Latin

Müň bir gije - 13

Total number of words is 4056
Total number of unique words is 1892
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Onsoň, men ol täjir bilen hoşlaşyp çykyp gitdim-de, öz myhmanhanama gaýdyp
bardym, maňa agşamlyk nahar getirip berdiler, emma men welin şol gyzy ýatlap
oturyşyma, hiç zat iýip bilmedim, näme etjegimi bilmän, ýatmak üçin ýerime girdim.
Emma meniň gözüme uky gelmedi, ertire çenli uklap bilmän daňymy atyrdym. Ertirden
soň ýerimden turdum-da, öňki eşiklerimi geýmän, başga hili lybaslarymy geýdim, ertirlik
naharynyň başynda bir golçajyk şerap içip, az-maz iýen boldum, onsoň ýene şol täjiriň
dükanyna bakan çykyp ugradym. Baryp onuň bilen salamlaşyp zat edip, ýene onuň
dükanynda öňki oturyşym ýaly oturdym. Ynha, ol juwan zenan ýene şol gelen wagty,
öňküsindenem gözel lybaslar geýip geldi, ýanynda hem hyzmatkär gyrnagy bardy. Ol
aňyrdan gelşine, Bedretdine däl-de, maňa salam berdi-de, meniň ömrümde eşitmedik
dilewarlyk bilen, şeýleki şirin labyz bilen sözläp: «Düýnki alaň matamyň bahasy üçin müň
iki ýüz dirhemiňi alyp gaýtmak üçin meniň ýanyma kimem bolsa birini goşup goýber»
diýdi. Menem oňa: «Beýle howlukmak nämä gerekmiş?» diýen boldum.
Onda ol näzenin: «Senden mahrum etmesin-de!» diýip seslendi-de, maňa pul berdi. Men
onuň bilen gürrüňleşip oturdym. Men ony öz ygtyýaryma almak isleýändigimi aňlatmak
üçin oňa ümledim, ol hem düşündi-de, ýüregi ýarylan dek bolup, hasyr-husur ýerinden
180

turdy, meniň ýüregim bolsa indi oňa baglangydy. Onsoň ol turup gitdi welin, menem
bazardan çykyp, garaba-gara, onuň yzyna düşüp ugradym. Birden bir gyz meniň ýanyma
geldi-de: «Jenap, sen meniň bikäm bilen gepleş!» diýdi. Men muňa geň galyp: «Bu ýerde
meni tanaýan adam bolmaly däl ahyry!» diýdim. Emma ol gyz: «Weý, jenap, sen ony ne
beýle tiz ýadyňdan çykardyň? Meniň bikäm hälki täjiriň dükanynda gören zenanyň ahyry»
diýip geňirgendi. Ine, onsoň men ol gyz bilentirkeşip, beýleki bazara bardym weli, gyzyň
bikesi meni gören badyna gujagyna gysdy-da: «Wah, meniň söýgüli dildarym, sen meniň
bütin ýüregimi eýelediň, sen meniň kalbyma ornaşdyň, men saňa tüýs aşyk bolupdyryn,
seni görenimden beýläk, meniň gözüme ne uky geldi, ne rahat, şondan bäri iýipiçmekdenem kesildim» diýdi. Menem oňa: «Wah, meniň kalbymdaky harasat seniňkiden
müň esse artyk bolsa nädersiň, dünýäde senden başga hiç zada mätäçligim ýok» diýip
jogap berdim. Onsoň ol: «Wah, söýgülim, meniňki şeýlemikä ýa seniňki?» diýip sorady.
Men oňa: «Men bu taýda bir ýat adam, meniň kerwensaraýyň myhmanhanasyndan başga
ýatmaga ýerimem ýok — diýip jogap berdim. — Eger rehim etseň, öz ýanyňa al meni».
Onda ol: «Bolýa, ýene bu gün bählil, ertir metjitden soň bir zat bolaýmasa, bu gün hiç zat
bolmaz. Senem baryp namazyňy oka-da, onsoň eşekli paýtuna münüp, al-Habbaniýa
köçesini soraber, ony tapanyňdan soň, Albu-Şama lakamly Bereket baýaryň öýi nirede
diýip sora, men şol ýerde ýaşaýaryn. Özüňem gijä galmagyn, men saňa garaşjakdyryn»
diýip jogap berdi.
Men begenjimden edil guş bolup uçaýjak boldum, şeýdibem biz hoşlaşdyk. Onsoň
men ýene öz ýaşaýan myhmanhanama gaýdyp geldim, özümem uzynly gijäni uklamanjyk
geçirdim, asla daň atanyna-da ynanmadym. Ertirden soň turup, eginbaşlarymy çalşyrdym,
özüme timar berip, üstüme müşk-anbar döküp bolmajymy boldum, elli dinary-da ýaglyga
düwäge-de çykyp, Masrur kerwensaraýyndan Zuweýle derwezesine çenli pyýada ýöräp
gitdim. Ol ýerden bolsa eşekli paýtun tutdum-da, paýtunyň eýesine: «Meni al-Habbaniýa
äkit» diýdim. Paýtunçy edil göz açyp-ýumasy salymyň içinde baryp ýetdi-de, dem salyma
hem goýman, al-Munkari diýilýän mähelledäki uly derwezäniň agzynda aýak çekdi.
Onsoň men oňaz «Derwezeden gir-de, pylan baýaryň öýüni sorap salgy al» diýdim.
Paýtunçy tiz gidişi ýaly, dolanyp gelip: «Giriber!» diýdi. Onsoň men oňa: «Meniň öňüme
düş-de, şol öýüň ýanyna bar! Ertir ir bilen şu ýere gelip, ýene meni yzyma alyp gaýdarsyň»
181

diýip, paýtunça tabşyrdym. Paýtunçy bolsa maňa garap: «Allanyň haky üçin!» diýdi,
onsoň menem onuň eline gyzyl puldan çärýek dinary tutdurdym.
Meni döşleri tözerişip duran, ýüzleri aý ýaly iki sany ýaş gyz garşylady. Ol maňa:
«Giriber, biziň bikämiz saňa garaşyp otyr! Ol seniň geljegiňe begenip, uzakly gijäni
uklaman geçirdi» diýdiler. Ine, onsoň men ýokarky jaýa baryn girdim weli, onuň ýedi
gapysy bar ekeni, töwerek-daşy hem durşuna aýna bolup dur, äpişgeleri-de baga bakan
açylýar ekeni, bagda bolsa göwnüň islän ir-iýmişler sallanyşyp dur, içinden suwly ýaplar
şaglap akyşyp ýatyr, dürli guşlar saýraşyp sazda-söhbet edýärler; jaýyň içi soltanyň öz
heki bilen agardylypdyr, sereden adamyň ýüzi görnüp dur, tamyň ýokarky petigine bolsa
lowurdap duran altyn harplar bilen doga-salawatlar ýazylypdyr weli, ýöne seretseň gözüňi
gamaşdyraýyn diýýär. Jaýyň düşegi bolsa mermer daşyndan bolup, akly-gyzylly reňkler
bilen öwşün atyp lowurdap dur, ortarasynda hem içi suwly howuz, howzuň gyrasynda
bolsa gyzyldan guýlan guşlar otyr, olaryň-da agyzlaryndan lagyl-göwher hem ýakut kimin
lowurdap suw pürkülip dur. Içersine bolsa dürli reňkde dpkalan ýüpek halylar ýazylyp,
kese gapdalyna-da kürsüler goýlup çykylypdyr. Men içerik girip oturdym weli, aňrymybärimi seretmänkäm, eýýäm ol näzenin perizat meniň ýanymda häzir boldy, görsem ol
durşuna altyn-zer bilen bezelen lybaslarda, başyna hem lagylgöwher hem gymmatbahaly
zümmeret gaşly, altyn otagaly täç geýipdir, ynha görseň — duran bir perizat! Ol meni
gören badyna, ýüzüme nez bilen ýylgyryp seretdi-de, birden garsa gujaklap, özüne çekdi,
göwüslerini oýkap gujagyna gysdy, agzyny agzyma goýup, dilimden sormaga durdy.
Menem onuň edişi ýaly, onuňkyny sordum. Onsoň ol meniň ýüzüme bakyp: «Bu
çynmyka? Dogrudanam, sen meniň ýanyma geldiňmikäň?» diýdi. Menem oňa: «Men
seniň garyp guluňdyryn!» diýdim. Onsoň ol: «Saňa gurban! Hoş gelipsiň! Alladan ant
içýän, ynan, seni gören günümden bäri meniň ne uky bilen hoşum bar, ne-de iýmek-içmek
bilen, küýüm-pikirim — bir sen» diýip seslendi. «Menem edil özüň ýaly-da!» diýip jogap
berdim. Onsoň biz arkaýyn oturyp gürleşip başladyk, özümem utanjymdan ýaňa ýüzümi
galdyryp bilmän otyrdym. Onsoň derrewiň özünde meniň öňümde saçak ýazyp, dürlidümen, üýtgeşik-üýtgeşik iýmitler goýdular: üstüne zirke sepilen etmisiň, päkize ary
balyna bişirilen kedili gutapmy, içi dykylan jüýje towukmy — ol ikimiz bileje oturyp
iýdik-içdik, kemini goýman nahar edindik. Onsoň maňa legen bilen kündük getirip
182

berdiler, men elimi ýuwdum, onsoň biz üstümize gül suwuny pürküp, tämizlendik, oturyp
gürrüň etdik. Onsoň ol gyz şu namany aýtdy: «Gelýäniňi bilip, aýdym-saz etsem,
Didämiň garasyn paýandaz etsem.
Jaýyň salyp bersem gözüm üstünde,
Parahat ýatyrsam gabak astynda».
Onsoň ol özüniň çeken hesretlerini aýdyp berdi, onsoň menem onuň üçin özümiň
nähili hasrat çekenligimi aýdyp berdim, ikimizem zeýrenişdik. Oňa bolan söýgim
ýüregimi eýeläp, ähli pullaram meniň gözüme görünmedi. Onsoň biz tä gijäniň birwagtyna
çenli oýnaşdyk, gülüşdik, öpüşdik, guçuşdyk, onsoň gyzlar bize agşam naharyny
äberdiler, naharyň ýany bilenem şerap getirdiler. Men bir seredip görsem, hut bir toýtomaşa gurlan ýaly bolup dur! Biz gijäniň ýaryna çenli iýip hem şerap içip oturdyk, onsoň
ýerimize girip ýatdyk, men onuň bilen ertire çenli bile ýatdym, özümem şol gijeki ýaly
gijäni bütin ömrümde gören däldirin. Ertirden soň men ýerimden turdumda, pully
düwünçegi oňa bakan oklap goýberdim, onsoň onuň bilen hoşlaşyp, daşaryk çykdym. Ol
bolsa aglady-da: «Eý, meniň jenabym, seniň gül ýüzüňi men indi ýene haçan görüp
bilerin?» diýdi. Menem oňa: «Men seniň ýanyňa entek agşam gelerin» diýip jogap berdim.
Daşaryk köçä çykdym weli, meni düýn şu ýere getirip giden paýtunçym, meniň çykaryma
garaşyp, derwezäniň agzynda duran ekeni. Men onuň paýtunyna mündüm-de, ýene şol
Masrur kerwensaraýyndaky myhmanhanama dolanyp bardym. Men onuň paýtunyndan
düşüp, oňa ýarym dinar berdim-de, oňa: «Sen gün ýaşar uçurlarynda ýene şu ýere gel!»
diýdim. Ol hem: «Bolýar!» diýip jogap berdi. Men öz jaýyma baryp, ertirlik naharymy
edindim, onsoň ýene matalarym üçin düşýän pullarymy ýygnamak üçin bazara bakan
ugradym. Bazardan gaýdyp gelip, ol gyz üçin bir guzyny gowurdyp taýýarlatdym, onsoň
ýene dürli-dümen şirin-şerbetler aldym-da, ol zatlary göterip äkitmek üçinem bir hammal
tutup, hemmesini onuň sebedine gapgardyp, eline-de hakyny berip, gyzyň öýüne iberdim,
özüm bolsam ýene yzyma dolanyp öz işim bilen boldum, şeýdibem gün ýaşara çenli, öz
işlerim bilen gümra boldum. Gün ýaşyberende bolsa, paýtunçy ýanyma geldi, onsoň
183

menem ýene elli dinary ýaglyga düwüp alaga-da, gyzyň ýanyna bakan atlandym. Baryp
görsem, meniň gelerime diýip, jaýyň aşagynda düşelen mermerleri syryp-süpürip,
gapylary aýnalaryny hem mis tutawaçlaryny süpürişdirip ýalpyldadyp goýupdyrlar,
çyralara ýag guýup, şemleri ýakyp, iýer-içer ýaly zatlary ýaýradyp goýupdyrlar, şeraplar
bolsa süzülgi dur. Baranyma mähetdel, ýarym gollaryny boýnuma salyp: «Sen meni köp
garaşdyryp bikarar etdiň!» diýip, näz-kereşme bilen ah çekdi. Onsoň bizi saçak başyna
çagyrdylar, biz iýip-içip keýpimizi kökledik. Gyzlar gelip saçagy ýygnadylar-da, täzeden
şerap goýdular. Onsoň biz tä gijäniň birwagtyna çenli arasyny üzmän şerap içdik. Ýarygije
uçurlarynda ýatylýan otaga geçnp, ertire çenli guçuşyp ýatdyk. Ertirden soň men ýerimden
turdumda, hemişekim ýaly, oňa elli dinar düwülgi ýaglygy berdim-de, onuň ýanyndan
çykyp gaýtdym. Daşaryk çykan wagtymda, paýtunçynyň maňa garaşyp duranyny gördüm,
ýene onuň paýtunyna münüp, öz myhmanhanama gaýdyp geldim. Gelibem az-kem ýatyp
ukymy durladym-da, ondan soň men agşamlyk nahar üçin taýýarlyk görüp başladym:
naharyň daşyndanam hoz alyp döwüp-ardyşdyrdym, palawyň gapdaly bilen iýer ýaly
badam maňyzlaryny häzirledim, gowrulan pyntyk aldym, şerap bilen iýer ýaly täze hem
kakadylan miweler aldym, gül desselerinden çemen bagladym — bu zatlaryň hemmesini
hammala berip, söýgülimiň öýüne iberdim. Ondan soň gijara öz jaýyma gelip, hemişekim
ýaly, elli dinary ýaglyga düwäge-de daşaryk çykdym, ýene şol öňkim ýaly, eşege goşulan
paýtuna münüp, onuň öýüne bakan ugradym. Baranymdan soň ýene şol öňkimiz ýaly
iýdik, içdik, keýpimizi kökledik, ertire çenli bile ýatdyk, ertirden soň turup, ýene şol
öňkim ýaly, pully düwünçegi onuň öňüne oklap çykyp gaýtdym, ýene şol paýtuna münüp,
öz myhmanhanama gaýdyp geldim. Şu hili günleriň özi birnäçe watlap dowam etdi. Ine,
onsoň günlerde bir gün, men gije ýatyp, ertir tursam, kisämde ne bir dinar bar, ne-de
dirhem — kör köpüksiz galsam nätjek! Şonda men öz-özüme: «Bu zatlaryň hemmesi-de
şeýtanyň eden işi!» diýdim-de, şu gazaly aýtdym.
«Garyp düşen baýa dünýe daralar, Misli
gün ýaşanda nury saralar.
Ýok ýerinde hergiz kylmazlar ýadyn,
184

Gelse, «Paýyň al» diýp tutmazlar adyn.
Bazarda müýnlüdir, galdyrmaz ýüzün, Çöle
çykyp sykar gan ýaşly gözün.
Walla, ynan, garyp kişi mat bolar,
Dogan-gardaş, il-gününe ýat bolar».
Men myhmanhanadan çykdym-da, Beýn-al-Kasreýi köçesi bilen biraz ýöräp,
Züweýle derwezesiniň edil alkymyna ýetip durdum. Görsem, adamlar hümer bolşup
durlar, derwezäniň agzy märekeden hyryn-dykyn. Maňlaýa ozaldan ýazylanyny görmeli
bolansoň, men bir esgeriň ýanyna baryp, oňa gysmyljyrapdyryn, bir görsem, meniň elim
onuň jübüsine giripdir, men onuň jübüsini sermeşdirýärin, ine, onsoň meniň elim onuň
jübüsindäki gapjygyna ildi, bir görsem, elim eýýäm esgeriň gapjygyny jübüsinden
çykaryp alypdyr. Esger hem jübüsiniň ýeňländigini duýdy, ol jübüsini eli bilen sermäp
barlap gördi, emma eline zat ilmedi. Onsoň ol öwrülip meniň ýüzüme seretdi-de, menden
başga hiç kimiň işi däldigini bilip, serdessesini ýokaryk göteräge-de, depäme bir inderdi
weli, men diň arkan serrelip ýykyldym. Adamlar biziň daşymyza tegelenip üýşdüler-de,
esgeriň atynyň jylawyndan ýapyşdylar: «Adamyň köplüginden, daryşganlykdan
peýdalanyp, sen bu ýigidi beýle gaty urupsyň!» diýdiler. Emma esger olaryň üstüne
gygyryp: «Bu bir deýýus ogry ahyry!» diýdi. Menem şol pursatda aýňalyp, adamlaryň:
«Bu bir negözel owadan ýigit ahyry, onuň alan zady ýok!» diýip gygyrýanlaryny eşidip
galdym. Birnäçeleri ynandylar, birnäçeleri bolsa ynanmadylar, her kim bir zat diýip
ölçerip dökdi. Onsoň adamlar meni süýrekläp, esgeriň elinden aljak boldular. Şol wagt
hem, ozaldan maňlaýa ýazylany üçin, birden welimi, ýasawulmy, sakçylarmy — bir topar
bolup şakyrdaşyp-güpürdeşip derwezeden girdiler. Olar esgerdir meniň daşymda
märekäniň hümer bolup duranyny görüp, derrew biziň ýanymyza geldiler. Weli gelip: «Bu
taýda näme bar?» diýip sorady. Esger bolsa: «Üstümde Alla bar, jenap, bu ogry! Meniň
185

jübümde gök gapjygym bardy, içinde hem ýigrimi dinar bolmaly, märekäniň arasyna
düşen wagtymda, bu meniň gapjygymy ogurlap aldy» diýdn. Onda weli: «Seniň ýanyňda
başga adam barmydy?» diýip, esgerden sorady. — Esger hem: «Ýok» diýip jogap berdi.
Onsoň weli ýasawula gygyrdy, ol gelip meniň ýagyrnymdan penjeläp tutdy weli, şol
pursadyň özünde imanym tersine öwrülen dek boldum. Onsoň weli ýasawula: «Häziriň
özünde sypyr eşiklerini!» diýdi. Onsoň meni sypyrmaga durdular weli, soldatyň gapjygy
meniň eşigimiň bir ýerinden çykaýdy. Gapjygy tapanlaryndan soň, weli ony eline alagada açyp, içindäki puly sanap gördi welin, edil esgeriň aýdyşy ýaly, dogruja ýigrimi dinar
ekeni. Bu ýagdaýy görensoň weliniň gahary geldi-de, sakçylary çagyrdy, onsoň meni onuň
ýanyna eltdiler, ol hem menden: «Heý ýigit, dogryňy aýt, sen şu gapjygy ogurladyňmy ýa
ýok?» diýip sorady.
Men ýüzümi aşak salyp durşuma, öz ýanymdan içimi gepledip: «Eger men oňa
«ogurlamok» diýsem, ol gapjygy meniň geýimimiň içinden özi tapyp aldy ahyry, eger
«ogurladym» diýip boýun alsam, onda men horluga sezewar bolaryn» diýdim. Onsoň men
başymy dik tutdum-da: «Hawa, ony men aldym» diýdim. Weli meniň bu aýdanymy eşidip,
biçak geň gördi, onsoň şaýatlary çagyrdy, olar hem geldiler-de, meniň aýdanlarymyň
dogrulygyny tassyklap şaýatlyk etdiler. Bu zatlaryň hemmesi-de dessalymyň içinde,
Züweýle derwezesiniň agzynda bolan zatlar. Ine, onsoň weli jellada buýruk berdi,
jelladam geläge-de, meniň sag elimi kesip aýyrdy. Muňa bolsa esgeriňem ýüregi awap,
maňa mundan artyk jeza bermezligi haýyş etdi, onsoň weli-de meni taşlap, öz ugruna
gidiberdi. Adamlar bolsa meniň töweregimden aýrylman durdular, özleri-de maňa bir
golça şerap getirip berdiler. Esger bolsa gapjygy maňa berdi-de: «Sen bir gözel ýigit, sen
ogry bolmaly dälsiň» diýdi. Şondan soň men şu beýdi aýtdym:
«Ynangyl sözüme, mertleriň merdi,
Walla, ogry däl men, yşk saldy derdi.
Pelek gapyl basyp torlady daşym,
Mätäçlik, nalaçlyk çaşyrdy başym.
186

Sen degil sen, Huda haýran eýledi,
Patyşalyk täjim weýran eýledi».
Ine, onsoň ol esger meniň ýanymdan aýryldy-da, gapjygyny hem maňa berip, öz
ýoluna ötägitdi, onsoň menem elimiň daşyna esgi-pesgileri dolaşdyryp goltugyma
gysdym-da gidiberdim. Şondan soň meniň lapym keç, halym perişan bolup, başyma düşen
bu belalar zerarly gül meňzim saralyp-soldy. Men şol gidişime göni ol aýalyň öýüne
bardym, özümem ýarawsyz bolanym üçin, düşege geçip ýykylyp ýatdym. Ol aýal meniň
ýüzümiň reňkiniň üýtgändigini görüp: «Seniň niräň agyrýar, asla görýän weli, seniň ugruň
ýok ýaly-la?» diýip sorady. Men oňa: «Meniň kelläm agyrýar, asla saglygymyň ugry ýok»
diýip jogap berdim. Ondan soň onuň gahary gelip, meniň ýagdaýymy gaýgy edinip
başlady-da: «Meniň ýüregime ot berme, jenabym! Hany dik otur, başyňy galdyr, özüňem
şu gün näme-nämeleriň üstünden baranyňy maňa mazalyja aýdyp ber, seni ne döw çaldy?
Seniň näme-de bolsa bir belanyň üstünden baranlygyňy men ýüzüňden görüp durun» diýip
jibrindi. Men oňa: «Meni gepletjek bolma» diýip jogap berdim. Onsoň ol aglap başladyda: «Görýän weli, sen eýýäm menden doýupsyň öýdýän! Seniň hemişekiligiň ýokdugyny,
menden bizar bolandygyňy görüp durun» diýip horkuldady. Men sesimi çykarmadym, ol
bolsa meniň bilen gepleşjek bolup jan edýärdi, maňa lak atýardy, emma men oňa gaýtargy
bermeýärdim. Onsoň agşam düşüp garaňky gatyşdy weli, ol maňa nahar äberdi, emma
men özümiň çep elim bilen iýýändigimi, ol görer öýdüp, gorkyma, nahardan boýun
gaçyrdym: «Meniň häzir hiç zat iýesim gelenok!» diýdim. Onsoň ol ýene: «Bu gün saňa
näme bolan bolsa, sen gizleme-de, maňa aýdyp ber, asla näme üçin seniň keýpiň ýok,
näme üçin ýüregiň set-para, halyň teň, düşündir ahyryn» diýip dillendi. Men oňa: «Häzir
men saňa aýdyp bereýin, gyssanma» diýip jogap berdim. Onsoň ol maňa şerap süzüp
berdi-de: «Ynha şuny bir iç bakaly, bu seniň göwnüňi açar! Hökman içersiň, al, özüňem
nä ahwalat bolanyny gürrüň ber!» diýdi. Men oňa: «Näme men saňa hökman gürrüň
bermelimi?» diýipdim. Ol bolsa: «Elbetde!» diýip seslendi. Onsoň men oňa: «Eger
hökman gürrüň bermeli bolýan bolsa, onda sen öz eliň bilen süzüp ber-de, meni şerapdan
mazalyja gandyr» diýdim. Onsoň ol bulgury dolduryp uzatdy, menem içdim, ol ýene
dolduryp äberdi, menem bulgury onuň elinden özümiň çep elim bilen kabul edip aldym,
187

şol wagt hem meniň gözlerimden ýaş damjalary paýyrdap döküldi. Onsoň meniň gaharym
içime sygman, şu namany aýtdym:
«Akylly, üşükli musulman bende,
Bagty ýatyp bolar bolsa şermende,
Owal Taňrym aňkasyny aşyrar,
Gäbini azdyrar, başyn çaşyrar.
Boljak iş bolansoň aklyn ýar eder,
«Şundan ybrat al» diýp ygtyýar eder».
Şu gazaly aýdyp bolanymdan soň, onuň uzadan şerabyny ýene çep elim bilen kabul
edip agladym, ol bolsa meniň bolşuma haýran galyp, bir erbet gygyrdy-da: «Sen näme
üçin aglaýarsyň? Sen meniň ýüregime köz basdyň! Näme üçin sen bulgury çep eliň bilen
aldyň?» diýip sorady. Menem: «Elime çyban çykdy» diýen boldum. Onda ol maňa: «Hany
çykar eliňi, men seniň çybanyňy ýaraýyn» diýdi. Emma men oňa: «Häzir ony ýarmagyň
wagty gelenok! Meni bizar edip oturma! Şu wagt men elimi çykaryp biljek däl!» diýdim.
Ondan soň men elimdäki bulgury başyma çekdim. Onsoň ol hem, tä men içip-içip
serhoş bolup ýykylýançam, şerap süzüp berdi. Men özümi bilmän uklap ýatyrkam, ol
meniň elimiň goşaryndan beýlesiniň kesilip aýrylandygyny görüpdir, meniň
endamjanymy sermeşdirip-barlaşdyryp görüp, hälki ogurlyk gapjygy-da tapypdyr. Ine,
onsoň bu ahwalaty görüp, meniň başyma inen bela-betere ol biçäre şeýle bir gynanyp hapa
bolupdyr, asla dünýäde heniz onuň ýaly haly perişan bolup gynanan adam bolan däl bolsa
gerek, meniň halymy gaýgy edip, uzynly gijäni uklaman, örtenip geçiripdir. Ertirden soň
ukudan oýanyp görsem, ol meniň üçin çorba gaýnadyp häzirlän ekeni. Turanymdan soň,
ony maňa äberdi weli, görsem, ol çorba dört towugyň etinden gaýnadylan ekeni! Onuň
ýany bilenem bir golça şerap getirip içirdi. Men içip-içip bolanymdan soň, hemişeki
188

edişim ýaly, gapjygy onuň ýanynda goýup, özümem çykyp ugramakçy bolanymda, ol
maňa: «Nirä gitjek?» diýdi. Menem oňa: «Aý, bir ýere baryp gaýtmak işim bar» diýen
boldum. Emma ol çürt-kesik: «Hiç ýaňa-da gitmersiň, otur!» diýdi. Onsoň men oturdym
weli, ol ýüreginden syzdyryp: «Seniň söýgiň, gör, nämelere baryp ýeten ekeni: sen barýok puluňy harçlap gutaryp, öz eliňden mahrum bolan ekeniň-le! Seniň öňüňde kasam
edýärin — Alla muňa şaýat! — Men senden hiç haçan el çekmerin! Meniň aýdýan
sözlerimiň hakdygyna bolsa, basym özüňem göz ýetirersiň!» diýdi. Onsoň ol şol ýeriň
özünde şaýatlary çagyrmak üçin adam iberdi, şaýatlaram geldi welin, ol: «Siz şu ýigit
bilen meniň nika hatymy ýazyp, şaýat bolup tassyklaň, onsoňam meniň ondan özüm üçin
galyň alandygymy hem ýazyp görkeziň» diýdi. Ine, onsoň şaýatlaram meniň bilen ol
ikimiziň nika şertnamamyzy ýazyp tassykladylar. Soňra ol gyz: «Ynha, meniň şu
sandykdaky pullarymyň hemmesiniň, şonuň ýaly-da meniň ähli hyzmatkär gulgyrnaklarymyňam hemmesiniň şu ýigidiň ygtyýaryna geçýändigini hem ýazyp tassyklaň»
diýdi.
Şaýatlar onuň bu aýdanlaryny-da ýazyp tassykladylar, menem özüme geçen mirasy
kabul etdim, şaýatlaram özlerine düşýän haklaryny alyp çykyp gitdiler. Onsoň ol meniň
elimden tutup idekläp äkitdi-de, ammaryň ýanyna eltip duruzdy, şol ýerdäki äpet bir
sandygyň agzyny açdy-da: «Gel, bu sandygyň içinde näme bardygyny gör» diýdi. Menem
baryp seredip görsem, onuň içi düwünçek-düwünçek ýaglykdan doly eken! Ol bolsa maňa
bakyp: «Bular şol seniň maňa getirip beren pully düwünçekleriňdir, bular seniň pullaryň.
Seniň her gezek elli dinar düwüp, maňa taşlap gidýän pully ýaglyklaryňy men şu sandykda
ýygnapjyk goýýardym. Ynha, indi seniň pullaryň özüňe gaýdyp geldi, alyp bilersiň, şu
günki gün senden baý adam ýok. Täleýiň özi men sebäpli seniň synaňa şikes ýetirdi: sen
sag eliňi giderdiň, men muny hiç haçan ýerine salyp biljek däl, elimden geljek zat ýok.
Asla men seniň üçin öz janymy pida etsemem — heniz azdyr. Sen menden rüstem çykdyň
— diýdi. Onsoň, ol maňa garap: — Öz pullaryňy kabul et!» diýdi, Onsoň menem onuň
sandygyny öz ýanyma geçirdim, onuň pullaryny-da özümiňkileriň üstüne goşdum. Şondan
soň meniň ýüregime şatlyk aralaşyp göwnüm göterildi, başymdaky gaýgy-aladalar ýele
sowrulan dek aýrylyp gitdi. Men öz aýalymy gujaklap ogşadym-da, oňa hoşallyk
bildirdim. Ol bolsa maňa: «Sen maňa aşyk bolanyň üçin, eliňden mahrum bolduň! Men
189

indi nädip seniň ol edeniňi ýerine salyp bilerin? Alladan ant içýän, meniň saňa bolan
söýgimiň hatyrasy üçin, özümiň şirin janymdan geçenim bilenem, saňa ýeten zeperiň
öwezini tutup bilmezmikäm öýdýän, şonuň üçinem, men saňa näme etsem-de, seniň
hatyraňa ýetip bilmerin» diýdi.
Ondan soň ol öz öýünde bar bolan geýim-gejimlere çenli, bütin gymmatbahaly
zatlaryna çenli ähli emläklerini aýratyn hata ýazyp möhürläp, meniň adyma geçirdi-de, şol
gije meniň aladam bilen gümra boldy. Onsoň menem oňa öz başyma düşen işleriň
hemmesini gürrüň edip berip, onuň bilen uzakly gije gürrüňleşip ýatdym. Şondan soň bir
aý hem geçip-geçmänkä, onuň saglygy ýöwselläp başlady, keseli barha güýjäp, diňe elli
gün ömür sürdi-de, amanadyny tabşyryp, o dünýäde ýaşaýanlaryň arasyna ötägitmeli
boldy. Men edilmeli zatlary edişdirip, ony oňat jaýladym, onuň üçin Gurhan okatdym,
onuň sadakasy bolsun diýip, gölegçi bolup baranlara birentek pul paýladym. Ony jaýlap
bolup gelenimden soň görsem, onuň biçak uly mal-mulki, tükeniksiz baýlygy bar ekeni.
Onuň ammarlarynyň birinde bolsa künji bar ekeni, onuň bir bölegini bolsa ynha saňa
satdym. Meniň köp wagtdan bäri seniň ýanyňa gelip bilmänligimiň sebäbi-de şol:
galanyny-da satmak, beýleki ammarlardaky zatlary-da satmak işi bilen meşgul boldum,
özümem henize-bu güne çenli pullarymy doly ýygnap, hasaplaşyp gutaryp bilemok.
Indem bolsa men saňa bir zat aýdaýyn weli, sen şoňa garşy bolma-da, meniň aýdanymy
edäý, çünki men seniň duzuňy iýdim: şol künjiniň bahasyndan seniň eliňe düşen puluň
hemmesini men saňa bagyşlaýaryn. Ine, meniň sag elimiň goşaryndan kesilip aýrylyp,
nahary çep elim bilen iýmegimiň sebäbi-de ýaňky aýdanlarymdan ybarat».
Men oňa: «Sen örän rehimdar hem sogap gazanýan adam ekeniň» diýdim. Onsoň
ol maňa: «Sen meniň bilen biziň ýurtlara-ha gidäýmersiň? Men Kair hem Aleksandriýa
harytlaryndan ýükümi tutdum. Belki, sen maňa ýoldaş bolup gitmäge razylyk berersiň?»
diýdi. Menem oňa: «Bolýar» diýdim-de, dogar aýyň başynda ugramak möhletini
belleşdik. Menem onsoň özümdäki bar zatlarymyň hemmesini satyşdyryp, bazarly
harytlardan ýükümi tutdum. Ine, şeýlelik bilenem, ol ýigit ikimiz ýola düşüp, bu ýurtlara,
ýagny siziň ýerlere bakan ugradyk. Onsoň ol ýigit bu ýere getiren harytlaryny satyp
ýerleşdirdi-de, olara derek bu ýerden, siziň ýurduňyzdan täze harytlar alyp, ýene Müsür
ýurduna bakan ugrady. Meniň bolsa bu gije şu ýerde bolmak ýazgydym bar ekeni, ine
190

onsoň bu ýat ülkede meniň başyma şu hili iş düşdi duruberdi. Niçik gördüň, zamanamyzyň
şahy-soltany, meniň bu aýdyň beren ahwalatym ol küýkiniň başyndan geçen ahwalatdan
has gyzykly dälmi eýse?»
Onda patyşa: «Ýok, siziň baryňyzy asyp öldürmek gerek» diýipdir. Şol wagt
gözegçi Çynmaçyn patyşasynyň öňüne geçip şeýle diýipdir: «Eger meniň sözüme
ynansaň, men şol küýkini tapmazymdan ozalky wagtyň içinde öz başyma düşen işi saňa
gürrüň edip bereýin, eger meniň gürrüňim küýkiniň gürrüňinden-de has gyzykly, geň
bolsa, sen biziň ganymyzy bagyşlarmyň?» Patyşa hem: «Bolýar» diýipdir. Ine, onsoň
gözegçi gürrüň bermäge başlapdyr:
GÖZEGÇINIŇ HEKAÝATY
«Biler bolsaňyz, men öten agşam bir üýşmeleňde boldum, ol ýerde Gurhan
okamaklygy gurapdyrlar hem-de kanunçylary ýygnapdyrlar. Okaljak zatlar okalyp
bolnandan soň, saçak ýazylyp, nahar çekilip başlandy. Äberilen zatlaryň arasynda zirke
sepilen hem şekere ýatyrylan badam maňzy-da bar ekeni. Onsoň bizem ilerrek süýşägede,
badam iýip başladyk, emma aramyzda birimiz çete çekilip oturdy-da, badam iýmekden,
kes-kelläm ýüz dönderdi. Biz oňa her näçe ýalbaryp, her näçe hödür-kerem etsek-de, ol
edil äht eden ýaly, badama elini-de uzadanok. Her niçigem bolsa, biz ony öz meýline
goýmadyk, her etdik, hesip etdik, garaz, iýdirjek bolduk. Emma ol: «Maňa zor bilen
iýdirjek bolmaň, ozal badam iýip, aljak almytymy alandyryn, indi bir azar bermäň!» diýip
derdindi. Soňundan hem şeýle diýdi:
«Depiň alyp ugra, eşit permany,
Halasaň gözüňe çek şu sürmäni».
Ol sözüni tamam edeninden soň, biz ondan «Allanyň haky üçin, aýt, sen näme üçin
badam iýmejek bolýaň?» diýip soradyk. Onda ol: «Eger men ony hökman iýmeli
bolaýsam-da, men ony diňe elimi kyrk gezek sabyn bilen, kyrk gezek soda bilen, kyrk
gezegem aşgar bilen, elimi jemi ýüz ýirimi gezek ýuwanymdan soň iýerin» diýip jogap
191

berdi. Şol wagt öýüň eýesi öz hyzmatkärlerine suw getirmegi hem-de ol ýigidiň aýdan
zatlarynyň hemmesini getirip, onuň elini ýuwdurmagy buýurdy. Ine, onsoň ol ýigit öz
aýdyşy ýaly edibem elini ýuwdy, diňe şondan soň saçagyň başyna geçip,
göwünligöwünsiz elini uzadyp, käýarym bir maňzy agzyna salyp iýen bolmaga başlady.
Emma iýse-de, birhili gorkýan ýaly, çekine-çekine, seňrigini ýygryp, zor bilen diýen ýaly
iýýärdi. Biz muňa haýran galdyk. Ýigit her gezek elini uzadanda, onuň eli titreýärdi, özide
eliniň başam barmagyny çommaldyp uzadýardy. Ine, onsoň birdenkä görsek, onuň başam
barmagy jontuk eken, asyl barmagy kesik bolsa nätjek! Seredip otursak, ol dört barmagy
bilen iýýän ekeni.
Onsoň biz ondan: «Allanyň haky üçin, seniň başam barmagyňa näme boldy? Ony
Allanyň öz ýaradyşy şeýlemi ýa-da başga bir betbagtlyga uçradyňmy?» diýip soradyk.
Onda ol ýaş ýigit: «Eý doganlarym, meniň ýeke bir şu başam barmagym şeýle däl, beýleki
başam barmagymam şunuň ýaly, iki aýagymyň-da başam barmagy şeýle. Ynha, göräýiň»
diýip jogap berdi. Onsoň ol özüniň beýleki eliniňem başam barmagyny açyp görkezdi. Biz
seredip görsek, onuň çep eliniňem başam barmagy sag eliniňki ýaly jontuk ekeni, onuň
aýdyşy ýaly, aýaklarynyňam başam barmagy ýok ekeni. Biz onuň barmaklarynyň
şeýledigini görüp geňirgenip, oňa: «Biz seniň başyňa düşen işi bilmek isleýäris, näme üçin
seniň başam barmaklaryňy kesip aýyrdylar, onsoňam sen näme üçin eliňi ýüz ýigrimi
gezek ýuwduň?» diýdik.
Onda ol ýigit: «Biler bolsaňyz, meniň atam täjirdi, özi-de Harun ar-Reşit halyfyň
döwründe Bagdadyň iň baý täjirleriniň biridi — diýip gürrüň bermäge başlady. — Ol şerap
içmegi hem saz-söhbeti biçak gowy görýärdi, ylaýta-da tamdyrada çalynýan sazlary
diňlemegi halaýardy, ölende onuň yzynda çigit ýaly-da zady galmady. Men ony däpdessur boýunça jaýladym, onuň üçin Gurhan çykartdym, gije-gündiz ýatlap ýasyny
tutdum, ondan soň onuň dükanyny açdym weli, yzynda suwytly zady galmandygyny
gördüm, oňa derek onuň köp bergisi galan eken. Onsoň men onuň algydarlaryny görüp,
ýalbaryp-ýakaryp, olary birneme köşeşdirip, ýüreklerine teselli berdim. Özümem bu anna
gününden indiki anna gününe çenli söwda edip, gazananymy atamyň algydarlaryna
berdim. Şeýdip men atamyň hemme bergilerini doly üzüp gutardym. Ondan soň bolsa
gijämi gündiz edip, öz maýamy köpeldip başladym. Ine, onsoň günlerde bir gün, bir gezek
192

men otyrkam, birdenkä oslagsyz ýerden, bir owadan ýaş gelne gözüm düşdi weli, onuň
ýaly owadan näzenini men ömrümde hiç haçan görmändim, özi-de şeýle bir üýtgeşik
gowy lybaslar geýnip, gymmatbaha şaý-sepler dakynyp bezenipdir, hut görmäge göz
gerek, özi-de gatyryň üstünde otyr, öňünde bir gul, yzynda hem bir gul bar. Onsoň ol
bazara girilýän derwezäniň agzynda gatyry saklady-da, derwezeden girdi weli, agta gul
hem onuň yzyndan galman ýöräp barşyna: «Hanym, girseň gir weli, emma özüňiň bu ýere
gelendigiňi hiç kime bildirme, ýogsam sen biziň garşymyza gahar-gazap oduny
tutaşdyrarsyň» diýdi. Onsoň ol aýal söwdagärleriň dükanlaryna aýlanyp ser salýan
wagtynda, agta gul onuň daşyny gabsap, ony adama görkezmejek bolup jan edýärdi.
Onsoň ol aýal aýlanyp görüp, meniňkiden başga açyk dükanyň üstünden baryp bilmedide, göni meniň ýanyma geldi, agta gul hem onuň yzysüre gelip ýetdi. Onsoň ol näzeniň
meniň dükanymyň agzynda oturdy-da, maňa edep bilen salam berdi weli, men onuň labzy
ýaly şirin labyzly, jana ýakymly şirin sözleri ömrümde hiç haçan eşitmändim. Ondan soň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 14
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.