Latin

Müň bir gije - 06

Total number of words is 3916
Total number of unique words is 1895
32.3 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gapysy bardy. Meniň aýalym şol gapydan girdi weli, menem ol tamjagazyň üstüne çykyp,
şol ýerden yşyklap görsem, meniň daýymyň gyzy, ýagny aýalym şol ýerde bir garaýagyz
(negr) guluň ýanyna bardy. Ol gara belanyň bir dodagy ýorgan ýaly, biri hem köwüş ýaly
bolup, ol dodaklary bilen daşlaryň ýüzündäki gumgusurlary ýalmap ýuwudýardy. Ol gara
(negr) guluň şol bolşuna-da heýwere keseli bar eken, şonuň üçinem çiňrik palaçlarynyň
üstünde, sal-sal bolup giden köne letdelerden enaýy bolmadyk ýyrym-ýyrtyk eşikde ebtini
agdyryp ýatyrdy. Meniň aýalym onuň gaşynda eglip tagzym edip, onuň aýagynyň
aşagyndaky topragy öpdi, onsoň ýaňky gul başyny galdyryp: «Häý, äteňet diýsänim, näme
beýle gijä galyp geldiň? Bu ýerde ýaňy biziňkiler, garalar oturyp şerap içdiler, onsoň her
haýsy öz gezýän aýalyny alyp çykyp gitdiler, men bolsam sen zerarly iýmän-içmän
oturdym» diýdi.
Onda meniň aýalym oňa: «Wah, meniň jenabym, meniň söýgülim, meniň
gözlerimiň röwşeni, gaharlanma ahyry, meniň öz daýym ogluna äre berlendigimi sen
bileňokmy näme, ony ýigrenýänimi, onuň bilen bir öýde ýaşanyma nätjegimi bilmeýänimi
özüň bilýäň ahyry! — diýip jogap berdi. — Eger men seni gaýgy etmeýän bolsam, onda
men onuň ýüzüne günüň şöhlesi düşmez ýaly etmezmidim, onuň şäherini baýguşlaryň
gugurýan harabalygyna, gargalar gagyldaşyp, tilki-şagallaryň uwlaşýan çölüstanlygyna
öwrüp, daşlaryny, kerpiçlerini Kap dagyndan aňyrlygyna aşyryp goýbermezmidim!»
Onda gul: «Sen ýalan aýdýaň, deýýus! — diýip gygyrdy. — Garalaryň edermenlikli
şan-şöhratyndan ant içýän, biziň mertligimiz akýagyzlaryň mertligi ýalydyr öýtmegin,
eger sen indikile-de şu günkiň ýaly öz öýüňizde köp oturyp eglenseň, hut şol günüň
özünden beýläk seniň bilen oýnaşlygymy keserin, öz bedenimi seniň bedeniňe-de
ýanaşdyrmaryn. Özüň-ä biziň bilen keýp çekip, öz islegiňi kanagatlandyrjak, ýene-de gijä
galjakmyşyň, ganjygyň biri ganjyk, akýagyzlaryň porsy äteňedi diýsänim!» diýip käýindi.
Men onuň bu aýdanlaryny eşidenimde, men olaryň bolup oturyşlaryny görüp hem
eşidip otyrdym ahyry, gözümiň öňi garalyp, dünýä tüm garaňkylyga öwrüldi, men özümiň
nirede, näme işläp oturanymy-da unudypdyryn. Meniň daýymyň gyzy bolsa ol guluň
öňünde sazanaklap hem aglap ýalbaryp durdy: «Eý, meniň söýgülim, eý, meniň göwnümiň
guwanjy, eger seniň maňa gaharyň gelse, onda kimiň maňa rehimi geler? Eý, meniň
söýgülim, gözlerimiň röwşeni, eger sen meni kowsaň, onda kim meni öz penasyna alar?»
76

Meniň aýalym tä gul bagyşlaýança, oňa ýalbaryp aglady. Ol bagyşlandan soň bolsa, meniň
aýalym begenip ýerinden turdy-da, egin-eşiklerini çykarynyp: «Wah, meniň jenabym, öz
gyrnagyňa iýer-içer ýaly bir zadyň ýokmy?» diýip delmurup durdy. Ol gul bolsa: «Hol
jamyň agzyny aç, şonda syçanyň gaýnadylan süňk-saňky bardyr, şolary iýersiň, beýleki
küýzede bolsa agyzdan galan piwo bardyr, şony içip goýber» diýip jogap berdi. Ine, onsoň
olam şol zatlary iýdi-içdi, onsoň elini ýuwdy, agzyny çaýkady, ondan soň turup, onuň
ýanyna bardy-da, çiňrik palaçlaryň üstüne geçip, guluň gujagyna doldy, özi-de
ýalaňaçlanyp, onuň ýapynyp ýatan köne letdeleriniň aşagyna girdi. Men daýymyň
gyzynyň edýän zatlaryny görüp özümi ýitirdim, onsoň tamjagazyň üstünden düşdüm-de,
olaryň ýanyna girip, daýymyň gyzynyň alyp gelen gylyjyny alaga-da, olaryň ikisinem
çapyp öldürmek maksady bilen gylyjy gynyndan sogurdym. Ilki bilen gylyjy guluň
boýnundan saldym-da, olary gutardym hasap etdim...»
Gürrüňiň şu ýerine gelende, daň atypdyr-da, Şährizada hem özüne ygtyýar edilen
möhletiň gutarmagy bilen gürrüňini bes edipdir.
SEKIZINJI GIJE
gelip ýetende bolsa, Şährizada ýene aýdyp başlapdyr:
«Meniň eşitmişime görä, bagtyýar patyşahym, jadylanyp maýyp edilen ol ýaş ýigit,
patyşaha şeýle gürrüň beripdir: «Men ol guluň kellesini kesip taşlamak maksady bilen,
gylyjy boýnundan saldym welin, men onuň boýun damaryny kesip bilmändirinde,
bokurdagynyň hamy bilen etini kesipdirin, şeýdibem ony öldürdimmikäm öýdüpdirin. Ol
erbet-erbet harryldady weli, aýalym hem birden gymyldap başlady, menem yzyma
öwrüldim-de, gylyjy öňki ýerinde goýup, şähere bakan ugradym. Onsoň öz köşgüme
gelip, ýerime girdim-de ertire çenli gyşaryp ýatdym. Onsoň daýymyň gyzy gelip, meni
oýaran boldy. Onsoň bir görsem, ol saçlaryny ýaýyp, ýas lybasyny geýipdir. Şonda ol
maňa: «Eý, daýym ogly, sen meniň edýän zatlaryma päsgel berjek bolma. Meniň
eşitmişime görä, meniň enem pahyr aradan çykypdyr, atam bolsa mukaddes söweşde
wepat bolupdyr, iki doganymyň bolsa birini ýylan çakyp öldüripdir, beýleki biri uçut
gaýadan aşak gaçyp heläk bolupdyr, şol zerarly-da meniň ýas tutup aglamaga hakym bar»
diýdi. Men onuň bu sözlerini eşidip, sesimi çykarman saklandym, soňundanam: «Sen öz
77

göwnüňe gelenini ediber, men seniň edeniňe däl diýjek gümanym ýok» diýip jogap
berdim. Şondan soň ol bütin bir ýyly başyndan aýagyna çenli aglap hem ýas tutup geçirdide, bir ýyl geçeninden soň, maňa: «Men seniň köşgüňde hüjre ýaly bir gümmez saldyryp,
şol ýerde hem ýekelikde öz gaýgymy çekip oturjak. Özümem onuň adyna «Gam öýi —
gamhana» diýip at berjek» diýdi. Menem oňa: «Öz göwnüňe ýaranyny et» diýip jogap
berdim. Ine, onsoň ol özi üçin gam öýüni saldyryp, onuň ortarasyndan hem tabyt goýmak
üçin gümmezli hüjre saldyrdy-da, guly hem şol ýere göçürip getirip, şol jaýda ýerleşdirdi.
Guldan bolsa oňa hiç hili delalat ýokdy, onuň şerap içmekden başga işi hem ýokdy. Men
ony ýaralan günümden soň, ol dilden-agyzdan galan dek, hiç geplemeýärdi, emma onuň
jany bardy, sebäbi entek onuň ajaly ýetip, ýaşamak möhleti gutarmandyr. Ine, onsoň
meniň aýalym ertir-agşam onuň ýanyna baryp, gümmeziň aşagyndaky tabyt jaýyna
girýärdi, onuň alnynda dik durup aglaýardy hem doga okaýardy, oňa ertir-agşam şerap
süzüp berýärdi, aş berip naharlaýardy, ol tä bir ýyl geçýänçä şeýdip gezdi, men bolsam
onuň bu edýänlerini sabyrlylyk bilen başdan geçirip, oňa edýäniň näme diýmeýärdim.
Emma günlerde bir gün men birden onuň ýanyna baryp görsem, onuň: «Sen näme üçin
meniň gözüme görünmejek bolup gizlenýärsiň, eý, jigerimiň guwanjy? Meniň bilen
gepleşip göwnümi aç ahyry, meniň söýgüli dildarym, näme-de bolsa, garaz, bir zat aýdyp
ber ahyry!» diýip, gula ýalbaryp aglap oturanyny gördüm. Ondan soň ol şu hili namany
aýtdy:
Agýar mesgen tutmaz kalbym jaý edip, Unutsaň
köýermen yşkdan waý edip.
Gitseň alyp gitgil jesedim-janym,
Bir ýerde depip kyl okyp imanym.
Soňra adym tutup, habar gat maňa,
Süňklerim şakraşyp jogap biýr saňa.
78

Onsoň aglap-aglap dowam etdi:
Wysalyň arzuwy derde dermanym,
Ýyrak gitseň dolar ajal-peýmanym.
Rakyp howpy on iki süňňüm çagşadar,
Wysalyňda ölüm howpam ýagşydyr.
Onsoň ýene şu namany aýtdy:
Göterlip ykbalym, oýanyp bagtym,
Hysrow şa dek besläp otursam tagtym,
Peşe ganatyça görmezdim baryn,
Gözläp oturmasam alkymyň garyn».
Ol gazal aýtmasyny hem aglamasyny goýan wagtynda, men oňa: «Eý, meniň
daýymyň gyzy, sen beýdip gaýgy-hesretde oturmagyňy bes et ahyry! Aglamakdan ne
peýda barmyş? Munuň hiç bir peýdasy ýok ahyry!» diýdim. Onda ol: «Sen meniň edýän
zadyma päsgel berjek bolma! Eger sen maňa azar berjek bolsaň, onda men özümi
öldürerin» diýdi. Onsoň menem sesimi çykarmadym-da, ony şol ýagdaýda galdyrdym.
Onsoň ol şeýdip aglap-eňräp, gaýgy-gussa batyp oturyşyna, ýene bir ýyly başyndan
geçirdi. Üçünji ýyla aýak basandan soň, men nämedir bir zada, belki, özümiň başyma
düşen zada biçak gaharlanyp ýörmäşime, onuň ýanyna barsam (bu horlugyň özi biçak
uzaga çekdi), meniň daýymyň gyzy gümmeziň aşagyndaky tabyt goýulýan ýerde aglap
79

oturan ekeni. Özi-de henizem öňküsi ýaly: «Eý, meniň jenabym, näme üçin sen maňa
jogap bermeýärsiň ahyry?» diýýärdi. Ondan soň bolsa ol şu namany aýtdy:
«Eý gabyr, ýarym jemaly uçdumy?
Eý husun, häk içre şuglaň öçdümi?
Suýy asman ýa zemin däl sen, gabyr,
Sende nädip şems-kamar tapdy sabyr?»
Men onuň bu sözlerini eşidenimden soň, oňa hasam beter gaharym geldi-de:
«Älhepus, bu gaýgy-gussa, bu eňreşik ýene näçe wagta çekjekkä!» diýip, şu gazaly
aýtdym:
«Eý, syýa ýüz, garalygyň soldumy?
Ýylçyr bet roýuňdan nyşan galdymy?
Hapa çukurmyň ýa batgamyň, gabyr?
Bu porsa sen nädip edýärsiň sabyr?»
Meniň daýymyň gyzy bu sözleri eşiden badyna, ýerinden laňňa galdy-da: «Häý, işi
gaýdan itiň biri it! Şu işleri meniň başyma salan, meniň ýürekdeş söýgülimi ýaralap, meniň
hem onuň ýaş ýüreginde dag goýan sen dälmi näme! Ynha, indi üç ýyldan bäri ol ne öli,
ne diri!» diýip heňkirdi. Menem oňa: «Hawa, jelepleriň jelebi, ograşlaryňam iň bir
hapysasy, gullara satylan kemçinleriň kemçini, hawa, men etdim şony!» diýdim-de,
gylyjymy alaga-da, gynyndan sogrup, ony öldürmekçi bolup, oňa bakan ýöneldim weli,
ol meniň bu sözlerimi eşidip hem-de özüni öldürmegi ýüregime düwenimi aňyp, jak-jak
güldi-de: «Jähennem bol, itiň biri! Bolup geçen zatlaryň dolanyp geljek gümany bolmaz,
ölenlerem direlmez! — diýip gygyrdy. Soňra: — Başyma bu işi salyp, meniň ýüregimde
80

hiç haçan öçmejek ody tutaşdyryp, kalbymy ýalyn bilen daglan adamy Allanyň özi meniň
ygtyýaryma, hut elime getirip berdi!» diýdi.
Onsoň ol ýerinden turdy-da, düşnüksiz bir zatlary sanady, soňundan bolsa maňa
garap: «Meniň jadylamagyma görä, ýarpy göwräň gara daş, ýarpyňam adam bolsun!»
diýdi weli, onsoň menem şol pursadyň özünde, ynha, seniň şu görüp durşuň ýaly bolup
galdym, ynha, indi men turubam bilemok, oturybam, özümem ne öli, ne-de diri. Men şu
hili ýagdaýa düşenimden soň, ol meniň bütin şäherimi, onuň bazarlaryny-da,
bagbakjalaryny-da jadylady. Biziň şäherimiziň ilaty dört taýpadan: musulmanlardan,
hristianlardan, ýewreýlerden, maglardan7 ybaratdy. Meniň aýalym olary jadylap balyga
öwrüpdir: ak balyklar — musulman, gyzyly — mag, gökleri — hristianlar, sary
balyklaram — ýewreýler. Dört adany bolsa howdanyň daşynda tegelenip duran daga
öwrüpdir. Mundan başga-da, ol meni urup, gynap horlaýar, maňa her gezek ýüz gamçy
urup, ganymy akdyrýar, meniň eginlerimiň üsti persala bolup durandyr. Soňra bolsa ol
meniň göwrämiň ýokarky janly bölegine çöpürli geýimler geýdirýär-de, onuň üstündenem
şu owadan lybaslary geýdirýär». Ol ýigit başdan geçirenlerini gürrüň berenden soň aglap,
şu gazaly aýdypdyr:
«Huda başa salanyn çekem kanagat bile,
Halap onuň halanyn, dözermen takat bile.
Gören maňa azmly, gahar-gazap, minnetde,
Belki, baryn çykaryn o dünýäde jennetde.
Derdim agdyk başymdan, bitmez synam ýarasy,
Ýykylaýyn ýoluňa, Sahabalar Seresi!»
7
Mag – gadymy Eýran Mazdaizm dinini ýöreden otparazlara mag diýip at berýärler.
81

Ondan soň patyşa ol oglana ýüzlenip: «Ilki seni görüp ýeňillik tapan ýüregimiň öňki
derdiniň üstüne sen ýene dert goşduň, ýigit. Ýeri, häzir ol aýalyň özi nirede, ýaraly guluň
ýatan gubury nirede?» diýipdir. Ol oglanam oňa: «Gul şo gümmeziň aşagyndaky öz
mazarynyň içinde ýatyr, aýalym bolsa şu gapynyň aňyrsyndaky otagda oturandyr — diýip
jogap beripdir: — Ol bu ýere günde bir gezek, gün dogup ýokary galan çagynda gelýär.
Özem bu ýere giren badyna, meniň ýanyma gelip, meniň eşiklerimi sypyryp aýyrýar-da,
meni gamçy bilen saýgylamaga başlaýar, her gezek uranda, ýüz gamçy çalýar, onsoň
menem ony hol beýläk itip goýbermäge-de ýaraman, gygyryp-bagyryp aglamakdan başga
alajym ýok. Meni ýenjip keýpden çykansoň bolsa, ol şerap hem hörek alyp, guluň ýatan
ýerine eňýär, baryp, oňa iýdirýär-içirýär. Indi ol bu ýere ertir ir bilen geler».
Patyşa hem oglana garap: «Allanyň haky üçin, walla, ýigit, men saňa ýagşylyk
etmesem bolmaz, men şeýle bir ýagşylyk ederin weli, onuň üçin meni elmydama ýatlap
durarlar, ol edenimi bolsa zamana ahyr bolynça, ýazyp geçerler!» diýip äht edipdir.
Ondan soň patyşa ornaşykly oturypdyr, ol ikisi gijäniň birwagtyna çenli hümürdeşip
oturypdyrlar, ýatar wagty bolansoň bolsa ýatypdyrlar. Daňdanlar patyşa turup, sypaýy
eşiklerini aýrypdyr-da, gylyjyny gynyndan sogrup, eli ýalaňaç gylyçly çykyp, guluň
bolýan jaýyna bakan ugrapdyr. Baryp görse: şemler hem şamçyraglar ýanyp dur, atyr
ysyny kükedýän çyraglaryň ýagdanlary sallanyşyp duranmyş. Patyşa guluň ýanyna barabarmaşa onuň kellesinden gylyjy salyp, ýeke gezekde janyny jähenneme iberipdir-de, ony
arkasyna göterip äkidip, howlynyň içindäki guýynyň içine taşlapdyr. Soň ol ýene şol ýere
öwrülip baryp, guluň egin-başyna çolanypdyr-da, guburyň içine girip ýatyberipdir, özi-de
gylyjyny şol ýalaňaçlygyna uzaldyp ýanynda goýup ýatypdyr.
Aradan bir minut geçip-geçmänkä, äteňenälet jadygöý peýda bolupdyr, gelen
badyna-da, öz daýysynyň oglunyň eşiklerini sypyryp, eline gamçyny alaga-da, ony
saýgylamaga durupdyr. Ol oglanam: «Wah, daýym gyzy, meniň şu bolup oturyşymam az
däl ahyry, üstesine her gün beýdip urmaň näme! Maňa rehimiň gelsin, daýymyň gyzy!»
diýip bagyrypdyr. Onda daýysynyň gyzy: «A sen maňa rehim edip, meniň söýgülimi aman
goýduňmy?» diýip heňkiripdir. Onsoň şeýdip ony tä eli ýadaýança urupdyr, ýigidiň
eginlerinden gara gan saçalanyp dökülipdir, şondan soň bolsa ol aýal onuň egnine çöpürli
köýnek geýdirip, üstündenem ýigidiň öz eşiklerini geýdiripdir. Ondan soň bolsa bir käse
82

şerapdyr bir tabak höregi alyp, guluň ýanyna bakan girip gidipdir. Baryp gümmeziň
aşagyndaky gubura giripdir-de, ah çekip aglap: «Wah, meniň jenabym, söwer ýarym,
maňa näme-de bolsa bir zat aýt ahyry, hiç bolmasa ýekeje gezek sözleşeli, ezizim!» diýip
ýalbara-ýalbara, şu hili gazal aýdypdyr:
«Haçana çen aýry ýürek, aýry göwün, zabun boljak?
Şunça döken göz ýaşymy ahyrynda haçan biljek?
Niçe zaman bilgeşleýin aýralykda gynap gezjek?
Rakyplara gamhor bolup, öz ýaryňa niçik dözjek?»
Ondan soň ol ýene aglamaga başlap: «Jenabym, söwer ýarym, sözleşeli ahyry, maňa
näme-de bolsa bir zat aýt ahyry!» diýipdir. Patyşa hem onuň bu aýdanlaryny eşidip ýatan
ýerinden, sesini üýtgedip, garaýagyz gullaryň gepleýşi ýaly çalgyrdyrak gepläp: «Wahwah-eý, bir Allanyň özünden başga ne güýç bardyr, ne kuwwat!» diýipdir. Aýal onuň bu
sözlerini eşidip, begenjinden ýaňa bir gygyryp, özünden gidip ýatyberipdir. Soňra özüne
gelip: «Jenabym, bu aýdýanyň dogrumydyr?» diýip sorapdyr. Patyşa hem sesini peseldip;
«Häý, äteňenälet diýsänim, näme sen özüň bilen näme-de bolsa bir zat hakynda gepleşilip,
söhbet edişilmäge mynasypdyryn öýdýärmiň?» diýip jogap beripdir. Onda aýal: «Näme
üçin mynasyp dälmişim?» diýip sorapdyr. Onsoň patyşa hem oňa: «Näme üçin diýseň, sen
öz äriňi her gün urup horlaýarsyň, olam onsoň dady-perýat edip, ilkagşamdan tä ertire
çenli meni ýatyranok, haçan görseň, maňa hem saňa nälet okap otyr — diýipdir. —
Şeýdibem ol maňa azar berip zyýan ýetirdi, eger şeýtmedik bolsa, onda men, belki,
gutulyp giderdim. Saňa jogap bermäge-de şu ýagdaýyň özi päsgel berdi». Onda aýal:
«Eger beýle bolsa, onda men seniň rugsat bermegiň bilen, ony özümiň salan ýagdaýymdan
boşadaýaryn» diýipdir. Patyşa hem oňa: «Boşat-da, biziň dynjymyzy ber» diýip jogap
beripdir.
Ine, onsoň ol aýalam: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýipdir, gümmeziň
aşagyndan çykyp, köşge barypdyr-da, bir jamy alaga-da, ony suwdan dolduryp, suwa dem
salmak bilen bir zat-bir zatlary pyşyrdap sanapdyr weli, jamyň içindäki suw özözünden
83

düwme-düwme bolup köpürjikläp hem lasyrdap, göýä diýersiň, aşagynda ot ýakylýan
gazanda gaýnaýan ýaly bolup gaýnamaga başlaberipdir. Ondan soň aýal ýaňky suwdan öz
äriniň üstüne sepip: «Seni özümiň aýdan-diýenlerim bilen dogalaýaryn; eger sen meniň
jadylamagym hem aýlandyrmagym bilen şu hili ýagdaýa düşen bolsaň, onda häzirki
keşbiňi üýtget-de, ozalky öz keşbiňe öwrül!» diýipdir. Ine, onsoň ol oglanam birden
silkinjiräpdir-de, aýak üstüne galyp duruberipdir. Ol özüniň jadylanmagyndan açylanyna
begenip: «Bir Alladan özge Hudaýyň ýoklugyna, Muhammediň bolsa Allanyň
resulydygyna şaýatdyryn. Allanyň özi oňa rahmet nuruny saçsyn!» diýip, alkyş okapdyr.
Onsoň onuň aýaly oňa: «Şu ýerden çyk-da, dolanyp garaňy görkezäýmegin, ýogsam men
seni öldürerin!» diýip, onuň üstüne ala-gopgun edip heňkiripdir; ol ýigidem çykyp
gidipdir. Aýal bolsa ýene gümmeze dolanyp baryp, onuň aşagyndaky gubura girip:
«Jenabym, gel meniň ýanyma, hiç bolmasa seniň gül menziňi bir göreýin ahyry!» diýipdir.
Patyşa hem ysgynsyzja ses bilen: «Sen näme iş etdiň? Sen diňe meni şahadan
dyndardyň, düýp kökden bolsa dyndarman galdyrdyň!» diýipdir. Onda aýal: «Wah, meniň
jenabym, wah, meniň söýgülim, seniň ol kök diýeniň näme boldugy?» diýip sorapdyr.
Patyşa hem oňa herrelen bolup: «Häý, deýýus-a! Kök bolanda şu şäheriň hemde dört
adanyň ilaty bor-da! Her gün agşam, gijäniň ýary bolýaram weli, balyklar başlaryny
ýokary göterip, Hudaýa nalyş edip, kömek sorap, meni hem seni näletlemäge başlaýarlar.
Ynha meni galyndyrmaýan zadyň düýp-teýkary. Bar, olary haýal etmän boşadyp goýberde, onsoň meniň ýanyma gel, golumdan tutup galdyr-da, öz ýanyňa al. Indi meniň
saglygym gowulanyp ugrady» diýen bolupdyr.
Aýal patyşanyň bu aýdanlaryny eşidip (ony öz guludyr öýdýän ekeni), begenjinden
ýaňa towsaklap: «Wah, meniň jenabym, seniň buýrugyň bolsa başymyň üstüne,
gözlerimiň üstüne, häziriň özünde berjaý ederin, Allanyň haky üçin!» diýipdir. Ine, onsoň
ol begenjinden ýaňa tarsa ýerinden galyp, ylgawyny ýazdyrman gidip, howdanyň başyna
barypdyr-da, ondan bir jam suwy susup alypdyr...»
Gürrüňiň şu ýerinde daň atyp, Şährizadanyň gürrüň etmek möhleti gutarypdyr-da,
hekaýatyny bes edipdir.
84

DOKUZYNJY GIJE
gelip ýetende bolsa, ol ýene gürrüňine başlapdyr:
«Hawa onsoň, bagtyýar patyşahym, meniň gulagyma gelip ýetişine görä, ol jadygöý
aýal howdandan birazajyk suw alaga-da, oňa dem salyp, bir zatlar pyşyrdap çüfläpdir weli,
balyklar çyrpynyşyp, başlaryny ýokary göteripdirler hem-de şol sagadyň özünde suwdan
çykypdyrlar. Ine, onsoň şäheriň ilaty jadylanmakdan açylyp, şäheriň özide ozalky keşbine
gelip, öňki-öňkülik bolupdyr, onsoň şäheriň söwdagärleri özleriniň söwda-satygy bilen,
alyş-beriş işleri bilen meşgullanmaga başlapdyrlar, her kim öz käri bilen bolup, adalar hem
ozalkylygy ýaly bolupdyr.
Onsoň jadygöý aýal ýene gümmeze dolanyp gelip, şol sagadyň özünde patyşanyň
ýanyna baryp: «Eý, söýgülim, uzat maňa öz asylly elleriňi-de, tur ýeriňden!» diýipdir.
Patyşa hem ölügsije ses bilen: «Golaýragyma gel ahyry!» diýen bolupdyr. Ol aýal
ýakynyna dykylyp gelipdir weli, patyşa hem gylyjyny alaga-da, onuň edil gursagyndan
salypdyr weli, gylyç ýalpyldap onuň ýagyrnysyndan çykypdyr. Onsoň patyşa gylyjy ýene
bir gezek salaga-da, göwräni iki bölüp taşlapdyr-da, aýalyň iki bölege bölünen jesedini
hol beýläk süýräp zyňyp goýberipdir. Patyşa şeýdip daşaryk çyksa, jadydan boşan ýigit
hem onuň çykaryna garaşyp duran ekeni. Ol ýigidem özüni halas edeni üçin patyşadan
hoşal bolup, oňa alkyş okapdyr, onsoň onuň elinden öpüp, hoşallyk bildirip sag bol
aýdypdyr. Patyşa bolsa ondan: «Ýeri, indi sen öz şäheriňde ýaşajakmy ýa-da meniň bilen
biziň şäherimize gidermiň?» diýip sorapdyr. Onda oglan: «Zamanamyzyň şahy-soltany,
seniň häzirki duran ýeriňden öz şäheriňe ýetýänçäň näçe ýol ýöremelidigini berin
bilýärmiň?» diýipdir. Patyşa hem: «Iki ýarym günlük ýol bolmalydyr» diýip jogap
beripdir. Onda oglan: «Patyşahym, eger sen ukuda bolsaň, onda gözüňi aç! Seniň häzirki
duran ýeriňden öz şäheriňe çenli alňasap ýörän ýolagçy üçinem bütin bir ýyllyk ýol
bardyr. Seniň bu ýere iki ýarym günde gelip ýeteniň sebäbi bolsa, diňe şäheriň
jadylanmagy üçindir. Men bolsam, patyşahym, indi seniň ýanyňdan asla göz açyp-ýumasy
salymlygam aýrylmaryn» diýipdir.
85

Patyşa hem ol ýigidiň aýdanyna hoşal bolup: «Saňa rehimi inip, meni bu ýerlere
getiren Allaha şükür! Sen meniň ýalňyz oglumsyň, çünki meniň ömürboýy perzende
ýüzüm düşmändi» diýipdir.
Onsoň olar bu duşuşyga tüýs ýürekden begenişip, bir-birini gujaklapdyrlar, soňra
bolsa tirkeşip köşge barypdyrlar. Ozal jadylanan patyşa öz emeldarlaryna buýruk berip,
ýola çykmaga taýýarlyk görmegi höküm edipdir, ýol üçin gerek bolan hemme zatlary
birkemsiz häzirlemegi tabşyrypdyr. Onsoň olar ýola çykmaga häzirlenmäge başlap, on
günläp taýýarlyk görüpdirler. Ine, şondan soň ýigidem öz şäherini küýsäp, nädip ony
taşlanyna ýüregi ot kimin lowlap ýanýan soltan bilen birlikde ýola düşüpdir. Ine, olar
şeýdibem ýela rowana bolup, ýanlary bilenem elli sany guly alyp. uly-uly sowgatserpaýlar
göterinip, tutuş bir ýyl gije-gündiz diýmän, dynuwsyz ýol söküpdirler. Allanyň özi olary
hiç hili hatarly-howply zadyň üstünden eltmändir, şeýlelik bilenem, olar sagaman öz
şäherleriniň çetinden giripdirler-de, soltanyň sag-aman dolanyp gelýänini habar bermek
üçin şäherde galan weziriň üstüne çapar iberipdirler. Ine, onsoň patyşanyň öwrülip
geljegine ynamyny ýitiren wezirem, onuň goşunlary-da bu habary eşidip, patyşanyň
öňünden çykyp garşylamak üçin haýdan-haý atlanypdyrlar, olar patyşanyň ýakynyna
ýetenlerinde atdan düşüp, onuň öňünde eglip tagzym edip, onuň sag-aman dolanyp
gelmegini mübärekläpdirler, «gözüň aýdyň, patyşahym» diýip gutlapdyrlar.
Patyşa hem öz şäherine gelip, tagtyna çykypdyr, ondan soň bolsa ol wezire ýüzlenip, bu
ýigit bilen nähili ahwalatyň bolandygyny oňa jikme-jik gürrüň edip beripdir. Wezirem
onuň başyna düşen ýagdaýy eşidip, «ol beladan halas bolanyňa gözüň aýdyň» diýip, ony
mübärekläpdir, Ine, onsoň hemmeleriň ýüregi düşüşip rahat tapypdyrlar. Ondan soň
patyşa birentek adama sylag-serpaý beripdir hem-de wezire ýüzlenip: «Şol bize balyk
getirip berýän balykçyny meniň ýanyma çagyryň» diýipdir. Onsoň şäheriň ilatynyň halas
edilmegine sebäp bolan balykçynyň yzyndan adam iberipdirler-de, ony alyp gelipdirler.
Patyşa oňa-da sylag-serpaý beripdir, onsoň onuň hal-ahwalynyň niçikdigini, çagaçugadan nämesiniň bardygyny sorapdyr. Balykçy bolsa özüniň iki gyz bilen bir oglunyň
bardygyny aýdypdyr welin, patyşa olary-da öz ýanyna çagyrdyp getirdipdir, gyzlarynyň
birini özüne alypdyr, beýlekisini-de ýigide äberipdir, balykçynyň ogluny bolsa hazynaçy
edipdir. Ondan soň patyşa weziriň eline perman ýazyp berip, ony ýigidiň şäherine soltan
86

edip, ýagny gara adamlara patyşa edip iberipdir, özüniň ýany bilen gelen elli sany gulyda onuň ýanyna goşup goýberipdir, onsoň ähli emirler üçin oňa sylagserpaý berip
goýberipdir. Wezirem patyşanyň elinden ogşap, şol sagadyň hem şol minutyň özünde ýola
düşüpdir, patyşa bilen ýigit bolsa galypdyr. Balykçy näme işläpdir diýlende bolsa, ol öz
zamanynyň iň bir baý adamy bolup galypdyr, onuň gyzlary bolsa tä ajal gelip
ýakalaryndan tutýança, patyşa aýallary bolup galypdyr».
ÜÇ ALMA HAKYNDA HEKAÝAT
Harun ar-Reşit diýen bir halyf8 bolanmyş. Bir gije ol özüniň Japar diýen wezirini
ýanyna çagyryp, oňa: «Men şähere aýlanyp, hökümdarlaryň özlerini alyp baryşlarynyň
nähilidigini halkdan sorap görjek. Aýagyndan arz edilenleri iş başyndan aýrarys,
8
Harun ar-Reşit — 786-809-njy ýyllarda höküm süren arap halyfy. Taryhdaky Harun ar-Reşit öz
raýatynyň arasynda beýle tanymal bolmandyr, özi-de «1001 gijäniň» gahrymanyna meňzeýän ýeri az.
87

öwülýänlerine bolsa sylag bereris» diýipdir. Japar wezirem: «Ajap bolgaý, gözüm
üstüne!» diýip jogap beripdir. Ine, onsoň halyf Japary hem Masrury ýanyna alyp, şähere
aýlanyp ugrapdyr. Olar bütin şäheriň üstünden geçip, köçelere hem bazarlara aýlanyp
başlapdyrlar. Olar bir köçejik bilen geçip barýarkalar, bir garryja adamy görüpdirler, onuň
kellesiniň üstünde tor hem sebet, elinde bolsa hasasy bar eken. Ol goja howlukman ýöräp
barşyna şu hili gazal aýdýar ekeni:
«Diýrler: «Bir sen alym sen, özgeden netije ýok, Bilmiň
nury saçylar, seň baryňda gije ýok».
Men aýdar men: «Gerekmez munça öwgi-mahabat!
Diňe hökmüň ýörände, ylymda bar hasabat».
Eger oturdyp meni, gazanç et diýp buýrsalar,
Döwet, galam, depderim — baryn elme berseler,
Ýazyp-pozup, döredip, köp agyrtsam başymy,
Men gazanyp bilmezdim ýeke günlik aşymy.
Onsoň biläý nä günde ýurduň garyp-gallajy,
Gaýgy-külpet başynda, asla tapmaz alajy!
Tomus doýurmaz garnyň ýyldan-ýyla aç gezer,
Gyş öýünde ot ýanmaz, sowga ýalaňaç gezer.
88

Bir ýan çyksa eleşan, itler üýşer daşyna, Sögüp
öter öňýeten, daş atarlar başyna.
Arzy-halyn aýtsa, için dökse her merde,
Oňa gamhorlyk kylmaz bir adamam bir ýerde.
Hupbatdyr garyp ömri, ýaşaýşy melamatda,
Geljekdedir oň bagty, ýaýnar ol kyýamatda».
Halyf bu gazaly eşidip, Japara: «Sen ol pukara bendä seretsene, onuň aýdýan
gazalyna bir gulak as! Bular onuň mätäçdigini görkezýär» diýipdir.
Soňra halyf gojanyň ýanyna barypdyr-da: «Ýaşuly, sen näme kär edýäň?» diýip
sorapdyr. Goja oňa şeýle jogap beripdir: «Eý, meniň jenabym, men bir balykçy, meniňem
maşgalam bar, özümiňem günortanky öýden çykyşym, şu wagta çenli-de Allatagala meniň
maşgalamyň rysgy üçin hiç zat emlemedi. Şonuň üçinem, men özözümi ýigrenip,
basymrak ölenimi kem görmedim». Onda halyf: «Biziň bilenem yzyňa gaýdyp, derýa
baryp bagtyňy synap görseň näderkä? Tigr derýasynyň kenarynda duragada, meniň üçin
toruňy suwa taşla, bagtyma näme çyksa-da, men ony ýüz dinara senden satyn alaýyn»
diýipdir.
Balykçy bu sözi eşidip, biçak begenipdir, ol begenjine: «Gözüm üstüne! Men siziň
bilen yzyma derýa gidip bilerin!» diýipdir.
Ine, onsoň olar bilen ol goja yzyna gaýdyp, derýanyň gyrasynda duraga-da, toruny
suwa taşlapdyr-da, birmeýdan garaşyp, onsoň ýüpünden çekip toruny çykarypdyr weli,
görse tora agzy gulply bir agyr sandyk düşen ekeni. Halyf hem sandygy görüp, ony elläp,
gondap görüpdir, onuň agyrdygyny aňlapdyr, özi-de aýdyşy ýaly, balykça ýüz dinary
89

sanap beripdir. Balykçy hakyny alyp gidiberipdir, halyf bilen Masrur bolsa ol sandygy
alyp, köşge getiripdir. Onsoň olar şemleri ýakypdyrlar (sandyk weli halyfyň öňünde
duranmyş), onsoň Japar bilen Masrur gelip, sandygy döwüp açypdyrlar, görseler, onuň
içinde agzy gyzyl eriş bilen köjelgi, özi-de hurma ýapragyndan edilen sebet bar ekeni.
Onsoň olar sebediň köjümesini kesip açyp görseler, onuň haly ýyrtygyndan gözegi bar
ekeni, haly gözegi galdyryp görseler bolsa, gyňaç ýaly mata dolangy bir zat bar ekeni,
gyňaçlygyň içinde bolsa kümüşden guýlan ýaly, çapylyp öldürilen bir ýaş gelin bar ekeni.
Halyf ony görüp biçak gynanypdyr, onuň gözlerinden ýaş dökülip, ýaňaklaryndan
aşak syrygyp akypdyr. Onsoň ol Japara ýüzlenip: «Eý, wezirleriň deýýusy! Meniň
zamanymda-da adamlary öldürip, derýa taşlaýarlar eken-ow, ynha, indi bu zatlara-da
kyýamat magşar gününde men jogap bermeli bolaryn. Bu aýaly kimem öldüren bolsa, men
onuň bilen hökman haklaşaryn, ony itden pis edip öldürerin!» diýip käýinipdir. Onsoň ol
ýene: «Özümiň al-Abbasdan bolan halyflar bilen baglanyşykly ähli kowumlarymdan ant
içýärin, her kimem bolsa şu etmişi üçin adalatly temmisini berer ýaly, eger sen şu aýaly
öldüren adamy meniň ýanyma alyp gelmeseň, men seni hut öz köşgümiň derwezesinden
asyp öldürerin — seni hem seniň kyrk sany dogangaryndaşyňyň kyrkysyny-da öldürerin!»
diýipdir.
Halyfyň gahary diýseň gaty gelipdir, Japar bolsa ýüzüni aşak sallap çykyp gidipdir,
ol şähere bakan aşak düşüp barşyna, gaýgy-gussa bilen içini gepledip: «Ol aýaly öldüren
adamy tutup, halyfyň öňüne getirer ýaly, ony kimiň öldürendigini men nirden bileýin?
Eger men nähak ýere birini tutup getiräýsem, kyýamat-magşar gününde menem günäkär
bolaryn ahyry. Be-e, men-ä näme etjegimi bilýän däldirin!» diýip barýar ekeni.
Japar üç günläp öz öýünden çykman oturypdyr, dördünji güni bolsa halyf ony
çagyrmak üçin özüniň köşk hyzmatkärleriniň birini onuň üstüne iberipdir; ine, onsoň
Japaram onuň ýanyna barypdyr. Halyf ondan: «Hany, ol aýaly öldüren adam nirede?»
diýip sorapdyr. Japar bolsa: «Eý, külli musulmanyň hökümdary, ony öldüreniň kimdigini
biler ýaly, men öldürilen adamlaryň garawuly däl ahyry» diýip jogap beripdir. Halyfyň
muňa gahary gelipdir-de, ony öz köşgüniň derwezesinden asyp öldürmeli diýip buýruk
beripdir, özüniň jarçysyna bolsa: «Halyfyň weziri Japar Barmakidiň hem-de onuň
Barmakid adyny göterýän dogan-garyndaşlaryndan kyrk adamyň hut halyfyň öz köşgüniň
90

derwezesinden asylyp öldürilişini görmek isleýän adam bar bolsa, çyksyn-da görübersin!»
diýip, köçelere çykyp, bütin Bagdat şäherine jar çekmegi buýrupdyr.
Ine, onsoň Japaryň hem onuň dogan-garyndaşlarynyň dara çekilişini görmäge
şäheriň hemme köçelerinden adamlar çykyşyp başlapdyr, ýöne weli olaryň näme üçin
öldürilýänligini hiç kim bilmeýän ekeni. Ine, onsoň derwezäniň agzynda daragajyny dikip
goýup, olary asmak üçin onuň aşagyna getiripdirler-de, halyfyň rugsat etmegine garaşyp
duranlar ekeni (asmaga ygtyýar berende bolsa, halyf ýaglygyny ýeke gezek galgadyp
goýbermelimiş), adamlar Japaryň hem onuň dogan-garyndaşlarynyň halyna gynanyp,
olara haýpy gelip aglaşýan ekeni.
Edil şol wagtyň özünde bolsa birden bir ýaş ýigit peýda bolupdyr weli, ony görmäge
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 07
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.