Latin

Müň bir gije - 10

Total number of words is 3909
Total number of unique words is 1862
34.5 of words are in the 2000 most common words
48.5 of words are in the 5000 most common words
56.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
onuň sellesem ýatyr, özüniň düýrläp goýşy ýaly ýatyr, düşekçäniň aşagynda bolsa onuň
geýim-eşikleri ýatyr, arasyna-da bir zat dolanyp goýlupdyr, men onuň nämedigini-de
bilemok».
Gyzyň atasy bu ahwalaty eşidip, tutynyň aşagynda öz doganynyň ogly Bedretdin
Hasanyň sellesiniň ýatandygyny görüpdir-de, ony derrew eline alyp, eýlesine-beýlesine
seredip: «Bu selle wezirleriň sellesi bolmaly, özi-de Mosulda edilipdir!» diýipdir. Onsoň
ol selläniň içindäki telpejigiň içliginiň arasyna gysdyrylyp tikilen ýasyja zady görüpdirde,
ony alaga-da, tikininden paýyrdadyp söküp çykarypdyr, onsoň Hasanyň geýimlerini alyp
görse, onuň arasyndan çykan pully haltajykdan müň dinar altyn pul tapypdyr.
Haltajygy açan wagtynda onuň içinde bir kagyz hem bar ekeni, ony okap görse, ol
hatjagaz kairli Nuretdin Alynyň ogly Bedretdin Hasanyň adyna şol ýewreýiň ýazyp beren
dil haty ekeni, ol müň dinary hem şonda tapan ekeni.
Onsoň Şemsetdin öz doganynyň ýazan hatyny-da açyp okan wagtynda, ýüregi
ýarylan dek bolup, bir gygyrypdyr-da, diň arkanlygyna serrelip ýykylyp özünden gidipdir.
Onsoň özüne gelip, nämäniň nämedigine gözüni ýetirip, biçak geň galmak bilen: «Bir
Allanyň özünden başga Hudaý ýokdur, Ol ähli zada hökmürowandyr» diýip gygyrypdyr.
Ondan soň ol: «Gyzym, seni bigünä gyzlygyňdan mahrum edeniň kimdigini
bilýärmiň?» diýip sorapdyr. Gyzy bolsa: «Ýok» diýip jogap beripdir. Onda wezir gyzyna:
«Ol meniň inim, seniň agaň ogly, ynha, bu bolsa seniň şaý-sepiň üçin müň dinar.
136

Allatagalanyň at-owazasy belende galsyn! Bu zatlaryň nähili bolandygyny men bir
bilsemdim, eý arman!» diýipdir. Ondan soň ol hälki daşy tikilgi el ýaly ýasyja zady açyp,
onuň içinden ýene bir kagyzy tapyp çykarypdyr, ol kagyz bolsa Bedretdin Hasanyň atasy,
öz dogany Nuretdiniň eli bilen ýazylan hat eken.
Şemsetdin öz doganynyň öz eli bilen ýazan hatyny görüp, şeýle bir gazal aýdypdyr:
«Gezdigim köne mekan, çekdigim nala-pygan, Hesrete
galdym görüp, jana-janlardan nyşan.
Aýralyk dagyn salan, bir dilegmi sen bitir,
Janköýerler waslyna irde-giçde sen ýetir!»
Gazal aýdyp bolansoň, ol ýaňky daşynyň tikinini söküp alan hatyny okap gördi,
onda bolsa Nuretdiniň Basra weziriniň gyzyna öýlenen wagtynyň, onuň ýanyna giren
wagtynyň aýy hem güni görkezilipdir, Bedretdin Hasanyň eneden dogan aýy, güni-de,
Nuretdiniň näçe ýaşyna ýetip öleni-de görkezilipdir. Ol bu zatlary geň görmekden ýaňa
tolgunyp, süňňüni saklap bilmän galpyldap başlapdyr. Onsoň ol öz doganynyň başyndan
geçen zatlar bilen öz başyna düşen ahwalaty deňeşdirip görüp, ol zatlaryň biri-birine
deňme-deň gelýänine göz ýetiripdir: Nuretdiniň öýlenen güni özi hem öýlenen ekeni,
olaryň toýlary-da bir günde bolupdyr, Bedretdin Hasanyň eneden dogan güni bilen öz
gyzy Sitdal Husnynyň bolan güni-de birmeňzeş ekeni.
Onsoň ol şol haty eline alyp, soltanyň ýanyna ugrapdyr, barypdyr-da, bolan
wakalaryň hemmesini başdan-aýak oňa gürrüň edip beripdir. Soltan hem muňa biçak geň
galyp, bu zatlaryň hemmesini häziriň özünde hata ýazmagy buýruk edipdir. Ondan soň
wezir şol gün öz doganynyň ogly Bedretdiniň gelerine uzyn günläp garaşyp oturypdyr,
emma ol gelmändir. Ol ertesi-de garaşypdyr, birigünem, soňkusy günem — ýedilenji güne
çenli garaşyp oturypdyr, emma ondan habar-hatyr bolmandyr. Şondan soň wezir: «Men
özümden ozal hiç kimiň etmedik işini ederin!» diýipdir.
137

Ine, onsoň ol eline syýadyr galam alaga-da, öýüň hemme otaglarynyň ýerleşişini
kagyzyň ýüzünde çyzyp görkezipdir: goş-golam ýerleşýän jaý pylan ýerde, pylan hili tuty
pylan ýerde ýerleşýär diýip görkezipdir-de, öýdäki zatlaryň hemmesini ýazyp çykypdyr,
onsoň ol ýazan kagyzyny düýrläp, zatlary ýygnadypdyr, onuň sellesini, ýatyş telpejigini,
ýektaýyny hem pully haltajygyny alypdyr-da, öz jaýynda ýygnap goýupdyr, jaýyň
gapysyny demir gulp bilen gulplap hem möhürläp goýupdyr-da, tä öz doganynyň ogly
Hasan basraly gelinçä ýatsyn diýipdir.
Weziriň öz gyzy barada aýdylanda bolsa, onuň aýy-güni dolup, ondan bir ogul
dogupdyr weli, misli aý ýaly, owadanlygy, gözelligi, kaddy-kamaty, bitginligi hem
röwşenligi hut atasyna meňzäp duran ekeni. Onuň göbegini kesip, gözlerini sürmeläp,
enekeleriň eline beripdirler, adyna-da Ajyp goýupdyrlar.
Ol çaga bir günde bir aýlyk, bir aýda bolsa bir ýyllyk ösüp gününi sanaberipdir.
Oglan ýedi ýaşyna ýetende, wezir ony molla berip, oňa terbiýe bermegi, hat-sowat
öwretmegi, oňat bilim bermegi tabşyrypdyr. Ajyp dört ýyllap mekdepde okapdyr, şonda
ol mekdep okuwçylary bilen urşup-sögüşip başlapdyr, olara: «Siziň maňa taý gelip
biljegiňiz barmy? Men Kair weziriniň ogludyryn!» diýýär ekeni. Onsoň oglanlar üýşüp,
Ajypdan ýaňa hupbat ýamanyny görýändikleri barada talypbaşa arz edipdirler. Talypbaşy
bolsa olara: «Ertir, ol mekdebe gelen wagtynda, oňa näme diýmelidigini men size
öwredeýin, onsoň ol mekdebe gelmesini goýar. Ol ertir geler welin, siz onuň töweregine
üýşüp oturyň-da, biri-biriňize: «Kimde-kim öz ejesiniň hem kakasynyň adyny aýdyp bilse,
biz şony oýnumyza goşalyň, kimde-kim öz ejesiniň hem kakasynyň adyny bilmeýän
bolsa, ol şeýtanyň ogludyr, eger Alla kessin, biz ony oýnumyza goşmalyň!» diýiň» diýip
öwredipdir.
Ine, onsoň ertesi ir bilen olar mekdebe gelenlerinde, Ajyp hem gelipdir weli, çagalar
onuň daşyna egrilişip: «Biz häzir bir zat oýnajak, ýöne weli kim ejesiniň hem kakasynyň
adyny aýdyp bilse, şony oýnumyza goşalyň, aýdyp bilmedigi bolsa goşmalyň»
diýşipdirler. Oglanlar bolsa: «Bolýarda-bolýar» bolşupdyrlar. Onsoň oglanlaryň biri:
«Meniň adym Mejit, ejemiň ady Alawiýa, kakamyň ady Yzzatdyn» diýipdir, ýene biri
şeýdip enesiniň hem atasynyň adyny aýdyp beripdir. Onsoň Ajyba nobat ýetýär weli,
olam: «Meniň adym Ajyp, ejemiň ady Sitdal Husny, kakama bolsa
138

Kairiň weziri Şemsetdin diýýärler» diýipdir. Emma oglanlar oňa: «Wezir seniň kakaň
däl!» diýşip gygyryşypdyrlar. Ajyp bolsa: «Wezir, hakykatdanam, meniň kakamdyr»
diýip, öz diýenine tutupdyr. Emma çagalar onuň aýdanyny diňlemek hem islemän, ellerini
çarpyşyp, heşelle kakyşyp: «Seniň kakaňy bilýän adam ýok! Bar, git biziň ýanymyzdan,
biz diňe öz kakasynyň kimdigini bilýän oglan bilen oýnajak!» diýip gygyryşypdyrlar.
Ine, onsoň oglanlar şeýdişip, onuň ýanyndan dargaşyp gidiberipdirler, özleri-de ony
ýaňsylap gülşüpdirler, Ajybyň bolsa muňa gahary gelip, ýüregi agzyndan çykara gelipdir.
Talypbaşy bolsa oňa: «Weziriň özi seniň babaňdyr, ol seniň kakaň däl-de, seniň ejeňiň —
Sitdal Husnynyň kakasydyr — diýipdir. — Seniň kakaňyň kimdigini seniň özüňem
bileňok, bizem bilemzok, çünki soltan birwagt seniň ejeňi küýki atbakara äre beripdi weli,
şol gije bir ýerden arwah-jynlar gelip, seniň ejeň bilen ýatyp-turup gidipdirler, şonuň
üçinem seniň kimden bolandygyň belli däl. Ine, şoňa görä-de, sen öz ataňy tanamazdan,
mekdepdäki oglanlara deň boljagam bolup ýörme, ýogsam sen olaryň arasynda hürri döli
bolup çykarsyň. Söwdagäriň ogly öz atasynyň adyny tutýar, sen gördüň ahyry, emma sen
tutup bildiňmi eýse? Ýok. Seniň babaň Kairiň weziri, emma seniň ataňy biz bilemzok, şol
sebäpli-de, saňa atasyz diýýäris! Senem bir akylyňa aýlan ahyry!»
Oglanlardan hem olaryň talypbaşysyndan şu hili sözleri eşiden Ajyp şol sagadyň
özünde ýerinden turupdyr-da, göni ejesiniň ýanyna gaýdypdyr. Ol öz ejesi Sitdal
Husnynyň ýanyna gelip, aglap arz etmäge başlapdyr, emma aglamakdan ýaňa oňa gepinide düşündirip bilmändir. Onsoň onuň ejesi öz oglunyň beýle gahar bilen aglap durşuny
görüp, oňa ýüregi awap: «Oglum, sen näme üçin beýle aglaýarsyň? Saňa näme boldy
ahyry, näme bolan bolsa, maňa aýdyp ber» diýipdir.
Ajyp bolsa özüniň oglanlardan hem talypbaşydan eşidenlerini ejesine gürrüň
beripdir-de: «Eje, meniň atam kim bolmaly?» diýip sorapdyr. Sitdal Husny bolsa: «Seniň
ataň Kairiň weziridir» diýip jogap beripdir. Onda Ajyp: «Eje, sen maňa ýalan sözleme,
wezir meniň atam däl-de, seniň ataň! — diýip gygyrypdyr-da: Meniň atam kim bolmaly
ahyry? — diýip sorapdyr. — Eger sen maňa dogrusyny aýtmasaň, onda men, ynha, şu
hanjar bilen özümi öldürerin!»
139

Şondan soň Sitdal Husny öz oglunyň atasyny ýatlanyna ýüregi ersipdir-de,
aglamaga başlapdyr, birwagtlar Hasan basralynyň öňünde özüniň ýüzüni açyşlaryny, toý
tutuşlaryny, onuň bilen özüniň arasynda bolan ahwalatlary ýatlap, gözlerinden ýaş
döküpdir, özi-de şonda şu namany aýdypdyr: «Yşga köýüp, ýalňyz galdym pyrakda,
Ýetebilmen, ýary-ýaran yrakda.
Şolar bilen bile gitdi kararym,
Hiç galmady sabyr, takat, durarym.
Şadyýan günlerim ahyra geldi,
Dünýede hiç zatdan tapman teselli.
Syrdaşlam sypyrlyp, çolardy daşym,
Ýaşym sil deý akar, aşakdyr başym.
Dostlarym didaryn görmek islesem,
Toguna-tolguna göwnüm beslesem,
Getirýän hyýala eziz roýlary,
Çekýän gam-hesreti, pikir-oýlary.
140

Dostlar, sizi ýatlap gezmek mydarym, Görüşmek
hyjuwy höwesim barym.
Pygan sowulmazmy, ýarlar gelmezmi?
Pyrak egsilmezmi, aglan gülmezmi?»
Ine, onsoň eneli-ogul ikisi aglap-eňräp otyrkalar birden olaryň ýanyna wezir gelip
giripdir; olaryň ýarym-ýaş bolşup oturyşlaryna weziriň ýüregi ot bolup ýanypdyr, «Siz
näme üçin aglaýarsyňyz?» diýip, olardan sorapdyr. Sitdal Husny bolsa mekdepdäki
çagalaryň öz ogluna gyjalat berip, diýen-aýdan zatlaryny wezire gürrüň beripdir. Öz
doganyny hem-de onuň bilen öz arasynda bolup geçen ahwalatlary, gyzynyň sezewar
bolan ýagdaýyny ýatlap, wezirem aglapdyr. Bu zatlaryň nähili syrynyň barlygyna akyl
ýetirip bilmän azara galypdyr.
Ondan soň wezir şol sagadyň özünde diwana barypdyr-da, patyşanyň ýanyna girip,
bolan ahwalaty soltana aýdypdyr. Onsoň gündogara gitmäge, öz doganynyň oglundan —
öz inisinden habar tutmak üçin Basra şäherine ugramaga rugsat sorapdyr, şeýle hem baran
ýerlerinde bir ýerde öz inisini tapaýsa, ony alyp gaýtmaga özüniň haklydygy dogrusynda
soltanyň hemme ýerlere perman ýazyp bermegini ondan haýyş edipdir.
Şeýdip wezir soltanyň öňünde çök düşüp aglapdyr, soltanyň bolsa onuň gözýaşyna
rehimi inip, hemme ýerlere hem welaýatlara onuň aýdyşy ýaly perman ýazyp beripdir.
Wezirem muňa begenip, soltana alkyş okapdyr, onsoň onuň bilen hoşlaşyp çykyp
gaýdypdyr-da, uzak ýola ugramak üçin ýol şaýyny tutmaga başlapdyr, gerek-ýarak
zatlaryny alyp, öz gyzyny hem agtygy Ajyby-da ýanyna alyp ýola düşüpdir. Wezir bir gün
ýöräpdir, iki gün ýöräpdir, üç gün ýöräpdir, ahyry Damask şäherine baryp ýetipdir. Wezir
ol ýerde şahyryň wasp eden baglaryny hem ýap-ýakalaryny görüpdir:
Gündiz bolduk, gije ýatdyk sapaly Damask şährinde,
Ykbal aýtdy: «Beýle gije hiç bolmaz dünýä dährinde».
141

Süýji ukuda, rahatlykda tamam boldy gije wagty,
Çal sudur şahasyn ýaýdy äleme säher daragty.
Lowur-lowur gyzyl şöhle misli lagyl ol şahada,
Ýaldyr-ýaldyr dökülip dur, mymyk şemal ösen bada.
Serhowuzyň sahypasyn jaggyldap guşlar okady,
Ýel tolkundan ser hat ýazyp, bulutlar goýdy nokady.
Wezir Daşlyja meýdanynda çadyrlaryny gerip ýerleşipdir-de, öz hyzmatkärlerine:
«Biz şu ýerde iki gün dynjymyzy alarys!» diýipdir. Ine, onsoň, onuň, hyzmatkärleri-de
şähere aýlanmaga gidipdir, mahlasy, her kim öz işi bilen bolupdyr: kimsi zadyny satmaga,
kimsi zat almaga, biri hammama gitse, ýene biri Omeýi ogullarynyň dünýäde deňi-taýy
bolmadyk metjidini görmäge diýip gidipdir.
Ajyp bolsa hyzmatkär agta gul bilen şähere gezelenç etmäge çykypdyr. Agta
hyzmatkär Ajybyň yzyna düşüp ugrapdyr, onuň elindäki serdessesi şeýle bir uly eken,
hatda onuň bilen düýäni-de urup ýykmak boljak ekeni.
Damaskyň ilaty Ajyby gören wagtynda, onuň kaddy-kamatyna, aý dek ýüzüne
haýran galyp (Ajyp bolsa biçak owadan oglan ekeni — şeýle näzik beden hem görmegeý,
demirgazyk şamalyndan hem hoştap, teşne dodaklar üçin çeşmäniň serin suwundan süýji
hem-de dertliniň dermanymyş), bütin halk onuň yzyna düşüp, ylgaşyp öňüne geçip
seredýärmiş, ony görjek bolup, onuň geçäýjek ýoluna çykyp garaşyp oturanlaryň-da hetdihasaby ýok ekeni. Hudaý tarapyn diýen ýaly, Ajybyň ýanyndaky agta gul barypdyr-da,
onuň atasy Bedretdin Hasanyň oturýan dükanynyň agzynda aýak çekipdir. (Şu arada geçen
on iki ýylyň içinde bolsa Hasan sakgal-murt görnüp başlan, akyly-huşy goýalyşan adam
bolup ýetişipdir, aşpez hem ölüp gidipdir, onuň pullary hem dükany Bedretdin Hasana
142

galypdyr, çünki ol ölmezinden öň ony öz oglum diýip, kazynyň hem şaýatlaryň öňünde
boýun alypdy).
Ine, onsoň ogly Ajyp ýanyndaky agta gul bilen dükanyň agzynda duran wagtlary,
Bedretdiniň öz ogluna gözi düşende, onuň üýtgeşik owadanlygyny görüp, ýüregi ersip,
endamy dyglap gidipdir, öz mährinden, öz ganyndan önenligini ýüregi syzyp, bütin kalby
bilen şol oglana maýyl bolupdyr.
Bedretdin ol gün azajyk süýji goşulan nar dänesinden tagam häzirlän ekeni, ine,
onsoň Allanyň emri bilen ol oglany tüýs ýürekden söýüpdir-de, ony öz ýanyna çagyryp:
«Eý, jenap, sen meniň bütin kalbymy eýeläp, bütin ýüregimi öz eliňe aldyň, indi sen meniň
ýanyma gelip, meniň häzirlän tagamymdan diliňe degirseň, meniň ýüregimiň ýarasyna
melhem etdigiň boljak, hiç bolmasa dadyp bir görüň!» diýip ýalbarypdyr weli, Bedretdin
öz gözlerinden boýurdadyp ýaş dökenini özi-de duýman galypdyr, şol pursatda hem
özüniň birwagtlar nähili ýagdaýda bolup, indi häzirki wagtda özüniň nähili ýagdaýa
düşendigini göz öňüne getiripdir.
Ajyp hem öz atasynyň aýdan sözlerini eşidende, onuňam ýüregi ersip, ini dyglap
gidipdir-de, ýanyndaky agta guluň ýüzüne seredip: «Bu aşpez zerarly meniň ýüregim
bükgüldäp başlady; onuň bu bolşy özüniň perzendinden jyda düşene meňzeýär. Gel, onuň
ýanyna baraly-da, onuň ýüregine rahat bermek üçin hödürlän aşyny iýeli. Belki, onuň
tagamyndan ýüz döndermän iýenimiz üçin, Alla bizi öz atamyz bilen tapyşdyrar» diýipdir.
Emma agta gul Ajybyň bu aýdanlaryny eşidip: «Tüýs bolaýjak zat-da! Üstümde Alla bar,
gel-gel weziriň ogly şu tetelli garbanyşhanada nahar iýip otursa, tüýs bolaýjak zat!» diýip,
ýaňsylapdyr. «Men adamlary kowup, saňa seretdirmejek bolup, olary elimdäki şu taýagym
bilen kowup ýörün, sen bolsaň bu hili dükana girjek bolýarsyň, men seni bu ýere goýberip
arkaýyn durup bilmerin» diýipdir.
Bedretdin Hasan onuň bu aýdanlaryny eşidip, agta gula bakan äňedipdir weli,
gözüniň ýaşy ýaňaklaryndan aşak syrygyp akypdyr. Şol wagt Ajyp agta guluň ýüzüne
seredip: «Meniň ýüregim bu adamy söýdi» diýipdir. Emma agta gul: «Goý, bu hili
sözleriňi, özüňem onuň ýanyna girme!» diýip jogap beripdir. Şondan soň Ajybyň atasy
143

Bedretdin Hasan agta gula ýüzlenip: «Aý, ýaşuly, näme üçin sen meniň ýüregimiň
ýarasyna melhem etmek üçin bu jaýa girmek islemeýärsiň? Päheý, sen-ä tüýs daşy gara,
içi ak kaştan agajy diýenleri ekeniň, öňde biriniň ýazyp beýan eden daragtyna
meňzeýärsiň...» diýipdir.
Agta hyzmatkär loh-loh gülüp: «Sen näme diýdiň? Allanyň haky üçin, düşnükliräk
aýt, özüňem gepiňi köpeltmän aýt!» diýipdir. Ine, onsoň Bedretdin haýal etmän şu beýdi
aýdypdyr:
Ylmy-bilmi çakdan aşan, wepadar hem ygtybarly,
Şol sebäpden baý öýlerde gezer ol erk-ygtyýarly.
Harem oňa ynanylar, elinde hemme serişde,
Oň özüne hyzmat eder asmandan inen perişde!
Agta gul bu sözlere geň galypdyr-da, Ajyby alyp onuň dükanyna giripdir, Bedretdin
Hasanam erňekleç bir jamy nar dänesinden dolduryp (oňa bolsa badam maňzydyr şeker
goşulan ekeni), olaryň öňünde goýupdyr, olaryň ikisi-de bile iýmäge oturypdyr. Onsoň
Bedretdin Hasan: «Siz bizi begendirdiňiz, iýiň, janyňyza noş bolsun!» diýipdir. Şol wagt
Ajyp öz atasyna: «Gel, senem biziň bilen otur-da, bile iý, belki, Alla bizi öz gözleýän
adamymyz bilen tapyşdyrsyn!» diýipdir. Onda Bedretdin Hasan: «Jan ogul, görýän weli,
senem ýaş başyňda öz söýgüli adamyňdan jyda düşüpsiň öýdýän?» diýip sorapdyr.
«Hawa, agam, aýralyk derdi meniň ýüregime ot bolup ýapyşdy: men öz atamdan aýra
düşdüm, şonuň üçinem biz babam bilen birlikde onuň gözlegine çykdyk, ynha, şeýdip ýurt
söküp ýörüs. Meniň başym gaýgyda! Gör, biz haçan tapyşarkak?» diýip, Ajyp jogap
beripdir.
Soňra oglan zar-zar aglapdyr, onuň atasy-da olardan aýra düşenini ýatlap aglapdyr,
oglanyň aýralyk derdinden aglaýany sebäpli, özüniň söýgüli enesinden hem atasyndan
aýrylyp uzak ýerlere düşenini ýatlap, gynanjyna gözýaşyny saklap bilmändir. Bu ýagdaýa
agta guluň hem ýüregi bozulyp, onuň-da hezili bolmandyr.
144

Ine, onsoň olar öz öňlerinde goýlan nygmatlaryň hemmesini iýip bolupdyrlar-da,
şondan soň olar Bedretden Hasanyň dükanyndan çykyp ugrapdyrlar weli, göýä onuň
ýüregi agzyndan çykyp, olar bilen bile giden ýaly bolupdyr, şonuň üçinem olarsyz ýekeje
minut hem ýaşap bilmejek ýaly duýgyny syzyp başlapdyr.
Ine, onsoň Hasan öz dükanyny baglapdyr-da, olaryň yzyna düşüp ugrapdyr, onuň
öz ogludygyny tanamasa-da, olar uly derwezeden çykmanka yzyndan ýetmek üçin haýdap
ýöräpdir. Agta gul birden yzyna öwrülip: «Saňa näme gerek?» diýip, ondan sorapdyr.
Bedretdin Hasan bolsa olara: «Siz meniň ýanymdan çykyp gaýdan wagtyňyzda, meniň
ýüregim agzymdan çykyp siziň bilen bile ötägiden ýaly boldum. Meniňem şäher
derwezesinden aňyrda bir işim bar, ikibaşdan, hem-ä işimi bitirin, hemem sizi ugradaryn
diýip gaýdyberdim» diýipdir.
Ine, onsoň muňa agtanyň gahary gelip, Ajyba bakyp: «Meniň gorkýanymam şu hili
zatdy-da! Biz haýyr-sahawat bolar öýdüp, onuň hödür eden lukmasyny iýdik weli, ol hem
tersine bolup çykdy, indi ol aşpez bizi sypdyrman yzarlap ýör, nirä barsak, olam şol ýerde
taýyndyr» diýipdir.
Ajyp hem yzyna öwrülip seredende, aşpeziň ýetip gelýänini görüp, onuň hem muňa
gahary gelipdir-de, agta gula ýüzlenip: «Goý, ol musulmanlaryň ýoly bilen gidibersin,
ynha biz bu ýerden çykyp, öz çadyrlarymyza tarap ugranymyzda-da, biziň yzymyza düşüp
gelýänini göräýsek, onda biz ony kowarys» diýipdir.
Onsoň Ajyp ýüzüni aşak salyp ugraberipdir, agta gul hem onuň yzyna düşüpdir.
Bedretdin Hasanam Daşlyja meýdanyna çenli olaryň yzyna düşüp gitdi. Onsoň olar öz
çadyrlarynyň ýanyna golaý baranlarynda yzlaryna öwrülip görseler, Bedretdin olaryň
yzyna düşüp gelýär ekeni. Ajybyň muňa gahary gelipdir hem bolan ahwalaty agta gul
babasyna aýdar öýdüp gorkupdyr.
Ol öz ýanyndan pikirlenip: «Ol aşhana bardy, aşpezem onuň yzyna düşdi,
pylanpismidan etdi» diýiljegine gahar edip, hyrra yzyna öwrüldi-de, gözleriniň göreji
Hasanyň görejine düşende, onuň göýä jesedinden jany çykan boş göwre ýaly bolup
duranyny gördi.
145

Ajybyň gözi onuň gözi bilen kaklyşanda, ony duşmandyr öýdüp ýa-da ony hürri
döli diýip hasap eden bolsa gerek, onuň has hem gahary gelipdir-de, ýerden daş alagada,
öz atasyny daş bilen urupdyr. Bedretdin Hasan bolsa özünden gidip ýykylypdyr, ýüzünden
gara gany çüwdürilip akypdyr.
Ajyp bilen agta gul hem öz çadyrlaryna bakan gidiberipdirler. Bedretdin Hasan
bolsa özüne gelip, ýüzüniň ganyny süpürişdirip, sellesinden bir bölegini ýyrtyp alaga-da,
kellesiniň daş deşen ýerini sarapdyr-da, öz-özüne käýinip: «Men oglanyň göwnüne
degipdirin-ow! Men dükanymy baglap, onuň yzyna düşdüm weli, ol meni duşmandyr
öýdüpdir» diýip içini gepledipdir. Onsoň ol özüniň Basra şäherinde galan enesini küýsäp
ýüregi gysyp başlapdyr, ony ýatlap aglap, şu beýdi aýdypdyr: «Adyl bol» diýp gynap
ýörme bigünä pelek gerdany,
Ony zalym ýaradypdyr arşyň keremli merdany.
Etme dünýäň endişesin, sürüp geç gelen döwrany,
Şatlygam bor, hesretem bor, biderek horlama jany».
Şondan soň Bedretdin nahar satmak bilen meşgullanmagyny dowam edipdir, onuň
agasy wezir bolsa Damask şäherinde üç gün bolup, ondan soň ýola düşüp, Hims şäherine
bakan rowana bolupdyr, özi-de ýolda düşlän ýerlerinde ony gözläp ýörüpdir. Ol şeýdip
gidip barşyna Diýarbekir, Mardin, Mosul 15 şäherlerinde düşläp, tä Basra şäherine
barýança ýol söküpdir. Ol ýere barandan soň bolsa, özüne ýörite bir jaýy kireýne alyp
ýerleşipdir-de, şondan soň soltanyň ýanyna ugrap, onuň bilen duşuşypdyr. Soltan oňa
hezzet edip, oňa hormatly jaý beripdir, ondan soň onuň näme iş bilen gelendigini sorapdyr.
Wezir bolsa özüniň ahwalatyny gürrüň berip, Nuretdin Aly diýen weziriň
doganydygyny aýdypdyr. Soltan bolsa oňa Allanyň kömek bermegini dileg edip: «Eý,
jenap, ol on bäş ýyl mundan ozal meniň wezirim bolupdy — diýip gürrüň beripdir.—
15
Hims, Diýarbekir, Mardin, Mosul – Kairden Damaska gidilýän ýoluň ugrunda Siriýanyň şäheri.
146

Men ony örän gowy görýärdim, ol öldi, yzynda bolsa bir ogly galypdy, emma ol ýigit
atasy ölenden soň, bu ýerde diňe bir aý boldy-da, soň birden ýitirim boldy, ondan biz hiç
hili habar alyp bilmedik. Emma onuň enesi şu ýerde, sebäbi ol meniň ozalky garry
wezirimiň gyzydy».
Öz inisiniň enesiniň sag-aman galanyny patyşanyň özünden eşidip, Şemsetdin
wezir muňa begenipdir hem-de soltana ýüzlenip: «Patyşahym, men ony görmek isleýärin»
diýipdir, soltanam ony görmäge, şol sagadyň özünde oňa rugsat edipdir, ine, onsoň
Şemsetdin öz dogany Nuretdiniň öýüne, onuň aýalyny görmäge barypdyr. Ol baryp,
töweregine göz gezdiripdir-de, öýüň bosagasyny öpüp, ýat ýurtlarda ölüp giden öz dogany
Nuregdin Alyny ýatlap aglap, şu beýdi aýdypdyr: «Jöwlan urup gelýän Leýlim saraýna,
Diwarlaryn öpýän yşgym haraýna.
Emma derdim egsmez saraý diwary,
Göwnüm islär munda ýaşan dildary».
Onsoň ol bir gapydan geçip, uly bir howla giripdir, onsoň dürli-dürli reňkdäki
mermer daşyndan salnan gümmezli bir gapyny görüp, şondan geçip, öýüň içine baryp, öýi
synlap gözden geçirip, öz dogany Nuretdiniň altyn syýa bilek ady ýazylan owadan
ýazgyny görüpdir.
Şol ýazgynyň ýanyna baryp, ony ogşapdyr-da, ýene aglapdyr, öz doganyndan aýra
düşenligini ýatlap, şu gazaly aýdypdyr:
«Daň-säher siz diýip ýuz tutdum bada,
Ýyldyrym çakanda gol serdim oda.
Hesret penjesinde mum-helim, bimar
Ýatsamam, zeýrençden, naladan bizar.
147

Hijranda gün geçmez, jana-janlarym,
Bognum söküm-söküm, mähribanlarym.
Geljek ýoluňyza ýüzüm goýaýyn,
Garap-garap şol didardan doýaýyn,
Pikir etme bar diýp başga geregim,
Öňňe birin hergiz çekmez ýüregim!»
Ondan soň ol ýene aňyrlygyna ýöräp, öz doganynyň aýalynyň — Bedretdin
Hasanyň enesiniň bolýan otagyna barypdyr. Ol naçar bolsa öz oglunyň öýden çykyp giden
gününden beýläk gije-gündiz dynman aglap-eňräp oturypdyr, aradan wagt geçip, ýyllar
ötensoň, ol aýal jaýyň ortarasyndan öz ogly üçin mermer daşyndan içi tabytly gümmez
saldyrypdyr-da, şony oglunyň mazary hökmünde saklap, onuň başynda gijegündiz aglap
oturýar ekeni, gijesine-de diňe şonuň ýanynda ýatýarmyş.
Şemsetdin wezir onuň otagyna baranda, onuň aglaýan sesini eşidipdir-de, daş
işiginde aýak çekip diňşirgenip durup, ol aýalyň tabytly gümmeziň başynda aglap aýdýan
sözlerini eşidipdir:
«Eý gabyr, balam jemaly uçdumy?
Eý, husun, häk içre şuglaň öçdümi?
Suýy asman ýa zemin däl sen, gabyr,
Sende nädip şems-kamar tapdy sabyr?»
148

Ol aýal şeýdip aglap otyrka, Şemsetdin wezir birden salam berip, gapydan giripdirde, saglyk-amanlyk soraşypdyr, özüniň kimdigini tanadyp, onuň adamsy Nuretdiniň
doganydygyny aýdypdyr, ondan soň bolsa nähili ahwalatlaryň bolandygyny birin-birin
gürrüň beripdir, onsoň onuň ogly Bedretdin Hasanyň on ýyl mundan ozal öz gyzy Sitdal
Husny bilen bütin bir gijäni bile geçirendigini, ertesi ir bilen bolsa onuň ýitirim
bolandygyny oňa düşündirip aýdypdyr. «Meniň gyzym bolsa seniň ogluňdan göwreli
bolup, bir ogul dogurdy, men ony öz ýanym bilen alyp geldim, ol seniňem agtygyň,
meniňem, ýagny seniň ogluňyň, meniňem gyzymyň ogly» diýipdir.
Ol aýal öz ogly hakyndaky, onuň diriligi hakyndaky bu habary eşidip hem özüniň
gaýyn agasyny görüp, onuň aýaklaryna ýykylyp hem öpüp, şu gazaly aýdypdyr: «Jan
jigerim habary — garyp göwnüm söýünji,
Begendiren buşlukça Taňrym bersin söýünji!
Gara diýp gaýtarmasa, biýrdim gözüm garasyn,
Ýara diýp gaýtarmasa, biýrdim bagrym parasyn».
Ondan soň Şemsetdin wezir Ajyby çagyrdyp getirdipdir, ol gelen wagtynda,
mamasy ony bagryna basyp, aglamaga başlapdyr. Şemsetdin wezir bolsa oňa: «Bu mahal
aglamagyň wagty däl, sen häzir biziň bilen Müsür ýurduna gitmek üçin şaýyňy tutmaly.
Belki, nesip bolup, Allanyň özi bizi hem seni seniň ogluň, meniň inim bilen tapyşdyrsynda!» diýipdir.
Bedretdin Hasanyň ejesi-de: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýip jogap beripdirde,
şol sagadyň özünde turup, ýol şaýyny tutmak bilen bolupdyr, hemme zatlaryny,
hazynalaryny, kenizlerini alyp, derrew taýýar bolupdyr. Şemsetdin wezir bolsa Basra
soltanynyň ýanyna baryp, onuň bilen hoşlaşypdyr, ol bolsa Müsür patyşasyna her hili
üýtgeşik-üýtgeşik zatlardan sowgat iberipdir.
Şondan soň Şemsetdin wezir eglenmän ýola düşüpdir, onsoň ol Damask şäheriniň
bir çetine ýetip, ýolagçy kerwenleriň düşleýän ýeri bolan Kanun diýen ýerde düşläp,
149

çadyrlaryny gerdiripdir-de, öz ýanyndaky adamlara: «Biz bu ýerde bir hepdeläp
saklanarys, öz soltanymyz üçin sowgatlyk zat almalydyrys» diýipdir.
Şol wagt Ajyp hem hol beýläk çykyp, agta gula ýüzlenip: «Läik, meniň gezelenç
edesim gelýär! Ýör, bazara gideli, Damask şäherini gezip göreli, aşyny iýip, soňam
kellesini ýaralan aşpezimize näme bolanyny bileli. Ol bende bize ýagşylyk etdi, biz bolsak
oňa ýamanlyk etdik» diýipdir.
Agta hyzmatkär bolsa: «Lepbeý, gözüm üstüne!» diýip, jogap beripdir. Ine, onsoň
Ajyp agta gul bilen tirkeşip, atasynyň ganynyň dartmagy bilen joşa gelip, çadyrdan çykyp
ugrapdyr; olar şol sagadyň özünde şähere girip, şol naharhanajyga baryp ýetýänçäler, hiç
ýerde äginmän ýöräpdirler. Baryp görseler, aşpez öz dükanynyň içinde duran ekeni (özide günüň ýaşyp barýan çaglary eken), özi-de onuň ýene şol nar dänelerinden hörek
taýýarlap duran mahaly ekeni. Olar aşpeziň ýanyna baranlarynda, Ajyp onuň ýüzüne
seredipdir weli, ony ýüreginiň halaýanyny syzyp, maňlaýyna daş bilen uran ýeriniň yzyda bildirip duran ekeni. Ajyp oňa: «Başyň parahat bola! Biler bolsaň, meniň ýüregim saňa
baglanypdyr» diýipdir. Bedretdin ol oglanyň ýüzüne sereden badyna, bütin kalby howsala
tapyp, ýüregi gürsüldäp urmaga başlapdyr, onsoň ol başyny aşak egip, geplejek bolupdyr
weli, dili tutulyp gepläp hem bilmändir, ondan soň bolsa başyny ýokary göterip, ogluna
bakyp, kemsidilen hem kaýyl bolan görnüşde şu gazaly aýdypdyr:
«Zar bolup jana-jana, bu gün wysala ýetdim,
Görüp, özüm ýitirdim hem sussy hala ýetdim.
Hormatda başym saldym, gorkdum, syrym paş boldy,
Herne bildirmeý diýsem, iki didäm ýaş boldy.
Köp aýtjakdym igenji, gelende mähribanym,
Görüp dilim tutuldy, söz sözlemez zybanym».
150

Soňra olara: «Meniň tagamymy iýmek bilen, meniň ýüregimiň ýarasyna melhem
ediň — diýipdir. — Allanyň haky üçin, ynanyň, men seniň ýüzüňe sereden badyma,
ýüregim gürsüldäp urmaga başlady, ine, şonuň üçinem, men akylymdan azaşan ýaly
bolup, seniň yzyňa düşüp ugradym». Onda Ajyp oňa: «Allanyň haky üçin, sen bizi tüýs
ýürekden gowy görýärsiň — diýipdir. — Bizem seniň lukmaňy iýdik, sen bolsaň onuň
üçin bizden algydar ýaly bolup yzymyza düşüp, bizi masgara etjek bolduň. Eýsem-de
bolsa, biz seniň tagamyňdan, garaz, bir zadyňy iýeris weli, ýöne şeýle şert bilen iýjek: sen
biziň yzymyzdan çykman oturjagyňa hem-de bizi yzarlap ýörmejegiňe äht et.
Ýogsam biz dolanyp seniň ýanyňa gelmeris. Biz bu ýerde bir hepdeläp boljak, meniň
babam patyşa üçin sowgatlar alyp bolýança eglenjek».
Onsoň Bedretdin olara: «Goý, siziň diýeniňiz bolsun!» diýipdir. Şondan soň Ajyp
bilen agta hyzmatkär onuň dükanyna giripdir, Bedretdin bolsa nar dänesinden jamy
dolduryp, olaryň öňünde goýupdyr, Ajyp hem oňa: «Gel, senem biziň bilen bile iý! Belki,
Alla biziň müşgilimizi aňsat etsin» diýipdir. Bedretdinem muňa begenip, olar bilen
nygmat iýip oturyşyna, Ajypdan gözüni aýyrman seredýär ekeni, seretdigiçe-de onuň
ýüregi, bütin duýgusy oňa maýyl bolýar ekeni. Emma Ajyp oňa: «Sen aşyk bolupsyň,
özüňem hut ýürege düşýärsiň diýip men saňa aýtmadymmy näme! Meniň ýüzüme beýdip
tiňkäňi dikip oturmagyňy bes et!» diýipdir. Bedretdin öz oglunyň bu aýdanlaryny eşidip,
şu gazaly aýdypdyr:
«Göwnüm syryn senden pynhan tutar men,
Ömrüm ahyr bolsa aýtman öter men.
Şuglaly kamar deý zyba jemalyň, Güneşli
saba deý näzik kemalyň.
Ymsyndyryp, kalbym öýün joş eder,
151

Döwran wada berip, göwnüm hoş eder.
Husnuň ataşyna aşyk ýanarmy?
Lebiň köwserinden rakyp ganarmy?»
Ondan soň Bedretdin kä Ajyby, kä agta guly hormatlap, gezekme-gezegine olaryň
agzyna iýmit tutup bermäge başlapdyr, olaram mazaly doýýançalar iýipdirler.
Bolanlaryndan soň, ýerlerinden turupdyrlar, Hasan basraly hem ýerinden turup, olaryň
ellerine suw akydyp beripdir, onsoň bilindäki ýüpek ýaglygyny çözüp, olaryň ellerini
süpürdipdir, onsoň öz ýanyndaky suw gabyndan alyp, olaryň üstüne gül suwuny
pürküpdir. Onsoň ol dükanyndan daşaryk çykyp gelip, gül suwy bilen gatyşdyrylan al
şerap ýaly içgiden kürüşgäni dolduryp getirip, olaryň öňünde goýupdyr-da: «Öz eden
haýyr-sahawatyňyzy soňuna çenli ýetiriň!» diýipdir.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 11
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.