Latin

Müň bir gije - 18

Total number of words is 4011
Total number of unique words is 1740
35.3 of words are in the 2000 most common words
49.3 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
eýesi öňürti gepläp: «Özüň gör, emma sen bizi gynamasaň, hiç zady anyklap bilmersiň!
Ilki bilen menden başlaý, meni gyna-da, soňundanam ynha şu adamy, meni idip geleni
gynap gör» diýipdir-de, elini uzadyp, meniň doganymy görkezipdir. Ine, onsoň ol adamy
ýüzinligine süýndürip ýatyraga-da, ýagyrnysyna dört ýüz taýak uranlarynda, ol adam
agyrysyna çydaman, bir gözüni açypdyr; ondan soň ýene urup başlapdyrlar welin, ol
beýleki gözüni-de açypdyr.
Şol wagt weli oňa gaharlanyp: «Aý, äteňenälet, bu nähili iş boldugy?» diýip
sorapdyr. Ol adam bolsa: «Meniň günämi geç! Biziň dördimizem ýalandan kör bolan
bolup, uly ili aldap ýörüs, iliň öýüne girýäris, aýallara göz gyzdyrýarys, olary haraplajak
bolýarys. Biziň ýygnan pulumyz köpele-köpele on iki müň dirheme ýetdi. Onsoň men öz
ýoldaşlaryma: «Meniň paýyma düşýän üç müň dirhemi özüme beriň» diýdim. Olar bolsa
meniň pulumy bermediler, gaýtam özümi urup, tultuk etdiler-de, pulumy hem aldylar.
Ynha, indi men Alladan hem senden haraý isleýärin. Meniň ol puldan öz paýymy almaga
hakym olaryňkydan köp bolmasa az däldir. Onsoň-da meniň şu aýdanlarymyň
dogrulygyna seniň doly göz ýetirmegiňi isleýärin. Şonuň üçinem, sen bulary ýekeýekeden
tutaga-da, meni urşuňdan-da zabunrak ursaň, olar gözlerini ýalpa açaýarlar» diýipdir.
Ine, onsoň weli hem onuň aýdyşy ýaly, olary ýeke-ýekeden gynamaly edip, özi-de
ilki bilen meniň doganymdan başlap, ony merdiwana söýäp daňypdyrlar. Şonda weli onuň
ýüzüne seredip: «Häý, bisyratlar diýsänim, siz Allanyň özüňizi gözli edenine şükür etmän,
ony ýalana çykaryp, biz kördüris diýen bolýaňyzmy!» diýipdir. Meniň doganym: «Ýa
Alla, ýa Alla! — diýip ah çekip: — Allanyň öňünde kasam edýän, biziň aramyzda
gäzlimiz ýok ahyry!» diýipdir. Ine, onsoň ony tä özünden gidinçä urýarlar; onsoň weli:
«Entek bes ediň, özüne geler weli, onsoň ikinji gezek ýene uruň» diýipdir. Ondan soň weli
onuň ýoldaşlarynyň her birine üç ýüz taýak urmaly edipdir. Olary urup durkalar, hälki
245

gözli adam olara: «Iň gowusy, gözüňizi açaýyň, ýogsam sizi ýene urarlar!» diýýär ekeni.
Ondan soň ol adam welä ýüzlenip: «Meniň ýanyma bir adam goşup goýber, goý, ol pullary
alyp gaýtsyn; bu adamlar uly iliň öňünde masgara bolmakdan gorkularyna, her näçe ursaňda, gözlerini açmazlar» diýipdir. Weli hem adam iberip puly getirdipdirde, ol adamyň öz
aýdyşy ýaly edip, şol puluň ujundan onuň paýy diýip, üç müň dirhemi oňa sanap beripdir,
galanyny-da özi alyp, körleriň üçüsinem şäherden çykaryp kowup goýberipdir.
Ine, onsoň, dindarlaryň hökümdary, menem çykyp ylgadym-da, doganymyň
yzyndan ýetip sakladym, nähili ahwalat bolandygyny ondan soradym, olam ynha meniň
saňa aýdyp beren şu zatlarymy maňa gürrüň edip berdi. Onsoň men ony ýaşyrynlyk bilen
şähere gaýtaryp getirdim-de, ogrynlyk bilen oňa iýer-içer ýaly zatlary berip başladym.
Halyf meniň bu gürrüňimi eşidip, güle-güle hezil edindi, soňundan bolsa: «Onuň
baýragyny beriň-de ugradyň, goý, gitsin!» diýip buýruk berdi. Emma men: «Alladan ant
içýän, öz doganlarymyň başyndan geçenlerini dindarlaryň hökümdaryna doly gurrüň berip
gutarýançam, men hiç zat almaryn! Men köp geplämok ahyry» diýip, aýagymy depdim
durdum.
DELLEGIŇ DÖRDÜNJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Meniň dördünji doganym bolsa, dindarlaryň hökümdary — diýip, men gürrüňimiň
yzyny dowam etdim. — Ol doganym (özi-de çaşy) Bagdatda gassaplyk edip, bazarda et
satýardy, goýunlary baga bakyp semrederdi, özi-de onuňka et almaga gelýänleriň köpüsi
emeldarlar, gurply adamlardy. Doganym şol işiň üsti bilen eslije maýa toplapdy, ýüp çeker
ýaly mal edinipdi hem birnäçe jaý edinipdi, şeýlelik bilen, ol uzak wagtlap döwran
sürüpdi. Ine, onsoň bir gezek, günlerde bir gün, ol öz dükanynda otyrka, birdenkä onuň
ýanyna bir sakgallak ýaşuly gelip durupdyr-da, onuň eline birnäçe dirhem pul berip: «Şuňa
et çekip ber» diýipdir. Ol puluny berip çykyp gidiberipdir
(doganym bolsa oňa et çekip beripdir). Ol ýaşulynyň beren kümüş puluna seredip görse,
onuň berip giden dirhemleri üýtgeşik ak hem ýaldyraşyp duran ekeni. Doganym ol pullary
aýratynja bir ýere ýygnap goýupdyr.
246

Ol garry her gün et almaga gelip, bäş aýlap gatnapdyr, meniň doganymam onuň
berýän puluny aýratyn bir sandyga oklap duran ekeni. Onsoň ol bir gün ol pullary çykaryp,
olara goýun almakçy bolupdyr, sandygy açypdyr welin, görse, sandygyň içi durşuna
bölek-bölek edilip kesilen ak kagyz bolup ýatyr ekeni.
Doganym muňa gynanjyndan ýaňa öz maňlaýyna özi urup gygyrmaga başlapdyr.
Onuň sesine adamlar ylgaşyp gelip, daşyna egrilişip, onuň näme üçin gykylyk edýänini
sorapdyrlar, doganym hem bolan ahwalaty olara aýdyp berindir. Adamlar muňa haýran
galypdyrlar. Ondan soň bolsa meniň doganym özüniň hemişeki edişi ýaly, bir goýny
soýupdyr-da, ony dükanynyň agzyndan asyp goýup: «Alla jan! Şol murdar garry ýene bir
geläýbilsedir!» diýip içini gepledipdir. Aýdanyna mähetdel ýaly, ynha, ol garry şol öňküsi
ýaly kümüş puljagazyny somlap ýene peýda bolupdyr, meniň doganym hem turup, onuň
ezeneginden ýapyşaga-da: «Aý, musulmanlar, geliň, haw! Bu aldawçynyň meniň başyma
salan oýnuny görüp-eşidiň, haw!» diýip, gygyryp başlapdyr.
Ol ýaşuly meniň doganymyň bu aýdanyny eşidip, ondan: «Sen haýsyny halaýarsyň:
menden el çekeniňimi ýa-da meniň seni adamlaryň öňünde masgara edenimimi?» diýip
sorapdyr. Onda meniň doganym hem ondan: «Sen meni nädip masgara edip bilersiň?»
diýip sorapdyr. Onda ol garry: «Seniň goýun etine derek adam etini satýanyňy aýdyp
masgara ederin» diýip jogap beripdir. Meniň doganym gaharlanyp: «Galat aýdýarsyň,
äteňenälet!» diýip azgyrylypdyr. Onda ol ýaşuly:
«Äteňenälet diýip, dükanyndan adam etini asyp goýýana diýerler» diýipdir. Meniň
doganym has-da gyzarylyp: «Eger seniň aýdýanyň dogry bolsa, onda meniň ähli pulumda,
meniň ganym-da seniňki bolsun!» diýip jogap beripdir. Onda ýaşuly ýygnanan adamlara
ýüzlenip: «Ahow, jemagat, eger meniň aýdanlarymyň subut edilmegini hemde meniň
mamladygymy bilmek isleseňiz, geliň-de, giriň şu dükana!» diýipdir. Ine, onsoň adam
bary meniň doganymyň dükanyna bakan yňdarylaýypdyr, olar baryp seretseler, dükanyň
agzyndan asylgy duran goýun birdenkä asylgy adama öwrülip duruberipdir. Olar muny
görüp, meniň doganymyň ýakasyndan ýapyşyp: «Haý, dinden çykan, haý, betpäl!» diýşip
gygyryşyp başlapdyrlar. Onuň iň dost diýip ýören adamy-da onuň tumşugyna palçyldadyp
urup: «Sen bize Adam atanyň ogullarynyň etini iýdirip ýören ekeniň-le!» diýýär ekeni,
hälki garry bolsa urup, onuň gözüni çykarypdyr.
247

Ondan soň adamlar üýşüp, ol asylgy duran adamy sakçybaşynyň ýanyna göterip
äkidipdirler. Hälki ýaşuly bolsa oňa: «Emir aga, bu adam elmydama adamlary öldürip,
olaryň etini goýun etine derek aldap satýar, şonuň üçinem biz ony tutup, seniň ýanyňa alyp
geldik. Ynha, indi sen tur-da, beýik Allatagalanyň öwredişi ýaly, oňa adalat suduny edip,
onuň degişlý jezasyny ber!» diýipdir. Meniň doganym her näçe jibrinip, özüne nähak
töhmet edilýändigini düşündirjek bolsa-da peýdasy bolmandyr, sakçybaşy onuň gepine
asla gulak hem asmandyr-da, oňa bäş ýüz taýak urmaly diýip, bar pullaryny hem elinden
alypdyr — eger şol pullary bolmadyk bolsa, onuň öldürilmegi-de mümkin ekeni.
Şondan soň meniň doganym başyny alyp çykyp gidip, bir uly şäheriň çetinden
giripdir. Şol ýerde ol: «Paşmakçy bolup biläýsem kem bolmazdy» diýip oýlanypdyr-da,
bir dükanjyk açynan bolup, özüne çalamydar tetärik bolar ýaly, gazanç etmek üçin şol
ýerde işläp oturypdyr. Günlerde bir gün, ol işi bolup köçe çykanda, at aýagynyň
güpürdisini eşidip, onuň nämedigini sorapdyr welin, oňa: «Patyşa awa-şikara çykýar,
şonuň nökerleriniň güpür-tapyry» diýip jogap beripdirler. Ine, onsoň meniň doganym
patyşanyň gözelligine syn etmäge durupdyr, şonda patyşanyň nazary meniň doganymyň
nazary bilen kaklyşypdyr welin, patyşa ýüzüni aşak salypdyr-da: «Şu günüň belasyndan
Allanyň özi gorap saklasyn!» diýipdir, şol bada hem atynyň başyny yzyna dolap, göni
yzyna öwrülip gaýdyberipdir; şunlukda, onuň bütin leşgeri-de yzyna öwrülmeli bolupdyr.
Onsoň patyşanyň buýrugyna görä, onuň nökerleri meniň doganymyň yzyndan ýetip, ony
biçak gaty ýenjipdirler, meniň doganym zordan ölmän gutulypdyr. Doganym munuň
sebäbine düşünip bilmän, akylyny-huşuny ýitiren halda öz külbesine zordan özüni
atypdyr. Şondan soň ol patyşanyň hyzmatkärlerinden bir adamyň ýanyna baryp, özüniň
sezewar bolan ahwalatyny oňa gürrüň edip beripdir welin, ol adam muňa gülegüle kese
ýykylypdyr hem-de oňa: «Aý, gardaş, biler bolsaň, patyşa çaşynyň gözüne, ylaýta-da sag
gözi çaşynyň ýüzüne seredip bilmeýär; ol ony öldürmän goýberýän däldir» diýipdir.
Meniň doganym bu sözleri eşideninden soň, bu şäherden çykyp gaçmagy ýüregine
düwüp, şol ýerden turup çykyp ugrapdyr-da, başga bir ýere geçipdir, ol baran ýerinde
bolsa ony tanaýan adam ýok ekeni, özi-de şol ýerde uzak wagtlap ýaşapdyr. Şondan soň
bolsa doganym özüniň etmeli işi barada oýlanyp başlapdyr. Bir gün ol gezelenje çykan
wagtynda, yzyndan at aýagynyň güpürdisini eşidip: «Allanyň beren möhleti geldi gerek!»
248

diýip içini gepledipdir. Onsoň ol gizlenmek üçin ýer aňtapdyr, emma tapyp bilmän aljyrap
durşuna, birdenkä görse, öňünde bir ýapyk gapy dur ekeni. Ol gyssanjyna şol gapyny itip
goýberipdir weli, olam ýykylypdyr. Doganym şol ýere girip görse, giden bir uzyn gowak
ýaly girelge bar ekeni, ol hem şoňa giripdir weli, eýlesine-beýlesine bakyp ýetişmänkä,
iki sany adam azatda-mazat oňa ýapyşyp; «Seni biziň elimizejik getirip beren Allahymyza
şükür! Häý, Allanyň ýekireni, ynha, indi üç gijeden bäri sen zerarly bize ne ýatuw bar, ne
bir arkaýyn otur-turuw bar, seň bizi ölümiň gyrasyndan eltdiň!» diýipdirler. Onda meniň
doganym: «A-how, adamlar, siziň aýdýanyňyz näme?» diýip sorapdyr. Olar bolsa oňa:
«Sen bizi aldap ýörsüň, özüňem bizi masgaralajak bolýarsyň! Sen her hili hileler gurup,
öýüň eýesini öldürjek bolýarsyň! Seniň öz nökerleriň bilen birlikde ony tozduranyňyz
azmydy! Hany, her gije bizi öldürjek bolup somlaýan şol pyçagyňy çykar derrew!»
diýipdirler. Onsoň olar ony döküp-barlap, biline gyssyrylgy pyçagy tapyp alypdyrlar.
Şonda meniň doganym olara: «Ahow, adamlar. Alladan gorkuň ahyry! Biler bolsaňyz,
meniň biçak geň görmeli başdan geçiren ahwalatym bar» diýipdir. Olar: «Seniň ahwalatyň
nähili eýse?» diýip sorapdyrlar. Onsoň doganym özüni boşadarlar öýdüp, öz başyndan
geçen ahwalatlary aýdyp beripdir. Olar meniň doganymyň gürrüňine gulagam
salmandyrlar, onuň aýdýan sözlerine ünsem bermändirler; onsoň olar onuň eşiklerini
ýyrtyşdyryp, onuň endamyndaky gamçy yzlaryny görüp: «Häý, äteňenälet, ynha urlan
gamçylaryň yzlary!» diýipdirler. Ondan soň olar meniň doganymy weliniň ýanyna alyp
gelipdirler, şonda meniň doganym özözüne: «Men öz eden etmişim üçin ele düşdüm, indi
meni bir beýik Allanyň özünden başga, hiç kim azat etmez» diýipdir. Weli meniň
doganymdan: «Häý eteňenälet, bu işe baş goşmaga seni näme mejbur etdi ahyry? Sen
adam öldürjek bolup öýe girdiňmi?» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Emir aga, Allanyň
haky üçin, meniň sözümi ahyryna çenli diňläp, maňa jeza bermäge alňasamazlygyňy
haýyş edýärin!» diýipdir. Emma weli oňa: «He, biz ýagyrnysynda gamçynyň galdyran
tagmalary görnüp duran ogrynyň gepine gulak asyp oturmaly-da! Saňa uly günä edeniň
üçin, şeýle agyr jeza berendirler» diýipdir-de, meniň doganyma ýüz gamçy urmaly
edipdir. Ine, onsoň oňa ýüz gamçy urup, soňundan hem düýäniň üstüne mündürip: «Ynha,
kesekiniň öýüne girýän ogrynyň jezasy, onda-da iň bärkije jezasy!» diýip gygyryşyp
masgaralapdyrlar.
249

Ondan soň weli ony şäherden çykaryp kowmaly diýip buýruk beripdir. Meniň
doganym bolsa nirä gidýänini-de bilmän, ýüzüniň ugruna çykyp gidip barýan ekeni. Men
bu wakany eşidip, onuň yzyndan bardym-da, näme-nämeleriň bolandygyny soraşdyrdym,
ol bolsa özüniň başyndan geçen zatlaryň hemmesini maňa gürrüň berdi. Menem onuň
ogurlygy barada gygyrmalaryny bes edýänçäler, onuň ýanyndan aýrylman, şäheriň bütin
töweregine aýlanyp çykdym, ony goýberen wagtlarynda bolsa, men onuň ýanyna bardymda, ogrynlyk bilen ony aldym-da, şähere getirdim hem-de onuň iýjekiçjek zatlaryny
äbermäge başladym».
DELLEGIŇ BÄŞINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, musulmanlaryň hökümdary, meniň bäşinji doganymyň gulaklaryda
kesilgidi, özi-de garyp adamdy, agşamlaryna gedaýçylyk edip gezerdi, gündizlerine bolsa
agşamky ýygnan zatlaryny sowardy. Biziň atamyz pahyr bolsa ýaşy barjak ýerine barai
eňki agan garrydy, özi ölende bolsa, bize ýedi ýüz dirhem pul galdyryp gidipdi. Biziň her
birimiz özüne ýetýän ýüz dirhemini alypdyk. Meniň bäşinji doganym bolsa öz paýyny
alyp, aljyrady, ony näme etjegini bilmän azara galdy. Ol şeýdip pikir edip ýörkä, birdenkä
ol özüne ýeten şol pula her hili çüýşe gap-gaçlary satyn alyp, şondan peýda görmegiň külkülüne düşüpdir. Ine, onsoň, ýüz dirhemlik çüýşe gaplar alyp, olary ullakan gapagyň
üstünde goýup satmaga oturypdyr. Oturan ýeriniň bir gapdaly diwar bolansoň, ol arkasyny
diwara berip, öz ýanyndan pikirlenip oturan ekeni.
Ol şeýle pikir edýär ekeni: «Men özümiň bar pulumy — ýüz dirhemi şu çüýşelere
berdim, emma men bulary satyp, iki ýüz dirhem pul çykararyn, ondan soň iki ýüz
dirhemlik çüýşe alyp, ony dört ýüz dirheme sataryn, şeýdip pulum weşeň-weşeň bolýança
alar-satar ýererin. Ondan soň ol pullara men her dürli harytlar, gymmatbaha zatlar, hoş
ysly müşk-anbarlar alaryn, olary satybam uly peýda görerin, ondan soň men gül pürkülen
ýaly öý satyn alaryn, onsoň gul-gyrnaklar satyn alaryn, at alaryn, altyn eýer edinerin,
iýerin-içerin, şäherde erkeklerden hem aýallardan gowy bagşy-sazanda bolsa, meniň
öýüme çagyrylyp getirilmedigi galmaz. Onsoň eger gudraty güýçli Allanyň özi halasa,
men ýüz müň dirhemlik maýa edinerin...» Ol şeýdip öz içinden hasap çykaryp oturan
250

ekeni, öňünde hem üsti aýna-çüýşeli ullakan ýasy gapagy duranmyş. Ondan soň ol ýene
pikirini dowam edýär: «Pulum ýuz müň dirheme ýeter welin, onsoň men patyşalaryň hem
wezir-wekilleriň üstüne sawçy ibererin, onsoň wezir bilen guda bolaryn-da, şonuň gyzyny
gelin edinerin — şol weziriň gyzy biçak owadanmyş, gözellikde oňa taý ýokmuş diýibem
eşitdim, gowusy, şony alaýaýyn — özümem onuň bahasyndan olara müň dinar bererin.
Eger onuň atasy razylyk berse-hä berdigi bolar, razylyk bermese-de, men onuň seňrigine
kakyp, gyzyny zor bilen alaryn. Şeýdip onuň gyzyny öz duluma geçirenimden soň, onuň
üçin kiçijik agta hyzmatkärlerden on sany hyzmatkär satyn alyp bererin; özüme bolsa hanpatyşalaryň geýýän lybaslary ýaly owadan-owadan lybaslar alaryn, onsoň özüme altyn
eýer edinerin-de, ony her dürli gymmatbahaly daşlardan edilen gaşlar bilen bezärin, ana,
onsoň şol eýeriň üstüne münüp çaşyp ugraryn, ýanymda hem bir topar hyzmatkär gulnökerlerim bolar, olar meniň daşymda tegelenişip ugrarlar, öňümdenem bir topary gidip
barýandyr, şeýdip men şäheriň içinden eýläk-beýläk geçerin welin, jemagat maňa baş egip
tagzym eder, adamlar meni mübäreklärler hem ýoluň ak bolsun diýip alkyşlarlar. Ondan
soň men öz gelnimiň atasy weziriň ýanyna bararyn, gullarymyň bolsa bir topary yzymdan,
bir topary öňümden ýöräp, sagym-da gul, solum-da gul bolar durar; onsoň wezir meni
gören badyna, ýerinden turar-da, öňümden çykyp garşylar, onsoň eltip meni öz ýerinde
oturdar, özi bolsa menden bir göz aşakda oturar, sebäbi diýseň, ol meniň gaýyn atam
ahyry. Meniň ýanymda bolsa iki sany hyzmatkärim bolup, hersiniň boýnunda bolsa
ullakan asma gapjyk bardyr, her gapjykda bolsa müň dinar gyzyl pul bardyr; ine, onsoň
men onuň gyzy üçnn oňa müň dinar bererin, ondan başga-da, meniň asyllydygymy hem
sahylygymy, meniň mertebämiň uludygyny, asla meniň bar ýerimde bütin garamaýak
nesliniň hiç zatdygyny onuň gözüne görkezmek üçin ýene müň dinary oňa sylag diýip
bererin. Ine, onsoň ol maňa ýüzlenip on gep aýtsa, men oňa diňe iki agyz söz bilen jogap
bererin-de, öz öýüme bakan çykaryn ötägiderin. Onsoň meniň aýalymyň
dogangaryndaşlaryndan biri meniň öýüme geläýse dagy, men oňa pul bererin, halat salyp
sylaglaryn. Eger ol meniň öýüme sylagly-sowgatly geläýse, men onuň getiren zadyny
kabul etmerin — men özümiň tekepbirligimi görkezmek üçin, meniň ownuk-uşak zada
baş galdyryp ýörenlerden däldigimi bilmekleri üçin getiren zadyny özüne gaýtaryp
bererin. Ondan soň meni bezäp-beslemeklerini talap ederin, onsoň etmeli zatlary edip
bolarlar weli, gelni getirderin, özümem öýümiň içini gül pürkulen ýaly edişdirerin. Onsoň
251

ýigit bilen gelni duşuşdyranlarynda, men özümiň iň oňat hem gymmatbahaly lybaslarymy
geýip, durşuma ýüpek parça bolaryn-da, özümiň akylymyň biçak köplügi hem akylhuşumyň agdyklygy zerarly, elimi alkymyma dirän bolup, ne sagyma, ne soluma — hiç
ýere seretmän, sülmürän bolar oturaryn. Onsoň meniň gelnim özüniň gymmatbahaly
lybaslarynda hem şeý-seplerinde, misli täze dogan aý ýaly bolup, meniň garşymda
ýalpyldap durar weli, men özümiň ulumsylygym hem uly göwünliligim sebäpli, onuň
ýüzüne-de seretmediksirän bolaryn oturaryn. Onsoň töweregimizde üýşüp duranlaryň
hemmesi maňa ýalbarmaga başlap: «Eý, meniň jenabym, seniň gelniň hem hyzmatkär
gyrnagyň boljak perizat seniň öňüňde dur, onuň ýüzüne bir seret ahyry, ýogsa beýdip
durmak oňa kyn düşýär» diýerler. Onsoň olar ençeme gezek meniň öňümde bükülip baş
egerler, meniň aýak tozumy öperler, men diňe şondan soň ulumsylyk bilen ýüzümi ýokary
galdyryp, gözümiň gytagy bilen gyzyň ýüzüne ýeke gezek serederin-de, ýene ýüzümi aşak
salaryn. Şondan soň ony ýatylýan otaga äkiderler, men bolsam eşiklerimi çalşyraryn-da,
ozalky geýip oturan lybaslarymdan-da has gowy eşikleri geýerin. Onsoň gyzy meniň
ýanyma alyp gelerler weli, men özüme telim gezek ýalbarýançalar, onuň ýüzüne
seretmedik bolaryn, diňe köp gezek ýalbaranlaryndan soň, men onuň ýüzüne ýeke gezek
serederin-de, ýene başymy aşak salaryn. Gelni dürli lybaslarda maňa görkezmek dessury
tamam bolýança, men şeýder sülmürär oturaryn. Ondan soň men öz hyzmatkärlerimden
birine buýruk bererin-de, bäş ýüz dinarly uly gapjygy öz ýanyma getirderin, gapjygy
getirip bererlerem weli, men gelniň ýanynda, ol gapjygy toý hyzmatyny edýän aýallaryň
eline bererin-de, meni gelniň otagyna äkitmegi talap ederin.
Meni onuň ýanyna elterler weli, men şonda-da onuň ýüzüne seretmernn, özüme
ulumsy diýdirmek üçin ýigrenjimden ýaňa onuň bileň gepleşmediksirän bolaryn. Onsoň
gyzyň enesi geler-de, meniň maňlaýymdan hem elimden öpüp: «Eý, jenap, öz hyzmatkär
gyrnagyň ýüzüne bir seret ahyry, ol seni özüne ýakynlaşdyrmak isleýär, biçäräniň
ýüregine melhem et ahyry» diýip ýalbarar. Emma men oňa jogap bermerin. Meniň sesimi
çykarman oturanymy görenden soň, ol gelip, meniň aýagymdan telim gezek ogşar-da:
«Eý, jenap, meniň gyzym heniz erkek kişi garasyny görmedik owadan gyzdyr, ol seniň bu
hili sabyrlylygyňy görse, onuň ýüregi ýarylar. Oňa bakan gyşaryl-da, onuň bilen danyş,
söhbet et ahyry» diýer. Onsoň turup ylgap gider-de, maňa bir bulgur şerap getirip berer,
252

onsoň bulgury onuň gyzy öz eline alyp, meniň ýanyma geler weli, men oňa
seretmediksirän bolaryn, ol bolsa eli bulgurly garşymda garaşyp durandyr, men bolsam
henizem onuň ýüzüne seretmän, nagyşly ýassygy tirseklän bolup gyşararyn; özümiň
ulumsylygymy, mertebämiň belentligini görkezmek üçin tä ol maňa, hanym, soltanym,
jenabym, diýip ýalbarýança ýüzümi galdyrmaryn; onsoň ol: «Eý, meniň jenabym, Allanyň
haky üçin, sen öz hyzmatkär gyrnagyň goly bilen uzadylýan bulgury yzyna gaýtarma, men
seniň bendi gyrnagyňdyryn» diýip ýalbarar. Emma men oňa hiç hili jogap bermerin.
Onsoň ol maňa ýalbar-ýakar edip başlap: «Şuny içmeseň bolmaz!» diýer-de, bulgury
meniň agzyma tutup berjek bolar; men elimiň tersi bilen onuň ýüzükessir palçyldadyp
goýbererin-de, aýagym bilen ony şeýdip depip goýbererin!» diýip, aýagyny galdyryp
goýberipdir weli, onuň öňündäki üsti çuýşeli gapagy pyzylyp gidipdir-de, (gapagy bolsa
beýik ýerde duran ekeni), üstündäki çüýşe gaplaryň hemmesi kül-uşak bolupdyr.
Meniň doganym muňa allaniçigsi bolup gygyrypdyr-da: «Bu zatlaryň hemmesi-de
meniň mertebämiň belentligi sebäpli boldy!» diýipdir. Ine, onsoň, külli musulmanyň
hökümdary, meniň doganym gynanjyndan ýaňa öz ýüzüni özi penjeläp, bütin eşiklerini
daraw-daraw edip ýyrtyşdyryp, öz maňlaýyny ýumruklap, aglamaga başlapdyr. Anna güni
metjide namaz okamaga barýan adamlar oňa seredişip geçip gidýärler, olaryň
birnäçeleriniň oňa nebsi agyrsa, birnäçesi parhyna-da alman geçip gidýän ekeni. Ine,
şeýlelik bilenem, meniň doganym iki elini burnuna sokup galyberipdir: onuň puly-da
biderek gidipdir, gören peýdasy-da bolmandyr. Onsoň ol birentek wagtlap aglap
oturypdyr; birdenkä görse, ynha bir owadan aýal maşgala altyn eýerli gatyr münüp gelýär
ekeni, ýanynda-da bir topar hyzmatkäri barmyş, ondan müşk ysy kükäp duranmyş, özi
weli Anna (Juma) namazyna metjide barýar ekeni. Ol meniň doganymyň öňündäki döwük
çüýşeleri, onuň ejizläp aglap oturyşyny görüp, zenanyň haly perişan bolup, haýpy gelip,
nebsi agyrypdyr, onsoň ol doganymyň halyndan habar alypdyr.
Adamlar oňa: «Onuň çüýşeden edilen gap-gaçlary bardy, şolary satan bolup, telli-pelli gün
görýärdi, emma gapagy ýykylyp, ol zatlarynyň barysy döwlüpdir, ynha-da indi onuň bolup
oturşyny özüň görýärsiň» diýipdirler. Onda ol gyz öz hyzmatkärleriniň birini ýanyna
çagyrypdyr-da: «Sen ýanyňda baryny şu garyba ber» diýipdir. Ol hyzmatkärem öz
ýanyndaky gapjygy meniň doganymyň eline beripdir, onuň içinde bolsa bäş ýüz dinar bar
ekeni, doganym şonça puluň öz eline düşenligine begenjinden ýaňa tas ýarylyp ölen ekeni.
253

Ine, onsoň doganym ol gyza alkyş baryny okap, öz öýüne gaýdyp gelip, baý
bolandygyna haýran galyp oýlanjyrap oturan ekeni. Şol pursatda, birdenkä onuň gapysy
kakylypdyr. Ol baryp gapyny açyp görse, bir nätanyş kempir dur. Ol aýal oňa: «Aý, balam,
namaz wagty ýetip gelýär weli, men täret kylyp ýetişip bilmedim, sen meni öýüňe
goýberseň, menem bir täret kylsam diýip sowuldym» diýipdir. Meniň doganym hem oňa:
«Baş üstüne, giriberiň!» diýip jogap beripdir-de, ony öýüne goýberipdir, ol aýal öýe
gireninden soň, oňa täret kylar ýaly kündük äberipdir.
Meniň doganym henizem şol pula begenjinden özüni tutup bilmän sandyraklap
ýören ekeni, onsoň ol öz puluny gapjygyna salypdyr. Ol şeýdip öz işlerini gutarýança,
garry kempirem täret kylyp bolupdyr-da, meniň doganymyň oturan ýerine gelip, ikindi
namazyna eglip galypdyr, soňundanam töwir galdyryp, meniň doganyma ýagşy dileg
edipdir. Ol hem öz nobatynda kempire taňryýalkasyn aýdyp, özüniň puluna elini uzadagada, oňa iki dinar berip, öz içinden: «Hudaý ýolym bolsun» diýipdir. Kempir özüne
uzadylan dinarlary görüp: «Allanyň at-owazasy artsyn! Näme üçin sen özüňi gowy görýän
adamy gedaý hasaplaýarsyň? Maňa pul gerek däl, puluňy yzyna al-da, ýene ony öz ýüregiň
üstünde goý. Eger sen şol puly beren adam bilen ýene duşuşmak isleseň, men seni onuň
bilen tapyşdyraýyn, ol meniň joramdyr» diýipdir. Onda meniň doganym: «Wah, ene jan,
nädip onuň bilen duşuşyp bolarka?» diýip sorapdyr. Onda ýaňky aýal: «Aý, balam, onuň
göwni baý adamdy. Sen eliňdäki bar pullaryň hemmesini al-da, meniň yzyma düş, men
seni öz isleýäniň ýanyna elteýin. Sen onuň ýanyna baran wagtyňda, eliňden geleniňi edip,
onuň göwnüni tapjak bol, nähili hoş sözüň bolsa aýdyber, ine, şol wagt sen onuň bütin
lezzetinden peýdalanyp, onuň puluny-da, hemme zadyny-da alyp bilersiň».
Ine, onsoň meniň doganym ähli altyn pullaryny göterip, ol kempir bilen tirkeşip
ugrapdyr (muňa bolsa onuň özüniňem ynamy ýok eken). Kempir şol gidip oturypdyr, gidip
oturypdyr, meniň doganym bolsa tä uly bir derwezäniň üstünden barýançalar, onuň yzyna
düşüp gidip barýar ekeni. Ol aýal derwezäni kakypdyr weli, bir hyzmatkär ýunan gyzy
çykyp derwezäni açypdyr. Kempir howla girip, meniň doganymy içerik salypdyrda, yzyna
tirkäp, bir uly jaýa hem uly otaga alyp barypdyr weli, onuň içine üýtgeşik halylar düşelip,
äpişgeleri-de tutuly eken. Meniň doganym baryp oturypdyr-da, puluny öz öňünde goýup,
sellesini hem dyzynyň üstünde goýupdyr. Ol heniz eýlesine-beýlesine garamanka, görlüp254

eşidilmedik owadan hem gözel lybaslar geýip bezenen bir gözel gyz peýda bolupdyr.
Meniň doganym ony göreninden ör turup tagzym edipdir, ol gyz bolsa meniň doganymy
görüp, onuň ýüzüne gülüp bakyp, oturmagy yşarat edipdir. Ondan soň ol gyz gapyny
baglamaly diýip buýruk beripdir- de, meniň doganymyň ýanyna baryp, onuň elinden
tutupdyr, onsoň ol ikisi başga bir jaýa bakan ugrap, çolaja bir otaga giripdirler weli, görse,
içerik tutuşlygyna ýüpek parçalar ýazylyp goýlupdyr.
Meniň doganym baryp aşak oturypdyr weli, gyz hem onuň ýanynda oturypdyr, onuň
bilen az salym oýnaşypdyr. Ondan soň ol gyz ýerinden turaga-da: «Men gelýänçäm,
ýeriňden gymyldaýmagyn!» diýip tabşyrypdyr-da, esli wagtlap bir ýaňa ýitirim bolupdyr.
Ol şeýdip garaşyp otyrka, birdenkä onuň ýanyna eli ýalaňaç gylyçly daýaw bir gara (negr)
gul giripdir. Ol aňyrdan gelen badyna: «Häý, işi gaýdan, seni bu ýere kim getirdi, asla sen
bu ýerde näme işläp otyrsyň?» diýip dazarylypdyr. Meniň doganym ony görende, asla oňa
jogap gaýtarmaga mejaly-da galmandyr, onuň dili tutulyp, kelam agyz gepläbem
bilmändir. Onsoň ol gul ony gylyjyň ýeňsesi bilen ýenjip. tä özünden gidýänçä urupdyrda, ol äteňet ony öldürendirin öýdüpdir. Şol wagt onuň: «Hany, duzçy nirede?» diýip
gygyranyny eşidip ýatan ekeni. Onsoň onuň sesine bir gyz duzdan doly üwmek edilen bir
tabagy alyp gelipdir weli, ýaňky gul meniň doganymyň ýaralaryna duz sepip çykypdyr,
emma meniň doganym şonda-da diriligini bildirmejek bolup, guldan gorkusyna, sesiniüýnüni çykarman ýatypdyr, diriligini biläýse, gul ýaňadan urup öldürer öýdüp gorkupdyr.
Ondan soň duz getiren hyzmatkär gyz gidipdir weli, ýaňky gul: «Hany, jaýlaýjy
nirede?» diýip gygyrypdyr. Şol wagt hälki kempir gelip, meniň doganymyň satanyndan
tutup, ýerzemine bakan süýräp ugrapdyr-da, bir topar meýidiň arasyna eltip taşlap
gaýdypdyr. Ol şol ýerde bütin iki güni ýatyp geçiripdir. Ine, onsoň hälki endamyna sepilen
duzlar Allanyň emri bilen, onuň diri galmagynyň dermany bolupdyr, çünki duz onuň
ganyny saklapdyr. Onsoň doganym gymyldap ýöremäge ýarap, ýerzeminde ýatan
ýerinden turaga-da, ýokarsyndaky gapagy itip açypdyr-da (özi weli öler ýaly gorkan
ekeni), çykyp ötägidipdir.
Allanyň özi ony gorap saklan bolara çemeli, ol garaňky dalana çykypdyr-da, şol
ýerde ertire çenli garaşyp durupdyr, ertesi jahan ýagtylansoň bolsa, şol äteňenälet kempir
255

çykyp, özüne başga bir aw gözlemäge ugrapdyr weli, meniň doganymam onuň yzyna
düşüp gidiberipdir, kempiriň bolsa ondan habary ýok ekeni. Doganym sag-aman öz öýüne
baryp, tä mazaly sagalýança, özüni bejerdipdir, özi-de şol garry kempiriň yzyndan aňtap,
onuň adamlary aldap, yzly-yzyna şol öýe äkidişine syn edip ýörüpdir, ýöne ony hiç kime
aýtman ýören ekeni.
Ine, onsoň doganym özüni seýisläp, güýjüne hem gaýratyna gelensoň, ol bir köne
esgini alaga-da, ondan asma gapjyk tikdiripdir-de, içini aýna döwüginden dolduryp,
guşagyndan asypdyr. Onsoň ol özüni hiç kim tanap bilmez ýaly başga görnüşdäki eşiklere
girip, geýimini üýtgeşdirip, gylyjyny-da alaga-da, çäkmeniniň içinden dakynypdyr; ine,
onsoň şol kempire gabat gelen wagtynda, onuň ýanyna barypdyr-da, oňa pürsýan dilinde:
«Aý, garry, men bir aýry ýurtly adam, özümem bu şähere, ynha, şu gün gelip düşdüm, hiç
kimi-de tanamok. Sende bäş ýüz dinary çeker ýaly uly terezi ýokmy? Men saňa-da şondan
az-kem pul bererdim» diýipdir. Kempirem oňa: «Meniň oglum çekimçi, onda nähili terezi
diýseňem bar. Ol heniz öz ýerinden ötägitmänkä ýetişer ýaly, ýör, onuň ýanyna baraly, ol
seniň gyzylyňy çekip berer» diýip jogap beripdir. Meniň doganymam oňa: «Ýör onda
öňüme düş!» diýipdir. Ine, onsoň kempir onuň öňüne düşüp, meniň doganym bolsa onuň
yzyna düşüp ugrapdyr. Kempir şol öýüň derwezesine baryp, ony kakypdyr weli, şol öňki
gyz gelip, derwezäni açypdyr. Kempir ol gyzyň ýüzüne seredip: «Men bu gün size ýaglyja
omaça getirip berendirin» diýipdir. Onsoň ol gyz meniň doganymyň elinden tutup, ony
şol öňki baran otagyna eltipdir, gyz onuň ýanynda birmeýdan oturan bolup, ýerinden
turupdyr-da: «Men seniň ýanyňa dolanyp gelýänçäm, sen hiç ýana gymyldaýmagyn»
diýip çykyp gidipdir. Onsoň meniň doganym eýlesine-beýlesine garamaga-da ýetişmenkä,
şol äteňenälet gara (negr) gul peýda bolupdyr, onuň elinde hem şol öňki ýalaňaç gylyjy
bar eken. Ine, onsoň ol meniň doganyma: «Tur ýeriňden, äteňenälet» diýipdir. Meniň
doganym hem ýerinden turupdyr weli, ol gul öňe düşüp ugrapdyr, doganym bolsa onuň
yzyna düşüpdir. Şol pursatda bolsa doganym öz çäkmeniniň içinden guşanan gylyjyny
sogrupdyr-da, ýeke gezek aýlap salanda, guluň kellesini kädiniň sapagy ýaly edip, hol
beýläk ýolup taşlapdyr-da, derrewem onuň satanyndan tutup süýräp, şol özüniň eltilen
ýerzeminine eltip taşlap:
256

«Hany duzlaýjy nirede?» diýip gygyrypdyr. Şol wagt hem eli duzdan doly tabakly gyz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 19
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.