Latin

Hatlar - 14

Total number of words is 3544
Total number of unique words is 2184
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Planetam
Bir uly şar.
Paletaň
Özi uçýar.
Şonuň bilen
Gündiz-gije
Bizem uçýas
Biletsizje.
Iş aladam ýetik meniň
Gurjajygym−
Gyzym meniň,
Tanýa eje−
Özüm meniň.
Bakyp ýaglyk
Aşagyndan,
Göz aýranok
Maşam menden.
Oňa kompot
Gaýnatmaly,
Bir oýunjyk
Oýnatmaly.
Götermeli
Ýuwup-ardyp,
Ýatyrmaly
Soňam ertip.
Gün çykanny
Peýlemeli.
266
Arabada
Aýlamaly.
Süýt bermeli,
Şeker goşup,
Çalşyrmaly
Egin-başyn.
Heý, gutarma
Barmy işe
Ýuwulmaly
Kefir çüýşe.
Ütük edip,
Tikmelem sen.
Maşa lenta
Dakmalam sen.
Eger biri
Göräýmese,
Gelip kömek
Beräýmese.
Hemme işe
Hötde gelmek.
Kyn ekeni
Eje bolmak.
Ýewgeniý Nowiçihin. Russiýa.
Gara deňiz
Gara deňize
Gara diýýärler.
267
Gök ahyrynym
A, ol bolsa, gör!
Ony tomusda
Synladym men köp.
Bir-de ýap-ýaşyl,
Bir-de al-ýelwan.
Deňiz tolgunsa
Tolkunlar böküp,
Onuň üstüni
Örtýär ak köpük.
Synçy oglanlaryň,
Birisi menem,
Garalan wagtyn
Görmedim onuň.
Oýlanyp ýörün
Anykdap bilmän,
Ol gara adyn,
Nirden aldykan?
Tomus synlamsoň
Ençe gün ony.
Gara oglan
Öwürdi meni.
Şeýdip alandyr,
Belki, ol adyn.
Deňze gelensoň,
Garalýar adam.
Krokodil
Krokodil ýasadym.
Plastelini eýläp.
Öwdi meniň işimi
Ejem, kakam göz aýlap.
268
Kakam diýdi:
«Akyllym, Begendirdiň sen bizi.
Seniň bu ýasan zadyň
Raketanyň hut özi».
Ejem diýdi guwanyp:
− Siz muňa bir ediň syn!
Meniň oglum ýasapdyr.
Bir gowuja apelsin.
Ýaprak
Telim aý bir şahada,
Öwşün atyp oturdy.
Günler ony, bir günem
Sary güýze ýetirdi.
Indi bolsa saralyp,
Otyr şahada pallap.
Bir günem şemal bilen
Gitdi ol uçup-galgap.
Ýagyş
Ýagyş duşa meňzedi.
Guýdy durdy şabyrdap,
Töwerekde döredi
Ençeme köl, ençe ýap.
Şol duşuň aşagynda
Oýnadyk her ýan çapyp.
Ýagyş diňdi. Gurandyk,
Çogly meýdana çykyp.
269
Hüwi
Gyzjagazlar uklapdyr
Uklapdyr ähli çaga.
Hüwi kitap agtaýar,
Howlukman uklamaga.
Çagalarny ugradýar.
Oýaryp bakja-baga:
«Hakyňyz ýok, hüwi biz,
Gijeler uklamaga!
Tä, säher daňa çenli,
Oýnamaly siz böküp.
Gijäň lezzetin duýup,
Şahadan-şaha çykyp.
Gün dogup, çagalary
Dünýä ýaýradar weli,
Ana, şonda hüwüleň
Hemmesi uklamaly!»
Bolýan zady görsene,
Bular iliň tersine.
Şuka gark boldy
Howsala göge galdy.
Şuka derýa gark boldy.
Ol ýüzübem bilenok.
Ony halas etmeli.
Şuka derek pykyrdap.
Suwuň özi gepledi.
270
Biz derýa çeňňek taşlap,
Halas etmekçi bolduk.
Gijara bir karasy
Şol suwdan çekip aldyk,
Näçe çeňňek atsagam.
Şuka welin gelmedi.
Näçeler jan etsegem,
Halas edip bolmady...
Iw Merriam, ABŞ.
Howluk!
– Howluk – diýýär säher maňa –
Okuwyňa ýetişmäge!
– Howluk – diýýär mugallymmyz –
Depderiňi tabşyrmaga!
– Howluk – diýýär – öýde ejem–
Iý naharňy, çaýyňy iç!
– Howluk – diýýär kakam maňa –
Ýatar wagtyň, ýeriňe geç!
– Howlukma sen! – diýýär gije
Görüşeli uzat eli!
Okuw hakda, oýun hakda
Gel, bir salym gürleşeli...
Düýş
Ýatyrdym düýşümde
Oglum bolanmyş.
271
Gözleri owadan,
Saçlary kümüş.
Emedekläp baryp,
Ýaplandy tama.
Sorady soň,:
“Eje, uruş näme?”
Eleonora Farjen, Angliýa.
Sabyn köpürjigi
− Sabyn köpürjigi−
Ediljek ak şar.
Owsun atyp barýar
Ol uçup barýar.
Ony synlap durdum,
Keýpim bolsa kök.
Uçdy meniň şarym,
Hemmäňkiden köp.
Moris Karem, Fransiýa.
Gökje otuň üstünde
Otyrkam maýdanyň
Synçysy bolup.
Dyrmyşdy egnime
Çekirtge gelip.
Gondy soň kelläme
Akja kebelek.
272
Soňam uçup gitdi,
Keýpin kowalap.
Arylar aýlanýar
Daşymda indem.
Bilýärin bal aljak
Golýandyr menden.
Ýan Bžehwy, Polşa.
Juda sypaýy indýuk
Bardy bir indýuk guş,
Juda sypaýy.
Köplere diýerdi,
Ol daýza, daýy.
Gygyrardy,
Otuz gezek her günde:
Doktory men-de!
−Sypaýy ýoldaşlar,
Sypaýy bolmaklyk,
Tüýs gowy zatdyr.
Sypaýy ýoldaşlar,
Hemişe şatdyr.
Hany, eşek, senem
Meň ýanyma gel!
«Baş üstüne» diý-de,
Sypaýyja bol!
273
Doňuz, saňa-da biz,
Garaşýas munda.
Bilýäris terbiýäň,
Ýoklugam sende.
Biz sypaýy,
Kowamyzok geleni.
Arassarak bolsaň
Şol-da bolany!»
Näçe çagyrsa-da
Hiç kim gelmedi.
Sypaýlyga
Höwes eden bolmady.
Ne-hä eşek geldi,
Ne geldi doňuz.
It hem diýdi: «Barman,
Siz barmasaňyz!»
Penjeleri bilen
Topragy myjap,
Indýuk gaharlandy
Dişlerin gyjap.
Size, dostlar,
Berebekge diýerler.
Nähili sypaýy
Meniň özüm gör!
Siz bir baryp ýatan
Yza galaklar.
Sypaýy men, daş men
Siziň ýalakdan.
274
Fazil Hüsnü Daglarja, Türkiýe.
Sagat
Sanaýar sagat,
Galan puluny.
Meýdanyň elwan
Ýaşyl gülüni.
Ýaprak sanaýar,
Ýyldyz sanaýar,
Ähli zat onuň
Hasabynda bar.
Mekdepde-de onuň,
Eşitdim sesin.
Sanady ol synpyň,
Ähli ýaltasyn.
Mira Aleskowiç, Ýugoslawiýa.
Kim uklanok
Goňşymyzyň radiosy
Aýdym aýdýar,
Çalýar sazy,
Sesi gelýär samolýodyň,
Görünenok ýogsam özi.
Ýol boýunda duran çyra
Bakýar ýaşyl gözi bilen.
Suw damyp dur krantdan hem
«Tyk-tyk-tyk-tyk» uklamok men,
Uklama sen!
Uklama sen!
275
Fam Ho, Wýetnam.
Oýunjak gaz
− Nirik ugradyň, gyzym?
− Daşda galapdyr gazym...
− Gitmäweri, jan balam,
Duşmanlar ýatyr bagty,
Boldy ýene olaryň
− Uçuşyp geler wagty.
− Meniň gazymy görse,
Duşman bombalar ony.
Getireýin, eje jan,
− Daşaryk goýber meni.
− Ynha gazyň, bar eken...
Biziň toplar ot açýar.
Amerikan samolýoty
Tüsseläp ýere gaçýar.
Çykmaweri kümeden
Köşeşdir gaz-gurjagyň.
Aýt, Wetnamyň duşmanny
Entegem berk urjagyn.
Toplar gümmür-de, gümmür,
Gyz gazyn köşeşdirýär.
“Gorkma, meniň akyllym,
Seň ýanyňda özüm bar”...
276
Gapur Gulam, Özbegistan.
Kim bilmeşek gyzlarym
Ýylmanak, gäbe garyn,
Egninde ala dony.
Giň meýdan, suwly akar,
Öýleriňem bir ýany.
Ol näme, bil sen, Gunduz!
− Bolup bilse ol garpyz.
Her ýapragy el ýaly,
Monjuga-da meňzeş ol.
Sary, gyzyl, ak bolýar,
Bilseň tanap üzüp al!
Memleket oýurganyp,
Birsalym süzdi gözün,
Diýdi: − Bildim, ol zad-a,
Bolsa, bolmaly üzüm.
Daşy biraz tüýjümek
Aşa-da salsaň bolýar...
Warenýesi – bal onuň
Iýen ýene hyrydar.
Dursa gyş penjirede
Ysy doldurýar öýi.
Bil, Mähti jan, ol näme?
− Ol zat beýidir, beýi.
Datly şire getirdim,
Gyzym üçin bir çelek.
Maňa sag bol aýdar ol
Içen çagy her gezek.
Soradym: − Aýt, Adalat,
Ol nämäniň şiresi?
−Naryň−diýip, şatlykly
Ýaňlandy onuň sesi.
277
Tursunbaý Adeşbaýew, Özbegistan.
Kemput
Aglap otyr Kemaljyk,
Işiklerniň öňünde.
Öýden çykan jigisi
Saklandy oň deňinde.
−Kemal, näme aglaýaň?
−Ejem çykyp görýänçä?
Işiň näme, aglajak,
Kemput tapyp berýänçä.
Ak galpak
(Ýazyjy Ç.Aýtmatowa bagyşlanýar)
Asyrlardan asyra,
Ötüp gelen ak galpak.
Nesillerden nesile
Ýetip gelen ak galpak,
Ak galpagyň ak reňki,
Enemiň ak saçydyr.
Gaýasyndan gar gitmez,
Alatawyň başydyr.
Iliň gowünhoşudyr.
278
Rauf Talypow, Özbegistan.
Iň süýji hem iň ajy zat
Soradym men oglanlardan:
−Iň süýji zat näme? − diýip.
−Ýatmak ýyljak ýorganda,
Öz ýylyňy özüň duýup.
−Horaz süýji − diýdi biri,
«Kişmiş», «halwa» diýenem bar.
Her soraga her kim, her hal
Özüçeräk jogap berýär.
−Iň ajy zat näme? − diýip,
Çagalara ýüzlendim men.
−Gyzyl burç iň ajy zat,
Ajysyny goýaýgyn sen.
−Derman ajy, sogan ajy...
Gorçisa hem ajy örän.
Eger maňa ynanmasaň,
Onda özüň dadyp göräý!
Pawel Martinowiç, Belorussiýa.
Ýeser ikatýok
Telim görensiňiz
Sizem ol guşy.
Onuň öýi-jaýy,
Baglaryň başy.
Saýrap ýör ol
Demi-demne ýetenok.
279
Onuň deý irginsiz
Guş tokaýda ýok.
Bir gün ol ötegçi
Kirpini gördi.
Kirpiň arkasynda
Sebedi bardy.
Sebediňem içi
Kökeden doly.
(Tagamlydyr iýseň,
Köke bal ýaly).
Otyrdy dynç alyp,
Kölge-serginde,
Oňa habar gatdy
Ikatýok şonda.
− Saýrap hezil berýän
Gowy görenme.
Bir ýyl boldy
Meniň saýrap ýörenme.
Kirpi oýurganyp:
−Örän az-diýdi.
Ýene-de arkasyn
Sebede goýdy.
−Sebediňi sowgat
Etseňdiň maňa!
Ýene ýüz ýyl saýrap,
Bererdim saňa.
280
Byçgy
Ir ertirden bäri
Ýanka ikimiz.
Agaç byçgylaýas
Derçigişip biz.
Byçgy aýdym aýdýar
Gülüp keýpine,
−Agaç näçe bolsa
Getiriň ýene.
Bölek-bölek edip,
Bölüp bereýin.
Üýşüriň, tertipläp,
Gapdalna öýüň.
Gowy görse her kes
Byçgy çekmäni.
Goly bolar güýçli,
Sag bolar jany.
Pyşdylyň öýi
Pyşbaga dost, senem bir
Ile gulak salsana,
Götermezdim ol ýüki
Eger özüm bolsam-a.
Gazan seniň öý diýip,
Arka alyp ýöreniň.
Nebsi- jany agyrýar.
Bu halyňy göreniň.
281
Dostum seniň ol öýüň,
Ne daşdan, ne kerpiçden.
Göterip agyr ýüki
Horlanypsyň halys sen.
−Taşla diýmäň öýüňi,
Bilýändirin gadyryn.
Ýatladýar ol görene
Turistleriň çadyryn.
Leonid Şirin, Belorussiýa.
Käşir
Käşir burnun gizledi,
«Gizlendim» oýnalanda.
Ýöne onuň gulpagy
Galaýan eken munda.
Diýdi çagalar oňa,
−Hana käşir, bäri çyk!
Bireýýämler biz seni
Gulpagyňdan tanadyk.
Çeşme
Çeşme ýene aldym-gaç,
Akyp barýar howlukmaç.
Tokaýlaryň içinden,
Öwrüm berip geçdi ol.
Indem düzlüge çykyp,
282
Hiňlenjiräp barýan şol.
Bilbilleriň aýdymny,
Torgaýlaryň owazyn,
Toplap gelýär ýol boýy,
Dünýäniň aýdym-sazyn.
Çeşme uzyn − kerwen göç,
Geçip barýar howlukmaç.
Suliç derýajygy
Gögerip suwuň ýüzi,
Haýran etdi ol bizi.
Nädip beýle boldukan,
Reňki nirden aldykan?
Soradyk biz derýadan,
Nädip beýle bolduň sen?
Diýdi derýa: "Bir bulut
Gitdi ýanymda bolup.
Kenarymda oturdy,
Gök etegni batyrdy".
Towşanyň öýi
Towşan sen nirede,
Gara bereňok?
Bolýan zatlardanam
Seň habaryň ýok.
283
Taýynlyk görülýär,
Täze ýyl toýa.
Köpler ýolka alyp,
Getirdi öýe.
Bezediler ony,
Oýunjak dakyp,
Dur indi ýolkalar
Il ünsün çekin.
−Meniňem ýolkam bar,
Bir däl, juda kän.
Olaryň boýuna
Bakyp guwanýan.
Gardan possunlarny,
Egnine alyp,
Otyr ýolkalarym
Bir geňsi bolup.
Ýolka ýokdur meniň
Ýolkalam deýin.
Myhman geliň sizem
Tokaý meň öýüm.
Süýji düýşler
Pişik çagalary
Uklaşyp ýatyr.
Ene pişik myrlap,
Hüwdüläp otyr.
−Ene, senem indi
Irkilseň az-kem,
284
Heziller edersiň
Düýş görüpler sen!
Eneler hemişe
Işleşip ýörler.
Eneler nämüçin
Uklamaýarlar?
"Mähriban eneler",
Diýilýär bize
Ukyň süýji ýerni
Çagalarmyza
Eçilýäs hemişe
Ýüregmiz bilen.
Enäň kimligini,
Bir bilsediň sen...
Nugman Razyk, Täjigistan.
Garynja
Ak meýdanyň hoşasyndan
Bir dänejik alyp gelýär.
Ýeňil iş däl däne çekmek,
Itek-çomak bolup gelýär.
Eý, oglanlar, ýoldan sowluň,
Garynjajyk ötsün-gitsin!
Dänesi−şol ýüki bilen
Sag-aman ol öýne ýetsin.
285
Muhran Maçawariani,
Gruziýa.
Dali bilen gülälek
Goýy gyrmyzy reňkde
Gülälek gülün açdy.
Dali gyz aýdym aýdyp,
Irden mekdebe geçdi.
Agaçlary yralap,
Gezip ýör şemal gelip,
Barmak boýluja Dali
Barýar alaýaz bolup...
Mekdebe barýar Dali.
Owadan ol gül ýaly.
Georgiý Kaçanidze,
Gruziýa.
Alma ýygymy
Başyn yrap şemala,
Almalar hallan atýar.
Her şahada düzülen
Al ýaňakly alma bar.
Eller alma uzaýar,
Her ýandan telim-telim.
Gözler ony synlaýar.
Hyrydar nazar bilen.
Datly, terje almanyň,
Hyrydary diýsen kän.
286
Aýdym aýdyp çagalar
Alma ýygýar şadyýan.
Agşam alma ýygýanlar,
Giden çagy ýatmaga,
Orak ýaly, ap-ak Aý
Seýle gelýär bu baga.
Kanybek Junuşew, Gyrgyzystan.
Pensioner
Täsin oglan biziň Meder,
Ulalsaň kim boljak diýseň?
"Men pensioner boljak" diýýär,
−Erbetmi nä bu kär, eýsem?»
Atam eşdip güldi ilki,
Bu jogaby tüýs ýürekden,
− Örän gowy, hem kyn käri,
Saýlap-seçip bilipsiň sen.
Mysal alda göräý meni,
Ordenlerim goşa-goşa.
Zähmet bilen geçen ýyllar,
Ak gar bolup düşdi başa.
Berekella, oglum, saňa,
Senem meniň ýaly bolsaň!
Bu kärem hiç neneň däldir,
Garran bolsaň,
Gadryn bilseň.
287
Ýigrimi aýak
Ýigrimi aýak
Bolsady mende,
On jübut ädik
Geýerdim şonda.
Ädik, bu-da hiç,
Ýöne nätmeli,
Haýsy aýagy
Ilki ätmeli!?
Gowy oglan
Maňa meňzeş oglana,
Köpüň, göwni ýetenok.
Ýöne menin, üçin-ä,
Şondan gowy oglan ýok.
Medenýetli, asylly,
Özüni alyp barşy.
Gelşikli gaýşarylyp,
Köçede gezip ýörşi.
Onuň kä bir ýetmezi,
Belki, bolsa-da bardyr.
Ýöne biliň ol oglan,
Akyllydyr hem zordur.
Eger ony öwseler,
Diýseň ýaraýar maňa.
Soradylar bir günem:
− Aýt, ol oglan kim saňa?
288
Tanasyň gelýän bolsa,
Diňle gürrüňmiň, yzyn!
Gowy oglan, şol oglan,
Dostlar, meniň hut özüm.
Bir orunly samolýot
Höwesinden bat alyp,
Uçýanyna şat bolup,
Gezdi tomzak-samolýot,
Hol, aşakda, jülge, ot...
Çekirtge ony görüp,
−Aýlaý-diýdi −mündürip?
Tomzak diýdi: "Işim kän,
Gowsy meni eglemäň,
Aýlaýmak bordy sizi,
Ýeke däl siz bir süri.
Ynanaýyň, ýerim ýok.
Bir samolýot bir orunlyk.
Begemot
Öňler gaty görmezdim,
Aken, begemot diýse.
(Begemody bir ýola
Görüpmidim men, eýse?)
Şäherden zoopark geldi,
Il deňinde bardym men.
Begemody synlamsoň,
Öýkeledim Akenden.
289
Alekseý Kondrayýew, Russiýa.
Aýna
Hemişe aýna şeýle,
Halaýar arassany.
Ýüzüň ýuwmadyk bolsaň
Ýatladýar ýuwunmany.
Saçyň hüžžerip dursa,
Degmedik bolsa darak,
Içini çeker aýna:
−Saçy daramak gerek!
Üsti-başy gara gäz,
(Şeýle çagalaram bar.)
Ana, şonda gorkudan,
Aýnaň ýüzi garalýar.
Gar küde
Gör, nähili üýşüp duran küde gar.
Küde-de eňek bar, äpet maňlaý bar.
Ine aýaklary,
Burny hem ine.
Kim ol diýip, sorag berýän özüme.
Özä-hä ol meniň öň gören zadym.
Ol diýdi: “Tanşaly
Ýolbars meň adym!».
290
Stepan Županin, Ukraina.
Bahar
Mähirli ýylgyryp,
Gün nurun saçdy.
Eplenip-ýazylyp, Buzlar çat açdy.
Çagalar gül ýygyp,
Tokaýdan gelýär.
...Her ädimde bahar
Alamaty bar.
Üzüm
Irden turup,
Joýa çekdik.
Agam bilen
Üzüm ekdik.
Bizem ösýäs,
Ösýär üzüm.
Boldy bir gün,
Düzüm-düzüm.
Hoşalarny
Bol getirdi.
Dadyp görseň,
Bal getirdi.
Gülhalka
Gülden halka ýasadyk,
Saýlap-seçip yslysyn.
291
Aýdym aýtdyk,
Tans etdik,
Çemenlikde uzak gün.
Diýdik suwa goýberip:
−Tolkun bilen möwç ur sen!
Uzakdaky dostlara
Dost salamyn, gowşur sen!
Menziliň uzak bolsun,
Täsin gämi bolup git.
Bagt hakdaky aýdymy
Özüň bilen alyp git!
Kölde
Karpat köllerinde
Bulutlar ýüzýär.
Üstünde guşlar
Şat aýdym düzer.
Gül-gunçalar oňa
Ýadanok bakyp.
Günem seredip dur,
Çoguny döküp.
Ot-çöpem ösýär,
Astynda kölüň.
Gowsy görmäge
Özüňiz geliň!
292
____________________________________
Dürli eserlerden bölekler
***
Sen nähili tohum sepseň zemine3,
Şol eken zadyňy orarsyň ýene.
Eger şeýle bolsa, ötünçä ömrüň,
Ýagşylyk, hakykat bolsun ekeniň.
Erbetligi ekme gowy bor öýdüp...
Eken zäheriňi alarsyň gaýdyp.
Nowaýy
***
Bilýärin gijäniň kölgesi yrlar,
Hem togtar dünýäde akmasy ganyň,
Şonda etmişiniň läbigne batar,
Emirem, molla-da, haýyn işanam.
Bilýärin täji-tagt ýumrular bir gün,
Köşgüň basgançagy süňňüni söker.
Bilýärin, çykarys biz gijelikden,
Gullaryň öňünde han dyza çöker.
S. Aýni
***
Başymdaky ähli zady äkitdi
Söýgi tupany.
Ýeke galdy-umma kowup bar zady
Söýgi tupany,
Hiç zada gerekmez indi meň başym!
Öz isleýşiň ýaly atlandyk ony.
Hoşhal Han Hattak
__________________________________________________
Ýazyjy G.Kulyýewiň «Emiriň ilçisi» romanyndan mysal alnan
goşgularyň terjimesi.
3
293
***
Şa kölgesi bolup gezip ýörmeli
Her gerekli zady öňden görmeli
Asgyrmak bolanok köşkli adama.
Gaşanmagam düşmeli däl ýadyňa.
«Mahabharata»
***
Täç göterýän agalar köp ýaýnady,
Asyrlary ýaňlandyry zynjyrmyz.
Derimizden derýa döräp gaýnady,
Suw ýaly döküldi biziň ganymyz.
Ýok bolsun tiranlar, galmasyn biri,
Sütemem, Zulumam hemmesi ýitsin!
Goý şu günden şeýläk ýurtlaryň bary,
Bir-birine doganlarça seretsiň!
Kwint Gorasi
***
Adamzatdyr ähli jandaryň başy,
Zyýadadyr onuň akyly-huşy.
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,
Ynsandyr bezegi, zynaty gaşy.
Al-Hanafi
***
Galkynyň, eý, gullar, tozandan çykyň,
Gyzyl baýdak bilen ýagtyldy zemin.
Gorkyny-ürkini ýok edip taşlaň,
Azatlyk nur saçýar parlap Gün kimin.
«Marselýozanyň» äheninde. S. Aýni
294
***
Sadadan-asylly öz liram bilen,
Ýerli Hudaýlary taryp etmedim.
Çykmadym men ynsabymyň çygryndan,
Munuň göwnün, ol kes üçin ýykmadym.
Erkinlige hyzmat etdim ýeke-täk,
Şalary öwmek üçin dörämok,
dogulmadym men,
Taňryň beren zehin peşgeşi bilen.
A. Puşkin
***
Şahyr aýlap-ýyllap takal okady
Gury söz ýürege täsir etmedi.
Meý satan, şol tolgundyrdy ýüregi
Içenim bir owurt, zehin gepledi.
Nowaýy
***
Pelek gaňyr hem-de gysganç eşrete,
Geç-de, dostum, çyk sen şadyýan tagta.
Günä, sogap birdir Taňryň gaşynda,
Durmuşdan al paýyň, galdyrman ertä.
Omar Haýýam
***
Dowzahyň ýalyny, elbetde, elhenç,
Akmak bilen söhbet ondanam elhenç.
Huşhal han
295
***
Sabyrly bolmakdan halys ýadadym,
Erkimi hem çykarmadym kadadan.
Tükeniksiz seretmeden ýadadym,
Salyhatly, kesir häsiýetim bilen
Barybir men ýene öňki pikrimde,
Gödeklik hakynda, zenan hakynda.
Momand Maşuhal
***
Ýaşaýyş aňsat däl, ykarady kän,
Ýaşamak kyn munda hiç kimi söýmän.
Molla-işan kesbi gysgançlyk, ýalan.
Olar bu işleriň tabyny alan.
Diňe ýeke pikir gursagynda bar,
Nädip ilden zady artyk alyp bor.
***
Ýüzünde utanç ýok, haýyrdan daşda.
Mes gowyny iýse, gowyny içse,
Toýlara baranda arzuwy halat.
Olaryň ýaşaýşy şundan ybarat.
Hamza Hakimzada
***
Men beýle dünýäden ýüzüm öwürýän,
Ol meniň damagma tärs gelen tegek.
Ol gowyň, erbediň parhyn bilmeýär,
Gowyny ornunda goýmaz hiç gezek
Ondan gowulyga garaşmak bolmaz,
Erbetlik etmäge mydam iki paý.
Baýynda şerim ýok, sahylarda pul,
Erbetlik kän, ýaşaýyş ýok göwnejaý.
296
Wagif
***
Söýgi gelen çagy-şol pursady duý:
Ýürek köpem däldir söýeniňe degýän.
Babujan Babaý
***
Ähli gowulygy özünde jämlän,
Zynjyryň iň soňy bolupdyr ynsan.
Namysjan başyny dik tutar ýören,
Zehiniň, diliňem hözirin gören.
Akyl, ruh−şol ýerde jämlenen diňe.
Dünýä-de, gürrüňsiz garaşly oňa.
***
Eý, sen, hakykatyň mukaddes tugy
Alnymyzda sen!
Çaňa gardyň bezemen şa tagtyny
Gudratyň bilen.
Nowaýy
S. Aýni
***
Hiç haçan,
hiç haçan,
hiç haçan, iňlis gul bolmaz.
(Iňlisiň döwlet gimninden)
***
Gop sen tupan, gulaklary gan bu gün,
Sypyr geýimleri, ýürek örtügin.
Ol ýalaňaç durdun gizlemän ýüzi,
Üwre sen bizi.
297
Men ýürek gazandym, men ikiine,
Biz birek-biregi tanarys ýene,
Dürs hasaba alman biz gaýrygözi
Üwre sen bizi.
Rabindranat Tagor
***
Äkitsen kynçylyk ak ýigitleri
Gowy ogullary äkitsen sürüp.
Kyn işleri ber olaryň eline,
Deňizlerden, dag-dereden geçirip.
Olar gulluk etsin uzak illerde,
Çytyk ýüzli taýpalary depeläp.
Aga bolsun olar sülsat, illere,
Ýa gümüne gitsin – bu-da bir hasap.
Kipling
298
Süýji gawun – waharman
(Erterteki)
Tilki irden turanda onuň gawun iýesi gelip, dişleri syrkyrap,
ajygyp turdy. Bu günler gawun-garpyzyň bişip, hemmeleriň
hezil edip gawun iýýän günleridi. Daşy torly, saralyp bişen
waharmanlary iýmegiň özi duranja bir lezzet. Waharmany
ýatlanda bolsa tilkiniň ony iýesi gelip ýene-de sülekeýi akdy.
Bu bolsa tizden onuň golaýdaky gawunly bakjany ýatlap,
ýola çykmagyna sebäp boldy. Ol töweregiň hem özüni göreniň
juda bir ünsüni çekmezlik üçin hiç bir maksatsyz köw-söw
edip ýören tilkä meňzemäge çalyşdy. Beýle tilkä töwerek üns
bermeýärdi. Tilkiniň ýaşaýan öwresi maksatsyz, elinden iş
gelmeýänlere aýratyn sarpa goýulýan, şeýle tilkileri "Ynsaply"
atlandyrylýan we hasap edilýän ýerdi.
Tilki gawun ogurlamak üçin pikir ýöredende ýene-de ilki
şagaly ýatlady. Hawa, ol gawuny hemişe şagal bilen bileleşip
ogurlaýardy. Birinjiden-ä, ikileşip iş etseň, iş aňsat bitýärdi.
Ikinjiden bolsa gawun ogurlaýan tilki bolsa-da, ogurlyk hemişe
şagala ýapylyp, şonuň adyna gidýärdi. Tilki bolsa hemişe
ýalmanyp hiç zatdan habarsyz bolan bolup, ak tilki bolup çetde
galýardy.
Sebäbi halkda "Gawunyň ýagşysyn şagal iýer" diýlen il
içinde kimdir biri tarapyndan kabul edilen akyl bardy.
Bu gezegem ogurlykda yňdarma, sada şagalyň öz emeline
düşüp masgara boljagyny, gawuny bolsa özüniň iýjegini ýatlan
mahaly ýene-de onuň keýpi göterilip, özi hakyndaky hoşniýetli
aýdymjygyna hiňlendi.
Az däldir tanaýanlar,
Tanamadyklar tanar.
Biziň ilde bir gowy
Tilki diýen ýigit bar.
299
Gaýtalama:
Köp tilsimli tilki men
Şatlanmaga hakly men.
Ejizleriň gamçysy,
Güýçlüleriň akly men.
Şir hem tanaýar meni,
Tanaýaň meni senem!
Tilkim, sümek guýruklym,
Diýerdi maňa enem.
Güýçlüleň ugrun tapyp,
Diýdirdim "Ýigdiň gowsy".
Güýji ejizleň bolsa
Çykmaz ýanymda sesi.
Gaçyp gören tilki men,
(Bukulyplar ýatardym)
Ýöne welin bary bir
Men maksada ýeterdim.
Bu günem bir gowy gün,
Şatlanmaga hakly men.
Ejizleriň gamçysy,
Güýçlüleriň akly men.
Birsalymdan tilkiniň hol-allowarrada oturan bir gara
gözi düşdi. Ýakyp baryp görse, ol gawun iýesi gelip, yzalap
süreninden çykan, indem nädeninde nä bolaryny bilmän, bir
ýapynyň üstünde oýlanyp oturan şagal bolsa näme. Tilkä-de
geregi şol.
Şeýle-de bolsa ol hüşgärligi elden bermezlik üçin, tilki ilki
oňa görünmezlige çalyşdy. Gazalyp oturanyň hakykatdanam öz
dostudygyna göz ýetirmek üçin, emaý basyp oňa golaý bardy.
300
şagal ýeňsesine öwrülip seretmese-de, tilkini aýak sesinden
tanady.
− Näme ýesersirän bolýaň, geliber-dä!
− Sen kim dogan? − diýip, tilki oturan ýerinden galman
şelaýyn seslendi.
− Geliber, menem özünizdendirin.
− Ýa, şeýlemi? Beýle bolsa bolýar-la.
Tilki soňra turup geldi-de, köne tanşy şagaly tanap begendi.
− Ýok, senmidiň-äý bi?
− Bolup bilseg-ä, bizdiris özün-ä − diýip, şagal aç
haýwanlara mahsus keýpsiz ysgynsyzlyk bilen salamlaşdy.
− Sen nire, bu ýerler nire? − diýip, tilki şagalyň ýagdaýyny
sorady.
− Aý, biziňkem näme, hälki bir aýlaň-çaýlaňdyr-da − diýip,
şagal göwünsiz jogap gaýtardy.
− Dogryňdan geläý, hanym − diýip, tilki onuň
aýtmasa-da nämüçin tukat oturany bilýän diýen manyda
kinaýaly seretdi.
− Oýlanýan.
− Ýene-de iş şoňa diredi diýsene. Onda, dost, seniň derdiňe
gadym lukmanlaryň salgy beren bir emi bar. Sen haýal etmän,
ýüzüne şagal, tilkiniň ýüzi düşmedik "Waharman" iýmeli.
− Aý, gaty bir beýle-de däldir-le − diýip, tilkiniň höwesliligeni
göwnüne jaý bolan hem bolsa şagal yňňy-syňňy edip oňa syr
bildirmezlige çalyşdy. Muňa girre tilkiniň nahary geldi.
− Seniň, şagal han, isleseň-islemeseňem gawundan
başga hiç bir keseliň ýok. Eger diýenim ýalan bolsa, goý,
meniň
söbügme it hatlatsyn − diýip, tilki pikirini nygtady.
− Näme diýseň diý welin, ýöne, dost, şol itiň adyny
meniň ýanymda agzama "Gurt agzasaň, gurt geler" diýip
eşitmänmidiň näme. Häzir kim gelse-de, şol bir gelmäwersin
− diýip, itiň adyny eşidip, tilki töweregine seredip halamazlyk
bilen düýrükdi. Şagal itiň özündenem, beter onuň adyndan bez
301
bolupdy.
Tilki şagalyň itiň ady agzalansoň boluberşini görüp, onuň
sadalyk bilen janyndan syzdyryp aýdan sözlerini diňläp, ýenede onuň sadalygyndan, gönümenlleginden peýdalanyp gawun
ogurlap biljegine ynandy.
− Gawun iýmek gerek, gawun − diýip, tilki dostlarça şagalyň
arkasyna kakdy.
− Soňky döwürde gawun iýmek hasam kynlaşdy.
− Tebigat her derdi döredende onuň dermanynam bile
döredermiş. Häzir ýekäniň çaňy çykmaz diýilýän döwür. Şonuň
üçinem gawun iýmek üçin güýçleri birikdirip hereket etmegimiz
gerek, «El eli ýuwar, iki el birigip ýüzi" diýipdirler.
− Seniň diýýäniň biçem hem däl ýaly.
− Eýsem näme, üstesinede meniň emelimi goşsaň − diýip,
tilki öz pikirini has ynamly etmek üçin ersip gepledi.
Onuň bu bolşy şagalyň çetine degdi. Ol çytyldy.
− Şi, sähel mümkinçilik bolsa, kükregiňe ýumruklap
öwünjek bolup dursuň-ow sen !
− Sen ýogsam ýöne-möne söze ynanýan şagalmy?!
Sary gawuny gujaga almak, diňe ikimiz bir çukura tüýkürip
güýç jemlän wagtymyzda mümkin...
Olaryň ikisi-de bir salym bakjany, ol ýerde biýaralaryň
arasynda omalyşyp ýatan sary waharmanlary göz öňüne getirişip,
hoş hyýala berlişip durdular.
Howada tilkidir şagalyň wagtal-wagtal düýşünde görýän
gawunlarynyň ýakymly ysy bardy.
− Baý, munuň ysynyň gowudygyny − Tilki gözüni süzüp
serhoş bolup howany ysgady.
− Hany, aýt planyň bolsa − diýip, şagal gawunyň üstüne
gitmäge taýynlygyny mälim edip, duran ýerini depgiläp
dyzandy.
− Ýöne ýene bir hasap alaýmaly zat bar − diýip, tilki şagala
aýdaýmaly zat hasap edeni üçin ýagdaýy düşündirmäge durdy
− Sakçy gidip şäherden dürbi getiripdir, indi ol oturan ýerinde
302
alysa golaýyna getirip, dünýäni synlap otyr.
− Eý-ho, onda ol häzir bizem görýändir − diýip, tilki
töweregine ýaltaklap duran ýerinde aşak oturdy. Uludan demini
alyp, lapykeç samrady −Indi dişiňe gawun degmez diý-de, gutarda!
− On-a diýäýmeris, dost. Gawun ekilmese gutarar, ekilse,
ony iýmeli bolar.
Tilki bu sözleri, şagala göwünlik beriji ähende, gawuny ele
salmagyň ýoluny özüm taparyn diýen manyda aýtdy. Şagalyň
bu sözleri eşidip, tama bilen onuň özüne "Nädip?" diýip, berjek
soragyna garaşdy. Ýöne tilkiniň tamasy çykmady.
Şagal:
− Aý, gel gowsy, dost, indi bizem şu gawunly gürrüňi bes
edäýeli − diýip, höwessiz burnuna salyp myňňy-myňňy gürledi.
− Sen, meniň planymy bir diň-le, how − diýip, ugrugan
işleriň bulaşyp barýanyny gören tilki şagalyň ýüzüne geldi.
− Hany aýt, ýöne planyňa göwnüm ýetmese, seňkildäp
yzyňa düşmerin.
− Sen gawunyň sag tarapyndan gum içinden çykyp gelmeli.
Soňam uwla-da şagal sesiň bilen metgi bolup. Gözüňe ok degen
ýaly agzyňy ýokary tut-da uwlaber. Sakçy söbügiňe düşerem
welin, senem gaçyp barşyňa käte bir uwla-da tutduryber
ümdüziňe! Şol arada menem garaşylmadyk tarapdan bararynda gawuny ele salaryn. Neneň gördüň plany? Gitleriň hanyň
"Barboros" planyndan kem däldir görseň! Barmy soragyň?
− Saýada sakçynyň agtygy bar bolsa nätjek?
− Ony-da hasaba alsym. Ol ýaňyrak tüýdüjek hakyndaky
aýdyma hiňlenip mekdebe gitdi. Indi ol gijöýländen bärde gara
bermez.
− Onda bagty synap göräýsekmikäň − diýip, şagal
gawuna ýene-de höwes edip ugraýar.
− Eýsem näme?! − diýip, tilki şagalyň öz pikirine tarap
eglip barýanyny görüp begençli seslendi. Sonundanam pikirini
has berkitmek niýeti bilen:
303
− Işleýändir görseň! − diýip, kellesini görkezdi.
Şagal waharmany ýatlap, ýene-de howany ysgady...
Tilki dostunyň hereketlerini synlap oňa düşündi. Onuň
göwnünden turjak teklibi orta atdy.
− Gel, şagal dos, gawun hakdaky aýdymymyzy aýdaly!
− Wah, şeý diýsene, dost − diýip, şagal tilkiniň teklibini
göwünjeň kabul etdi.
Şagal, tilki adymyz bar,
Isleg-arzuw odumyz bar.
Sakçy babaň melleginde
Biziň göwün şadymyz bar.
Sary gawun, sary gawun,
Togarlan sen bäri, gawun!
Ol topragyň jigerbendi,
Ýüregimiz şoňa bendi.
Ganatlanyp uçaýmasa,
El çekmeris ondan indi.
Sary gawun, sary gawun,
Togarlan sen bäri, gawun!
Gawun bir bal kimse bilse,
Ysy parym ysyn alsa,
Heý, ogurlyk etjekmi biz
Eger gawun erbet bolsa.
Sary gawun, sary gawun,
Togarlan sen bäri, gawun!
Tilki bilen şagal aýdym aýdyp bolansoň: “Gitdik” diýşip,
hersi olaryň bir tarapa ýöneldi.
304
Şol barmana ýoldaşynyň tilkidigini, amat tapsa, onuň
aldaýanlygyny ýatlap şagal ýene-de böwrüni diňlap iňkise gitdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hatlar - 15
  • Parts
  • Hatlar - 01
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2060
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 02
    Total number of words is 4178
    Total number of unique words is 1801
    8.5 of words are in the 2000 most common words
    12.4 of words are in the 5000 most common words
    15.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 03
    Total number of words is 4113
    Total number of unique words is 1765
    2.1 of words are in the 2000 most common words
    4.9 of words are in the 5000 most common words
    7.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 04
    Total number of words is 4282
    Total number of unique words is 1851
    1.6 of words are in the 2000 most common words
    4.0 of words are in the 5000 most common words
    6.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 05
    Total number of words is 3910
    Total number of unique words is 2122
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    16.5 of words are in the 5000 most common words
    19.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 06
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2246
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 07
    Total number of words is 3866
    Total number of unique words is 2334
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    30.8 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 08
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 1995
    13.0 of words are in the 2000 most common words
    18.1 of words are in the 5000 most common words
    21.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 09
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2294
    10.8 of words are in the 2000 most common words
    15.9 of words are in the 5000 most common words
    19.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 10
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2259
    17.9 of words are in the 2000 most common words
    25.8 of words are in the 5000 most common words
    30.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 11
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1938
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 12
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2118
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 13
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2338
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 14
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 2184
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 15
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 2111
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 16
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1938
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 17
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2354
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    39.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 18
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 2185
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 19
    Total number of words is 4045
    Total number of unique words is 1896
    1.5 of words are in the 2000 most common words
    3.7 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 20
    Total number of words is 328
    Total number of unique words is 255
    18.3 of words are in the 2000 most common words
    26.8 of words are in the 5000 most common words
    30.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.