Latin

Hatlar - 11

Total number of words is 3586
Total number of unique words is 1938
31.6 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ekenim. Täsin çagajygyň bolup ýörşi bizi bir ýerde geň galdyrsa,
ýene bir ýerde ýylgyrmaga mejbur edýärdi. Agajyk gögerer diýen
pikir bilen ýere süýji eken mahaly men birhili oňaýsyz ýagdaýa
düşdüm. Süýji ýekmesemem, öňräkler şeýdip göräýmek pikiri
mende-de ýok däldi, öz ýanymdan: “Bu adam meniň pikirimi
nädip bilip ýörkä” diýip oýlandym. Sebäbi ol wagt men şahyryň
dünýäni çaga gözi bilen görüp bilýäninden bihabardym. Ine,
208
şol ilkinji duşuşykdan soň men şahyr K.Taňrygulyýewi yzarlap
okaýan okyjylaryň biri boldum.
…Halk bilen tokaýa, Pilmahmydyň pilini saplara pürs
gözläp gitdim. Şahyryň orta çykaran pişikleriniň ilki reňki
gyzyklandyrsa, ýene bir-de häsiýeti bilen gyzyklandym. Dört
sany işjanly pişigiň tarapynda durup, işýakmaz sary pişigi
günäkärledim…
Şeýle mysallary ýene näçe getirseň, getirip oturmaly. Sebäbi
K.Taňrygulyýewiň çagalara sowgat eden kitaplary diňe bular,
ýokarda ýatlanan ýygyndylar däl. Şahyr K.Taňrygulyýew «Aýhan
bilen Baýhan», «Suýji bolýar äkip iýseň, maňlaý deriň döküp
iýseň», «Gyzykly gezelenç»,«Jigimiň aýdymy», «Poemalar,
goşgular, kosmos hem-de başgalar» ýaly, onlarça ýygyndynyň
awtordyr.
Onuň goşgulary diňe bir rus, ukrain, gyrgyz, özbek, gazak,
eston... dillerinde däl, daşary ýurt dilleriniň hem ençemesinde
neşir edildi.
Şahyryň döredijiligi barha öz örüsini giňeldip, şadyýan
dostlaryny köpeltdi. Olaryň çagalygyna hezillik goşdy.
Ine, bu gün çagalaryň şol uly dosty, Magtymguly adyndaky
döwlet baýragynyň laureaty şahyr Kaýum Taňrygulyýew 50
ýaşady.
K.Taňrygulyýew ýatlananda bada-bat çagalygyň ýada
düşmegi tötänleýin bir zat däl. Sebäbi ol hemme ulularyň düşläp
gaýdan çagalyk dünýäsindäki ýaşyl adada ýaşaýan az sanly uly
adamlaryň birisi.
Bu adada hezil-hezil çaga oýunlary, şatlyk, täze-täze açyşlar,
kir-kimirsiz arzuwlar, dostluk... ýaşaýar.
“Nowça” ž. 1988 ý.
209
Ýazguly Hudaýberdiýew
(Ýagşy adam ýatdan çykmaz)
Ýazguly Hudaýberdiýew türkmeniň gowulykda ýatlanýan
söwer ogullarynyň birisi. Şeýle mertebä adama diňe öz
ýagşylyklary bilen iliniň göwnüne ýeten mahalynda miýesser
edýär. Özi-de şeýle adamlaryň bir däl-de, iki sany terjimehaly
bolýar. Ol terjimehallaryň birinjisi onuň dogup-döräp geçen
ýoluny görkezse, ikinjisi onuň mazmunynyň beýany bolýar.
şeýle adamlaryň ol terjmehalyny halkyň özi ýazýar.
Ýazguly Hudaýberdiýew hem türkmeniň şol goşa
terjimehally, sarpaly ogullarynyň birisi.
Men bu ýatlamany ýazanymda onuň terjimehalarynyň
ikisindenem ugur aldym.
Ýazguly Hudaýberdiýew 1922-nji ýylda Ýolöten raýonynyň
Erkisadyk obasynda dogulýar. Ol on ýedi ýaşyndan obalaryndaky
mekdepde mugallymçylyk edip ugraýar. 1941-nji ýylda goşun
hataryna çagarylýar. 97-nji türkmen atly diwiziýasynyň sapynda
bolup, dürli frontlarda söweşýär, iki gezek agyr ýaralanýar.
Esger Ý.Hudaýberdiýew «Gyzyl ýyldyz» ordeni, “Şöhrat”
ordeniniň III derejelisi bilen, birnäçe söweşjeň medallar bilen
sylaglanyp, 1945-nji ýylda uruşdan gaýdyn gelýär. Şondan soň ol
ilki Ýolöten raýkomynyň, soňra Mary obkomynyň apparatynda
işleýär. Ol 1958-nji ýylda Moskwada Jemgyýetçilik ylymlary
akademiýasyny otliçno gutaryp, jemgyýetçilik öňünde ylmy
iş gorarýar, taryh ylymlarynyň kandidaty bolýar. Moskwadan
gelip, ol TKP MK-nyň bölüm müdiri bolup işleýär. 1963-nji
ýylyň martynda ony TKP MK-nyň sekretarlygyna göterýärler.
Görşümiz ýaly, Ý.Hudaýberdiýew bu derejä tarpdan gelen
adam bolmandyr. Durmuş ony ençeme ýyllaryň dowamynda
otdan alyp, suwa salyp taýynlapdyr.
Ý.Hudaýberdiýewiň halk tarapyndan ýazylýan terjimehalynyň
esasy bölegi hem onuň ömrüniň soňky, türkmen medeniýetine
ezberlik bilen dirižýorlyk edip ugran döwri bilen bagly...
210
Altmyşynjy ýyllaryň ortalary türkmen edebiýatynyň we
sungatynyň derejelenen hem gadyry bilnen döwri bolupdy. Şol
ýyllar türkmen medeniýetiniň, ýaz otlarynyň ýagşyň aşagynda
ösüşi ýaly, şüweleňli ösýän bir gowy pursadydy. Saz älemine
N.Halmämmedow, Ç.Nurymow, hudožnikleriň arasynda
D.Baýramow, Ş.Akmuhammedow, M.Mämmedow ýaly
zehinler gelip goşulypdylar. Zehinli artistleriň uly topary hem
gelip özboluşly bulak bolup türkmen medeniýetine goşulypdy.
Edebiýata G.Ezizow, I.Nuryýew, S.Myradow, H.Kulyýew,
A.Tagan, A.Agabaýew, T.Jumageldiýew ýaly zehinler at
segredişip gelipdiler. Bularyň gelmegi soňra tutuş edebiýatyň has
janlanmagyna sebäp bolupdy. Şondan soň K.Gurbannepesow,
A.Atajanow, M.Seýidow, B.Hudaýnaza-row, A.Haýydow dagy
hem yzlaryndan ýetip gelýän ýigitleri görüp, öz atlaryna jüp
gamçyny çalmaly bolupdylar. Hawa, hut şu döwürde türkmen
medeniýetine, onuň hakyky janköýeri, TKP MK-nyň sekretary
Ýazguly Hudaýberdiýew serdarlyk edýärdi. Iň esasy zat bolsa,
türkmen medeniýetiniň wekilleriniň bu mertebeli, duşünjeli
adamda öz serkerdelerini görmekleridi. Oňa bil baglaýardylar,
guwanýardylar. Ý.Hudaýberdiýew türkmen edebiýatynyň
B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, B.Garryýew, H.Deräýew ýaly iş
bitiren wekillerine aýratyn uly sarpa goýýan eken. Olary mahalmahal atylýan «daşlardan» goraýan eken. Bir gezek bolsa ol
ýazyjylar soýuzynyň plenumlarynyň birinde olaryň adyny
birin-birin tutup, «...bular ozal basylyp-tutulanam, horlananam
bolsalar, indi bu adamlara degmek bolanok. Bu adamlara
kast ediljek bolunmagy respublikanyň abraýyna kast ediljek
bolundygydyr» diýip, golly-golsuz arza gönderýänlere düşüner
ýaly edip aýdypdyr.
Professor Mäti Kösäýew, onuň şägirtleriniň, ýakyn
adamlarynyň aýtmagyna görä, tä ölýänçe Ý.Hudaýberdiýewiň
adyny agzyndan düşüpmändir. Ol häli-şindi: «Bize Hudaý
bir gowy akylly-başly serdar ogul berdem welin, ýöne juda ir
alaýdy-da...» diýip, Ýazguly Hudaýberdiýewi ýatlaýan eken.
211
Şol sag-aman gezip ýörenliginde, ol özüňem gadyrynyň
bilinjegine, ýanalmalaryň bolmajygyna ynanypdyr. Döwürdeşleri
Ýazguly Hudaýberdiýewiň edebiýata, sungata onuň daşynda
durup däl-de, dünýäsine aralaşyp, sesini eşidip, tagamyny duýup
baha beren ýolbaşçy bolanlygyny belleýärler. Ol Aristoteliň
«Platon meniň dostum, ýöne hakykat maňa has gymmat» diýen
prinsipinde işläpdir.
Ý.Hudaýberdiýew hakyndaky şu ýatlamany ýazmaga oturan
wagtym ol hakda dürli döwurlerde, dürli adamlardan eşiden
gürrüňlerim meniň ýadyma düşdi.
G.Ezizow: «Bir gezek ýygnaklaryň birinde meni Balyş
Öwezowiç tankytlady. «Gurbannazar özüni Magtymguludanam
beýik görýär» diýip, ýazyjylaryň biri onuň ýüregini çişiren
eken (Aý, kimiň aýdanynam bilýän-läý...). Egnimden basylan
ýaly boldum. Ýygnakdan soň ýaşulular topar bolup gaýdyşyp
ugradylar. Şol arada kimdir biri meniň egnime elini goýdy.
Görsem, Hudaýberdiýew eken. Ol: «Düýe köşegini eý görse,
hem depermiş, hem gaparmyş» diýip, ýüzugra maňa göwünlik
berip geçdi. Dünýäm giňän ýaly bolaýdy.
S.Myradow: «Ý.Hudaýberdiýew sekretar döwürleri bir ýola
meni öz ýanyna çagyrdy. Görsem, onuň öňünde meniň makalam
çykan gazet ýatyr eken. Içimden, makaladan bir gep tapan
bolsalar gerek diýip oýlandym. Emma pikirim tersine bolup
çykdy. Ol meniň makalamy okap halan eken. Soňundanam
ol: «Meniň ýanyma hem siz ýaly oglanlar gerek, sen partiýa
çlenimisiň?» diýdi. Meniň partiýa çleni däldigimi eşidensoň
bolsa, ol maňa wagtlaýyn bir mekdebe direktor bolup gitmegi
teklip etdi. Partiýa hataryna geçenimden soň bolsa, öz ýanyna
işe aljagyny aýtdy. Ýöne meniň düýbünden partiýa çleni bolmak
pikirim ýokdy.
Ý.Pirgulyýew: «Ýazyjylar soýuzynyň plenumlarynyň
birinde Ý.Hudaýberdiýew meniň bir poemamy tankyt etdi.
Men onuň poemany okaman, kimdir meni halamaýanyň pikiri
esasynda özüme bellik edenine ynanýardym. Şonuň üçinem
212
ondan az-kem öýkeliräkdim. Şol günleriň birinde men onuň
bilen bir samolýotda Kerkä uçdum. Bir amady gelende, oňa
tanyşlyk berip özümiň... şol Pirgulyýewdigimi aýtdym. Hem oňa
gürrüň arasynda «Özüňiz-ä poemany okan däl bolsaňyz gerek?»
diýdim.
Şonda Ýazguly maňa: «Ýagmyr, hany poemanyň pylan
bölümini ýatlaly» diýdi. Meniň ýadyma düşmedi. Onýança-da
Hudaýberdiýewiň özi «Ine, şeýleräk bolsa gerek!» diýip poemanyň
setirlerini ýatdan aýdyp ugrady. Meniň müňkürligimden namnyşan galmady. Ý.Hudaýberdiýewiň poemamy okanlygyna
hiç hili şübhäm galmady. Öz pikirimden utandym hem şeýle
janköýerimiziň bardygyna guwandym.
Ýazguly Hudaýberdiýew bilen ata-ogul ýaly ýakymly
gatnaşykda bolan adamlarynyň biri-de Berdi Kerbabaýew
bolupdyr. Ol B.Kerbabaýewiň döredijiliginiň türkmen
edebiýatynyň özboluşly hazynasydygyna düşünýän eken.
Şol ýyllarda ol bu uly ýazyjynyň kandidaturasyny SSSR
Ýokary Sowetiniň deputatlygyna hodürläpdir. Emma býuro
B.Kerbabaýewiň kandidaturasyny makullamandyr. Sekretarlaryň
biri bolsa oňa: «Ýoldaş Hudaýberdiýew, siz Kerbabaýewiň
Eziz hanyň mürzesi bolanyny unudan-a dälsiňiz!» diýip,
ýuwaşlyk bilen öz hökmürowanlygyndan peýdalanyp, oňa
duýduryş beripdir. 1966-njy ýylda, Türkmen edebiýatynyň we
medeniýetiniň Özbegistanda geçjek hepdeliginiň programmasy
merkezi komitetde ara alnyp maslahatlaşylanda, ýene-de
B.Kerbabaýewiň meselesi ýüze çykypdyr. Merkezi Komitetiň
1-nji sekretary Daşkentde döredijilik agşamy geçirilmelileriň
arasyndan B.Kerbabaýewiň adyny aýryp, onuň ýerine başga bir
öz gowy görýän ýazyjysynyň adyny goşupdyr.
Ý.Hudaýberdiýew öz çykyşynda B. Kerbabaýewiň adynyň
aýrylmagynyň juda gelşiksizdigini aýdypdyr:
− Nämüçin sen garşy, o-da uly ýazyjy hem jemgyýetçilik
işgäri — diýip, 1-nji sekretar öz öňe süren adamsynyň
Kerbabaýewiň ýerine mynasyp görülmeýäninden närazy
213
bolupdym. Hudaýberdiýew:
− Sebäbi ol barybir Kerbabaýew däl. Onuň elinde
«Aýgytly ädimi» ýok. Dünýä bizi ilkinji nobatda
Berdi aganyň eserleri bilen tanaýar. Onuň döredijilik
agşamyny geçirmän, beýlekileriň agşamyny geçirsek,
juda gelşiksiz bolar. Soňundanam ol şol ýerde oturan
Gara Seýitliýewe tarap öwrülipdir-de:
− Şeýle dälmi, Gara? − diýipdir. «Şeýle» diýip,
Gara Seýitliýewem onuň sözüni ikelläp makullandyr.
Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Daşkentde geçýän
günleri B.Kerbabaýewiň 16-njy noýabr güni irden keýpsiz
bolandygyny ýatlýarlar. Şol gün türkmen medeniýetiniň
wekilleriniň Özbegistanyň oblastlaryna ugramaly güni eken. Ol
Ý.Hudaýberdiýewiň Andijana maşynly gitmegini göwnemändir.
Oňa: «Ýazguly, maşyn-beýleki diýip, bölekçilik edip ýörmän,
bile uçaýsak nädýär» diýipdir.
− Berdi aga, biz maşynly gitmegi öňünden
planlaşdyraýdyk-da, indem men maşynly gitjek däl,
diýip samolýota münsem, gelşiksiz bolar» diýip, Ýazguly
oňa ýagdaýy düşündiripdir. Emma goja kişi şonda-da
ynjalyp bilmändir. Ol ikinji gezek, soňra bolsa üçünji
gezek Ý.Hudaýberdiýewden özi bilen uçmagy sorapdyr.
Ý.Hudaýberdiýew Berdi aga özüne üçünji gezek ýüzlenende,
onuň bolşundan çen tutup: «Gojanyňam biz bilen bile gidesi
gelýän bolaýmasyn» diýip oýlanypdyr. «Berdi aga, isleseňiz,
özüňiz biz bilen gidiberiň. Topar bilen Garany uçuraýarys»
diýipdir. Berdi aga topar bilen samolýota, münmäge barýarka,
yzyna öwrülip, ýene Ýazgula ýüzlenen eken. Berdi aga maşynly
gitmäge razy bolmandyr. Hoşlaşyp, samolýota giripdir.
Ýaşuly ýazyjynyň bu bolşy şol günki ýolda boljak
gabahatlygyň düýşüni görendir diýip çaklamaga mümkinçilik
berýär. Köpleriň Ýazguly Hudaýberdiýewi şol gün iň soňky
gezek görşi bolupdyr.
Andijanlylar uly tutum gurşup, Türkmenistanyň Ýazguly
214
Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geljek edebiýat we sungat
wekillerine garaşypdyrlar. Ol pursat hakda birnäçe ýyldan soň,
Daşkentde bolanymda şol gün Ý.Hudaýberdiýewe garaşanlaryň
biri, ýazyjy Adyl Abdyramanow şeýle gürrüň berdi:
− 1966-njy ýylyň 16-njy oktýabry meniň ýadymda.
Andijanlylar uly meýdança − baýramçylygyň ilki geçjek
ýerine ýygnanyşypdyrlar. Tribuna bezelipdi, onuň arkasynda
Magtymgulynyň, Nowaýynyň hala çitilen portretleri märekä
seredip durdy. Hemmeler türkmenler gelip, bu güni iki ganybir
halkyň, uly baýramçylyga öwürjegiňe ynanýardylar. Ýazguly
Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geljekler bilen ilkinji
elleşip görüşmelileriň biri-de mendim. Köp garaşdyk, emma ol
gelmedi...
Daşkentde bir ýola Ý.Hudaýberdiýewden gürrüň çykanda,
ähli zady pikir eleginden geçirmäni, ol barada netijä gelmäni
gowy görýän dostum, özbek ýazyjysy Tursunbaý Adaşbaýew
şeýle diýdi:
«...Ýatlap otursak, bir kowumyň çagalary bolsak-da,
biziň halklarymyz biri-biriden soňky ýüz ýylyň içinde ep-esli
daşlaşan eken. Ata-babalaryň ençeme gowy däp-dessurlary hem
unudylypdyr. Dilimizem daşlaşypdyr. Ýaşulularyň aýtmagyna
görä, ozallar özbek, türkmen, gazak we beýleki garyndaş
kowumlar bir-birleri bilen düşünişmegi üçin üçünji diliň
hökmanlygy ýok eken. Ine, häzir ikimizem başga dilde düşünişip
otyrys.
...Siziň, şol sekretaryňyzy men bu ýagdaýa düşünen,
soňundanam şol bitewiligi saklamak üçin ilkinji topulan ykballaryň
biri hasap edýärin. Meniň özüm-ä Ý.Hudaýberdiýewiň ölüminden
soň Amyderýanyň üstünde, türkmen, özbek halklarynyň
arasyndaky köprüleriň ýene birisiniň artanlygyna, ýyl-ýyldan
daşlaşyp barýan iki doganyň biri-birine golaýlaşmagyna ýardam
edenligine ynandym».
Ý.Hudaýberdiýewiň ölümi diňe bir oňuň halkynyň däl,
özbek halkynyň hem süňňüne sarsgyn beren ölüm bolupdy. Onuň
215
patasyny iki halk bilelikde alypdy. Ýazguly Hudaýberdiýewiň
heläk bolan güni ýadymda, men ol günler Mary peduçilişesinde
okaýardym. Güýz günleriňiň biridi, şum habary eşidip, Mary
söm-saýak bolupdy, adamlar topar-topar bolşup, ýeldenykdan wokzala gelýärdiler, ol ýer denem wagonlara doluşyp,
Aşgabada gaýdýardylar. Mary bilen Aşgabat aralygyna gatnaýan
samolýotlar agzy-burny bilen dolup uçýardy.
Mary wokzalynyň, aeroportunyň işgärleri Ýazguly
Hudaýberdiýewi ýatlap ýola çykanlara dik durup hemaýat
edýärdiler. Şeýlede bolsa, şol gün uçup bilmediklerem az
bolmandy. Meniň kwartirant bolup ýaşaýan howlymyň
eýesi Gurban aga hem Ýazguly bilen hoşlaşyp bilmändigine
gynananlaryň biri bolupdy. Şonda onuň: «Ýazguly bir gowy
ýigitdi-dä, türkmene mundan buýana has gerek oguldy-da...»
diýen sözleri ýadymda. Soň bir gezekde žurnalist Ýazmyrat
Belliýew bu güni ýatlap şeýle bir wakany gürrüň berdi.
Sakarçägäniň kolhozlarynyň biriniň ferma müdiri (şol wagt
Ýazmyrat onuň adynam aýdypdy, emma ýadymda galmandyr)
şum habar ýaýran mahaly Pendi çölünde, mal üstünde eken. Ol
bu habary eşidip, Aşgabada howlugypdyr. Pendi çölünde bolsaň,
hany saňa bäri-bärde Mary, Aşgabat barmy? Ol golaýdaky zastawa
baryp, onuň komandirinden wertolýotyny diläpdir. Ondan özüniň
Mara ýetirilmegini sorapdyr. Ýöne komandiriň wertolýoty beresi
gelmändir. Ol şonda şeýle diýsem, meni günüme goýar diýen
pikir bilen: «Elli sany goýun getir-de, uçuber!» diýipdir. Ferma
müdiri hiç zat diýmän yzyna öwrülip gaýdypdyr, şol gelşinede ilkinji duşan sürüsinden, soň öz hasabyna süriniň üstuni
doljagyny aýdyp, komandiriň aýdan malyny bölüp alypdyr.
Getiribem zastawanyň howlusyna gabapdyr...
Şol günler ýazyjy Täşli Gurbanow türkmen halkyna agyr
düşen bu sapary ýatlap, çuňňur gynanç bilen «Biz Ýazguly
Hudaýberdiýewiň düzen programmasy bilen gidip, Ýazguly
Hudaýberdiýewiň düzen programmasy bilen gaýdyp geldik»
diýip, «Edebiýat we sungat» gazetinde gynanç ýazypdy. Emma ol
216
sag-aman gelenleriň arasynda Ýazgulynyň özi ýokdy... Ýazguly
Hudaýberdiýew hakynda oýlananymda, her gezek meniň ýadyma
şahyr Italmaz Nuryýeiwiň «Diýýärler» atly goşgusynyň setirleri
düşýär. Goşgy meşhur Nobat bagşa bagyşlanan-da bolsa, men
onuň Ý.Hudaýberdiýewe hem degişlidigine ynanasym gelýär.
− Ol hakda ýene-de kän zat diýýärler,
Gepem şu zatlaryň haklygyndadyr.
Bu gün menem arsyz bagşy saýýarlar.
Belki, Nobat bagşyň ýoklugyndandyr.
Ýazguly Hudaýberdiýew hakynda il içinde ýürekden ýürege
aýlanyp, gezip, rowaýata öwrülip ýören gürrüňler başga-da
az däl. Maňa öz ýatlamamda diňe olaryň käbirisini ýatlamaga
mümkinçilik boldy. Öňde belleýşim ýaly, iliň bu hormatyna diňe
onuň kalbyna öz eden ýagşylyklary bilen ýeten adamlar mynasyp
bolýarlar. Şolaryň biri-de Ýazguly Hudaýberdiýewdir.
"Sowet Türkmenistany" gazeti.
Aşgabat, 1992 ý.
Merwiň gimni
(Gara şahyryň goşgular ýygyndysyna sözbaşy)
Taryhda haýsydyr bir näbelli sebäplere görä nähak unudylýan
şahslar bolýar. Merwin ajaýyp gimnini döreden Gara şahyr hem
hut şeýle − häzire-bu güne çenli kölegede galdyrylyp gelinýän
şahslaryn birisi.
XIX asyryn başlarynda Merw türkmeniň saryk kowumynyň
wekilleriniň watany bolupdyr. Gara şahyr hem hut şu döwürde
bu ýerde, Baýramaly töwereginde önüp-ösüpdir. Ol öz döwrüniň
belli sazandasy, aýdyjy bagşysy bolmak bilen birlikde, döwürdeş
şahyrlary bolan Keminäniň, Nepesiň, şeýle-de ençeme halk
dessanlarynyň sözlerine sazlar döredipdir. Il içinde onuň
ençeme goşgulara saz döredip, aýdyma öwürenligi hakynda hem
maglumatlar bar. W.Uspenskiý, W.Belýaýew «Türkmen sazy»
217
atly kitabynda Gara şahyryň «bagşylar» sazyny ýatlap geçipdir.
Awtory näbelli sazlary, birentegine olar bolsa Gara şahyryň
öz döwrüniň meşhur bagşy-sazandasydygyny göz önünde
tutup, şonuň ady bilen «Gara şahyryň döwrüniň sazy» diýip
tagmalapdyr. Munuň özi Gara şahyryň öz döwründe aýdymsazyň ýokar derejesi bolanlygyny görkezýär.
Il içinde ýene-de oňuň öz deň-duşy bolan Nepes (Mollanepes)
şahyr bilen ýakyn gatnaşykda bolanlygy hakyndaky gürrüňler
saklanyp galypdyr. Gara şahyr ýüzläp goşgulary, ençeme
dessanlary ýatdan bilen-de bolsa, ol hat-sowady çykan şahyr
bolmandyr. Ol öz ýanyndan muňa diýseň, kemsiner ekeni.
Bu bolsa soňra onuň ogullarynyň ikisiniň hem hat-sowatly
bolmagynda uly rol oýnapdyr.
Şahyryň ogullarynyn birisi medrese tamamlap molla bolup
ýetişipdir. Ikinji − Aly atly ogly atasynyň bagşyçylyk sungatyny
ýöredipdir. Mary, Ahal etraplarynda giňden tanalýan ussat
bolupdyr. Ol Ahalda Al bagşy hem «Gyzyl börük» bagşy ady
bilen tanalypdyr. Meşhur Şükür bagşynyň we başga-da ençeme
bagşy-sazandalaryň tälim alan halypasy bolupdyr. Gara şahyryn
hat-sowady bolmadyk hem bolsa, onun ady bilen il içinde bir
diwanyň gezenligi hakynda maglumatlar bar. Şahyryn uly
toplum goşgusyny hem-de söýgi hakda döreden bir dessanyny
hata baglap beren Mollanepes şahyr bolanmyş.
Aýdym-sazyň janköýeri Ýazdurdy Beknazarow uruşdan öň
Maryda bolanda, Gara şahyryň goşguly golýazmasy hakynda
eşidip, onuň gözlegine çykypdyr we ol şol golýazmanyň 1933-nji
ýylyň basa-baslygynda öz eýesi bilen Türkmenistanyň çäginden
gidenligini anyklapdyr. Ýazdurdy aga bu barada özüniň uzak
ýyllaryň dowamynda ýöreden gündeliginiň gatynda gysgaça
ýazgy galdyrypdyr.
...Şükür bagşy ömrüniň soňky ýyllarynda hem Marynyň
Ýolbarsly çaýhanasynda halypasy Al bagşa meňzäp, «Maru
şahu-Jahana» hiňlener ekeni.
Häzirki döwürde Gara şahyryň ady bilen türkmen okyjylaryna
218
bir oýnam goşgy belli. Ykbal onuň beýleki goşgularynyň hersini
bir dereden çykarypdyr. Has-da şahyryň goşgulary wagtalwagtal ýubileýi geçirilip durlan, hossarly şahyrlaryň adyna köp
berlipdir.
Marydan gidensoň özüni bu ýerde galan pidalaryň biri
hasap edip, Gara şahyryň Pidaýy lakamy bilen şygyr ýazanlygy
hakynda maglumatlar bar. Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar
fondunda, belli folklorçy alym Ümür Esenowyň Gara şahyryň
ömri we döredijiligi bilen bagly bolan maglumatlary özünde
saklaýan bir küti depderi bar (şeýle-de şahyr hakdaky materiallar
bu ýerdäki (F-1376) nomerli bukjada saklanylýar) (Düzüjiler).
Ol depderde alym Gara şahyryň ýene bir ýörgünli adynyň
Pidaýy bolanlygy barada, Ata Köpek, Çary Gurbangylyç, Rozy
bagşy ýaly ençeme adamlardan eşidenligi barada maglumatlar
berilýär.
Bir ýola Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobat
aýdym-saz edip otyrka töwerekde oturanlaryň birisiniň ona
beren soragy meniň ýadymda galypdyr:
− Öde akga, Gara şahyr Marydan gidensoň, goşgyny
Pidaýy ady bilen ýazanmyşyn. Ýöne alymlaryň käbirleri
aýtmyşlaýyn, ol döwürde Pidaýy atly şahyr bir dälde, birnäçe bolupdyr. Gara şahyr − Pidaýyny biz indi
nädip beýleki Pidaýylardan tapawutlandyrmaly?
Şonda ol:
− Ha, injigim, ol aňsat. Bir-ä Gara şahyr −
Pidaýynyň goşgusy boljak bolsa, ol dutaryňy eline
alanyňdan gelip, özüni onuň gujagyna oklap durandyr.
Ikinjidenem, onuň goşgulary dörän ýerine, ol ýerde ýaşaýan
halkyn kalbyna örän meňzeşdir, öwrümi aňyrdan hem
sadadan gelen çundur − diýip jogap beripdi.
«Maru şahu-Jahan» atly goşgynyň hili hem Gara şahyryň
ýeke-täk bu goşgyny döretmänligine, onun ençeme eserleriň
awtory bolanlygyna doly kepil geçýär. Sebäbi öwrenje şahyr bolup
beýle kämil goşgyny ýazmak mümkin däl. Ýöne, gynansagam,
219
Gara şahyryň döredijiligi entek ymykly öwrenilenok.
XIX asyryň ortalarynda Sarahsda ýaşaýan tekeleriň Merwe
süýşmegi şol ýerde oturan saryklaryň watany taşlap gitmeklerine,
Murgabyň gözbaşyna çekilmeklerine sebäp bolýar.
Gara şahyryň meşhur «Maru şahu-Jahanynyň» döremeginiň
aňyrsynda hut şu waka ýatyr. Ol goşgy şondan bäri, diňe bir
şahyryň özüniň däl, onun tutuş kowumynyň watan bilen hoşlaşyk
aýdymy bolup ýaňlanýar.
Genial eserlere mahsus bir häsiýet bar, olar asyrlar geçse-de
garramaýarlar, ýüreklere edýän täsirini hem ýitirmeýärler, gaýta
ýyl geldikçe olaryn manysy çunlaşýar, täsiri artýar. «Maru şahuJahana» hem Tanry şeýle ykbaly beripdir.
Goşgy aslynda haýsydyr bir waka bagyşlanan hem bolsa, ol
bireýýäm bu dar çäkden çykypdyr. Häzirki döwürde ol Merwiň
tutuş taryhy ykbalynyň, onuň mukaddes ruhunyň beýany−gimni
bolup ýaňlanýar.
...Şükür bagşy Ýolbarsly çaýhanasynda halypasy Al bagşa
menzäp, «Maru şahu-Jahana» hiňlenen mahalynda ony bu ýerde
ürç edip diňleýänlerin birisi hem Arnageldi baý ekeni. Ol özüniň
bu aýdymy diňläp ganmaýanlygynyň sebäbini! «Men «Maru
şahu-Jahany» diňlämde onun bina bolandan bärdäki tutuş taryhy
göz önüme gelýär» diýip düşündirenmiş.
Bu aýdymy her diňlän, has-da ol ussatlyk bilen ýerine
ýetirilende, Arnageldi baýyňky ýaly, üýtgeşik bir duýgyny
başdan geçirýär. Pikirinde taryhyň jümmüşine aralaşyp, göz
önüňde Merwiň geçmiş bilen häzirki gün aralygynda ýaýrap
oturan ykbaly janlanýar.
...Merw etraby biziň eramyzdan ozalky III müňýyllygyň
ahyrlarynda, II müňýyllygyň başlarynda ekerançylyk medeniýeti
ýaýbaňlanyp ugran ýeri bolupdyr. Bu medeniýet Merwe goňşy
«Altyndepe» medeniýetinden gelendir diýen pikir bar.
Biziň eramyzdan ozalky I müňýyllygyň başlarynda «Ýaz
depäniň», soňra «Gäwür galanyň» töwereginde Merw şäheriniň
düýbi tutulyp başlanylypdyr. Ahemeneid şasy Dari I döwründe
220
Merw, Hudaý Ahura Mazdanyň ynsana ýagşylyk isläp döreden,
Arýan, Gawadandan soňky − üçünji etraby hökmünde, mukaddes
«Awesta» kitabyna Mouru (Margaw) ady bilen giripdir.
Gadym grek hem rim taryhçylarynyň pikirine görä, şol ilkinji
beýik, soňra ähli dinlere esas bolan Zarostrizmi esaslandyran
Zaraştruta Baktrýadan bolupdyr. Şol döwürlerde Merw
Baktrýanyň uly şäherlerinin birisi hem-de Zarostrizmiň ilkinji
ýasynlarynyň dörän we ýaýran ýerleriniň biri bolupdyr.
Merw dürli döwürlerde elden-ýele geçip, köp döwürdöwranlary başdan geçiripdir. Birde ol baktrýanyň, Sogdiananyň,
Grek, Parfiýa döwletiniň hasabyna girse, ýene birde Selwik,
Eftalit, Hun, şeýle-de birnäçe musulman döwletleriniň hasabyna
giripdir.
XI asyryň başlarynda türkmenler bu toprakda beýik Seljuk
döwletini berkarar edipdirler. Ol soňra dünýä ýurdy adalataly
dolandyrmagyň nusgasyny görkezen döwlet bolupdyr.
Çingiz hanyň çozuşlaryndan soň hem Merw ençeme gezek
elden-ýele geçipdir, ownuk han-begleriň raýaty bolupdyr.
1785-nji ýylda Buhar emiri Şamyrat Welnamy, Merwi şaýy
mezhebinden bolan Baýramaly hanyň elinden alyp, şol söweşde
edermenlik görkezen saryk beglerine, ony ak pata göterdip,
engam beripdir.
...Merwiň waspyny eden şahyrlar geçmişde az bolmandyr.
Emma olaryň hiç birisine-de Gara şahyryň «Maru şahuJahanynyň» derejesine göterilmek, ol baky şäheriň mynasyp
waspy − Gimni bolmak miýesser etmändir.
Gadymy greklerde, Hudaýlar, derejeli şäherler, şöhratly
serkerdeler hakynda mynasyp gimn döreden şahyrlar aýratyn
hormatdan peýdalanar ekenler. Olar Taňrynyň ýakyn adamsy
hasap edilipdir.
Gara şahyryň «Mary şahu-Jahany» hem hut şol belent
mertebä mynasyp Gimnleriň birisi.
Şeýle-de pikir edip otursaň, Gara şahyr bolmasaň, bu goşgyny
ýazmak asla mümkin hem däl ekeni. Goşgy belli bir taryhy
221
waka bagyşlanan-da bolsa, ol ilki bilen şahyryň we kalbynyň
derdi. Galyberse-de, şol uly derdi onuň bilen deň bölüşen
kowumdaşlarynyň kalbynyň sesi. Bu derdi çekmedik adamyň
bolsa «Maru şahu-Jahany» döretmegi asla mümkin däl.
Goşgynyň
pajygaly
çaknyşyklaryň
beýanydygyna
seretmezden, onuň aňyrsynda parahatçylyk, soňky ýüzýyllyklarda
türkmen halkyna diýseň ýetmezçilik eden Agzybirlik aladalary
ýatyr.
Gara şahyryň goşgusynyň aňyrsynda gojaman Merw öz
üstünde bolýan Haku-Nähaky tirip, paýhas bilen dünýäniň
synçysy bolup otyr. Ol ynsana Hudaýyň öňünde, tebigatyň
öňünde hasapsyz zadyň ýokdugyny, it alnyna gelen ykbalyň
gurt alnyna hem gelýänligini, öz mysalynda görkezip, adama,
hemişe ynsan bolup göterilen belentliginden düşmän ýaşamagy
ýatladýar, maslahat berýär.
Meşhur bagşy Ödenyýaz Nobatow aýtmyşlaýyn «...bu
aýdymyň aňyrsynda hüjre-hüjre taryh ýatyr». Şeýle Gimn ýa-da
haýsydyr bir şygra Gimn derejesine göterilmek, diňe bir türkmen
edebiýatynda däl, dünýä edebiýatynda hem juda seýrek gabat
gelýän hadysadyr.
Düňe döräli bäri öz deresine ýaýrap oturan, Horasan
şäherleriniň enesi Merw häzirki özüniň 2500 ýyllygynyň ýaş
toýuny goýlaýan günlerinde hem Gara şahyryň «Maru şahuJahany» mukaddes şäheriň mynasyp Gimni, onun ölmez-ýitmez
ruhunyň beýany bolup ýaňlanýar.
Agageldi Allanazarow. Ýazyjy.
“Ag. Pendilteým” neşirýaty, 1994 ý.
Ýuwaş okeanyň mukamlary
1970-njy ýyllaryn başlarynda çap edilen (Okeanyň
gujagynda) atly çaklanja kitapçanyň şagyr muştaklarynyň badabat ünsüni çekeni meniň şu günki ýaly ýadymda.
222
Bu kitapça şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň galamyna
degişlidi.
Ýene bir ýatlamyly zat, ol goşgularynyň türkmen topragyndan
alysda döränligidi. Şahyr M.Kömekow şol günler ýuwaş okeanyň
matrosydy.
Şonuň üçin bolsa gerek, onuň goşgularyny okan mahalyň
okeanyň mylaýim demi seniň ýüzüne urýardy. Matros şahyryň
kenary küýseýşi ýaly, öz dogduk diýaryny küýseýänligi
duýulýardy.
Muhammetmyrat Kömekowyň soňam dürli döwürlerde
ençeme goşgulary, kitaplary neşir edildi. Olaryň arasynda azda bolsa, körpelere niýetlenilenleri-de bar. Onuň okyjysy bilen
edýän gürrüni halys ýürekden. Munuň şeýledigine onuň okean
bilen bagly goşgularyndan başga-da “Umyt” balladasy, “Jeza”
poemasy, “Seslen Ukraina” ýaly sonuňda aýdymy öwrülen
goşgulary hem şaýatlyk edýär. Şeýle-de bolsa Muhammetmyrat
biziň edebiýatymyzda ilki bilen, alysdaky Ýuwaş okeanyň
mukamlarynyň dünýäsini getiren şahyr hökmünde tanalýar. Ol
goşgular biziň edebiýatymyzyň özboluşly sahypalary boldular.
Munuň şeýledigini biziň tankydymyz hem birnäçe gezek ýörite
nygtady.
Men heniz-henizlerem käte şahyr Muhammetmyrat
Kömekowyň “Okeanyň gujagynda” atly kitapçajygyny elime
alýaryn. Onuň sahypalaryny agtaryp, okeanyň sesine diňşirgenip
oturýaryn hem onda ummanlary mahsus özüňe çekijiligiň
barlagyny syzýaryň.
Meniň bu kitapçadan gaýtalap okamagy gowy görýäň
goşgularymyň biri-de “Men haýsy gapyny ilki kakarkam” atly
goşgy.
Bu goşguda gullukda gaýdyp dogduk obasyna gelen esger
ýigidiň dünýäsi berlipdir. Goşgyny tolgunman okamak mümkin
däl. Sebäbi bu pursat diňe bir şahyryň özüne däl, gullukdan gaýdyp
öýleriniň gelen ähli ýigitleriň başdan geçirýän tolkundyryjy
pursady, köplere degişli.
223
Men haýsy gapyny ilki kakarkam
Ýene bir gün gaýdyp geldim obama,
Özgerdipdir ony ýyllaň köpüsi
Gözüm düşdi ýene tanyş üç tama,
Maňa eziz şol tamlaryň gapysy.
Birisinde çagalykdan ýoldaşym,
Otyr ol saz çalyp diňlärin, belkäm.
Göwnüm saz küýsäp aýlanar başym,
Men haýsy gapyny ilki kakarkam?!
Garaşýar birinde läläm, baharym,
Garaşýar ýoluma besläp müň mukam
Ýüregim gürsüldäp, at çapar ganym
Men haýsy gapyny ilki kakarkam?!
Ol birinde käbäm enem garaşýar
Haçan geler diýip perzendim−arkam?
Ene sesin küýsäp ýüregim joşýar
Men haýsy gapyny ilki kakarkam?!
Üç tamda-da meniň göwünim tapylar,
Ýakyn barýan jadylaýar şol üç tam,
Aýdyň, dostlar, şeýle eziz gapylaň,
Men haýsyny birini ilki kakarkam?!
Howa, şol haýsy öýe ilki barjagyny bilmän, tolgunyp duran
matros şahyr Muhammetmyrat Kömekow bu gün 50 ýaşady.
Men öz sözümi oňa ähli gowuluklary, döredijilik
üstünliklerini arzuw etmek bilen hem-de körpe okyjylaryň onuň
50 ýaşly matros bolup berjek Ýuwaş okean baradaky gyzykly
söhbetlerine garaşýandyklaryny ýatlamak bilen tamamlamakçy.
"Nowça", 1992 ý.
224
Alysda galan edermenlik ýa-da
goja esger bilen söhbet
Baýram agany men ep-esli wagtdan bära tanaýardym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hatlar - 12
  • Parts
  • Hatlar - 01
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2060
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 02
    Total number of words is 4178
    Total number of unique words is 1801
    8.5 of words are in the 2000 most common words
    12.4 of words are in the 5000 most common words
    15.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 03
    Total number of words is 4113
    Total number of unique words is 1765
    2.1 of words are in the 2000 most common words
    4.9 of words are in the 5000 most common words
    7.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 04
    Total number of words is 4282
    Total number of unique words is 1851
    1.6 of words are in the 2000 most common words
    4.0 of words are in the 5000 most common words
    6.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 05
    Total number of words is 3910
    Total number of unique words is 2122
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    16.5 of words are in the 5000 most common words
    19.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 06
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2246
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 07
    Total number of words is 3866
    Total number of unique words is 2334
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    30.8 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 08
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 1995
    13.0 of words are in the 2000 most common words
    18.1 of words are in the 5000 most common words
    21.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 09
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2294
    10.8 of words are in the 2000 most common words
    15.9 of words are in the 5000 most common words
    19.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 10
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2259
    17.9 of words are in the 2000 most common words
    25.8 of words are in the 5000 most common words
    30.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 11
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1938
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 12
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2118
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 13
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2338
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 14
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 2184
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 15
    Total number of words is 3839
    Total number of unique words is 2111
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 16
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1938
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 17
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 2354
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    39.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 18
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 2185
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 19
    Total number of words is 4045
    Total number of unique words is 1896
    1.5 of words are in the 2000 most common words
    3.7 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hatlar - 20
    Total number of words is 328
    Total number of unique words is 255
    18.3 of words are in the 2000 most common words
    26.8 of words are in the 5000 most common words
    30.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.