Latin

Müň bir gije - 07

Total number of words is 4009
Total number of unique words is 1789
36.7 of words are in the 2000 most common words
49.6 of words are in the 5000 most common words
57.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
göz gerekmiş: geýen lybasy ýaraşykly, ýüzi aý ýaly, gözleri okara ýaly, giň maňlaýynda
aý dogan ýaly ýalpyldap duran, ýaňaklary nar kimin, murty ýaňy taban, ýaňagynyň haly
garamyk dänesi ýalymyş, özi-de hyryn-dykyn bolup duran märekäni itekleşdirip, aňyrdan
gelşine säginmän, Japaryň gaşynda gelip durupdyr.
Ol gelipdir-de, Japara: «Eý, emirleriň emiri, garyplaryň howandary, sen bu taýda
beýdip durmaga mynasyp dälsiň, sen halas bolmalysyň! — diýip gygyrypdyr. — Siziň şol
sandykdan tapan aýalyňyzy öldüren adam mendirin! Şonuň üçin asmaly bolsa meni as,
näme almaly bolsa, menden al!» Japar bolsa bu ýigidiň diýen-aýdanlaryny eşidip, özüniň
halas boljagyna begenipdir, ýigidiň halyna bolsa gynanypdyr. Olar şeýdişip durkalar, bir
görseler, ynha bir ebti agan garryja adam märekäni itekläp, adamlaryň arasyndan saýlanyp
çykyp gelýärmiş. Ol anyrdan gelşine, Japara hem ol ýigide salam beripdir-de,
soňundanam: «Eý wezir hem beýik mertebeli jenap, sen bu ýigidiň aýdýanyna ynanma!
Hakykatyna garanyňda, ol aýaly menden başga hiç kim öldürenok! Şonun üçin näme jezaň
bolsa mana ber, ýok-da bolsa, eger sen şony etmeseň, men seni gudraty güýçli
Allatagalanyň öňünde günäkär edip, jogap bermegiňi talap ederin!» diýipdir. Onda ýaňky
ýigit: «Eý, wezir, bu bir akyly çaşan, eňki gaçan garry, ol özüniň näme diýip, näme
aýdýanyny-da bilenok, ol aýaly men öldürdim! Onuň üçin näme jeza berseň, maňa ber!»
diýipdir. Onda garry: «Eý, oglum, sen heniz ýaş, seniň dünýäden eşret almaly aýny
wagtyň, men bolsam ýaşamak kemi galmadyk, dünýäden iren garry. Men öz janymy pida
edip, seni-de, weziri-de, onuň dogan-garyndaşlaryny-da halas edeýin. Şol aýaly menden
91

başga hiç kim öldürenok! Allanyň haky üçin, basymrak boluň-da meni asyň! Indi meniň
bu dünýäde ýaşarlygym galmady!» diýipdir. Wezir bu ýagdaýy görüp-eşidip, biçak geň
galypdyr, onsoň ýaňky garry bilen ýaş ýigidi yzyna tirkäp, halyfyň ýanyna çykypdyr, onuň
öňünde iki bükülip baş egip, ýeri ogşap: «Eý, külli musulmanyň hökümdary, biz şol aýaly
öldüren adamy alyp geldik» diýipdir. Halyf bolsa: «Hany, ol nirede?» diýip sorapdyr.
Japaram: «Ynha, bu ýigid-ä ol aýaly men öldürdim diýýär, ynha, bu garry bolsa:: «Ýok,
ýigit ýalan sözleýär, ol aýaly menden başga hiç kim öldürenok diýýär. Ynha olaryň ikiside seniň öňüňde dur» diýip jogap beripdir.
Onsoň Halyf ýigidiň hem gojanyň ýüzüne taýly gezek seredipdir-de: «Ol aýaly siziň
haýsy biriňiz öldürdiňiz?» diýip sorapdyr. Ýigit: «Men» diýip öňürti jogap beripdir weli,
goja hem: «Ony menden başga hiç kim öldürenok!» diýip gygyryp başlapdyr. Onda halyf
Japara ýüzlenip: «Bularyň ikisinem äkit-de dardan as» diýipdir. Emma Japar: «Eger
bularyň ikisi däl-de, biri öldüren bolsa, onda ikinji birini nähak asyp öldürmegiň özi
adalatsyz bolar ahyry» diýipdir. Şol wagt ýigit: «Külli älemi hem bütin zemini ýaradanyň
adyndan ant içýärin, ol aýaly men öldürdim» diýip, nädip hem nähili ýagdaýda
öldürendigini jikme-jik gürrüň beripdir weli, halyfyň tapan sandygynasebedine çenli
hemmesi dogry geleni üçin, ol aýaly, dogrudan-da, şol ýigidiň öldürenligi halyfa aýdyň
bolupdyr.
Halyf bu ikisiniň gürrüňine geň galyp, ýigitden sorapdyr: «Sen ol aýaly näme üçin
öldürdiň, onsoňam näme üçin saňa hiç kim azar bermese-de, çagyrylmadyk ýerden özüň
gelip, öldürenligiňi keýpihon boýnuňa alyp: «Şol aýal üçin näme jeza bermeli bolsa, maňa
beriň!» diýýäň?» Onda ol ýigit: «Biler bolsaň, eý, külli musulmanyň hökümdary — diýip,
doly gürrüň bermäge durupdyr: — ol aýal meniň aýalym, öz daýymyň gyzy, ynha, bu goja
bolsa onuň atasy, meniňem daýym. Ol heniz ýaş gyzka, men oňa öýlendim. Allatagalanyň
emri bilen ondan meniň üç oglum boldy, ol pahyr meni tüýs ýürekden söýüp, meniň
yzymda sergezdandy, menem onuň erbetligini görmänim üçin, ony janymdan eziz
görýädim. Ine, onsoň şu aýyň başlarynda aýalym agyr syrkawlady, men onuň üçin
hekimleri, tebipleri çagyryp getirdim, onsoň onuň saglygy kem-kemden oňatlaşyp ugrady.
Onsoň men ony hammama äkitmekçi boldum. Emma ol: «Hammamdan öň göwnüm bir
zat küýseýär, hut ýüregime düşüp dur» diýdi. Onsoň menem oňa: «Ajap bolgaý, gözüm
92

üstüne, näme gerek bolsa aýt» diýdim. Onda aýalym: «Maňa alma gerek, men ony ysgap
görsem hem-de ýekeje gezek dişlesem» diýdi.
Ine, onsoň menem şol sagadyň özünde şähere ugradym, baryp alma gözledim,
emma hiç ýerden alma tapyp bilmedim. Eger şol wagt onuň biri bir dinar bolsa-da aljagym
çynymdy. Alma tapyp bilmänim üçin lapym keç bolup, öýe gaýdyp geldim-de, öz
aýalyma: «Eý, daýymyň gyzy, Allanyň adyndan ant içýän, ynan, men hiç zat tapyp
bilmedim» diýdim. Onuňam lapy keç boldy. Syrkawyň göwni näzik bolýar, şol gije onuň
keseli göz-görtele beterledi duruberdi.
Men uzynly gije pikir etdim, daň atyp, jahan ýagtylansoň bolsa, men ýene öýden
çykyp, bir ýerde bag bar bolsa aýlanyp çykdym, emma alma tapyp bilmedim. Aýlanyp
ýörşüme bir garry bagbana gabat gelip, ondan alma soradym, ol bolsa maňa: «Aý, oglum,
bu wagtlar alma tapaýmak aňsat däldir, hiç ýerde alma ýokdur. Almany häzir diňe külli
musulmanyň hökümdarynyň öz bagynda, Basradan9 tapmak bolar, özi-de bagban ony diňe
halyf üçin aýap saklaýandyr» diýip jogap berdi.
Onsoň men öýe dolanyp gelip, aýalymy tüýs ýüregimden söýýänim üçin, ýola
düşmekçi boldum. Men gidişin hem gaýdyşyn on bäş gije-gündiz ýol ýöräp, üç sany
almany Basra bagyndan üç dinara satyn alyp, aýalyma getirip berdim. Men öýe gelip,
almalary aýalyma berdim weli, ol pahyr gaty begendi, olary öz ýanynda goýdy, ýöne weli
onuň keseli hem gyzdyrmasy has-da güýjedi, on gün geçýänçä agyr ýatdy. Şondan soň ol
kem-kem oňatlaşdy, kemsiz gutuldy. Ol gutulansoň menem öz işim bilen boluberdim: öz
dükanyma baryp, söwda-satyg edip başlaberdim. Bir gün öz dükanymda otyrkam,
günortan çaglary bir gara (negr) gul geçip barýar, görsem, onuň elinde meniň getiren üç
almamyň biri bar, ol almany elinde güjeňläp oýnan bolup gidip barýar. Men oňa: «A-how,
ýagşy ýigit, sen ol almany nirden aldyň, maňa-da alma gerekdi, tapsam aljak, alan ýeriňi
aýtsana!» diýdim. Gul gülen bolup: «Men muny öz gezýän heleýimden aldym. Men
birentek wagtlap onuň ýanyna barman-barman, şu gün bardym weli, ol arada syrkawlan
ekeni, onuň ýanynda üç sany alma dur ekeni. Almany nirden alanlygyny soradym weli,
ol: «Meniň ärim, otüki deýýusdan azan äteňet, şunuň üçin Basra gidip, üç almany üç dinara
9
Basra — Yragyň söwda hem port şäheri, Bagdadyň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär.
93

satyn alyp getirdi» diýdi. Onsoň menem onuň almasynyň birini alyp gaýtdym» diýip jogap
berdi.
Men guluň bu aýdanlaryny eşiden wagtymda, ynan, eý, külli musulmanyň
hökümdary, gözlerimiň öňi garaňkyrap, dünýä gözüme tüm garaňky bolup göründi. Men
şol minutyň özünde ýerimden turaga-da, dükanymy bagladym-da, gaharymdan ýaňa näme
işleýänimi-de bilmän, öýüme gelip, almalara seretdim weli, diňe iki alma bar ekeni, ony
görüp: «Almanyň biri nirede?» diýip, aýalymdan soradym. Ol bolsa:
«Bilemok, meniň-ä almadan-da, hiç zatdan-da habarym ýok!» diýip jogap berdi. Şol wagt
men gara (negr) guluň aýdanynyň dogrulygyna bütinleý ynandym, onsoň elime pyçagymy
alaga-da, aýalymyň ýeňse tarapyndan bardym-da, onuň bilen hiç hili gepgürrüň etmezden,
arkan ýatyraga-da, döşüniň üstünde artlaýyn oturyp, pyçak bilen damagyny çaldym. Ine,
onsoň onuň kellesini kesip aýyrdym-da, howlukmaçlyk bilen, hasyr-husur sebede
dykdym, üstündenem gyňaçlyk mata bilen basyrdym, onsoň men sebediň agzyny köjedim,
üstüne-de bir bölek haly ýyrtygyny goýdum, şol durşuna ony sandyga saldym-da, öz
gatyryma ýükläp alyp gitdim, äkidibem ony öz elim bilen Tigr derýasyna taşladym.
Allanyň haky üçin, eý külli musulmanyň hökümdary, meni basymrak as, ýogsam ol
kyýamat magşar gününde menden jogap sorar öýdüp gorkýayn. Men ony Tigr derýasyna
taşlan wagtymda (bu işi bilen adam bolmady), men özümiň uly oglumyň aglap duranyny
gördüm (ol bolsa öz ejesini meniň beýdenimden bihabardy).
Men: «Oglum, sen näme üçin aglap dursuň?» diýip soradym. Ol bolsa şeýle gürrüň berdi:
«Men ejemiň ýanyndaky almalaryň birini aldym-da, jigilerimi oýnatmak üçin köçä
çykdym. Birdenkä köçeden geçip barýan uzynak bir gara (negr) gul almany meniň
elimden kakyp aldy-da: «Sen muny nireden aldyň?» diýip sorady. Men: «Enem syrkaw
bolany üçin, kakam ony Basradan ýörite gidip satyn alyp geldi. Kakam üç almany üç
dinara alypdyr» diýip düşündirdim. Gul meniň almamy aldy-da, dolanyp bermedi, men
oňa her näçe aýtsam-da, ol muňa gulak asmady, men almany nähililik bilen
tapandygymyzy oňa öwran-öwran düşündirdim, emma ol ony yzyna bermedi, asla meniň
ýüzüme-de seretmedi, almamy ber diýsem, ol meniň ýaňagyma şapbat çaldy-da, almany
aldy ötägitdi. Almany elimden giderenim üçin ejem meni urar öýdüp gorkdum, jigilerimi
alyp şäherden çykyp gitdim, diňe agşam garaňky düşensoň gaýdyp geldim, indem
94

ejemden gorkyma öýe baryp bilmän durun. Kaka, Allanyň haky üçin, sen ejeme hiç zat
aýtma, ýogsam ol gaýra üzüler, keseli öňküsindenem beterlär» diýdi.
Men oglumyň aýdanlaryny eşidip, ol gara (negr) guluň ýalan sözläp, daýymyň
gyzyna töhmet edendigini bildim, ony özümiň nähak ýere öldürendigime-de şonda gözüm
ýetdi. Şondan soň men öz eden işime ökünip, zar-zar aglap başladym, aglap otyrkam
bolsa, birden meniň daýym, aýalymyň atasy, ynha, şu goja ýanymda peýda boldy, men
oňa bolan ahwalaty gürrüň berdim, onsoň ol hem meniň ýanymda oturyp aglamaga
başlady. Şeýdip biz gijäniň ýarymyna çenli aglaşyp oturdyk, bäş günläp ýas tutduk, meniň
ol pahyry bigünä ýere nähak öldürenime gynanyp, biz henizem onuň ýasyny tutup ýörüs.
Bu işde belanyň körügi şol gul, aýalymyň öldürilmegine-de, hemmesine şol sebäpkär
boldy. Seniň ataň-babaň haky üçin, sen meni basymrak öldür — aýalymyň yzynda diri
galanymy ýaşadygym hasap etjek däl. Onuň ölümi üçin meniň janymy al».
Halyf bu ýigidiň sözlerini eşidip, biçak geň galypdyr-da: «Alladan ant içýän, men
şol äteňenälet guldan başga hiç kimi asmaryn, şeýtsem hassa jana şypa berdigim, Gudratly
Ýaradanyň göwnünden turdugym bolar» diýip seslenipdir.
Ine, şeýlelik bilenem, halyf şol guldan özge hiç kimi asmazlyga äht edipdir, çünki
ol ýigit aklanmaga mynasyp ýigit ekeni. Ondan soň halyf Japara ýüzlenip: «Sen maňa şu
işiň barysyna sebäp bolan şol deýýus guly getirip ber, eger getirmeseň bolsa, onuň ýerine
özüň dara çekilmeli borsuň!» diýipdir.
Ine, onsoň, Japaram aglap-eňräp, şähere bakan gidip barşyna içini gepledip: «Men
iki gezek ajalyň eline düşdüm, ýöne her gezek beýle bolup, küýze döwülmän galyp durup
bilmez ahyry! Bu işde alaç tapyp bilmersiň, ýöne weli meni bir gezek halas edip bilen
Biribar ikinji gezegem halas edip biler. Allanyň haky üçin, men üç günläp öýümden
çykmazlyga äht edýärin, Gudratly Taňrynyň özi näme etse, şoňa kaýyl, özi gowusyny
etsin-dä!» diýýär ekeni.
Ine, onsoň Japar üç günläp öz öýünde bolup, dördünji güni kazylary hem şaýatlary
çagyryp, aglaýa-aglaýa, öz çagalary bilen hoşlaşypdyr. Şol wagt hem halyfyň iberen
adamy onuň ýanyna gelip: «Külli musulmanyň hökümdary biçak gaharlanýar, özi-de
95

seniň yzyňdan iberdi. Seni asyp öldürmesem, günüm ýaşjak däl diýip gazaplanýar» diýip
habar beripdir.
Japar bu sözleri eşidip aglapdyr, onuň çagalary-da, öýündäki gullary hem
beýlekileri, barysy bozlaşyp aglapdyrlar. Ondan soň Japar hemmeler bilen hoşlaşyp bolup,
iň soňundan özüniň iň kiçi gyzy bilen hoşlaşmak üçin onuň ýanyna barypdyr, sebäbi ol
özüniň kiçi gyzyny beýleki çagalaryndan aýratyn gowy görýän ekeni, ony bagryna basyp
ogşapdyr-da, aýralyk derdinden ýene aglapdyr.
Ol gyzyny gujaklap durka, onuň goltugynyň aşagynda togalak bir zadyň ýumralyp
duranyny aňypdyr.
«Gyzym, seniň goltugyň aşagyndaky zat näme?» diýip, ol gyzyndan sorapdyr. Gyzy
bolsa: «Kaka, ol bir alma, onuň ýüzünde biziň halyfymyzyň ady ýazylypdyr — diýip,
jogap beripdir: — Ony biziň gulumyz Reýhan getirdi, bu almany men dört günden bäri öz
ýanymda saklaýaryn, men ony iki dinara satyn aldym». Japar alma hem gul hakyndaky bu
gürrüňi eşidip begenipdir, özi-de şol bada gyzynyň goltugynyň aşagyna elini sokaga-da,
almany çykaryp alypdyr-da, ony tanap: «Eý, Hudaýym, sen meniň ýakyn kömekçim!»
diýip, gyzyna guwanyp seslenipdir.
Onsoň ol öz guluny çagyrypdyr, gul hem gelipdir weli, Japar oňa: «Aý, işi gaýdan
Reýhan, sen bu almany nireden aldyň?» diýipdir. Gul bolsa oňa: «Alladan ant içýän,
meniň jenabym, eger ýalan söz adamy bir gezek halas edýän bolsa, çyn söz iki gezek halas
edýändir — diýip jogap beripdir. — Men bu almany seniň köşgüňdenem ogurlamok, onuň
alyhezretleriniň köşgündenem däl, külli musulmanyň hökümdarynyň bagyndanam
ogurlamadym. Bäş gün mundan ozal, men şäheriň köçelerinden geçip barýarkam,
haýsydyr bir köçejigiň ugrunda oýnap ýören oglanlaryň üstünden bardym, olaryň biriniň
elinde bir alma bar ekeni. Men onuň elinden almany kakyp aldym-da, özüni hem urdum.
Ol oglan bolsa aglap: «Edermen kişi, ol alma meniň ejemiň almasy.
Ejem syrkaw, ony kakama ýörite bir ýerden getirtdi. Kakam ýörite Basra gidip, üç almany
üç dinara satyn alyp geldi. Men almalaryň birini oýnamak üçin ejemden ogurlap aldym»
diýdi. Ol oglan şeý diýip aglady, emma men oňa bakmadym-da, almany alyp şu ýere
96

geldim, ine, onsoň meniň kiçijik hanymym ol almany menden iki dinar tylla berip aldy.
Ine, meniň gürrüňim».
Guluň bu gürrüňini eşidip, ol aýalyň öldürilmegine öz gulunyň sebäpkär bolanyna
Japar biçak geň galdy, öz gulunyň bu işde dahylly bolanyna gynandy, ýöne weli ýene
özüniň halas boljagyna begenip, şu gazaly aýtdy:
«Hyzmatkärden bagtyň gelmese, eý han!
Eýlegil sen ony janyňa gurban.
Näçe diýseň gul tapylar her kanda,
Emma başga jan tapylmaz jahanda».
Şondan soň Japar öz gulunyň elinden tutdy-da, ony halyfyň ýanyna alyp baryp,
bolan zatlaryň baryny bolşy ýaly edip, başdan-aýagyna çenli oňa gürrüň edip berdi. Halyf
bu zatlara geň galyp, güle-güle çiň arkan ýykyldy.
Halyf bu wakany hata ýazyp, halkyň içine ýaýratmaly diýip buýruk berdi, şonda
Japar oňa: «Sen bu hekaýaty geň görme, eý, külli musulmanyň hökümdary, bu waka
müsürli Nuretdin Aly wezir hem onuň dogany Şemsetdin Muhammet hakyndaky
hekaýatdan geň däl ahyry» diýipdir. Onda halyf: «Hany aýdyp ber göreýin!» diýip
seslenipdir. Japar oňa: «Eý, beýik mertebeli hökümdar, eger sen meniň gulumy ölümden
halas etmäge söz berseň, diňe şol şert bilen ol hekaýaty aýdyp berip bilerin» diýipdir.
Halyf hem oňa: «Eger seniň aýdyp berjek hekaýatyň biziň şu görüp-eşiden
ahwalatymyzdan-da geň bolsa, onda men bu guluň ganyny saňa bagyş edip bilerin, eger
şundan geň bolmasa, onda men seniň guluňy öldürerin» diýip jogap beripdir.
97

NURETDIN WEZIR HEM ONUŇ DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, eý, külli musulmanyň hökümdary — diýip, Japar gürrüň bermäge
başlapdyr: — Geçen zamanlarda Müsür ýurdunda adalatly hem wepaly, garyppukaralary
gowy görýän, öz wagtynyň köpüsini alymlardyr bilimdarlar bilen geçirýän bir soltan
bolupmyş. Onuňam bir akylly-başly, ýurdy dolandyrmak işine ökde, hemme zatdan
habardar weziri bar eken. Wezir haýy gaçan garry bolup, onuň iki ogly bar ekeni,
syratlylykda hem owadanlykda olara taý gelýän bolmandyr; ulusynyň adyna Şemsetdin
Muhammet, kiçisine bolsa Nuretdin Aly diýerler ekeni. Owadanlykda hem gözellikde
kiçisi has saýlanýar ekeni, asla onuň ady özge ýurtlara-da ýaýrap, ony görmek üçin şol
soltanyň ýurduna ýörite barýan adamlar hem bolupmyş. Ine, onsoň olaryň atasy aradan
çykypdyr weli, soltan oňa gaty gynanypdyr, onuň ogullaryny gözden salman, olary öz
ýanyna çekip, olara sylag-serpaý berip: «Siz öz ataňyzyň ornundasyňyz, siz hiç zadyň
gaýgysyny etmäň, arkaýyn boluň-da, geziberiň» diýipdir. Oglanlar bolsa muňa begenişip,
soltanyň öňünde iki bükülip baş egip, onuň aýak tozuny ogşap, bir aýlap atalarynyň
ýasyny tutup gezipdirler, ondan soň bolsa wezirlik wezipesini eýeläpdirler. Ine, onsoň
häkimiýet hem birwagtlar olaryň atasynyň elinde bolşy ýaly, indi olaryň eline geçipdir.
Soltan bir ýere syýahata giden wagtlarynda, olaryň birden-biri onuň ýany bilen gider
ekeni.
Ine, onsoň günlerde bir gün gije olar gepleşmeli bolupdyr (soltanyň ýany bilen
gitmelisi ulusy ekeni), şonda ulusy kiçisine: «Inim, men ikimiziňem bir agşamda
öýlenmegimizi isleýärin» diýipdir. Onda kiçisi oňa: «Näme edesiň gelse ediber, agam,
seniň aýdanyňa garşylygym ýok» diýip jogap beripdir, onsoň olar öz aralarynda şol hili
ylalaşyga gelipdirler. Onsoň ulusy kiçisine: «Eger Allatagalanyň özi ygtyýar berse, biz iki
sany gyzy özümize gelin edinip, bir gijäniň özünde-de ikimizem bir wagtda olaryň ýanyna
gireris, onsoň olaram bir günde, bir wagtda çaga dograrlar, eger Hudaý halasa, seniň
aýalyň ogul dograr, meniňkem gyz, onsoň olar ulalansoň, biz olary biri-birine öýlendireris,
olar är-aýal bolarlar» diýipdir. Onda Nuretdin: «Agam, sen öz gyzyňy meniň ogluma
bereniň üçin, bizden näme alarsyň?» diýip sorapdyr. Şemsetdin bolsa: «Men öz gyzymyň
bahasyndan sizden üç müň dinar, üç bag, üç oba alaryn, eger siz şol zatlary bermän,
gyzymy alaýsaňyz, onda ýagşy bolmaz» diýip jogap beripdir. Nuretdin öz agasynyň bu
98

aýdanlaryny eşidip: «Seniň bu baha kesişiň nähili bolýar ahyry? — diýipdir. — Näme, sen
ikimiziň dogandygymyzy, Allanyň emri bilen, ikimiziňem wezir bolup, ikimiziň bir
wezipäni eýeleýändigimizi bileňokmy? Hakyna garanyňda, sen öz gyzyňy meniň ogluma
mugt bermeli ahyryn, galyň aljak diýseňem, hälki bir iliň gözüne diýen ýaly, ýöne azowlak bir zat alan bolmaly ahyry. Erkegiň aýaldan ýokary tutulýandygyny özüň bilýäň,
meniň çagam erkek kişi, şoňa görä-de, bizi ýatlanlarynda seniň gyzyň ady bilen däl-de,
meniň oglumyň hatyrasy üçin ýatlarlar». Onda Şemsetdin: «Gyz bolany bilen onuň nämesi
erbetmiş?» diýipdir. Nuretdin bolsa: «Emirleriň arasynda bizi onuň hatyrasy üçin
ýatlamazlar. Senem maňa öňde biriniň başga birine edenini etjek bolýarsyň. Öňem biri öz
dostunyň ýanyna gelip, ondan kömek soranmyş diýýärler, dosty bolsa oňa: «Allanyň haky
üçin, biz seniň haýyşyňy kanagatlandyrarys, ýöne bu gün däl-de, ertir» diýenmiş. Onda
kömek sorap gelen:
«Erte gel» diýseler, dileg edeňde,
Kowduklary bolar, bilgin, gideňde».
diýipdir.
Onda Şemsetdin inisine: «Görýän welin, sen hetdiňden aşa geçip, öz ogluňy meniň
gyzymdan artykmaç hasap edýärsiň — diýipdir. — Sen entek kemakyl ekeniň, sen ulynykiçini saýgaraňok. Sen wezirlige şärikligiňi-de diliňe çolaýarsyň, emma men diňe saňa
dözmezçilik edip, seniňem öz ýanymda wezirlik etmegiňe ýol berdim. Onsoňda sen maňa
kömek berersiň, meniň kömekçim bolarsyň öýdüp, hemem saňa nebsim agyryp, ýanyma
kabul etdim. Indem sen bu hili sözler aýdýan bolsaň, Alladan ant içýän, eger sen meniň
gyzymyň agramyna barabar altyn berseňem, men öz gyzymy seniň ogluňa bermerin».
Nuretdin hem öz agasynyň bu aýdanlaryny eşidip, oňa gahary gelip: «Menem öz
oglumy seniň gyzyňa öýermerin» diýipdir. Şemsetdin oňa: «Menem öz gyzymyň seniň
ogluňa äre barmagyna razylyk bermerin! Men häzir ýolagçy bolmadyk bolsam, onda men
seni akylyňa aýlanar ýaly ederdim weli, arman, men gitmeli bolýan, emma gidip gelemsoň
görersiň! Meni sylamak üçin näme-nämeler etmeli boljakdygyňy men seniň gözüňe
görkezerin!» diýipdir.
99

Doganynyň bu sözlerini eşiden Nuretdiniň gahar gazany gaýnap joşupdyr, ol
dünýädäki bar zatlary ýadyndan çykarypdyr, ýöne welin ol öz kalbynda turýan harasady
daşyna çykarman saklanypdyr, onsoň olaryň her haýsy bir ýana öwrülip, ol gijäni
biribirinden aýralykda geçiripdirler. Ertesi ir bilen bolsa soltan ýola düşüp, Gize 10
şäherine, piramidalara — guburlara tarap rowana bolupdyr, weziri Şemsetdinem onuň
ýany bilen gidipdir.
Onuň dogany Nuretdin bolsa ol gijäni gaharyna bäs gelip bilmän geçiripdir, ertesi
bolsa ol daň bilen turup, ertir namazyny okap bolup, özüniň hazynasyna barypdyr-da, bir
haltajygy alaga-da, altyndan dolduryp alyp gaýdypdyr. Onsoň ol öz doganynyň öten
agşamky aýdan sözlerini hem-de özüniň äsgerilmän kemsidilmegini ýadyna salyp, şu
gazaly aýdypdyr:
«Ýola düş, eý gardaşym, bagtyňy açsyn sapar,
Zähmet içre dök deriň, iş eden rehnet tapar.
Sylagu-hormat bilinmez, hesrete goýdy watan,
Kimde-kim ýurt terk edip gitse maksatga ýeten.
Gezeniň bagty turar, bu saparnyň güýjüdir,
Ýatsa suw sadyr bolar, aksa baldan süýjüdir.
Bulut içre aý ýöräp, garşy özüni bukar,
Şol sebäpden her kişi garşy asmana bakar.
10
Gize — Müsüriň paýtagty Kairiň etegindäki şäherjik.
100

Aw tapylmaz arslana, gowagyndan çykmasa,
Ok atylmaz nyşana, mergen ýaýyn çekmese.
Altyn çagşap ýatandyr mekanynda-käninde, Öz
ýurdunda ýakylar injir odun sanynda.
Ýetse başga illere, herki zadyň gadry bar, Kä
harydyň agramy sap altyna barabar».
Nuretdin şu gazaly aýdyp bolupdyr-da, özüniň hyzmatkärlerinden birini çagyryp,
iň oňat gatyrlaryň biri bolan nuby gatyryny üsti ýumşak güpjekli eýer bilen eýerlemegi
buýrupdyr. (Ol gatyr bolsa arkasy gümmez ýaly howalanyp duran, altyn eýerli, hindi
poladyndan ýasalan üzeňňili, keçesi bolsa Hosrow patyşanyň münýän atynyň keçesi ýaly
nepis, özi-de başyndan pürenjegi aýrylan gelin ýaly, aýratyn owadan ala-mula gatyr
ekeni.) Onsoň gatyryň üstüne ýüpek ýapynja bilen haly namazlyk atmagy hem buýrupdyrda, altynly haltajygy halynyň aşagyndan asdyrypdyr. Şeýdip ýol şaýyny tutansoň bolsa,
hyzmatkärlere hem gullara tabşyrypdyr: «Men şäheriň daşyna çykyp gezelenç edip
gaýtjak, özümem al-Kalýuba11 bakan gitjek. Men üç gijäni öýden başga ýerde geçirjek,
hiç biriňizem meniň yzymdan gelmäň; men ýekelikde bolmak isleýärin, hiç kim maňa azar
bermesin, meniň ýüregim gysýar» diýipdir. Ine, onsoň ol ýanyna azowlak azyk hem alyp,
haýdan-haý gatyra atlanypdyr-da, Kairden çykyp, ýüzüni çölüstanlyga tutup gidiberipdir.
Ol heniz gün günorta bolmanka, Belbeýs12 şäherine baryp ýetipdir. Ol gatyrdan düşüp
dynjyny alypdyr, gatyra-da dynç beripdir, onsoň şol ýerden iýer-içer ýaly zat alyp nahar
11
Al-Kalýuba – Kairden on kilometr demirgazygynda ýerleşýän şäher.
12
Belbeýs – (Bilbis) – Kairden Siriýa gidilýän ýoldaky duralga.
101

edinipdir. Ondan soň ýolda iýer ýaly zat hem-de gatyra berer ýaly iým alyp,
Belbeýsdenem çykyp, çöle bakan sürüp ugrapdyr.
Şol gidip barşyna, agşam düşüp, garaňky gatlyşandan soň, ol as-Saidiýa13 diýen
şähere baryp ýetipdir, onsoň ol iýip-içip, şol gijäni ol ýerde geçirmekçi bolup, ýol
duralgasynyň jaýyna girip, halysyny aşagyna düşenip, haltajygyny-da kellesiniň aşagynda
goýup ýatan wagtynda-da, onuň gahary düşüşmän ekeni.
Nuretdin ol gijäni şol ýerde ýatyp geçirip, ertesi daň atansoň, ýene gatyryna
atlanypdyr-da, tä Halap14 şäherine barýança dynman ýöräpdir, bu ýerde bolsa haýsydyr
bir kerwensaraýda düşläpdir. Nuretdin bu ýerde üç günläp bolup, özi-de dynjyny alypdyr,
gatyryna-da dynç beripdir, şähere seýil edipdir. Ondan soň ol ýene ýoluny dowam
etdirmegi ýüregine düwüp, ýene gatyryna atlanypdyr-da, özüniň nirä barýanlygyny-da
bilmän, ýüzüniň ugruna sürüp gidiberipdir. Ine, onsoň ol şeýdip gidip barşyna, Basra
şäherine baryp ýetenini özi-de bilmändir. Ol ýerde-de haýsydyr bir kerwensaraýda
düşläpdir. Gatyryň üstündäki halysyny alaga-da, ýere düşäp, haltajygyny-da eline
alypdyr-da, ýadap gelen gatyry birneme gezdirmek üçin esbaby bilen derwezebanyň eline
beripdir, derwezebanam gatyryň jylawyndan tutup, ony gezdirip başlapdyr.
Derwezeban gatyry gezdirip ýörkä, Basra soltanynyň weziri öz köşgünde äpişgeden
seredip oturan ýerinden gatyry görüp, onuň gymmatbahaly esbabyndan, gatyryň
bezeginden çen tutup, onuň eýesi ýöne bir garamaýak adam bolman, soltan gatançly ýada wezir ýaly beýik mertebeli adam bolmaly diýip oýlanypdyr. Wezir öz ýanyndan şu hili
pikir edipdir-de, hyzmatkärlerinden birini ýanyna çagyryp: «Şol gatyry gezdirip ýören
derwezebany meniň ýanyma alyp gel!» diýip buýruk beripdir.
Hyzmatkärem gidip, ýaňky derwezebany weziriň ýanyna alyp gelipdir.
Derwezebanam gelip, weziriň öňünde üç bükülip tagzym edip, onuň aýak tozuny
ogşapdyr. Onsoň wezir (ol biçak garry adam ekeni) derwezebandan: «Bu gatyryň eýesine
kim diýýärler, onuň nähili nyşany-alamaty bar?» diýip sorapdyr. Derwezeban bolsa: «Eý,
13
as-Saidiýa – Kairden Siriýa gidilýän ýoldaky duralga.
14
Halap – Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän bir şäher.
102

meniň jenabym, gatyryň eýesi ajaýyp owadan ýaş ýigit. Onuň mertebesi belent, örän
saýhally hem sypaýy ýigit, uly täjiriň ogluna çalym edýär» diýip jogap beripdir.
Derwezebanyň bu aýdanlaryny eşiden wezir, derrew ýerinden turaga-da, kerwensaraýa
bakan atlanyp ugrap, ýigidiň ýanyna barypdyr. Nuretdin bolsa garry weziriň özüne tarap
gelýändigini görüpdir-de, derrew ýerinden turup, onuň öňünden çykypdyr, edep bilen
salam berip, gol uzadyp salamlaşypdyr. Wezirem onuň salamyny alyp, atdan düşüpdir-de,
ony gujaklapdyr, onsoň ony öz ýanynda oturdyp: «Ýeri, oglum, sen nireden gelip, nirä
barýarsyň, näme iş bilen ýola çykdyň?» diýip sorapdyr. Nuretdin bolsa: «Eý, hökümdar,
men Kair şäherinden geldim — diýip jogap beripdir. — Men şol ýeriň weziriniň ogludym,
onsoň, atam pahyryň kazasy dolup, Allanyň beren amanadyny tabşyrdy». Onsoň Nuretdin
özüniň başyndan geçenlerini başdan-aýak birin-birin gürrüň berip, yzyndanam: «Men
bütin şäherleri, ähli ýurtlary aýlanyp çykýançam, öz ýurduma dolanyp barmazlygy
ýüregime düwdüm» diýipdir.
Wezir Nuretdiniň beren gürrüňini diňläp bolup: «Eý, oglum, sen ýüregiň aýdanyna
gulak salma, beýtseň, bir hatarly howpuň üstünden barmagyň mümkin — diýipdir. — Ýer
ala, ýurt ala, täleýiň ters gelip, bir belanyň üstünden bararsyň öýdüp gorkýaryn».
Ondan soň wezir Nuretdiniň haltasyny öz gatyrynyň üstüne atyp, onuň gatyrynyň
ýüpek ýapynjasyny, halyçasyny alyp, Nuretdini öz öýüne bakan alyp ugrapdyr. Ony
äkidip, öz öýüne eltip, owadan bezegli bir otagda ýerleşdirip, oňa uly hormat hem hezzet
edipdir. Wezir ony tüýs ýürekden gowy görüp, oňa şeýle diýipdir: «Oglum, men indi
sandan galan bir garry adam, meniň erkek göbekli perzendim ýok, ýöne weli Allanyň özi
maňa bir gyz berdi, owadanlygy diňe saňa taý bolup biljek. Ony aljak bolup gelen
ýigitleriň hiç birine-de bermedim, emma sen meniň ýüregimde orun tapdyň. Sen meniň
gyzymy özüňe hyzmatkär edinip alsaň, ol seniň ýanyňdan aýrylman hyzmatyňy etse,
senem onuň adamsy bolsaň niçik borka? Eger sen şuňa razy bolsaň, onda men seniň bilen
bile Basra soltanynyň ýanyna baryp, oňa: «Ynha, şu ýigit meniň doganymyň ogly» diýjekde, seni öz ýerime wezir etmegiň tagallasyny etjek, özüm bolsa öýde oturjak, men indi bir
garry adam».
Basra soltanynyň weziriniň bu aýdanlaryny eşidip, Nuretdin başyny sallapdyr-da:
«Hoş bolgaý, gözüm üstüne!» diýipdir. Wezir onuň razylyk berenine begenip, oňa
103

naznygmatlar getirip bermegi hyzmatkärlerine buýrup, emirleriň toýy tutulýan uly bir jaýy
Nuretdin üçin bezemeli edipdir. Ondan soň ol özüniň dost-ýarlaryny ýygnap, Basra
şäheriniň ulamalaryny hem baý-täjirlerini çagyrypdyr, olar gelenlerinden soň bolsa, olara
ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Meniň Müsür ýurdunda bir doganym bardy, olam wezirdi,
Allatagala oňa iki ogul beripdi, maňa bolsa, özüňize mälim bolşy ýaly, Allatagala bir gyz
beripdi. Meniň doganym bolsa meniň gyzymy öz ogullarynyň birdenbirine bermegi
wesýet edipdi, menem oňa razy bolupdym. Meniň gyzymyň ýetişenligini bilip, ol öz
ogullarynyň birini, ynha, şu oturan ýigidi biziň ýanymyza iberipdir. Ine, onsoň menem bu
ýigit biziň ýanymyza gelensoň, öz gyzym bilen onuň nika şertnamasyny ýazmagy makul
bildim, özi-de ol gös-göni meniň öýüme girer, sebäbi ol bir ýat adam däl, özümiziňki
diýmek boljak; ondan soň bolsa, eger ol islese, meniň ýanymda hemişelik galybam biler,
ýok, eger öz ýurduna gitmek islese-de, onda men öz gyzymy ýanyna goşup, ony atasynyň
öýüne ugradaryn».
Oturanlaryň hemmesi: «Sen örän gowy edýärsiň!» diýşip makullapdyrlar, olar
oglany-da synlapdyrlar, synlap görenlerinde bolsa, oglana olaryň göwünleri ýetipdir. Ine,
onsoň garry wezir şaýatlary hem kazylary çagyrypdyr, olar nika hatyny ýazypdyrlar, jaýa
müşk bilen anbar ysyny kükedipdirler, şirin nika suwuny owurtlapdyrlar, gül suwuny
pürküpdirler, onsoň, hemmeler çykyşyp gaýdyşypdyrlar, wezir bolsa Nuretdini alyp,
hammama äkitmeli diýip öz hyzmatkärlerine buýruk beripdir. Onsoň özüniň toý
lybaslaryndan alyp, Nuretdine beripdir, her hili oňat ysly atyrlar beripdir, pyýalalar
beripdir, onsoň Nuretdin täze toý lybaslaryny geýnip çykypdyr welin, onuň ýüzi on dördi
gijäniň täze dogan aýy kimin ýalpyldap, äleme şugla saçypdyr. Nuretdin hammamdan
çykyp, gatyra atlanypdyr-da, tä weziriň öýüne barýança, hiç ýerde äginmän sürüpdir,
onsoň weziriň köşgüne gelip, gatyrdan düşüp, weziriň ýanyna barypdyr-da, onuň elinden
öpüpdir, wezir bolsa ony gutlap-mübärekläp: «Sen şu gije öz gelniň ýanyna gir, ertir bolsa
men seniň bilen soltanyň ýanyna bararyn, men seniň hemme işiň rowaç bolmagyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 08
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.