Latin

Hatlar - 16

Total number of words is 3732
Total number of unique words is 1938
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
1. Öwez – Türkmen kölüniň işgäri.
2. Kenjekeý – Demir ýol işgäri.
3. Goja – Kenjekeýiň kakasy, demir ýol işgäri.
4. Şeşe – Kenjekeýiň ejesi.
5. Tümenbaý – Türkmen kölüniň golaýynda ýaşaýan
ýaşaýjylaryň biri.
6. Amansoltan – Öweziň aýal dogany.
7. Mekan – Amansoltanyň ogly, Öweziň ýegeni.
8. Sapar – Aşpez. Türkmen kölünde işleýän işgärler.
(Waka biziň günlerimizde, täze ýylyň öňüsyrasynda bolup
geçýär).
324
Birinji perde
(Perde syrylanda Türkmen kölüniň bir tarapy – ýaýylyp ýatan
köl, onda işleşip ýören ekskawatorlardyr buldozerleriň salgym
şekilleri görünýär, sesleri eşidilýär. Kölüň bir egremçesinde
bu ýerdäki alnyp barylýan işlerde işleýän işgärleriň bolýan
wagonlaryndan ybarat meýdan düşelgesi. Wagon jaýlaryň orta
gürpünde bir çadyrdan gurnalan öýi hem gümmezekläp otyr.
Öýüň gapdalynda işçileriň, başynda oturyp iýip-içilýän uzyn,
üsti ýaýrawly nahar stoly. Öýdür stol aralygynda nahar gazany
gaýnap dur. Daýaw aşpez öýe girip-çykyp ýörşüne naharly
gazanyň töwereginde gowadaklaýar. Bişip duran nahary elindäki
susagy bilen garýar, duzuny dadyp görýär, nämedir bir nahara
tagam beriji goşundylar atýar. Nobatly işleýän işçileriň bu gün
bir toplumynyň gelip işe durýan, beýleki toplumyň öýüne dynç
alşa gidýän güni. Iş ýerlerinden gaýdyp gelen topar ýanlary
bilen almaly zatlaryny tükelleşdirip, ýol şaýlaryny tutuşyp
ýöreler. Diňe iş nobatyny gutaran Öwez goşlaryny jemlemäge
howluganok. Ol ýaşaýan wagonynyň gapdalynda nämedir bir
zatlary ölçän-çenän bolup ýör. Şol arada düşelgä golaýlap gelýän
maşynyň sesi eşidilýär. Iş nobaty başlanýan gurluşykçylaryň
gelip düşenligi belli bolýar. Olar ikibir-üçbir bolşup aňyrdan
peýda bolýarlar. Dynç alşa gitjekler olar bilen hal-ahwal soraşyp
durýarlar).
Birinji işçi: – Geldiňizm-aý ahyr?
Ikinji işçi: – Gelendiris.
Üçünji işçi: – Şu gezeg-ä siz öýde bolmalyňyzdanam köp
bolaýdyňyz öýdýän.
Birinji işçi (gülümsiräp): – Göwnüňedir, kärdeş jan. Eger
saňa şeýle bolup görünýän bolsa, onda saňa çagalaryň ejesini
göresi gelen goçak diýerler (ýaňsyly gülümsireýär. Şowhun
degişmeli gürrüňler).
Işçi (aňyrdan gelip golundan goşlaryny düşürip duran ýigit
gidýänlere gözügidijilik bilen seredip): – Eý, ýigitler, size gözüm
325
gidýär-dä. Täze ýyly baryp öýüňizdejik, maşgala arasynda
garşylaýaňyz.
Gidýän işçi: – Nesip bolsa.
(Öýe gitmeliler goşlaryny göterişip maşyna tarap ýönelýärler.
Şol arada olaryň birnäçesiniň nazary özleri bilen iş nobatyny
tamamlap, ýola düşmeli Öweziň arkaýyn güýmenip ýörenini
görýärler).
Bir işçi (ýüzlenip): – Aý, Öwez, sen näme, ýaman arkaýyn
görünýäň-le? Hany öýe gitmeýärmiň sen aslynda?
Ikinji işçi (howlukdyryp): – Ýör, how, gitjek bolsaň!
Ýene biri: – Ili saklama, how!?
Öwez (ol işikden baş göterip, ýoldaşlaryna ýüzlenýär):– Siz
arkaýyn gidiberiň, adamlar. Meniň ýaly sallahyň öýde ne işi bar.
Siziňki ýaly, zülplerini sypap: «Kakasy gelmeli» diýip, ýol garap
oturanym bolan bolsa, menem giderdim...
Işçi: – Gidäýseň-ä gowy bordy? Täze ýyly öýde garşylanyň
nämä degenok?! (Ony gitmäge yrmakçy bolýar).
Öwez: – Siz gidiberiň, oglanlar, men täze ýyly bu ýylam şu
ýerde, kölüň şu çolaja eteginde oglanlar bilen garşylajak. Meniň
ýaly syrma-sallahlara täze ýyly garşylamak bu ýerde-de hiç
neneň däl. Onsoňam gördüňiz-ä Täze ýyly şowhunly garşylamak
üçin meniň indi telim wagtdan bäri işden boş mahalym turbalary,
ýeneki demir böleklerini sepleşdirip, antena ýasap teletolkunlary
tutmagyňy ugrunda bolup ýörenligimi.
Işçi: – Aý, bolýa-da gitmeýän bolsaň, ondakysyny onda özüň
bil! (Ol elini salgaýar).
Ikinji işçi: – Gitmese, özi bilsin.
Üçünji işçi: – şunuňkynyň dogry bolmagy-da gaty ahmaldyr.
Öýüňde garaşylmaýan bolsa, gidesiň gelermi, eýsem? Täze ýyly
nirede geçireniňde näme!?
(Maşyn ugraýar. Adamlar bir-birlerine ak ýol, sag-salamatlyk
arzuw edişýärler.
– Sag-aman baryň!
– Sizem sag-aman galyň!
326
– Täze ýylyňyz bilen!
– Täze ýylda hemmäňize iň gowy arzuwlar!
Maşyn sesi barha daşlaşýar.
Gaýdýanlar gaýdyp, nobatyna işe gelenler işli-işiniň
ugruna gidensoň, düşelgede galanlaryň hersi öz işi bilen gümrä
bolýar).
Öwez (şol işlerine güýmenip ýörşüne aýdym setirlerine
hiňlenýär):
– Men bir ýüpek-ow... ýaglyk bolsam,
Düýäňize halyk halyk bolsam,
Sen derýa, men balyk bolsam, eý-heý,
Çyrpynyplar ýüzmezmidim.
Seniň bilen gezmezmidim.
(Öwez şol barmana nämedir bir gerek zadyny gözläp, duran
ýerinde jalbarynyň jübülerini barlaşdyrýar. Ol ýerdenem gözlän
zadyny tapman, ony gapdaldaky nahar stolunyň bir gyrasynda
goýan penjeginden gözleýär. Onuň ilki eline ilen zatlaryň biri-de
öýjükli telefony bolup, ol bada-bat onuň ünsüni özüne çekýär.
Görse, SMS habar gelipdir).
Öwez (haty gyzyklanma bilen haty okaýar): –«Öwez jan,
jigim, hoş habarymy seniň bilen bölüşmäge howlugýan. Seni
gözli-başly etmegiň ugrunda ýörenimden-ä sen habarly. Ahyr
saňa maňyzly-maýaly bir gowy gelinlik tapdym. Indem täze
ýylda sizi bir-biriňize gowşurmak isleýän. Täze ýyly siziň
goşa bolup garşylamagyňyzy arzuw edýän. Öýe gel! Näçe
tiz gelseň, şonça gowy. Tiz gel! Gelinligiňem biz bilen saňa
garaşýar“. Amansoltan. (Hoş habar Öwezi ekezlendirýär, ol
töweregini gözläp, bu maslahat edere adam gözleýär. Şol arada
agşama toý palawyny bişirmegiň ugruna çykan eli kepgirli
aşpez, abşanaklap, hiňlenip öýden çykýar. Öwez oňa habaryny
ýetirmäge howlugýar): – Sapar, sen muňa bir seret! (elindäki
telefonyny görkezýär).
Aşpez (Öweze tarap öwrülip): – Hä, näme bolupdyr, Öwez
jan?
327
ol?
Öwez: – Maňa SMS habar gelen bolsa näme?
Aşpez (aladaly): – Eýgilikmi, Öwez jan? Haçan gelip ýör
Öwez (lapykeç): – Öz-ä irräk gelen bolmaly. Ýöne ony men
diňe häzir, kükürt gözläp penjegimi barlanymda gördüm (Ol
ahmyrly baş ýaýkaýar).
Aşpez:– Hany näme diýipdir, şony bir aýt ahyryn?!
Öwez: – Aýal doganym gel diýip, öýe çagyrýar. Ol meniň
üçin gelinlik tapanmyş. „Täze ýylda goşa bolaryňyz ýaly, şonuň
bilen duşurjak“ diýýär.
Aşpez (göçgünli): – Oh, oň ýaly bolsa, git, zaluwat, bir
munudam durma!
Öwez: – Wah, telefona öňräk seredäýen bolsam bolmaýarmy,
maşynda oglanlar bilen giderdim-dä. (Ol ökünçli gürläp,
maşynyň giden tarapyna bakýar).
Aşpez: – „Hiçden giç ýagşy“. Häziremn bir pille, mele gelin
onda garaşýan bolsa, gitmeseň bolmaz. Täze ýyly dagy ak gelniň
yhlasynda garşylasaň, nädersiň onsoň joşgun alyp, ötüki bagşy
ýaly:
Telbeler oldum dilberim-ow,
Çabalanyp öldüm dilberim-ow...
– diýibem esirek ner bolup zowladyberseň aýdyma?!
Öwez (aladaly): – bu diýenňem-ä dogry welin, indi öýe
aşmakda gep bar. Hany saňa golaý-goltumda Aşgabat barmy?
Otl-a gidendir. Golaý-goltumda hereketli gara ýolam-a ýok.
Aşpez (sagadyna seredip): – Aý, ýok, otly entek gidäýenem
däldir. Meniň bilşimçe, onuň gelmegine ýene iki sagatdan
gowrak wagt bar.
Öwez (aşpeze tamaly seredip): – Oňa ýetişip bormukan?
Aşpez: – Gönüläp gitseň-ä, ýetişäýmegiň gaty ahmal. Ýöne
ylgamasaňam, gatyrak ýöremel-ä bolarsyň.
Öwez (oýurganyp): – Hä, bir ulag bolaýan bolsady şu
mahal...
Aşpez: – Näsini aýdýaň. Maşynam özüň bilýäň, ýaňky
328
gidenleri demir ýola düşürensoň, özi ýeňsedäki şäherçä gidendir.
Olar şol ýerdäki şäherçeden bu ýere Täze ýyl baýramçylygynda
gerek bolan zatlary alyşdyrmaga gitjekdiler. Şonuň üçinem belli
däl olaryň haçan dolanyp geljekleri indi...
Öwez (dymyp töweregini ýene biraz aladaly, oýurganyp
synlap durýar. Gitme hyýalyna münenligini mälim edip, yzyna
dolanýar-da, ýüzugra-da stoluň gyrasynda duran penjegini alyp
howlugyp içerik girýär. Birazdanam ýol şaýyny tutup, egni goş
haltaly, daş çykýar-da aşpeze ýüzlenýär): – Onda men-ä gitdim,
gardaş!
Aşpez: – Git, bir munudam eglenme, zaluwat. Heý, gül ýaly
gelin gylkyldap, dalbynyp garaşyp oturar-da, gitmän bolarmy?!
(Degşip gürleýär) Ýöne tiz hem gönüläp gitgin!
(Olar bir-birlerine düşünişme bilen, baş atyşyp ýylgyryşyp
hoşlaýarlar. Öwez ýola howlugýar. Öwez çöl içi bilen haýdap
barşyna ýolda düýeli gelýän tanşyna duşýar).
Öwez (begenip öz-özüne): – Şundan düýesini sorap alsam-a
arkaýynam ýetişerdim. Düýe göräýmäge haýal-goýazy ýalamdyr
welin, ýöne gyssap, depreniberseň, bir gyzansoň, onuňam tizligi
atdan kem däldir, ýetişerin otla. Eý, Tümenbaý dost, senmiň-aý
bi?
Tümenbaý (geň galyp): – Öwez, dertdeş, asyl bu senmi?
Öwez (göwnühoş ýylgyryp): – Bolup bilsem-ä mendirin,
gardaş. Ýöne, gardaş, häzir men, ýetişip şu otla münüp bilsem,
dünýäde seniň dertdeşleriňiň ýene birisi azalýar.
Tümenbaý (begençli soraýar): – Tapdyňmy ahyr
kelinşekniňi?
Öwez: – Tapdym, dost, tapdym. Özi-de garaşyp, dylmyldap
oturanmyş. Gel diýýäler.
Tümenbaý: – Bolupdyr dertdeş, bolupdyr, derdiň-ä gowusa
ýokdur welin, ýöne biziň ýaşymyzda dullugam sen kiçi-girim
dert diýmegin. Ony ýöne zat bolanlygynda Allatagalla başda
adamy ýaradanda «Jübüt boluň» diýmezdi, ahyryn.
Öwez (Tümenbaýa soragly seredip): –Hany, dertdeş, öňki
329
duşanymyzda senem bir gözastyna alýan dul gelnim bar, eneatasy razy, onuň maňa barmagyna, özi häzir-ä biraz ikirjiňleýär,
ýöne men ene-atasynyň üstünden onuň ugruny ýekeläp ýörün
diýipdiň. Hany sen nätdiň?
Tümenbaý (gelinligini göz öňüne getirip): – Wah, barlygyna
bar-la. Özem bir dul eti basan, syratly-sagryly bir gowy gelin.
Onuň dagy hoşuna ýetip bolsa, bagtyň gujagyna ýetdigiň
bolmajakmy?!
Öwez: – Heý, atyma getirip bileriň ýaly dälmi ony?
Tümenbaý (biraz keýpsiz): – Iki çagaly dula barmagy kyn
görýär. Men täze ýyl okamaga gitjek diýip, sypaýçylyk bilen
bahana araýar.
Öwez (çintgäp soraýar): – Özi o-da biz ýaly dulmuberi?
Tümenbaý: – Wah, dullugyna-ha dul welin... Ärindenem
aýrylanyna iki ýyla golaýlap geçdi. Şonda-da gepe ylygyp,
arzuw höwese berlip bökjäberenok.
Öwez (Öwez oňa duýgudaşlyk bildirip): – Dul gelin bolsa,
özem ärinden aýrylanyna-da eýýäm munça wagtam geçen
bolsa, dulluk şory onuňam-a başyna çykandyr, dost. Bahana
tapyp näzirgese, goý, näzirgäbersin, ýöne indi uzak saklanmaz.
Başyny bir erkegiň kükregine goýmak islegi onuň kalbynda
gün-günden artmak bilendir. Seniň özüň bilýäň-ä, bu dullugyň
nämedigini? Garry heleýlerem soňabaka gözüňe gaýtarma gelin
bolup görnüberýär. Ýöne, dost, aýgytly hereket et!
Tümenbaý: – Diýýäniň dogry, dost.Aýgytly hereket etmesem,
hiç zadyň bolmajagyn-a indi özüm-de göz ýetirdim. (Tümenbaý
soňra nämedir bir zady ýatlap, göwnühoş ýylgyrýar): – Tizden
Täze ýyl bahanasy bilen menem-ä bir oýun saljakdyryn onuň
başyna. Nädersiň şondan soň «Öňem sende göwnüm bardy...»
diýip, ýagşy sözler tapyp gujagymda süýkenjiräp ýatsa.
Öwez: – Ine, munyň başga gep, dertdeş. Ikimizem şeýdip
dullukdan bir dynal-a!
Tümenbaý: – Dynarys, dost. Ine, men düýämi-de şol maksat
bilen siziň işleýän ýerleriňizden gözläp tapyp gelýärin. Türkmen
330
köli döräli bäri indi düýeleriňem esasy mesgeni şol öwre boldy.
Aý näme, ol ýerde içse suwy alkymynda, onuň ýakasynyň-da
ot-çöpleri ýetik.
Öwez (howlugýar): – Dertdeş, men otla ýetişmeli. Sendenem
düýäňi soramakçy, hellewläp çapybersem ýetişmezmikäm?
Tümenbaý (garaşylmadyk gepe geň galýar. Öweziň ýüzüne
çiňerilýär): – Eý, gardaş, nämämi dileseňem, şu dünýämi dileme.
«Gazagyň jany düýesidir» diýleni eşitmänmidiň sen. Onsoňam
meniň Täze ýyl gijesi dullukdan dynmak üçin turuzjak oýnumam
hut şu düýäm bilen baglydyr. Muny telim gün gözläp tapyp-zat
edip ýörmegimiňem sebäbi şol.
Öwez (biraz nägile bolmak bilen): – Aý, dost, men düýäňi
sorasam-da ony hemişelik soramok. Men ony äkitsem-de, demir
ýol duralgasynyň töwereginde duşar giderdim. Özüň baryp
alarsyň. Seniň obaňam ol ýerden juda bir uzagam däl ýaly-la!?
Tümenbaý: – Eý, dertdeş, meniň düýäm küýlüdir, eýesinden
başgany mündürmez üstüne.
Öwez (öýkeli): – Seniňkem düşnükli, gazak gardaş!
Tümenbaý: – Aýtdym-a men saňa, dertdeş, şol dul gelni
atyma getirmek üçin bir oýun etjek diýip. Şol oýunam ýene-de
şu düýäm bilen etmeli. Däliden dogry habar, dost-da bolsaň,
düýämi berip bilejek däl, dertdeş.
Öwez (nägile bolup gatyrganýar): – Seniňki düşnükli,
gazak gardaş. Gerek ýerinde töwekgelçilik etmeýän adamyň hiç
wagt işi ugruna bolýan däldir. Bil-de goýaý, olar ýaly erkekleri
gelinlerem halamaýar. Bolşuň şu bolsa, näbileýin aňsat seniň
işiň şowlamasa gerek (Öwez lapykeçlik bilen elini silkýär-de
egnindäki goşhaltasyny düzedişdirip, ýola düşýär. Tümenbaý bir
salym onuň yzyndan seredip durýar. Öwez bir salym ýöränsoň,
el telefony seslenýär. Öwez howlugybrak ony alyp gulagyna
tutýar): –Alo, diňleýän!
Telefonyň sesi: – Öwez daýy, bu men– Mekan.
Öwez: – Tanadym, ýegen. Nähili sag-gurgun otyrmysyňyz?
Mekan: – Şükür! Ejem: „Daýyňa soňrak jaň edip gör,
331
ugradymykan“ diýdi?
Öwez: – Hany, özi nirede?
Mekan: – Özi ol-bi gerek zadym bar diýip, jigim bilen
golaýdaky bazara gitdi.
Öwez: – Kakaňam gelen däldir entek?
Mekan: – Ýaňyrak işden jaň etdi. Boşaşsam irräk bararyn
diýdi. Öwezden habar ýokmy? diýip, senem sorady. Daýy, sen
ol kölüňi henizem gazyp gutarar ýaly dälmi-aý?
Öwez: – Hä, näme?
Mekan: – Köp-ä gazdyň.
Öwez: – Entegem ýene bir salym gazmaly ony.
Mekan: – Türkmen köli ýaman giňmi?
Öwez: – Giň.
Mekan: – Aňyrsyna, bärsine göz ýetenokmy? Tomus biziň
gidip suwa düşýän Gurtly kölümizden dagam giňmi?
Öwez: – Gaty giň diýdim-ä.
Mekan: – Biziň mekdebiň oglanlary „Onuň töwereginde
oba-şäherçelerem döremelimiş“ diýip gürrüň edýärler.
Öwez: – Elbetde, uly suw bolsa, onuň töweregi adamsyz
bolmaz.
Mekan: – Onsoňam, daýy, ejem saňa näme diýdi diýsene?
Öwez: – Näme diýdi?
Mekan: – Onuň gelinliginiňem ýol gözläp garaşýanyny
aýdyp, ýatlat diýdi.
Öwez (gülümsiräp): – Seniň özüň gördüňmi, şol ejeň diýýän
gelinligini?
Mekan: – Gördüm. Ejem çagyranda öňňin öýe-de gelip
gitdi. Şondan soň ejem saňa howlugyp SMS iberdi-dä...
Öwez: – Nähili gelin? Uzyn boýlumy, gysga boýlumy?
Mekan: – Uzynam däl, o diýen gysga-da.
Öwez: – Hortapmy?
Mekan: – Horam däl şol-a. Tyňkyjadaraý.
Öwez (ýegeniniň gönümel çaga gepine ýylgyrýar. Soňam
gürrüňi tamamlamak maksady bilen): – Aý, ýegen indi gepleşigi
332
goýaýaly, ýogsam ejeň telefonynyň puluny gutararsyň sen!
Mekan: – Tükenmez, daýy, ejem täze ýylda köp ulanylar –
diýip, oňa ýaňyragam esli pul saldy.
Öwez: – Ýak, ýegen, senem, haýsy ýerden tutsaňam, per
berer ýaly däl-ow sen.
Mekan: – Seniň telefonyňyň puly barmy, daýy?
Öwez: – Bar. Size jaň etmäge ýeter.
Mekan: – Daýy siziňem töweregiňizde gar ýagjak bolýarmy
häzir?
Öwez (töweregini garanjaklap): – Howanyň bir hyýala
münýän-ä duýulýar. Düýnden bäri asman gümmeziniň aşagy
garalyp-bürelip dur.
Mekan: – Onda ol ýerde-de gar ýagar. Daýy sen aýtdyň-a
gar ýaganda Türkmen kölüniň töwereginde çöl towşanlar köp
bolýar diýip. Ýene-de onda olar köpelip ugrar...
Öwez: – Towşan kän, ýaňam ýolda birki ýerde olara gabat
geldim. Gar ýagaýsa-ha hasam köpeler.
Mekan: – Gar üstünde towşan kowalap ýörseň-ä hezillikdiraý. Daýy, sen „Gar ýagsa, Türkmen kölüne senem äkiderin
diýipdiň, şu gezek äkid-äý bolmasa! Mekdepdenem şu günlerde
12 günlük rugsat berilýär.
Öwez: – Men baraýyn öýe. Ony soň gepleşeris şol ýerde.
Mekan: – Täze ýylda senem şol gelin daýza öýlenseň, soň
işe gideniňde onam alyp gidersiň-ä. Şonda siziň bilen menem
gidibirin.
Öwez (howlukmaç hoşlaşýar): – Ýegen, men ýolda,
howlugyp barýan, galanyny soň duşanymyzda gepleşeris.
(Öwez ýol söküp şol ýöräp gelşine, demir ýol duralgasynyň ses
ýetimligindäki bir depäniň üstüne çykýar. Görse geçmeli otlyda duralga gelip indem wagonlar bir-birlerini itekleýän ýaly
bolşup ugrap gidip barýardylar. Öwez ony görüp, aljyraňňylyga
düşüp, sesiniň ol ýere ýetjegini-ýetmejegini hem pikir etmän:
«dur!» diýip elini salgap, otla tarap ylgaýar. Emma otlynyň
barha batlanyp daşlaşyp barýanlygyny görüp aýak çekýär.
333
Kapykeç bolup, özüni aşak goýberip, hasylap deminden düşüp
oturyşyna, özüne igenýär): – Biraz howlugan bolanlygymda-ha
ýetişäýjegem ekenim. Tümenbaýam aýny gerek wagty bal etdi şol
düýesin. Aý, mende-de akyl ýoklugy, heý, gazakdanam bir düýe
alarmyň sen. „Türkmenden atyny sorama, gazakdan düýesini“
diýen gep ýönelige dörändir öýdýärmiň? (Öwez ol ýerde geçip
giden otlynyň yzyndan seredip, ýene birsalym oturansoň demir
ýol duralgasyna tarap ugraýar. Öwez duralga jaýynyň gapysyny
itip içerik giren mahaly «Kassa» diýlen ýazgyly aýna germewiň
aňyrsynda, boldumly, ýüzi gelşikli bir gelniň hata güýmenip
oturanyny görýär. Gapy açylan mahaly kimiň gelenini görmek
üçin gelin baş göterýär. Ol Öwezi görenden bada-bat onuň gijä
galan ýolagçydygyny bilýär. Geň galyp, şol bir wagtda bolsa
onuň gijä galanyna gynanýandygy mälim edip aladanlanýar).
Gelin: – Otla geldiňizmi?
Öwez (keýpsiz dillenýär): – Geldik.
Gelin: – Wah, ol ýaňyja gitdi-dä. Biraz öňräk gelseňiz
bolmaýarmy?
Öwez (kassaň öňüne gelip): – Otlyň gidip barýanyny
gördüm, ýöne ir gelip bolmady-da. Gelin, indi nädip gidip bor
bu ýerden?
Gelin: – bu gün-ä şundan başga ýolagçy otlusy ýokdur.
Öwez: – Aslyşyp gidäýer ýaly, ýakynda geçjek ýük otlusy
dagam ýokmy?
Gelin (ýazgysyna seredip, otlynyň gelýän mahalyny
anyklaýar): – Biziň duralgamyz kiçi, şonuň üçinem ýük
otlularynyňam köpüsi bu ýerde durman geçýärler. Otlularyň
diňe birisi o-da ýük otlusy ýyly jemlän gijäniň gaýry bir mahaly
– sagat 00:45-de gelýär.
Öwez: – başga ulag bolmasa, onda bir ýol bilen şoňa münüp
bolarmykan?
Gelin (gelin birbada näme jogap berjegini bilmeýäne meňzäp
dymýar. Soňam): – Elbetde, synanyşyp görse-hä bolar. Ýöne şol
geljek otlynyň sürüjisi bir kanunçyl adam bolmaly.
334
Öwez: – bolmanda, ol meni öňdäki demir ýol magistralyna
ýa-da özüniň uly garaýola golaý durýan ýerine çenli äkitse-de
bolar. Soň şol ýerden özüm tizräk gidýän bir ulag taparyn...
Gelin, bu ýerlerde baryp dem-dynç almana myhmanhana ýenekide bara meňzänok!? Şol otly gelýänçä, men şu jaýda garaşaýsam
bolmazmykan?!
Gelin (geň galyp): – Otlyň gelerine entek wagt kän-ä.
Öwez: – Menem şony diýýän, daşarda-da howa çigräp, indi
garam uçganaklap ugrady.
Gelin (geň galyp): – Gar?! (Ol begenenligini mälim edip,
ekezlenip penjirä tarap seredýär. Tamaly gözläp gar ýagýanyny
görmek isleýär).
Öwez (gelniň jogabyna hem garaşman, biraz ýeňsä çekilip,
jaýda boş duran oturgyçlaryň birine çökýär. Goşunam gapdalynda
goýýar): – Aralyk esli baram-da.
Gelin: – Siz Türkmen kölünden gaýtdyňyzmy?
Öwez: – Hawa, iki sagat mundan öň.
Gelin: – Iki sagatda şu ýere geldiňizmi? Özem paýupyýada! Öňräk maşynyňyz geldi. Şolar bilen gaýdyberseňiz
bolmadymy?
Öwez (keýpsiz): – Maňa habar maşyn gaýdansoň geldi.
Gelin (gelin kagyzlardan baş göterip, duýgudaşlyk bilen
dillenýär): – Gowulyk habarmy özi?
Öwez: – Aýtjak däl.
Gelin (Öweziň bolşuna geň galýar): – Hä?!
Öwez: – Sebäbi, siz meniň otla şu ýerde garaşyp bolýarmy
diýen soragyma jogap bermediňiz.
Gelin (näme-nämeligine göz ýetiren gelin, şundan soň myssa
ýylgyryp, biraz uýalyp, aşak bakýar. Soňam başyny göterip,
daşara sereden bolup ünsüni ýigitde jemleýär): – Otursaňyzam-a
bor weli, ýöne...
Öwez: – Ýönesi näme?
Gelin: – Ýönesi şol. Daşary sowap ugran bolsa indi içerem
sowar, bu ýerde durar ýaly bolmaz. Üstesine-de garam ýagyp
335
ugran bolsa, bu gyşyň zabunyna tutup ugranlygydyr.
Gelin (aladalanýar, şol arada olaryň nazary uçraşýar. Gelin
Öweziň nazarynda hyrydarlyk görüp, uýalyp aşak bakýar we
tertipli saçyny daşyndan biygtyýar sypalap goýberýär. Syr
bermezlige çalyşýar): – Men häzir hat-hasap işlerimi birýüzli
edeýin, onsoň bize gidäýersiňiz, şol ýerde garaşsaňyz gowy
bolar.
Öwez (gülümsiräp): – Meni yzyňa tirkäp barsaň, äriň
gabanaýmasa?
Gelin (ýylgyryp): – Gabansa gabanar-da. Ondakysyny
onda görüberýäs (ol kagyzlaryny ýygnaşdyryp turmak bilen
bolýar. Gapdaldaky asaçdan demir ýolçy papagyny alyp geýýär.
Hat-petek salan seýfini gulplap, onuň açarlaryny biraz özüne
dargynlyk edýän demir ýolçy geýiminiň jübüsine salýar we ol
öz oturan ýerinden Öweziň oturan ýerine çykýar) – Ýörüň onda
gideliň!
Öwez: – Ýöremeli bolsa ýöräýmeli bor-da. Howanyň bu
borap durşy bolsa, daşarynyň-a mazasy bolmaz. Öwez goşuny
göterip gelniň yzyna düşýär.
Ikinji perde
Gelin Öwezi yzyna tirkäp öýlerine gelýär.
Gelin: – şeşe, men gelendirin!
Şeşe: – Gelen bolsaň gowy edipsiň, öý geýimleriňi geýin-de,
gel maňa biraz kömek et, şyragym!?
Gelin: – şeşe, men bir myhmanam alyp geldim.
Şeşe: – Myhman? – Gelen döwlet, geçibersin.
Öwez (gapa tarap öwrülip, ol ýerde hamyr ýugrup oturan ak
başbogly aýala garap): – Salawmaleýkim!
Şeşe (aýal işinden sähelçe baş göterip, soranjaň nazar bilen
Öwezi synlaýar): – Amanmy, şyragym! (Gyzyna tarap öwrülip):–
Myhmany uly otaga alyp bar, gyzym! Toý saçagyny-da şol ýerde
ýazarsyň.
336
Gelin: – Atam gelenokmy entek?
Şeşe: – Bir gezdirip geleýin diýip, goýunlaryny öňüne salyp
gitdi. Gar ýagyp ugrandyr indi, olam meýdanda uzak eglenmez,
geler. Siz baryň-da ýerleşiberiň?
Gelin (Öwezi jaýa salansoň): – Myhman, siz şu ýerde
arkaýyn ornaşyberiň, men biraz ejemiň nahar-şor aladalaryna
kömekleşeýin, ine, onsoň gelýän! (ol goňşy otaga girip, iş
geýimlerini çykaryp, öý geýimlerini geýip, owsunyp duran gelne
öwrülýär. Ol aşhana geçip gidende Öwez ony görüp hyrydar
synlaýar. Aşhanadan birazdan eneli-gyzyň özara hümürdileri
eşdilýär).
Gelin: – şeşe, bu oglan ýaňky otludan gijä galdy-da.
Şeşe: – Çopan-çoluk dagymy?
Gelin: – Ýok, Türkmen kölünde işleýän ýaly.
Şeşe: – Ataňa görüpdir, ol köl barha ulalyp-da barýar
diýýär.
Gelin: – Ol köl ýetişse, aýdyşlaryna görä, onda-da Hazardaky
ýaly gämiler ýüzmelimişin.
Şeşe: – Gör, bu döwür-döwranlaryň ediberişini, çölde
köl döredip, onda-da gämi ýüzdürip...bolawersin şeýdip
gowulyklar.
(Jaýda eneli-gyz kendirik üstünde hamyr ýaýyp, ony orta
düňderilen çanagyň üstünde kiçi böleklere bölüp, gazana atar
ýaly edip pyçak bilen kesişdirýärler. Gapdalyndaky ýanyp duran
gazyň üstünde depesine bug göterip, bäşbarmak üçin atarylan
et bygyrdap bişip dur. birazdan eli bir çäýnek çaýly, bir eli goşa
käseli gelin Öwezi galdyryp giden otagyna gülümsiräp, gaýdyp
gelýär).
Gelin: – Myhman, içiňi gysdyrman otyrmysyň?
Öwez: – Otyryn.
Gelin (gelin orta giňden toý saçagyny ýazyp, çäýnekdir
käseleri Öweziň oturan ýerine golaý goýup): – Myhman, çaý
içip otur, menem häzir! (Ol iş-aladasy bilen çykyp gidýär.
Ikiýana gatnap, toý üçin taýynlanýan naz-nygmatlary saçak
337
üstüne daşap ugraýar. Gözastyndan bolsa gizlin Öwezi synlaýar.
Öweziň çaý içmän oturyşyny görüp, gelin ýylgyryp, soragly
gözläp, onuň gapdalynda oturýar): – Myhman, näme çaý içeňok.
ýa gazak gyzlarynyň özleri çaýy guýup berýärler diýip, eşidip:
«Özi guýmasa içmerin» diýip otyrmyň?
Öwez (saçak başyna süýşübräk, ýylgyrýar): – Çaýam içeris.
Öz eliň bilen dagy guýup berseň, ony içmän bolarmy?
(Olar düşünişme bilen bir-birleriniň ýüzüne dalbynyşyp
seredişýärler. Gelin saçak başynda oturyp Öweze gazaklarça çaý
guýup uzadýar. Öwez höwes bilen onuň uzadan käsesini alýar.
Gelindir Öwez ýanaşyk oturyp lezzet alma bilen çaý içýärler).
Gelin (nämedir bir zat sorajak ýaly öwrülip, heniz bolubam
myhmanyna tanyşlyk bermänligini ýatlap, biraz uýalyp): –
Aý, myhman, oglan seniň adyň näme onsoň? Meniň adym-a
Kenjekeý.
Öwez: – Meniň adym-a Öwez.
Gelin: – Öwez? Bu gazakda-da ýörgünli atlaryň biri. Bizde
Öwez diýen at köplenç dünýäden ir giden çagadan soň doglan
çaga dakylýar.
Öwez: – Bizde-de şeýleräk öýdýän (boşan käsesini uzadyp):
–Ene bir käse çaý beriň!
Gelin (gelin höwes bilen oňa çaý guýup uzadýar. Şol
barmana-da gülümsiräp): – Men seniň adyň Garlydyr öýtdüm.
Öwez (geňirgenýär): – Näme üçin?
Gelin: – Sen gar alyp geldiň-ä geleňde.
(şol wagt daşky gapy açylyp, öýe ýene-de kimdir biriniň gelip
girenligi belli bolýar. Onýança ol geleniň koridorda hümürdisi
eşidilýär).
– Gar bolup gelgen täze ýyl,
Nur bolup gelgen täze ýyl...
− Ýag-a, senem şeýdip, geçen ýylam sen göwnejaý
ýagmadyň-a...
Gelin: – Atam (turup onuň öňünden çykýar).
(Koridorda goja egniniň garyny kakyp dur. Ol soňra başyna
338
geýen ýapbaç telpeginiň garyny kakýar. Gyzy oňa egnindäki
possunyny çykarmaga kömek edýär. Şol barmana gojaň gözi bir
ýanda duran ýat köwşe düşýär).
Goja: – Tümen geldimi, balam?
Kenjekeý: – Ýok, ata, ol-a däl.
Goja: – Geljek – diýipdi.
Kenjekeý: – Ýok, ol-a däl, ata.
Goja: – Näbileýin, iki-üç günlükde duşanda. Täze ýylyňyzy
gutlajak ýatda galar ýaly, size sýurpriz etjek diýse. Şol
geläýdimikän öýtdüm.
Kenjekeý (kakasynyň nossunyny asmaga kömekleşýär): –
Ata, biziň myhmanymyz otludan galan bir ýigit. Ol indi sagat
1-e golaý geçýän ýük otlusyna çykmakçy. Bizde garaşaý diýip
öýe alyp gaýdyberdim.
Goja: – Gowy edipsiň, balam. Täze ýylyň öňüsyrasy, bu
çöllerde Hydyr ata gezermiş. Ol myhman ýa Hydyrdyr, ýa-da
Hydyr göreniň biri. Sen, balam, onda myhmany ýeke goýma,
ana, menem elimi ýuwdugym bararyn siziň ýanyňyza...
(Kenjekeý Myhman otagyna gaýdyp geleniniň yzysüre başy
ýapbaş telpekli, egnine giňişräk gara mahmal don geýen goja gelip
girýär. Öwez bilen ol gol alşyp, mähirli salamlaşýar. Gojanyň
degişgenligi, aýal maşgalanyň yzyna düşüp gelenine biraz
ýygrylybrak oturan Öweze biraz-da bolsa giňlik, şähdaçyklyk
berýär. Goja gelip Kenjekeýiň ýazan düşekçesinde oturansoň,
Kenjekeý bilen ejesi hem elleri toýa niýetlenen naz-nygmatly
gelip girýärler. Saçak başynda öz orunlaryny eýeleýärler. Öý
eýesi aýal adamsynyň ýüzüne seredip, onuň bu nahara däl-de,
bäşbarmaga garaşanyny pikir edip oňa ýüzlenýär.
Şeşe: – Ilkinji nahar hökmünde bagyr-böwregi taýynlandyryn.
Soýan goýnuň tokly-tomgy däl-ä, biraz garryrakmy nämemi, eti
haýalyrak bişýär, bäşbarmagyň belkesini atdym, o-da tiz bişer.
Goja (goja döwüp alan nan bölegini bagyr-böwrekli jama
uzadyp): – Bissimylla, al, muman! (soňam gäwüşäp oturyşyna
aýalyna) – Bişsin, keýwany, mylgyrap bişsin. Täze ýylyň nahar339
şoram gep-gürrüňem özi ýaly datly bolmalydyr. Goýunňam-a
juda garra bolmal-a däl, ýöne irräk doglan işşek-dä... (şüweleňli
nahar iýilýär, ýöne şol arada gojaň göwnüne saçaga bir zat
ýetmeýän ýaly bolup duýulýar. Ol agzyny süpürip, ýerinden
turýar).
Kenjekeý (atasynyň bir zadyň ugruna çykanyny aňyp):–
Ata, oturyber, näme gerek bolsa, özüm getirip berýän!
Goja: – Ýok, gyzym, sen ony tapmarsyň! (Goja küýkeribräk
ýöräp beýleki otaga geçip, ol ýerden hem eli bir küýzeli gaýdyp
gelýär we ony hezillik tapmak bilen, gökden inen ýaly edip
saçak üstünde goýýar) – Aşnam Şarmagambet düýn şuny
ýörite iberipdir. Bu kymyz. (Öweze tarap käseleri uzadyşdyryp
oturyşyna): – Al, oglum, myhmanam bolsaň, ýaşkiçisiň, muny
käselere guýuşdyr (Öwez käselere gyzmyz guýuşdyrýar. Goja
bir käsäni göterip, ony ilki Öweze uzadyp): – Oglum, men-ä
şu ýaşyma çenli arak-çakyr diýen zady içip gören adam däl.
Aşnamyň gadyr edip iberen gymyzyny şonuň ýerine içäýsek,
aýyp etmersiň-ä. Täze ýylyň töwereginde edilen dileg-arzuwlar
hemişe hasyl bolýarmyş. Onda-da myhmanyň aýdany, hany, sen
bir ilki ýagşy dilegler aýt!
Öwez (töweregine nazar aýlap): – Ilki bilen-ä sizi ýetip
gelýän täze ýylyňyz bilen gutlaýan! Täze ýyl biz üçin dogangaryndaşymyz, il-ýurdumyz üçinem düşümli ýyl, gowy ýyl
bolsun! Edilýän arzuwlaryň hemmesi hasyl bolsun. Göwnüme
bolmasa, bu ýyl has gowy, has hasylly, islegli ýyllaryň biri
boljaga meňzeýär. Ol gelende hem ýüzüni aklyga tutup, öňüne
köp garaşylan ak gary salyp geldi. Täze ýylyňyz gutly bolsun!
(Maşgala baş atyp ýerli-ýerden Öwezi makullap, onuň arzuwdileglerine goşulýar. Goja bilen Öwez käselerini göterýärler.
Töweregiň şüweleňi artyp ugraýar).
Goja (hezil tapyp ortada duran kellebaşaýagy bölüp
töweregine paýlap ugraýar. Ol ilki kelläniň dilini alyp ony
gyzyna uzadýar): – Al, balam, hemişe, hemme ýerde diliň uzyn
bolsun.
340
Kenjekeý (Kenjekeý onuň uzadan dilini uýalyp alýar): –Sag
bol, ata.
Goja (iki gulagy Öweze uzadýar): – Al, oglum, saňa gulak.
Gulagyň hemişe bizde bolsun!
Öwez (onuň uzadan gulaklary minnetdarlyk bilen kabul
edýär): –Sag bol, ýaşuly!
Goja (goýnuň gözlerini aýalyna uzadýar): – Al, hatyn, gözler
seniň paýyň, gözüň hemişe bizde bolsun!
Şeşe (biraz nägile bolýan deý samyrdap, özüne uzadylan
gözleri tarelka salyp alýar): – Bolmanda meniň gözüm başga
ýerdemişmi?
Goja (Soňra ellerini süpürişdirip, Kenjekeýe ýüzlenýär): –
Kenjeke, bar, gyzym, dombramy alyp ber meniň!
Kenjekeý: – Häzir ata! (Kenjekeý ýeňil turup gidýär).
Goja: – Aýdym toý-meýlisiň mynasybetine ýagşy. Men
bagşy-sazanda däl, ýöne şunuň ýaly gowulykda, saz çalaýmamda bar...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hatlar - 17
  • Parts
  • Hatlar - 01
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2060
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 02
    Total number of words is 4178
    Total number of unique words is 1801
    8.5 of words are in the 2000 most common words
    12.4 of words are in the 5000 most common words
    15.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 03
    Total number of words is 4113
    Total number of unique words is 1765
    2.1 of words are in the 2000 most common words
    4.9 of words are in the 5000 most common words
    7.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 04
    Total number of words is 4282
    Total number of unique words is 1851
    1.6 of words are in the 2000 most common words
    4.0 of words are in the 5000 most common words
    6.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 05
    Total number of words is 3910
    Total number of unique words is 2122
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    16.5 of words are in the 5000 most common words
    19.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 06
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2246
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 07
    Total number of words is 3866
    Total number of unique words is 2334
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    30.8 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 08
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 1995
    13.0 of words are in the 2000 most common words
    18.1 of words are in the 5000 most common words
    21.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 09
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2294
    10.8 of words are in the 2000 most common words
    15.9 of words are in the 5000 most common words
    19.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 10
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2259
    17.9 of words are in the 2000 most common words
    25.8 of words are in the 5000 most common words
    30.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 11
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1938
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 12
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2118
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 13
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2338
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 14
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 2184
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 15
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 2111
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 16
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1938
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 17
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2354
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    39.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 18
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 2185
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 19
    Total number of words is 4045
    Total number of unique words is 1896
    1.5 of words are in the 2000 most common words
    3.7 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 20
    Total number of words is 328
    Total number of unique words is 255
    18.3 of words are in the 2000 most common words
    26.8 of words are in the 5000 most common words
    30.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.