Latin

Baba Röwşen dessany - 15

Total number of words is 3993
Total number of unique words is 1591
22.2 of words are in the 2000 most common words
32.8 of words are in the 5000 most common words
39.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Waý-waý, eý ýalgançylar, waý, kezzaplar, bir aýtarsyz böri iýdi we bir aýtarsyz garakçy
öltürdi. Meger, sizler jansyz bolgaý sizler. Meniň şäherimniň ýagşy-ýamanyny bilip gitmek üçin
gelipsizler. Ýakupnyň oglanlary bolmagaý sizler – diýip, syýasat kyldy. Ýasawullaryga
buýurdylar.
–Bularny kerwen saraýyga eltiň.
Ýasawullar eltip, saraýbana tabşyrdylar. Ýusup alaýhys-salam buýurdylar:
–Olarga ýagşy perwaý kylyň,herne ýagşy tagam bolsa eltiň – diýip.
Ýusupnyň iki ogullary bar erdi, uly ogullarynyň ady Ybrahym erdi. Kiçik ogullarnyň ady
Menşa erdi. Ogullaryga aýtdylar:
–Baryň, barçasy seniň babalaryň tutar. Ataňyznyň gol aýagyn baglap, gudukga salgan we on
sekiz gara teňňäge satgan bular turar.
Ogullary aýtdylar:
–Eý, ata, andag bolsa, olarga ne üçin sütem kylmaý siz, mähribanlyk kylar siz? – diýdi. Ýusup
aýtdy:
–Eý, oglum, jepa ornyga wepa kylmak gerek. Bargyl olarnyň hyzmatynda gol gowşuryp
turgul. Suw dilese, şerap bergil. Herne hyzmat buýursa, jan birle kabul kylgyl – diýip, nesihat
berdiler. Olar baryp, babalarynyň hyzmatynda boldular.
Elkyssa, Ýusup agalaryga hoş jogap bermediler. Birniçe wagt aradan etdi. Olar bilen gelen
söwdagärler bitgerip gaýtdylar. Köp howatyr boldular. Bir gün Ýusup olary aldyga çagryp,
sordylar:
–Eý, ýigitler, siz pygamberzada bolsaňyz, ne üçin ýalgan sözlärsiz? Ataňyz “Ýusup aman”
diýip gurar. Sizler “Böri iýdi” diýip turar siz. Imdi bu sözleriňizden köp hylap tapdyk. Bizge
güman boldy. Sözleriňizi rast sözläňler. Bir kişiňizni munda goýup, özgeleriňiz baryp, ataňyzyň
hat-galamyn alyp we kiçik iniňizni hem alyp geliň. Tä rastyňyz, ýalganyňyz maglum bolsun.
Ýok erse, sizlerni bu sözler birle ibermez men – diýdi. Anda olar aýtdylar:
–Eý, şaha bakeram, bizleriň ýaş oglan-uşagymyz köp turar.Olar açlykdan köp teň erdiler. Ene
atamyz hem köp howatyrda galyp erdi. Ne bolgaý bizlerge ejazat berseňiz – diýdiler. Ýusup
aýtdy:
–Söz bir turar. Dek duruň, köp söz hajat ermez – diýdiler.
Ahyr olar maslahat kylyp:
–Şemgunny hyzmatyňyzda goýar bolduk Siz hem imdi mübäreknamaňyzny atamyzga aýdyp
iberiň. Tä atamyz sözlerimizni bawar kylgaý.
Ýusup nama iberer boldular. “Owwal ba nam alatagala, duwwum ba nam Ybrahym Halylylla,
suwwum ba nam Ýakup alaýhys-salam, oglanlarňyzga ynanmaý turarmyz. Owwal aýdylar:
“Inimizni böri iýdi”. Ondan soň aýdylar: “Garakçy öldürdi” diýdiler. Bu sözlerden köp hylap
tapdyk. Imdi Şemgunny alyp galdyk. Hatyr şeriflerige hiç melal gelmesin. Enşaalla tagala,
214
gowuşturarmyz. Ondan gam iýmesinler. Ibni Eminni munda ibersiňler. Ibni Emin tarapyndan
hem parahat bolsun” diýip, bu namany ýazyp, iberdiler.
Töwekgel kyl, Ýakup nebi hudaga,
Sabr eýlegil, guzyň Ýusup amandyr,
Razy bol belaga, sabr et kazaga,
Görer sen gül ýüzün, Ýusup amandyr.
Aşyk olan myradyna etendir,
Beýle jeza her kimseden ötendir,
Kimseleri pelek oýnap utandyr,
Ýyglamagyl, görer gözüň amandyr.
Ýusup diýr sen görer gözüm röwşeni,
Täze bolar gül açylyp gülşeni,
Hyzmatynda geýip jüpbe-jöwşeni,
Geler, sözlär sözüň, Ýusup amandyr.
Gam iýme, Ýusupyň aman bar imiş,
Oňa hakyň tejellisi ýar imiş,
Atasynyň jemalyna zar imiş.
Hoş talyg ýyldyzyň,Ýusup amandyr.
Bu Müsür şasynyň etiş senasyn,
Hiç kimseden daryg etmez wepasyn,
Afu eýlesin Ýakup nebi günäsin,
Gam iýme, gündiziň, Ýusup amandyr.
Elkyssa, agalary Şemguny Müsürde goýup, Ýusupnyň namasyn alyp, Kenganga rowan
boldular. Birniçe katyg menazyl kylyp, Kenganga etişdiler. Baryp atasyny zyýarat kylar erdiler.
Ne bolgaý wakalarny bir-bir beýan kyldylar. Ýusupnyň namasyn atalaryga çykaryp berdiler.
Ýakup alaýhys-salam namany ysgap, aýtdy:
–Eý, oglanlarym,bu namadan Ýusupnyň ysy geler – diýdi.
Namasy köňlümni algan mähribanym gelmedi,
Gülşen içre gül idi, ol gülgüzarym gelmedi.
Her zaman perýat edip, başymny ursam daşlara,
Ol gyzyl gül, sözi bilbil şasuwarym gelmedi.
Intizar ile ýörürmen, gije-gündiz ýat edip,
Ah urup men her zaman, ol tende janym gelmedi.
Yşkdan her deem oşol kim, dilberi janym idi,
Bes pyrak otyga köen jismu-janym gelmedi.
215
Ýakup aýdy, minşiler, bu namany siz okaň,
Ýusubyň ysy geler bildim ki, janym gelmedi.
Elkyssa, Ýakup alaýhys-salam bu jogapny aýdyp, zar-zar ýyglap, namany okap bilmeý aýtdy:
–Eý, minşiler, bu namany sizler okaň – diýip, namany okatdylar. Ýakup alaýhys-salam eşidip,
zar-zar ýyglap, bihuş boldy. Baz huşyga gelip, sorady:
–Şemgun hany?
Oglanlara aýtdylar:
–Müsür ezizi bizlernni jansyz diýip, bizin sözümizge ynanmady. Şemguny alyp galdy. “Baryň
atanyznyň namasyny alyp geliň we kiçik iniňizni hem alyp geliň” diýdi. Özi ajap patyşa, adyl,
dokuz perdeden jemalynyň şuglasy jela berur – diýip, hub tagryp kyldylar.
Herne bergen gallalaryn açyp görseler özleriniň alyp turur. Ony görüp, täsin galdylar.
Aýtdylar:
–Müsür ezizi bizlerniň nemerselerni pisint kylmaý turur – diýdiler.
Elkyssa, Ýakup oglanlaryga nesihat kylyp, Ibni Eminni hem goşup iberdiler. Ene hem
aýtdylar:
–Eý, gözümin nury oglanlarym, Ibni Emin birle sizlerni hudaga tabşyrdym. Muny hem Ýusup
dek kylyp gelmäňler. Meniň doaýy-bedimge uçrar siz, Barsaňyz, oşol patyşadan soraň. Meger
meniň Ýusubymdan habar bilgeý. Ýok erse, namada mundag aýtmagaý erdi – diýip, oglanlaryga
patyha berip, bu namany ýazyp, Ýusup alaýhys-salamga iberer boldy. Nama Ýakup alaýhyssalam bu turur:
Babam Ybrahymdyr, atamyz Yshak,
Kyrk ýyl oldy, awy maňa noş oldy,
Tapa bilmen Ýusup kaýdadyr ýyrak,
Eşidip namaňyz köňlüm hoş oldy.
Çäre ýokdur pyrakyňa dözmenem,
Umyt eýläp, ondan köňül üzmenem,
Gije-gündiz gaýgy bilen gezmenem,
Külebeýi ahzanda gözüm ýaş oldy.
Bagyr ganym gözden akyp ýyglaram,
Hijran ody bile jiger daglaram,
Tä ölinçä bil baglaram,
Jebri-jepa ýüregimde daş oldy.
Aýralygyň ody ýaman dert olar,
Kimse dözer pyrakyňa mert olar,
Şeb-ruz çekdigim ahy-sert olar,
Her kimsäge derdu-bela duş oldy.
Müsür ezizi, sözüň şeker-balmydyr,
“Ýusup bar” diýgeniň mekru-almydyr,
216
Gorkaram diýdigiň kylu-kalmydyr,
Ýakup görüp namaňyzy hoş oldy.
Ýakup alaýhys-salm bu jogaplarny aýtyp, namada andag diýdi kim: “Şaha, serwera, jahan
perwera, siziň ýagşy adyňyzny eşidip turarmyz. Owwal dogamyz bu, kim Ýusupdan maňa habar
bergeý siz. Andan soňra, oglanlaryga mähribanlyk kylgaý siz. Hususan Ýusupnyň inisi Ibni
Eminni hyzmatyňyzga iberdim. Ýusupdan jyda bolgandan soň, meniň ülpetim Ibni Emin erdi.
Ony menden jyda kylmaň. Abaýu-ejdatlarymyň hormaty üçin tizräk gaýtaryp ibergeý siz” diýip,
nama bitdiler we ene oglanlaryga aýtdylar.
–Eý, perzentlerim, her biriňiz bir derwezeden giriňler. Ýok erse, gözden-dilden, düşden zyýan
etgeý – diýip, pendu-nesihat kyldylar. Patyha berip iberdiler.
Birniçe menzillerini taý kylyp, Müsür diýaryga etişler. Ýol üstünde durgan toksawullar Müsür
ezizige baryp, ýarlyk alyp geldiler. Patyşanyň ejazaty birlen Şemgun aldyga çykyp, şäherge
ýakyn geldiler. Erse, atalarynyň nesihatyn tutup, iki-iki bolup, derwezeden ýöriş kyldylar. Ibni
Emin tenha galdy. Ýusup agasy ýadyga düşüp, zar-zar ýyglap, bir gazal okady:
Mysapyrlykda ýalguzlyk,
Aga jan Ýusubym bolsa,
Maňa eýlärdi janbazlyk,
Huraman Ýusubym bolsa.
Ke bilmez men kaýan bargam,
Eke ýalňyz güman bargam,
Garyby-natuwan bargam,
Gany jan Ýusubym bolsa.
Ýolum kimden sorag eýleý,
Bu ömrüm oňa bag eýleý,
Dil-u janymny dag eýleý,
Gülüstan Ýusubym bolsa.
Galyp tenha harap oldum,
Jydalykdan kebap oldum,
Agam diýip, iztirap oldum,
Ne arman Ýusubym bolsa.
Galyp Ibni Emin tenha,
Düşüpdir başymga söwda,
Hudaýa, goýmagyl gamda,
Aga jan Ýusubym bolsa.
Emma Ibni Emin bu gazalny okup, ýol tapmaý ýyglap, turup erdi.
Ýusup alaýhys-salam syçrap erinden turup, gözlerinden sil dek ýaşyn akyzyp, bir dünýä
minip, sähraýy lybasyn geýip, Ibni Eminniň aldyga çykdy. Görse derwezede ýyglap, her tarapa
bakyp, kaýan bararyn bilmeý, her kişige bir telmuryp, söz aýdyp ýol soraý erdi.
217
Ýusup gelip, düe üstünden el gowşuryp, araby-til birle salam berdi. Ibni Emin aleýik aldy.
Ibni Emin gördi kim, bir türpe ýigit, ýüzüne nykap tartylgap, ajap hoş buý, yslary jahanny
mugatter kylyp turur.
Ýusup ýakyn gelip, sordy:
–Eý, ýigit, kaýu erden geler sen we kaýsy eriň perzendi sen, kaýu erge barar sen – diýgeç,
Ibni Emin Ýusubyň owazyn eşidip, gözünden ýaş jara bolup, hyýal etdi kim: “ Bu owaz Ýusup
agamnyň owazyga ogşan turar” diýip ýyglady. Ýusup aýtdy:
–Eý, oglan, nägä ýyglar sen, ne eriň perzendi bolur sen?
Ibni Emin aýtdy:
–Ýakupnyň ogullary bolurmaz. Adym Ibni Emin turur.
Ýusup sordy kim:
–Ýakupnyň niçe ogullary bar turur?
Ibni Emin aýtdy:
–On iki ogly bar erdi. Elhal on bir turup. On biri hemme munda geldiler. Her ikisi bir eneden
erdiler. Aga-ini ikisi bir derwezeden gitdiler. Men tenha galyp erdim. Hiç kim meniň sözümge
düşmez. Kaýan bararymny bilmeý durup erdim. Alhamdylylla, siziň mübärek jemalyňyzny
gördüm. Meniň sözümge düşer siz. Janym andan aram boldy.
–Seniň agaň gelmedimi?
Ibni Emin perýat urup ýyglaberdi. Ýusup aýtdy:
–Ne çün ýyglar sen?
Onda Ibni Emin aýtdy:
Hijr odunyň täze boldy bu dagy,
Gije-gündiz dady-pygan ýyglaram,
Hazan urup soldy gülüm ýapragy,
Hijr elinden aman-aman ýyglaram.
Kyrk ýyl oldy akyl-huşum çaşyrdym,
Ýyglap pyganymny hetden aşyrdym,
Onuň odun synam içre ýaşyrdym,
Pyrakynda zaman-zaman ýyglaram.
Aýralykdan idräkimni ýitirdim,
Ne pelekden pyganymny ötürdim,
Atamyznyň namasyny getirdim,
Agam waspyn aýdyp, beýan ýyglaram.
Atasy gijeler guzym diýp ýatmaz,
Hijr odundan göýä hergiz daň atmaz,
Anyň perýadyna hiç kimse etmez,
Boldy ahyrzaman, zaman ýyglaram.
Ibni Emin ýyglar agasy ýokdur,
Meniň bu derdimiň dowasy ýokdur,
Bu dünýäniň hiçbir wepasy ýokdur,
218
Bakja gülün urdy hazan, ýyglaram.
Elkyssa, bu jogapdan soň Ibni Emin aýtdy:
–Meniň agamny kiçilikde böri iýip erdi. Agalarym atamyzga aýdyp geldi. Atam olarnyň
sözün kabul kylmaý heniz umyt eder – diýip ýyglady. Ýusup aýtdy:
–Ýyglamagyl, agaňnyň jemalyny huda tagala görkezse, ajap ermez – diýip, köňül berdi we
ene aýtdy:
–Men seni agalaryň bargan saraýyga elteýin – diýip, Ibni Eminiň golyga bir halka dür berdi.
–Şuny hergiz kişige bermegeý sen.
Ibni Emin aýtdy:
–Bu nägä gerek turur? – diýdi. Ýusup güldi. Ibni Emin dürnüň gadryny bilmegeni üçin we
ene aýtdy:
–Muny ýagşy saklagyl, zyýada gymmat bahaly nemerse turur.
Ibni Emin halkany golyga saldy.
Elkyssa, Ibni Eminni kerwensaraýyga eltip gaýtdylar. Ol tarapdan hem agalary etişdiler.
Ýusup zar-zar ýyglap, öz tagtynda karar etdiler.
Ibni Emin oşol erde agalarynyň gaşyga bardy.
Agalary aýtdy.
–Niçik bu jaýlary tapdyň? – diýdiler.Onda Ibni Emin bolgan wakalarny beýan kylyp, halka
dürni agalaryga görkezdi.Ehuda aýtdy:
–Bu halkany sen saklaý bilmez sen – diýip, alyp saklady. Bir zamandan soň ýitirip turur.
Oýan-buýany görse, halka Ibni Eminnin golunda turur. Elgaraz, her agasy alyp sakladylar.
Olarda karar etmeý Ibni Eminniň golunda turar. Birniçe wagtlar karar etdiler. Bir gün Ýusup
tagam taýýar kylyp agalaryn çagyrdy. Olarnyň on biri jemg bolup, Ýusupnyň saraýyga bardylar.
Içgeri girip, tagzym-towazyg birlen gol gowşuryp durdylar.
Ýusup perde keýninde durup, Ibni Eminni görüp, zar-zar ýyglap, özüge teskin berip, olardan
sowal kylyp, aýtdy:
–Ataňyznyň hatyn alyp geldiňizmi?
Olar aýtdylar:
–Alyp geldik. Atamyz namasyn hem sizge iberdi – diýip. Ýakubyn namasyn çykaryp berdiler.
Gördüler Ýusup namany okap, pynhan ýyglar erdi. Imdi aýtdy:
–Eý, Ýakubyň oglanlary, ataňyz Ýusup salamat ermiş diýip, nama ýazyp ýollap turur. Rast
habar beriň. Eger tirik bolsa, gapan maslahatyn kylalyň.
Onda olar aýtdylar:
–Tagsyr, şahy-älem, takyk turar böri iýgeni we eger sözümize bawer kylmasaňyz, inisi Ibni
Eminden soraňyz.
Ýusup aýtdy:
–Eý, Ibni Emin, agaňňy böri iýdimi?
Ibni Emin ýyglap, sözlärge mydary galmady, özün rast kyldy. Aýtdy:
–Eý, şahy-bakerem, bizge güman turar, agalarym birle sähraga gidip erdi, gaýdyp gelmedi.
Bilmedim ne waka boldy?
Ýusup sorady:
–Eý, Ibni Emin, agaň ogry erdimi, ýalgançy erdimi?
Ibni Emin aýtdy:
219
–Hergiz ömründe bir ýalgan söz aýtgan ermes erdi. Bir lukma tapsa, özi aç bolup, bir saýylga
berer erdi. Onuň hulky misli perişteden zyýat erdi. Bular ony reşk edip, ýaman görer erdiler.
Ýusup aýtdy:
–Andag bolsa, bu agalaryn ogry-ýalgançy erken. Indi maglum boldy, atalary Ýusup aman
diýip, nama iberip turur – diýdi. Agalary Ibni Eminge gahar gözleri birle bakdylar we aýtdylar. “
Gör, kim, seni hem Ýusupdan beter belaga giriftar kylalyň” dier erdiler. Ýusup aýtdy:
–Bularny saraýga eltip, tagam berin – diýdi.
Ýusup alaýhys-salam bir saraý saldyryp erdi. Özüniň suraty birle agalarynyň suratyn kyldyryp
erdi. Özüniň goly bagly, boýnunda zynjyr, agalarynyň golunda hanjar, Ýusupny öldürer
boldular. Ýusup gaçyp her agasyga bir ýalbaryp, ýapyşyp ýyglar erdi. Oşol saraýyga girip, bu
suratlaryny görüp, agalary şermende bolup, ýüzün goýup ýykyldylar. Huşy başyndan gidip,
haýran serasima bolup, ne dierin bilmediler. Ibni Emin hem özüni her erge urar erdi we zar-zar
ýyglar erdi. Ýusup bir derejeden tomaşa kylar erdi.Ýusup bu wakany görüp, baryp, agalaryn
çagyrdylar. Birniçe söz bilen mähribanlyk kylyp,tagam tartdylar. Her ikige bir tabak tartdylar.
Ibni Emin tenha galdy. Oňa eke tabak tartdylar. Agalary birew-birewge ittifak kylyp, tagamga el
uzatdylar. Ibni Emin gördi, erse, hemme jübüt-jübüt, aga-ini tagamga mukyt boldular.
Ibni Eminiň Ýusup agasy ýadyga düşüp, zar-zar ýyglap, tagamga garamaý, nala kyla başlady.
Ýusup bulardan habardar erdi. Perde keýinden kyçgyrdy:
– Eý, kengany kiçik oglan, ne üçin tagamny manzur kylmaý sen, meger diwana sen – diýgeç.
Ibni Emin zyýada nygan kylyp, ody täze boldy. Zar-zar ýyglap çün ebri-nowbahar ýaňlyg
ýyglap, bu jogapny aýtar erdi. Ýusup alaýhys-salam hem jogap berer erdi:
Ibni Emin: Men garyby aýp eýlemäň,ezizim,
Pelek atam ömrün tamam edipdir.
Süýt emişgen agam, gije-gündizim,
Görer gözüm, Ýusup agam gidipdir.
Ýusup: Ýakup ogly, ýyglamaňyz bu erde,
Maksadyňňy diýgil, köňlüň alaýyn,
Patyşa bolan dowa kylar her derde,
Ýyglamagyl, bu gün, agaň bolaýyn.
–Bular hemme aga-ini amandyr,
Kylgan işi bir-birine aýandyr,
Aýp eýlemäň, maňa ahyrzamandyr,
Görer gözüm, Ýusup agam gidipdir.
– Kimse görer bu dünýäniň jepasyn,
Ahyrynda görer mähri-wepasyn,
Gel gaşyma, görgül zowky-sapasyn,
Gam iýmegil, bu gün agaň bolaýyn.
– Men biler men bu gün agam bolar sen,
Süýt emişgen agam haçan bolar sen,
Kim garypdyr, siz mähriban bolar siz.
220
Bagrym kebap, Ýusup agam gidipdir.
– Agaň niçik, pygly, hulkyn beýan et,
Ene husny-jemalyny aýan et,
Umyt eýläp, şaet, agaň güman et,
Ibni Emin, bu gün agaň bolaýyn.
– Agam hulky perişteden zyýada,
Ýüzün görse, şalar bolar pyýada,
Müsür ezizi,ýalan söz ýok arada,
Men ýyglaram, Ýusup agam gidipdir.
– Zebun olar, agam diýip ýyglama,
Hijran ody bilen bagryň dalgama,
Umyt eýle, ýaman sözi çaglama,
Gel bäri, men Ýusup agaň bolaýyn.
– Men dözmenem, ýyglar onuň atasy,
Gözünde ýaş,bagrynda daş apasy,
Hetden zyýadadyr, görgen jepasy,
Ibni Emin ýyglar: “Agam gidipdir”.
– Kengany ýaş oglan, saňa ne arman,
Müsür ezizi bolsa saňa mähriban,
Engam eýläp, malu-dünýä perewan,
Gam iýmegil, Ýusup agaň bolaýyn.
Elkyssa, Ýusup alaýhys-salam bu jogapny aýtyp bolgaç, Ibni Emin çadyr içige aldy. Ehuda,
Şemgun muny görüp, reşk edip, damaklaryndan nan-aş ötmediler. Aýtdylar: “ Haladan bolgan
her erde sahypkyran bolup turar” diýip, ýaman gördüler.
Elkyssa, Ýusup alaýhys-salam Ibni Emin birle tagam ier boldular. Ýusup mübärek gollaryn
tagamga uzatdy. Erse, Ibni Eminiň gözleri Ýusubyň golyga düşdi. Bir ah tartyp, ýyglap başlady.
“Meger, Ýusup agam bolgaý” diýip, ýüregi urnup, bu gazalny aýtdy:
Aýp eýlemäň, patyşahym,
Goluň meňzär gardaşyma,
Älemni ýandyrdy ahym,
Gan dolupdyr gözýaşyma.
Kuwwatymdyr bilde kemer,
Şahasyndan düşdi semer,
Asman, zemin, şemsu-kamar,
Lerzan urup ýyglaşyma.
Gam derýasy doldy daşdy.
Girdap aldy, syndy kişti,
221
Aýralyk söwdasy daşdy,
Ýykylsyn meniň başyma.
Kenganyň şährinden gelip,
Agalarma goşçy bolup,
Gerdenime hyrka salyp,
Geze bilmen öz hoşuma.
Ýamandyr bagry paralyk,
Namarda ýüzi garalyk,
Ibni Emin diýr aýralyk,
Zäher salypdyr aşyma.
Elkyssa, Ibni Emin bu jogapny aýtdy, erse Ýusup aýtdy:
– Meger sen diwana sen, agalaryň gaşynda tagam iýmeý ýyglar sen. Men Müsür ezizi patyşa
zaman bolsam, saňa ne döwletdir, meniň birle bir tabakdaş bolmak?!
Ibni Emin aýtdy:
– Rast aýdar siz, her wagt ke tagamga el uzatsaňyz, mübärek goluňyz misli agam goluna
ogşatur men. Bu sebäpden ýyglar men, magzur tutuň – diýdi. Onda Ýusup aýtdy:
– Tagamga mukyt bolgul, agaňňyň jemalyn tiz görer sen – diýgeç, Ibni Eminiň köňlüge
ajaýyp röwşenlik peýda boldy. Hyýal kyldy kim, ýüzünden perde göterilse, jemalyn görsem –
diýip, nägä saraý içige bir jemal peýda bolup, Ýusupnyň ýüzünden perdäni göterip taşlady.
Ýüzüniň şuglasy hurşydy-haserden jela berdi.
Ibni Emin agasynyň ýüzün görgeç, bihuş bolup ýykyldy. Baz huşyga gelip, ene ýykyldy.
Ýusup Ibni Eminiň başyny dyz üstünde alyp, ýüzüge däri-dermanyn suwun saçyp, aklyga getirdi
we heremhanaga eltip, gujaklaşyp görşüp, andag üýn salşyp ýyglaşdylar, kim tamam melaýyk,
arş we kürs we huş-taýr hemme lerzaga gelip ýyglaşdylar. Ondan soň, Ýusup Ibni Eminniň
boýnundan gujaklap, özün maglum kylyp, bu jogapny aýtdy:
Aýra düşüp, şähri-Kengan ýurdundan,
Zary girýan boldum, Ibni Emin jan!
Niçe wagt agalarym jebrinden,
Hana weýran boldum, Ibni Emin jan!
Köýlegim egnimden soýup aldylar,
On erden janyma hanjar çaldylar,
Ahyr Şeddat gazan jaýa saldylar,
Bendi zyndan boldum, Ibni Emin jan!
Çah içinde niçe günler giriftar,
Hiç kimse bolmasyn men dek dilefgar,
Ene rehm eýledi keremli gaffar,
Gamdan raha boldum, Ibni Emin jan!
Agalarym ene gelip tutdular,
222
Bu garyp janyma sütem etdiler,
Esir edip, bir tüçjara satdylar,
Bagry birýan boldum, Ibni Emin jan!
Agalarym düşmanlygyn bildirdi,
Jepa birle gül harmanym soldurdy,
Gara gözüm toprak bilen doldury,
Reňňi hazan boldum, Ibni Emin jan!
Urup, ýaryp, tagma salyp tenime,
Ýaman günler düşdi garyp janyma,
Rehm eýlemeý gözden akan ganyma,
Ajap sersam boldum, Ibni Emin jan!
Ýusup aýdar, ýandym-bişdim, kül boldum,
Müsür ilinde niçe ýyllar gul boldum,
Jydalykda niçe aýy-ýyl boldum,
Ahyr soltan boldum,Ibni Emin jan!
Elkyssa, Ýusup alaýhys-salam bu jogapny aýtyp, Ibni Emin birle hal-ahwal soraşyp, aýtyd:
– Eý, inim janym, köňlüňe kiren gelmesin, men seni bir hile birlen alyp galaýyn.
Ibni Emin aýtdy:
– Meniň hem myradym oşol turar – diýdi. Maslahat kylyp, daşgary çykdylar. Ibni Emin bu
syrlarny içinde pynhan saklap, agalarynyň gaşyga bardylar. Ýusup buýurdylar kim:
– Kenganylarga gala beriň. Bular jaýlaryga gaýtsynlar – diýgeç, mähremleri gala berer
boldular.
Patyşanyň bir altyn ölçeg jamy bar erdi. Oşol jam birle ölçäp, gala berdiler. Ýükleri tamam
tapgandan soň, jamny Ibni Eminiň ýükünde jaý kyldylar. Olar düelerige ýükläp, Kenganga
rowan boldular. Bir-iki menzil ýol ýörür erdiler. Ýusup olarnyň ardyndan birniçe atly iberdi.
“Patyşanyň oşol jamyny ogurlap gidip turar” diýip, kyrk-elli atly yzyndan etdiler. Birniçe
syýasat kylyp, aýtdylar:
– Eý, kenganlylar, sizler, ogry erken sizler, patyşanyň ölçeg jamyn ogurlap gidip turar siz –
diýdiler.
Ehuda, Şemgun barçasy pygan kylyp, gol göterip:
“Bizler hergiz mundag iş kylganymyz ýok. Ynanmasaňyz ýüklerimizi agtargyl” diýdi.
Bargan ýaswullar ýüklerin garadylar. Ahyr soňra Ibni Eminiň ýüklerin gördüler. Jam Ibni
Eminiň ýükünden çykdy. Ibni Eminni baglap, tutup alyp ýörüberdiler. Agalary pygan göterip,
ardyndan baryp, patyşaga baş urup, perýat etdiler. Ýusup aýtdy:
– Eý, kenganlylar, ne üçin mundag işler kylar siz, pygamberzada bolsaňyz, niçik ogurlyk
kylar siz?
Olar pygan kylyp, aýtdy:
– Bizler hergiz mundag iş kylgan ermesmis. Bu ýaş oglan turar. Agasy Ýusup hem mundag
işlerni kylar erdi. Bizlerni şermende kyldy. Siz patyşa siz. Her niçik atamyznyň hatyr-şerifleri
üçin, bu oglanyň günäsin bagyş kylyň – diýip, nala kyldylar.
Patyşa dergahar bolup, aýtdy:
223
– Her niçe sözlär siz, ýalgan sözlär siz. Indi bu iniňizni öldürmek gerek.
Onda olar aýtdylar:
– Eý, şahy-bakerem, ony öltürmäň. Biziň atamyznyň hormaty üçin ony bendi kylyp saklaň.
Biziň atamyznyň hormaty bu turur kim, bir kimerse ogurlyk kylsa, şol ogry mal eýgeeine bende
bolur. Biz atamyzga bolgan wakalarny aýtalyň. Olarnyň her ne permany bolsa, ony kylalyn –
diýdiler.
Bu söz patyşaga hoş gelip, makul kyldy. Ibni Eminniň boýnuga zynjyr salyp, zyndanga
buýurdylar. Ýasawullar alyp ýörüberdiler. Agalary Ehuda, Şemgun, Rubil – barçasy bir çetge
çykyp, maslahat kyldylar. Ehuda aýtdy:
– Sizler barçaňyz, her haysyňyz bir köçäge baryp duruň. Şemgun zyndanga baryp, Ibni
Eminni çykarsyn. Men patyşanyň dergähinde bir nagra jigergähinden tartar men. Zemin, zaman
mekin we mekan bir bolsun, sizler her haýsyňyz meniň nagramny eşitseňiz, köçebe-köçe
meýmene we meýsere läş-läş kylyp taşlaberiň – diýip, her haýsysy bir köçäge baryp, özi nagra
tartar boldy. Emma bu syrdan Ýusup habardar erdi. Bildi kim: “Ehuda nagra tartsa, halaýyknyň
zähesi ýarylyp öler, beekbar gylyç ursa, şäherni weýran kylar” diýip, endişe kyldy.
Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, her wagt-ki bularnyň gahry gelse, Ýakupnyň
öwladyndan bir kimerse gelip, arkasyndan sypasa, gahry gidip, agzasy sust bolup, dermany
galmaz erdi. Ýusup alaýhys-salam oglanlaryga buýurdy:
– Bargyl, Ehuda babaňňyň arkasyn sypagyl, gahry gidip, dermany kesilsin – diýdi.
Ýusupnyň perzentleri baryp babalarynyň arkasyny sypady. Erse, gahary gidip, agzasy sust
bolup, dermany galmady. Ýusupnyň agalary bildi kim: “Ýakupnyň öwladyndan bir kimerse bar
turar” diýip güman kyldylar. Inileri gulak tutup, bir sagat, iki sagat durdular.Ehudadan hiç nagra
çykmady. Gaýdyp Ehuda gaşyga gelipdiler. Ehuda aýtdy:
– Meger, bu şäherde Ýakupnyň öwladyndan kişi bar bolgaý. Bir oglan gelip, arkamy sypady.
Erse, tamam kuwwatym gidip, hiç dem urarga mejalym galmady. Geliň, imdi her niçik bolsa
müwessa kylmak gerek – diýip, ene aýtdy:
– Ibni Eminniň gaşyda Şemgunny goýup gitsek ýagşy bolar. Ýok erse, atamyz bizge
ynanmaz. “Ony hem Ýusup dek ýok etdiňizmu” diýip, serzeniş kylar – diýip, maslahat bilen
Ýusupnyň gaşyga bardylar. Aýtdylar:
– Eý, şahy-bakerem, Ibni Eminni tenha goýup barsak, atamyz bizge ynanmaz, oňa ne jogap
berermiz. Indi Şemgunny hem gaşyňyzda goýamyz. Täki bizler hem estihalden gutulgaýmyz –
diýip, hemme baş urdular.
Ýusup olarnyň bu sözlerni hoş görüp, nama bitdiler. Tamam bolgan wakalarny aýtyp, Ibni
Emin bu jamny ogurlaganyň, mähremler tapyp alganyň, ene herne ki Ibni Eminniň ýüküne lagyl
we jöwahyr salganyň aýdyp iberdiler. Bular Ýusupnyň namasyn alyp, niçe menzil ýol ýörüp,
Kengana etişdiler. Müsür patyşasynyň namasyny atalaryga berdiler. Atalary okup, gördi, erse
Ibni Eminni ogry diýgeç söz çykdy. Ýakup alaýhys-salam ýagşy teffehhus edip görse, namadan
Ýusupnyň ysy gelur. Köňlüge aýtdy “Meger şul Müsür ezizi meniň Ýusbym bolgaý” diýip,
guman kylyp, Ibni Eminniň galganyna bitakat bolmadylar. Ondan soňra ýükleri açyp görseler,
Ibni Eminniň ýükünden tamam lagyl we jöwahyr çykdy. Ondan hem güman kylyp, parahat
boldular.
Elkyssa, biniçe günden soň Ýakup alaýhys-salam nama ýazyp, oglanlaryndan iberer boldy.
Namada andag ýazdylar, kim: owwal banam alla, duwwum banam Ybrahym Halylylla, suwwum
banam Yshak nebiylla, çaharem pakyr Ýakup bolgaý men.
224
Eý, Müsür ezizi, meniň Ýusubymdan habar beriň. Bu namadan Ýusubyň ysy geler. Meniň
takatym tak bolup turur, hiç kararym galmady. Ibni Emin ogry kişiden ermes. Ondan ýamanlyk
güman etmäň. Ýusup gitgeli ülpetim oşol Ibni Emin turur. Ony tizräk iberiň, meniň dogaýyhaýrymy alyň” diýip, nama bitip oglanlary golyga berip iberdiler. Olar atalaryndan rugsat alyp,
Müsürge rowan boldular. Birniçe eýýam ýol ýörüp, Müsürge etişdiler. Görnüşanaga baryp,
agasynyň namasyn çykaryp berdiler.
Ýusup pyhan okap, ýyglar erdi:
– Eý, Ýakubyň perzentleri, ataňyz namasynda Ýusup oglum salamat ermiş – diýip, ýazyp
turur. Sizler böri iýdi diýrsizler, meger Ýusupgaa sizler jepa kylgan bolgaý siz, ataňyz mundag
efada kylyp turur.
Imdi rast aýtyň Ýusupny ne kyldyňyz?
Olar kasamýat kyldylar:
– Ýusupny böri iýgen turur – diýip.
Onda Ýusup aýtdy:
– Andag bolsa bizge bir hat tüşüp turar. Oşol hatda ne çyksa ykrarmu siz?
Onda olar aýtdylar:
– Andag bolsun – diýdiler.
Ýusup buýurdylar:
– Pylan saraýyn ortasynda bir hat asyklyk turur. Oşol hatny alyp geliňler – diýgeç, baryn
hatny alyp geldiler. Okadylar, erse, hat andag diýr kim: “Ehuda, Şemgun, Rubil – onagasy atbaat aýtyp. “Bir araby gul Kengany, ady Ýusup, özi ogry, ýalgançy we gaçgak, on sekiz gara pylga
Mälik ibn Zagyrga satdyk. Hiç kimiň dawasy, dahyly bolmasyn” diýgen hat turur.
Agalary muny görüp, aýtdylar:
– Bizniň bir ýaman gulumyz bar erdi. Ady Ýusup erdi. Ony satyp erdik. Siziň aýtganyňyz
oşol gul turur.
Ýusup aýtdy:
– Ibni Emin, sizlerniň Ýusup diýgen ogry guluňyz bar erdumy?
Ibni Emin aýtdy:
– Andag gulumyz ýok erdi.
Bu sözler birle ene ýalgançylyk bularynyň boýnuga düşdi.
Ýusup aýtdy:
– Eý, kenganlylar, mundag ýalgan sözlär sizler, mende gadymyl-eýýamdan galgan bir jam bar
turur, her kim ömründe ýagşylyk we ýamanlyk kylsa, oşol jam bilen beýan kylar. Ony bawar
kylarmu sizler?
Olar aýtdylar:
– Kabul kyldyk.
Baryp jamy getirdiler. Ýusup aýtdy:
– Eý, jam, rast sözlegil, bu kenganlylar Ýusup inisige ne jepa kyldylar? – diýip, jamny bir
urdy.
Jam nagma birle seda kyldy. Seda arasynda Ýusup aýtdy:
– Eý, oglum, bu jam ne aýtar?
Ogly aýtdy:
– Eý, ata, bu jam aýtar, Ýusup bir düýş gördi. Atasyga ýuratdy (ýordurdy). Ondan
Şemgunnyň enesi habardar erdi. Baryp oglanlaryga aýtdylar. Olar reşk edip, ýaman görüp,
225
sähraga aldap alyp çykdy. Ondan soň öltürer boldular. Ehuda agasy öldürmäge razy bolmady.
Ondan soň gudukga saldylar – diýip jogap berdi.
Ene Ýusup jamny urdy. Jam ene seda kyldy. Ýusup ene sordy:
–Eý, oglum, jam ne aýtar?
Ogullary aýtdylar.
–Eý, ata, jam aýtar – Ýusupny gudukga salgandan soň, bir oglakny soýup, Ýusupnyň
köýlekini ganga bulap, “böri iýdi” diýip, ýalgan sözläp, atasyga ant içip, hudaga asy bolup,
atadan bizar bolup geldiler – diýip, jogap berdi.
Ýusup jamny ene bir urdy. Jam ene seda kyldy.
Ýusup ene aýtdy:
–Eý, oglum, jam ne aýtar?
Oglanlary aýtdylar:
–Eý, ata, jam aýtar – Ýusupny Mälik Zagyr gudukdan çykardy. Agalary baryp, Ýusupny
Mälik Zagyrga on sekiz ýörimez gara teňňäge satdylar – diýip, jogap berdi. Ehuda on agasy
guwiýn başyga urup, sakgalyn ýolup, pygan göterip:
–Waý, Ýusubym sen bolgaý sen! Bizler şermende bolduk, günähimni ötgeý sen! Hudanyň
birligi üçin, babam Ybrahym, Ysmagyl, Yshaknyň haky üçin – diýip, erinden turup, Ýusupnyň
aýagyga sejdeýi-tehaýet kylyp, ýyglaşdylar. Hemme melaýyk yns we jyns ýyglaşdylar.
Ehuda, Şemgun we on agasy bu jogapny aýtyp, ýyglar erdiler.
Gazal dek ýar bu turar:
Ehuda ýyglady, Ýusup jan, inim,
Köpdür günähimiz bu gün bagş ediň!
Toba kyldyk,afuw et mähriban inim,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Seni saldyk jepa bilen belaga,
Razy bolup sabr eýlediň kazaga,
Bu kylmyşdan asy bolduk hudaga,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Owwal huda birliginiň hormaty,
Ybrahym,Ysmagyl babam gurbaty,
Atamyz Ýakypdyr – onuň hormaty,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Salmagyl ýadyňa öten jepany,
Biz garyba eýle mähri-wepany,
Hatamyz ornuna eýläň atany,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Hyjalatdan gyzyl güller solgusy,
Tä kyýamat köňlünde dag galgusy,
Ehudy işikde guluň bolgusy,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
226
Emma Ýusup alaýhys-salamnyň köňülleride hiç gubar ýok erdi. Mähz bularny synamak üçin
bu jogapny aýtar erdi:
Agalar ýadyma düşse jepaňyz,
Bagş eýlesem hergiz aňa dözmenem,
Serzeniş eýleban tagna-tefaňyz,
Bagş eýlesem, hergiz aňa dözmenem.
Her işikde meni geda kyldyňyz,
Hijr oduga ýakyp, eda kyldyňyz,
Kyrk ýyl atamyzdam jyda kyldyňyz,
Bagş eýlesem, hergiz aňa dözmenem.
Agalyk, inilik bija kylmadyň,
Ataňňyň hakyny eda kylmadyň,
Häzir hudaýyňdan iba kylmadyň,
Bagş eýlesem, hergiz aňa dözmenem.
Güman eýläp, meni öler çagladyň,
Öten babalaryň bagryn dagladyň,
Ne sebäpden el-aýagym bagladyň,
Bagş eýlesem, hergiz aňa dözmenem.
“Ýalançy,ogry” diýip, böhtan etdiňiz,
Ataňyz hanasyn weýran etdiňiz,
Ýusup aýdar,görmez güman etdiňiz,
Bagş eýlesem, hergiz aňa dözmenem.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 16
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.