Latin

Hatlar - 18

Total number of words is 3458
Total number of unique words is 2185
28.7 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
состояния души маленького героя. Тут мы чувствуем и
добрый юмор, и тонкий лиризм».
Сергей Каратов. Поэт. Москва.
***
"Агагельды Алланазаров имеет редкий писательский
дар и глубину мудреца. Он ощущает связь времён и
обладает восприятием ребёнка без границ между фантазией
и реальностью."
Лора Степанская, Заслуженный деятель искусств
Туркменистана.
367
Agageldi Allanazarowyň «Kalbyna hem alysa
syýahat» kitabyny okap…
Agageldi, sen bu goşga mätäç däl,
Goşgym mätäç, özi ýanyňa bardy.
Ol neneň barmasyn,
Deň-duşlardaky
Ýok zatlaryň
Sende bardygny gördi.
Aýlanýarkak gazygymyzyň daşynda,
Bolup ýörkäk bähbitjikleriň «guly».
Turkmen taryhynyň tarp ýerlerini.
Görüp, özleşdirip ekýärsiň güli.
Ýogsam, güzeranyn ilden artyk däl,
Bilýän, ilden artyk alaňok puly.
Şonda-da türkmeniň topragy üçin
Kitabyňda gurupsyň sen heýkeli...
Mysalmy?
Gaýgysyz Atabaý üçin
Guwanjyňy görüp haýran galdym men.
(Beýikleri bilip, söýüp bilýäniň
Beýik bolýandygny indi aňdym men).
Biziň taryh uklap ýatan bir deňiz,
Sen onuň goýnunda müňzäp barýarsyň!..
Gaýgysyzyň gürrüňlerni bereňde,
Göýä özüň şoňa meňzäp barýarsyň!
368
Menem öz ilini söýeniň biri,
Söýgi setirini sazlapdym ençe.
Ýöne, Agageldi, boýun alýaryn,
Herkes söýüp bilmez türkmeni Sençe...
Gurbanýaz Daşgynow, şahyr.
***
Писатель и поэт Агагельды Алланазаров. Родился в
1948 году в селе Марчак, на юге Туркменистана. Окончил
Литературный Институт им. А.М. Горького, семинар Льва
Ошанина. Ныне он живой классик туркменской литературы,
автор 30 книг, переведенные на многие языки народов мира.
Живет в Ашхабаде.
«Эолова Арфа» альманах. Москва, 2006 г.
***
… Türkmen edebiýatynda «Ykbalyň» birinji kitabyndan soň
şeýle «Ojak» ýaly gowy romany okamandym.
Akademik. K. Şagylyjow
***
Agageldiniň «Ojak» kitabyny maňa okamagy maslahat
berdiler. Tapdym, okadymam. Menem öz gezegimde ony
okamagy maslahat size berýärin. Onda men öz döwrümiziň
«Aýgytly edemini», «Ykbalyny» gördüm.
Akademik. A.G. Babaýew.
369
***
Ýazyjy Ag. Allanazarowa dostluk degişmesi
“Iner ýüküň” göterýänin geň görmäň.
Onuň özi hut şol iner diýlendir.
Edebiýata köpler ýaly ýöräp däl,
Ol asmandan – paraşutly inendir.
Gurbanýaz Daşgynow. Şahyr.
***
«Ojagy» okadym, Kerbabaýew ölmän ekeni.
S.Ataýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
***
Meniň Agageldiniň ýazyjylyk bagtyna gözüm gidýär. Onuň
döredijilik babatda gürrüň edende, aňyrsy daşgynly derýa deýin,
deňiz deýin joşup, daşyp, özünden çykmasy bar. Agageldi
Allanazarowyň döredijiligi bilen ýakyndan tanşyp, men hakyky
zehine ak patanyň aňyrdan berlendigine göz ýetirdim. Sebäbi
hakdan halatly bolmasaň, döredijilikde beýle mynasybetli
dünýäni döretmek aňsat däl.
Bibi Orazdurdyýewa, şahyr.
***
"Ýazyjy Agageldi Allanazarowyň ýazyş usulam, onuň
gahrymanlaram, daşyndan göräýmäge sadalaç ýaly. Emma
olaryň dünýäsine içgin aralaşdygyňça şol sadalygyň aňyrsynda
nähili çuňlugyň, nähili öwrümleriň ýatandygyny görüp haýran
galýarsyň.
...Agageldi ýazan zadyna öz adyny goýmasa-da, onuň türkmen
äheňinden, diňe türkmene mahsus inçe zatlary tutuşyndan bilse
370
bolýar. Muny başarmak üçin bolsa ganyňda mydama gyr at
dabyrdap, at salyp ýören bolmaly".
Kömek Kulyýew, ýazyjy.
***
Agageldi Allanazarowyň "Ojak" romanynyň döremegi biziň
edebiýadymyzda hadysa boldy. Ony okap men Türkmeniň şeýle
ussat ýazyjysynyň barlygyna begendim.
Remezan Joraýew, professor, ýazyjy.
Beýik adam! Beýik şahyr
Ýedi ýaşy arka atyp,
Mekdebe bir çaga geldi.
Deň-duşundan saýlanyp dur,
Onuň ady Agageldi.
Zehinlije bu oglanjyk
Mugallymyň ünsün çekdi.
Okamakda, hat ýazmakda
Hemmelerden üstün çykdy.
Her çärýegi 5-lik bilen
Tamamlady. Aldy sag bol.
Käte diwar gazetine
Goşgy ýazyp başlady ol.
...Ondan bäri aýlar däl-de,
Onlap-onlap ýyllar ötdi.
Şol zehinli Agageldi
50 ýaşa gelip etdi.
371
Ol tüýs alçak hem edermen,
Giň jahana etdi saýran.
Onuň ýazan eserleri,
Okyjyny etdi haýran.
Powest, roman, goşgy ýazyp
Gazandy ol uly şöhrat.
Oňat zady gören pille
Çaga ýaly bolýar ol şat.
Bolşy meňzeş göwresine,
Ownuk däl ol, juda iri.
Ähli ýerde dostlary bar,
Dostlarynyň menem biri.
Beýik adam. Beýik şahyr
Agageldi Allanazar.
50 ýaş bu gojalyk däl,
100 ýaşda-da eser azar.
Gurban Çöleýew.
18-nji dekabr, 1998 ý.
***
Şahyr hem ýazyjy dostum Agageldi Allanazarowa
Alyň, dostlar, al şeraply bulgury,
Dünýäň keýp-sapasy jama gelipdir.
Möwç urup lummurdap,
372
Marçakdan Murgap,
Kenaryndan aga-aga gelipdir.
“Iner ýüki” gerdendedir dowama,
“Menziller çat açar”, başlar gowga-da.
Gyrat kişňäp, salyp dünýä howala,
Görogly soltandan nama gelipdir.
Ataş ýuwdup Kaknus guşuň ýanyşy,
Ýyldyrymly jalalaryň ýagyşy, Ýalňyz ýazgydyndyr şahyr-ýazyjy,
Dabaraň dag aşyp çawa gelipdir.
Kyssa-şygyr ýazyp yşkdan-heserden,
Gursakdan möwç, pähim çyrpynar serden.
Jigiden jan alan dana eserlen,
Bakylyk mülkünde jana gelipdir.
Gara dag deý gaýlap, bulut deý gaýnap,
Jöwher jümle saýlap, göwher söz saýrap,
Hakykatdan ugrap, Haka golaýlap,
Kämillik halata, haala gelipdir.
Agageldi, tüweleýle, köwsarlä,
Aýak gorda ýansyn, dik başyň
garda. Beg bol!
Agabeg bol!
Beýik diýarda,
Şeraben-tehurdan bada gelipdir
Bu dünýäde düwün yza düwün çöş,
Äre-hemra,
373
Pakyrlara göwündeş,
Beýik halypalar, Size egindeş
Ýaşlara halypa, aga gelipdir.
Nobatguly Rejebow.
Aşgabat. 1998 ý.
***
Şahyr
Agageldi diýeňde, gözöňe geler,
Pähimli, paýhasly nuktadan Şahyr.
Edermen, ilsöýer, halk gadryn biler,
Zähmetkeş, yhlasly, mähriban Şahyr.
Eserler döreden, nagmalar düzen,
Dürdäne sözleri süzekden süzen
Birnäçe kitaplar, romanlar ýazan
Şirin sözli, ezber, hak ýalkan Şahyr.
Sen ussatsyň, ussatlygňa şek ýokdur.
Zehiniň ýitidir, bilmiň biçakdyr.
Özüň höşniýetli, ýüregiň akdyr
Maksada okgunly, ba iman Şahyr.
Buýsanja laýykdyr eden işleriň
Men üçin mertebe obadaşlygyň.
Kabul ýet menden, bu göwün hoşlugym
Adyň baky galar, il halar Şahyr.
Saňa hoş sözleri näçe aýtsaň saz.
Pendi bahary deý kalbyň ala-ýaz.
374
Seni näçe taryp etseň ýene az,
Beýik alym, beýik ýazyjy Şahyr.
Abdylkerim Aýdyň Ýaz ogly.
Owganistan.
***
Ussat ýazyjy Agageldi Allanazarowyň men onuň "Ojak",
"Düwlen", "Hazaryň yssy tomsy" romanlarynyň diňe bir ilkinji
okyjylarynyň biri däl, onuň ýakyn maslahatçy-redaktorlarynyň
hem biri boldum.
Edebiýatymyzda şeýle gowy mertebeli ýazylan eserleriň
döremegi diýseň guwandyrjydyr.
Agageldiniň romanlary edebiýat äleminde hadysa boldy.
Men ony, haýsydyr bir ýazyjy bilen deňeşdirmeli bolsam, Oňa
Türkmeniň Mihail Şolohow diýerdim.
Kakajan Durdyýew.
Ýazyjy. Filologiýa ylymlarnyň kandidaty.
B. Kerbabaýew adyndaky baýragynyň eýesi.
Aşgabat.2006ý
***
Hakyky ýazyjy bilen bizi onuň eserleri tanyşdyrýar. Zehinli
ýazyjy Agageldi Allanazarow bilen meni onuň "Ýedi däne"
powesti tanyşdyrdy.
Naryman Jumaýew, ýazyjy.
.
375
______________________
SÖZSOŇY
INER ÝÜKI
Yaşulular, olaryň içinde hem has-da synçylary baý durmuş
tejribelerine, tebigy duýgularyna daýanyp, özleri bilen gatnaşykda
bolup, iş salyşýan ýaş-ýeleňleriň geljekde nähili häsiýete, nähili
hünäre eýe boljakdygyny öňünden aňýarlar, «akyl kädisinde»
«şygyrdysy» özboluşly hem ýakymly «heň edýänlere»
guwanýarlar, köpi görüp, «gözleri açylar ýaly» mümkin bolan
ýagdayda, olar bilen eýläk-beýläk bile-de gidýärler.
1967-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda Türkmenistanyň
ýazyjylarynyň köp adamly, uly ýygnagy boldy. Şoňa Marydan
gelen şahyrlar Çary Gurbangylyç, Akmyrat Çaryguly—Erkin
dagy bilen salamlaşmak üçin arakesme wagty idäp, olaryň
ýanlaryna bardym. Ortadan sähel uzyna golaý boýly, goýungözli
bir nätanyş ýшgide hem gabat geldim.
Çary aga adaty degişgenligine salyp, gepe şüwlüm bermek
maksady bilen, artdyryp aýtmak endigine görä:
— Bu oglan Tagtabazaryň sergin çölünde burnuna ýel düşen
bugurçy ýaly bolup Mara gelende, eýýämden agzyndan ak köpük
saçyşy göwnümize ýarady, onsoň muny höre-köşe bilen tutup,
bärik alyp gaýtdyk — diýdi.
Akmyrat aga daşdan aýlap durmady, gylygyna görä, düşnükli
bolaryny etdi:
— Muňa Agageldi Allanazarow diýýärler.
Men bu iki ýaşulynyň ikisiniň-de özüne aralyk bolar ýaly
edip gürledim:
— Bugurçymy, inerçemi, ine-ganalykda göreis. Topbagymyz
bilen çaýlaşmaga gideliň.
Jaýdan çykan ýerimizde halypa ýazyjy Hydyr Derýaýew
duşdy. Hormatlap, ony-da ýanymyza aldyk.
376
Çaý başynda ýaşulular birek-biregiň hal-ahwalyny
soraşdylar, geçmişi ýatlaşdylar. Gep arasynda men Agageldiniň
Marynyň ýörite orta bilim berýän mugallymçylyk mekdebinde
okaýandygyny, goşgy ýazyandygyny özünden sorap bildim.
Aňrujy mümkinçiligi bolsa, ýokary okuw mekdebine okuwa
girmegini, eger çeper döredijilige baş goşjagy çyn bolsa, düypli
ylym alyp, gözýetimini giňeltmägehökmany zerurlyk derejesinde
üns bermegini, özümiň-de durmuş tejribämiň onçakly baý
däldigine garamazdan, garaz, ýeri gelensoň, akylym kesişinden,
oňa maslahat berdim.
Biz Agageldi bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, döredijilik hem
durmuş babatda pikir alşyp durmagy arzuw edip sagbollaşdyk.
Emma uzak wagtlap görşüp bilmedik. Agageldi mugallymçylyk
mekdebini tamamlap, alan ýörite orta bilim hünäri boýunça
başlangyç synp okuwçylaryna sapak berip başlaýar, bir ýyldan
harby gulluga gidýär, gaýdyp gelibem, Moskwanyň döredijilik
işgärlerini ýetişdirmäge yoriteleşdirilen A.M.Gorkiý adyndaky
Edebiýat institutyna okuwa giryär.
Şol institutda 1974-nji ýylyň ilki aýynda ýaş edebiýat
tankytçylarynyň bütinsoýuz seminar-maslahaty geçirildi. Oňa
Türkmenistandan hem meniň bir özüm gatnaşdym. Şol wagtlar
Moskwada Ýazyjylar birleşiginde türkmen edebiýaty boýunça
geňeşiň jogapkär kätibi bolup işleýän ezber kyssaçy dostum
Atajan Tagan alada galyp tabşyran eken, Agageldi Domodedowo
aeroportunda öňümden çykyp, garşy aldy. Edebiýat institutynyň
umumyýaşaýyş jaýynda özbaşdak otagda ýerleşmäge kömek
etdi.
Seminar-maslahatyň işe başlanyndan bir hepde soň bizi
edebiýatçylaryň Merkezi öýüne dabaraly duşuşyga çagyrdylar.
Duşuşykda görnükli ýazyjylaryň, zehinli ýaşlaryň çykyş
etjekdiklerini aýtdylar. Höwes bilen topar tutup bardyk. Uly
377
sahnanyň töründe azy ýaran ýazyjylaryň arasynda Agageldi
Allanazarowa gözüm düşdi. Institutyň dördünji ýyl talyby
bolsa-da, onuň epeý ýazyjy hökmünde öz türkmen ilimiziň
edebi abraýyny goraýşyndan begenjimden iki bolup bilmedim,
biygtýar Agageldiniň adyny tutup gygyrdym. Duşuşygy alyp
barýan dünýä belli aýdymçy-şahyr Lew Oşanin meniň bu
oňaýsyz hereketimi gowulyga ýordy oturyberdi, ýaş türkmen
şahyrynyň döredijiligini ykrar edip, hormatlamadan bir nyşan
diýip yglan etdi. Bir-iki ýyldansoň bolsa onuň özi «Edebiýat
we sungat» gazetimize ýöriteläp, Agageldiniň goşgularynyň
öňünden öwgüli hödürnama hem ýazdy, türkmen şägirdiniň
goşgularyndan ybarat diplom işine yolbaşçylyk hem etdi. Şol
diplom işiniň resmi opponenti—synçysy bolmak maňa ynanyldy.
Döwlet synag komissiýasy uçurym talybyň döredijilik işine
ýokary baha berdi.
Men bu zatlary ýatlamak bilen, Agageldi Allanazarowyň
edebi döredijilige baş goşup ugranyndan uly halypalaryň-da,
ýonekeýokujylaryň-da ünsüni özüne çekip bilendigini nygtajak
bolýaryn. Şemal bolmasa, çöp başy gymyldamaýar. Her bir şygyr
ýazana hem beýle içgin üns berlip durulmaýar. «Boljak oglan
bolşundan belli», Agageldi Allanazarow çeper döredijilikde
turuwbaşdan öz ýüzüni görkezmäge çalyşdy, öz sözüni
aýtmagyň ebeteýini gözledi, önki torç edilen ýoldan gitmegi
aňsadyna bakmak diýip düşündi. Çarkandagam bolsa, özbaşdak
ýol-ýoda ugruna çykdy. Çarkandak ýerde owadan ädim urmak
kyn bolýar. Käte antak-mantak hereket etmegiň-de mümkin.
Agageldi Allanazarowyň goşgularynda, hususan-da, ulular üçin
goşgularynda, göýä tekizlenen yeriň käbir pytradylman galan
bajaklary ýaly, käbir gödekleç setirleriň gabat gelmegini hem şu
hili ýagdaýa syrykdyrmak mümkin. Emma bir zady welin bek
bellemeli. Agageldi Allanazarow goşguda boş gürrüň etmeýär,
378
serişdesiz, maglumatsyz geplemeýär. Oňa dekleratiwlik ýat.
Serişdeler, maglumatlar goşgulara özboluşly beýanaty (epiki)
häsiýetini hem berýär, bu ýagdaý durmuşy delillendirip, dogruçyl
sypatlandyrmagy hem aňladýar, bu ýagdaý onuň durmuşy
giň meýilnamada, uly möçberde görkezmek üçin kyssa tarap
imrindirip gitmegini hem aňladýar.
Geldi-geçer döwrüň höküm sürýän aňyýet syýasatyna
zoraýakdan laýyklaşdyrjak bolup, sungatda ýalan sözlemek
juda aýyp hasap edilýär. Yöwsellemek aýak tibirdisinden diýlip
düşünilýär. Gorkup awa çykyp bolmaz. Edebiýat meýdany
gorkagyň, ýöwseliň, iki ýüzli ýalançynyň ýeri däl. Batyrgaý
döwüş gurup bilmeseň, nä körüň bar ol meýdanda?! Dörediji
sözüniň manydaş sözi (sinonimi)— batyr. Dörediji adama
batyrlyk hökmany şert. Agageldi Allanazarowyň döredijiliginde
batyrlyk bütin aýdyňlygy bilen ýuze çykýar.
Beýik Watançylyk urşy hakynda köp ýazyldy. Tüýs sungat
eserleri hem döredildi. Agageldi Allanazarow «Meniň Andy
akgam» diýen goşgusynda gazaply uruşda nemes ýesiri bilen
ýüzbe-ýüz bolan türkmeniň gürrüňini ýumarlaman, şeýle
diýýär:
Syr saklady, asla syryn açmady, Dyza hem çökmedi janyny
diläp, Jogap berdi soraglaryň baryna:
«SS men» diýip, şol bir sözi gaýtalap.
Komandiriň jany dagy ýanaýdy, Atdy şonda ony it atan
ýaly. Meniň bolsa oňa nebsim agyrdy— Bardyr ahyr çagalary,
aýaly.
Bu ýerde urşuň ýowuz hakykaty, adamlary biri-birine garşy
jellada öwrüşi, ynsanlyk ynsaby bolanyň muňa biperwaý garap
bilmeýşi şygry (liriki) gahrymanyň pikirleniş özboluşlylygyna,
gepleýiş äheňine laýyklykda berilýär.
Agageldi Allanazarowyň sungatdaky dogruçyllygy barada
379
gürrüň barýanlygy üçin, özümiň şaýatlyk etmegimde onuň
bilen bagly hakyky bolup geçen durmuşy bir wakany ýatlamak
artykmaçlyk etmese gerek. Ýöne öňünden aýdyp goýaýyn, ol
waka ýagdaýa görä desbi-dähillikde edilen zoňtar hereketiň
netijesi, ol hereketem türkmeniň milli häsiýet özboluşlylygynyň
ýylmanmadyk görnüşde ýüze çykmasy ýaly bir zat. 1994-nji
ýyldaky şol seminar-maslahata gatnaşýanlaryň arasynda asly
başga ýerli, alçaksy bir edebiýatçy bardy. Bir gün ol agşam
meniň otagyma geldi. Agageldi hem ýanymdady. Iýildi-içildi.
Dilleriň jähegi ýazdyryldy. Ýaňky alçaksy edebiýatçy on
ýyla golaý mundan öň institutda okanda, aralaryndaky talyp
türkmen gyzyny ýürekden gowy görendigini, ol gyz bilen
tirkeşip, oňa-muňa-da gidendigini, emma ol gyzyň özüne
baryp bilmejekdigini, aýlaman-dolaman, göni aýdandygyny,
özi welin ýöne aýdybam goýaýman, gyzan kelläň yňyna
heserlenip, ýanjap-ýanjap gürrüň berdi. Bir görsem, Agageldi
ony ýakasyndan tutup, zöwwe galdyryp, sykaja salyp barýar.
Olary abaý-syýsat bilen aralaşdyrdym. Ertesi ol ýigidiň özi gelip,
mendenem, Agageldidenem ötünç sorady, hiç hili öýke-kine
saklamaýandygyny, milli häsiýete gaty seresap çemleşmelidigine
şu wakada has aýdyň göz ýetirendigini, türkmenleriň göräýmäge
äwmezekdigine, üstesine-de açyk göwünlidigine seredip, öz
aňryňda erbetlik nyşany bolmasa-da, olaryň ýanynda gömelteý
bir zat diýip goýbermeli däldigini, şunlukda, türkmeniň juda
namysjaň halkdygyna buýsanýandygyny aýtdy. Galdyrbassyrsyz ýüregini açan ýoldaşymyz bilen ýene-de dostana
gatnaşykda bolduk. Agageldi Allanazarowyň «Iner ýüki» diýen
powestinde namys bilen bagly ýaka tutuşykly bir waka Beýik
Watançylyk urşy döwründe adaty türkmen obalarynyň birinde
bolup geçyär. Üç dogany fronta gidensoň, uly öýüň garamaty
gerdene düşen ýetginjek Ýazly powestiň baş gahtymany bolup,
380
orta çykýar. Agyr durmuş ony taplayar. Şonuň üçinem ol agygarany tiz saýgarýar, özüniň durmuşdaky ornuna düşünýär.
Onuň pikiriçe, bütin maşgalanyň mertebesini, namysyny erkek
kişi hökmünde gorap saklamaly. Ýazlynyň ýaş başyna götermeli
iner ýüki, ine, şu. Kişi kimin göterýarem. 01 ýeňňesini ite
ýardyryp, gorkuzyp aşaklyk bilen onuň namysyna tokunjak
bolaýana meňzeýän adamyň özüniň-de, bütin maşgalasynyňda mazasyny alýar, itin-ä urup süýndürýär, öýünem otlajak
bolyar. Ýazly gyzmalyk edip, üstesine-de dogumyna bäs gelip
bilmän, gatyragam gidyar. Namys meselesi ara düşensoň, onuň
mejburlykdan eden bu çökder hereketi okyjyny öz ygtyýaryna
goýmaýar, onda içki agdar-düňderilişik döredýär, hatda nähilidir
bir hili kanagatlanma ýaly duýgynam oýarýar.
Bir gezek gürrüňden-gürrüň çykdy-da, Moskwada bolup
geçen waka bilen şondan ep-esli wagt soň ýazan «Iner ýuki»
powestindäki wakanyň ilteşiginiň bardygy-ýokdugy barada
Agageldiden dikanlap soradym. 01 iki wakanyň arasynda
matlap-many taýdan hem, käbir kesgin hereket taýdan hem
ilteşigiň bardygyny inkär edip bolmajakdygyny ýaňzytdy. Ýazyjy
halkynyň ädehedi şeýle. 01 hemme zady bolşy ýaly uly ile peçen
edip aýdyp durmaýar. Eserinde käbir zady üm bilen düşüner ýaly
edip goýyar. Ondan özüňçe netije çykarmaly. Ýazyjy haýsydyr
bir matlaba, pikire ömrüniň durkuna «göwreli» bolup gezyär.
Agageldi Allanazarowyň hem kalbynda türkmeniň namysy, şol
esasda hem, umuman, mertebe meselesi hemişelik orun tutup,
dürli durmuş wakalarynyň täsiri bilen eserinde ol ýa beýleki bir
görnüşde ýüze çykyp durýar. Gozgalýan mesele hakyky durmuş
wakalarynyň çeper beýana (sýužete) laýyklaşdyryp siňdirmegi
bilen herekete gelyär. Laýyklaşdyrmak durmuşdan daş düşmek
däl. Şeýle bir zady deňeşdirip göreliň. Käbir adam täze jaýa
göçüp baranda, onuň asylky taslamasynyň ýerine ýetirilişindäki
381
bejergilere, öwüşgin-şekillere, tanalmaz derejde bolmasa-da,
öz islegine görä, belli bir özgertmeler girizýär. Ýazyjy hem
çeper beýany (sýužeti) düzende, hakykatda bolup geçen durmuş
wakalaryna özgertmeler girizýär. Şeýdýär-de, durmuşylyk
çeperçiligiň ülüşlerineöwrülýär. Durmuşylyk bilen çeperçilik
biri-birini şertlendirýän zerurlyk hökmünde berjaý edilişi babatda
eseriň häsiýetini kesgitleýär. Eseriň häsiýeti bolsa, öňdäki
gysgaça degşirmelerden hem mälim bolşy ýaly, ýazyjynyň öz
ruhy dünýasiniň belli-belli taraplary bilen utgaşýar.
Muny başga bir maglumatyň üsti bilen-de düşündirip bolar.
Diýdimzorluk döwründe harby gulluga çagyrylan türkmen
ýigitleriniň lellimdigi, gowşakdygy hakynda gum sowrup,
küpürsäp, köp gürrüň edildi. Agageldi Allanazarow welin
«Ýedi däne» atly ilkinji powestinde hem, beýleki kyssa we
şygry eserlerinde hem diýlişi ýaly däldigini subut edýän şekilde
türkmen esgerleriniň dogumly, gaýratly hereketleri bilen, oňaýly
häsiýetlerini açyp görkezdi. Ozüni milli buýsanjyny bir öwrümde
hem, şeydip, ýüze çykardy. Ya-da bolmasa, onuň çagalar üçin
ýazan eserlerini alyp göreliň. Körpe gahrymanlar, hususan-da
oglanjyklar daşdeşenjedir. Olar degişmegi, gülüşmegi gowy
görýärler. Umuman, Agageldi Allanazarowyň çagalar üçin
eserlerinde ýumoristik häsiýet güýçli duyulýar. Bu ýagdaý
körpelerde durmuşa söýgi döretmäge has netijeli täsir edýär.
Agageldi Allanazarow çagalara niýetläp ýazan şowly eserleri üçin
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Yaşlar guramasynyň
baýragynyň, Türkmenistanyň Yazyjylar birleşiginiň Hajy
Ysmaýylow adyndaky baýragynyň eýesi boldy.
Agageldi Allanazarowyň kyssa eserleri, olaryň içinde-de
«Sürgünler», «Düwlen» romanlary waka hem hereket babatda
geriminiň giňligi, olaryň ýaýraw meýdanynyň düzlügi bilen,
many-mazmun babatda pikir öwüşgünleriniň köplügi, şol bir
382
wagtda-da çugdamlygy bilen häsiýetlenýär.
«Sürgünler» romanynda, bellibir derejede adyndan
aňlanylyşy ýaly, taryhyň emrine görä, ýat ýere sürülip äkidilen
türkmenleriň agyr ýagdaýlarda, kyn şertlerde: «Adam başy
daşdan gaty» diýleni, hakykat ýüzünde amal edip, ykbal ýolunyň
egremlerinden, öwrümlerinden töwekgellik, tutanýerlilik bilen
geçişi görkezilýär. Şol ýoluň esasynda ýazyjynyň özüniň atababalarynyň hem hupbatly durmuşy ýatyr. Bu ýagdaý romanyň
resminamalaýyn (dokumental) häsiyetdäki ynandyryjylyk
äheňini güýçlendirýär. Ynandyrmagyň hatyrasyna ýazyjy öz
gahrymanlarynyň gatnaşýan wakalarynden soňky ykballary
barada çykgytda gysgadan degerli maglumat berýär. Elbetde,
käbir gahrymanlar babatda şeýle edilýar. Sebäbi ähli gahryman
babatda şeýle etmeklik çeper eseriň häsiýetine laýyk gelmeyär.
Egerylmy iş bolsa, onda başga gep. Emma çeper eseriň ylmylyk
häsiýetiniň bolmagyny-da inkär edip bolmaz. Çeper eserdäki
ylmylyk döwrüň ruhunyň edebeiýatyň anyk taryhylyk ygtykaty
(prinsipi) esasynda şöhlelendirmgini aňladýar. «Sürgünler»
romanynda hem şu möhüm ygtykata eýerilýär.
Eserde XX asyryň otuzynjy ýyllarynyň başynda bolup
geçen, zorlukly wakalaryň adam ykballaryna eden täsiri ýowuz
hakykata laýyklykda çeper suratlandyrma arkaly berilýär.
O1 döwür SSSR-iň döwlet dolandyryş ulgamynda adamlary
synpy nukdaýnazardan toparlara bölüp häiýetlendirmegiň güýçli
depgin almagy üçin zorlukly çäreleriň işjeň görnüşe geçen döwrüdi.
Öz gara zähmeti bilen günemasyny aýlap ýoren hojalyklar hem
tutuşlygyna ýa-da bölekleýin kulakçylyga
çekilip, Sibire,
Gazagystana, Özbegistana, garaz, hossar aýagy çekmejek ýerlere,
türkmen aýtmaýyşlaýyn, «Güm- gidene» iberilýardi. Bu ýagdaý
Murgabyň boýunda, Pendiniň düzünde azarsyz-bizaryz küren
tutup oturan goja Kymyşyň maşgalasynyň üstünden hem apy383
tupan bolup inýär. Gojanyň öý-işikli iki ogly-da çagalary bilen
Gazagystana, Özbegistana sürgün edilýar. Romanda Kymyş
gojanyň maşgalasyna aýratyn üns berilýär. Birinjiden, yazyjy
bir maşgalanyň ykbalynda tutuş taryhy döwrüň hasratyny, bu
hasrat zerarly ýüze çykýan adam häsiýetini edebiýatyň çeper
umumylaşdyrma (tipleşdirme) ygtykaty esasynda görkezmegi
niýet edipdir. Niýetine görä amalam edipdir. Ikinjiden, şunuň
bilen, gahrymanlaryň hereket çugdamlygyny üpjün etmäge üns
beripdir. Elbetde, romanda şu maşgala bilen ilteşigi-gatnaşygy
bolmadyk garymanlar hem çykyş edýärler. Hiç bir adam daşky
dünyä bilen baglanyşyksyz bolmaýar. Hatda ol ýeke bolaýanda
hem jemgyýetçilik durmuşda ýekebara bolmaýar.
Wakalar, olara gatnaşýan adamlar görnüşleri, häsiýetleri,
matlap-maksatlary taýdan juda özboluşly aýratynlyklarynyň
bardygyna garamazdan, ýazyjynyň dolandyrmagynda, eserde
öňe sürülýän esasy many-mazmuny aýdyňlaşdyrmaga hyzmat
edýärler. Netijede, eser bitewilik häsiýetini alýar.
«Sürgünler» romanynda öňe sürülýän esasy many-mazmun
babatda nazara alynmagy zerur bolan üçünji bir ýagdaý
pelsepewi (filosofiki) düşünje röwüşli öý-ojak meselesidir. Öýojak mukaddesdir. Kymyş gojanyň maşgalasy, bu mukaddeslige
sarpa goýmak bilen, taryhydurmuşyň çylşyrymly bir pursadynda
ruhy taýdan berkemek çärelerini (prosesini) dogum-gaýrat bilen
başdan geçirýär.
Kymyş goja we onuň maşgalasy taryhyň şaýady hökmünde
barha we barha kämil derejä ýokary göterilýär. Taryhyň şaýady
bolmak bilen, has dogrusy, taryhy dörediji bolmak halk bilen
kybapdaş bolmagy aňladýar. Nygtap aýdýarys, «Sürgünler»
romanynyň esasynda halk ykbaly ýatyr.
Şahsyň we halkyň ykbaly bu bütewilik Agageldi
Allanazarowyň «Düwlen» romanynyň hem many özenini
384
düzýär. Bu özen, yagny esasy many-mazmun şahsy söýgi
gatnaşyklarynyň mysalynda berilýär.
«Düwlen» romanynda beýan edilişine görä, Beýik
Watançylyk urşunyň ody bilen tutaşyp lowlan söýginiň, gelipgelip, parahatçylyk döwürde päsgelçilikleriň döredilendigine
garamazdan, ynsan kalbyna ýylylyk berşi, şol ýylylykdan hem
mähremligiň emele gelşi yzarlanýar. Eýsem-de bolsa söýgi
gatnaşygynyň gözbaş alyp gaýdýan döwri beýle duýgy bilen
gümra bolmagyň döwrümidi? Onda-da ömür bilen ölümiň
ýüzbe-ýuz garpyşýan ýerinde. Söýgi — beýik duýgy. Beýikligi
üçinem ol hiç bir galypa girmeýär. Agageldi Allanazarow
galplaşdyrmakdan gaça durmak bilen hak edipdir. Bu—bir,
ikinjiden, hakyky söýginiň ýurtlaryň serhetlerinden geçmek
tebigylygyna üns beripdir.
Munuň özi romanyň beýan ýordamyndan (sýužet),
liniýasyndan belli bolşuna görä, eseriň tebigylygyny aňladýar.
Türkmen ýigidi Balkan Jahan urşuny başlan ýurduň özünde—
Germaniýanyň jümmüşinde söweş böwşeňlikleriniň birinde
nemes gyzy Berta bilen tanyşýar. Onuň bilen durmuş gurýar.
Olaryň ogly-da bolýar. Göräýmäge, olar ömürleriniň durkuna
bileleşip-de, bir ojagyň oduna ýylanyp, ýaşaşjak yaly. Emma
durmuş başga bir akym bilen gidýär. Balkan öz dogduk iline
gaýdyp gelensoň, obadaş gyzyna öýlenmeli bolýar. Türkmen gelni
Ummanyň gabanjaňlygy zerarly, söýgi odunyň howruna indi has
beter ýangyna öwrülýar. Umman gelin hatda Bertanyň başyna
ýetmegiň ugruna çykýar. Bu gazap onuň öz zenan mertebesini
goramaga gönükdirilen okgunlygyny aňladýar. Berta, nähili-de
bolsa, başganyň bagty üçin, yza çekilmgi makul bilýar. Emma
göwün beren adamy Balkany-da, ondan önen ogluny-da ömürha unutmaýar. Özlerine duýdurman, olardan habaram tutýar.
Näme üçin «duýdurman?» Söýginiň syry kän. Birinjiden, şonuň
385
üçin, ikinjiden, ozal göwün berendigine garamazdn, Balkanyň
maşgala durmuşynyň bozulmazlygy üçin.
Romanda ynsanperwerlik düşünjesi bir öwrümde, şeýdip,
ýüze çykýar.
Balkanyň özi hakynda aýdylanda bolsa, onuň Berta bilen
gatnaşygynda hem, Umman bilen durmuş gurmagynda hem
ikiliksiz, jerhetsiz häsiýeti nygtalyp görkezilýar. Umman garrap,
agyr derde duşanda, Bertanyň özüniň-de ruhy azap çekişi şolbir
ynsanperwerlik düşünjä baryp syrygýar.
Bu düşünje düwlen bagry Ummanyň derdine em bolar
öýdülip, onuň gözleginde alada bary edilip ýörkä bütin
aýdyňlygy bilen ýüze çykýr. Düwlen awlamak başa barmaýar.
Sebäbi awlanjak bolunýan düwlen ene düwlen, onuňam çagasy
bar. Bu ýerde ynsanperwerlik, tebigata bolan söýgi, ony gorap
saklamak baradaky düşünje bilen utgaşyp gidýär. Beýik söýgi
ýekebara däl. 01 ähli zady öz içine alýar. Onuň beýikligem
şonda. Romanyň hem ady yöne ýerden «Düwlen» däl. 01 iki
manyda gelýär. Birinjiden, jandar adyny aňladýar. 01 jandaryň
simwoliki keşbinde her bir zadyň öz ornunyň, öz hyzmatynyň,
öz gözelliginiň bardygy nygtalýar, ikinjiden, başga birine zyýan
bermeklige baryp ýetýän öz şahsy meýillerinden durmuşyň emri
bilen el çekip, düwülmek, has dogrusy, özüňe erk etmek düwlen
jandarynyň mekany, romanda görkezilişine görä, Hazar deňzi—
ýaýlyp ýatan uly durmuş. Şol ümmülmez giňişlikde öz ornuny
tapmak — ýaşamagy başarmak, munuň üçin dogumly, gaýratly
bolmaly, okgunly hem dürs hereket etmeli.
Şu pikir Agageldi Allanazarowyň ähli eserleriniň içinden
hem eriş-argaç bolup geçýär. Şu pikir çeperçilik taýdan
umumylaşdyrylan adam häsiýetini, hususan alnanda, ýazyjynyň
Agageldi Allanazarow döwrebap täze eserleri döretmek
höwesi bilen has-da joşýar.
386
Ýeri gelensoň şuny aýdyp goýalyň. Agageldi Allanazarow
ukyply, guramaçy edara işgäri hökmünde hem özüni tanatdy.
01 1976-njyýylda Moskwanyň A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat
institutyny gutaryp, Aşgabada gelşine, «Türkmenistan»
neşirýatynda işe başlady. Biraz wagt Türkmenistan Yazyjylar
birleşiginde hem Türkmenistanyň Metbugat baradaky döwlet
komitetinde jogapkär wezipelerde işledi. Soft yene-de neşirýata
gaýdyp geldi. Bu iş bilen utgaşdyryp, Kitap palatasynyft ýüküni
hem gerdenine aldy. Nirede işlese-de, adamlara ýakyndan kömek
bermek bilen, gulluk borjunyň ynsanperwerlik ygtykatyna
ygrarly boldy. Özüniň «Iner ýüki» powestiniň simwoliki ady
bilen häsiýetlendirilse, Agageldi Allanazarow döredijilik
işinde hem, resmi, köpçülik işinde hem şu hili ýüki götermek
başarnygynyň bardygyny subut edip bildi. Bir mahal Çary
Gurbangylyç halypasynyň şol bugurçy diýyäni iner çykdy.
Türkmen aga aýdýar: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz».
Kakajan Durdyýew, Yazyjy, dosent,
Türkmenistanyň ussat mugallymy,
Türkmenistanyň Yazyjylar birleşiginiň
Berdi Kerbabaýew adyndaky baýragynyň eýesi.
387
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyň enesi Babageldi.(2008)
388
Агагельды Алланазаров: «Пророк появится и среди
белорусов»
Осенью 2009 года большая белорусская делегация
приехала в Туркменистан на Международную выставку
«Золотая книга». Были в этой группе и писатели – директор
РИУ «Литература и Искусство» Алесь Карлюкевич, первый
заместитель директора РИУ «Литература и Искусство» -главный редактор журнала «Нёман» Алесь Бадак, главный
редактор журнала «Бярозка» Елена Масло. Среди тех, кто
встречал, участвовал в одних с белорусскими литераторами
мероприятиях, были поэты Касым Нурбадов, народный
поэт Туркменистана Каюм Тангрыкулиев, народный поэт
Туркменистана Атамурад Атабаев, другие мастера слова.
Особенно запомнился директор Туркменской Национальной
книжной палаты Агагельды Алланазаров. Поэт, прозаик,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hatlar - 19
  • Parts
  • Hatlar - 01
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2060
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 02
    Total number of words is 4178
    Total number of unique words is 1801
    8.5 of words are in the 2000 most common words
    12.4 of words are in the 5000 most common words
    15.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 03
    Total number of words is 4113
    Total number of unique words is 1765
    2.1 of words are in the 2000 most common words
    4.9 of words are in the 5000 most common words
    7.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 04
    Total number of words is 4282
    Total number of unique words is 1851
    1.6 of words are in the 2000 most common words
    4.0 of words are in the 5000 most common words
    6.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 05
    Total number of words is 3910
    Total number of unique words is 2122
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    16.5 of words are in the 5000 most common words
    19.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 06
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2246
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 07
    Total number of words is 3866
    Total number of unique words is 2334
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    30.8 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 08
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 1995
    13.0 of words are in the 2000 most common words
    18.1 of words are in the 5000 most common words
    21.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 09
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2294
    10.8 of words are in the 2000 most common words
    15.9 of words are in the 5000 most common words
    19.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 10
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2259
    17.9 of words are in the 2000 most common words
    25.8 of words are in the 5000 most common words
    30.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 11
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1938
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 12
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2118
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 13
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2338
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 14
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 2184
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 15
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 2111
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 16
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1938
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 17
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2354
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    39.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 18
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 2185
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 19
    Total number of words is 4045
    Total number of unique words is 1896
    1.5 of words are in the 2000 most common words
    3.7 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 20
    Total number of words is 328
    Total number of unique words is 255
    18.3 of words are in the 2000 most common words
    26.8 of words are in the 5000 most common words
    30.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.