Latin

Müň bir gije - 05

Total number of words is 3964
Total number of unique words is 1788
34.8 of words are in the 2000 most common words
48.9 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özümi öldürene bellenen baýragy alar öýdüp gorkýaryn, sebäbi bu bir içaly, özide diňe
meni öldürmek üçin gelen içaly ahyry. Muny hökman öldürmek gerek, diňe şondan soň
men öz janymdan arkaýyn bolup biljek».
Duban hekim: «Maňa rehim etseň, Alla saňa rehim eder, sen meni öldürseň, Alla
hem seni öldürer!» diýipdir, emma her näme diýse-de, patyşanyň hökman öldürjegini
aňlansoň: «Eý, patyşahym, eger meniň ölümden gutuljak gümanym ýok bolsa, onda maňa
puryja ber; men öýüme baryp, öz kowum-garyndaşlaryma hem goňşularyma meni oňatja
jaýlaň diýip tabşyraýyn hem-de kelemämi çöwrüp, inimi arassalaýyn, onsoňam özümiň
hekimlik kitaplarymy sowgat berişdireýin. Meniň üýtgeşikden-üýtgeşik bir kitabym hem
bar, ony bolsa saňa sowgat bereýin weli, sen ony öz hazynaňda saklagyn» diýipdir. Onda
patyşa hekimden: «Ol kitapda näme ýazylypdyr?» diýip sorapdyr. Hekim bolsa: «Ondaky
zatlary sanap aňyrsyna çykyp bolmaz, onuň iň bärkije syrlarynyň birini aýdaýyn: sen
meniň başymy kesip aýran wagtyňda, şol kitabyň diňe üç sany sahypasyny agdararsyň-da,
bir sahypasynyň, çep tarapky sahypanyň diňe üç setirini okarsyň weli, meniň kelläm seniň
bilen gürleşer durar, özi-de ondan näme sorasaň, hemme soragyňa jogap berer durar»
diýipdir.
Patyşa muňa çendenaşa geň galyp hem begenjinden ýaňa sandyraklap: «Eý,
parasatly akyldar, men seniň kelläňi kesip taşlanymdan soňam, seniň kelläň meniň bilen
gürrüň eder durarmy?» diýip sorapdyr. Pähimdar hekim bolsa: «Hawa, patyşahym» diýip
jogap beripdir. Onda patyşa: «Bu nä ýeser geň zat!» diýip geňirgenipdir.
62

Ondan soň patyşa ol hekimiň ýanyna garawul goşup, oňa rugsat beripdir, hekimem
öýüne baryp, şol günüň özünde-de özüniň ähli işlerini düzedişdiripdir. Ertesi güni bolsa
ol patyşanyň diwan jaýyna gelipdir, onsoň patyşanyň ähli wezir-wekilleri, emirleri,
ulamalary, ähli emeldarlary hem gelipdir, diwan jaýy göýä burk urup duran seýil bagyna
öwrülipdir. Ine, onsoň hekim diwana gelipdir-de, eli ýaragly iki garawulyň arasynda,
patyşanyň garşysynda dikelip durupdyr, elinde bolsa köneje kitap hem içi külkeje
dermanly golçajygy bar ekeni. Onsoň hekim aşak oturypdyr-da: «Maňa bir tabak getirip
beriň» diýipdir. Olaram oňa tabak getirip beripdirler welin, olam ýaňky külke dermanyny
şol tabaga döküpdir-de, üstünden sypalap düzleşdirip: «Eý, patyşahym, ynha, şu kitaby alda, tä meniň kellämi kesip aýyrýançaň, onuň gatyny açma, kellämi kesip aýranyňdan soň,
ony şu tabaga sal-da, şu dermany çalyp sürtele, şeýdersiň weli, kellämiň gany durar-da
kepär. Ondan soň kitaby açarsyň» diýipdir. Ine, onsoň Ýunan patyşa hekimiň kellesiňi
kesip taşlamagy höküm edipdir-de, onuň elinden kitabyny alypdyr; jellat hem turaga-da,
hekimiň kellesini kädiniň sapagy ýaly edip ýolup goýberipdir weli, kelle baryp tabagyň
ortarasyna düňk edip düşüpdir. Patyşa ol kelläni derman bilen sürtüpdir weli, onuň gany
durupdyr. Şol pursatda hem Duban hekim gözüni açyp: «Eý, patyşahym, kitaby aç!»
diýipdir, Patyşa hem kitaby açyp görse, onuň sahypalary ýelmeşen ekeni, onsoň patyşa
barmagyny agzyna ýetirip, ony tüýküligi bilen ölläpdir-de, birinji sahypasyny, onsoň
ikinjisini hem üçünjisini açypdyr, ýöne weli kitabyň sahypalary zordan diýen ýaly
açylypdyr. Patyşa şeýdip, onuň alty sahypasyny açsa-da, hiç biriniňem ýüzünde ýazylan
zat ýok ekeni. Şol wagt patyşa: «Eý, hekim, bu kitapda hiç zat ýazylmandyr-la?» diýipdir.
Hekim bolsa: «Ýene aç, ondan aňyrlygyna aç» diýip jogap beripdir. Onsoň patyşa ýene
üç sahypasyny agdarypdyr weli, dem salymdan soň, bir minutyň içinde patyşanyň bütin
endamyna zäher ýaýrapdyr, sebäbi ol kitap zäherlenen ekeni. Şol wagtda patyşa sandyrap:
«Meniň janyma zäher guýuldy-la!» diýip gygyrypdyr. Duban hekim bolsa şu namany
aýdypdyr.
«Bir şa raýatlarna zulm odun saçdy, Tizden
tagty synyp, döwleti gaçdy.
63

Ol dogry bolanda, ykbal ýar bordy,
Bagtyn ýatyrmazdy, howandar bordy.
«Edeniň çek» diýýär niýeti-päli,
«Zamanaňdan görme, özüňden ýaly».
Hekimiň kellesi sözüni gutaranda, patyşa hem eýýäm şol sagadyň özünde serrelip
gatap galypdyr.
Eý, jyn, biler bolsaň, eger Ýunan patyşa Duban hekimi öldürmän saklan bolsa, Alla
hem, belki, oňa rehim ederdi; emma patyşanyň küýi-pikiri hekimi öldürmek bolupdyr, ol
şondan başga zady islemändir, şol zerarly-da Alla onuň özüni-de öldüripdir. Eý, jyn,
senem maňa rehim eden bolsadyň, onda saňa-da Allanyň özi, belki, rehim ederdi...»
Şährizada gürrüňiniň şu ýerine ýetende daň atyp, onuň gürrüň etmek möhleti
gutarypdyr, şonuň üçinem ol gürrüňini tapba kesipdir.
ALTYNJY GIJE
gelip ýetende bolsa, onuň gyz jigisi Dünýäzada: «Düýnki gürrüňiňi soňlap
bersene» diýipdir.
Şährizada hem: «Eger patyşahym rugsat berse, baş üstune» diýipdir.
Patyşa-da: «Aýdyber» diýipdir.
Ine, onsoň Şährizada hem aýdyp başlapdyr:
«Eý, bagtyýar patyşahym, hawa, onsoň, meniň eşitmişime görä, balykçy jyna
ýüzlenip: «Eger sen maňa rehim eden bolsadyň, onda menem saňa rehim ederdim, emma
sen meniňjanymdan başga hiç zada göz gyzdyrmadyň, şonuň üçinem men seni şu
küýzäniň içinden çykarman, deňze taşlap öldürerin» diýipdir. Onda jyn hem balykça
ýüzlenip şeýle diýipdir: «Başyňa döneýin, balykçy, Allanyň haky üçin, sen meni beýtme!
64

Sen meniň bilen deň bolup durma-da, meniň günämi öt. Eger men ýamanlyk eden bolsam,
sen ýagşylyk et. Il içinde: «Dünýäde ýaman niýetlileriň edeni-de az däl, başarsaň
ýamanlyga ýagşylyk et» diýen ýörgünli öwüt-ündew bar ahyry. Umamanyň Atika edenini
etmäweri» diýende, balykçy ondan: «Umamanyň Atika eden zady nämemiş?» diýip
sorapdyr. Onda jyn: «Men bu hili zyndanda ýatan ýerimden nädip saňa gürrüň bereýin!
Eger sen meni goýberseň, şonda saňa ol hakda, gürrüň bererin» diýipdir.
Balykçy bolsa: «Bu gürrüňleriňi bes et, seniň deňze taşlanjagyň ikuçly däldir —
diýipdir. — Özüňem indiden beýläk ol ýerden çykaryn öýdüp asla göwnüňe-de
getirmegin. Men saňa ozal köp aýtdym, aglaplar ýalbardym, seniň weli kastyň meniň
janymda boldy, şondan başga niýetiň bolmady, seni bendilikden boşatmakdan başga
meniň günäm bolmasa-da, saňa hiç ýamanlyk etmedigem bolsam, sen meni öldürjek
bolduň. Men saňa şunça ýagşylyk edenim üçinem seniň maňa ýamanlyk egjegiňe gözüm
ýetdi. Bilip goý, jyn, men seni hökman deňze taşlajakdyryn. Bardy-geldi, kimdir biri säw
bilen seni tutup çykaraýsa-da, seniň maňa eden etmişleriňi oňa aýdyp, seni ýene şol deňziň
içine taşladaryn. Ine, onsoň sen tä ömrüň ötýänçä şu deňziň düýbünde ýatmaly bolarsyň».
Şonda jyn oňa: «Sen meni goýber. Häzir haýyr-sahawat zamany. Onsoňam dolanyp
hiç haçan seniň aýdanyňdan çykmajagyma, sen näme diýseň, şony hem etjegime söz
berýärin, onsoňam saňa şeýle bir kömek ederin weli, sen baý bolup gidersiň» diýipdir.
Onsoň balykçy oňa ant içdirip, eger ony goýberäýse, dolanyp özüne zyýan
ýetirmän, gaýtam kömek berjegine kasam etdiripdir-de, onuň dilinden wada alyp, beýik
Allanyň adyndan şert etdirip, küýzäniň agzyny açypdyr. Küýzeden tüsse çykyp, alasmana
ulaşypdyr-da, soňundan hakyky jyna öwrülipdir. Jyn ol küýzäni aýagy bilen pyzyp
goýberip, deňziň içine taşlapdyr. Balykçy biçäre jynyň küýzäni deňze taşlamagyndan
biçak gorkup, özüniň ölümini belli-külli boýun alyp, gorkusyndan ýaňa balagyna
goýberipdir-de: «Seniň munyň gowulygyň alamaty däl!» diýip seslenipdir. Ondan soň
ýüregine daş baglap: «Eý jyn, her kesiň öz wadasyna wepaly bolmagy beýik Allanyň
buýrugydyr. Dogrudan-da, wadaňda tapylyşyň hakynda soralmaz öýtmegin, sen maňa
wada berensiň, meni aldamajagyňa kasam edipdiň, eger indi meni aldasaň, Alla seniň
özüňi aldar, çünki Ýaradanyň özi sabyrlydyram, möhletem berer, emma bagyşlamaz.
65

Duban hekimiň Ýunan patyşa: «Maňa rehim et, Alla saňa rehim eder» diýşi ýaly, menem
saňa aýtdym ahyryn!» diýipdir. Onsoň jyn loh-loh gülüpdir-de, balykça garap: «Düş
yzyma, balykçy!» diýipdir, özi hem öňe düşüp ugrapdyr. Balykçy bolsa özüniň aman
galjagyna ynam etmän, jynyň yzyna düşüp ugrapdyr. Olar şeýdip gidip baryşlaryna
şäherden çykypdyrlar, onsoň bir dagyň üstüne çykyp, ondan hem aňyrlygyna aşak düşüp,
uly bir giň meýdanyň içi bilen ýöräp gidip baryşlaryna ahyry bir suwly howdanyň
üstünden barypdyrlar. Jyn şol howdanyň içine girip: «Galma-da, düş yzyma!» diýip,
balykça aýdypdyr. Balykçy hem onuň yzy bilen howdanyň ortasyna barypdyr weli, jyn
aýak çekip, şol ýerde balykçynyň toruny suwa taşlap, balyk tutmagyny teklip edipdir.
Balykçy suwa seredip görse, suwda her hili reňkdäki: ak, gyzyl, gök, sary balyklar bar
ekeni, balykçy bu balyklary görüp geň galypdyr. Ine, onsoň balykçy toruny alypdyr-da,
suwa taşlapdyr, tory agralansoň çekip çykarsa, tora dört balyk düşen ekeni, olaryň her
haýsy hem bir reňkde eken. Balykçy muňa begenipdir. Jyn bolsa oňa: «Sen bu balyklary
äkit-de, soltana eltip ber, onsoň ol saňa baý bolarlyk zat berer. Onsoňam, Allanyň haky
üçin, sen meni bagyşla: meniň häzir hiç zatdan başym çykanok, hiç zadyň ýoluny-da
bilemok, sebäbi men müň sekiz ýüz ýyllap deňziň aşagynda ýatyp, diňe şu wagt ýeriň
ýüzüne çykyp durşum. Özüňem bu ýerden günde bir gezekden artyk balyk tutmagyn»
diýipdir.
Şondan soň jyn balykçy bilen hoşlaşypdyr-da: «Allahym seni küýsetmesin!» diýip,
aýagy bilen ýeri depip goýberipdir welin, ýer darka ýarylypdyr-da, jynam onuň içine girip,
ýer hopan ýaly bolup gidipdir. Balykçy hem jyn bilen öz arasynda bolup geçen bu zatlara
haýran galyp, şähere bakan ugrapdyr.
Onsoň balykçy öýüne baryp, tagarany suwdan doldurypdyr-da, özüniň tutup getiren
şol reňme-reň balyklaryny suwly tagaranyň içine goýberipdir weli, balygam hezil edinip
iki bakan şapyrdap ýüzüp başlapdyr. Ondan soň balykçy suwly tagarany depesine göterip,
jynyň aýdyşy ýaly, ony patyşanyň-soltanyň köşgüne bakan alyp ugrapdyr. Onsoň ol
patyşanyň ýanyna baryp, balygyny görkezende, patyşa bu hili balygy ömründe görmäni
üçin, balykçynyň görkezen balygyny görüp, onuň keşbine hem görküne haýran galypdyr.
Onsoň patyşa: «Bu balygy aşpez gyza eltip beriň» diýip buýruk beripdir (bu gyzy
bolsa üç gün mundan ozal oňa rumlaryň patyşasy peşgeş beren ekeni, şonuň üçinem patyşa
66

onuň nahar bişirişini synap görmän ekeni). Onsoň patyşanyň weziri balygy gowurtmak
üçin aşpez gyza eltip berip, oňa: «Eý, aşpez gyz, patyşa saňa: «Eý, aglajyk gyz, biz diňe
kynçylyga düşenimiz üçin, seni synap görýäs!» diýdi. Soltanyň ýanyna kimdir biri gelip,
muny sowgat getirdi, şonuň üçinem sen bu gün aşpezlik hünäriňi hem ökdeligiňi görkez»
diýipdir.
Wezir gyza tabşyryk berip, patyşanyň ýanyna dolanyp gelipdir welin, patyşa oňa
balykçynyň eline dört ýüz dinar bermegi buýrupdyr. Wezirem dört ýüz dinary sanap onuň
eline beripdir, balykçy bolsa puly donunyň jübüsine salaga-da, öýüne bakan ýeňsäni el
ýaly edipdir. Ol begenjinden ýaňa ýolboýy büdräp, ýykylyp-sürşup ylgap barşyna, muny
düýşüdir öýdüpdir. Ondan soň ol bazara baryp, maşgalasy üçin gerekýarak zatlary
alyşdyryp, şadyýan hem keýpi kök bolup, aýalynyň ýanyna ugrapdyr.
Ine, balykçynyň başyndan geçiren ahwalaty. Gyz bolsa şeýle ýagdaýlary başyndan
geçiripdir. Gyz balygy alaga-da ýuwup-ardyp arassalapdyr, onsoň sajy ataryp, balygy
şonda gowurmaga başlapdyr. Balygyň bir gapdaly gyzaryberende, beýle tarapyna
agdaryp, balyk gowurmak bilen gümra bolup ýörkä, birden nahar bişirilýän jaýyň bir
diwary süýşüp açylypdyr-da, ol ýerden inçe billi, garçgaý sypatly alma ýaňak, gözleri
sürmeli, gök seçek ýüpek ýaglykly, gulaklary teneçirli, gollary iki goşma bilezikli,
barmaklary gymmatbaha gaşly ýüzükli, eli bambuk taýaklyja bir ýaş gelin şaňňyrdap
çykypdyr. Ol gelin elindäki taýajygy bilen balykly gazanyň gyrasyna dürtüp goýberipdirde: «Eý, balyklar, siz öz eden şertiňizi berjaý edýäňizmi beri?» diýipdir. Gyz muny görüp,
doňan ýaly bolup galypdyr, ol gelin bolsa ýaňky aýdanlaryny ikinji gezek, onsoň üçünji
gezek gaýtalap aýdypdyr weli, gazanyň içindäki balyklar kellelerini ýokary galdyryşyp:
«Hawa, hawa» diýipdirler-de, soňundan hem şu beýdi aýdypdyrlar:
«Gelseň gelers, gitseň giders — saňa bagly peýmanymyz,
Sen ähtde dursaň, biz durars — ýuwtmars ygrar-imanymyz».
Balyklar şeýle diýenlerinden soň, ýaňky gelin tabany düňderipdir-de, özüniň hälki
çykan ýerine giripdir weli, nahar bişirilýän jaýyň diwary ýene süýşüp, öňküligi ýaly
bolupdyr.
67

Aşpez gyz diňe şondan soň özüne gelip seretse, dört balygyň dördüsi hem ýanyp
garaköýük bolup, edil kömür ýaly bolup galypdyr ekeni. Aşpez gyz bu ahwalaty görüp:
«Ilki gadamynda paltasy daşa degen diýenleri boldum» diýip ah çekip, özünden gidip
ýykylypdyr.
Gyz şu hili ýagdaýda ýatyrka, birdenkä gapydan wezir gelip görse, aşpez gyzyň
göýä çarşenbe bilen ýekşenbäni saýgaryp bilmeýän akyly çaşan garry kempir dek bolup
galandygyny görüpdir. Wezir aýagynyň burny bilen gyzy yralapdyr weli, gyz gözüni
açypdyr-da, aglamaga başlap, näme-nämeleriň bolandygyny bolşy ýaly wezire gürrüň
beripdir. Wezirem bu ahwalata haýran galyp: «Be, bu nä geň görmeli zat!» diýipdir.
Ondan soň wezir şol balykçynyň yzyndan adam iberip, ony çagyrdyp getirdipdir.
Balykçyny getirenlerinden wezir onuň üstüne gygyryp: «Eý, balykçy, sen şol öňki getiren
balyklaryň ýaly, bize ýene dört sany balyk getirip ber!» diýipdir. Ondan soň balykçy ýene
şol howdana baryp, toruny suwa taşlapdyr, onsoň toruny çykaryp görse, şol öňki tutan
balyklary ýaly dört sany balyk düşüpdir. Ine, onsoň ol yzyna gaýdyp, ol balyklary wezire
getirip beripdir. Wezirem olary alaga-da, aşpez gyza eltip berip: «Hany, tur-da, şu
balyklary meniň gözümiň alnynda gowur, näme-näme bolýanyny menem bir göreýin»
diýipdir. Gyzam turupdyr-da, balygy ýuwup-ardyp päkizeläp, tabany ataryp, balygy onuň
içine atypdyr weli, balygyň taba atylaryna mähetdel, birdenkä tamyň diwary iki ýanlaýyn
açylypdyr, ýene şol eli taýaklyja ýaş gelin, şol ozalky keşbinde peýda bolupdyr. Ol ýene
taýajygy bilen gazanyň gyrasyna kakyp goýberip: «Eý, balyklar, eý, balyklar, siz şol
gadymky şertiňizi berjaý edýäňizmi?» diýipdir weli, balyklar hem birdenkä başlaryny
ýokary galdyryp, ýene ýaňky beýdi aýdypdyrlar:
«Gelseň gelers, gitseň giders — saňa bagly peýmanymyz,
Sen ähtde dursaň, biz durars — ýuwtmars ygrar-imanymyz».
Şährizadanyň gürrüňi şu ýere gelende, daň atypdyr, onsoň ol hem gürrüň etmek
möhleti gutarany üçin, sözüni tapba kesipdir.
ÝEDINJI GIJE
gelip ýetende bolsa, Şährizada ýene gürrüňini dowam etdiripdir:
68

«Hawa, onsoň, bagtyýar patyşahym, meniň eşitmişime görä, balyklar geplände, ol
aýal taýajygy bilen gazany agdaryp goýberip, özüniň şol diwardan çykan ýerine giripdir
weli, tamyň diwary ýene öňküsi ýaly bolup duruberipmiş. Ol wagt wezir ýerinden turup:
«Munuň ýaly geň zady patyşadan gizlin saklap bolmaz!» diýipdir-de, patyşanyň ýanyna
baryp, özüniň gözüniň alnynda bolup geçen bu ahwalaty bolşy-bolşy ýaly edip aýdyp
beripdir. Patyşa-da: «Men muny hökman öz gözüm bilen görmesem bolmaz!» diýipdir.
Ondan soň ol şol balykçynyň yzyndan adam iberip çagyrdyp getiripdir-de, oňa ýene şol
öňki getiren balyklary ýaly dört sany balygy tutup getirmegi buýrupdyr, özi-de onuň
ýanyna üç sany garawul goşupdyr. Balykçy bolsa ýene şol howdana baryp, balyklary tutup
getirip beripdir, patyşa hem oňa dört ýüz dinar bermegi buýrupdyr. Ondan soň ol öz
wezirine ýüzlenip: «Hany, tur-da, şu balyklary özüň gowur, özi-de hut şu ýerde, meniň
gözümiň alnynda!» diýipdir. Wezirem oňa: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýip jogap
beripdir. Ol balyklary taýýarlaşdyryp, tabany getirip atarypdyr-da, gowurmaga durupdyr
weli, birdenkä tamyň diwary iki ýana açylypdyr, ol ýerden ynha bir garaýagyz gul
çykypdyr, özi-de dag ýaly, Ad 6 taýpasyndan bolan adama meňzeş, elinde bolsa gök
agaçdan kesilen çygar çybyk barmyş. Ine, onsoň ol garaýagyz adam haýbatly ses bilen:
«Balyklar, aý, balyklar, siz gadymky şertiňizi berjaý edýäňizmi?» diýipdir weli,
balyklaram gazanyň içinden kellelerini ýokary galdyryşyp: «Hawa, hawa, biz şertimizi
berjaý edýändiris» diýşip, şu beýdi aýdypdyrlar:
«Gelseň gelers, gitseň giders — saňa bagly peýmanymyz,
Sen ähtde dursaň, biz durars — ýuwtmars ygrar-imanymyz».
Şondan soň ýaňky gul elindäki çybygy bilen gazany agdaryp goýberipdir-de, özüniň
hälki çykan ýerine ötägidipdir. Patyşadyr wezirem balyga seredip görseler, olar gara
kömür bolup ýatyrmyş. Patyşa muňa geň galyp: «Munuň ýaly ýagdaýda sesiňi çykarman
durup bolmaz, megerem, bu balyklaryň aňyrsynda näme-de bolsa bir gep bardyr!»
diýipdir. Onsoň ol ýene balykçyny çagyrdyp getirdipdir-de: «Aý, işi gaýdan balykçy, sen
6
Ad taýpasy — Keramatly Gurhanda görkezilen rowaýat boýunça, boýun egmedikleri üçin Alla
tarapyndan ýok edilen taýpamyş. Ad taýpasynyň adamlary biçak irimçik, uzyn, daýaw adamlarmyş.
69

bu balyklary nireden alyp getirýäň?» diýip, ondan sorapdyr. Balykçy bolsa: «Dört dagyň
aralygyndaky howdandan, hol seniň şäheriňiň çetindäki daglaryň ýanyndan» diýip jogap
beripdir. Onda patyşa ýene balykça ýüzlenip: «Ol näçe günlük ýol?» diýip sorapdyr. Ol:
«Ýarym sagatlyk ýol, hökümdar soltanym» diýip jogap beripdir. Patyşa muňa geň galyp,
häziriň özünde ýola düşmeli, derrewiň özünde atlara atlanmaly diýip, özüniň nökerlerine
hem goşunlaryna buýruk beripdir. Balykçy hem özüne sataşan şol jyny näletläp, olaryň
öňüne düşüp ugrapdyr. Olar bir dagdan aşyp, şeýle bir düzlüge düşüpdirler weli, asla
olaryň hiç biriniň ömründe gören zady dälmiş, muňa patyşanyň özi-de, ähli goşunlary-da
haýran galypmyşlar. Olar şol tekiz düzlüge düşenlerinden soň, onda dört dagyň
aralygyndaky howdany, onuň içinde bolsa dört reňkli: gyzyl, ak, sary hem gögümtil
balygy görüpdirler. Patyşa muňa geň galyp aýak çekipdir-de, özüniň nökerlerine hem
goşunlaryna ýüzlenip: «Heý, siziň araňyzda şu howdany ozal göreniňiz barmy?» diýip
sorapdyr. Olaryň hemmesi: «Ýok, zamanymyzyň şasy-soltany, ömrümizde gören-eşiden
zadymyz däl» diýip jogap berenmişler. Onsoň ol ýaşy bir çene baranlardan hem sorapdyr,
olaram: «Biz bu ýerde howdan bardygyny bütin ömrümizde-de görmedik» diýip jogap
beripdirler. Şonda patyşa: «Eger walla, şu howdanyň hem ondaky balyklaryň nämedigine
gözümi ýetirýänçäm, men öz şäherime-de girmerin, özümiň patyşalyk tagtymda-da
oturmaryn!» diýip seslendi.
Ondan soň ol şu dagyň töwereklerinde ýerleşmeli diýip, öz goşunlaryna buýruk
berdi-de, bir wezirini ýanyna çagyrypdyr (ol wezir bolsa akylly-parasatly, köpi gören,
hemme zatdan başy çykýan adam eken). Ol gelensoň bolsa, patyşa oňa: «Meniň bir zat
edesim gelýär; näme etmekçidigimi-de saňa häzir aýdyp berjek — diýip gürrüň bermäge
durupdyr: — Men şu gije ýeke özüm gidip, bu hili üýtgeşik balykly howdanyň nämedigini
barlap görmegi ýüregime düwdüm. Sen bolsaň meniň çadyrymyň agzynda otur-da,
emirlere hem wezir-wekillere, emeldarlara hem meni sorap gelýänleriň hemmesine:
«Soltan näsaglapdyr, hiç kimi meniň ýanyma goýbermeli däl diýip, maňa buýruk berdi»
diýgin. Özem meniň näme etmekçi bolýandygymy hiç kime aýtma» diýipdir. Wezirem
patyşanyň aýdanyna garşy bolup bilmändir.
Onsoň patyşa özüniň egin-eşiklerini üýtgedip, gylyjyny biline dakypdyr-da,
daglaryň biriniň üstüne çykyp, ertire çenli ýöräpdir, ertesem uzynly gün ýöräp, halys
70

yssylapdyr, sebäbi diýseň, ol uzynly gijäni hem ertesi güni bilen ýol ýöräp geçiripdir
ahyry. Ondan soň ol ertesi gijäni-de daň atynça ýöräp geçiripdir, diňe şondan soň onuň
gözüne uzakdan bir zat garalyp görnüpdir weli, patyşa begenjinden: «Belki, men şol
howdan hem şondaky balyklar hakynda özüme gürrüň berip biljek bir adama sataşaryn!»
diýip seslenipdir.
Soňra ol şol gara tarap ýöräp barşyna golaýlap, gara daşdan salnan, daşy demir
haýatly bir köşgi gördi. Barsa, onuň derwezesiniň bir tarapy açyk, beýlekisi bolsa ýapyk
ekeni. Patyşa muňa begenip, derwezäniň agzynda aýak çekip, ilki ýuwaşja tyrkyldadyp
kakypdyr, emma jogap beren bolmandyr, onsoň ol ikinji gezek, üçünji gezegem kakypdyr
weli, onda-da jogap bolmandyr. Ondan soň ol derwezäni güýjünde baryny edip kakypdyr,
emma munda-da jogap bolmandyr. Onsoň patyşa: «Bu köşkde hiç kim ýok bolmaga
çemeli» diýipdir-de, ýüregine daş baglap, köşgüň derwezesinden girip, eýwanyň agzyna
baryp: «Aý, köşkde ýaşaýan jemende, men bir ýurtdan gelen syýahatçy, heý, bir çaý-çörek
bererligiňiz ýokmy?» diýip gygyrypdyr. Onsoň ol ikinji gezek, üçünji gezek şeý diýip
gygyrypdyr, emma hiç hili jogap beren bolmandyr. Onsoň ol ýüregine daş baglap, ne bolsa
şol bolsun edip, ol ýerden köşgüň ortarasyna baryp görse, bu köşkde asla janly-jemende
tapmandyr, emma köşgüň jaýlary weli dürli ýyldyz sypat gülli halylar, ýüpek matalar,
owadan tutular bilen bezelenmiş, ýöne äpişgeleriň tutulary goýberilgi eken. Köşgüň
ortarasynda bolsa biri-birine gabat duran dört sany minaraly hem daşdan sekili hem-de
tutuş onluk gyzyl puluň tyllasyndan ýasalan dört sany ýolbarsyň agzyndan lagly-göwher
pürkülýän ýaly bolup, suw pürkülip duran daş howuzly bir howly bar eken, köşgüň
ýokarsynda guşlar uçup gaýmalaşyp ýörenmiş, guşlaryň ýokarsynda bolsa, olar uçup
ötägitmez ýaly, tutuşlygyna altyn tor gerilgi duranmyş. Patyşa muňa haýran galypdyr
hem-de hälki düzlük hakda, howdan hem balyklar hakda, ol daglar hem bu köşk hakda
sorap habar alar ýaly bir adam hem tapmanlygyna gynanypdyr. Onsoň ol gapynyň
agzynda pikirlenip otyrka, birden onuň gulagyna gamly ýürekden çykýan iňňildi hem-de
şu hili namany hiňlenip aýdýan ses eşidilipdir:
«Pynhan derdim älem içre paş boldy,
Rahatlygym gaçyp, işim kaş boldy.
71

Pelek ýarlyk etmez, awysyn gatar,
Bir ýanym azapdyr, bir ýanym hatar.
Men bir yşk ýolunda ýortan sergezdan,
Heý duşmazmy golun beren çyn merdan!
Öň lälik çagadyň, çalmazdy şemal,
Indi pelek işiň eýledi melal.
Birden ýaga duşsa, mergen nem etsin,
Ok ýaýa girmese, ol niçik atsyn?
Ýigit serne inse bela-beterler,
Ykbaly gaçyrmaz, gaçsa ýeterler».
Patyşa-soltan bu iňňildini eşidip, şol sesiň çykýan ýerine bakan ýöräp ugrapdyrda,
jaýyň alynky tamynyň tutusy goýberilgi gapysynyň agzynda aýak çekipdir. Onsoň ol
tutyny galdyryp seretse, içerde tirsek boýy pessejik oturgyjyň üstünde ynha bir
syratlysypatly, şirin zybanly, maňlaýynda gün dogan ýaly ýalpyldap duran, nar meňiz
owadan ýaş ýigit oturan ekeni. Tagt üstünde oturan ol oglanyň ýaňaklaryndaky goşa
halyny bolsa ozalam bir şahyr şeýle wasp edenmiş: Käkili gijäniň tüm gara wagty,
Şems-kamar ýüzünden alýandyr ýagty.
Gül ýaňakda jugra-jugra haly bar.
72

Edebi-ekramy hem kemaly bar.
Patyşa bu oglany görüp begenip, oňa salam beripdir. Ol oglan egnine müsür
tyllasyndan edilen altyn jähekli ýüpek don geýip, başyna-da gymmatbaha bezegler çekilen
tylla täç geýip oturanam bolsa, näme üçindir onuň ýüzi gaýgyly görünýär ekeni.
Patyşa oňa salam beren wagtynda, ol oglan açyk göwün bilen onuň salamyny alyp hemde
şirin dil bilen onuň özüne salam berip: «Alyjenap agalary, seniň özüň gaşyňda durlup
tagzym edilmäge degişli belent mertebeli adam hem bolsaň, meni bagyşlarsyň diýip umyt
edýärin» diýipdir. Patyşa bolsa: «Men seni eýýäm bagyşladym, ýagşy ýigit — diýip jogap
beripdir. — Men seniň myhmanyň, özümem seniň ýanyňa möhüm bir iş bilen geldim.
Men seniň şol howuz hakynda, ondaky balyklar hakynda, şu köşk hakynda, onsoňam seniň
bu jaýda ýekelikde aglap oturmagyň sebäbi hakynda maňa gürrüň bermegiňi isleýärin»
diýipdir. Patyşanyň bu sözlerini eşidende, oglanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akyp,
şeýle bir zaryn aglapdyr weli, onuň döşüniň üsti ölmyžžyk bolup gidipdir. Onsoň ol şu
beýdi aýdypdyr: «Tagbyry bet çykan bimejal bende, Pelek öwser durar, gülersiň sen-de.
Sen ýatsaňam, ýatmaz ol mürewwetli,
Bakyýa nurana ol merhemetli».
Ondan soň bolsa uludan ah çekip, şu beýdi aýdypdyr:
«Dostum, bil baglagyl ol Züljelala,
Göwnüň berme gaýgy, pikir, melala.
Hiç alaç agtarma, ýokdur dermany, Baryna
sebäpdir pelek permany».
73

Patyşa muňa geň galyp: «Eý, oglan, sen näme üçin beýle aglaýarsyň?» diýip
sorapdyr. Onda oglan: «Men şu hili ýagdaýa düşüp, näme üçin aglamaýyn?» diýip jogap
beripdir-de, elini uzadyp, donunyň syýyny galdyrypdyr weli, patyşa görse, onuň ýarpy
göwresinden aşagy daşdan ekeni, göbeginden başlap, kellesindäki saçyna çenli bolsa adam
sypaty eken. Oglanyň bu hili ýagdaýa düşenini görenden soň, patyşa tüýs ýüregi bilen
gynanypdyr, onuň halyna ah çekip uludan dem alyp: «Ýagşy ýigit, sen meniň derdimiň
üstüne dert goşduň! Men şol balyklaryň nämedigini, olaryň nireden hem nämeden gelip
çykanyny bilmekçidim, indi bolsa olaryň nämedigini-de, seniň nämedigiňi-de soramaly
boldum. Bir Allanyň özünden başga gudratly güýç ýokdur! Näme-de bolsa sen maňa bu
ahwalaty çaltrak gürrüň edip ber!» diýipdir.
«Iki gulagyň hem iki gözüň mende bolsun» diýip, ol oglan jogap beripdir. Onda
patyşa: «Meniň iki gulagym hem, iki gözüm hem sende!» diýipdir. Şol wagt oglan: «Bu
balyklaryňam, meniňem başyma düşen zat, dogrudan-da, örän geň zatdyr. Onuň özi hatda
iňňe bilen dürtülip gözüň çikgesine ýazylan bolaýanynda-da, mazlumlara sapak bolarlyk
zatdyr» diýipdir. Onda patyşa: «Munuň özi nähili boldy?» diýip sorapdyr.
«Biler bolsaň, eý, meniň alyjenabym — diýip, ol oglan gürrüň bermegä başlapdyr: —
Meniň atam şu şäheriň patyşasydy. Onuň adyna gara adalaryň hökümdary Mahmyt
diýerdiler. Ol şu dört dagda ýaşap, ýetmiş ýyllap patyşa bolup gezipdir. Ondan soň meniň
atam öldi, menem onuň ýerine patyşa-soltan bolup galdym. Onsoň men öz daýymyň
gyzyna öýlendim, ol gyzam meni tüýs ýürekden söýdi, hatda men bir ýaňa çykaýsam
dagy, tä men ýanyna dolanyp gelýänçäm, ol iýmek-içmekdenem kesilýärdi. Ol gyz meniň
bilen bäş ýyl ýaşady, ine, onsoň günlerde bir gün ol hammama gitdi weli, menem biziň
üçin agşam iýer-içer ýaly bir zat häzirle diýip, aşpeze gyssagly buýruk berdim. Onsoň men
özümiziň ýatýan jaýymyza bardym, iki sany gyzyňam gelip, biriniň aýagujumda,
beýlekisiniňem başujumda oturmagyny buýurdym-da, öz ýerime geçip gyşardym. Men
aýalymyň ýanymda ýoklugyna bozulyp, gözlerim ýumuk, janym sag bolsa-da, hiç ukym
tutmady. Onsoň men başujumda oturan gyzyň aýagujumdaky oturan gyza: «Masuda
diýýän-ä, biziň jenabymyza haýpyň gelýär, onuň ýaşlygyna haýpyň gelýär! Biziň
hanymymyz, ol kemçin, bu ýigidiň ýüzüni ýere saljak-da!» diýenini eşitdim. Beýlekisi
bolsa: «Hawa-la, ärini aldap, görene göz bolup ýören lolulary Allanyň özi ýazgarsyn-da!
74

Biziň jenabymyz ýaly ýaş ýigit bilenem kanagat etmän, her gije ýabany ýatyp ýören
jelebem bolar eken-ow!» diýdi. Onsoň başujumda oturan gyz: «Wah, biziň jenabymyz
juda ynanjaň, onuň başy aýlanan ýaly, aýalynyň nädip ýörenini biljegem bolanok!» diýdi.
Onda beýleki gyz: «Aý, sen diýsänim, biziň jenabymyz bilip durmuşmy näme ýa-da ol
loly ondan sorap gidýärmişmi näme? Ýok, ol näme-de bolsa jenabyň her gün agşamyna
içgi käsesine bir zat edýär, oňa adamyň başyny aýlaýan beýhuş dermanyny goşýandyr,
ana, onsoň ol ýatyp galýar, näme-nämeleriň bolýanyndan bihabar, aýalynyň nirä gidip,
näme iş edýäninem bilenok. Aýaly bolsa ony beýhuş edip ýatyrýar-da, eşiklerini geýip,
onuň ýanyndan çykyp, daň atýança ýok bolup gidýär. Onsoň gelýär-de, jenabyň burnunyň
aşagynda bir zady kükedýär weli, şondan soň ol ukudan oýanýar» diýip gürrüň berdi.
Gyzlaryň bu gürrüňlerini eşidenimden soň, meniň gözlerimiň öňi garalyp, ýüregim
agzymdan çykara geldi, agşam düşenine zordan ynandym. Ondan soň meniň aýalym
hammamdan dolanyp geldi, bizem saçagy ýazyp nahar edindik, hemişekimiz ýaly oturyp
gürrüň edişdik. Onsoň aýalym meniň ýatmazymdan öň içýän dermanymy getirmegi
buýurdy, getirip berenlerinden soň bolsa, käsäni maňa uzatdy weli, menem hemişeki
içişim ýaly eden bolup, ony ýalandan içen boldum-da, hemmesini ýakamdan goýberdim,
ondan soň bolsa ýerime geçip, şol minutyň özünde uklan bolup, ýalandan hor çekip
başladym. Ine, onsoň meniň aýalym birden maňa bakyp: «Uzynly gije oýanman ýatasyň,
düýbünden galman ýatasyň-da! Allanyň haky üçin, men seni itden beter ýigrenýän, asla
seniň mysalaňy görsem, aňrym bärik gelýär, asla seniň bilen bir ýerde bolmakdan halys
iripdirin, heý, sendenem bir dynmak barmyka, haçan Alla seniň janyňy jähenneme
ibererkä!» diýdi. Ondan soň ol ýerinden turdy-da, özüniň iň gowy lybaslaryny geýnip,
üstüne atyr döküp, onsoňam bir zady kükedip ys ýaýratdy-da, meniň gylyjymy alyp, biline
baglady, onsoň köşgüň derwezesini açyp çykdy-da gidiberdi. Menem haýdan-haý
ýerimden turaga-da onuň yzyna düşdüm. Ol bolsa köşkden çykyp, şäheriň bazarlaryna
aýlandy-da, şäher galasynyň derwezesine baryp ýetdi, şol ýerde hem bir zatlar okap
sanady weli, men onuň nämeler diýýänine-de düşünmedim, emma onuň şol sözlerinden
soň derwezäniň gulplary paýyrdaşyp aşak gaçyp, derwezeler açyldy duruberdi. Meniň
aýalym derwezeden daşyna çykyp ugrady, menem çykyp, onuň yzyna düşdüm (onuň bolsa
mundan habary ýokdy). Ol gidip barşyna hapa dökülýän ýere ýetip, haýadyň ýanyna
bardy, haýadyň aňyrsynda bolsa kerpiçden salnan bir hütdüjek tam bar ekeni, onuň-da
75

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 06
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.