Latin

Müň bir gije - 15

Total number of words is 4047
Total number of unique words is 1823
34.7 of words are in the 2000 most common words
48.5 of words are in the 5000 most common words
55.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
welin, görsem, gözellikde oňa taý bardyr öýtmedim, şol bada kalbymda yşk ody tutaşyp,
bügin ýüregim oňa maýyl bolup galdy. Men haýdan-haý turaga-da pessejik nahar stoluny
206

getirip, iň oňat tagamlary, dürli iýmişleri hem miweleri, mahlasy, hezzetlemek üçin naznygmatlaryň gowusyndan gowusyny getirişdirdim. Men ol zatlary getirip häzirlänimden
soň, bileje oturyp iýip-içdik, oýnaşdyk, gülüşdik, gülüşme-degişmeden soň, meý içip,
serhoş bolduk, ondan soň men onuň bilen bile ýatyp, ol gijäni tä ertire çenli aýşy-eşretde
geçirdim. Men oňa on dinar uzatdym weli, onuň ýüzi çytylyp, gaşlary gatyşdy-da: «Tüf,
siziň ýüzüňize, mosullylar! Näme sen men pul üçin şeýdip ýörendir öýdýärmiň?» diýip
azgyryldy. Ine, onsoň ol öz jübüsinden on bäş dinary çykaraga-da, maňa nälet aýdyp:
«Alladan ant içýän, eger sen şuny menden almasaň, men seniň ýanyňa dolanyp gelmerin!»
diýip seslendi. Onsoň menem onuň puluny aldym weli, ol maňa: «Söýgülim, sen maňa üç
günden soň garaş: ikindi bilen agşam namazynyň aralygynda men seniň ýanyňda peýda
bolaryn. Özüňem şu pullara düýnkiň ýaly naz-nagmatlary alyp taýýarlap goý» diýdi.
Onsoň ol meniň bilen hoşlaşyp çykyp gitdi welin, meniň bütin akyl-huşum hem onuň bilen
bile çykyp gitdi. Üç gün geçensoň ol ýene geldi, egninde bolsa ozalkysyndanam
gymmatbaha parçalardan tikilen üýtgeşik-üýtgeşik lybaslar bardy, özi-de öňküsindenem
görmegeýdi. Men bolsam iýeriçer ýaly zatlary ol gelmezinden kän ozal taýýarlaşdyryp
goýupdym, onsoň biz iýdikiçdik, öňkimiz ýaly agşam ýatyp, ertir turduk, onsoň ol maňa
ýene on bäş dinar berdi-de, ýene üç günden ýanyma geljekdigini aýdyp gitdi.
Menem iýer-içer ýaly zatlary alyşdyryp, taýýarlap goýdum. Ine, onsoň ol birnäçe
gün geçenden soň, birinji hem ikinji gezek gelendäki geýip gelen lybaslaryndan-da
gowularyny geýip, öňküsindenem beter bezenip geldi-de: «Meniň jenabym, men owadan
dälmi näme?» diýip sorady. Menem öz aýdyşyna görä: «Wah, hawa-la, Alla jan bar!»
diýip jogap berdim. Ondan soň ol maňa: «Meniň özümdenem gowy, mendenem ýaş bir
gyz bar, şony öz ýanym bilen şu ýere getirmäge rugsat berermiň, goý, olam biziň bilen
oýnaşsyn-gülüşsin, göwnüni açsyn. Ol bireýýämden bäri ýekesiräp, karary ýetmän otyr,
ol meniň bilen gaýdyp, ýanymda bir gije bolup gaýtmaga rugsat sorady» diýdi. Men onuň
bu aýdanyna: «Bolýa, üstümizde Hudaý bar, getir!» diýip jogap berdim. Ondan soň biz
iýip-içip, keýpimizi kökledik-de, ertire çenli bile ýatdyk. Ertesi ol on bäş dinary çykaryp:
«Meniň ýanym bilen geljek gyz üçinem ýeter ýaly, öňki alýan zatlaryň üstüne ýene
birneme goş» diýdi. Şondan soň ol ýene çykyp gitdi. Dördünji gün diýlende men onuň
üçin hemişekim ýaly nahar taýýarlap goýdum; ine, bir görsem, ol gün ýaşandan soň
207

pasyrdap girdi, ýanynda-da ýüzi perdeli bir aýal maşgala bar. Olar içerik girip oturdylar
weli, menem ony görüp, şu namany aýtdym:
«Ne ajaýyp döwür, ne ajap zaman.
Bozuklar toba edip diýdi: «El-aman!»
Yşk zyýat, göwün çag, humarly başyň,
Salgyn eşdeniňde göterler huşuň.
Tirme astynda dolan aýyň hissesi,
Lybas içre dal çybygyň dessesi.
Ýaňagynyň aly janym ýakyşly,
Nergiz gözi humarala bakyşly.
Yşkym kemal tapdy, ýetdim myrada,
Gam dumany dargap, ýar sundy bada».
Men begenip, bulary güler ýüz bilen garşylap, şemleri ýakyşdyrdym; olar bolsa
üstki lybaslaryny aýryp, arkaýş oturdylar, täze gelen gyzam ýüzüniň perdesini aýyrdy
weli, görsem, onuň ýüzi misli dolan aý ýaly ýalpyldap dur, dogrusyny aýtsam, oňa taý
geljek gözeli heniz görmändim. Men ýerimden turup, olaryň öňüne iýer-içer ýaly zatlary
getirişdirip goýdum, onsoň nahar edinmäge oturdyk, men täze gelen gyza hyzmat edip
başladym, oňa iýdirdim-içirdim, şerap süzüp berdim, onuň bilen çakyşdyryp içdim. Ine,
onsoň ozalky gyz öz ýanyndan gabanmaga başlap: «Alladan ant içýän, bu gyz menden
gözel gerek?» diýip sorady. Menem: «Hawa, walla, çynym!» diýip jogap berdim. Onsoň
208

ol maňa: «Meniň diýenimn etjek bolsaň, sen şu gije bu gyz bilen bile ýat» diýdi. Menem
oňa: «Baş üstüne, gözümiň üstüne, seniň aýdanyň meniň üçin permandyr!» diýip jogap
berdim. Onsoň ol ýerinden turdy-da, bize düşek ýazyp berdi, menem ol gyz bilen düşege
geçdim-de, ertire çenli onuň ýanynda ýatdym. Men ýatan ýerimde eýläme-beýleme
öwrülemde, görsem, endam-janym öl-myžžyk ýaly bolup dur, men derländirin öýdüp,
turup dik oturdym, onsoň ýanymdaky gyzy oýarmak üçin onuň eginlerinden çekip
yraladym weli, onuň kellesi ýassykdan hol beýläk togalanyp gitdi. Meniň akylym-huşum
serimden uçdy-da, ýüregim ýarylan ýaly bolup: «Ýa Ýaradan, özüň goraweri!» diýip
gygyrypdyryn. Ol kelläniň kesilendigini görüp, men oturan ýerimden özümiň ozalky
aşnamy gözläp (gözümiň öňi bolsa garaňkyrap, dünýä tüm garaňky bolup durdy),
töweregime göz gezdirdim, emma oňa gözüm ilmäninden soň, onuň bu gyzy menden
gabanyp öldürenligine düşündim.
«Ýa gudraty güýçli Allahym, keremli Taňrym, özüň garaşyk et! Ýeri, indi men
näme etsemkäm?» diýip içimi gepletdim. Şeýdip, birsalym oýlanyp oturanymdan soň,
ýerimden turdum-da, eşiklerimi çykaryp, tamyň ortarasyndan çukur gazdym, onsoň ol
gyzy alaga-da gymmatbaha lybaslary-şaýlary zady bilen çukura salyp, üstüne gum sürüp
gömdüm, öňküsi ýaly tekizläp, jaýyň mermer düşegini-de ýerli-ýerinde goýuşdyrdym.
Oňdan soň ýuwundym-da, täze eşiklerimi geýdim, onsoň galan pulumy alyp, jaýdan
çykdym-da, gapysyny gulpladym; onsoň jaý eýesiniň ýanyna baraga-da, ýüregime daş
baglap, bir ýyllyk kreýni töledim, soňra: «Men öz agalarymyň ýanyna Kaire gitjek»
diýdim.
Ine, onsoň men Kaire gidip, öz agalarym bilen tapyşdym, olar meniň gelenime
begendiler, özleri-de hemme zatlaryny satyp bolan ekenler. Olar: «Sen näme üçin geldiň?»
diýip soradylar. Menem olara: «Sizi göresim gelip ýüregim gysdy» diýip jogap berdim,
özümem ýanymda pulumyň azalandygyny aýtmadym. Ine, onsoň menem olaryň ýany
bilen Kaire hem Nil derýasyna seýil edip, şol ýerde bir ýyl boldum. Özümem agalarymyň
gaýtjak wagtlary golaýlaýança, öz ýanymdaky pula el urup, iýip-içip, harçladym ýördüm.
Gaýdyljak uçurdarda bolsa men olaryň ýanyndan gaçyp, gidip gizlendim. Olar meni
gözläp-gözläp, menden hiç hili habar tutup bilmän: «Ol, megerem, Damaska gaýdyp
barandyr» diýip çaklapdyrlar-da, ol ýerden gaýdypdyrlar. Men bolsam çykaga-da,
209

ýanymdaky bolanja pulum gutarýança, üç ýyllap Kairde ýaşadym. Özümem her ýyl jaýyň
eýesine tam kireýimi iberip durýardym. Üç ýyldan soň bolsa meniň ýüregim gysyp
başlady (ýanymda bolsa diňe bir ýyllyk jaý kireýne ýeterlik pulum galypdy, onsoň men
Kairden çykyp, ýene Damaska bardym, özümem ýene şol jaýymda düşledim.
Jaýyň eýesi meniň gelenime begendi. Men jaýyma girip görsem, hemme otaglary
öňküsi ýaly gulply duran ekeni; onsoň men otaglary açyşdyrdym, ol ýerdäki zatlarymy
çykaryşdyrdym. Onsoň men şol gije öldürilen gyz bilen ýatan düşegimi galdyryp görüp,
düşegiň aşagyndan gaşlary gymmatbaha daşly altyn monjuk tapdym. Men ony elime
alaga-da, öldürilen gyzyň gan-kokuny süpürişdirdim-de, ony synlap durşuma, ol pahyry
ýatlap agladym. Ondan soň şol ýerde iki gün bolup, üçünji güni hammama bardym-da,
ýuwundym, eşiklerimi çalşyryp täzeledim. Şonuň bilenem ýanymdaky pulum düýbünden
gutardy. Ine, onsoň bir gün men bazara bardym weli, elbetde, ozal maňlaýyma ýazylan
bolmaga çemeli, men şeýtan päline uýup, hälki altyn monjugy alaga-da, bazara çykardym,
eltibem dellalyň eline berdim. Ine, onsoň ol ýerinden turdyda, meni öz ýaşaýan jaýymyň
eýesi bilen bir ýerde oturtdy, özi bolsa bazar gyzyşýança garaşyp durdy. Onsoň ýaňky
monjugy alaga-da, maňa-da görkezmejek bolup, ogrynlyk bilen oňa-muňa hödürläp
başlady. Bir görsek, ol tylla monjugyň özi biçak gymmatbaha zat ekeni — ol iki müň
dinara geçen ekeni. Emma dellal ýanyma geldi-de: «Bu monjuklar misden ýasalan galp
şaý ekeni, frankdan edilen zat ekeni, şonuň üçinem onuň bahasy müň dirheme gelipdir»
diýdi. Menem oňa: «Hawa-la, biz ony bir aýaly aldadyp, onuň bilen degişmek-gülüşmek
üçin misden ýasapdyk. Meniň aýalyma miras galan bir zatdy, indem biz ony satmakçy
bolduk. Bar, müň dirheme geçýän bolsa berip goýber-de, puluny alyp gaýt» diýdim.
Emma dellal meniň bu aýdynymy geň görüp, monjukly meseläniň bir syrynyň
bardygyny aňdy-da, bazarbaşynyň ýanyna baryp, monjugy oňa eltip berdi. Bazarbaşy
bolsa weliniň ýanyna gidip: «Bu monjugy men birwagt ogurladypdym, ynha indem
ogryny tapdyk, ol täjir ogullarynyň eşigine girip gezip ýören ekeni» diýipdir.
Ine, onsoň, men gözümi açmaga-da ýetişmänkäm, eýýäm daşymy gabap aldylarda,
şol ýeriň özünde tussag edip, weliniň ýanyna äkitdiler. Onsoň weli menden sorag edip,
monjugyň nireden alnandygyny sorady, menem oňa özümiň şol dellala aýdanymy aýtdym.
210

Weli bolsa loh-loh edip güldi-de: «Seniň bu aýdýan gep-sözleriňiň ýekejesi-de çyn däl!»
diýip seslendi.
Men eýlämi-beýlämi bakmankam, derrewiň özünde ýalaňaçladylar-da, dürre
gamçy bilen ýonuma saýgylap başladylar weli, gamçy özüniň degen ýerini edil
ýakypýandyryp barýar; onsoň menem awusyna çydaman: «Ony men ogurladym!» diýen
boldum. Öz ýanymdan bolsa: «Gowusy, men ogurladym diýenimdir. Eger bukawyň hak
eýesini meniň ýanymda öldürdiler diýsem, onda onuň üçin meniň özümi-de öldürerler»
diýip içimi gepletdim.
Ine, onsoň olar meni monjuk ogurlan edip ýazdylar-da, elimi kesip aýyrdylar,
kesilen ýerini bolsa gyzgyn ýaga dagladylar, men bolsam özümden gidipdirin. Onsoň
maňa şerap içirip özüme getiripdirler; özüme gelenimden soň bolsa, elimi aldym-da öýe
gaýtdym. Öýüň eýesi bolsa maňa: «Eger başyňa bu hili iş düşen bolsa, meniň öýümden
beri aýrylaweri, nireden tapsaňam, özüňe ýer tapyn, çünki sen ogurlykda aýyplanan adam»
diýdi. Men bolsam oňa: «Eý, meniň jenabym, hiç bolmasa iki ýa üç gün gaýrat et, men
özüme jaý tapynjak bolaýyn» diýip jogap berdim. Onsoň olam: «Bolýa» diýip, meniň
ýanymdan çykyp gitdi. Men jaýda ýeke galyp oturan ýerimde aglamaga başladym: «Men
indi bu golak elim bilen neneň edip, öz dogan-garyndaşlarymyň arasyna gaýdyp
bararkam? Meniň bigünädigimi bolsa olar bilenoklar! Belki, Allanyň özi gowusyny etsindä!» diýip, zar-zar agladym.
Öý eýesi meniň ýanymdan çykyp gidensoň, meniň başym uly hasratda galyp, iki
günläp hiç zada ýaraman ýykylyp ýatdym, üçünji gün bolsa, heniz gözümi
açypaçmankam, öýüň eýesi hem onuň ýany bilen birnäçe leşger alyp, bazarbaşy — bir
topar bolup içerik girdiler. Bazarbaşy bolsa meni monjuk ogrusy diýip tekrarlaýardy. Men
olaryň ýanyna baryp: «Ýeri, näme boldy?» diýip soradym. Olar bolsa meniň
eýlämebeýläme bakaryma-da maý bermän, şol sagadyň özünde elimi-aýagymy baglap,
boýnuma zynjyr saldylar-da: «Senden alnan tylla monjuk Damask şäheriniň häkimine,
wezirine hem kazysyna iberildi, olar bolsa şol monjugyň üç ýyl mundan ozal, hökümdaryň
gyzy bilen bilelikde ýitirim bolandygyny aýtdylar» diýdiler.
211

Men bu habary eşidip, ýüregim agzymdan çykara gelip, öz-özüme: «Işim gaýtdy,
indi öljegim ikuçly däldir! Alladan ant içýän, men hökman häkime hemmesini bolşy ýaly
dogry aýdaýyn, ana, onsoň ol meni öldüresi gelse öldürer, bagyşlasy gelse-de bagyşlar»
diýdim.
Meni häkimiň ýanyna eltdiler weli, ol meni görüp, öz öňünde dik duruzdy-da,
gözüniň gytagy bilen maňa seredip, ýanymdakylara ýüzlendi: «Näme üçin siz munuň elini
kesip aýyrdyňyz? Bu bir betbagt adam, asla munuň eden etmişi ýok ahyry, siz onuň elini
kesip, nähak ýere oňa azar beripsiňiz». Men onuň bu aýdanlaryny eşidip, arka tapynan
ýaly boldum, ýüregim ýerine gelip, kalbyma mertlik aralaşdy-da: «Alladan ant içýän,
jenap, asla men ogry däl! Ýöne maňa biderek ýerden şu hili uly günä ýöňkäp, bazaryň
ortarasynda ýalaňaçlap, gamçy bilen ýenjip, zor bilen boýun aldyrdylar — men öz üstüme
ýok günäni çekip, ogurlyk edenimi ýalandan boýnuma alyp, öz-özüme ýalan sözledim,
hakykatda bolsa, meniň asla ogurlan zadym ýok» diýdim. Onsoň häkim: «Sende günä
ýok!» diýdi-de, bazarbaşynyň özüni tussag edip, oňa: «Sen onuň eliniň hununy töle,
ýogsa-da men seni asyp öldürerin, ähli pullaryňy-da eliňden alaryn!» diýdi. Onsoň ol
nökerleri çagyrdy weli, olar hem bazarbaşyny südürläp alyp gitdiler, menem hökümdaryň
ýanynda galdym. Onsoň häkimiň ygtyýar bermegi bilen meniň boýnumdaky zynjyry
aýyrdylar, elimi-aýagymy boşatdylar. Onsoň häkim meniň ýüzüme seretdi-de: «Oglum,
sen maňa dogryňy aýt-da, hemmesini bolşy ýaly edip gürrüň ber: bu monjuk saňa nireden
hem nähililik bilen düşdi?» diýip sorady. Onsoňam şeýle diýdi: «Dogruçyl bol, hak söz
ganyň dökse-de, Soňky gün tamug dek nara ýaksa-da».
Menem oňa: «Eý meniň jenabym, men saňa dogrusyny dogry aýdaýyn» diýip jogap
berdim-de, birinji gyz bilen öz aramda bolan zatlary, onsoň meniň ýanyma onuň ikinji bir
gyzy getirişini hem ony gabanmak zerarly öldürenligini oňa gürrüň berip, ol wakany bolşy
ýaly doly beýan etdim. Häkimdar bu ahwalaty eşidip başyny ýaýkady-da, sag eli bilen çep
eline urdy, onsoň ýaglygyny ýüzüne tutup aglady-da, şu namany aýtdy.
«Başa düşer boldy ýowuz müşgiller,
Muşakgat, mähnetden büküldi biller.
212

Hijran ahyr bolmaz, ömrüň sütemdir,
Ahyr bolanda-da, wysal bir demdir»
Ondan soň ol meniň ýanyma geldi-de: «Biler bolsaň, oglum — diýip, gürrüň
bermegä durdy: — gyzlaryň ulusy — meniň gyzymdy, men ony uly alada bilen
ekläpsakladym. Ol ýetişensoň bolsa, men ony Kaire iberdim, onsoň ol öz agasynyň ogluna
äre barypdyr; emma onuň adamsy ölüpdir, onsoň ol meniň ýanyma gaýdyp geldi. Bir
görsem, ol Kairde her hili erbetçilikler etmäge öwrenişen ekeni, şonuň üçinem ol seniň
ýanyňa dört gezek baryp, ondan soň özünden kiçi aýal doganyny seniň ýanyňa eltipdir;
olaryň ikisi-de bir eneden bolup, biri-birini biçak gowy görýärdiler. Ine, onsoň ulusy bilen
seniň araňda boljak iş bolansoň, ol özüniň bu syryny kiçisine aýan edipdir weli, kiçisi hem
onuň ýany bilen gitmäge isleg bildirip, onuň äkitmegini haýyş edipdir. Şondan soň
ulusynyň ýeke özi gaýdyp geldi, men kiçisiniň nirede galandygyny ondan soran
wagtymda, onuň aglaýandygyny gördüm. Ondan soň ol bolan ahwalaty gizlinlikde öz
enesine gürrüň berdi (menem şol ýerdedim), öz aýal doganyny özüniň nädip öldürendigini
aýtdy. Şondan soň ol aglamasyny goýman: «Tä ölýänçäm, onuň ölümine aglajakdygyma
Alladan ant içýärin!» diýýärdi. Şeýle hem boldy. Gör ahyry, nähili ahwallar boldy, oglum!
Men saňa bir zat aýtmakçy welin, senem garşy bolup durma: men seni özümiň kiçi gyzyma
öýereýin, ol öňki ikisi bilen süýtdeş däl, özi-de çykmadyk ulugyz; men onuň üçin senden
hiç zat aljak däl, gaýtam siziň eklenjiňizi berip durjak, sen meniň oglum ornunda
bolarsyň».
Menem: «Bolýar — diýdim — heý, şeýle zatlary pikir edip biljekmidik!» Ine, onsoň
häkim şol sagadyň özünde kazyny hem şaýatlary çagyrdyp getirtdi-de, biziň nika
hatymyzy ýazyp berdi, menem onuň gyzynyň ýanyna girdim, ol bolsa meniň üçin
bazarbaşydan biçak köp pul aldy, ine, onsoň men onuň ýanynda iň ýokary orny eýeledim.
Şol ýylam meniň atam öldi, hakim bolsa öz tarapyndan ol ýere çapar iberdi, ol hem meniň
atamdan galan pullary maňa getirip berdi, ynha indem men baryp ýatan ajaýyp durmuşda
ýaşaýaryn. Ynha meniň sag elimiň kesikliginiň sebäbi şu».
Men muňa haýran galdym, özümem ol ýigidiň ýanynda üç gün boldum, ol maňa
köp pul berdi, onsoň men onuň ýanyndan gaýdyp, ynha, siziň şu şäheriňize geldim, bu
213

ýerde meniň oňat durmuşym bardy weli, ynha, şu küýki bilen bolan ahwalat boldy
duruberdi».
Emma Çynmaçyn patyşasy: «Ýok, seniň bu aýdan hekaýatyň küýkiniň başyndan
geçen ahwalatdan geň-enaýy däl, şonuň üçinem siziň hemmäňizi asyp öldürmek gerek,
ýöne ähli günäleriň başyny başlan tikinçi galdy — diýdi-de: — Heý, tikinçi, eger sen şu
küýkiniň taryhyndan has gyzykly bir zat aýdyp berseň, men siziň etmişiňizi bagyşlaýyn»
diýip gygyrdy.
Ine, onsoň tikinçi hem orta çykyp, gürrüň bermäge durdy.
TIKINÇINIŇ HEKAÝATY
«Zamanamyzyň şahy-soltany, biler bolsaň, ynha düýn meniň başymdan şeýle bir
haýran galmaly geň ahwalat bolup geçdi. Küýkä duş gelmezimden ozal, men günüň säher
çaglarynda öz dost-ýarlarymdan biriniň öýünde gurlan meýlisde bolupdym, ol ýere şu
şäheriň ilatyndan ýigrimä golaý adam ýygnanan ekeni. Biziň aramyzda tikinçi, neçjar,
dokmaçy ýaly dürli senetçiler bardy. Gün dogan çagynda, bize iýmek üçin nahar äberip
başladylar. Birden öýüň eýesi biziň ýanymyza içerik girdi welin, onuň ýany bilen Bagdat
şäherinden bolan bir owadan ýigit hem girdi. Görsek, ynha bir üsti-başy päkize, geýnüwli
görmegeý ýigit, ýöne weli onuň bir aýagy agsak ekeni. Ol biziň üstümize giren badyna
gol gowşuryp salam berdi, bizem ony hormatlap ýerimizden turduk, ol biziň bilen
oturmakçy bolup ýönelende weli, birdenkä biziň aramyzda bir adamyň, ýagny bir dellegiň
bardygyny gördi-de, oturmakdan boýun gaçyryp, yzyna çykyp gitmekçi boldy. Emma biz
ony tutup sakladyk, öý eýesi ol ýigide azatda-mazat ýapyşyp, oňa ýalbarmaga durdy-da:
«Näme üçin sen geleňsoň gitjek bolýaň?» diýip sorady. Ol ýigit bolsa:
«Allanyň haky üçin, agam, sen maňa hiç hili garşylyk görkezme! Meniň bu ýerden çykyp
gitjek bolmagym, ynha, hol oturan äteňenälet dellek sebäpli» diýip jogap berdi.
Öý eýesi onuň aýdan sözlerini eşidip, biçak geň galdy-da: «Bu nähili bolýa! Bu ýigit
Bagdatdan gelen adam, emma näme üçin bu dellek onuň ýüregini bozýarka?!» diýdi. Biz
214

bolsak ol ýigidiň ýüzüne seredişdik-de: «A-how, ýigit, seniň bu dellegi ýigrenmegiň
sebäbi näme? Aýdyp ber bize!» diýişdik.
«Aý, jemagat, Bagdat şäherinde bu dellek ikimiziň aramyzda şeýle bir iş boldy —
diýip, ol ýigit gürrüň bermäge başlady. — Men şu dellek sebäpli öz aýagymy döwdürip,
agsak bolup galdym, şonuň üçinem men şu dellek bilen bir ýerde oturyp-turuşmazlyga,
asla onuň bolýan şäherinde-de ýaşamazlyga kasam etdim. Ine, şol zerarly-da Bagdatdan
çykyp, öz şäherimi terk edip, şu şähere göçüp geldim; indem bolsa men hut şu sagadyň
özünde bu şäherden çykyp, şu gijämi-de ýolda-yzda geçirmelidirin».
«Allanyň haky üçin, sen bize öz başyňdan geçireniňi gürrüň ber!» — diýip, biz oňa
ýalbardyk.
Ine, onsoň ol ýigidem gürrüň bermegä durdy (dellegiň bolsa ýüzi saralyp-soldy):
«Adamlar, biler bolsaňyz, meniň atam Bagdadyň uly täjirleriniň biridi, gudratly
Perwerdigär bolsa oňa menden başga perzent bermändir. Men ösüp-ulalyp, är ýaşyna
ýetenimden soň, meniň atam beýik Taňrynyň halanyny edip, özüni onuň ygtyýaryna
geçirdi, maňa bolsa pul, hyzmatkärler, gul-gyrnaklar galdyryp gitdi, menem onsoň oňat
geýnip, oňat iýip-içmäge başladym. Emma Allanyň emri bilen, meniň ýigrendigim aýal
boldy. Ine, onsoň günlerde bir gün, men Bagdadyň köçelerinden geçip barýarkam,
ýolumyň ugrunda bir topar aýala duş geldim-de, yzyma bakan göterdim ökjäni, gaçyp
gözlerinden sypyp, bir petigiň gapdalyndaky kese oturgyjyň üstünde gizlenip oturdym.
Oturanymdan bir minut hem geçip-geçmänkä, birden gabadymdaky öýüň maňa tarapky
äpişgesi açyldy weli, görsem, äpişgeden maňa bir gyz göründi, özi-de edil dolan aýly
gijäniň aýy kimin ýalpyldap dur, asla owadanlykda oňa taý geljek gyzy heniz görmändim.
Ol gyz äpişgäniň öňünde goýlan güllere suw sepen bolup durdy. Onsoň ol gyz saga-sola
towlanjyrady-da, äpişgäni ýapyp, aňyrlygyna gitdi welin, meniň ýigrenjim söýgä öwrüldi
duruberdi. Menem şol oturyşyma bütin dünýäden bizar bolup, şol ýerde tä gün ýaşýança
oturdym. Ine, bir görsem, biziň şäherimiziň häkimi gelýär, öňünde bir topar gul, yzynda
hem bir topar hyzmatkär nökeri bar. Ol atdan düşdi-de, hälki gyzyň görnen öýüne girdi
weli, men onuň şol gyzyň atasydygyny aňdym. Onsoň men halym perişan, lapykeç
ýagdaýda öýümize gaýtdym, öýe gelibem şol gyzyň pikiri bilen başga zada baş galdyrman,
öz düşegimde ýykylyp ýatdym. Onsoň meniň hyzmatkär gyrnaklarym ýanyma geldiler,
215

töweregimde tegelenişip oturdylar, maňa näme bolandygyny bilmän azara galdylar,
menem olaryň gepine-gürrüňine jogap hem bermän ýatyrdym, olar bolsa meniň halyma
gynanyp aglaşdylar, uly alada galdylar.
Onsoň meniň ýanyma bir garryja kempir geldi, ol meni gören badyna, meniň näme
derdimiň bardygyny bildi. Ol meniň başujumda oturdy-da, meniň bilen süýji-süýji gürrüň
edip: «Jan balam, sen maňa dogrujasyny aýdaý, eger aşyk bolan bolsaň, seniň öz
magşugyňa gowuşmagyň üçin men elimden gelenini ederin» diýdi. Men öz derdimi oňa
aýdan wagtymda bolsa, ol maňa: «Balam, ol gyz Bagdat häkiminiň gyzydyr, özi-de ony
hemişe gulp astynda saklaýarlar. Seniň ony gören ýeriň şol gyzyň bolýan otagydyr, onuň
atasynyň bolsa aşakda uly jaýy bardyr. Ol gyz hemişe ýeke oturýandyr. Men olara
ýygyýygydan barýandyryn, şoňa görä-de sen onuň bilen diňe meniň kömegim arkaly
duşuşyp bilersiň — janlan ahyry!» diýdi.
Men onuň aýdanlaryny eşidenimden soň, özümi ele alyp, birneme dogumlandym,
şol gün muňa meniň hossarlarym-da begendiler, ertesi ir bilen bolsa men eýýäm sagalan
adamdym. Onsoň garry kempir ol gyzyň ýanyna gidip, juda ýakymsyz habar bilen gaýdyp
geldi, asla onuň ýüzi-gözi hem üýtgän eken. Ol: «Balam, ondan maňa ýeten azary sen
sorama! Men oňa bu habary aýtdym weli, ol gyz maňa: «Garry melgun diýsänim, eger sen
şu tetelli gepiňi bes etmeseň, gaty çynymdyr, men seniň özüňe mynasyp temmiňi bererin!»
diýip gaharlandy. Ýöne aýyby ýok, men onuň ýanyna soň ýene bir gezek bararyn» diýdi.
Garrynyň bu habary ýene meniň derdimi artdyrdy.
Şondan birnäçe gün geçensoň, ol garry ýene meniň ýanyma gelip: «Oglum, sen
maňa halat ýapmalysyň!» diýdi. Men onuň bu aýdanyna monça bolup, ýüregim ýerine
gelen ýaly begenip: «Dünýäde seniň kem zadyň bolmaz!» diýdim. Ol garry bolsa: «Düýn
men ol gyzyň ýanyna bardym weli, ol meniň halymyň teňdigini, gözlerimiň ýaşlydygyny
görüp: «Daýza jan, görýän weli, seniň keýpiň ýok ýaly-la?» diýdi. Menem onuň bu
aýdanyny eşidenimden soň, gözlerimden ýaş döküp: «Keýigim, jenap gyzy, men seni
ýüreginden söýýän ýigidiň ýanyndan geldim ahyry, ol neresse sen zerarly öljek bolup
ýatyr» diýdim. Onsoň ol (ýürejiginiň ýumşandygy bolsa bildirip durdy): «Seniň ol aýdýan
ýigidiň özi nireden?» diýip, menden sorady. Menem oňa: «Ol meniň oglum, hut öz
ýüregimden öndüren miwäm; birnäçe gün mundan ozal, sen äpişgedäki güllere suw sepip
216

ýörkäň, ol seni synlap görüpdir, seniň ýüzüňi gören badyna-da, saňa aşyk bolup akylynyhuşuny ýitiripdir. Onsoň bu habary saňa ilki mälim eden günüm seniň maňa beren
jogabyňy oňa habar berenimde, onuň derdi öňküsindenem artdy, ol başyny ýassykdan
galdyrman ýatyr, özüň garaşyk etmeseň, ol hökman sen diýip öljek» diýip jogap berdim.
Onsoň ol: «Diňe men zerarly şeýdip ýatyrmy?» diýip ah çekdi (ýüzi-de saralyp-solara
gelipdir). Men hem oňa: «Alladan ant içýän, ynan, hut sen zerarly! Dagy nämedir
öýdýäň?» diýip jogap berdim. Ine, onsoň olam: «Bar, oňa menden salam aýt, özi-de meniň
ol zerarly çekýän derdimiň onuňkydan telim esse artykdygyny oňa habar ber. Anna güni
bolar weli, goý, ol namaz wagtyndan öňräk şu ýere gelsin, men aşak düşüp, oňa derwezäni
açyp bererin-de, ony öz otagyma getirerin, onsoň ikimiz birsellem bile bolarys; ol meniň
atam namazdan gaýdyp gelmeziniň öň ýanynda çykyp gaýdar» diýip jogap berdi.
Men kempiriň bu habaryny eşiden badyma, meniň çekýän horluklarym başymdan
dep bolup, ýüregim ýerine gelip rahatlandym. Men oňa halat-serpaý berip goýberdim, ol
bolsa: «Sen arkaýyn bolaý, ýüregiňi agyrtma» diýip çykyp gitdi, men bolsam: «Asla
meniň ýüregimde dert galmady» diýdim. Muňa bolsa meniň dost-ýarlarym hem beýleki
garyndaşlarym biçak begendiler.
Anna gününe çenli şeýle boldy. Ine, onsoň garry gelip, meniň halymdan habar aldy,
menem oňa janymyň sag, keýpimiň kökdigini aýtdym. Onsoň men egin-eşiklerimi geýip,
ýuwnup-ardynyp, gyzyň ýanyna gitmek üçin adamlaryň namaz okamaga metjide
ugramaklaryna garaşyp durdum. Şol wagt garry kempir maňa: «Entek seniň wagtyň bar,
şonuň üçinem, sen hammama gidip ýuwunsaň, saçyňy-da deňletseň kem bolmazdy,
ylaýta-da güýçli keselden soň, munuň özi gowy bolardy» diýdi. Menem oňa: «Gaty dogry
aýdýaň, ýöne men saçymy syrdyraýyn-da, hammama soň ötägideýin» diýdim.
Ine, onsoň men saçymy syrdyrmak üçin dellegi çagyrmakçy bolup, öz
hyzmatkärlerimiň birine: «Bazara bar-da, dellekleriň akyllyraklaryndan birini alyp gel,
ýöne weli müň gepiň başyna ýetip ýaňrap, bizar-peteňimi çykarjak ýaňrasy bolmasyn»
diýip tabşyrdym. Ine, onsoň hyzmatkärem gidip, ynha şu äteňenälet gojany alyp geldi.
Ol gelip maňa salam berdi, menem adam ýaly salamyny aldym. Onsoň ol: «Görýän weli
sen horlanypsyň» diýdi. Menem oňa: «Hawa, men nähoşlapdym» diýip düşündirdim.
217

Onda ol: «Alla seniň gaýgy-gamyňy dep etsin, dert-belalardan gorap saklasyn!» diýip
dileg etdi.
Menem: «Agzyňdan Hudaý eşitsin!» diýdim. Onsoň dellek seslendi: «Hudaýa
şükür et, meniň jenabym, hernä sag-aman gutulypsyň! Sen saçyňy ýeňletmekçimi ýa-da
gan aldyrjakmy? Ibn Abbasyň aýtmagyna görä, — Alla oňa rahmet nuryny saçsyn! —
Pygamberimiz: «Anna güni gylyny gyrkdyranyň başyndan ýetmiş bela dep bolar»
diýipdir; ýene şonuň aýtmagyna görä, ol: «Anna güni öz tenine sülük goýberen adam
gözüniň kör bolmak belasyndan hem telim keselden dynar» diýipdir».
Men oňa: «Sen bu gürrüňleriňi goý-da, häziriň özünde turup, meniň başymy syryp
ber, men ýarawsyz adam!» diýdim. Onsoň dellek ýerinden turup, elini uzadaga-da,
ýaglygyny çykardy-da açdy weli, birdenkä görsem, ýaglygynyň içinde gyrasy kümüş ýedi
gözli ýyldyznamasy bar eken, Ine, onsoň dellek ony eline alyp, jaýyň ortarasyna bardyda, günüň şöhlesine bakan ýüzüni ýokaryk tutup, esli wagt seredip durdy, soňundanam
şeýle diýdi: «Biler bolsaň, şu günüň, ýagny, anna gününiň, pygamberiň göçen wagtyndan
hasaplanylýan (onuň şanyna şöhrat hem salawat bolsun!) alty ýüz altmyş üçünji ýylyň,
Isgender zamanyndan hasaplanylýan ýedi müň üç ýüz ýigriminji ýylyň sapar aýynyň
onundaky anna gününiň başyndan bäri sekiz gradusdyr alty minut geçipdir, şu günki
günde dogmalysy bolsa, hasaplaşyk ylmynyň düzgünlerine görä, Mars ýyldyzydyr, özi-de
bir sebäp bilen, onuň garşysynda duran Merkuriý eken, bu bolsa häzir saç syrmagyň
gowudygyny görkezýär, onsoňam munuň özi seniň bir adam bilen duşuşmak arzuwyň
bardygyny maňa aýan edýär, onuň özi amatly-da boljak, ýöne weli soňundan boljak zatlar
hem gep-gürrüňlerem bar, ony bolsa men saňa aýtjak däl».
Men gaharlanyp: «Alladan ant içýän, sen meni bizar etdiň, özüňem öňünden gören
bolup, meniň göwnüme ýok zatlary getirdiň. Men bolsam seni başga zat üçin dälde, diňe
saçymy syrdyrmak üçin getirtdim ahyry! Basymrak bol-da, meniň saçymy syryp ber,
özüňem meniň bilen gürrüňiňi azrak et!» diýdim. Dellek bolsa ýene maňa: «Alladan ant
içýän, eger sen şu gün öz başyňa näme düşjegini bilýän bolsaň, onda sen şu gün hiç zat
etmän ýatardyň. Men näme et diýsem, şony-da etmegi saňa maslahat berýärin, çünki men
ýyldyz hasabyna esaslanyp aýdýaryn» diýdi.
218

Menem oňa: «Alladan ant içýän, men senden başga ýyldyz ylmyndan baş çykarýan
dellek görmändim, ýöne weli men seniň juda biderek ýaňraýanyňy bilýän, şoňa gözümem
ýetik. Mew seni diňe başymy syrdyrmak üçin çagyrtdym, sen bolsa biderek ýaňramak üçin
gelene meňzeýärsiň» diýdim. Onda dellek ýene maňa bakyp:
«Men saňa ýene birnäçe zatlary aýdyp bereýinmi? — diýdi. — Ýyldyz sanap bilýän
dellegi saňa Hudaý beripdir. Meniň hemme zatdan: jadygöýlikdenem, grammatikadanam,
sarp-nahudanam, ritorikadanam, dilewarlykdanam, logikadanam, astronomiýadanam,
geometriýadanam, kanunçylykdanam, rawatdanam, Gurhandanam başym çykýar, men
ençeme kitaplary okap ýat tutdum, birnäçe işlere baş goşdum hem baş çykardym, ylymlar
okadym hem aňyrsyna ýetdim, senetler öwrendim hem ele aldym, hemme zatlar bilen
meşgul boldum hem baş goşdum. Seniň ataň meni az ýaňraýanlygym üçin halaýardy, şoňa
görä-de saňa hyzmat etmek meniň borjumdyr. Ýöne weli men seniň aýdyşyň ýaly ýaňra
beýleki däldirin, şoňa görä-de maňa salyhatly hem dymma diýip at berýärer. Seniň etmeli
zadyň: Allaha şükür etmeli hem-de meniň aýdanyma garşy bolmaly däl, men seniň çyn
maslahatçyňdyryn, niýetim saňa ýagşylyk etmekdir, özümem bütin bir ýyllap seniň
hyzmatyňda bolmak isleýärin, senem meniň gadyrymy bilmelisiň, onuň üçin senden muzd
tamakinem däl».
Men onuň bu aýdanlaryny eşidip: «Sen şu gün meni öldürmän dynmajak öýdýän,
hökman öldürýäň» diýip jibrindim. Onda dellek maňa şeýle jogap berdi: «Eý, meniň
jenabym, meniň özümden beýleki alty doganymyň hemmesinden tapawutlanyp, ýaňra
däldigim zerarly, iller maňa Dymma diýip at berdi, çünki meniň doganlarymyň atlary
ýaňralyk bilen baglanyşykly: uly doganyma Babuk-Ýaňra, ikinjisine Haldar-gykylykçy,
üçünjisine Fakik-Samra, dördünjisine Aswani-Küýze, (hemişe agzy küýzäň agzy ýaly
açyk dur diýen manyda), bäşinjisine Faşşar-Paň, altynjysyna-da Şakaşik-Gürlempaç
diýýärler, ýedinjisine bolsa Samit-Dymma diýýärler, olam özüm».
Dellek gürrüňini biçak uzaga çekensoň, meniň gasygym ýarylara geleni üçin, men
hyzmatkärime: «Onuň eline çärýek dinar ber-de, kowup goýber, Allanyň haky üçin, ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 16
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.