Latin

Müň bir gije - 03

Total number of words is 3977
Total number of unique words is 1804
35.5 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
welaýatlaryna, ýagny seniň iş salyşýan täjiriň ýaşaýan ýerlerine gitdi. Şondan soň menem
ynha, daýymyň gyzy şu keýigi alyp çykdym-da, öz ogluma näme bolandygyny bilmek
üçin ser salyp, ýurtdan-ýurda aýlanyp ýörşümdi welin, takdyrym meni şu ýere getirip,
ynha, bir aglap oturan täjiriň üstünden eltdi. Ine, meniň hekaýatym».
«Bu örän geň gürrüň, şonuň üçinem men bu täjiriň ganynyň üçden birini saňa
bagyşlaýaryn» diýip, jyn oňa jogap beripdir.
Ondan soň ikinji garry, hälki iki tazyly goja beýläk çykypdyr-da, jyna ýüzlenip:
«Eger men özümiň iki doganymyň, ynha, şu iki tazynyň başyndan geçen ahwalaty aýdyp
bersem, senem meniň bu gürrüňimi has gyzykly hem geň görmeli zat diýip hasaplasaň,
onda şu täjiriň günäsiniň üçden birini meniň üçin bagyşlarmyň?» diýipdir. Jynam oňa:
«Eger seniň gürrüňiň has gyzykly hem has geň görmeli zat bolsa, onda, goý, seniň diýeniň
bolsun» diýip jogap beripdir.
«Biler bolsaň, eý, jynlaryň hökümdary — diýip, goja gürrüň bermäge durupdyr: —
Ynha, şu iki tazyň ikisi-de meniň doganym, menem bularyň üçünjisi. Biziň atamyz ölende,
bize üç müň dinar galdyrypdy. Onsoň men söwda etmek üçin özüme bir dükanjyk
açyndym, meniň doganlarymyň-da her haýsy bir dükanjyk açyndy. Emma men dükanda
uzak oturyp bilmedim, sebäbi meniň uly doganym, ynha, şu tazylaryň biri, özünde bar
zatlaryň hemmesini müň dinara satdy-da, puluna hem her hili geçgel haryt alyp, başga
ýurda gitdi. Bütin bir ýyllap ondan habar bolmady. Ine, onsoň bir gün men dükanymda
otyrkam, ýanyma bir gedaý geldi. Men oňa: «Alla kömek etsin!» diýdim. Emma ol gedaý
meniň ýanymdan gitmän aglap durşuna: «Sen meni eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy
beýle!» diýdi welin, men oňa öwrülip seretsem, ol meniň doganym bolsa nätjek! Onsoň
men tarsa ýerimden turup, onuň bilen görşüp salamlaşdym, ony dükanyň içine salyp, oňa
näme bolandygyny soradym. Emma ol: «Sen sorama! Pullarym-da gitdi, bagtymam
ýatdy» diýip jogap berdi. Ondan soň men ony hammama eltdim, öz egineşiklerimden berip
geýindirdim, onsoň öz öýüme alyp bardym. Şonda men öz dükanymyň dolanyşyk puluny
hasaplap gördüm welin, görsem, men eýýäm bir müň dinar peýda gazanypdyryn, diýmek,
31

meniň maýam iki müň bolupdyr. Men bu puly doganym bilen paýlaşdym-da, oňa: «Bar,
hamala, sen söwda-syýahat üçin hiç ýere gitmän ekeniň-dä» diýdim. Ine, onsoň meniň
doganym puly aldy-da, ýene özüne dükan açyndy.
Şondan soň aý geçdi, gün geçdi, gijeler öwrüldi, ynha, bir gün meniň ikinji
doganym, şu itleriň beýleki biri, özüniň bar-ýok zadyny satyşdyryp, aýry ýurda
söwdasyýahata gidermen boldy. Biz ony goýbermejek bolup, her näçe jan etsegem —
bolmady. Ine, ol hem bir topar haryt aldy-da, syýahatçylar bilen ýola düşdi. Ondan hem
bütin bir ýyllap habar-hatyr bolmady. Ine, onsoň ol hem bir gün, özünden uly doganynyň
bolşy ýaly bolup, meniň ýanyma geldi. Men oňa: «A-haw, dogan, men saňa gitme diýip,
şubela ýalbarmadymmy näme?» diýdim. Ol bolsa aglap: «Nädeýin ahyry, jan inim,
täleýimde bar eken-dä, ynha, indi men tüýs garyp galdym, jübimde kör köpügim galmady,
özümem ýalaňaç galdym, egnimde köýnegimem ýok» diýdi. Ine, onsoň, eý, jynlaryň şasy,
men ony-da hammama äkidip, öz egin-başlarymdan täzelerini saýlap, ony geýindirdim,
ondan soň ikimizem dükana baryp iýdik-içdik, soňundan bolsa men oňa: «Eý, agam, men
her gezsk täze ýyly gabatlap, öz dükanymyň maýasyny hem getiren peýdasyny hasaplap
görýärin. Ynha, bu gezegem hasaplap göreris, näçe girdeji giren bolsa, hemmesini ikimiz
deň paýlaşarys» diýdim. Ine, onsoň, eý, jynlaryň şasy, men hasaplap gördüm welin, iki
müň dinar bolup çykdy, Ýaradanyň özüne ýüz-müň şükür edip, oňa alkyşlar okadym!
Onsoň men ol puluň müň dinaryny doganyma berdim, özüme galany-da müň dinar boldy,
şondan soň bolsa doganym hem özüne dükan açyndy, şeýlelikde, biz ençeme günleri ýaşap
geçirdik.
Aradan birnäçe wagt geçensoň, meniň doganlarym ýanyma geldiler-de, özleri bilen
birlikde meniňem söwda etmek üçin çet ýurtlara syýahata gitmegimi islediler, emma men
olaryň diýenini etmedim, «Men gidip peýda görer ýaly, siz syýahata gidip ozal näme
gördüňiz?» diýdim-de, olaryň gepine gulak hem asmadym geziberdim. Şeýdibem, biz öz
dükanlarymyzda alyş-beriş edip galyberdik. Ýöne welin meniň doganlarym meni söwdasyýahata äkitjek bolup, her ýyl maňa ýalbarýardylar, emma tä alty ýyl geçýänçä olaryň
diýenine razylyk bermedim. Diňe alty ýyl geçensoň, men teýahyr razylyk berdim. Şonda
men olara: «Doganlarym, menem siziň bilen bile gideýin welin, ýöne siziň näçe puluňyzyň
bardygyny bir hasaplap göreliň» diýdim-de, olarda hiç zadyň galmandygyny bildim. Olar
32

peýda görenlerinden-ä geçen, asla ähli küý-pikirlerini gara bokurdaklaryna, pýançylyga
hem keýp çekmäge berip, bar zatlarynyň ýoguna çykypdyrlar eken. Şeýle-de bolsa men
olara ýagşydan-ýamandan zat diýmän, sesimi-de çykarman, öz dükanymyň zatlaryny
hasap edip gördüm, onsoň özümde galan-gaçan harytlaryň hemmesini pula öwürdim,
şondan soň görsem, meniň alty müň dinarym bar ekeni. Men muňa hezil etdim, onsoň
pullary iki deň paýladym-da, doganlaryma: «Ynha, üç müň dinar, üçimiziň aramyzda bary
şu pul, ine, şu pul bilenem biz söwda ederis» diýdim. Galan üç müň dinary bolsa men
gömüp goýdum, sebäbi ozal gidenlerinde doganlarymyň gedaý galyşy ýaly, meniň hem
gedaý galaýmagym mümkindi, şoňa göräde, üç müň dinary gömüp goýsak, biz gaýdyp
gelemizde ýene dükan açynyp bileris diýdim. Meniň doganlarym muňa razy boldy, onsoň
men olaryň her haýsyna müň dinar berdim, öz elimde-de müň dinarym galdy. Onsoň biz
özümize gerek harytlary satyn aldyk, ýol şaýymyzy tutduk. Onsoň kireýne gämi tutundykda, oňa zatlarymyzy ýükledik. Ine, biz bir gün ýöredik, iki gün ýöredik, bir aý ýöredik,
ahyry öz harytlarymyz bilen bir şähere baryp ýetdik. Biz söwda edip, bir dinarymyzy on
dinar etdik. Ine, onsoň biz ol ýerden ugramakçy bolanymyzda, deňziň ýakasynda üsti-başy
sal-sal bolup duran bir gyza gabat geldik. Ol gyz meniň elimden öpüp: «Eý, ýagşy ýigit,
sen haýyr-sahawat edip bilmezmiň, seniň eden ýagşylygyňy menem ýerde goýmaryn,
gaýtararyn» diýdi. Menem oňa: «Meniň halaýan zadym haýyr-sahawat etmekdir, sen
yzyna gaýtarmasaňam, men saňa kömek edip bilerin» diýdim. Onda ol gyz maňa: «Ýagşy
ýigit, sen meni özüňe aýal edip al-da, ýurduňa alyp git. Men özümi seniň ygtyýaryňa
berýärin, sen meni horlama, maňa ýagşy niýet bilen gara, sebäbi men ýagşylyk hem
hormat edilýänleriň hilindendirin, onsoň menem saňa ýagşylyk ederin. Men seni hiç wagt
aldawa salmaryn, hatyrjem bolaýgyn» diýdi. Men gyzyň aýdan bu sözlerini eşiden
badyma, ýüregim oňa maýyl boldy, keramatly hem merhemetli Allatagalanyň özi kalbyma
salandyr-da, men ol gyzy alaga-da geýindirdim, bezäpbesledim, gäminiň üstünde oňa
ýumşak düşek düşäp, ýer salyp berdim, oňa uly hormat hem hyzmat etdim. Ondan soň biz
ýene aňyrlygyna ýola rowana bolduk, onsoň ýüregimde uly söýgi oýanyp, men bu gyzyň
hak aşygy boldum. Gijede-gündizde onuň ýanyndan aýrylmadym. Men bu gyzy öz
doganlarymdanam gowy gördüm. Olaram kemsindiler. Meniň bagtymyň getirişine-de,
meniň baýlygymyň artyşyna-da, harydymyň köplügine-de olaryň gözi gitdi. Biziň
pulumyzy görüp, gözlerine uky gelmedi. Ine, onsoň doganlarym şeýtan päline gidip, meni
33

öldürip, pullarymy almagyň kastyna düşüpdirler, olar biri-birine: «Gel şu doganymyzy
öldüreli, onsoň onuň ähli puly bize galar» diýip dilleşipdirler. Ine, onsoň, men öz
aýalymyň ýanynda uklap ýatyrkam, olar meniň ýanyma gelipdirler-de, ikimizem birlikde
göteräge-de deňziň içine taşlap goýberipdirler. Şol wagt hem meniň aýalym ukudan
oýanyp, bir silkinende, aýal jyna öwrüldi-de, meni göterip, bir ada eltip, suwdan çykardy.
Ondan soň ol birentek wagtlap gözden ýitdi-de, daňa golaý meniň ýanyma dolanyp gelip
aýtdy: «Men seniň aýalyň, şonuň üçinem, gudraty güýçli Allatagalanyň emri bilen, seni
ölümden halas edip alyp çykdym. Biler bolsaň, men musulman jyndyryn. Men seni gören
badyma, Alla hatyryna tüýs ýürekden söýdüm, men bolsam Allahyma hem onuň resul
pygamberine ten berýändirin, Allahymyň özi oňa keremini eçilsin hem nury-rahmetini
saçsyn! Men seniň ýanyňa, şol ilki gören wagtyňdaky ýaly, gyz keşbimde geldim, senem
meni özüňe aýal edinip aldyň, ine, onsoň menem seni suwda gark bolmakdan halas etdim.
Ýöne welin doganlaryňa meniň gaharym geldi, şonuň üçinem men olary hökman
öldürmelidirin».
Men onuň bu aýdanlaryny eşidip haýran galdym, özümem onuň bu eden ýagşylygyna köp
hoşallyk bildirdim-de: «Ýöne welin meniň doganlarymy öldürseň-ä bolmaz!» diýdim.
Ondan soň men öz doganlarym bilen aramyzda bolan ahwalatlaryň hemmesini başdanaýak oňa aýdyp berdim. Ol meniň aýdanlarymy eşidip: «Men şu gije olaryň ýanyna uçup
baryp, olaryň gämisini gark edip, özlerini-de heläk ederin» diýdi. Men oňa
«Allanyň haky üçin, sen beýtme! «Ýagşylyga ýamanlyk her kişiniň işidir, ýamanlyga
ýagşylyk är kişiniň işidir!» diýen tymsal bar ahyry. Her zadam bolsa, olar meniň
doganymdyr» diýdim. Emma ol jyn: «Men olary hökman öldürmelidirin!» diýip, şol bir
aýdanyny aýtdy durdy. Menem oňa ýalbarmaga durdum, onsoň ol meni uçuryp äkitdide,
edil öz öýümiň depesinden düşürdi. Menem işigimi açyp girdim-de, şol gömüp goýan
pulumy çykardym, onsoň ýene haryt satyn aldym, täzeden dükan açyndym-da, uly iliň
parahatçylygyny dileg edip, dükanjygymy ýöredip başlaberdim. Ine, onsoň agşam öýüme
gelsem, howlymda iki sany tazy daňylgy dur, ynha, şu tazylar. Olar meni gören batlaryna,
ýerlerinden turup, boýunlaryny burşup aglamaga başladylar.
Men aňk-taňk bolup, eýläme-beýläme garamaga hem ýetişmänkäm, aýalym maňa:
«Bu tazylar seniň şol doganlaryňdyr» diýdi. Men ondan: «Bulary kim beýdip
34

goýberdikä?» diýip soradym. Onda aýalym: «Men öz aýal doganymy çagyryp getirtdim,
ol hem bulary şeýdip goýberipdir, indi bular on ýyldan bärde adam keşbine öwrülip
bilmezler» diýdi. Ynha, bular on ýyldan bäri şu hili ýagdaýda bolup gelenlerinden soň,
indi bulary ozalky keşplerine getirtmek üçin şol aýalyň ýanyna gidip barşymdy welin, şu
ýerde-de bu täjire gabat geldim, ol hem öz başyna düşen zady aýdyp berdi welin, tä seniň
oňa näme edeniňi görýänçäm, bu ýerden gidesim gelmedi. Ynha meniň gürrüňim».
Ondan soň jyn: «Seniň bu aýdan zadyň örän geň zat, şonuň üçinem men bu täjiriň
günäsiniň hem ganynyň üçden birini saňa bagyşlaýaryn» diýipdir.
Ondan soň üçünji goja, gatyryň eýesi orta çykyp: «Men saňa bularyňkydanam geň
wakany aýdyp bereýin, eger göwnüňden tursa, eý, jynlaryň şasy, sen bu täjiriň galan
günäsini hem ganyny meniň üçin bagyş eýle» diýipdir, jynam: «Bolýar» diýipdir.
«Biler bolsaň, eý, jynlaryň täji-soltany — diýip, goja kişi aýdyp başlapdyr: —
Ynha, şu duran gatyr meniň aýalymdy. Men bir gezek syýahata gidip, ýylboýy öýümde
bolmadym. Onsoň işlerimi gutaryp, yzyma gaýtdym-da, bir gün gijäniň birwagty öýüme
dolanyp geldim. Gelsem, meniň aýalym bir gara (negr) gul bilen çolaşyp ýatan ekeni.
Olar gürleşip, gülşüp-oýnaşyp, öpüşip-guçuşyp, keýp edişip ýatyrlar. Aýalym meniň
gelenimi gördi-de, hasyr-husur ýerinden turdy, suwly kündügi eline alaga-da, bir zat-bir
zatlary pyşyrdap, suwa dem saldy. Ol: «Öz keşbiňi üýtget-de, ite öwrül!» diýdi-de, ýaňky
kündükdäki suwy meniň üstüme serpip goýberdi. Menem şol sagadyň özünde ite
öwrüldim, ana, onsoň aýalym meni öýden kowup goýberdi. Menem howludan çykdymda,
gidiberdim, şol gidişime-de et satan gassabyň dükanynyň gapysyna bardym. Ine, onsoň
men şol ýerde süňk-saňk gemren bolup ýördüm welin, et dükanynyň eýesi meni gördi-de,
öz ýanyna çagyryp, öýüne alyp bardy. Gassabyň gyzy meni göreninden iki elini ýüzüne
tutup: «Kaka, sen erkek kişi bilen gelýärsiň-de, ony biziň ýanymyza getirýäň-le!» diýip
käýindi. Gyzyň atasy: «Hany, bu taýda erkek kişi barmy näme?» diýip geňirgendi. Onda
gyzy: «Ynha, bu getiren itiň erkek kişi ahyryn, ony öz aýaly jadylapdyr, isleseňiz, men
ony öňki keşbine getirip bilerin» diýdi. Atasy öz gyzynyň bu aýdanlaryny eşidip: «Allanyň
haky üçin, gyzym, sen ony halas et!» diýip ýalbardy. Ine, onsoň ol gyz suw küýzejigini
aldy-da, bir zatlar pyşyrdap, suwa dem salaga-da, maňa: «Sen häzirki keşbiňi ozalky
görnüşiňe öwür!» diýdi-de, suwy meniň üstüme serpip goýberdi welin, men ozalkylygym
35

ýaly adam boldum duruberdim. Men ol gyza alkyş okap, elinden öpüp: «Öz aýalymyň
meni jadylaýşy ýaly, senem ony maňa jadylap bersene» diýip ýalbardym. Onsoň ol gyz
maňa şol suwdan bir jamjagaza guýup berdide: «Aýalyň uklap ýatan wagty baraga-da, şu
suwy onuň üstüne serpip, pylan zat bol diýersiň weli, onsoň ol sen näme bol diýseň bolar
durubiýr» diýdi. Ine, onsoň menem şu suwly jamy aldym-da, aýalymyň uklap ýatan
wagtyny aňtap bardym hem jamdaky suwy onuň üstüne serpip goýberip: «Bu keşbiňi
taşla-da, gatyra öwrül!» diýdim weli, ol dessine gatyr boldy duruberdi; onuň nähili gatyr
bolandygyny bolsa ynha öz gözüň bilen görüp dursuň, älem jynlarynyň şasy-soltany, ine,
meniň gürrüňim».
Jyn gatyra bakyp: «Dogrumy?» diýipdir.
Gatyr bolsa «Dogry» diýen terzde baş atyp: «Hawa, Allahymdan ant içýärin, bu
meniň başymdan geçen zatlaryň hekaýaty, hemmesem dogry!» diýen görnüşde yşarat
edipdir.
Üçünji gojanyň hekaýatyndan soň, jyn haýran galmak bilen titräp-silkinjiräp, täjiriň
günäsiniň üçden birini şol goja üçin bagyşlapdyr...»
Şährizada gürrüňiniň şu ýerinde, daň saz berensoň, özüne ygtyýar edilen möhletiň
gelip ýeteni zerarly, sözüni bes edipdir.
Şonda onuň kiçi aýal dogany: «Doganjygym, Şährizada, seniň hekaýatyň gör nähili
gyzykly hem şirin ekeni, seniň sözleriň şekerden şirin, baldan datly, özi-de gör nähili
ýakymly» diýipdir.
Onda Şährizada: «Eger patyşa hezretleri rehim edip, sag-aman galsam, meniň size
indiki gije aýdyp berjek zatlarym munuň çeni-çaky hem däldir» diýip jogap beripdir.
«Dogrudanam, bu hekaýat biçak gyzykly, munuň tä soňuny eşidýänçäm, bu gyzy
öldürmejegime Alladan kasam edýän!» diýip, patyşa öz ýanyndan içini gepledipdir.
Ondan soň gijäniň galanyny olar gujaklaşyp-guçuşyp geçiripdirler. Ertirden soň
bolsa patyşa öz adaty işlerini berjaý etmäge diwan jaýyna gidipdir, patyşanyň serkerdeleride, wezir-wekilleri-de gelip, diwan jaýy adamdan hyryn-dykyn dolupdyr.
36

Ine, onsoň patyşa arz-şikaýatlara garap, kime temmi berýär, kimsini işe belleýär, kimsini
aýyrýar, bir zady makullaýar, bir zady gadagan edýär, perman çykarýar... Iş wagty
gutaransoň, diwan dargaýar, Şähriýar patyşa hem dynç almak üçin öz jaýyna gaýdýar.
Agşam düşüp, gije ýakynlaşan mahalda, Şähriýar patyşa weziriň gyzy bilen guçuşyp
göwün solpusyndan çykypdyr.
ÜÇÜNJI GIJE
gelip ýetende bolsa, Şährizadanyň jigisi Dünýäzada: «Jan doganjygym, düýnki gürrüňiňi
soňlasana!» diýip ýalbarypdyr.
Şondan soň Şährizada: «Baş üstüne, janym bilen aýdyp bererin! — diýip, patyşadan
rugsat alyp, gürrüňini dowam edipdir. — Hawa onsoň, bagtyýar patyşahym, meniň
eşitmişime görä, üçünji gojanyň gürrüňi jynyň göwnüne beýleki ikisiniň gürrüňinden-de
has geň görnüpdir-de, jyn tüýs haýranlar galyp, geňirgenmekden ýaňa titräp-silkinjiräp:
«Täjiriň galan günäsini-de seniň üçin bagyşlaýaryn hem ony öldürmän goýberýärin»
diýipdir. Onsoň täjirem ol goja kişilere köp-köp alkyş okap, minnetdarlyk bildiripdir,
gojalaram onuň azat bolanyna begenip, gözüň aýdyň diýip mübärekläpdirler, şonluk bilen
her kim öz ýurduna gaýdypdyr. Ýöne welin balykçynyň ertekisiniň ýanynda bujagaz dagy
hiç zadam däldir».
«Onuňky nähili bolupdyr?» diýip, patyşa gyzdan sorapdyr.
37

BALYKÇY HAKYNDA HEKAÝAT
— Bagtyýar patyşahym, meniň eşitmişime görä — diýip, Şährizada aýdyp
başlapdyr: — Bir balykçy bar eken, onuň ýaşy-da bäri-bärlerde däl ekeni, özüniňem aýaly
hem üç ogly bolup, garyp halda ýaşaýar ekeni. Özi-de onuň balyk tutýan toruny her günde
hökman dört gezek suwa taşlamak endigi bolup, şondan üýtgemesi bolmaz ekeni. Ine,
onsoň ol bir gün günortanlar awa çykyp, deňziň kenaryna barypdyr-da, sebedini ýerde
goýup, el-aýagyny çyzňaşdyrypdyr-da, deňziň gyrasyndan giräge-de, toruny suwa
taşlapdyr. Tory suwa oňat batýança garaşyp, bagyny bir ýere jemläp duransoň, tora agram
düşenini aňlap, ony çekip çykarmaga synanýar welin, başartmandyr. Onsoň ol toruň
bagyny elinde saklap, kenara çykypdyr-da, ýere gazyk kakyp, toruň ýüpüni şoňa
baglapdyr. Soňra eşiklerini aýryp, suwa çümüp, toruň töweregini sermeleşdirmäge durýar.
Ol şeýdip, tä tory çykarýança gaýrat edipdir. Ondan soň ol tory suwuň ýüzüne çykaryp
bilenine begenip, haýdan-haý suwdan çykyp, eşiklerini geýäge-de, toruň ýanyna gelip
görse, onuň azap edip çykarany haram ölen eşek ekeni, üstesine oňa toruny-da
ýyrtdyrypdyr. Bu ýagdaýy gören balykçynyň gahary gelip, gaýgy hem gynanç bilen:
«Belent mertebeli hem gudratly Allahymyň özünden özge güýç-de ýok, kuwwat-da!
Hakykatdan-da, munuň özi örän geň görmeli nygmat!» diýipdir-de, bir gazal aýdypdyr:
Eý, ryzkyn kowalap ýeten biçäre, Ezeldir
— berilmez emele-täre.
Asman ak patrakdyr, deňiz tolkunar, Tamakin
balykçyň göwni galkynar.
38

Umman girer, bakmaz howp-hataryna, Umytly
göz diker atan toruna.
Gijäni öýünde bigam ötüren,
Janyn eşret hem rahada batyran
«Balyk bişir» diýip buýrar guluna,
Balykçydan satyn aldyr puluna.
Şükr edeliň ol keremli Rahmana.
Birge berip, birge bermez Suwhana.
Adalat sendedir, asman şalygy —
Biri tutup, başga iýer balygy!»
Soňra bolsa öz-özüne: «Haýdaber, balykçy! Eger gudratly Allanyň özi islese,
hökman rehnet iner!» diýip, ýene bir beýt aýdypdyr:
Başyňa iş düşse, eýleme pikrin,
Gije-gündiz kylgyl erenler şükrün.
Käýinmegil sarpaň tutgan bendeýe,
Zar bolarsen bir betlagam gendeýe».
39

Ondan soň ol torundan eşegi çykaryp taşlapdyr-da, tory sykyp kepedipdir, tory
sykyp bolanyndan soň bolsa, ýaňadandan ýazyşdyryp, ýene deňziň gyrasyna giripdir. «Ýa
bissimilla!» diýäge-de, tory gaýtadan suwa taşlapdyr. Tory suwa batýança garaşypdyr,
onsoň tory agralyp, öňküsindenem has gaty ilişipdir, balykçy bolsa bu saparky düşen zat
hökman balykdyr diýip oýlanypdyr-da, ýene hälkisi ýaly, onuň ýüpüniň ujuny gazyga
daňyp, eşiklerini çykaryp, suwa giripdir hem-de tä tory ilişen zadyndan sypdyrýança,
suwuň içinde hysyrdanyp sermenipdir. Şeýdip, tory tä kenara çykarýança, azap edip
zähmet çekipdir. Çykaranyndan soň görse, tora düşen zat içi laýdan hem çägeden doly
hum ýaly uly küýze ekeni. Muny gören balykçy gynanypgynanyp, şu namany aýdypdyr:
«Zulmuň bes et, zalym pelek!
Rehmiň inder, işim telek!
Gözleýip tapman nesibim,
Boş galdym, çykmaz hesibim.
Göge galdy köp nadanlar,
Har bolupdyr eziz janlar».
Ondan soň balykçy ýene torunyň suwuny sykyp hem arassalap, beýik mertebeli
Allatagaladan ötünç sorap, üçünji gezek deňziň gyrasyndan girip, üçünji gezegem toruny
suwa taşlapdyr. Tory suwa batýança garaşandan soň, tory agralýar welin, ony çekip
çykarýar, çykarandan soň görse, onuň içindäki küýze döwügi, aýna döwügi, gaty süňk
ýaly zatlar ekeni. Balykçy muny görende, aňyrdan hyňzap gelen gaharyna bäs gelip
bilmän aglaýar-da, şu namany aýdýar:
«Bialaç sen: ýapyşsaň-da, aýlatdyrmaz pelek çarhy, Bilmiň
bilen, zoruň bilen ryzkyň asla etmez parhy.
40

Ozal başda seçilendir ýagşy-ýaman hemmäň paýy, Kemter
berse bu panyda, bolluk bolar jennet jaýy.
Pelek mydam zirekleriň boýnun burar, bilin eger, Nämynasyp
deýýuslara bagt güler, degim deger.
Abraý bilen ölen ýagşy, ynsan munda geda bolsa, Gulatynyň
güni gelip, laçyn perden jyda bolsa.
Mertebeli merdanlary hora goýmak gylygyňdyr, Sütemkärler
penjesinde zora goýmak biligiňdir.
Gurtlar-guşlar ryzkyn yzlap, gije-gündiz jepadadyr,
Baýhatyna özi geler, iýer ýatar, sapadadyr».
Ondan soň bolsa balykçy başyny galdyryp, ýüzüni asmana tutupdyr-da: «Eý,
Hudaýym, meniň öz torumy günde diňe dört gezek suwa taşlaýandygymy sen bilýärsiň
ahyryn, men bolsam ony eýýäm üç gezek taşladym, emma elime düşen zat bolmady. Eý,
Hudaý jan, şu gezek beri meniň rysgymy ibereweri!» diýip, Hudaýa nalyş edipdir.
Şondan soň balykçy Allanyň adyny ýat edip, toruny suwa taşlap, onsoň tory suwa
batýança garaşypdyr-da, agralansoň çekipdir welin, ony çykaryp bilmändir, görse, tory
suwuň aşagynda bir zada çolaşan ekeni. Onsoň balykçy: «Allanyň bir özünden başga
güýçde ýokdur, kuwwat-da!» diýip gygyrypdyr-da, şu beýdi aýdypdyr. Tüýkürseň ýüzüne
şundek durmuşyň —
41

Gedaýlykda horlan Hudaý urmuşyň.
Şadyýan geçse-de ömrüň säheri,
Agşamlyk ýuwdar sen zakgun-zäheri.
«Iň bagtly kim?» diýip sorsalar bir çak, Maňa
diýerdiler — «ine şu gerçek!» Ondan soň,
balykçy eşiklerini sypyryp aýryp, suwa
giripdir-de, tä tory suwdan gury ýere
çykarýança, suwuň içinde hysyrdanyp,
zähmet baryny çekipdir. Tory çykarandan
soň, ony gerip seretse, onuň içine düşen zat
agzy gurşun bilen möhürlenip ýapylan, içi
hem bir zatdan doly sary mis küýze ekeni,
onuň agyz gapagynyň ýüzünde bolsa döwperileriň patyşasy Süleýman ibn Dawudyň
ýüzüginiň3 basylan yzy bar ekeni (olaryň
ikisine-de Alla keremini eçilsin). Balykçy ol
Süleýman ibn Dawut (Süleýman Dawut ogly) – ady ertekilerde köp duş gelýän pygamber. Rowaýat
boýunça onuň ýüzüginde Allagalanyň 99 belent adynyň iň belendi ýazylanmyş. Şony bileni üçinem, ol
döw-perilere, arwah-jynlara, ýel-harasada hökümini ýöredenmiş.
3
42

küýzäni görüp begenipdir-de: «Men muny
bazara äkidip, misgärlere sataryn, munuň
bahasy gyzyl puldan on dinardyr!» diýipdir.
Onsoň ol küýzäni gozgap görse, ol agyr
ekeni, agzy-da açylmaz ýaly mäkäm ýapylgy
eken, onsoň ol öz-özüne: «Gel, men bu
küýzäniň içini barlap göreýin! Agzyny
açaga-da, içinde näme bardygyny bir bileýin,
ondan soň äkider sataýaryn!» diýipdir. Ine,
onsoň ol pyçagyny çykarýar-da, küýzäniň
agzyndaky gurşuny goparmaga başlaýar.
Balykçy esli wagt hysyrdanyp, azara galyp,
teý-ahyr gurşuny goparyp aýyrýar. Küýzäni
gapdala gyşardyp, içindäki zady çykarmak
üçin, ony silkelemäge durupdyr welin,
küýzäniň içinden hiç zat dökülmändir,
balykçy hem muňa geň galypdyr. Ondan soň
birdenkä küýzäniň agzyndan şeýle bir tüsse
burugsap çykyp başlapdyr welin, onuň ujy
baryp asmandaky bulutlara ulaşyp, ýeriň
ýüzüne ýaýylyp gidipdir. Küýzedäki tüsse
43

çykyp gutaransoň, ol bir ýere toplanyp hem
barha ýygrylyp elene-elene düýrlenipdir-de,
ynha görseň, aýagy ýerde, başy göge ýetip
duran äpet jyn bolup duruberipdir. Onuň
kellesi gümmez ýaly, barmaklary ýabak ýaly,
aýaklary uzyn agaç ýaly, agzy gowak ýaly,
dişleri gaýanyň gyýçak-gyýçak daşy ýaly,
burnunyň deşikleri turbanyň agzy kimin,
gözleri-de iki sany ýanyp duran çyra dek
lowurdap duran ekeni, özem gahar-gazaby
ýüzüne çykyp duran eýmenç zatmyş.
Bu jyna gözi düşenden balykçynyň essi aýylyp, süňňi galpyldap, dişleri şakyrdap,
agzy kepäp, gözleriniň öňi garaňkyrap, basjak ýerini, ýörejek ýoluny hem saýgaryp
bilmändir. Jyn bolsa ony görüp: «Bir Alladan özge Hudaý ýokdur. Süleýman Allanyň
pygamberidir!» diýip gygyrypdyr.
Ondan soň ol ýene: «Eý, Allanyň pygamberi, sen meni öldürme! Men indikile seniň
aýdanyňa garşy bolmaryn, indikile seniň aýdanyňdan çykmaryn!» diýip gygyrypdyr.
Onda balykçy oňa: «Eý, jyn, sen: «Süleýman Allanyň pygamberidir» diýýärsiň welin,
Süleýmanyň ölenine indi müň sekiz ýüz ýyl boldy ahyry, bizem indi ahyrzamanyň
öňüsyrasynda ýaşap ýörüs. Seniň başyňdan nämeler geçdi, saňa nämenämeler boldy, sen
näme üçin bu küýzä girdiň?» diýipdir.
Jyn balykçynyň bu aýdanlaryny eşidip: «Alladan başga Hudaý ýokdur! Sen begen,
balykçy, begen!» diýip gygyrypdyr. Balykçy: «Begener ýaly, sen maňa näme gowy zat
etjek?» diýip sorapdyr. Onda jyn oňa: «Seni, ynha, şu demde haram ölen dek öldürjegime
44

begen!» diýip jogap beripdir. Onda balykçy: «Eý, jynlaryň ulusy, seniň bu aýdýan zadyň
Allanyň halajak zady däldir, sen onuň rehim etmegine mynasyp-da dälsiň. Eý, äteňenälet,
sen meni näme üçin öldürjek? Küýzeden çykaryp, janyňy halas edenim üçinmi? Deňziň
teýinden çekip, ýagty jahana çykaranym üçinmi?» diýip gygyrypdyr. Jyn oňa: «Nähili
ölümi halaýanyňy aýt, nädip öldürsem gowy boljagyny aýt!» diýipdir. Balykçy bolsa:
«Meniň günäm näme, näme üçin sen meni bu hili «sylaga» mynasyp bildiň?» diýip
sorapdyr. Onda jyn: «Eý, balykçy, sen meniň başymdan näme-nämeleriň geçendigini bir
eşit» diýipdir. Balykçy hem oňa: Aýt, eşideýin, ýöne welin uzaga çekme, ýogsa meniň
janym eýýäm bokurdagyma geldi!» diýipdir.
«Biler bolsaň, balykçy — diýip, jyn gürrüň bermäge başlapdyr: — men dinden
çykan jynlaryň biri, biz, ýagny men hem Sahr jyn ikimizem Dawudyň ogly Süleýmanyň
aýdanyny berjaý etmedik (olaryň ikisiniňem ýatan ýeri ýagty bolsun!). Onsoň Süleýman
öz weziri Asaf ibn Barahiýany meniň üstüme iberipdir, onsoň ol meni zor bilen, meniň
närazylygyma bakman, masgaralap diýen ýaly onuň ýanyna alyp bardy. Şeýdip, ol meni
Süleýmanyň garşysynda dikilgazyk etdi. Süleýman hem meni görüp, meniň garşyma
Allany kömege çagyryp, meniň hakyky dine girmegimi hem-de özüne tabyn bolmagymy
teklip etdi, emma men onuň diýenini etmedim. Ine, onsoň ol şu küýzäni getirtdi-de, meni
onuň içine salaga-da, agzyny-da gurşun bilen mäkäm petikletdi-de, gurşunyň ýüzüne hem
Allanyň iň gowy adynyň birini möhür bilen basyp ýazdy; ine, şeýdibem, meni öz
jynlarynyň eline berip goýberdi, olaram meni äkidip, deňziň ortarasyna eltip taşladylarda, gidiberdiler. Menem deňizde ýüz ýyl ýaşadym, ýogsa men öz içimden:
«Her kim bolsa-da, özümi boşadan adamy ömürlik baý bolar ýaly ederin» diýipdim.
Emma ýüz ýyl geçdi weli, şol aralykda meni boşadan adam bolmady. Ondan soň ýene bir
ýüz ýyl geçdi, şonda men: «Kimem bolsa, meni boşadan adama ýeriň hazynasyny açyp
bererin» diýipdim. Onda-da meni boşadan bolmady. Ondan soň men ýene dört ýüz ýyly
başymdan geçirdim, şonda men: «Kim meni boşatsa, men onuň üç şertini berjaý ederin»
diýdim. Emma ýene-de meni boşadan bolmady, onsoň meniň biçak gaharym gelip gazaba
mündüm-de, öz ýanymdan: «Eger häzir meni biri boşadaýsa, men ony şu minutyň özünde
öldürerin, özüne-de nädip ölesiň gelýändigini aýtsaň, şeýdibem öldüreýin diýip teklip
45

ederin» diýdim. Ynha-da, sen meni boşatdyň, menem saňa nähili ölümi gowy görýän
bolsaň, şony aýtmagy teklip edýärin».
Balykçy jynyň sözlerini eşidip: «Eý, Allanyň gudraty! Meniň saňa diňe indi
miýesser gelşimi görseňizläň! Sen meni bu ölümden halas etseň, Alla hem seni halas eder!
— diýipdir. — Meni beýdip heläk etme, eger heläk etseň, Alla-da seni heläk etjeklere
kömek eder». Emma jyn oňa: «Seniň ölümden sypyp gitjek gümanyň ýok, gowusy, sen
nähili ölümi halaýandygyňy aýt» diýipdir.
Balykçy özüniň öldüriljegine gözi ýetenem bolsa, ýene jyna ýalbaryp: «Seni azat
edenimiň hatyrasy üçin, senem meni halas et ahyry» diýipdir. Jyn bolsa: «Wah, men seni
diňe özümi halas edeniň üçin öldürýän ahyry!» diýip gygyrypdyr. Onda balykçy: «Eý,
jynlaryň halypasy, men-ä saňa ýagşylyk edýän, sen bolsaň ýagşylygyma ýamanlyk bilen
jogap berýäň. Gazal bilen beýan edilen şu namada ýalan söz ýokdur:
Ediban ýagşylygy, aldyk ýamanlyk paýymyz,
Içerem ömrümden anty, şerde tapylmaz taýymyz!
Knmde-kim bir nämynasyp betge ýüz berse eger,
Syrtlany myhman alan dek, özüne pysky deger».
Balykçynyň tymsal getiren bu beýdini eşiden jyn: «Gepiňi köpeltme, seniň ölümden
gutuljak gümanyň ýok!» diýip arlapdyr. Şol wagt balykçy öz içinden: «Bu bir jyn, men
bolsam adam, Allanyň özi maňa akyl-paýhas beripdir. Men häzir öz mekirligim hem
akylym bilen onuň özüni ele salmagyň pikirini edeýin, ol özüniň wagşylygy hem
eýmençligi bilen meni nädip öldürjegi barada oýlanýança, men onuň özüni heläk etmegiň
tärini tapaýyn-la» diýip pikirlenipdir.
Ondan soň balykçy jyndan: «Meniň ölümden gutuljak gümanym ýok-da onda?»
diýip sorapdyr. Jynam oňa: «Hawa» diýip jogap beripdir. Şonda balykçy jyna ýüzlenip:
«Dawut ibn Süleýmanyň — olaryň ikisine-de Alla keremini eçilsin! — ýüzügine ýazylan
iň beýik adyň hatyrasy üçin, men senden bir zat soraýyn weli, sen maňa dogryňy aýt!»
46

diýipdir. Jyn iň beýik adyň ýada salynmagyny eşidende sandyrap hem gagşap: «Bolýar,
ýöne basymrak sora-da, gepiňi azrak et!» diýipdir. Balykçy bolsa: «Sen şu küýzede
ekeniň, oňa bolsa seniň göwräň däl, hatda seniň bir eliň ýa-da aýagyň hem sygjak däl. Ýeri
sen nädip onuň içine bütin göwräň bilen sygdyň?» diýip sorapdyr.
Onda jyn: «Näme sen meniň şol küýzede bolandygyma ynanaňokmy?» diýip gygyrypdyr.
Balykçy bolsa: «Seniň şol küýzä gireniňi öz gözüm bilen göräýmesem, men hiç haçanam
ynanmaryn» diýip jogap beripdir...»
Ertekiniň şu ýerine gelende, daň atypdyr-da, Şährizada gürrüňini bes etmeli
bolupdyr.
DÖRDÜNJI GIJE
gelip ýetende bolsa, onuň gyz jigisi: «Eger ukyň tutmaýan bolsa-ha, soňuna çenli aýdyp
bersene» diýipdir.
Onsoň Şährizada hem gürrüňini dowam edipdir:
«Meniň eşitmişime görä, bagtyýar patyşahym, ol balykçy jyna ýüzlenip: «Seniň şol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 04
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.