Latin

Müň bir gije - 11

Total number of words is 3869
Total number of unique words is 1743
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Onsoň Ajyp hem kürüşgäni alaga-da içipdir-de, galanyny hem agta gula uzadypdyr,
şeýdibem olar tä doýýançalar içipdirler, olaryň ikisi-de şondan ozal özleriniň beýle doýa
iýip-içmedik möçberlerinde, biçak köp iýip-içipdirler. Diňe şondan soň olar çykyp
ugrapdyrlar, özleri-de tä çadyrlaryna barýançalar äginmän haýdap gaýdypdyrlar.
Baranlaryndan soň, Ajyp öz mamasynyň, ýagny öz atasy Bedretdin Hasanyň enesiniň
ýanyna barypdyr, mamasy bolsa ony gujaklap ogşapdyr-da, öz ogly Bedretdin Hasany
ýatlap, ah çekip aglamaga başlap, şu gazaly aýdar bolupdyr:
«Umyt eýläp wysalyň, ötdi ýylym-aýlarym,
Sensiz ýetmez kararym, terk etsem bu jaýlarym.
Pikrim-zikrim bir sende, sen göwnümiň hemhany,
Bir Allaha aýandyr ýeriň-gögüň pynhany».
Ondan soň mamasy: «Eziz balam, sen nirelerde bolduň?» diýip, Ajypdan sorapdyr.
Ajyp bolsa oňa: «Damask şäherine baryp geldim» diýip jogap beripdir. Ondan soň
152

mamasy oňa bir jam nar dänesini äberipdir-de (ol beýle bir süýji hem däl ekeni), agta gula
ýüzlenip: «Senem öz jenabyň bilen otur-da, iý!» diýipdir.
Agta hyzmatkär bolsa: «Allanyň haky üçin, biziň hiç zat iýesimiz gelenok ahyry!»
diýipdir-de, tabagyň başyna geçip oturypdyr. Ajyp hem naharyň başynda oturan bolupdyr
weli, onuň ozalky iýip-içen zatlaryndan ýaňa garnynda halys ýer ýokdugyny aňyp, gözüni
tegeläp oturypdyr. Emma her niçigem bolsa, eline bir döwümjik nan alyp, ony nar
dänesine batyryp iýen bolupdyr, şonda bu nahar onuň göwnüne süýji däl ýaly bolup
görnüpdir, sebäbi ol dok ekeni. Onsoň ol: «Püf, bu nähili erbet nahar ekeni!» diýipdir.
Onda mamasy oňa: «Eziz balam, sen meniň naharyma at dakýarmyň, men ony öz elim
bilen taýýarladym ahyry, özi-de bu nahary seniň ataň Bedretdin Hasandan başga, hiç kim
meniň ýaly taýýarlap bilýän däldir» diýipdir. Onda Ajyp: Hanym, seniň naharyň
düýbünden ýaramaz! — diýipdir. — Biz ýaňy şäherde bir aşpez gördük, ol hem şu hili nar
dänesinden hörek taýýarlapdyr weli, onuň ysy dagy ýüregiňi açyp barýar, onuň iýmitini
bolsa iýip doýup bolanok. Onuň naharynyň ýanynda seniň naharyň hiç zatça-da ýok».
Ajybyň mamasy öz agtygynyň bu aýdanlaryny eşidip, gahar-gazabyna
atlanypdyrda, agta guluň ýüzüne alarylyp: «Işi gaýdan diýsänim! Sen meniň agtygymy
bozupsyň, sen ony bazaryň bolgusyz naharhanasyna eltipsiň!» diýip dazarylypdyr.
Agta bolsa gorkusyna ýalan sözläp: «Ýok, biz naharhana girmedik, ýöne onuň
duşundan geçip gitdik» diýipdir. Emma Ajyp: «Alladan ant içýän, ynan, biz naharhana
bardygam, iýdigem, özi-de onuň nahary seniňkiden müň paý gowy!» diýipdir. Ine, onsoň
mamasy ýerinden turaga-da, öz gaýyn agasynyň ýanyna barypdyr-da, bolan ahwalaty oňa
aýdypdyr weli, onuň bolsa agta gula gahary gelip, ony öz ýanyna çagyrdypdyr.
Ine, onsoň agta hyzmatkärem weziriň ýanyna barypdyr. Wezir oňa: «Näme üçin sen
meniň agtygym bilen bolgusyz naharhana barypsyň?» diýipdir. Agta bolsa gorkusyna:
«Biz barmadyk!» diýen bolupdyr. Emma Ajyp ýene-de: «Biz bardyk, özümizem nar
dänesinden doýýançak iýdik, onsoň aşpez bize garly hem şekerli bal içirdi!» diýipdir.
Weziriň bolsa hasam gahary gelipdir, ol ýene agtadan sorapdyr, emma agta ýene boýun
almandyr.
153

Ondan soň wezir agta gula gaharlanyp: «Eger seniň aýdýanyň dogry bolsa, hany
onda biziň gözümiziň alnynda otur-da, nahar edin!» diýipdir. Onsoň agta gul öz gepini
gögertjek bolup, naharyň başyna geçip iýjek bolup synanyşypdyr weli, iýip bilmändirde,
elindäki nanyny taşlap: «Eý, meniň jenabym, düýnden bäri meniň işdäm ýok!» diýipdir.
Ine, onsoň wezir onuň ýalan sözleýänini aňypdyr-da, ony ýere ýykyp ýatyrmagy öz
gullaryna buýrupdyr, gullaram ony ýere ýykyp ýatyrypdyrlar weli, wezirem ony
ýençmäge başlapdyr.
Ine, onsoň agta hyzmatkär agyrysyna çydaman: «Waý, jenap, meni urma, men saňa
dogrusyny dogry aýdaýyn!» diýip waýkyrypdyr. Onsoň wezir ony urmasyny goýup:
«Dogrusyny aýt!» diýip azgyrylypdyr. Ine, onsoň agta gul: «Biler bolsaň, aşpez nar
dänesinden nahar bişirip durka, biz onuň naharhanasyna bardyk weli, ol biziň öňümize
nahar äberdi. Alladan ant içýärin, men, ömrümde onuň ýaly süýji nahar iýip görmändim,
häzir öňümizde goýlan nahar ýaly tagamsyz zady hem dadyp görmändim» diýipdir.
Bedretdin Hasanyň enesiniň bolsa oňa biçak gahary gelipdir-de: «Hökman şol
aşpeziň ýanyna git-de, onuň bişiren nar dänesinden bir jamyny alyp getýr! Getiribem ony
öz jenabyňa görkez, goý, ol haýsysynyň gowudygyny hem tagamlydygyny aýtsyn»
diýipdir. Agta gul bolsa: «Bolýar!» diýipdir. Ine, onsoň ol aýal şol sagadyň özünde onuň
eline bir jam bilen ýarym dinar pul berip goýberipdir weli, agta gul hem şähere gidip, şol
naharhana barypdyr-da, aşpeze: «Biz öz jenabymyzyň öýünde seniň bişiren naharyň
barada jedel etdik, çünki bu gün olarda-da nar dänesi bişirilen ekeni. Sen bize öz
naharyňdan ýarym dinarlyk guýup ber, özüňem ahmal bolma, biz seniň naharyň zerarly
mazalyja taýak iýdik» diýipdir.
Bedretdin Hasan bolsa gülüpdir-de: «Alladan ant içýän, ynan, bu nahary menden,
birem meniň enemden başga hiç kim bişirip bilýän däldir, meniň enem bolsa häzir bu
ýerlerden uzak ýerlerde galdy!» diýipdir.
Onsoň Bedretdin onuň jamyny alaga-da, oňa nahar guýup, üstünden hem gül suwy
gatyşykly asal döküp beripdir weli, agta gul hem jamyny eline alyp, yzyna bakan ýelk
ýasaýypdyr, ol, eglenmänem, öýe gaýdyp barypdyr.
154

Onsoň Hasanyň enesi bu getirilen nahary dadyp görüp, onuň biçak tagamly hem
biçak ussatlyk bilen bişirilendigini görüp, ony kimiň bişirendigini-de bilip, allaniçigsi
bolup gygyrypdyr-da, ýykylyp özünden gidipdir.
Wezirem birhili aljyrapdyr, ondan soň bolsa onuň üstüne gül suwuny pürküpdir
weli, ol aýal kem-kemden özüne gelip, aýňalandan soň: «Eger meniň oglum şu ýagty
ýalançyda bar bolsa, nar dänesinden bişirilen şu nahary şondan başga hiç kim taýýarlan
däldir! Muny hökman meniň oglum bişirendir, bu nahary Bedretdin Hasandan başga hiç
kim bişiren däldir, hiç kim bişirip bilmezem, çünki bu tagamy bir men, birem Bedretdin
Hasan bişirip bilýändir, bu hili edip bişirmegi oňa özüm öwredipdim» diýipdir.
Wezir onuň bu aýdanlaryny eşidip, biçak begenip: «Wah, meniň öz doganymyň
ogluny nähili göresimiň gelýänini bir bilsediňiz! — diýip seslenipdir. — Heý, ykbalymyz
getirip, onuň bilen tanşan wagtymyzy görmek nesibämiz barmyka?! Diňe gudraty güýçli
Allanyň özi bizi oňa sataşdyrsyn diýip dileg edeliň!»
Ondan soň wezir şol sagadyň hem şol minutyň özünde ýerinden turup, öz ýanynda
bolýan adamlary çagyrypdyr-da, olara: «Siziň araňyzdan ýigrimi adam dagy jemlensinde,
şol naharhanajyga baryp, ony ýykyp-ýumursyn, ol aşpezi bolsa başyndaky sellesi bilen elaýagyny baglaň-da, meniň ýanyma alyp geliň, ýöne welin onuň bir ýerine zeper
ýetiräýmäň!» diýipdir.
Weziriň nökerleri bolsa «Lepbeý!» diýipdirler. Weziriň özi bolsa olaryň yzysüre
«Bagt köşgüne» ugrapdyr, onsoň Damaskyň şäher häkimi bilen görşüp-gürleşip, soltanyň
özüne ýazyp beren permanlaryny oňa görkezipdir. Şäher häkimi bolsa ol permanlary okap
maňlaýyna sylyp ogşapdyr-da: «Seniň göwnüňe degen adam nirede?» diýip wezirden
sorapdyr, wezirem oňa: «Ol bir aşpez» diýip jogap beripdir. Ine, onsoň häkimem şol
sagadyň özünde köşk nökerlerine buýruk berip, aşpeziň naharhanasyna ugramaly diýipdir.
Häkimiň nökerleri ol ýere baryp görseler, aşpeziň naharhanasy eýýäm ýykylypýumrulypdyr, çünki wezir şäher häkiminiň ýanyna gaýdanynda, onuň adamlary özlerine
berlen buýrugy şark-murk berjaý edip, şol sagadyň özünde yzlaryna gaýdyp baryp,
weziriň köşkden dolanyp gelerine garaşyp otyrlar ekeni, Bedretdin Hasan bolsa: «Gör
155

ahyry! Meni bu hili eder ýaly, nar dänesinden bişirilen naharyň içinden näme tapdylarka?»
diýip geň galyp oturan ekeni.
Damaskyň şäher häkiminiň ýanyndan gaýdyp gelensoň (ol bolsa onuň göwnüne
degen adamy öz ýany bilen alyp gaýtmagyna rugsat beren ekeni), wezir öz çadyryna girip,
aşpezi öz ýanyna getirmegi buýrupdyr, onsoň sellesi bilen eli gaňrylyp daňlan aşpezi onuň
ýanyna eltipdirler. Bedretdin Hasan öz agasynyň ýüzüne seredip, zar-zar aglap, oňa: «Eý,
meniň jenabym, siziň öňüňizde meniň eden günäm näme ahyry?» diýipdir. Onda wezir:
«Nar dänesinden nahary sen bişirdiňmi?» diýip, ondan sorapdyr. Bedretdinem: «Hawa,
men bişirdim — diýip jogap berip, — Näme, siz onuň içinden adamyň kellesini keserlik
erbet zat tapdyňyzmy?» Onda wezir: «Munuň özi saňa iň gowy hem iň bärkije temmidir!»
diýip haýbatly aýdypdyr. Bedretdin muňa haýran galyp: «Eý, meniň jenabym, meniň
günämiň nämedigini sen aýtmazmyň?» diýipdir. Onda wezir: «Azajyk tagapyl et —
diýipdir-de, hyzmatkäri çagyryp: — Düýeleri getiriň!» diýip tabşyrypdyr.
Hyzmatkärlerem Bedretdin Hasany alaga-da sandyga salypdyrlar-da, agzyny hem
gulplapdyrlar, şonlugyna hem düýä ýükläp gidiberipdirler, olar tä gijäniň birwagtyna çenli
dynman ýöräpdirler. Onsoň olar düşläp, aňry-bäri iýipiçipdirler, Bedretdini-de sandykdan
çykaryp, ony hem naharlapdyrlar, onsoň ýene sandyga salyp, agzyny ýapypdyrlar — olar
tä Kamra16 barýançalar şeýdip gidipdirler.
Diňe şol ýerde Bedretdin Hasany sandykdan çykaryp: «Nar dänesinden nahary sen
bişirdiňmi?» diýip, wezir ondan sorapdyr. Bedretdinem: «Hawa, men bişirdim, meniň
jenabym» diýip jogap beripdir. Wezir bolsa: «El-aýagyny zynjyrlaň!» diýip buýruk
beripdir. Onsoň onuň el-aýagyny zynjyrlap, ýene sandyga salypdyrlar-da, ýola
düşüpdirler. Olar şeýdip gidip baryşlaryna, Kaire ýetenlerinden soň, ar-Reýdaniýada17
düşläpdirler. Şol ýerde wezir Bedretdin Hasany sandykdan çykardypdyr-da, ýörite agaç
ussasyny çagyrdyp getirdip: «Agaçdan bir gurjak ýasap ber» diýip, oňa buýrupdyr.
Bedretdin Hasan muňa geň galyp: «Sen ony näme üçip ýasadýarsyň?» diýip, wezirden
sorapdyr. Wezir bolsa oňa: «Men seni şondan başaşak asyp, özüňi-de şoňa çüýlejek-de,
16
Kamra – Damaskdan Kaire gidilýän ýoluň ugrundaky bir oba.
17
ar-Reýdaniýa – Kairiň demirgazyk-gündogaryndaky oba.
156

bütin şäheriň içi bilen äkidip, seni görene göz etjek!» diýip jogap beripdir. Bedretdin
bolsa: «Sen näme üçin menn beýtmekçi bolýaň ahyry?» diýip geňirgenipdir. Wezir bolsa
oňa: «Seniň nar dänesini ýaramaz bişireniň üçin şeýtjek. Sen näme üçin onuň burçuny
kem atyp bişiripsiň?» diýipdir. Bedretdin bolsa muňa haýran galyp: «Weý, naharyň burçy
kemräk bolany üçin, sen meni şeýdip horlap ýörmüň? Hut şonuň üçin meni tussag
edeniňem az gördüňmi? Günde ýekeje gezek naharlap horlanyňam gözüňe az
görünýärmi?!» diýipdir. Wezir bolsa oňa: «Sen naharyň burçuny kem atypsyň, şonuň
üçinem seniň ölümden başga jezaň ýok!» diýipdir. Bedretdin muňa haýran galyp, öz
başyna düşen bu işe gynanyp tukat bolup oturan ekeni.
Onsoň wezir: «Sen nämäniň pikirini edýäň?» diýip, ondan sorapdyr. Bedretdin
bolsa: «Seniň bu hili akylsyzlygyň hakynda pikir edýän. Eger seniň kelläňde akylyň bar
bolsa, beýdip meniň başyma büçe işleri salmazdyň» diýip jogap beripdir. Onda wezir:
«Indikile bu hili etmez ýaly, seni mazalyja horlamak gerek» diýipdir. Onda Bedretdin
Hasan oňa ýüzlenip: «Hakykatyna garaňda, meniň başyma salan şu horluklaryň müňden
birini edenem bolsaň, meniň horlanmak kemim galmazdy!» diýipdir. Emma wezir oňa:
«Ýok, Seni hökman asyp öldürmek gerek!» diýip hemle urupdyr. Oňa çenli bolsa agaç
ussasy özüne buýrulan gurjagy ýasap bolupdyr, Bedretdin bolsa oňa seredip oturan ekeni.
Olar tä agşama çenli şeýdişip oturypdyrlar. Ondan soň Bedretdiniň agasy ony ýene
sandyga salypdyr-da: «Galanyny ertire goýalyň!» diýipdir.
Ondan soň wezir Bedretdiniň mazaly uklanyny bilýänçä garaşypdyr-da, ol
uklanyndan soň bolsa, sandygy atynyň öňüne alaga-da, şähere bakan ugrap, gijäniň
birwagtynda öz öýüne baryp ýetipdir. Barandan soň bolsa, öz gyzy Sitdal Husna ýüzlenip:
«Gyzym, seni öz agaň ogluna ýetiren Allahyma şükür! Ýeriňden tur-da, öz otagyňy şol
gijeki toý güni nähili bezelen bolsa, hut şonuň ýaly edibem beze» diýipdir. Onsoň Sitdal
Husny ýerinden turupdyr-da, şem ýakypdyr, wezir bolsa otagyň bolşuny bellikläp goýan
çyzgyly kagyzyny çykarypdyr. Şoňa seredip hem olar, toý agşamsy bu otagy görenlerem,
onuň şol otagdygyna müňkür bolmaz ýaly edip, ähli zatlary ýerli-ýerinde goýuşdyryp
çykypdyrlar.
157

Şondan soň wezir Bedretdin Hasanyň öňki sellesini özüniň şol toý gijesi goýan
ýerinde öz goýşy ýaly edip goýmagy buýrupdyr, onsoň onuň jalbaryny-da, düşekçäniň
aşagyndan çykan pulluja haltajygyny-da özüniň şol öňki goýan ýerinde goýuşdyryň
diýipdir. Ondan soň ol öz gyzyna şol günki toý gijesinde nähili sypyrynan bolsa, ýene şol
hili sypyrynyp ýatmagy tabşyryp: «Seniň agaň ogly ýanyňa girer weli, sen oňa: «Sen
ýazylmaga gidip, meni şunça garaşdyrdyň!» diýgin. Goý, ol bu gijäni seniň bilen bile
ýatyp geçirsin, sen onuň bilen ertire çenli gürrüň ediş, ondan soň bolsa biz oňa atasynyň
ýazan zatlaryny görkezeris» diýipdir.
Ondan soň wezir sandygy açyp, Bedretdini çykarypdyr, onuň el-aýagyndaky
zynjyrlary aýryşdyryp, onuň egnindäki ýukajyk içki ýüpek köýnejiginden beýleki
eşiklerini jalbaryna çenli hemmesini sypyryşdyrypdyr (ol bolsa hiç zatdan habarsyz uklap
ýatanmyş).
Ine, onsoň Bedretdin birden bir gapdalyna agdarylyp, ukudan oýanyp gözüni açyp
görse, ol baryp-ha şol toý gijesi ýatan jaýynda ýatyr ekeni. Mazaly synlap seretse, ynha
şol gerilgi tuty, honha-da şol kürsüjik, ynha özüniň sellesi-de, beýleki zatlary-da özüniň
şol öňki goýanja ýerinde ýatanmyş.
Bedretdin bu zatlary görüp, akyly haýran bolup, aýaklaryna taýly gezek agram salyp
duran ýerinden: «Men ukudamykam ýa oýalykda?» diýipdir.
Onsoň ol näme etjegini bilmän, geňirgenmek bilen maňlaýyny owkalamaga durup:
«Alladan ant içýän, bu jaý şol gije toý tutulyp, maňa dürli lybaslarda gyz görkezilen jaýyň
edil özi! Men nirede? Men sandykda ýatyrdym ahyry!» diýip, haýran galmak bilen
töweregine göz gezdiripdir.
Ol şeýdip içini gepledip durka, birden Sitdal Husny tutynyň gyrasyny galdyrypdyrda: «Eý, meniň jenabym, ýanyma girmejekmi indi? Sen ýazylmaga gidip eglendiň ahyry»
diýipdir. Bedretdin onuň aýdan sözlerini eşidip hem onuň özüni-de görüp, loh-loh
gülüpdir-de: «Dogrudanam, bu bir bulaşyk düýş öýdýän!» diýipdir.
Ondan soň ol öz gelniniň ýanyna girip, bu bolup geçen ahwalatlary hakydasyndan
geçirip uludan-uludan dem alypdyr, özüniň başyndan geçen bu işlere näme diýip, näme
158

aýtjagyny bilmän haýranlar galypdyr, özüniň şol öňki sellesini jalbaryny, içi müň dinarly
haltajygyny görüp, halys aljyrap, agzyny açyp galypdyr.
«Allanyň özi gowy bilýändir-dä! Bu bir bulaşyk düýş bolaýmasyn!» diýip
seslenipdir. Şol wagt Sitdal Husny oňa: «Bu nä boluş, görýän weli, sen birhili utanýan
hem geňirgenýän ýaly-la? Seniň ilkagşamky bolşuň-a däl!» diýen bolupdyr. Bedretdin
bolsa gülüp: «Men seniň ýanyňda näçe wagtdan bäri ýokdum?» diýip sorapdyr. Sitdal
Husny bolsa: «Toba tagsyr! Alla saňa garaşyk etsin-dä hernä! Üstümizde Alla şaýat bolup
dur! Sen diňe ýazylmaga gidip geldiň ahyry. Sen akylyňy ýitirip ýörsüň öýdýän!» diýipdir.
Bedretdin onuň bu aýdanlaryna ýene gülüp: «Sen mamla! Ýöne weli, men seniň
ýanyňdan çykanymdan soň, täret edilýän ýerde huşumy ýitirip ýykylypdyryn, onsoň
düýşümde her zatlary görüpdirin, Damask şäherinde aşpez bolupmyşym, ol ýerde şeýdip
on ýyl ýaşapmyşym, ondan soň düýşümde baý ogullaryndan biri meniň ýanyma gelipmiş,
onuň ýanynda hem bir agta hyzmatkär barmyş...» diýip gürrüň berip başlapdyr.
Bedretdin Hasan gürrüňiniň şol ýerinde maňlaýyny eli bilen sypalap görüp,
maňlaýyna degen daşyň galdyran yzyny tapypdyr-da: «Alladan ant içýän, hanym, ynanyň,
munuň özi düýş däl-de, tüýs hakykat ýaly hem bolup dur, çünki şol oglan meniň
maňlaýyma daş bilen urup, maňlaýymy-da ýarypdy ahyryn. Munuň özi düýş bolman,
oýalygymda ýaly hem bolup dur!» diýip seslenipdir.
Ondan soň ol: «Ikimiz gujaklaşyp-çyrmaşyp ýatyrkak uklapdyrys weli, men
düýşümde sellesiz zatsyz, hatda balaksyz zatsyz Damaska ugrapmyşym, ol ýerde aşpez
bolupmyşym...» diýip gürrüň beripdir. Onsoň ol birsalym aljyraňňy hala düşüp durupdyrda, soňundan: «Men nar dänesinden hörek bişiripmişim diýýärin, onuňam burçy az
bolanmyş diýýärler... Üstümde Alla bar, men şol tärethanada ýykylyp düýşürgäp
ýatypdyryn öýdýän!» diýipdir. Onsoň Sitdal Husny oňa: «Allanyň haky üçin aýt, sen
şolardan başga, ýene nähili düýşler gördüň?» diýipdir. Onsoň Bedretdin Hasan gören
zatlaryny oňa gürrüň berip, soňundanam: «Alladan ant içýän, ynan, eger men şunça
oýanmadyk bolsam, olar meni şol agaç gurjagyň üstüne germesatan edip çüýlärdiler!»
diýipdir. Onda Sitdal Husny: «Näme üçin?» diýip sorapdyr. «Nar dänesinden bişiren
naharymyň burçy az bolany üçin — diýip jogap beripdir. — Olar meniň dükanymy ýykyp159

ýumrupmyşlar, gap-gaçlarymy döwüşdirip kül edipdirler, özümi-de sandyga salyp
gulplapdyrlar, ondan soň bolsa agaç ussasyny çagyryp, meniň üçin daragajyny
ýasadypmyşlar, çünki meni asyp öldürmekçi bolýardylar. Hudaýa şükür, bu zatlaryň
hemmesi hakykat ýüzünde bolman, meniň düýşüme giren ekeni!»
Onsoň Sitdal Husnam jak-jak gülüp, ony bagryna basypdyr. Bedretdinem ony
özüne dartyp gujagyna gysypdyr-da, birneme pikirlenenden soň: «Alladan ant içýän, ynan,
göwnüme bolmasa, bu zatlaryň özi hökman oýalygymda bolup geçen zatlara meňzeýär!
Ýöne bu ýerde nähili syr bardygyny bilemok!» diýipdir.
Şeýdibem ol öz başyndan näme-nämeleriň geçenligine düşünip bilmän uklapdyr.
Ol bir sözünde: «Men düýşürgäpdirin» diýipdir, bir sözünde-de: «Men oýalykda gördüm»
diýipdir. Şu hili düşnüksizlik ertire çenli-de aýyl-saýyl edilmän galypdyr. Ertirden soň
bolsa onuň agasy Şemsetdin wezir gelip, onuň bilen saglyk-amanlyk soraşypdyr.
Bedretdin Hasan onuň ýüzüne seredipdir-de: «Alladan ant içýän, aýt, meniň
elaýagymy bagladan, özümi-de germesatan edip çüýläp goýmaly eden hem-de nar
dänesinden bişirilen naharyň burçy az bolupdyr diýip, meniň dükanymy ýykypýumurmaly
diýip buýruk beren sen dälmidiň näme?» diýip seslenipdir. Şol wagt wezir oňa şeýle
diýipdir: «Biler bolsaň, oglum, indi hakykat aýan boldy, ozalky gizlin syrlaryň üsti açyldy.
Sen meniň doganymyň ogly ekeniň, şol toý gijesinde meniň gyzymyň ýanynda ýatanyň
sendigiňi ýa däldigiňi bilmek üçin şol işleri etdim. Onuň sendigiňe ynananymyň sebäbi
bolsa sen öz ýatan jaýyňy-da tanadyň, öz selläňi-de, jalbaryňy-da, öz tyllaňy-da tanadyň,
sen öz eliň bilen ýazan hatyňy, seniň öz ataň, meniň doganymyň ýazdyran şol hatyny hem
tanadyň. Men seni ozal görmändim, şonuň üçinem seni tanamaýardym, seniň ejeňi bolsa
men Basradan özüm bilen bile alyp gaýtdym».
Şeý diýipdir-de, wezir aglap özüni Bedretdiniň üstüne oklapdyr. Bedretdin Hasan
bolsa öz agasynyň bu aýdan sözlerini eşidip, biçak haýran galypdyr hem-de şatlygyndan
aglap, öz agasyny gujaklapdyr. Ondan soň wezir oňa: «Bu zatlaryň hemmesiniň sebäbide
meniň bilen seniň ataň arasynda bolan zatdan gelip çykýar» diýipdir-de, öz dogany bilen
bolan wakany, onuň näme üçin Basra şäherine gidendigini gürrüň beripdir.
Ondan soň wezir Ajyby çagyrdyp getirdipdir. Ajyp gelendensoň, atasy ony görüp:
160

«Ynha meni daş bilen uran oglan!» diýip gygyrypdyr. Wezir bolsa: «Bu seniň öz ogluň
ahyry» diýipdir. Şol wagt Bedretdin Hasan oňa bakan gujak açyp okdurylyp, şu gazaly
aýdypdyr:
«Köp aglap-eňredim aýrylyp senden,
Göz ýaşym sil boldy, gam basdy çenden.
Ýene duşuşdyrsa pelek permany,
Äht etdim ýatlaman diýip hijrany.
Duýmazdan begenjiň möwjüne batdym,
Şatlykdan ýaş döküp horkuldap ýatdym».
Bedretdin gazalyny aýdyp bolan badyna-da, öz enesi gelip, onuň boýnuna
towsupdyr-da, şeýle diýipdir:
«Söz tapmadym duşup hanymanyma, Kalbym
diýe bilmen mähribanyma».
Ondan soň bolsa, Bedretdin ýitirim bolandan soňky bolan wakalary enesi oňa
gürruň beripdir. Hasanam şondan soň öz başyndan geçirenlerini olara gürrüň beripdir. Ine,
onsoň olar biri-birine duşanlary üçin, gudraty güýçli Allatagala alkyş okapdyrlar.
Şemsetdin wezirem öz ýurduna gaýdyp geleninden iki gün geçensoň, soltanyň
ýanyna bakan ugrapdyr, onuň ýanyna baryp tagzym edip, onuň aýak tozuny ogşap,
patyşalara hormat goýlup salam berlişi ýaly edip salam beripdir. Soltan hem muňa
begenip, onuň ýüzüne gülüp bakypdyr, öňküsi ýaly ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi
buýrupdyr, ondan soň onuň syýahata giden wagtynda näme görüp, näme eşidenlerini
sorapdyr, başyndan nähili ahwalatlaryň geçenini soraşdyrypdyr.
161

Şemsetdinem gören-eşidenleriniň hemmesini oňa başdan-aýak gürrüň beripdir.
Ondan soň soltan oňa: «Allaha şükür, ýitigiňi tapyp, sag-aman alyp gaýdyp, öz maşgalaň
hem çagalaryň arasyna dolanyp gelen bolsaň bolýar! Men seniň basraly iniň Hasany
hökman görmelidirin, ertir ony şu ýere — diwana alyp gel» diýipdir. Şemsetdin wezir
bolsa oňa: «Keremli Allahyň özi ýol berse, seniň sadyk guluň ertiriň özünde garşyňda
häzir bolar, enşalla!» diýip jogap beripdir-de, soltanyň sag-aman oturmagyny dileg edip
çykyp gaýdypdyr. Öýüne gaýdyp barandan soň bolsa, öz inisini soltanyň görmek
isleýändigini oňa habar beripdir, Bedretdin Hasan basraly bolsa oňa: «Wepadar guluňyz
hökümdaryň buýrugyna boýundyr!» diýip jogap beripdir.
Elgaraz, ondan soň Bedretdin Hasan öz agasy Şemsetdin wezir bilen onuň aly
hezretleri soltanyň ýanyna ugrapdyr. Baryp, onuň huzurynda peýda bolup, edep-ekram
bilen oňa salam beripdir hem iň gowy, hoşniýetler bilen mübärekläp, şu gazaly aýdypdyr:
«Bagty çüwen emeldar tagzym edip ýatypdyr, Şanyň
merhemetinden deň-derejä ýetipdir.
Hökmürowan soltanym, at-abraý, şöhrat sende,
Saňa umyt baglanlar galyp gidýär belende».
Soltan bu ýigidiň sözlerine monça bolup ýylgyryp, üm bilen onuň oturmagyny
yşarat edipdir, ol hem öz agasy Şemsetdiniň bir gapdalynda oturypdyr. Ondan soň patyşa
onuň adyny sorapdyr, Hasanam oňa: «Men saňa gul bolmaga-da mynasyp bolmadyk iň
pes gullaryň biri, adyma bolsa Hasan basraly diýilýär, gije-gündiz seniň saglygyňy diläp,
doga okap ýören guluňdyryn» diýip jogap beripdir.
Bu ýigidiň söz urşy soltanyň göwnüne ýarapdyr, ondan soň patyşa onuň
akylynydüşünjesini, onuň okuw-biliminiň nähilidigini barlap görmek üçin, ondan: «Heý,
seniň ýaňakdaky hallaryň ýazylyp beýan edilişinden ýadyňda saklan zadyň barmy?» diýip
sorapdyr. Hasan bolsa: «Hawa» diýip jogap beripdir-de, şu beýdi aýdypdyr: «Aşygym
jemalyn salsam ýadyma,
162

Yns-jyns çydabilmez dadyma.
Gözüm görejine meňzäp dur haly,
Husnuna taý gelmez hüýrler jemaly».
Patyşa bu şygry makul bilip, ýene Hasana ýüzlenip: «Aýdyber! Seniň ataň Allanyň
mynasyp gören adamydy, seniňem paltaň daşa degmesin, işiň oň bolgaý!» diýipdir. Hasan
hem şu beýdi aýdypdyr:
«Ant içýän näzli ýaryň al ýaňakda alyndan,
Müşk dänesin ýatladýan näzik nukta halyndan.
Geň görme jugra halyň müşk dänä meňzeş bolşun,
Geň gör ýüznüň husn jemläp, birje dänänem alşyn».
Patyşa ýürek joşgunyndan ýaňa saňňyldap: «Meniň üçinem bir beýt aýt, Alla seniň
ömrüňi uzak etsin!» diýip seslenipdir, Hasan hem şu beýdi sanapdyr: «Jugra hal görküňe
görmek goşupdyr,
Misli ýakut üste müşük düşüpdir.
Gel, zulum eýleme, gözüm guwanjy!
Bir gandyr mähriňden, eý göwnüm genji!»
Patyşa bu beýdi diňländen soň: «Örän ajap Läik, meniň gezelenç, tüweleme, Hasan
sen-ä biçak tapawutly ýigit ekeniň! — diýip, oňa hoşallyk bildirip, soňra ýene oňa sorag
berip başlapdyr. — Arap dilinde «hal» diýen sözüň näçe manysy bar, şony bize düşündirip
berermiň?» Onda Hasan: «Patyşamyza Alla kuwwat bersin, ýöne iller elli diýýärler welin,
onuň elli sekiz manysy bardyr» diýip jogap beripdir. Onda patyşa: «Seniňki hak! —
163

diýipdir-de, soň ýene: — Gözelligiň aýry-aýry sypatlarynyň nähili bolýandygyny sen
bilýärmiň?» diýip sorapdyr. Hasan bolsa: «Hawa — diýip jogap berip: — Ýüzüniň
näzeninligi, hamynyň ýylmanaklygy, burnunyň owadan şekili, keşbiniň özüne çekijiligi,
gözelligiň aýgytlaýjy görnüşi bolsa saçdyr. Bularyň hemmesini, baryp-ha aş-Şahab-alHijazy öz gazalynda şeýle jemläpdir:
Gözel bolsa, ýüzi ýaldyrar geňsi,
Üzümiň suwy deý buldurar geňsi.
Burnunyň tarypy ülkeler aşar,
Gözüni görende aşyklar çaşar.
Eňegi eýjejik, pisse dahany,
Geplese gepletmez, sözünde many.
Biliniň inçesi mürçä taýba-taý,
Husnunda kemi ýok, bary jaýba-jaý.
Başda sünbülleri gözellik täji,
Panydan, bakydan alýandyr pajy!»
Hasan bu gazaly okap bolansoň, patyşa onuň zehininden hoşal bolup, arkasyna
kakypdyr-da: «Şureýh kanunçy tilkidenem mekir» diýen nakylyň manysy näme?» diýip,
ondan sorapdyr. Hasan hem oňa şeýle jogap beripdir: «Alla saňa kuwwat bersin,
patyşahym, biler bolsaň, mergi keseli ýaýran günlerinde, Şureýh kanunçy Nejef şährine
gaçyp gidipdir, şol ýere baryp namaza duran wagtynda, onuň ýanyna bir tilkijik gelipdirde,
164

onuň garşysynda durup, oňa öýkünmäge başlap, tas onuň namazyny ýalňyşdyran ekeni.
Tilki her gezek, şeýdip bizar edip duransoň, ol hem bir gezek köýnegini çykarypdyr-da,
ýeňlerini-gollaryny gerip garantgy edipdir, garantgy edilen taýaga bolsa özüniň sellesini
geýdiripdir, köýnegiňem orta bilinden guşagyny guşapdyr, şeýdip taýagy öz namaz
okaýan ýerinde dikip goýupdyr. Tilkijigem hemişekisi ýaly, geläge-de, onuň garşysynda
çommalypjyk oturypdyr weli, Şureýh şol pursatda onuň ýeňse tarapyndan geläge-de
şapladyp tutupdyr, ine, şonuň üçinem oňa ýaňky aýdyşyňyz ýaly, «tilkiden mekir»
diýipdirler».
Hasan basralynyň aýdanlaryny eşiden soltan onuň agasy Şemsetdin wezire
ýüzlenip: «Seniň doganyň ogly, tüweleme, dil-edebiýat bilimlerinden geregini edinipdir,
Kairde oňa taý geljek adam bardyr öýdemok!» diýipdir. Hasan basraly bolsa patyşanyň bu
aýdanlaryna köp minnetdar bolup, ýerinden turaga-da, soltanyň öňünde iki bükülip, onuň
aýak tozuny öpüp, sadyk guluň öz hojaýynynyň öňünde çök düşüşi ýaly çök düşüp
oturupdyr.
Soltan bolsa Hasan basralynyň dil-edebiýat biliminden, hakykatdan-da, uly paý
alandygyny bilip, oňa tüýs ýürekden begenipdir, oňa ýüpek parçadan halat ýapyp, serpaý
berip sylaglapdyr, onsoň onuň öz durmuş ýagdaýyny ýola goýmaga kömek eder ýaly, ony
uly wezipeli işe belläpdir; Hasan basraly bolsa ýene ýerinden turup, onuň öňünde eglip
tagzym edipdir-de, patyşanyň mertebesiniň beýik hem uzak bolmagyny dileg edip, öz
agasy Şemsetdin wezir bilen gaýtmaga rugsat sorapdyr.
Şondan soň soltan oňa gaýtmaga rugsat beripdir, ol hem öz agasy bilen öýlerine
gaýdyp barypdyr, öýde olara nahar äberipdirler, olaram Allanyň bereninden iýip-içip,
keýplerini kökläpdirler, ondan soň Hasan basraly öz aýaly Sitdal-Husnynyň dynç alýan
otagyna baryp, soltanyň ýanyna baryşlaryny, ol ýerde bolan gep-gürrüňleri hem bütin
bolan zatlary aýalyna gürrüň edip beripdir. Aýaly bolsa muňa begenip: «Ol seni hökman
öz tabakdaşy-da ediner, seni her hili zatlar bilen sylaglap, saňa bolelin ýeter ýaly
serpaýlaram eder! Allanyň emri bilen, sen her ýerde bolsaň-da, derýa-deňizde bolsaň-da,
gökde-zeminde bolsaň-da, sen göýä asmanyň aýy dek, öz röwşen gözelligiň bilen äleme
ýagty salýarsyň» diýip öwüpdir. Onda Hasan: «Onuň meni tüýs ýüreginden söýmegi üçin,
maňa bolan şol söýgüsiniň has-da ulalmagy üçin men ony wasp edip, onuň şanyna ajap
165

bir nama ýazmak isleýärin» diýipdir. Onda aýaly: «Berekella, tüýs bolaýjak zat! Oňatja
pikirlen-de, örän gowy ýazjak bol. Şeýdäýseň, onuň saňa ýagşylyk baryny etjegini edil
gözüm bilen görüp durun» diýipdir.
Ine, onsoň Hasan basraly özüne hiç kim päsgel bermez ýaly, çolaja bir ýerde
oturypdyr-da, düzülişi taýdan gelşikli, manysy taýdan-da ajaýyp gazallary düzmäge
bşlapdyr. Ine, onuň ýazan goşgusy:
Hökümdarym, belent şöhrada ýetdiň,
Beýik merdanlaryň ýoluny tutduň.
Il-güne adyllyk şöhläňi çoýduň,
Duşmany dargadyp, garagyn oýduň.
Dosta perişde deý yssyň-mähriň bar, Pise
şir-peleň deý gazap-gahryň bar.
Gapyňy açanlar baýlyga batar,
Iliň minnetdardyr, sarpaňy tutar.
Eçilseň nur dökýäň mährem ýüzüňden,
Söweşde ot saçýaň ala gözüňden.
Jomart bolup meýmiretdiň, mes etdiň,
Raýatlarňa rehmet ýaýdyň, esetdiň.
166

Ömrüň uzak etsin gudratly Suhan,
Şum pelek kastyndan saklasyn aman.
Ol özüniň bu goşgusyny ýazyp bolandan soň, ony öz agasy Şemsetdin weziriň
gullaryndan birisiniň eline berip, onuň alyhezretleri soltana iberipdir. Soltan hem ony okap
görüp, biçak begenip, ýüregi şatlanypdyr, onsoň patyşa ony öz ýanyndaky adamlara-da
okap beripdir, patyşanyň öňünde tegelenişip oturanlaryň-da hemmesi Hasany öwüp arşa
çykarypdyrlar. Ondan soň soltan ony öz ýanyna çagyrypdyr, Hasan onuň huzurynda peýda
bolan wagtynda, oňa: «Şu günden başlap, sen meniň tabakdaşym, özümiň saňa ozalky
bermeli edip bellän zatlarymdan daşgyn, men saňa ýene her aýda müň dirhem bermeli
edýärin» diýipdir.
Hasan basraly hem ýerinden turaga-da, soltanyň öňünde tagzym edip, onuň aýak
tozuny üç gezek öpüp, soltanyň şan-şöhratynyň artmagyny hem ömrüniň uzak bolmagyny
dileg edipdir. Ine, şondan soň, Hasan basralynyň gulluk derejesi ýokarlanyp, dabarasy
daglardan aşypdyr, ine, şeýlelik bilenem, ol öz agasynyň ýanynda, öz maşgalasynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Müň bir gije - 12
  • Parts
  • Müň bir gije - 01
    Total number of words is 3355
    Total number of unique words is 1760
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 02
    Total number of words is 4008
    Total number of unique words is 1798
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 03
    Total number of words is 3977
    Total number of unique words is 1804
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 04
    Total number of words is 3940
    Total number of unique words is 1740
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 05
    Total number of words is 3964
    Total number of unique words is 1788
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 06
    Total number of words is 3916
    Total number of unique words is 1895
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 07
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 1789
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 08
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 1923
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 09
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 1893
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 10
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1862
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 11
    Total number of words is 3869
    Total number of unique words is 1743
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 12
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 1846
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 13
    Total number of words is 4056
    Total number of unique words is 1892
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 14
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1879
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 15
    Total number of words is 4047
    Total number of unique words is 1823
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 16
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1858
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 17
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1604
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 18
    Total number of words is 4011
    Total number of unique words is 1740
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Müň bir gije - 19
    Total number of words is 3392
    Total number of unique words is 1530
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.