Latin

Müň bir gije - 08

Total number of words is 3861
Total number of unique words is 1923
33.4 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Allatagaladan dileg edýärin» diýipdir. Ondan soň Nuretdin turup, öz aýalynyň, weziriň
gyzynyň ýanyna giripdir.
Ine, Nuretdiniň başyndan şol hili ahwalatlar geçipdir. Onuň dogany bolsa soltanyň
ýany bilen syýahat edip, birnäçe wagtlap öýde bolup bilmändir, dolanyp gelen wagtynda
104

bolsa, öz doganynyň öýde ýokdugyny bilip galypdyr. Onsoň ol onuň nirededigini bilmek
üçin hyzmatkärlerden sorap-idäp başlapdyr, olar bolsa: «Sen soltan bilen giden günüňde,
olam öz gatyryny owadan esbaplar bilen bezäp, onuň üstüne atlandy-da: «Men alKalýuba
tarap gitjek, özümem birki gün öýde boljak däl. Meniň ýüregim gysýar, hiç kim meniň
yzymdan gelmesin» diýdi. Ine, onsoň onuň giden gününden tä şu güne deňiç biz ondan
habar-hatyr eşidemzok» diýipdirler.
Ine, onsoň Şemsetdinem öz doganyndan aýra düşenligine gynanyp, haly harap
bolupdyr, onuň näbelli ýere ýitirim bolanyna biçak gahary gelipdir, öz ýanyndan içini
gepledip: «Bu zatlaryň hemmesi-de şol agşam meniň oňa käýäp, onuň üstüne gaharlanyp
herrelmegim sebäpli boldy! Ol meniň käýýänimi ýokuş görüp, başyny alyp çykyp
gidiberipdir. Hökman onuň yzyndan adam ibermek gerek!» diýipdir.
Ine, onsoň ol soltanyň ýanyna gidip, bu ahwalaty oňa habar beripdir. Soltan bolsa
özüniň hemme ýerdäki mülkdarlaryna hat ýazyp, möhür basyp, çar tarapa nökerlerini
iberipdir. Nuretdin bolsa olaryň syýahatda bolan şol ýigrimi gününiň içinde uzak ülkelere
baryp ýetipdir, şonuň üçinem ony her näçe gözleselerem, ondan hiç hili habar eşidip
bilmändirler, gözlemäge gidenleriň hemmesi gördüm-bildim eşitmän gaýdyp gelipdirler.
Ondan soň Şemsetdinem öz doganyny tapmanlygyna biçak gaty gynanyp: «Men
özümizden önjek çagalaryň nikasy hakynda eden gürrüňimizde öz çägimden çykan
ekenim. Wah, şol gürrüň bolmadyk bolsa bolmaýarmy! Bu zatlaryň barysy meniň
özümden, meniň akylymyň kemterliginden boldy, men ahmal bolupdyryn» diýipdir.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, Şemsetdin kairli täjirlerden biriniň gyzyna söz
aýtdyryp öýlenipdir-de, nika hatyny ýazypdyr, şol wagtyň özünde hem aýalynyň ýanyna
giripdir. Bir sebäp bilen Şemsetdiniň öýlenip, öz aýaly bilen toý tutan gijesi, Nuretdiniňem
Basra soltanynyň weziriniň gyzyna öýlenip, öz aýalynyň ýanyna giren gijesine gabat
düşüpdir, iki doganyň ikisi-de bir gijede toý tutan ekeni, munuň özi-de gudratly
Allatagalanyň emri bilen şeýle bolupmyş, çünki onuň mahluklara eden hökümi şeýle
ekeni.
Özi-de iki doganyň şol agşam aýdyşlary ýaly bolupdyr: olaryň aýallarynyň ikisiniňde göwresinde olardan çaga galypdyr. Kairiň weziri Şemsetdiniň aýaly gyz dogrupdyr.
105

Özi-de Kair ilinde onuň owadanlygyna gaý gelýän gyz ýok ekeni. Nuretdiniň aýaly bolsa
bir ogul dogrupdyr weli, şol zamanda onuň ýaly owadany gören-eşiden bolmandyr, asla
ony bir şahyr şeýle sözler bilen taryplapdyr:
Hoş husun hoşroý ýigit, syraty syrdam derek,
Käkili
tüm gijedir, maňlaýynda günterek.
Ýaňagynda jugra hal diýmäň aýp — bu tagnadyr,
Nukta hallar söýgeni nergiz bilen gül ragnadyr,
Başga bir şahyr bolsa şeýle diýipdir:
Husny-jemal älemi alsa onuň daşyny,
Utanjyndan ýygrylyp goýbererdi başyny.
«Beýle hoş zyba ýigit barmyka?» diýip sözleseň.
Aýdar ol: «Şun dek juwan bolmaz älem gözleseň».
Nuretdin öz oglunyň adyna Bedretdin Hasan diýip at dakypdyr, onuň babasy-da
muňa biçak begenip şat bolupdyr, toý edip, tomaşa berip, şazadalara mynasyp
naznygmatlar bilen hezzetläpdir. Ondan soň Basra şäheriniň weziri Nuretdini soltanyň
ýanyna alyp barypdyr, Nuretdin bolsa onuň öňünde bükülip hem baş egip, onuň aýak
tozundan ogşap tagzym edipdir. Nuretdin örän dilewar, hem gaýratly, özi-de syratly hemde açyk göwünli ýigit eken, şonuň üçinem ol şu gazaly aýdypdyr:
«Eý soltanym, müdüm ýar bolsun bagtyň,
Dünýä dursa, sen dur, beýgelsin tagtyň,
106

Net-päliňden söz açylsa, bigüman,
Pelek elin çarpyp, bökjeklär zaman»
Soltan hem ony ýerinden turup garşylapdyr hem-de onuň aýdan sözleri üçin hoşal
bolup, wezire ýüzlenip: «Bu ýigit kim bolmaly?» diýip sorapdyr. Wezirem Nuretdin hakda
başdan-aýak oňa doly gürrüň edip berip, soňundan bolsa: «Bu meniň doganymyň ogly»
diýipdir. Soltan bolsa: «O nähili seniň doganyň ogly bolýar, onda näme üçin biziň ondan
habarymyz ýok?» diýip sorapdyr. Onda wezir: «Eý, hökümdar soltanym, meniň bir
doganym bardy, ol Müsür ýurdunyň weziridi, onsoň ol ölüpdir, ondan hem iki ogul
galypdy, uly ogly onuň ýerine wezir bolup geçipdir, onuň kiçi ogly, ynha, şu ýigit bolsa
meniň ýanyma gelipdir. Menem ozal öz-özüme söz berip, öz gyzymy diňe şuňa bererin
diýip äht edipdim, ine, onsoň bu ýigit geldi weli, menem öz gyzymy muňa berip
öýlendirdim. Bu bir ýaş ýigit, men bolsam indi eňkamy gaçan garry, ne gulagym eşidýär,
ne-de aňym-huşum galypdyr, şoňa görä-de bu ýigidi meniň ýerime wezir edinip kabul
etseň diýip, öz hökümdar soltanymyz, senden haýyş edýärin. Bu ýigit meniň doganymyň
ogly hem-de meniň giýewim ahyry, özi-de wezirlik wezipesine mynasyp adam, çünki
akyly-huşy ýerinde, pähimli hem örän eserdeň ýigit» diýipdir.
Ine, onsoň soltanam Nuretdini synlap görüpdir weli, oňa göwni ýetipdir-de, weziriň
haýyşyny kanagatlandyrypdyr. Nuretdini wezirlige belläp, oňa täze lybaslar bermeli diýip
buýruk beripdir, ondan başga-da soltan öz gatyrlaryndan oňa müner ýaly gatyr bermeli
diýip buýruk edipdir hem-de aýlyk belläpdir. Nuretdinem hoşal bolup, soltanyň ellerinden
öpüpdir, onsoň öz gaýyny bilen öýlerine bakan gaýdypdyr, olaryň ikisi-de begenip, şat
bolup: «Munuň özi täze bolan Hasanyň bagtyna bolaýan zat, onuň aýagy düşümli boldy!»
diýşipdirler. Ondan soň, ertesi güni, Nuretdin ýene soltanyň ýanyna baryp, onun aýak
tozuny ogşap, tagzym edip, şu gazaly aýdypdyr: «Her gün bagtyň çoýsun täze röwüşde,
Pygyllar ötmesin, bol sen öwüşde.
Bütin ömrüň hoşluk bilen sür döwran.
107

Duşmanyň örtenip ýansyn ýüz öwran»
Soňra soltan oňa weziriň ýerinde oturyp, onuň ornuny eýelemegi buýrupdyr. Ine,
onsoň Nuretdinem öz ýerinde oturyp, özüniň wezirlik işlerini berjaý etmäge girişip,
hemme wezirleriň iş alyp barşy ýaly, adamlaryň arz-şikaýatlaryna seretmäge, olaryň
halahwalatlaryna göz ýetirmäge başlapdyr. Soltan onuň iş bitirişine, özüni alyp barşyna,
akylyna hem paýhasyna, ugurtapyjylygyna hem serenjam berşine seredip haýran
galypdyr. Şondan soň soltan ony gowy görüp, öz ýanyna çekip ysnyşdyryp başlapdyr. Iş
wagty gutaryp, adamlar öýli-öýüne dargaşanlaryndan soň, Nuretdinem öz öýüne gaýdyp
gelip, ol günki bolan ahwalatlary gaýynyna gürrüň edip beripdir. Goja bolsa oňa begenip
monça bolupdyr. Ine, onsoň Nuretdin wezir bolup galyberipdir, özi-de gije-gündiz diýmän
soltanyň ýanyndan aýrylmandyr. Şonuň üçinem soltan onuň aýlygyny hem beýleki
haklaryny köpeldipdir, şol sebäpli-de Nuretdiniň hal-ýagdaýy gowulanmak bilen
bolupdyr. Dura-bara onuň hem öz adyna her hili ýurtlar bilen söwda edip gelýän gämileri
peýda bolupdyr, onuňam gullary hem bendiwan hyzmatkärleri bolupdyr, onuňda köp-köp
mülkleri, ýeri-suwy, meýdanlary, bagy-bakjasy bolupdyr.
Onuň ogly Hasan dört ýaşyny dolduran wagtynda bolsa, Nuretdiniň aýalynyň atasy
garry wezir aradan çykypdyr, Nuretdin ony arzylap, hormatlap jaýlapdyr. Ondan soň
Nuretdin öz ogluny terbiýeläp ýetişdirmek bilen bolupdyr; ogly özüni tutup, ýedi ýaşyna
ýetensoň bolsa, Nuretdin öýüne ýörite mugallym getirip, oňa hat-sowat öwretmegi, bilim
bermegi hem-de ony oňat terbiýelemegi tabşyrypdyr. Onsoň mugallym hem oňa
okamagy-ýazmagy öwredipdir, peýdaly bilim beripdir, onsoň Hasan telim ýyllap Gurhany
öwran-öwran okap ýat tutupdyr, özi-de ýylsaýyn owadanlanyp, syratly ýigit bolup
ýetişipdir, ozalda biriniň:
«Onuň gözellik asmany dolan aýyň jaýy boldy,
Onuň nukta hal ýaňagy altyn güneş taýy boldy.
Külli gozellik mülküniň patyşahy bir şol bolar,
Yns-jyns, haýwan-ynsan gözelligi şondan alar»
108

diýip, suratlandyryşy ýaly görmegeý bolup ýetişipdir.
Mugallym ony öz atasynyň köşgünde terbiýeläp ýetişdiripdir, şonuň üçinem Hasan
ösüp ýetişeninden bäri, weziriň köşgünden çykman oňan ekeni.
Ine, onsoň günlerde bir gün, onuň atasy Nuretdin wezir alaga-da, ogluna iň oňat
lybaslardan geýdiripdir-de, özüniň iň gowy gatyrlaryndan birine mündürip, ony soltanyň
ýanyna alyp gidipdir. Baryp ony Soltanyň ýanyna eltipdir. Ine, onsoň patyşa hem öz weziri
Nuretdiniň ogly Bedretdin Hasany synlap görüp, ýigide göwni ýetipdir, ony tüýs ýürekden
gowy görüpdir, patyşalygyň ilaty bolsa Hasan öz atasy bilen patyşanyň ýanyna bakan
geçip gidip barýarka, onuň kesesinden birinji gezek synlap görenlerinde, onuň
owadanlygyna haýran galypdyrlar, ine, onsoň ol yzyna gaýdan wagtynda-da, onuň kaddykamatyny hiç bolmasa daşyndan bir synlap görmek üçin onuň gaýdyşyn geçjek ýoluna
çykyp oturypdyrlar. Ýigidiň gözel görküni bolsa ozal biri şeýle suratlandyrypdyr:
Bir münejjim ýarygije ýyldyzlara garap duran,
Asman üzre bir owadan, bir bezemen ýigit gören.
Ýigdiň teni ýugrulanmyş Ak maýanyň ak süýdünden,
Käkilleri reň alanmyş müşteriň gara düýdünden.
Malym-mülküm peşgeş diýip, Zöhre sandygyn açanmyş.
Zerrin lybas üstlerine Ülker zeberjet saçanmyş.
Ýaňagyna reňgin basyp ýaşyp gitmiş Ömrüzaýa,
Abdal golak kirpik diýip, bar okuny salmyş ýaýa.
109

Dumly-duşdan daşyn saklap Ýedigen — ýedi dogany,
Ýaman gözden, ýaman dilden mydam gorap durmuş ony.
Muny görüp ol münejjim, tapmaz boldy aýdar sözün,
Haýran galyp, dyza çöküp, gum-topraga sürtdi ýüzün.
Soltan hem Hasany gören wagtynda, ony açyk göwün bilen kabul edip, ony
halapdyr, onuň atasyna ýüzlenip: «Eý, wezir, seniň öz ogluňy elmydama öz ýanyň bilen
alyp gelmegiň gerek, hökman alyp gelgin!» diýipdir. Wezirem oňa: «Ajap bolgaý, gözüm
üstüne!» diýip jogap beripdir.
Nuretdin ogly bilen öýüne dolanyp barypdyr, onsoň ol her gün, öz ogluny alyp,
soltanyň ýanyna bakan çykyp gaýdýar ekeni.
Oglan on bäş ýaşyna ýetende, onuň atasy Nuretdin wezir syrkawlapdyr, ol ogluny
ýanyna çagyryp: «Oglum, bu dünýä panydyr, munda baky zat ýokdur, hemmesi
gelergeçer, ebedilik, baky dünýä o dünýädir. Men saňa käbir zatlary wesýet etmekçi
bolýaryn. Meniň aýdanlaryma mazalyja düşün hem-de şoňa akyl ýetirjek bol» diýipdir.
Ine, onsoň ol öz ogluna öwüt-nesihat edip, il-gün bilen oňşukly bolmagy,
akyllypaýhasly bolup, ätiýajy elden bermezligi nesihat beripdir, ondan soň bolsa
Nuretdiniň öz dogany, önüp-ösen ýerleri hem ýurtlary ýadyna düşüpdir-de, aýralyk
derdinden ýaňa birdenkä aglapdyr, soň gözüniň ýaşyny süpürişdirip, şu hili bir gazaly
aýdypdyr:
«Aýralykdan zeýrenip, indi ne söz aýdaly?
Hesrete batsak o gün, şonda nädip gaýdaly?
Ber habarmyzny diýip, ile göndersek çapar, Zarymyz
diýmäge ol indi nähil söz tapar?
110

Ýa çydarsmy biz muňa, bagt geler diýp bir mahal?
Aşyk eýlärdi çydam, aýralyk bolsa sähel.
Gaýgy-külpetdir güni, lowlar ýanar öz oduna, Gözde
ýaşy syrygar, dözmek olmaz dadyna.
Eý gözümden saýlanan, eýlegen özün ýyrak,
Kalbym içre ýandyran hiç mahal sönmez çyrag,
Barmyka wysal nesip? Ýatdamy peýmanymyz?
Ähdi-peýmanda durars, gitse-de ymanymyz.
Ýa unutdyňmy meni, jandan geçen gülzaryňy, Gije-gündiz
eňregen, dert büren dildaryňy?
Wah! Gowuşsam waslyňa, ýetsem özüňe seniň, Şonda-da
ýyllar boýy derdim egsilmez meniň».
Aglaý-aglaý gazal aýdyp bolup, gözüniň ýaşlaryny süpürişdirip, öz ogluna: «Men
seni galdyryp gitmezimden öň aýdaýyn: bilip goýgun, Kairde seniň agaň bardyr, özem şol
ýeriň patyşasynyň weziridir, men oňa hiç zat aýtman, rugsat hem alman, ony taşlap
gaýdypdym. Gowusy, sen bir düýrüm kagyz al-da, meniň aýdanlarymy ýazyp al» diýipdir.
111

Bedretdin Hasanam, atasynyň aýdyşy ýaly, bir düýrüm kagyz alaga-da, onuň
aýdanlaryny ýazmaga başlapdyr. Nuretdin bolsa özüniň başyndan geçen zatlaryň
hemmesini başdan-aýak aýdyp beripdir. Ondan soň Nuretdin özüniň öýlenen wagtyny,
özüniň weziriň gyzynyň ýanyna giren gününi, onsoň özüniň Basra şäherine gelip ýeten
wagtyny hem-de garry wezir bilen duşuşan wagtyny, şonuň ýaly-da özüniň aradan çykan
gününe çenli kyrk ýaşyna-da ýetmändigini oňa aýdyp ýazdyrypdyr. «Ynha, meniň oňa
iberjek hatym, şundan soň onuň üçin meniň mirasdüşerim Allanyň özüdir» diýip, etmeli
işlerini tamamlap, kagyzy düýrläp hem daşyny mäkäm ýelmäpdir-de: «Oglum, Hasan jan,
şu wesýetnamany aýawly saklagyn, çünki şu kagyzyň içinde seniň dogup-döreýşiň, haýsy
taýpadan hem haýsy tiredenligiň ýazylyp görkezilendir, eger seniň başyňa bir iş düşäýse,
göni Müsüre bakan ötägitgin, şol ýere baryp, öz agaňy sorap-idäp, onuň ýanyna barmagyň
ýoluny salgy algyn, onsoň meniň ýat ýurtda aýralyk derdini çekip ölendigimi oňa habar
bergin» diýipdir.
Onsoň Bedretdin Hasan ol kagyzy alypdyr-da, oňatja epläpjik, ýatyş telpejiginiň
içliginiň arasyna salyp tikipdir, daşyndanam sellesini oranypdyr, özi-de heniz ýaş
wagtynda atasyndan aýra düşýänligine gynanyp aglapdyr. Nuretdin oňa şeýle diýipdir:
«Men saňa bäş wesýet bereýin. Olaryň birinjisi: hiç kim bilen ysnyşyp gatnaşyk etme —
şonda beladan başyňy gutararsyň, çünki halas bolmagyň girewi ýekelikdir. Hiç kimiň
ýanyna-da barma, hiç kimi ýanyňa-da getirme, hiç kim bilen işem salyşma, çünki men bu
hakda bir şahyryň aýdanyny eşidipdim:
Hiç kesden gözleme gaýry wepany.
Dostlar dargar, pelek salsa jepany.
Bütin ömrüň tenhalykda ötürgil,
Sözüm jandan syzar — akyl ýetirgil.
Ikinjisi: oglum, hiç kimiň göwnüne degmegin, eger sen iliň göwnüne degseň, takdyr
hem seniň göwnüňe deger. Takdyr diýeniň bir gün seniň tarapyňy tutsa, bir günem seniň
garşyna çykar, şonuň üçinem zemindäki ýaşaýşyň özi gezekli çemçedir.
112

Men şahyryň şeýle diýenini eşidipdim:
Alňasama, äwme — äwmek şeýtandan,
Ile rehm kyl — rahmet ýagar her ýandan.
Zulm eýleme — berer towpugyň jepbar,
Beter zulma uçrar her bir sütemkär.
Üçünji wesýetim: diliňe pugta bolgun, özi-de, goý, seniň öz kemçiligiň iliň
kemçiligini aýtmagy ýadyňdan çykartsyn. «Bilemok» diýmek — müň belany başdan
sowar, «Dil – bela, diş – gala» diýlip biderek aýdylan däldir, onsoňam bir şahyr aýdypdyr:
Lallyk goragyňdyr, dymmak görküňdir, Geple-de,
ýaňrama — elde erkiňdir.
Eger saklananňa ökünseň sähel,
Dil ýaranňy unutmarsyň hiç mahal.
Dördünji: oglum, hergiz ýadyňda bolsun, öňünden tabşyrýan — şerap içmegin.
Şerap her hili bulagaýçylygyň başydyr, şerap adamy akylyndan aýyrýandyr. Saklangyn,
ahmal bolup şerap içäýmegin, bu dogruda-da şahyryň aýdany bardyr: Ýüz öwürdim
meýden, gaçdym meýhordan, Meýi näletledim, başardyk zordan.
Meý ýoldan azdyrar, azgynlyk saçar, Bela-beterleriň
işigin açar.
Bäşinji wesýetim: oglum, puluňy aýap saklagyn, şonda pulam seni gorap saklar.
Puly saklasaň, pulam seni saklar. Puly ölçegsiz harçlamagyn, ýogsam iň bolgusyz bigaýrat
113

adama ýalbarmaly bolarsyň. Dirhemiňi-de bisarpa tutmagyn, onuň özi dertlä melhemdir,
bu hakda-da aýdylan sözler bardygyny eşidendirin:
Döwlet maňa çep bolsa, howandarym çep bolar,
Teňňe-tyllam köp bolsa, dosty-ýarym köp bolar.
Tamakindir barysy, ýar-ýaranyň sany ýok,
Garyp günüm taşlarlar, derdime parany ýok!»
Şeýlelik bilen, Nuretdin, tä jany jesedinden aýrylýança, ogluna öwüt berip
ýatypdyr. Onuň ruhy çykyp asmana göterilensoň bolsa, öýüni gam-gussa eýeläpdir, oňa
soltan hem gynanypdyr, hemme emirlerem gynanypdyrlar, ine, onsoň ony gynanç bilenem
jaýlapdyrlar.
Ogly Bedretdin Hasan bolsa iki aýlap atasynyň ýasyny tutup, atyna-da atlanman,
diwana-da barman, soltan bilenem duşuşman öýünde oturypdyr.
Soltanyň bolsa muňa gahary gelipdir-de, onuň ýerine köşkdäkileriň birini belläp,
wezir edip oturdypdyr, Nuretdiniň öýlerini, onuň mal-mülkleriniň hemmesini baglap
möhürläp goýmaly diýip, täze wezire buýruk beripdir. Täze wezirem soltanyň buýrugyny
berjaý etmäge girişip, Nuretdiniň ogly Bedretdin Hasany tutup, soltanyň öňüne eltmegi
ýüregine düwüpdir, onsoň soltan oňa näme edesi gelse özi bilsin diýipdir.
Nökerleriň arasynda bolsa ozalky wezir pahyryň ýesirlerinden bir ýesir bar ekeni,
ol bolsa bu ahwalaty eşidip, ogrynlyk bilen atyny gamça basaýypdyr, ol at başyny çekmän
Bedretdin Hasanyň öýüne gelipdir welin, görse, ol öýleriniň daş işiginde başyny aşak
sallap, gaýgy-gussa içinde haly perişan bolup oturan ekeni. Ýaňky ýesir atdan düşäge-de,
Bedretdiniň öňünde baş egip tagzym edip, onuň elinden öpüpdir-de: «Eý, jenabymyň ogly,
meniň jenabym, basymrak bolaweri, işiň gaýtmanka tiz bol!» diýip gyssapdyr. Bedretdin
aňk-taňk bolup: «Näme boldy?» diýip sorapdyr. Ýesir oňa:
«Soltanyň saňa gahary gelip, seni tutmaly diýip buýruk beripdir, olar meniň yzym bilen
ýetip gelýändirler, tiz bol! Öz janyňy gutarjak bol ahyry!» diýipdir. Bedretdinem: «Ýat
114

ýerlere düşen wagtymda harjylyk bolar ýaly, öýe girip aňry-bäri gerek zatlarymy almaga
pursat barmy?» diýip, ondan sorapdyr. Onda ýesir oňa: «Eý, meniň jenabym, şu wagt
öýüňi ýatlajak bolma, tizräk tur-da, gaçjak bol!» diýipdir-de, şu gazaly aýdypdyr:
Janyňy eýle halas, başyňa düşse bela,
Gugaryp galsyn öýüň, galma gapyl, mübtela.
Eýleme gaýgy-güman, tapylar özge watan,
Ýöne bil gadryn demiň, soň tapylmaz özge jan.
Nälet içre galarlar, men olaryň haýrany,
Bilmen neçün kylmazlar giň jahana seýrany.
Ilçi, çapar, habarça ynanma zerur işiň,
Haýr isleseň, eý kişi, özüň eýle endişiň.
Bilgin bir zat ýognadar arslan, şir, peleň boýnun — Olar
öz boýny bilen çeker pelegiň oýnun».
Bedretdin bu ýesiriň aýdan gazalyny eşidip, donunyň syýyny başyna büräp,
pyýadalap çykyp ugrapdyr. Şeýdip ol şäheriň çetine çykansoň, adamlaryň arasynda:
«Soltan özüniň täze wezirini aradan çykan ozalky weziriniň öýüne iberip, onuň ähli
malmülküni, öý-emlägini elinden almak üçin baglap möhürlemeli diýip buýruk berenmiş,
onuň ogly Bedretdin Hasany bolsa öldürmek üçin tutup getirmeli edipdir» diýen
gürrüňleriň bardygyny eşidipdir.
115

Uly-il bolsa Bedretdiniň owadan ýigitdigini görüp, onuň janyna haýpy gelip
gynanypdyr. Bedretdin bolsa il arasyndaky bu gürrüňi eşidip, nirä gitjegini-de bilmän,
ýüzüniň ugruna çykyp gidiberipdir, ol şeýdip gidip barşyna, pelegiň gerdişi bilen,
atasynyň mazarynyň üstünden baranlygyny özi-de bilmän galypdyr.
Ine, onsoň, ol mazarystanlygyň üstünden baransoň, mazarlaryň arasy bilen ýöräp,
öz atasynyň mazarynyň başujunda oturypdyr-da, boldumly giň donunynyň syýyny başyna
büräp gyşarypdyr. Donunyň ýakalaryna bolsa altyn jähek tutulyp, ýüzüne-de altyn harplar
bilen şeýle bir şygyr ýazylypdyr:
Eý ýuzleri nurana,
Gözleri humarana,
Arşda tutulsyn adyň,
Artsyn şanyň-şöhradyň!
Ine, onsoň ol atasynyň mazarynyň başujunda gyşaryp ýatyrka, birden onuň ýanyna
bir ýewreý gelipdir. Daşyndan göräýmäge, bu ýewreý eli altyn puldan doly haltaly pul
ownadyp çalyşýan adama meňzeýärdi, ol Hasan basralynyň ýanyna gelipdirde: «Eý,
meniň jenabym, bu nä boluşdyr, görýän weli, seniň keýpiň bozuk ýaly-la?» diýip sorapdyr.
Bedretdin bolsa: «Men ýaňy uklap ýatyrdym weli, düýşümde atamy görüpdirin, «Sen
meniň mazarymy görmäge geleňok» diýip, atam pahyr menden nägile bolýar eken. Men
gorkup oýanypdyryn-da, bu günem onuň mazaryna baryp bilmesem, meniň üçin erbet
bolar öýdüp gorkdum» diýip jogap beripdir. Onda ýaňky ýewreý: «Eý, meniň jenabym,
seniň ataň birnäçe gämini söwda etmäge iberipdi, olaryň käbirleri häzir gaýdyp geldi, ine,
onsoň menem olaryň birinji geleniniň ýüküni satyn almak üçin geldim, ynha, häzirlikçe,
şu müň dinar altyn puly getirdim» diýip, gyzyl puldan doly haltasyny açaga-da, oňa müň
dinary sanap beripdir-de, weziriň ogly Hasana ýüzlenip:
«Sen maňa hatjagaz ýazyp ber-de, aşagyna hem möhür bas» diýipdir.
Ine, onsoň weziriň ogly Hasanam kagyz-galam alaga-da: «Şu haty ýazyp beren
wezir ogly Hasan, öz atasynyň gämilerinden birinji geljeginiň ýüküni tutuşlygyna Ishak
diýen ýewreýe müň dinara satdy, puluny-da öňünden aldy» diýip ýazypdyr. Ýewreý ol
116

kagyzy eline alyp gidiberipdir, Hasan bolsa özüniň gör nähili beýik mertebesiniň
bolanlygyny ýatlap, aglamaga durup, şu sözleri aýdypdyr:
«Gitdi taşlap ýary-ýar, gugaryp galdy öýüm,
Goňşulam açmaz gapym, şhm pelek tutdy toýum.
Dosty-tanşym tanamaz, sowuşyp terse ýüzün,
Indi ýyldyzlar maňa şadyýan gypmaz gözün.
Galmyşam ýalňyzu-tenha, ýatar haňlap bu jahan, Dagu-düzler
çydaman, batdy tümge şol zaman.
Aýralygyň habaryn jakyrdan baýhatyny
Ganatu-perden edip hem-de gyrsaň zatyny.
Binowa men, bikarar, şum pyragyň hassasy, Indi
tüm içre öter ömrümiň köp essesi.
Aýlanmazmy heý zaman, dolanmazmy heý döwran, Ol
sapalar-eşretler gelmezmikä bir öwran».
Şeýdip ol aglap-aglap, gözlerinden sil kimin ýaş döküp oturyşyna, garaňky düşüp,
gijäniň birwagty bolupdyr. Bedretdinem atasynyň mazaryna başyny goýup ýatypdyr
welin, ahyry ol süýji uka maýyl bolupdyr. Ol şeýdip ýatyşyna gije aý dogupdyr, onsoň
117

onuň kellesi mazardan bir gapdala süýşüp arkan düşüpdir welin, aýyň ýagtysy ýüzüne
düşensoň, onuň ýüzi aý bilen bäsleşýän ýaly, ýalpyldap duran ekeni.
Mazarçylykda bolsa uçmahyň perişdeleri hem bolýar ekeni. Perişdelerden biri
uklap ýatan Hasana gözi düşüp, onuň golaýyna gelende, ýigidiň owadanlygyny görüp
haýran galypdyr, bu ajaýyp ýigidiň gözelligine geň galyp: «Allanyň ýaradyşyna berekella!
Bolsa-da bu ýigit uçmahy bolmalydyr!» diýip seslenipdir.
Ine, onsoň ol perişde özüniň adaty edähedine görä, asmana aýlanyp görmek üçin,
ganat baglap asmana uçup, ýokarda aýlanyp ýörkä, uçup ýören başga bir perişdä, erkegine
duş gelipdir-de, onuň bilen salamlaşyp: «Sen nireden uçup gelýärsiň?» diýip, ondan
sorapdyr. Olam: «Şo-ol ýerden» diýip jogap beripdir. Onsoň aýal perişde: «Aşakda bir
mazaryň gapdalynda bir owadan ýigit uklap ýatyr, görmäge göz gerek, isleseň, ýör
görkezeýin» diýipdir. Erkek perişde-de: «Bolýar, ýör onda» diýipdir. Ine, onsoň olar aşak
inip düşüp, weziriň mazarynyň ýanynda gonupdyrlar welin, aýal perişde ondan: «Heý, sen
ömrüňde şu ýigitden owadan adam görüpmidiň?» diýip sorapdyr.
Erkek perişde hem ol ýigidi synlap görüp: «Halal saňa, munuň ýaly owadan ýigit
ýokdur! Ýöne weli, eger isleseň, uýajygym, men saňa öz gören zadymy-da aýdyp bereýin»
diýip jogap beripdir. «Hä, sen näme gördüň?» diýip, aýal perişde sorapdyr. Ine, onsoň
erkek perişde gürrüň bermäge durupdyr: «Men Müsür ýurdunda şu ýigide meňzäp duran
bir gyz gördüm: oňa Şemsetdin weziriň gyzy diýýärler. Ol gyzyň ýigrimä golaý ýaşy bar,
özi-de şeýle bir owadan, şeýle bir gözel, şeýle ajaýyp, inçe billi, katdykamatynda ýekeje
kemem ýok. Özi-de ol gyz şol ýaşa ýetensoň, Kairiň soltany eşidipdir-de, gyzyň atasyny
— öz wezirini ýanyna çagyryp: «Eý, wezir, seniň bir ýetişen gyzyň barmyş diýýäler, men
seniň bilen guda bolmak isleýärin» diýipdir.
Wezirem oňa: «Eý, hökümdar soltanym, meniň uzur ötünjimi kabul et, meniň
gözýaşyma rehimiň gelsin — diýip jogap beripdir. — Meniň doganym Nuretdiniň bizden
aýrylyp gidendigini özüň bilýäň, soltanym. Indi biz onuň nirede, näme işläp ýöreninem
bilemzok, ol ikimiz wezirlige şärikdik ahyry. Özi-de ol gahar edip öýkeläp gitdi, sebäbi ol
ikimiz oturyp, öýlenmek hakynda, bizden önjek çagalar hakynda gürrüň edipdik, ol bolsa
şonuň üçin öýkeledi. Men bolsam takmyn on sekiz ýyl mundan ozal, gyzym enesinden
118

bolan güni, öz gyzymy doganymyň oglundan başga hiç kime bermerin diýip äht edipdim.
Ýaňy-ýakynda bolsa men bir habar eşitdim: meniň doganym Basra weziriniň gyzyna
öýlenipdir, ondan hem bir ogul bolupdyr. Ine, onsoň men öz doganymy hormatlaýanym
üçin, öz gyzymy şonuň oglundan başga adama berjek däl. Men özümiň haçan
öýlenendigimi, aýalymyň haçan göwreli bolandygyny, gyzymyň bolan gününi hata ýazyp
goýupdym, şol sebäpli-de meniň gyzym öz agasynyň, ýagny meniň inimiň oglunyňky
bolmalydyr. Biziň soltanymyz üçin bolsa gyz gytlygy ýokdur». Öz weziriniň bu beren
jogabyny eşidip, soltan gahar-gazabyna galyp: «Meniň ýaly adam gel-gel seniň ýaly adam
bilen guda bolmak üçin söz aýdar-da, senem gyzyňy maňa bermejek bolup, biderek gepgürrüň eden bolýarsyňmy! Öz başymdan ant içýärin, seniň göwün-islegiň tersine, men
seniň gyzyňy özümiň hyzmatkärlerimiň iň bir bolgusyzyna alyp bermesem bolmaz!» diýip
gygyrypdyr.
Soltanyň hyzmatkärleriniň arasynda bolsa bir itigili atbakar bar ekeni. Onuň
ýagyrnysy-da tüňňi, döşi-de tüňňi ekeni. Ine, onsoň soltan ony çagyrdyp getiripdir-de,
weziriň gyzyny şol atbakara bermeli edip, şol günüň özünde zor bilen olaryň nika hatyny
ýazypdyr hem-de şol günüň agşamsy olaryň nikasyny gyýyp, ony gyzyň ýanyna salmaly
diýip buýruk beripdir, özi-de onuň üçin gelnalyjy gidişligi hem toý-tomaşa gurmagy
höküm edipdir. Men häzir ol atbakary beýleki hyzmatkärleriň arasynda durka görüp
gaýtdym, olar onuň töwerek-daşynda şem ýakyşyp, hammamyň agzynda olaryň hersi oňa
bir zat diýip lak atyp, onuň üstünden gülýärler. Weziriň gyzy bolsa enekeleriň hem beýleki
hyzmatkär gyrnaklaryň arasynda gözýaş edip aglap otyr, özi-de ol hut şu ýigide meňzäp
dur. Gyzyň atasyny bolsa gyzynyň ýanyna barmazlyk üçin tussag edip goýupdyrlar. Özide, ynan, uýam, men henize-bu güne çenli şol itigili küýki ýaly bisyrat adam göremok. Ol
gyz bolsa bu ýigitdenem owadan ekeni».
Weziriň gyzyny şol itigili küýki atbakara bermek hakynda soltanyň nika hatyny
ýazandygyny, ol gyzyň bolsa gynanjyndan ýaňa aglap oturandygyny, ol gyzyň
owadanlygyna bolsa şu ýatan ýigitden başga taý gelip biljek ýigidi tapyp bolmajagyny
perişdeleriň biri beýlekisine gürrüň beren wagtynda, perişdeleriň zenan jynslysy: «Galat
aýdýaň! Bu ýigit öz zamandaşlarynyň arasynda hemme kişiden owadandyr» diýipdir.
119

Emma beýleki perişde hem ondan pes oturman: «Allanyň haky üçin, ynan, uýam, ol gyz
bu ýigitdenem owadan, ýöne weli şu ýigitden özge oňa taý gelip biljek adam ýok, sebäbi
bularyň ikisi-de biri-birine çalymdaş, edil ikisi süýtdeş dogan ýaly bolup görünýär. Eger
ol gyz şol küýki atbakaryň eline düşjek bolsa, onda onuň bagtynyň küle çökdügi bolýar»
diýipdir. Onda beýleki perişde: «Eý, dogan, gel ikimiz bu ýigidi göterip uçup gideli-de,
şol gyzyň ýanyna eltip göreli, olaryň haýsy biriniň owadandygy şonda mälim bolar»
diýipdir. Onda beýleki perişde hem: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne! Sen gaty dogry aýdýaň,
asla seniň şu aýdanyňdan gowy pikir bolup bilmez. Ynha, ony özüm göterip äkidäýerin»
diýipdir-de, Hasany arkasyna göteräge-de, asmana galyp, parlap uçup ugrapdyr. Beýleki
perişde hem onuň gapdaly bilen egin-egne berip ýanaşyk uçupdyr.
Olar biraz salymyň içinde Kair şäheriniň depesinden aşak inip, Hasany oturgyjyň üstünde
oturdaga-da oýarypdyrlar.
Hasan ukudan oýanyp, gözüni açyp görse, ol Basra şäherinde-de, atasynyň
mazarynyň gapdalynda-da däldigini bilip galypdyr. Ol eýlesine, beýlesine seredip görse,
dogrudanam, oturan ýeri Basra şäheri däl-de, başga bir şähermiş. Ol allaniçigsi bolup
gygyrjak bolupdyr welin, perişdeleriň erkek jynslysy ony ýumrugy bilen hütledip urupdyr.
Onsoň ýaňky perişde gowy-gowy eşikler getirip, Hasany geýindirip bezäpdir.
Ondan soň ol perişde onuň öňünde şem ýakyp, oňa şeýle diýipdir: «Bilip goý, seni bu ýere
men alyp geldim, özümem, Allanyň haky üçin saňa birneme kömek bererin. Ynha, şu şemi
eliňe al-da, şol hammamyň agzyna bar, onsoň o taýdaky märekäniň arasyna girde,
köpçüligiň arasy bilen ýöräber, şeýdibem gelniň salnan otagyna barýançaň, märekäniň
arasyna goşul-da, gidiber, şol otagyň işigine ýeteniňden soň bolsa, ur-tut öňe geç-de, içerik
gir, özüňem hiç kimden gorkmagyn. Içerik gireniňden soň bolsa, öýlenýän küýkiniň sag
gapdalynda duruber, onsoň hyzmatkär, eneke, aýdymçy diýen ýaly bir topary içerik girip,
ýanyňa golaý gelerler weli, senem jübiňe eliňi sokgun-da, penjäňi puldan dolduryp, olaryň
üstüne seçibergin, seniň jübiňdäki gyzyl pul bolsa näçe alyp seçseňem gutarmaz,
gaýgyrman paýradybergin, ýanyňa ýakyn baranyň eline-de penjeläp altyn beriber, hiç
zatdan çekinmegin. Sen diňe özüňi Ýaradana sygyngyn, bu zatlaryň hemmesi seniň
eliňdäki zat däldir, bu zatlar diňe gudraty güýçli Allanyň emri bilen bolýandyr».
120

Bedretdin Hasan perişdäniň bu aýdanlaryny eşidip: «Be, ol gyz, gör, nähili gyzka,
bu rehimdarlygyň sebäbi nämedenkä?!» diýip seslenipdir.
Ine, onsoň ol perişdäniň aýdyşy ýaly edip, şemi ýakaga-da, hammamyň agzyna
barypdyr weli, görse öýlenýän küýki at üstünde oturan ekeni, Hasan özüniň şol owadan
lybaslary bilen märekäniň arasyna goşulypdyr (onuň egninde hülle dony, ýüpek ýektaýy,
jähekleri altyn-zerli lowurdap duran ýapynja, başynda ýüpek selle bar eken). Ine, onsoň
ol märekäniň arasy bilen şagalaňlygyň içinde gelniň salnan otagyna bakan gidip barşyna,
wagtal-wagtal aýdymçy gelin-gyzlar aýak çekenlerinde, her kim olaryň depregine ownukuşak puljagaz oklaýar ekeni, şonuň ýaly pursatda Bedretdinem elini jübüsine sokýar weli,
penjesi altyn puldan dolýarmyş, olam alaga-da, ony aýdymçy gelingyzlaryň depreginiň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 09
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.