Latin

Müň bir gije - 17

Total number of words is 3996
Total number of unique words is 1604
35.0 of words are in the 2000 most common words
49.0 of words are in the 5000 most common words
56.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geplemezekdigimi bilen wagtynda, ol şeýle bir güldi weli, asla güle-güle kese ýykyldy,
soňundan bolsa maňa: «Eý, Dymma ýaşuly, seniň beýleki alty doganyňam hut seniň özüň
ýaly akylly-parasatly, ylymly hem ýaňramazak adamlarmy?» diýdi. Men oňa: «Olaryň
maňa meňzeýän ýeri bar bolsa, goý, olar ýeriň ýüzünde ýaşamasynlaram, diri
gezmesinlerem! — diýip jogap berdim. — Dindarlaryň hökümdary, sen meniň göwnüme
degdiň, meniň doganlarymy asla maňa deňemek bolmaz, çünki olaryň her biri özüniň
ýaňralygy hem bigaýratlygy sebäpli özüne laýykatly maýyp bolup galdy: biri gyşyk, ikinji
biri kör, üçünjisi tentek, dördünjisiniň gulagy hem burny kesilen, bäşinjisiniň dodagy
kesilen, altynjysy bolsa küýki. Emma meni weli ýaňradyr öýtmegin, hökümdarym. Men
saňa barysyny beýan etmelidirin, özi-de meniň mertligim olaryň hemmesiniň
mertligindenem artykdyr. Özi-de olaryň her biri bir belanyň üstünden barany üçin maýyp
boldy. Olaryňam barysyny saňa aýdyp bereýin».
DELLEGIŇ BIRINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, dindarlaryň hökümdary, doganlarymyň birinjisi (özi bolsa küýki)
özüniň senedi boýunça Bagdatda tikinçidi, özi-de bir baý adamdan kireýne alan
dükanjygynda geýim tikýärdi. Ol baý bolsa dükanjygyň ýokarsyndaky jaýda ýaşaýardy,
jaýynyň aşagy bolsa degirmendi. Bir gezek, meniň doganym öz dükanjygynda geýim tikip
otyrka, başyny galdyranda, öýüň äpişgesinden adamlara seredip duran bir aýaly görüpdir
weli, edil täze dogan aý ýaly owadan ekeni. Meniň doganym ony gören badyna, ýüreginde
söýgi yşgynyň ody tutaşypdyr, asla ol uzyn gün şol aýala aňkarylyp oturyşyna, agşama
çenli tikimini-de goýup seredip oturypdyr. Ertesi güni bolsa, ol säher çaglarynda
dükanyny açyp, tikin tikmäge oturypdyr-da, her gezek iňňesini sanjanda şol äpişgä bakan
seredýän ekeni. Onsoň ol ýene şol aýaly görüp, oňa bolan söýgüsi hem ýüregindäki meýli
has hem artyp başlapdyr. Üçünji gün gelip ýeten wagtda bolsa, ol ýene öz ýerine geçip
oturyp, şol aýala bakan seredip başlapdyr, onsoň ol aýal hem onuň bolup oturyşyny görüp,
onuň özüne aşyk bolup örtenýänligini aňypdyr. Onsoň ol aýal onuň ýüzüne seredip
233

ýylgyrypdyr, doganym hem ol aýalyň ýüzüne seredip ýylgyrypdyr. Ondan soň ol aýal
aňyrlygyna gidip, onuň gözünden ýitipdir-de, onuň ýanyna öz hyzmatkär gyrnagyny
iberip, gyzyl ýüpek matany ýaglyga düwüp berip goýberipdir. Ine, onsoň hyzmatkär
gyrnak onuň ýanyna gelip, şeýle diýipdir: «Meniň bikäm saňa salam gowşurmagy
tabşyryp: «Ynha, şu matadan öz merhemetli eli bilen bize köýnek biçsin, özüni-de gaty
gowy tiksin» diýip iberdi». Ol bolsa: «Lepbeý, hyzmatyna taýýardyryn!» diýip jogap
beripdir. Onsoň ol oňa köýnek biçipdir-de, şol günüň özünde-de tikip taýýar edipdir. Ertesi
güni bolsa hyzmatkär gyrnak ir bilenjik onuň ýanyna gelipdir-de: «Meniň bikäm saňa
salam gönderýär hem-de seniň öten gijäni nähili geçirendigiňi soraýar. Ol uzynly gije
uklap bilmedi, sebäbi diýseň onuň bütin ýüregini sen eýeläpsiň» diýipdir. Ondan soň bolsa
gyrnak onuň öňünde sary atlaz matany goýupdyr-da: «Meniň bikäm saňa şu matadan iki
jüp balak biçsin-de, şu günüň özünde-de tikip taýýar etsin diýip tabşyrdy» diýipdir. Meniň
doganym bolsa oňa: «Lepbeý, hyzmatyna taýýardyryn! Oňa köp salam gowşur, onsoňam:
«Seniň sadyk guluň buýrugyňa taýýar, göwnüniň islänini buýrubersin» diýip, oňa
aýdaýyň» diýip jogap beripdir.
Ondan soň ol matany biçmäge başlapdyr-da, yhlas bilen tikip, balaklary taýýar edip
goýupdyr, birnäçe wagtdan bolsa ol aýal äpişgäniň agzyndan görnüpdir-de, ilki gözlerini
süzüp, soňundanam onuň ýüzüne ýylgyryp bakyp, üm bilen oňa salam beripdir, doganym
bolsa ony ele salandyryn öýdüpdir. Ondan soň ol aýal ýene aňyrlygyna gidipdir, onsoň
hyzmatkär gyrnak gelipdir, ol hem özüniň tikip taýýarlan balaklaryny jüpi bilen oňa
beripdir, ol hem alyp gidipdir. Agşam düşensoň, ol öz ýerine geçip, tä ertire çenli uklap
bilmän, uzynly gijäni eýlesine-beýlesine agdarylyp geçiripdir. Ertesi bolsa ol ir bilen öz
ýerine gelip oturan badyna, hyzmatkär gyrnak onuň ýanyna gelip:
«Seni meniň jenabym agam çagyrýar» diýipdir. Doganym bu habary eşidip, gorkusyndaň
ýüregi ýarylara gelipdir, hyzmatkär gyrnak bolsa onuň biçak gorkanyny görüp: «Sen
ýagşylykdan başga hiç hili ýamanlyk görmersiň! Meniň bikäm bilgeşlinden seni meniň
jenabym bilen tanyşdyrjak bolýar» diýipdir. Ondan soň ol biçak begenip, gyrnagyň yzyna
düşüp ugrapdyr, onsoň aýalyň äriniň — jenabyň ýanyna baryp, eglip salam berip, onuň
aýai gozuny ogşapdyr, ol hem onuň salamyny alyp, oňa köp-köp mata berip: «Şulardan
maňa köýnek biçip tikip ber» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Ajap bolgaý, gözüm
234

üstüne!» diýipdir-de, agşama çenli turman işläp, ýigrimi köýnek dagy biçipdir, özi-de
uzynly gün iýmän-içmän işläpdir. Onsoň hojaýyn ondan: «Bu işiň muzdy näçe bolmaly?»
diýip sorapdyr. Doganym bolsa: «Ýigrimi dirhem» diýip jogap beripdir. Şondan soň ol
aýalyň äri — jenap hem öz hyzmatkär gyrnagyny çagyryp: «Ýigrimi dirhem getirip ber!»
diýipdir. Meniň doganym bolsa sesini çykarmandyr. Emma jenabyň aýaly oňa göz ümläp:
«Ondan pul alma» diýip yşarat edipdir. Şondan soň meniň doganym jenaba ýüzlenip:
«Alladan ant içýän, men senden hiç zat alyp bilmerin!» diýen bolupdyr-da, tikinlerini alyp
çykyp gidiberipdir. Emma, hakykagyna garanyňda weli, meniň doganym kör köpüge-de
mätäçdi, şoňa garamazdan, ol azrak iýip-içip, kör oňňut edip, üç günläp işläp, onuň
köýneklerini yhlas bilen tikipdir. Onsoň hyzmatkär gyrnak gelip: «Hany, näme iş
bitirdiň?» diýip sorapdyr. Doganym bolsa oňa: «Taýýar!» diýip jogap beripdir-de, özüniň
tiken geýimlerini alyp, olaryň öýüne bakan ugrapdyr, eltibem ol köýnekleri şol aýalyň
adamsyna gowşuryp, şol sagadyň özünde yzyna gaýdypdyr. Onsoň ol aýal meniň
doganymyň pikir-hyýalynyň nämedigini öz ärine şugullapdyr (meniň doganymyň bolsa ol
zatlardan habary ýok ekeni), şondan soň är-aýal ikisi dilleşip, oňa mugtuna geýim
tikdirmegi, şeýdibem onuň üstünden gülmegi ýüreklerine düwüpdir. Ertir ir bilen
doganym öz dükanyna gelen wagtynda, olaryň hyzmatkär gyrnagy onuň ýanyna gelip:
«Seň meniň baýarym bilen gepleşip gaýt!» diýipdir. Olam gyrnagyň yzyna düşüp
ugrapdyr; olaryň öýüne baryp, baýaryň ýanyna giren wagtynda, ol: «Sen maňa bäş sany
jiltge tikip ber!» diýipdir. Meniň doganym hem onuň buýran eşiklerini ölçäp biçipdir-de,
işi öz dükanyna alyp gaýdypdyr. Ine, onsoň ol onuň eşiklerini tikip bolup, şol aýalyň ärine
eltip beripdir weli, ol hem onuň geýim tikişinden hoşal bolup, pully gapjygy getirmegi
hyzmatkärine buýrupdyr. Onsoň ol pul berjek bolanda, meniň doganym aljak bolup elinide uzadan eken weli, şol pursatda ol aýal äriniň ýeňsesinde duran ýerinden oňa: «Hiç zat
alma!» diýip yşarat edipdir. Meniň doganymam ol adama: «Pul berjek bolup howlugyp
durmasana, jenap, haçan alsagam wagt tapylar!» diýen bolup, içini tutup çykyp
gaýdypdyr, şeýdibem özüni eşekden beter kemsindiripdir, sebebi diýseň, ol bäş tarapdan
zyýan çekipdir: söňgi derdi, gazançdan galyp tozmagy, açlygy, ýalaňaçlygy hem
argynlygy — bularyň hemmesi birigip, onuň üstüne agyr bela bolupdyr, ol bolsa çydan
bolup gezip ýörüpdir. Meniň doganym olaryň ähli buýran işlerini edip gutaransoň, olar
ony öz hyzmatkär gyrnaklaryna beren bolup, ony aldap, masgaralapdyrlar. Öýeren
235

gijesinde meniň doganym onuň ýanyna girmekçi bolanynda, olar oňa: «Eger sen şu gijäni
ertire çenli degirmende ýatyp geçirseň, gaty gowy bolar!» diýipdirler.
Meniň doganym olaryň gepine ynanyp, şol gijäni degirmende ýeke ýatyp geçiripdir,
aýalyň äri bolsa degirmençi bilen dilleşip, ony uzynly gije degirmen aýlap oturar ýaly
edipdir.
Meniň doganym degirmeniň içinde ýatyrka, gijäniň ýarynda onuň üstüne
degirmençi gelipdir-de: «Be, bu öküz näme üçin degirmen aýlaman bikär ýatyr, biziň
bolsa üwedilmedik bugdaýymyz köp» diýip ylgap çykyp, degirmeniň dolusyna bugdaý
guýupdyr. Onsoň eline bir ýüp alyp gelip, meniň doganymyň boýnundan salaga-da,
degirmeniň çarhyna baglapdyr-da: «Çüw, haýda, çaltrak aýla degirmeni! Seniň
bileniňbitireniň iýip-içip ýatmak-la!» diýip, gamçyny alaga-da, gomuna-da birkini
şarpyldadypdyr weli, doganym aglap gygyrypdyr, emma onuň dadyna ýeten bolmandyr.
Ine, onsoň olam tä ertire çenli degirmen aýlap, un üwäpdir.
Şol wagt hem öýüň eýesi gelip, meniň doganymyň degirmen aýlaýan agaja
baglydygyny görüp, sesini çykarman gidiberipdir, ondan soň ir bilen hyzmatkär gyrnagyň
özý onuň ýanyna gelip: «Seniň başyňa düşen bu ýagdaýa men biçak gynanýaryn; biz,
meniň bikäm ikimiz, seniň aladaňy edip ýörüs» diýipdir. Emma meniň doganymyň urlup
horlanany zerarly hem ýadawlygyndan ýaňa, onuň jogabyny bermägede dili ysmandyr.
Şondan soň doganym öz öýüne gaýdyp barypdyr; onsoň birden onuň ýanyna şol
agşam onuň nika hatyny ýazan ýazuwçy gelýär-de, oňa salam berip: «Alla seniň ömrüňi
uzak etsin! Ilkagşamdan ertire çenli gujaklaşyp-guçuşyp, näz-kereşme bilen keýp çeken
adamyň ýüzi şeýle bolýarmyka!» diýýär. Onda meniň doganym: «Ýalan sözläni Alla hem
ýalkamasyn! — diýip jibrinipdir. — Müň gezek nälet bolsun, men diňe ertire çenli öküze
derek degirmen aýlap, un üwemek üçin baran ekenim!»
Onda ýazuwçy oňa: «Sen öz başyňa düşen zatlary maňa aýdyp ber» diýipdir. Onsoň
meniň doganym hem bolan zatlary gürrüň edip beripdir weli, ýazuwçy: «Seniň ýyldyzyň
ol gyzyň ýyldyzy bilen bap gelmeýär, ýöne weli eger sen isleseň, men seniň ol hatyňy
üýtgedip bereýin» diýipdir. Onda meniň doganym: «Seredip gör, seniň başga mekirligiň
galmadymyka!» diýip jogap beripdir-de, ýazuwçynyň ýanyndan turup, özüniň iş ýerine
236

baryp, güzeran görmek üçin gazanç eder ýaly iş getiren bolmazmyka diýip garaşmaga
durupdyr. Emma şol wagt birdenkä ýene şol hyzmatkär gyz gelipdir-de: «Meniň bikäm
bilen gepleşip gaýt!» diýipdir. Onda meniň doganym oňa: «Jähennem bol, bedasylyň
gyzy, seniň bikäň bilen meniň işim ýok!» diýipdir. Hyzmatkär gyzam onuň bu aýdanyny
baryp, öz bikesine habar beripdir. Onsoň meniň doganym eýlesinibeýlesini bakmanka, ol
aýal äpişgeden seredip hem aglamjyrap: «Meniň söýgülim, näme üçin indi seniň bilen
biziň işimiz ýokmuş?» diýip gygyrypdyr.
Emma doganym oňa jogap bermändir. Onsoň ol aýal ant içip, awy ýalap, düýn
degirmende onuň başyna düşen işde özüniň günäsiniň ýokdugyny, bu işde özüniň
günäsizdigini aýdypdyr. Onsoň meniň doganym onuň owadanlygyna hem gözel görküne
maýyl bolup, özüniň düýnki çeken horlugyny unudyp, onuň şirin-şirin sözlerine
ynanypdyr-da, onuň ähli etmişlerini bagyşlapdyr, oňa gözi düşüp duranyna şatlanypdyr.
Onsoň ol onuň bilen ýaňadandan salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşyp, iş başynda
birmeýdan gürleşip oturypdyr. Ondan soň hyzmatkär gyz onuň ýanyna gelip: «Meniň
bikem salam iberdi hem şeýle diýdi: onuň äri bu gün öz dostlarynyň öýünde ýatjak, ol öz
dostlarynyň ýanyna giden wagtynda, sen biziňkä gelersiň-de, meniň bikem bilen tä ertire
çenli bile ýatyp. gijäňi hoş geçIrersiň» diýipdir.
Äri bolsa öz aýalyna: «Ony senden daşlaşdyrmak üçin näme etsekkäk?» diýipdir.
Onda aýaly: «Gel, men oňa şeýle bir mekirlik edeýin weli, goý, ol bütin şähere masgara
bolsun» diýip jogap beripdir. (Ol aýalyň etjek mekirliklerinden bolsa meniň doganym
düýbünden bihabar ekeni).
Ine onsoň agşam düşýärem weli, hyzmatkär gyz meniň doganymyň ýanyna
gelipdir-de, ony öz öýlerine alyp barypdyr. Ol aýal bolsa meniň doganymy gören badyna:
«Alladan ant içýän, meniň jenabym, seni biçak göresim geldi!» diýen bolupdyr. Onda
meniň doganym: «Allanyň haky üçin, hemme zatdan öňürti basymrak bir öpüş!» diýipdir.
Ol gepini soňlap-soňlamanka, ol aýalyň äri beýleki otagdan çykyp gelipdir-de: «Alladan
ant içýän, men senden diňe saklawbaşynyň ýanynda dynaryn!» diýip gyňralypdyr. Meniň
doganym hem oňa ýalbarmaga başlapdyr, ol bolsa onuň ýalbarmasyna garamandyr-da,
ony weliniň ýanyna äkidipdir, weli bolsa ony gamçy bilen urmaly hem düýä mündürip,
237

şähere aýlamaly diýip höküm edipdir. Ilat bolsa oňa: «Ynha, kesekiniň haremhanasyna
girýäniň çekýän jezasy!» diýşip gygyryşypdyrlar.
Ondan soň hem ony şäherden çykaryp kowup goýberipdirler, ol hem çykyp, nirä gitjegini
bilmän duran ekeni. Menem gorkup, onuň yzyndan ýetdim-de, ony özüm ekläpsaklamaga
boýun bolup, yzyna alyp gaýtdym, özümem ony şu wagta çenli öz öýümde saklap
gelýärin.
Halyf bolsa meniň bu sözlerime gülüp hezil etdi. Ol: «Berekella, Dymma, berekella,
geplemezek!» diýdi-de, mana sylag bermeli hem çykaryp goýbermeli diýip buýruk berdi.
Emma men: «Özümiň beýleki doganlarymyň-da başyndan geçenleri aýdyp gutarýançam,
senden hiç zat alyp gitmerin, ýöne weli meni köp gepleýändir öýtmegin» diýdim.
DELLEGIŇ IKINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, musulmanlaryň hökümdary, meniň ikinji doganyma Bakbaka
diýýärler, özi-de tentegräkdi. Günlerde bir gun, ol öz işi bilen gidip barýarka, birdenkä
onuň öňünden bir garry kempir çykypdyr-da: «A-ýuw, adam, hany biraz aýak çek! Men
saňa bir ýumuş buýurjak, eger göwnüňden tursa, sen ony maňa bitirip berersiň, maslahatyda Alladan sora» diýipdir. Meniň doganym hem aýak çekipdir weli, ol garry kempir: «Men
saňa bir zat aýtjak, onuň ýoluny-da saňa salgy berjek, ýöne weli seniň gepiň-sözüň uzak
bolmasyn» diýipdir. Meniň doganym: «Aýt bakaly, eşideli» diýip jogap beripdir. Onsoň
kempir: «Gözel ymarat hem içinden suw akyp ýatan, hoş ysy burk urýan bag hakynda,
dürli miweler hem al şeraplar bilen agşamdan tä daňdana çenli seni gujagyna gysyp ýatjak
gözel näzenin hakynda sen näme aýdarsyň? Eger sen meniň aýdyşym ýaly etseň, eşret
görersiň» diýipdir.
Meniň doganym bolsa ol kempiriň bu aýdanlaryny eşidip: «Hanym sen näme üçin
bu iş bilen ala-böle maňa ýüzlendiň? Sen meniň nämäme höwes etdiň?» diýip sorapdyr.
Onda ol kempir meniň doganyma: «Kän geplegiç bolma diýip, men saňa aýtdym ahyry!
Sesiňi çykarma-da, düş yzyma» diýip jogap beripdir. Ol kempir şeýle diýipdir-de, yzyna
öwrülip ugraberipdir, meniň doganym hem onuň aýdan zatlaryna gyzygyp yzyna
238

düşüberipdir. Ine, onsoň olar bir topar hyzmatkärli zatly ullakan bir jaýa barypdyrlar,
kempir ony yzyna tirkäp, ýüzüniň ugruna ýokaryk çykyberipdir, meniň doganym ajaýyp
köşkde peýda bolupdyr.
Onsoň ol öýüň adamlary ony görüp: «Seni bu ýere kim alyp geldi?» diýip,
doganymdan sorapdyrlar. Kempir bolsa: «Oňa azar bermäň, kesiň sesiňizi, onuň ýüregini
darykdyryjy bolmaň, ol bir işçi, özi-de bize gerek adam» diýipdir. Ondan soň kempir ony
bezegli bir otaga alyp barypdyr weli, onuň ýaly oňat otagy doganym hiç haçan görmän
ekeni. Olar şol otaga giripdirlerem weli, birnäçe aýal turup, meniň doganyma salam berip,
ony öz ýanlaryna geçirip oturdypdyrlar, aradan birazajyk salym geçensoň bolsa, onuň
gulagyna uly gykylyk eşidilipdir, birdenkä hyzmatkär gyrnaklar peýda bolupdyr, olaryň
arasynda bolsa ýüzi dolan aý ýaly ýalpyldap duran bir owadan gyz bar ekeni. Meniň
doganym hem onuň ýüzüne nazar salyp, ýerinden turaga-da, ol gyza eglip tagzym edipdir,
gyz bolsa onuň salamyny alyp mübärekläpdir-de, oturmagy teklip edipdir. Ol hem
oturypdyr weli, gyz oňa ýüzlenip: «Alla seniň mertebäňi belent etsin, sende ýagşylyk
diýen zat barmydyr?» diýip sorapdyr. Meniň doganym bolsa: «Hanym, meniň bütin
kalbym ýagşylykdan doludyr!» diýip jogap beripdir. Ondan soň ol gyz iýer-içer ýaly zat
getirmegi buýrupdyr, oňa her dürli tagamlar getirip beripdirler, onsoň olam iýmäge
başlapdyr. Şonlukda ol gyz gülmekden ýaňa özüni rahatlandyryp bilmändir, meniň
doganym onuň ýüzüne serden wagtynda bolsa, ol gyz oňa gülýän ýaly terzde öz
hyzmatkärlerine bakan öwrülipdir. Onsoň ol gyz meniň doganyma öz söýgüsini
görkezmek bilen, oňa lak atyp, degşip başlapdyr, meniň doganym bolsa, eşekligini edip,
hiç zada düşünmän, ýüregindäki hyjuwyny saklap bilmän gyjynyp oturyşyna, ol gyz,
hakykatdan-da, özüni söýýändir öýdüp, ondan tamakin bolup oturan ekeni.
Nahar iýlip bolandan soň, şerap getiripdirler, ondan soň bolsa her biri täze dogan
aý ýaly, elleri tarly on sany hyzmatkär gyz gelip, dürli owaz bilen ýakymly ýaňlanýan
aýdymlar aýtmaga başlapdyrlar. Meniň doganymyň şatlyk joşguny serinden aşyp, ol
gyzyň elinden bulgury alyp başyna çekipdir-de, onuň öňünde aýak üstüne galypdyr.
Ondan soň bolsa bulgury gyz içipdir weli, meniň doganym oňa: «Noş bolsun!» diýipdirde,
oňa baş egip, tagzym edipdir. Ondan soň gyz oňa ýene bir bulgur şerap beripdir, ol şony
içipdirem weli, gyz onuň ýeňse çukuryna düwündirip goýberipdir. Doganym onuň bu
239

bolşuny görüp, edil ýeňsesinden itilen ýaly bolup daşaryk dazyrdap çykypdyr. Şol wagt
hälki kempir oňa göz ümläp: «Dolan yzyňa!» diýen şekilde yşarat edipdir. Ol hem
dolanypdyr. Onsoň gyz oňa oturmagy teklip edipdir, ol hem oturypdyr, özi-de dolanyp
sesini çykarman oturypdyr, emma gyz ony ýene urmaga başlapdyr. Şonlukda, ol gyz öz
urany bilenem oňman, hyzmatkärlerine-de ony urdurypdyr, özi bolsa garry kempire:
«Men mundan oňat zat gören däldirin!» diýipdir. Kempir bolsa: «Hawa, rast aýdýaň,
hanym!» diýip seslenipdir.
Onsoň hyzmatkär gyzlar ony tä özünden gidip ýykylýança urupdyrlar. Soň meniň
doganym özüne gelip, ýaban etmäge ugran wagtynda, kempir onuň yzyndan ýetip:
«Birazajyk gaýrat et-de, çyda, ondan soň sen öz göwnüň isleýänini gazanyp bilersiň»
diýipdir. Onda doganym: «Men haçana çenli sabyr edip çydaýyn? Ýeňsäme urulmakdan
ýaňa men huşumy ýitirdim ahyry» diýipdir. Onda kempir: «Gyz serhoş bolan wagtynda,
sen göwün maksadyňa ýetip bilersiň» diýip jogap beripdir. Meniň doganym ýene öz ýerine
gelip oturypdyr. Onsoň hyzmatkär gyzlaryň birisi-de galman, hemmesi ör aýak üstüne
galypdyrlar, şol wagt gyz meniň doganymyň üstüne hoş ysly atyrlar sepip, müşkanbarlar
bilen gallamaly, üstüne gül suwuny pürkmeli diýip buýruk edipdir. Olar hem gyzyň
aýdyşy ýaly edipdirler. Ondan soň ol gyz: «Alla seniň mertebäňi belent etsin! Sen meniň
öýüme gelip, meniň hemme şertlerimi berjaý etdiň, özümiň garşyma çykan adamlary bolsa
kowup çykarýardym. Emma sabyrlylyk görkezenler bolsa öz göwünisleglerine
ýetýärdiler» diýipdir. Meniň doganym hem oňa: «Hanym, men seniň garyp guluňdyryn
hem seniň öz eliňdäki adamdyryn» diýip jogap beripdir. Onda gyz: «Bilip goý, Alla meni
şadyýanlygy söýýän edip ýaradypdyr, onsoňam kimde-kim maňa tabyn bolýan bolsa, şol
hem öz göwün-islegine ýetip bilýär» diýipdir. Ondan soň ol şol jaýda bar bolan adamlaryň
hemmesiniň şatlyk bilen dolup-daşmagy üçin, özüniň hyzmatkär gyzlaryna iň ýokary
çekimlere gygyryp aýdym aýtmagy buýrupdyr. Ondan soň bolsa ol gyzlaryň birine: «Sen
öz jenabyňy alyp git-de, etmeli zatlary edişdirip, onsoň ony derrewiň özünde meniň
ýanyma alyp gel» diýipdir.
Hyzmatkär gyz meniň doganymy alyp ugrapdyr (doganym bolsa özüne ol gyzyň
näme etjekdigini-de bilmeýär ekeni); şol pursatda hälki kempir onuň yzyndan ýetip:
«Gaýrat et, gaýrat et, indi kän zat galmady!» diýipdir. Şondan soň meniň doganymyň ýüzi
240

ýagtylyp gidipdir, onsoň ýene ol hyzmatkär gyzyň ýanyna barypdyr (kempir bolsa zol
ýolboýy oňa: «Gaýrat et, sen eýýäm maksadyňa ýetdiň!» diýýär ekeni); meniň doganym
bolsa kemňire ýüzlenip: «Bu hyzmatkär gyz maňa näme etmekçi?» diýip sorapdyr.
Kempirem oňa: «Bu ýerde ýagşylykdan başga zat ýokdur! Men saňa kepil bolaryn! Ol
seniň gaşlaryňy garalap, murtuňy timarlamakçy!» diýip jogap beripdir. Onda meniň
doganym: «Gaşymyň garasy-ha sabyn bilen ýuwsaň aýrylar gider weli, ýöne murtumy
ýolanda agyrdar-da!» diýipdir. Onda kempir: «Sen onuň kejine gaýdyjy bolaýmagyn,
häzir onuň ýüregi saňa maýyl bolupdyr» diýipdir. Ine, onsoň meniň doganym gaşynyň
garalanmagyna hem murtunyň ýolunmagyna çydam edip durupdyr. Hyzmatkär gyz ony
timarlap bolandan soň, öz bikesiniň ýanyna baryp, bu barada oňa habar beripdir weli, ol
gyz: «Ýene bir kemi galdy: sen onuň sakgalyny-da syr, goý, ol tüý çykmadyk oglan ýaly
bolsun» diýipdir. Hyzmatkär gyz hem meniň doganymyň ýanyna gelip, öz bikesiniň beren
buýrugyny oňa aýdypdyr. Meniň akmak doganym bolsa: «Onsoň men neneň edip,
utanman ile görnüp bilerin?» diýipdir. Onda kempir: «Ol muny diňe seniň tüýjerip
durmazlygyň üçin, seniň sakgal-murtuň ýüzüne batyp durmazlygy üçin, seniň timarlyja
görünmegiň üçin edýär ahyry. Ol saňa tüýs ýürekden aşyk bolup, ýüreginde yşk ody
döräpdir, gaýrat et ahyry: seniň islegiň berjaý boljak bolup dur» diýip düşündiripdir.
Onsoň meniň doganym oňa-da kaýyl bolup, hyzmatkär gyza tabyn bolup durup, oňa
sakgalyny-da syrdyrypdyr. Ine, onsoň hyzmatkär gyz ony gaşlary garaldylan, sakgalmurty syrylan, ýüzi gyzardylan görnüşde alyp gelipdir! Gyz muny görüp allaniçigsi bolup
gorkupdyr, soňundan bolsa oňa gülküsi tutup, güle-güle kese ýykylypdyr-da: «Jenabym,
bolsa-da, sen özüňiň şu sypatlaryň bilen meni haýran galdyrdyň!» diýipdir. Ondan soň ol
gyz meniň doganymy ýerinden turzup, oňa bökejekläp tans etdiripdir. Ol hem onuň
buýrugyna görä, patyrdyklap tans etmäge durupdyr weli, ýaňky owadan gyz eline ýassyk
ilse-de, köwüş ilse-de gaýgyrman, oňa zyňmaga durupdyr, beýleki hyzmatkär gyzlaram
eline ilen zat bilen ony urmaga başlapdyrlar, alma-da gabat gelse, turşumy-süýjümi
pyrtykal-da gabat gelse, oňa dazyrdadyp sala-sala, biçäräni tä özünden gidip ýykylýança
urupdyrlar, endam-janyny gök-ala edipdirler.
Şondan soň garry kempir oňa: «Indi sen öz maksadyňa ýetdiň. Indi sen urlaryn
öýdüp gorkma, ýöne indi diňe bir şerti galdy, ol hem bolsa: ol gyz serhoş bolan wagtynda,
241

özüniň hemişe edähetine görä, ilki özüniň hemme eşiklerini, köýnekbalaklaryny bütinleý
çykaryp, çuw-ýalaňaç bolar. Onsoň ol seniňem öz eşikleriňi çykaryp, çuw-ýalaňaç bolup
ylgamagyňy talap eder. Onuň özi seniň öňüňden gaçar, senem ony nirä gitse sypdyrman
kowalamalysyň. Onsoň şol barmaşa seniň ujydyň turar weli, ana, şol wagt hem ol saňa
näme etseň ygtyýar berer» diýipdir.
Ondan soň ol gyz oňa: «Sypyr eşikleriňi» diýipdir. Meniň doganym hem özüniň
hemme eşiklerini çykaryp ýalaňaçlanypdyr (özi weli utanjyndan ýere giräýjek bolýar
ekeni), onsoň ol gyz oňa: «Hany indi tur-da, ylga, menem ylgajakdyryn — diýip, özi-de
eşiklerini çykaryp ýalaňaçlanypdyr-da: — Eger sen bir zat edesiň gelýän bolsa düş
yzyma!» diýipdir. Ine, onsoň ol gyz onuň öňünden gaçyp ugrapdyr, doganym hem ony
kowalamaga başlapdyr. Ol gyz bir tamdan ikinji tama gaçýarmyş, meniň doganym hem
yzyndan galman kowýarmyş. Ahyry ol gyjynyp kowup ýörkä, onuň ujydy saňgaty bolup
turupdyr. Gyz hem ony görüp, bir garaňky tamyň içine gaçyp giripdir weli, meniň
doganym hem onuň yzy bilen şol tama urduryp giren badyna, bir ýukalan tagtanyň üstüne
basanda, aşagy opurylyp, dik aşaklygyna güpürdäp, ýykylyp gaçanyny özi-de duýman
galypdyr. Şol jaýdan aşak ýykylyp düşenden soň görse, ol köçäniň ortarasynda, deri-gön
söwdasy edilýän deri bazarynyň içinde somalyp duran ekeni. Ine, onsoň meniň
doganymyň bu elhenç görnüşde — çuw-ýalaňaç bolup, ujydyny turzup, sakgaly-gaşy
syrylgy, ýüzüni çym gyzyl edip durşuny gören bazarçylar gyzyl-gyran bolşup, el çarpyşyp
gygyryşýarlar-da, ony şol ýalaňaçlygyna deri bilen, gön bilen urmaga başlaýarlar, meniň
doganym bolsa huşuny ýitirip ýykylyp galýar. Onsoň ony şol durşuna eşege ýükleýärlerde, weliniň ýanyna alyp barýarlar. Weli hem ony görüp: «Bu kim?» diýip, olardan
sorapdyr. Olar bolsa: «Bu şu bolup durşuna weziriň öýünden aşak togalanyp gaçyp, biziň
aramyza düşdi» diýipdirler. Ine, onsoň weli hem oňa temmi berip, onuň boýnunyň ýüzüne
ýüz gamçy urmaly, ondan soň hem Bagdatdan ýok edip kowup goýbermeli diýip buýruk
beripdir. Ony kowan wagtlarynda, men eşidip, yzyndan ýetdim-de, ony ogrynlyk bilen
ýene şähere gaýtaryp getirdim, ondan soň özüm onuň güzeranyna ýeterlik harjyny bermegi
öz üstüme aldym. Eger men gaýratly adam bolmadyk bolsam, onda ol tetelli adama
ýagşylyk etjek bolup azara galyp ýörmezdim ahyry».
242

DELLEGIŇ ÜÇÜNJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Meniň üçünji doganym hakynda aýdylanda bolsa, onuň adyna Fakyk diýýärler,
özi-de kör. Ykbaly hem ýazgydy bir gün ony uly bir öýüň üstünden eltipdir weli, ol hem
öý eýesinden tamakin bolup, ol özi bilen gepleşer öýdüp hem ondan näme-de bolsa garaz
bir zatjyk diläp alaryn öýdüp, onuň derwezesini kakypdyr. Öýüň eýesi-de aňyrdan gelip:
«Kim-ow derwezäni kakýan?» diýip sorapdyr. Emma oňa jogap beren adam bolmandyr.
Ondan soň öý eýesiniň ýene batly ses bilen «Kim-ow?» diýip, gaýtalap sorandygyny
doganym eşitse-de, oňa jogap bermändir. Onsoň öý eýesiniň gapa bakan ýöräp gelýänini
doganym eşidip dursa-da sesini çykarmandyr, ol gelip derwezäni açypdyr-da: «Saňa näme
gerek?» diýip, doganymdan sorapdyr. Meniň doganym bolsa oňa: «Allanyň haky üçin,
göwnüňden çykaranyň!» diýipdir. Onda öý eýesi: «Sen körmi?» diýip sorapdyr. Meniň
doganymam: «Hawa» diýip jogap beripdir. Onda öý eýesi oňa: «Hany, äber eliňi!»
diýipdir. Meniň doganymam öý eýesi bir zat berjekdir öýdüp, oňa elini uzadypdyr weli,
olam onuň elinden tutup, tä iň ýokarky tamyň üstüne barýança, basgançakdan ýokarlygyna
idip äkidipdir. Meniň doganym bolsa öz ýanyndan ol adam özüni oduk-buduk zat bilen
naharlap, eline-de garaz bir zatjyk berip goýberer diýip çak edipdir.
Öý eýesi ony ýokary çykaryp: «Hawa, kör, saňa näme gerek?» diýip, doganymdan
sorapdyr. Meniň doganym bolsa şol öňki aýdyşy ýaly: «Merhemetli Allatagalanyň ýoluna
aýdan-diýeniňden garaz bir zatjyk berseň bolýar» diýip jogap beripdir.
Onda öý eýesi: «Näme, Allanyň saňa goýup giden zady barmyşmy bu taýda!» diýip
herrelipdir. Onda meniň doganym oňa: «Pä-heý, sen-ä, beý diýjek bolsaň, şo taýda,
derwezäň agzynda, ýerdekäk aýdaýsaň bolmadymy?» diýip iňirdäpdir. Öý eýesi bolsa
oňa: «A sen näme, haramzada, meniň bilen şol ýerde bada-bat gepleşäýmediň?» diýip
jogap beripdir. Onsoň meniň doganym: «Ýeri, sen indi meni nätmekçi bolýaň?» diýip,
ondan sorapdyr. Ol bolsa: «Meniň saňa berer ýaly zadym ýok» diýip jogap beripdir. Onda
meniň doganym: «Meni basgançakdan aşak özüň düşürip goýber onda» diýipdir. Öý eýesi
bolsa: «Honha ýoluň, gidiber özüň» diýip jogap beripdir. Ine, onsoň doganymyň özi aşak
düşüp ugrap, derweze bilen aralykda ýigrimi basgançak galan wagtynda, birdenkä aýagy
taýyp ýykylypdyr-da, derwezä bakan togalanyp gidipdir, özide şonda kellesini
243

ýardyrypdyr. Onsoň, şol ýerden nirä barýanyny-da bilmän, çykyp ugrapdyr weli, özüniň
kör ýoldaşlaryndan birnäçesi yzyndan ýetip: «Bu gün eliňe näme düşürip bildiň?» diýip,
ondan sorapdyrlar. Meniň doganym bolsa özüniň nähili zada duçar bolandygyny olara
gürrüň edip beripdir-de, soňundan: «Doganlar, men özümiň ozalky galanja pulumdan
birnemejik alyp, özüme harç edinmesem boljak däl» diýipdir.
Ýaňky öý eýesi bolsa garaba-gara olaryň yzlaryna düşüp barşyna doganymyň
gürrüňini eşidip gelýär ekeni, emma doganym bilen onuň ýoldaşlary öz yzlaryna düşüp
gelýän adamdan bihabar ekeni. Onsoň meniň doganym öz öýüniň deňesine ýetip, öýüne
sowlup giripdir weli, ol adam hem onuň yzysüre baryp giripdir (doganymyň bolsa ondan
habary ýok ekeni), ine doganym öz ýoldaşlarynyň gelerine garaşyp oturypdyr. Onsoň
ýoldaşlary gelipdir weli, doganym olara: «Gapyny içinden ildiriň-de, öýi barlaň, biziň
yzymyz bilen öýe başga bir ýat adam giren bolaýmasyn» diýipdir. Ol adam meniň
doganymyň bu aýdanyny eşidýär-de, öýüň ýokarsyndan sallanyp duran ýüpden ýapyşyp
ýokaryk galýar. Körler bolsa öýüň içini sermeşdirip barlap, hiç hili üýtgeşik adam
tapmandyrlar. Ondan soň olar üýşüp, meniň doganymyň ýanynda oturýarlar-da, özleriniň
pullaryny sanamaga başlaýarlar. Sanap görseler, on iki müň dirhem bolaýypdyr!
Ondan soň olar puly ýene tamyň bir burçunda goýup, onuň ujundan hersi özüne
gerejigini alýar, galanyny bolsa şol ýere atypdyrlar. Olar puly goýup, tapan-tupanja
zatlaryny öňlerine alyp, nahar-şam edinmäge başlapdyrlar.
Meniň doganym birdenkä diňşirgenip, öz ýanlarynda kim-de bolsa bir ýat adamyň
bardygyny onuň agzynyň gäwüşeşinden aňlap, öz ýoldaşlaryna: «Biziň aramyzda bir ýat
adam-a bar!» diýipdir-de, elini uzadypdyr weli, onuň eli hälki öý eýesiniň ýakasyndan
ilipdir. Ine, onsoň olar ony körüň eline büre düşen ýaly edip, şapladyp tutaga-da, gütdedegütde, mazalyja onuň suwuna degipdirler. Urup keýpden çykanlaryndan soň bolsa: «Datbidat, aý, musulmanlar, ýeteweriň, biziň içerimize ogry gelip giripdir, biziň ýygnanja
pulumyzy-da ogurlajak bolýar!» diýşip gygyryşypdyrlar.
Olaryň gykylygyna adamlar ýerli-ýerden ylgaşyp gelip, bir topar jemende üýşüpdir.
Ýaňky adam hem olaryň ýanyna baryp, özi-de olaryň biri ýaly, kör bolan bolup gözüni
çalarak ýuman bolupdyr-da, gaýtam olaryň özlerine ogurlyk ýapyp gykylyklap başlapdyr
244

weli, oňa hiç kimem şubhelenmändir. Ol adam körleriň özlerindenem beter bolup: «Aý,
musulman gardaşlar, men diňe Allanyň özüne sygynýaryn, men soltana arz edýärin,
Allanyň hem weliniň edenine kaýyl!» diýip gygyryp başlapdyr. Ine, onsoň adamlar olaryň
daşyna tegelenişip, hemmesini, şol sanda meniň doganymy-da, weliniň ýanyna bakan
sürüp äkidipdirler.
Weli bolsa olary öz ýanyna getirdip: «Ýeri, näme boldy?» diýip sorapdyr. Hälki öý
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 18
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.