Latin

Hatlar - 12

Total number of words is 3665
Total number of unique words is 2118
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Biz oglan döwrümiz-ä ol käte gelip, biziň kolhozymyzyň
ýygnaklaryna-da gatnaşardy. Şol wagt biz onuň nirede işleýänini
bilmesegem, onuň ýoldaş Öwezmyradowdygyny welin bilýärdik.
Bu syratly daýaw adama hemmeler «Ýoldaş Öwezmyradow!»
diýip ýüzlenýärdiler.
Käte men bir iş bilen Tagtabazar posýologyna baranymda
onuň assa-ýuwaş ýöräp işinden öýüne, öýünden işine barýanyny,
ýolda duşan adamlaryň onuň bilen gadyrly salamlaşýandyklaryny
görýärdim.
Biraz mundan öň maňa Baýram aga bilen söhbetdeş bolup
onuň bilen içgin tanyşmak miýesser etdi. Onuň ykbalynyň
halkymyzyň unudylmajak Beýik Watançylyk urşy bilen
bagly sahypalarynyň biridigini bildim. Şonda uruş döwrüniň
oglanlarynyň birinden eşiden: «Uruş turup, ýigitler gidensoň,
obamyzda aýal has hem köpelen ýaly boldy» diýen gürrüňi
meniň ýadyma düşdi.
Ana, Baýram aganyň söhbeti meni şol ýalynly ýyllara äkitdi.
Men sorag soradym. Baýram aga-da ýadyny jemläp, maňa jogap
berdi. Ine, şol söhbeti hem jemläp men ony size ýetirmegi makul
bildim.
− Baýram aga, öz urşa ugran pursadyňyz ýadyňyzda bolsa
gerek? Eger ýadyňyzda bolsa, onda geliň, gürrüňimizem
şondan başlalyň!
− Ýadymda, şol wagt meniň öýlenenime bary-ýogy iki
aý bolupdy. Ýaş çatynjalaryň gülşüp-oýnaşyp, birek-birige
guwanyşyp ýaşaşjak döwri başlanypdy. Ýöne eýesine (ýurda)
gerek bolsa, göňşusyna haram» diýleni boldy. Ýurdy halas
etmekden özge ählä zatlar ikinji nobata geçdi.
Duşman bolsa ol günler şeýle bir tiz hereket edýärdi welin,
onuň ädiginiň sesi barha golaýlaýardy. Türkmeniň gyzyl eňek
225
gül seçegi ýaly ýigitleri wagonlary dolduryp-dolduryp urşa
gidýärdiler. Şeýle-de, ýadymda, otlular şol günler şeýle bir zat
daşaýardylar welin, Türkmenistany az wagtyň içinde bir depik
gumy bilen çekip gutarjaga menzeýärdiler.
Men ilki Baýramala gelip düşdüm. Bu ýerde türkmen atly
diwiziýasy düzülýärdi. Niräňe seretseň görmegeý bugdaýreňk
garaýagyz ýigit bolup dur. Döwrüň janagyrlylygyna
seretmezden, çilim çekişliklerde gülki-ýomak-da tapylardy.
Gömnüme bolmasa, şol wagtky ýomaklar häzirki ýomaklardan
has täsirli, durmuşydy. Biz bu ýerde beden taýynlygyny
görsegem-ä görýärdik welin, esasy öz aňymyzy şol Allajy urşa
taýynlaýardyk. Adam şunuň ýaly agyr pursatlarda ürç edip öz
halkynyň är ogullaryny ýatlar ekeni. Biz şol günler özüniň kyrk
ýigidi bilen Çardagly Çandybili-gi gorap gezen Görogly begi
diýsen köp ýatlardyk. Görogly begiň aýdyşy ýaly, «Özüm ölsen,
ruhum goldar sizlerne», onuň ruhunyň uruşda olaryň özümizi
goldajagyna ynanýardyk.
Ine, bir gün bolsa, biziň bilen duşuga Sowet Soýuzynyň
Gahrymany Gurban Durdy geldi. Ol döwrüň Göroglusydy. Biz
indi Görogly begi Gurban Durdynyň mysalynda göz öňüne
getirýärdik. Bu duşuşyk bizde diýseň uly täsir galdyrdy. Gurbaň
Durdynyň şol wagt biz SSSR boýunça esgerdir seržantlaryň
arasynda ilkinji Sowet Soýuzynyň Gahrymandygyny
bilmeýärdik. Bu barada uruşdan gelenimizden soň, ýaň-ýaňylar
Sowet Soýuzynyň Gahrymany Pena Rejebowyň salgy beren
«Trud» gazetinden okap bildik. Soňra men söweşlerde köp
gezek Gurban Durdyny ýatladym. Onuň edermenligi biziň külli
türkmeniň ruhuny goldady.
Şol duşuşykda bir saryýagyz, uzynak, hortap ýigit hem çykyp
gepledi. Gurban Durdyny döwrümiziň Göroglysyna deňän hem
şol boldy. Ol biziň adymyzdan türkmen ýigitleriniň duşmany
Gahrymanyň göreldesi bilen urjaklygyna söz berdi. Biz sapsap bolup durşumyza şol ýigidiň sözlerini gaýtalydyk. Tanşyp
otursak, ol uruşdan soň gelip öz aladalary bilen halkyna özüni
226
aldyran türkmeniň serdar ogullarynyň biri, uruş içinde görelde
bolup gezen gerçek Ýazguly Hudaýberdiýew ekeni.
Ýolbaşçylar «Ýigitleriň türgenleşme kemi galmasyn» diýen
borly. Biz soňra birnäçe wagtdan Täjigistanyň Stalinabat şäherine
bardyk. Ýogsam urşa gitmäge eýýäm Baýramalyda wagtymyz
biz bedenimizi-de, aňymyzy-da birkemsiz taýynlapdyk.
− Meniň uruş döwrüniň starşinasy bolup gezen Haky Juma
diýen bir goja agam bardy. Ol: «Meniň şu ýetmiş ýaşap gören
zatlarymyň iň erbedi uruşdyr» diýip köp gaýtalardy. Soň görsem,
bu jümle uruşda bolanlaryň köpüsiniň gaýtalaýan pikiri ekeni.
− Men Hakberdini bilýärdim. Ol juda dil tapan, gujurly
adamdy. Inim menem şol pikirde. Urşy görseň, şeýle pikir
etmezlik asla mümkin däl. ...1943-nji ýylyň awgustynda
bizi Woroşilowgradyň Pawlow raýonyna getirip bölümlere
bölüşdirdiler. Biziň esasy bölegimiz atly 14,15,16-njy bölümlere
düşdüler. Men 14-nji diwiziýanyň 56-njy pulemýotçylar
eskadronynda rasçýot komandiri bolup gulluga başladym. Indi
urşam bu ýerden uzakda däldi. Birnäçe günden biz ilkinji gezek
söweşe girdik. 19-njy sentýabrda biziň polkumyz Snýawka
diýen ýerde bir obajygy nemisiň elenden aldy. Duşman ony
aldyransoň, has agyr söweşler başlandy. Bu söweşler Berezçi
ugrunda ýaýbaňlandy. Indi biz duşman tanklaryna gaýtawul
bermeli bolýardyk. Pikir edip otursaň, at bilen tankyň oýny
asla akyla sygjak zadam däl ekeni. Tanklar ot açyp biziň
pozisiýalarymyzy mynjyradyp öňe müňzeýärdiler. Tanklar bilen
biziň oýnumyz oba giren ýolbarsy eli tommak taýakly urup aljak
bolýan adamlaryň ýagdaýyna meňzeşdi. Tanklar özüniň demir
penjeleri bilen topragy türkmen, rus, ukrain, gazak... ýigitleriň
ganyna garyp mynçgylaýardy.
Türkmen ýigidi Mülki Baýramowyň atly eskadrony duşmanyň
12 sany tankyna ýok edip, garaşylmadyk beýik gahrymançylygy
görkezdi. Mülki Baýramowa Sowet Soýuzynyň gahryman
diýen at dakyldy. Bu türkmen ýigitleriniň başyny ýene bir gez
ýokary göterdi. Şol mahal bir gürrüň boldy. Nemes generalyna
227
onda-da atly adamlaryň öň iki sany, onda-da birem däl, ikem
däl on iki tankyny alyp ýatandyklaryny aýdanlarynda ol asla
ynamandyr. Şonda bu habary eltenler oňa ruslaryň öz ýurdunyň
bir çetinde ýaşaýan, bir mahal Makedonskiý bilen hem urşup,
oňa per bermedik, ölümden gorkmaýan halkyň adamlaryny urşa
alanlygyny aýdyp ynandyranmyşlar.
−Sowet Soýuzynyň Gahrymany Mülki Baýramowyň
edermenligi bizin ýigitlerimiziň urşa baryp görkezen
edermenlikleriniň başy bolupdyr-da.
−Ýok, ilkinji edermenlikleri biziň oglanlarymyz urşa giren
ilkinji günlerinden görkezdiler. Biziň bölümimizde ilkinji
edermelik üçin medaly meniň nawodçigim Agaberdi neresse
alypdy. Agaberdini asla ýatlaman geçmek mümkin däl. Ol-da
«Ýüpek» ýaly diýilýän ýigitleriň biridi. Ol-da meniň ýaly urşuň
öňüsyrasynda öýlenen ýigitdi. Ikimiz dertdeşdik, ýürekdeşdik.
Agaberdi Ýamat Tagtabazaryň «Gulja» obasyndandy.
Duşman şol söweşleriň birinde ilki Agaberdiniň goňşy
bölümde gulluk edýän agasyny aldy. Agaberdi ony gidip, öz
eli bilen jaýlap gelensoň, birnäçe gün hapa bolup gezdi. Hälişindi:
− Indi men Satlyk agamy bu ilde galdyryp, oba nädip
bararkam? – diýip hamsykdy. Dogan dogan bolýar-da,
belki,ol neresse bu sözleri aýdanda, özi dolanyp baran çagy –
Hany agaň nirede? – diýip, öňünden çykjak gelnejesidirdogangardaşyny ýatlandyr.
Berýozowkany almak hem bize ýeňil düşmändi. Duşman ol
ýerde berk goranma gurupdy. Agaberdi neresse agasyndan sekiz
gün soň şol söweşde wepat boldy.
−Baýram aga, uruş hakynda ýazylan eserlerde Dnepriň ady
häli-şindi gabat gelýär. Görýän welin, bu söweşem örän agyr
söweşleriň biri bolan bolsa gerek?
−Dnepriň kenarynda galan ýigitleriň sany-sajygy ýokdur.
şolaryň bir bölegi bolsa şu türkmen topragyndan çykan
ogullardyr. Derýa dünýäni doldurup müňzäp akyp ýatyr. Kenar
228
bolsa çapmaga dözüp bolmajak syrdam agaçly tokaýlyk. Duşman
onuň sag kenaryny ýassanyp ýatyr. Biziň goşunymyz derýa
ýetse-de bir hepde, on gün ondan geçmäge howlukmady, demini
dürsedi, taýynlyk gördi. Dnepr ýaly uly derýadan köprüsiz doly
geçmek mümkin däldi. Biziň geçişimiz kenara köpri gurmakdan
başlandy. Üç ýola köpri guruldy. Nemes üç gezegem gurlan
köprini bombalap sandan çykardy.
Komandirler ýüzüp bilýän-bilmeýäni anyklap, kimiň nirede
bolmalydygyny belledi. Sallara, gaýyklara saldy. Agyr ýaraglar
şolara salnyp, ýeňil ýaraglar bilen atlary alyp ýüzüp geçmeli
edildi. 26-njy sentýabrda biziň 56-njy polkumyz säherler Allany
çagaryp derýadan geçip ugradyk. Biz derýaň ortasyna barypbarmankak başlady bir ahyrzaman. Nemes bizi top okana tutup
ugrady. Samalýotlar etegine salyp daş dökýän ýaly üstümizden
bomba dökdüler. Özümi nädip sag kenara atanymy aýdyp
biljek däl. Soň belli bolşuna görä, özüni ýol kenara sag-salamat
atanlaryň biri biz bolupdyrys. Biz sag kenara aşyp dessine
hüjüme geçdik. Şundan soň günüň ertesi biziň çep kenardaky
bölümlerimiziň köpsüne sag kenara aşmak başartdy.
− Baýram aga, ine, siziň döşüňizde uruş mahaly aýratyň
edermenlik görkezen esgerlere berlen “Şohrat” oredeneniň III
derejesi bar. Şony nähili ýagdaýda alanyňyzy hem ýatlaýsanyz.
Biziň goşunlarymyz Mozyry almagyň ugruna çykypdyrlar.
Biz hereket etsegem-ä edýärdik welin, ýöne uly ýitgiler hem
çekilýärdi. Duşman biziň her ýalňyşlyklarymyzy ussatlarça
peýdalanýardy. Şeýle-de bolsa indi nemisem 41-43-däki tarhan
duşman däldi. Gylawy alnypdy. Yza çekilýärdi.
Bir ýola meni hem bir köprini almaly topara goşdular. Ol
örän berk goralýan köprüdi.
Gijäň ýaryna çenli ýöredik. Köpriň üstünde atyşyk
başlanansoň, şeýle bir nemes gelip ugrady welin, näme üçin
komandiriň “Gaýrat et!” diýenine düşündim. Duşmana ok
ýagdyryp ugramsoň, ýene-de meniň töweregimde iki pulemýot
saýrap ugrady. Men ýeke däl ekenim. Günortana çenli bize
229
duşmanyň ona golaý çozuşyny serpikdermek başarty. Soňra-da
köpriniňem küli göge sowruldy. Yza çekilmeli diýip buýruk gelen
soň biz dolandyk. Şol gezek wepat bolan rasçet komandirleriň
biri bilen meni ordene ýazyp berdiler.
− Iň soňky söweş, esgeriň ýadynda galan söweşleriň
biri bolarmyş. Baýram aga, indi sizem soňky söweşeňizi
ýatlasaňyz.
− 11-nji aprelden biziň diwiziýamyz Kowol tarapa
geçirildi.
Zagadka diýen obanyň deňinde biziň eskadromymyz Turýa
atly derýajykdan geçdi. Biziň 56-njy polkumyzyň ilki Oboloçka,
soň Stawka atly obalary nemeslerden aldy. Şundan soň duşman
garşylyklaýyn hüjüme başlady, biz Stawka, Stanislawka diýen
ýerlerde olaryň güýjüni üç gezek yzyna gaýtardyk. Biziň
pulemýotçylarymyz iki sany nemes tankyny hatardan çykardy.
35 tank uly goşun bilen garşymyza çykan duşman biziň 54nji we 56-njy polklarymyzyň daşyny gabady. Bize ýene-de
Turýa derýasynyň çep kenaryna çekilmeli diýen buýruk geldi,
56-njy polk tiz gabawdan çyksa-da, 54-njimiz şol ýerde aýyň
15-inden 29-yna çenli gabawda galdy. Içden özleriniň, daşdan
biziň irginsiz kömegimiz netijesinde olar hem sag-aman halkany
böwsüp çykdylar.
Warşawa çenli bary-ýogy 18 kilometr ýol galypdy. 1944-nji
ýylyň 3-nji maýynda Turýa derýasynyň çep kenarynda goranyşda
wagtymyz meni ştaba çagyrdylar we şol ýerdenem atly goşun
üçin komandir taýynlanýan uçilişşä ýolladylar.
Şu ýerde men uruş baradaky söhbetimi tamamlap, özümiň
golaýymdaky bölümlerde urşan, gabat gelşen ýigitlerimiň
hem ýatda galanlarynyň atlyryny tutasym gelýär. Gapur
Jumamyradow, Nazar Ýazmuhammedow, Bäşim Hudaýberdiýew,
Weli Durdyýew, Agamyrat Öwlüýägulyýew, Bäşim Geldekow,
Sowet Soýuzyň Gahrymany Berdimyrat Döwletjanow.
Topçular Agageldi Esenowdyr Bäşim Akmämmedow hem
öz bölümleri bilen ençeme gezek biziň dadymyza ýetişip,
230
arkamyzy alan topçulardy. Öz nawodçigim Baýram Jumaýewiň
stanokly pulemýoty arkasyna alyp, derýadan ýüzup barşy meniň
häzirem gözümiň öňünde.
Ýene-de türkmen ýigitleri kändi, ýöne olaryň hemmesini
sähel salym içinde ýatlap bolýarmy? Emma olaryň hemmesi-de
ýatlanmaga tüýs mynasyp ýigitlerdiler.
Sözsoňy ýa-da Baýram aganyň uruşdan soňky ykbaly
hakynda ýene bir kelam agyz söz
Baýram aga 1946-njy ýylyň fewralynda uruşdan gelip, öz
iline, dört ýyl dileg edip ýoluna sereden söwer ýary Aýjemalyna
gowuşýar. Şondam bärem ol zähmet frontunyň esgeri. Ilki
şol döwürdäki “Kuýbyşew” raýonda mekdep direktory bolup
işleýär, şol ýerde hem ony raýkomyň bölüm müdirligine
göterýärler. 1953-nji ýylda Baýram agany şol ýerden Tagtabazar
raýonyna raýkomyň sekretary edip ýollarýarlar. Soňra Baýram
aga bu raýonda dürli ýyllarda, dürli wezipelerde işleýär. Özünin
kiçi göwünliligi, dogry sözlüligi, işeňňirligi bilen halka özüni
aldyrýar. «Esger hemişe esger diýleni”.
Baýram aga 1979-njy ýylda pensiýa çykaly bäri hem
esgerlerçe hatarda. Bu pälwansypat esger häli-şindi gojalaryň
arasynda. Tagtabazaryň, Guşgynyň esgerleriniň arasynda, döwlet
derejesinde geçirilýän ýaşulularyň maslahatynda görmek bolýar.
Onuň aladasy-da, diligi-de parahatçylyk. Baýram aga özüniň
häli-şindi gaýtalaýan “Urşy görenleriň soňkusy biz bolaly, siz
bir görmeli bolmaweriň” diýen pikirine gulluk edýär.
231
Bir goşgynyň döreýiş taryhy
Uruş ýyllarynda söwer ýaryny urşa ugradyp, oňa telwas edip
garaşan türkmen gelinleriniň biri-de Ogulbike bolupdyr.
Mekdepde okan döwri zybrym «bäşlik» okan Ogulbikäni
uruş başlanyp, ençeme oba mugallymlary urşa gidensoň,
mekdebe mugallym edip işe alypdyrlar. Ol ilki başlangyçlary,
Marynyň peduçilişşesiniň gaýybana bölümine okuwa girensoň
bolsa, taryh sapagyny okadyp ugrapdyr. Ogulbike şol ýyllarda
Tagtabazar etrabynyň «Gyzyl goşun» kolhozynda döredilen,
fronta halkdan kömek toplaýan toparyn işine-de diýseň işeňňir
gatnaşypdyr.
Ol bu işe diňe adamlary çagyrmak däl, şol bir wagtda
hususy görelde hem görkezip, oňa özüniň 3 kilogram kümüş
şaý-seplerini beripdir (bu barada taryh ylymlarynyň kandidaty,
uruş weterany Gara Berdiýew şu obanyň taryhyny ýazyp neşir
eden, «Tagtabazar raýonynyň Kirow adyndaky kolhozynyň
taryhy» kitabynda aýratyn belläpdir). Soňra bolsa bir çaklaňja
obanyň aýal-gyzlarynyň tabşyran 84 kilogramdan gowrak altynkümüş şaý-seplerini ýatlap, M.Kalinin «Gyzyl goşunlylaryň»
bu hyzmatyny, beýik ýeňiş bilen baglanyşykly dabarada eden
çykyşynda: «Gyzyl goşun» kolhozynyň aýal-gyzlary diýsen uly
watançylyk nusgasyny görkezdiler» diýip ýörite mertebeläpdi.
«Gyzyl goşun» kolhozynyň ýeniş üçin beren zatlary diňe bir
bular däldi. Adamlar öz agyzlaryndanam kakyp, ähli zadyny oňa
bagyş edýärdiler.
1943-nji ýylda Mary welaýatynyň zähmetkeşleri söweşýän
goşun üçin toplan öz zatlaryny bir eşelon edip, urşa ugradýar.
Şonda bu sowgatlary urşujylara ýetirmek üçin, ýüküň ýaňy
bilen, ol ýere özleriniň önjeýli kömegi bilen tanalan daýhan
birleşikleriniň adamlarynyň, welaýat ýolbaşçylarynyň hem
birnäçesi gidýär.
232
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyň romanlarynyn daşky
bezegi.
Uruş meýdanyna baryp şol ýerde söweşijilere sowgat
gowşurmaga mynasyp adamlaryň biri-de «Gyzyl Goşunly»
mugallym gelin Ogulbike bolýar.
Şu ýerde haçan-da türkmenler serkerde K.Rakossowskä
sowgat gowşuranda bir ýagdaý bolýar. Ol sowgat eltenleriň hersi
bilen gyzyklanýar, haçan-da Ogulbike bilen gürleşende, häzirki
wagtda onuň adamsynyň söweşýän goşundadygy belli bolýar.
Ogulbikäniň oňa ýaryndan alan iň soňky hatyny görkezmegi
bolsa, esgeriň marşalyň hut özüne degişli goşun bölümleriniň
biriniň esgeridigini anyk edýär.
Bu waka serkerdä diýseň güýçi täsir edipdir. Hatdaky belgi
hem öz goşun bölümine degişli bolansoň ol: «Gelni adamsy
bilen duşuryň!» diýipdir.
Ogulbikäni şol gün Tagtabazar raýkomynyň birinji sekretary
233
Gnusarew bilen bir maşyna mündürip, söweş ýoly bilen
Agaberdiniň söweşip ýören ýerine äkidýärler. Kynçylykly
ýerlerde bir güne golaý ýol ýöräp, olar ahyr şol diwiziýanyň
ştabyna ýetipdirler. Barsalar Agaberdi dagynyň bölümi bu
ýerden has öňe giden eken. Şeýdibem gazaply uruş gidip duran
ýere barmagyň mümkin däldigi belli bolupdyr.
Şonda diwiziýanyň ştabdaky komandirleri serkerdäniň
buýrugyny mümkin boldugyndan özleriçe başgaça ýerine
ýetirmeli bolupdyr. Olar Ogulbike bilen Agaberdini telefonda
gepleşdirýärler.
Agaberdi Ogulbikäniň sesini eşideninde, diýseň haýran
galýar hem-de: «Sen näme işläp ýorsüň bu ýerde, ok ýagyp dur,
bar gaýt, tiz dolan yzyňa!» diýip aladalanypdyr.
Ogulbike ýary bilen ýeňişden soň duşuşmagy arzuw
edişip hoşlaşýar. Emma şondan iki-üç aý geçensoň, ol: «Siziň
ýoldaşyňyz söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat boldy»
diýen haty alýar.
Şahyr ýürekli gelin söweşdäki ýaryna ýazan hatlaryny
goşgulap ýazar ekeni.
«Sizi soraglap» diýen goşgusy onuň şol urşa sapar edenden
soňky dörän şygry bo¬lupdyr.
Ogulbikäniň goşgulary dürli ýyllarda gazet sahypalarynda
peýda bolupdyr. Onuň goşgularynyň birtoplumy 2005-nji ýylda
«Täleý şapagy» ady bilen özbaşyna kitapça hem bolup çykýar.
Ogulbikäniň şol döwür janyndan syzdyryp ýazan goşgulary
bu gün ýarlaryny söweş meýdanyna ugradyp, intizar bolup,
olaryň ýoluna garan türkmen gelinleriniň ykbal beýany, ölmezýitmez wepadarlygyň simwoly bolup ýaňlanýar.
Biz aşakda onuň şol ýalynly ýyllar barada ýazan bir
goşgusyny okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik. Söweş
meýdanyna gidip geleninden soňky
Mugallymlar gazeti. 2008
234
Sizi soraglap
Bir giden ýollary öňmüze salyp,
Ýanymyza köp-köp sowgatlar alyp,
Bir toplum watandaş adamlar bolup,
Biz urşa ugradyk Sizi soraglap.
Uruş ody ýakyn, özi daş eken,
Geçildi köp derýa ýene köp mekan,
Däl ekeni bu ýol meň öňki çakym,
Biz urşa barýarys Sizi soraglap.
Telim hepde geçdi ugralymyz bäri,
Indi howadanam aňkap dur däri,
Ahyrzaman eken görsek bu ýeri,
Biz urşa ýetdik biz Sizi soraglap,
Otludan düşübem maşynly gitdik,
Müňzäp barýan tanklaň yzyndan ýetdik,
Ölenleri görüp hasrata batdyk,
Nämeler görmedik Sizi soraglap.
Urşuň bir ýerinde ýarym bar meniň
Agaberdim−bagtym, barym bar meniň,
Oňa bir duşmaga zarym bar meniň,
Gelmedimmi hemem ony soraglap.
...Ýar görmek höwesi hasyl bolmady,
Ot içinde eken, gelip bilmedi,
Sesin eşitdirdiler, arman galmady,
Mundan urşa baryp Sizi soraglap.
Ýoldaş Gulsarýow şol ýerde bardy,
Aglamda atam deý, göwünlik berdi,
235
Sen meni nädäýdiň jan Agaberdi?
Ser-sepil boldum-la seni soraglap.
Ogulbike, urşuň törüni gördüm,
Garyny, sowguny-baryny gördüm,
Dogup gelýän Ýeňşiň nuruny gördüm,
Mundan urşa baryp, sizi soraglap.
1944 ý.
Milli mertebe mukamy
Çeper edebiýat näme? Edebi zehin näme?
Wagt geçýär, täzeden-täze, ezberden-ezber ýazyjy-şahyrlar
orta çykýar. Her täze zehiniň edebiýat meýdanyna gelmegi
bilen, ýokarky soraglaryň jogaby gitdigiçe aýdyňlaşaýjak ýaly
welin, tersine, ol barha çylşyrymlaşýar. Sebäbi her bir çyn
zehin edebiýata heniz belli bolmadyk öwüşginler, öwrümler,
tärler, keşpler getirýär. Anha, onsoň, ýaňybir çözgüdini tapdym
edeňkirlän sowalyň üstüne täze sowallar münýär.
...Çärek asyr mundan öň, ýaşajyk talypkak, «Sowet
edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda şol wagtky ýaş
ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Ýedi däne» atly ilkinji powesti
çap edildi. Mugallymlaryň maslahaty bilen, Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda bu eser barada pikir
alyşmagy karar etdik. Maslahata ýazyjynyň özem geldi. Şonda
talyp talabymyz, gögele gömelteýligimiz, jahyl jedelkeşligimiz
bilen, powestiň üstüne topulyşymyz ýadyma düşýär. Ýazyjynyň
bar aýdylanlary ünsli, sabyrly diňläp oturyşam ýadymda...
Şeýle bir hekaýat bar:
Allatagala aty ýaradansoň, beýleki janly-jandarlary ýygnap,
bu işe baha bermeklerini sorapdyr. Şonda düýe birýandan çykyp:
«Bu janawaryň galan ýer-ä bolýar welin, şu boýnunam has egri
eden bolsaň, juda owadan boljak eken» diýipdir. Soňra eşek
236
aýdypdyr: «Şunuň gulaklaram meniňki ýaly uzyndan salpyrak
edilen bolsa, tüýs gelşigine geljek eken». Öküzem öz gezeginde
bögürip, bu atyň synasynda ýekeje ýetmeziň bardygyny - iki
sany şahyň kemterlik edýändigini ýaňzydypdyr.
Biziňkem şol gezek şo «synçylaryňky» ýaly bolaýdy öýdýän.
Eýsem, bizi şol wagt gyjyklan, öjükdiren zatlar nämedi? Ilkinji
nobatda, powestiň şol wagtky edebiýat teoriýasynyň köp kadakanunlaryna gabat gelmeýänligidi. Iň bir üşerden zatlaryň birem
− powestiň diliniň ýylmanak, owadan jümlelerden ybarat dälde, birhili, büdür-südürräkmi, tikenliräkmi, tokga-tokgarakmy,
aý, garaz, başgaçalygydy...
Indi görüp otursak, şo zatlar «Ýedi dänäniň» kemçiligi dälde, eýsem, artykmaçlygy, türkmen edebiýatyndaky başgaça,
üýtgeşik bir kyssanyň başlangyjy eken. Mugallymlarymyz alaböle şol poweste biziň ünsümizi çekmäge çalyşmalaram ýöne
ýerden däl eken.
...Ynha, bu gün şol «Ýedi däne» ýene elimde. Bu eser bilen
bir döwürräkde, nusgalyk hökmünde öňe sürlen keşpleriň,
gahrymanlaryň köpüsi möwritini ötürip, döwrebaplygyny
ýitirdi. Emma esger Nazarowyň welin şol juwanlygy, şol garagol
hyýalbentligi, şol açykgöwün sadalygy.
AgageldiAllanazarowyň ýazyş usulam, onuň gahrymanlaram,
daşyndan göräýmäge, sadalaç ýaly. Emma olaryň dünýäsine içgin
aralaşdygyňça, şol sadalygyň aňyrsynda nähili çuňlugyň, nähili
öwrümleriň ýatandygyny görüp, haýran galýarsyň. Ynha goja
awçy bilen agtyjagy çöl içinde tirkeşip, hümürdeşip, käte birbirlerine sala salşyp, käte-de bir-birini gižželäp gidip barýarlar.
Gojanyň bu gün awy oňanok. Ol muňa öz agtygynyň ýanynda
niçikler müýnürgeýär, öz-özüne käýinýär, agtygyna beren
sözüniň yzynda durup bilmeýänligine örtenýär. Emma... ýaňky
gojanyň yzyna düşüp gelýän oglanjygyň entek bu dünýäniň
dirileriniň hatarynda ýokdugyny, onuň şindi niçe ýyllar bäri
diňe gojanyň hyýalynda, arzuwynda ýaşap ýörenligini soň-soň
aňşyryp galýarsyň («Goja» hekaýasy).
237
Şeýle duýdansyz öwrümler, ýönekeý zatlaryň arasynda
gizlenen çuňňur, müdimilik pikirler, pelsepeler ýazyjynyň
eserleriniň islendik döwürde, islendik ýurtda höwes bilen
okalmagyny üpjün edip bilýär.
...Ýazyjynyň eserlerinden çen tutup, ony haçan, näçe
ýaşynda ýazanlygyny anyklamak kyn däl. Sebäbi ýazyjy diňe bir
ömrüň dowamynda ençeme adamyň ömrüni ýaşamaga ýetişýär.
Şonuň üçinem ol öz eserinde bir görseň, neresse çaga ýaly, bir
görseňem, köpügören, pähimdar goja ýaly. Şu ýerde häzirki
zamanyň iň uly ýazyjylarynyň biri Çingiz Aýtmatowyň Agageldi
Allanazarowyň «şol bir gezek uçan it» atly eserine uly baha
berip ýazan sözbaşysyndaky «Çagalara uly bolup görünmegiň
hökman bolşy ýaly, ululara hem çaga bolup görmek hökman»
diýen sözleri ýadyňa düşýär. Şu sözleri ilkinji nobatda ýazyja
degişli hasap edip, ony şeýleräk düşündirmek mümkin: ýazyja
çagaka-ha uly bolup, uluka-da çaga bolup, hatda, bagyşlaň weli,
at ýa-da it, gurtmudyr guş bolubam görmek hökman. Eger şeýle
bolmasa, «Iner ýüki», «Çat açan menzil», «Gyr atyň howalasy»,
«şol bir gezek uçan it» ýaly powestleri, «Ak ýelken», «Goja»,
«Zenan bagty», «Urşa giden adam», «Çabdary» ýaly hekaýalary
nädip ýazjak?
Ynha, «Iner ýüki» uruş döwründe kakasynyň, agalarynyň,
umuman, tutuş «serdarlar» neberesiniň erkekleriniň ornuna
galyp, şolaryň barynyň ýüküni öz ejizje gerdenlerine alan
oglanjyk. Ony okasaňyz, bu eseri ýazan adamyň uruşdan has
soň, 1948-nji ýylda doglandygyna ynanmarsyňyzam.
«Çat açan menzil» bolsa sizi ondanam has aňryk − XX
asyryň 20-nji ýyllaryna tarap alyp gider.
Ýa-da «Şol bir gezek uçan it» atly erteki-powesti okap: «Bu
adam itleriň, möjekdir tilkileriň ýa-da garaguşlaryň dilini nireden
bilýärkä?» diýip, geňler galmagyňyz gaty ähtimal.
Hawa, hakyky ýazyjy şeýle diýdirip bilýär.
Ýok, ýazyjam asmandan inäýenok. O-da iller ýaly, ýerde
doglup, ilki emedekläp, soň deň-duşlary bilen basalaşyp,
238
kowalaşyp, okap, işläp ulalýar. Ýöne şol ulalmanyň barşynda,
ol köp zatlary başgaça görýär, başgaça eşidýär. Şo-ol bir gezek
görlen wakalar, eşidilen sözler beýlekileriň gözüne-gulagyna
ilenem däldir ýa-da ilen badyna ýatdan çykyp gidendir. Emma
o zatlar geljekki ýazyjynyň welin ömürlik ýüregine ornap,
beýnisine çümüp galýar. bagty gelibem köp zatlaryň täsiri bilen,
şol görlen-ýeşidilenlerden täsin-täsin eserler döreýär.
Ýeri gelende, ýazyjy Agageldi Allanazarowyň terjimehaly
hakda-da öz bilýänlerimi aýdyp bereýin. Ol, öňde aýdyşym ýaly,
1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda dünýä
inýär. Obalaryndaky orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan
dessine-de Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebine
okuwa girýär. Bu ýerde onuň edebiýat älemindäki ilkinji şowly
ädimlerine ýol açylýar. Soňra ol goşun gullugyna çagyrylyp,
desantçylaryň sapynda gulluk borjuny abraý bilen berjaý edýär.
Şol wagta çenli ýazyp ýetişen goşgularydyr kyssa eserleriniň
kömegi bilen, harby gullugyň yzysüre, Moskwanyň M.Gorkiý
adyndaky Edebiýat institutyna okuwa kabul edilýär. Şol okuwy
tamamlaýança-da ol özüniň özbaşdak döredijilik ýoluny diňe
saýgaryp-seljermek däl, eýsem, şol ýoly ägirt-ägirt halypalar
tarapyndan ykrar etdirmäge-de ýetişýär.
Agageldi Allanazarowyň edebiýat meýdanyna şeýle ynamly
gelip, bada-badam ol ýerde öz ornuny tapmagynyň tötänlik
ýa-da «arkalylyk» däldigini ýazyjynyň soňra yzly-yzyna neşir
edilen «Günüň öýi», «At gaýraty», «A» ýazýan», «Ýedi däne»,
«Iner ýüki», «Üç murtlak kapitan», «Çat açan menzil», «Gyr
atyň howalasy» ýaly kitaplary hem-de dünýäniň dürli dillerinde
çykan beýleki köp sanly eserleri subut etdi. Edebiýatda bitiren
hyzmatlary üçin ýazyjy 1983-nji ýylda Türkmenistanyň edebiýat
we sungat boýunça ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Çyn bagşyny sesinden, sazandany kakuwyndan, çyn bedewi
toýnak urşundan tanap bolýar. Eýsem, hakyky ýazyjyny haýsy
alamatlardan tanasa bolar?
Şeýleräk bir ahwalat, belki, size-de tanyşdyr: öň bir ussadyň
239
elinden çykan gowy goşgynyň ýa-da aýdymyň, hatda kyssa
eseriniň käbir setirleri oslagsyz ýagdaýda birden hakydaňa
gelýär-de, hiňleneniňi ýa-da pyşyrdanyňy duýman galýarsyň.
şonda ol setirler öz kalbyň bir ýerlerinden çogup gelýän
ýalam bolaýýar. Sebäbi olar ýürege şeýle bir ýakyn, şeýle bir
mähriban...
Golaýda men Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň tabşyrygy
bilen, Ata Gowşudowyň «Dordepel» kitabyna sözbaşy ýazmak
üçin kelle döwýärkäm, «Dordepel mydama biziň ganymyzda at
salyp ýör» diýlen jümle dilime geldi-de, begenip muny ur-tut
kagyza geçirmekçi boldum. Soňam aýdyma meňzeş bu üýtgeşik
jümläniň şeýle aňsat tapylaýşyna geň galyp, gitdim iňkise. G.
Ezizowdyr H.Kulyýewden başlap, öz eý görýän şahyrlarymyň
barynyň diwanlaryny dörüp çykdym. Iň soňda-da...
«Gulagyma özüme ýakynlap gelýän Gyr atyň güpürdisi
eşidilýär. Soňundanam şol güpürdä meňzeş sazlaşykly urgular
kem-kemden meniň ýüregimi eýeläp ugraýar. Her gezek ýüregim
at toýnaklarynyň sesi bilen bir perdedendeň gopup ugran mahaly
Gyr at dabyrdap, meniň ganymda aýlanyp ugraýar...»
Bu setirler asyl Agageldi Allanazarowyň «Gyr atyň
howalasy» atly powestinde öňräkden bäri lowurdap duran bolsa
nätjek!
Ýazyjylykda iňňän synçy göz bilen jam ýaly gulak hem
duýgur ýürek örän derwaýysdyr welin, şol gözdür gulagyň hem
ýüregiň tapan zatlaryny beýana salmak üçin gaty jadyly dilem
gerek. Ynha, ýokarda ýatlanan powestden ýene bir parçajyk:
«Gyr at her ýerden bir basyp, göwün imrindirip çapan mahaly,
ony görmäge göz gerek. Agzybir inişip düşýän toýnaklaryň
aşagyndan ot syçraýar. Töweregiň süňňünde maýdaja saňňyldy
peýda bolýar. Gyr at şemala ýazylyp, pasyrdaýar. Ol haýsy
menzile ýetse, bada-bat şol menzil özgermek bilen. Töwerek
lowurdap, öýe täze gelin giren ýaly, göze ýakymly alamata
öwrülýär. Gyr at seleň meýdan bilen otlary göwüsläp gelýän
wagty, ol kükregi bilen tolkunlary öňüne salyp, daş-töweregine
240
suw syçradyp, suwdan çykyp gelýän suw atyna meňzeýär».
Agageldi Allanazarow näme hakda ýazsa-da, bar zada
jan salyp, bar zady adamlaşdyryp hem-de... türkmenleşdirip
bilýär. şu ýerde ýaşuly galamdaşlarymyzyň biriniň Agageldi
Allanazarowyň döredijiligi hakda şeýleräk pikir aýdany ýadyma
düşýär: Agageldi ýazan zadyna öz adyny ýazmasa-da, onuň
şonuňkydygyny bir alamatdan − türkmen äheňinden, diňe
türkmene mahsus bolan inçe zatlary tutuşyndan bilse bolýar.
Muny başarmak üçin bolsa, ganyňda mydama Gyr at iki ýana
dabyrap, at salyp ýören bolmaly.
Agageldi Allanazarow, iň bärkisi, «Sallam-sajak bulutlary
döw münen ýaly münüp geljek ýaz ýagmyry» diýip ýazanda-da
göwnüňe, şol döwe meňzeş bulutlaryň gerşinde türkmeniň buýrabuýra silkme telpegi görnüp giden ýaly bolýar. Bu häsiýeti, bu
alamaty «Millilik» diýlen söz bilen düşündirse bolar.
Agageldi Allanazarowyň eserleri dünýäniň haýsy ýurdunda
(Russiýada, Ýewropada, Ýaponiýada, türki dillerde) çap edilsede, onuň tutuş döredijiligine mahsus bolan millilik öwüşgini
bada-bat göze ilýär. Bu öwüşgin, bu aýratynlyk has-da gowy,
aýyl-saýyl görünýän bolsa gerek.
Agageldi Allanazarowyň eserleriniň Moskwada çykan
ýygyndysyna belli rus edebiýatçysy, terjimeçi W.Orlowyň
ýazan sözbaşysynda şeýle diýilýär: «Hatda kim-de-kim entek
Türkmenistanda bolmadyk-da bolsa, onuň ýurdunyň bol çoguna
çoýunmadyk, ol ýerde ýaşaýan giň göwrümli, mertebeli,
zähmetsöýer halky görmedigem bolsa, Agageldi Allanazarowy
okansoň, ol ýurdy söýüp, sarpalap, hormat goýup ugraýaň. Bu
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hatlar - 13
  • Parts
  • Hatlar - 01
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2060
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 02
    Total number of words is 4178
    Total number of unique words is 1801
    8.5 of words are in the 2000 most common words
    12.4 of words are in the 5000 most common words
    15.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 03
    Total number of words is 4113
    Total number of unique words is 1765
    2.1 of words are in the 2000 most common words
    4.9 of words are in the 5000 most common words
    7.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 04
    Total number of words is 4282
    Total number of unique words is 1851
    1.6 of words are in the 2000 most common words
    4.0 of words are in the 5000 most common words
    6.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 05
    Total number of words is 3910
    Total number of unique words is 2122
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    16.5 of words are in the 5000 most common words
    19.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 06
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2246
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 07
    Total number of words is 3866
    Total number of unique words is 2334
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    30.8 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 08
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 1995
    13.0 of words are in the 2000 most common words
    18.1 of words are in the 5000 most common words
    21.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 09
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2294
    10.8 of words are in the 2000 most common words
    15.9 of words are in the 5000 most common words
    19.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 10
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2259
    17.9 of words are in the 2000 most common words
    25.8 of words are in the 5000 most common words
    30.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 11
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1938
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 12
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2118
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 13
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2338
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 14
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 2184
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 15
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 2111
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 16
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1938
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 17
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2354
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    39.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 18
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 2185
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 19
    Total number of words is 4045
    Total number of unique words is 1896
    1.5 of words are in the 2000 most common words
    3.7 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 20
    Total number of words is 328
    Total number of unique words is 255
    18.3 of words are in the 2000 most common words
    26.8 of words are in the 5000 most common words
    30.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.