanyňny rowa kyl, ýa Resul alla,
Gelip men ýüz tutup, gamdan reha kyl, ýa Resul alla!
116
Eýa, eý, serweri-täji, hemme şahlar şahynşahy,
Şepagat birle köňlümni ryza kyl, ýa Resul alla!
Sypatyň rehmetil-älemindedir, hiç şek bolmaz,
Men bagtygaraga bir doga kyl, ýa Resul alla!
Habybym diýp iberdi şanyň üçin täji-lulu,
Kerem eýläp, Muhammetni ata kyl, ýa Resul alla!
Hanypa geldi döwlethanaýy-aly makamyňa,
Myradym bermeseň, ýanyňda ja kyl, ýa Resul alla!
Elkyssa, bibi Hanypa bu mynajatny okyp, ýüzüni gabyrga sürtüp ýyglap erdi. Nägäh gözüni
uýky aldy. Şol wagtda Resul huda häzir bolup aýdylar: “Eý perzent, köp ýyglamagyl, enşaalla
tagala, ogluň sag salamat geler” diýip, gaýyp boldular. Elkyssa, Hanypa biçäre ornundan syçrap
turup, perýat-pygan birle ogullaryny diläp, bir söz aýdylar. Gazaly-bibi Hanypa bu turur:
Kerem eýläp, enaýat kyldyň,
Muhammetjanymy tiz maňa etgir!
Perzent edip berdiň, hedaýat kyldyň,
Muhammetjanymy tiz maňa etgir!
Atamdan-enemden galgan nyşanym,
Bu älemde meniň şemgy-rowanym,
Muhammetdir meniň iki jahanym,
Ýusup nyşanymy tiz maňa etgir!
Aly makamyňa geldim amana,
Sabr etsem köýdürer jebri-zamana,
Ömrümniň ülkesi galdy talana,
Döwletli hanymny tiz maňa etgir!
Lutfuň maňa hoş eýlesin, saçylsyn,
Altyn pyýalada alyp içilsin,
Mähribanlyk eýle, kaňlum açylsyn,
Ol ýalguz balamny tiz maňa etgir!
Özüň adyn goýduň, diýdiň Muhammet,
Äleme sen any eýlediň Sermet,
Ulug döwlet birle eýlediň medet,
Eziz myhmanymy tiz maňa etgir!
Ulug astynyga kyldym howala,
Makberi üstünde çeker men nala,
Hazan eli ösmeý serw-u nahala,
117
Bagy-bostanymny tiz maňa etgir!
Hanypa diýr, köýüp, bolup men eda,
Söwerinden hiç kim bolmasyn jyda,
Myradymny beriň, Resuly-huda,
Arzu-armanymny tiz maňa etgir!
Elkyssa, Hanypa biçäre Resuly-hudanyň gabyrlaryda zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
andan soň öýlerige gelip, sabyr kylyp olturdylar.
Imdi sözni ymam Hasandan eşidiň. Ymam Hasan Medinäni köp-köp barladylar,
Muhammetden nam-nyşan tapmadylar. Andan soň bibi Patmaga aýdylar:
–Eý, walydaýy-mähriban, imdi rugsat berseňiz, atamyz Şiri-hudanyň hyzmatlaryga barsak –
diýdiler. Bibi Patma aýdylar:
–Bargyl, balam, huda ýaryň bolsun – diýip, iberdiler.
Ymam Hasan niçe menzil ýolny bir demde alyp, hezret Şahymerdanyň hyzmatlaryga baryp
aýdylar:
–Eý pederi-buzurgwar, ýagty jahanny garap, Muhammetden nam-nyşan tapmadyk – diýip
zar-zar ýyglap, atalaryga garap, bir söz aýdylar. Gazaly-ymam Hasan:
Kyblagähä, bagry set paramny yzlap tapmadym,
Bu garyplyk ýoluda biçärämni yzlap tapmadym,
Yşk odyga köýgen efgarymny yzlap tapmadym,
Täleýi-şum, bagtygaraýymny yzlap tapmadym,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlap tapmadym.
Ýolga çykdym yzlaýyban, çar tarapga telmirip,
At sürüp, deşt-u beeban, dag-u daşny yzlaýyp,
Waý, inim, diýp ýyglaban, etim guzy dek bozlaýyp,
Niçe şähr-u niçe sähralarny gezdim soraýyp,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlap tapmadym.
Kyçgyryp perýat eder men, her şäherde saz edip,
Nagra çekdi säherlerde men belent owaz edip,
Janawarlardan ki sordum özüme demsaz edip,
Gäh-gäh Gülşen gezip, bilbil deýin owaz edip,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlap tapmadym.
Kaýda bardym jüstejuý eýläp, kylyp aly makal,
Pursişimden nala eýlär çölde ki ah-u gazal,
Yns-u jyns-u hoş tuýurlar galmaý baryn kyldym sowal,
“Görmedik” diýp dilge geldiler behökmi-züljelal,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlap tapmadym.
At sürüp bardym Medine şähri içri wawaýlap,
Enemiz çykdy “balam” diýip, datlab-u bidatlap,
118
Il-u halkdan köp sowallar etdim any perýatlap,
Çahhy-gerdun tire boldy nalasyn binýatlap,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlar tapmadym.
Hak saryga ýüz tutup, hatyr-perişan ýygladym,
Nagra dartyp ebri-neýsan dek dürefşan ýygladym,
Gabry hezretni zyýarat eýledim, gan ýygladym,
Agtaryp şahzadany biser-u saman ýygladym,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlar tapmadym.
Il-halkdan rugsat aldym,hyzmatga geldim ýol gezip,
Asta-asta gaýdyberdim dag-u daş-u çöl gezip,
Niçe derýalarny gördüm, niçe deňiz, köl gezip,
Şah Hasan aýdar, gelip men, niçe menzil teý kylyp,
Dünýäni gydryp, jiger paramny yzlar tapmadym.
Elkyssa, Şahymerdan ymam Hasandan bu sözni eşidip, zar-zar ýyglap, hudaga şükür kylyp
olturdylar.
Imdi sözni şahy-Ankanyň ibergen ilçisiden eşidiň. Emma şahy Anka bir adamga hat kylyp,
möhür basyp iberip erdi kim: “Alyny tutup zyndana saldym, Jemhur beg gelip, Tugra perini alyp
gitsin” diýip. Ilçi hatny alyp, niçe meňzillerni teý kylyp, Jemhurnyň galgasyga bardy. Emma
Jemhur gala boş durmasyn diýip, bir inisini galgada goýup, özi bäş inisi birle hezret Aly
Şahymerdannyň hyzmatlaryda erdi. Ankanyň haty birle içlisi gelip, Jemhurnyň inisige duşdy.
Erse, Jemhurnyň inisi hat birle ilçini agasynyň ýanyga alyp geldiler. Jemhur beg hat birle ilçini
hezret Alynyň ýanlaryga alyp geldi. Erse, Şahymerdan sordular:
–Eý, Jemhur beg, bu ne adam turur? – diýdiler.
Anda Jemhur aýdy:
–Bu adamny sorsaňyz şähri Zingar diýgen bir gagla bar turur. Anyň patyşasyga şahy-Anka
diýirler. Bu ilçige hat berip, bizge iberip turur, bizler hem siziň hyzmatyňyzga geltirdik – diýdi.
Erse, Şahymerdanhatny alyp, mylahyza kyldylar, aýdyp turur: “Eý, Jemhur beg, Medinäniň
Alysy gelip, bizniň şährimizniň ýagşy-ýamanyny bilmekge we ene Tugra gyzymny alyp
gitmekge gelgen erken. Bizler Alyny tutup zyndana saldyk. Imdi Jemhur beg gelsin, maslahat
birle Alyny öldürip, andan soň Tugra gyzymny alyp gitsin” diýgen hut turur. Andan soň hatny
goýup, hezret Aly aýdylar:
–Eý, ilçi beg, sözlegil, ne habar bar? – diýdiler.
Ilçi aýdy:
–Eý Şahymerdan, sözüň owwalydan beýan kylsam, Ankanyň bir gyzy bar, adyga Tugra peri
diýrler. Bir gün köşk tomaşasyga çykyp, derýanyň boýnudan bir ýigit tapyp geltirip, perweriş
kylyp ýörer erken. Şahy-Anka bu habarny eşidip, şol ýigitni Aly hyýal kylyp, zyndana saldy.
Andan soň maňa habar berip, Jemhurga iberdi “Gyzymny alyp gitsin diýip”.
Erse, Şahymerdan söznüň mazmunyny bildiler kim, ymam Muhammet Ankanyň zyndanyga
giriftar bolup turur. Andan soň Şahymerdan şähri-Kamusny Jemhurga tabşyrdylar. Özi dergazap
bolup, ymamnyň zyndana düşgenin bilip, hapa bolup, söz aýdylar:
Kapyrlaryň bolup bendi-esiri,
119
Natuwan sen, düşüp garyp ýerlere.
Haýrandyr men balam gitgenden bäri.
Perişan sen, düşüp garyp ýerlere.
Ot ýakdy janyma pelek çakylyp,
Köer oldy tenim oda ýakylyp,
“Kim geler” diýip gözüň ýolda bakylyp,
Nägehan sen, düşüp garyp ýerlere.
Pelek akyzypdyr gözüňden ýaşy,
Awy birle goşup beripdir aşy,
Pelek aýlandyryp hesretli başy,
Sergerdan sen, düşüp garyp ýerlere.
Barar sen her zaman bakyp ýollara,
Telmirer sen sagyň bilen sollara,
Jirjis dek pyganyň düşüp çöllere,
Gedalar sen, düşüp garyp ýerlere.
Şahymerdan aýdar, söýgülik janym,
Şahuswarym, begim, Rüstem ananym,
Melaýyk hoýlugym, Ýusup nyşanym,
Ba arman sen düşüp garyp ýerlere.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözni aýdyp, gelgen ilçini geltirip, iman arz kyldylar. Ol biçäre
gorkandan musulman boldy, “Kelemeýişeripni” dilige jary kylyp aýdy: “Lä ilähi illalla,
Muhammet resul alla” diýip, musulman boldy. Andan soň Şahymerdan aýdylar kim:
–Adyň nedir?
Ilçi aýdy:
–Adym Zertip turur – diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Şahymerdannyň aýagyga
ýykyldy. Emma Şahymerdan aýdylar: “Eý Zertip, köp ýyglamagyl, huda tagala seni jenneti
kyldy we tükenmes ulug döwletge mynasyp görüp, müşerrep kyldy” diýip, pend-u nesihat kyldy.
Emma aýdy: “Eý Zetip, imdi öz welaýatyňga ýol başlagyl” diýdiler. Zertip jany-dil birlen kabul
kylyp, tagzym kyldy. Şahymerdan emr kyldylar: “Tamam leşger atlansynlar, şähri Zingarga
bararmyz” diýdiler. Jarçylar her ýerde jar urdular.
Emma oşol wagt Zeýnelarapga habar etdi. Emma Zeýnelarap şahzada griftary-zyndan
bolganyn eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz diýdi. Gazaly-Zeýnelarap bu turur:
Sen çekinçä zyndan jebr-u jepasyn,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Sen görginçä hijran der-u belasyn,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Telmirip bakynça çeşmi-humaryň,
Pelekge etginçä ah bile zaryň,
120
Sargaryp solgynça gül dek ruhsaryň,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Meniň üçin bendi-zyndan bolynça.
Owwal başdan meni istäp alynça,
Gyzyl ruhsaryňy hazan kylynça,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Waspyňy aýdar men tä ki ölinçä,
Kapyrlarny gyryp, öjüň alynça,
Melul bolup, dal gerdeniň eginçä,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Mysapyr bolynça garyp illere,
Sen ýalguz düşinçä uzak ýollara,
Gaňrylyp bakynça sag-u sollara
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Köňül aýnasyny gubar alynça,
Gözüň ýaşy aby-neýsan bolynça,
Kapyrlar bendine duçar olynça,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Zeýnelarap aýdar, senden habar bar,
Sabr etginçä mende ýüz müň hatar bar,
Sadagaň bolaýyn, sende ne sabr bar,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Elkyssa, Zeýnelarapjan bu sözni aýdyp, zar-zar ýyglap olturyp erdi. Nägäh gözüni uýky aldy.
Binägäh şahzadaýy-ymam Muhammet at oýnadyp, aldyndan ötüberdi. Emma Zeýnelarap biçäre
şikeste hal bolup, sisginip oýgandy. Erse, hiç kimse ýok. Elkyssa, Zeýnelarap hudaga sygnyp, bir
muhammes aýdylar:
Göz ýumup açdym, şükür, ýarymny sagyndym, huda!
Köňül algan ol wepadarymny sagyndym, huda!
Sorgunjy halymny dildarymny sagyndym, huda!
Hasratymda dideýi-zarymny sagyndym, huda!
Ber myradymny meniň, ýarymny sagyndym huda!
Ol maňa çün zardyr, men hem aňa çün zar men,
Hasratymny çekdi ol, men hem gam bile bimar men!
Düşdi zyndan içre ýarym, men hem taky efgar men,
Ýat eder ýarym meni, men hem ýat birlen bar men,
Ber myradymny meniň, ýarymny sagyndym, huda!
121
Hezretiňge ýüz tutup men näumytwar etmegil,
Mundan artyk hem belalarga giriftar etmegil,
Müstejap etgil dogalarny, şermisar etmegil,
Ba şikeste bendedir men, köp meni zar etmegil,
Ber myradymny meniň, ýarymny sagyndym, huda!
Sen kerem sen, luft eder sen bendeýi-biçäreýige,
Damany-waslyň miesser kyl men kibi awaraýyga,
Täleýi betbagt edip sen munça bagty garaýyga,
Söwdügin kylgyl miesser ýüregi set paraýyga,
Ber myradymny meniň, ýarymny sagyndym, huda!
Ýyglaýyr Zeýnelarap dergähine perýat edip,
Çarhy-gerdunnyň golydan dat edip, bidat edip,
“Kyssaýy-Ýusup – Züleýhany” ene binýat edip,
Dergähine ýüz tutar men ýary-janym ýat edip,
Ber myradymny meniň, ýarymny sagyndym, huda!
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözni tamam etgenden soň, hezret Şahymerdan şähri – Kamusdan
çykyp, Muhammet Mustapanyň tuguny alyp, şähri – Zingarga gider boldular. Şol wagtda
Zeýnelarap biçäre Şahymerdanga garap, zar-zar ýyglap, bir söz aýdylar. Gazaly-Zeýnelarap:
Hökmüň rowan bolsun, ýa Şahymerdan,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Köp haýal kylmaňyz, ötmesin döwran,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Ýeter bize munça çeken azaby,
Dertli gul derdiniň bolmaz hasaby,
Ene bize sunar hijran şeraby,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Perwaz eder köňül guşy wysala,
Pelek bizi goýmaz bir zaman hala,
Her bir sagat döner ýüz müň hyýala,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Akyl-huşum birden gidip baradyr.
Damany-waslydan tutup baradyr,
Murgy-ruhum perwaz edip baradyr,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Pelekniň elinden gelip men dada,
Ömrümniň harmanyn berip berbada,
Garyplyk höwesi gelmesin ýada,
122
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Bize gabha pelek jepasy ýeter,
Bul şähri-Kamusdan başyňny göter,
Garyplykda ýarsyz ömürler öter,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Zeýnelarap aýdar, ýokdur kararym,
Açylmaz gunça dek pasly-baharym,
Ýolunda telmuryp çeşmi-humarym,
Siz ogluňyz – meniň ýarymny etgir!
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözni aýgandan soň, hezreti-Şahymerdan Zertipni aldyga salyp, şähriZingarga rowana boldular. Üç gije-gündiz ýol ýörüp, şähri-Zingarga ýakyn etdiler. Erse, hezret
Aly Şahymerdan aýdy: “Eý, bahadyrlar, är köňüllik ýigitlerim, haýdap ilgeri ýörüňler” diýdiler.
Andan soň bahadyrlar ilgeri ötüp gidiberdiler. Andan soň ymam Hasan we ymam Hüseýin iki
müň leşgerge serkerde bolup, olar hem ilgeri ýördüler. Emma hezreti-Aly Şahymerdan sap-sap
bolup, her tarapga Düldülni sürüp, şähri-Zingäriň galgasynyň degre-daşyny gurşap aldylar.
Tamam adamlar haýran-serasyma bolup: “Bu ne leşger?” diýip durdular. Elkyssa, şah Ankaga
habar berdiler. Aýdylar: “Eý, şah Anka, köp leşger gelip, galganyň degresini alyp düşdi” –
diýdiler. Erse, şah Anka galganyň üstüge çykyp, leşgerge tomaşa kylyp gördi. Erse, wehime
galyp bolup, kaýan gaçaryn bilmedi, haýran-serasyma boldy.
Imdi şahzadadan siz eşidiň! Ymam Muhammet biçäre zyndanyň içinde ýaryny ýat edip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 09
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.