Latin

Müň bir gije - 02

Total number of words is 4008
Total number of unique words is 1798
35.0 of words are in the 2000 most common words
48.4 of words are in the 5000 most common words
55.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýüzügi oňa beripdir, onsoň ol aýal şeýle diýipdir: «Bu jyn meniň toýum toýlanyp durlan
gijesi ogurlap alyp gaçdy-da, meni bir gapyrjagyň içine saldy, ol gapyrjagyda sandyga
saldy. Ol sandygyň daşyndan ýedi gulp asyp berkitdi-de, meni möwç urup ýatan deňziň
düýbüne taşlady, emma welin, eger aýalyň göwni bir zat islese, ony hiç bir zadyň gorap
saklap bilmejekdigini jyn bilmeýär okeni. Bu barada şahyrlaryň biri, ine, şuny aýdypdyr:
Ynanjaňlyk etme aýal ýanynda,
Hergiz durabilmez äht-peýmanynda.
Kä bagyşlap, käte berer azaryn,
Emma azgynlykdan edýändir baryn.
16

Söýdüm diýr, ýalandan köp çeker zary,
Köýnegne çykandyr ýalanyň şory.
Ýalandan başga-da tükenmez oýny,
Ýusubam horlanyp, burupdy boýny.
Atamyz Adamy azdyryp hiçden,
How Enemiz kowdurypdy behiştden.
Başga birisi bolsa şeýle diýipdir:
Eý yşkyň ýoluny terk eden geda,
Meniň kylan işim ýazgarma juda.
Selle oranyp aşyklygyň matasyn,
Menem kyldym ärler kylan hatasyn.
Yşk bir gyzamykdyr, hemmä deň bolar, Onuň
örgüninden sypmak geň bolar»
17

Bu aýalyň aýdan sözlerine patyşalaryň ikisi-de haýran galyp, biri-birine: «Bu jyny
diýsene, munuň başyna düşen zat biziňkidenem bäşbeter ekeni! Munuň ýaly zat heniz hiç
kimiň başyna düşen däldir!» diýşipdirler.
Onsoň olar şol sagadyň özünde ol aýalyň ýanyndan aýrylyp gidip, Şähriýar
patyşanyň şäherine gaýdyp barypdyrlar; patyşa öz köşgüne giripdir-de, öz aýalynyň-da,
gullaryň-da, gyrnaklaryň-da — barysynyň kellesini kesip taşlapdyr.
Şondan soň Şähriýar patyşa her gije bir gyz alyp başlapdyr-da, el degmedik gyzy
bir gije ýanynda saklanyndan soň, öldürip ugrapdyr; şeýle ýagdaýyň özi üç ýyllap dowam
edipdir.
Şonuň üçinem adamlar dat-perýat edip, öz gyzlary bilen şäherden çykyp
gaçypdyrlar. Ine, şeýdip şäherde äre ýararly ýekeje-de ulugyz galmandyr.
Ine, onsoň patyşa öz wezirini çagyryp, şol adata görä, özüne gyz getirip bermegi
buýurýar welin, wezirem çykyp, gyz gözlemäge başlaýar, emma ol gyz tapyp bilmänsoň,
patyşanyň özüne jeza bererinden gorkusyna, sussupes, lapykeç halda öz öýüne barýar.
Patyşanyň weziriniň bolsa iki gyzy bar ekeni: ulusynyň ady Şährizada, kiçisiniň ady hem
Dünýäzada ekeni. Weziriň uly gyzy her hili kitaplary, sene ýazgylaryny, gadym zaman
patyşalarynyň durmuşyndan hem öten-geçen halklaryň rowaýatlaryndan ýazylan zatlary
köp okaýar ekeni, onsoň-da ol gyz gadymy halklara, ozalky patyşalara hem şahyrlara
degişli bolan sene ýazgyly kitaplaryň müňlerçesini ýygnanmyş diýýärler. Ine, şol gyz hem
atasyna aýdanmyş: «Görýän weli, sen bir zady gaýgy edip gam-gussa çekýärsiň, näme
üçin sen gaýga galyp aladalanyp otyrsyň? Bu barada kimdir biri şeý diýipdir ahyry:
Kimde-kim hesrete batar,
Diýiň oňa: «Bu hem öter!
Şat günüň ýaşyşy ýaly,
Ýatar gaýyňam şemaly».
18

Wezir öz gyzyndan bu hili sözleri eşideninden soň, patyşa bilen özüniň arasynda
näme-nämeleriň bolandygyny başdan-aýak aýdyp beripdir. Şährizada bolsa: «Allanyň
haky üçin, atam, sen meni şol patyşanyň eline ber, onsoň men ýa-ha diri galaryn, ýa-da
musulman gyzlar üçin gurban bolup, olary patyşanyň gazabyndan halas ederin» diýip
dyzapdyr. Onda wezir: «Allanyň haky üçin, sen öz-özüňi beýle howpuň üstünden eltiji
bolma!» diýip gygyrypdyr. Emma Şährizada: «Ýok, bu hökman şeýle bolmalydyr!»
diýipdir. Onda wezir: «Öňem bir daýhanyň öküzi bilen eşeginiň başyna düşeni seniňem
başyňa düşer öýdüp gorkýaryn» diýipdir. «Olaryň başyna düşen zat näme?» diýip,
Şährizada sorapdyr.
ÖKÜZ BILEN EŞEK HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, gyzym, bir baý söwdagär bar eken — diýip, wezir gürrüň bermäge
başlapdyr: — Onuň süri-süri maly bar eken, onuň aýaly hem çagalary-da bar eken, onuň
özi Allatagalanyň gudraty bilen, mallaryň hem guşlaryň dilini-de bilýän ekeni. Ol
söwdagär bir obada ýaşaýar ekeni, onuň gapysynda bolsa öküzi hem eşegi bar ekeni. Bir
gezek öküz eşegiň ýatagyna baryp görse, onuň ýatagy syrylyp-süpürilip hem suwlanyp
goýlup, ap-arassaja bolup duranmyş, eşegiň ahyrynda bolsa elenip arassalanan arpa,
öýdelen saman bar, eşegiň özi bolsa arkaýyn çäşerilip ýatanmyş, dynç alýarmyş diýýär,
özi-de käwagt bir iş çykanda, hojaýyn ony münýär diýäýmeseň, ol eşegiň edýän işi
ýokmuş, hojaýyn münüp giden wagty-da kän eglenmän, derrew gaýdyp gelýär ekeni.
Günlerde bir gün öküziň eşege aýdan sözlerini hojaýyn eşidipdir: «Seniň bagtyň
getiripdir! Meniň ýadap sütünim süýnýär, sen bolsaň ýatyrsyň, özüňem elenen arpa iýýäň,
saňa gowy seredýärler, diňe käwagt hojaýyn seni münüp, bir ýere baryp gaýdýar, men
weli ömürbaky ýer sürmeli, degirmen aýlamaly». Eşek hem oňa şeýle jogap beripdir:
«Seni meýdana äkidip, boýnuňa boýuntyryk atarlar weli, sen ýykyl-da ýatyber, ursalaram
turma ýa-da turan bol-da, ýene ýatyber. Onsoň seni yzyňa, ýatagyňa getirerler-de, noýba
bererler weli, sen ony iýmegin, ýalandan syrkawlan bolgun-da, bir gün, iki gün ýa-da üç
günläp hiç zat datman, otdan-suwdan kesilgin, ine, onsoň agyr zähmetdenem dynarsyň,
dynjyňy-da alarsyň». Söwdagär bolsa bularyň gürrüňini diňläp duran ekeni. Ine, onsoň
19

öküzi işledýän adam onuň agşamky ot-iýmini getirip berende, öküz çala dadypmydatmanmy, garaz, iýmän saklanypdyr. Ertesi irden hyzmatkär öküzi ýer sürmäge äkitmäge
gelse, öküziň iýmän-içmän ýatanyny görüp: «Wah, düýn öküz işe ýaramady diýdim-le,
janawar näsaglan ekeni!» diýip gynanypdyr. Onsoň ol hyzmatkär söwdagäriň ýanyna
barypdyr-da: «Baýar aga, öküz işe ýaranok: ol öten agşam iýmini-de iýmändir, asyl
agzyna zat almandyr» diýip habar beripdir. Söwdagär bolsa bu zatlardan eýýäm habardar
bolansoň, oňa: «Bar-da, öküze derek eşegi äkit, onuň bilen uzynly gün ýer sür» diýipdir.
Agşama golaý, eşek uzakly gün ýer sürüp gelenden soň, öküz onuň ýanyna baryp, bu gün
özüni agyr zähmetden dyndaran oňat maslahaty üçin oňa hoşallyk bildiripdir, emma eşek
oňa hiç hili jogap bermändir, öz edenine özi biçak ökünipdir. Ertesi günem ol daýhan
gelip, eşegi alyp gidip, onuň bilen agşama çenli ýer sürüpdir, eşek boýnunyň ýüzüni
sypjyryk-sypjyryk etdirip, öler ýaly ýadap gelipdir. Öküz bolsa onuň keşbine göz gezdirip,
ýene oňa hoşallyk bildiripdir hem-de ony taryplapdyr, eşek bolsa içiniň ýangynyna:
«Meniň agynap ýatmakdan başga işim ýokdy, emma öz ýaňralygymdan zyýana galdym!»
diýip haýkyrypdyr. Soňundan bolsa: «Biler bolsaň, öküz dost, men saňa elmydama tüýs
ýürekden maslahat berýändirin; biziň hojaýynymyzyň aýdanlaryny men öz gulagym bilen
eşitdim: «Eger öküz beýdip galman ýatjak bolsa, onda ony gassaba eltip beriň, goý, ony
öldürsin, hamyny-da çaryk bolar ýaly edip kesişdirsin» diýdi. Seniň janyňa haýpym
gelýär, şonuň üçinem saňa öňünden duýdurýan. Ynha, ýagdaý-a şeýle!» diýipdir.
Öküzem eşegiň bu aýdanlaryny diňläp, oňa hoşallyk bildiripdir-de: «Ertir men olar
bilen işe çykaryn!» diýip, öz öňünde goýlan ot-iýmleriniň hemmesini iýipdir, hatda ahyryň
düýbünde galan çyr-çyrşak galyndylaryny-da dili bilen ýalap çykypdyr. Hojaýyn bolsa bu
gürrüňleri-de doly eşiden ekeni. Ertesi gün dogansoň, söwdagär öz aýaly bilen sygyr
ýatagynyň ýanyna gelip oturypdyr, daýhan hem gelip, öküzi ýatakdan çykarypdyr; öküz
öz eýesini gören badyna, özüniň keselden gutulanyny bildirjek bolup, guýrugyny
jaýtardypdyr-da, içinden üýtgeşik ses çykaryp, aýagaldygyna jyrtlap ugrapdyr, söwdagär
bolsa oňa güle-güle, ýüzin ýykylypdyr. «Sen nämä gülýäň?» diýip, aýaly ondan sorapdyr.
«Men bir zady gördümem, eşitdimem, emma bu syrymy açyp biljek däl, men ony
aýdaýsam, hökman ölerin» diýip, söwdagär öz aýalyna jogap beripdir. «Sen eger ölýänem
bolsaň, ony maňa hökman aýan etmelisiň hem-de näme üçin gülenligiň sebäbini
20

aýtmalysyň!» diýip, aýaly öz diýenini tutupdyr. Emma söwdagär: «Men bu syry açyp
bilmerin, sebäbi men ölümden gorkýaryn» diýip jogap beripdir. Aýaly bolsa:
«Sen, belki, maňa gülýänsiň!» diýip heňkirip başlapdyr-da, tä ol boýun bolup,
gaýgy-gama batýança azar berip bizar edipdir, şondan soň ol çagalaryny ýanyna
çagyrypdyr hem-de ölmezinden öň wesýetnama ýazdyryp, şol syry aýalyna aýan edip,
onsoň ölmek üçin kazyny hem şaýatlary çagyrtmaga adam iberipdir. Onuň ölümine razy
bolmagynyň sebäbi ol aýalyny çyn aşyklyk bilen söýýär ekeni, üstesine-de ol aýal onuň
öz daýysynyň gyzydy hem çagalarynyň enesidi. Söwdagäriň özi bolsa indi ýüz ýigrimi
ýaşyny dolduran adamdy. Ondan soň ol söwdagär özleriniň kowum-garyndaşlarynyň
hem-de şol köçede ýaşaýan adamlaryň barysyny çagyrdyp, şu hekaýaty olara gürrüň
beripdir, üstesine-de öz syryny aýan eden wagtynda özüniň öljekdigini aýdypdyr. Şonda
ýygnanan jemagatyň hemmesi onuň aýalyna ýüz tutup: «Allanyň haky üçin, sen beýtme,
öz äriň hem seniň çagalaryň atasynyň ölmezligi üçin, bu päliňden gaýt» diýipdirler. Emma
aýaly: «Tä aýdýança, ondan el çekmerin! Ölse, goý öläýsin!» diýip heňkiripdir.
Onsoň hiç kim sesini çykarmandyr. Onsoň ol söwdagär täret kylyp gelmek, soňundan-da
syryny açyp ölmek üçin mal ýatagyna bakan meýdana çykýar. Söwdagäriň bir horazydyr
elli sany towugy bar ekeni, ondan başga-da ýene bir iti hem bar ekeni. Söwdagär öz itiniň
horaza käýýäp gygyrýanyny eşidipdir. It horaza: «Sen näme guduraýarsyň, biziň eýämiz
öljek bolup ýör ahyryn!» diýipdir. Onda horaz: «O näme üçin?» diýip sorapdyr. It bütin
ahwalaty başdan-aýak gürrüň beripdir, horaz bolsa gygyryp aýdypdyr: «Eger walla, biziň
baýar agamyzyň akyly ýok! Ynha, meniň elli sany heleýim bar, eýdip biriniň göwnüni
tapýan, beýdip birine ýaranýan, garaz, ugruny tapýaryn. Biziň hojaýynymyzyň bolsa diňe
ýekeje aýaly bar weli, ol şonuňam ugruny tapyp bilenok. Bir desse tut çybygyny alaga-da,
heleýini çolaja tamyň içine eltip, tä ölinçä ýa-da dagyduwara şonuň ýaly zady soramaryn
diýip puşman edinçä saýgylasa bolmaýarmy!»
Söwdagär bolsa horazyň ite ýüzlenip aýdanlaryny eşidip duran ekeni — diýip,
wezir öz gyzy Şährizada gürrüň bermek bilen, oňa: — Eger gulak asmasaň, şol söwdagäriň
öz aýalyna görkezen oýnuny menem saňa görkezerin» diýipdir.
«Ol näme oýun görkezipdir?» diýip, Şährizada öz atasyndan sorapdyr.
21

Onsoň wezir gürrüňini dowam edipdir: «Ol bir desse tut çybygyny kesip alypdyrda,
çola tamyň içinde ýygşyryp goýup, soňundan aýalyna: «Bärik gel, şu tamyň içinde men
saňa barysyny aýdyp bereýin-de, iliň gözüne görünmänem öleýin» diýip, ony şol çolaja
tama eltipdir. Aýaly tama giren badyna, söwdagärem işigi içinden ildiräge-de, ony şeýle
bir saýgylap başlapdyr weli, aýaly özünden gidere gelip: «Waý, aýtma-leý!» diýip
gygyrypdyr. Ondan soň aýaly onuň elinden-aýagyndan ogşap, toba-puşman edipdir hem
äri bilen bile daş çykypdyr, onuň garyndaşlary-da, ýygnanan jemagat-da begenipdirler,
şondan soň bolsä olar tä ölinçäler uruşman-sögüşmän, örän oňat durmuşda ýaşapdyrlar».
Atasynyň bu sözlerini eşideninden soň hem, weziriň gyzy şol bir diýenini gaýtalap:
«Meniň isleýän zadym hökman bolaýmalydyr!» diýipdir.
Onsoň wezirem gyzynyň şaýyny tutupdyr-da, ony Şähriýar patyşanyň ýanyna
äkidipdir. Şährizada bolsa özünden kiçi aýal doganyna gep öwredip, oňa şeýle diýipdir:
«Men patyşanyň ýanyna baranymdan soň, seniň yzyňdan adam iberip çagyrdaryn, senem
gelersiň-de, patyşanyň menlik işini bitirip, göwün solpusyndan çykanyny aňlanyňdan soň,
maňa: «Jan doganjygym, biziň bilen bir meýdan gürrüň ediş-de, ukusyz gijäni gysgaldar
ýaly, bize gyzyklyja bir zat aýdyp bersene» diýen bolgun, onsoň menem size bir zat aýdyp
bererin welin, şonuň özi-de Allanyň kömegi bilen biziň başymyzy azat eder, enşalla».
Ine, onsoň Şährizadanyň atasy öz gyzyny patyşanyň ýanyna alyp barypdyr, patyşada ony görüp begenipdir hem-de: «Ýeri, sen maňa gerek zady getirdiňmi?» diýip sorapdyr.
Wezirem: «Hawa» diýipdir.
Şähriýar patyşa Şährizadany öz ýanyna almakçy bolanda, gyz aglan bolupdyr; şol
wagt patyşa: «Saňa näme bolýar?» diýip, ondan sorapdyr.
Şährizada bolsa: «Eý, patyşahym, meniň bir gyz jigim bar, men şonuň bilen
hoşlaşmak isleýärin» diýipdir.
Şondan soň patyşa Dünýäzadany çagyrtmak üçin onuň yzyndan adam iberipdir, ine,
onsoň olam gelip, aýal doganyny garsa gujaklapdyr, soňundan bolsa gat-gat körpäniň
gyrasynda oturypdyr. Şondan soň Şähriýar patyşa Şährizadany öz ygtyýaryna alypdyr,
22

birwagtdan soň olar özara gürleşmäge başlapdyrlar; şol wagt Dünýäzada öz doganyna
ýüzlenip: «Allanyň haky üçin, dogan jan, gijäniň uky tutmaýan sagatlaryny gyzyklyja
geçirmek üçin, bize näme-de bolsa bir zat aýdyp bersene» diýipdir.
«Eger merhemetli patyşamyz rugsat etse, baş üstune, janym bilen aýdyp bererin»
diýip, Şährizada jogap beripdir.
Ukusy tutman, bikarar bolup oturan patyşa bu sözleri eşidip, gyzykly gürrüň
diňlejegine begenipdir hem rugsat beripdir.
TÄJIR HEM JYN HAKYNDA HEKAÝAT
BIRINJI GIJE
Şährizada aýdyp başlapdyr:
«Şeýle bir gürrüň bar, bagtyýar patyşahym, men aýdaýyn, sizem diňläň: täjirler
arasynda bir täjir bolupdyr, ol biçak baý bolanmyş hem-de her dürli ýerlerde biçak köp
zatlary öwrüp-çöwrer ekeni. Bir gezek ol algysyny ýygnamak üçin haýsydyr bir ýurda
ugranmyş weli, ýolda biçak gaty yssylapdyr-da, bir agajyň saýasynda oturyp, horjunynyň
gözünden bir döwüm çörek hem hurma çykarypdyr-da, çörek bilen hurma iýmäge
başlapdyr. Ol hurmany iýip, şänigini zyňyp goýberipdir welin, bir görse, onuň garşysynda
uzyn boýly, eli-de ýalaňaç gylyçly bir jyn duranmyş.
Ol jyn täjiriň alkymyna dykylyp barypdyr-da: «Tur ýeriňden, sen meniň oglumy
nädip öldüren bolsaň, menem seni şeýdip öldürjek!» diýipdir. «O nähili men seniň ogluňy
öldürenmişim?» diýip, täjir ondan sorapdyr. Jyn oňa: «Sen ýaňy hurmany iýip, şänigini
zyňanyňda, ol meniň oglumyň petekesinden degdi weli, oglum şol pursatda öldi
ýatyberdi» diýip jogap beripdir. Onda täjir: «Eý, Allahym, biz seniň öz ygtyýaryňdadyrys
hem ahyrynda seniň dergähiňe dolanyp barmalydyrys! — diýip golun seripdir. — Beýik
hem belent Allatagaladan başga güýçli hem gudratly bir kimse ýokdur! Eger men seniň
23

ogluňy öldürenem bolsam, atanlykda öldürendirin. Sen meni bagyşla!» Emma jyn: «Ýok,
men seni hökman öldürmelidirin» diýip, täjiriň ezeneginden dartaga-da, ýere ýykypdyrda, ony çapmak üçin gylyjyny belent göteripdir. Täjir aglap: «Eý, Allahym, saňa
sygyndym!» diýip seslenipdir-de, yzyndan hem bir nama aýdypdyr:
Pelek bir emrinde durmaz: kä zabun, kä parahatdyr,
Durmuşam öwser şonuň dek: kä matam, kä-de rahatdyr.
Eý pelekden dat kylan är, bol mukyt, aýtsam, gönimdir:
«Diňe deňli-derejeli mertlere takdyr ganymdyr.
Köp görensiň, bady hazan güwläp geler, solar güller,
Şonda daragtlaryň diňe ýogynyn egýändir ýeller.
Köp görensiň, umman üzre tolkun ýatar, meýit ýüzer,
Düýpleri bolsa merjendir, guwwas bolup salsaň güzer.
Eger pelek gazap eýläp, okun atsa meniň sary,
Gözüm ýaşly, bagrym daşly — çeksem tükenmez azary,
Onda bilgin: ýyldyz köpdür — sanasaň sogaby kändir,
Ýöne şolar görünsin diýp, aý bilen gün tutulýandyr.
Bag içinde daragt bitmiş — inçe, ýogyn, garry, ýaşy,
24

Emma mydam iýmişlisin gözläp tapyp atýas daşy.
Günüň düzkä ýaýnap gezdiň, meslikde sürdüň döwrany,
Pelek çarhyn ters aýlar diýp gynamadyň eziz jany».
Täjir bu namany aýdyp gutaran badyna, jyn oňa: «Sen gepiňi azalt! Eger walla, men
seni hökman öldürjek!» diýipdir. Onda täjir aýdypdyr: «Biler bolsaň, jyn, meniň ile
bergim köp, meniň pulum hem köp, onsoň-da meniň çagalarym bar, aýalym bar, iliň goýan
zatlary-da bar. Öýüme baryp gaýtmaga rugsat ber, men her kime bermeli bergimi bereýin,
onsoň men ýylyň başynda seniň ýanyňa gaýdyp geleýin. Men özümiň gaýdyp geljegimi
Alladan ant içip wada berýän, onsoň sen meni näme edesiň gelse ediber.
Meniň saňa şu aýdýanlarymyň dogrulygyna-da Allanyň özi şaýatdyr».
Ine, onsoň jyn oňa kasam etdiripdir-de, ony goýberipdir, täjirem öz ýurduna
dolanyp baryp, özüniň kime näme bergisi bolsa üzüp, ähli etmeli işlerini edip gutarypdyr.
Bu zatlaryň barysy bilen ol öz aýalyny hem çagalaryny habardar edipdir; onsoň
wesýetnama ýazdyrypdyr, özi-de maşgalasynyň arasynda ýylyň aýagyna çenli ýaşapdyrda, ondan soň täret kylyp, özüniň kepen donuny goltugyna gysyp, maşgalasy, goňşulary
hem ähli dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşyp, göwnemese-de, çykyp ugrapdyr.
Yzyndakylar ala-zenzele bolşup aglaşypdyrlar, gygyryşypdyrlar. Emma täjir tä şol jeňňele
ýetýänçä gidip oturypdyr, gidip oturypdyr (şol gün bolsa täze ýylyň başy ekeni). Ine,
onsoň ol öz başyna düşen ahwalata gynanyp aglap otyrka, birdenkä onuň ýanyna bir
garryja goja gelipdir, onuň ýanynda bolsa boýny zynjyrly bir keýijegi bar eken. Ol goja
gelip, täjire salam berip, oňa uzak ömür dileg edip, soňundan bolsa: «Bu ýerleri
arwahjynlaryň mekany ahyry, näme üçin sen bu taýda ýeke özüň beýdip otyrsyň?» diýip
sorapdyr. Onda täjir jyn bilen öz arasynda bolan ahwalaty oňa aýdyp beripdir, ýaňky
keýijekli goja muňa haýran galyp: «Üstümde Alla bar, inim, seniň öz wadaňa
wepalylygyň, hakykatdan-da, uly hormata mynasyp ekeni, seniň beren gürrüňiňem tüýs
haýran galdyrýar, onuň özi gözüň gabagynyň içine iňňe bilen ýazylan bolaýanlygyndada,
tälim alýanlar üçin öwüt bolup bilerçe bar!» diýipdir.
25

Ondan soň ol garryja goja täjiriň gapdalynda oturyp aýdypdyr: «Üstümde Alla bar,
inim, şol jyn bilen seniň nähili boluşýanyňy görýänçäm, men seniň ýanyňdan aýrylyp
gitjek däl!» Ine, onsoň ol onuň ýanynda şol oturyşyna-da oturypdyr, onsoň ikisi gürrüň
edişip başlapdyr. Täjiriň ýanynda keýijegiň eýesi otyrka-da, ol uly gaýga batyp, biçak
gorkup, ejir çekip oturan ekeni. Birdenkä olaryň ýanyna ýene bir gojaman garry gelipdir,
onuň ýanynda bolsa iki sany gara tazysy bar ekeni, ol hem gelip salamlaşypdyr. Amanlyksaglyk soraşandan soň, ol garry: «Bu ýerler arwah-jynlaryň mekany ahyry, siz bu taýda
näme işläp otyrsyňyz?» diýipdir. Oňa hem bolan ahwalaty başdan-aýagyna çenli gürrüň
beripdirler. Bu goja oturyp-oturmanka, olaryň ýanynda üçünji bir goja peýda bolupdyr,
onuň ýanynda bolsa ala-mula gatyry bar ekeni. Bu goja hem olara salam berip, bu taýda
näme üçin oturandyklaryny sorapdyr, oňa-da hemmesini başdanaýagyna çenli aýdyp
beripdirler (muny gaýtalap oturmakdan bolsa peýda ýok, eziz agalar), onsoň ol hem aşak
oturypdyr. Ine, birdenkä çola meýdanda biçak uly tüweleý turup, onuň tozany al-asmana
göterilipmiş, tozan ýatyşansoň, görseler, ol tüweleýiň özi şol gürrüňi edilýän jyn bolup
çykypmyş, onuň elinde şol ýalaňaç gylyjy barmyş, gözlerinden bolsa ot syçraýarmyş. Ol
jyn aňyrdan gele-gelmäşe, täjiriň elinden çekip süýreýär-de: «Tur ýeriňden, sen meniň
ýüregimiň örküni, eziz balamy nädip öldüren bolsaň, menem seni şeýdip öldürjek!» diýip
arlaýarmyş. Ine, onsoň täjir horkuldap hem möňňürip aglamaga başlapdyr, onuň
ýanyndaky üç gojanyň üçüsi-de horkuldap hem möňňürip aglamaga başlapdyr.
Onsoň garrylaryň birinjisi, hälki ýany keýijeklisi beýlekilerden saýlanypdyr-da,
jynyň elinden ogşap: «Ähli jyn patyşalarynyň başlarynyň täji sen! Eger men özümiň
şujagaz keýigimiň başyna düşen zatlary saňa gürrüň edip bersem, meniň şol hekaýatymyda sen gyzykly diýip hasap etseň, şonda sen şu täjiriň bir katra ganynyň üçden birini meniň
üçin bagyşlap bilermiň?» diýipdir. Onda jyn: «Bolýar, goja, eger seniň aýdyp berjek
rowaýatyň meniň göwnüme geň hem gyzykly zat bolup görünse, onda men ol täjiriň
ganynyň üçden birini saňa bagyşlaýyn» diýip jogap beripdir.
«Biler bolsaň, şu keýik meniň daýymyň gyzy, jan-jigerim, göz-guwanjym — diýip,
goja gürrüň bermäge başlaýar. — Bu heniz ýaş gyzka, men muny gelin edinip aldym,
şeýdibem munuň bilen otuz ýyla golaý är-heleý bolup ýaşadyk, emma mundan asla çaga
önmedi; onsoň başga bir heleý aldym weli, ol maňa bir ogul dogrup berdi, ýüzi on dördi
26

gijäniň aýy kimin, onuň gözüniň-gaşynyň owadanlygy-da dünýe malyna barabardy! Ol
ulalyp-ösüp, on bäş ýaşyna ýetdi, şol wagtlar hem men aýry bir şähere gitmeli boldum,
özümem her dürli harytlar alyp gitdim. Meniň daýymyň gyzy şu keýik bolsa ýaşlygyndan
başlap jadygöýligi hem gözbagçylygy öwrenipdi. Ine, onsoň men gidenimde, bu keýik ol
oglany göle sypatyna öwrüp, onuň enesi biçäränem sygyr edipdir-de, olary çopana goşup
goýberipdir. Men, aradan birentek wagt geçenden soň, giden ýerimden dolanyp gelip, öz
oglumyň hem onuň enesiniň nirededigini sorasam, daýymyň gyzy: «Seniň aýalyň-a öldi,
ogluňam gaçyp gitdi, onuň nirä gideninem men bilemok» diýip jogap berdi. Ine, onsoň
men arly ýyl, tä Allatagalanyň beýik baýramy — Gurban baýram gelip ýetýänçä, ýüregim
gaýgy-hasrat içinde, gözlerimden sil kimin ýaş döküp oturdym. Gurban baýramy gelende
bolsa, çopany çagyrtdym-da, bir semiz sygyr alyp gelmegi buýurdym. Çopanam semiz bir
sygry alyp geldi (ol sygyr bolsa meniň soňky alan gyrnagym eken, ony, ynha, şu keýik
jadylapdyr), men bolsam bu zatlardan bihabar, syýymy çyzňap, elime pyçagymy alyp, ol
sygry öldürmäge girişdim welin, sygyr biçäre bar-bar bagyryp hem möňňürip aglamaga
durdy; men muňa haýran galdym, asla ýüregim awap, haýpym geldi. Onsoň men ony
öldürmämi goýdum-da, çopany çagyryp: «Maňa başga bir sygyr getirip ber» diýdim.
Emma daýymyň gyzy: «Ýok, sen şuny öldür! Bizde şundan gowy hem şundan semiz sygyr
ýok!» diýip heňkirdi. Onsoň menem ýene şol sygry öldürmekçi bolup, onuň ýanyna
bardym welin, ol ýene aglap başlady, onsoň men ony öldürip soýmagy çopanyň özüne
tabşyrdym. Çopanam sygry öldürip, hamyny soýdy weli, ondan ne et, tapdy, ne-de ýag —
hamydyr süňkünden başga hiç zat tapmandyr. Men ol sygry öldürenime soň puşman
etdimem welin, soňundan meniň puşman edenimiň peýdasy bolmady, onsoň men ony
şonlugyna çopanyň özüne berdim-de, oňa: «Maňa bir semiz göläni getirip ber!» diýip
buýurdym. Çopan bolsa maňa öz oglumy getirip berdi. Göle meni gören badyna, dyzynyp
bagyny üzdi-de, meniň ýanyma ylgap gelip, aglaýa-aglaýa, maňa oýkanmaga durdy.
Meniň oňa haýpym gelip, ýene çopany çagyrdym-da: «Sen bu göläni goý-da, maňa bir
sygyr getirip ber» diýdim. Emma daýymyň gyzy, ynha, şu duran keýik, meniň üstüme
heňkirip: «Şu gün hökman şu göläni öldürmek gerek, bu gün haýyr-sahawat hem sadaka
edilýän, diňe iň gowy mallaryň öldürilýän güni, biziň mallarymyzyň arasynda bolsa şu
göleden gowy hem semiz malymyz ýok!» diýdi.
27

«Seniň emriň bilen öldürilen sygryň nähilidigini bir gör — diýip, men muňa
aýtdym. — Nähili aldanandygymyzy görýäň gerek, ony öldürmekden çigit ýaly-da peýda
bolmady, men ony öldürenime puşman edip aňyrsyna ýetip bilemok, indi bu gezek seniň
aýdanyňa gulak gabardyp, bu göläni öldürjek däl». Onda meniň daýymyň gyzy:
«Keramatly hem merhemetli eziz Allanyň haky üçin şu mukaddes gün sen şu göläni
hökman öldirsiň, eger-de öldürmeseň, onda sen meniň ärim däl, menem seniň aýalyň däl!»
diýip gygyrdy. Men onuň bu zeýilli agramly sözlerini eşidip, munuň maksadynyň
nämedigine-de düşünmän, elime pyçagymy aldym-da, göläniň ýanyna bardym...»
Şährizadaň gürrüňi şu ýere gelende, eýýäm daň atyp, howa ýagtylyp başlapdyr, şol
zerarly-da ol özüne ygtyýar edilen gürrüňi soňlaman bes edipdir.
Onda onuň gyz jigisi: «Jan doganym Şährizada, seniň bu hekaýatyň ne beýle
gyzykly, şirin hem ajaýyp gürrüň eken!» diýipdir.
Onda Şährizada: «Eger patyşahymyň rehimi bilen ölmän, indiki agşama ýetmek
nesip etse, size şonda aýdyp berjek hekaýatym bu günkiň dagyň çeni-çaky hem däldir!»
diýipdir.
Şol wagt patyşa hem öz ýanyndan: «Eger walla, bu gyzyň gürrüňiniň soňuny diňläp
gutarýançam, ony öldürmäýin!» diýip içini gepledipdir.
Onsoň olar bu gijäniň daň çagyny ertire çenli guçuşyp-gujaklaşyp geçiripdirler,
ertirden soň bolsa patyşa özüniň diwan işlerini berjaý etmäge gidipdir, weziri bolsa onuň
ýanyna goltugy kepenli gelen ekeni. Ondan soň patyşa iş kesipdir, perman eýläpdir, günüň
ahyryna çenli etmeli işlerini edip saklanypdyr, wezire bolsa hiç hili buýruk hem
bermändir, wezirem muňa biçak geň galypdyr. Ondan soň bolsa diwan wagty tamam
bolup, Şähriýar patyşa dynç almak üçin öz jaýyna gaýdypdyr.
IKINJI GIJE
gelip ýetende, Dünýäzada öz dogany Şährizada ýüzlenip: «Jan doganjygym Şährizada,
täjir bilen jyn hakyndaky gürrüňiň soňuny aýdyp bersene!» diýipdir.
28

Onda Şährizada: «Eger patyşahym rugsat berse, baş üstüne, janym bilen aýdyp
berjek-le!» diýip jogap beripdir.
Patyşa hem: «Aýdyber!» diýipdir.
Ine, onsoň Şährizada hem aýdyp başlaýar:
«Hawa onsoň, bagtyýar patyşahym, adalatly hökümdarym, meniň gulagyma gelip
ýetişiçe, ol goja şol göläni öldürmekçi bolanda, ýüregi tolgunyp agzyndan çykara gelipdirde, çopany çagyryp: «Bu göläni äkit-de, mallaryň arasyna goýber» diýipdir. (Bu zatlaryň
barysyny ol goja şol jyna gürrüň berýär ekeni, jynam onuň bu geň gürrüňini haýran galyp
diňleýär ekeni.) Onsoň keýigiň eýesi gürrüňini dowam edipdir: «Hawa, onsoň jynlaryň
şahynşasy, hut şeýle hem boldy, meniň daýymyň gyzy, ynha, şu duran keýik meniň
edýänlerimi görüp hem synlap durşuna: «Öldür göläni, ol semiz göle!» diýýärdi. Emma
ony öldürmek meniň üçin gaty agyr degýärdi, şonuň üçinem men çopana göläni äkit
diýdim, çopanam ony alyp gitdi.
Ertesi güni bolsa, men otyrkam, birdenkä çopan ýanyma gelýär-de: «Baýar aga,
men saňa hoş habar aýtmaga geldim, sen ony eşitseň begenersiň, ýöne hoş habar getirenim
üçin, maňa-da bir söýünjijik bermeli bolarsyňyz» diýýär. Menem oňa: «Bolýar» diýdim.
Onsoň çopan aýtdy: «Täjir aga, meniň bir gyzym bar weli, ýaşlygyndan jadygöýligi
öwrenipdi, ony ol birwagtlar biziň öýümizde bolan bir garry kempirden öwrenipdi. Ine,
onsoň düýn, sen maňa şol göläni äkit diýeniňden soň, menem ony öýümize alyp bardym
weli, gyzym ol göläni gördi-de, birden iki elini ýüzüne tutup aglady, soňundanam jak-jak
güldi-de: «Aý, kaka, eger sen beýdip, meniň üstüme ýat erkek kişileri alyp gelýän bolsaň,
onda seniň ýanyňda meniň hiç bir gadyr-gymmatymyň ýok boldugy bolýar!» diýdi. Men:
«Hany, bu taýda ýat erkek kişi barmy, onsoň-da sen näme üçin bir aglap, bir gülüp
otyrsyň?» diýip soradym. Onda gyzym maňa: «Seniň ýanyňda duran göle biziň
baýarymyzyň ogly ahyry — diýip jogap berdi. — Ony jadylapdyrlar, özi-de ony enesi
bilen birlikde, atasynyň beýleki aýaly jadylady. Ana, men şonuň üçin güldüm. Aglanymyň
sebäbi bolsa, munuň atasynyň düýnki sygyr diýip öldüreni şu ýigidiň enesidi, men şony
ýatlap agladym». Men gyzymyň bu aýdanlaryna haýranlar galdym, ine-de, günüň
dogaryna mähetdel, men bu ahwalaty saňa habar bermäge geldim».
29

Çopanyň aýdan bu habaryny eşidip, ynan, jynlaryň şasy, men begenjimden hem
şatlygymdan ýaňa şerapsyz serhoş bolup, çopany ýanyma aldym-da, onuň öýüne bardym
weli, onuň gyzy maňa tagzym bilen salam berdi, eglip elimden öpdi, gölejik bolsa meniň
ýanyma geldi-de, maňa gysmyljyrap hem oýkanjyrap başlady. Onsoň men: «Seniň bu göle
hakynda aýdýan zatlaryň dogrumy?» diýip, çopanyň gyzyndan soradym. O gyz bolsa:
«Hawa, baýar aga, bu duran göle seň öz ogluň, öz ýüregiňden önen eziz perzendiň» diýip
jogap berdi. Onsoň men: «Eý, näzenin gyz, eger sen muny ynsan halyna öwrüp bilseň,
meniň bar-ýok malym, ähli emlägim seniňki bolsuň, seniň ataň bakyp ýören mallary-da,
hemmesi siziňki bolsun» diýdim. Onda gyz ýylgyrdy-da: «Eý baýar aga, men pula göz
gyzdyrýan däldirin, men bu ýumşy diňe iki şert bilenem berjaý ederin: birinjiden, meni şu
oglana äre beriň, ikinjidenem bolsa, bu oglany jadylanyň özüni jadylamaga hem ony
bendiwan etmäge maňa ygtyýar beriň, ýogsam ol meniň özümi bendiwan eder» diýdi.
Çopanyň gyzynyň aýdan bu sözlerini eşidip, ynan, jynlaryň şasy, menem oňa şeýle
diýdim: «Seniň bu aýdýanlaryň üstesine-de, häzir seniň ataň elindäki mal-mülküň hem
barysy seniňki bolar. Meniň daýymyň gyzy hakyndaky aýdanyň bolsa, senden onuň
ganyny sorajak adam bolup bilmez».
Men şeýle diýenimden soň, çopanyň gyzy ýerinden turaga-da, bir jam suwy aldyda,
doga okap, suwa dem salmaga durdy, ondan soň bolsa: «Eger seni gudratly
Allahymyň özi göle edip ýaradan bolsa, onda sen şu keşbiňi üýtgetmän sakla, ýok, eger
sen jadylanan bolsaň, onda sen beýik Allahymyň emri bilen, ozalky keşbiňi kabul et!»
diýdi-de, ýaňky jamdaky suwy göläniň üstüne serpip goýberdi welin, ýaňky göle duran
ýerinde silkindi-de, birdenkä adam boldy duruberdi. Menem onuň üstüne gujak açyp
topuldym-da: «Allanyň haky üçin sen maňa aýdyp ber, meniň daýymyň gyzy saňa hem
seniň eneňe näme-nämeler eden bolsa, barysyny aýt!» diýdim. Ine, onsoň olam özlerine
edilen zatlary aýdyp berdi. Şol wagt men oňa: «Eý, oglum, özüňi beladan halas eden hem
seniň hak-hukugyňy gaýtaryp özüňe beren bendäni Allatagalanyň özi saňa miýesser etdi»
diýdim.
Eý, jynlaryň şahyn-şasy, şondan soň men çopanyň gyzyny şol ogluma äberdim, ol
bolsa meniň daýymyň gyzyny, ynha, şu keýigi jadylady-da: «Men ony, her niçigem bolsa,
30

oňat keşbe öwürdim, onuň görki-de ýigrenji däl, örän owadan janawar» diýdi. Onsoň
çopanyň gyzy niçe günler hem gijeler, niçe gijeler hem günler, tä Allanyň özi ony öz
ýanyna alynça, biziň bilen bile ýaşady, ol aradan çykansoň bolsa, meniň oglum Hindistan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 03
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.