Latin

Müň bir gije - 04

Total number of words is 3940
Total number of unique words is 1740
31.8 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
küýzäniň içine gireniňi öz gözüm bilen göräýmesem, men hiç haçanam ynanmaryn»
diýenmiş. Şol wagt jyn birden silkinjiräpdir-de, deňziň üstünde tüsse bolup burugsap,
onsoň bir ýere ýygjamlanyp, kem-kemden küýzäniň içine girip başlapdyr, şeýdibem ol
bütin göwresi bilen küýzäniň içine giripdir. Balykçy bolsa haýdan-haý şol öňki ýüzi
möhürli gurşun dykyny alaga-da, küýzäniň agzyny petikläpdir-de, jynyň üstüne
gygyrypdyr: «Nähili ölüm bilen öljegiňi belli et! Allanyň haky üçin men seni deňziň içine
taşlaryn, özümem şu ýerde öý tutunaryn-da, bu ýere gelen adamyň hiç birine hem balyk
tutdurmaryn, özümem: «Bu taýda jyn bar, ol özüni suwdan çykaran adama nähili ajal bilen
öljekdigiňi mälim et, seni öldürjek diýýär diýip aýdaryn!»
Jyn balykçynyň bu aýdanlaryny eşidip hem-de özüniň girä düşendigini aňyp,
küýzeden çykjak bolup urnup başlapdyr, emma her näçe urunsa-da çykyp bilmändir,
sebäbi Süleýmanyň gurşuna basan möhri oňa ýol bermeýär ekeni. Ine, onsoň ol
balykçynyň özünden ökde çykanlygyny bilipdir-de: «Men seniň bilen oýun etdim ahyry!»
diýen bolupdyr. Emma balykçy oňa: «Ýalan aýdýarsyň, jynyň ýigrenjisi, olaryň iň
47

hapysasy hem iň bigaýrat üflidi diýsänim!» diýip gygyrypdyr. Ondan soň balykçy küýzäni
deňziň gyrasyna bakan alyp ugrapdyr welin, jyn: «Ýok, beýle däldirin!» diýip gygyrypdyr,
balykçy bolsa: «Ýok, şeýlesiň!» diýipdir. Jyn gepini ýumşadyp hem mysapyrsyran bolup:
«Aý, balykçy, sen meni nätmekçi bolýarsyň?» diýip sorapdyr. Balykçy hem oňa şeýle
jogap beripdir: «Men seni deňziň içine taşlap goýberjek; eger sen ol ýerde müň sekiz ýüz
ýyl ýatan bolsaň, men seni tä kyýamat magşar gününe çenli şo taýda ýatar ýaly ederin.
Men saňa: «Sen maňa rehim etseň, Alla saňa rehim eder, sen meni öldürseň, Alla seni
öldürer!» diýip, näçe gezek aýtdym, emma sen meniň aýdanlaryma gulak salmadyň, seniň
bar niýetiň meni aldatmak boldy, emma Alla seni meniň elime salyp berdi, men seni
aldatdym».
Onda jyn: «Sen meni goýber, men saňa ýagşylyk edeýin» diýipdir. Emma balykçy:
«Ýalan aýdýaň, äteňenälet! Ikimiziň-de bolşumyz Ýunanyň weziri bilen Dubaň hekimiň
bolşy ýalydyr» diýipdir. Onda jyn: «Seniň Ýunan patyşanyň weziridir Duban hekim
diýýänleriň kim bolýar, olaryň arasynda näme bolupdyr?» diýip sorapdyr.
ÝUNAN PATYŞANYŇ WEZIRI HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, jyn — diýip, balykçy gürrüň bermäge başlapdyr: — Gadym
zamanlarda hem geçmiş asyrlarda, ýüzläp ýyllar mundan ozal, Ruman topragynda 4 hem
pürsýanlaryň şäherinde Ýunan diýen bir patyşa bolanmyş. Ol örän baý hem beýik
mertebeli bolanmyş, özüniň goşuny hem her dürli nökerleri bar ekeni, ýöne onuň
bedeninde heýwere keseli bolup, oňa hekimleriň-de, tebipleriň-de edip bilýän alajy ýok
ekeni. Patyşa her hili däri-dermanlary içipdir, her hili ýag çalyp, dürli melhemleri
ýapypdyr, emma kömek beren zat bolmandyr, ony gutaryp bilen hiç bir hekim
tapylmandyr. Ýunan patyşanyň şäherine bolsa Duban hekim diýen bir uly hekim gelipdir,
onuň ýaşy bolsa juda könelişen ekeni. Ol Ýunan, pürsýan, Wizantiýa, arap, Siriýa
kitaplaryny okaýar ekeni, tebipçiligi-de, ýyldyzlar hakyndaky taglymatlary-da bilýän
ekeni, olaryň düzgünlerini hem esaslaryny özleşdiripdir, peýdaly hem zyýanly
4
Ruman topragy (ýa-da rumlar ýeri) – Ýakyn Gündogarda Wizantiýa imperiýasy şeýle atlandyrylýan ekeni.
48

taraplaryny-da bilýärmiş, onsoň ol ähli ot-çöpleri, gurusyny-gögüni-de,
peýdalysynyzyýanlysyny-da bilýän ekeni, pelsepäni-de öwrenipdir, ähli ylymlary hem
ýene-ýeneleri ele alanmyş.
Ine, ol hekim şähere gelip, onda birnäçe gün ýaşandan soň, patyşa hakyndaky hemde Alla tarapyn onuň başyndan düşen hem oňa zyýan ýetiren şol heýwere keseli
hakyndaky gürrüňleri hemem ol keseli alymlaryň hem tebipleriň bejerip bilmeýändiklerini
eşidipdir. Ine, onsoň Duban hekim bu ýagdaýy eşidipdir-de, uzynly gije ony iş edinip, diňe
ertir gün dogup, ýalançy ýagtylansoň, özüniň iň gowy lybaslaryny geýnip, Ýunan
patyşanyň ýanyna barypdyr. Ine, onsoň ol maňlaýy ýere degýänçä eglip tagzym edip,
patyşa älemleriniň şan-şöhratynyň ebedilik pajarlamagyny hem onuň bagtyýar bolmagyny
dileg etmek bilen, gol gowşuryp salam berenden soň, özüniň kimdigini mälim edip: «Eý,
patyşahy älem, men seniň bedeniňe kesel ýokuşandygyny hem-de ençeme hekimleriň ony
bejermek üçin alaç tapyp bilmändiklerini eşitdim. Emma ynha men seniň keseliňi
bejererin, patyşahy älem, özümem saňa hiç hili dermanam içirmen, bedeniňe hiç hili ýag
hem çalmaryn» diýipdir.
Ýunan patyşa hekimiň aýdan bu sözlerini eşidip, biçak geň galypdyr-da: «Sen muny
nähili edip bilersiň ahyry? — diýip seslenipdir. — Alladan ant içýän, eger sen meni
gutaryp bilseň, men seni hem-de seniň çagalaryň çagalaryny-da baý bolar ýaly ederin,
özüňe-de haýyr-sahawat edeýin, sen göwnüň islän zadyna eýe bolup bilersiň, özüňem
meniň tabakdaş syrdaşym, iň gowy dostum bolarsyň!» Ondan soň Ýunan patyşa hekimi
hormat lybasy5 bilen serpaýlapdyr, oňa hormat goýup hezzetläpdir, onsoň ol: «Sen meni
bu keselden dermansyz zatsyz gutarjakmy?» diýip sorapdyr. Hekim bolsa: «Hawa, men
seni gutararyn» diýip jogap beripdir. Patyşa muňa biçak begenip hem haýran galyp: «Eý,
hekim, seniň maňa bu aýdan zadyň haçan, haýsy günde hem haýsy wagtda bolar? Gaýrat
et-de, basymrak bolaweri, oglum!» diýipdir. Hekimem: «Aýdanyňa boýun, hyzmatyňa
taýyn, patyşahy älem, ertiriň özünde bolar» diýip jogap beripdir. Ondan soň bolsa hekim
şähere eňipdir-de, bir öýi kireýne alyp, kitaplaryny, däri-dermanlaryny ol ýerde
5
Hormat lybasy – patyşanyň öz egninden çykaryp berip, tapawutlandyrmak üçin sylag beren geýimleri.
Sylaglanan adama geýimden başga-da, gymmat bahaly gylyç hem eýer-esbaby bilen gowy at hem berilýär.
49

jaýlaşdyrypdyr. Ondan soň ol özüniň däri-dermanlaryny alyp, bir tokmagyň sapyny
çykaryp, şonuň ýerine guýupdyr-da, tokmaga başga bir tutawaç oturdypdyr hem-de
ussatlyk bilen timarlap, pökgi ýaly togalak zym hem ýasap goýupdyr. Bu zatlaryň
hemmesi taýýarlanylyp gutarylanyndan soň, ertesi ir bilen hekim patyşanyň ýanyna
ugrapdyr, onuň ýanyna baryp, maňlaýy ýere ýetýänçä eglip, tagzym bilen salam beripdirde, oňa atlanyp aýlawa ugramagy teklip edipdir, ol ýerde bolsa tokmak bilen pökgi
oýnamagy buýrupdyr. Patyşanyň ýanynda bolsa wezir-wekilleri, köşk adamlary hem
emeldarlary bar ekeni. Patyşa aýlawa baryp-barmanka, Duban hekim hem baryp
ýetişipdir-de, onuň eline tokmagy tutduryp: «Ynha, şu tokmagy al-da, onuň, ynha, şujagaz
tutawajyndan tut, şonuň bilen pökgini ur-da, yzyndan bas gamça, ýetip, ýene ur, şeýdip,
aýlawyň içinde at sal-da ýör, özüňem mazaly geringin, tä eliň hem tutuş göwräň garader
bolýança pökgini kowalarsyň, ana, onsoň derman seniň eliňdenem geçmez, bedeniňe-de
ýapyşmaz. Oýnap bolanyňdan soň, dermanam seniň bütin bedeniňe ýaýrar weli, köşgüňe
dolanyp bararsyň-da, hammama girip, mazaly ýuwnarsyň, onsoň düşegiňe geçip ýatarsyň.
Ine, onsoň seniň emiň-ýomuň şol bolar, gutular ötägidersiň» diýipdir.
Ondan soň Ýunan patyşa hem tokmagy hekimiň elinden alyp, onuň tutawajyndan
tutaga-da, atyna atlanypdyr-da, tokmagyň sapyny eli bilen mäkäm gysyp, bar güýji bilen
pökgini kakyp goýberipdir. Şeýdip ol tä elinden hem bütin bedeninden der çykyp,
endamyna ýaýraýança hem-de tokmagyň sapyndaky derman syzlyp çykyp gutarynça,
haýdap pökgini kakyp hem kowalap at salyp ýörüpdir. Patyşanyň bedenine dermanyň
mazaly ýaýrandygyny Duban hekimiň özi-de görensoň, derrew köşge dolanyp barmagy
hem şol baran minutynyň ozünde hammama girip, ýuwunmagy oňa teklip edipdir. Ýunan
patyşa hem derrew öz köşgüne barypdyr-da, özi üçin hammamyň boşadylmagyny
buýrupdyr. Ine, onsoň hammamy boşadypdyrlar weli, patyşanyň hyzmatkär gullary hem
gyrnaklary biri-birinden öňe düşüp ylgaşyp, patyşa üçin geýim taýýarlap ýatany haýsy,
düşek ýazyp berýäni haýsy — her kim oňa hyzmat edip ýaranyp bilse kaýylmyş. Ine,
onsoň patyşa hammama girip, kemsiz ýuwnup, hammamda eşiklerini çalşyrypdyr, ondan
soň çykyp, öz jaýyna barypdyr-da, basyrynyp ýatypdyr.
Ine, Ýunan patyşa bilen bolan zat. Duban hekim barada aýdylanda bolsa, ol hem şol
ýerden öýüne dolanyp barypdyr-da, ol gijäni ýatyp geçirip, sag-aman ertire çykandan soň,
50

patyşanyň köşgüne barypdyr-da, ýanyna girmäge rugsat sorapdyr. Patyşa bolsa oňa
girmegi buýrupdyr. Hekimem girip, ta maňlaýy ýere ýetýänçä eglip, oňa tagzym edipdir,
onsoň patyşaha kakdyryp diýen ýaly, şu hili gazaly aýdypdyr: «Hoş görüler hoş gylyklar,
ger sen olsaň howandary, Sarpaň tutar, arkaň alar uly iliň, milletiň bary.
Ýüzde nuruň şöhle saçar — ýagtydyr mahy-tabandan,
Şum işler ýazgysyn öçir şum takdyryň kitabyndan.
Goý elmydam şöhläň artsyn, ol müdim bermesin raýy,
Zamanaň-a mydam çytyk, mydam hyrsyz ýüzi-roýy!
Seniň dek adam sylamaz hiç bir ülkäň baýarlary,
Misli rahmet baranyňdan suw-sil etdiň baýyrlary.
Köpleri men dek hormatlap, baýlyk deňzine gark etdiň, Şeýdibem
özüň aldyrdyň, täji-tagtyňy berkitdiň».
Hekim gazalyny aýdyp bolansoň, patyşa ýerinden turup, ony garsa gujaklapdyrda,
öz ýanynda oturdypdyr, onsoň oňa gymmatbahaly halatlardan serpaý edipdir. (Patyşa
bolsa hammamdan çykandan soň öz endamyny barlap görüpdir weli, bedeninden heýwere
keseliniň başyndan nyşan hem tapmandyr, endamy misli kümüş ýaly agaryp birgeňsi
bolupdyr; patyşa muňa biçak begenip, göwni açylyp keýpi çag bolan ekeni). Ertesi bolsa
patyşa özüniň diwan jaýyna baryp, tagtyna geçip oturansoň, onuň wezirwekilleri, köşk
emeldarlary onuň garşysynda dik durup häzir bolupdyrlar; şol wagt Duban hekim hem
onuň ýanyna giripdir, patyşa hem ony görüp, derrew ýerinden turupdyr-da, ony getirip öz
ýanynda bile oturdypdyr. Ine, onsoň owadan-owadan saçaklar ýazylyp, dürli-dümen hem
51

tagamly nygmatlar çekilip başlanypdyr. Patyşa bolsa Duban hekim bilen bile nahar edinip,
bile iýip, bile içip, şol gün uzak günläp arasyny üzmän, onuň bilen gurrüňleşip, göwün
açyşyp oturypdyr. Gün ýaşyp, agşam düşensoň bolsa, patyşa Duban häkime ozalky sylag
beren hormat lybasyndan hem beýleki zatlarynyň daşyndan ýene oňa iki müň dinar
beripdir-de, ony hut öz münýän atyna ataryp goýberipdir, Duban hem öz öýüne atly
gaýdypdyr. Ýunan patyşa bolsa onuň tebipligine henizem haýran galyp aňyrsyna çykyp
bilmän oturyşyna: «Bu hekim meni derman içirmän bejerdi, asla endamyma-da hiç hili
ýag, derman çalmady. Özi ýok, Allasy bar, akylyň öýjügi diýibem şoňa diýäýseň! Bu
adamyň maňa eden bu ýagşylygy üçin, menem onuň hormatyny hem hezzetini
ýetirmelidirin, men ony özümiň ebedilik tabakdaşym hem gürrüňdeşim edinmelidirin!»
diýýän ekeni. Ine, onsoň Ýunan patyşa özüniň erbet keselden sag-aman gutulanyna hem
janynyň saglygyna guwanyp, ol gijesini hem hoşluk bilen geçiripdir. Ertesi güni bolsa
özüniň diwan jaýyna baryp, tagtyna çykypdyr, onuň patyşalygynyň ulamalary öňünde
häzir bolupdyr, onuň wezirleri, emirleri hem gelip, onuň sagyndan hem solundan
oturypdyrlar. Ondan soň Ýunan patyşa buýruk berip, Duban hekimi çagyrdyp getirdipdir,
ol gelip, tä maňlaýy ýere degýänçä eglip, onuň öňünde baş egip, tagzym edipdir, patyşa
bolsa onuň garşysynda ör turup durup, oňa öz ýanyndan ýer berip, gapdalynda oturdypdyr.
Onsoň onuň bilen bile iýip-içip, gürrüňleşip, onuň ömrüniň uzak bolmagyny arzuw
edipdir, oňa ýene her hili lybaslar hem gymmatly sylaglar beripdir, onsoň ýene tä gijäniň
birwagtyna çenli gürrüňleşip oturypdyr, ondan soň patyşa Duban hekime bäş sany hormat
lybasyny hem-de müň dinar bermegi buýrupdyr. Ine, onsoň ol hem patyşaga hoşallyk
bildirip, öz öýüne gaýdypdyr. Ertesi güni bolsa patyşa ýene öz diwanyna baryp, köşk
ulamalaryny hem wezir-wekillerini daşyna üýşürip, öz tagtyna çykypdyr.
Patyşanyň bolsa diňe göriplikden ýugrulyp ýasalan betnyşan, içigara, açgöz, husyt,
tüýs baý malyny bahyl gysganar diýenleri ýaly erbet bir weziri bar ekeni. Ine, onsoň şol
wezir patyşanyň Duban hekimi öz ýanyna ýakynlaşdyryp, oňa şu hili hezzet hem hormat
edýändigini görüp, oňa bahyllyk edip başlapdyr hem-de oňa ýamanlyk etmegiň küýüne
düşüpdir. Göriplik göwünde bolarmyş ýa-da adylsyzlyk ýürekde ýatarmyş diýipdirler
ahyryn. Özüne göwni ýetýän adam içiniň garalygyny aç-açan daşyna çykarýar, bigaýrat
bolsa gizlin edýär. Ine, onsoň ýaňky wezir Ýunan patyşanyň ýanyna baryp, onuň öňünde
52

iki bükülip, maňlaýyny ýere ýetirip: «Eý, patyşahy älem, zamanamyzyň soltany! Men
siziň alyhezretiňiz hem uly hezzetiňiz astynda önüp-ösdüm, şoňa görä-de, meniň saňa uly
nesihatym bar. Eger men ony sizden gizlesem, onda meniň hürri döli boldugym bolar,
eger-de sen ony aýan etmäge ygtyýar berseň, men ony aýan etjek» diýipdir. Weziriň bu
sözüne aňk-taňk bolup geňirgenen patyşa: «O nähili nesihatmyş?» diýip ondan sorapdyr.
Onda wezir: «Eý, asylly patyşahym, «Aldanan Allasyndan görer» diýip, köneler aýdypdyr
ahyry. Patyşamyz öz hekimine içini ynanmak hem oňa aşa hormat goýmak bilen, ýalňyş
iş edýär, çünki ol seni tagtyňdan agdarmagyň ýoluny agtarýar, bu maňa äşgär. Patyşa bolsa
mundan bihabar, gaýtam hemişe elinden gelen ýagşylygyny edip, ony özüne ýakynlatdy,
men patyşa üçin ätiýaç edýärin» diýip jogap beripdir.
Ine, onsoň patyşa bu habara galagoplanyp hem ýüzüniň reňkini üýtgedip: «Sen kim
hakynda aýdyp, kime ümleýärsiň?» diýip, wezirinden sorapdyr. Onda wezir: «Eger sen
ukuda bolsaň, onda gözüňi aç! Men Duban hekimiň gürrüňini edýärin» diýipdir.
Patyşa bolsa oňa: «Aý, işigaýdan, ol meniň barypýatan dostum ahyry — diýipdir. — Men
ony hemme kişiden gowy görýän, çünki ol meniň elime bir zat tutdurdy-da, meni keselden
gutardy oturyberdi, özi-de hiç bir hekime başartmadyk elhenç keselden gutardy. Şu
zamanda onuň ýaly adamy ne gündogarda, ne günbatarda, asla bütin dünýäde-de
tapmarsyň, sen bolsaň oňa dil ýetirjek bolýaň. Men şu günden başlap oňa aýlyk-günlük
bellejek, özi-de oňa her aýda müň dinar bermeli etjek. Men özümiň bütin patyşalygymy
onuň bilen deň paýlaşsam, şonda-da, dogrusy, oňa henizem azdyr. Meniň pikirimçe, sen
bu zatlary diňe göriplikden aýdýarsyň, görýän weli, seniňki-de meniň asSindbad patyşa
hakynda eşiden gürrüňime meňzeýär...»
Hekaýanyň şu ýerinde Şährizadanyň öz gürrüňini bes etmeli pursady bolupdyr, şoňa
görä-de, ol gürrüňini kesipdir.
BÄŞINJI GIJE
gelip ýeten wagtda bolsa, onuň gyz jigisi: «Eger ukyň tutmaýan bolsa, düýnki
hekaýaňy soňuna çenli aýtsana» diýipdir.
Şährizada hem dowam edipdir:
53

«Hawa onsoň, bagtyýar patyşahym, meniň eşitmişime görä, Ýunan patyşa öz
wezirine: «Eý, wezir, sen ol hekime göriplik edýärsiň, şonuň üçinem sen onuň ölümini
dileýärsiň, menem onsoň şol as-Sindbad patyşanyň öz laçynyny öldürenine soňundan
ökünişi ýaly öküner ýörerin» diýenmiş. Onda wezir: «Eý, patyşahy älem, meni bagyşla,
seniň bu aýdýanyň nähili bolupdyr?» diýip sorapdyr.
AS-SINDBAD PATYŞA HAKYNDA HEKAÝAT
«Pürsýanlaryň patyşalarynyň arasynda bir patyşa bolanmyş diýýärler. Allanyň özi
gowy bilýändir — diýip, Ýunan patyşa gürrüňe başlapdyr. — Ol patyşa
şagalaňşadyýanlygy, seýil-syýahaty, aw-şikary gowy görýän ekeni. Onuň ekdi edinen
algyr laçyny bar ekeni, özi-de ony ne gije, ne gündiz, hiç haçan ýanyndan goýmaz ekeni,
ony uzynly gijeläp elinde saklan wagtlary bolanmyş, awa giden wagtynda bolsa, ony öz
ýany bilen äkidermiş. Patyşa özüniň elguşy üçin altyndan jamjagaz ýasadyp, onuň
boýnundan asanmyş, şol jamjagaz bilen ony suwa ýakar ekeni. Günlerde bir gün patyşa
otyrka, özüniň baş awçysy onuň ýanyna gelip: «Eý, patyşahy älem, awa gider wagtymyz
boldy» diýipdir. Onsoň patyşa hem gitmeli diýip buýruk beripdir-de, özüniň laçynyny
eline alypdyr. Ine, onsoň olar ýola düşüp ugrapdyrlar, gidip-gidip, ahyry bir deräniň içinde
düşläp, şol ýerde hem aw torlaryny gurupdyrlar. Birdenkä olaryň toruna bir keýik düşüpdir
weli, patyşa: «Şu keýik kimiň üstünden böküp gitse, men onuň başyny keserin» diýip
seslenipdir.
Ine, onsoň awçylar tory düýrmäge başlapdyrlar weli, ýaňky keýik birdenkä
patyşanyň gabadyna baryp, art aýagynyň üstüne oturyp, öň aýaklaryny döşüne ýygryp,
misli patyşanyň öňünde tagzym edip, agzy bilen ýeri öpýän ýaly aşak eglipdir. Patyşa hem
oňa baş atyp ümläpdir weli, ýaňky keýik birdenkä onuň üstünden towsup geçipdirde,
ümdüzüne tutduryp gidiberipdir. Patyşa bolsa öz nökerleriniň ýylgyryşyp göz
gypyşýandyklaryny görüp, wezirine: «Eý, wezir, olar nämä pyşyrdaşýarlar?» diýipdir.
Wezir bolsa: «Sen şol keýik kimiň üstünden böküp geçse, men şony öldürerin diýipdiň,
olar şonuň gürrüňini edýärler» diýip jogap beripdir. Onda patyşa gaharlanyp: «Men ony
tutup getirmesem her zat boldugym, tä ele salynçam kowaryn!» diýipdir. Ine, onsoň patyşa
atyna atlanyp, dag-dereleriň içi bilen ýaňky keýigi yzarlap kowup ugrapdyr. Keýik ahyry
54

özüni jeňňele atmakçy bolupdyr, şol wagt patyşa oňa egnindäki guşuny salýar weli, guş
özüniň gujurly ganatlary bilen keýigiň gözlerine urup, dem salymda ony kör edip ters
aýlandyrypdyr. Patyşa hem serdessesini alyp, keýigi urup ýykypdyr.
Ondan soň ol atyndan düşäge-de, damagyny çalyp, onuň hamyny sypyraga-da,
läşini eýeriň gaşyndan asypdyr. Şol wagt bolsa edil günortan dynç alynýan çaglary ekeni,
emma şol töwerekdäki jeňňellikde hem tebsiräp ýatan çöllükde içer ýaly suw ýok ekeni.
Patyşanyň bedeni gyzyp, agzy kepäpdir, onuň aty hem biçak suwsapdyr. Patyşa töwerege
aýlanyp, ahyry bir agaja gözi düşüpdir, baryp görse, ol agaçdan göýä ýag damýan ýaly,
suw damyp duranmyş. Patyşanyň eline bolsa gaýyş ellik geýilgi ekeni. Onsoň ol laçynyň
boýnundaky jamjagazy alaga-da, şol damyp duran suwuň aşagyna tutup doldurypdyr-da,
öz öňünde goýupdyr weli, laçyn ol jamy ganaty bilen kakyp agdaryp goýberipdir. Oňsoň
patyşa jamy alyp, ýene şol ýag ýaly damyp duran suwdan doldurmaga başlap, jama suw
ýygnanýança garaşypdyr. Ol laçyn gaty suwsandyr öýdüp, soňky ýygnan suwuny onuň
öňünde goýupdyr, emma laçyn ýene ganaty bilen kakyp goýberip, jamy ýene agdarypdyr.
Şonda patyşanyň gahary gelip, jamy ýene suwuň aşagyna tutup doldurypdyr-da, bu sapar
suwy atyň öňünde goýupdyr, emma laçyn ýene ganaty bilen jamy kakyp agdarypdyr.
Muňa patyşanyň halys gahary gelip: «Eý, päli ýaman guş, Alladan tapadyň-da, hernä! Sen
meni-de, at janawary-da, özüňi-de bir owurt suwdan binesip etdiň!» diýipdir-de, gylyjy
salaga-da algyr laçynyň ganatyny çapyp taşlapdyr.
Şonda guş oňa baş atyp, yşarat etmek bilen: «Sen ýokaryňa bir seret, agajyň üstünde
näme bardygyny bir gör» diýen ýaly ümläpdir. Patyşa ýokarsyna göz aýlasa, agajyň
üstünde aždarhanyň çagasy oturan ekeni, ýokardan damyp duran bolsa suw dälde, şonuň
awusy ekeni. Ine, onsoň patyşa öz guşunyň ganatyny çapanyna biçak ökünipdir. Ondan
soň ol turup atlanypdyr-da, awlan awy bilen öz çadyryna gaýdyp barypdyr. Getiren
keýigini aşpeze berip: «Alagadan gowur!» diýip buýrupdyr. Ondan soň ol öz tagtyna
çykyp, guşuny-da eliniň üstünde saklap oturypdyr. Şol wagt guş birdenkä erbet bir
gygyrypdyr-da, ölüp ýatyberipdir. Onsoň patyşa özüni ölümden halas eden wepadar
guşuny öz eli bilen öldürenine gynanyp, zar-zar aglapdyr. Ine, as-Sindbad patyşanyň
başyndan geçen zat».
55

Ýunan patyşanyň tymsal getirip aýdan bu sözlerini diňläp, wezir oňa: «Beýik
mertebeli patyşahym, meniň Duban hekimden gören ýamanlygym barmy näme? Onuň
maňa eden ýamanlygy ýok ahyry, men diňe saňa nebsim agyrýany üçin, meniň
aýdanymyň dogrudygyny seniň bilmän galmazlygyň üçin aýdýaryn, ýogsam öňde bir
weziriň patyşalardan biriniň oglunyň garşysyna hile gurany üçin ölşi ýaly, senem ölersiň»
diýipdir. Onda Ýunan patyşa: «O nähili bolup ölenmiş?» diýip sorapdyr.
HILEGÄR WEZIR HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, patyşahym — diýip, wezir gürrüň bermäge başlapdyr — bir
patyşanyň bir weziri bar ekeni, onsoňam ol patyşanyň bir ogly bar ekeni, olam aw
awlamagy hem balyk tutmagy oňat görýän ekeni, patyşanyň weziri bolsa elmydama şonuň
ýanynda bolar ekeni. Onuň atasy patyşa bolsa şol oglan her ýere gitse-de, onuň ýanyndan
aýrylmazlygy wezire tabşyran ekeni. Günlerde bir gün patyşanyň şol ogly awa gidipdir,
patyşanyň weziri-de onuň ýany bilen gidipdir. Şonda wezir ullakan bir ýyrtyjy haýwany
görüpdir-de, şazada: «Ynha, saňa aw, kow yzyndan!» diýipdir. Şazada hem onuň yzyndan
kowup, gözden ýitip gidipdir, wezir bolsa çölde ondan gizlenip galypdyr.
Onsoň şazadanyň başy aýlanypdyr-da, nirä hem haýsy tarapa gitjegini bilmän ýaltaklap
durka, birden ýoluň gyrasynda bir gyzyň aglap oturanyny görüpdir.
Şazada onuň ýanyna baryp: «Sen kim bolarsyň?» diýip sorapdyr. Gyz hem oňa:
«Men Hindistan patyşalaryndan bir patyşanyň gyzy, men meýdana gezelenje çykypdym
weli, erbet ukym tutdy-da, atdan agyp uklap galypdyryn, şeýdip özümiziňkilerden aýrylyp
ýitip galypdyryn» diýip jogap beripdir. Şazada bu gyzyň aýdanlaryna geň galyp, oňa nebsi
agyrypdyr-da, gyzy atynyň syrtyna alaga-da sürüp ugrapdyr. Olar bir köne harabaçylygyň
deňesinden geçiberenlerinde, gyz şazada: «Aý, jenap, meniň meýdana oturasym gelýär»
diýipidir. Şazada-da ony atdan düşüripdir. Gyz harabaçylygyň içine girip, esli wagt
eglenipdir, şazada bolsa näme üçin beýle köp eglendi diýip garaşyp durşuna, hiç zady
göwnüne getirmän, onuň yzyndan barypdyr. Görse, ýaňky gyz jadygöý kempir eken.
Onuň bir topar çagasy-da bar ekeni. Onsoň ol öz çagalaryna: «Çagalar, men bu gün size
semizje bir ýaş ýigidi getirdim!» diýipdir. Çagalary bolsa hezil edişip: «Wah, getirsene
56

bärik, eje, onuň etini iýip garnymyzy bir doýraly-la!» diýşip gygyryşypdyrlar. Şazada
olaryň bu gykylygyny eşidip, indi öljegine gözi ýetensoň, biçak gaty gorkup, aýaklary
sandyrap galpyldap başlapdyr. Ol yzyna dolanypdyr. Kempir bolsa daş çykyp, onuň biçak
gorkan ýaly bolup sandyrap durandygyny görüp: «Sen nämeden gorkýarsyň?» diýip
sorapdyr. Şazada bolsa: «Meniň duşmanym bar, ana, şondan gorkýaryn» diýip jogap
beripdir. Onda jadygöý kempir:
«Sen özüňe men patyşanyň ogludyryn diýipdiň ahyryn?» diýip sorapdyr. Şazada: «Hawa»
diýip jogap beripdir. Onda jadygöý oňa: «Onda näme üçin sen öz duşmanyňy
kanagatlandyrmak üçin birneme pul beräýmeýärsiň?» diýipdir. Onda şazada: «Ol pul
bilen kanagatlanmaz, diňe meniň janymy almak bilen kanagatlanar, şonuň üçinem men öz
janymdan gorkýaryn. Men göwni galan adam» diýip jogap beripdir. Şondan soň jadygöý
kempir oňa: «Eger sen, öz aýdyşyň ýaly, göwnüne deglen adam bolsaň, onda sen Hudaýa
nalyş et-de, ondan hemaýat sora, ol seni öz duşmanyňyň gazabyndan hemde öz gorkýan
zadyň gazabyndan dyndarar» diýipdir. Ine, onsoň şazada ýüzüni asmana tutup: «Eý,
Hudaýym. herki bendäň başyna bela inende, seni kömege çagyranda, Sen hemişe garaşyk
edýänsiň hem ony beladan gutarýansyň, ýa Biribar, meni öz duşmanymyň gazabyndan
halas et, meniň başymy bu beladan özüň gutar! Sen hökmürowansyň hem Seniň isläniň
bolmalydyr!» diýip seslenipdir. Jadygöý kempir onuň dogasyny eşidip, gözden gaýyp
bolupdyr. Şazada bolsa atlanyp, öz ýoluna ugrapdyr. Onsoň ol atasynyň ýanyna baryp,
weziriň eden etmişini oňa gürrüň beripdir. Patyşa bolsa weziri ýanyna çagyrdyp
öldüripdir.
«Eý, patyşahym, eger senem şol hekime janyňy ynansaň, ol seni itden pis edip
öldürer. Seniň ol ýagşylyk edýäniň hem öz ýakynyňa goýberip, içiňi ynanýan adamyň özi
hökman seniň başyňa ýeter. Sen göreňokmy näme, ol saňa däri-derman içirmän, eliňe bir
zat berdi-de, şol eliňe alan zadyň bilenem seni keselden gutardy oturyberdi, sen özüňi
howpsuz ýagdaýdadyryn öýtme, indikile eliňe bir zat beräge-de, seni öldürip bilmez
öýdýärmiň?»
Ýunan patyşa bolsa: «Sen dogry aýdýaň, wezir, sen mamla, şonuň üçinem, sen
näme aýdýan bolsaň, aýdyşyň ýaly-da bolar, eý, wepadar wezirim! — diýipdir. —
Dogrudan-da, bu hekim içaly ýaly, meniň ölümimi peýläp gelipdir öýdýän, eger ol meniň
57

elime nämedir bir zat tutduryp, şonuň bilenem meni gutaran bolsa, maňa başga bir zady
ysgadyp öldüribem biler».
Şonda Ýunan patyşa wezirine: «Ýeri, wezir, biz ony nätsek gowy bolarka?»
diýipdir. Onda wezir oňa: «Sen häziriň özünde ony çagyrdyp getir-de, kellesini kes. Ana,
onsoň sen onuň belasyndanam dynarsyň, onuň özündenem. Ol seni aldawa salmanka, sen
ony aldawa sal» diýipdir. Patyşa bolsa: «Dogry aýdýaň, wezir!» diýipdirde, hekimiň
yzyndan adam iberipdir. Ol biçäre bolsa, öňde biriniň özüne merhemetli Ýaradanyň näme
höküm edeninden bihabar bolşy ýaly, özüne näme garaşýanyndan bihabar, patyşanyň
çakylygyna begenip gelipdir. Munuň ýaly ahwalat hakynda ozalam biri şeýle diýipdir:
Takdyrdan gorkuban galan bu zara, Aljyrama,
sygyn ol Biribara!
Eý soltanym! Ýazgytdaky başdadyr,
Ýazylmadyk başa gelmez, daşdadyr.
Hekim patyşanyň ýanyna girende şeýle diýipdir.
«Kemgadyr boldumy hormat-hezzetiň?
Kem taryp etdimmi yhzan-yzzatyň?
Soratmazdan keremiňi eçildiň,
Rahmet nurun dökdüň durduň, saçyldyň.
Onsoň nädip götermäýin şöhradyň?
58

Nädip wasp etmäýin abraýyň-adyň?
Ýagşylygyň derdim egser dowamat,
Bergidarmen saňa — budur melamat».
Ondan soň ýene şol terzde şeýle aýdypdyr:
«Ýazgydyň gör, batma gaýgy-külpete, Goşulyp
gez dosty-ýara, ülpete.
Eşret bilen sür şu günüň sapasyn,
Şonda unudarsen ömrüň jepasyn.
Munça çekip gezseň dünýä mähnetin, Ahyr
hödür eder rahat-rehnedin.
Barça işi Ýaradandan ryza bil,
Näşükürlik kylma, herne razy bol».
Onsoň ýene şeýle nagma diýipdir:
59

«Huda hemdemligin kalbyňa gapla, Dünýe
gaýgysyndan ýüregiň sapla.
Gije-gündiz tartsaň ahy-nalany,
Ahyr bolar Perwerdigär halany».
Ondan soň ýene şu beýdi aýdypdyr:
«Şat bol, parahat bol, örteme janyň,
Gaýgy-gam guradar, gatadar gönüň.
Pakyr bende, hergiz kylma endişe,
Şonda şady-horram bor sen hemişe».
«Meniň seni näme üçin çagyrandygymy bilýärmiň?» diýip, patyşa Duban hekimden
sorapdyr. Hekim bolsa: «Adamyň syryny Allatagalanyň bir özünden başga hiç kim bilýän
däldir» diýip jogap beripdir. Patyşa bolsa oňa: «Men seni öldürmek hem seniň janyňy
almak üçin çagyrdym» diýipdir.
Duban hekim bu habara biçak geň galyp: «Eý, patyşahym, sen meni näme üçin
öldürjek, meniň eden etmişim näme?» diýip sorapdyr. Onda patyşa: «Sen içaly ekeniň,
özüňem meni öldürmek üçin gelipsiň, muny maňa aýtdylar, ana, şonuň üçinem, sen meni
öldürmänkäň, men seni öňürti öldürjek» diýip jogap beripdir.
Ondan soň patyşa jellady çagyrypdyr-da: «Şu aldawçynyň kes başyny-da, şu
beladan biziň başymyzy dyndar!» diýip buýruk beripdir. Onda hekim: «Maňa rehim et.
Alla hem saňa rehim eder, sen meni öldürseň, Alla hem seni öldürer» diýip, meniň saňa
60

ýalbaryşym ýaly ýalbarypdyr, emma sen maňa rehim etmediň, zalym jyn, seniň kastyň
diňe meniň janymda boldy.
Onsoň Ýunan patyşa Duban hekime: «Eger men seni öldürip dynmasam, meniň öz
janym howp astynda boljak; sen meniň elime bir zat tutdurmak bilen meniň derdimi
gutardyň, ine, onsoň sen maňa ýene bir zady ysgadyp ýa-da başga bir ýol bilen meni
öldüribem bilersiň öýdüp gorkýaryn» diýipdir. Onda Duban hekim: «Eý, patyşahym,
senden aljak sylagym şu boldumy! Sen ýagşylyga ýamanlyk edýärsiň-le!» diýipdir. Emma
patyşa: «Seni öldürmekden gowusy ýokdur, özi-de basymrak öldürmek gerek!» diýip
jogap beripdir. Şondan soň hekim özüniň hökman öldüriljekdigine gözüni ýetirip aglapdyr
hem ýagşylyga mynasyp däl adama özüniň ýagşylyk edenine ökünipdir, munuň ýaly
ahwalat hakynda ozal hem biri şeýle diýenmiş: Meýmunanyň öwerdiler pederin, Emma
özi welin bilmez ederin.
Kimse ýolun salsa buzdan-taýgakdan,
Megerem, ýykylyp, bolar aýakdan.
Şondan soň jellat orta çykypdyr-da, hekimiň gözlerini daňyp, gylyjyny syryp:
«Rugsatmydyr!» diýipdir. Hekim bolsa aglaý-aglaý, patyşaha ýalbaryp: «Sakla meni, seni
hem Alla saklar, meni öldürseň, Alla seni hem öldürer» diýip, şu namany aýdypdyr: Men
bir dogruçyl bende men, dogry söz bagtym baglady,
Ýalançylar döwran sürüp, hoşlukda wagtyn çaglady.
Indi hiç dogry söz diýmen, muňa şaýat bor ýyllar-da.
Ölen günüm dogruçyly näletläň ähli dillerde.
Ondan soň Duban hekim: «Ine, patyşahym, seniň maňa eden sylagyň şu boldy! Seň
munyň näheňiň ýagşylyga ýamanlyk edişi ýaly bolýar» diýipdir. Patyşa ondan:
61

«Näheňiň nähili gürrüňi bar?» diýip sorapdyr. Emma hekim: «Men bu hili ýagdaýda bolup
durşuma, ol hakda gürrüň berip biljek däl. Allanyň hatyrasy üçin sen maňa rehim etseň,
Alla saňa rehim eder!» diýipdir. Onsoň hekim hut zörledip ses edip aglapdyr, patyşanyň
özüne ýakyn ulamalarynyň biri ýerinden turup: «Eý, patyşahym, şu hekimiň janyny meniň
üçin bagyşla, çünki biz onuň saňa hyýanat eden ýerini göremzok, gaýtam, biz seniň hiç
bir hekime, hiç bir tebibe başartmadyk. keseliňi bejerip berenini gördük» diýipdir.
Onda patyşa: «Näme, bu hekimi meniň näme üçin öldürýänimi siz bileňzokmy? —
diýipdir. — Onuň sebäbi, eger men muňa rehim etsem, onda hökman meniň özüm ölmeli
bolaryn. Meniň elime nämedir bir zady tutduryp, meniň erbet keselimi bejerip bilen
adamyň özi maňa nämedir bir zady ysgadyp öldüribem biler ahyry. Ol meni öldürip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 05
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.