Latin

Baba Röwşen dessany - 12

Total number of words is 3961
Total number of unique words is 1786
21.2 of words are in the 2000 most common words
32.2 of words are in the 5000 most common words
38.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gözge sürme kylsam yz topragyndan.
Eşit arzyn Züleýhanyň,ezizim,
Tilde sözlär sözüm,hem görer gözüm,
Zagfyr oldy aýralykdan gül ýüzüm,
Öler boldum görmeý,ýol ýyragyndan.
Elkyssa, Züleýhanyň derdi gün-günden zyýada bolup, ölüm halyga etişdi. Teýmus şaga habar
bedriler. “Gyzyňyz derdi gün-günden zyýada bolup, ölüm halyga etip, zabun bolup, çihresi
sargaryp, ölmeklige ýakyn etip turur. Tä ony tebip geltirip, alaç kylmasaňyz gyzyňyz öler bolgaý
– diýdiler. Patyşa bu jogapny eşidip, gyzynyň saraýyga geldi. Aýtdy:
170
–Eý, Züleýha, nury-didäm, waý, perzendigüzidäm, ança haly dermanyň bolsa, maňa aýtgyl.
Ha bimarlyk derdi bolsun, ha yşk derdi bolsun, enşalla tagala her niçik dert bolsa, dowasyn
görgeýmen. Menden uýalmagyl.Men hem yşk belasyn köp tartgaýmen – diýip,bu jogapny aýtdy:
Gözümniň röwşeni jana,
Nedir halyň aýan eýle.
Başyňa düşdi ne söwda,
Balam, bir-bir beýan eýle.
Gerek yşky muhapbetdir,
Ger dert ile mähnetdir,
Saňa menden şepagatdyr,
Kylar men bigüman eýle.
Menem yşgyň belasyny,
Çekip men dert-belasyny,
Saňa eýleý dowasyny,
Jemalyň gülüstan eýle.
Ezel kätipleri sungan,
Şeraby yşkydan gangan,
Pyrkatyňdan köýüp ýangan,
Ke şerhiň destan eýle.
Kylar men maksadyň hasyl,
Ke munça bolmagyl bidil,
Başyňa düşdi ne müşgil,
Guzym, bir-bir beýan eýle.
Myradyň ger peri bolsa,
We ýa jennet hüýri bolsa,
Ýa adam peýkeri bolsa,
Tekellim, bir zaman eýle.
Çekip yşk ataşyn Teýmus,
Niçe ýyllar bolup maýus,
Beripçün maksadyň kuddus,
Syryň içde nyhan eýle.
Elkyssa, Teýmus şa bu sözni diýgeç, Zülleýhanyň gulagyga hoş gelip, erinden bnygtyýar
syçrap turup, ýüzünden nykabyn göterip atasyga nalaýy-pygan birle ýüregindäki derdini beýan
kyldy:
Eşit ata,arzy-halym diýeýin,
Gün-günden bu derdim zebun olupdyr.
171
Zahyr etmeý, täki ýanyp köeýin,
Dembe-dem yşk toy fuzun olupdyr.
Meniň bu derdimi hiç kim bilinçä,
Tygy hijran ýüregimi dilinçä,
Gözden akan ganlar zahyr kylynça,
Geýgen lybaslarym gülgün olundyr.
Müsür şahy diýrler Mälik Ryýan,
Ady Ýusup kyldy älemi haýran,
Diýdiler tiz etiş Müsürde döwran,
Etmegimge kim rahnemun olupdyr.
Tä bolmasa bu derdimniň dermany,
Men neteýin külbeýi-ahzany,
Tä ölinçä oldur bizge myhmany,
Anyň üçin aklym junun olupdyr.
Züleýhanyň arzyn eşidiň,eý şah,
Dert pyrakyndan öler binägäh,
Ýagyn bil, göz ýaşym yşkyma güwäh,
Başa beýle söwda efzun olupdyr.
Elkyssa, Teýmus şa gyzyndan bu jogapny eşidip, görnüşhanaga baryp, minşiga nama
ýazdyryp, Müsürge iberer boldy. Namada andag dierler kim, “ Eý, Mälik Pyýan, Müsür şahy,
mende bir dür bar. Her erden patyşalar kişi iberip, tile turlar. Olarny kabul kylmaz men. Anyň
üçin kim, göwherimge laýyk sen turur sen. Eger kabul kylsaň, bir-iki ilçi ibergil. Men hem
mundan hyzmatyga baraýyn” diýip, iki ilçini iberdiler. Müsürge rowana boldular. Birniçe eýýam
katg-menazyl edip, Müsür welaýatyga etişdiler. Şäherden içgeri girip, Mälik Pyýanga namany
sundular. Mälik Ryýan namany okup gördi, erse, muhapbet ysy gelur. Gaýybana, görmegeý
Züleýha aşyk boldy. Erinden çüsti-çäbek turup,tagzym-towazyg birlen Magryp zeminge garap,
gulluk kyldy. Fielhal hazyna işigin açyp, dürri jowahyrdan düelerge ýükläp, birniçe esbi-tazy,
çendan gulam, kenizler birlen toý ýaragyn kylyp, bir nama ýazyp, mähremlerinden birniçe ýagşy
söz aýtyp iberdi: “Bizni kabul kylsalar, biz hem olarny jany-ten birle kabul kyldyk” diýip, köp
mallar birle Magryp zeminge iberdi. Birniçe günlerden soň ilçileri katg-menazil kylyp, Magryp
zeminge baryp düşdüler. Teýmus şa eşidip, aldyga suwar çykdylar.Eltip,düşürip serefraz
kyldylar. Bir sagatdan soň Mälik Ryýanyň namasyn çykaryp bedriler. Teýmus şa namany okyp,
köňli hoşwagt bolup, şäherge aýyn baglap, toý-tomaşa kylyp, Züleýhany mugafe salyp, birniçe
mähremler, gyzlar, kenizler birlen sagynda we solunda saz-söhbet tutup, atalyk-enak, Teýmus
şadan özge aksagallar hemme Müsürge rowan boldular. Birniçe ýollarny taý kylyp, Müsürge
etişdiler. Mälik tamam han-soltanlar birlen Müsürge şadyýana kakdyryp, aýynbistelik kyldylar.
Züleýhany patyşanyň saraýyga eltdiler. Patyşa Züleýhany görgeli içgeri girdiler. Züleýhanyň özi
gyzlar birle olturyp erdi. Nägäh Mälik Ryýanga gözi düşdi. Daesinden sordy.
–Bu kim turur, biejazat saraýga geler?
Daesi aýtdy:
172
–Eý, Züleýha, arzuw kylyp gelgen kişiň oşol turur – diýgeç, Züleýhe bir ah serdi tartyp, bihuş
bolup ýykyldy. Baz huşyga gelip, aýtdy:
–Eý, dae, meniň düýşümde görgen kişim bu ermes. Meniň bagtym gara boldy – diýip,ança
ýyglady, kim gözleri hyra boldy. Daes, aýtdy:
–Eý, Züleýha,eknun hamuş bolgul, munda bir hikmet bar bolgaý – diýip nesihat kyldy.
Züleýha hamuş boldy. Gyzlar her haýsysy bir tarapga gitdiler. Züleýha tenha galdy. Köňlüge
ulug gam peýda boldy. Nala we zary kylyp, ne alaç ederin bilmedi. Özüň öldürse, onuň alajyn
tapmady.Biçäre bolup, asmanga bakyp, munajat kyldy:
Ýaratgan jümle-älemni,
Pena istäp, ýüzüm tutdum.
Kabul et ahu-nalamny,
Ýusup diýip, gözüm tutdum.
Myradym-maksadym şaha,
Idi bir bilbili-şeýda,
Bu zag ile meni ryswa,
Ki kylma diýip sözüm tutdum.
Pelek şat etmedi bu dem,
Çeker men her zaman ýüz gam,
Gözümden akyzyp şebnem,
Gije we gündizim tutdum.
Ýüregim ýüz para boldy,
Ki hijriden ýara boldy,
Neteý, bagtym gara boldy,
Bu talyg ýyldyzym tutdum.
Açylmaý gunçaý-gab-gab,
Sowuk el degmesin ýa reb,
Züleýha,Ýusubyn istäp,
Belalarga özüm tutdum.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtyp bolgaç, bir peri misli Züleýhanyň suratynda Melik
Ryýanyň gözüniň aldynda häzir boldy. Mälik Ryýan oşol peri birle ülpet boldy. Züleýhaga gözi
düşmedi. Züleýha aman galdy.
Birnäçe ýyllar aradan ötdi. Züleýha ah-nala kylyp, Ýusupny ýat edip jepa çekip, “Wepa
gömeý öler boldum” diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bu gazalny aýtdy:
Pyragyňdan ruswa boldum illere,
Gel, etişgil, ili goýma azara,
Kaýsy rişde bam olupdyr zillere,
Gel, etişgil, ili goýma azara.
173
Kaýsy peleň gürläp, belent dagynda,
Zagalar mesgen tutup, gonar agynda,
Gaýry bilbil gül goýmady bagynda,
Tiz etişgil, güli goýma azara.
Gel, kuşat et meniň kylu-kallarym,
Men garybam kimse duýmaz hallarym,
Batyl bolup meniň güzer ýollarym,
Gel, etişgil, ýoly goýma azara.
Gaýrylary zikr eýleme dillerde,
Eger ygtyýaryň bolsa gollarda,
Gaýry saýat jeren yzlap çöllerde,
Tiz etişgil, çöli goýma azara.
Seniň yşgyň ryswa etdi illere,
Rozugärim meniň döndi ýyllara,
Gaýry bilbil perwaz urup güllere,
Gel, etişgil, güli goýma azara.
Sen diýip terk etdim ata-eneler,
Başymyzda ençe geçip eneler,
Garkyldaşyp kölde gaýry sonalar,
Tiz etişgil, köli goýma azara.
Pyganymdan yza etip illere,
Gamyň ýüki zorluk edip billere,
Gözde ýaşym meniň dönüp sillere,
Gel, etişgil, sili goýma azara.
Her dem peýgam edip ösgen ellerden,
Ondan gaýry bir zat gelmez ellerden,
Bigäneler hoş eýleýip ballardan,
Tiz etişgil, baly goýma azara.
Nyhan etsem meniň içim köedir,
Pygan etsem jahan-älem duýadyr,
Iller (meni) namys-ara goýadur,
Tiz etişgil, haly goýma azara.
Seniň zikriňi eýleýip destan,
Sen kaýsy erlerde ýörülip mestan,
Mahu-salym meniň bolup zemistan,
Bu gün mahu-saly goýma azara.
174
Züleýha diýr,sen-sen köňül guwanjym,
Senden gaýry ýokdur meniň daýanjym,
Gaýrylara nesip eýleme genjim,
Tiz etişgil, haly goýma azara.
Elkyssa, imdi sözi Ýusup birle Mälik ibn Zagyrdan eşidiňler. Kim Ýusup alaýhys-salamny
üsürge ýakyn getirdiler, erse andag owaza tüşti kim, Ýusupnyň şöhraty jahanny tutdy. Aýtdylar
“Mälik bir gul getirgen ermiş, zyýada hüýru-periden hoşroý ermiş. Her kim ýüzüni görse, misli
aýna dek öz ýüzün görer ermiş”.Tamam halaýyk, patyşa, emir, ezep we ezba, zenanu-merdan,
piru-juwan gaýybana didaryna muştak bolup, aldyga pişwaz çykdylar. Mälik Zagyr Ýusupga
patyşahana serpaý geydirip, ýüzüge nikap tartyp, şäherge alyp rowana boldular. Halaýyk top-top
bolup, öňünden-soňundan, ilgeri, keýinden pyýada, suwara, kimsi ortaga tykylyp, bu röwüşde
girdiler. Mälik Ýusupny halaýykga görkezmediler. Aýtdylar:
–Eý, halaýyk, elhal ýolnuň süteminden renjur bolup turur. Enşalla, sabah görer siz –
diýip,Ýusupga hub perweriş kyldy. Ýusup andag boldy kim, her kim ýüzün görse, biygtyýar
bolar erdi. Tiri-yşkyndan bikarar bolar erdi.
Emma Müsür patyşasy Mälik ibn Zagyrga kişi goýdy kim, “Kengandan algan gulny
meýdanga alyp çyksyn.Tä halaýyk tomaşa kylsun. Eger satsa, bahasyn aýtsyn” diýgeç, Mälik
Zagyr Ýusupnyň zülpi käkillerige şana kylyp, tamam müşk-anbar başlaryga saçyp, melukäne
serpaý geýdirip, bilige lagyl we jöwhardan kemer baglap, başyga tylla jyga sanjyp, ýüzünden
nykabyn göterip, esbi-semenderge mindirip, özi Ýusupnyň jylawynda ýügürip, meýdanga ýöriş
kyldy. Tamam görgen halaýyk akyl-huşun tükel aldyrdy. Ýusupnyň tiri-yşkyndan hemme nalapygan kylur erdi.Howadaky guşlar mesti-bihuş bolup ýykylar erdiler. Ynsu-jyns nalan-pygan
kyldylar we ene ýedi gat asmanyň işigi açylyp, tamam perişteler nazarra kylyp, hemme Ýusup
alaýhys-salamga medhisena okur erdiler. Mälik Zagyr meýdan ortasynda bir altyn kürsi goýdy.
Ýusup anyň üstünde oltudy. Mälik aýtdy:
–Eý, Ýusup,sende bu husn Melahat bar turur. Seniň aslyň ne turur? Aýgyl, eger aslyň bende
bolmasa, seni öz başyňa goýaýyn.Ýusup aýtdy:
–Men, gul men, meni satgyl. Satgandan soňra, aslymny beýan eder men – diýdi.
Mälik Zagyr mundady kyldy:
–Eýa halaýyk, geliňler, alyňlar. Bir gulam araby, özi kenganly, akly dana, hüýr ýüzli, kamaty
berna – diýip kyçgyrdy.
Anda Ýusup perýat kyldy:
–Ýa,eýha, elhalaýyk, geliňler bir araby Kengany, binowa, bikesi – diýip, ýyglar erdi. Kürsi
zerriç üstünde her tarapga nigah kyldy. Halaýyk pitne bolup özün ýitirdi.
Indi sözi Züleýhadan eşidiň. Nägäh Züleýha eşitdi kim, “Mälik bir gul geltirgen ermiş, hüýrperiden zyýada ermiş” diýip, tamam gyz-juwan tomaşaga çykar boldular. Züleýha Mälik
Ryýandan rugsat diledi. Aýtdy:
–Bizlerge rugsat berseňiz, Mälik Zagyrnyň gulun bizler hem tomaşa kylsak – diýdi. Anda
Mälik aýtdy:
–Eý, Züleýha, elbetde, ony görmek gerek. Onuň husny-jemalyny görmegen bu dünýäge
gelgenini we gitgenini bilmez – diýip, andag tagryp kyldy kim, Züleýhanyň tamarlary gurup,
Ýusupny görgen dek köňli hoş kyldy. Züleýhanyň seraperdesini oşol meýdanda gurdular.
Züleýha seraperde bilen çykdy. Erse, oşol tüýşünde görgeni turur. Matlap bu jahany, belaýy175
jany, şa zamany turur. Eknun “Maksadym hasyl boldy” diýip, bu jogapny aýtar erdi. Jogap
Züleýha bu turur:
Maksatly köňül içre,
Bir apaty-jan geldi,
Müjgänleri hanjar dek,
Hem gaşy-keman geldi.
Birniçe zaman ýyglap.
Çeşmim doly gan ýyglap,
Äşgäru-nyhan ýyglap,
Ýarym bu zaman geldi.
Janymda parahat ýok,
Onsuz maňa takat ýok,
Hiç özge hekaýat ýok,
Çün ruhy-rowan geldi.
Hem derdimedir derman,
Janymdyr oňa gurban,
Öltürse, budur perman,
Hem şahy-jahan geldi.
Yşgynda onuň zaram,
Ýolunda giriftaram,
Ölginçä hyrydaram,
Ol serwi-rowan geldi.
Ol serwi-kaddyň jany,
Ýandyrdy Züleýhany,
Şährimiziň myhmany,
Döwletli zaman geldi.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtyp, muhapbet gözleri birle bakyp, bikarar bolup ýyglar erdi.
Müsür ezizi tamam patyşalar, jan, soltan, baý, gedaý, zenan, merdan, gyz-juwan, bendeýi-azat –
hemme Ýusup alaýhys-salamnyň jemalyga täsin galur erdiler. Aklyn ýitirip haýran bolup, hiç
wejh birle ýüzlerige bakabilmez erdiler. Ahyr Mälik baryp, ýüzüne nikap tartdy. Ondan soň,
halaýyklar özlergige geldiler.
Elkyssa, Ýusupga her kim baha goýdular. Her kim öýünde ne baryn alyp gelip hyrydar boldy.
Hatda ki bir kempiriň bir kelep ýüpi bar erdi, ol hem gelip hyrydar boldy.
–Bu mataga bergil – diýip, Anda Mälik Zagyr aýtdy:
–Eý, halaýyk, bu gulnuň bahasy bu turur: Kim tereziniň bir beýlesige Ýusupny salar men we
bir beýlesige dürri-ýakut, lagyl we jöwahyr şamçyraglardan salur men. Her kim barabarynda
ölçäp berse, satar men. Her kimniň zowky bolsa alsyn. Ýok erse, açyk tursun – diýip,munady
kyldy. Baý, ýoksuz, ýagşy, ýaman – hemme özlerige maslahat kylyp, “Munuň bahasyn hiç kim
176
etire bilmes. Her niçik bir görgenim ganymat turur” dier erdiler. Emma ol gün, gün giç boldy.
Hemme jaýlaryga gaýtdylar. Gije olarnyň uky gözlerige haram boldy. Ir daň birle meýdanga
ýöriş kyldylar. Züleýha Mälik Ryýanga aýtdy:
–Niçik bolgaý. Oşol Kengany gulny satgun alyp öýge mährem kylsaň, meniň hyzmatymda
bolsun.
Mälik Ryýan aýtdy:
–Bu söz meniň hem köňlümde bar erdi. Tä saňa mährem kylsam diýr erdim. Imdi ajap makul
boldy. Satyn almak gerek – diýdi. Erse, Mälik Ýusupny meýdanga alyp çykdy. Kürsi üstünde
olturtdy. Terezi gurdy. Patyşa buýurdy:
–Hazynanyň işiklerini açyň – diýgeç, hazynadar hazynanyň işiklerini açyp, dürriýakutdan,lagyl-jöwahyrdan, göwher-zümerretden alyp çykdylar. Tereziniň beýlesige saldylar.
Ýusup alaýhys-salam agyr geldi. Patyşa buýurdy.
–Ene hem hazynadan mal alyp geliň – diýgeç, hazynadan herne baryp alyp geldiler. Any hem
terezige salyp, tartdylar. Ýusup alaýhys-salam ene agyr geldi. Elkyssa, ýedi hazyna barabar
gelmedi. Halaýyk hemme nazarrede erdiler. Patyşa köp hyjalat tartar erdi. Şermisar boldy.
Ýusup bildi kim, patyşa hyjalat tartar. Terezi tartgan kimersäge aýtdy:
–Bargyl, pynhan erge kagyz birle döwet galam getirgil – diýgeç,ol kimerse kagyz birle döwet
galam getirip, Ýusupga berdi. Ýusup alaýhys-salam alyp, bu kelemeýi şerifni ýazyp,ol kişiniň
goluga berdi. “Bu kelemeýi şerifni mal tarapyga salgyl, zynhar, kişi bilmesin” diýdi. Ol kimerse
eltip mal tarapyga saldy. Terezi Ýusup birle barabar geldi.Patyşa söwda kylyp, aldy. Mälik ibn
Zagyr bisýar malga eýge boldy, Ýusupny berdar-berdar göterip, atyga mindirip, alyp gider
boldular. Mälik Zagyr Ýusupnyň ýanyga baryp, sowal kyldy:
–Eý, päki zat, bir wagtda kylyp erdiň, satgandan soň, aslymny beýan kylar men” diýip erdiň.
Imdi gerek kim, wagdaga wepa kylyp, aslyňňy beýan kylgaý sen – diýgeç, Ýusup alaýhys-salam
asyl zatyny beýan kyldy:
Asyl zatym meniň Ybraýym Halyl,
Mälik saňa bir-bir beýan eýleýin.
Her dem eter oňa hakdan Jebraýyl,
Atam Ýakup nebi aýan eýleýin.
Atam pendi-nesihatyn tutmadym,
Gören düýşün anyň bawar etmedim,
Bu sebäpden myradyma etmedim,
Imdi görsem,sözün derman eýleýin.
Ady Ýakup,Ýusup üçin zar olgan,
“Balam” diýp gijeler giriftar olgan,
Bilmen niçik bela bilen ýar olgan,
Anyň göz ýaşyny rowan eýleýin.
Pelek aýra saldy meni atadan,
Ibni Emin birle naçar apadan,
Kimse bilmez ne hal geçdi aradan,
Hijr elinden günde pygan eýleýin.
177
Mälik, meniň nesihatym turur sen,
Bu syrlarny içde nyhan eter sen,
Ýusup aýdar, myradyňa eter sen ,
Seni magfur iki jahan eýleýin.
Elkyssa, Ýusup bu sözni aýdyp bolgaç,Mälik Zagyr bir ah çekdi, aýtdy:
–Eý, päkizat, bu sözlerni owwal aýtsaň erdi. Men seni satmaz erdim. Häli hem gelgil söwdany
bazgeşt kylaýyn – diýdi,anda Ýusup aýtdy:
–Imdi bolmaz – diýdi.Mälik aýtdy:
–Andag bolsa, meniň hakymda doga kylgyl, dünýä, ahyretim magfur bolsun – diýdi. Ýusup
alaýhys-salam doga kyldy.
Elgaraz, Ýusupny patyşa haremige alyp bardylar. Müsür halky patyşaga tagn ede başladylar.
“Tamam hazynasyn bir gulga berip, özi hanlyk kylar erken” diýip, aýtar erdiler. Täki patyşaga
iki nisbet gerek turur. Biri dünýä bikarz bolsa, biri zyýada zor bolsa. Munda ikisi hem ýok turur
diýr erdiler. Bu söz patyşanyň gulagyna etdi. Hazynadarga aýtdy:
–Bargyl, hazynany görgül, hiç nemerse barmy, ýokmy? – diýgeç, hazynadan habar alsalar,
lagyl we jöwahyr, tylla-kümüşden hiç bir nemerse kem bolgany ýok turur. Belki, Ýusup alaýhyssalamyň bereketinden hazynalar tolup, jäç bolup turur. Hazynadar muny görüp, patyşaga habar
berdi.
–Şaha, serwera, jahan perwera, döwletiňiz zyýada bolsun, hazynadan hiç kem bolgany ýok
turur, belki zyýada turur – diýgeç, Müsür ezizi şadyman bolup, Ýusup alaýhys-salamga ýedi
gije-gündiz toý-tomaşa kyldy. Ýusupny Züleýhaga mährem kyldy. Subhu-şam, belki,
alaetdowam ýanynda bolar erdi.
Züleýha bikarar bolup, arzyn aňa aýta bilmez erdi. “Eger aýtsam, köňli menden galsa, ýaman
bolar” diýr erdi. Aýtmasa, ýüregi ýarylarga etip, karary galmady, zar-zar ýyglap, efgan eder erdi.
Ýusupny bir sagat gaşyndan aýyrmas erdi. Zülpi-käkillerige şana urar erdi, lybasyny, päkize
köýnegin geýdirip, ýüzüge tomaşa kylar erdi. Emma bir gün Züleýhanyň yşky zor kylyp
ýarylarga etdi. “Herne bolsa bolsun, owwaldan tä ahyryn beýan kylaýyn” diýip, Ýusupnyň
etginden tutup, bu jogapny aýtar erdi. Jogap Züleýha bu turur:
Ýusup jan,ýedi ýyl boldy,
Meniň halym harap etdiň.
Ýürekge yşk ody doldy,
Gara bagrym kebap etdiň.
Sen diýp,Müsüre gelmişem,
Ýurdum Magryp zemin erdi,
Bu gün ger sormasaň halym,
Ýürek bagrym şerap etdiň.
Seniň yşkyň jahan örtär,
Dembe-dem her zaman örtär,
Öler men biguman örtär,
Ezizim,iztirap etdiň.
178
Myradym gül ýüzüň görsem,
Seniň birle döwran sürsem,
Bu gün bimaryňny sorsaň,
Hiç tükenmez sogap etdiň.
Züleýha diýr,hyýalymga,
Ýusup gansyn zülalymga,
Rehim etmeseň halymga,
Maňa sansyz azap etdiň.
Elkyssa, Züleýha bu jogapny aýtdy, erse Ýusup bildi kim Züleýhanyň derdi özge turur, “Meni
mysapyr diýip, perweriş kylar diýr erdim. Imdi bildim, bu maňa aşyk turur. Imdi derdi
bidermanga galdym, mundag işden bizar men diýsem meni bir belaga giriftar kylar. Her niçik,
bir jogap aýdaýyn, şaet anyň birle köňli teskin tapgaý” diýip, Ýusup alaýhys-salam bu jogapny
aýtar erdi:
Mysapyram şähriňize gelmişem,
Men bilmenem ýagşy-ýaman kimiňdir.
Kenganda gül, munda gelip solmuşam,
Imdi bilmen sudu-zyýan kimiňdir.
Meni goýuň birniçe gün bolaýyn,
Kim ýagşydyr, kimse ýaman bileýin,
Atam,enem üçin ýanyp köeýin,
Seniňmidir ahyr bu jan kimiňdir.
Mende aýralygyň ody zyýada,
Ilden-ile satylmyşam arada,
Gul iş kylsa, öz hetdinden zyýada,
Çaý içinde ýyglan-çyýan kimiňdir.
Kimse yşk-muhapbetden meý içer,
Sabyr hoşwagtçylyk işigin açar,
Nesip etse,ahyr mahbubyn guçar,
Kimse bilmez taňla zaman kimiňdir.
Emma Ýusup alaýhys-salam bu jogapny aýtdy erse, Züleýha umyt etdi kim, “Bu gün
bolmasa, bu aýş taňla bolar. Ahyr meniň hyzmatymdadyr” diýip, özüge teselli berip, ene bitakat
bolup erdi. Her zaman Ýusupga derdi-halyn aýtsa, Ýusup kabul kylmaz erdi. Ahyry Züleýha bir
pikir kyldy. Müsüriň tamam ussalaryn çagyrdy. Aýtdy:
–Maňa bir jaý salyň, burçlaryn tamam tylladan kylyň we diwarlaryn lagyl-ýakutdan, müşkden
kylyň. Meniň birle Ýusupnyň suratyn arkasynda, kyblasynda gündogarynda, ýokary we astynda
andag surat kylyň kim, birew birewge el salyp, posa alşyp, şerap içişip, öpüşip, gujaklaşyp
dursun. Ene hakgaşga aýdyňlar kim, hiç göz görgen, gulak eşitgen bolmasyn. Ony görüp, şaet,
Ýusup maňa meýil kylgaý – diýip, ussalarga buýurdy. Ussalar birnäçe mütdetden soň,
Züleýhanyň aýdanyndan hem zyýada jaý bina kyldylar.
179
Emma Ýusup subhy-şam, belke, alaetdowam atasy Ýakupnyň pyrakyndan ýyglar erdi.
–Hudaýa, meniň bir habarymny Kenganga elter kişi bolgaý – diýip, şasupada olturyp, gamgyn
bolup, nala kylar erdi.
Bir söwdagär gelip, söwdasyn bitirip erdi. Müsürden Kengana ýörüş kyldy. Düe şäher
derwezesinden çykmady. Ahyr kengany düýäni öz başyga goýdy. “Her kanda barsa barsyn”
diýip, garap durdy. Düe çüsti-çäbik bir köçäge ýügürdi. Ol söwdagär hiç pählu bermedi. Düe
aýlanyp, Müsür patyşasynyň saraýyga dahyl boldy. Gelip Ýusupnyň aldynda çökdi. Ýusup oşol
erde gaýgy-gam birle olturyp erdi. Kengany gelip düýäni urup gorkuzar boldy. Düe turmady.
Her çend urdy, düe turmady. Ony Ýusup gördi. Aýtdy:
–Eý, ýigit, düýäni ne üçin urar sen? Kaýdan gelur sen, kanda bara sen?
Onda ol söwdagär aýtdy:
–Men kengany adamy turur men. Söwdagär erdim. Söwdany bitirip, gaýdyp barar erdim. Düe
derwezeden ötmedi. Ahyry öz başyga goýdum, bu erge gelip çökdi. Imdi hergiz turmaz. Bilmen
ne hikmet bar turur. Ýusup kengany adyny eşidip zar-zar ýyglap, bu gazalny aýtdy:
Eý, ýigit, Kenganyň şährinden olsaň,
Men aýdaýyn sen pähm eýle bu söze.
Meniň bu halymdan sen habar alsaň,
Bagrym köýüp, gan ýaş geler bu söze.
Bu nesibim saldy meni yraga,
Men neýleýin döze bilmen pyraga,
Kimse bardyr meni kylsa soraga,
..........................
Eger bara bilsem Kengan jaýyna,
Ýüzümni sürterem häki-paýyna,
Munda bakmam hiç kimsäniň roýuna,
Gam-gussadan gurbar inipdir göze.
Kasyd meniň nesihatym turar sen,
Bu syrlary içde pynhan eder sen,
Enşaalla, myradyňa eter sen,
Köp doga eýleýip ýörür men size.
Ýusup aýdar, Şamda bolsa watanyň,
Kengana etirgil peýamym meniň,
Ataş dowahyndan gutular teniň,
Ol Ýakup nebiden habar ber bize.
Elkyssa, Ýusup alaýhys-salam bu jogapny aýtdy, erse, ol kişi aýtdy:
–Eý, janym, kim sen, Ýakup alaýhys-salamdan habar sorar sen?
–Eý, kengany, sen Ýakupny bilermu sen?
Ol kimerse aýtdy:
–Elbetde, biler men – diýip, bu jogapny aýtdy:
180
Ýakup nebi diýrler Kengan ilinde,
Niçe wagt anyň döwrany bardyr.
Hudanyň resuly sena tilinde,
Gördügüm şeýle kim zamany bardyr.
Aýralyk jepasyn bihet çekgeýmiş,
Bu ülkede dura bilmen diýgeýmiş,
Söwer oglun anyň böri iýgeýmiş,
Her günde ýat edip,pygany bardyr.
Ady Ýusup ermiş bir şahy-jahan,
Her kim any görse,bolarmyş gurban,
Anyň pyrkatyndan zary-sergerdan,
Gan ýyglagan çeşmi-girýany bardyr.
Bir köşede mesgen kylyp özüne,
Jydalyk gerdini sürtüp ýüzüne,
Ýyglamakdan gubar inip gözüne,
Köňli doly ýüz müň armany bardyr.
Hudadan Ýakuba perman bolupdyr,
Içi anyň derdu-gama dolupdyr,
Ýusupnyň adyny pynhan kylypdyr,
İçinde ataşy-suzany bardyr.
Her günde diýr: “Çykyp ýolun goraňlar”,
Oglunyň senasyn tapmaýyn ýyglar,
Habaryny söwdagärden soraňlar,
Ilden-ile nama-destany bardyr.
Elkyssa söwdagär aýtdy:
–Ýakup barça kenganlylaryň puty-penahy turur.
Liken birniçe ýyldan bäri Ýusup diýgen ogluny böri iýgen ermiş. Bir deşti-beýabanda,
külbeýi-ahzanda älemydam ýyglar ermiş. Hemişe agzynda Ýusup ermiş. “Bu dert hemme
dertden zyýada bolup turur” diýip, tamam bilgen-eşitgenin Ýusupga bir-bir beýan kyldy. Ýusup
ony eşidip, ah jigergähinden tartyp, bihuş boldy. Baz huşyga gelip, aýtdy:
–Eý, ýigit, men bir nama bersem, ony Ýakuba eltip berur sen!
Ol kimerse aýtdy:
–Janym birle elter men – diýdi.
Ýusup aýtdy:
–Andag bolsa, men bir nama bereýin, munda men garyp mazlumnyň dogasyny algaý sen –
diýip,bu perýamny iberdiler:
Kasyd-a, etgir peýamym, ol meniň janym idi,
Her jepa gelse başymga derde dermanym idi,
Bilmedim gadryn anyň, kim öýde myhmanym idi,
181
Tutmadym pendin anyň, köňlümde armanym idi,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Kasyd-a, Ýakuba diý: “Ýigitgen guzyňdan müjde bar,
Men habar geltirmişem, görer gözüňden müjde bar,
Bendedir gördüm işikde, aý ýüzünden müjde bar,
Goly bagly,ýüregi dagly, guzyňdan müjde bar,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Baryban kyçgyr işikde: “Ömür ötürgen barmy?
Şuňkaryndan aýrylyp, guzy ýitirgen barmy?
Subhy-şam ogul pyrakyndan tilingen barmy?
Eý,ýaranlar, şähri-Kengandan satylgan barmy?”
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Sözlegil,kasyd,baryp: “Gördüm Müsür şährindedir,
Ýüzüdir şemsu-kamar neteý kişige bendedir,
Toty ýaňlyg kim kapas içre giriftaryndadyr,
Aýdyp-aýdyp ýyglady, hijr oty janu-tendedir”,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Ady Ýusupdyr, atam diýp, zar ýyglar bikarar,
Ilden-ile satylypdyr, onda ýokdur ygtyýar,
Ýakub-a ogluň Ýusup hijriňde olmuş intizar,
Gije-gündiz ol seniň ýadyňňy etdi – zary-zar,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Ýusup alaýhys-salam bu peýamny söwdagäriň goluna berip aýtdy:
–Bargyl Ýakupga bizin pendimizi we bendeligimizi etirgil. Mübärek ýüzlerin görseňiz aýtgyl,
sizlerden bir kimerse ýitgen, any Müsürde gördüm. Eli bagly, ýüregi dagly, gözi nemli, jany
sütemde, köňli elemde, müň gaýgy-gamda, ady Ýusup, kişige bende diýip, arzy-halyny aýtyp,
Ýakuba namany çykaryp bergil. Tä olarnyň dogaýy-haýryny algaý sen – diýgeç, söwdagär
namany alyp, gitmäkge düýäni turzar boldy.
Düe turmady. Söwdagär dergahar bolup, düýäni urar boldy. Ýusup aýtdy:
–Eý, kengany düýäni urmagyl, şaet, anyň hem bir maksady bolgaý – diýgeç, düe gözünden
katra-katra ýaş akyzyp, tilge geldi. Aýtdy:
–Eý, kengany, saňa yşarat kim, men seni Ýusup alaýhys-salamnyň gaşyga geltirdim. Mübärek
jemalyny gördüň, ýagşy dogaýy-haýryny aldyň. Ene hem namasyny alyp baryp, Ýakup alaýhyssalamnyň hem dogaýy-haýryny alur sen. Ne üçin maňa jepa kylur sen, menden habar sormaz
sen, mende bir maksat bar turur – diýdi.Anda Ýusup aýtdy:
–Eý, janawar, aýtgyl, ne myradyň bar turur? Anda düe aýtdy:
“Eý, Ýusup, meniň myradym kyýamat gününde siziň byragyňyz bolsam,doga kylsaňyz”
diýip, başyn erge goýup, sejde kylyp, zar-zar ýyglap turdy. Ýusup alaýhys-salam düe hakynda
doga kyldylar. Düe hoşwagt-horram bolup, nagra tartyp erinden turup, kenganyny mindirip,
Müsürden şähri-Kengana ýöriş kyldy. Birniçe wagt menazyl kylyp, Kenganga bardylar. Ýakup
182
alaýhys-salamnyň haremige etişdiler. Emma Ýakup alaýhys-salam külbeýi-ahzanda ýyglap, saç,
dyrnaklary ösüp, mübärek ýüzleri zagfyran dek sargaryp, iki gözleri köp bolup, özlerin, her
tarapga urup, Ýusup diýip, aýta bilmeý jydalyk odun içige salyp, köňli ýanyp, ýüz gam birle
olturyp erdi. Işikden bir seda çykdy. Ýakup alaýhys-salam gulak tutdular, erse, birew bir
nemerse okyr erdi. Gazal kasyd bu turur:
Ýakup nebi, menden saňa bir türpe habar bar,
Jananyň emesmu?
Ady ki Ýusup, jümle-jahan oňa hyrydar.
Ol janyň emesmu?
Ýüz nala bilen nama ýazyp sizge iberdi,
Görgen süteminden.
Arz eýledi,ýat eýlesin, ol piri-kühen sal,
Dermanyň emesmu?
Gördüm ýüzüniň şuglasydyr hurşydy-hawer,
Reşkinde pygandyr
Neýleý, ne kylaý bende özi elde giriftar,
Haýranyň emesmu?
Her lahza salam atama diýp, telmuryp galdy,
Köýd, hemme älem
Ýandyrmyş any derdu-pyrakyň şehi-dildar,
Armanyň emesmu?
Gerdişi pelek jebriden ol aýra düşüpdir,
Der nalaýy efgan.
Şamu-säher ýadyň ile bolgusy bidar,
Ryzwanyň emesmu?
Kasyd geltirip, Ýusup üçin Ýakuba nama,
Ol şäheri Müsürden.
Daşgaryda pygan etdi kim görseler agýar,
Weýranyň emesmu?
Elkyssa, Ýakup alaýhys-salam kasyddan bu sözni eşidip, bir ahy-serdi tartdy, perýat kyldy
kim:
–Her kim bolsaň içeri girgil, senden damagyma ýagşy ys gelur – diýgeç, kasyd içgeri girdi.
Ýusupnyň salamyn berip, bir-bir beýan kyldy. Ýakup aýtdy:
–Ilgeri gelgil.
Ol kimerse ilgeri geldi. Aýtdy:
–Ýusupny şul gözleriň birle gördüňmi? – diýip, gözlerinden öpdüler. Ene täkit kylyp, sordular
kim:
–Niçik gördüň? Ne suratda gördüň?
Ol kimerse aýtdy:
183
–Bu suratda gördüm. Boýny bagly, ýüregi dagly, gözi nemli, köňli gaýgyly, älemde, ýüz
gaýgy-gamda, özi bende, hemişe bikarar turur – diýip beýan kyldy:
Ýakup nebi, bardym Müsür şährige,
Ýusupny soraglap zyndanda gördüm.
Näga barar erdim kerwen saraýga,
Ýakup diýip ýyglar pyganda gördüm.
Sordum anda “Janym näge ýyglar sen,
Ýanyp,köýüp,jiger-bagryň daglar sen,
Ýakup diýip, her dembe-dem uglar sen”
Toty kimin kapas içinde gördüm.
Bardym garşysyna perwana bolup,
Halyn bileý diýip, diwana bolup,
Janu-tenim köýdi purzena bolup,
Haly harap, köňli weýranda gördüm.
Bilbil kibi saýrap,köp nala kyldy,
Gözünde ýaş döküp, silaby kyldy,
Lagly meýin süzüp, pyýala kyldy,
Gözi – girýan, bagry – birýanda gördüm.
Bizden salam diýdi Ýakup nebige,
Şol ýüregi dagly Kengan welige,
Jeren seýran eden hijran çölige,
Mundag diýdi sizge, men anda gördüm.
Elkyssa, ol kişi bu jogapny aýtdy, erse Ýakup alaýhys-salam oglanlaryny çagyryp aýtdy:
–Eý, oglanlar, bu kişi ne diýr. Sizler Ýusupny böri iýdi diýip erdiňizler. Elhal bu kişi
peýamyn geltiripdir – diýdi.
Anda oglanlary aýtdy:
–Eý, ata, heniz Ýusupdan umyt etersiňiz. Bular jögi turur. Ýalgan sözläp, sizden bir nemerse
almak üçin hile kylyp turur. Bu sözlerige ynanmaň – diýgeç, ol kimerse kasamýat etdi kim:
–Ýusupny görgenim hak turur – diýdi.Anda olar heý urdular.
–Eý, haramzada, çapylar sen, mutamellegen, jögi, ýalgan sözläp atamyzny serasime kylyp,
odun täze kyldyň – diýip, urup kowladylar. Ýakup umydyn üzüp ýyglar erdi.
Imdi sözi Züleýhadan eşidiň. Ýusupny ýüz jilweýi-şiwe birle adlar erdi. Etmiş dürlük lybas
köýnegin taýýar kylyp, her günde birin geýdirip, tomaşa kylar erdi. Gähi söz birlen, gähi näz
birlen, gähi hoş söz birlen Ýusupga özün görkezer erdi. Emma Ýusup onuň sözüne gulak salmaz
erdi. Züleýha aýtar erdi:
–Eý, Ýusup, ne üçin meniň halymga rehim kylmaz sen? Täki meni yşk otyga örtär sen. Maňa
nietiňňi aýtgyl, seniň ne hyýalyň bar? Eger hoşwagtçylyk birle myrat hasyl kylgyl. Ýok erse,
bendäm turur sen, saňa azap buýrar men. Goluňňa pil berer men, daýhançylyk kyldyrar men.
Ýusup aýtdy:
184
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 13
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.