Latin

Hatlar - 01

Total number of words is 3628
Total number of unique words is 2060
27.3 of words are in the 2000 most common words
39.0 of words are in the 5000 most common words
45.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
AGAGELDI ALLANAZAROW
HATLAR
UOK 394.361
A=48
Agageldi Allanazarow. Hatlar. XII tom. 2008 ýyl.
Bu kitaba tanymal ýazyjy, şahyr Agageldi Allanazarowyň
dürli döwürlerde galamdaşlary, terjimeçiler, neşirýatçylar,
okuwçylar, öz ýakynlary bilen alşan hatlary girizildi.
Agageldi Allanazarow eserleri dünýäniň onlarça dillerine
terjime edilen awtor.
Kitaba girizdilen bu hatlar okyjylara ýazyjynyň döredilijik
dünýäsine has çundan aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Ýygynda mundanam başga ýazyjynyň dürli döwürde
döwürleýin metbugata beren interwýulary, çap edelen
makalalary, galamdaşlary barada ýazan makalalary, onuň
döredejiligine degişli bolan ýeneki käbir makalalar, goşgular
ýazyjynyň döredijiligi bilen bagly aýdylanlar, berlen bahalar
girizildi.
TDKP №12
KBK 84 Tür 7
© Allanazarow A., 2008.
AGAGELDI ALLANAZAROW
HATLAR
(SORAG-JOGAPLAR, TERJIMELER,
MAKALALAR WE AÝDYLANLAR)
AŞGABAT – 2008
5
______________________
HATLAR
Agageldi, salam!
Hatyňyzy, iberen goşgularyňyzy-da aldym. Goşguly depderde bize Marydaky seminar-maslahatda okap beren goşgularyňyzdan başga-da täze ýazan goşgularyňyz-da bar ekeni. Bu
goşgularam okap erbet görmedim. Olardan ýedi-sekiz sanysyny saýlap, «Mydam taýýar» gazetine hödürledim. Goşgularyň
öňüne ak ýol arzuw edip, çaklaňja sözbaşy hem ýazdym.
Redaksiýada tanşypdyrlar, olaram erbet görmändir, indi ol
gazetiň ýakyn sanlarynyň birinde çap edilse gerek.
Goşgularyň öňünde ýazan sözbaşymyň hem bir nusgasyny
hatymyň ýanyna goşýaryn.
Sizde çagalar üçin goşgullar ýazmak zehininiň bardygyny
nazarda tutup, men Size ýene-de şeýle maslahat bermek isleýän.
Birinjiden-ä, çagalaryň psihologiýasyny has gowy öwrenmeli.
Onsoňam çaga hem dürli-dürli bolýar. Mekdebe çenli ýaşly
çaga, 1,2,3,4-nji klaslarda okaýan çagalar, ýokary klaslarda
okaýan çagalar we şuňa meňzeşler. Şolaryň her haýsynyň ýaşyna
hem düşünjesine görä eser ýazylýar. Siziň üçin häzirlikçe oňat
göreldeler gerek bolsa gerek. Şonuň üçinem Siziň Marşagyň,
Bartonyň, Mihalkowyň, Nosowyň çagalar hakda ýazan
eserleri bilen, çagalar hakda ýazan başga-da şahyr, ýazyjy kän,
tanyşmagyňyz gerek. Ýöne bir tanyşmak hem däl, pugta pikir
berip okamak gerek. Şeýle hem türkmen halk döredijiligine
aýratyn üns bermeli. Olar hem dil öwreder hem başga-da köp
zat bilmäge kömek eder.
Ýene bir zat aýtmakçy. «Baharjyk, Jemaljyk, Kemaljyk...»
ýaly atlardan gaçmaly. «Jigim... inim» diýseň boljak ahyryn.
Agageldi, Sizi edebiýat meýdanyndaky ilkinji şowly
6
ädimleriňiz bilen gutlaýaryn. Hemişe gözlegde bolup, yhlas
bilen işlemekligi maslahat berýärin.
Salam hem hormat bilen,
Gurbandurdy Gurbansähedow,
Türkmenistan ýazyjylar
soýuzynyň konsultanty.
Aşgabat, 1966 ýyl.
Çagalar!
Agageldi goşgy ýazsa-da, ony siz epeý bir adamdyr öýtmän.
Ol hem siziň özüňiz ýaly ýaş bir okuwçy. Ol häzir Mary
şäherindäki pedagogik uçilişşede okaýar.
Her bir çaganyň, her bir ýaş ýetginjegiň öz bir islegi bolşy
ýaly, Agageldiniň hem öz arzuwy bar. Ol çagalar şahyry bolmak
isleýär.
Agageldi sapaklaryny oňat okamak bilen birlikde, eýýäm
bir depder goşgy hem ýazypdyr. Şol guşguly depder hem bir
saý-sebäp bilen meniň elime düşdi. Men guşgulary başdan-aýak
okap çykdym. Köpüsini haladym.
Agageldi Allanazarowyň birnäçe goşgusyny özüňiziň
söýgüli gazetiňiz “Mydam taýýar” arkaly size hödürlemek
bilen, gelejekde onuň oňat şahyr, onda-da çagalar şahyry bolup
ýetişmegini arzuw edýäriň.
Gurbandurdy Gurbansähedow,
ýazyjy. "Mydam taýýar"gazeti,
1966 ý.
Salam, Agageldi!
Artek hem Krym hakda ýazan goşgularyňy aldym.
Hemmesini başdan-aýak okap çykdym. Dogrusy, bu goşgularyňy
haladym. Goşgularyň hemmesini “Mydam taýýar” gazetine
7
8
berjek. Belki, radio hem beräýmegim mümkin.
Yhlas bilen işle. Oňat, örän oňat goşgular ýaz. Ýene birneme
ýazylsa, belki, kitap edibem çykararys.
Salam hem hormat bilen,
Gurbandurdy Gurbasähedow.
Agageldi, salam!
Men seniň gaýybana tanşyň. Ýolöteniň «Täze durmuş»
gazetiniň işgäri, il aýtmyşlaýyn, ýaş şahyr Durdy Owmadow.
Agageldi, biz seniňem goşgularyňy, hekaýalaryňy öz
gazetimiziň sahypalarynda görmegi gowy görýäris. Bize
goşgy hekaýa iberip dur. Menem seniň döredijiligiňi yzarlap,
gyzyklanyp okaýaryn. Geçen ýyl ýazyjy Gurbandurdy
Gurbansähedow hossar çykyp, seniň bir toplum, çagalar üçin
ýazan goşgularyňy «Mydam taýýar» gazetinde çap etdi. Okadyk.
Ondan biraz öňüräk bolsa ýazyjy Tirkeş Jumageldiýew Maryda
geçirilen dörediji ýaşlaryň seminary barasynda, "Edebiýat we
sungatda" çykyş edende täze tapylan zehinleriň arasynda seniňde adyňy tutup: “Agageldini bu şowly ädimleri edebiýatyň şa
ýoluna ýetirsin» diýip ýazan ekeni.
Indi bu uly ýazyjylaryň ynamyny ödemek seniň bilen.
Agageldi, geçen gezek biziň gazetimiziň ýanynda geçýän
edebiýat birleşmämize seniň peduçilişşede bile okaýan
ýoldaşyň, talhatanly Sapargeldi Hudaýberdi hem gatnaşdy. Ol
sen barada köp gowy zatlar gürrüň berdi. Görüp otursak, sen
biziň gazetimizde çap edilen zatlary okaýan, olar barada degerli
pikirler hem aýdýan ekeniň.
Meniň bolsa bir bent goşgymy gowy görüp, ýatdan aýdyp
mysal hökmünde hem getirýärmişiň. Sag bol. Hany islän
ýeriňden beýle janköýer tapyp bolýarmy. Şundan soň meniň
beýleki döreden goşgularymy-da saňa görkezesim geldi.
Agageldi, şol gowy gören bendiňi öz elim bilen ýazyp aşagyna
hem gol goýup, ony ýadygärlik hökmünde saňa ýollaýaryn.
9
Adam bar adamy adam dek görer,
Adam bar adamy adamdyr öýtmez.
Adam bolup dünýä indiňmi, adam?
Adamlygyňy sakla, adam bolup gez.
Agageldi, kursdaşyň Sapargeldi seniň mugallym Durdy
Gylyçgeldiýewiň hem powestiňi okap halandygyny, ýöne
bellikleriň hem barlygyny aýdyp, oňa: “Muny «Sowet edebiýaty»
žurnalyna ýollamagy maslahat bermeli” diýipsiň. «Türkmeni
dürtmeseň, duýmazlary-da» biz.
Dogrudanam, žurnalda çykýan prozalary okap görseň,
Durdy mugallymyň powestlerem şolaryň hiç birisinden kem däl.
Özümem okap gördüm, örän gyzykly okalýar.
Biziň «Pobeda» kolhozymyzdan Bazar Çaryýarow diýen
mugallym çagalar üçin bir powest ýazyp, ony bir ýol bilen
Aşgabada ýetiripdir. Şol powest «Pioner» žurnalynyň birnäçe
sanynda «Jykow jyklanda» ady bilen çap edildi. Okyjylarda uly
gyzyklanma döretdi. Beýle mysal-da bar. Agageldi, indiki aýyň
aýaklarynda biz ýene-de redaksiýada «Edebiýat birleşmesini»
geçirmegi niýet edinýäris. Senem wagt tapyp gelsene şoňa, goşgy
okaşarys, pikir alşarys, Artyk Bäşim bilen Durdy Gylyçgeldem
«Şol oglanam çagyraýsaň!» diýip, seniň bilen duşuşmaga isleg
bildirdiler. Birleşmäniň haçan Anyk boljagyny men Sapargelä
habar ederin. Gaýtsa Ýazjumany, beýleki ýoldaşlaryňam alyp
gaýt!
Hormatlamak bilen,
Durdy Owmadow. Ýolöten.
«Täze durmuş» gazeti, 1967 ýyl.
Salam, Agageldi!
Sen görsem, okuw diýip, onunjy klasy gutarmanam
gidiberipsiň-ow. Otpuskadan gelsem, «Peduçilişşä» diýip,
10
dokumentlerini alyp Mara gitdi diýdiler. Ha, ýöne onunjy
klasy gutaryp gidäýen bolsaň, gowy bolardy. Şondan soň,
men bir-ä seniň ökde pökgüçidigiňi hemem döredijilik bilen
gyzyklanyp, eýýäm gazet sahypalarynda öz goşgularyň zadyň
bilen görnüp ugranyňy göz öňünde tutup, sport ugrundan ýa-da
dil, edebiýat ugrundan okamagy maslahat bererin diýip ýördüm.
Aý, ýöne uçilişşä gidenem bolsaň o-da bolupdyr. Seniň bilen
Jumadurdyýewem gidenmiş-ä. Oňa-da salam aýt, ikiňem gowy
okaň. «Pylan mekdebiň okuwçylary-da» diýdiräýmäň. Menem
ilki peduçilişşäni gutaryp, Size mugallym bolupdym. Wuzlary
soň gaýybana-da okap bolýar. Ýöne okuwyň daşyndan sport
bilen döredijiligi goýmagyn.
Pökgüde eýýäm seniň gidenligiň duýuldy. Kanikuldan soň
ilkinji ýaryşda seniň komandaň masgara bolup, meniň klasymdan
2-1 hasabynda utuldy.
«Komandanyň kapitanynyň gidenligi belli boldy» diýdirdi.
Eger sen öz komandaňa kömek ederin diýseň, kanikulda ýenede geläý mekdebe!
Agageldi, Babageldi siziň ikiňizem mekdepde gowy okaýan
okuwçylardyňyz, uçilişşede-de gowy okarsyňyz diýip tama
edýärin.
Öz mugallymyňyz-Kaka mugallym
(Hanmämmet Janmämmedow).
Tagtabazaryň «Kirow» kolhozy.
2-nji orta mekdep,
16.10.1964 ý.
Agageldi!
Saňa 6-njy gün edarada işiň ahyryna çenli garaşdym.
Bu powestiňem okadym, hatyň-da seniň dürs, düşnükli
hem däl. Barybir okap çykdym. Öňki powestiňden-ä biraz11
ganymat. Barybir tejribe ýetmezçiligi gowy duýulýar. Emma
taplanan ýerleri-de bar. Men öz belliklerimi depderiň gyrasyna
hem ýazandyryn. Powestiňi täzeden işlemekçi bolanyňda şolary
hem göz öňünde tutarsyň. Ilkinji uly depderiň yzynda iki sany
hekaýa bar ekeni. Şolardana ilkinji «Nowella» atlandyranyň-a
erbedem däl. Gazete-zada hödürläp gör. Oňa eden belliklerim
hem gapdalynda bardyr. Ýene biraz syntgyla.
Agageldi, şu ýyl, ýyl ahyrrakda Aşgabada «Dörediji
ýaşlaryň respublikan seminaryna» gitmelileriň arasyna seni-de
goşduk. Saňa seminara çagalara niýetläp ýazan goşgularyň bilen
gatnaşmagy maslahat berýärin.
Kyssalaryňa-da entek howlukma. Bir gün wagty geler, olar
bilen şonda gatnaşarsyň.
Sen men işde bar-ýok diýmän, sentýabyra çenli seminara
hödürlejek goşgularyňy taýynlap, meniň iş ýerime getirip goýup
git. Men birinji günden otpuskada.
Agageldi, başga-da okamaga, maslahata zat getirseň, olaram
Orazmyrada goýaý!
Ýogsa-da, Agageldi, sen Sahyt Saparow diýen bir oglanyň
hekaýasyny «Peduçilişşäniň birleşmesinde gowy gördük» diýip,
getirip redaksiýa hödürläpsiň, redaksiýa-da ony halapdyr. Sen
şoňa bile okaýan bolsaň aýt, ýene näme ýazan zady bar bolsa,
getirip maňa-da görkezsin.
Agageldi, häzirden Aşgabatda geçjek seminara gowy
taýynlan, ýazan zatlaryň şol ýerde-de: «Şundan bir zat çykjak
diýdirsin. Şonda Moskwanyň edebiýat institutyna gitmegiňede onuň nepi deger. Özüm-de meniň ýolbaşçylara duşanymda,
Akmyrat Ataýew ikiňiziň şol instituta gitmek isleýänligiňizi
aýtmakçy. Häzirlikçe hoş!
Akmyrat Çarguly-Erkin.
Türkmenistanyň ýazyjylar Soýuzynyň
Mary oblast boýunça konsultanty,
21.06.1966 ý.
12
Agageldi Allanazarow. Çagalygy. 6 ýaş.
Ýazyjynyň kakasy, ejesi we kakasynyň jigileri (1947).
13
Artekçi dostum Agageldä köp salam bilen.
Gadyrly dostum, Seni Aşgabatda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň
respublikan seminarynda görüp juda begendim.
Seniň bilen Artekde bolan günlerimizi, alan täsirlerimizi
şonda ýatlaşyp oturmak maňa örän ýakymly boldy. Şol 1962nji ýyldaky Aşgabadyň «Türkmenistan» myhmanhanasyndaky
duşuşygymyzy, birki gündenem deň-duşlar bolup sähersäherler Aşgabatdan samolýotda, niredesiň Artek? diýip,
göterilip gidişimizi; baryp Kiparisnä, ýerleşişimiz, deňizde
gezelençlerimizi, kosmonawtlar Ý.Gagarin, W.Tereşkowa dagy
bilen duşuşyklarymyzy, seni, Jumany, Gurbany, Tomany we
beýlekilerimizi henizlerem ýatlap ýördüm.
Biz ikimiz-ä ýene-de 2-3 ildeş bolup bir otagda hem
ýaşapdyk. Seniň Aşgabada seminara gelmegiň şol ömrümiziň
gowy pursadymyzy ýene bir gezek ýadyma saldy. Ýakynda men
gazetde Seniň «Artek» goşgularyň birnäçesini okadym. Ýene
bir gezek seni, «Artegi» ýatladym. Goşgular şol ikimiziň bile
baryp gören, gezen ýerlerimiz barada ekeni. «Aýydag» goşgyň
Aýy ýaly bolup, deňze girip barýan Aýydagy, onuň depesine
gezelenje gidişimizi ýatlatdy.
Goşgyňdaky:
Aýy dag deňze
Abanyp otyr.
Deňizi ýerden
Gabanyp otyr −
−diýen şu setirleri okap, hut ýene-de bir gezek «Aýydagy»
gören ýaly boldum.
Dostum, galamyň ýiti bolsun! Goşgularyňy gaty haladym.
Agageldi, Seniň ýaly menem döredijilik bilen meşgullanýaryn.
Seýrek-de bolsa, gazet-žurnallarda-da öz goşgudyr makalalarym
bilen çykyş edip durýaryn.
14
Saňa berjek bir maslahatym-da bar. Peduçilişşäni
tamamlanyňdan soň, Aşgabada uniwersitete okuwa gel! Bileje
okaly. Artekçiler bile bolmasa bolmaz-a!?
Agageldi, hoş onda ýene-de duşuşýançak!
Köp salamlar bilen,
Dostuň Allaýar Çüriýew.
A.M.Gorkiý adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
2 kurs studenti, 1967 ýyl.
Litwadan salam!
Kim-men-diýip soranyňyzda öz biriňiz bolan Agageldiniň
tarapyndan akgama, ejeme, jigilerim: Babageldä, Aýja, Nura,
Çara, Bäşime, Aýjemala, Lälä, Ylýas jana meniň tarapymdan
köp dogaý salamlar bolsun!
Baba!
Indi menden habar sorasaň, şol akgam bilen gelip, Maryda
meniň bilen hoşlaşanyňyzdan soň, biz şol günüň ertesi otluda
Aşgabada bardyk. Ol ýerde-de bizi iki gün saklap, ýene otla
mündürdiler bir wagon edip. Ol wagonam Aşgabat-Moskwa
otlusyna çatylansoň, biz, öňki pikir edişimiz ýaly, Kawkaza dälde, Moskwanyň töwereklerine bir ýere gidýäne meňzedik. Tutuş
bir wagon, oglan ýanymyzda bir kapitan bilen iki sany soldat,
şol barmaly ýerimizden bizi äkitmäge gelenler goşuldylar.
9-njy maý −Ýeňiş güni biz dolanyp, günortanlar ýene Mara
geldik. Görsem wokzalda gelnejeň Akbegenç iki gyz bilen duran
ekeni, onuň bilen bile okaýan gyzlaryň birine «barýas» diýip,
biz bilen barýan oglanlaryň biri jan edipdir.
Şeýdibem, ýene bir gezek onuň bilen didarlandyk. Şol gün
gijara biziň otlymyz Çärjewde köprüden aşyp, Özbegistana
aralaşdy. Aşgabatdan çykanmyza 6 gün diýlende biz ir bilen
15
Moskwa ýetdik. Ol ýerdenem şol gün gijara ýene otla mündürdiler.
Ýöne gündiz Moskwany-da biraz takside gezmäge mümkinçilik
boldy. Kremli, Lomanosow uniwersitetini, meniň haýyşym
boýunça, Twerskoý bulwar 25 däki A.M.Gorkiý adyndaky
edebiýat institutyny hem daşyndan gördük. Moskwadan bizi
Pribaltika göteren ekenler. Kaunas şäherinde bizi böldüler. Biz
türkmenistanly 8 oglan bolup bir bölüme düşdük. Häzir men
Litwanyň Alitus 2 diýen şäheriniň etegindäki goşun bölüminde.
Bize «Desantçylar» diýilýär.
Bir aýdan gowrak, bizi aýratyn saklap, «karantin» diýip
türgenleşik geçdiler. Men ýene üç gezek samolýotdan bökdüm.
bu ýerde 10 gezek bökene «Otliçnik paraşutist» nyşanyny
berilýän ekeni. Aşgabadyň DOSAAF-ynda bolup bökenimi
hasap etsek, meniňkem 6 bolýar. Ýene 4 gezek böksem, şol
nyşany menem alýan. Harby kasam kabul eden günümiz toý
ýaly boldy. Dabaradan soň bizi topar-topar edip şähere gezelenje,
surata düşmäge äkitdiler. Suratymy indiki hatymda ibererin. Bu
ýeriň halky örän owadan ýurtda ýaşaýan eken. Şäheri tokaý
gabalap otyr, biziň polkdan çykanja ýeriň tokaý. Şolar-a hiç
kim çapanogam şu ýerde. Ýagyş köp ýagýar. bizden öň gulluk
edip ýören soldatlar bu ýurdy «Strana doždeý, welosipedeý,
krasiwyh lebedeý" (lebed−gelin-gyz manyda) diýip atlandyrýar
ekenler. Diýseň-diýmeseň, ýagyş-a ýetik. Ähli ýerler ýazda biziň
gyrlarymyzyň üsti ýaly ýaşyl öwsüp, ýalp berýär.
Bu ýurt samolýotdan dagy synlasaň, hasam owadan, agyn
köl, tokaý bolup dur.
Onda men-ä şunuň bilen häzirlikçe hatymy tamamlamakçy,
hoş sag boluň! Hat ýazyp duruň. Baba, sen hatyňda “Samolýotdan
bökmek gorkunç dälmi?” diýipsiň. Biraz kürtdürdýän ýeri-de
ýok däl. Onsoňam ýeke men däl-ä, müňlerçe esgerler böküp
ýörler. Bökemsoň ýene bir zady bildim. Bökseň ýene bökesiň
gelýär. Asman sende şeýle höwes döredýär. Meni gaýgy etmäň,
ýagdaýlarym gowy. Gowy naharlaýarlar. Ejeme aýt, arkaýyn
bolaýsyn, aç-hor däl.
16
Hat ýazyň! Hatyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Soranlara
köp salam aýt!
Agageldi Allanazarow.
Litwa, Alitus 2.
w/ç 10 999.
16.07.1969 ýyl.
Salam haty
Litwa diýen ýurtda gulluk edip ýören Agageldä bizden köp
salam bolsun.
Akgaň, ejeň, jigileriň saňa köp dogaý salam aýdýarlar.
Şükür munda biz sag-gurgun otyrys, seniňem ol ýerde sag-aman
gulluk edip ýörmegiňi dileg edýäris. Akgaň görüp gidişiň ýaly
traktory − işi bilen. Menem bir salkyn mekdebe gidip gelýärin.
Galan wagtam ejeň töwereginde, onuň öý işlerine kömek edýän.
Jigileňem okaşyp, gezişip ýörler.
Baba Kämiran babaň üzümine gidip, okuwdan boş wagty
üzüm goraýar. Obalaram şükür gowulyk.
Käte baldyzlarymyň biri bilen öýümize gidibem bir gije ýatyp
gelýän. Her gezek baramda, akgam seni soraýar, ýagdaýlaryň
bilen gyzyklanýar, salam aýdýar.
Agageldi, hol gün bir gazetde ýene-de seniň ikimi-üçmi
goşgyňam çykan ekeni. Ejeň bilen, gaýyn-gelin bolşup, hamyr
edip, unaş kesjek bolup otyrkak «Aga akgamyň goşgusy
çykypdyr» diýip, ony Baba bir ýerden getirdi. Ejeňem oňa
«Hany, näme ýazypdyr oka!» diýmezmi. Ine, şol goşgyň.
Gözel ýurduň gujagynda ýaşaýan,
Baýdak boý agaçlar daşyma halka.
Açylypdyr bu topragyň üstünde,
Dürli ysly güller, parlap dur hol-ha.
17
Ençesi bar aýna ýaly kölleriň
Ýeterlik eçilýär kuýaş hem nurun.
Mele suwun synlap Neman derýanyň,
Eziz Murgabymy ýat edip durun.
Litwanyň gyzlary aýdym aýdýarlar.
Saçlaryn sypaýar gijäniň ýeli.
Meniň bolsa göz öňüme gelip dur,
Işden gaýdyp gelýän garagum «güli».
…Bu ýerde düşünmez ýaly zadam ýok. Adymy tutmasaňam,
meni ýatlap ýazanlygyň bes-belli. «Biýä masgara etdi» diýip, men
bolsa gyzaryp, bozaryp, eşitmedikden bolup hamyr ýumruklap,
ýüzümi aşak salyp otyryn. Ejeňem munuň şeýledigini aňan ekeni.
Ol Baba birinji goşgyny okap bolansoň, nämedir bir zatlary
ýatlap, sähelçe ýylgyrdy-da oňa: “Bar gazeti indi ýygnap goýuň,
hat ýazanyňyzda iberersiňiz özüne» diýdi. Soňam: “Şularyň bir
geçmişde Kymyş diýen garry atalary bolanmyş, şolam alamanazada gidýänlere: «Aý, ýigitler, meniň üçinem bir dabany ýaglyja
gyrnak bolsa, gözüňizde bolsun!» diýer ekeni. Seniňkem, gelin,
şonuň neslidir-dä, «Heleýimi göresim gelýär, şony yzymdan
getiriň!” diýen ýaly bir gep tapmasa, kaýyl bolaý ol!” diýibem
samyrdady.
Hälem ol soňra “Onuň yzyndaky goşgyny oka!” diýmedi.
Ony dagy okan bolsa, hasam uýaljak ekenim. Sebäbi adymy
tutmasaňam, onam maňa ýazypsyň-a. Öýde ýeke galanymda
okadym.
«Aý doganda Aýa seret, menem ony synlaryn.
Goý, biziň göreçlerimiz şol ýerde bir dem duşsun»
−diýýäň. Maňa diýýäniň bes-belli. Indi meni küýsäp, şunuň
ýaly goşgy ýazsaňam, gazete bermäweri. Ýygnap goý, geleňsoň
özüme okap berersiň!? Nesip bolsa tizden gaýdyp gelersiň,
18
günüňi sanap otyryn, seniň gideniňe şu gün göni 476 gün boldy.
476 ýyl diýsemem boljak. Hemmämiziň seni diýseň göresimiz
geldi. Wi, ýogsa-da senem pikirdeş bol diýen manyda hol gün
ejeň şeý diýdi. «Bu gullukdan gelse-de, okuw diýip ýene gitjek
bolýar. Öňem 4 ýyl Maryny okady, öýüňden girip çykyp, seniň
bilen bile mekdepde okadyp, indi bir ýanynda bolup ýörse gowy
bordy. Okuw okasy gelse, iliňki ýaly o-da gaýbana okabersin»
diýdi. Men hiç zat diýmedim, sen gelen döwrüň Baba-da onunjy
klasy gutarýar. Onuňam okuw höwesi bar. Gaýynym bir öýden
birbada iki adamy okatmak kyn boljagyny pikir edýän bolmaly.
Geleňsoň özüň görersiň-dä...
Hoş sag bol, Agageldi! Şunuň bilen sözümi tamamlamakçy.
Sag-aman dolanyp gelmegiňi gije-gündiz Alladan diläp otyrys.
Akbegenç.
Tagtabazar. Kirow kolhozy,
1970 ýyl.
Hormatly ýoldaş Agageldi Allanazarow!
Türkmenistan ýazyjylar soýuzy ýakynda Moskwadan Siziň
A.M.Gorkiý adyndaky institutyň deslapky edebiýat konkursyna
ýollan eserleriňiziň konkursdan geçenligi, Siziň egzaminleri
tabşyrmaga hukuk gazananlygyňyz baradaky habar hat gelip
gowuşdy. Indii Siziň ýakyn günlerde Aşgabada Ýazyjylar
soýuzyna gelip, şol hat bilen tanyşmagyňyz gerek. Ýene-de
gerek bolan käbir hat-petek almagyňyz gerek bolar. Siz iýulyň
28-inden gijä galman, eýýäm Moskwada bolmaly.
Salam bilen, P.Ý.Karpow.
Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň
jogapkär sekretary.
Aşgabat, 15.07.1971 ý.
19
Agageldi, salam!
Nähili okuwlar, döredijilik?
Agageldi, bir görsem, meniň tahylymda seniň geçen tomus
maslahata goýan golýazmaň bir nusgasy bar ekeni. Hasabatbeýleki üçin alyp galan bolsak gerek. Saňa maslahatyň
protokolynyň hem 1 nusgasy bilen ony özüňe ugradýaryn.
Golýazmany ibermek üçin stoluň üstüne çykaramsoň,
oňa ýene bir gezek göz gezdirdim. Gowy kitapça bolsa gerek
«Ýyldyzyň ýoly» poemaňy hasam halanlygymy öň maslahatdada aýdypdym. Ol çagalara niýetlenilip ýazylan-da bolsa,
onda bize-de öwrenere zat bar ekeni. “Ýygyndyňy” neşirýata
tabşyransyň-a? Badyňy gowşatma-da işläber. Goşjanam saňa
salam aýdýar.
Hormat bilen,
Gurbannazar Ezizow.
(Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň,
konsultanty.) Aşgabat, 1973 ýyl.
Ýol bolsun, Agageldi!
Meniň seminarymda okaýan Agageldi Allanazarow şahyrana
döredijiliginiň dürli taraplary bilen gyzyklanýar. Ýöne onuň
ýazýan zatlarynyň içinde has şowlusy, ünsüňi has özüne çekýäni
çagalara niýetlenen goşgularydyr.
Şahyr özüniň ýaşajyk gahrymanlarynyň psihologiýasyna
gaty oňat düşünýär. Ol goşgyny obrazly hem özboluşly pikir
bilen bezemegi başarýar. A.Allanazarow hususan-da şahyrana
giperbolany ýerlikli ulanmagyň hötdesinden gelýär. Onuň
giperbolalarynyň iňňän ynandyryjydygyny aýratyn nygtap
oturman, diňe, «Enemiň äýnegi» diýen goşgusyny mysal
getirmek hem ýeterlikdir.
20
ENEMIŇ ÄÝNEGI
Enem janym äýnegi
Haýran eder hemmäni.
Tapsa bolýar dakynsaň,
Keçä gaçan iňnäni.
Bu äýnegi dakynsam,
Meniň keýpim saz bolýar.
Serçelerem ulalyp,
Ördek bolýar, gaz bolýar.
Kerpiçmikän diýýärsiň
Şokoladlaň hersine.
Owsunşyp dur ak deňiz,
Baksaň süýtli kersene.
Garynjalar taýhary
Düşürip dur ýadyňa.
Gerek bolsa, gaňňalap,
Gidiber seň oduna.
Görkezeýin äýnegi,
Bize myhman gelseňiz.
Seredäýiň syçana
Jojuk görjek bolsaňyz.
Agageldi Allanazarow öz körpe okyjylaryna tarap ynamly
gadam urýar. Biz ýaş şahyra döredijiligiň hupbatly hem lezzetli
ýolunda üstünlikler gazanmagy arzuw edýäris.
Lew Oşanin. Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky edebiýat
institutynyň professory, SSSR-iň Döwlet baýragynyň
laurýaty. 27 noýabr. Ag. Allanazarowyň seminar
ýolbaşçysy,1974 ýyl.
21
Slawa, salam!
Bu men - Gurbannazar.
Men saňa haýyş bilen ýüzlenýäriň Litinstitutda meniň
geljegine uly umyt baglaýan bir ildişim okaýar. Ol Agageldi
Allanazarow. Zehinli oglan Aşgabatda biz onuň ikinji goşgular
ýygyndysyny-da tomusda ara alyp maslahatlaşdyk, gowy
görüldi. Slawa, sen türkmen edebiýatyna hemaýat edip ýören
adam. Menim haýyşym, sen Agageldä hem kömek et! Goşgulary
bilen tanyş, şonda sen onuň seniň beýleki kömek edýänleriňden
artyk bolamasa, kem däldigine göz ýetirersin.
…Men onuň özüni seniň bilen tanyşdyrmak üçin yzyma
düşrüpdir, düýnki oturan ýerimiz “Minskiý” myhmanhanasyna
Öwlüýäguly bilen Ökdemin bolýan ýerine alyp geldim1 .
Seni sorasa, “ýanyja gitdi” diýdiler. Men düýn giçlik şol siziň
ýanynyzdan gaçamsoň, Litinstitutyn umumy ýatakhanasyna,
Agageldiniň ýanyna gitdim.
Onuň täze ýazan goşgulary, podstroçnikleri bilenem şonda
tamyşdym. Oňa merkezde wagtyň pursatdan peýdalanyp,
ýazanlaryny bu ýerde çap etdirjek bolsaň bolmaýarmy diýdi.
Emma onuň entek, redaksiýalardyr neşirýatlarda baran
gapysy ýok ekeni. Goşgularynyň on bäş, ýigrimi sanasynyň
podstoroçnikleriniň saýlap alyp, görkezmäge hem onuň özüni
seniň bilen tanyşdyrmaga getiripdim. Duşuşmak nesibede ýok
eken. Şonuň uçinem şu haty saňa ýazmaly boldy.
Slawa gadyrdan senem onuň goşgulary bilen tanyş! Mümkin
bolan kömegi et! Bu seniň türkmen edebiýatyna ýene bir eden
uly kömegiň bolar. Ine, onuň habarlaşyp duşuşmak üçin adresi:
Moskwa, Dobrolýubowa köç.9/11.
Ýene-de duşuşýançak sag bol!
Gurbannazar Ezizow.
Moskwa, 1973 ýyl.
(Rusçadan terjime)
22
Agageldi, salam!
Saňa gowy habary ýetirmäge howlukýan. Seniň “Ýedi däne”
powestiň biziň žurnalymyzyň redaksiýasynda gowy görüldi.
Kerim aganyň özi okap: “Şunuň ýaly gowy zat bolsa, ony
nobata zada-da goýup durmaň-da göni nomere beriň” diýdi.
Ol jogapkär sekretarymyz Ata Söýne-de: “Gonorar goýanyňda
şu powest barada iki zady unatman: bir-ä ony ýazan ýeňiýoluk
studentdir, ikinjidenem, onuň powestiniň gowy ýazylanlygyny
göz öňüne tutgun!” diýebem, önünden sargady. Indi powest
žurnalyň ýakyn sanlarynyň birinde çykmaly. Ogultäç eýýam
ony okap ýygyma iberdi.
Agageldi, seni menem prozadaky ilkinji şowly ädimiň bilen
gutlaýaryn!
Sen türkmen prozasyna şu powestiň bilen ýene bir zehinli
ýazyjynyň gelenligini görkezdiň.
Maňa bu haty ýazmagy Kerim Gurbannepesowiçiň özi
tabşyrdy. “Moskwa hat ýazyp, Agageldä buşla, begendir hem
ondan gysgaça terjimehalyňy iber diý, belki, okyjylary onuň
bilen tanyşdyryp, powestiň öňündenem biraz maglumat bereris”
diýdi.
Agageldi, terjimehalyny ibermek meselesini tizle. Şeýle
eserleriň höwri köp bolsun!
Hudaýberdi Hally,
“Sowet edebiýaty”žurnalynyň işgäri.
Ýazyjy, 1974 ýyl.
_______________________________________________________________________________________
Gurbannazar şol gezek Moskwa ýazyjylar Soýuzynyň
ýygnagyna gelipdi. Ol bu ýerde Ökdem Emin, Öwlüýäguly
Möwlam bilen duşuşýar.
Kärdeşler bolup “Minskiý” meýhmanhanasynda, Ökdem
dagyň nomerinden otyrýarlar. Ol ýerde Moskwaly ýazyjylaryňam
birnäçesi bar ekeni. Olaryň birem Wladislaw Bahrewskiý ekeni.
Gurbannazar meni şonuň bilen tanyş etmäge şol ýere äkidipdi.
1
23
Уважаемый тов. Алланазаров!
Редакция газеты получила Ваши стихи для детей.
Надеемся опубликовать их в специальных страничках для
школьников.
Не смогли бы вы подготовить и переслать небольшую
корреспонденцию, посвященную Вашей учебе, учебе
наших земляков, о проблемах, которые вас волнуют, вообще
о впечатлениях в институте.
Хотелось бы получить такой материал для нашего
студенческого выпуска «Альма матер».
С уважением, В.Пу.
Завoтделом учащейся молодежи.
Ашхабад. 25 марта, 1976.
Здоровенько булы!
Привет мой Агагельды. Получил я твою записку (точнее
снял ее со стены нашей комнаты, где мы жили три года)
и читал твою прощальную записку, написанную перед
отъездом. Ты закончил институт и уехал домой. И стало мне
грустно.
Посидел я один в пустой комнате и тоже в тот вечер
улетел домой.
Дома все нормально. Бабушка бегает понемногу, сестры
тоже, племянник Руслан подрос.
А как твои ребятишки? Помню как иногда скучал по
ним. Когда ты часто начинал говорить о них, вспоминал их
детский лепет, я понимал, что ты скучаешь по ним.
Что нового у тебя? Где устроился на работе?
Пиши Агагельды, жду твоего письма.
Твой Сергей Курбангалеев.
Москва. 21 июля, 1976 год.
24
Дорогой Агагельды!
Спасибо за поздравление. Мы тоже (редакция
«Пионерская правда») поздравляем вас, надеемся, что наша
добрая дружба не прервется на расстоянии и мы напечатаем
еще много хороших ваших стихов.
От себя лично хочу сказать что ответила на ваше письмо,
которое вместе с подстрочником поэмы. Будет жаль, если вы
его не получите. Я.Акима, я по моему заинтересовала этим
подстрочником, когда читала по телефону, но на всякий
случай он попросил передать ему текст. Я пошлю как только
у него кончится поездка.
Еще он просил передать вам, что во время дней
литературы в Молдавии он (то есть Яша Аким) говорил о вас
с Ташлы Курбановым и разговор был благожелательным, он
очень хорошо отзывался о тебе.
Если вы не получите моё письмо, я отправлю на его на
старый адрес район Тахта-базар. А то вы так не узнайте как
понравилось мне ваша поэма «Верхом на коне».
Пишите подробнее о своем статусе, расскажите как вы
устроились в Ашхабаде?
…Вчера по радио Николай Тихонов читал свои
воспоминания о Туркмении и снова всполохнулось мне
моя Каракумская эпопея. И так захотелось в Бадхыз …
Туркмении.
Когда узнали наши – 20 комната что я пишу Вам письмо
все они передали привет.
Марта Петровна желает вам чтобы несмотря на что
оставались таким же скромным и застенчивым. Эти два
качества были вам очень к лицу говорит Марта Петровна, и
очень нравились нам».
Люда Пригунова желает вам много хороших стихов и
удачи.
Ася Грандова: «Я люблю Агагельды, он такой же как
25
мой сын». Клавдия Павловна тоже передает вам привет.
Агагельды и Ядвига, наша общая знакомая вспоминала
добрыми словами передает вам привет из Варшавы.
Всего доброго. Лидия Яковлева Квасникова.
Сотрудница «Пионерская правда».
Москва. 1976.
Дорогой Агагельды!
Я помню про Ваши стихи. Они обязательно пойдут.
Но из 6 и 7 номеров по техническим причинам они были
выдвинуты, стояли в 9, и тоже вам не повезло. Но я думаю
все будет в порядке.
С уважением, зав. отделом
«Весёлые картинки». Ю.М.Постников, 27.9.76.
26
Agageldi Allanazarowyň "Artek" depderçesi.
Agageldi Allanazarowyň рeduçilişşede okan ýyllary.
Suratda ýazyjy öň hatarda – ortada (Mary, 1966 ýyl).
27
Агагельды, здравствуйте!
Надеюсь, Вы получили договор? К сожалению, до
сих пор не получила стихи с машинки и поэтому не
выслала Вам последний экземпляр рукописи. Я выбрала
преимущественно переводы Р. Бухараева. Мне нравится как
он работает, а главное, он молод и поэтому отзывается на
редакторские замечания.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hatlar - 02
  • Parts
  • Hatlar - 01
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2060
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 02
    Total number of words is 4178
    Total number of unique words is 1801
    8.5 of words are in the 2000 most common words
    12.4 of words are in the 5000 most common words
    15.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 03
    Total number of words is 4113
    Total number of unique words is 1765
    2.1 of words are in the 2000 most common words
    4.9 of words are in the 5000 most common words
    7.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 04
    Total number of words is 4282
    Total number of unique words is 1851
    1.6 of words are in the 2000 most common words
    4.0 of words are in the 5000 most common words
    6.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 05
    Total number of words is 3910
    Total number of unique words is 2122
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    16.5 of words are in the 5000 most common words
    19.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 06
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2246
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 07
    Total number of words is 3866
    Total number of unique words is 2334
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    30.8 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 08
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 1995
    13.0 of words are in the 2000 most common words
    18.1 of words are in the 5000 most common words
    21.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 09
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2294
    10.8 of words are in the 2000 most common words
    15.9 of words are in the 5000 most common words
    19.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 10
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2259
    17.9 of words are in the 2000 most common words
    25.8 of words are in the 5000 most common words
    30.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 11
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1938
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 12
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2118
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 13
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2338
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 14
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 2184
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 15
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 2111
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 16
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1938
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 17
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2354
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    39.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 18
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 2185
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 19
    Total number of words is 4045
    Total number of unique words is 1896
    1.5 of words are in the 2000 most common words
    3.7 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 20
    Total number of words is 328
    Total number of unique words is 255
    18.3 of words are in the 2000 most common words
    26.8 of words are in the 5000 most common words
    30.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.