Latin

Müň bir gije - 14

Total number of words is 3984
Total number of unique words is 1879
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ol öz ýüzüni açdy weli, görsem, edil aýyň bölegi ýaly ýalpyldap dur, men onuň ýüzüne
nazar salanymda, müňlerçe gezek ah çekenimi duýman galypdyryn, mahlasy, meniň
ýüregimde oňa bolan söýgi ody lowlap tutaşdy. Men onuň ýüzüne öwran-öwran seredip
doýup bilmän, şu namany aýdar boldum: «Gülgün lybas ýarym bir gulak assa,
Terk ajal eşretdir, hassa men, hassa!
Baga girip üzsem alma-naryndan,
Şonda, belkem, ölmen dert-azaryndan».
Ol meniň bu sözlerimi eşidip, maňa şeýle jogap gaýtardy:
«Bir dem unutsam-da galmaz kararym, Hergiz
rakyp ýüzne bolmaz gararym.
193

Owal-ahyr göwün bersem agýara,
Seniň yşkyň, bagrym kylsyn set para.
Kalbymyň gaýnamy synmaz kyýamat, Didaryň
derdime derman dowamat.
Aşyklyk jamyny doly noş etdim,
Senem içseňdiň diýp göwnüm hoş etdim.
Gitseň, alyp gitgin jesedim-janym,
Bir ýerde depin kyl okyp ymanym.
Soňra adym tutup habar gat maňa,
Süňklerim şakraşyp jogap biýr saňa.
Aýtsalar: «Isläniň dile Jepbardan»,
Ötünç sorarn senden hem Biribardan».
Bu gazalyny aýdyp gutaranyndan soň, ol menden: «Aý, ýigit, sende owadan matalar
ýokmy?» diýip sorady. Menem oňa: «Hanym, seniň sadyk guluň garyp bolsa-da, saňa
ýarajak matany tapar, ýöne birazajyk garaş, ynha, täjirler dükanlaryny açarlar weli, özüm
saňa getirip bererin» diýip jogap berdim. Ondan soň bolsa men onuň bilen gürrüňleşmäge
başlap, söýgi deňzine gark bolup, aşyklyk ýollarynda azaşyp gezdim. Onsoň täjirler
dükanlaryny açdylar weli, menem turaga-da gidip, oňa gerek zatlaryň hemmesini tapyp
194

alyp geldim. Jemi bäş müň dirhemlik zat alan ekenim. Ol näzenin äberen parçalarymy
aldy-da, agta guluň eline tutdurdy, agta hem goltugyna alyp çykyp ugrady. Ine, onsoň olar
bazar jaýyndan çykdylar weli, ol zenanyň gatyryny getirip berdiler, olam özüniň
niredendigini-de maňa aýtman mündi-de, gidiberdi, menem ondan sorap-idäp durmagy
özüme uslyp bilmedim. Täjirler bolsa, elbetde, öz beren matalarynyň puluny talap etdiler,
menem olara bäş müň dirhem bergilidigimi boýnuma almaga mejbur boldum.
Men ol näzenine aşyk bolup, yşkyň heseri bilenem öýüme gaýtdym. Öýde maňa
agşamlyk naharyny äberdiler, men göwünli-göwünsiz birki agyz iýen boldum weli, şol
gyz ýadyma düşensoň, iýmek-içmek bilenem hezilim bolmady-da, ýatmak üçin ýerime
girdim. Ýatybam bilmedim, gözüme uky gelmedi. Men şu hili alasarmyk ýagdaýda bir
hepdäni başymdan geçirdim, täjirler bolsa algylaryny talap etdiler. Emma men olaryň ýene
bir hepde gaýrat etmeklerini haýyş etdim. Bir hepde geçenden soň, görsem, ynha ol
näzenin ýene öz gatyryny münüp geläýdi, ýanynda-da şol agtadyr iki hyzmatkär guly bar.
Ol maňa salam berip, sag-amanlyk soraşandan soň: «Eý, meniň jenabym, biz seniň
matalaryň puluny getirmegi birneme gijikdirdik! Zamunçyny çagyr-da, bizden puluňy al»
diýdi. Onsoň zamunçy geldi weli, agta gul hem puly çykaryp goýdy, emma men puly-da
ýygnamadyksyran bolup, tä bazar açylýança, onuň bilen süýji gürrüňler edip oturdym.
Bazar açylan soň bolsa, ol maňa: «Meniň üçin ony al, muny al, ýene-ýeneleri al» diýip,
bir topar zady sanaşdyrdy. Menem täjirleriň dükanyna baryp, gyzyň göwnüniň islän
zatlarynyň hemmesini kemini goýman alyşdyrdym-da, getirip berdim. Ine, onsoň olam
meniň bilen puluň gürrüňini-de etmän, ol zatlary aldy-da, gidiberdi. Ol gidenden soň weli,
men öz edenime puşman boldum, çünki meniň oňa äberen zatlarym müň dinarlyk dagy
bar ekeni.
Ol gidip, meniň gözümden ýitensoň, men öz-özüme: «Bu nähili söýgi? Ol gyz maňa
bary-ýogy bäş müň dirhem berip, müň dinarlyk zat alyp gitdi!» diýip içimi gepletdim.
Onsoň özümiň täjirler bilen hasaplaşmaga pulumyň ýetmejekdigini bilip, ýene özüme:
«Täjirler-ä diňe bir meni bilýärler! Bu gyz ýöne bir gezip ýören aldawçy öýdýän: ol özüniň
owadanlygy hem gözelligi bilen meniň başymy aýlap aldap ýörendir, meniň ýaşdygymy
görüp, üstümden gülüp, meni oýnap gidipdir, men bolsam onuň nirede ýaşaýandygyny-da
soramandyryn» diýdim. Men şeýdip gaýgy etdim ýördüm, ol gyz bolsa bir aýlap gara
195

bermän oňdy, täjirlerem menden pullaryny talap edip, gyssap janymy alyp barýardylar.
Menem gyssanjyma ýerimi satmaga durdum, özüm bolsam içimden pikir edip, özümi
öldürip dynaýsam diýýärdim. Ine, onsoň bir gün men şeýdip pikire batyp otyrkam, sözede salym ýok, bir görsem, ynha, ol gyz bazar jaýynyň agzynda gatyrdan düşüp, göni meniň
ýanyma bakan gelýär. Oňa gözüm kaklyşan badyna, meniň kellämdäki dumanly agyr
pikirler edil ýele sowrulan ýaly bolup uçup gitdi, özümiň gaýgy-hesretimi-de
unudypdyryn, ol bolsa näz-kereşme bilen şirin-şirin danşyp, meniň bilen söhbet edip
oturyşyna: «Zamunçyny getir-de, pullaryňy ölçäp al» diýdi-de, özüniň alan zatlarynyň
puluny artygy bilen berdi. Soňra bolsa ol ýene meniň bilen söhbete başlady, men
begenjimden ýaňa tas ölüpdim.
Onsoň ol menden: «Seniň aýalyň barmy?» diýip sorady. Menem oňa: «Ýok, meniň
asla aýaldan tanyş-bilşimem ýok» diýip jogap berdim-de, horkuldap agladym. Ol:
«Sen näme üçin aglaberdiň?» diýip geňirgendi. Menem oňa: «Zyýany ýok!» diýip jogap
berdim. Ondan soň men birnäçe dinary çykaryp alaga-da, agta guluň eline tutdurdym-da,
şu bolup duran işlere onuň şaýat bolmagyny haýyş etdim. Agta bolsa loh-loh güldi-de:
«Bu gyzyň saňa aşyklygy seniň oňa aşyk bolşuňdan bäş-beter ahyry. Onuň senden mata
alýanlygynyň sebäbi, oňa mata gerekligi üçin däl, ol diňe seni söýýänligi üçin aldy.
Göwnüňde näme pikiriň bolsa, ondan çekinme-de aýdyber, seniň agzyňdan çykan sözi
onuň ýokuş görjek gümany ýokdur» diýdi. Meniň agta gula pul berenimi bolsa ol gyz
gören ekeni.
Onsoň men ýene onuň ýanyna baryp oturdym-da, oňa: «Öz garyp guluňa rehim
edip, onuň senden etjek haýyşyny bitirseň, dünýäde armanym ýok!» diýdim-de, öz
ýüregimde dykyn urup duran arzuw-hyýallarymyň barysyny oňa aýan etdim. Olam meniň
teklibime razylyk jogabyny berdi-de, ýanşdaky agta gula: «Sen meniň hatymy muňa
getirip berersiň» diýdi. Onsoň maňa ýüzlenip: «Sen şu agta näme diýse, şonuň aýdanyny
edibergin» diýdi. Ine, onsoň ol ýerinden turdy-da, çykyp gitdi. Onsoň menem täjirleriň
algylaryny eltip berdim, olar peýda baryny gördüler, meniň paýyma düşen zat bolsa ondan
habar-hatyr bolmanlygy üçin gaýgy-hasrat çekin ýörmek boldy. Men gijeler uklap bilmän,
onuň pikirini edýärdim. Teý ahyry aradan telim gün geçenden soň, bir gün meniň ýanyma
şol agta gul geldi, men oňa hormat-hezzet etdim. Onsoň ol gyz hakda ondan habar
196

soradym. Ol bolsa: «Gyz nähoşlady» diýip jogap berdi. Men agta gula ýalbaryp: «Onuň
hal-ýagdaýy nähili, düşündiriş bersene» diýdim. Ondan soň agta maňa şeýle gürrüň berdi:
«Ol gyzy Harun ar-Reşit halyfyň aýaly Sitt-Zübeýda terbiýeläp ýetişdirdi — ol gyz onuň
golundaky gyrnaklarynyň biridi. Emma ol gyz öz bikesiniň dilini tapyp, köşkden çykaýyn
diýen wagty çykmaga, gireýin diýen wagty hem girmäge rugsat aldy, şeýdibem ol beýleki
gyrnaklaryň üstünden hökümdarlyk etmek derejesine ýetmegi gazanyp bildi. Ine, onsoň
ol öz ýagdaýy hakynda bikesine gürrüň berip, özüniň saňa äre berilmegini ondan haýyş
edipdir. Emma Sitt oňa: «Men ol ýigidiň özüni öz gözüm bilen görmän, bu hili işi edip
bilmerin; eger ol ýigit saňa meňzeş bolsa, onda men seni oňa äre çykararyn» diýipdir.
Ynha, indem biz seni köşge äkitmekçi. Eger sen aýallar köşgüne düşüp bilseň, ol gyz bilen
nikalaşyp bilersiň; eger seniň ol ýere girjek bolýandygyň bilnäýse, seniň başyňy kesip
taşlarlar. Ýeri, sen muňa näme aýdarsyň?» Men oňa: «Seniň bilen giderin, özümem seniň
aýdanlaryňa döz gelerin» diýip jogap berdim.
Ondan soň agta hyzmatkär maňa: «Agşam düşerem weli, sen metjide bar, ol ýerde
agşam namazyny oka, gijäňi-de şo taýda ýatyp geçir. Ol Sitt-Zübeýdanyň şol Tigr
derýasynyň boýunda saldyran metjididir» diýdi. Menem oňa: «Baş üstüne, ikelläp
giderin» diýip jogap berdim. Ine, onsoň agşam düşdi weli, menem metjide bakan ugradym,
baryp namazymy okadym, gijämi-de şol ýerde geçirdim. Daň atan çaglarynda bolsa,
birdenkä iki sany agta hyzmatkär gaýykly peýda boldy, ýanlarynda hem boş sandyklary
bardy. Ol sandyklary olar getirip metjide saldylar. Ondan soň hyzmatkärleriň biri gidip,
biri hem galdy. Men onuň ýüzüne mazalyrak seredip görsem, asla ol meniň bilen şol gyz
ikimiziň aramyzda gezýän öz adamymyz — agta hyzmatkärimiz eken. Ine, onsoň ýene
birsalymdan meniň söýgülimiň özem geläýdi. Ol gelen badyna men ýerimden tarsa
turdum-da, ony gujagyma gysdym, olam meni şapba-şupba ogşaşdyrdy, özem aglady.
Onsoň, biz az salym gürrüňleşip oturdyk. Soňra bolsa ol gyz meni alagada, bir sandyga
saldy-da, agzyny hem mäkäm ýapdy. Ondan soň ol agta hyzmatkäriň ýanyna bardy, onuň
ýanynda bolsa bir topar goş-golam ýaly zatlar kändi, olar şol zatlary alyp sandyklara
gapgarmaga durdular, sandyklary yzly-yzyna zatdan dolduryp, agyzlaryny ýapýardylar.
Şeýdibem hemme zatlary ýerleşdirip bolanlaryndan soň, olar sandyklary gaýyga
ýüklediler-de, Sitt-Zübeýdanyň köşgüne bakan alyp ugradylar. Meniňem göwnüme her
hili pikirler gelip başlady, şonda men öz-özüme: «Söýgi sebäpli öldügim bolaýsa gerek!
197

Menem bir maksat-myradyma ýetip bilermikäm ýa bilmezmikäm?» diýip oýlanýardym.
Men sandykda ýatan ýerimde aglap-aglap Hudaýy çagyrmaga başladym:
«Hudaýym, meni şu beladan bir sypdyraweri» diýip ýalbarýardym. Olar bolsa gaýygy
sürüp gidip otyrdylar, teý-ahyry sandyklary alyp, halyfyň kabul ediş jaýynyň agzyna
bardylar-da, beýleki sandyklaryň arasy bilen meniň ýatan sandygymy-da göterip içerik
salmaga başladylar. Meniň söýgülim aýallar köşgüne seretmek üçin gapylaryň agzynda
garawul goýlan agta gullaryň hem hyzmatkärleriň birnäçesiniň duşundan bildirmän alyp
geçip, bir garry agta guluň ýanyna ýetende, ýaňky garry ukudan oýandy-da, gyzyň üstüne
gygyryp: «Bu sandyklaryň içindäki näme?» diýdi. Gyz bolsa: «Olaryň içi zatdan doly,
özem Sitt-Zübeýda üçin alnan zatlar» diýip jogap berdi. Onsoň agta gul: «Men olaryň
içinde näme bardygyny öz gözüm bilen seredip görjek, şonuň üçinem sandyklary birinbirin açyp görkez!» diýdi. Emma gyz garşylyk görkezip: «Olary açan bolup durmagyň
nämä geregi barmyş?» diýdi. Agta garry weli: «Gepiň köpeltme, açmaly diýildimi,
hökman açmak gerek!» diýip azgyryldy-da, ýerinden turdy, özi-de bada-bat meniň ýatan
sandygymy açmagy buýurdy. Onsoň meni ol agtanyň ýanyna göterip alyp ugradylar weli,
meniň akylym-huşum serimden uçdy, gorkymdan ýaňa içen suwymy-da saklap bilmän,
sandygyň içini şalpy-şaraň edipdirin, sandykdan suw joralanyp akyp ugrapdyr. Onsoň gyz
hem ol agta gula garap: «Wah, ýaşuly, sen-ä meniňem, özüňiňem, hut ikimiziňem işimizi
gaýtardyň, baryp on müň dinarlyk ne gözel zatlary zaýalatdyň! Bu sandykda dürli-dürli
reňme-reň lybaslar bilen dört çüýşe Zemzem18 suwy bardy. Ana, gördüňmi, ol eşikleriň
üstüne suw dökülip, biri-birine reňki ýokuşyp, indi görer ýaly bolmaz» diýdi. Ine, onsoň
garry gorkusyna: «Sandyklaryňy al-da, ýok bolsana, gyrnak» diýen boldy. Ana, onsoň
hyzmatkärlerem derrew meni sandygym bilen göterip äkitdiler, beýleki sandyklary-da
meniňkiň yzy bilen göterip gaýtdylar. Olar göterip gidip barýarkalar, meniň gulagyma
kimdir biriniň: «Işiň gaýtsyn, işi gaýdan! Halyf, halyf!» diýen ses eşidildi. Men bu sesi
eşidip, hut diriligime gömlen dek boldum, onsoň hiç kimiň aýtmaga namys etmejek
sözlerini aýtdym. «Gudraty güýçli beýik Taňrynyň özünden başga, dunýäde hiç hili güýç
ýokdur, hemme zat Allanyň emri bilendir! — diýdim-de: — Meniň öz elim bilen başyma
belany satyn alyp ýörşüme seretsene!» diýip käýindim. Ondan soň men halyfyň ol gyzdan,
18
Zemzem (Abyzemzem) – Mekge şäherinde bir guýunyň ady. Dindar musulmanlar onuň suwuny derman hasap edýärler.
198

meniň söýgülimden: «Aý, işi gaýdan, bu sandykdaky zatlaryň näme?» diýip soranyny
eşitdim. Ol biçäre bolsa: «Bu sandyklarda Sitt-Zübeýdanyň dürli lybaslary bar» diýip
jogap berdi. Halyf bolsa oňa: «Hany aç sandyklaryňy menem bir görüp-bakaýyn!»
diýäýmezmi. Men onuň bu aýdanyny eşidip, belli-külli ölüp galdym, özümem: «Alladan
ant içýän, şu gün meniň bu ýagty jahanda ýaşanymyň iň soňkuja günüdir! Eger men şu
gün ölmesem, onda meniň öz söwer ýarym bilen nikalaşdygymdyr, başga hiç hili gepem
bolmaz, gürrüňem. Emma häzir meniň şu sandykda ýatandygym bilnäýdigi, onda
kellämiňem kesildigidir! Öwf!» diýip içimi gepledýärdim. Özümem ýetişibildigimden
Hudaýy çagyryp: «Alladan özge hiç hili Hudaýyň ýoklugyna şaýatdyryn, Muhammedem
Allanyň resulydyr» diýip tekrarlaýardym.
Onsoň men gyzyň: «Bu sandyklarda Sitt-Zübeýda üçin niýetlenip, maňa ynanylan
lybaslar hem her dürli zatlar bar, özem bu zatlary hiç kim görmesin diýip sargady»
diýenini eşidip ýatyrdym — diýip, ol ýigit gürrüň bermegini dowam etdi. — Emma halyf:
«Men bu sandyklary hökman açyp, içinde näme zatlar bardygyny görmesem bolmaz!»
diýdi. Onsoň ol hyzmatkärleri çagyrdy-da, olara: «Hany getiriň sandyklary meniň
ýanyma!» diýip gygyrdy. Şundan soň weli men özümiň armanly öljekdigime birkemsiz
göz ýetirdim, meniň üçin dünýä tamam boldy. Onsoň hyzmatkärler sandyklary yzly-yzyna
onuň ýanyna getirip başladylar, halyf bolsa olaryň içinde gül ysly owadan-owadan reňmereň matalaryň hem lybaslaryň bardygyny görýärdi. Sandyklary yzly-yzyna açýardylar,
halyf bolsa tä meniň ýatan sandygyma gezek gelýänçä, olaryň içindäki eşikleri hem
beýleki zatlary birýan ujundan gezden geçirip durdy. Gezek meniň sandygyma ýetip, ony
açmak üçin ellerini-de uzadyşyp ugrapdylar weli, şol ikarada gyz haýdan-haý halyfyň
ýanyna bardy-da: «Seniň öňüňde duran sandygy geliň SittZübeýdanyň öz ýanynda açalyň, ýogsam munda onuň ýaşyran saklaýan zatlary bar!»
diýdi. Halyf hem gyzyň bu aýdanlaryny eşidensoň, sandyklary içerik salmaga ygtyýar
berdi. Şondan soň hyzmatkärler geläge-de, meniň ýatan sandygymy göterip äkitdiler-de,
ullakan bir jaýyň içinde, beýleki sandyklaryň arasynda goýdular (meniň bolsa agzymda
nem galman kepäpdi). Ine, onsoň meniň söwer ýarym geläge-de, meni çykardy-da: «Indi
saňa hiç haçan ölümem ýokdur, horlugam; indi göwrümiňi giň tut-da, ýüregiňi
199

rahatlandyr, özüňem Sitt-Zübeýda gelýänçä, şu taýda otur, nesip bolsa, meni öz ýanyňa
alaýmagyňam ähtimal» diýdi.
Men az salym oturdym weli, ynha, bir görsem, on sany gyz tirkeşip gelýär, özleride
nähili gyzlar, edil aý ýaly ýalpyldaşyp durlar, onsoň olar iki hatar boldular, olaryň yzyndan
bolsa ýene ýigrimisi gelýär, özleri-de mämeleri tirsildeşip duran gözeller, ine, olaryň
ortarasy bilen Sitt-Zübeýda sallanjyrap gelýär. Egnindäki dürli lybaslar hem köp tüýsli
şaý-sepler zerarly ol zordan ýöreýärdi. Ol meniň ýanyma ýetip gelende, töweregindäki
hyzmatkär gyzlar gaýra-gaýra çekildiler. Onsoň men onuň ýanyna bardym-da, eglip
tagzym edip, aýak tozuny ogşadym. Ondan soň ol maňa otur diýip ümledi. Menem onuň
öňünde oturdym. Ol bolsa meniň aslymy bilmek üçin sorap-idäp başlady, menem onuň
soran zatlaryna jogap berdim. Ol menden hoşal bolup: «Biziň terbiýämiz biderek bolman
ekeni, gyz!» diýdi.
Ondan soň bolsa ol maňa: «Bilip goýgun, bu gyz biziň hut öz çagamyz ornundadyr,
şonuň üçinem ol Allatagalanyň kepilligi bilen saňa ynanylan maşgaladyr» diýdi. Men ýene
eglip tagzym edip, onuň aýak tozuny ogşadym, ine şeýlelik bilenem, Sitt-Zübeýda ol
gyzyň meniň bilen nikalaşmagyna razylyk berdi. Ondan soň ol meniň şu ýerde on günläp
bolmalydygymy aýtdy. Menem on günläp gyzy görmän, olaryň jaýynda ýaşadym, diňe
hyzmatkär aýallaryň biri maňa ertirine hem agşamyna nahar getirip berýärdi. Şol möhleti
geçirip gutaranymdan soň, Sitt-Zübeýda ol gyzy maňa nikalap bermek niýetiniň
bardygyny halyfa aýdyp, onuň bilen maslahatlaşyp görüpdir, halyfam muňa rugsat
beripdir, özi-de ol gyza on müň dinar pul goýbermeli diýip buýruk beripdir.
Ondan soň Sitt-Zübeýda şaýatlaryň hem kazynyň yzyndan adam iberdip, olary çagyrdyp
getirdip, ol gyz bilen meniň nikamy ýazyp tassyklatdy. Ondan soň nika suwuny hem dürlidümen süýji nygmatlar bilen oňat tagamlar häzirläp, ähli jaýlara daşadylar.
Şeýlelik bilen, ýene on gün geçdi, diňe ýigrimi gün geçdi diýilen soň, gyz hammama baryp
geldi, onsoň nahar çekildi, dürli-dümen nygmatlaryň arasynda üstüne gül suwy sepilen
hem zirke sepilip şekerde ýatyrylan badam maňzy, gyzardylyp gowrulan towuk butlary
ýaly akylyňy haýran edýän nygmatlar bardy. Alladan ant içýän, men badam maňzyndan
agzymy aýryp bilmän, tä gerk-gäbe bolup doýýançam iýipdirin-de, elimi süpürenem
bolupdyryn weli, emma ellerimi mazaly ýuwmagy unudan ekenim. Agşam düşüp,
200

garaňky gatyşan soň, şemler ýakyldy, soňra elleri deprekli aýdymçy gyzlar geldi. Onsoň
gelin aýlap, onuň ýüzüni açyp görkezmäge başladylar, her gezegem oňa altyn pullar
berýärdiler, şeýdip ony bütin köşge aýlap çykdylar. Şondan soň bolsa ony getirdiler-de,
egnindäki gat-gat lybaslaryny birneme azaldyp, onuň ýüküni ýeňletdiler. Ine, onsoň teýahyry ol ikimiz bir jaýda ikiçäk bolup galdyk-da, düşegimiziň üstüne geçdik. Men ony
gujagyma gysyp ýatyşyma, oňa özümiň eýelik edýänime özüm ynanmajak bolýardym.
Emme ol birden meniň elimden badam ysynyň gelýändigini aňdy-da, çirkin ses edip
gygyrdy. Ine, onsoň onuň gykylygyna dumly-duşdan hyzmatkär gyzlar ylgaşyp geldiler.
Gele-gelmäşlerine-de ondan: «Saňa näm boldy, dogan jan?» diýip soradylar. Ol hem: «Bu
samsygy meniň ýanymdan ýok ediň! Men muny akyllybaşly ýigitdir öýdüp ýörsem
nätjek!» diýip jogap berdi. Men aňk-taňk bolup: «Men samsyk bolup näme edipdirin
ahyry?» diýip soradym. Ol bolsa meniň üstüme heňkirip: «Samsygyň biri, eger samsyk
bolmasaň, näme üçin badam iýibem eliňi ýuwmansyň? Alladan ant içýän, seniň bu etmişiň
üçin, men seniň temmiňi bererin! Meniň ýaly gyza sen tetelliniň eýelik etmegi, heý, bolup
biljek zatmydyr!» diýdi. Ine, onsoň ol beýle ýanynda ýatan örme gamçyny alaga-da,
meniň ýagyrnyma, otyrýerime dürre gamçy bilen tä özümden gidýänçäm saýgylady.
Urup-urup keýpden çykybam, hyzmatkärlere: «Muny äkidiň-de, şäher häkimine tabşyryň,
goý, onuň badam iýip ýuwmadyk elini kesip aýyrsynlar!» diýip buýruk berdi. Men onuň
bu aýdanlaryny eşidip: «Eý, Gudratly Taňrym! Meniň badam iýip, elimi ýuwmanym üçin,
elimi kesip aýyrjaklarmyka!» diýip geňirgendim. Hyzmatkär gyzlar hem onuň ýanyna
baryp: «Dogan jan, bu gezeklikçe sen oňa beýle gazap etmede, günäsini geç!» diýip
ýalbardylar. Emma ol: «Alladan ant içýän, men onuň teninden garaz bir ýerini kesip
aýyrmasam bolmaz!» diýip gygyrdy. Ine, onsoň ol çykdy gitdi-de, on günläp ýitirim
boldy, men onuň nirede, näme işläp ýörenini görüp bilmedim, emma on günden soň
gaýdyp geldi-de, maňa bakyp: «Häý, ýüzügara diýsänim! Badam iýip, yzyndan eliňi
ýuwmasaň, nähili bolýandygyny men seniň gözüňe görkezerin!» diýdi.
Onsoň ol hyzmatkärleri çagyryp, meniň elimi-aýagymy daňdyrdy, özi bolsa eline
päkini alaga-da, meniň başam barmaklarymy kesip aýyrdy, (ynha, özüňiziň görüp
oturyşyňyz ýaly, agalar), men özümden gidip ýykylypdyryn. Onsoň ol barmaklarymyň
kesilen ýerine derman sepip, ganyny tutdurdy weli, menem: «Indiden beýläk elimi kyrk
gezek sabyn bilen, kyrk gezek soda bilen, kyrk gezegem aşgar bilen ýuwman badam
201

iýmerin!» diýip başladym. Ol meniň ýaňky aýdyşym ýaly edil elimi ýuwman badam
iýmejekdigime kasam etdirdi. Ine, onsoň ynha siz ýaňy şu ýere badam getirdiňiz weli,
meniň reňkim dagym üýtgäp gitdi-de, öz ýanymdan: «Şu badam zerarly meniň başam
barmaklarymy kesip aýyrdylar» diýip ýatladym. Siz meni halys mejbur edeniňiz üçin, men
iýmeli bolup: «Özümiň äht edip aýdan sözümiň üstünde hökman tapylmagym gerek»
diýip içimi gepletdim.
«Ýeri, ondan soňky işiňiz nähili boldy?» diýip, oturanlar ol ýigitden soradylar. Ol
ýigit bolsa: «Men onuň öňünde kasam edenimden soň, onuň ýüregi ýerine geldi, onsoň
men onuň ýanynda ýatdym — diýip jogap berdi. — Şondan soň ol ikimiz birnäçe wagtlap
bile ýaşadyk. Bir gün ol maňa: «Özümizden başga adam aýagy düşmeýän ýerde, halyfyň
köşgünde beýdip ýaşap ýörmegimiz gowy däl. Asla seniň özüňem bu ýere diňe SittZübeýdanyň tagallasy arkaly gelip düşdüň» diýdi. Onsoň ol meniň elime elli müň dinar
pul berdi-de: «Ynha, şu pullary alyp git-de, özümiz üçin oňat giň jaý satyn al» diýdi.
Menem çykyp gitdim-de, onuň aýdyşy ýaly, giň, kaşaň, owadan, näçe bolsaň-da sygyşyp
boljak oňat jaý satyn aldym. Ine, onsoň aýalym özüniň ozal toplap ýygnan zatlarynyň
hemmesini, özüniň bütin baýlygyny, mata-marlyklaryny, oňat-oňat gymmatbahaly şaýseplerini şol täze alan jaýymyza getirdi. Ynha, meniň başam barmaklarymyň kesilip
aýrylmagyna sebäp bolan zad-a şu».
Ine, onsoň bizem iýip-içip bolduk-da, çykyp gaýtdyk, şondan soňam ynha küýki
bilen bolan wakanyň üstünden bardyk, ynha meniň-ä şundan başga aýtjak gepimem ýok,
gürrüňimem».
Patyşa bolsa: «Ýok, bu hekaýatyň küýkiniň hekaýatyndan täsin ýeri ýok; gaýtam
küýküniň başyndan geçen waka mundan has täsin hem has gyzykly, şonuň üçinem, siziň
baryňyzy asyp öldürmek gerek» diýipdir. Ondan soň hälki ýewreý ýerinden turup,
patyşanyň dabanynyň aşagyny ogşap: «Patyşahy älem, men saňa küýkiniň gürrüňindenem
gyzykly hekaýat aýdyp bereýin» diýipdir. Onda Çynma-çyn patyşasy: «Senem içiňde
nämäň bar bolsa, dök orta!» diýipdir. Onsoň ýewreýem aýtmaga başlapdyr.
202

ÝEWREÝ HEKIMIŇ HEKAÝATY
Ynha meniň ýaş wagtlarymda başymdan geçen zatlaryň iň bir gyzyklysy. Men
Siriýanyň Damask şäherinde bolup, şol ýerde hem okadym; ine, onsoň bir gün men
otyrkam, birdenkä görsem, Damask şäher häkiminiň köşgünden hyzmatkär gul meniň
ýanyma gelip: «Meniň hojaýynym bilen gepleşip gaýt!» diýdi. Menem onsoň onuň bilen
çykyp ugradym-da, hökümdaryň jaýyna baryp, içerik girip görsem, sütünli eýwanyň
aşagynda seleňläp duran ýerde, arguwan agajyndan ýasalyp, gyralaryna-da altyn çaýylan
tagtçanyň üstünde bir adam çäşerip ýatan ekeni; görsem, ol öz deň-duşlarynyň arasynda
deňi-taýy bolmadyk biçak owadan ýigit, özi-de näsaglap ýatan ekeni. Men bärden
barşyma onuň başujunda oturdym; onsoň ol oglan maňa gözi bilen ümläp yşarat etdi,
menem oňa ýüzlenip: «Eý, jenap, hany maňa eliňi äber göreýin, Alla seni öz penasynda
aman saklagaý!» diýdim. Ol maňa çep elini çykaryp uzatdy welin, men muňa haýran
galyp: «Toba, Alla jan! Özi bir şeýle uly ýeriň maşgalasynda ösüp ýetişen ýaş ýigit,
düýbünden terbiýe almadyk bolara çemeli! Bu ne beýle geň görmeli zat!» diýip, öz
ýanymdan içimi gepledip geňirgendim. Onsoň men onuň ýürek damarynyň urşuny barlap
gördüm-de, oňa derman ýazyp berdim. Özümem onuň ýanyna on günläp gatnap seretdim;
onsoň ol daýandy, hammama baryp ýuwnup-ardynyp çykdy. Hökümdar meni biçak
ajaýyp sylag bilen hormatlap sylaglady, özi-de meni Damaskdaky keselhananyň üstünden
seredýän edip belledi. Onsoň men ol ýigidiň özi bilen hammama gidip, bütin hammamy
boşatmaly diýdim, onuň hyzmatkärleri gelip, onuň eşiklerini çykardylar; ol ýigidi
ýalaňaçlan wagtlarynda, onuň sag eliniň täzelikde, ýakyn wagtlarda kesilip aýrylandygyny
gördüm, asla onuň näsaglygynyň-da sapagy şol ekeni. Men bu ahwalaty görenimden soň,
biçak geň galdym hem-de ýigidiň düşen ýagdaýyna ýüregim awap gynandym. Onuň
endamyna göz aýlan wagtymda bolsa, onuň gamçy bilen saýgylanyp, endamynyň
gekdalak edilendigini gördüm. Ýigit bolsa şol zerarly endamyna derman çalan ekeni. Men
muňa bir erbet boldum, asla ýüzüm hem üýtgäp, gaharym ýüzüme çykyp giden ekeni. Ol
ýigit meniň ýüzüme seredip, meniň bozulanymy ýüzümden aňdyda: «Zamanamyzyň iň
oňat hekimi, sen bu zatlary geň görme — diýdi. — Ynha, hammamdan çykanymyzdan
soň, men saňa hemmesini gürrüň edip bererin».
203

Biz hammamdan çykyp, öýe baranymyzdan soň nahar edindik, dem-dynjymyzy
aldyk. Soňra ýaňky ýigit maňa: «Belki, daşaryk, ýokarky eýwana çykyp, birsalym
gürrüňleşip oturarys?» diýdi. Menem oňa: «Ajap bolar!» diýdim. Onsoň ol ýigit düşekleri
ýokaryk çykaryp, bir guzyny-da gowrup bize äbermeli hem-de iýer ýaly miwe getirmeli
diýip, gapy hyzmatkärlerine buýruk berdi. Ine, onsoň biz ýokaryk çykyp iýdik, içdik,
keýpimizi kökledik, ýigit çep eli bilen iýýärdi. Onsoň men oňa: «Hany, başyňdan geçen
ahwallary aýdyp otur» diýdim.
Ine, onsoň ol ýigit: «Eý, zamanamyzyň kämil hekimi, men aýdaýyn, siz diňläň —
diýip, öz başyndan geçirenlerini gürrüň bermäge başlady. — Biler bolsaň, men Mosulda
önüp-ösenlerdendirin, meniň atamyň atasy ölenden soň, onuň on sany ogly galan ekeni,
ine, hekim aga, meniň atam hem şol on doganyň biri, özi-de iň ulusy eken. Olaryň
hemmesi-de ösüp-ýetişip, kemala gelip öýlenipdir. Şol giden nebereden diňe meniň
atamdan bir ogul galypdyr, ol hem ynha men; galanlaryndan bolsa, ýagny dokuz dogandan
hiç bir önelge bolmandyr. Ine, onsoň men öz agalarymyň arasynda ösüp ýetişdim. Olar
meniň önüp-ösüşime biçak begenip hem guwanyp ýördüler. Men ulalyp, är ýaşyna ýeten
wagtymda, günlerde bir gün Mosulyň uly metjidine bardym (ol gün bolsa anna günüdi,
meniň atam hem ýanymyzdady). Ine, onsoň biz ol ýerde juma namazyny okadyk. Onsoň
uly il çykyp gitdi. Emma meniň atam hem agalarym şol ýerde galyp, dürli ýurtlaryň geňtaň zatlary, dürli şäherleriň ajaýyp täsinlikleri hakynda gürrüň edip oturdylar. Olar Kair
şäherini-de ýatladylar, meniň agalarym bolsa: «Nil derýasy bilen Kair şäheri ýaly gözel
şäher ýeriň ýüzünde hem ýokdur diýip, syýahatçylar aýdýarlar» diýdiler. Men olaryň şu
gürrüňlerini eşidip, Kaire gidesim geldi. Meniň atam bolsa: «Kairi görmedik adamyň
dünýäni görmedigidir — diýdi. — Onuň topragy altyn, onuň Nili bolsa — duran bir
gözellik; Kairiň gelin-gyzlary — jennetiň hüýrüleri, onuň jaýlary — köşk, ol ýeriň howasy
bolsa şeýle bir hoştap, özi-de jana ýakymly, edil derman-da. Onsoňam Kairiň özi beýle
gowy bolmaz ýaly hem däl, sebäbi Kair diýmegiň özi bütin jahan diýildigi ahyryn. Hut
Allanyň mynasyp gören adamy ony şeýle taryplapdyr:
Heý gidip bormy Kairden — keýp, sapasy, zowky bar!
Özge ýurt tutsam mekan, bolmazmy göwnüm bikarar?
204

Misli dolmuş müşki-anbardan bu şähriň howasy,
Periler zülpünde ýokdur eýle müşküň nowasy.
Entegem tarypy kem, misli bir bagy erem,
Bar ýeri boýra düşekli, köp bolar ýassygy hem.
Tüýs şäherdir, şuglasy huşuň alyp, gözüň gapar, Betleri
hem hublary bar islegen zadyn tapar.
Ýurduny sorar doganlar, arada ygrar, wepa,
Jaýy mejlis hurma bagy, çekiler keýpi-sapa.
Eý kairli dostlarym! Kysmatda bolsa aýralyk,
Ähdi-peýmanda durars, bilmeris gaýry gylyk.
Bu baglaň hoş öwüsginiň hergiz aýytmaň ýellere,
Ýaňlanar tarlar üçin äkitmesin ýat illere.
Eger siz onuň baglaryny agşam çaglarynda üstlerine kölege salyp ugransoň bir
görseňizdi — diýip, atam gürrüň berýärdi. — Ana, siz onuň, gudratyny şonda görerdiňiz,
haýran galyp ten bererdiňiz».
205

Ine, onsoň olar Kairi hem onuň Nilini suratlandyrmaga başladylar — diýip, ol ýigit
gürrüň berýärdi. — Olar gürrüňlerini gutardylar, men Kairiň gözellikleri hakynda olaryň
aýdanlaryny eşndip, ýüregimiň tanapynyň bir ujy Kaire baglanan ýaly bolup galdy. Olar
gürrüňlerini tamamlap, her kim öýli-öýuňe dagady. Menem ýerime girip ýatdym weli, ol
gije asla gözüme uky gelmedi, Kair hakyndaky öwgüli gürrüňler ýüregimi gürsüldedip
ýatyrmaýardy, asla şondan soň meniň işdäm hem tutulyp, iýmekiçmek bilenem ugrum
bolmady. Aradan kän gün geçmänkä, meniň agalarym Müsüre gitmekçi bolup başladylar,
ine, onsoň menem atamyň öňünde aglap-eňräp, maňa hem ol ýere gitmäge rugsat
bermegini gazandym. Atam maňa-da satar-sowar ýaly haryt jemläp berenden soň, olara:
«Muny Kaire goýbermäň, goý, ol öz harytlaryny Damaskda satyp ýerleşdirsin!» diýip
tabşyrdy.
Ine, onsoň men atam bilen hoşlaşdym, şeýlelik bilenem, ýola düşüp, Mosuldan
çykyp ugradyk-da, tä Halap şäherine ýetýänçäk ýol sökdük. Ol ýerde birnäçe gün bolup,
ýene ýola düşüp, az ýöräp, köp ýöräp, Damask şäherine baryp ýetdik. Görsek, bu şäher
akar suwly hem bagly-bakjaly, guşly-gumruly, dürli miweleri bolan jennetiň baglary ýaly,
miweli baga baý şäher ekeni. Ine, onsoň bizem şäheriň kerwensaraýlarynyň birinde ýük
ýazdyryp düşledik. Meniň agalarym zat satyp, zat alyp söwda etmäge başladylar, arasy
bilen meniňem harytlarymy satyp berdiler. Şeýlelik bilen, meniň bir dirhemlik harydym
bäş dirhem getirip berdi, men bu hili peýda görenime begendim, Onsoň meniň agalarym
meni galdyrdylar-da, özleri Müsür iline bakan ugradylar, olar gidensoň, meniň bir özüm
Damaskda galyp, biçak owadan salnan bir jaýda ýaşamaga durdum, ol jaýyň
owadanlygyny beýan etmäge dilim asgyn gelýär, onuň üçin tölemeli kreýi bolsa aýda iki
dinardy. Ine, onsoň men tä ýanymdaky pullarymy sowup gutarýançam, iýip-içip gezip
ýörmekden başga işim ýokdy. Ine, onsoň, günlerde bir gün, men şol jaýyň derwezesiniň
ýanynda otyrkam, birdenkä görsem, meniň ýanyma bezenip-beslenen bir owadan näzenin
geldi weli, asla onuň ýaly owadan gözele ömrümde gözüm düşmändi. Men oňa gözümi
gypyp goýberdim weli, ol şo badyň özünde derwezeden kürsäp girdi, ol jaýa girenden soň,
menem girip, işigi ýapdym, ol öz ýüzüniň örtgüjini arkan serpdi-de, nikabyny aýyrdy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 15
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.