Latin

Müň bir gije - 16

Total number of words is 3957
Total number of unique words is 1858
33.2 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mgniň ýanymdan owarra bolsun! Başymy syrany-da gerek däl, beýlekisi-de!» diýdim —
diýip, ol ýigit gürrüň berdi. — Emma dellek meniň öz hyzmatkärime aýdanymy eşidip:
«Weý, jenap, bu näme diýdigiň boldy? Saňa hyzmat etmän, pul almajagyma Alladan ant
219

içýärin, özem men saňa hökman hyzmat etmelidirin! — diýip gygyryp başlady. — Men
saňa hyzmat etmäge borçludyryn, özem seniň göwün islegiňi ýerine ýetirmelidirin, asla
men senden hak almagyň pikirinem edemok. Eger sen meniň gadyr-gymmatymy
bilmeýänem bolsaň, emma men seniň gadyr-gymmatyňy bilýändirin, seniň ataň pahyr bize
merhemet edendir, oňa-da gudratly Allanyň özi merhemet etsin, ol bende biçak gaýratly
adamdy. Üstümde Alla bar, bir gezek, ynha şu günki ýaly, Taňrynyň nazar salan oňat bir
gününde, seniň ataň meni öz ýanyna çagyrdyp getirtdi, menem onuň ýanyna geldim weli
(ol özüniň dost-ýarlary bilen ýygnanyşyp oturan eken), ol maňa: «Maňa gan alyp ber!»
diýdi. Onsoň menem ýyldyznamamy alaga-da, onuň belentligini ölçäp gördüm weli,
ýyldyzlaryň ýerleşişi onuň üçin dogry gelmeýän ekeni, şol zerarlyda ol wagt gan almagyň
özi agyr boljakdy, ine, onsoň menem bu ýagdaýy düşündirip gaýtdym, ol bolsa meniň
aýdanyma eýermek bilen boldy-da, gan aldyrmakdan saklandy, men bolsam ony wasp
edip, onuň şanyna şu gazaly aýtdym:
«Gan alyp bersem diýip, aly huzura geldim,
Ýöne bu gün garşyda şum ýyldyz baryn bildim.
Soň goşuldym söhbete, täsin zatlar dilimde,
Tapylmady taý maňa ylymda hem bilimde.
Hezil etdi jenabym, hullas gönendi jany,
Diýdi: «Sözüň dürdäne, aklyň tylla magdany».
Menem berdim jogabyn: «Özüň joşduň bu genji, Sen
öwretdiň barysyn, sensiň ylmyň guwanjy.
Sahy, jomart, rehimli, sap göwünli, mylaýym,
220

Pikir-paýhas harmany, uzak ýaşa, Hudaýym!»
Seniň ataň muňa tüýs ýürekden şat bolup, hyzmatkärine gygyrdy-da, oňa: «Bu
adama bir ýüz üç dinar bilen bir halat ýap!» diýdi. Aýdyşy ýaly-da, ol zatlary maňa
gowşurdy. Amatly hem aýny wagty gelende bolsa, men oňa gan alyp berdim. Ol bolsa
meniň aýdanyma garşy bolmady, gaýtam, maňa hoşallyk bildirip, taňryýalkasyn aýtdy,
onuň ýanyna gelip ýygnanan adamlar hem maňa hoşallyk bildirdiler. Gan almaklygy
gutaranymdan soň, men geplemän durup bilmedim-de: «Allanyň haky üçin, meniň
jenabym, seniň: «Bu adama bir ýüz üç dinar ber!» diýeniň sebäbi näme?» diýip soradym.
Ol bolsa maňa: «Bir dinar ýyldyz sanaýjylygyň üçin, bir dinar gürrüň bereniň üçin, bir
dinaram gan alyp bereniň üçin, ýüz dinardyr bir halat bolsa meni taryplap gazal düzeniň
üçin» diýip jogap berdi».
Men oňa: «Sen kimin adam bilen tanyş bolany üçin, Allatagala onuň günäsini
bagyşlasyn-da!» diýdim weli, bu dellek loh-loh gülüp, şeýle diýdi: «Alladan özge Hudaý
bolup bilmez, Muhammedem Allanyň resulydyr! Hemmäni üýtgedip, özi üýtgemeýäne
at-owaza bolsun! Üstümde Alla bar, men seni akyllymykaň öýdýärdim weli, emma sen
näsaglygyňdan samraýarsyň. Alla özüniň beýik kitabynda: «Zerre-den gargaryn, zerreden
ýalkaryn» diýipdir, şol zerarly-da, sen her niçigem bolsa, ýalkanypsyň. Men seniň näme
üçin darygýandygyň sebäbini bilemok, ýöne weli sen bilýärmiň, seniň ataň hem babaň
pahyr menden maslahatsyz çöp başyny gymyldatmazdylar. «Maslahatly biçilen don gysga
gelmez diýipdirler» ahyry; ýene bir nakylda bolsa: «Ýaşulusy bolmadygyň, özi ýaşuly
bolup bilmez» diýilýär. Şahyr şeýle diýipdir: Başyn tutar bolsaň, bir möhum işiň,
Maslahatyn algyn pähimdar kişiň.
Sen her bir işden baş çykarmakda maňa taý geljek adamy gözläbem tapyp bilmersiň,
özümem iki aýagymyň üstünde dik durup, saňa hyzmat edip dursam-da, sen meni
ýadadaňok, emma gel-gel, näme üçin men seni ýadadýarmyşym? Eýsem-de bolsa, aýyby
ýok, seniň ataň pahyryň maňa eden ýagşylyklarynyň hatyrasy üçin men sabyrly hem
arkaly bolaýaryn».
Men oňa: «Haý, eşegiň guýrugy bol-a, eger Hudaý çapsyn, sen gürrüňiňi uzaga
çeke-çeke, meniň üstüme abanyp, asyl gepiňi gutarmadyň-la! Sen meniň başymy syryp
221

ber-de, ýanymdan güm bol!» diýip gygyrdym. Şondan soň dellek meniň başymy ezdide:
«Men seniň halys ýüregiňe düşenimi özümem bilýärin, emma men seni günäkär
hasaplamok, sebäbi diýseň, seniň akylyň kemter, özüňem heniz ýaş çaga, seni egnime
göterip, mekdebe gatnadyp ýörenimiň özi düýn dälmidi» diýdi. Men: «Jan dogan, Allanyň
haky üçin, meniň bilen işiňi gutarýançaň gaýrat et-de, sesiňi kes, onsoň hudaý bizar-men
bizar, şu taýdan sag-aman öz ýoluňa ugraweri!» diýip, üstümdäki eginbaşlarymy jyrymjyrym edip ýyrtyşdyrdym. Meniň şeýdenimi görenden soň, dellek päkisini alyp, ony
çalmaga durdy, özi-de meniň huşum başymdan uçara golaýlaýança çaldy durdy, ahyry
gelip syrmaga başlady, kellämiň el ýaly ýerini syrdy-da, elini ýokaryk galdaryp durşuna:
«Biler bolsaň, jenap, äwmek — şeýtandan, sabyr — Rahmandan! — diýip, şu namany
aýtdy:
Alňasama, äwme — äwmek şeýtandan,
Ile rehm kyl — rahmet ýagar her ýandan.
Zulm eýleme — berer towpygyň Jepbar,
Beter zulma uçrar her bir sütemkär».
Ondan soň ol: — Eý meniň jenabym, görýän weli, sen meniň nähili uly orunda
durýanlygymdan hem bihabar bolsaň gerek — diýdi. — Meniň elim patyşalaryň,
emirleriň, wezirleriň, akyldar-bilimdarlaryň hem mynasyp ulamalaryň depesindenem
inýändir, çünki şahyr maňa şeýle aýdypdy: «Dür monjugy sandym her hünärmendi, Bu
dellek bir göwher, men oňa bendi.
Danalar «Lepbeý!» diýp alypdyr daşyn,
Gol astynda saklar şalaryň başyn».
Onsoň men oňa: «Sen özüňden soralmaýan zatlary aýtmagyňy goý-da, işiň bilen
bolsana, sen meniň ýüregime düşdüň, halys bizar-peteňimi çykardyň!» diýip gygyrdym.
222

Dellek bolsa: «Göwnüme bolmasa, sen howlugýan ýaly-la?» diýip sorady. Menem:
«Hawa, hawa, ha-www!» diýip gygyrdym; şol wagt ol: «Sabyr et: äwmek şeýtandandyr,
şeýtan päline gitmegiň soňy bolsa ökünç hem umytsyzlykdyr. Iň gowusy, her bir işde
howlukmazlykdyr diýip, bir bende aýdypdyr, kimem bolsa, ýatan ýeri ýagty bolup, imany
hemra bolsun! Alladan ant içýän, seniň bu howlugýan işiňden meniň göwnüm suw
içmeýär. Meniň diýenimi etseň, sen öz ýüregiňe düwen işiňi maňa aýan et: sen başga bir
zadyň üstünden bararsyň öýdüp gorkýaryn. Namaz wagtyna çenli ýene üç sagat galdy
ahyry. Men bu barada şübheli bolup galmakçy däldirin — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
— Emma men wagtyny takyk bilmek isleýärin, çünki aňyrsyna göz ýetirmezden, sözüňi
biderek şagladyp ýörmegiň özi masgaraçylykdyr, ylaýta-da, meniň ýaly bilgiçler üçin
gowy däl, sebäbi diýseň, meniň at-abraýym, gazanan şöhratym adamlaryň arasynda
dilden-dile geçip äleme ýaýrapdyr, şoňa görä-de, beýleki ýyldyz sanaýjylaryň aýdyp
ýörüşleri ýaly, men çen bilen aýdyp ýörmeli däldirin, meniň aýdanym — aýdanym
bolmalydyr».
Ine, onsoň ol elindäki päkisini taşlady-da, ýyldyznamasyny alyp, günüň aşagyna
gitdi, ol ýerde ep-esli wagtlap eglendi, ondan soň gaýdyp geldi-de: «Namaz wagtyna çenli
üç sagat galypdyr, şondan azam däl, köpem» diýdi.
Men oňa: «Allanyň haky üçin, bes et indi — diýip jibrindim. — Sen meniň hut
bagrymy paraladyň!» diýdim. Ondan soň dellek päkisini alyp, ony çalmaga durdy, onsoň
ýene şol öňküsi ýaly, kellämiň birazajyk ýerini syrdy-da: «Men seniň şu alňasaklygyňa
gynanýaryn, eger sen näme üçin alňasaýandygyň sebäbini maňa aýtsaň, özüň üçin gowy
bolar; özüň bilýäň ahyry, seniň ataň hem babaň pahyr menden maslahatsyz çöp başyny
gymyldatmazdylar» diýdi. Ine, onsoň men ondan dynyp bilmejegime gözüm ýetensoň, öz
ýanymdan: «Namaz wagty ýetip geldi, men bolsam ilat metjitden çykmanka gyzyň ýanyna
gitmekçi bolup otyryn. Eger bir minutlykça gijä galsam, onuň ýanyna nähili ýol bilen girip
bilerin!» diýip içimi gepletdim.
Onsoň oňa: «Gürrüňiňi azrak et özüňem bu hili bolar-bolmaz ýaňramaňy goý-da,
işiň bilen bol, men öz dostlarymdan biriniň ýanyna meýlise gitjek» diýdim. Dellek bolsa
meýlis diýenimi eşidip: «Bu gün — meniň üçin iň bir haýyr-sahawatly gün bolmaly! Men
düýn öz tanyş-bilişlerimden birnäçesini şu gün öýüme çagyrypdym, özüm bolsam olara
223

iýer-içer ýaly, aňry-bäri taýýarlamagy ýadymdan çykaran ekenim, ynha indi diňe şu wagt
ýadyma düşdi. Wah, arman, olaryň öňünde masgara bolmaly boldum!» diýdi. Men oňa:
«Rast meniň bu gün meýlise gidýänimi bilen bolsaň, sen onuň gaýgysyny etme. Eger sen
basymrak bolup, meniň başymy syrmak işiňi çaltrak gutarsaň, meniň öýümdäki iýer-içer
ýaly zatlaryň hemmesi seniňki bolsun» diýdim.
Onda dellek: «Alla seniň döwletiňi zyýat etsin! Men bilip goýar ýaly, meniň öz
myhmanlaryma hödürlär ýaly näme zadyň bar bolsa, aýdyp ber» diýdi. Menem oňa:
«Meniň bäş dürli naharym bar, on sany çalarak gyzardylyp gowrulan towuk, tutuş bir guzy
bar» diýip jogap berdim. Onda ol: «Wah, getiripjik görkezäýseňdiň, öz gözüm bilenem
bir görsemdim!» diýip şapbyldady. Menem ol zatlaryň hemmesini getirip beriň şuňa diýip,
hyzmatkärlerime buýurdym. Onsoň ol getirilen zatlary görüp: «Sen Allanyň söýen
adamysyň! Seniň ýüregiň, gör, nähili asylly eken! Ýöne weli, gül suwudyr müşkanbar
gerek ekeni» diýdi. Menem oňa bahasy elli dinarlyk zady kagyza dolangylygyna onuň
eline berdim, onuň içinde müşk-anbar ýaly her dürli hoş ysly zatlar bardy.
Wagt az galypdy, meniň ýüregim daralýardy, şonuň üçinem oňa: «Şuny al-da,
meniň kellämi doly syryp ber, özi-de Muhammediň ömründen saňa pent bolsun — Alla
oňa keremini eçilsin!» diýdim. Emma dellek: «Alladan ant içýän, eger onuň içindäki
zatlaryň hemmesini görüp çykman, ony almaryn!» diýip seslendi. Onsoň menem
hyzmatkäre buýrup, kagyzy açdyrdym weli, dellek ýyldyznamasyny elinden gaçyryp,
aşak oturdy-da, kagyzyň içindäki müşk-anbar ýaly hoş ysly zatlary synlap başlady,
şeýdibem meni aňry hetdime ýetirdi. Ondan soň ol ýerinden turup, päkisini eline alyp,
meniň kellämiň ýene birazajyk ýerini syrdy-da, şeýle diýdi:
«Bu oglanyň bolşy agyn atasy,
Daragt köke görä, ýokdur hatasy.
Alladan ant içýän, balam — diýip, maňa ýüzlendi: — Men saňa hoşallyk
bildirjegimi-de bilemok, seniň ataňa bildirjegimi-de bilemok, çünki meniň şu günki
gurajak meýlisimiň hemmesi seniň sadakaň hem ýagşylygyň bir bölegidir. Emma meniň
myhmanlarymyň arasynda bu hezzete mynasyp adam ýok, meniňkä geljek hormatly
224

jenaplar tükel hammam eýesi Zengut, galla söwdagäri Saly, noýba satan Salit, düýekeş
Suaýd, onsoň Suweýd hammal, Abu-Mukariş hammamçy, Kasym garawul, Kerim
atbakar, Ikriş gökçi, Humeýd sübsegär tetelli adamlar. Özi-de olaryň arasynda ýürege
düşegen, bezzat, ýaňra ýa-da agyr adam hem ýok, onsoňam olaryň her biriniň öz edýän
tansy bar, her biriniň öz aýdýan gazaly bar. Ýöne olaryň iň gowy taraplarynyň biri — olar
seniň hyzmatkär guluň ýaly, köp geplemegi hem ýaňralygy bilenoklar. Hammam eýesini
alyp görsek, ol deprek bilen goşup, birhili geň aýdym aýdýar, onsoň tans edip: «Men
gideýin, ene jan, golçajygymy dolduraýyn!» diýip aýdym aýdýar. Galla satan bolsa
beýlekilere görä has ökdedigini görkezýär: tansam edýär, onsoň: «Galmady armanym
mende, başym saňa oldy bende!» diýip aýdymam aýdýar weli, hemmeleriň erän bagryny
daş edýär diýip, oňa gülüşýärler. Sübsegär aýdym aýdanda bolsa, uçup barýan guşlaram
sakga duruberýär. Onuň bar bilýäni: «Aýalymyň täzeligi, göýä uly sandykdadyr», onuň
özi weli görmegeý hem şadyýan adam, şonuň üçinem, men onuň şanyna gazal düzdüm:
Hapa daşýan dostum meniň göz guwanjym hanymanym,
Kaddy boýy serwi nahal, husny ýakar ystyhanym.
Bu gün ykbal ýarlyk edip, begendirdi men dymmany, Görüp
dostum gelendigin, joş urdy yşgym ummany.
Diýdim: «Gardaş, tutaşdyrdyň ýürekde sönmez ataşy,
Diýdi: «Geň däl, bolan bolsam birdenkä küreçi başy».
Olaryň her haýsysy-da şadyýan hem gülkünç zatlar aýdyp adamlary ökdelik bilen
güýmeýär. Ýöne weli, gürrüň berenden eşideniň bilen göreniň deň bolmaýar — diýip,
sözüniň yzyny ýetirdi. — Şonuň üçinem, eger sen hormat edip, biziňkä baraýsaň, munuň
özi biziň üçinem, seniň üçinem gowy zat bolardy. Sen öz dost-ýarlaryňdan biriniň öýüne
gitmek hyýalyňy goýbolsun et. Onsoň-da seniň keselden ýaňa gutulandygyň alamatlary
ýüzüňdenem bildirip dur. Seniň baryp-da ýaňra adamlara gabat geläýmegiňem
225

mümkindir, özlerine degişli bolmadyk zatlaryň gürrüňini edip oturan ýaňra duşarsyň ýada
olaryň arasynda ýalançy-ýaňranyň bolmagy mümkin, onsoň seniňem kelläň agyrar.
Sen näsaglanyňdan soň, heniz oňly daýanybam bilmänsiň ahyry».
Men içi ýananyň gülküsini eden bolup: «Muny haçanam bolsa, başga bir güne
goýaly — diýip jogap berdim. — Sen menlik işiňi gutar, gudraty güýçli Taňrynyň penasy
astynda menem gideýin, sen bolsaň öz dost-ýarlaryň ýanyna bar, olar seniň geleriňe
garaşyp oturandyrlar».
Onda dellek: «Wah, jenap, men seni diňe şol ajaýyp adamlar bilen, köne adamlaryň
ogullary bilen duşuşdyrmak isleýärin ahyry — diýip gürlemäge başlady. — Özi-de olaryň
arasynda ýaňra hem köp geplegen adamlar ýok. Men özümiň ulalyp kemala gelen
wagtymdan bäri, özüne degişli bolmadyk zatlary sorap oturan adam bilen asla ysnyşyp
bilemok, şonuň üçinem, hemişe özüm ýaly, geplemezek adamlar bilen baryş-geliş edýärin.
Eger sen olary hiç bolmanda ýekeje gezek görüp, olar bilen dostluk açaýsaň, sen öz dostýarlaryňy bütinleý taşlarsyň». Menem oňa: «Şolar arkaly Alla seniň şatlygyňy berkarar
etsin! Haýsy-da bolsa, garaz bir gün men olaryň ýanyna hökman bararyn» diýdim. Onda
dellek: «Men seniň hut şu gün barmagyňy isleýärin! — diýip seslendi. — Eger sen meniň
dostlarymyň ýanyna meniň bilen bile gitmegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda sen maňa
bagyşlan zatlaryňy olara eltip bermäge rugsat et. Eger sen bu gün hökman öz dost-ýarlaryň
ýanyna gitmekçi bolsaň, onda men seniň özüme eçilen hem hormatlap beren şol zatlaryňy
öýüme äkideýin-de, öz dostlarymyň öňünde goýup gaýdaýyn, goý, olar maňa
garaşmasynlar-da, iýsinler, içsinler, keýplerini köklesinler, men bolsam seniň ýanyňa
gaýdyp geleýin, onsoň seniň dostlaryňyň ýanyna ikimiz bile ötägideris. Men öz
dostlarymy öýümde goýup gaýdanym bilenem olaryň menden öýkekine etjek gümanlary
bolmaz, çünki biziň aramyzda hiç hili dar gursaklyk ýokdur. Men derrew gaýdyp gelerin,
onsoň sen her ýere gitseňem, men senden galmaryn». Men: «Ýeri-gögi ýaradan gudratly
Allatagalanyň haky üçin! — diýip gygyrdym. — Sen öz dostlaryňyň ýanyna bar-da, olar
bilen meýlis et, menem öz dostlarymyň ýanyna gideýinde, bu gün olaryňkyda bolaýyn:
olar maňa garaşyp oturandyrlar». Onda dellek: «Men seniň ýeke özüňi goýberip bilmerin»
diýip jogap berdi. Onsoň men oňa: «Meniň barjak ýerime özümden başga hiç kim baryp
bilmez» diýdim. Emma dellek: «Görýän weli, sen haýsy-da bolsa bir aýal bilen belleşipsiň
226

öýdýän, ýogsam bolmasa sen meni öz ýanyň bilen äkiderdiň ahyry — diýdi. — Özgelere
garanda, bu babatda meniň hak-hukugym has uludyr, şoňa görä-de seniň isleýän zadyň
ýerine düşmegine men saňa kömek bereýin. Men seniň janyňy gaýgy edýän: haýsydyr bir
aýalyň ýanyna bararsyň-da, bir bela-betere ýolugarsyň öýdüp gorkýaryn. Bu şäherde,
Bagdatda, onuň ýaly işe baş goşup bilýän adam ýokdur, ylaýta-da bu günki ýaly günde,
onsoňam biziň Bagdadymyzyň welisi biçak berk tutýan, sarpasyna hormat goýulýan
adamdyr.
Men oňa: «Häý, işi gaýdan, betnam goja, jähennem bol şu taýdan! Sen maňa
nämeler aýdyp samraýarsyň!» diýip gygyrdym. Onda dellek: «Päheý, akmak diýsenim,
sen maňa öz içiňden: — Bu nä bihaýa garry! — diýýänsiň. Özüňem şeýden bolup menden
syr gizlejek bolýarsyň, emma men bu zatlara düşünýärin, aňyrsyna-da gözüm ýetip durany
üçin, saňa bu meselede şu gün özüm kömek bermekçi» diýdi.
Men bu dellegiň aýdýanlaryny öz hossarlarym hem goňşularym eşider öýdüp
gorkdum-da, birentekläp sesimi çykarman oturdym. Şeýdişibem biz namaz wagtynyň
gelenini duýman galdyk, onsoň, wesýetnama möhleti gelip ýetdi. Ahyry dellek meniň
başymy syryp boldy weli, men oňa: «Bu iýer-içer ýaly zatlary al-da, öz dostlaryň ýanyna
bar. Sen dolanyp gelýänçäň, men bu taýda garaşyp oturaýyn, onsoň ikimiz bile gideris»
diýdim.
Men bu äteňenäledi öz ýanymdan sypaýyçylyk bilen kowmak üçin, onuň dilini
taparyn öýdüp, para-peşgeş bilen, aldaw bilen dynmakçy bolup elimden gelenini etdim,
şol ugruna kowan boldum oturdym, emma ol: «Sen meni aldaýarsyň, ýeke özüň
gidersiňem, hökman bir belanyň üstündenem bararsyň, onsoň çykara deşigem tapmarsyň.
Allanyň haky üçin, ýeke gitme, men gelinçäm garaş, ikimiz bile gideli, menem seniň işiň
jüpüne düşüşini göreýin» diýdi. Menem oňa: «Bolýa, ýöne meni garaşdyryp goýaýma»
diýdim. Ine, onsoň bu äteňenäledem meniň özüne beren iýer-içer ýaly hem beýleki
zatlarymy alyp, meniň ýanymdan gümüni dartyp gitdi, emma ol, zatlary öýüne göterip
äkitdirmek üçin hammala beripdir-de, özi bolsa haýsydyr bir köçejigiň gapdalynda
bukulyp galypdyr. Menem haýdan-haý turaga-da (azançylar bolsa eýýäm pygamberiň
şanyna salawat aýdyp bolupdylar), özümiň eşiklerimi geýdim-de, köçä çykdym, onsoň
gidip, şol köçejige ýetenimden soň, şol gyzy gören ýerimdäki öýüň ýanynda aýak çekdim,
227

görsem, şol garryja kempirem maňa garaşyp duran ekeni. Onsoň menem onuňbilen şol
gyzyň bolýan öýüne girip, ýokary çykdym-da, ol tama girdim. Ine, onsoň birdenkä
görsem, öýüň eýesi metjitden gaýdyp gelip, jaýa girdi-de, derwezesini şark-murk
gulplady. Menem ýokarky tamyň äpişgesinden aşak seredip görsem, ynha bu dellek! —
Alla towpygyny bersin — derwezäniň agzynda pisini aşyryp otyr. Men: «Be, bu melgun
meniň bu ýere gelenimi nireden bildikä?» diýip, içimi gepletdim. Edil şol minutyň özündede, Allanyň özi maňa geýdiren gorag perdesini sypyryp aýyrmak isläni sebäpli-de, öý
eýesiniň hyzmatkär gyrnaklaryndan biri nämedir bir zady ýadyndan çykarypmy nämemi
hojaýyn ony urmaga başlady, olam uly ili bilen aglap gygyrdy weli, onuň gullaryndan biri
ylgap gelip, ol gyrnagy halas etmekçi boldy, emma hojaýyn onyda urdy, onsoň olam barbar bagyryp gygyrdy. Şonda bu äteňenälet dellek bolsa öý eýesi meni urýandyr öýdüpdirde, galmagal turzup, özüniň üst-başyny ýyrtyşdyryp, depesinden gum sowrup, dat-bidat
edip, töwerekden haraý isläp, ala-gykylyk etdi. Onuň töwereginde-de adamlar bardy, bu
bolsa: «Häkimiň öýünde meniň jenabymy öldürdiler!» diýip nadaralyk edip başlady.
Ondan soň ol meniň öýüme bakan gykylyk edip ugrapdyr, adamlar bolsa onuň
yzyna düşüp baryşlaryna, meniň hossarlaryma hem hyzmatkärlerime habar ýetiripdirler.
Ine, onsoň men eýlämi-beýlämi bakmankam, meniň adamlarym uly yzlaşyk bolup, ýaka
ýyrtyp, ýas tutup, özleri-de: «Waý, biziň jenabymyz-eý!» diýip aglaşyp, meniň giren
öýüme ýetip geldiler. Bu dellegem ýakasyny sal-sal edip, olaryň öňüne düşüp gygyryp
gelýärdi, uly ilem onuň yzynda som-saýak. Meniň hossarlarym ses edýärdiler, dellek bolsa
olaryň hemmesinden beter gygyrýardy, olar: «Waý, öldürilipdir-eý! Waý, öldürilipdireý!» diýip aglaşyp, eňreşip, meniň giren öýüme bakan gelýärdiler.
Öý eýesi bolsa derwezäniň daşyndaky bu gykylygy eşidip, öz hyzmatkärlerinden
birine: «Näme bolduka, görüp gel» diýipdir. Hyzmatkärem daşaryk çykyp görüp, öz
hojaýynynyň ýanyna dolanyp gelip: «Jenap, derwezäniň agzyndaky adam on müňdenem
köp, aýalmy, erkekmi, hümer berip duruşlaryna: «Waý öldürilipdir!» diýşip
gygyryşýarlar, özlerem biziň öýümize bakan ellerini uzadyşýarlar» diýip habar berdi.
Häkim bu habary eşidende, munuň özi näme-de bolsa, düýpli zat öýdýän diýip, özi-de
gahar-gazaba münüp, turaga-da çykyp derwezäni açdy. Derwezäň agzynda hümerlenişip
duran märekäni görüp, aňk-taňk bolup: «A-how, jemagat, bu näme boldugy?» diýip
228

sorady. Meniň adamlarym bolsa onuň üstüne gygyryşyp: «Haý, äteňenälet, häý, itiň biri,
häý, doňuz ogly, sen biziň jenabymyzy öldüripsiň!» diýip gygyryşdylar. Häkim bolsa
olara: «A-how, adamlar, men siziň jenabyňyzy öldürer ýaly, ol näme edipdir? Ynha,
meniň öýüm siziň gözüňiziň alnynda dur» diýdi. Dellek oňa: «Ýaňy sen ony gamçy bilen
urup durduň, men onuň gykylygyny eşitdim» diýdi. Häkim bolsa ýene: «Men ony öldürer
ýaly, onuň eden etmişi näme, asla ony meniň öýüme kim saldy, nireden getirip, nirä
saldy?» diýip sorady. Onda dellek: «Äm-sämsirän bolma, ýaşuly! Men bu zatlaryň
hemmesine belet. Seniň gyzyň ony, olam seniň gyzyňy söýýär. Ol seniň öýüňe giren
wagtynda, senem ony duýduň-da, sen öz hyzmatkärleriňe ony urmaly diýip buýruk berdiň,
olaram ony urdular. Alladan ant içýän, ýa-ha ikimiziň dawamyzy halyfyň diwany açyp
berer ýa-da sen biziň jenabymyzy çykar daşaryk, hossarlary ony alyp äkitsinler, bolmasada, ynha özüm öýüňe girip, ony alyp çykaryn, onsoň özüň masgara bolarsyň» diýdi.
Onda häkim (onuň agzy agyzdyrykly ýaly gepleýärdi, özi-de märekäniň öňünde
utançly görünýärdi): «Eger sen dogryňy aýdýan bolsaň, özüň öýe gir-de, ony çykar onda»
diýip jogap berdi.
Dellek ýeke bökende öýe girdi; menem onuň öýe girenini görüp, çykyp gaçmagyň
ýoluny agtaryp başladym. Emma men öz giren tamymyň içinde duran ullakan sandykdan
başga, amatly çykalga tapmadym. Ine, onsoň men şol sandygyň içine girdimde, agzyny
ýapyp, demimi almaga-da gorkup ýatdym. Dellek bolsa içerik girdi-de, gelegelmäşe, alahasyrdy bolup, meni gözlemäge durdy, özi-de meniň nirede bolmagymyň mümkindigini
biljek bolup oýlanýardy. Onsoň ol eýlesine-beýlesine garanjaklady-da, meniň ýatan
sandygymyň ýanyna geldi, birdenem ol sandygy depesine göterip alyp ugrady weli, meniň
gorkymdan ýaňa tas janym çykypdy. Dellek bolsa haýdap barýardy. Onsoň men mundan
gaçyp gutulyp bilmejegimi aňyp, sandygyň agzyny açmagy ýüregime düwdüm. Açaga-da
ýere bökübem aýagymy döwdürdim. Onsoň derweze açyldy weli, görsem, ol ýere uly
märeke toplanan ekeni.
Şunuň ýaly günde, başa iş düşen wagtynda haýry ýeter diýip, men öz ýanym bilen
pul göterýärdim. Ine, onsoň goltugyma elimi sokaga-da bir penje gyzyl puly aldym-da,
adamlaryň üstüne penjeläp gyzyl pullary seçdim, şeýdibem olaryň ünsüni özümden
229

sowmak isledim. Ine, aýdanym ýaly, adamlar pul çöplemäge eňdiler-de, şonuň bilen
garabaşagaý boldular, menem köçäniň burçundan öwrüldim-de ökjäni göterdim,
Bagdadyň köçeleri bilen saga-sola ýegdekläp gaçdym. Emma bu äteňenälet dellek weli,
şonda-da meniň yzymdan galman, men haýsy deşige sümsem, bu hem yzym bilen
sümýärdi-de: «Olar meniň jenabyma ýamanlyk edip, meniň içimi ýakjak boldular! Allaha
şükür, maňa Hudaý kömek etdi, meniň jenabymy-da Allanyň özi olaryň elinden halas etdi!
— diýýärdi. — Seniň ahmal galmaklygyň hemişe meniň gaharymy getirýärdi, gör, sen
özüňe nähili zeper ýetirdiň, eger Allanyň özi meni seniň ýanyňa ibermedik bolsa, onda
sen özüňiň şu düşen duzagyňdan sypyp bilmezdiň, seniň başyňa şeýle bir towkyny
salardylar weli, onsoň sen ol beladan hiç haçanam gutulyp bilmezdiň. Meniň hut seniň
üçin ýaşap hem-de seni beladan gutaryp ýörmegim üçin näçe berersiň? Alladan ant içýän,
seniň şu ahmal bolmagyň özi meniň janymy aldy, sen bolsaň ýene ýeke özüň gitmekçi
bolupdyň! Emma biz ýene seniň bilen deň bolup durmarys, çünki sen kemakyl hem
alňasak bolýarsyň».
Men oňa: «Sen maňa ýetiren bu zyýanlaryňy-da az görüp, ýene meniň yzymdan
ylgap ýörsüň, üstesine-de bazaryň içinde maňa bu hili sözlerem aýdýarsyň-la!» diýip
gygyrdym weli, şu dellege gaharym gelşinden ýaňa tas ýüregim agzymdan çykypdy.
Onsoň men bazaryň içindäki myhmanhana baryp girdim-de, olaryň eýesinden haraý
isledim, onsoň ol bu dellegi meniň ýanyma goýbermedi. Men myhman otaglarynyň
birinde oturan ýerimden özüme: «Men indi bu äteňenälet dellekden sypyp biljek däl
öýdýän, onuň gije-gündiz meniň ýanymdan aýryljak gümany ýok, meniň bolsa onuň
ýüzüni görmäge halys ruhum çatanok!» diýip içimi gepletdim.
Onsoň men şol sagadyň özünde şaýatlary çagyrdyp getirtdim-de, öz
garyndaşlarymyň adyna wesýetnama ýazdyrdym, özümiň pullarymy olara paýladym,
onsoň ýörite beýemçi belläp, oňa öýümi hem ýerimi satmagy tabşyrdym, alnan pullaryda
uly-kiçi dogan-garyndaşlarymyň hemmesine paýlap bermeli etdim. Özüm bolsam şu
aragezer äteňetden halas bolmak üçin başymy alyp çykyp gitdim, ynha indem şol wagtdan
bäri ýurt syryp ýörün. Men, ynha, siziň şäheriňize göçüp gelip, bu ýerde birnäçe wagt
ýaşapdym weli, siz meni myhmançylyga çagyrdyňyz, ine, menem siziňkä gelip görsem,
bu aragezer äteňenälet öňümde, özi-de siziň hormatly myhmanyňyz bolup oturan eken.
230

Ýeri onsoň, özümiň başyma şunça külpetler salan, meniň aýagymyň döwlüp, maýyp
bolmagyma sebäp bolan şu tetelli adamyň bar ýerinde, siziň araňyzda oturyp keýp
çekmäge nädip meniň ýüregim çydam edip bilsin?»
Şondan soň ol ýigit iýmek-içmekden bizar boldy, biz bolsak onuň hekaýatyny
eşidip, dellege ýüzlenip: «Bu ýigidiň sen hakda aýdýan zatlary dogrumy?» diýip ondan
soradyk. Ol hem bize şeýle jogap berdi: «Alladan ant içýärin, men özümiň bilimdüşünjäm,
akylym hem mertligim zerarly oňa şol zatlary etdim, eger men bolmadyk bolsam, ol
hökman ölerdi. Onuň halas bolmagyna diňe men sebäp boldum, entegem onuň bagty
getirip, aýagynyň maýyp bolany gowy boldy, ýogsam onuň ganyny almaklary mümkindi.
Eger men köp geplegen bolsam, onda men oňa ýagşylyk edibem bilmezdim. Ynha, men
size öz başymdan geçiren wakamy aýdyp bereýin, onsoň siz meniň az gepleýändigime,
özümiň alty doganymdan tapawutlanyp, mende ýaňralykdan asla nyşanam ýokdugyna
ynanarsyňyz».
DELLEGIŇ ÖZI HAKYNDAKY HEKAÝATY
«Al-Mustadi billahyň ogly al-Mustansir billah zamanynda men Bagdatda
bolupdym, ol wagtlar halyfyň özem Bagdatdady. Bir gezek halyfyň on sany jenaýatça
biçak gahary gelen eken, şonuň üçinem, olary baýramçylyk gününde meniň ýanyma getir
diýip, şäher häkimine buýruk beripdir (olar ýol ugurlarynda talaňçylyk edýän ogrular
ekeni). Ine, onsoň şäher häkimi baryp olary tutaga-da, gaýyga mündüripdir-de, özi hem
olaryň ýanyna münüpdir. Men olaryň barýanlaryny görüp: «Bu adamlar hökman meýlise
çykandyrlar, özleri-de meniň pikirimçe, şol gaýygyň üstünde uzynly gün iýip-içip keýp
çekip oturjakdyrlar. Eger men bolaýmasam, olaryň iýip-içýän zatlaryna şärik bolup biljek
adam ýokdur» diýip oýlandym-da, ýerimden turaga-da, olara bakan ugradym, bu jemagat
diňe meniň ýaly gaýratly hem salyhatly adamlar öýdýän diýip, şol gaýyga mündüm-de,
olara goşuldym gidiberdim. Olar bolsa derýanyň beýleki tarapyna geçdiler-de, gaýykdan
düşdüler. Ine, şol sagatda-da häkimdaryň nökerleri hem esgerleri gelip, ellerindäki
zynjyrlary ogrularyň boýunlaryna saldylar, olaryň şabadyna meniňem boýnuma zynjyr
saldylar — näme munuň özi meniň mertligim zerarly bolan ahwalat dälmi, meniň şonda231

da sesimi çykarman durmagym bolsa, näme, meniň geplemezek adamdygymy
görkezmeýärmi, jemagat? Ine, onsoň bizi zynjyrlap idip äkitdiler-de, ähli dindarlaryň
hökümdary al-Mustansir billahyň öňünde duruzdylar, ol bolsa on adamyň onusynyň-da
kellesini kesip taşlamaly diýip höküm etdi. Onsoň jellat biziň ýanymyza gelip, ilki bilen
gan düşeginiň üstünde oturdy, soňundan bolsa gylyjyny ýalaňaçlady-da, birýan
ujumyzdan kellämizi ýolup başlady, şeýdibem on kelläni ýolup taşlady, diňe men galdym.
Halyf bolsa seredip gördi-de: «Näme üçin sen dokuz adamyň kellesini aldyň?» diýip
jellatdan sorady. Jellat bolsa: «Alla saklasyn! Heý, sen on kelläni kesmeli diýersiň-de,
menem dokuzyny keserinmi?!» diýip geňirgendi. Emma halyf oňa: «Meniň pikirimçe, sen
diňe dokuz adamyň kellesini kesdiň, ynha bu, seniň öňüňde oturan bolsa onunjysy
bolmaly» diýdi. Onda jellat: «Seniň rehimdarlygyňdan kasam edýärin, on kelle kesdim!»
diýdi.
— Onsoň olary sanap gördüler — diýip, dellek gürrüň berýärdi. — Görseler,
dogrudan-da, on ekeni. Ondan soň halyf meniň ýüzüme seretdi-de: «Munuň ýaly pursatda
sesiňi çykarman oturmaga seni näme mejbur etdi? — diýip sorady. — Ölüme höküm
edilenleriň arasynda sen nähili peýda bolduň, onuň sebäbi näme? Seniň özüň hormatly
garry, emma seniň akylyň az ekeni!» Men dindarlar hökümdarynyň bu aýdanlaryny eşidip,
oňa şeýle diýdim: «Biler bolsaň, beýik hökümdar, men bir garrydymma, meniň akylymam
köp, meniň akylymyň köplüginiň, meniň parasatlylygymyň, geplemezekligimiň bolsa hiç
çägi ýokdur, meniň kärim bolsa dellekçilik. Düýnki günde, ertir ir bilen, bu on adamyň
gaýyga bakan gidip barýandyklaryny gördüm-de, olar gaýykda meýlis etjekdirler öýdüp,
olaryň arasyna goşuldym-da, menem gaýygyň içine girdim. Aradan salym geçmänkä,
nökerler geldiler-de, olaryň boýunlaryna zynjyr saldylar, olaryň arasy bilen meniňem
boýnuma zynjyr saldylar; emma men özümiň biçak mertligim sebäpli sesimi
çykarmadym, ýaňrap oturmaýyn diýdim, munuň özi mertlikden başga zat däldir. Ine,
onsoň bizi getirip, seniň öňüňde dik duruzdylar, senem on adamyň kellesini kesmeli diýip
höküm etdiň. Men jelladyň öňünde galdym, emma özümi size tanatjak bolmadym —
munuň özi-de baryp ýatan mertlikden başga zat däldir, men şol hili mertligim zerarly, olar
bilen bile ölmäge kaýyl boldum. Emma weli meniňki ömürbaky şeýle bolup çykýar: men
ile ýagşylyk edýän, emma il maňa bir ýerde ýamanlygyň erbedi bar bolsa, şonuň bilenem
jogap berýär».
232

Ine, onsoň halyf meniň sözlerimi eşidensoň, meniň biçak mertdigimi hem diňe
meniň arkamdan uly howplardan halas bolan bu ýigidiň aýdyşy ýaly ýaňra däl-de,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 17
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.