Latin

Baba Röwşen dessany - 20

Total number of words is 3980
Total number of unique words is 1855
17.1 of words are in the 2000 most common words
25.4 of words are in the 5000 most common words
29.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
uwlagyp ýörmegil!” diýip, “imdi men seni istäp gelip men, ýörgün öýge alyp baraýyn, Leýliden
saňa hiç peýda bolmady!” diýip, köp nesihatlar kyldy.
Emma Mejnun atasyndan bu sözlerni eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap: “Eý, atajan,
siz gelip, maňa tagna kylyp, köen ýüregimge gaýta beter ot salur siz, imdi meni öz halyma
goýmas siz! Eý möwlam, waý, babam, kyblagähim we käbeýi-puştypenahym, günçe bilur men
kim, siz meniň kyblagähim bolur siz, emma atam kim we enem kim durur, bilmes men we men
niçik durur men, özümni bilmes men!” diýdi. Irse Seýit Beni Amyry ogludan sahhatlyk umydyn
üzüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, nala kylyp, pygan tartyp, bu sözlerni aýdur erdi.
Gazaly Seýit Beni Amyry bu turur:
Kysmaty-möwlüdi ýaman, bagty zebun-belaginäm,
Mähneti barçasy reýgan, gussalarga aşnaginäm,
Apaty-hijrige hyşan, derbederi-gedaginäm,
Mähremi-hemdemi pygan, gam bilen aşnaginäm,
Leýli üçin heläki-jan, hem täleýi şum-narginäm!
It watan etdi jaýyňy, imdi saňa watan kany?
Ol heme kerr-u ferr bilen rahaty-enjümen kany?
Bir kuruk ustuhan bolup, eziz, näzik beden kany?
Uşbu gam-u elem bilen ölseň eger kepen kany?
282
Gülşeni-ömürdir hazan, eý güli-bibakaginäm!
Murgy-sütem reside dek bal-u peri şikeste sen,
Hem gamy ýok zamanadan , derdige paýy-beste sen,
Her nepes ýüz pygan çekip, döwür aýlana, bir hasta sen,
Halaty-nezde, balam, imdi kaýy höwesde sen,
Imdi tirikligiň güman, kysmatyga ryzaginäm!
Sen idiň, eý guzym, maňa dähr içinde abyru,
Men sen üçin jiger kebap ki sende jiger gany suw,
Syna ha:kyňa seniň men häge kylmadadym wozu,
Birgine matlabyň sary kylmagan idim arzuw,
Başyda mähneti-jahan, eý aşyky-näbigänem!
Seýit Amyry diýdi boldy bu gün işim kyn,
Düşüpdir gamyň bilen rişteýi-janyma çigin,
Boýnuma salgaly meniň ruzy-ezeldedir kimin,
Ataň seniň hijriňde ahyry kim ölermukin,
Rahy-talapda öle sen, waý, aşyky-parsaginäm!
Elkyssa, andan soň Seýit Beni Amyry bu sözlerni aýdyp, ogludan umydyny üzüp, Mejnun
bilen widaglaşyp, öýüge geldi. Elgaraz, oglunyň derdini içige alyp, birniçe günden soň dünýäden
ryhlet kyldy.
Elkyssa, andan soň Zeýt diýgen kişi baryp, Mejnun aşufta hala habar berdi: “Eý, Mejnun, ataň
wepat kyldy, habaryň barmy, imdi ataňnyň hormatyny berjaý geltirip, zyýaratga barmaňmy?”
diýdi. Irse Mejnun atasynyň ölgenin eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, ýolga düşüp,
rowana boldy. Emma Zeýt Mejnunnyň atasynyň gabryga başlap bardy. Irse Mejnun atasynyň
gabryny gujaklap, bul muhammesni okur erdi:
Bary-mähnetge karyp men erdim, eý şahy-arap,
Dagy-derdim üstüge hem boldy, haýran men ajap,
Pendiň almaý hazretiňe asy boldum biedep,
Istyganet isterem häki-şerifinni towap,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Eý gözümniň röwşeni, magzy-dil janym idiň,
Kyblagähim, mähribanym, derde dermanym idiň,
Gähi-gähi külbämde yzzatly myhmanym idiň,
Imdi köňlüm tagty weýran boldy, soltanym idiň,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Her kaýana ýüz öwürsem, sen rahbelik eýlediň,
Jan bilen esräp meni, huny-jigerlik ýygladyň,
Köp muşakgatlarny tartyp, hakguzarlyk eýlediň,
Hileýi rehmiňni katg etmeý, sen pederlik eýlediň,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
283
Eýlegen pendiň seniň ýadymga düşse nägehan,
Örtenip çykgaý nehadymdan çynan otlug pygan,
Derbeder bolduň men üçin, kyblagähim, her zaman,
Zendeganyndan seniň tapgaýmu men nam-u nyşan,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Tebyňa laýyk sözi dünýäde, käbäm, kylmadym,
Katyg aldym sözleriňni, dertge melhem kylmadym,
Bir güni hoşwagt olup,bir bigam kylmadym,
Merhemi-janym diýip, pendiňni mähkäm kylmadym,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Köňlüň agyrtdym, sen azurde kyldym, kyblagäh,
Bolmasaň razy ne kylgaý men imdi ruýy syýah,
Häkiňe ruhsar sürtmäge gelip men uzrhah,
Öt günähim, bolmaýyn şermendeýi ruzy-jeza,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Nary-dünýäden sapar kyldyň beka rahtyn tüzüp,
Heýl-u hyş, akrabalar, barçadan mähriň üzüp,
“Gelmedi Mejnun belakeş”diýip, ýolumga gözüň süzüp,
Intizarlyk birle jan berdiň, kyblam, köňlüň bozup,
Istesem, imdi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Elkyssa, andan soň Mejnun bu sözlerni aýdyp, ýyglap, atasynyň gabrynda üç gije-gündüz
durup, hatmy-kuran kyldy. Andan soň zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, ene çöl-beýabanga ýüz
urup, kuhbe-kuh, deştbe-deşt ýörüberdi. Teby-mübäregi hahyş kylgan erde karar tutdy we zarzar ýyglap olturdy. Nägäh birew oýga etişdi,emma birniçe wagt ol erde karar aldy.
Imdi söz Leýli dilaramdan eşidiň kim, Leýli dilaramny Ibn Salam Bagdadyga berip,
erusdarlyk kylyp, tabşyryp erdiler, kim Leýli Bagdat welaýatyga bardy, gije-gündüz Mejnunnyň
pyrakyda köýüp-ýanyp, ýyglap, kuruk ustuhan bolup erdi. Welemma Ibn Salam şad-u-horram
bolup, bir gije Leýliniň hargähi-haýmasyga girip erdi. Şol halatda Leýli dilaram hudaý tagalaga
özüni howala eýläp, pena istäp, bir mynajat okudy:
Hudawend-a, kerim-u züljelal-a,
Özümni zatyňa kyldym howala.
Pena bergin bendäň men natuwana,
Kylaýyn dergahyňda ah-u nala.
Amanatga hyýanat kylma, ýa reb,
Zowal ötgürme, ýa reb, bul kemala.
…Ne müşgil gül gaşynda bolsa ýüz har,
Bolur bilbil guşy haýran-u wale.
284
…Leýli hasta Mejnuny-dilefgary,
Ylahy sen etirgeý şol jemala.
Emma Leýli dilaram bul sözni tamam kyldy. Irse, Ibn Salam Leýliniň haýmasyga girip
ka:my-dil hasyl kylur boldy. Emma Leýliniň şeraftydan hudaý tagala bir perini Leýli suratynda
kylyp, Ibn-es-Salamga görkezdi. Esed ibn es-Salam anyň birlen jüft bolaryn diýip, gol uzatsa, ol
peri: “Sen meniň jynsym ermes sen” diýip, jeň salur erdi. Bara-bara halaýyk agzyga düşüp,
meşhur bolup, ryswalykga aýed kyla başlady. Emma Leýli dilaram mesti-biygtyýar bolup,
Mejnun pyrakyda gezip, ah-u nala birle bir söz diýgeni:
Meni-dilhasta halyn sorgaly, eý jehsuwarym, gel!
Bolan awaraýy-bihanyman,eý ýary zarym, gel!
….Eda bolmas aýtsam hasby-halym Nary-u zara,
Eýa, eý, intizary-Leýli, Mejnun atly ýarym, gel!
Elkyssa, Leýli bu halda edi ýyl ömri be ser kyldy.
Elgaraz, Ibn Salamnyň ýüregi howul kylyp, halaýyk namysydan gorkup, gol uzatmas erdi.
Elkyssa, Ibn Salamga Leýliden we periden-ikisiden hem Nesibe bolmady. Elgaraz, Leýliniň
halyny görüp, howp edep erdi: “Mebada, munda ölmesin, her niçik bolsa, ata-enesige
tabşyraýyn” diýip, eltip tabşyrdy.
Elkyssa, Leýlige gün-günden Mejnunnyň yşky zor kylyp, renjurlygy gün-günden zyýada
bolup, läle dek ruhsarasy sarygyp, sahhatlyk umydyndan we mesrurydan düşüp we renjurlyk
zyndanyga giriftar bolup, baharystan ömürge bady-hazan eli tapança urup, zehm saldy. Güngünden ataşy-yşk mostawly bolup, köýgen jigerige tab lerze saldy we gaýta başdan şikest sala
başlady. Bady-muhubbet gurutgan sebzeýi-myradyny bu ot köýdüre başlady. Enesi bu halatda
gyzyny görüp, ýüzüge gözlerini sürtüp, ýyglar erdi, ene Leýli dilaram enesini nermdil halatda
görüp, uzr-nyýaz işigin açyp, raz aýtdy. Elkyssa, enesini çagyryp: “Eý,enejan, waý, kägbeýimaksudy-arman, her çend syrymny pynhan kylyp, huny-jigerler ýutdum, imdi jan damakga
gelipdir, bu gün ý ataňla Mejnunnyň hijridenöler men, imdi ölsem, meniň ganym seniň boýnuňa
galur” diýip: “Zynhar, be sed zynhar birniçe wesetim bar” diýip, aýakyga gözün sürtüp, nalyşa
girip ýyglar erdi. Emma her gözüden şeş katar ýaş jary bolup, Mejnunnyň hasby-halydan aýdyp,
bir wesetnama kylyp galgany:
Men ölgenden soň eşidip, Mejnun gamhana gelgeýmu,
Talap eýläp wysalymny ki ol jahana gelgeýmu,
Elem aýdyp saňa ol gün, ýörüp, hemhana gelgeýmu,
Pyragym oduga köýüp ki bir perwana gelgeýmu,
Bolup serkeşde perişan ki ol diwana gelgeýmu.
Bolup nerkesleri jary, döküp hunaba dek ýaşy,
Ýyglap, özün urup her dem, goýup bosagaň başy,
Ýüregi ýüz jerahatdyr urup başyga çün daşy,
Daryg edip diýgeý: “Ölsem bolup kim anda ýoldaşy”,
Başymga “Waý, Leýli!” diýip ki bir diwana gelgeýmu.
Itin ýaňlyg ol gün ölesi ahlar tartyp,
Jigerni para eýläp kim ýakasyn çäklär ýyrtyp,
285
Bu dünýäniň pygan-u nalasy çün başyga artyp,
Lahat topragyna başyň urar huny-didesin sürtüp,
Bolup serkeşde perişan ki bir diwana gelgeýmu.
Işik aldyga geler kim, andak çekibän üýni,
Pyganydan deşilur göýä bir çarhy-gerduny,
Kylyp ganlyg ýaşydan jamasyn andak gülgüni,
Jahan awarasy bolgan men üçin, belki, mejnuny,
Bolup serkeşde perişan ki bir diwana gelgeýmu.
Pelekniň jebriden başyn uruban, bidatlar eýläp,
Eşitgen jahnawerlerniň baryn näşatlar eýläp,
Pygan tartyp, belent awaz ile ki perýatlar eýläp,
Mazarym häkini görse, başyga berbatlar eýläp,
Başymga “Waý Leýli!” diýip ki bir diwana gelgeýmu.
Elkyssa, andan soň enesi Leýliden bu sözni eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap: “Eý,
janym, balam, waý, nury-çeşmim, dilbendim, ýüregimniň kuwwaty, ýalduz balam, men ne alaç
kylaýyn kim, meniň sözüm jaý tutmasa, ataň digen zalymga aýtsam, “Men perzendimni ol
diwanaga bermes men” diýip, kabul kylmaýdy. Eý, Leýli jan, gözümniň ak-garasy balam, her
sözüň bolsa aýtgyl, jan-dilim birlen kabul kylaýyn!”diýdi. Anda Leýli: “Eý, enejan, imdi ne söz
aýdaýyn, bir söz aýdaýyn: meniň wesetimni berjaý kylgaý sen, men bul gün şul derd-u elem
birlen ölür men, eger şol diwana gelse, sen any ynjytmagaý sen, eger ynjytsaň, meniň ruhum
senden näşat bolur. Meni razy kylur bolsaň, hergiz ynjytmagaý sen!” diýip, zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, bir söz aýdy:
Meniň wesietim saňa,jan enem!
Kaçan gelse, söwer ýarym ynjytma!
Meniň üçin gara bagry gan enem,
Ýaman söz diýp,gamgusarym ynjytma!
Hiç kim any menden gaýry görmesin,
Ýaşly gözün topraklara sürmesin,
Intizarlyk çekip, garap durmasyn,
Hasratymda har-u zarym ynjytma!
Enem, saňa barça sözüm söýledim,
Hak azabyn ýada salyp oýladym,
Tirilikde waslyn arman eýledim,
Zynhar gelse, Mejnun ýarym ynjytma!
Meniň ýarym, görseň, pelek mahydyr,
Meniň bilen ölmek köňül hahydyr,
Ady Mejnun, aşyklaryň şahydyr,
Merdi-meýdan, şahsuwarym yjnytma!
Dünýä sapasyga köňül goýmagan,
286
Mähnet çekip, ýar waslyna doýmagan,
Leýli aýdur,menden gaýra uýmagan,
Meniň üçin dilefgarym ynjytma!
Elkyssa, andan soň, enesi Leýliden bu sözni eşitdip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, aýdy:
“Eý, janym, balam, waý görer gözümniň röwşeni, ýalguz balam, sen bu dünýäden ruhlet kylgu
dek bolsan, men niçik takat kylur men!”diýip, perýat-pygan kylur erdi. Ene aýdy: “Eý, jan
gyzym, waý görer gözüm we sözlär sözüm, ol gara günde seniň täretiňe köp halk-halaýyk jem
bolurlar, men alarnyň arasynda seniň Mejnunyňy niçik tanyp wesetiňni berjaý geltürir men?”
diýdi. Anda Leýli zar-zar, çün ebri-nowbahar ýygglap, enesige Mejnunnyň nyşanalaryny aýdyp,
“Bu suratda durur” diýip, Mejnunnyň hasby-halydan habar berip, söz aýdur erdi:
Ot düşübän başyga şerarasy,
Suw bolup akadyr jigeri anyň.
Ýokdur eleminiň hiç şumarasy,
Ne bardur özünden habary anyň.
Başy açyk, berehneýi-pa erür,
Yzynyň topragy totuýa erür,
Ol a:ly azyzy rehnema erür,
Bu erlerge düşse güzeri anyň.
Başym üzre gelse ol pygan kylyp,
Toragymny aňa hemnyşan kylyp,
Zarlap, bahar ömrün ol hazan kylyp,
Tapmady bir kemal semeri anyň.
Örgenip ismimi, “Waý, Leýli!” diýip,
Ýat edip aýdadur gam-hasrat gelip,
Içinde elem-u köňlünde şekip,
Belli, maňa nepdir zereri anyň.
Elkyssa, Leýli dilaram enesige bu wesetni aýdyp, tamam kyldy. Irse enesi eşidip, nowhaýyzary birle boldy. Leýli dilaramnyň gülüstan arezi kem-kem sola başlady. Tamam agzalary sust
bolup, zaýyflyk meýdanyga gala başlady we bir tarapa ýatsa, ene bul tarapa tura bilmes erdi.
Nerkesleri her tarapa bakyp, intizarlyk taptyp, ýyglar erdi. Emma Mejnunyň ruhy bir kebuter
suratynda gelip, işigiň aldyda bir şahaga gonup, perýad-u zar kyla başlady. Emma Leýli dilaram
renjurlyk besaty üzre olturyp, ol guşa garap, bu mustezady okudy:
Eý suraty ankaýy, ajaýyp janawar guş!
Jaýyň idi gülşen.
Neçün men dek hastanema sen dili-nähoş?
Şah üzre neşin!
Syngan görünir ah-u nedamet birle balyň,
Bir mojde ten-u efkar!
Haýran-u serasime bolup sen nige medhuş!
Öz halyňa ýok sen.
Syngan görünir seniň melamatda ganatyň.
Perwaz ede alman!
287
Göýä ki sapar wagty bolup sen maňa hem düş.
Kyl gaşymda mesgen!
Mejnun başyga bal-u per bolgan görünir sen,
Gany-jigeriň päk!
Eý totuýy-gülşen, ne üçin talhy-semer sen?
Halyňny beýan et!
Bul çarhy-pelek mähnetige bolduň hemaguş,
Bes, kaýsy zamandan?
Eý murgy- säherhyz, saňa Leýli elem aýtur,
Mejnunga beýan kyl!
Her erde goýup-uçsaň, eger, kylma feramuş!
Aýdym saňa bir pend!
Emma Leýli dilaram bul mustezadny tamam kyldy. Irse, ol guş girýan-girýan uçup ýörür erdi
we Leýli dilaramnyň sagatba-sagat derdi zyýada bolup, derdi-gamnäk gussa-ýu elemnäk we
çeşmi-çemnäk tebi-taby efzun we dideýi-purhun, ebýady-Mejnun “Haý daryn! Haý daryg!”
tartyp we galgan razy-dilini kyýamatga howala kylyp: “Ah, yşk!” we “Ah, Mejnun!” diýip, jan
behak teslim kylur halyda bir gazal okugany:
Didar gally kyýamat gelmeliň, eý ýar, jan Mejnun!
Oşol gün äşkäre razy-nahan, Mejnun!
Seniň ýadyň bilen tabşyrmyşam hakga janymny,
Sen hem gelgil yzymdan durmaýyn sagat, zaman Mejnun!
Wysalyň arzuw eýläp geçirdim ruzgärimni,
Tüzüp rahtym, penadan göçmüşem dar el aman, Mejnun!
Diýdi Leýli bakada intizaryň kylma köp,Nary,
Etişgil tiz goşulgaý anda bul ruhy-rowan Mejnun!
Elkyssa, andan soň Leýli bu sözlerni aýdyp: “Waý, Mejnun!” “Waý, Mejnun!” diýip, bir ah
tartyp, jan berdi. Elgaraz, enesi perýat kylyp, saçyn ýaýyp, ýüzüp ýyrtyp, başyga toprak saçyp,
göýä başyga kyýamatny wepa kyldy. “Waý, myradyga etmeý ölen gyzym, waý, ýalgyzym,
balam!” diýip, pygan kylur erdi. Emma Leýli ölenden soň, atasy etraby-jewanypga habar goýup,
ekabyrlar, ulamalar we uluglar – hemme jem bolup, jynazasyny okyp, depin kyldylar. Ulugkiçik, jemi arap halkyga agyr matam düşdi. “Bu aşygy-päkler zulum astyda ezilen katyg agyr
jepalar birle namyrat ötdüler” diýip, närazlyk bildirip, nowhalar birle ýyglar erdiler.
Emma ol jemaganyň arasynda Zeýt bar erdi. Ol Leýliniň jynazasyn okugan soň, ýas baglap,
goluga asaýy-natuwany alyp, “Baryp, Mejnunga Leýliniň wepatyny habar bereýin” diýip, ýolga
rowana boldy, ýüz fere beýabanga urup: “Waý, Mejnun, aşyky-päk!” diýip, çeşmi girýan barur
erdi. Elgaraz, bir dagnyň damanasynda köp wuhuş we tuýur birlen Mejnun: “Waý, Leýli!”,
“Waý, Leýli!” diýip, perýat-pygan kylyp durup erdi.
Mejnunyň daşynda guş-gumrular, perendeden derende, bütin beýaban janawarlary üýşüp
“Aşyky-päkler!” diýip, matamzedelik birlen nala kylurlar. Emma Zeýt hem alarga goşulyp,
“Waý, aşyky-päkler, aşyky-namyratlar!” diýip, nowha kylyp, ýyglar erdi. Mejnun gördi kim,
kamaty ham bolgan, ýoluň çaňy ýüzüge urgan, golunda hasa, agzydan ot-ýalyn saçyp bir pir
288
gelür. Elgaraz, Zeýt baryp, zar-zar ýyglar erdi. Anda Mejnun dilefgar Zeýtge bakyp, bu sözlerni
aýdy:
Saňa kaýdan sütem etdi?
Bu ýaňlyg ah-u zaryň bar.
Nepes çekseň, ýalyn çykdy,
Ajap otlug şeraryň bar.
Içiň gamdan dolup, daşgan
Başyňdan sili-gam aşgan,
Ýaman katyg işe düşgen,
Bu erlerge güzeriň bar.
Hazan urgan ýüzüň bagy,
Ötüpdir döwletiň çagy,
Özüň diwana ýa sagy,
Jahandan ne habaryň bar?
Gözüň silabasy jary,
Kylur sen dembe-dem zary,
Kaddyňny ham kylyp bary,
Hazanlyk gülgüzaryň bar.
Lybasyňdyr gara gunduz,
Ýügürgeç gijeýu-gündiz,
Maňa dilsuz olup ýalguz,
Ne pikr-u ne hyýalyň bar?
Ki bir erde duralmas sen,
Jowaby hoş beralmas sen,
Parahat olturalmas sen,
Ne sabr-u ne kararyň bar.
Meni diwanaýy Mejnun,
Elem agyştasy mahzun,
Munuň dek gamda sen neçün,
Leftafatsyz baharyň bar?
Elkyssa, Zeýt Mejnundan bu sözlerni eşidip, bedhal we güň-lal hezar-hezar ajyz we biçärelik
birle wepaty-Leýli dilaramdan habar berip, bir muhammes okudy:
Olup çün täleýiň wajgun, eýa, eý, aşyky-şeýda,
Solup güli-aryz,bilbil ki düşdi ah-u waweýla.
Nepes çekinçe bir endaza birlen ötdi bul dünýä,
Adem mülküge laýyk boldy bul gün kamaty-ziba,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
“Jahan bagyga apat etdi bös”diýip, Leýli peri gitdi,
289
Eesiz gülzarynyň bir tikenige gül bergi-teri gitdi,
Köňül şehbazy uçmakdan galyp, bal-u peri gitdi,
Sureýýa döwrüden çarhy-pelekniň enweri gitdi,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Gamyňdan baglady ýükni “baka söwdageri men” diýp,
“Zamiri-päki talgat kim, aşyklar serweri men” diýp,
“Gamy-Mejnuny ýarymny çekip, ahyr öleri men” diýp,
“Bu dünýäde wepa görmeý, ahyr pany bolary men” diýp,
Sana tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Baka mülküge rahtyn çekmişdir ol şirin jan, Mejnun,
Goýup başyňa täji-hosrowy ah-u pygan, Mejnun,
Gam derdide sen warys bolup galdyň çünan, Mejnun,
Gidip magşuk-u aşyk galgany gattyg ýaman, Mejnun,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Özi dilşad-horram gitdi (?) , galdy ki matamy artyp,
Serenjamy-wepa weýran bolup galdy gamy artyp,
Wesetnama goýdy saňa (köýüp) otlug demi artyp,
Ýüregi dagydan hem gözleriden şebnemi artyp,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Çemenden serwi ragnalar gamyňdan erge pest oldy,
Jahan burnalaryga çarh-u ger diýdiň, şikest oldy,
Tekellimden dörän şanlar näagzy şumy-best oldy,
Melek ragnalary ahyr lahatga paýy-best oldy,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Seniň ýaryň “Wepadarym”diýdi, mähnetlerin goýdy,
Ýygyştyrgan muhubbetden hemme külpetlerin goýdy,
Pyrak eýýamyda jem eýlegen hüjjetlerin goýdy,
Men Zeýd-u sen Mejnunga (barça) zilletlerin goýdy,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Meni-biçäre Zeýdi-hastadil, hatyry-perişanyň,
Anyň kaýsy bir dagyn aýdaýyn men zary-haýranyň,
Meniň bagrymny örtär nala çekseň otlug efganyň,
O now halyň görüp, bes bolmagan çü çeşmi-girýanyň,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Emma Zeýt biçäre ahwal bul gazalny okyp tamam kyldy. Irse, Mejnun binowa andak nalyşga
girdi kim, süňekleri joş uraberdi we tamam siňirleri mysaly howaladyr ot saçaberdi,
nerkesleriniň silaby tugyýan edip, fewwareýi-möwçge durdy, kim, göýä ki Nuh tupany gaýta
başydan berpa boldy. Nalaýu pygany halk-halaýykny andak gulgulaga saldy kim, göýä kyýamat
boldy we tahaýýyr derýasyga andak gark boldy kim, zemin, asman we gün mekanydan habary
290
bolmady. Pyrkat ataşyga andak örtendi kim, tendürstlük alemiden çykyp, hyrman beýabanyga
tüşdi, huş-hyred başydan uçdy we ýas meýdanyga ýüz urdy. Zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
Nejdi-püri-jepadan düşüp we peşatgähi-Leýli dilaramnyň hargehi-haýma sary garap, bir gazal
okudy:
Gözümge jilwe bergen, Leýli hargähi, kany Leýli?
Gije-gündiz ýatan ýyglap, neşatgähi, kany Leýli?
Maňa bu şum habar etdi anyň çün çekmişem nala,
Meniň bu hasta köňlüm bir hoşgähi, kany Leýli?
Jahanda şeýle gam görgen, melamat deştide ýörgen,
Teri jismini köýdürgen, çekip ahy, kany Leýli?
Meniň çeken jepama dözmeýin şehla gözün ýummuş,
Hemme alem işiniň ýary-dilhahy, kany Leýli?
Garyp jismini andak pyrkat örtedi ýakyp,
Bu Mejnun binowanyň ýagşy hemrahy, kany Leýli?
Emma Mejnun binowa bu gazalny tamam kylyp, ýüzi bejanebimakamy-Leýli kylyp we Leýli
dilaramnyň haýmasy sary göz tikdi. Elkyssa, muhteser, perýat zary kunen “Wa-hasrat-a!”, “Wanedamat-a!” diýip, jismi-pür şerarsyny etgürdi, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, başyga daşny
urdy, erse başy ýarylyp, gan aýagyga jary boldy, huşudan gidip ýykyldy we ölüň dek nepesi
gelmeý ýatur erdi.
Elgaraz, Zeýt Mejnunyň başyny dyzyga alyp, zar-zar ýyglap, başy ganlaryn artyp, olturyp
erdi. Birniçe sagatdan soň, Mejnun özüge gelip, “Waý, Leýli!” “Waý, Leýli!” diýip, Leýliniň
mähellesi tarapyga rowana boldy. Irse, Leýliniň mähellesige etişdi.
Emma Leýli dilaramnyň enesi zyýaratgähde gyzynyň mazary sary bakyp, Leýliniň elemini
tartyp, ýyglap olturyp erdi. Nägäh gördi kim, bir şurda hal diwana gelür, kuruk ustuhan, näzik
bedenler para-para bolgan, hemme eri öz gany birlen hemreň öwsüp duran. Bir elide daş,
gögsüge urup, bir elide gum, başyga sowrup, baş açyk, aýak ýalaň gözüde ýaş, bagryda daş,
tilide Leýli, göýä başyga kyýamat bolgan dek nalaýu-perýat kylyp, “Waý, Leýli!” “Waý, Leýli!”
diýip, ýalançyny dar-teň kylyp, ah-u nedamat birle gelür erdi. Emma Leýliniň enesi ol diwanany
özi dek köýgen-hemdert görüp we ene gyzynyň weset kylgan diwanasy güman edip, aldyga
baryp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz aýdy:
Kim sen, maňa adyňňy aýt ki munça eýlär sen pygan!
Arzy dilim, dadym eşit, neden erür sen bagry gan!
Sözlegil derdiňni bu dem, kyl imdi halyňny beýan,
Ahyňdan alem ýyglaşar, titreşer zemin-u asman,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Sen çarhyňa çekseň eger otlug dütün dek ahyny,
Men köýdüreý ahym bilen dokuz pelek hargähini,
Saldym gara er astyga gerdunnyň enwer mahyny,
Sen agtaryp tapmaň nyşan tagty-köňülnin şahyny,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
291
Pynhan lahad topragyga, eý mähribanym bir balam,
Bady-hazan urdy bu gün, armany-janym bir balam,
Men munda pyrkat şamyda, erge nahanym bir balam,
Bilmem bu gün barsam kaýan, eý binyşanym bir balam,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Geldiň ne matlap birle sen kim, maksadyňny eýle paş,
Bul zaman kimden aýrylyp her dem urar sen erge baş,
Ahyňa bagrym örtenür, çeşmiň nä mundaý ganly ýaş,
Nalana ýokdur takaty ger bolsa her kim bagry taş,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Alemge sygmas nalyşyn, toga düşüpdir peýkeriň,
Bu alemi paýmal eder berbat urup hakisteriň,
Bahr oldy göýä bul zaman her ýan akyp-çeşmi-teriň,
Menden hem artykmy durur, oglum, seniň derdeseriň,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Men kuhy-gam uftadasy sen deşti-gam awarasy,
Men derdi-dil biçäresi, sen dagy-dil saýarasy,
Men hijriniň dilparasy, sen tiri-pyrkat parasy,
Men Leýliniň gamharasy, sen bagty bed ýüz garasy,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Sen ýiglasan boýnuň burup, jismimde janym örtenür,
Otlug pyganyňdan seniň ruhy-rowanym örtenür,
Sabr-eýlesem bul derdge, menzil-mekanym örtenür,
Kaknus dek ursam bal-u per, bu aşýanym örtenür,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Leýli pyrakydan maňa ýutmak işim huny-jiger,
Baksam seniň ahwalyňa, sen hem weli menden beter,
Men külbeýi-ahzan era, sen derbeder, sen derbeder,
Bilmem myradyňny seniň, Mejnunmy sen, hahy diger,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Emma Leýli dilaramnyň enesi bul muhammesni tamam kyldy. Irse Mejnuny-hatyry perişan
we zary-nalan, çeşmi girýan Leýli dilaramnyň enesiniň aýagyga düşdi we gözleriden akan eşkinedamaty başydan aşdy we hary-naumytlyg gelip, bagryny deşdi. Elkyssa, muhteser, Mejnun
dilefgar zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Leýli dilaramnyň enesige garap, bir gazal okugany:
Eger yzhary-hal aýtsam,
Eýa-eý, ene,Mejnun men!
We ger Leýli adyn tutsam,
Ki bir diwana-Mejnun men.
292
Jepasy heddiden aşgan,
Pygany asman etişgen,
Halaýyk agzyga düşgen,
Ajap efsana Mejnun men.
Saňa Leýli erür perzent,
Maňa jananaýy-dilbent,
Jepasy bolsa hem herçend,
Aňa mestana Mejnun men.
Gelip yşk aklyny algan,
Muhubbet deştige salgan,
Başynda güş uýa kylgan,
Öýi weýrana Mejnun men.
Şeraby-bihuda içgen,
Özüniň janydan geçgen,
Gähi ýangan, gähi öçgen,
Çün ataşhana Mejnun men.
Jahan söwdasydan çykan,
Teni-jany erip akan,
Hyýaly-şem ýakan
Peri perwana Mejnun men.
Ne dünýä lezzetin bildim,
Ne pikri-ahyret kyldym,
Sygynyp Leýli diýp geldim,
Ne men bigana Mejnun men.
Emma Mejnun dilefgar bu gazalny okyp tamam kyldy. Irse Mejnun bildi kim, bul zaýyfa
Leýliniň enesidir. Emma Mejnun zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Leýli dilaramnyň enesiniň
etegin gözüge sürtüp, başyny ere urdy. Emma Leýli dilaramnyň enesiniň ýadyga Leýliniň kylgan
weseti düşüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, merhemet birlen. “Fetile-fetile bolgan
saçlaryny daragaýyn” diýip, engiz kyla başlady. Mejnun remide tab “Tizräk Leýli dilaramga jan
tabşyraýyn” diýip, hyz kyla başlady. Elkyssa, muhteser, şah Mejnun Leýli dilaramnyň enesige
bul sözni aýdy:
Arzym eşit, gözi ýaşly, jan enem!
Gulak salgyl, men bir zaman ýyglaýyn.
Ulug ýaşly, bagry daşly jan enem!
Dagy-derdim edip nyşan, ýyglaýyn.
Dünýä geldim, yşk merkinde tutuldym,
Pelek bilen humar oýnap utuldym,
Panydan bakyga men hem atyldym,
293
Bu hijrandan tapmaý aman, ýyglaýyn.
Ýagşy sözge-uçar guşlar il bolur,
Ýaman sözge-peşe güýçli pil bolur,
Bu ahwal niçe aý-u ýyl bolur,
Örtär meni dagy-hijran, ýyglaýyn.
Talaň saldy bady-hazan baharym,
Gül şowkuna artar meniň humarym,
Sabr eýlesem, pelek bermez kararym,
Ýakam ýyrtyp, dide girýan ýyglaýyn.
Gül açyldy, bilbil gany saçyldy,
Başdan bary muşakgatlar geçildi,
Suw bermäne bulagy açyldy,
Jismim öýün kylyp weýran, ýyglaýyn.
Pelek mahy er goýnuga batypdyr,
Senden menden sabr-u takat gidipdir,
Imdi pyçak ustuhana etipdir,
Ýokdur imdi derde derman, ýyglaýyn.
Takatym ýok imdi munda bakmaga,
Hyjalatdan suw bolmuşam akmaga,
Jähd edeý men pany öýden çykmaga,
Aşyklarga düne zyndan, ýyglaýyn.
Leýli,Mejnun geldi, munda ýok boldy,
Çarhy-pelek köňlün bozdy, çäk boldy,
Muňa gelgen mülki ahyr häk boldy,
Dünýäden dat edip-efgan, ýyglaýyn.
Çarhy-pelek jebri meni gurtdy,
Aýralyknyň derdi-dagy eritdi,
Mejnun aýdur, imdi nobatym etdi,
Imdi bizden gitdi döwran, ýyglaýyn.
Elkyssa, Leýliniň enesi Mejnundan bu sözlerni eşidip, bildi kim, gyzynyň aýtgan Mejnuny
şuldur. “Anda gyzymnyň wesetin berjaý geltireýin” diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
aýdy: “Eý, Mejnun, janym balam, gyzym seni bir zaman tiliden terk egmedi. Öler wagty “Waý,
Mejnun!” diýip, jan berdi. Seniň bütin şuride hal suratlaryňny gyzym maňa bir-bir beýan kyldy.
Leýli maňa weset kylyp erdi. “Bir elinde daş, göwsüge urup, çöl gumuny başyga sowrup, perwa
kylyp, yzzat-ekram bilen köňlüni alawergin, any hoşnut edip ibergeý sen, zynhar ynjytmagaý
sen” diýip erdi. Tura gel, öýümge ýörgül, egin-başyňny päk kylyp, ýüzüňni we sakallaryňny,
fetile käkilleriňni ýuwup, şana urup, gol-aýagyňny ýaglap, saňa aruslyk kylaýyn kim, tä ki
Leýliniň arwahy menden hoşwagt bolsun!” diýdi. Irse, Mejnun Leýliniň bul westin enesiden
294
eşidip: “Eý, ene jan, hudaý tagalanyň hormatydan mundag sözi maňa diýme, bu ýörişim, bu
halym hem bul dünýäge köp. Eý, ene jan, gelgil maňa Leýliniň mazaryny nyşan bergin!” diýip,
bu sözlerni aýdur erdi:
Eý,ene, goý bu zarlykdan,
Söz aýtma hak guzarlykdan,
Bu now ermes ki barlykdan,
Gutgar bu intizarlykdan.
Hazan degdi,gülüm ötdi,
Gözüm ýaşy ýolum tutdy,
Ki ölmekden nyşan etdi,
Ýok afzal kim, bu barlykdan.
Her çend perweriş kylur sen,
Tabha muhalef iş kylur sen,
Leýlige meni iş kylur sen,
Mergub erürmi ýarlykdan.
Eý, ene, mähriban janan,
Jan bermek çün ýolda men an,
Rahy-talapda goýma haýran,
Goý, öleýin bu harlykdan.
Munça maňa zar eýleme,
Bigana diýp har eýleme,
Maksat göwnün dar eýleme,
Öldürme bed humarlykdan.
Maňa aýd-u saňa nowruz,
Köýdürdi meni bu yşk dilsuz,
Ýagşy mahal, ötmesin ruz,
Aýrylmamagaýyn jewarlykdan.
Azmym idi bes penahy,
Göz sürmesi häki-rahy,
Matlap-maňa rowzegähi,
Geldim ki jan saparlykdan.
Sen ene, men aşyky-zar,
Sen syna çäk, men dilefgar,
Miesser etse birubar,
Leýli birle hemdiýarlykdan.
Mejnun şikeste dest-pa men,
Gurbatzede binowa men,
295
Eýlegeý ähde wepa men,
Mestan çykyp humarlykdan.
Elkyssa, Mejnun dilefgar zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bu mersiýäni tamam kyldy. Irse,
mesti-biygtyýar ahy-pür şerer tartyp, raks, edip, çün bady-sarsar dek her tarapga bakyp, Leýliniň
mazaryny istäp, ýüwürir erdi. Elkyssa, Zeýt Leýliniň mazaryny nyşan berdi. Irse, Mejnun
Leýliniň gabryny görüp, başyny daşa urdy, erse, başy ýarylyp, gany aýagynyň ýüzüge jary boldy
we gubary-markadydan gözlerige totuýa ornug sürtüp, nala-ýu pyganga durdy kim, hiç taptakaty galmady. Suzy-dil tä bardy, hedden aşdy we pyrak-şiddeti zor ede başlady. Elkyssa,
muhteser, bu meratybda mesti-bihal birniçe sagat özüni bilmedi. Zamandan soň huşuga gelip,
nala-ýu pygan birle rowzegähi – Leýlini guçup, pelekden şikaýat kylyp, zar-zar ýyglap, bir söz
aýdy:
Hiç kimsäniň senden işi bitmedi,
Munça hem jebirli-jepaly pelek,
Senden birew myrat tapyp ötmedi,
Mähnetli, külpetli, belaly pelek.
Muflislerni wepa bile görmegen,
Ganylarny husud bile görmegen,
Wada kylyp, ykrarynda durmagan,
Günbe-günden artyk yzaly pelek.
Çemenlerni hazan bilen solduryp,
Bilbil köňlün perýat bilen dolduryp,
Birniçäni töhmet bilen öldürip,
Nähak gandan goly hynaly pelek.
Birniçäni şad-u horram eýleýip,
Birniçäni ýara mährem eýleýip,
Birniçäni gamga hemdem eýleýip,
Elemli hijranly, jepaly pelek.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 21
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.