Latin

Müň bir gije - 01

Total number of words is 3355
Total number of unique words is 1760
32.3 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.

1


MÜŇ BIR GIJE
(arap ertekileri)
Asyl nusgadan
rus diline terjime eden: ............................................................................................. M. Salýe
Rus dilinden
türkmen diline terjime eden: .......................................................................Bäşim Ataýew
Goşgulary rus dilinden
türkmen diline terjime eden: ................................................ Sapargeldi Annasähedow
Kitabyň metbugatda çap edilen ýyly:
Aşgabat – 1978 ý.
2


TERJIMEÇIDEN
«1001 gijäniň» Ýewropada peýda bolan mahalyndan bäri iki ýüz ýyldan-da köpräk
wagt geçdi, emma ol henize çenli özüniň lezzetini ýitirmän gelýär. Şährizadanyň meşhur
ertekileri ýaly höwes bilen okalýan gyzykly kitap dünýä edebiýatynda az-azdyr. Onuň
gahrymanlaryndan biri şadyýan, pähimli Aletdin, batyr hem dünýäden habardar Sindbad,
mekir hem dogumly Dalile oglanlykdan bäri biziň ýadymyzda bar. Ýaşymyz doluşanda
bolsa, bizi öz aşygyna ölinçä wepaly bolan edep-ekramly gyz Azizanyň obrazy özüne
ýesir edýär, «geplemezek» dellek bolsa güldürip hezil berýär.
«1001 gijäniň» iň gowy hekaýatlarynda seni özüne çekýän zat näme — sýužetiniň
gyzyklylygymy, fantaziýanyň real hakykatlar bilen ajaýyp suratda sazlaşyp gitmegimi,
orta asyrdaky Arap Gündogarynyň şäher durmuşynyň janly şekillerimi, geň-enaýy
ýurtlaryň ýa-da ertekilerde hereket edýän gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalarynyň
janly hem aýdyň beýan edilişimi, umumy ýagdaýlaryň psihologiýa taýdan
esaslandyrylyşy bilen ündelýän pikirleriň anyklygymy — muny aýtmak aňsat däl.
Ertekileriň dili-de örän oňat, şirin hem batnykly, her hili kemterliklerden halas. «1001
gijäniň» iň oňat ertekileriniň gahrymanlarynyň hersiniň öz gepleýiş aýratynlygy, hersiniň
öz gepleýşi, özleriniň gelip çykan sosial gatlaklaryna laýyk bolan söz baýlygy bar.
Hakyky halk döredijiliginiň her bir önümi ýaly, «Müň bir gijäniň-de» halk içinden
dörän hekaýatlary zähmetkeş köpçüliginiň umyt-isleglerine, myrat-maksatlaryna bap
gelýär.
Şu häsiýetleriň hemmesiniň utgaşmagy «1001 gijäniň» öçmez şöhrata eýe
bolmagyny üpjün etdi. Birentek ýazyjy hem şahyrlaryň döredijiligine oňaýly täsir
etmegine şert döretdi. «1001 gijäniň» öýkünjeňleri hem-de ony hormatlaýjylar
Russiýada-da, Günbatar Ýewropada-da örän köp. Puşkin arap ertekilerine ýokary baha
beripdi.
«1001 gije» näme, ol nirede hem nähili döredi?
3

«Müň bir gijäniň» özi, her gün agşam bir gyzy ýanynda ýatyryp, ertesi-de ony
öldürýän birehim Şähriýar patyşa hakyndaky hekaýa arkaly birleşdirilen arap ertekileriniň
ýygyndysydyr. Ahyrsoňunda, Şähriýar patyşanyň raýatynda başga gyz galmansoň, onuň
weziriniň gyzy Şährizada gezek gelýär. Şährizada öz janyny halas etmek üçin oňa gyzykly
ertekiler aýdyp bermäge başlaýar-da, daň atansoň, ertekini iň bir gyzykly ýerinde
gutarman goýýar. Patyşa bolsa ertekiniň yzyny diňlemek üçin Şährizadany öldürmegi
indiki daňdana goýýar. Agşam düşensoň, Şährizada öňki ertekini tamamlap, ikinji ertekini
aýdyp bermäge başlaýar-da, ýene ony iň gyzykly ýerinde gutarman goýýar. Şeýlelik bilen,
patyşa 1001 gijäniň geçenini duýman galýar. Şährizada şol döwrüň içinde Şähriýara üç
ogul dogrup berýär, şonuň üçinem Şähriýar patyşa öz ogullarynyň enesini öldürip
bilmeýär.
«1001 gije» hekaýalaryny öz içine alýan ertekiler ýygyndysynyň biziň elimize
düşen kitabynyň başyny başlaýan hem onuň soňuny aýaklaýan ertekiniň manysy şeýledir.
Şähriýar hem Şährizada hekaýatynyň içine girizilen ertekiler kitaby baradaky ilkinji
ýazuw maglumatyny biz X asyrda ýaşan arap edebiýat synçysy an-Nadimiň eserlerinde
tapýarys. Bu adam ol kitaby köpden bäri bilinýän, oňat tanalýan eser diýip suratlandyrýar.
Baryp şol zamanlarda-da bu ýygyndynyň arap topragynda döreýşiniň taryhy ýatdan
çykarylyp, ol parsçadan terjime edilen diýlip hasaplanýan ekeni. Ýokarda ady tutulan
synçynyň gürrüň edýän «Müň gije» atly ertekiler ýygyndysynyň sostawy hem mazmuny
bize belli däl, emma ertekileriň başyny başlap, soňuny aýaklaýan hekaýat onda-da bar
ekeni.
Ýygyndynyň ulalyp kämilleşmegi ondan beýlägem dowam edýär. Dürli döwürlerde
onuň içine dürli žanrdaky, dürli sosial çykyşdan täze-täze ertekiler girizilip durlupdyr. Ilki
bilen hünärli ertekiçiler, soňabaka kitap söwdagärleri ertekileri ýazyp alyp, «1001 gije»
ady bilen köp ýygyndylary ýaýradypdyrlar. Ýygyndy özüniň gutarnykly görnüşine XIVXVI asyrlarda Müsürde eýe bolýar, onuň edebi redaksiýasy bolsa has soňrakky
döwürlerde amala aşyrylan bolara çemeli. Şoňa görä-de, ýygyndydaky ertekileriň aýryaýrylykda ilkinji görnüşiniň nirede we haçan döränligini kesgitlemek synanyşygy başa
barjak zat däl.
4

Şeýlelik bilen, «1001 gije» ýygyndysy belli bir awtoryň ýa-da düzüjiniň eseri däl;
ol halkyň döreden eseridir. Ertekileriň sýužetleri gadym zamanlardan belli bolup,
gadymdan bäri-de arap folklorynyň genji-hazynasy bolup gelipdir.
«1001 gijäni» barlanyňda, her bir ertekini aýratynlykda almaly bolýar, çünki olar
özleriniň mazmuny boýunça biri-biri bilen baglanyşykly däl. Ýöne weli käbir ertekileriň
umumy sypatlarynyň bardygyny-da görmek bolýar. Bu bolsa olary, hiç bolmanynda,
dörän wagty boýunça hem-de döreden sosial gatlaklar boýunça şertleýin toparlara
bölmäge mümkinlik berýär.
Fantaziýa elementlerini has güýçli ýüze çykarýan we adamlaryň arasyndaky işlere
işeňňir gatnaşýan fantastiki jandarlary öz içine alýan hekaýalary «1001 gijedäki» iň
gadymy ertekileriň hataryna girizmek gerek. Mysal üçin, «Balykçy hem jyn» hakyndaky,
«Gara agaç at» hakyndaky hekaýalary iň gadymy ertekiler toparyna girizmek bolar. Bu
hekaýatlar «1001 gijäniň» iň irki ýygyndylaryna girip, edebi taýdan timarlana-timarlana,
kitapdan-kitaba geçip gelen bolmaga çemeli. Şol topara girýän ertekileriň belli bir
derejede tapawutlanýan dili-de, olarda göçürip ýazan adamlar tarapyndan girizilen bölekbüçek goşgularyň köp bolmagy-da şu pikiriň dogrulygyna şaýatlyk edýär.
Araplaryň orta asyrdaky söwda şäheriniň ýaşaýyş durmuşyny suratlandyrýan
hekaýalary has soňky döwürlerde dörän ertekiler toparyna girýär. Adatça ol nowellalar
adamlaryň başdan geçiren wakalary bilen çylşyrymlaşdyrylan bir bulaşyk söýginiň taryhy
esasynda düzülýär; onda hereket edýän adamlaryň aglabasy söwdagärler we senetçiler
bolup durýar. Şu topara girýän ertekileriň dili-de, stili-de fantastiki ertekileriňkiden has
ýönekeý, emma welin olarda-da bölek-büçekleýin alnan goşgular köp bolup, özi-de
manysy boýunça galapyn söýgi duýgularyny aňladýan goşgulardyr.
Şu ýygynda girizilen şol hili şäher hekaýalarynyň iň gowy nusgalaryndan biri-de
«Aşyk hem magşuk hakynda» hekaýat, «Nuretdin bilen Şemsetdin hakyndaky» hekaýaty
öz içine alýan «Üç alma» hekaýasy, şonuň ýaly-da «Küýki hakyndaky» hekaýatyň içine
girýän hekaýalar kimin ertekilerdir.
Galyberse-de, «1001 gijäniň» has soňky döwürlerde dörän ertekiler toparynyň biri
mekirlik-aldawçylyk žanryndaky ertekiler bolup, olar soňky gezek Müsür redaksiýasy
5

bilen timarlanyp, Müsürde hem ýygynda girizilipdir. Bu ertekiler hem şäher ilatynyň
içinde düzülipdir, ýöne welin olarda ownuk hünärmentleriň, günlükçi işçileriň we
ondamunda işläp, gabat gelen gazanç bilen gün görýän garyp-gasarlaryň durmuşy
suratlandyrylýar. Olarda gündogaryň feodallar şäherindäki ezilen gatlaklaryň görkezýän
garşylyklary has aýdyň beýan edilýär. Mekirlik häsiýetindäki ertekileriň aýratynlygy
häkimiýet başynda durýanlaryň we ruhanylaryň iň bir masgaraçylykly ýagdaýda
suratlandyrylyp görkezilýänliginden, kinaýaly sözler bilen duzlanylýanlygyndan
ybaratdyr. Ol hili hekaýatlaryň sýužeti, galapyn halatda, diňe bir talaňçylyk maksady bilen
däl, eýsem köplenç masgaralamak niýeti bilen edilýän biçak çylşyrymly aldawçylyklar
esasynda düzülipdir. Mysal üçin, baş çykaryp bolmajak çylşyrymly hereketlerden doly
«Dalile Mekir hem Aly Zeýbak kairli hakynda hekaýat», şonuň ýalyda «Aletdin AbuŞamat hakynda erteki», «Abu Kir hem Abu Sir hakynda erteki», «Maruf ädikçi hakynda
erteki» mekirlik hakyndaky ertekileriň ajaýyp nusgasydyr.
Şu sypatdaky hekaýalar «1001 gijäniň» ýazuwly ýygyndysyna gös-göni erteki
aýdyjylaryň dilinden ýazylyp alnyp girizilipdir we şol ýazyp alan adamlaryň galamy
astynda diňe az-owlak timarlanypdyr. Ozaly bilen, hekaýalaryň şiwelerden hem-de
gepleniş öwrümlerinden doly leksika gurluşy, tekstiň, göýä, şäher meýdanynda diňlenip
ýazylan ýaly, janly hem şüwlümli dialoglar bilen baýlaşdyrylanlygy ýokardaky
aýdylanlara şaýatlyk edýär.
Başdan geçirilen wakalara degişli hekaýalar özleriniň mazmuny boýunça-da, stili
boýunça-da «1001 gijäniň» iň gymmatly bölekleriniň biri bolup durýar.
Asyl çykyşy boýunça edebi ertekiler düýbünden başga tüýsli bolýar. Olaryň
aglabasy uzak, olary ýokarda agzalyp geçilen toparlaryň hiç birine-de girizmek bolmaýar.
Olaryň iň gowy nusgalaryndan biri «Deňizde gezen Sindbad hakynda hekaýatdyr».
Haýsy topara degişli bolsa-da, ol ertekileriň özi belli bir sosial ýagdaýdaky
adamlaryň arasynda döräpdir we ozaly bilen şolaryň öz aralarynda has giňden ýaýrapdyr.
Bu barada «1001 gijäniň» golýazmalarynyň birinde göçürip ýazan adamyň eden belligide şaýatlyk edýär:
6

«Erteki aýdyjy ertekini diňleýjiniň kimdigine laýyklykda aýdyp bermelidir. Eger
diňleýjiler garamaýak adamlar bolsa, onda ol ýönekeý adamlar hakyndaky hekaýalary
aýdyp bermelidir — bu hekaýalar kitabyň başyndadyr (mekirlik žanryndaky ertekiler
bolmaga çemeli. — M. S.), eger ol adamlar häkimdarlar toparyna degişli bolsa, onda ol
patyşalar hem-de batyr pälwanlaryň arasyndaky söweşler hakyndaky hekaýalary aýdyp
bermelidir — bu bolsa kitabyň ahyryndadyr».
Ertekini döreden adamlar diňe bir onuň tematikasyny däl, eýsem hekaýaty beýan
etmegiň stilini we söz düzülişlerini hem kesgitleýärler. Häkimdarlaryň hem emeldarlaryň
köşgi-eýwanlarynda bassyr telim günläp diňlenjek, özi-de batyrman goçulara degişli
romanlar we fantastiki ertekiler şol topardaky adamlaryň halaýany bolmak bilen, çişirilen
belent ruhly äheňi saklap, uly yzaçekilmelerden hem-de köpüsi hem öwüt-ündew häsiýetli
goşgulardan alnan böleklerden doly bolýar.
Baý söwdagärleriň hem hünärmentleriň arasynda halanylýan şäher nowellalaryndada goşgy köp duş gelýär, ýöne weli bu ýerde olaryň başga häsiýeti bar, olar öwüt-ündew
häsiýetli däl-de, köplenç hyjuw-gyjynma häsiýetinde bolýar. Onuň ýaly ertekilerde,
düzgün bolşy ýaly, hekaýatlaryň birinji toparynda göze ilmeýän uýatsyzlyklar hem ýok
däl.
Mekirlik-aldawçylyk häsiýetli ertekiler düýbünden başga ruhda esaslandyrylypdyr.
Şäher nowellalaryndaky uzaga çekýän söýgi gürrüňleri mekirlik, aldawçylyk hakyndaky
ertekilerde gysga, degerli dialoglar bilen çalşyrylýar. Goşgulardan alnan bölekler olarda
tas ýok diýmek boljak — bazarlarda we arzan baha kofehanalarda gysylyşyp oturan garypgasarlar üçin poeziýa bilen düşündirişiň geregi ýok bolmaga çemeli. Olar şadyýan,
garagolçulykly gülkünç ertekileri halaýarlar.
«1001 gije» ertekiler toplumyny emele getirýän esasy hekaýa toparlary şu hilidir.
Şährizadanyň ertekilerine öz dörän ýerindäki dürli sosial gatlaklarda dürli nazarlar
bilen garapdyrlar. Halkyň arasynda we öňdebaryjy intelligensiýa toparlarynda ertekilere
şu güne çenli-de uly söýgi bilen garalýan wagtda, musulman alym-filologlary olara
elmydama ters garaýardylar. Ýokarda ady gutulan bibliograf an-Nadim baryp X asyrda
«1001 gije» ertekileri «suwuk hem tukat» ýazylypdyr diýip, ýigrenç bilen aýdýar, has
7

soňrakky ýamanlaýjylar bolsa olary ahlaksyz hem zyýanly hasap edýär. Emma bular ýaly
bolgusyz gürrüňler arap ertekileriniň bütin dünýäde meşhur bolmagyna päsgel berip
bilmedi. XVII asyrdan başlap, bu ertekiler dünýäniň birentek dillerine terjime edilýär we
okyjylaryň arasynda uly üstünlik gazanýar.
Şährizadanyň ertekileri birinji gezek, gös-göni arapçadan rus diline Oktýabr
rewolýusiýasyndan soň terjime edildi. Şu setirleriň awtory tarapyndan terjime edilen we
«Gijeleriň» esasy tekstiniň hemmesini öz içine alýan şol terjimäniň sekiz tomlugy
akademik I.Ý. Kraçkowskiniň redaksiýasy bilen 1929-1938-nji ýyllarda çap edilip
çykaryldy. Terjimeçi hem redaktor öz güýçleriniň ýetdigiçe, ertekileriň many taýdan-da.
stil taýdan-da arapçasyna ýakynlygyny saklamaga çalyşdylar. Diňe aýratyn halatlarda,
originaly bolşy ýaly geçirmegiň özi rus edebi diliniň normalary bilen bir ýere sygyşmadyk
wagtda, ol prinsipden yza çekilmeli boldy. Mysal üçin, goşgularyň terjimesinde, arap
goşgy düzüliş kadalaryna görä hökmany bolan, özi-de bütin goşguda ýalňyz bolmaly
kapyýadan boýun gaçyrmaly boldy. Goşgynyň diňe daşky görnüşi hemde ritmi
saklanyldy.
Çap edilýän şu ýygyndy üçin sekiz tomluk neşirdäki ertekileriň iň gowulary
saýlanyp alyndy. Olaryň aglabasy şäher nowellalary hem-de mekirlik-aldawçylyk
häsiýetindäki ertekilerdir.
Şu kitap neşir edilmäge taýýarlanylan wagtda, ertekileriň terjimesi gaýtadan gözden
geçirildi. Ozalky esasy ýörelgäni üýtgetmezden, terjimeçi dilini ýeňilleşdirmäge,
gerekmejek harphorlukdan we düşünmesi kyn bolan idiomaly jümlelerden halas bolmaga
çalyşdy.
M. SALÝE
MAZMUNY
8

MÜŇ BIR GIJE __________________________________________________________________________________ 1
TERJIMEÇIDEN _________________________________________________________________________ 3
MÜŇ BIR GIJE ________________________________________________________________________ 10
ŞÄHRIÝAR PATYŞA HEM ONUŇ DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT _____________________ 11
ÖKÜZ BILEN EŞEK HAKYNDA HEKAÝA ___________________________________________ 19
TÄJIR HEM JYN HAKYNDA HEKAÝAT ____________________________________________________ 23
BIRINJI GIJE __________________________________________________________________________ 23
IKINJI GIJE ____________________________________________________________________________ 28
ÜÇÜNJI GIJE___________________________________________________________________________ 37
BALYKÇY HAKYNDA HEKAÝAT ___________________________________________________________ 38
DÖRDÜNJI GIJE ______________________________________________________________________ 47
ÝUNAN PATYŞANYŇ WEZIRI HAKYNDA HEKAÝAT______________________________ 48
BÄŞINJI GIJE __________________________________________________________________________ 53
AS-SINDBAD PATYŞA HAKYNDA HEKAÝA _______________________________________ 54
HILEGÄR WEZIR HAKYNDA HEKAÝAT ___________________________________________ 56
ALTYNJY GIJE ________________________________________________________________________ 64
ÝEDINJI GIJE __________________________________________________________________________ 68
SEKIZINJI GIJE________________________________________________________________________ 77
DOKUZYNJY GIJE ____________________________________________________________________ 85
ÜÇ ALMA DAKYNDA HEKAÝAT ___________________________________________________________ 87
NURETDIN WEZIR HEM ONUŇ DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT _________________ 98
KÜÝKI HAKYNDA HEKAÝAT _____________________________________________________________168
HRISTIANYŇ HEKAÝATY _________________________________________________________ 174
GÖZEGÇINIŇ HEKAÝATY _________________________________________________________ 191
ÝEWREÝ HEKIMIŇ HEKAÝATY __________________________________________________ 203
TIKINÇINIŇ HEKAÝATY __________________________________________________________ 214
DELLEGIŇ ÖZI HAKYNDAKY HEKAÝATY ________________________________________________231
DELLEGIŇ BIRINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT _____________________________________233
DELLEGIŇ IKINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT _______________________________________238
DELLEGIŇ ÜÇÜNJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT______________________________________243
9

DELLEGIŇ DÖRDÜNJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT __________________________________246
DELLEGIŇ BÄŞINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT _____________________________________250
DELLEGIŇ ALTYNJY DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT ____________________________________259
MÜŇ BIR GIJE
Türkmen diline terjime eden: Bäşim Ataýew
Goşgulary terjime eden: Sapargeldi Annasähedow
10

ŞÄHRIÝAR PATYŞA HEM ONUŇ DOGANY HAKYNDA
HEKAÝAT
Külli älemi ýaradan gudratly Allatagalanyň at-owazasy belende galsyn,
pygamberleriň pygamberi, biziň soltanymyz hem alyhezretimiz Muhammede salawat
aýdalyň! Oňa Allanyň özi keremini eçilsin hem tä kyýamat-magşar günune çenli belent
at-owaza bersin!
Ondan soň bolsa, hakykatda, adamyň özünden ozalky nesilleriniň başlaryndan
nähili wakalaryň geçendigine göz ýetirip hem öwrenip bilmegi üçin, onsoň-da
ötengeçenler hakdaky taglymatlara hem-de olara nämeler bolandygyna çuňdan düşünmek
bilen adamyň günä etmekden saklanmagy üçin, ozalky nesiller hakyndaky rowaýatlar
soňkulara öwüt-nesihat bolup galyberipdir. Gadymkylar hakyndaky rowaýatlary soňraky
halklara sapak bolar ýaly etmegi başarana berekella!
«Müň bir gije» diýen hekaýalar-da, onuň içindäki bady belent namalar hem
öwütündewli gürrüňler-de şol hili rowaýatlardyr.
Halk rowaýatlarynda gadym zamanlarda bolan, birwagtlar geçen hem bireýýäm
ötüp giden zatlar hakynda gürrüň berýärler (Allatagala bolsa pynhan syrly zatlardan hasam
habarlydyr hem hemmeden pähimdardyr, onuň şan-şöhraty agdykdyr, perwerdigärlikde
hem sahylykda oňa taý ýokdur, ol merhemetlidir hem rehimdardyr); gadym zamanlarda
hem geçmiş asyrlarda ýüzlerçe ýyl mundan ozal, Hindistan hem Hytaý welaýatlarynda
lek-lek goşunly, wezir-wekilli, saklawly-perraçly bir patyşa bolanmyş. Sasan 1
taýpasyndan bolan bu patyşanyň iki ogly bar eken: ulusy kemsiz ýetişen uly adam ekeni,
kiçisi bolsa heniz ýaňy jahyl çykan ýigit ekeni; ogullarynyň ikisi-de batyr hem
pälwanmyş, ýöne kiçisindenem ulusy has edermen ekeni. Şu boluşdada ol öz ýurdunda
patyşa bolup, öz raýatlaryna adyl häkimlik edipdir, şonuň üçinem onuň topragyndaky hem
patyşalyk edýän ýerindäki ilat ony gowy görýär eken, onuň adyna-da Şähriýar patyşa
Mifiki bolup galan Sasan patyşanyň ýa-da Sasanidleriň nesilleri III-VII asyrlarda Eýranda häkimlik
edipdirler. Şähriýar patyşanyň olara saýylmagy şahyrana anahronizmdir; onuň ýaly zatlar ―Müň bir
gijede‖ başga-da az däl.
1
11

diýerler ekeni; onuň özünden kiçi doganyna bolsa Şahzaman patyşa diýerler ekeni, ol hem
parsy Samarkandyna patyşalyk eder ekeni. Olaryň ikisi-de öz ýerli-ýerinde ýaşap ýören
ekeni, her haýsy öz patyşalygynda ýaşap, öz raýatyndaky ilatyň üstünden ýigrimi ýyllap
adalatly häkimlik sürüp, bol-telkilik hem şadyýanlyk içinde ýaşapdyr. Şeýdip ýaşap
ýörkäler, olaryň ulusy bir gün öz inisini göresi gelipdirde, ony gidip alyp gelmegi öz
wezirine buýrupdyr. Wezirem onuň buýrugyny berjaý edip, ýola rowana bolupdyr-da, tä
Samarkant şäherine sag-aman baryp ýetýänçä ýol ýöräpdir. Onsoň ol Şahzamanyň
huzuryna baryp, patyşanyň salamyny gowşurypdyr hem-de ony öz doganynyň göresi
gelendigini hem onuň öz ýanyna gelip gaýtmagyny isleýändigini habar beripdir.
Şahzaman hem razylyk bildirip, ýol şaýyny tutupdyr. Ol öz çadyrlaryny ýola çykarmagy,
düýeleriň, gatyrlaryň, hyzmatkärleriň hem nökerleriň ýola ugramaga taýýar
bolmalydygyny buýrupdyr, özi gelýänçä, ýurda häkimdarlyk etmegi bolsa öz wezirine
tabşyrypdyr, özi bolsa çykypdyr-da, öz doganynyň şalyk edýän welaýatyna bakan
ugrapdyr. Emma gijäniň ýary bolanda, köşgünde bir zadyny ýadyndan çykaryp
gaýdandygy birdenkä ýadyna düşüpdir-de, yzyna dolanypdyr, gelip köşge girip görse,
aýaly özüniň gullaryndan biri bolan bir gara (negr) gul bilen öz düşeginde gujaklaşyp
ýatan ekeni. Şahzaman patyşa bu ahwalaty görende, onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, depe
saçy syh-syh bolupdyr-da, öz ýanyndan: «Men heniz şäherden çykmankam, beýle-beýle
zatlar bolýan bolsa, eger men esli wagt doganymyňkyda saklansam dagy, bu äteňenälet
heleý gör nämeler ederdikä!» diýip, içini gepledipdir. Ol gylyjyny syraga-da, olaryň
ikisini-de şol ýatan ýerlerinde çapyp öldüripdir, ondan soň bolsa şol sagadyň hem şol
minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir hem tä öz
doganynyň bolýan şäherine barýança, äginmän ýol ýöräpdir. Şähere ýakynlaşan wagtynda
bolsa, özüniň gelýändigini doganyna habar bermek üçin öňden çapar iberipdir, onsoň
Şähriýar hem onuň öňünden çykypdyr, biçak begenip, gujak açyp salamlaşypdyr.
Doganynyň hormatyna bütin şäheri bezepdir, onuň bilen oturyp, şadyýan gürrüň edipdir,
emma Şahzamanyň weli aýalynyň eden etmişi ýadyna düşüp duransoň, ol biçak tukat
bolupdyr, ýüzi saralypdyr, bedeni gowşap ysgyndan gaçypdyr. Uly dogany onuň bu hili
ýagdaýyny gören wagtynda, ol öz ýurdundan hem patyşalygyndan aýra düşeni sebäpli
tukatlanýandyr öýdüp, gel şuňa azar bermäýin diýipdir-de, ondan hiç bir zat soraşyp-da
durmandyr. Emma soň, başga bir gün uly dogany inisine: «A-how. dogan, görýän weli,
12

seniň bedeniň gowşap, ysgyndan gaçyp, ýüzüňem saralypdyr-la?» diýipdir. Şahzaman
bolsa oňa: «Doganym, meniň ýürekde derdim bar» diýip jogap beripdir-de, aýalynyň
etmişi barada özüniň çekýän derdini oňa aýtmandyr. Onda Şähriýar oňa: «Gel ikimiz awaşikara gideli, belki, seniň göwnüň açylyp şatlanarsyň» diýýär. Emma Şahzaman
göwnemändir, şonuň üçinem onuň dogany awa ýeke gidipdir. Patyşanyň köşgündäki
jaýlaryň baga bakan açylýan penjirelerem bar ekeni. Şahzaman şol penjirelerden seredip
otyrka, görse, birdenkä köşgüň gapylary açylýar-da, ol ýerden ýigrimi gyrnak bilen
ýigrimi gul çykýar. Onuň doganynyň aýalyda şolaryň arasy bilen gelýär eken, özi-de
tapylgysyz gözelligi hem zyýadalygy bilen olardan aýyl-saýyl tapawutlanyp duranmyş.
Olar suwly howzuň başyna gelipdirler-de, eşiklerini çykaryp, aýal-erkek gatyşyp
oturypdyrlar welin, birdenkä patyşanyň aýaly: «Aý, Masud!» diýip gygyrypdyr. Ine,
onsoň bir gara (negr) gul aňyrdan gelýär-de, ony garsa gujaklaýar, patyşanyň aýalam ony
gujaklaýar. Onsoň gul onuň bilen bile ýatýar, beýleki gul-gyrnaklar hem olara eýerip
şeýdýärler, olar öpüşýärler hem guçuşýarlar, sypalaşýarlar hem oýnaşýarlar, tä gün ýaşara
golaýlaýança, aýşy-eşretde bolup keýpden çykýarlar. Patyşanyň inisi bu zatlary görenden
soň, öz-özüne: «Eger walla, şermisarlyga garanda, meniň başymdaky külpet has ýeňil!»
diýip içini gepledipdir, şondan soň onuň gabanjaňlygy-da, gaýgy-gussasy-da aýrylypdyr.
«Bu asla meniňkiňem çeni däl!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, iýmän-içmän ýörmesinide bes edipdir. Ondan soň dogany awdan gaýdyp gelipdir, olar saglyk-amanlyk
soraşypdyrlar, onsoň Şähriýar patyşa öz dogany Şahzaman patyşanyň ýüzüne seredip
görse, onuň gaýgy-gussasy aýrylyp, reňki düzelip, ýüzi gyzarypjyk duranmyş, ozal hiç zat
iýmeýän bolsa, indi berenini ýalmap otyrmyş. Şondan soň onuň uly dogany Şahzamana
ýüzlenip: «A-how, dogan, ilki göremde seniň ýüzüň saralyp durdy, indi bolsa seniň reňkiň
düzelip, ýüzüň gyzarypjyk dur. Saňa näme bolan bolsa aýdyp ber ahyryn» diýipdir.
Şahzaman: «Meniň gam-gussa düşmegimiň sebäbi hakynda diýseň, men ol barada saňa
aýdyp bereýin, emma reňkimiň ýerine gelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini
aýtmakdan weli meni halas et» diýip jogap beripdir. Onda Şähriýar: «Ilki bilen sen görküň
üýtgäp, haldan düşeniň sebäbini aýdyp ber, menem eşideýin» diýipdir.
«Biler bolsaň, doganym — diýip, Şahzaman gürrüň bermäge başlapdyr: — Sen öz
weziriňi meniň yzymdan iberen wagtyňda, men ýol şaýymy tutup, eýýäm şäherdenem
çykyp ugrapdym weli, özümiň saňa sowgat getirmekçi bolan göwherimi ýadymdan
13

çykaryp, köşkde galdyranym ýadyma düşäýdi. Onsoň men şol göwheri almak üçin,
köşgüme dolanyp baramda, öz aýalymyň gara (negr) gul bilen düşegimde bile ýatanyny
gördüm-de, olary öldürdim, onsoň şonuň pikirini ede-ede seniň ýanyňa geldim. Ynha,
meniň görkümiň üýtgemeginiň hem haldan düşmegimiň sebäbi; meniň reňkimiň düzelip,
ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini welin sen sorama, menem aýtmaýyn».
Emma inisiniň bu sözüni eşiden Şähriýar patyşa: «Allanyň haky üçin, eger walla,
näme üçin ganyň ýüzüňe çykanyny aýdyp ber!» diýip özelenipdir. Ine, onsoň Şahzaman
özüniň gören zatlarynyň hemmesini oňa gürrüň beripdir. Ol wagt Şähriýar öz dogany
Şahzamana ýüzlenip: «Muny öz gözüm bilen görmek isleýärin!» diýipdir. Onda
Şahzaman oňa: «Awa-şikara gidýän diý-de, meniň bolýan otagymda gizlenip otur, onsoň
sen gözüň bilen görersiňem, hemmesine gözüňi ýetirersiňem» diýipdir.
Onsoň Şähriýar patyşa şol sagadyň özünde awa gidýänligini jar etdiripdir, onuň
goşuny-da çadyrlaryny alyp şäherden çykypdyr, olar bilen birlikde patyşanyň özi-de
çykypdyr, emma soňundan ol bir çadyryň içine giripdir-de: «Meniň ýanyma hiç kim
girmesin!» diýip, hyzmatkärlerine buýruk beripdir. Onsoň ol daşky sypatyny üýtgedipdirde, ogrynça köşge dolanyp gelip, öz doganynyň bolýan otagyna giripdir; onsoň, bagdan
tarapky penjiräniň agzynda birsellem oturypdyr welin, ynha, birdenkä bir topar gyrnak,
olaryň arasynda-da patyşanyň aýaly, gullar bilen bile baga girip başlapdyr; onsoň olar tä
ikindi namazynyň azany aýdylýança, Şahzamanyň gürrüň beren işlerini edipdirler.
Şähriýar patyşa bu ýagdaýy gözi bilen görensoň, onuň huşy başyndan uçup, gözleri
gubarlapdyr, şonuň üçinem ol öz dogany Şahzamana ýüzlenip: «Tur, häziriň özünde
gideli, bize patyşalygam gerek däl, häkimdarlygam, tä özümiziň başymyza düşen şu işiň
başga biriniňem başyna düşenini görýänçäk gideli oturaly! Beýle ýagdaýda
ýaşanymyzdan ölenimiz gowy!» diýipdir. Ine, onsoň olar gizlin gapydan çykypdyrlarda,
gije-gündiz diýmän, ýol ýöräpdirler, şol gidip baryşlaryna-da şor deňziň ýanyndan akýan
bir çeşmäniň gyrasynda, otlujak ýerde gögerip oturan bir agajyň üstünden barypdyrlar.
Olar şol çeşmeden suw içip, dynç almaga oturypdyrlar. Gün ýaşan çagynda, deňiz
birdenkä tolkun atyp başlapdyr, onsoň onuň içinden tüweleý ýaly uzyn sütün ýokary
galyp, asmana ulaşypdyr-da, bularyň oturan ýerindäkn otlujaga bakan gaýdypdyr. Iki
dogan muny görüp, biçak gorkupdyr, olar gorkularyna hälki agajyň üstüne çykypdyrlar
14

(agaç bolsa biçak beýik ekeni), ine, onsoň olar soňunyň näme boljagyna garaşyp otyrlar
ekeni. Birdenkä görseler, olaryň garşysynda uzyn boýly, äpet kelleli, döşi gapak ýaly jyn
peýda bolupdyr, onuň depesinde bolsa bir sandyk barmyş. Ol jyn deňizden çykyp gelip,
iki doganyň münüp oturan agajynyň aşagynda düşläp oturypdyr-da, sandygyň agzyny
açyp, onuň içinden bir gapyrjak çykarypdyr, ol gapyrjagy-da açypdyr welin, onuň içinden,
şahyryň aýdyşy ýaly, täze dogan gün kimin ýalbyrap oturan inçe billi owadan gelin
çykypdyr. Hawa, Atyýýa şahyr ol gözeli şeýle ajap suratlandyrypdyr:
Şuglasy tüm gije daňlar atyrar,
Nury dagy gülgün reňge batyrar.
Çar köşeden gün dogan dek jemaly —
Gök deňze gark bolar ýyldyzlan, saly.
Ýaldyrap çykanda, il höwesdedir,
Yns-jyns beýhuş, melul, hassadyr.
Gözünde ýyldyrym, otlar çakdyrar,
Göz ýaşlardan baran siller akdyrar2.
Onsoň jyn ol gelne garap: «Eý, asylly perizat, toý gijesi ogurlap alyp gaýdan
gezelim, meniň birazajyk ýatasym gelýär!» diýipdir-de, kellesini ol gelniň dyzynyň
üstünde goýup uka gidipdir; ýaňky gelin ýokarsyna seretse, agajyň üstünde iki sany adam
otyr eken. Agajyň üstünde oturan patyşalary gören gelin, jynyň kellesini dyzynyň
üstünden aýryp ýerde goýupdyr-da, agajyň aşagynda ör turup duran ýerinden iki doganyň
2
Kitabyň içindäki goşgy setirlerini terjime eden Sapargeldi Annasähedow.
15

ikisine-de: «Bu jyndan gorkmaň-da, aşak düşüň» diýen yşarat edipdir. Olar bolsa:
«Allanyň haky üçin sen bize azar berme, bizi bu beladan halas et!» diýip, oňa jogap
beripdirler. Emma gelin olara: «Eger aşak düşmeseňiz, men jyny oýararyn, onsoň ol
ikiňiziňem janyňyzy demiňiz bilen bile sogrup alar» diýipdir. Ine, onsoň olar
gorkularyndan aşak, ýere düşüpdirler-de, ol gelniň ýanyna barypdyrlar welin, ol gelin
olaryň öňünde çiň arkan ýatypdyr-da: «Geliň, özem gatyrak basyň, bolmasa-da häzir jyny
oýararyn» diýipdir. Şähriýar patyşa gorkusyndan ýaňa öz dogany Şahzaman patyşa
ýüzlenip: «Doganym, sen bu aýalyň özüňe buýurýan zadyny berjaý edeweri!» diýipdir.
Emma Şahzaman oňa: «Etmerin! Ilki bilen sen et!» diýip jogap beripdir. Olar şeýdişip
biri-birine göz ümläp, yşarat edip, çekeleşmäge durupdyrlar welin, ýaňky aýal olara: «Bu
näme boldugy? Görýän welin, siz göz gypyşýarsyňyz-la! Eger siz ýanyma gelip, şu işi
etmeseňiz, men jyny oýararyn!» diýip azm urupdyr. Ine, onsoň, iki doganyň ikisi-de
jyndan gorkularyna buýrugy berjaý edipdir, olar işlerini bitirenlerinden son bolsa, ol aýal:
«Bäriňizi bakyň!» diýipdir-de, goltugynyň aşagyndan gapjygyny çykaryp, onuň içinden
dür monjugy ýaly edilip ýüpe düzülen bäş ýüz ýetmiş ýüzük çykarypdyr-da:
«Siz bu ýüzükleriň nämedigini bilýäňizmi?» diýip sorapdyr. Olar: «Ýok, bilemzok!» diýip
jogap beripdirler. Onda ol aýal: «Şu ýüzükleriň eýeleriniň hemmesi jynyň şahynyň
üstünde meniň bilen siziň eden işiňizi etdiler. Siziňem her haýsyňyz maňa bir ýüzük
beriň» diýipdir. Ine, onsoň iki doganyň her biri öz barmagyndan bir ýüzük çykaryp, iki
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 02
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.