Latin

Müň bir gije - 12

Total number of words is 3925
Total number of unique words is 1846
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
arasynda ajaýyp hem gözel durmuşda ýaşap, tä başy ölüm ýassygyna ýetýänçä, aýşyeşretli döwran sürüpdir.
Japaryň agzyndan bu wakalary eşiden Harun ar-Reşit muňa haýran galyp: «Bu
hadysalary altyn syýa bilen ýazmak gerek!» diýipdir.
Şondan soň ol hälki guly boşadyp goýberipdir, öz aýalyny öldüren ýigidiň bolsa
arkaýyn hem bol-telki, oňat ýaşamagyna kemsiz ýeter ýaly möçberde, her aýda alyp durar
ýaly, oňa aýlyk bellemeli diýip buýruk beripdir, onsoňam öz adyndan bir aýaly oňa peşgeş
berip goýberipdir, özi-de şondan soň ol ýigit onuň ýakyn tabakdaşlarynyň biri bolup
galypdyr.
167

KÜÝKI HAKYNDA HEKAÝAT
Gadym zamanlarda, ençeme asyrlar hem ýüzlerçe ýyllar mundan ozal, birwagtlar,
Çynma-çyn şäherinde bir tikinçi bolanmyş. Onuň eli uzadan ýerine ýetýär ekeni, özem
keýpi-sapalygy, şagalaňlygy gowy görýän adam ekeni. Käwagtlar ol öz aýaly bilenem
gezelenje-seýle çykar ekeni. Ine, onsoň ol günlerde bir gün, ertir bilen çykyp, uzynly güni
geçirip diýen ýaly, agşamaralar öz öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ýoluň ugrunda bir
küýkiniň üstünden gelipdirler. Onuň keşbi şeýle bir geň bolup, gaharlyny güldürjege,
gaýgylynyň göwnüni açyp biljege meňzäp duran ekeni. Tikinçi hem onuň aýaly ol küýkini
görüp, onuň ýanyna barypdyrlar-da, birmeýdan synlap durupdyrlar, soňam ony öz
öýlerine çagyryp, baryndan iýip-içip gaýtmagy oňa teklip edipdirler. Küýki hem oňa razy
bolupdyr-da, olaryň öýlerine barypdyr. Tikinçi iýer-içer ýaly zat almak üçin bazara çykyp
(eýýäm garaňky düşen ekeni), gowrulan balyk, çörek, pyrtykal, süzme alyp gaýdypdyr.
Öýüne gelip, balygy küýkiniň öňünde goýupdyr. Ine, onsoň olar nahar edinmäge
oturypdyrlar weli, tikinçiniň aýaly balygyň ullakan bir bölegini alaga-da, küýkiniň agzyna
tutdurypdyr-da, eli bilenem onuň agzyny tutup: «Alladan ant içýän, sen şuny durşuna ýeke
gezekde ýuwdup, iýseňem iýersiň, iýmeseňem iýersiň, özümem saňa çeýnemäge maý
bermerin!» diýipdir. Onsoň küýki hem ony ýuwdupdyr weli, tokga etiň içinde ep-esli süňk
bar ekeni, ol süňkem onuň bokurdagynda galypdyr. Ine şeýlelik bilenem, küýki pahyryň
ajaly ýetensoň, süňki ýuwdup bilmän ölüpdir. Tikinçi bolsa muňa haýran galyp: «Allanyň
edenine çäre bolup bilmez, hemme zat Alla tarapyndyr! Wah, pahyr! Gel-gel, munuň
ajalynyň biziň elimizden bolaýşyny diýsene!» diýip içini çekipdir. Onuň aýaly bolsa ärine:
«Ýeri, indi näme beýdip garaşyp otyrsyň? Näme, sen öňde biriniň:
Düşdi bir musallat, çaşyrdy başym,
Halasgärlem dargap, çolardy daşym.
Ýanar oda dözen niçik adamdyr?
Ant bolsun, bu işiň soňy matamdyr!
168

diýenini eşitmänmidiň?» diýipdir. Onda äri: «Eýse, men näme etmeli?» diýip, aýalyndan
sorapdyr. Aýaly bolsa oňa: «Tur ýeriňden-de, ony eliňe al, üstüni-de ýüpek çargat bilen
ört, men öňe düşüp ugraryn welin, senem yzyma düş. Häzir agşamyň garaňky çagy,
öňüňden çykyp sorana: «Bu meniň çagam, ynha-da onuň enesi, biz çagamyzy
hekimetebibe görkezjek bolup alyp barýarys» diýip jogap ber» diýip öwredipdir. Tikinçi
hem öz aýalynyň aýdanyny edip, ýerinden turaga-da, küýkini eline göterip çykyp
ugrapdyr. Onuň aýaly bolsa: «Wah, balam, Allanyň özi saňa kömek etsin-dä! Seniň niräň
agyrýar, mama seniň niräňe zeper ýetirdikä?» diýen bolup aglamjyrap barýar ekeni. Ýolda
olary gören adam: «Olaryň çagasy näsaglapdyr-ow» diýýär ekeni. Olar ýolboýy
hekimiňtebibiň öýüni sorap gidip barýarlar ekeni, illerem olara şol töwerekdäki bir ýewreý
hekimiň öýüni salgy berenmişler. Olar teý-ahyry hekimiň öýüne ýetip, onuň derwezesini
kakypdyrlar weli, aňyrdan bir gara (negr) gyrnak ylgap gelip derwezäni açyp görse, ynha
derwezäniň agzynda eli çagaly bir adam dur, ýanynda-da bir aýal bar diýýär. Ol gyrnak
olaryň habaryny alyp: «Size näme gerek?» diýýär. Onda tikinçiniň aýaly: «Biziň
çagajygymyz näsaglady, biz ony hekime görkezmekçi bolup geldik. Sen, ynha, şu çärýek
dinary al-da, öz jenabyňa eltip ber, goý, ol aşak düşsün-de, gelip biziň çagamyza seredip
bersin: çagamyza bir kesel-ä degipdir» diýenmiş. Gyrnak ýokaryk çykyp ugrapdyram
weli, tikinçiniň aýaly iç işige giripdir-de ärine: «Küýkini şu ýerde goý, özüňem bahymrak
bol, janymyzy halas edeli» diýipdir. Tikinçi hem aýalynyň aýdyşy ýaly edip, küýkini
diwara söýäp goýupdyr weli, är-heleý ikisem derwezeden çykyp, ýeňsäni el ýaly
edäýipdir. Hälki gyrnak bolsa ýewreýiň ýanyna baryp: «Derwezäniň agzynda bir adam bir
kesellini görkezmäge getiripdir, ýanynda bir aýalam bar. Olar ynha şu çärýek dinary saňa
iberdiler, aşak düşüp gelsin-de, kesellini görüp, nähilem bolsa bir derman ýazyp bersin
diýip haýyş etdiler» diýipdir. Ýewreý çärýek dinary görüp begenip, haýal etmän ýerinden
turupdyr-da, garaňkynyň içinde aşak düşüpdir weli, ýere düşüpdüşmänkä, ylgap barşyna,
diwara söýelgi duran küýki bilen çakyşypdyr. Ol ölini gören badyna: «Ýa Ýaradan! Ýa
Musa pygamber hem onuň on wesýetnamasy! Ýa Harun hem Nunuň ogly Isa pygamber!
Men bu keselli bilen çakyşypdyryn weli, olam aşak ýykylyp öläýipdir öýdýän?! Ýeri, indi
men bu ölini öz howlymdan nädip çykaryp bilerkäm?» diýip jibirdäpdir. Onsoň ol küýkini
göterip, öz öýüne eltipdir-de, bu ahwalaty aýalyna habar beripdir. Aýaly bolsa oňa: «Sen
näme beýdip otyrsyň? Eger sen ertir gün dogýança şeýdip otursaň, dat günümize, onsoň
169

ikimiziňem: meniňem, seniňem işimiziň gaýtdygy bolar. Gel, ikimiz ony göterip, tamyň
üstüne çykaraly-da, şol ýerdenem ony musulman goňşymyzyň howlusyna taşlaly»
diýipdir. Ol ýewreýiň goňşusy bolsa soltanyň aşhanasynyň naçalnigi, gözegçisi bolup
işleýän ekeni. Gözegçi her gün diýen ýaly öýüne et-ýag getirip goýýar eken weli,
goýanyny pişikler, syçanlar ogurlap iýýärmiş. Gowy guýruk ýagy getirip goýan wagtynda
bolsa, itler tamyň üstünden aşyp geçip äkidýärler ekeni. Şeýdip olar gözegçiniň getirip
goýan ýagyny düw-dagyn edip, ony uly zyýana goýýarlar ekeni. Ine, onsoň ýewreýdir
aýaly küýkini göterip tamyň üstüne çykarypdyrlar-da, aşak sallap, goňşularynyň
howlusyna geçiripdirler. Özlerem ony dikligine aşak sallap, diwara söýgetlenip durar ýaly
edip goýupdyrlar-da, öz öýlerine girip gidipdirler. Olaryň küýkini taşlap gidenlerine
mähetdel, gözegçi-naçalnik hem aňyrdan öýüne gelip, eli ýanyp duran şemli gapysyny
açaga-da, howlusyna giripdir. Ol öz howlusyna giren badyna seretse, tamyň daşky
burçunda, uzyn ýagyş turbasynyň aşagynda bir adamyň diwara ýaplanyp duranyny
görüpdir. Oňa gözi düşen badyna, öý eýesi: «Hä, tüýs bolaýdy, ahyry jüpüne düşürdim
gerek! Alladan ant içýän, ahyry üstündenjik gelendirin; meniň getirenje ýagymy ogurlap
ýören, asyl adam eken-ow!» diýip içini gepledipdir. Onsoň gözegçi-naçalnik oňa bakan
öwrüläge-de: «Hä, meniň getirenje etimi-ýagymy arkaýynja daşap ýören senmidiň asla,
men bolsam ony itpişikden görüp ýördüm! Men köçede gören itimi-pişigimi öldürip, günä
baryny gazanyp ýörsem nätjek, sen bolsaň tamyň üstünden aşypjyk düşäýýän ekeniňow?!» diýip, dişlerini gyjap ugrapdyr. Ol eline äpet bir çekiji alaga-da, küýkiniň ýanyna
barypdyr-da, çekiji aýlap onuň döşüne bir urupdyr weli, görse: küýki eýýäm öli eken.
Gözegçi özüniň bu eden işine ökünip hem gynanyp: «Munuň özi hut Allanyň emri bilen
bolan zatdyr,
Gudraty güýçliniň permany şeýledir!» diýipdir. Onsoň ol öz janyndan gorkusyna:
«Hudaýym, etem gursun, ýagam gursun! Bu adamyň ajalynyň ýetip, gel-gel meniň
elimden ölşüne seretsene!» diýip içini gepledipdir. Ondan soň ol öliniň ýüzüne seredip
görse, onuň bir bolgusyzja küýküdigini görüp: «Ýeri, şu küýküligiň bilen et-ýag diýip
ogurlyk edip ýörmäň näme, aý, işigaýdan! — diýip, oňa hüňürdäpdir, soňundan bolsa:
— Eý, Ýaradan, meni öz penaňda aman saklap, şu beladan bir halas edeweri!» diýip,
Hudaýa nalyş edipdir. Ine, onsoň ol daňdana golaý, küýkini egnine göterip, öz öýünden
çykyp ugrapdyr-da, tä bazaryň bäri çetine barýança göterip äkidipdir. Şol ýerde bolsa ony
170

bir keçejigiň burçundaky dükanyň düýbünde goýupdyr-da, taşlap gidiberipdir. Ine, onsoň
şol pursatda hem birdenkä bir ýerden bir hristian dinindäki adam peýda bolupdyr. Ol adam
soltanyň söwda dellaly eken. Ol lül pýan ekeni-de, serhoşlygyna döz gelip bilmän,
kilisedäki irdenki çokunmadan öňürti hammama düşünmegi ýüregine düwüp çykyşy eken.
Ol hem yranyp-çaýkanjyrap barşyna küýkiniň üstünden gelipdir. Ol buşukmak üçin aşak
oturmakçy bolanda, birdenkä dükanyň düýbünde bir adamyň duranyna gözi düşüpdir-de,
ýok zady göwnüne getiripdir. Ol hristian ilkagşam öz başyndaky sellesini ogurladan ekeni.
Ine, onsoň tama ýaplanyp duran küýki hem onuň gözüne sellesini ogurlamakçy bolýan
ýaly bolup görnüpdir. Şonuň üçinem ol küýkiniň alkymyna dykylyp barypdyr-da,
ýumrugyny düwüp, onuň gulagynyň düýbüne palçyldadyp urupdyr weli, küýki ýere
ýykylypdyr. Onuň ýykylanyny görübem, gygyryp bazaryň garawulyny çagyrypdyr. Özi
bolsa biçak pýan bolansoň, küýkiniň ölüdigini-de bilmän, onuň üstüne münäge-de, ony
ýene urmaga hem bogmaga durupdyr. Onýança-da bazaryň garawuly aňyrdan gelip,
hristianyň bir musulmany ýatyryp, üstüne münüp urup duranyny görüp: «Ony näme diýip
urýaň?» diýip sorapdyr. Hristian bolsa: «Bu meniň sellämi ogurlajak boldy» diýip jogap
beripdir. Garawul oňa: «Tur-da, aýryl beýläk» diýipdir. Hristian turup aýrylypdyr welin,
garawul hem küýkiniň ýanyna baryp seretse, ol biçäre öli eken. Onsoň garawul onuň
ölüdigini görüp: «Alladan ant içýän, örän gowy zat! Hristian musulmany öldürýär!» diýip
gygyrypdyr. Ondan soň garawul ol hristianyň ellerini arkasynda daňaga-da, weliniň
jaýyna alyp barypdyr. Hristian bolsa öz içinden: «Ýa Ýaradan, ýa pygamberiň enesi, men
ony nädip öldürip bildimkäm, ne beýle basym ölüpdir, ýeke gezek uranym bilenmikä!»
diýip geňirgenipdir. Onuň serhoşlygy şol bada aýrylyp, akyly-huşy ýerine gelipdir.
Ine, onsoň hristian-dellal hem küýki ol gijäni weliniň jaýynda daň atýança bilelikde
geçirýärler. Ertirden soň weli gelip, ganhory asyp öldürmeli edip, bu barada jellada jar
çekdirmegi buýrupdyr. Hristiany asmak üçin daragajyny dikip, ony şol agajyň aşagyna
eltipdirler. Ine, onsoň jellat gelip, hristianyň boýnundan syrtmak salyp, ony asmakçy
bolupdyr. Edil şol pursatda-da, hälki gözegçi-naçalnik peýda bolup, hristiany asmakçy
bolýandyklaryny görüp, märekäni iki ýana itekläp, kürsäp gelipdir-de: «Ony asmaň,
küýkini men öldürdim!» diýip gygyrypdyr.
171

Onuň bu gykylygyny eşiden weli: «Sen ony näme üçin öldürdiň?» diýip,
gözegçiden sorapdyr. Ol hem şeýle jogap beripdir: «Men öten agşam öz öýüme barsam,
ol ýagyş turbasyndan aşak syrylyp düşüp, meniň tygşytlap goýan azyklarymy ogurlajak
bolup duran ekeni. Menem baraga-da, onuň kükregine çekiç bilen güpledip urdum weli,
ol öldi ýatyberdi. Menem ony göterip äkitdim-de, bazaryň gyrasyndaky bir jaýyň
düýbünde taşlap gaýtdym. Men bir musulmanyň ganyna galdym, indi bu hristianyňam
ganyna galmaly boljak. Birini öldürenimem az däl! Onuň ölümi üçin hiç kime azar
bermäň-de, meni asyp öldüriň!» diýip gygyrypdyr. Gözegçi-naçalnigiň bu aýdanlaryny
eşiden weli hristian dellaly goýberipdir-de, jellada garap: «Özüniň boýun almagyna görä,
ony dardan as» diýip buýruk beripdir. Jelladam hristianyň bokurdagyndan ýüpi aýryp,
gözegçi-naçalnigiň boýnuna syrtmak salyp, ony asmak üçin dar agajynyň aşagyna getirip
durzupdyr. Jellat ony asjak bolup durka, birden hälki ýewreý-hekim bir ýerden peýda
bolup, märekäniň arasyndan ýeňe çykypdyr-da: «Ony asmaň! Küýkini öten agşam meniň
bir özüm öldürdim — diýip gygyryp, jellada hem bütin jemagata ýüzlenip düşündiripdir.
— Men öz öýümde otyrkam, bir erkek kişi bilen bir aýal gelip, meniň derwezämi kakdylar,
olaryň ýanynda keselli şu küýki hem bar ekeni. Olar meniň gapy gyrnagyma çärýek dinar
berip goýberipdirler-de, meni çagyrdypdyrlar. Gyrnak gelip, maňa habar berensoň,
menem ylgap çykdym weli, görsem, olar bu küýkini meniň howlymyň iç işiginde, edil
basgançakly çykalgamyň üstünde goýup, özleri hem ötägidipdir. Menem oňa seretmek
üçin basgançakdan aşak düşüp ugradym weli, garaňkynyň içinde küýki bilen
çakyşypdyryn, şonda ol basgançakdan aşak ýykyldy-da, şol demde hem öldi ýatyberdi.
Onsoň, bizem, aýalym ikimiz, ony göterip tamyň üstüňe çykardyk-da, öz goňşymyz
gözegçi-naçalnigiň howlusyna (onuň öýi bolsa biziňki bilen ýanaşyk), ýagyş turbasynyň
gapdaly bilen aşak sallap goýberdik. Goňşymyz gije öýüne gelen wagtynda tamynyň
burçunda biriniň ýagyş turbasyna duwlanyp duranyny görüp, ony ogrudyr öýdüpdir-de,
çekiç bilen urupdyr weli, küýki hem ýere ýykylypdyr. Gözegçi-naçalnik bolsa ony özüm
urup öldürendirin öýdýär. Meniň bolsa bir musulmany atanlykda öldürip ganyna galanym
hem az däl, ýene bir musulmanyň ölümine bilgeşlin sebäpkär bolup bilmerin!»
Weli hem bu ýewreýiň aýdanlaryny eşidipdir-de, jellada: «Gözegçini goýber-de,
ýewreýi as!» diýipdir. Onsoň jelladam ýewreýiň boýnuna tanap salyp, ony dar agajynyň
172

aşagyna getiripdir weli, birden märekäniň arasyndan tikinçi gygyryp çykypdyr-da: «Ýok,
ony asmaň! Küýkini menden başga hiç kim öldürenok! — diýip düşündirmäge başlapdyr.
— Men düýn gündiz gezelenje çykyp, agşamara dolanyp gelýärkäm, şu küýkiniň üstünden
geldim. Ol pýan bolup, deprek kakyp, aýdym aýdyp duran ekeni. Men ony myhmançylyga
çagyryp, öz öýüme äkitdim. Men balyk aldym, onsoň bile iýmäge oturdyk. Birden meniň
aýalym bir tokga balyk etini küýkiniň agzyna tutduryp, zor bilen, çeýnetmän ýuwutdyrdy
weli, balygyň süňki onuň bogazynda tegek bolup galdy-da, küýki şol bada öldi ýatyberdi.
Bizem, aýalym ikimiz, ony ýewreýiň öýüne göterip äkitdik. Hyzmatkär gyz basgançakdan
aşak düşüp gelip derwezäni açdy, bizem oňa: «Bar-da derwezäniň agzynda bir erkek bilen
bir aýal dur, olaryň kesellisine seredip ber diýip, öz jenabyňa aýt» diýdik, onuň eline-de
çärýek dinar berip goýberdik. Gyz öz jenabynyň ýanyna giden badyna, menem küýkini
göterip, basgançagyň ýokary başyna çykaryp, öýüň daş işigine ýaplap oturtdym-da,
aýalym bilen yzyma bakan gaýdyberdim. Ýewreý bolsa öýünden çykyp aşak düşüp
ugranda, küýki bilen çakyşyp, ony özi öldürendir öýdüpdir». Onsoň tikinçi ýewreýe
ýüzlenip: «Dogrumy?» diýip sorapdyr. Ýewreýem: «Hawa!» diýip jogap beripdir. Ondan
soň tikinçi welä ýüzlenip: «Ýewreýi goýber-de, oňa derek meni as!» diýipdir. Weli bolsa
onuň bu sözlerini eşidip, küýki bilen baglanyşykly bolan bu ahwalata haýran galyp:
«Dogrudanam, munuň ýaly zatlary diňe kitaplarda ýazýarlar! — diýipdir-de, soňundanam
jellada ýüzlenip: — Ýewreýi goýber-de, özüniň boýun almagyna görä, tikinçini as»
diýipdir. Jellat hem bu ýagdaýa geň galyp: «Biz-ä, walla, birini getirip, birini äkidip
durmakdanam halys bolduk, netijede bolsa, hiç kimem asanoklar» diýipdir-de, syrtmagy
tikinçiniň boýnuna salypdyr.
Ine, ol adamlaryň başyndan geçenler. Küýki barada aýdanyňda bolsa, onuň özi
soltanyň masgarabazymyş diýýärler, ol ony ýanyndan aýryp bilenokmyş. Küýki pýan
bolup, şol gije ýitirim bolup, ertesi hem günortana çenli ondan habar bolmansoň, soltan ol
hakda öz ýanyndaky emeldarlarynyň birinden soranmyş. Şonda ol emeldar hem soltana:
«Eý, hökümdar, küýkiniň meýidini weliniň jaýyna getiripdirler, weli hem ony öldüren
gandary asmaly edipdir. Ony asmakçy bolup durkalar, bir adam gelip: «Ony men
öldürdim» diýipdir, onsoň başga biri, ondan soň üçünji biri gelip, hemmesi-de: «Men
öldürdim-de, men öldürdim!» bolşup duranmyş. Olaryň her haýsy-da ony näme üçin hem
nädip öldürendigini düşündirip gürrüň berenmiş» diýip habar beripdir. Soltan hem bu
173

habary eşidip, oňa: «Sen weliniň jaýyna bar-da, olaryň hemmesini meniň ýanyma alyp
gel» diýipdir. Soltanyň iberen adamy baryp görse, jellat tikinçini asjak bolup duran ekeni,
ine, onsoň bärden baran adam oňa: «Asmaly däl!» diýip gygyrypdyr. Onsoň ol patyşanyň
aýdanyny welä habar beripdir-de, weliniň özüni-de, küýkiniň meýidini-de göterdip,
tikinçini-de, ýewreýi-de, hristiany-da, gözegçi-naçalnigi-de — hemmesini öňüne salyp
gaýdyp, soltanyň ýanyna getiripdir. Onsoň weli hem soltanyň öňünde eglip tagzym edip,
onuň aýak tozuny öpüp, bolan ahwalatyň hemmesini bolşy ýaly edip gürrüň beripdir, ony
gaýtalap oturmagyň bolsa peýdasy ýok. Patyşa bolsa bolan wakany eşidip, biçak haýran
galyp, ony altyn syýa bilen ýazmaly edipdir. Onsoň ol öz töwereginde duranlara ýüzlenip:
«Heý, şu küýkiniň başyndan geçen ahwalatdan gyzykly zady görüp-eşideniňiz barmy?»
diýipdir. Onda hälki hristian öňe çykypdyr-da: «Zamanamyzyň şahy-soltany, eger rugsat
etseň, öz başymdan geçen wakany aýdyp bereýin, onuň özi bu küýkiniň başyndan geçen
zatlardan hem bäşbeter gyzykly hem biçak geň görmeli zatdyr» diýipdir. Onda soltan oňa:
«Näme aýdasyň gelýän bolsa, aýdyber, eşideli!» diýip jogap beripdir.
HRISTIANYŇ HEKAÝATY
«Zamanamyzyň şahy-soltany — diýip, hristian gürrüň bermäge başlapdyr: — men
bu ýere aýak basan wagtymda, harytly gelipdim, siziň ýurtlara meni ykbalym alyp geldi,
ýogsa meniň önüp-ösen ýerim Kairdi. Meniň aslym müsürli, şol ýerde hem terbiýelendim,
meniň atam hem söwda dellalydy. Men är ýaşyna ýetenimden soň atam öldi, onsoň men
onuň ornunda dellal boldum. Ine, onsoň günlerde bir gün, men otyrkam, görsem, ynha bir
görmegeý ýigit eşekli gelýär, onuň owadanlygyna taý geljek adam ýok, özi-de şeýle bir
bezemen geýnipdir weli, diýip-aýdar ýaly däl. Ol meni görüp, saglykamanlyk soraşdy,
menem sypaýyçylyk üçin, oňa hormat goýup, ýerimden turdum.
Ol içi künjüli bir düwünçegi çykardy-da: «Ynha şunuň her birisi näçeden?» diýip
sorady. Menem oňa: «Ýüz dirhem» diýip jogap berdim. Onda ol ýigit maňa: «Ýükçüleriňi
hem ölçegçileriňi al-da, häziriň özünde Ýeňiş Derwezesine, al-Jaýelaly kerwensaraýyna
174

bakan ugra, meni şol ýerden taparsyň» diýdi. Şeý diýdi-de, elime şol düwünçegi berip, öz
ýoluna gidiberdi, düwünçekde bolsa harydyň nusgasy bardy.
Menem alyjylara habar berip çykdym, her siriniň özi maňa ýüz ýigrimi dirhem getirdi.
Ine, onsoň men ýükçülerimden dört adamy aldym-da, onuň salgy beren ýerine ugradym,
barsam, ol ýigit maňa garaşyp duran ekeni. Ol meni gören badyna erinden turdy-da,
ammaryny açdy. Ýükçüler onuň içindäki dänzni çykardylar, biz ony ölçäp gördük weli,
elli siri, bäş ýüz dirhemlik däne çykdy. Onsoň ol ýigit maňa: «Seniň dellallyk edeniň üçin,
her sirisine on dirhem berýärin, pullary ýygnap al, özüňe ýetýäniňden galan dört ýüz elli
dirhemi-de maňa sakla; men galan harytlarymy-da satyp bolanymdan soň, özüm seniň
ýanyňa baryp, pulumy alyp gaýdaryn» diýdi. Menem: «Bolýar!» diýip, onuň elinden
öpdüm-de, ýanyndan gaýtdym, şol gün maňa müň dirhem düşdi. Ol ýigit bir aýlap gara
bermän gezenden soň geldi-de: «Hany pullar taýýarmy?» diýip, menden sorady. Menem
edep bilen ýerimden turup, oňa salam berdim, soňundan bolsa: «Belki, düşüp aňry-bäri
bir zat iýip-içersiň?» diýdim. Emma ol oturmady-da: «Sen puly taýýar edip goý, men gelip
alyp giderin» diýip, ýene öz ýoluna gitdi. Men bolsam onuň puluny taýýarlap goýup, onuň
gelerine garaşyp oturdym. Ol ýene bir aýlap gara bermedi, menem öz ýanymdan: «Bu
ýigit rehimdaryňam baryp ýatan rehimdary» diýip oýlandym. Bir aý geçenden soň, ol
gatyrly geldi, özi-de owadan lybaslaryň içinde misli täze dogan aý ýaly ýalpyldap dur.
Hamala diýersiň, edil ýap-ýaňy hammamdan çykyp gelen ýaly, ýüzi aý kimin ýagty
salýardy, ýaňaklary gyzaryp, maňlaýy ýalpyldap durdy, ýaňaklaryndaky goşa haly bolsa
garamyk dänesi kimin, öňde biriniň wasp edişi ýaly, ak ýüzüne gelşip durdy:
«Şemsu-kamar şöhle saçar ýüzünden, Bagtyýarlyk
nurun döker gözünden.
Jemalyň garamak keýpi-sapadyr,
«Gel» diýse, owazy jana şypadyr.
Görk-görmegi näzik, inçe, nepisdir,
175

Akly dury, ýuwaş hem göwni pesdir.
Aperin, bu husny biten Jepbara!
Söýenne parh goýýan ol Biribara!»
Men ony gören badyma turup, elinden öpdüm-de, onuň öňünde dik durup, janynyň
saglygyny hem işiniň rowaç bolmagyny dileg edip, oňa: «Eý, jenap, mendäki pullaryňy
aljak dälmi?» diýdim. Ol bolsa maňa: «Howlukmak nämä gerekmiş? Men öz işlerimi
birýüzli edip bolanymdan soň alyp gideris-dä» diýip jogap berdi-de, ýene öz ýoluna
ötägitdi. Men öz ýanymdan: «Alladan ant içýän, bu ýigit indiki gezek gelende, men ony
hökman myhmanlyga çagyraryn, çünki men onuň pullaryny ýöredip, söwda edip, onuň
arkasyndan esli maýa topladym ahyry!» diýip içimi gepletdim.
Ýyl aýak bolanda ol dolanyp geldi, özem öňküsindenem gözel lybaslar geýnip geldi
welin, görmäge göz gerek. Ine, onsoň men onuň diýenine-aýdanyna gulak asman,
myhman bolup, meniň hezzetläp beren tagamymdan iýip-içip gitmeseň bolmaz diýip, zor
bilen diýen ýaly ony myhman edindim. Onda ol ýigit: «Diňe şeýle şert bilen: meniň üçin
eden harajatlaryň hemmesi meniň sendäki pulumyň hasabyna bolsun» diýdi. Menem:
«Bolýar!» diýdim-de, ony oturtdym, özümem çykyp, barmaly ýerime bardym,
taýýarlamaly zatlaryň hemmesini häzirledim, iýer-içer ýaly ýene-ýeneleri getirip öňünde
goýdum-da, oňa: «Allanyň haky üçin!» diýdim. Onsoň olam stoljugyň başyna geçip,
özüniň çep elini uzadyp, meniň bilen nahar edinmäge oturdy, menem muňa haýran
galdym. Biz iýip-içip bolanymyzdan soň, men onuň elini ýuwdurdym, süpürmäge desmal
(elýaglyk; polotensa) äberdim. Onsoň men onuň öňünde şirin-şeker nygmatlary goýdum,
şondan soň ol ikimiz söhbete başladyk. Şonda men oňa: «Eý, meniň jenabym, meni
bagyşla, sen näme üçin nahary çep eliň bilen iýdiň? Belki, seniň sag eliňiň agyrýan ýeri
bardyr? diýdim. Ol meniň bu aýdanymy eşidip, şeýle namany aýtdy:
«Eý dostum, soraşyp gozgama derdim,
Köp hunaba ýutdum, kän ejir gördüm;
176

Pelek agýar üçin ýardan aýyrdy,
Mejburlyk gurasyn — synam syndyrdy».
Onsoň ol elini çykaryp görkezdi weli, seredip görsem, onuň eli çapylyp kesilen
ekeni, golunyň goşaryndan aşagy kesilip aýrylypdyr. Men ony geň görüp, agzymy açyp
aňkarypdyryn, ol ýigit bolsa: «Sen muny geň görme, özüňem seniň bilen nahar iýmäge
oturamda, çep elim bilen iýenimi ulumsylykdandyr öýdüp göwnüňe getirmegin, meniň
sag elimiň kesilip aýrylmagynyň bolsa biçak üýtgeşik sebäbi bar» diýdi. Men ondan:
«Onuň nähili sebäbi bar?» diýip soradym weli, ol ýigit: «Biler bolsaň, meniň aslym
Bagdatdan, meniň atam ol ýerde tanymal adamdy. Men ýetişip, är ýaşyna ýeten
wagtymda, Müsür ýurdy hakynda syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň hem täjirleriň
gürrüňlerini köp eşidipdim, ine, onsoň şol gürrüňler meniň kalbyma ornaşyp galypdyr.
Meniň atam aradan çykansoň, men Bagdat hem Mosul harytlaryndan birentek zatlary alyp
Bagdatdan çykyp ugradym. Allanyň özi meniň işimi oňuna eden ekeni, men ol ýerden
gaýdyp, siziň şu şäheriňize gadam basdym» diýdi-de, ýigit öz sözüniň şu ýerinde agladyda, şu namany aýtdy:
«Ýiti gözliň güwläp gitjek çaýyndan
Sokur sowlup gaçar, barmaz oýundan.
Danaň öz dilinden köýjek ýerinde,
Samsyk söz oýnatmaz hyýal-serinde.
Halalhonlar kowlap tapsalar ryzkny,
Azgynlar mesirgäp, kylarlar pyskny.
177

Goçaklar çäresiz göz ýaşyn akdyr,
Bu Rahman Rahymdan buýrulan takdyr».
Ýigit şu gazaly aýdanyndan soň, ýene gürrüňini dowam etdi: «Men Kaire geldimde,
öz harytlarymy Masrur kerwensaraýynda düşürdim. Ýükümi düşürip bolanymdan soň,
hyzmatkäriň eline pul berdim-de, bize iýer ýaly bir zat getirip ber diýdim, özümem biraz
salym ýatdym. Ondan soň turdum-da, Beýn-al-Kasreýi köçesine aýlaň-çaýlaň edip
geldim-de, ol gijäni şol ýerde ýatyp geçirdim. Ertesi ýerimden turdum-da, mataly
gülebendi açdym, onsoň öz-özüme: «Gideýin-de, bazarlara aýlanyp göreýin, ol ýerde
ýagdaýlaryň nähili-neneňsidigini bileýin!» diýdim. Men mata-marlyklardan birnäçesini
alaga-da, öz hyzmatkärlerimiň biriniň eline berdim-de, göterip äkitdirip, Jirjis bazaryna
ugradym. Ol ýerde dellallar meni garşyladylar (olar meniň gelenimden habarly eken), olar
meniň matalarymy aldylar-da: «Mata alan gel!» diýip gygyryşyp başladylar. Emma olar
meniň deregimi-de çykaryp bermediler, menem muňa gynandym. Onsoň dellallaryň
baştutany maňa: «Eý, jenap, men peýda getirjek zady bilýärin, sen meniň aýdanyma gulak
asdajyk, beýleki söwdagärleriň edişi ýaly et-de, şaýatlaryň, mürzäniň hem zamunçylaryň
huzurynda, harytlaryňy birnäçe aý möhleti bilen nesýe ber, özüňem her hepdäniň
penşenbe hem duşenbe günlerinde pul alyp durarsyň, şeýdibem dirhem baryny ýygnarsyň:
her dirhemiň iki bolar, onýança özüňem Kairi hem Nili görersiň» diýdi. Menem: «Bu
aýdanyň oňat pikir!» diýdim-de, dellallary yzyma tirkäp, kerwensaraýa bakan gaýtdym.
Olar meniň matalarymy bazara alyp gaýtdylar, menem olara satan matamyň bahalaryny
zadyny ýazyşdyryp, barybam zamunça eltip tassykladyp, dillerinden hem hat aldym-da,
ýene kerwensaraýa dolanyp bardym. Men birentek günleri başymdan geçirdim, her günem
bir küýzejik şerap bilen ertirlik edinip, her günem täze et hem şirin-şeker nygmatlar
getirdip, bir aýlap ýaşadym. Ine, onsoň meniň pul alyp başlamaly aýym hem gelip ýetdi,
onsoň men her penşenbede hem duşenbede bazara baryp, söwdagärleriň dükanynyň
ýanynda oturýardym, zamunçydyr mürze bolsa puly öýleden soň gidip getirip berýärdiler,
men bolsam olaryň getirip beren pullaryny sanap alýardym-da, gapjyga salyp
möhürleýärdim, onsoň ýanym pully ýene kerwensaraýa gaýdyp gelýärdim. Ine, onsoň
günlerde bir gün (munuň özi duşenbe günüdi), men hammama girdim-de, ondan çykyp,
kerwensaraýa dolanyp baryp, öz ýaşaýan jaýyma gelip, bir küýzejik şerap bilen ertirlik
178

edindim, onsoň birsalym ýatdym, oýananymdan soň, turaga-da, bir towugy iýdim, onsoň
üstüme atyr sepip zat edip,
Bedretdin Bustani diýilýän bir täjiriň dükanyna bardym. Ol täjir meni görüp, maňa:
«Hoş geldiňiz!» diýdi. Onsoň ol bazar açylýança, meniň bilen birsalym gürrüňleşip
oturdy. Şol arada-da birden inçe billi, ýörişi haýbatly, başy lowurdap duran örän owadan
çargatly, töwerek-daşyna atyr ysyny kükedip duran bir syratly zenan gelip girdi. Ol
başyndaky örtgüjini galdyrdy welin, onuň gara gözlerine gözüm düşdi, ol aýal bolsa
Bedretdine salam berdi, ol hem onuň salamyny aldy, ol ikisi gürleşip durdular; men ol
aýalyň gepleýşini görüp-eşidip durşuma oňa aşyk bolanymy duýman galypdyryn, ol
meniň hut kalbymy eýeledi duruberdi. Onsoň ol aýal Bedretdine ýüzlenip: «Sende zer
jähekli owadan gülli mata barmy?» diýdi. Ol hem özüniň menden alan matalaryndan bir
topuny çykaryp görkezdi. Olar bahasyny söwdalaşyp, bir müň iki ýüz dirheme razy
boluşdylar. Onsoň ol aýal täjire: «Men bu matany alyp gideýin-de, puluňy hem baryp
ibereýin» diýdi, emma täjir oňa razy bolman: «Bolmaz, hanym, ynha matanyň eýesi-de şu
taýda dur, men oňa öz möhletinde puluny telemeli» diýdi. Ol aýal hem oňa: «Päheý, işi
gaýdan diýsänim! Men senden her hili matalary baha dawasyny etmän, pul baryny döküp
alyp ýörmäge öwrenişipdirin, şeýdip men saňa öz diýeniňdenem artyk gazanmaga
mümkinlik berýärin, puluňy-da saklaman iberip durýaryn» diýdi. Täjir bolsa oňa:
«Dogry, emma men şu günüň özünde hasaplaşmaga mejbur ahyry» diýip jogap berdi. Ol
gelnem gaharlandy-da, matasyny Bedretdiniň ýüzükessirin zyňyp goýberip: «Siziň
tohum-tijiňizde-de adamyň gadryny bilýäni ýokdur-la!» diýip azgyryldy, şeý diýibem
çykyp ugrady. Ol näzenin meniň ýüregimi özi bilen alyp giden ýaly duýgyny syzdym.
Onsoň menem ýerimden turup, onuň yzyndap ylgap ýetip sakladym-da: «Aý, näzenin
hanym, başyňa döneýin, maňa rehim et-de, öz asylly gadamyňy maňa bakan ursana!»
diýdim. Ol yzyna öwrülip ýylgyrdy-da: «Hä, seniň hatyraň üçin dolanaýaryn» diýdi-de,
dükanyň gapdalyndaky oturgyja baryp oturdy. Onsoň men: «Şol top matany näçä aldyň?»
diýip, Bedretdinden soradym. Olam: «Bir müň bir ýüz dirheme aldym» diýip jogap berdi.
Men oňa: «Saňa ýene ýüz dirhem peýda bolar ýaly edeýin. Maňa kagyz ber, men saňa şol
bahany tölejekdigim barada dilimden hat bereýin» diýdim. Onsoň men Bedretdine dil haty
ýazyp berdim-de, ol matany alaga-da, şol gelne berdim: «Me, al-da gidiber, puluny beresiň
gelse, indiki bazar güni getirseňem bolar, eger isleseň bolsa, meniň myhmanym hökmünde
179

saňa sowgat berdigim bolsun» diýdim. Onda ol gelin: «Alla seniň berekediňi artdyrsyn,
meniň pulumy saňa getirip bersin, seni meniň ärim bolar ýaly etsin!» diýdi (Alla onuň
dilegini kabul hem etdi). Onsoň menem: «Hanym, goý, şol mata seniňki bolsun, şonuň
ýaly matany ýene-de alarsyň, ýöne sen maňa ýüzüňi bir görkez ahyry» diýdim. Men onuň
ýüzüne nazar salamda, şol nazarymyň özi maňa müňlerçe gezek ah çekdirip, ýüregimde
oňa söýgi oduny tutaşdyrdy, asla meniň bütin akyl-huşum serimden uçdy. Ondan soň ol
näzenin ýüzüniň örtgüjini goýberdi-de, matany hem alyp: «Jenap, meni bikarar edip
goýaýmagyn!» diýdi-de, öz ýoluna gitdi. Men bolsam şol oturyşyma, tä gün öýleden
agýança, bazarda aňkarylyp oturypdyryn, akylymy-huşumy ýitirip, özümi bütinleý söýgi
häkimliginiň ygtyýaryna beripdirin.
Onsoň men öz kalbymy eýelän söýginiň güýji bilen ýerimden turup, ol aýalyň nähili
maşgaladygy hakynda täjirden sorap habar tutdum. Täjir bolsa: «Onuň puly bar, ol bir
emiriň gyzy, atasy bolsa öldi, onuň yzynda biçak kän zady galdy, hemmesi-de şol gyza
galdy» diýip jogap berdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 13
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.