Latin

Baba Röwşen dessany - 06

Total number of words is 3878
Total number of unique words is 1706
21.7 of words are in the 2000 most common words
32.3 of words are in the 5000 most common words
38.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şahzadaga görüngen şolar erken. Şol ýerde şahzadaga ýolukdylar. Andan soň şahzada Jemhur
bege salam berdi. Jemhur beg salam jogabyn berjaý geltirgenden soň Zeýnelarapny sordular:
-Ýa ymam Muhammet, Zeýnelarap kany?
Anda şahzada aýdylar:
-Eý, pähliwanlar, sizler Zeýnelarapny bizlerge tabşyryp gitgenden soň, ot ýakmak hem
hatyrymyzdan feramuş bolgan erken. Andan soň bir zaman aram aldyk. Gulagymyza bir owaz
geldi: “Sen menden aýryldyň, men senden aýryldym” diýgen. Nägäh sisginip oýgansak, döw
gelip, Zeýnelarapny alyp gidip turur. Erse, Jemhur aýdy:
-Eý, şahzada, bizler on iki ýyl boldy, döwni gorganymyz etrapyga ýantaşdyrmaý, saklap
ýörüp erdik. Imd bolmaz iş bolupdyr. Ne är kişige, döwnüň çahyga girip, ýa baş alyp, ýa baş
bermesmu? – diýdiler. Erse, şahzada aýdylar: “Eý, Jemhur, endişe birle sözlegil, me sen aýgan
dek namart kişiniň ogly ermes men. Meniň atamga hezret Aly Şahymerdan diýrler. Eý,
byradarlar, men döwnüň guýysyga girip, döw birle söweş kylyp, döwni öldürip, başyny kesip
goýdum” diýdi. Zeýnelarapny bir sandykga salyp goýgan erken. Sandykny kementniň ujyga
81
baglap, Ymlakga yşarat kyldym, Ymlak dartyp aldy. Bir zaman garap durdum. Kement gaýdyp
düşmedi. Andan soň bildim kim, Zeýnelarapny Ymlak kapy alyp gitgenin. Andan soň hudaga
mynajat kyldym. Erse, gözümni uýky aldy. Nägäh uýkymyzga Resuly huda babamyz girip,
aýdylar: “Balam, gamgyn bolma, gözüňi aç!” diýdiler. Nägäh sisginip, gözümni açsam, kement
gelip, başymga degip turur. Kemendiň ujun mäkäm tutup, syçrap, uçar guş dek çyksam, atym
dört aýagyny bir kylyp, kementni basyp durgan erken. Andan soň atny tutup münüp geler erdim.
Hudaý tebärek-u tagala, sizlerni ýetgirdi. Imdi döwni öldürgenimge ynanmasaňyz, “Ine,
tasmasy” diýip, döwden algan tasmasyny çykaryp görsetdiler. Andan soň Jemhur alty inisi birlen
şahzadanyň eden işine tähsinu aperin galdylar. Elgaraz, bular ýedi aga-ii erdiler.
Ymam Muhammet birle sekiz boldular. Elkyssa, sekizleri jemg bolup, Ymlaknyň yzyndan
“Şähri-Kamus, kaýda sen?” diýip gider erdiler. Imdi sözni Şahymerdandan eşidiňler.
Emma rawylar andag rowaýat kyldylar kim, ol gün hezreti ymam Hasan we ymam Hüseýin
we ymam Muhammet bu üç göwheri-şebçyrag hezret Alydan rugsat alyp, awga gidip erdiler
“peýşin gelermiz” diýip. Nägäh aradan ýigrimi bäş gün ötdi. Bulardan hiç habar bolmady. Andan
soň hezret Aly bitakat-u biaram bolup, näalaç ederin bilmeý, ýanyp-bişip gyzyl ot dek tutaşyp:
“Bularga wakyga ruý bergendir” diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir gazal okydylar:
Ýigrimi bäş gündür köňlüm hoş degil,
Sebäp nedir, meniň oglum gelmedi?
Akar gözüm ýaşy, bagrym daş degil,
Sebäp nedir, meniň oglum gelmedi?
Gije-gündiz ýokdur meniň kararym,
Kimge aýdyp ýyglaý bu arzy-halym,
Açylganda solmagaýdyr bu gülüm,
Sebäp nedir, meniň oglum gelmedi?
Ýat illere gidip ýesir boldumy,
Gollarda-çöllerde suwsuz galdymy,
Ýa bolmasa oglanlarym öldümi,
Sebäp nedir, meniň oglum gelmedi?
Gije-gündiz gara ganda ýyglaram,
“Oglum gelmeý” diýip, ýürek daglaram,
Agtaryp gitmäge özüm çaglaram,
Sebäp nedir, meniň oglum gelmedi?
Şahymerdan, gije-gündiz dat eder,
Bir hudanyň senasyny ýat eder,
Hudanyň emrige ne alaç eder,
Sebäp nedir, meniň oglum gelmedi?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözlerini tamam etgenden soň, hudaý tagala köp-köp şükür edip
olturyp erdiler. Emma Patma Zähra ymam Hasan we ymam Hüseýin üçin köp-köp bitakat bolup
bir söz aýdylar:
82
Men neýleýin dünýe malyn-hyrajyn,
Jandan ötgen meniň ýarym bolmasa.
Özüň asan kyl bu işiň alajyn,
Özüňden bir maňa medet bolmasa.
Jan-u tenim köýüp perýat eýlesem,
Hudaga ýalbaryp, ýüz dat eýlesem,
Dünýäniň malyny haýrat eýlesem,
Dünýäni neýleýin oglum bolmasa.
Owwal başda ene pendin almady,
Bibi Patma zar ýyglady, gülmedi,
Sebäp köpdür, meniň oglum gelmedi,
Bu köňlümde meniň aram bolmasa.
Elkyssa, bibi Patma bul sözlerni tamam etgenden soň bibi Hanypa biçäre ata-eneden aýrylyp,
mysapyrlykda tapgan gözüniň agy-garasy bir balasy üçin ýanyp-tutaşyp köýer erdi. Nalasyga
yns-jyns ýyglar we ýene daş bolsa, suw bolup akar erdi. Bul hem hezret Alyga garap bir söz
aýdylar:
Owwal başda ata-enemden aýryldym,
Görer gözüm ýalguz balam gelmedi.
Garyndaşym, il-günümden aýryldym,
Bilimiň kuwwaty janym gelmedi.
Atam ýok, enem ýok aňa söýensem,
Agam ýok, inim ýok aňa guwansam,
Ilim ýok, günüm ýok aňa begensem,
Begendigim ýalguz balam gelmedi.
Säher turup bir hudany ýat etsem,
Bu garyp köňlümni näden şat etsem,
Mal-u mülküm baryn men haýrat etsem,
Mähribanym, gül endamym gelmedi.
Hanypa biçäre ne alaç etsin,
Ne iş bolganyny bir huda bilsin,
Hudaýym ýar bolup, ýalguzym gelsin,
Görer gözüm, meniň oglum gelmedi.
Emma hezret Aly Şahymerdan olarnyň nalasyga takat kyla bilmeý, Düldülniň üstüge münüp,
beýewan saryga ýüz urdular. “Bularyň habaryn kaýdan tapar men” diýip, haýran-u serasyma
bolup ýörür erdiler. Nägäh yrakdan iki gara göründi, ýagşy tafahhus kylyp garasalar, ymam
Hasan we Hüseýin gele turur. Elgaraz, bu ikileri gelip, hezret Alynyň aldyda gol gowşuryp,
83
towazyg birle salam berdiler. Şahymerdan alarnyň peýşanalarydan öpüp, köp nowazyş kylar
erdiler. Andan soň ymam Muhammetni sorap, bir söz aýdylar:
Hoş gelipsiz iki janym, ýene bir janym kany?
Galdy kaýda gelmeýip, derdimge dermanym kany?
Sabr-u takat ýok maňa, bar-u ýogun eýläň beýan,
Hak ata kylgan söýüp, döwetli soltanym kany?
Çykmagan mahym enesi goýnudan çykdy ýene,
Ruzygärim tiredir, şemgy-şebistanym kany?
Niçe bir ýollarga bakdym, men çekip derdi-pyrak,
Gülşeni janym era-bitgen gülüstanym kany?
Şahymerdan ýyglap aýdar, ber Muhammetden habar,
Toty tillik munysym, janym-suhandanym kany?
Elkyssa, hezret Aly Şahymerdan bu sözni aýtgandan soň, bu iki şahzadaýy-köwneýi zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglap, bolan wakalarny Şahymerdanga bir-bir kylyp, gözi girýan, bagry
birýan bolup, bir söz aýdylar:
Kyblagähim, owwal sözni sözläýin,
Muhammet sähraga barmaly boldy.
Medine deştinde güli-gülşende,
Zowky tomaşalar görmeli boldy.
Mundan çykdyk zowky-sapa oýlaýyp,
Rahşyn sürüp, keýik-gulan kowlaýyp,
Lälezar içinde gülüp-oýnaýyp,
Birniçe jandarny urmaly boldy.
Gähiler at çapyp, gähiler süüp,
Gähiler bakarmyz, gähiler durup,
Nägäh andan bardyk bir ýerge ýörüp,
Ýolumz üç ýana barmaly boldy.
Üç ýoluň üstünde bir daş düzülgen,
Ol daşnyň ýüzüge hatlar ýazylgan,
Barsa-gelmez ýolnuň nagşy gazylgan,
Muhammet hem aňa gitmeli boldy.
Biri barsa gelmiş esen-amana,
Biri geler-gelmesligi gümana,
Biri barsagelmez asla bu ýana,
84
Ol apatly ýolga gitmeli boldy.
Hudanyň hormatyn araga salyp,
Muhammetden ajap köňlümiz galyp,
Bilmedik ol ýolda haly ne bolup,
Başyny ol ýolda bermeli boldy.
Şahzadalar diýrler, eý kyblagähim,
Siz iki dünýäde puşty-penahym,
Muhammetni tabşyrdyk kadyr allahym,
Sözümge girmeýin gitmeli boldy.
Elkyssa, şahzadalar bu sözlerni beýan kyldylar. Erse, hezret Alydan huş gitdi we ýene huşyga
gelip, aýdylar: “Wadaryga, balamny ýüz-müň belalarga goýup, özüňiz gelipsizler” diýip, köp
bitakat boldular. Andan soň aýdylar: “Eý jigergüwşelerim, bul syrny, zynhar, Muhammetniň
enesige bildirmäňler we eger bildirseňizler özüni heläk kylar” diýdiler.
Elgaraz, andan soň üçleri öýlerige geldiler. Nägäh ymam Muhammetniň eneleri: “Balam
kaçan geler erken” diýip ýolga bakyp olturyp erdiler. Nägäh ymam Hasan we ymam Hüseýin
bibi Patmanyň iki ogly ýetip geldi. Garasalar, özüniň ogly ymam Muhammet ýok. Hanypa biçäre
zar-zar ýyglap, ýüregige ot düşüp: “Mysapyr ýerlerde hudaý bergen munysymdan aýryldym”
diýip bir söz aýdylar. Gazaly-bibi Hanypa:
Jan bagymyň çykyp güli-gülşeni,
Ol sahypkyranym bardy gelmedi.
Janym öwji, görer gözüm röwşeni,
Meniň ýalguz balam bardy gelmedi.
Patmanyň gelipdir iki balasy,
Muhammetni göre bilmez enesi,
Janym-ruhum, gözüm agy-garasy,
Gyrmyzy enarym bardy gelmedi.
Körpe guzym meniň gidip gyşlady,
Pyrakynda zar-u girýan taşlady,
Pelek maňa jepasyny başlady,
Hazansyz baharym bardy gelmedi.
Ýyglamaý neýleýin göz ýaşym sylyp,
Janym çyksa, käşki gömülsem ölüp,
Patmanyň iki balasy gelip,
Meniň bar-u ýogum bardy gelmedi.
Ýaş oglanym, gitdiň başyňny alyp,
Ne geçdi, çöllere ahwalyň galyp,
Ýa duşman golyga tutuldyň baryp,
85
Serwi-nownahalym bardy gelmedi.
Näge öwrülmedim, balam, başyňdan,
Nekresiň üstüde galam-gaşyňdan,
Merwerit dek dökgen katra ýaşyňdan,
Mysapyr oglanym bardy gelmedi.
Ah urup ýyglasam, köýüp galar men,
Ah urmasam, balam, niçik bolar men,
Hanypa diýr, oglum görmeý öler men,
Bimanent gamhorum bardy gelmedi.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözni eşidip erdiler we aýdylar:
-Eý Hanypa, köp ýyglamagyl. Inşalla tagala, ogluň sag-salamat geler. Tahammyl kylgyl, hälä
ne wakyga bolupdyr munça ah-u efgan edersen – diýip teselli berdiler. Hanypa biçäre näalaç
bolup, ne diýerin bilmeý: “Eger bu kişiniň sözlerin syndyrsam, asy bolar men” diýip, hüjreýihasyga girip, tehäret kylyp, iki rekagat namaz okyp, nalaýy-zar ýyglap: “Eý hudaýa,
Muhammetni saňa tabşyrdym” diýip, bir gazal aýtganlary. Gazaly-bibi Hanypa:
Barçany ýaratgan, keremli hudaý,
Muhammet balamny saňa tabşyrdym.
Meni pyrakyňda eýlediň gedaý,
Serwi-rowanymny saňa tabşyrdym.
Gudrat birle halk eýledip älemni,
Eşit bu gün pygan ile nalamny,
Ter açylgan gunça kibi lälämni,
Bag-u bossanymny saňa tabşyrdym.
Höwes kylyp, seýri-jahan eýlegen,
Gül dek ýüzün gözden nahan eýlegen,
Mysapyr ýerlerge mekan eýlegen,
Ruhy-rowanymny saňa tabşyrdym.
Saklasaň, hiç ýerde ýokdur belasy,
Gargasaň, tapylmaz derdiň dowasy,
Balamdyr gözümniň agy-garasy,
Dürri-ýeganymny saňa tabşyrdym.
Özüň kerem kylyp bergen myhmanym,
Köňül goýgan dilim, jan-u jahanym,
Ömrüm hoşwagtlygy, şad-u şadmanym,
Eziz myhmanymny saňa tabşyrdym.
Garyplyk şährinde meniň ýoldaşym,
86
Ýalguzlykda golum tutar goldaşym,
Perzendim, kabylam, kowum-gardaşym,
Guzy-goçgarymny saňa tabşyrdym.
Pelekniň goludan kyldym şikaýat,
Ýat eýlärem seni istäp begaýet,
Hanypa diýr, oglum tutgul salamat,
Ýusup nyşanymny saňa tabşyrdym.
Elkyssa, Hanypa biçäre bu sözni aýtgandan soň, hezret Aly Şahymerdan any eşidip, mübärek
gözlerini ýaşga dolduryp, sabyr-takat kyla bilmeý, şol gijäni bir nug birle ötgerip, namazybamdadyny okyp, ymam Hasan we ymam Hüseýin birle ymam Muhammetni agtaryp, bu janebisähraga ýüz urdular. Emma ol wagtda hylafatda hezret Omar olturyp erdiler. Alar hem eşidip,
oglanlaryn iberdiler we ýene munada kyldylar kim: “Eý, är ýigitler, hudadan umydyňyz bolsa,
saparga hemrah boluň!” diýdiler. Erse, otuz müň leşger jemg bolup, dag-daşny basyp, barsagelmez ýolga girip, “Be niýeti-ymam Muhammet” diýip, rowana boldular. Birniçe gün ýol
ýörüp, bir galaga ýetişdiler. Hezret Aly çerikden bäş mübärizni çykaryp: “Sizler baryň, gala
etrapyga, şaýed, bir dil tutgaý sizler” diýdi. Erse, bu bäş dilawar leşgerden jyda bolup, gala
saryga rowana boldular. Bir adam arkasyga bir meşik suw göterip bara turur. At salym, tutup
aldylar. Andan sowal kyldylar:
-Bu ne gala turur, patyşasyga kim diýrler we ýene ne habar bar, aýgyl!-diýdiler. Erse, kapyr
aýdy:
-Bu şäherniň adyga Kamus diýrler. Patyşasynyň adyga Katran diýrler we ýene habar bersem,
bul ülkäni Aly diýgen ärniň ogly gelip musahhar kylyp erdi. Ahyr näalaç bolup, garyb-u guraba,
patyşah-u geda hemme ýalgandan musulman bolup, “şahzadany şähere eltip, zähri-helahil berip
öldürermiz” diýgen pikir bar erdi. Emma Şahymerdan bu sözni eşidip:
-Jigergüwşäm-balamny kapyrlar zaýyg kylmagan bolsa ýagşy – diýi, köp ýanyp, beglerge
garap, bir söz aýdylar. Gazaly-Şahymerdan bu turur:
Ulug-kiçik ýyglyp sözümni aňlaň,
Jemg bolup, barçaňyz geliň, beglerim!
Permanymny tutup, gulakga diňläň,
Bu galaga rowan boluň, beglerim!
Bedew atlar her tarapda çapylsyn,
Naýza alyp bahadyrlar topulsyn,
Bir iş kylyň, Muhammedim tapylsyn,
Çar tarapdan gurşap alyň, beglerim!
Gylyç ýalaň eýläp, giriň meýdana,
Dolduryň älemni ah-u efgana,
Kapyr ähli gelsin şul gün amana,
Ülkesin weýran kylyň, beglerim!
Jöwlan çekip meýdan era silsele,
87
Kapyrlarga düşsün ah bile nala,
Başyn kesip eýläň kelle minara,
Bidinlere gyran salyň, beglerim!
Öldürmekden özge pişäni kylmaň,
Golga düşgenini tirik ibermäň,
Iman geltirgenge hergiz gatylmaň,
Muhammetden habar soraň, beglerim!
Şahymerdan aýdar, dostum ölmesin,
Küffar ähli gaçar ýerin bilmesin,
Ýezitlerni gyryň, biri galmasyn,
Merdanalyk birle çalyň, beglerim!
Elkyssa, hezret Şahymerdan bu sözni aýdylar. Erse, alamy-Muhammet Mustapany berpa
kyldylar. Kapyrlar bu soltanetni görüp, her kaýsy jan wehmiden baş-başyga bolup, gaçyp
patyşah Katranyň aldyga baryp, arz kyldylar kim:
-Eý şahy-alem, ajal mübärek bolsun, bir bölek leşger gelip, galganyň etrapyga düşüpdir.
Alarnyň zarbyga dag-daş takat kylmaz. Sen bu olturyşda galgany goldan berer sen – diýdiler.
Patyşah aýdy:
-Andag bolsa, derwezelerni gömdüriň, tirendazlarny üstüge çykaryp goýagörüňler – diýdi.
Andan soň derwezelerni gömdürip, tirendazlarny çykaryp goýdular.
Indi ymam hezret Alydan söz eşidiň. Hezret Şahymerdan ymam Hasan we ymam Hüseýin
ikewlerige garap, aýdylar: “Sizler gala tarapdan habar alyňlar” diýdiler. Emma şahzadalar
agtaryp ýörüp erdiler. Nägäh deşt-beýewandan bir gerd peýda boldy, nägäh içinden sekiz adam
peýda boldy. Biri ymam Muhammet erdiler we ýene ýedisi Jemhurnyň aga-inileri erdi. Ymlak
kapyr sandykny Zeýnelarap birle alyp gitgenden soň, anyň yzyndan geler erdiler.
Nägäh uzakdan iki nr peýda boldy. Ymam Muhammet aýdylar: “Eý, Jemhur, şol görüngen iki
nur – iki agam turur. Birewniň atlary ymam Hasan we ýene birewniň atlary ymam Hüseýin”
diýip, agalarnyň boýlaryga guwanyp bir söz aýdylar Gör-bak näme diýr:
Geledir, eşitgil, Jemhur, meniň mahparalarym,
Agtaryp, ýola düşüp, gam bile gamhorlarym,
“Waý inim!” diýip meni ýat eýledi biçärelerim,
Bir eneden doguşgan goşmaýy-gülsaralarym,
Geldi şahzadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Neýleýin, barça işim boldy takdyry-huda,
Söwdügim meniň merhem-janymny kyldy jyda,
Üşbu gorgan sarydan çykdy ýene iki gara,
Ýüzüde nury-taky, şugla urar suýy-sema,
Geldi şahzadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Aýdy şahzada bu sözni, bu köňül şady bilen,
Oýnady, düşdi bu külpetge perizady bilen,
88
Yşkymyz ýakdy pelek bih ile binýady bilen,
Ýüz şükür, bu inisin ýene görer ýaly bilen,
Geldi şahzadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Elkyssa, şahzada bu sözlerni aýdyp bolgandan soň, zor berip ýörüberdiler. Agalaryga
ýetişdiler. Şahzadaýy-ymam Hasan we ymam Hüseýin hem inilerini tanyp, atdan özlerin ýere
taşlap, görüşdiler. Andan soň hemme jemg bolup hezret Aly Şahymerdanyň hyzmatlaryga
rowana boldular.
Elkyssa, ymam Hasan we ymam Hüseýin çüsti-çäbün atlaryga münüp, atalarynyň ýanlaryga
baryp, arz kyldylar: “Eý pederi-mähriban, söýünjimizni beriň, ymam inimizi tapdyk” diýdiler.
Andan soň Şahymerdan biygtyýar bolup, hoşwagt bolup, zar-zar ýyglap, “Kaýdan tapyldy
balam” diýip, bir söz aýdylar: Gazaly-Şahymerdan bu turur:
Meniň Muhammedim kaýdan tapyldy,
Körpe guzym aman-esen barmu ken?
Gözüm ýaşy çar tarapa saçyldy.
Görer gözüm aman-esen barmu ken?
Takdyry-hudadan nesibin gören,
Çöllerde, köllerde mysapyr bolan,
Sözlegende ölüklere jan beren,
Şeker sözlim aman-esen barmu ken?
Hudanyň söýgüli eziz myhmany,
Ömrümniň hoşlugy, daýym döwrany,
Köňlümniň aramy, jismiminiň jany,
Ryzky-ruzum aman-esen barmu ken?
Köňül berip, bir dilbere ýar olan,
Jyda bolup, garyplykda har olan.
Pyrakynda munça bela, zar olan.
Jigerparam aman-esen barmu ken?
Şahymerdan aýdy sözlär sözümni,
Kaçan geler, görsem janym guzymny,
Görsem, aýagyga sürtsem ýüzümni,
Uçgan bazym aman-esen barmu ken?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözni aýdylar. Erse, “Jigerparam, balam kaýsy tarapdan geler
erken?” diýip turur erdiler. Şahzada ýakyn gelip, özlerin atdan taşlap, ekelerniň aldyga düşüp,
ýörüp geldiler. Erse, ymam atalaryga garap, zar-zar ýyglap ýüwürdiler.Emma –ahymerdan hem:
“Wah, balam, kaýdan çykdyň?” diýip, salam berip gujaklaşyp görüşdiler, huşudan gitdiler.
Zamandan soň huşyga gelip, birbirden arzy-hal soraşdylar. Hezret Aly sordular: “Balam, başyňa
ne işler düşdi, beýan kylgyl” diýdiler. Erse, ymam Muhammet başdan ötgen wakalaryn bir-bir
beýan kyldy. Andan soň Jemhur inileri birle gelip, hezret Aly birle görüşdiler. Musulman
89
bolganyn bir-bir kyldylar. Andan soň gün batdy. Şahymerdan mejlis gurup olturdylar. Näçe
tagamlar geltirip, noşy-jan kylyp olturdylar we liken, şahzadaýy-Muhammet ah urar erdiler. Her
ah urganda agzydan ot saçylar erdi we ene şirigana dek bolup, çar tarapa garar erdiler. Muny
görüp Şahymerdannyň bogazlarydan tagam ötmez erdiler: “Wa-daryga, jigerüwşe balamga birwakyga ruý berip turur” diýip, ymam Muhammetge garap: “Eý balam, ne derdiň bolsa, maňa
aýgyl” diýip, bir söz aýdylar:
Ne üçin hassa sen köňlüm mukaddar,
Sözle, nowjuwanym, halyň ne boldy?
Bir elem etipdir saňa mukarrar,
Haly perişanym, saňa ne boldy?
Şişe dek synykdyr näzik nahalyn.
Açylmaz gunça dek gül dek jemalyň,
Hasret bile tapdym yzlap wysalyň,
Aruwly-armanym, saňa ne boldy?
Gözleriň läle dek dolupdyr gana,
Pelekniň jebrinden geldiň amana,
Hatyryň gunçasyn salyp hazana,
Täze gülüstanym, saňa ne boldy?
Boýnuň burup, köňlüň melul eder sen,
Näz uýkyga humar-humar gider sen,
Gam iýmegil, myradyňa eter sen,
Täze nowbaharym, saňa ne boldy?
Aly aýdar, gulak salgyl sözüme,
Başyňy götergil, bakgyl ýüzüme,
Jahan sensiz görünmeýdir gözüme,
Keremli soltanym, saňa ne boldy?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözni aýganlarydan soň, ymam Muhammet biçäre köňülleri dolup,
aýdaýyn diýse, atalaryndan şerim kyla turur. Eger aýtmaýyn diýseler, köňülleri bikarar erdiler.
Ahyr aýdylar: “Eý, pederi-buzurgwar, men aýdaýyn, siz gulak salyň” diýip, zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, ýarynyň waspyn aýdyp, bir söz aýdylar:
Ne sebäpden meniň köňlüm açylsyn,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Gamgyn günde nädip şerap içilsin.
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Jemhurnyň siňlisi anyň ilinden,
Perizat sypatly, beşer hilinden,
Bir zaman dynmady köňlüm gamdyndan,
90
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Any tabşyrdylar maňa geltirip,
Gapyl galdym ýarym bile olturyp,
Pelek jepasyny maňa inderip,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Golumdan nägehan döw alyp gaçdy,
Döw bilen söweşmek ýadyma düşdi,
Maňa beýle müşgil işler ulaşdy,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Döwni baryp çah içinde öldürdim,
Ýarym alyp, baz elimden aldyrdym.
Gyzyl ýüzüm şol sebäpden soldurdym,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Ymlak atlyg bir kapyry-bigäne,
Menin birle hemrah bardy şol ýäna.
Sandyk birle ýarym kyldy rowana,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Çah içinde mähnet çekdim begaet,
Çahdan çykdym, çölden çekdim zelalat,
Şahzada diýr, sizni gördüm salamat,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Elkyssa, şahzada bu sözni aýdylar. Erse, Şahymerdan aýdylar:
– Eý, merhemi – janym, balam, ýarynny kim alyp gidipdir? Ymam Muhammet aýdylar:
–Eý, pederi-mähriban, ýarymny owwal Döwsepit alyp gidip erdi. Ymlak diýgen kapyr birle
baryp, döwnüň guýysyga tenha girdim. Döwni öldürdim, Zeýnelarapny bir sandykga salgan
eken. Sandykny kementniň ujyga baglap, Ymlakga yşarat kyldym, “dart” diýip. Ymlak dartyp
aldy. Ymlak diýgen näumyt sandyk birlen gyzny alyp bidir gaçdy. Bir zaman garap durdum.
Kement gaýdyp gelmedi. Andan soň hudaga mynajat kyldym. Diýdim: “Päk-ä, perwerdigär, bu
çahnyň içinde ata-ene, hyş-tebarymny görmeý öler boldum” diýdim. Nägäh gözümni uýky ötdi
we uýkymyzda Resuly-huda babamyzdan yşarat tapyp, sisginip oýgandym. Garasam, kement
gelip başymga degip turur. Kementni tutup, syçrap çahdan çykdym. Garasam, atym dört aýakny
bir kylyp, kementni basyp durgan erken. Andan soň atymny münüp geler erdim. Jemhur inileri
birle meni istäp barur erken. Aldymga uçrady. Meniň ýarymny sorsaňyz şularnyň siňlisi turur.
Andan soň bular birle goşulyp geler erdik. Yrakdan iki nur peýda boldy. Gelip görsek, iki nur –
iki agam erken. Andan soň hudaý tagala sizlerniň didaryňyzga gözüm düşürdi. Eý, pederibuzurgwar, imdi söz pähimge ýetişseňiz, Ymlak ýarymny şol galaga geltirdi – diýip, zar-zar
ýyglady. Erse, hezret Aly bu sözlerni eşidip, aýdy:
–Eý, balam, ýaryň üçin gam iýmegil, enşalla, ataň sag bolsa, geltirer – diýip, dergazap bolup
çykyp, şähri-Kamusga garap gidiberdiler. Emma Mälik Ajdarga emir kyldylar: “Sen leşgerniň
91
halydan biz gelginçä habardar bol!” diýip, özleri galaga ýöriş kyldylar. Hendekge etip, “Ismiagzam” okyp, hendekden ötüp, derwezäge etdiler. Görseler, bary kapyrlar habardar bolup olturyp
turur. Emma Şahymerdan bir gysym toprakga dem salyp, kapyrlar tarapga saçdylar. Andan soň
derwezeden içgeri girdiler. Hiç kim Alyny görmediler. Elkyssa, Şahymerdan barçany görer
erdiler. Emma Şiri-huda köp jaýlarny gydyrdylar, asla gyzdan eser tapmadylar we ene bir
çadyrga bardylar, görseler, jemg kapyr hoşwagt bolup olturar we ene içgeride bir hüjre bar.
Zeýnelarap biçäre şol hüjrede turur. Şiri-huda aýdylar: “Owwal bu gyzny ymtyhan kylyp
göreýin, ymamga köňli barmy ýa ýokmy” – diýip, hüjräniň bir künjünde durdular. Şol wagt
Zeýnelarap gözünde ýaş, bagrynda daş şikeste hal bolup, zar-zar ýyglap, öz nepesini melamat
kylyp, bir söz aýdy. Gazaly-Zeýnelarap biçäre bu turur:
Barçanyň soltany, şalaryň şahy,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Gözüm ýaşy-magşar güni güwähi,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Kapyrlaryň jezasydyr ülpetim,
Gün-günden zyýada bolar külpetim,
Mundan ýaman kylma meniň kysmatym,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Şepagat Alydan ger maňa bolsa,
Ogly Muhammetni ol istäp gelse,
Nazar kylyp meniň halymny sorsa,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Bagtymnyň şumlygy urdy janyma,
Gözüm piýala dek doldy ganyma,
Muhammedim sorap gelse ýanyma,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Muştyper-ejiz men,ýok mende çäre,
Pelek sergerdan kyldy meni awara,
Sygyndym zatyňa men bagtygara,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Başyma düşüpdir melamat daşy,
Pelek berer maňa awudan aşy,
Zeýnelarap, akyp gözüniň ýaşy,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Elkyssa, Zeýnelarapjan bu sözlerni tamam etgenden soň, hezret Aly bildiler kim, ymam
Muhammetge hakykat yhlasy bar erken, ene bir zaman towgyf edip durdular. Emma şol wagt
Ymlak diýgen näumyt asabaýy-dehdehi birlen gelip, Zeýnelarapjanga gol urar boldy. Ol wagt
Zeýnelarap biçäre Ymlak kapyrnyň asabaýy-dehdehi birlen gelgenlerin bilip, näalaç ederin
92
bilmedi. Andan soň Zeýnelarap biçäre hezret Alynyň gelip durganlarydan habarlary ýok erdi.
Asmanga bakyp hudaý tagalany nala kylyp, aýdylar: “Päk-ä, perwerdigär-ä, bir tikeni bendäňe
rowa görmez sen, sen şul zaman meniň ýanymga hezret Alyny etirgil, ýa bolmasa meniň
janymny algyl” diýip, zar-zar ýyglap, Zeýnelarap bir söz diýdi:
Ol Aly Şahymerdan gelse erdi käşki,
Düşgenim kapyr golyga bilse erdi käşki.
Ähli kapyr tohmuny dünýäde gurutmak üçin,
Zülpükar atlyg gylyjyn çalsa erdi käşki.
Sany ýok kapyrlar içre bendi-zyndan oldugym,
Ibni Haýdar ol Muhammet görse erdi käşki.
Neýleýin, Ymlak melgun destres eýlär maňa,
Razydyr men taňry janym alsa erdi käşki.
Bu şirin janymny gurban eýlär erdim üşbu gün,
Ýary-janym, mähribanym bolsa erdi käşki.
Oýsalar iki gözüm, Ymlakny kylmaz men kabul,
Para-para eýleban, öldürse erdi käşki.
Hormatyndan Mustapanyň eýlegil gamdan halas,
Ýa ki ol Zeýnelarapjan ölse erdi käşki.
Elkyssa, Zeýnelarap biçäre bu sözlerni tamam etgenden soň, Ymlak kapyrga aýdy: “Eý,
Ymlak, dek durgul. Hudaý tagala häzir-u nasyrdyr” diýdi.
Ol wagt Ymlak diýgen näumyt Zeýnelarapnyň bu sözlerige bakmaý, kämi-dil hasyl kylar
boldy. Şol wagt Zeýnelarap biçäre ene hudaý tagalaga mynajat kylyp, aýdylar kim: “Päk-ä,
perwerdigär-ä, şul wagtlar meniň janymny algyl ýa bolmasa hezret Alyny etirgil” diýip, zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglap, gazal okydylar. Gazaly-Zeýnelarap:
Meniň bu halymdan habar almaga,
Hezret Aly gelermikän, hudaýym?!
Kapyrlar başyga söwda salmaga,
Hezret Aly gelermikän, hudaýym?!
Söwer ogly galdy çahyn düýbünde,
Men bir garyp, kapyrlaryň golunda,
“Alla” diýp, jan bersem diniň ýolunda,
Hezret Aly gelermikän, hudaýym?!
Bihiştniň içinde açylgan güli,
Ol gülnüň yşkynda saýrar bilbili,
Hezreti-Alynyň ol söwer ogly,
93
Ol hem munda gelermikä, hudaýym?!
Ýalançy dünýäde ýandy ýüregim,
Muhammetdir bir hudadan dilegim,
Imdi hezret Aly boldy geregim,
Ol hem munda gelermikän, hudaýym?!
Elkyssa, Zeýnelarap biçäre bu sözlerni tamam etgenden soň, Ymlak diýgen kapyr
Zeýnelarapga garap, aýdylar:
–Eý Zeýnelarap, eger hezret Aly guş bolsa hem, bu jaýlarga gele bilmez – diýdi we ene ol
kapyr Zeýnelarapga zorluk kylar boldy: Şol wagt hezret Aly Şahymerdan aýdylar:
–Haý-haý kapyr, goluňny dartgyl – diýip, hemle kyldylar. Anda ol Ymlak kapyr haýran –
serasyma bolup, huşy başyndan uçup gitdi.
Elkyssa, Şahymerdan baryp, Ymlaknyň iki goluny arkasyga baglap we ene Zeýnelarapnyň bir
golundan tutup, haýmadan çykyp, leşgerge alyp geldiler. Hiç kim bilmeý galdy.
Imdi bul tarapdan bir söz eşidiň. Oşol wagt Mälik Ajdar birle şahzadalar leşgerniň etrapyn
aýlanyp görer erdiler. Nägäh bir kapyrny tutup alyp geldiler. Ol kapyrdan habar sordular. Ol
kapyr aýdy: “Bu gün üç gün boldy, Ymlak Jemhurnyň sinlisinç ordaga alyp geltirip, toý-tomaşa
kylyp, myrat hasyl kyldy” diýip aýdy. Emma şahzada Muhammet Hanapyýa bul sözni eşidip,
takat kyla bilmeý, kasam ýat kyldylar kim, “Şol kapyrnyň şährini weýran kylyp, adamlaryny
katyl-aam kylmasam, men Muhammet min Şiri jepbardan bolmagan bolaýyn – diýip – Mekke
ülkesinde dubara gadam goýmagaý men” diýip, bir gazal aýdylar:
Niçik merdanalyk meniň adyma,
Ýar ýolunda Rahşym jöwlan etmesem,
Ar ile namysdyr asyl zatyma,
Kapyrlar tohmuny weýran etmesem.
Ol Ymlak kapyrny tutup, öldürip,
Agzalarny bedeninden üzdürip,
Istihanyn otga salyp, köýdürip,
Arman galar, erge egsan etmesem.
Baryp tapyp ol kapyrnyň mekanyn,
Dem alygynça bermeý anyň amanyn,
Ne müşgildir bu gün, dem-u döwranyň,
Baryp aňa ahyrzaman etmesem.
Bolmaz meniň dirikligim jahanda
Ger tutmasa haknyň özi amanda,
Melamat ederler uşbu zamanda
Ol kapyrny baryp gyran etmesem.
Şahzada diýr, görsem güzer etmenem,
Ölsem-galsam şunda mazar etmenem,
94
Takatym ýok aram-karar etmenem,
Baryp kelle minar nyşan etmesem.
Elkyssa, Şahzada ýanyp, tutaşyp, bir kararda durmaý, kasam ýat edip, atalary gelinçä hem
durmaý: “Baryp Ymlakny öldürip, galasyny weýran kylyp gelmesem bolmaz” diýip, mest ner
dek kükräp, gagla tarapga rowana boldular. Ymam gagla tarapyga gele dursun. Imdi sözni bul
tarapdan eşidiň.
Elgaraz, Katrannyň bir inisi bar erdi. Bir galgada patyşah erdi. Anyň adyga Tehrak diýr
erdiler. Ýetmiş müň leşgeri bar erdi. Her kaýysy müň adamga barabar erdi. Emma hezret Aly
baryp, Katrannyň galgasyny gabagandan soň, şol inisige habar kylyp erdi: “Üstümge Medinäniň
Alysy gelip turur, galgany gabap turur. Leşgeri birle gelip, maňa medet bersin we eger medet
bermese, meniň halym harap turur” diýip ilçi iberdi. Emma Tehrak kapyr agasydan gelgen ilçini
görüp, leşgerge jar urduryp, barça leşgerni jemg kylyp, ýetmiş müň leşger birle erdi. Emma
ymam biçäre gagla tarapyna barar erdiler. Nägäh akyllary zaýyl bolup, ýol adaşyp barar erdiler.
Nägäh Tehrak kapyr leşger birle galgaga ýakyn gelip erdi. Beekbar ymam biçäre şol ýetmiş müň
betmezhebge ýolukdylar. Nägäh Tehraknyň nazary ymamga düşdi. Gördi kim, bir oglan turur,
on dört gijelik aý dek, ýüzleriniň nury älemge bark urar. Muny görüp bir bahadyrga aýdy: “Eý,
bahadyr, şol durgan beçjäni öldürmeý, tirik tutup aldymga alyp gelgil, mejlisde sakygärlikge
ýagşy” diýip emir kyldy. Erse, bahadyr: “Ajap bolar” diýip, atyga münüp, ymamnyň ýanyga
baryp, aýdy:
–Eý, beçje, kaýdan gelip we kaýda barar sen, adyň kimdir? Beýan kyl. Ýok erse, binam-nyşan
gider sen – diýdi. Anda ymam aýdylar:
–Eý, bahadyr, owwal sen beýan kyl, kaýda barar sizler? – Anda kanyp aýdy:
Bu leşger Tehrak diýgen patyşanyň leşgeri turur, patyşah sizni “Munda gelsin” diýip, meni
iberdi.
Elkyssa, ymam ýaraglaryny derber kylyp, atyna münüp, patyşanyň ýanyga baryp, patyşah
tarapga garap: “Eý, katdy-kamaty belent, sen bularnyň içinde ygtybarly görner sen, bul leşgerniň
patyşasymu sen, ýa bolmasa serkerdesimu sen? Saňa ýol bolsun. Sizler goşun birlen kaýda barar
siz? – diýip, bir söz aýdylar. Gazaly-ymam Muhammet:
Sansyz goşun bilen saňa,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Gijede ýolugyp maňa,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Gurup dag bile çölni,
Gagşadyp jezire-kölni,
Men dek adaşyp ýoluny,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Adyňny aýgyl, bileýin,
Köňlüm gurbaryn alaýyn,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen dessany - 07
  • Parts
  • Baba Röwşen dessany - 01
    Total number of words is 3830
    Total number of unique words is 1828
    18.6 of words are in the 2000 most common words
    27.8 of words are in the 5000 most common words
    32.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 02
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1767
    18.8 of words are in the 2000 most common words
    29.4 of words are in the 5000 most common words
    34.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 03
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 1809
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    36.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 04
    Total number of words is 3970
    Total number of unique words is 1671
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 05
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1781
    19.9 of words are in the 2000 most common words
    31.8 of words are in the 5000 most common words
    37.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 06
    Total number of words is 3878
    Total number of unique words is 1706
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 07
    Total number of words is 4031
    Total number of unique words is 1742
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    38.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 08
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1695
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    30.6 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 09
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 1734
    19.5 of words are in the 2000 most common words
    29.6 of words are in the 5000 most common words
    35.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 10
    Total number of words is 3968
    Total number of unique words is 1813
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 11
    Total number of words is 4018
    Total number of unique words is 1827
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    36.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 12
    Total number of words is 3961
    Total number of unique words is 1786
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 13
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 1817
    21.1 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 14
    Total number of words is 3963
    Total number of unique words is 1770
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    31.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 15
    Total number of words is 3993
    Total number of unique words is 1591
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.8 of words are in the 5000 most common words
    39.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 16
    Total number of words is 3943
    Total number of unique words is 1902
    18.9 of words are in the 2000 most common words
    27.9 of words are in the 5000 most common words
    33.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 17
    Total number of words is 4081
    Total number of unique words is 1911
    17.4 of words are in the 2000 most common words
    25.2 of words are in the 5000 most common words
    30.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1950
    16.3 of words are in the 2000 most common words
    24.2 of words are in the 5000 most common words
    29.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 19
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1784
    17.6 of words are in the 2000 most common words
    26.2 of words are in the 5000 most common words
    31.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 20
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 1855
    17.1 of words are in the 2000 most common words
    25.4 of words are in the 5000 most common words
    29.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen dessany - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1854
    16.8 of words are in the 2000 most common words
    25.7 of words are in the 5000 most common words
    31.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.