Latin

Müň bir gije - 09

Total number of words is 3829
Total number of unique words is 1893
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
içine taşlap, olaryň depregini dinardan doldurýan ekeni. Muňa bolsa aýdymçy gelin-gyzlar
haýran galyp, hatda şonça puly almaga özleri-de utanýan ekeni, märeke bolsa Hasanyň
katdy-kamatyna seredip haýran galýar ekeni.
Olar şeýdip, uly şowhun bolup tä weziriň öýüne barýançalar şagalaň edip
gidipdirler. Olar bärden baranlarynda, derwezebanlar gelnalyjy aýallardan özge adamlary
içerik goýbermän kowupdyrlar. Şonda aýdymçy gelin-gyzlar: «Eger şu ýaş ýigidi biziň
ýanymyz bilen goýbermeseňiz, onda bizem barjak däl, çünki ol biziň üstümizden altyn
seçdi. Biz diňe şu ýigidiň hatyrasy üçin gelniň ýüzüni açyp görkezjek!» diýip
gygyryşypdyrlar.
Diňe şondan soň Hasany toý jaýyna goýberipdirler, özüni-de öýlenýän
ýigidiňküýkiniň garşysynda — edil gözüniň alnynda oturdypdyrlar, emirleriň, wezirleriň
hem beýleki köşk emeldarlarynyň aýallary bolsa elleri ýanyp duran ullakan şemli iki hatar
bolup, başlary çargatly sagdan hem soldan, tä gelin bilen ýigidiň oturjak ýumşak
oturgyçlaryndan başlap, gelniň çykjak gapysynyň sütünli eýwanyna çenli hatar tutuşyp
durlar ekeni.
Aýallar Bedretdini görüp, onuň owadanlygyna hem gözelligine, onuň täze dogan aý
dek ýalpyldap duran ýüzüne gözleri düşende, hemmesiniň oňa göwni gidip
ýumşaşypdyrlar, aýdymçy gelin-gyzlar bolsa şol ýere ýygnanan aýallara ýüzlenip: «Biler
bolsaňyz, bu gözel ýigit bizi diňe onluk tylla bilen hezzetledi. Siz oňa edip bilen
121

hyzmatyňyzy ediberiň, oňa hyzmat edip bilseňiz armanyňyz bolmasyn, onuň aýdanyny
ýere gaçyrman berjaý ediň» diýip gygyryşypdyrlar. Ol aýallar bolsa Hasanyň daşynda
elleri şemli süssenekleşip, onuň owadanlygyny synlap, gözelligine gözleri gidip başagaý
bolupdyrlar. Olaryň her biri öz ýanyndan onuň gujagynda bir sagat ýa-da bir ýyl bolmagy
arzuw edip ah çekýär ekeni. Teý-ahyry akyllary başlaryndan uçansoň bolsa, olar ýüzlerini
örtüp duran çargatlaryny serpipdirler-de: «Bu ýigide eýelik edip, onuň hyzmatynda
bolanyň bagtyýar boldugydyr!» diýipdirler.
Ondan soň, olar şol küýki atbakara hem-de onuň şeýle gözel gyza öýlenmegine
sebäp bolan adama gargap nälet aýdypdyrlar, özi-de her gezek Bedretdin Hasana alkyş
okap, küýkini öwran-öwran näletläpdirler. Onsoň, aýdymçy gelin-gyzlar deprek kakyp,
ala-şowhun bolup başlapdyrlar, şol wagt bir topar kenizekleriň arasy bilen weziriň gyzy
peýda bolupdyr. Onuň üstüne-başyna dürli atyrlar sepip, müşk-anbar ysyna gabsapdyrlar,
toý lybaslaryny geýdirip bezäp-besläpdirler, her dürli gyzylly-kümüşli şaýlar dakypdyrlar,
saçlaryna dürli gotazlar dakypdyrlar, onuň egnindäki bütin lybaslary
Hysrow patyşanyň lybaslaryna gaýra dur diýýär ekeni. Beýleki lybaslarynyň arasynda bir
lybasy bolsa tutuşlygyna onluk altyn pul bilen bezelipdir, onluk tyllanyň ýüzünde bolsa
her hili ýolbarslaryň hem guşlaryň şekili bar ekeni, gyzyň boýnundaky tutuş altyndan
ýasalan bukawyň her gaşyndaky gymmatbaha daşjagazyň özi giden bir baýlyk bolup, asla
onuň ýaly baýlyk iň güýçli han-patyşalaryň-da hiç birinde bolman ekeni. Şol hili bezelen
gyz göýä on dördi gijäniň aýy kimin şöhle salyp ýalpyldap duran ekeni, ýörände bolsa,
misli jennetiň hüýr gyzlaryny ýada salýar ekeni. Mahlasy, bu gözeli ýaradana berekella
diýäýmelimiş! Ine, onsoň aýallar onuň töwereginde halka bolup duruşlaryna ýyldyzlary
ýada salsalar, gyz hem olaryň arasynda göýä buludyň aňyrsyndan çykan aý ýaly ekeni.
Bedretdin Hasan basraly bolsa arkaýyn oturan ekeni. Adamlar ondan gözlerini
aýyrman seredýärler ekeni. Ine, onsoň gelin hem gaýşarylybrak hem çaýkanybrak ýöräp
ýakynlaşyp gelipdir welin, küýki atbakar ýerinden turup, ony ogşamakçy bolupdyr, emma
gelin dolanaga-da, yzyna öwrülýär weli, öz agasynyň ogly Hasan bilen ýüzbe-ýüz bolýar
duruberýär, muňa hemmeler gülşüpdirler. Ine, onsoň gelin Bedretdin Hasana bakan
owsunjyrap baryberipdir welin, adamlar ala-wagyrdy bolupdyrlar, aýdymçy gelingyzlar
hem uly gykylyk turzupdyrlar, Bedretdin bolsa jübüsine elini sokupdyr-da, bir penje altyn
122

pul çykaryp, olaryň depreklerine taşlapdyr, olar bolsa muňa begenişip: «Biz bu gelniň
seniňki bolmagyny dileg edýäris!» diýipdirler. Hasan bolsa diňe ýylgyran bolup
oturyberipdir.
Al saňa gerek bolsa! Hemmeler ýigidiň daşyna egrilişipdirler, küýki atbakar bolsa
maýmyn ýaly bolup ýekelikde galyberipdir, özi-de her gezek onuň üçin şem ýakanlarynda,
şem öçýär duruberýärmiş, onuň gygyrmakdan ýaňa sesi gyrlyp gidipmiş, şonuň üçinem ol
garaňkynyň içinde ýeke özi içini gepledip oturmaly bolupdyr.
Bedretdin Hasanyň ýanyndaky adamlaryň elinde bolsa şem ýanyp duranmyş, onsoň
öýlenjek ýigidiň ýeke özüniň garaňkynyň içinde öz ýanyndan içini gepledip oturanyny,
adamlaryň bolsa hemmesiniň öz daşynda şem ýakyp duranlaryny görüp, Hasan birhili
utanypdyr hem geň galypdyr. Emma Hasan öz agasynyň gyzyny görüp begenipdir hem
şatlanyp göwni göterilipdir, onuň ýüzüne seredip görse, gyzyň ýüzi aý ýaly şöhle salyp
ýalpyldap duran ekeni, ylaýta-da onuň egnindäki gyrmyzy atlas köýneginiň öwşüni
ýüzüne düşüp, enaýy bir görnüşde lowurdaýan ekeni. Ondan soň gyzyň töweregindäki
aýallar ony dürli lybaslarda görkezmäge başlapdyrlar. Ony birinji lybasda görende, Hasan
zordan onuň ýüz keşbini synlap bilipdir. Gyz bolsa özüne göwnüýetginlik bilen
tolgunjyrap hem ýaýkanjyrap ýöräpdir weli, aýal-erkek hemmäniň akylyny başyndan
uçurypdyr. Onuň bu gözelligini şahyr mynasyp suratlandyrypdyr:
Gün ýaldyrap baýra çykdy oýnaga,
Çolanypdyr narynç ýüpek köýnege,
Lebiniň balyndan şerap içirdi,
Posa berip, ýaňak alyn öçürdi.
Ondan soň gyzyň ol lybasyny aýryp, ikinji bir gök lybasy geýdirip getiripdirler weli,
gyz misli dolan aýyň ýagty salşy ýaly ýalpyldap, kömür dek gara saçlaryny owsundyryp,
ter ýaňaklaryny tirsildedip, ýylgyryp duran dodaklaryny pisse ýaly edip, göwüslerini
123

ýumraldyp, garamyk ýaly gözlerini uçganakladyp peýda bolupdyr. Gelni ikinji lybasda
görkezenlerinde, onuň keşbi akyldar adamlaryň aýdyşlaryça bar ekeni:
Äleme dolupdyr dabara, çawy,
Egnine geýeni asman dek mawy.
Meňzär gyş gijesi dogan helala,
Yşkym joşa gelip, düşdüm hyýala.
Ondan soň onuň bu lybasyny-da aýryp, başga lybas bilen çalşyryp getiripdirler.
Onuň tokmak ýaly saçlarynyň örümini çözläp, gür gara saçlaryny eginlerinden aşak ýaýyp
goýberipdirler weli, onuň saçlarynyň uzynlygy bilen garalygy aýsyz tüm garaňky gijäni
ýada salýar ekeni, gara gözleriniň jadylaýjy peýkamlary bolsa ýürekleri paralap duranmyş.
Onsoň ony üçünji bir lybasda getirip görkezipdirler weli, bir şahyryň aýdyşyna bap
gelip duran ekeni:
Gülgün ýüze sünbül saçlaryn dökdi,
Uçlary jaýtarlyp, mar deýin sokdy.
Diýdim: «Gündiz tüm astyna düşüpdir».
Diýdi: «Aýyň ýüzne bulut süýşüpdir».
Onsoň ony dördünji lybasa salyp getiripdirler weli, ynha görseň, säher çagynda
günüň dogşy ýaly lowurdap, tekepbirlikden ýaňa ýaýkanjyrap gelýärmiş, özi-de maral
kimin tasanjyrap bakanda, göýä gabaklarynyň astynda peýkamy bar ýaly, ýüregiňi paralap
barýarmyş, onuň şol bakyşyny beýan edip ýazanlaryň biri şeýle taryplapdyr:
Husn älemniň güni ýaldyrap çykdy!
Ýüzün göge tutup, ulumsy bakdy.
124

Ol gözün güldürip, gaş kaksa eger, Gün
buluda girip gizlener, meger.
Ondan soň ony bäşinji lybasa salyp getiripdirler weli, ynha görseň, inçe billi, uzyn
boýly, güler ýüzli bir gyz, misli çölüň maralyny ýadyňa salýarmyş, ýaňaklaryna dökülip
duran towlam-towlam zülpleri içýan kimin çakarman görünýär ekeni, özi-de bilgeşlinden
öz oýunlaryny görkezmek üçin inçe billerine ýaý berip siltenjirände, ýaňaklaryna dökülip
duran zülpleriniň towlamlary, ony beýan edip ýazanlaryň aýdyşy ýaly, çözülmeýän eken:
Doluban on dördi gije, asmanymyň aýy geldi,
Barmak dişläp, seýkin basyp, boz maralyň taýy geldi.
Ulus-iller boldy bendi gözde humaralasyna,
Ýaňagynyň ýakut aly meňzär sähra lälesine.
Belent sagra düşüp oýnar gol deýin örüm saçlary,
Şirin jana salar wehim, mar deý çyrpynşyp uçlary.
Ak gardan arassa teni, nezik-nepis gül bedeni,
Ýüregi polat galadyr, saraýyna salmaz seni.
Keman gaşyn çekmiş beter, kirpikleri parran öter,
Gözleri janym saýýady, nirden atsa gelip ýeter.
125

Dolap alsam inçe bilin, hyňzap galsa göwnüm joşy,
Bir ten, bir jan bolup bilmers, direr durar belent döşi.
Aperin husny-roýuňa! Yzda goýduň barçalary!
Aperin inçe biliňe! Utandyrdyň mürçeleri!
Onsoň ony altynjy, ýaşyl lybasa salyp getiripdirler, şonda ol özüniň katdy-kamaty
bilen oklaw ýaly göni naýzany-da gaýra tesdiripdir, özüniň gözelligi bilen bolsa bütin
älem-jahanyň gözellerinden rüstem çykypdyr, ýüzüniň nurana-şöhlesi bilen aýy-da gara
görkezipdir, onuň gözelligi asla isläp-arzuw edileninden hem aňry geçipdir, ol näzikligi
bilen pudaklary-da özüne ýesir edipdir, özüniň çeýe hem owadan bedeni bilen, ýazyp
beýan eden biriniň aýdyşy ýaly, ýürekleri parran-parran parçalapdyr:
Keýik deý keýerler, tapylmaz taýy,
Ýüzünden nur alar asmanyň aýy.
Ýaşyl köýnegine köp taryp gerek,
Nary sapagynda örten ýaprak dek.
Hiç tapmaz bolamda mynasyp sözi, Lybasyny
taryp etdi oň özi:
«Biz muny geýibän kän göwün tirýäs,
«Göwün tirer» diýip, muňa at berýäs».
126

Ondan soň ony, bir şahyryň aýdyşy ýaly, ýedinji lybasda, pyrtykalyň gabygy bilen
çalymdaş reňkdäki üýtgeşik bir lybasda getirip görkezipdirler:
Tirmesiniň boýagy sandal, zerewşan, zagpyran, Näz-kereşme,
oýny köp, çekdigim zary-pygan.
Synasy dal çybygy, göwni: «Bök, durma!» diýer,
Bilden aşagy belent, sagry: «Ýat, turma!» diýer.
Maksadym aýdan zaman, «Gel, eçil!» diýr husn oňa,
Tekepbirlik diýr: «Eçilme, beýle işi goý soňa!»
Şondan soň gyz gözlerini giňden açyp: «Eý, Taňrym, sen meni şu ýigide ber-de, şol
küýki atbakardan meni halas et!» diýipdir.
Ondan soň gyzy ähli lybaslarynda görkezmäge durupdyrlar, onuň ýedi lybasynyň
soňkusyna çenli geýdirip, Bedretdin Hasan basralynyň öňüne getiripdirler, küýki
atbakaryň bolsa ýeke özi oturan ekeni. Gelni dürli lybaslarda görkezmekligi
gutaranlaryndan soň, märekä gaýtmaga rugsat beripdirler, şonuň üçinem toýa gelen
aýaloglan-uşak — hemmesi çykyp gidýpdir. Jaýda Bedretdin Hasan bilen küýki
atbakardan başga jemende galmandyr. Ondan soň hyzmatkär kenizler gyzyň toý
lybaslaryny aýryp, ony öýlenýän ýigidiň ýanyna salmaga taýýarlamak üçin äkidipdirler.
Şol wagt hem küýki atbakar ýerinden turup, Bedretdin Hasanyň ýanyna baryp oňa: «Eý,
jenap, sen bu gün agşam bize hezil berdiň, bize pul seçdiň. Indi sen turup ötägitseň niçik
bolarka?» diýipdir. Hasanam: «Allanyň haky üçin giderin» diýipdir-de, gapydan daşaryk
çykypdyr. Emma şol pursadyň özünde hem hälki perişde peýda bolup, oňa: «Dur entek,
Bedretdin!
— diýipdir. — Küýki atbakar tärethana çykar weli, sen şol mahal ur-tut içerik girgin-de,
tutynyň aňyrsynda oturybergin. Onsoň gelnem geler weli, sen oňa: «Seniň hak äriň
127

mendirin, patyşa bolsa bu mekirligi diňe seni gözden-dilden goramak üçin saňa göz deger
öýdüp etdi, seniň ýaňky göreniň bolsa biziň atbakarlarymyzyň biri» diýgin. Ondan soň
onuň ýanyna bar-da, ýüzüni aç, özüne-de: «Bu iş zerarly biziň kalbymyzy gabanjaňlyk
eýeledi!» diýip aýt.
Bedretdin bilen perişde şeýdip gürleşip durkalar, birden atbakar daşaryk çykypdyrda, tärethana bakan ugrapdyr, tärethana girip, ýaňy aşak oturanda, onuň suwly kündüginiň
içinden perişde syçan keşbinde bolup çykypdyr-da: «Jüýk!» edipdir. Küýki muňa haýran
galyp: «Bu näme boldugy?» diýipdir. Onsoň, ýaňky syçan dura-bara ulalyp pişik
bolupdyr-da: «Mäw-mä-äw!» edip mawlap başlapdyr, onsoň, has-da ulalyp, it bolup:
«Haw-haw!» edip üýrüpdir.
Atbakaryň zähresi ýarylan ýaly bolup gorkupdyr: «Ýit, ýok bol, haram ölen!» diýip
gygyrypdyr. Emma it ýene ulalyp hem çişip barmaşyna eşek bolup aňňyrypdyr-da,
soňundanam onuň gulagyna agzyny eltip: «Hyk-hyk!» edip hynçgyryp başlapdyr.
Atbakar gorkup, halys aljyrap: «Haý ýeteweriň-ow, öýde baryňyz bolsa, bärik
geleweriň-ow!» diýip gygyrypdyr. Emma eşek hasam ulalyp, äpet bir gäwmiş bolupdyrda,
bütin jaýyň içini tutup, adam sesi bilen gepläp: «Işiň gaýtsyn, küýki bedroý, porsy äteňet
diýsänim!» diýipdir.
Ine, onsoň atbakaryň içi towlap agyrypdyr-da, şol durşuna, eşigi zady bilen aşak
oturypdyr, şonda onuň dişleri şatyrdap, şat-şat edip başlapdyr, perişde bolsa oňa: «Näme
daşarda oturmaga giň jahan saňa darlyk etdimi? Näme sen meniň söýgülimden başga
öýlenmäge gyz tapmadyňmy?» diýipdir.
Atbakar sesini çykarmandyr, perişde bolsa: «Jogap ber, ýogsa-da häzir külüňi göge
sowraryn!» diýip herrelipdir. Onda atbakar: «Allanyň haky üçin, ynan, men günäkär däl!
Olar meni zor bilen boýun etdiler. Onsoňam men ol gyzyň gäwmiş bolup ýören aşygy
bardyr öýdemokdym, şonuň üçinem men Allanyň öňünde-de, seniň öňüňdede puşman
edýärin» diýipdir.
128

Onda perişde oňa: «Eger sen, gün dogmazyndan öň, şu ýerden çykaýsaň ýa-da diliňi
ýaraýsaň, men seni öldürjekdigime ant içýärin! Haçan gün doganda bolsa, öz ýoluň bilen
ugragyn hemem gaýdyp bu öýe dolanyp geläýmegin» diýipdir.
Ondan soň perişde ol atbakary göteräge-de, tärethananyň deşiginden başaşak sallap,
aýaklaryny dik ýokaryk edip goýupdyr-da, oňa: «Şu durşuňa gymyldaman bu ýerde
durmalysyň, men, tä gün dogýança, seniň daşyňda garawullap ýörjekdirin» diýipdir.
Ine, küýkiniň başyna gelen zat. Bedretdin Hasan basraly bolsa, perişde bilen küýki
tärethana girenlerinden soň, jaýa dolanyp baryp, tutynyň aňyrsynda gizlenip oturypdyr.
Ine, onsoň bir garryja aýal gyzy alyp gelipdir-de, özi hem işigiň agzynda aýak çekip: «Eý,
gözeller şasy, tur-da, Allanyň beren giýewini kabul et!» diýipdir.
Ondan soň ol kempir yzyna öwrülip çykyp gidipdir, gyz bolsa tutynyň aňyrsyna
girip, tagtçanyň üstüne çykypdyr (gyzyň ady bolsa Sitdal Husny ekeni), onuň haly harap,
ýüregi perişan ekeni, şonuň üçinem ol: «Alladan ant içýärin, men özümi şu küýkiniň
ygtyýaryna bermerin, ol meni öldüräýse-de, özüme el degirtmerin!» diýip içini gepledip
duran ekeni. Ol tutynyň aňyrsyna girip, Hasany görüpdir-de: «Söýgülim, sen henizem şu
taýda otyrmyň? Men öz ýanymdan pikir edip, siz küýki atbakar ikiňiz bilelikde maňa şärik
boljaksyňyz öýdüp gorkupdym» diýipdir. Onda Bedretdin Hasan oňa: «Ol atbakary saňa
sataşdyryp ýören kim, onsoňam saňa eýelik etmekde ol nireden meniň şärikdeşim bolup
bilermiş?» diýipdir. Onda gyz: «Eýse meniň ärim haýsyňyz bolmaly — olmy ýa-da
senmi?» diýip sorapdyr. Onda Bedretdin oňa: «Eý, Sitdal Husny, biz muny diňe onuň
üstünden gülmek üçin etdik — diýip düşündiripdir. — Kenizler, hyzmatçylar, aýdymçy
gelin-gyzlar, kowum-garyndaşlaryň seniň üýtgeşik owadanlygyňy görenlerinde, saňa göz
degmesin diýip, seni gözden-dilden gorap saklamak üçin seniň ataň ýaňky atbakary on
dinara hakyna tutdy, indi bolsa küýki öz işine çykyp gitdi».
Bedretdiniň bu aýdanlaryny eşidip, Sitdal Husny uçursyz begenipdir, onuň ýüzi
açylyp ýylgyrypdyr, näzli gülküsini edip gülüpdir-de: «Allanyň haky üçin, sen meniň
ýüregimiň oduny öçürdiň! Allanyň haky üçinem, sen meni özüňe çek-de, bagryňa bas»
diýipdir.
129

Gyzyň bolsa diňe bir köýneginden başga zady ýok eken, şonuň üçinem köýnegini
bokurdagyna çenli ýokaryk çekipdir weli, onuň öňi-yzy, bütin bedeni ýalaňaçlanypdyr.
Bedretdin ony görende, onuň ýüregi hyjuw bilen joşupdyr, hasyr-husur çykarynmaga
durupdyr, eşiklerini aýryp, şol ýewreýden alan müň dinarly haltajygyny hem boýnundan
çözüp alyp, ony jalbarynyň gatyna salyp düýrläp, düşekçäniň aşagynda gizläp goýupdyr,
onsoň ol başyndaky sellesini aýryp, gapdalyndaky kürsiniň üstünde goýupdyr, ine, onsoň
ol diňe ýekeje ýuka köýnekçeligine galypdyr (köýnegi-de tutuş altyn jähekler bilen
jäheklenipdir). Ine, şol pursatda-da Sitdal Husny tagtçanyň üstüne çykyp, ony özüne bakan
dartypdyr weli, Bedretdinem ony özüne bakan dartaga-da gujagyna dolup, gyzyň
aýaklaryny öz bilinden geçirip çilşirdipdir. Şeýdibem oňa bir ok beripdir weli, hoşuňa
gelsin diýýär, topy top dagy däl eken, okunyň baryp degen minarasy kül-uşak bolanmyş.
Şonda Bedretdin gyzyň heniz el degmedik göwherdigini hem münülmedik
baýtalçadygyny gözi bilen görüpdir.
Şeýdip Bedretdin onuň gyzlygyny alypdyr, onuň ýaşlyk mährinden doýynça sorup
göwnüni hoşlapdyr, onsoň okuny çykaryp, ýene oklap atypdyr, şeýdip ol telim gezek
gaýtalapdyr, gyz hem ondan göwreli bolupdyr.
Ondan soň Bedretdin elini onuň kellesiniň aşagyndan geçiripdir, gyz hem şeýdipdir,
onsoň olar şeýdişip gujaklaşyp ýatyşlaryna-da uka gidipdirler, şahyr bolsa olaryň şeýdişip
gujaklaşyp ýatyşlaryny şeýle suratlandyrypdyr:
Ýar işigin ýassyk edin, goý gargasyn rakyp gende,
Yşk joşguny möwç uranda, böwet bolmaz müň şermende!
Aşyk-magşuk bir düşekde bir jan-bir ten bile ýatmyş,
Munuň deýin gözelligi taňrym asla ýaratmamyş.
Çyrmaşyban ýatyr olar, ýapynyp yşgyň kowasyn,
130

Ýassanyşyp gollaryny, ýada salman gam nowasyn.
Bagyrlar badaşyp mäkäm, janlary peýwendi boldy, Il-ulus
şadyýan kakyp, yşga höwäs, bendi boldy.
Tapar bolsaň bu dünýäde gadryň bilen näzli ýary,
Bagtly ýaşap, sür döwrany, magşuk edin zülpütary!
Yşgy pislän şermysarlar, tagna sözdür geregiňiz,
Heý bir mahal düzelermi gurum baglan ýüregiňiz?
Ana, Bedretdin Hasandyr Sitdal Husnynyň başyna gelip geçen zatlar şolar.
Perişdeler hakynda aýdanyňda bolsa, olaryň erkek jynslysy aýal jynslysyna: «Oglany
göter-de, uçup ugra, ertire galmankak, ony öňki ýerine elteli» diýipdir. Daň atar wagtyda
golaýlap gelýän ekeni. Ine, onsoň ol perişde hem uklap ýatan Hasanyň ýanyna barypdyrda, ony alaga-da, asmana göterip ugrapdyr (ol bolsa henizem şol öňki görnüşinde, başga
eşigi çykarylgy, diňe ýekeje köýnekçeligine ýatan ekeni). Perişdeleriň erkegi bolsa olaryň
ýany bilen gapdallap uçup barýan ekeni. Ine, onsoň olar şeýdişip uçup barýarkalar, barjak
ýerlerine ýetmänkäler, ýolda daň atypdyr-da, azançylar ertir namazyna çagyryp azan
aýdyp başlapdyrlar.
Ýagdaý şeýle bolansoň, Allatagala ol perişdäni ot bolup ýanyp duran ýyldyzlar
bilen kesekläp urmaga beýleki jenneti perişdelere rugsat beripdir, şeýlelik bilenem,
perişdäniň erkegi ýanyp ölüpdir, aýal jynslysy bolsa zordan diri galypdyr. Ine, onsoň ol
hem Bedretdini ondan aňryk äkitmäge gorkupdyr-da, şol perişdäniň ýanyp ölen ýerinde
düşüripdir. Takdyryň ýazgydyna görä, Siriýanyň Damask şäherine baryp ýetipdirler,
onsoň ol perişde Bedretdini şäher derwezesiniň biriniň agzynda goýupdyr-da, uçup
gidiberipdir. Ertir jahan ýagtylyp, şäheriň derwezeleri açylansoň, adamlar çykyşyp
131

ugranlarynda, görseler, ynha bir owadan ýigit ýatanmyş, egninde ýekeje köýnekden başga
eşigi ýokmuş, başynda-da diňe ýatyş telpejigi barmyş, mahlasy çuw ýalaňaç diýen ýaly
ekeni, özi-de uzynly gije ýatmadyk ýaly, biçak gaty uklap ýatanmyş diýýär.
Ony gören adamlar: «Pah, bu gije munuň ýanynda ýatan gyzyň bagty getiren ekeni?
Bä, geýinmäge-de sabry galmadyk bolara çemeli!» diýşipdirler. Başga biri bolsa: «Şu
eýýamyň bagty ýatan çagalary! Bujagaz ýigit käbir iş boýunça meýhanadan çykandyr-da,
şerabyň heseri başyna uransoň özüniň barjak ýerine ýetip bilmän azaşandyr, onsoň şäheriň
derwezesine zordan özüni atandyr, olam ýapyk bolansoň, şu ýerde ýatyberendir» diýipdir.
Ine, şeýdip, her kim bir zat diýip, onuň gürrüňini etmäge başlapdyr. Birden şemal
öwsüp, Bedretdiniň garnyny ýapyp duran köýnegini ýel ýokary galdyrypdyr welin, onuň
garny açylyp, onuň ykjamja göbegine çenli hemme ýeri: butlary-da, gunduz ýaly agaryp
duran bykynlary-da açylyp görnüp duran ekeni. Adamlar bolsa: «Halal saňa, edil guýma
kenek ýaly ýigit eken!» diýşipdirler.
Onsoň Bedretdin oýanypdyr, özüniň şäher derwezesiniň agzynda ýatandygyny,
adamlaryň bolsa öz daşynda tegelenişip durandyklaryny görüp haýran galypdyr-da: «Aý,
Allanyň bendeleri, men nirede, näme üçin siz meniň daşyma üýşüp dursuňyz? Men size
näme edipdirin?» diýip seslenipdir. Onda adamlar oňa: «Biz azan wagty ynha seniň
üstüňden geldik, sen ynha şu ýatan ýeriňde uklap ýatan ekeniň, biz şundan başga seniň
näme işläp, näme edip ýöreniňden bihabar» diýipdirler.
Ondan soň olar: «Sen şu gije nirede ýatypdyň?» diýip, ondan sorapdyrlar. Bedretdin
Hasan bolsa: «Alladan ant içýän, ynanyň, adamlar, men şu gijäni Kairde ýatyp
geçiripdim!» diýip seslenipdir. Onda bir adam oňa: «Sen neşebent!» diýipdir. Başga biri
bolsa: «Sen däliräpsiň! Sen agşam Kairde ýatyp, ertir bilenem Damaskda ukudan
oýandyň!» diýipdir. Onda Bedretdin: «Alladan ant içýän, rehimdar bendeler, men size asla
ýalan sözlämok. Öten agşam men Müsürdedim, düýnki günüň gündizini bolsa Basra
şäherinde geçiripdim» diýip jogap beripdir. Kimdir biri: «Boljak-da!» diýipdir, ýene biri
bolsa: «Bu ýigit ýeldirgäpdir!» diýipdir. Şeýdişip olar onuň üstünden gülüp, heşelle
kakyşypdyrlar. Olar biri-birine: «Haýp, özem ne gözel ýaş ýigit! «Alla bar, onuň
däliränligine çigit ýalyjagam şübhe ýok!» diýşipdirler. Onsoň olar oňa: «Sen birneme
132

oýlan-da, akylyňa aýlan» diýipdirler. Bedretdin bolsa olara: «Men öten agşam Müsürde
öýlendim» diýipdir, Onda olar: «Sen, belki, bu aýdýan zatlaryňy düýşüňde görensiň, ýada seniň gözüňe görnendir?» diýip sorapdyrlar. Onsoň Hasan özi barada şübhelenip,
«dogrudanam, şeýle bolaýmasyn» diýip oýlanypdyr. Onsoň bolsa: «Üstümde Alla bar,
ynanyň, ol bolan zatlar düýş hem däl, gözüme-de görnen zat däl! — diýip jibrinipdir. —
Men öýe bardym, onsoň maňa gelniň ýüzüni açybam görkezdiler, küýki atbakaram şol
ýerde otyrdy. Jan dogan, bu düýş däl. Eger düýşüm bolsa, onda hany meniň altyn pully
haltajygym niredemiş, onsoň hany meniň başymdaky selläm nirede, meniň ähli
eginbaşlarym, egnimdäki lybaslarym nirede?»
Ondan soň Bedretdin ýerinden turupdyr-da, şähere giripdir, köçelere, bazarlara
aýlanyp görüpdir, adamlaram onuň töwereginde hümer bolşup, yzyndan galman
süssenekleşip ýörüpdirler, onsoň ol bir aşpeziň dükanyna baryp giripdir.
Ol aşpez bolsa biçak ýeser adam ekeni, aslynda onuň özi bir ogry eken-de, Hudaý
tarapyn diýen ýaly, ol soňra toba edipdir-de, ogurlygyny goýup, bir dükanjyk açynypdyr.
Özi hem biçak gaharjaň adam eken, asla ondan bütin Damaskyň ilaty elheder edýär ekeni.
Ine, onsoň adamlar onuň şol dükanjyga girenini görüp, aşpezden gorkularyna
yzlaryna serpigişip dargaşypdyrlar. Aşpezem Bedretdin Hasany görüp, onuň
owadanlygyna gözi düşende, ýüreginde söýgi mähri döräp: «Ýeri, ýigit, sen nireden
bolarsyň? — diýip sorapdyr. — Sen öz başyňdan geçenleri maňa birin-birin aýdyp ber,
sen meniň gözüme öz janymdanam eziz göründiň».
Ine, onsoň Hasanam özüniň başyndan geçenleri, gören-eşidenlerini başdan-aýak
oňa gürrüň beripdir. Onsoň aşpez oňa ýüzlenip: «Eý, meniň jenabym Bedretdin, seniň bu
aýdan zatlaryň biçak geň zat, tüýs haýran galyp oturmaly hekaýat ekeni! Ýöne weli,
oglum, sen bu syryňy hiç kime aýan etmän, gizlin sakla, Allanyň özi seniň ýüküňi
ýeňledýänçä, hiç kime syr berme-de, şu ýerde meniň ýanymda boluber, meniňem
perzendim ýok, şonuň üçinem men seni özüme ogul edinerin» diýipdir. Bedretdin bolsa:
«Bolýar, agam» diýip jogap beripdir. Şondan soň ýaňky aşpez bazara barypdyr-da,
Bedretdin üçin oňat-oňat geýim-eşikler alyp, ony geýindiripdir, ondan soň ony kazynyň
ýanyna alyp baryp, Bedretdini ogullyga alýandygyny tassykladypdyr. Ine, onsoň
133

Bedretdin Hasany Damask şäherinde aşpeziň ogly diýip hasaplapdyrlar, şondan soň bolsa
ol aşpeziň naharhanasynda oturyp, naharyň pul alýany bolup işläpdir, şeýlelik bilenem, ol
aşpeziňkide ymykly ornaşyp galyberipdir.
Bedretdin Hasanyň başyndan geçen wakalar, ine, şeýle. Onuň agasynyň gyzy Sitdal
Husny barasynda aýdanyňda bolsa, ol daň atansoň, ukudan oýanyp görse, ýanynda
Bedretdin Hasan ýok diýýär. Ol aýakýoluna zada daşaryk çykandyr öýdüp, birsalym
garaşyp oturypdyr. Ine, onsoň birden gyzyň atasy içerik kürsäp giripdir. Ol soltanyň
gazaby bilen öz gyzynyň bolar-bolmaz bir hyzmatkäre, haýsydyr bir küýki atbakara
zoraýakdan äre berilmeginden biçak nägile bolup, uly gaýgy-alada galyp, gyzynyň
halyndan habar almaga gelipdir. Özi-de öz ýanyndan gahar edip: «Eger gyzym şol bedroý
küýkä razylyk berip, oňa özüne el urduran bolaýsa, men gyzymy öldürerin!» diýip içini
gepledip gelýän ekeni.
Ine, onsoň ol gyzynyň otagyna girip, onuň kürsüsiniň ýanyna baryp, şol ýerde aýak
çekipdir-de: «Sitdal Husny!» diýipdir. Gyz bolsa: «Lepbeý, meniň jenabym, men bärde,
hyzmatyňa taýýardyryn!» diýip jogap beripdir-de, begenjinden ýaňa ýaýkyldap çykyp,
onuň öňünde iki bükülip tagzym edipdir, şonda onuň ýüzi has hem röwşenlenip, has hem
owadanlanypdyr, çünki ol gözel ýigidiň gujagyna dolanyny dünýä malyna berjek däldi
ahyry.
Atasy öz gyzynyň bu hili şadyýan haldadygyny görüp, oňa: «Häý, äteňenälet
diýsänim, näme sen şol atbakara berleniňe begenýärmiň?» diýip azgyrylypdyr. Gyzy bolsa
atasynyň aýdanyna ýylgyryp: «Allanyň haky üçin, men öten agşamky bolan zada biçak
begenýärin! Adamlar meniň üstümden gülüp, meniň ärimiň dyrnagyna-da degmeýän şol
bedroý atbakary dillerine çolap, maňa myjabat edýärdiler. Alladan ant içýärin, men öten
agşamky ýaly lezzetli gijäni ömrümde-de görüp-eşitmändim! Meniň üstümdenem gülme,
şol küýkini meniň ýadyma-da salma» diýip jogap beripdir.
Atasy öz gyzynyň bu aýdanlaryny eşidende, onuň gahar gazany gaýnap daşypdyr,
onuň gözlerine gan dolup, jynlanan dek bolup: «Aý, işi gaýdan, seniň bu aýdýan sözleriň
näme! Küýki atbakar seniň ýanyňda ýatdymy?» diýip sorapdyr. Emma Sitdal Husny oňa:
«Allanyň haky üçin, meniň ýanymda onuň adyny-da tutma, ony ýadyma-da salma, onuň
134

atasyna nälet bolsun, özüňem biderek oýun eden bolma! — diýipdir. — Atbakary diňe
göz üçin on dinara hakyna tutupdyrlar ahyry, ol hakyny aldy-da, çykdy gitdi. Men tutynyň
aňyrsyna girenimden soň, özümiň hak ärime gowuşdym, ondan öňinçä bolsa, aýdymçy
gelin-gyzlar oňa meniň ýüzümi açyp, meni oňa dabara bilen görkezdiler, ol bolsa
hemmelere onluk gyzyl pul bilen toýpaý berdi, bu ýerdäki garyp-gasarlary baý edip
goýberdi. Şondan soň men tutynyň aňyrsynda uzynly gijäni öz ärimiň gujagynda ýatyp
geçirdim, ol şeýlebir ýumşak gylyk-häsiýetli, gara gözli, galam gaşly owadan ýigit ekeni».
Şondan soň gyzyň atasy bu zatlara haýran galyp, tärethana barypdyr weli, görse ol
küýki atbakar tärethananyň deşiginden başaşak sallanyp, aýaklary hem ýokarda
kelemenläp duran ekeni. Wezir ony görüp allaniçigsi bolupdyr-da: «Bu şol küýküden
başga hiç kes däl ýaly-la!» diýip: «Ä-heý, küýki!» diýip gygyrypdyr. Atbakar bolsa ony
şol perişdedir öýdüp: «Höwlüm, höwlüm» diýip jogap beripdir. Weziriň bolsa muňa
gahary gelip: «Geple, ýogsa-da, ynha, şu gylyç bilen kelläňi kesip taşlaryn!» diýip, onuň
üstüne azgyrylyp gygyrypdyr. Onda küýki: «Alladan ant içýän, ynan, perişdeleriň piri, sen
meniň başymy şu ýere süsdürip gideniňden bäri, men şol durşumdan üýtgemän, kellämide gymyldatmadym. Allanyň haky üçin, maňa rehimiň gelsin!» diýip ýalbarypdyr. Wezir
bolsa küýkiniň näme samyrdaýanyna onçakly düşünmän: «Sen näme diýýärsiň? Men
perişde däl-de, gyzyň atasy!» diýipdir. Onda küýki: «Besdir! — diýip jogap beripdir. —
Sen meniň janymy aljak bolýarsyň, emma meni şu ýagdaýa salyp giden gelmänkä, sen öz
ýoluňa gidiber. Siz meni diňe aldap, gäwmişleriň hem perişdeleriň aşygy hem oýnaşy
bolan gyza öýermek üçin getiren ekeniňiz. Meni ol gyza öýlendireni hem oňa sebäpkär
bolany Allanyň özi näletlär». Onsoň wezirem oňa: «Tur hany, çyk bu taýdan!» diýipdir.
Emma küýki oňa: «Näme, perişdeden ygtyýar bolmasa, seniň aýdanyň bilen bu ýerden
çykyp ötägider ýaly, men akmakdyr öýdýärmiň? Ol maňa: «Gün dogandan soň çykyp, öz
ýoluňa gitgin» diýip tabşyrypdy. Näme, häzir gün dogdumy ýa doganokmy? Men, tä gün
dogýança, ýerimden gymyldap bilmerin» diýip jogap beripdir. Onda wezir: «Seni bu ýere
kim alyp geldi?» diýip sorapdyr. Atbakar bolsa: «Men öten agşam bu ýere hajatym bilen
geldim weli, birden kündügimdäki suwuň içinden bir syçan çykdy-da, meniň üstüme
gygyryberdi, ondan soň ol ulalypulalyp gäwmiş ýaly boldy. Onsoň ol meniň gulagymdan
çykmaz ýaly sözler aýdyp, özümi-de şu ýagdaýda goýup gitdi. Ol gelinligi-de, meni oňa
öýlendirjek bolanlary-da Allanyň özi näletlesin!» diýip jogap beripdir.
135

Onsoň wezir atbakaryň ýanyna barypdyr-da, tärethananyň deşiginden onuň
kellesini çekip çykaryp goýberipdir welin, ol heniz günüň doganlygyna ynam etmän,
ýeňsesinden itilen dek ylgap gaçyp gidipdir. Özi-de şol gidişine soltanyň ýanyna baryp,
özüniň sezewar bolan ýagdaýyny hem bütin ahwalaty oňa gürrüň edip beripdir.
Gyzyň atasy wezir bolsa dolanyp öýe giripdir-de, öz gyzynyň işi hakynda näme
aýdyp, näme diýjegini bilmän utanyp: «Gyzym, bu nähili ahwalat boldugy, näme
bolandygyny sen maňa düşündir ahyry!» diýipdir. Gyzy hem oňa düşündirip aýdypdyr:
«Düýn meni ýigidiň öňünde durzup, däp boýunça oňa meniň ýüzümi açyp görkezdiler,
onsoň ol öten gijäni meniň bilen bile geçirdi, meniň gyzlygymy aldy, menem ondan
hamyla boldum. Eger sen meniň gepime ynanmaýan bolsaň, onda, ynha, kürsiniň üstünde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 10
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.